Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02

Total number of words is 3346
Total number of unique words is 1684
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
46.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
edebiýaty öwreniş ylymy bilen çeper tankydyň oňat
sintezini
görkezdi. Bir tarapdan, çeper
tankydyň
ylmylygyny, subut edijiligi artsa, ikinji
tarapdan,
edebiýaty öwreniş ylymynyň publistiki äheňi, çekişme
ruhy, belletristik, graždanlyk pafosy güçlendi. Şol
ýubileý ýygyndylary arassa ylym ýa-da arassa tankyt
bolman, bu iki žanryň goşundysydy, sazlaşygydy,
raýdaşlygydy.
Üçinjiden, analiz edilýän bu döwürde
aýry-aýry tankytçylaryň şol iki ugry-ylym hem tankydy
24
deň tutup ýazan işleri peýda boldy. Biz S.Myradowyň –
“Asyrlaryň jümmüşinden”, ”Zelili”, “Taryh. Edebiýatyň
taryhylygy”, G.Geldiýewiň - “Poeziýamyzyň häzirki
zaman keşbi”, “Taryh. Edebi
ykballar”, A.
Bekmuradowyň “Göroglynyň yzlary”, “Magtymgulynyň
poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçilik gözlegleri”
kitaplaryny
nazarda
tutýarys. Galyberse-de,
Ö.Abdyllaýew,
K.Jumaýew,
A.Allakow,
M.Gurbansähedow, K.Salyh, A.Garaýew, A.Orazow,
Ş.Gandymow ýaly edebiýatçy alymlar hem ylym bilen
tankydyň birligine goltgy berýän işleri neşir etdirdiler.
Olary
analizlemek
çeper
tankydyň
täze
mümkünçiliklerini açmakda köp teoretiki sapaklary
berýär.
Iň soňky bäşinji bap “Özgerdiş döwüriniň çeper
tankydy” diýilip, ýönelige atlandyrylmady. Ol söziň doly
manysynda segseniji ýyllaryň ortalarynda, togsanynjy
ýyllaryň başlarynda ýüze çykyp, hut häzirki günlerde
görilip-eşidilmedik depgin bilen ileri barýar. Ol täzelik
ýene-de öňki SSKP MK-nyň 1985-nji ýylyň aprel
plenumyndan baş alyp gaýtdy. Eger şeýle batyrgaý ädimiň
sakasynda ýene öňki kommunistik partiýa durmadyk
bolsady, başga hiç hili güýç beýle özgerişligi getirip
bilmezdi diýip aýtsa bolar.Taryhy hakykat şeýledir.
1924-nji ýylyň 27 -nji oktýabrynda Türkmenistan Sowet
Sosialistik Respublikasy döredilen hem bolsa, ol
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryna çenli öňki SSSR-iň
režimindedi. Biz 1990-nji ýylyň 22-nji awgustynda
Türkmenistanyň
döwlet
özygtyýarlygy
hakynda
jarnama kabul etdik. 1991-nji ýylyň 22-nji awgustynda
türkmen dili döwlet dili diýen kanun kabul edildi. Ine25
de,1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry - Türkmenistan
Garaşsyzlyk gününi milli baýram diýip yglan etdi1. Bu
seneler meseläniň taryhy tarapy.Indi meseläniň edebi,
taryhy, medeni,ylmy tarapyna seretsek,ýagdaý 1985-nji
ýylyň aprelinden bäri düýpgöter üýtgedi. Ony ilki
bolup edebiýata, çeper tankyda degişli işler görkezdi.
Türkmen ýazyžylary, taryhçylary,dilçi – edebiýatçy
alymlary hem tankytçylar işeňňirlik görkezdiler. Belli
boluşy ýaly, G.Kulyewiň “Gijigen ökünç” romany barypha etmişinji ýyllaryň başlarynda taýyn bolsa-da, ol
ýokary partiýa-hökümet ýolbaşçylaryna
gönükdirilen
tankydy häsietdeligi üçin köp wagyt çykman,
togsanynjy ýyllaryň başlarynda çykdy. Soň P.Esenowyň
“Çüýremek”
powesti,
O.Ýagmyrowyň
–“Duman
daganda”, H.Meläýewiň –“Melgun”, A.Janmuradowyň –
“Ak ýoluň azaby” A.Nurmämedowyň “Nuhuň tupany”
romanlary çykdy. Edil şeýle hem edebi tankyt has
batyrlandy.
J.Allakowyň,
D.Nuralyýewiň,
A.Bekmuradowyň,Ý.Annagurbanowyň,A.Nurmamedowy,
D.Gurbanowyň, S.Hydyrowyň
täzeçe pikirlenýän
makalalary yzly-yzyna çykyp başlady. Olarda özgerdiş
ruhy agdyklyk etdi. Şol täze tankydy gözlegleri indi
analiz eleginden geçirmegiň wagty geldi. Bu proses barha
güýçlenýär we ýaýraýar.
Işiň ahyrynda umumy derňewden gelip çykýan anyk
netijeler çykarylýar hem-de ylym-barlag prosesine
çekilen ylmy çeşmeleriň sanawy berilýär.
1
Myradow G. Türkmenistanyň täze taryhy. „Nesil“, 1992, 4-nji iýun
26
BIRINJI BAP
50-60-njy ýyllaryň edebi-çeperçilik
gory we tankydyň derejesi
Ellinji ýyllaryň başlary we altmyşynjy ýyllaryň
aýaklary türkmen
çeper edebiýatynyň
we edebi
tankydynyň iň görnükli wekilleriniň öndümli işlän
döwrüdir. Onuň sebäpleri
barada eýýäm
girişde
bellenilip geçilmegine garamazdan, gös-göni şol taryhy
aralyga giren döwürde Beýik Watançylyk urşundan sagaman gaýdyp gelen we ondan öň tylda galan, ýöne ady
Türkmenistanyň çäklerinden uzakda tanalýan uly
şahyrdyr ýazyjylaryň hem eserleriniň girýänligini
aýtman geçmek bolmaz. Emma biz olaryň atlaryny ýada eserlerini agzamak meýlinden uzakdadygymyzy
aýratyn
nygtamak
bilen, 50-60-njy
ýyllaryň
edebiýatynyň we tankydynyň tematik hem problematik
çägine nazar aýlamagy maksat edinýäris.Şonuň üçin
bu erde,bir tarapdan, taryha, ikinji tarapdan, edebi-çeper
paýhasa ähmiýet bermek logika dogry gelýär.
Beýik Watançylyk
urşy
ýeňiş
bilen
tamamlanandan soň, biziň edebiýatymyzyň ösüşinde
täze etap başlandy. Bu etap çeper edebiýatyň mundan
beýläk hem has pajarlap ösmegine ýardam etdi. Muňa
B.Kerbabaýewiň, A.Gowşudowyň, H.Ysmaýylowyň,
B.Seýtäkowyň,
proza
eserlerini, A.Kekilowyň,
Ç.Aşyrowyň,
G.Seýitiýewiň,
D.Haldurdynyň,
A.Atajanowyň, M.Seýidowyň, liriki
ýygyndylaryny
mysal getirmek bolar. Uruşdan soňky döwürde
27
B.Kerbabaýew we G.Muhtarow ajaýyp eserleri üçin
SSSR-iň Döwlet baýraklaryna mynasyp boldular .
Ylaýta-da 1945-nji ýylyň sentýabrynda türkmen
edebiýatynyň Moskwada geçen birinji ongünligi ýörite
agzalmaga mynasypdyr. Bu wakalar biziň edebi
durmuşymyzyň ösüşiniň şaýadydyr. Bu döwürde roman
žanry özüni görkezdi. B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”
romany 1949-njy ýylda doly çap edildi. 1948-1949-njy
ýyllarda “Sowet edebiýaty” žurnaly A.Gowşudowyň,
“Bahar-Hoşgeldi” romanyny okyjylara hödürledi. Aman
Kekilowyň “Söýgi” romanynyň birinji kitaby 1947-nji
ýylda özbaşdak kitap bolup çykdy. 1948-nji ýylda
Ç.Aşyrow, “Ganly saka” trilogiýasyny ýazyp başlady.
B.Kerbabaýewiň “Aýsoltan” powesti uruşdan soňky
metbugatda peýda bolup,ol 1951-nji ýylda aýratyn kitap
bolup çykdy.
Uruşdan soň Durdy Gylyç, Ata Salyh, Nury
Annagylyç, Ata Köpek ýaly halk şahyrlarynyň sesi has
belentden çykdy.Durdy Gylyç respublikanyň zähmet
prosesini görkezýän “Demir ýol”, “Pagta”, “Sendedir”
ýaly hyjuwly goşgularyny ýazdy. Ata Salyh 1949-njy
ýylda “Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir” atly belli
syýasy lirikasyny döretdi.
Uruşdan soňky türkmen edebiýatynyň esasy
temasy dikeldiş we parahatçylyk boldy. Parahatçylyk
problemasyny
döwür
öňe
sürdi. Bu
temadan
A.Kekilowyň,
R.Alyýewiň,
G.Seýitliýewiň,
R.Seýidowyň, otlukly syýasy goşgulary peýda boldy.
Bularyň bary birleşip, türkmen edebiýaty öwreniş
ylmyna, edebi tankydyna, onuň ileri gitmegine uly
goldaw etdi. Ellinji ýyllarda edebi tankyt ugrundan
28
Aman Kekilow, M.Annagurdow, A.Kerimow, A.Aborskiý
dagy has köp çykyş edipdiler.Ýöne olaryň esasy
ünsüniň “Aýgytly ädim” romany bolandygy hem
dogrudy.
Uruşdan soňky ýyllarda türkmen edebiýatynyň
taplanyşy, ösüşi ýaly türkmen edebi tankydy, edebiýaty
öwreniş ylmy-da ösýär. Uruşdan öňki we uruş döwrüniň
tankyt obýekti esasan klassiki edebiýatdy.
Bulardan başga-da, täze dörän edebi eserler
barada-da içgin gyzyklanyp ugraldy. Ýazyjylaryň aýryaýry eserlerine, şahyrlaryň ýygyndylaryna syn ýazmak
bilen olaryň döredijiliginiň gowşak ýerleri hakda
netijeli gürrüň edildi.
Şeýle makalalar bilen birlikde, kiçi hem bolsa,
edebiýatymyzyň
belli
döwürindäki
ýagdaýyny
kesgitleýän möhüm meseleleri ylmy taýdan analizleýän
işleriň hem ýazylandygyny aýtmalydyrys. Olardan:
N.Aşyrowyň “Häzirki döwür türkmen edebiýaty”,Aman
Kekilowyň “Edebiýat
teoriýasy”, A.Ýazkulyewiň
“Edebiýat teoriýasyna giriş”, S.Garaýewiň, “Tworçestwo
narodnogo şahyra Ata Saliha” atly monografiýalaryny
agzamak bolar.Bular bolsa edebi tankydyň pajarlap
ösmeginiň şaýadydyr.Şeýlede bolsa, entek bu döwürde
tankytçy derňeýän problemasyna ýa-da eserine dogry
hem-de taýýarlykly çemeleşip, oňa çuň, hemme
taraplaýyn obýektiw baha berýär. Eseriň gowşaklygynyň
sebäplerini doly açyp, derňewinden degişli teoretiki
netije çykarýar diýip aýdyp bolmaz. Sebäbi entek
ylmda-da, edebi tankytda-da professional ýokary baha
berijilik ýetmezçilik edýärdi. Bu ýetmezçilik ellinji
ýyllaryň tutuş dowamynda, hatda altmyşynjy ýyllaryň
29
başynda hem saklandy. Ýurtda umumy ýagdaý nähili
bolsa,onuň Türkmenistan ýaly çetki ýerlerinde hem
şoňa göräräk proses gidýärdi. Çeper edebiýat hem şoňa
golaý ýagdaýy başdan geçirýärdi.
Köplenç halatda çeper eserlere, esasan hem
şahyrlaryň ýygyndylaryna baha berlende, syn ýazylanda,
shematizimiň
çäklerinden
çykyp
bilmezlik,
üstünliklerine, ýetmezçiliklerine obýektiw
baha
bermezlik ýaly kemterlik duýulýar. Çeper eserleriň
obrazlar sistemasy ideýa sagdynlygy, tema aktuallygy,
olaryň her biriniň özlerine has bolan çeperçilik
aýratynlyklary bu döwriň edebiýat tankytçylarynyň üns
merkezinde
durmaýar.Ýazylan
makalalarda
ilki
eserleriň oňat taraplary hakynda gürrüň edilip, “eser
şowly
çykypdyr”, “çeper ýazylypdyr”
“şahyryň
tejiribeligi duýulýar” ýaly pikirler
hemmesinde
gaýtalanýar. Soňra yzyndan az-kem kemçiligi barada
gürrüň edilýär,ýazyjynyň niýeti kesgitlenilýär, maksady
aýdynlaşdyrylýar. Çeperçiligiň
kadalaryny
berjaý
etmändikleri üçin igenilýär. Döwriň, hatda häzirki
döwriň-de oňat eserleriniň biriligine garaman, “Aýgytly
ädim”, “Mugallymyň gyzy” we ş.m. birnäçe eserlere
bilmersiň näme üçindir obýektiw baha berilmän,ýetmez
ýerleri barada gaty gödek tankytlanýar,oňat ýerleri
hakda az durulýar. Käbir eserler ýa-da şahyrlaryň
ýygyndylary aşa çişirilip, “gowy-gowy” diýmek bilen,
arşa çykarylýar. 1946-njy ýylyň 14-nji iýulnda. “Sowet
Türkmenistany” gazetinde G.Wladykin,E. Kowalçuk,
B.Suçkow “Edebiýat tankydy hakynda” atly makala
bilen çykyş edip, şonda döwriň tankydy barada şeýle
pikir ýöredýärler: “Häzirki zaman tankydynyň iň uly
30
kemçiligi, onuň özüniň aýry-aýry edaralara we
ýazyjylara hyzmatkär edilenliginden,şol ýazyjylaryň
öwerliksiz eserlerini onuň öwýänliginden hem-de başga
ýazyjylaryň gymmatly eserlerini alpetinden alýan
mahalynyň-da seýrek bolmaýanlygyndan ybaratdyr” 1.
Bu pikir türkmen tankydy barada aýdanyňda-da jebis
gelýär. Obýektiw tankydyň
taplanýandygy, öwginiň
ýazyjy üçin-de, okyjy üçin-de, peýdasyzdygyny,oňat
eseri okyjynyň saýlaýandygyny hemmeler bilýän bolsa
gerek.
Elbetde, şu döwürde metbugat sahypalarynda çap
edilen
makalalaryň
sany az
däl.Ýöne
olaryň
operatiwligi,originallygy, çeperçilik derejesi okyjylaryň
isleglerinden
pesde
durýar.Käbir
awtorlaryň
makalalarynda ozal aýdylan bir pikir olaryň beýleki
makalalarynda gaýtalanyp durýar. Käte biri beýlekisiniň
pikirini gaýtalaýan ýerine hem duşmak bolýar.Öňki
ýatlanylan makalada döwrüň tankydy barada aýdylan
şu pikir bilen doly ylalaşmak bolar: “Edebiýatyň halk
öňünde öz borjuny berjaý edip bilmegi, durmuşyň
çylşyrymly köp taraplygyndan baş çykaryp bilmegi,
biziň ýurdumuzda bolýan jemgyýetçilik işleriniň düýp
manysyna akyl ýetirip bilmegi üçin prinsipli, abraýly
edebi tankydy oňa kömek bermelidir...
Emma heniz bizde beýle tankyt ýok.Biziň
tankydymyzyň ýagdaýy kanagatlanarlykly däl, onuň
jemgyýet içinde abraýy ýokary däl. Tankyt sowet
edebiýatynyň kemala gelmegine zerur täsiri salmaýar,
durmuşda we sungatda bolan täzeliklere ýaramaz halda
1
Sowet Türkmenistany gazeti. 1946-njy ýyl 14-nji iýul
31
gulak salýar hem-de biziň jemgyýetimiziň ýüregini
gopdurýan örän möhüm ideýa meselelerini edebiýatyň
öňünde goýmaýar.Tankyt eserleriň çeper formasy
barada juda talap edijiliksiz halda, pikir we jemlemek
barada garyp halda durýar”1
Soňra
makalada
döwrüň
tankydynyň
kemçilikleriniň sebäplerini görkezilip şeýle diýilýär:
“Häzirki zaman tankydynyň durmuşdan üzňeligi,
sowet edebiýatynyň örän uly eserlerine edebiýat
tankydynyň dogry baha berip bilmezligine we olaryň
analizläp bilmezkligine, onuň ösüş meýlini kesgitläp
bilmezligine, öňde
baryjy
zady, sungatda täze
gözýetimleri açýan netijeli zady götergiläp bilmezligine
we yza galak ýekeme-ýekeleýinçi daşary zady pisläp
bilmezligine eltýär. Şu sebäpli tankytçylar tekrarlanan
hakykatlary
gaýtalaýarlar, ahwalatlaryň
ýüzünde
çawýarlar we şonluk bilen işiň düýpli,hemme
taraplaýyn özleşdirilmegini, durmuşa işeňňirlikli täsir
edilmegini talap edýän sosialistik realizim usulyndan
dänýärler”2.
Umuman alanyňda, ýokarda agzalan ýetmezçilikleri
hasaba almasaň, edebiýaty öwreniş ylmynda, edebiýat
tankydyna işleriň belli-külli aýaga galandygyny
aýtmalydyrys. Ýazylan işler mukdar taýdan köpeldi,
edebiýat älemine täze adamlar aralaşdy, ylmy işler
ýazyldy, edebi tankydy makalalaryň tematikasy giňeldi.
Respublikan gazet-žurnal makalalary yzygiderli çykyp
başlady. Bu döwür edebiýaty öwreniş ylmynyň we
edbiýaty tankydynyň kämilleşiş ýoluna düşendigini,
1
2
Sowet Türkmenistany gazeti, 1946-njy ýyl, 14-nji iýul
Şol ýerde
32
ugrugyp gidendigini aýdyp bileris.Şu döwürde edebi
tankydy makalalar
bilen
gündelik
metbugatda
G.Gurbansähedowyň,
B.Jütdiýewiň,
R.Alyýewiň,
A.Mämmetgulyýewiň, A.Aborskiniň, O.Abdalowyň, ,
A.Kekilowyň, Ata Gowşudowyň, B.Kerbabaýewiň,
D.Haldurdynyň,
B.Annagurdowyň, G.Seýitliýewiň,
B.Hudaýnazarowyň, B.Seýtäkowyň, B.Welmyradowyň,
N.Esenmyradowyň,
G.Weselkowyň,
A.Atajanowyň,
K.Işanowyň, H. Ysmaýylowyň, Hasymguly Gurbanowyň,
Ç.Aşyrowyň, M.Söýünowyň, H.Şahberdiýewiň atlaryny
ýygy-ýygydan görmek bolýar. Ýokarda atlary agzalan
awtorlaryň birnäçeleri edebiýatymyza köpden bäri
hyzmat edip gelýän professional edebiýatyçylardyr,
tankytçylardyr.Meselem,
A.Kekilow,
H.Şahberdiew,
R.Alyýew. Bulardan soňky awtorlar hem biziň
derňeýän döwrümizde aktiw çykyş etdiler.Emma
hemmesine häsiýetli bir zady hem aýtmaly bolýarys.
Şol tankydy çykyşlaryň problemalaýyn bolman,synçylyk
ruhy güýçlüdi. Synlar dürli-dürli bolup, biri-birine
dogry we nädogry gelýän garşylykly pikirler hem
bardy.Şeýle-de bolmaly, çünki tankydyň özi şol ýol
bilen ösýän žanrdyr.
Uruşdan soňky döwür türkmen edebiýatynyň bir
bölegi bolan edebi tankyt hem täze ýagdaýa
uýgunlaşýardy, ol edebiýatyň beýleki žanrlary bilen
ugurdaş gidýärdi.Bu ýyllarda edebi - tankyda makalalar
bilen köplenç ýazyjylar çykyş edýärdiler.Tankytçylar
şol döwürde täze çykan ýygyndy hakda, edebi terjime
hakda, tanymal ýazyjylardyr tankytçylaryň ýubileý
seneleri mynasybetli, edebiýaty ösdürmegiň çäreleri
hakda, edebi konkurslar we olaryň netijesi hakda, täze
33
çykan
powestlerdir
romanlaryň
hili
hakda
seslenýärdiler.
Gürrüň tankydyň romanlar hakdaky pikiri barada
gidýän ýerinde biz (Aýgytly ädim) romanyna aýratyn orun
berilýänligini aýtmalydyrys. Bu roman sozüň doly
manysynda taryhy rewolision romanlaryň birisidi we doly
gutarylandy.Şonuň üçin Muny A. Aborskiý “Perwyý
romanist Türkmenistana” atly çykyşykda / “Literaturnaýa
gazeta”,1947-nji ýyl, 25-nji ýanwar/ dogry belledi.Roman
tankytda obýektiw baha aldy. Aman Kekilow “Taryhy
roman”/ “Sowet
edebiýaty”, 1948-nji ýyl,№8/,
B.Morozow “Reşaýuşi
şag” Berdi Kerbabaewa /
“Turkmenskaýa iskra” 1949-nji ýyl,15-nji maý / ýaly
makalalarynda oňa giňden baha berdiler. Şol synlarda
esere söýgi, roman žanrynyň çen alada duýulýar.
Emma M.Annagurdowyň , “Aýgytly ädim “ romany”/”
Sowet edebiýaty”, 1951-nji ýyl, № 4/ diýen makalasynda
birtaraplylyk açyk duýulýar.
Bu döwürde şahyr we ýazyjylarymyzyň aýryaýry eserlerine bagyşlanan, olary her taraplaýyn analiz
edýän makalalar bilen aktiw çykyş edýän tankytçylar
peýda bolup ugrady.Şolardan O.Abdalowyň, “Keýmir
kör”1 ady bilen çykan, G.Burunow we B.Amanow
tarapyndan ýazylan “Keýmir kör” dramasy hakyndaky
makalasyny ýatlamak ýeterlik. Bu makalada awtor
“Keýmir kör” dramasynyň uly terbiýeleýjilik ähmiýeti
hakda giňden durup,onuň ideýa taýdan sagdynlygy,
halky eserligi barada gürrüň edýär. Şol pýesanyň
ýetmezçiligi barada: “Edebiýat we sungat işgärleri köne
1
Sowet Türkmenistany gazeti. 1947-nji ýyl 31-nji ýanwar
34
zaman hakynda ýazan wagtlarynda şol wagtda bolan
wakalara täzeçe göz bilen garamagy gazanmalydyr...ikinji
tarapdan, pýesada
hereket
edýän
gahrymanlar
hiç
haçan özleriniň
ýaşan
sosial
ýagdaýlaryndan aýaklaryny üzmeli däldirler. Nedir
şany/ umuman öz duşmanlarymyzy/ näçe gowşak, ejiz
edip görkezsek, biz şonça-da öz güýjümizi, halkyň
gudratyny, onuň azatlyga bolan joşgunly göreşiniň
derejesini peseldýäris”1 diýip aýdan setirleri awtoryň
aýytjak pikiriniň jemlemesi ýaly duýulýar. Soňra
Keýmiriň şanyň öňünde has aşa gönümel, gödek
gürledilmegi, Aýly batyryň obrazynyň hem has
gönümel çykanlygy hakdaky bellikleri makullamaga
laýyk. Bu makalada“Keýmir kör” pýesasynyň çeperçilik
taraplary-da,
ýetmezçilikleri-de,
gaty
dogry
kesgitlenilýär. O.Abdalowyň, awtorlaryň geljekde has
oňat işlemeklerine itergi berjek sowatly, düşünjeli
maslahatlary maňzyňa batýar.
Uruşdan
soňky
döwürde
dramaturgiýanyň
ösmeginde G.Seýitliýewiň, G.Muhtarowyň hyzmaty uly
boldy. Olar bilelikde we aýry-aýrylkda köp pýesalar
döretdiler.Pýesalaryň
käbiriniň
içki
gurluşynda
gowşaklyk bolsa-da, temasy aktualdy, täzäni ündeýärdi.
G.Seýitliýewiň A.Garaýew bilen ýazan “Bagt derýasy”
pýesasy 1950-nji ýylda “Sowet edebiýaty” žurnalynyň
2-nji sanynda çap edildi. Ol ýumaristik äheňde bolsa-da,
tema zerurdy.Eýsem-de bolsa,onda konfliktiň ýoklugy
pýesanyň esasy kemçiligidi. Emma tankyt muňa üns
bermedi.Şol döwürde “konfiliktsizlik teoriasynyň”
1
Sowet Türkmenistany gazeti. 1947-nji ýyl 31-nji ýanwar
35
dramaturgiýanyň ösmegine päsgel berşi hakda tankyt
seslenmedi.
Tankytçylar O.Abdalow we Mämmetgulyýew Gara
Seýitliýewiň “Jahan”1 pýesasyna bagyşlap, “Jahan” hemde “Jahan pýesasy hakynda”2 diýen tankydy makala
bilen çykyş edýärler.Olar öz çykyşynda pýesanyň
temasynyň aktualygy, türkmen intelligensiýasy hakda
ýazylan ilkinji synanşykdygy,emma eseriň zamananyň
okyjysyny kanagatlandyrardan juda pesligi barada
giňden gürrüň gozgap, şeýle diýýär: “...Häzirki zaman
türkmen teatrynda oturan türkmen ýigidi 1924-nji
ýyldan
ozalky
türkmen
däl. Ol
ösdi,
onuň
dramaturgdan, teatrdan edýän talaby biçak artdy. Ol
ýigit
Köpetdaglarynyň
eteginden
çykyp, Karpat
daglarynyň jülgelerini sökip geçdi. Ol Ỳewropanyň
gadymy şäherleriniň ýaş bilen suwarylan köçelerinden
ýeňijilik bilen geçip, söweşler gurap, Berline bardy.
...Şu zatlaryň hemmesi onuň ruhuny Kapdagyna
çykardy, onuň gözýetimini has giňeltdi. Ol indi şol
geçen gahrymançylyklardan, edermenlikli işlerden doly
ýoluna mynasyp pýesa görmek isleýär”3.
Tankytçylaryň ikisi-de, pýesanyň kemçiliklerini
ýekän-ýekän yzarlap, degerli pikirleri ýöredip,ony ylmy
esasda delillendirýärler. O.Abdalowyň makalasynda
“Jahanyň” awtory
Gara
Seýitliýewi
türkmen
durmuşynyň
bir
bölegi- aýallar
meselesi
gyzyklandyrypdyr, emma nebsimiz agyrsa-da Gara
Seýitliýew bu meseläniň içine giripdir-de, çykyp
“Sowet edebiýaty”-Aşgabat, 1947-nji ýyl, №7. 69 s.
Sowet Türkmenistany gazeti. 1947-nji ýyl 18-nji maý
3
Sowet Türkmenistany gazeti. 1947-nji ýyl 18-nji maý
1
2
36
bilmändir. Çünki awtor durmuşa, onuň örän çylşyrymly
proseslerine
ýüzleý
garaýar, batyrgaý
çözülmeli
1
meseleleriň duşundan geçýär” diýip, pikir ýöredýär.
Emma bu ýerde tankyt pýesadaky esasy zady
görkezmändir. Intelligensiýanyň
ajaýyp
obrazyny
döreden eserleriň hatarynda G.Seýitliýewiň, “Jahan”
pýesasy hem giryär. Ol türkmen we rus sahnalarynda
üstünlikli geçdi. Ol uly ahlak meselesini gozgaýar.
Adamyň jemgyýetdäki orny hakda gürrüň edyär.
Pýesada türkmen aýalynyň ýokary hünäri, medeniýeti
real suratlandyrylýar.Tankytçy,şol üstünligi görmän, ony
açman, umumy gürrüň bilen çäklenýär. Onda kemçilik
bardy. Ol hem ýene konflikte syrygýar. Ine, şuny
dramaturga ýetirmekde tankyt kemterlik edýär.Sebäbi
tankydyň öz derejesi, synyň professionallygy kemterlik
edýärdi.
BK /b/ P MK-nyň “Drama teatrlarynyň repertuary
we ony gowulandyrmak çäreleri barada” çykaran
kararyndan soň Gara Seýitliýewiň oňa jogap hökmünde,
ilkinji bolup, intelligensiýanyň durmuşyny suratlandyryp
ýazan pýesasy bolany üçin, goýberen kemçiliklerini
ýuwmarlajak bolup synanşyk edenleri-de bolanlygy
barada
gürrüň
edilýär.Emma A.Mämmetgulyewiň,
makalasynda isleg her näçe gowy bolsa-da, Gara
Seýitliýewiň eden oňat isleginiň ol heniz edilen iş
bolan, islegligine
galýanlygy,onuň
bilen
beýle
ýalňyşlygyň, kemçiligiň üstüni perdelemegiň mümkin
däldigi dogry bellenilýär.
1
“Sowet edebiýaty”-Aşgabat, 1947-nji ýyl, №7. 69 s.
37
Tankytçylar, pýesa barada adalatly, ýerlikli bellikler
edip, netijeli
pikirler
bilen
öz
pikirlerini
delillendirýärler.Edebi tankytda şonuň ýaly ýüz
görmezlik bilen eseriň kemçiligini açýan makalanyň
gymmatynyň uludygy ikuçsyzdyr.
Şol
ýylaryň
edebi
tankydyna
ýazyjy
G.Gurbansähedowyň hem adyna ýygy-ýygydan duşmak
bolýar. Tankytçy D.Haldurdynyň, “Meniň ýaragym” diýen
goşgular
ýygyndysy
hakda /Aşgabat, TDN,1947./
“Meniň ýaragym” atly makala bilen çykyş edýär. Bu
makalada şahyryň
söweşjeň syýasy lirikanyň
wekilidigi,harby poeziýany döretmegiň ussadydygy,
onda
duşmana
ýigrenç,dosta
wepalylyk
ýaly
häsiýetleriň suratlandyrylandygy hakda giňden gürrüň
edilip,soňra ýygyndynyň kemçiliginiň üstünde adalatly
durulýar.Tankytçy
ýygynda
girizilen
goşgularyň
akgynsyzdygy, gowşakdygy,olarda köp sözlülige ýol
berlenligi mysallar bilen subut edilýär1.
Hasymguly Gurbanow
hem D.Haldurdynyň,
ýokarda agzalan ýygyndysy hakda “Ýaş kommunist”
gazetiniň 1948-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky sanynda
“Şahyryň ýaragy” atly makala bilen çykyş edýär.Ol
ýygyndyny has dabaraly sözler bilen öwýär. Yzyndan
bolsa sypaýçylyk bilen G.D.Gurbansähedowyň bellikleri
ýaly ýygyndynyň ýetmezçiligini tankytlaýar. Onuň kä
goşgularyndaky pikiriň okyjylara asla düşnüksiz bolup
galýandygy, meňzetmeleriniň
şowsuzlygy,setirleriniň
agyr okalýanlygy, asla çeperçilik taýdan gowşaklygy
ýerlikli
bellenilýär.Umuman, tankytçylaryň
ikisi-de
1
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1948-nji ýyl. 11-nji fewral.
38
ýygyndynyň kemçiligi barada obýektiw
bellikleri
aýytýarlar.
G.Gurbansähedow
Hajy
Ysmaýylowyň “Öküz
gödek” powesti hakda “Öküz gödek”1 ady bilen makala
ýazýar. Tankytçy bu makalada awtory turuwbaşdan
tankytlap
ugraýar. Asla
“Öküz
gödek”
sowet
jemgyýetinde bolup bilmejek tip, beýle obraza sowet
adamlaryny masgaralaýar” diýen ýaly gürrüň edýär.
Şonuň kimin jümleler şol döwriň tankydynda häli-şindi
gabat gelýär.
Hajy Ysmaýylowyň “Öküz gödek” powesti, elbetde,
kemçilikden halas däl, şeýle-de bolsa, tankytçynyň
aýdyşy ýaly,ony püçege çykarmak bolmaz. Zehinli söz
ussady jemgyýetimizde ahlak tarapdan-azgyn, döwletiň
emlägine göz gyzdyryp ýaşaýan adamlaryň obrazyny
gaty synçylyk bilen suratlandyrypdyr.Durmuşdaky
ýaramaz ýagdaýlaryň, pis häsiýetli adamlaryň zyýanly
taraplaryny
açyp
görkezipdir.Merhum
tankytçy
A.Kerimow bu eseriň položitel hem-de otrisatel
taraplary hakda we tankytçynyň aýdan tankydy
bellikleri babatda ýerlikli gürrüň edip şeyle diýýär:
“Dogry, bu satiriki eser kemçilikden-de halas däldi.
Emma ol kemçilik, G.Gurbansähedowyň görkezişi ýaly,
hamala, eserde beýan edilýän otrisatel wakanyň we
satiriki tipiň biziň jemgyýetimizde bolup bilmegindebilmezliginde däl-de, eýsem başga meselededi. Ýazyjy
Öküz gödegiň pozgakçylyklaryny durmuş hakykatyna
laýyklykda çeper we ynandyryjy suratlandyrsa-da,
eseriň položitel gahrymanlaryny juda passiw,görünip
1
“Sowet Türkmenistany” 1945-nji ýyl, 6-njy awgust
39
duran kemçilikler bilen-de
ylalaşýan ýagdaýda
görkezipdir. Hekaýanyň bir gahrymany Öküz gödegiň
azgynlygyny we ýykgynçylygyny oňat bilse-de,oňa
garşy çykmagyň,oňy paş etmegiň deregine: “etse
edibersin, uruş gutarandan soň göreris” diýen pikiri
aýdyp, hiç bir
esaslandyrylmadyk ýerden ony
jezalandyrmaklygyň wagty däl diýen netijä gelýär.Ine,
hekaýanyň
düýp
kemçiligi, biziň
pikirimizçe,
1
şundady” .Soňra awtor,öz pikirini ösdürip,şeýle ýazýar:
“Ýazyjynyň uruş döwründäki we uruşdan soňky
ençeme
feletonlaryna
mahsus
ýiti
synçylygy,
durmuşdaky otrisatel ýagdaýlary we pis häsiýetli
adamlaryň iň zyýanlylaryny saýlap alyp, olary
tipleşdirip, rehimsiz näletlemegi onuň“Öküz gödeginde”
jemlenipdi. Hekaýanyň bu tarapy onuň şeksiz
üstünligidir.2
G.Gurbansähedow öz makalasynda Gotjagyň
maşgalasy Gülälegiň, öz öyini taşlap, hatda ejesiniň
öyüne-de barman, Öküz gödegiň öyüne barandygyny
ýazgaryp, adalatly bellik edýär. Umuman alanyňda, bu
powest barada tankytçynyň pikiri has gödek bolup
eseriň ähmiýetli tarapy ünüsden düşirilýär.Haçanda
tankytçy
tankyt
edýän
obýektine
aşa
gödek
çemeleşse,eseriň awtory-da, okyjy-da nägile bolýar.
Beýle diýdigimiz eseriň ýetmezçiliginiň üstüni örtmeli
diýdigimiz däl. Her bir eseriň hem özine ýetesi
kemçiligi bolup biler, onuň tankyt obýekti bolmagy eseriň köpçülik tarapyndan okalýanlygynyň alamaty.
Ata Kerimow. Türkmen sowet edebiýaty ösüş ýolunda. Aşgabat.TDN, 1957,
110 s.
2
Şol ýerde.
1
40
Eger ol okalýan bolsa, okyjylar tarapyndan söýülýändir,
beýik rus ýazyjysy L.N. Tolstoýyň dili bilen aýdylanda.
“Ode net lýubwi k iokustwu i kratika ,, .
G.Gurbansähedow we B.Jürmenek bilelikde ýazyjy
Hajy Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir ogly ”eseri barada
“Sowet Türkmenistany ”gazetiniň 1947-nji ýylyň 8-nji
we 9-njy ýanwardaky sanlarynda çykyş edýärler. Bu
eseriň türkmen sowet çagadar edebiýatynda ideýa taýdan
sagdyn, çeperçiligi taýdan ussatlyk bilen ýazylandygy,
respublikan konkursda 50-den gowrak eseriň içinde
baýraga mynasyp bolandygy bellenilýär .
Uruşdan soňky döwür Hajy Ysmaýylowyň
döredijilik belentligine galkynan döwrüdir.Ol çagalar
edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde 1946-1948-nji
ýyllarda ajaýyp eserler döretdi. Okyjylara hödürlän
“Mugallymyň gyzy”ady bilen ýazan belli eseri hem şol
döwrüň önümi bolup durýar. Onda oba oglany Rejep
Keçjalyň hünärli işçi bolup ýetişişi, Dursun bilen
arasyndaky inçe duýgusy çeper suratlandyrylýar. Hajy
Ysmailow, Türkmen ýazyjylarynyň arasynda ikinji
bolup, oba ýaşlaryny senagat merkezlerine çykmaga,
mähir durmuşy bilen tanyşdyrmagy, şäheriň şöhrat
gazanan işçileri we şol sanyň wekilleri bilen
gatnaşygyny real beýan etdi.Onuň “Iki atanyň bir
ogly” powesti hem, Beýik watançylyk urşy ýylarynda
ene-atasyndan galan ýetim çagalaryň terbiýelenşi olara
adamlaryň
hossar
çykyşy
hakda
bolup, juda
tolgundyryjy ýazylypdyr.Ol eser hem yazyjynyň
söýgüli
temasy
bolan
çagalar edebiýatynyň
dowamy,onuň ösüşi boldy diýsek ýalňyşmarys.Ýöne
esere baha beren tankytçylar ony ýagty aýdyňlaşdyryp
41
bilmändirler. Diňe eseriň şowly çykandygyny aýtmak
bilen kanagatlanypdyrlar.
Hakykatdanda, Hajy Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir
ogly” eseri öwgüsine mynasyp. Bu uruş döwri bilen
baglanşykly bolan waka barada bolup,munda halkyň
dostlugy, doganlygy biri-birine bolan asylly söýgüsi örän
çeperçilik we reallyk bilen ynandyryjy açylyp görkezilýär.
Sada formada gyzykly ýazylan bu eseriň öz döwründe
hatda häzirki döwürde-de çeperçilik ähmiýeti örän ulydyr.
Bu çagalar edebiýatynda görnükli orny eýeledi çagalaryň
söýgüli kitabyna öwrüldi we häzir hem şeýleligine galýar.
Ýazyjy, öz zamanasynyň ýagdaýyna oňat düşünip halkyň
göwnünden turjak temany saýlap bilipdir .
A.Aborskiniň “Otworçestwo Hadjy Ismaýylowa”1
atly makalasynda ,“Bäsdeşler”,“Öküz gödek ”powestlerine
analiz berilmek bilen, bu hekaýanyň üstünde giňden
durulýar onuň şowly çykanlygy hakynda gürrüň edilýär.
Tankytçylar G . Gurbansähedow we B.Jürmenek
Rahmed Seýidowyň
“Bahar geldi”
ýygyndysyna
2
“Şahyryň raporty” ady bilen ýazan synlarynda ýöreden
pikirleri bilen hem ylalaşmak bolar. Bu makalada eseriň
üstünlikli tarypyda bolşy ýaly adalatly açylypdyr.
Şahyryň döredijiligine mynasyp baha berilipdir.
Şol döwürde ýazyjy Ruhy Alyýew, edebiýatyň dürli
meseleleri bilen gyzyklanyp, metbugatda aktiw çykyş
edýär.
R.Alyýew-biziň
edebiýat
ylmymyzyň
we
tankydymyzyň köne soldaty. Ol ýigriminji ýylardan
bäri şu meýdanyň aktiw
wekili bolup
gelýär.
1
2
“Tуркменская искра” gazeti, 1947-nji ýyl, 6-njy iýun.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.