Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05

Total number of words is 3323
Total number of unique words is 1642
27.3 of words are in the 2000 most common words
39.5 of words are in the 5000 most common words
44.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Düşünjeli, oýlanyşykly
aýdylypdyr.
Bu çekişmä Berdinazar Hudaýnazarow hem
goşulyp: “Okyjynyň islegi” atly makala bilen çykyş edýär.
Bu hem, Beki Seýtäkow ýaly H. Ysmaýylowyň pikirini
dogry tapyp: “Onuň üçin okyjylaryň şu günki ösen
1
2
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1948-nji ýyl, 27-nji mart.
“Sowet Türkmenistany“ gazeti, 1948-nji ýyl, 27-nji mart.
78
talaplaryny ödäp bilýän her bir çeper eser, onuň haýsy
formada ýazylandygyna garamazdan, okyjy tarapyndan
oňat kabul ediler diýip men pikir edýärin. Eger şu formada
/boşaşa formasynda/okyjynyň beýik talaplaryny ödeýän
oňat eserler döredilse, onda , ýoldaş Gurbansährdowyň
aýdyşy ýaly, “yza çekilmek” bolmaýar, belki öňe gitmek
bolar”1 diýlen setirler göwne makul.
B.Hudaýnazarowyň çykyşynda iki sany bellemeli
zat bolup, umuman, şol döwrüň tankydy üçin täzelikdir.
Awtor poeziýa özüçe düşünýär. Onuň meýdanynyň
giňelýändigini duýýar. Galyberse-de, ol forma standart
garamaýar-da, döredijilikli çemeleşýär. Forma doňup
duran zat däl, ol mazmuna, tema bagly diýen pikirden ugur
alnyp ýazylan makala bu çekişmä täze many berdi we ony
gyzyşdyrdy.
Soňra N.Pommanyň “Çeper eseriň mazmuny çuň
we formasy berk bolmalydyr”2 atly makalasynda
G.Gurbansähedowyň pikiri goldanylýar. Onuň täze
formalary halamaýanlygy awtoryň pikirini beýan
edişinden düşnükli bolýar. N. Pomma , H.Ysmaýylowy
bir taraplaýyn kötekleýär, gurak, esassyz setirler bilen,
onuň garşysyna gidýär, ynandyrjak bolup jan çekýär.
Şol gürrüňini eden ýylymyzyň 23-nji maýynda
çykan sanynda “Goşgy düzmegiň formalary hakyndaky
çekişme dogrusynda” atly makalada, bu çekişmäniň jemi
jemlenip, H. Ysmaýylowyň pikiri adalatly tapylyp, şeýle
netije çykarylýar: “Mundan başga-da haýsy-da bolsa bir
forma poeziýanyň ýeke-täk formasy bolup bilmez. Bütin
şahyrlarymyz türkmen klassiki edebiýatynda peýdaly
1
2
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1948-nji ýyl, 2-nji aprel
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1948-nji ýyl, 4-nji aprel
79
bolan bütin formalary we biziň poeziýamyza rus we başga
sowet halklarynyň edebiýatyndan geçen formalary öz
döredijijklerinde ulanmalydyrlar. Formanyň dürli-dürli
bolmagy we onuň başarnykly ulanylyp bilinmegi
mazmunyň ýeňil we aýdyň beýan edilmegine giň we
aýdyň mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin-de bir formanyň
tarapyny tutmak bilen beýleki formalary inkär etmek ýa-da
olary ikinji orunda goýmak bolmaz”1
Ine, ýokardaky dartgynly çekişmäniň jemi
jemlenýar, adalatly pikir aýdylýar. Hakykatda-da ýagşy
bilen ýamany okyjy seljerýär, goý, ol haýsy formada
bolsa bolsun, ideýa taýyndan sagdyn, çeperçilik taýdan
belent bolsa, ol öz okyjysyny tapýar.
Çekişme düýpli, çylşyrymly hem köpçülige bähbitli
zady orta atmaly, ony sowukganly, oýlanşykly alyp
gitmeli. Bu hili ýagdaýlarda awtorlaryň şahsyýetine,
bilimine dil ýetirmeklik adalatly däldir. Goşgy formalary
barada çekişme, tutuşlaýyn alanyňda, obýektiw jemlenýär.
Ol redaksiýanyň tutýan pozisiýasynyň dogrylygyny,
taraplaryň umumy dil tapandygyny we poeziýa ösüşiniň
ugurlarynyň obýektiw kesgitlenendigini aňladýar. Şeýle
aýratynlyk bu döwriň tankydynda položitel netijelere
getiripdi. Tankydy we dörediji güýçler umumy maksat
üçin gyzykly çekişmä goşant goşdylar.
Türkmen edebi tankydy pikiriniň öňe gitmeginde,
umuman, rus awtorlarynyň ýa-da rus edebiýaty bilen
baglanyşykly türkmen metbugatynda çap edilen
materiallaryň hem ähmiýeti örän uludyr. Ylaýta-da şol
döwürde beýik rus tankytçysy W.G. Belinskiniň “Gogola
1
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1948-nji ýyl, 2-nji maý.
80
hat” /”Sowet edebiýaty”, 1948-nji ýyl, N-5/. “N.W.
Stankowiçe, W.P Botkine, A.I Gersene” /”Sowet
edebiýaty,” 1948-nji ýyl, N-6/ ýazylan hatlaryň çap
edilmegi, galyberse-se, onuň tankydy makalalarynyň
ýygyndysynyň çap edilmegi bu žanryň ösmegine, onuň
özboluşly aýratynltklarynyň kemala gelmegine, stiliniň
subut edijilik taraplarynyň ösmegine getirdi. Soňra
Blagom, Bohanowskiý, Ždanow, Rowýakin ýaly sowet
alymlarynyň sene ýa-da aýry-aýry wakalar bilen
baglanşykly şygyrlary biziň edebi tankydymyza uly
goldaw berdi. Bu bolsa biziň “umumy medeniýetimiz,
tutuş filologik ylmymyz üçin ägirt goşant boldy.
Edebiýatyň sagdynlygy üçin edebi tankyt zerur
serişde bolup, ikisini aýrybaşga ulanmak mümkin däl.
Tankydyň ykbaly, belli bolşy ýaly, hemişe janly
edebi prosesiň ykbaly bilen badaşandyr. Şeýle bolmazdan,
çeper esersiz ýa-da haýsydyr bir ýazyjynyň döredijiligi
hakyndaky yzygiderli pikir alyşylmasy bolmazdan edebi
tankyt barada pikir ýöretmeklik biweçlikdir. Eger türkmen
sowet edebiýatynyň döräp başlan döwürleri ýa-da urşuň
yzysüre edebi prosesde bolup geçen ýagdaýlary nazara
alsak, onda biziň ýokardaky tassyklamamyzyň ýerliklidigi
öz-özünden belli bolar. Çünki tankydyň “jany “ metbugat
bilendir... Ol mydama gündelik metbugatda özüni oňat
duýup geldi. Halypa edebiýatçylardan A. Kekilowyň, R.
Rejebowyň, K.Jumaýewiň gatnaşmagynda çeper tankydyň
gysgaça oçerkinde-de, birinji nobatda, gündelik
metbugatda peýda bolan synlar, uly-uly çekişmeler
seljerildi. Ol mundan bu ýana-da şeýle bolmaly. Sebäbi
tankydyň syn pudagy ilki “dil açýar” eserlere baha berýär.
Ýöne şonuň bilen mesele gutarmaýar. Tankyt-sözüň doly
81
manysynda örän kyn, çylşyrymly hem ynjyk ugur. Munda
dartgynlylyk köp bolýar.
50-60-njy ýyllarda edebiýatyň we tankydyň hilini
gowulandyrmagyň we ösdürmegiň çäreleri hakda
metbugatda
yzygiderli
çykyş
edilip
durulýar.
Olardan:”Ýaş awtorlar bilen işlemegi gowulandyrmaly” 1,
B.Welmyradowyň “Türkmen sowet edebiýatyny täze
belentlige götermeli”2, “Türkmen sowet edebiýatynyň
mundan beýläk-de ösmegi ugrunda göreşmeli”3,
“Edebiýatyň ideýalylygy ugrunda göreşeliň”4, “
Edebiýatyň çuň ideýalylygy we ýokary çeperçiligi
ugrunda”5, “За дальнейщее развитие и идейную
чистоту туркменской советской литературы”6, “Ýokary
derejeli çeper eserleri döretmek ugrunda”7, “Türkmen
sowet edebiýatyny ösdürmek ugrunda”8, N.Amanowyň
:“Edebiýat we sungat işgärleriniň möhüm wezipeleri”9,
“Halkyň islegine laýyk eserleri döredeliň”10, “Edebiýat
tankydynyň möhüm meseleleri”11, K. Berdiýewiň “Edebi
tankydyň käbir meseleleri hakynda”12, “Edebi tankydy
ösdürmeli”13, G.Gurbansähedowyň: ”Türkmen sowet
“Ýaş kommunist” gazeti, 1951-nji ýyl, 10-njy iýun
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1951-nji ýyl, 14-nji awgust.
3
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1951-nji ýyl, 25-nji sentýabr. /Baş makala/.
4
“Ýaş kommunist” gazeti, 1951-nji ýyl, 25-nji sentýabr. /Baş makala/
5
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1948-nji ýyl, 27-nji mart
6
“Туркменская искра” gazeti, 1951-nji ýyl, 29-njy sentýabr.
7
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1952-nji ýyl, 5-nji fewral. /Baş makala/
8
“Ýaş kommunist” gazeti, 1952-nji ýyl, 5-nji fewral.
9
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1948-nji ýyl, 2-nji maý
10
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1953-nji ýyl, 26-njy fewral. /Baş makala/.
11
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1951-nji ýyl, 134-nji awgust
12
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1951-nji ýyl, 25-nji sentýabr /Baş makala/
13
“Ýaş kommunist” gazeti, 1951-nji ýyl, 25-nji sentýabr /Baş makala/
1
2
82
edebiýatynyň
ýagdaýy we
wezipeleri”1,
Sowet
Türkmenistanyň ýazyjylarynyň söweşjeň wezipelerini” 2,
“Edebi tankyda köp üns bermeli”3, “Ýaşlar döredijiligine
köp üns bermeli”4, “ Türkmen sowet edebiýatynyň
mundan bu ýana-da gülläp ösmegi ugrunda”5 atly
makalalary edebiýatyň ideýalylygyny, partiýalylygyby
hem-de halkylygyny gowulan-dyrmagyň ýollary we edebi
tankydyň ähmiýeti barada mesele gozgaýar. TSSR
Ýazyjylar soýuzynyň III gurultaýynda we ady agzalan şol
makalalarda esasan hem edebi tankydy ösdürmeklige köp
üns berilýär.
Görşüňiz ýaly, bu getirilen makalalaryň köpüsi
“Sowet Türkmenistany” ýaly partiýalaýyn metbugatda
orun alypdyr. Şol çykyşlaryň hersiniň öz öňünde durýan
maksady bar. Biz olary yzda, ýeri gelende bellemekçi.
Ýöne bir hakykat häzir äşgär bolýar. Ol-talap edijilik.
Edebiýata partiýanyň aladasy bilen garamak, onuň ideýa
we çeperçiilik päkligini goramak meselesi öňde goýulýar.
Bu ýerde haýsydyr bir awtoryň döredijiligini yzarlamak
maksat edilmeýär. Diýmek, tankydyň aladasy döwre görä
belende galýar. Uruşdan soň, galyberse-de, 50-nji
ýyllardaky çeperçilik pese düşüşligi /Muny SSKP-äniň
XX gurultaýy adalatly belledi/ tankyt ýaly kyn žanry
basmarlady. Ine, şonda-da biziň edebi tankydy
güýçlerimiz ösüşe ýol agtardy, ýazyjylaryň mertebesini,
olaryň ideýa kuwwatyny gorady. Ol pikir ýörite baş
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1951-nji ýyl, 14-nji awgust /Baş makala/
“ Türkmenskaýa iskra” gazeti, 1951-nji ýyl, 29-njy sentýabr
3
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1952-nji ýyl, 5-nji fewral
4
“Ýaş kommunist” gazeti, 1952-nji ýyl, 5-nji fewral
5
“Sowet edebiýaty” gazeti, 1952-nji ýyl, N-12
1
2
83
makalalarda has-da prinsipiallyk bilen bellendi. Belli bolşy
ýaly, TSSR Ýazyjylar soýuzynyň 1940-njy ýylda geçirilen
2-nji gurultaýyndan bäri uzak wagtlaýyn arakesmeden soň,
1954-nji ýylyň 25-29-njy awgustynda ýazyjylaryň III
gurultaýy geçdi. Bu uly hadysa türkmen edebiýatynyň ähli
žanrlaryna syn berdi we tankyda-da giň nazar saldy.
Edebiýat tankydyny mundan beýläk-de ösdürmegiň
çäreleri hakdaky alada duýulýardy. Sowet edebiýatynyň
50-nji ýyllardaky ösüşinde bolan üstünligiň we kemçiiligiň
esasy taraplary görkezildi. Bu bolsa edebiýatyň ösmegine,
kämilleşmegine ýardam etdi.
Şu ýerde bir zat aýdylmaly-biziň türkmen sowet
edebiýatymyzyň esasy eserleri diýlip, haýsylara aýdylýar?
Muny G.Gurbansähedow “Türkmen sowet edebiýatynyň
ýagdaýy we wezipeleri hakynda” atly makalasynda
ýatlaýar. B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimi”, “Aýsoltany”,
“Syrly depe” poemasy /soň bu poemanyň esasynda meşhur
“Nebitdag” romany peýda bolýar—E.A. /we Ç.Aşyrowyň,
A. Kekilowyň, B. Seýtäkowyň, A.Gowşudowyň
döredijiligi, A.Salyh, R. Seýidow, G.Seýitliýew, N.
Pomma, R.Alyýew ýaly belli şahyrlaryň döredijiligi
hakynda gürrüň edilýär.
“ Biz özümiziň edebiýat tankydymyz hakynda
özümiziň hemme ýygnaklarymyzda, plenumlarymyzda,
we gurultaýlarymyzda gürrüň edýäris we nebsimiz agyrsada, tankydyň biziň edebiýatymyzyň iň yza galan
uçastogydygyny hemişe belläp geçýäris Edebiýat
tankydymyz bizi şu günki gün hem kanagatlandyrmaýar.
84
Dogry, soňky ýyllarda ýagdaý gowulyk tarapyna
üýtgedi”1
Soňra
awtor
“Türkmenistan
kommunisti”
žurnalynyň, “Sowet Türkmenistany” gazetiniň tankyda giň
gapy açandygyny dogry belleýär. Şeýlelikde, il içinde
haýsy eserler meşhur bolsa, tankyt hem şolar bilen bile
ýaşaýar. Ol fakty G.Gurbansähedow dogry belleýär.
Çykyşlaryň aglabasy syn häsiýetindedir.
Bularyň içinde belli-belli problemalaýyn makalalar
mazmuny boýunça hasda tapawutlanýarlar. Olardan
A.Kekilowyň “Türkmen sowet edebiýatynda tipiklik
meselesi”2, W.Çulkowyň “Konflikt problemasy we
türkmen edebiýaty”3 atly makalalarynda sowet
edebiýatyny ösdürmekde iň möhüm meseleler orta atylýar.
Ýazyjylaryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan
dissertasiýa işleri ýazylyp, olaryň döredijiligi düýpli
öwrenilip başlandy.
Şol ýyllarda edebi-tankydy makalalar bilen esasan
ýazyjylar çykyş edýärler. Olaryň iň aktiw çykyş
edenlerinden
G.
Gurbandähedowyň,
R.Alyýewiň,
M.Seýidowyň,
A.Aborskiniň,
B.Seýtäkowyň
we
gaýrylaryň atlaryny agzamak bolar. Bulardan başga-da,
ýörite edebi tankyt
bilen iş salyşan professional
tankytçylar Abdylla Myradow, Öde Abdyllaýew,
K.Berdiýew dagy edebiýat meýdanyna aýak basdylar.
Obýektiw
tankytlary
bilen
tapawutlanan
A.Mämmetgulyýew, M.Annagurdow, B.Welmyradow,
G.Gurbansähedow.Türkmen sowet edebiýatynyň ýagdaýy we wezipeleri
hakynda.“Sowet edebiýaty”,1954,N9,55 s.
2
“Türkmenistan kommunisti” 1954-nji ýyl, N4.
3
“Sowet edebiýaty” 1954-nji ýyl, N8.
1
85
A.Kerimow dagy bolsa şol ýyllarda edebi tankyda önjeýli
goşant goşdylar. Şol makalalaryň birnäçesi bolsa, rus
edebiýatyna , onuň terjimelerine, ýazyjylaryň doglan hem
aradan çykan senelerine bagyşlanylyp ýazylypdyr. Bular
san taýyndan köpde bolsa, ençemesiniň hili ýokary däldi.
Olarda edebi-taglymat çuňlugy kemlik edýärdi, belli-belli
pikirler häli-şindi gaýtalanýardy. Synlaryň, resenziýalaryň
aglabasy bir galypa giren şol bir meňzeş ülňüler köp gabat
gelýärdi.
Edebi tankyt edebi prosesiň möhüm problemalary
barada edebi tankydyň aktiwligi, täsirliligi barada çalyşýan
edebiýatçylar
bilen
bir
hatarda,
makalalarynda
ýüzgörüjilik, sypaýylyk edýän, eseri ýüzleý derňeýän
tankytçylar agdyklyk edýärdi. Ýöne, şu ýyllaryň
tankydyny umumylykda alanyňda, öňki ýyllara garanyňda,
edebi tankytdaky göz görtele birtaraplyk kemelip, edebi
tankydyň usuly kadalaşyp ugraýar. Ýörite edebi tankyt
bilen gyzyklanýanlaryň sany artýar.
Biz muny ýazyjylarymyzyň III gurultaýynda
sanalan atlar bilen hem tassyklap bileris:Aman Kekilow,
Ata Kerimow, Kakaly Berdiýew, Mämmetdurdy
Annagurdow, Wasiliý Çulkow, Aleksandr Aborskiý,
Pawel Karpow, Baýram Welmyradow, Ruhy Alyýew,
Annaguly Mämmetgulyýew, Habyp Guseýnow. Bular,
elbetde, G.Gurbansähedowyň dokladyndan alyndy.
Bularyň içinde diňe E.I.Stepanowa ýok. Şonuň ýaly-da
Ç.Saparow, A.Garahanow ýalylar hem çykyş edýärdiler.
Ähtimal, III gurultaýda has aktiw işleýän ýoldaşlar
nazarda
tutulandyr.Ýazylan
tankydy
makalalaryň
möçberini, gozgalýan meseleleriň zerurlygyny göz öňüne
getirilmegi adalatlydyr.
86
Täze-täze ýazyjylar edebiýat meýdanyna gelýärler.
Täze ýazylan eserlere seslenmeler peýda bolýar, tankydyň
söweşjeňlik häsiýeti güýçlenýär.
Ýazyjylaryň
Bütinsoýuz
we
respublikan
gurultaýlarynyň, plenumlarynyň, üýşmeleňleriniň geçirilip
durulmagy tankydyň ösmegi üçin uly rol oýnaýar.Şu
ýyllarda yzly-yzyna çap bolan romanlaryň, powestleriň
tematika çägi giňelýär, problemalaýynlyk häsiýeti artýar,
halkylygy, partiýalylygy, reallygy çuňlaşýar. Ýazyjylaryň
dünýä garaýşy-da giňeýär, olar ynsan kalbyna barha
çuňňur aralaşýar. Şol eserler doganlyk halklaryň dillerine
terjime edilýär, şonuň bilen birlikde olaryň hili hakynda
tankydy pikirler-de ýüze çykýar. Bu bolsa edebiýatyň
ösmegine, tankydyň rowaçlanmagyna, kämilleşmegine
peýda getirýär.
Şu döwürde edebiýatyň ösüşine zyýanly täsir eden
“konfliktsizlik teoriýasy” ýaýbaňlandy. Bu “teoriýa” tipli
janly obraz döretmekde ýazyjylara zyýanly täsirini ýetirdi.
Olaryň döreden obrazlaryna dogry baha bermegiň
ölçeglerini-de belli derejede bulaşdyrdy. Şol täsir
netijesinde ýazylan eserleri-de edebi-tankydy makalalaryda öwrenmek zerurlygy gelip çykýar. Uruşdan soňky
döwürde käbir edebiýatçylar:”durmuşda kän gabat gelýän
zat tiplidir, durmuşda seýrek duşýan otrisatel zatlary
eserde getirmegiň zerurlygy ýok” diýen ýaly düşünjäni
öňe sürdüler. Şunuň netijesinde bolsa edebiýatda seýrekde bolsa, durmuşda duşýan, dowam edip gelýän otrisatel
zatlaryň suratlandyrylmagy gowşady we konflikt peýda
boldy.
Bu döwrüň tankydynyň häsiýetli tarapy-položitel
zady görmeklige,ony goldamaklyga bolan ymtylyşdyr.
87
Ýöne şol gowy endik bilen bir hatarda, awtora ýerliksiz
igenmek, ony aýyplamak ýaly meýiller hem duşýar. Şeýle
zady nazarda tutup, A.Surkow /türkmen ýazyjylarynyň III
gurultaýyna gatnaşan/ özüniň “Sowet edebiýatynyň ýokary
çeperçiligi we ideýallygy ugrunda” atly makalasynda
tankydyň umumysoýuz ýagdaýyndan hem mysal alyp,
jemleýji pikirinde şu aşakdakylary diýdi:
“Administratiw çykuwlary bilen edebiýata kömek
edip bilmersiň. Biziň asgynjaňlyklarymyzyň köpüsi,
edebiýatyň ösüş prosesinde tankydyň yza galýandygyndan
we şonlukda öz döredijiliklerinde haýsy zadyň
mamladygyny ýa-da
haýsysynyň
bimamladygyny
ýazyjylaryň özleriniň pikirlenip bilmeli bolýandyklaryndan gelip çykýar”1
Şular ýaly ýagdaý türkmen tankydynda hem
duşýar:”Aýgytly ädim”, “Söýgi” ýaly iri eserler,
A.Gowşudowyň romanlary näçe çeper bolsa-da, näçe
sagdyn ideýaly bolsa-da, şolaryň ondan bir bölegi-de
tankyt tarapyndan nygtalman, ýöne guraksy, ýüzleý
tassyklanmadan aňry geçmändi. Gowa-gowy diýen şekilli,
ýaramaza-ýaramaz diýen şekilli çöp döwlen ýaly tankyt
boý alyp bilenokdy. Aýdylmaly zadyň ýerine başga zat
aýdylýan ýeride-duş gelýärdi.
Umuman, real janly obrazlar otrisatel tipleriň
gapma-garşylykly göreşlerinde ýüze çykýar. Bu barada
sowet ýazyjylarynyň Ikinji Bütinsoýuz gurultaýynda
Samet Burgun “Sowet poeziýasy barada” eden
dokladynda:”Döwrümiziň kommunizm ugrunda göreşiji
položitel gahrymanlaryny taryplap, onuň garşysyna durýan
A.Surkow. Sowet edebiýatynyň ýokary çeperçiligi we ideýalylygy ugrunda.
“Sowet edebiýaty”, 1954, №9, 80 s.
1
88
güýji görkezmäge gorkaklyk etmek we ony kyn görmek
gerek däl. Rewolýusioner göreşijiniň doly mazmuny
obrazyny döretmek üçin güýçli duşmanyň obrazyny onuň
garşysynda goýmak gerek ahyryn. Duşmany güýçsiz edip
görkezip, biz öz güýjimizi görkezip bilmeris”1 diýilip,
gaty ýerlikli kesgitleýär.
Konfliktsizlik “teoriýasynyň” täsiri bilen ýazylan iri
eserlerde B.Kerbabaýewiň “Aýsoltan”, B.Seýtäkowyň
“Moskwanyň ýalkymy”, “Ynjalyksyz adamlar” diýen
eserlerinde we gaýrylarda ýitileşýän güýçli durmuş
konfliktleri ýok. Ady tutulan eserlerde bütinleý položitel
bolan gahrymanlaryň garşysyna häsiýetinde käbir otrisatel
taraplary bar bolan položitel gahrymanlar durýar. Şonuň
üçin olaryň arasynda tolgundyryjy ýiti konflikt döremeýär
we eserlerdäki obrazlar sagdyn janly obraz kaddyna ýetip
bilmän galýar hem-de täsirsiz bolýar.Şonuň üçin
Kommunistik partiýa konfliktsizlik “teoriýasynyň”
oňaýsyz netijesini tiz duýdy we ýazyjylaryň esasy ünsüni
durmuş gatnaşyklaryny batyrgaý görkezmeklige çekdi.
Emma türkmen tankydy, onuň şu döwürdäki ähli
önümi konfliktsizlik “teoriýasyna” syrygmaýar. Ol öz
gerimini giňeltdi. Onuň tematikasy ösdi. 50-nji ýyllaryň
birinji ýarymanda gowy adygan tankytçylar bilen bir
hatarda , tankyda täze bir awtor geldi. Soňra meşhur
tankytçy bolup ýetişen Abdylla Myradow “Sowet
edebiýaty” žurnalynyň 1954-nji ýylda çykan sanynda
“Türkmen sowet edebiýatynda hüşgärlik temasy” diýen
ilkinji žurnal makalasyny çap edipdi. Mundan başga-da,
türkmen tankydy Stalin baýragynyň /soňra ol “Döwlet
1
“Sowet edebiýaty” gazeti, 1954-nji ýyl, N-8
89
baýragynyň laurýaty” diýlip ulanyldy/ laurýatlary B.
Kerbabaýewiň, G.Muhtarowyň, döredijiligine aýratyn üns
berdi we olaryň hyzmatlaryny dogryçyl belledi.
Edebiýatyň döwür bilen aýakdaş gitmegi üçin,
ideýasynyň sagdynlygy, partiýalylygy üçin edebi tankydyň
roly uludyr. Edebiýatçy L,Ýakimenkonyň dili bilen
aýdylanda :”Критика-не только неотделимая часть
литературы но и наука Литературоведение и
литературная критика различаются не по принципом
исследование
в
скорее
по
предмету.
Литературоведение говорят о том что стала историей
или становиться токовой . Литературная критика
анализирует явления сeгоднящнoго дня”1.
Hakykatyna seredilende,uly edebiýatçy hem uly
tankytçy L.Ýakimenkonyň bu pikiriniň arasynda “Hytaý
diwary”ýok. Emma edebiýaty öwreniş ylmyny ol
tankytdan aýyryp, dogry edýär. Sebäbi ol – ylym, ylmyň
obýekti bolsa taryha köpräk ýykgyn etmekden ybaratdyr.
Edebi tankyt, esasan, şu günüň, ýagny janly edebi prosesiň
aladasy bilen ýaşaýar. Ýöne edebiýaty öwreniş we edebi
tankyt biri-biriniň üstüni ýetirýär, olar köp meselelerde
özara baglanyşykly hereket edýärler. Hatda tankyt ylma
kömege hem gelýär. Biz ony özümiziň şu işimiziň
“Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň we çeper
tankydynyň arabaglanşygy” diýen dördünji babynda ýörite
derňemekçidiris.
Galyberse-de, her bir edebiýaty öwreniji alym uzak
ömründe edebi prosese goşulman durup bilmez. Ol
professional tankytçy bolman, alymlygyna galyp biler,
ylmy işini dowam eder, ýöne tankydy hem birýanyndan
aýyrmaz. Aýdaly, ellinji ýyllarda ady giň orun alan Ata
90
Kerimow ylmy işiň üstünde işleýärdi, kandidatlyk
dissertasiýasyny ýazýardy, emma biwagt ýogalmagy
zerarly ony gorap ýetişmändi. Emma ol biziň aňymyzda
tankytçy bolup galdy.
Şu döwrüň edebi tankydyny analizläniňde,
A.Kerimowyň makalalarynyň ýygy-ýygydan metbugatda
çap bolandygyny görmek bolýar. Onuň makalalaryny
okanyňda, düşünjeli, sowatly edebiýatçylygyny duýmak
kyn däl. Onuň
B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”
romanynda halklaryň dostlugynyň görkezilişi”1, Ata
Ulugberdiýew bilen bilelikde ýazan “Rahmet Seýidowyň
döredijiligi
hakynda”2,
“Nurmyrat
Saryhanowyň
eserleriniň çeper dili hakynda”3, “Türkmen sowet
edebiýatynda SSSR halklaryň dostlugynyň waspy”4,
“Doganlyk Ukrain we Türkmen halklarynyň edebi
hyzmatdaşlygy”5, “Nurmyrat Saryhanowyň döredijiligine
A.P.Çehowyň täsiri”6, “Uruş oduny tutaşdyryjylaryň
türkmen sowet edebiýatynda paş edilişi”7, “Şahyryň
döredijilik üstünligi”8, “Sowet hakykatynyň waspy”9,
“Türkmen sowet edebiýatynyň satira žanry hakynda”10,
“Beýik halk bilen baky birlikde”11 atly makalalary
edebiýatyň dürli meselelerini gozgaýar.
“Sowet edebiýaty” 1952-nji ýyl, N-2
Şol ýerde, N-6
3
Şol ýerde, 1953-nji ýyl, N-5
4
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1953-nji ýyl, 20-nji dekabr
5
“Sowet edebiýaty” 1954-nji ýyl, N-1
6
Şol ýerde, N-6
7
“Sowet edebiýaty” 1954-nji ýyl, N-4
8
“ Türkmenistan kommunisti” 1954-nji ýyl, N-4
9
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1954-nji ýyl, 7-nji aprel
10
“Sowet edebiýaty” 1954-nji ýyl, N-2
11
Şol ýerde, N-8
1
2
91
Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanynda
halklaryň dostlugynyň görkezilişi” atly möçber taýyndan
göwrümli makalasynda A.Kerimow romanyň oňat
taraplary hem-de kemçilikleri barada giňden gürrüň edýär.
Kemçilikleri barada gürrüň edýän ýerinde Iwan Çernişow
bilen Artyk Babalynyň arasyndaky intrigalaryň gurluşynyň
göwnejaý däldigi, olaryň obrazyndaky ösüşi, özgerişi,
görkezişi wakanyň ösmegindäki, eseriň ideýasyny
aýdyňlaşdyrmakda ähmiýeti ýok diýip tankytlaýar.
Artygyň ýalňyşynyň, azaşmasynyň delillendirilişi eseriň
kemçiligi hökmünde ýatlanýar.
Her bir kiçijik wakalara-da, detallara-da baha
berlende, öz döwrüniň gözi bilen seredilip, aňy bilen
seljerilmeli. Oktýabr rewolýusiýasynyň iň dartgynly,
halkyň onuň ähmiýetine biri düşünse beýlekisi gyýa göz
bilen garaýan, ýokary gatlak wekilleriniň agitasiýasynyň
iň güýçli döwri, häkimiýetiň bir gyzyllaryň, bir-de aklaryň
eline geçip duran wagtlary, hanlyklaryň biri-birine
basdaşlygy Artyk we Artyga meňzeş daýhanlaryň
ýalňyşmaklary, azaşmalary geň hadysa däl.
Ata Kerimowyň “Nurymyrat Saryhanowyň
eserleriniň çeper dili hakynda” diýen makalasynda bolsa
ýazyjynyň türkmen diliniň baýlyklaryndan ýerlikli
peýdalandygy, çeperçilik serişdelerini, nakyllary öz
eserlerinde ýerlikli ulanandygy barada mysallar arkaly
analizleýär. Ýazyjynyň eserleriniň okyjy köpçüligi
tarapyndan söýülmeginiň esasy sebäpleri giňden
düşündirilýär.
Onuň
döredilmegine
kärdeşleriniň,
edebiýatçylaryň garaýyşlary barada-da gürrüň edýär.
Onuň “Sowet hakykatymyzyň waspy” diýen
makalasy Ata Gowşudowyň “Powestler we hekaýalar”
92
/Aşgabat, TDN, 1958/ atly ýygyndysynda ýerleşdirilen
eserlerden söz açýar. Kitaba giren powestlerdir
hekaýalaryň ideýa mazmuny, çeperçiligini derňeýär.
Ýazyjynyň döredijiliginiň belentdigi onuň halk
döredijiliginden peýdalanmagyň ussadydygy, sözleri ýerli
ýerinde ulanýandygy nygtalýar. Ata Gowşudowyň iň
bellemeli
taraplarynyň
biri
ýagny,
onuň
öz
gahrymanlarynyň dilini orginallaşdyrmakda deňine ýetip
bolmajak ussatdygy hem tankytçy tarapyndan dogry
bellenilýär.
Ellinji ýyllaryň ahyrynda, has takygy 1959-njy
ýylyň baharynda Türkmenistanyň ýazyjylarynyň IV
gurultaýy geçdi. Ol edebi prosesiň we tankydyň 50-60-njy
ýyllar sepgidindäki ýagdaýynyň özboluşly gözden
geçirilişidi. Ol döwürlerde her bäş ýyllyklaryň jemini
saldarlap görmek SSSR-iň halk hojalygyna belleýän bäş
ýyllyk planyna öýkünilip geçirilýärdi. Edebi aň, çeper
proses oba-hojalykda, maldarçylykda, pagtaçylykda
gazanylýan netijelere meňzeş däl bolsa-da, edebiýata şeýle
formal çemeleşmek Soýuzda merkezden gelýän ýörelgedi.
Onuň nädogry ekenligi häzirki günlerde, kommunistik
režim dargansoň belli boldy.
Ýöne bir zat köre hasa. Her niçik bolsa-da
döwürme-döwür tankydy yzarlamak 50-60, 70-80-nji
ýyllaryň
metbugatyna,
ýazyjylar
guramalarynyň
plenumlaryna, gurultaýlaryna mahsusdy hem-de örän
peýdalydy. 1959-njy ýylda geçen IV gurultaýynda şol
wagt ýazyjylar birleşiginiň başlygy G.Seýitliýew umumy
doklad bilen çykyş etse-de, her edebi žanr hakda edebiýat
meýdanynyň abraýly wekilleri aýry-aýry çykyşlar
edipdiler.
93
Türkmen
prozasyny

G.Gurbansähedow,
poeziýasyny K.Gurbannepesow, dramaturgiýasyny –
G.Muhtarow,
edebi
tankydyny
A.Myradow
häsiýetlendiripdi.
Bu döwürde eýýäm okyjylaryň elinde iri eserlerden
B.Kerbabaýewiň – “Nebitdag”, B.Seýtäkowyň “Doganlar”
romanlary, B.Hudaýnazarowyň – “Gyzgyn sährasy” ,
K.Gurbannepesowyň “Taýmaz babasy” bardy. Iň gowusy,
edebi prosesiň nähili derejä göterilendigini bilmek üçin
“Türkmen edebiýatynyň taryhynyň” VI tomuna
ýüzleneliň. Bu tomuň birinji kitabynda SSKP MK-nyň XX
gurultaýynyň /1956/ edebi prosesi ösdürmekde položitel
rol oýnandygy dogry bellenilip, 1956-njy-1967-nji ýyllar
ýa-da 50-60-njy ýyllarda türkmen edebiýatynyň
tematikasynda we problematikasynda prozada, poeziýada,
dramaturgiýada özgerişligiň emele gelendigi nygtalýar.
Hatda oçerk hem unudylman umumy akyma goşulýar. Ol
pikiri doly alman, roman we powest baradaky bölegi
almak bilen poeziýada has görnükli eserleriň peýda bolan
ýyllaryny görkezip, edebi tankydyň şulara garaýşyny
aýratyn nygtamaklyga geçmek dogry bolsa gerek. Sebäbi
bu döwür ellinji ýyllaryň ahyry, altmyşynjy ýyllaryň hem
başlarydy. Indi tankyt meýdanynda hereket edýän wekiller
köpelip ugrapdy. Şeýlelikde, “Türkmen edebiýatynyň
taryhy” biziň edebi prosesimize şu hili jemleme berýär:
“...taryhy
gurultaýlaryň,
ongünlükleriň,
plenumlaryň oňaýly täsiri netijesinde, şeýle-de
ýazyjylaryň döwrüň öňündaki wezipelerine düşünmekleri
oňa çuňňur göz ýetirmekleri sebäpli, türkmen
...edebiýatynyň hazynasy mazmun taýdan baý, forma
taýdan barha kämilleşýän dürli-dürli eserler bilen
94
baýlaşdy. Şu hili guwandyryjy ösüşiň edebiýatyň öňe
gitmegine ýardam edendigine öňki döwürleriň türkmen
edebiýatynyň käbir faktlaryna göz aýlanyňda duýup
galýarsyň. Ozal, 1956-njy ýyla çenli bizde bary-ýogy üç
sany roman, ýagny B.Kerbabaýewiň “Aýgytly adim”,
A.Gowşudowyň “Köpetdagyň etegindäki”, “MähriWepasy” bar bolan bolsa, gürrüňi edilýän döwürde
romanlaryň sany ýigrimä ser urdy. Uly prozamyzyň
ösüşiň, özgerşiň giň ýoluna düşendigini görkezýän, subut
edýän şol romanlaryň hataryna Türkmenistanyň halk
ýazyjylary B.Kerbabaýewiň “Nebitdagyny”, “Gaýgysyz
Atabaýyny”, B.Seýtäkowyň “Doganlaryny”, “Şahyryny”,
“Çölüň
ýüregini”,
H.Derýaýewiň
“Ykbalyny”,
G.Kulyýewiň
“Ýowuz
günlerini”,
N.Pommanyň
“Gatakaryny”, B.Soltannyýazowyň “Sumbar akýaryny”,
B.Pürliýewiň “Çeleken şemalyny”, Ý.Mämmediýewiň
“Ene topragyny” görkezmek mümkin.
Powest žanry barada aýdanyňda-da şunuň ýaly
guwandyryjy sanlary, mysallary getirmek mümkkin. Şu
wagta çenli /1956/ bu žanrda döredilen eserleriň sany
bary-ýogy 30-dan kän bolmadyk bolsa, indi diňe bir soňky
onýyllykda döredilen powestleriň mukdary 80-den hem
geçýär. Olardan B.Seýtäkowyň “Gyz salgydy”, “Ilkinji
gün”, G.Gurbansähedowyň “Çakylyk”, B.Pürliýewiň
“Söýgi mukamy”, N.Jumaýewiň “Ak maýanyň ýoly”,
“Ýuwaş gelni”, B.Hudaýnazarowyň “Göreş meýdany “
ýaly eserleri oňat powestleriň hilindendir”1.
Edebi hakykat bu ýerde dogry görkezilýär. Şol
döwürde A.Kekilowyň “Söýgi” atly şygyr bilen ýazylan
1
Türkmen edebiýatynyň taryhy. VI T. 1-nji kitap, 6-7 s.
95
romany-da
dolulygyna
çapdan
çykdy./1961/.
B.Hudaýnazarowyň “Gyzgyn sähra” /1958/ liriki-epiki
poeziýanyň dowamy hasap etsek, 1960-njy ýylda
G.Seýitliýewiň “Hindistanyň gülleri” diýen liriki
ýygyndysy çykdy. K.Gurbannepesowyň “Taýmaz
babasyndan”/1960/
,B.Hudaýnazarowyň
“Döwrüň
depesindäki adamyndan” /1964/ gaýdýan liriki-epiki
poeziýada we lirikada täze eserler peýda boldy.
“Bular nähili derejede tankyda täsir etdi?” diýlende,
onuň syn žanrynyň ösmegine getirdi, pikir dürliligini
artdyrdy, cekişmelere ýol açdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.