Latin

Gürgenç I - 04

Total number of words is 3810
Total number of unique words is 2152
31.0 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Alymyň işi ylym, Ilhan aga, ylym diýilýänide özbaşyna bir
ummasyz älem. Dogrymy aýtsam men size ony nädip düşündirjegimi-de
bilemok-diýdi. Ilhan aga muny özüçe «sen bir nadan daýhan, ylym
diýilýen zady gürrüň berenim bilenem aňmarsyň» diýen manyda
düşündi-de bir hili gahary geldi. Ýöne kinesini bildirmän «menem muny
bir duzlaýyn» diýen pikir bilen ajy ýylgyryp dil ýardy:
-Bä-ä, inim, özüň alym bolup, edýän işiňi düşündirip bilmeseň
gadymda bir danyşmendiň «Ylmyna amal etmedik alym üstüne kitap
ýüklenen eşege meňzeýär» diýeni ýaly bolmaýarmy?
Ibn Salam çym gyzyl boldy. Ol ýoldaşynyň nämä gaharynyň
gelenini duýdy. «Ol meniň sözümi başgaça düşünpdir-ow. Men onuň
göwnüne degmekçi däldim. Özümem oýlanman gepläpdirin» diýip, içini
gepleden Ibn Salam arany bozmazlyk üçin degişme äheňinde dillendi:
-Bäh, Ilhan aga, hiç bolmasa ine şu arabany çekip barýan ata
meňzedäýseňizem boljakdy, «eşege meňzeýär» diýeniňiz-ä gatyrak
degdi.
-Oho, bagyşlaweriň, biz bir nadan daýhan adam aýdan sözümiň
parhyna barmandyryn-diýip ol ýene duzlady.
Ibn Salama onuň kinesiniň sebäbi indi has hem düşnükli boldy.
-Ilhan aga-diýdi Ibn Salam mylaýymlyk bilen-Siz meniň ol sözümi
nädogry düşünipsiňiz. Men siziň göwnüňize degmekçi däldim. Siz hijem
38
nadan adam dälsiňiz. Ine gep uruşyňyzdan görüp otyryn, siz gaty
pähimdar, duýgur adam ekeniňiz.
-Haý, haý! Adamy ýüzüne öwmek gowy däl. Munuň ýaly öwgi
köplenç ýalan bolýa.
-Illa çynym, Ilhan aga, ýöne öwmek üçin aýdamok.
-Bolýa-la, inim, bu gepi goýaly. Ýöne siz maňa ylym diýen zady
düşündirip bileňizok, ýa-da düşündiresiňiz gelenok.
-Ikisi-de däl, Ilhan aga. Men size gysgarak edip düşündirsem,
Ylym diýilýän zat älemiň syrlaryny, dünýäniň gurulyşyny, zeminiň
astynyň, üstüniň nämelerden ybaratdygyny, tebigatyň hadysalaryny
öwrenýär. Alymlaryň işi şu.
-Ahe, älemiň syrlaryny öwrenýärler diýdiňiz, ony öwrenen bilen
bilip bolarmyka. Ine, meniň bir zada hiç aklym ýetmeýär. Daňdan turup
mGünüň çykyşyny synlaýan, ol güni bilen asmany aýlanyp bize
ýagtysyny, berýär-de ýaşyp gidýär, ertesi ýene täze Gün dogýar.
Hudaýyň beren güni şeýle. Şonça Gün nirde bar?
-Täze Gün dogdy diýselerem, ol täze Gün däl, şol bir Güniň özi. Ol
ýerimiziň aňry tarapyndan aýlanyp çykýar.
-O nähili beýle bolýar? Ol aýlanyp ýene çykar ýaly ýeriň aşagynda
boş meýdan barmy näme?
-Bar, Ilhan aga, ýerimiziň hemme tarapy-da boşluk.
-Aý ýog-a, Ol bir zadyň üstünde durmasa boşlukda nädip dursun?
Aşak gaçaýmazmy?-diýip, ol gözüni tegeläp Ibn Salama seretdi.
-Älem giňişliginde «aşak», «ýokary» diýen zat ýok, Ilhan aga, olar
ýeriň üstünde bar.
-Aý, goýsana inim, aklyňa sygjak zatlar däl-ä bu aýdýanlaryň.
Ýene meni aňkow daýhan hasaplap, oýnap oturan bolaýma-diýip,
birneme gaharlanany üçinmi «sizden» «sene» geçdi.
-Be, ýene münkürlige gitdiňiz-ow. Men oýun edip gepleýän adam
däl. Men size alymlaryň gelen netijesini, ylmyň sözüni aýtdym, Ilhan
aga.
-Ol alymlar diýeniň o taýlara baryp, aýlanyp görüpdirlermi, beýle
netije çykarar ýaly. Olaram biziň ýaly ýeriň üstünde ýören adamlar-adiýip, Ilhan aga janygyp gepledi.
-Dogry, olaryň özleri ýeriň üstünde bolsalaram, akly, hyýaly älemi,
zeminiň astyny, üstüni aýlanyp çykýar. Ana, şonuň ýaly hyýaly ýüwrek,
akly ötgür adamlar alym bolýar.
-Ha, ha! Özüňem öwdüň-ow, inim.
39
-Ýok, Ilham aga, men entek o derejedäki alym däl. Ýöne şol derejä
ýeterin diýen tamam bar.
-Ýagşy. «Ýagşy niýet ýarym döwlet» diýipdirler. Al indi, şol
derejedäki alymlaryň hyýaly aýlanyp, akly aýlanyp, gelen netijeleri
hemişe dogry bolup çykýamy?-diýip, Ilhan aga Ibn Salama tinkesini
dikdi.
-Öňden hakykat diýip kabul edilen zatlaryň käte şübhe oýarýan
wagty hem bolýar. Ýaňy sizi Gün hakyndaky sowalyňyza meniň beren
jogabym ýagny Günüň Ýeriň daşyndan aýlanmagy bilen gije, gündiz
emele gelýär diýen pikir mundan müň ýyldan hem öň ýaşan Eflatun
diýen alymdan galan çaklama. Meniň eşitmişime görä häzir bu
çaklamanyň garşysyna başga bir çaklama hem barmyş. Emma Eflatunyň
çaklamasy hazirki döwürde bütin dünýäde, dinimiz tarapyndan hem
ykrar edilen kanunyýet hasaplanýar. Şonuň üçin oňa hiç kim äşgär garşy
çykyp bilmeýär.
Ilhan aga Ibn Salamyň gepini düşünmän galaýmaýyn, diýip, bütin
ünsüni berip diňledi. Ol ylmyň özüne, täze çaklama diýenine degişli
gyzyklyrak gürrüň eşitjekdi. Emma Ibn Salam onuň garaşan zadyny
aýtmady. Onsoň özi sorady:
-Bi, inim Muhammet, täze çaklama diýeniňde nämeler diýilýär,
nämesi öňkisine garşy?
-Ilhan aga, dogrymy aýtsam, ony meniň özüm hem anyk bilmeýän.
Anyk bilmedik zadymy çenden aýtsam ýalançy bolaryn. Ýöne bir zady
bilýän. Siz Aburaýhan Biruny diýen alym hakda eşidipmidiňiz?
-Aý howa-la, Birunyny bilmeýän adam barmy?
-Ana şol alym Eflatunyň çaklamasyna şübhe bildiripmiş. Täze
çaklama diýenleri-de şol kişä degişli bolmaly. Ýöne diňe öz aralarynda.
-Onuň ýaly bolsa bizem bu gürrüňi goýaýaly. Näme diýseňem,
müň çaklamaň biri bir gatlama degmeýä, güzerandan gürrüň bersene.
Alymyň düşöwündi nähili bolýa? Güzerany nähili?
-Men pederimiň döwletinden entek bu hakda oýlanyp göremok,
Ilhan aga. Ýöne baryşyma Biruny dagynyň işleýän ýeri "Beýtul hikme"
diýen ylym merkezine işe girsem aýlyk-günlük berilse gerek
patyşalykdan.
-Ha, ha. Şeý diýsene. Biruny ýaly beýik alymlar bilen bile işleseň
şol aýdan derejäňe ýetersiň, inşalla, inim.
-Aýdanyňyz gelsin, Ilhan aga, sag boluň!
40
Alym bilen daýhanyň söhbetdeşligi şu zeýilli dowam edip,
Gürgenje gelip ýetenlerini hem duýman galdylar. Olar şähere
girenlerinden soň mähirli hoşlaşdylar. Günem günortana golaýlapdy.
***
Ibn Salam şähere gireninden soň niýetläp gaýdan ýeri «Beýtul
hikme» dergahyna göni barmaga, bir bada, ýürek edip bilmedi. Muňa
«kabul ederlermikä» diýen howatyry sebäp boldumy ýa-da ol ýerde
işleýän beýik alymlaryň at-owazasynyň sussy basdymy, garaz bu işi yza
sürmäge bahana gözläp başlady. Şeýlelikde ol ilki kerwensaraýa baryp
dosty kerwenbaşynyň halyndan habar almagy, soňra özi ýedi ýyllap
okan medresesine, okadan müdderislerine salama barmagy ýüregine
düwdi. Ol kerwensaraýda kerwenbaşyny hüjresinden tapman yzyna
dolanyp gelýärkä şu ýerdäki naharhananyň gapysy açylyp, naharlaryň
işdäni gozgaýan ysy burnuna uranda gunortanlyk edinmek ýadyna düşdi,
naharhana girdi. Naharhananyň içi giňdi. Hatara goýlan pesejik sekilerde
adamlar naharlanyp, çaý içip, otyrdylar. Kerwensaraýyň uzyn dalanynyň
bir gapdalynda ýerleşen bu naharhana esasan Gürgenje gelen
mysapyrlara, söwdagärlere, jahankeşdelere hyzmat edýärdi. Bu ýerde
oturan adamlar dürli dillerde sözleşýärdiler. Ibn Salamy gapydan giren
ýerinde elleri kündük, legenli oglan salam berip, garşy aldy, eline suw
akydyp, boş sekiden oturmaga ýer görkezdi. Başga bir ýigit gelip, onuň
bilen mylakatly soraşdy. Soňra iýmek, içmek üçin nämeler
buýyrýandygyny sorap gitdi.
-O-ho, dostum Muhammet!-diýen sese öwrülip sereden Ibn Salam
ýeňsesinde ýylgyryp duran kerwenbaşyny gördi, derhal ýerinden turup
görüşdi, soraşdy. Soňra:
-Men Sizden habar alaýyn diýip, bäri sowulypdym, hüjräňize
baryp tapmadym. Onsoň günortanlyk edineýin diýip, giräýdim bäridiýdi-hany geçiň oturyň, bile naharlanarys.
-Menem bazar aýlanyp, naharlanmak üçin bäri gaýtdym-diýip,
kerwenbaşy Ibn Salamyň ýanyna geçip oturdy-Bazarda-da bişip duran
nahar kän. Satyjylar söwda edip oturan ýerinde islän naharyny
aldyrýarlar. Men şu ýere öwrenişipdirin. Bu ýeriň içi salkyn, naharlaram
gowy.
Hyzmatkär ýigit ulakan mejimede Ibn Salamyň buýuran naharyna
goşup, Kerwenbaşy üçin hem nahar getirdi. Ibn Salam:
-Bular Siziň iýän naharyňyzy bilýäler öýüdýän, buýurmasaňyzam
getirdi-diýip, Kerwenbaşa ýylgyryp seretdi. Ol:
41
-Gapydan girenimde elimi ýuwup durkam aýdypdym-diýdi. Şu gün
nesibämiz goşulan ekeni. Hany alyň, bissimilla
Iki gadyrdan dost naharyň, çaýyň başynda bir salym mesawy
gürrüň etdiler. Kerwenbaşy Gürgenjiň şäherinden alan täsirlerini
tolgunyp gürrüň berdi.
-Dostum, pederiňiziň «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýeni
dogry ekeni. Ine bir hepde bäri şäheri aýlanyp, görüp ýörün. Entek onuň
aňyrsyna çykar ýaly däl. Şähristany, ondaky köşkleri, medresedir
metjitleri aýlanyp gördim, şäheriň içinden geçýän derýanyň bir golunyň
gyralaryndaky aşagyna gün düşürmeýän güjümleriň saýasynda dynç
alyp oturan adamlary görenimde juda höwesim geldi. Aýratyn-da
Gürgenjiň bazarlary mende üýtgeşik täsir galdyrdy. Bazarlar şeýle bir
köp adamly, olardaky dürli ýurtlardan gelenleri, dürli dillerde
sözleşýänleri göreniňde bu şäher dünýäniň merkezimikä diýdirýär.
Hünärmentçilik gaty ösen eken. Hünärmenleriň ussahanalary bazaryň
üçden birini tutýan bolsalar gerek diýip çak etdim. Bu ussahanalarda
bejerilýän, satylýan zatlar sanardan köp. Hatda dutaryň tarlaryny göterip
durýan “eşegi” bejerip oturan ussalara çenli bar. Bi, üsti ýapyk uzundanuzun söwda restelerindäki dukanlarda islän zadyň bar. Bazarlaryň açyk
meýdanynda daýhanlar üçinem, bagbanlar üçinem aýry-aýry ýerler
berilipdir. Ol ýerlerdäki ir-iýmişleri, galladyr, gök önümleri göreniňde
gözüň dokunýar. Bir söz bilen aýdanda, dostum, men Gürgenjiň
dünýäniň beýik, baý şäherleriniň biridigine göz ýetirdim.
Kerwenbaşynyň sözleri Ibn Salamyň kalbynda ene şäherine bolan
buýsanjy has artdyrdy.
-Indi bizem ýükümizi tutup başladyk-diýip Kerwenbaşy sözüni
dowam etdirdi-Horezmine nähili agramda ýük bilen gelen bolsak şeýle
agramdaky ýük bilen hem gaýdarys. Ýurduñyzyň künjisi, tüwüsi,
kişdesi, kişmişi, igdesi başga ýurtlaryňkydan hiliniň has gowulygy bilen
tapawut edýär. Şeýle-de kakadylan gawun dilimleri, diýseň, halwadan
hem süýji. Bulardan başga-da ýurduňyzda öndürilýän matalar, türkmen
halylary ýaly harytlardan hem aldyk, dostum.
Emma güýze galman irräk bişýän «gürbek» diýen gawundan alyp
gitmek boljak däl eken. Alsak Bagdada barýança içi ajap gidýär, diýip
düşündirdiler. Ony, gürbek gawuny ilkinji gezek iýenimde onuň
mazasyna telpek goýdum, men ömrümde beýle süýji gawun iýip
görmändim. Söwdagärler Bagdada Horezminiň gyşky gawunlaryndan
eltýäler. Olaram gaty süýji. Emma gürbegiň tagamy düýbünden başgaça.
42
-Wah! Eýýäm gürbek bişip, bazara düşüpmi, ony gaty ir ekip, ir
ýetişdirýän daýhanlar bar-oww. Biziň obamyzda entek gürbek bişenok.
Şeýdip, siz Gürgenjiň görküne tomaşa edip, süýji iýmişlerinden
dadypsyňyz-da. Biziň ýurdumyz size ýaran bolsa men gaty şat, dostum.
-Ýaranynda, gaty ýarady! Horezmin ajaýyp ýurt, onuň paýtagty
Gürgenjiň tarypyna söz ýok, dostum Muhammet.
-Gul bazaryna barmadyňyzmy? Ol hakda hiç zat aýtmadyňyz-a.
-Bardym. Gul bazary hemme ýerde bir meňzeş. Bagdadyň gul
bazaryndan tapawudy ýok. Ýöne ol ýerde men bir gyzykly wakanyň
şaýady boldum-diýip, Kerwenbaşy kellesini ýaýkap güldi.-Bir geýnüwli
ýigit bir ak sakgally kişi bilen gelip, bir salym gyrnaklara syn edip
durdylar. Soňra ýigit:
-Hany aýt, kaka, haýsysy bolýa saňa?-diýdi. Ak sakgally goja kişi:
-Özüň saýlaber, oglum. Meniň gözüm alkymyna barmasam gowy
görenok. Niçikleri bar?-diýdi.
-Her hilisi bar, kaka. Owadanlaram, görümsiziräklerem bar.
-Alyp berjek bolsaň maňa iň owadanyny alyp ber.
-Owadanlary gymmatdyr, kaka. Bu guldarlar owadan gyrnagyna üç
esse köp baha kesýärler. Beýlerägini alyberäli, saňa aýak-goluňy, arkaboýnuňy owkalasa, täret suwuňy ýyladyp berse bolýa dälmi, owadanyny
nätjek, alyp ýatjakmy, näme.
-Aý, indiden soň alyp ýatma diýen zat ýok-la. Emma ýanyñdaky
närse owadan bolsa oňa gözüň düşende göwnüň göteriläýýär-dä, oglum.
-Kakaňyz dogry aýdýar, beg ýigit. «Ata razy Huda-razy»-diýip,
guldar öz bähbidini arap, gepe goşuldy. Ýigit söwdada biraz jedelleşip,
gyrnagy alyp, kakasynyň eline tutdurdy. Goja kişi gyrnagyň elini
tutuşdyryp: «Hä bolýa, elleri ýumşajyk ekeni»-diýdi. Gyrnak gyz
içiňden geçip barýan ala gözlerini oýnadyp pars dilinde:
-Şu ýumşak ellerim bilen seni bir gün bogup öldürerin-diýdi.
-Näme diýýär bu gyz-diýip, goja guldardan sorady. Ol gülüp:
-Näme hyzmaty bolsa janym bilen ederin diýýä-diýdi.
Şeýdip ataly-ogul satyp alan gyrnagyny alyp gitdiler.
Ibn Salam:
-Görýäňizmi, adam näçe garrasa-da, gözellige bolan duýgusyny
ýitirmeýär-diýdi. Soňra:
-Burunlak gullaryny, gyrnaklaryny satypmy?-diýip sorady.
-Satypdyr. Ol düýn başga bir kerwen bilen yzyna gaýtdy. Näme
diýsene, ol kerwensaraýa sowgat beriljek gyrnagy alyp gitmäge gelen
şäher häkiminiň wekiline bir gyrnagynyň ogurlanandygyny aýdyp, arz
43
etdi. Wekilem «Biz şäheriň içinde bolan zada jogapkär, şäheriň
daşyndaky işlere jogap beremizok, ony köşge baryp şanyň wekiline arz
ediň» diýdi. Burunlagam «Onda men sowgatlyk gyrnagy-da köşge
özüm alyp barjak hem arzymy aýtjak»-diýdi. Wekil bir hili dymyp
durdy-da: «Arzyňyzy diňlärler, ýöne ol gyrnagyňyz tapyljakmy,
tapylmajakmy, belli däl. Şonuň üçin size uly zyýan bolmasyn. Men
özüm köşge baryp, bu kerwende patyşalyga laýyk gyrnak ýok eken diýip
aýdaryn»-diýdi-de ýalym-ýulum edip ötägitdi. Ol eger burunlak köşge
barsa syrynyň açyljagyny bildi.
Kerwenbaşynyň bu gürrüňi Ibn Salama erbet täsir etdi, öz
ýurdunda şeýle galp adamyň, onda-da döwlet işgäriniň bardygyna bir
hili namys etdi. Şundan soň olaryň söhbeti ahyryna ýetip, naharyň
omynyny etdiler. Hasaplaşyga gezek gelende ikisiniň arasynda jedel
başlandy:
-Ýok, siz tölemeli däl. Siz biziň ýurdumyza gelen myhman.
Myhmanyň hasabyna iýip-içmek gowy däl. Şonuň üçin men tölejek.
-Ýok bolmaz! Siz entek talyp, men täjir. Täjir talybyň hasabyna
iýip-içse gowy däl. Şonuň üçin men tölemeli.
Bir näçe gezek gaýtalanan bu jedeli diňläp duryp iren hyzmatkär:
-Jedeliňizi goýuň jenaplar. Jedeliňizi men çözeýin-diýdi.
-Hany, nädip çözjeksiňiz?
-Ikiňizem tölemäň, iýen naharyňyzyň pulyny özüm ýerine goýýandiýip, hyzmatkär ýigit aşhana tarap ýöneldi. Olar tarsa ýerlerinden turup
onuň yzyndan ýetdiler-de jübisine pul dykdylar. Pulyny birine derek
ikisindenem öndüren hyzmatkär naharhanadan çykyp barýan dostlaryň
yzyndan seredip, ýylgyryp galdy.
Dostlar bolsa eden işlerini diňe daşary çykanlaryndan soň aňşyryp,
biri birlerine garap gülüşdiler.
-Aý, bähbit bolsunda, bähbit bolsun-diýişip, iýen naharlaryna iki
esse pul tölänlerini ýumarladylar. Şundan soň Ibn Salam bilen
kerwenbaşy gadyrdan dostlarça mähirli hoşlaşyp aýrylyşdylar.
VII BAP
Muhammet ibn Salam nobatdaky niýetlän ýeri özüniň ýedi ýyl
tälim alan medresesine bardy. Ol bu ýere diňe özüni okadan
muderrislerine salama däl-de, özüne ýaşamak üçin medresedäki
hüjreleriň birini soramak niýeti bilen hem barypdy. Medresede ony
gujak açyp garşy aldylar. Müderrisleri özleriniň uçrymynyň Bagdatda on
ýyl ylym öwrenip, alymlyk derejesine ýetenden soň ata Watana
44
dolananyna buýsanýardylar. Baş müderris oňa medreseden iş hem teklip
etdi. Ibn Salam baş müderrise minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi:
-Merhemediňiz üçin köp sag boluň, ustaz. Siziň rahnamalyk edýän
ylym dergähynda işlemek meniň üçin uly mertebe. Ýöne men
paýtagtymyzda "Beýtil hikme" açylanyny, onda Aburaýhan al Biruny,
Ibn Sina, Abu Nasyr Yrak, Aly Sahyl Masyhy ýaly beýik alymlaryň
işleýändiklerini eşidip, Bagdatdan gaýtdym. Niýetim şol dergahde
ylmymy kämilleşdirmek.
-Düşnükli-diýip baş müderris salyhatlylyk bilen ýylgyrdy.-Diýmek,
bizde däl-de, "Beýtil hikmede"işlemekçi-dä. Bolybilýä. Biziň zarymyz
bar, zorumyz ýok size, mohterem Muhammet ibn Salam.
-Siz gaty görmäň, ustaz. Men bilýän, şu mukaddes dergahde
bilimimiň düýbini tutdum, şu dergahyň köp duzuny iýdim. Men bu
dergaha borçly. Emma...
-Emmadan aňyrsyny aýdyp oturmaň. Men düşündim, gaty hem
göremok. Niýetiňiz «Beýtil hikmede» işlemek bolsa, enşalla niýetiňize
ýetersiňiz. Ol ýerde, beýik alymlar bilen hemdem bolup bile işlemek uly
mertebedir.
-Bilýän, "Beýtil hikmeniñ" ýene bir "Ummat al ylym" diýen ady
Bagdada-da ýetip bardy. Biler bolsaňyz, ustaz, bu ylmy merkeziň
döredilmegi bilen Horezmşa aly hezetleriniñ at-abraýy Bagdatda-da,
Şamda-da has belende göterildi. Ony ylmyň, edebiýatyň, sungatyň
howandary diýip taryp edýärler.
-"Beýtil hikmeniñ" döredilmeginde, ol dergaha alymlaryň
jemlenmeginde weziri agzam Suhaýlynyň hyzmatynyň örän uludygyny
ol ýurtlarda bilýän däldirler.
-Muny menem bilemok, häzir sizden eşitdim.
-Eşitmedik bolsaňyz, jenap Suhaýly bilimli, adalatly, pespäl adam.
Ol Horezmşanyň oň goly, iň ynançly adamy. Aburaýhan Birunyny
Gürgenden çagyrdyp getiren, ony «Beýtil hikmeniñ» baştutany edip
goýduran hem şol. Häzirki wagtda Biruny öz işinden daşgary
Horezmşanyň döwlet maslahatçysy hem.
-Şeýlemişin diýip eşidipdim. Ýöne, tagsyr, alym adamy döwlet
işine çekmeli däl ekeni. Bu işi onuň ylmy işine päsgel berer ahry
-Dogry, hak gep. Emma patyşanyň emri-wajyp. Oňa ýok diýip
bolmaýar.
-Hawa, «Patyşalar emir etse, daglar ýerinden süýşer» diýipdirler diýip, Ibn Salam söhbetdeşiniň sözüni tassyklady. Soňra ýüregine düwüp
gelen haýyşyny aýtmak üçin baş müderrise towakgaly garap dillendi:
45
-Ustaz, indi sizden bir haýyşym bar.
-Şeýlemi, haýyş bilen gelen bolsaňyz aýdyň, eşideli.
Ine, şunda Ibn Salam müderrisiň «Haýyş bilen gelen bolsaňyz»
diýenindäki äheňinden ýalňyşyny duýdy, bir gowusy, wagtynda duýup,
onuň öňüni aldy:
-Ustaz, "Beýtil hikme" özüňiziň aýdyşyňyz ýaly uly dergäh. Meniň
ol dergähe baryp, beýik alymlaryň hatarynda işlemegim üçin maňa bir
ak pata beriň. Siziň doga-dilegiňiz bilen ol dergähde işim oňuna bolsun.
-Haýyşyňyz ak pata bolsa, bereris-diýip, müderris bir hili ýylgyrdy.
Onuň bu ýylgyryşynda «Haýyşyň başgady welin, meniň äheňimden
duýup, gepi başga ýana sowduň» diýen many bardy. Şeýle-de bolsa
müderres:
-Omin!-diýip, elini galdyrdy-da gowy doga-dilegler bilen pata
berdi. Soňundan Ibn Salama synçy nazaryny dikip:
-Muhammet, «Beýtul hikmä» işe girseňiz ýaşamagyňyz üçin jaý
gerek bolar. Öýüňiz bolsa şäherden daşda-diýdi-de ýylgyrdy. Onuň bu
ýylgyryşynda-da «Seniň esasy haýyşyň hüjre dälmidi näme» diýen many
bardy. Ibn Salam bu synag oýunda utulmajak bolup:
-Merhemediňiz üçin sag boluň, ustaz, şäherde aýalymyň
daýzasynyň jaýy bar. Eger «Beýtul hikmä» ýerleşsem ol ýerde ýaşaryn.
Eger-de ol ýeri halamasam, siziň merhemediňizden peýdalanaryn-diýdi.
Ibn Salamyň bu sözünden soňam baş müderris öz pikirinde galdy. Ol:
-Muhammet-diýdi mähirli seredýän gözlerini güldürip, men size
häzir bir gowy hüjre bereýin, eger ony halamasaňyz ýaňky aýdan
jaýyňyza gidersiňiz. Günem öýleden agypdyr. Haýyr işi öýleden soň
etmeli däl diýýärler. Siz «Beýtul hikmä» ertir irden bararsyňyz. Bu gün
bu ýerde galyň. Peýşin namazyny bile okaly. Onsoň men gaýdýan, siz
talyplar bilen şamlygy bile ediniň. Häzir naharhanamyz siz okan
döwürdäkiden hem gowy. Örän tagamly naharlar bişirilýär. Patyşamyz
Abul Abbasy al Mämün hezretleriniň permany bilen azyk ugry doly
üpjün edilen.
Muhammet ibn Salam baş müderrise ejap edip aýdyp bilmedik
haýyşyny onuň aňandygyna indi doly göz ýetirdi. Egerde ol ýolda
ýüregine düwüp gaýdan hüjre hakyndaky haýyşyny ak pata hakyndaky
haýyşa öwürmedik bolsa ýumuşynyň bitmezligi hem mümkindi. Ibn
Salam goýberäýmegi mümkin bolan hatasynyň wagtynda öňüni alyp,
gowy iş edendigine içinden begendi hem-de baş müderrise
taňryýalkasyn aýdyp, tagzym etdi.
46
Baş müderrisiň görkezmesi bilen Ibn Salama içi düşekli, çaýnekkäseli, gap-gaçly bir gowy hüjre berildi. Ol zatlaryny hüjresinde goýup,
medresäniň howlusyna çykdy. Daş-töweregine göz aýlady. Şol öňki
öňkülik, onçakly üýtgän zat ýok. Giň howlynyň çar tarapy talyplaryň
hüjreleri, kitaphana, naharhana. Ikinji gatda okuw otaglary,
müderrisleriň otaglary. Ýöne howlynyň ortasyndaky äpet dört düýp
güjümiň aşagyndaky daş howuz bir neme kiçelen ýaly göründi.
“Gyralaryna daş örülip bejerlen howuz nähili kiçelsin. Ol bu ýere ilki
geleninde on ýedi ýaşyndady. Obadan gelen ýaş oglana howuz örän uly
bolup görünen bolsa gerek. Indi özi ulalansoň öňki zatlar gözüne kiçiräk
görünýändir-dä” Bulary serinden geçiren Ibn Salam ýylgyryp goýdy. Ol
şu dergahda ýedi ýyl tälim alyp ýene-de ylym yzlap Bagdada gidipdi.
On ýyl aýralykdan soň bu mekan özüniň mähriban ojagy kimin gözüne
yssy görünýärdi.
Medresäniň howlysyndaky serhowuzyň boýunda oýa çümüp,
oturan bu adamy gören talyplaryň birnäçesi baryp onuň bilen
salamlaşdylar, tanyşlyk açdylar. Talyplar bilen gepi alyşyp giden Ibn
Salam söhbetdeşlerine Bagdat hakynda özi okan medresesindäki
meşgulatlar, okadylýan dersler, medresäniň alymlary hakynda gysgarak
gürrüň berdi. Onýança-da muazziniň peýşin namazyna çagyrýan azan
sesi eşidildi. Jemagat bolup namaz okadylar. Namazdan soň hem
talyplar Ibn Salamy sypdyrmadylar. Olary Bagdat ähli musulman
dünýäsiniň emiri-halifyň oturýan ýeri-halyfatyň paýtagty bolany üçin
juda gyzyklandyrýardy. Söhbetdeşlik dowam etdi.
-Bagdat biziň Gürgenjimiz ýaly gadymy şäher däl, ol bary-ýogy
mundan iki ýüz elli ýyl öň dörän şäher-diýip, Ibn Salam talyplara
Bagdadyň taryhyndan gürrüň berip, onuñ baýlygyny, beýikligini,
gözeligini mahabatlandyryp, şeýle bir öwdi welin, talyplaryñ agzy
açyldy. Soñunda: - Bagdat her niçik baý, beýik, gözel bolmasyn biziñ
Gürgenjimiziñ yzyndan ýetmegine bir azajyk wagt gerek - diýeninde
talyplar çepek çalyp, şatlykly seslendiler. Olaryñ biri:
- Tagsyr, siz Gürgenji bir söz bilen Bagdatdan hem ötürip öwdiñiz
oturyberdiñiz - diýdi - Biziñ baş müderrisimiz hem bir talyby öwmekçi
bosa başga birini öwüp arşa çykarýar-da, soñunda: "planjanyñ derejesine
ýetenok entek" diýýär. Ibn Salam:
- Menem ol kişiniñ şagirdi, ahryn. Öwmäni-de, döwmäni-de
ondan öwrendim - diýip, gülümjiredi-de, sözüni dowam etdirdi - Ÿöne
ýigitler, hakykatyny aýdanda Bagdat geçmişde hem ylmyň merkezi
bolupdyr. Çünki Bagdadyň medreselerinde häzirkisi ýaly, örän ylymly
47
alymlar ders berepdirler. Baryp mundan ýüz ýyl öň biziň watandaşymyz,
beýik alym Muhammet ibn Musa al Horezmi hem Bagdatda köp ylmy
işler alyp barypdyr. Men ol hezretiň ýaşan, işlän ýerlerini zyýarat etdim.
Al Horezminiň ady, abraýy Bagdatda henizlerem örän ýokarda.
Watandaşymyz Horezmi hezretlerine şeýle uly sarpa goýýandyklary
üçinmi biziň ýaly horezminlileri hem sylaýarlar.
Talyplar özleriniň esasy dersleriniň biri bolan «Äl jäbr äl
mukabyla» eseriniň muallifi17 barada Ibn Salamyň aýdanlaryny has
gyzyklanyp diňlediler. Ol hakda ýene-de bilenlerini gürrüň bermegini
haýyş etdiler. Ibn Salam Äl Horazminiň Bagdatda ýazan kitaplary, aýryaýry rysalalary, onuñ halyfa Ål Mämun bilen aralarynyñ juda ýakyn
bolandygy, şeýlelikde halyfalygyñ kitaphanasyna we "Dar al ylym" atly
ylym merkezine ýolbaşçylyk edendigi barada gürrüň berdi. Soňunda:İndi ýigirler, söhbetdeşligimizi bes edäýeli, agşam namazynyñ wagtam
golaýlap gelýär - diýdi. Talyplaryñ bolsa ony hiç goýberesleri
gelmeýärdi. Olaryñ biri namaza entek wagtyñ kändigini aýdyp, şeýle
täsin sowal berdi:
- Jenap Ibn Salam, Bagdatda tibbiýet şeýle bir öösenmişin, hatda
ölüni hem direldýärmişinler diýip eşitdik, şu gepler dogrymy?
İbn Salam güldi:
-Bagdatda tibbiýetiñ juda ösenligi hak, emma ölüni direltmek hiç
haçan hiç kimiñ elinden gelmese gerek, çünki ölüm Allanyñ eradasy
bilen bolýan zat. Yöne suwa gark bolup ýa-da şuña meñzeş bir
ýagdaýda ýüregi togtan adamyñ ýüregini işledip goýberýän mualaja18
usullary bar. Bagdatda tibbiýetiñ nä derejede ösendigini men öz
durmuşymda synap gördüm. Bir sapar erbet nähoşlanymda meni «Adut
al Dauwla» diýen hassahana eltdiler. Bu hassahanadaky tertip-düzgün,
lukmanlaryň hassalara mähribanlygy, otaglarynyň arassalygy, bejeriş
usullarynyň kämilligi her niçik öwgä laýyk. Hassahanada meni bejeren
lukman ýaşy jähtden başgalardan uly bolmasa-da hemmeleri oňa uly
sarpa goýardylar. Munuň sebäbini soň bilsem, ol kişi tibbiýetde bir näçe
açyşlar eden tib ylmynyň uly alymy ekeni. Bu kişini aýratyn dile
alanymyň sebäbi ol hakda rowaýata meňzeş bir gürrüňi eşitdim. Ol
ýaşlygynda bir jerrah-hekime şägirt bolýar. Halypasy oňa özümden öňe
geçäýmesin diýip, köp zat öwretmändir. Bir sapar halypasy bir kelle
agryly hassany her hili ýol bilen bejerjek bolýar, emma başarmaýar.
Şonda şägirt syrkawyň kellesiniň içinde nämedir bir zadyň bardygyny
17
18
Muallifi-awtory, ýazary
Mualaja – bejermek usuly.
48
eger ol zat jerrahlyk ýoly bilen alyp taşlanmasa başga hili ýol bilen
bejerip bolmajakdygyny aýdýar. Halypasy özüni onuň gepine üns
bermedik ýaly edip görkezse-de içinden dogry tapýar. Ol bu işi
şägirdinden gizlin etmek maksadynda hassany gije ýaryndan aganda
özüniň jerrahlyk otagyna alyp gelýär. Ony gymyldamaz ýaly edip oturan
oturgyjyna gaýym daňýar. Soňra ony beýhuş edip, kelle çanagyny açýar.
Görse bir gara möý bogunaýaklaryny beýna batyryp duranmyş. Hekim
müçenek bilen möýüň bilinden tutup ýuwaşlyk bilen çekýär, emma möý
beýnä beter ýapyşyp aýrylmaýar. Gatyrak çekse beýnini dyrmalap
zaýalajakmyş. Şonda ýokardan: «Müçenegi şeme tutup gyzdyryň!»
diýen ses gelýär. Hekim ýokary seretse tüýnükde şägirdiniň iki gözi
ýylpyldap görünýär. Hekim: «Ah, kelläm gursun!» diýip müçenegini
ýanynda ýanyp duran şemleriň birine tutup gyzdyrýar. Endamyna
gyzgyn demir degen möý ýygrylyp, aýaklaryny çekip alýar.
Ine, şu wakadan soň hekim «Şägirdim menden ozdurdy» diýip, oňa
ak pata beripdir.
-Tagsyr, adamyň beýnisine möý nädip giripdir?-diýip bu gürrüňe
känbir ynanmadyk talyplaryň biri sorady.
-Möýüň çagasy künjiniň dänesi ýaly kiçijik mahaly uklap ýatan
adamyň gulagyna giren bolmaly. Şondanam beýnä geçip, ol ýerde
ulalandyr-da.
Ibn Salamyň jogaby talyby kanagatlandyrmady:
-Gulakdan beýnä geçilýän ýol barmy näme?
-Siz häzir meniň aýdan zatlarymy gulagyňyz bilen eşitdiňiz dälmi?
-Hawa.
-Onsoň şu eşiden zatlaryňyzyň manysyna düşündiňiz dälmi?
-Hawa.
-Diýmek, gulagyňyza giren ses beýnä geçip, ol ýerde-de düşünje
hasyl bolýar dälmi, ýa düşünje gulagyň özünde hasyl bolýarmy? Talyp
bir elini gursagyna goýup, başyny egdi..
Ibn Salam söhbetdeşligi
jemläninden talyplar «teşekkür!
teşekkür!" diýişip minnetddarlyk bildirdiler. Onýança agşam namazynyň
wagty-da boldy. Ibn Salam namazdan soň talyplar bilen şamlyk edinip,
köçä çykdy.
Vlll - Bap
Ol on ýyllyk aýralykdan soň magşugynyň wysalyna ýeten aşyk
kimin Gürgenjiň jemalyny gijesine-de görmegi isleýärdi. Tomsuň
49
agşamky howasy gündiziňkä garanda salkynyrakdy. Çünki Gürgenjiň
gaýra düýbünden akýan äpet derýa-Jeýhunyň hem-de onuň şäheriň
ortasyndan geçýän bir golunyň sowuk suwy howanyň hararatyna19
gündiz täsir edip bilmese-de gün ýaşyp, agşam düşenden soň täsir
edýärdi.
Ibn Salam daşary çykanynda uly söwda köçeleriniň ugrundaky
panuslar ýakylypdy. Ýagtylyk ýeterlikdi. Adam köpdi. Gijäniň bir
wagtyna çenli açyk durýan dükanlarda söwda gidýärdi. Gijesine işleýän
çaýhanalarda, meýhanalarda saz-söhbet möwç alýardy, Ud, gyjak, dutar
ýaly saz gurallarynyň ýakymly heňleri ýaňlanýardy. Ibn Salam bir käse
çaý içip, saz diňlemek maksadynda çaýhana diýip, giren jaýy meýhana
bolup çykdy. Belentden basyrylan, köp sanly penjireli bu giň jaýyň
howasy petiş däldi. Bir tarapdaky gözönekli penjirelerden girýän gijeki
salkyn şemal beýleki tarapdaky penjirelerden çykyp, jaýyň howasyny
arassalap durdy. Tertip bilen goýulan pesejik sekilerde üçden-dörtden
oturan meýhorlar özleriçe keýp çykýärdiler. Garşydaky beýlekilere
garanda sähel belendiräk sekide oturan sazandalar agyrdan aýlap, saz
çalýardylar.
-Geliň, geliň jenap! Geçiberiň-diýip, elini gursagyan goýup duran
meýhana hyzmatçysyna kellesini ýaýkan Ibn Salam yzyna öwrülip
jaýdan çykmakçy bolanynda bir syratly ýaş ýigit öňüne çykyp ýoluny
bekledi:
-Agam, biz bilen bir salym oturyň-diýip, soňundan iki setir goşgy
okady.
Meý bilen meýlisden gaçmak günädir,
Puly başga ýerde saçmak günädir.
-Uzur, inim, meniň bu ýerde saçmaga artykmaç pulum ýok.
Ýolumy boşatsaňyz men gideýin.
-Pul bizde bar, siziň üçin näçe isleseňiz şonça saçarys, geçiň biziň
sekä.
Ibn Salam bu serhoş ýigitden nädip sypjagyny bilmän durka onuň
ülpetleriniň biri ýerinden turup geldi-de:
-Jenap, şazadanyň sözüni syndyrmaň, bir salym geçip oturaýyňdiýdi. Ibn Salam bu serhoşyň şazadadygyna bir ynanyp, bir ynanman,
oňa ünüsli seretdi. Serhoş teklibini ýene tekrarlady. Ibn Salam hem ýene
uzur aýdyp, ýol bermegini soranynda serhoş gatyrak äheňde:
19
Hararat-temperatura
50
-Men şazada Abul Harys ibn Aly al Mämün sizeden geçip
oturmagyñyzy haýyş edýän! - diýdi. Ibn Salam kyn ýagdaýa düşdi. Bu
serhoşy bir tarapa itip goýberip, çykyp gitse, olam hakyky şazada bolsa,
soňy nähili boljagyny bilmän nalaç oturmaly boldy.
-Gatyrak geplän bolsam, bagyşlaň, agam-diýip, serhoş mylaýym
äheňde aýtdy. -Size nazarym düşenden gözüme bir hili yssy göründiňiz.
Sizi hiç goýberesim gelmedi. Keşbiňizden okumyşly, dana
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 05
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.