Latin

Gürgenç I - 12

Total number of words is 3846
Total number of unique words is 1999
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ertesi irden öý eýesi myhmanlaryndan habar almaga geldi. Üç
adamyň ýerine iki adam oturanyny görüp, üçünjini soranynda Suhaýly
onuň Pitnekde bir görmeli adamynyň bardygyny, şonuň üçin irräk
gidenini aýtdy.
Ertirlik çaý-çörek getirildi. Öý eýesi işine ir barmalydygyny,
myhmanlaryň maharlanyp, dem-dynjyny alyp, islän wagty gidip
biljekdiklerini aýdyp mähirli hoşlaşdy. Öý eýesi gidenden soň Suhaýly
bir salym oýa çümdi: «Eger gala häzir, ir bilen barsak, ýagdaýy
anyklamak üçin şu töwerekde düşlänimizi bilerler. Şonuň üçin öýläne
golaý hiç ýere sowulman göni gelen kişi bolup baranymyz gowy». Ol bu
pikirini ýoldaşyna aýdanynda, öýläne çenli garaşmaga ýaş ýigidiň sabyr
etmegi kyn bolsa-da, weziriň ygtyýaryndaky nöker bolany üçin onuň
pikirini makullamaly boldy. Şeýdip, olar her näçe ýürekleri gyssa-da,
aýdylan wagta çenli çydamaly boldular.
***
Abul Harysa Suhaýlynyň gelenini aýdanlarynda ol oňa garaşyp
oturan ýaly bir hili ykjamlandy. Suhaýly ýoldaşy bilen onuň huzuryna
gireninde, ol tagta meňzeş kürsüde oturan ýerinden turmadam bir hili
kynaýaly ýylgyryp:
-Geldiňizmi, weziri agzam?! Aly hezretden bize näme habar
getirdiňiz?!-diýdi. Suhaýly rejäniň düzüw däldigini aňsa-da,
sowukganlygyny ýitirmän jogap berdi:
-Men siziň huzuryňyza Aly hezret diýÿäniňiziň adyndan däl, Din
Horezmin diýip atlandyrylýan Watanymyzyň adyndan geldim.
-A-ha, onuň ýaly bolsa habaryňyzy berip oturyň.
139
-Onda oturmaga ejaza ediň. Salam-alek, saglyk amanlyk
soraşanymyzdan soň habarymy aýdaryn.
-O-ho, biz biedeplik edipdiris, uzur-diýip, Abul Harys ajy
ýylgyrsa-da, saglyk-amanlyk soraşan boldy. Suhaýly şazadanyň özüni
alyp baryşyndan ony özüniň sözlerine ynandyryp boljagyna ynamy
gaçdy. Şonda-da «Ýatyp galandan atyp gal» diýen nakyla eýerip, bir
synanyşyp görmekligi müwessa bildi:
-Şazadam, siz maňa nähak ynanmajak bolýaňyz. Ynansaňyz,
ynanmasaňyz hem men ýüregimdäkini aýdaýyn.
-Men entek size ynanamok diýmedim-ä.
-Söz bilen aýtmasaňyzam, bu zat mesaňa duýulyp dur.
-Siz gaty duýgur adam, jenap Suhaýly. Hany ýüregiňizdäkini
aýdyň bakaly, belki menem ondan bir zatlar duýaryn.
-Aýtsam, Gürgençde ýagdaý üýtgedi. Soltan Mahmydyň ady hutba
goşuldy. Alymlarymyz Gazna iberildi. Hökümdaryň öz ygtyýary bilen
ýurduny beýle namysa goýmagy halkymyza-da ýaranok. Şonuň üçin
Abul Abbasyň indi Horezminiñ tagtynda oturmaga haky ýok. Ony siziň
eýelemegiňiz gerek. Ozaldanam mirasdüşer siz, ahyryn.
-Munyňyz dogry. Mirasdüşer mendim. Indi pursady elden bermän,
ertiriň özünde goşuny Gürgenje çekeris-diýip, Abul Harys Suhaýlynyň
ýüzüne synçy nazaryny dikdi.
-Şazadam, men gandöküşlige garşy. Onuň hem goşuny az däl. Siz
bärden goşun çekip barsaňyz, uly gan döküşlik bolar Iki tarapyň
esgerleri hem öz ýurdumyzyň adamlary, ahyryn. Şonuň üçin munuň
başga ýoly bar.
-Nähili ýoly bar?
-Häzir Abul Abbas Jende ýörüş etmek üçin taýýarlanyp ýör. Ol
Jende gitdigi Siz Gürgenje girersiňiz. Siziň tagty eýeläniňizi eşiden
esgerlerem, halkam siziň tarapyňyza geçer. Onsoň onuň gelip, siziň
öňüňizde dyza çökmekden başga alajy galmaz. Şonuň üçin siz häzir
gyssanmaň. Ol aňry barsa bir aýa ýola düşer.
-Bir aý? Bir aý garaşmaly diýseňiz-le. Onsoň gidenini özüňiz habar
etjekmisiňiz.
Suhaýly ykjamlandy. Bu sowal oňa taşlanan çeňňekdi. «Hawa»
diýdigi-çeňňege ildigidi. Ol kellesine gelen bu pikirden ätiýaç edip,
çynlakaý äheň bilen jogap berdi.
-Men indi Gürgenje gaýdyp baryp bilmen, ahyryn. Ol ýerde habar
berjek ynamly adamlarym bar. Bir aýa galyp-galman habar geler.
140
-Bir aý? Düşnükli möhlet-diýip, Abul Harys mekirlik bilen
Suhaýla gözüniň gytagyny aýlady.-Goşunyny güýçlendirmek üçin oňa
bir aý gerek ekeni-dä. Şeýle dälmi?
Bu gepi onuň haýsy manyda aýdanyny Suhaýly duýsa-da, özüçe
düşünen bolup jopgap berdi:
-Hawa. Jendi almak üçin güýçli goşun gerek.
-Ýok, jenap Suhaýly. Güýçli goşun Jendi almak üçin däl, bize
garşy durmak üçin gerek.
Suhaýly utulanyny bildi. Şonda-da, onuň pikirini üýtgedip
bolmazmyka diýen umyt bilen dillendi:
-Diýýäniňiz näme, ol hiç haçan sizi duşman saýanok. Ol Alp
Tegine ynanmasa ynanmaz, ýöne size aga-ini hökmünde berk ynanýar,
onsoňam...-Suhaýly sözüni gutarmanka, gapynyň aňyrsynda bularyň
gürrüňini diňläp duran Alp Tegin:
-Onuň ýaly patyşanyň bize ynamy-da, özü-de gerek däl-diýip, girip
geldi. Suhaýly oňa ýalta seretdi. Gözler biri-birine kaklyşdy. Alp Teginiň
gözlerinde köne tanyşlygyň nyşany hem ýokdy, bütünleý ýat nazar bilen
seredýärdi. Ol Salam aleýgiň ýerine:
-Jenap Suhaýly, şazadanyň kellesini aýlajak bolup oturmaň,
gönüňizden geliberiň-diýdi.- Bu ýere gelmegiňiziň maksadyny barybir
biz bilýäs.
-Bilseňizem, bilmeseňizem meniň maksadym gan döküşlige, öz
watandaşlarymyzyň gyrlyşygyna ýol bermezlik, jenap Alp Tegin!
Alp Tegin bir zatlar diýmäge çemlenende Abul Harys bir elini
galdyryp, «saklan» diýen yşaraty etdi-de, özi dillendi:
-Jenap Suhaýly, niýetiňiz gowy niýet. Onsoň bu niýetiňizi amala
aşyrmak üçin näçe adam bolup geldiňiz?
Umytsyzlygy artyp barýany üçin Suhaýlynyň kellesi biraz
dumanlanypdy. Ýogsa ol bu sowalyň näme üçin berlendigini aňardy we
jogabyny tapyp aýdardy.
-Görüp durşuňyz ýaly, ýanymdaky ýoldaşym bilen.
Bu jogapdan soň Abul Harys Suhaýlynyň gepleriniň bary
ýalandygyna göz ýetirip, soragy gutarmagy makul bildi. Ol:
-Demirçini getiriň!-diýip gapyda duranlara buýruk berdi. Salym
geçmän Suhaýly dagynyň myhman bolan öýüniň eýesini getirdiler.
Onuň bir gözüniň aşagy gök dalakdy.
-Hany aýt, Bugrabeg, düýn agşam seniň öýüňe myhman bolanlar
şularmy?-diýip, Abul Harys eli bilen Suhaýlyny we onuň ýanyndakyny
görkezdi. Demirçi biçäre gorkanyndan sandyrap:
141
-Hawa, jenap, şular-diýdi.
-Bular näçe adamdy?
- Üç adamdy.
-Bu ýere ikisi geldi, biri seniň öýüňde galdymy-ka?
-Ýok, tagsyr. Ir bilen bularyň ýanyna baranymda-da ikisi oturan
eken. Ol birini sorasam Pitnekde girip çykmaly ýeri bar eken, şoňa ir
gitdi, diýip aýtdylar.
-Sen agşam bulara näme gürrüň berdiň, şuny aýt!
-Men bularyň nä jüre adamdygyny näbileýin. Maňa söwda işimiz
bilen Amula barýas diýdiler. Onsoň gepden gep çykyp, men siziň
goşunuň öňünde eden çykyşyňyzy aýdaýdym.
-Düşnükli. Sen işe gaýdanyňdan soň bularyň näme üçin öýüňde
galanlarynyň sebäbini bilýäňmi?
-Bilemok, jenap.
-Bilmeseň, bular agşam seniňkide myhman bolandyklaryny
ýaşyrmak üçin, öýläne çenli seň öýüňden çykman oturypdyrlar.
Üçünjisini bolsa saňa aýdyşlary ýaly Pitnege däl, senden eşiden
habaryny Gürgenje ýetirmek üçin yzyna ugratdylar. Ine, häzirem üç
adam bolup gelendiklerini gizläp otyr.
Abul Harys bu sözleri Bugrabege aýdan bolup, Suhaýla «Syryňy
bildim gerek» diýen manyda seretdi-de:
-Siz utuldyňyz,
jenap Suhaýly-diýdi.-Men siziň goýberen
hatalaryňyzy aýdyp bereýin. Bu günäkäriň günäsini boýnyna goýup, soň
jeza berlişi ýaly bolar. Birinjiden siz düýn agşam demirçiniň öýüne
düşüp ýalňyşdyňyz. Hiç ýere sowulman, göni biziň huzurymyza gelen
bolsaňyz, belki men siziň gepleriňize ynanardym. Ikinjiden, özüňizi
dogry gelen adam edip görkezjek bolup, öýlän gelmän, ir bilen gelen
bolsaňyzam men gije galanyň derwezesini kakyp ýörmäli diýendir-de
diýip oýlanardym. Üçünji hataňyz bolsa üç adam bolup geleniňizi
ýaşyrdyňyz. Sebäbi üçünjiňiziň Gürgenje habar ýetirmäge yzyna
gidenini bildirmejek bolduňyz. Ine, şulardan siziň bar gepiňiziň
ýalandygy belli boldy. Siziň esasy maksadyňyz bizi bu ýerde bir aý
saklap, şu wagtyñ içinde Abul Abbasyň goşunyny güýçlendirip
almagyny üpjün etmekdigine göz ýetirdim.
Abul Harys sözüne dyngy berip, sözleriniň Suhaýla nähili täsir
edendigini bilmek üçin onuň ýüzüne siňe seretdi. Ýüzünde hiç hilli
özgerişlik görmäninden soň sözüni dowam etdirdi:
142
-Jenap weziri agzam, men sizi dana adam diýip eşidýärdim. Ýöne
şu danalygyňyz bilenem özüňizi ölüme sezewar etjek hatalara ýol
berdiňiz.
-Men ölümden gorkamok!
-Alyp çykyň!-diýip, Abul Harys gapyda duranlara buýurdy.
Suhaýly çykyp barýarka yzyna öwrülip Abul Harysa ýüzlendi:
-Şazada, siz Gürgenji alansoň adyl hökümdar bolmagy isleýän
bolsaňyz gerek.
-Men adyl hökümdar bolaryn.
-Onda meniň ýanymda gelen bu nöker ýigidiň hiç hili günäsi ýok.
Oňa-da jeza bermek adalatdan bolmaz.
-Men bilýän günäsi ýokdugyny. Oňa hiç kim el degirmez. Islese
biziň goşunymyzyň hataryna geçsin.
Häliden bäri nökeriň ak esgä dönen ýüzüne gan ýöredi. Nökerler
Suhaýly bilen demirçini alyp çykanlaryndan soň Alp Tegin:
-Şazadam, hökümiňizi gijä goýman häziriň özünde ýerine ýetirmek
gerek-diýip, gapa tarap ýöneldi. Abul Harys:
-Duruň! O näme höküm? Nämäni ýerine ýetirjek bolýaňyz?
-Suhaýlyny ölüme höküm etdiňiz-ä, Şazadam.
-Men oňa özüňizi ölüme sezewar etjek hatalara ýol berdiňiz-diýip
aýtdym. Bu ölüme höküm edildigi däl. Ölüme diňe başy täçli hökümdar
höküm edip bilýär. Başganyň muňa haky ýok, jenap Alp Tegin.
-Eýsem ony nätmeli?
-Entek ony berkiräk saklaly, tussaglykda goýuň. Nesip edip,
Gürgenji alsak, başyma täç geýmek miýesser etse, onsoň Suhaýlyny
nämä höküm etmelidigini göreris. Demirçini goýberiň onda günä ýok.
Alp Tegin şazadanyň sözlerini içinden makullamasa-da, geljekki täçdar
bolany üçin geplemän çykyp gitdi.
Abul Harys soňky günlerdäki dartgynlylyk zerarly biraz ýadapdy.
Aýratynam Suhaýly bilen bolan bu duşuşyk oňa, erbet täsir edipdi. Ol
biraz dynç almak üçin öz otagyna däl, Rugsar hanymyň aram otagyna
bardy. Rugsar:
-Geliň şazadam. Iki gün bäri maňa görünmediňiz, eýgilikmi?diýip, hemişekisi ýaly güler ýüz bilen garşy aldy.
-Işler köp, melikäm.
-Haýyrly işlermi?
-Öz önüp-ösen şäheriňe gaýdyp barmak haýyrly bolsa, haýyrly iş.
-Gürgenje gidýäsmi, patyşa rugsat berdimi?
-Ýok, onuň rugsady gerek däl.
143
-Düşünmedim, şazadam. Näme üçin onuň rugsady gerek däl?
-Men gaty ýadow, Rugsar. Bir salym başymy seniň dyzyňa goýup,
dynç alasym gelýär. Başymy sypap meni azajyk irkildirseň, soň näme
üçindigini aýdaryn.
-Geliň, başyňyz meniň dyzlarymda aram alsa, baş üstüne-diýip
Rugsar aýaklaryny uzadyp oturdy. Abul Harys onuň öňüne başyny
goýup, uzaldy. Rugsar onuň ösgün saçly kellesini sypap oturşyna
«Munuň bir uly aladasy bara meňzeýär. Gürgenje patyşadan birugsat
gitmegi ýöne ýere däldir» diýip, içini gepletdi. Abul Harysa başyny
sypaýan Rugsaryň mylaýym elleri rahatlyk bagyşlasa-da, irkilip bilmedi.
Ol gözlerini ýumup ýatyşyna bir uludan dem alyp, ýuwaş dillendi:
-Melikäm, bu dünýäniň işleriniň haýyryndan şeri köp. Näme üçin
şeýle. Çünki, bu zamanyň adamlary haýra garanda şer işlere köpräk
gyzyklanýarlar. Biziň etjek işimizem haýyrmy, şermi, Alla bilýär. Rugsar
bu gepleriň anygyna ýetmän durup bilmedi:
-Şazadam, maňa düşnükliräk edip aýdyň. Näme iş ol sizi beýle
biynjalyk edýän?
-Erte, birigün Gürgenje goşuny çekýäs. Men Abul Abbasdan ata
miras tagtymy almaly. Inşalla alarynam. Sen hem diňe meniň däl, bütin
Horezminiň melikesi bolarsyň.
Rugsaryň üstünden sowuk suw guýulan ýaly ini tikenekläp gitdi.
«Goşun çekmek-uruş, gan döküşlik» diýen aýylganç pikir beýnisine
kürsäp girdi. Özüne unudylmaz ýagşylyk eden, agasy ornunda görýäniMuhammet ibn Salam göz öňüne geldi. Şazadanyň ony «Patyşanyň
ýakyn adamlarynyň biri» diýeni ýadyna düşüp, bu uruşda onuň hem
heläk bolmagy mümkin diýen pikirden ýüregi gyýylyp gitdi. Şazada
şeýle maksat bilen Gürgenje ýörüş etjek bolsa onuň bilen gitmezlige äht
etdi.
-Nämä dymýaň, janym, ýa bu iş saňa ýaranokmy?
-Ýaranok, şazadam. Siz Gürgenje gan döküşlik edip, şa bolmak
üçin ugraýan bolsaňyz, meni talak edip gidiň.
Abul Harys dabanyna ot basylan ýaly laňňa ýerinden galyp,
gözlerini Rugsaryň göreçlerine dikip oturdy.
-Şu sözi çynyň bilen aýdýaňmy, Rugsar?
-Çynym bilen aýdýan.
-Talak etsem, onsoň näme iş etjek?
-At-ulag berseňiz ýurdyma giderin.
144
-Sen öňem patyşalara aýal bolmak howpludyr diýip aýdypdyň.
Eger gitmejegiň çynyň bolsa men seni zorlap alyp gitmen. Ejize zorluk
etmek meniň zandymda ýok-diýip, Abul Harys çykyp gitdi.
Rugsaryň birden agysy tutup möňňürip goýberdi. Ol Horezmin
topragyna geleli bäri hiç haçan beýle sesli aglamandy.
Abul Harys daşarda iki ýana gezmeläp, Rugsaryň beýle aýgytly
karara gelmeginiň sebäbini oýlanýardy. «Onuň çynymyka ýa-da meni
niýetimden gaýtarmak üçin aýtdymyka? Eger şeýle bolsa ol samsyk. Bir
aýalyň göwni üçin kim täji-tagtdan geçer?»
Hawa-da, öňki arzyly Rugsar indi onuň üçin bir aýal. Iň lezzetli
zatlaram hemişe el ýeterli bolsa wagtyň geçmegi bilen öňki lezzetini
ýitirýär. Abul Harysyň arzuwy öň Rugsar bolan bolsa indi tagt. Ol bu
arzuwyna ýetmek üçin başga ähli zatlardan geçmäge taýyn.
Şol günüň ertesi öýle wagty Rugsaryň otagyna Alp Tegin gelip
girdi. Onuň rugsatsyz girenine gahary gelen Rugsar:
-Size näme gerek?!-diýip, ýüzüni kesä sowdy.
-Meni siziň ýanyňyza şazada iberdi.
-Şazadanyň özi gelip bilmeýärmi?
-Ýok. Gitjegiňiz çyn bolsa, siziň bilen hoşlaşmaga ýüregi
dözmeýärmiş.
-Gürgenje goşun çekip, gan döküşlige dözjek ýürek, meniň bilen
hoşlaşmaga dözmeýärmişmi?
-Bilmedim. Men bir harby adam, onuň ýaly inçe duýgulardan
başym çykmaýar.
-Siziň köp zatdan başyňyz çykýar. Şazada ýaş, ony islendik zada
yrmak siziň ýaly tejribeli adama kyn däl bolsa gerek.
-Melike, ikimiz uruşmaly. Gitjegiňiz çynyňyz bolsa ýagşylyk bilen
hoşlaşaly.
-Gitjegim çynym, baryp şazada aýdaýyň.
-Şazada gitjegi çyny bolsa, ýeke özi bolsa, ýeke özüne, kenizleri
bilen bolsa olara-da at-ulag, erkek lybas taýýarlamagymy hem-de şu
puly size bermegimi tabşyrdy-diýip, Alyp Tegin pökgerip duran gaýyş
gapjygy Rugsaryň öňünde goýdy.- Bu tylla teňňeler size köp wagta
ýeter. Eger söwdada aýlap bilseňiz ömrüňiz ötýänçä hor bolmarsyňyz.
-Her kimiň rysgalyny Alla berýär. Maňa munça pul geregem däl.
-Şazadanyň eli bilen Allanyň bereni şu, alyň. Siziň bagtyňyza ertir
irden Gürgençden Yspyhana tarap kerwen geçýär. Kerwen bilen gitseňiz,
ýoluňyz hatarsyz bolar.
145
Ertesi irden ýaş ýigitleriň sypatyna giren üç atly zenan Hazarasp
galasyndan çykyp, geçip barýan kerwene goşuldy.
Ine, şeýdip, Rugsar kenizleri bilen gündogara, şazada Abul Harys
bolsa goşuny bilen günbatara ýola düşdüler. Bu iki aşyk-magşugy asy
bendeleri özüne çekýän täji- tagt diýen jadyly bela aýra saldy.
XXI BAP
Suhaýlynyň yzyna ugradan atlysyndan iberen habary menzillerden
menzillere aşyp, ertesi gijäniň ýaryna golaý Gürgenje ýetip bardy.
Çaparyň gelenini aýdanlarynda gijäniň ýarynda gelen habaryň buşlyk
däldigini aňan Horezmşa derhal aram otagyndan çykyp, tagt eýwanyna
geldi. Uzak ýoldan at çapdyryp, gelen çapar demini rastlap, patyşa egilip
tagzym etdi-de, Suhaýlynyň berip goýberen ýüzügini uzatdy. Al Mämün
eliniň aýasyndaky ýüzüge seredip, oýa çümdi: «Diýmek, ýagdaý gowy
däl. Pitneçiler tiz wagtda ýetip gelmegi mümkin. Gyssagly çäre
gormeli» Ol elini iki gezek çarpandan häzir bolan köşk sahybyna ähli
emeldarlary, goşun serkerdelerini çagyrmagy buýyrdy. Munuň ýaly
bimahal wagty adam ýygnamak aňsat bolmasa-da, patyşanyň emri bilen
aýdylanlaryň hemmesi ýygnandy. Adamlar bimahal çagyrylanlary üçin
«Näme gep?», «Eýgilikmi-kä?» diýişip, biri-birinden howatyrly
soraýardylar. Hiç kim hiç zat bilmän, bilýänler bar bolsa-da aýtmany
üçin «Aý, häzir patyşa geler, näme gepdigini özi aýdar» diýişip
garaşýardylar. Patyşa-da köp garaşdyrmady.
-Jenaplar, sizi bimahal ýygnanymyň sebäbiniň gowulyk däldigini
özüňiz hem duýansyňyz. Biziň goýun diýip ýörenimiz gurt bolup çykdy.
Şazada Abul Harysy Hazaraspa iberenimizden habaryňyz bar. Ol
Hazaraspdaky goşunyň serkerdesi Alp Tegin bilen dildüwüşip biziň
üstümize goşun çekip geljekmişin. Pitneçileriň tizara ýola çykmagy
mümkin. Duşmana degerli gaýtawul bermek üçin biz bu ýerdäki
goşunuň üstüni azyndan bäş müň adam bilen dolduryp, jeňe taýýarlyk
görmegimiz gerek-diýip, Abul Abbas degişli adamlara etmeli işlerini
ýekän-ýekän aýdyp tabşyrdy.
Ýygnak gutaranda daň hem atypdy. Patyşanyň buýrugyny ýerine
ýetirmek üçin ýeterli wagt gerekdi. Emma pitneçiler wagt bermän
golaýlap gelýänligi sebäpli galanyň derwezelerini berk baglap,
goranmak çärelerini görmeli boldy. Onýança pitneçileriň goşuny ýetip
gelip, Gürgenjiň daşyny gabady. Eger-de Horezmşanyň az sanly goşunyda çyn ýürekden şäheri goramakçy bolanynda pitneçiler gör näçe wagt
galanyň daşynda ýatardy, belki alyp bilmejekdigine göz ýetirip yzyna
gaýdyp giderdiler. Pitneçileriň köp saklanman şähere girmegini soltan
146
Mahmyt Gaznalynyň adynyň hutba goşulyp, ýurduň oňa tabynlygy
boýun alynandygy sebäpli halkyň we esgerleriň arasynda dörän
närazylyk tizleşdirdi.
Abul Harys atyny oýnadyp, galanyň derwezesiniň golaýyna geldi.
Ol özüne we ardynda sap tartyp duran goşunyna ok-ýaý çenäp duran
galanyň üstündäki esgerlere ýüzlendi:
-Eý Watandaşlar! Sizler kime peýkam çenäp duranyňyzy
bilýäňizmi? Biz başga ýurtdan ýurduňyzy basyp almaga gelen kesekiler
däl-ä! Biz öz adamlaryňyz, öz doganlaryňyz, ahyryn! Biz Gürgenje
Watanymyzyň namysyny goramak üçin, Horezmin diýarymyzyň hiç
kese tabyn bolmajak beýik döwletdigini dikeltmek üçin geldik. Häzir
Horezminiň tagtynda oturan Abul Abbas ýurdy Mahmyt Gaznala satyp,
onuň adyny hutba goşduryp, Watana dönüklik etdi. Şundan soň onuň
Horezmşa diýen belent ady götermäge haky ýok. Meniň pederim Aly ibn
Mämün tagtda oturanynda ýurdumyzyň namysyny, garaşsyzlygyny
gözüniň göreji ýaly gorady. Eger sizleriň hem ýüregiňizde ata
Watanymyza söýgi, adyna buýsanmak duýgusy, namysyny goramaklyga
gaýratyňyz bar bolsa ok-ýaýyňyzy aşak düşüriň-de derwezäni açyň! Gan
döküşlik bolmasyn!
Abul Harysyň ýüreginden syzdyryp sözlän bu gysga nutugy
depedäki esgerleriň öňden bar bolan närazylyk duýgusyny güýçlendirip,
Watanyň namysyny goramaga gelen şazada raýdaşlyk meýlini oýardy.
Derweze açyldy. Abul Harysyň goşuny hiç bir garşylyksyz içeri girip,
göni köşge tarap okduryldy. Köşgiň goragynda duran Horezmşanyň birki
topar sadyk esgerleriniň garşylygyny aňsatlyk bilen ýeňenden soň Abul
Harys, Alp Tegin dagy elli, altmyş esger bilen köşge girip bardylar.
Köşgüň içinde garşylyk görkezjek hiç kim ýokdy. Köşgüň içi haňlap
ýatyrdy. Olar tagt duran giň eýwana girenlerinde garşydaky altyn suwy
çaýylan islimi nagyşly belent gapydan kellesi ýalaňaç Abul Abbas
çykdy. Ol özüni sowukganlylyk bilen tutup:
-Hoş geldiňiz, inim!-diýip, Abul Harysa kinaýaly garap ajy
ýylgyrdy.
-Geldik welin, elimiz sowgatsyz boş geläýdik-diýip, ol hem
kinaýaly gepledi.
-Boş däl. Eliňizde ýalaňaç gylyç bar-a. Şuny bilip, menem kellämi
ýalaňaçlap çykdym öňüňize.
-Eden dönükligiňiz üçin kelläňiz bilen jogap bermeli boljakdygyny
bilipsiňiz-dä.
-Men dönüklik edemok.
147
-Gaznalynyň bir ganjygyna Watany satyp, onuň adyny hutba
goşdurmak, dünýä belli alymlarymyzyñ Gazna iberilmegi dönüklik
bolman eýsem näme?!
-Bu Watany Mahmyt Gaznalynyň goşunyna depeletmezlik, ilatyň
ganyny dökdürmezlik üçin görülen wagtlaýyn çäre.
-Çäremişin. Çäre däl, gorkaklyk. Dönükler gorkaklardan çykýar.
Onuň goşunyna ýurdy depeleder ýaly biziň goşunymyz, güýjümiz
ýokmy? Gaýratymyz çatanokmy?!
-Soltan Mahmydyň ýüz müň adamlyk goşunynyň garşysynda
durup biljek goşun barmy häzir bizde. Şonuň üçin men ol çäräni
wagtdan utup, goşunymyzy güýçlendirmek maksadynda etdim.
-Suhaýlyny-da meniň ýanyma şol maksatda ibereniňi bilýän-diýip,
Abul Harys gylyjyny gynyna sokdy-da gapdalynda duran Alp Tegine
«Gutar» diýen manyda ümläp, özi çykyp gitdi. Alp Tegin ýanyndakylar
bilen şol bada buýrugy ýerine ýetirdi.
Şeýlelikde ylmyň, edebiýatyň, sungatyň janköýeri hem howandary
27 bahary ýaňy garşylan ýaş ýigit tagt gurbany boldy. Eger-de ol tagtda
oturan hökümdar bolman, gumuň depesinde tüýdük çalyp oturan çopan
bolanynda segsen, togsan ýaşyna çenli bu dünýäniň hözürini görüp
ýaşamaly adamdy.
***
Abul Harys tagta çykdy.Özüni Horezmşa diýip yglan etdi.
Abul Abbasyň döwründe jany-teni bilen oňa hyzmat eden köşk
emeldarlarynyň aglabasy gelip, Abul Harysa tagzym edip, dyza
çökdüler, oňa wepaly hyzmat etjekdiklerine kasam etdiler. «Dyza çöküp
ýaşandan dik durup ölen ýagşy» diýen mertler bolsa gylyçdan geçirildi.
Bu gabahat iş diňe Alp Teginiň işi däldi. Tagt eýesi nähili ýuka ýürekli
adam bolsa-da, tagtynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin doň ýüregede öwrülýän eken. Alp Tegin Abul Harysa ýanbermezleri jezalandyrmak
hakynda aýdanynda ol: «Olaryň içinde Muhammet ibn Salam diýen
adam ýokmy?» diýip sorady. «Ýok» diýen jogaby eşidensoň: «Bolupdyr
onda» diýip, başyny atdy. Abul Harys, şeýdip, özüne duşman saýan
adamlarynyň ýoguna ýanansoňam arkaýyn hökümdarlyk edip ýaşap
bilmejegini bilýärdi. Çünki, bu eden işi üçin Soltan Mahmyt Gaznalynyň
sag bolsun aýtmajagy bellidi. Bu hakda ol Gürgenje goşun çekip
gelýärkä-de ýolboýy oýlanypdy. Indi ol Gaznalynyň goşunyna gaýtawul
berip biljek goşun toplamalydy ýa-da başga bir çäre görmelidi. Ol ilki
«Başga bir çäre» diýenini ulanyp görmekçi boldy. Ol Gürgenje giren
gününden aýratyn goragda sakladan heremden soltan Mahmydyň
148
dogany Kaljy hanymy köşgüň bir otagyna çagyrtdy. Gapydan giren
ýerinde özüne sowuk nazar bilen dik bakyp duran gözele gözi düşende
Abul Harys bir hili aljyrajak boldy. Ony aljyradan diňe Kaljynyň
gözelligi däl-de, onuň arkasynda duran gudratly soltan Mahmydyň atowazasydy. Abul Harys özüni ele alyp, mylaýym äheň bilen:
-Geçip oturyň, hanym, siziň bilen gürrüňim bar-diýdi.
-Näme gepiňiz bolsa, aýdyberiň, men duran ýerimde-de diňleýän.
Garşysynda duran zenanyň gep urşundan onuň aňsatlyk bilen
özüne boýun egmejekdigini aňan Abul Harys:
-Beýle gödek dillenmek siziň gözelligiňize gelşenok, hanym.
Meniň size hiç hilli ýamanlygym ýok, gaýtam siziň bilen bir döwletli
gürrüň etmekçi bolup çagyrtdym-diýdi.
-Meniň adamymy öldüribem hiç hilli ýamanlygym ýok diýmäge
neneň diliňiz öwrülýär?
-Adamyňyzy men öldürmedim. Onuň özi meni öldürjek bolup,
topulanynda serkerde Alp Tegin ara düşdi. Onuň bilen garpyşykda heläk
boldy. Nätjek, ajaly ýetendir-dä - diýip, ýalan sözlän Abul Harys sözüni
Kaljy hanyma nähili täsir edenini biljek bolup, oňa synçy nazaryny
dikdi. Kaljy onuň bu sözüne ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmän
dymdy. Abul Harys pursatdan peýdalanyp, ýene-de mylaýym äheň bilen
sözüni dowam etdirdi:
-Hanym, boljak iş boldy. Öleniň yzyndan ölmek ýok. Indi siz başy
boş aýal. Şonuň üçin meniň nikama geçseňiz, öňkiňizden hem zyýada
edip saklaryn. Ýurduň esasy melikesi bolarsyňyz.
Bu sözleriň aňyrsynda Abul Harysyň näme maksadynyň
bardygyny şo bada aňan Kaljy hanym:
-Onsoň men näme etmeli?-diýip, kinaýaly sorady.
Abul Harys kinaýany syzsa-da, syzmadyk ýaly dillendi:
-Siz hiç zat etmeli däl, hanym. Agaňyza ikimiziň
nikalaşandygymyz baradaky hoş habary sowgat-salamlar bilen ýetirsek
bolany.
-Agam bu habary, siziň aýdyşyňyz ýaly, hoş habar hökmünde
kabul eder öýüdýäňizmi? Tersine, iň ajy habar hökmünde kabul eder.
-Şeýle bolmazlygy üçin siz sowgatlaryň ýanyna bir gowy
mazmunly salamnama goşarsyňyz.
-Men siziň maksadyňyzy bilýän-diýip, Kaljy Abul Harysa
dikanlap garady.-Siz agamdan gorkanyňyz üçin meni...
-Men agaňyzdan gorkamok!-diýip, Harys Kaljynyň sözüni kesdi.Men hiç kimdenem gorkmaýan, diňe, Alladan gorkýan. Ýöne men gan
149
döküşlik bolmasyn diýýän. Agaňyz ýüz müň leşger bilen gelse-de biziň
oňa gaýtawul bermäge güýjümiz ýeter. Emma bu jeňde näçe müňläp
adam gyrylar. Agaňyzam menem şonça adamyň ganyna galarys. O
dünýäde munuň jogabyny bermeli bolar.
Kaljy hanym Abul Harysa ajy ýylgyrmak bilen seredip:
-O dünýäde jogap bermeli bolsa öz agasynyň tagtyny basyp alyp,
özüni öldürüp, aýalyna göz dikmegiň hem jogabyny bermeli bolmazmy?
Abul Harys öz sözünden tutulyp, derhal jogap berip bilmän biraz
sägindi. Soňra Kaljy hanyma naýynjar garaýyş bilen bakyp:
-Hanym, bu işler takdyry-ezeliň işi. Takdyrdan gaçyp gutulma ýok.
Sizem takdyryňyza ten berip, meniň teklibime razy bolaýyň. Belki
Allatagala ikimiziň ýyldyzymyzy goşup goýandyr.
Kaljy hanym oýa çümüp bir salym dymdy. Kaljynyň
dymmagyndan razylyk tamasyny eden Abul Harys onuň jogabyna
sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Kaljy hanym bir uludan dem alyp, Abul
Harysa seretdi-de:
-Men siziň teklibiňizi kabul etsem, ikimize-de ýaman bolar-diýdi.Sebäbi agam dönükligi hiç haçan bagyşlamaýar. Ol diňe siziň üçin däl,
meniň ärimiň ruhuna salym geçmän dönüklik edenim üçin gazap atyna
münüp, bäri goşun çeker. Ilki bilen tutup meni öldürer. Şonuň üçin size
maslahatym: meni ýurduma-Gazna agama sowgat-serpaýyňyz bilen
iberiň. Men sag-aman barsam, siziň bu eden işiňizi bir deliller bilen
aklajak bolaryn. Men muny diňe siziň üçin däl, uly gan döküşlik
bolmazlygy üçin ederin. Şunuň ýaly ýagdaýda ýalan sözleseňem
Allatagala geçirermiş. Onsoň, parahatçylyk berkarar bolsa, agama giýew
bolmak islegiñiz çyn bolsa maňa sawçy iberäýiň.
Bu sözlerden soň Abul Harys hem oýa çümdi. «Bu aýal
mekirligimi ýa çynymy?» diýip, her näçe oýlansa-da, muny bilip
bilmejegine göz ýetirdi. Nähili bolsa-da, ol bu aýalyň akylly, öňden
görüjidigini ykrar etdi. Ony ýene bir gezek synamak üçin:
-Hanym, bu sözleri menden gutulmak üçin aýdýan dälsiňiz-dädiýdi.
-Sizden gutulmak üçin däl, öz başymy gutarmak üçin aýdýan.
Ynansaňyzam, ynanmasaňyzam özüňiz biliň.
Abul Harys Kaljynyň teklibine boýun bolmakdan özge çäresi
ýokdy. Eger-de Kaljyny zor bilen alyp galsa uruşa taýýarlanybermelidi.
Ol uruşda ýeňilerin diýip gorkubam duranokdy. Soltan Mahmyt
Horezmine ýetip gelýänçä näçe leşger gerek bolsa toplamaga wagt
ýeterlikdi. Ýöne ol örän uly jeň boljagyny, gaty köp adam gyryljagyny
150
göz öňüne getirip, parahatçylyk ýoly bilen ýöränini makul görýärdi.
Kaljyny aýallyga almakdan maksady hem şoldy. Ýogsa oňa aşyk
bolubam duranokdy.
Uzak dymyşlykdan soň ol şeýle diýdi.
-Bolýa hanym, men siziň wyždanyňyza ynanýan. Ertiriň özünde
agaňyza sowgat-serpaýlary taýýarlap, sizi ynamly gorag bilen ýola
salýan. Häzir gidip, dem-dynjyňyzy alyberiň.
Kaljy arkasyndan agyr ýük düşen ýaly uludan demini alyp,
patyşalara edilýän tagzymy berjaý etdi-de, otagdan çykdy. Abul Harys
Kaljynyň bu hereketine geň galyp, oýlandy: «Gireninde tagzym etmedi,
diýmek, meni patyşa hasap etmedi. Çykjagynda tagzym etmegi meniň
patyşalygymy ykrar etdigimikä ýa-da aýdan sözleri mekirliginiň perdesi
bolup, ony bildirmezlik üçin etdimi-kä?». Abul Harys iki oýly bolsa-da
ertesi, aýdyşy ýaly, Kaljyny ýanynda iki kenizi bilen tagtyrowan araba
mündürip, agasyna-da sowgat-serpaýlar bilen, kyrk atly nökeriň
goragynda Gazna ugratdy. Abul Harys bu gören çäresiniň netijesine
känbir ynamy bolmany üçin ätiýajy elden bermän goşuny-da
güýçlendirmek kararyna geldi. Bu meseläni Alp Tegin bilen
maslahatlaşanynda ol:
-Pikiriňiz gaty dogry, aly hezret-diýdi.-Aýallara ynanyp bolýamy,
bu bir, ikinjiden Kaljy hanym siz taraply bolup gepläninde-de, soltan
Mahmydyň oňa ynanmazlygy hem mümkin. Şonuň üçin goşunymyzyň
üstüni ýene-de otuz, kyrk müň adam bilen doldurmaly.
Abul Harys tagtdan düşüp, Alp Teginiň garşysyna geldi:
-Adam tapylar, ýöne olara munça ýaragy nirden tapyp bereris?
Alp Tegin Abul Harysyň döwlet işinde täzedigine, harby işde
tejribesizdigine ýylgyryp, diýdi:
-Aly hezret, Gürgençde müňdenem köp demirçi ussalar bar. Olar
gural-ýarag ýasamaga-da ökde.
-Bä, şeýle diýseňiz-le. Meniň şeýle köp ussa bardygyndan habarym
ýokdy. Onda şu günden ähli emeldarlary aýaga galdyryň-da işe girişiňdiýip, Abul Harys buýruk äheňinde aýtdy. Alp Tegine özi patşalygy alyp
beren ýaş ýigidiň beýle buýruk äheňleri känbir ýakmaýardy. Ol öň bu
ýaş şazada tagty alyp bersem, ol açsam aýamda, ýumsam ýumrugymda
bolar diýip pikir edýärdi. Beýle bolmady. Abul Harys özdiýenli,
mertebesini belent tutýan, merdem ýigit bolup çykdy. Nätjek, patyşanyň
emri wajyp.
-Aýdyşyňyz ýaly ederin, aly hezret-diýip, Alp Tegin çalarak
tagzym edip, çykyp gitdi.
151
Abul Harysyň tagtynyň töwereginde adam az bolmasa-da, ol özüni
bir hili ýalňyz duýýardy. Bu ruhy ýalňyzlykdy. Munuň nämedendigini
özü-de anyk bilmeýärdi. Belki Rugsardan aýrylany üçindir. Şunuň ýaly
ýagdaýa düşeninde göwnüne ýaraýan adamlarynyň biri bolan
Muhammet ibn Salamy ýatlaýardy. «Näme ol meniň tagta çykanymy
halanokmy-ka, näme üçin gelenok, gutlanok?» diýip oýlanýardy.
Häzirem Alp Tegin çykyp gideninden soň Ibn Salam ýadyna düşdi.
Onuň bilen duşuşasy, söhbetleşesi, pikirini bilesi geldi. Ol elini iki gezek
çarpdy. köşk sahyby girdi, edep bilen tagzym edip, buýruga garaşdy. Bu
Abul Abbasyň döwründäki köşk sahybydy. Abul Harysa dyza çökenleriň
biridi. Abul Harys ondan:
-Sen Muhammet ibn Salam diýen adamy tanaňokmy?-diýip sorady.
-Tanaýan, Aly hezret. Ol kişi alymlar bilen köşge köp gelýärdi.
-Onda, adam iber, ony tapyp getiriň-diýip, Abul Harys bu sapar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 13
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.