Latin

Gürgenç I - 14

Total number of words is 3879
Total number of unique words is 1976
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
üçin. Eger häzir men seniň kelläňi kesip , Gaznala ibersem, uruş yglan
etdigimiz bolar. Parahatçylygy saklajak bolsak onuň şertlerine boýun
bolmaly bolar. Hany, aýt, ilçi hökmünde Gaznalydan näme teklip bilen
geldiň, onuň şerti näme?
-Ol: «Şazada we goşunynyň serkerdesi Alp Tegin günälerini boýun
alyp, huzuryma gelsinler. Gorkmasynlar, egilen başy gylyç kesmez.
Şertlerimi olara özüm aýdaryn» diýdi.
Häliden içini it ýrtyp duran Alp Tegin saklanyp bilmedi:
-Eý, ilçisumak, biz seniň yzyňa düşüp, onuň huzuryna barsak, ol
bize hiç zat aýtmaz, jelladyna aýdar! Muny seniň özüňem gowy bilýäň.
-Ol «egilen başy gylyç kesmez» diýdi. Soltanyň agzyndan çykan
bu söze Alla şaýat.
Alp Tegin ýene bir zat diýmekçi bolup çemelenende Abul Harys
bir elini galdyryp, «Besdir» diýen yşaraty etdi-de özi sözledi:
-Onuň ýaly bolsa, jenap Ibn Salam, biz soltanyň huzuryna boş
barsak bolmaz. Bir gatyra ýük bolar ýaly altyn-kümüş bilen sowgatserpaýly barsak ylalaşyga gelmegimiz has aňsat bolar. Emma häzir
hazynada onçakly zat ýok. Ýöne Gürgenç baý şäher. Bir hepdede
sowgadymyzy jemläp bilsek, soltanyň huzuryna bararys.
-Şeýle sowgat-engamlar bilen barsaňyz onuň agramyny soltanyň
gahary göterip bilmän ýatar - diýip, Idn Salam Abyl Harysy yryp
bilenine begenip aytdy.
-Gahary altyn-kümüş bilen ýatýan bolsa tapyp elteris. Meniň ýene
bir zady bilesim gelýä. Kaljy hanym agasyna meniň bilen eden gürrüňini
aýtdymyka?
-Aýdypdyr, sawçyly gepi hem aýdypdyr. Şu gepi üçin soltan Kaljy
hanyma ýaman darapdyr. Ol: «Men bu gepi ondan gutulmak üçin
aýtdym» diýip, başyny zordan gutarypdyr. Abul Harysyň ýüzi üýtgäp
gitdi. Kaljy hanym bilen aralaryndaky gürrüň soltanyň gazabyny beter
165
gozganyny aňdy. «Ol bizi ylalaşyk üçin däl, başymyzy kesmek üçin
çagyrýar. Muny bilmesek akmak boldugymyz» diýip, içini gepleden
Abul Harys:
-Jenap Ibn Salam, size rugsat. Meniň sözlerimi soltana ýetiriňdiýdi. Muhammet Ibn Salam janynyň aman galanyna Hudaýa şükür
edip, Abul Harysa başyny egip yzyna tesip çykdy. Ibn Salam bile gelen
ýoldaşlary bilen sag-salamat yzyna gaýdyp barýarka ýolboýy Abul
Harysyň özüni alyp baryşyny aňynda gaýtalap, seljerýärdi. Başda haýbat
atyp, soňunda gowşanynyň sebäbini düşünjek bolýardy. Ol Abul
Harysyň, Alp Teginiň günälerini boýun alyp, Gaznalynyň huzuryna
barjakdyklaryna şübhelenýärdi. Onuň şübhesi esassyz däldi. Ol Abyl
Harysyň huzuryndan çykyp gaýdanyndan ol ýerde maslahat başlandy.
Ibn Salam bilen bolan gürrüňde ýaş patyşanyň özüni alyp baryşyny
synlap oturan köşk emeldarlary soňunda onuň maksadyna düşündiler.
-Biz Gaznalynyň ilçisini yzyna gaýtaryp iberip, bir hepde wagt
utduk. Goý, ol garaşsyn. Onýança jeňe has gowy taýýarlanarys-diýip,
söz başlan Abul Harys Alyp Tegine ýüzlendi:
-Goşuna ýene näçe esger goşup bolýar?
-bäş müň töweregi, Aly hezret.
-Şonuň bilen goşunymyz elli müň esgerden hem geçýär. Alla
medet berse Gaznalynyň yzyna it salyp kowarys-diýip, Abul Harys
oturanlara göz aýlady. Köpçülik onuň sözüni makullap, «Inşalla!»
diýişip, şowhunly seslendiler. Olaryň arasynda oturan ýaşy bir çene
baran Kazy-kelan söz sorady:
-Aly hezret, ýüregiňizdäki ýaşlyk joşguny sizi açyk meýdandaky
söweşe ündäp dur. Emma Gaznalynyň leşgerleri ençeme ýurtlary basyp
alan, uruş tälimini gowy özleşdiren goşundyr. Ony açyk meýdandaky
jeňde ýeňmek entek hiç kime başardanok...
-Siz näme diýjek bolýaňyz, hormatly kazy-kelan? Boýun egip,
Gaznalynyň huzuryna baryň, diýjek bolýaňyzmy?-diýip, Abul Harys
onuň sözüni böldi.
-Ýok, eýle diýjek bolamok. «Egilen başy gylyç kesmez» diýenem
bolsa onuň huzuryna barmak howplydyr.
-Onda näme maslahat berýäňiz.
-Meniň maslahatym: söweş däl-de goranmak. Gürgenjiň galasy
beýik we berk. Gaznaly gelip şäheri gabar, emma näçe wagt ýatsa-da
alyp bilmez. Esgerlerimiz bolsa galanyň üstünde ok-ýaý bilen golaý
gelenini ýer garbadar durarlar.
166
-Möhterem kazy-kelan, Horezmin diňe Gürgenç şäherinden ybarat
bolan bolsa siziň teklibiňize «Hä» diýse bolardy. Horezmin diňe
Gürgenç däl, ahyryn. Biz şunça goşun bilen galada bukulup otursak,
duşmanyň leşgeri diňe Gürgenji gabap ýatmaz. Bir bölegi gidip,
obalarymyzy çapar, ilaty juldan çykarar. Biz diňe özümizi däl,
halkymyzy goramaly. Şonuň üçin goşuny göni Hazaraspa sürmeli,
duşmany ýatan ýerinde basmaly-diýip, Abul Harys birneme gyzyp
gepledi.
Patyşanyň kesgitläp aýdan bu sözünden soň hiç kim öz pikirini
bildirmäge milt etmedi. Abul Harys goşuny ýene-de güýçlendirmek,
azyk, ýarag ýetmezçiligi bolsa üstüni doldurmak boýunça emeldarlaryň
herisine bir iş tabşyrdy. Soňunda:
-Häzirden başlap hemmämiziň işimiz diňe şu bolmaly. Biziň ýene
bir hepde wagtymyz bar. Gaty tijenmeli-diýdi. Hiç kimden seda
çykmanyndan soň ýene kazy-kelan oturan ýerinden gep oklady:
-Aly hezret, bir hepde däl, dört-bäş gün wagtyňyz bar. Ibn Salam
siziň aýdyp goýberen sözüňizi aýdaram, ýöne Gaznaly ynanmaz. Ol
köpi gören mekir adam bolmaly. «Wagtdan utjak bolýandyr» diýer.
-Ýaşuly!-diýip Abul Harys ajy ýylgyrdy.-Altyn-kümüş diýeni
ýaman zat. Onuň jadylaýjy güýji bar. Ol her niçik akylly adam bolsa-da
aklyny elinden alýar. Ondanam ýaman zat nebis. Gaznaly hem perişde
däl, adam. Adamda bolsa nebis diýen zat bar. Biz oňa bir gatyr altynkümüş wada etdik, ahyryn. Garaşar, garaşasy gelmese-de, nebsi
garaşdyrar.
Emeldarlar patyşanyň ýaş bolmagyna garamazdan danyşmentler
ýaly gep uruşyna ten berýärdiler. Maslahat uzaga çekmän gutardy,
adamlar dargaşdy. Baş serkerde Alp Tegin, serkerdeler Humar Taş,
Saýýat Tegin dagy patyşanyň huzurynda galyp, jeňi nähili tertipde,
nähili usulda alyp barmak hakynda pikir alyşdylar.
-Aly hezret, biziň goşunymyz hem Gaznalynyň goşunyna san
taýdan deňleşip bardy. Başa-baş garpyşanda biziň esgerlerimiziň rüstem
geljegine ynanýan ýöne...-diýip Alp Tegin sägindi.
Abul Harys:
-Näme ýöne? Aýdyberiň-diýdi.
Alp Tegin:
-Gaznalynyň bäş ýüze golaý jeňçi pilleri bolmaly. Pilleri leşgeriň
öňünden sürseler nähili bolarka diýip oýlanýan-diýdi. Entek jeň
görmedik Abul Harys ýaýdanyp, Humar Taş bilen Saýýat Tegine garady.
167
Olar patyşanyň özlerine nazar aýlamagynyň «Siziň pikiriňiz nähili?»
diýen manysyny aňdylar. Ilki Humar Taş pikirini aýtdy:
-Aly hezret, duşmanyň bu usuly uly gorkuly zat däl. Biz esasy
hüjümi garşydan däl-de, iki ýan tarapdan etmeli. Göz üçin on müň esgeri
pilleriň garşysyna goýup, ýigrimi müňden iki ýan tarapa leşger
taşlamaly. Piller hüjüme geçende on müňler yza çekinerler, ýigrim
müňler iki ýan tarapdan duşmana dararlar. Piller iki ýan tarapa öwrülip
hem ýetişmezler.
Bu pikire Abul Harysyň ýüzi açyldy «Alp Teginiň baş serkerdeligi
biderek ekeni» diýip serinden geçirdi.
Soňra Saýýat Tegin täsin bir pikir aýtdy.
-Aly hezret, piller otdan öler ýaly gorkýarlar. Bizem bäş-alty ýüz
öküziň şahyna çom baglap, ot berip öňe sürsek, piller yzyna öwrülip, öz
esgerlerini ýenjip gaçarlar.
-Aly hezret ikisiniň pikiri-de dogry. Meniň özümem şu usullary
ýüregime düwüp goýupdym-diýip, Alp Tegin başyny atdy.
-Ýüregiňize düwen bolsaňyz, öňürti aýdaýmadyňyza-diýip Abul
Harys ajy ýylgyrdy. Gürrüňleriniň soňunda Alp Tegin bir eýýäm
ýadyndan çykan, şu mahal niçikdir hakydasyna gelen wezir Suhaýlyny
Abul Harysyň ýadyna saldy:
-Aly hezret, ol indi siziň hökümiňize garaşyp ýatandyr-diýmek
bilen ol Hazaraspda Abul Harysyň «Ölüme diňe patyşalar höküm edip
bilýär» diýenini ýatlatmakçy boldy.
-Näme diýmekçi bolýaňyz? «Siz patyşa bolduňyz, indi ony ölüme
höküm ediň» diýjek bolýaňyzmy?-diýip Abul Harys Alp Tegine ýeserlik
bilen garady.
-Aly hezret, duşmandan näçe ir dynsaňyz, şonça gowy.
-Dogry aýdýaňyz, duşman zeper ýetirmezden öň ondan dynan
ýagşy. Ýöne Suhaýly bize duşmanmy? Ol bize näme duşmançylyk etdi?
-Aly hezret, onuň duşmançylygy Hazaraspda belli bold-a.
-Men şonda Hazaraspa onuň näme maksatda gelenine gowy
düşünmändirin. Goragçylara aýdyň, häzir ony meniň huzuryma
getirsinler. Gepleşip göreli. Ol dana adam. Belki häzirki dartgynly
ýagdaýda peýdasy deger-diýip, Abul Harys Alp Tegine buýruk beriji
äheňde aýtdy.
Biraz wagtdan soň Hazaraspdan gorag astynda getirilip, köşgüň
arkasyndaky jaýlaryň birinde tussaglykda saklanýan Suhaýlyny
getirdiler. Ol gussa basan ullakan goýun gözlerini Abul Harysa dikip,
giren ýerinde aýak çekdi. Ne salam berdi, ne tagzym etdi. Abul Harys
168
hem ondan bir söze garaşýan ýaly, oňa dikilip dymdy. Ondan seda
çykmanyndan soň:
-Salawmaleýkim, jenap Suhaýly!-diýdi.
-Waleýkim essalam şazada!-diýip, Suhaýly kellesini çala egdi.
-Siz näme, şazada diýen bolup, meniň şadygymy ykrar etmejek
bolýaňyzmy?-diýip, Abul Harys gatyrganyp aýtdy. Suhaýly onuň
soragyna jogap bermän, gepi başga ýana sowdy:
-Menden näme isleýäňiz?
-Size ýene bir sorag bereýin, ony-da jogapsyz galdyrsaňyz,
gürrüňimiz şunyň bilen gutarar.
Suhaýly bu sözüň manysyna şo bada düşündi. «Sen meniň birinji
soragymy jogapsyz galdyrdyň, bu sowalyma-da jogap bermeseň, gürrüňi
däl, seni bu dünýäniň azabyndan gutararyn» diýen manyny aňdy. Ol:
-Jogap berip bolýan sorag bolsa bererin, bolmasa siz berersiňiz
meni jellada-diýdi. Abul Harys bu adamyň mertligine ten berip,
gözlerini bir salym onuň göreçlerinde saklady. Soňra:
-Sowalym şeýle: Siz weziri agzam hökmünde Abul Abbasa gulluk
etdiňizmi ýa-da Horezmin döwletine?
-Abul Abbas Horezmin döwletiniň kanuny patyşasydy. Men oňa
gulluk etmegi Horezmin döwletine gulluk etmek diýip düşünýärdim.
-Diýmek, täze patyşa gulluk etseňiz hem Horezmin döwletine
gulluk etdigiňiz bolýar. Şeýle dälmi?
-Bir zada ýa birine gulluk etmek üçin oňa ygtykadyň bolmaly. Indi
meniň Alladan özgä ygtykadym galmady.
Abul Harys bu adamy özüne gulluk etdirip bilmejegine gözi ýetip,
gahary geldi:
-Diňe Alladan özgä ygtykadyňyz bolmasa, men sizi Allanyň
huzuryna ibereýin. Alyp çykyň!-diýdi. Başyny dik tutup duran
Suhaýlyny alyp çykyp barýarkalar ol yzyna gyňyrylyp:
-Şazada, hiç bir jenaýat jezasyz galmaýar, şony bil!-diýdi.
Suhaýlynyň bu sözi Abul Harysyň ýüregine atylan demirden däl-de,
howpdan ýasalan ok bolup girdi. Alp Tegin bolsa Suhaýlynyň ölüme
buýurylmagy bilen maksadyna ýetipdi. Ol Suhaýlynyň danalygy, öňden
görüjiligi üçin patyşa ony özüne geňeşdar ýa-da baş wezir edip alaýmasa
ýagşy diýip howatyr edýärdi. Eger şeýle bolaýsa ol patyşalykda üçünji
derejeli adam bolup galardy.
Bu günki bolup geçen dartgynly wakalar Abul Harysy biraz
ýadadypdy. Ol Alp Tegine jogap berip goýberdi, özü-de aram alýan
jaýyna gitdi. Emma öňde aldym-berdimli söweş durka arkaýyn ýatyp,
169
dynç alyp bolýamy. Onuň kellesinde dürli pikirler at salýardy. Bolsa-da
Suhaýlynyň ýaňy aýdyp giden sözi oňa erbet täsir edipdi. «Meniň eden
işim jenaýatmy näme? Men näme etsem ýurdumyň garaşsyzlygy üçin
etdim, ahryn» diýip içini gepledýärdi.
***
Jeňde ýesir düşen Abul Harysy getirip öň özi oturan tagtyň öňünde
dyza çökerdiler.
-Abul Harys, maňa seret! - diýen sese kellesini galdyryp seretse
tagtda özüne ýaňsyly nazar bilen seredip oturan Mahmyt Gaznalyny
gördi.
- Görýäňmi, düýn seniň oturan tagtyňda bu gün men otyryn, ertir
ýene biri oturar. Täji-tagt diýilýän zadyň hiç kime wepasy ýokdur. Sen
şu biwepa tagt üçin öz pederiňiň inisini öldürdiň, aýalyna göz dikdiň.
Bu eden işiňiň jezasyny çekmeli bolarsyň.
-Men ol işi tagt üçin, aýal üçin etmedim, Soltan! Men Abul
Abbasyň ýurdy saňa satany üçin, ýurdumyň garaşsyzlygyny dikeltmek
üçin etdim! Garaşsyzlyk ugrunda gylyç çalmak günä däldir.
-O-ho! Sen dilewaram ekeniň-ä. Onda aýt, äriniň jesedi-de
sowamadyk aýala göz dikmek hem günä dälmi? Ýa sen Kalja öňden
aşykmydyň?
-Kaljy hanym her kime-de mynasyp gowy aýal.
-Göz açyp gören ýassykdaşyny öldüren adama «maňa sawçy»
iberäý diýip, onuň goýnuna girmäge taýyn aýal gowy bolýan bolsa men
ony saňa gowşuraryn-diýip, Gaznaly ajy ýylgyrdy. Soňundan-nika
gyýýan molla bilen Kaljyny getiriň!-diýip, golaýynda duran adamlaryna
buýurdy.
Molla geldi, onuň yzyndan bogup öldürilen Kaljynyň meýdini
getirip, onuň ýanynda goýdular.
Gaznaly:
-Mollamyz, şu aýaly şu ýigide nika gyýyp beriň-diýdi.
-Kyblaýy älem, ölüni dirä nikalap bolmaýar, şerigatda...
-Men senden şerigaty soramok. Gyý diýlende gyý!-diýip, Gaznaly
gazap bilen azym urdy. Molla biçäre gorkusyna aljyrap, bir elini Abul
Harysa, bir elini süýnüp ýatan Kalja degirdi-de bir zatlary okan boldy.
Soňra Gaznalynyň rugsady bilen sandyrap çykyp gitdi. Gaznaly:
-Indi-diýip, biraz säginip söze başlady.-Bu aşyk-magşuklary bir
tama salyp, gapysyna ýedi gulp uruň. Kyrk güne çenli ol aşsyz-suwsyz
söýgülisiniň jemalyna seredip otursyn. Özü-de şondan artyk ýaşamaz.
Onsoň ikisini bir çukura gömüň!
170
-Ýok! Soltan, meni häzir asdyr, ýa kellämi aldyr, ýöne beýle jeza
berme!-diýip gygyran Abul Harys öz sesine oýanyp ýerinden laňňa
galdy. Ol gara dere batyp oturşyna «Allajan, bu nä ahwalat boldy, niçik
ahwalat boldy?» diýip, içini gepledýärdi. Ol biraz wagtdan soň özüni ele
aldy: «Düýşe näme girmeýär, duşman näme diýmeýär» diýip,
ekabyrsyrap ýerinden turdy.
Daň hem saz berip ugrapdy.
***
Alnynda gutulgysyz ganly söweş duranda her niçik batyryň hem
ýüregine howatyr aralaşmazlygy mümkin däl. Abul Harys özüni mert
adam saýsa-da howsaladan daşda däldi. Ol içindäki howatyry daşyna
çykarmazlyk, serkerdelere, esgerlere syr bildirmezlik üçin çalyşýardy.
Bu oňa başardýardy hem. Şonuň üçin patyşanyň özüni arkaýyn tutuşy
serkerdelere-de, leşgere-de gowy täsir edip, ýeňişe bolan ynamy
artdyrýardy. Abul Harysyň mertligi entek uly söweş görmedik ýaş
ýüregiň hyjuwydy. Şu hyjuw bilen goşun öň gelnen karara görä,
Hazarasp tarapa çekildi.
Goşun paýtagtyň golaýyndan başlanýan ilatly ýerlerden saýlanyp,
bir uly meýdana çykanynda saklandy. Leşgeriň ok-ýaýçylary,
naýzaçylary, gylyçbazlary, atly esgerleri aýry-aýry sapa duruzyldy. Abul
Harys, Alp Tegin dagy at oýnadyp saplaryň öňüne çykdylar, leşgeri
gözden geçirdiler. Uly meýdany tutup duran elli müň adamly leşgere göz
aýlaýarka Abul Harysyň ýaş ýüreginde üýtgeşik bir buýsanç döredi.
Ýaňy ýakynda hiç kimiň nazaryna ilmeýän şazada bu gün bihasap
leşgere eýe bolan patyşa. Özäm döwrüň iň güýçli hökümdary bilen
söweşe girýär. Nesip edip bu söweşde ýeňiş gazansa şan-şöhraty dag
aşyp, ady äleme dolar.
-Horezminiň edermen gerçekleri!-diýip, Abul Harys leşgere
ýüzlenip söze başlady.-Biz bu gün eziz Watanymyzy ganym duşmandan
goramak üçin beýik söweşe barýarys. Biziň her birimiz ata
Watanymyzyň mukaddes topragyny duşmana depeletmezlik üçin dünýä
taryhyna ýazyljak bu jeňe belent söweşjeň ruh bilen, egsilmez gaýrat
bilen girmelidiris. Biziň söweşimiz duşmanyňky ýaly basybalyjylyk
söweşi däl, Watan goragynyň söweşi, şonuň üçin biziňki hak. Hak işi
Alla goldaýar. Şeýle bolansoň, ýeňiş, inşalla, biz tarapda bolar. Watan
üçin öňe! Abul Harys sözüni gutaryp-gutarmanka leşgeriň biragyzdan
«Öňe! Öňe!» diýen sedasy asman gümmezini doldyryp ýaňlandy.
Şundan soň leşger öň meýilleşdirilişi ýaly ýigirmi müňden iki ýan tarapa
bölünip, ortadaky on müňlük leşgerden gapdala has daşlaşdy. Sag
171
tarapdaky goşuna Humar Taş, çep tarapdaky leşgere Saýýat Tegin
başçylyk etdiler. Abul Harys bilen Alp Tegin bäş ýüz öküzli ortadaky
goşunda galdylar. Üçe bölünip ýola düşen goşunyň Hazaraspa ýetip
barmagyna iki günlik ýol galypdy.
XXIV BAP
Soltan Mahmyt bir hepde garaşdy. Gürgençden gelmeli altynkümüş bilen Abul Harys dagydan derek bolmady. Ol:
-Muhammet, Gürgençden henize çenli habar ýog-a. Ýa senem...diýip soňuny aýtman Ibn Salama synçy nazaryny dikdi. Soltanyň «Ýa
senem...» diýen sözüne Muhammet Salamy sowuk der basdy. Ol
ýagdaýyny bildirmezlige çalyşyp:
-Kyblaýy älem, men başyna täç geýip, patyşa men diýip oturan
adamyň gepine ynandym. Adatda patyşalar bir sözli bolýar.
-Seniň ol aýdýan gurrumsagyň başyna on täç geýse-de hakyky
patyşa bolup bilmez. Ol Alp Tegin dagynyň elinde oýnatgy. Aslynda
Mämünleriň tohumy hökümdarlyk etmäge ýaramly däl adamlar ekeni.
Abul Abbas hem öz ygtyýarly patyşa däldi. Emeldarlarynyň çyzan
çyzygyndan çykyp bilenokdy-diýip, bir salym dymdy-da.-Indi nädýäs?
Ýene garaşmalymy?-diýdi. Ibn Salam näme diýjegini bilmän ýaýdandy.
Eger «Ýene-de garaşaly» diýse Soltanyň «olara güýç toplamak üçin
menden ýene-de wagt ogurlamakçy bolýar» diýip guman etmegi
mümkin. Onuň ýaňy «ýa senem...» diýeniniň soňunda aýdylmadyk
sözüň manysy hem şoňa barýar. Ibn Salamdan jogaba garaşyp, ondan
gözüni aýyrman dikilýän Soltan:
-Näme dymdyň, Muhammet?-diýdi. Soltanyň äheňinde gahar
duýulmasa-da Ibn Salam biraz aljyrap:
-Kyblaýy älem, dogrymy aýtsam, näme diýjegimi bilemok-diýip,
aşak garady.
-Sen bilmeseň men bilýän. Olara güýç toplamak maksadynda
wagt gerek bolany üçin seni aldap goýberipdirler. Ýa-da meni aldamagy
senden haýyş edipdirler.
Ibn Salam özüni mert adam saýsa-da soltanyň soňky sözi ölüm
howply bolany üçin ýüzi ak esgä döndi.
-Kyblaýy älem, nämeden ant iç diýseňiz içeýin, ýöne...
Soltan eliniň herekedi bilen onuň sözüni kesdi.
-Ant bilen ölümden gutulyp bolýan bolsa Alla-da ant içeni
bagyşlaýarmyş. Muny sen bilýäň, şonuň üçin ant içmekden gorkaňok.
-Men ölümden hem gorkamok. Ýöne siz menden nähak guman
edýäňiz.
172
-Men guman edemok. Ýagdaýy tereza salyp gördüm. Tereziniň bir
pellesine özümi, ikinji pellesine seniň Watanyň Horezmini goýdum.
Seniň üçin, elbetde, men däl-de, Watanyň gymmatly. Watan üçin,
Watany goramak üçin janyňy orta goýup, töwekgel edilýär. Men muňa
gowy düşünýän. Ýöne bilip goý, olar näçe goşun, güýç toplasalaram
meniň goşunyma bäs gelip bilmezler. Meniň pillerimiň özü-de
garşysyndan çykan leşgeri ýegsan eder!
-Kyblaýy älem, Watan hakynda aýdanyňyz gaty dogry. Watany hiç
kime, hiç zada çalyşyp bolmaz. Eger çalyşýanlar bar bolsa olar
dönükdir. Men dönük däl. Watan üçin ölmeli bolsa men taýyn. Ýöne
men sizi meniň Watanymy basyp almak üçin gelen basybalyjy diýip dälde, Watanymda ýüz beren adalatsyzlygy ýazgaryp, adalaty dikeltmek
üçin gelen sahypkyran* diýip düşünýärin. Şonuň üçin meniň size
dönüklik etmegim mümkin däl. Onsoňam, siziň adyňyzdan Gürgenje ilçi
bolup gitmegimden ýeke-täk maksadym: Watanymda gandöküşligiň
öňüni almakdy. Muny siz hem bilýäňiz. Şeýle bolansoň men olaryň güýç
toplap uruşa çykmagynyň, gandöküşüklik edilmeginiň tarapdary
bolarynmy?! Eger Abul Harys Alp Tegin dagynyň gepine gidip, uruşa
çyksa, näçe müňläp horezminli ýigitleriň ganyna galar. Siziňkileriňem
näçesiniň läşi ýat ýurtda seriler. Bularyň bary üçin uruşy başlan adam
günäkär bolar. Gurhanyň sözi bilen aýtsak «Günahy kebirdir*».
Ibn Salamdan gözüni aýyrman sözlerini diňläp oturan Soltan
Mahmyt onuň özüni aklamak üçin getirýän delillerine ynanjagyny-da,
ynanmajagyny-da bilenokdy. Şonuň üçin ony ýene bir synagdan
geçirmek maksady bilen:
-Muhammet, sözleriňde mantyk bar. Ýöne manysynyň hakdygyny
subut edip bilermikäň?!-diýdi.
-Nädip subut edeýin, Kyblaýy älem?
-Bize sadyklygyň çyn bolsa, özüňiň ýüz esgeriň bilen biziň
leşgerimiziň hataryna goşul. Şeýdip zalymlaryň jezasyny bermeklige öz
goşandyňy goş.
Ibn Salamyň depesinden gyzgyn suw guýulan ýaly boldy. Gaznaly
ony Watanyna dönüklik etmeklige mejbur etjek bolýardy. Onuň jogaby
taýyndy. Ýöne ony nädip aýtjagyny bilmän bir salym oýa çümdi. Eger ol
«Men ölsemem, öz ildeşlerime gylyç götermen» diýse soňunyň näme
bilen gutarjagy belli däldi.
Soltan jogaba garaşýardy. Näme bolsa-da gönüläp däl-de,
başgaçarak terzde jogap berdi.
173
-Kyblaýy älem, gurt hem öz kowmuny ýarmaýar. Eger siziň bu
aýdanyňyzy etsem men çöl beýewanlardaky gurtçada bolmaryn?
Soltan Mahmut ajy ýylgyrdy:
-Diýmek, goşuljak däl-dä?
Indi göni jogap bermeli boldy.
-Goşuljak däl, kyblaýy älem.
-Hmm... Onda git-de olara goşulyp, bize garşy uruş.
Ibn Salam soltanyň bu sözüne ynanman gözlerini tegeledi:
-Bu näme diýdigiňiz, Kyblaýy älem?
-Bu seni ölüme höküm etdigim. Seni bu ýerde, nalaçlyk
ýagdaýyňda öldürsem, ejize ganym boldugym bolar. Uruşda eliň ýaragly
halda öldürsem halal bolar.
Ibn Salam Gaznalynyň özüni mert, adalatly edip görkezjek
bolýandygyna düşündi.
-Kyblaýy älem, sözüňize jan-dilden ynandym, mertligiňize tagzym
edýän. Ýöne men urşuň tarapdary däl.
-Uruş başlansa at-ýaragly adamyň bitarap bolup galmagy mümkin
däl, Muhammet. Sen häzir gitde öz kowmyňa goşul. Söweş meýdanynda
duşarys. Maňa duşmasaň urşyjylarymyñ birine hökman duşarsyň. Şonda
meniň hökümim ýerine ýetiriler.
Ibn Salam soltana adatdaky tagzymy berjaý edip, onuň huzuryndan
yza basyp daş çykdy. İbn Salam soltanyñ bu "oýnuna" nähili düşünjegini
bilmese-de, töwekgel edip, özüniň ýigitlerini ýygnady, Gürgenje tarap
ýola çykdylar. Olara hiç kim päsgel bermedi. Atlary aýagaldygyna sürüp
barşyna Ibn Salam özüni ýuwutjak bolup duran ajdarhanyň agzyndan
sypan ýaly duýýardy. Emma ony Gaznalynyň «Seni ölüme höküm
etdim» diýen sözi oýlandyrýardy. «Kyrk ýyl gyrgyn bolsa ajaly ýeten
öler» diýen nakyl bar. Söweş meýdanynda kimiň ölüp, kimiň galjagyny
bir Alla tagalla bilýär” diýip özüni köşeşdirdi.
Soltan Mahmyt Ibn Salam çykyp gideninden baş hajyby hem-de
baş serkerdesi Altyn Taşy çagyrdy.
-Altyn Taş - diýip soltan gahardan garjygan sesi bilen hajyba
ýüzlendi.- Biz Ibn Salamyň gepine ynanyp, bir hepde garaşdyk. Men
eger olar uruşsyz teslim bolýan bolsalar gandöküşüklik nämä gerek
diýip pikir edipdim. Ýok. Olara bir hepde wagt bize sowgat ediljek
altyn-kümüşi ýygnamak üçin däl-de, goşunyny güýçlendirmek, uruşa
taýýarlanmak üçin gerek ekeni. Bu indi belli boldy.
-Kyblaýy älem, men size şu adama ynanmaly däl diýip aýdypdym.
Siz akgöwünlik etdiňiz.
174
-Dogry, aýdypdyň. Belki Ibn Salamda günä ýokdur. Ony-da aldap
goýberendirler. Belki olar bilen dili birdir. Kim bilýär. Şonuň üçin men
ony goýberdim, doly günäläp bilmedim. Indiki mesele: goşuny aýaga
galdyrmaly. Men boýun egmejek bolsalar, galada beklenip goranarlar,
Gürgenjiň gaty berk galasyny almak bize-de aňsat düşmez öýüdipdim.
Eger şeýtjek bolsalar, goşuny güýçlendirmek üçin ýene-de wagt utjak
bolup, aldawçylyk etmezdiler. Görýän weli, Abul Harys ýaşlygyň
joşguny bilen açyk meýdanda söweş etmekçi öýüdýän.
-Kyblaýy älem, diňe ýaşlygyň joşguny däldir, ýeterli güýç hem
toplandyrlar, toplamak üçin bir hepde wagt hem berdiňiz-de.
-Sen näme, ýeterli güýç toplandyrlar diýip ejizlejek bolýaňmy?!
-Diýýäniňiz näme, soltanym. Altyn Taşyň şu çaka çenli ejizlän
wagty boldymy, mundan soňam bolmaz.
Soltan hajybyň öwünenine kinaýaly ýylgyryp:
-Onuň ýaly bolsa leşgeri ýörüşe taýýarla. Serkerdeleriňi ýygyp,
ýörüşiň tertibini gepleşip alyň. Meniň bilişimçe, Abul Harysyň baş
serkerdesi Alp Tegin diýeni köpi gören, mekir adam bolmaly. Ol biziň
pillerimiz baryny bilýär. Pilleri goşunyň öňünde sürüp, söweşe girerler
diýip pikir etse, iki ýan gapdaldan hüjüm guramagy mümkin. Şu
ýagdaýy nazarda tutup, hereket etmeli. Düşnüklimi?
-Düşnükli, kyblaýy älem. Olaryň bu hilesi biziň söweş
usullarymyza deň gelip bilmez.
***
Özüniň ýüz atlysy bilen günortana golaý Hazaraspdan çykan
Muhammet ibn Salam tomsuň yssy howasynda bir gije-gündiz ýol
söküp, ikinji güni gün guşluga galanda garşysyndan gelýän goşuna gözi
düşüp, atynyň başyny çekdi. OL bu goşunyň Abul Harysyňkydygyny
aňdy, yzynda sap bolup duran ýigitlere öwrülip:
-Bu gelýän leşger şazada Abul Harysyňky bolmaly-diýdi.
-Indi ol şazada däl, Şa boldy dälmi?-diýip, ýigitleriň biri kinaýaly
dillendi.
-Hä, hawa, ony şa diýmäge hiç dilim baranok-diýip, Ibn Salam
atdan düşdi, beýlekilerem oňa eýerip, atlaryndan düşdüler. Döwrüň
dessuryna görä atlynyň öňünden patşa çyksa, ol geçip gidýänçä atly
atyndan düşüp durmalydy. Ýöne ara entek daşrak bolansoň olar
durmadylar-da atlaryny idip, ýuwaş ýöräberdiler.
Garşysyndan çykan atlylaryň bu hereketini görüp gelýän Abul
Harys bilen Alp Tegin olaryň keseki adamlar däldigini aňdylar.
175
-Bu gelýänler kimdir öýüdýäňiz?-diýip Abul Harys Alp Teginden
sorady.
-Bilmedim, Aly hezret , Muhammet ibn Salam bolaýmasa.
-Menem şoldyr öýüdýän. Ol Gaznalynyň tabşyrygy bilen ýene bir
zatlary aýtmaga töwellaçy bolup gelýärmikä?
-Aý ýok, Aly hezret. Gaznaly aldanany bilenden soň töwellaçy
ibermez. Onuň goşunam eýýam ýola çykandyr.
Atlaryny idip gelýänler has ýakynlaşanlaryndan soň olaryň
hakykatdanam Muhammet ibn Salam bilen onuň adamlarydygy belli
boldy. Abul Harys atynyň başyny çekip, eliniň hereketi bilen goşuny-da
saklady. Ibn Salam dagy gelip, onuň öňünde dyzyna çökdüler.
-Ýeri, Ibn Salam, ýene ilçi bolup geldiňmi?-diýip Abul Harys
ýaňsyly äheň bilen sorady.
-Ýok, Aly hezret, ilçi bolup däl, Siziň hataryňyza goşulyp, söweşe
girmäge geldik.
-Oho! Gaznaly sizi nähili goýberäýdi ýa ol bu niýetiňizi
bilenokmy?
-Muny onuň özi buýurdy.
-Özi buýurdy?! Düşnükliräk edip aýt.
-Ol sizden aldananyny bilensoň meni ölüme höküm etdi. Ýöne
hökümiň şol ýerde, ejize ganym bolup däl-de, söweş meýdanynda ýerine
ýetiriljekdigini aýtdy.
Bu gepe Abul Harys bilen Alp Tegin bir hili geň galyp, kellelerini
ýaýkadylar.
-Söweş meýdanynda ölüm özüne garaşýan bolsa nätjekkä?!-diýip
Abul Harys ajy ýylgyrdy. Soňra onuň ejazasy bilen Ibn Salam ýigitleri
bilen leşgeriň hataryna geçip, atlaryna atlandylar.
Gaznalynyň goşuny hem dört topara bölünip süýüşip gelýärdi.
Gürgençlileriň üç topara bölünen goşunyndan tapawudy onuň ortadaky
toparynyň yzynda ses ýetirim aralykda dördünji ätiýaçlyk topary hem
bardy. Bu topar öňde barýan haýsy topar söweşde asgynlyk etse şoňa
kömege ýetişýärdi. Şeýle ýagdaý goşunlaryň demirgazyk ganatynda
hereket edýän toparlarynyň arasynda bolan çaknyşykda ýüze çykdy.
Humar Taşyň ýolbaşçylygyndaky gürgençlileriň topary garşysynda
peýda bolan leşgeri görenden oňa tarap at saldylar. Gaznalylar birden
hüjüme geçen leşgere oňly gaýtawul berip bilmän asgynlyk edip
başlady, köp adam ýitirdiler. Şonda yzdaky ätiýaçlyk topar kömege
ýetişip, gürgençlileri derbi-dagyn etdiler. Çym-pytrak bolan leşgeriň bir
176
bölegi Gürgenje tarap gaçdy. Humar Taş ýanynda galan esgerleri bilen
gaçyp gelip, orta topara goşuldy.
Orta toparyny günorta tarapdan edilmegi mümkin bolan hüjümden
gorap gelýän gaznalylaryň on bäş müň kişilik leşgeri gürgençlileriň
ýigrimi müň kişilik Saýat Teginiň baştutanlygyndaky goşunyň hüjümine
uçrady. Emma san jähtden gürgençlilerden az bolsa-da olar has tejribeli,
saýlanan zeberdest urşyjylar bolany üçin köpüsi esgerlige täze alnan,
uruş tälimini ýeterli almadyk ýaş ýigitlerden ybarat bolan Gürgenjiñ
leşgerine berk gaýtawul berildi. Gürgençliler bu söweşde köp ýitgi
çekdiler. Saýat Tegin hem galan jeňçileri bilen gelip özleriniň orta
toparyna goşuldy. Şol bir wagtyň özünde orta toparlaryň arasynda aldym
berdimli söweş gidýärdi. Ilki bularyň arasynda bir täsin ýagdaý boldy.
Gaznalylar jeňçileriň öňünden pillerini goýberdiler. Gürgençiler bolsa
alty hatar esgeriň ardyndaky öküzleri öňe çykaryp şahlaryndaky çomlara
ot berdiler-de pillere garşy sürdiler. Kellesi alawlanyp gelýän
mahluklary gören piller zähresi ýarylyp, gürgençlileriň oýlaşy ýaly
yzyna-esgerleriň üstüne däl-de iki ýan gapdala gaçdylar. Öküzler bolsa
bat bilen göni baryp, öň hatardaky esgerleriň ençemesini ýere ýazdylar.
Emma yzky hatardakylar bady gowşan öküzleri naýzalap, gylyçlap
ýykdylar. Öleni öldi, çalajanlary bagyryp ýatdy. Ýoly açylan gaznalylar
haýdap gelip, gürgençliler bilen garpyşdylar. Bu jeň başlanmazyndan öň
goragyndaky esgerler bilen yza geçen Abul Harys iki ýan tarapdaky
leşgeriň ýeňilenini bileninden soň ýeňişe bolan öňki ynamyny ýitirip
aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Ol indi goragyndaky kyrk-elli esgeri bilen
Gürgenje aşyp bilse galanyň derwezelerini berkidip, goranmak hyýalyna
mündi. Emma ol muňa ýetişmedi. Humar Taş bilen Saýat Teginiň
toparlaryny derbi-dagyn eden duşmanyň iki gapdaldaky leşgeri iki ýan
tarapdan gelp gurşap aldy. Indi söweşi dowam etdirseler gürgençlileriň
biride galman gyryljakdygy belli boldy. Şonuň üçin Abul Harysyň
buýrygy bilen ýaraglaryny taşlap, teslim boldular. Hemişe edişleri ýaly
gaznalylar teslim bolanlaryň atlaryny, ýaraglaryny ellerinden alyp,
özlerini aşak oturtdylar. Indi bular ýesir hasaplanýardylar.
Bu hakda goşunynyň yzynda piliň üstüne gurlan çadyrda oturan
Soltana habar edenlerinde ol kinaýaly ýylgyryp: “Kim bilen oýun
edenlerini bilendirler indi” diýdi. Soňra aşak düşüp seýsi idip getiren
bedewine atlandy-da goşundan saýlanyp bir çete çykdy. Baş hajyby
Altyn Taş we serkerdeler onuň ýanynda toplandylar Soltan olara
ýüzlenip, şeýle diýdi.
177
-Agyr söweşde ýadan leşgere dynç bermeli welin, ýöne bu
meýdanda ýaýrap ýatan läşleri jaýlaman dynç alyp bolmaz. Şonuň üçin
ýesirler özleriniňkini, biziňkiler özümiziňkini ýygnap, topraga bersinler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 15
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.