Latin

Gürgenç I - 01

Total number of words is 3747
Total number of unique words is 2095
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
- Taryh bir aýlanyp duran çarhypelek mysaly, onuň tigri halklaryň
ykballaryna nuram ýagdyrypdyr, garam.
Reýimbaý SABYROW
GÜRGENÇ
(taryhy roman)
Mämünler döwri
I BAP
Ymgyr sähralaryň, çöl-beýwanlaryň, deredir derýalaryň üstünden geçip,
tomsuň jöwzasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen uzak ýoly söküp
gelýän agyr kerwen Horezmiň paýtagty Gürgenje golaýlapdy. «Ýol
azaby-gör azaby» diýen nakylyň asyl manysyna ine, şunuň ýaly ýol
geçenler gowy düşünseler gerek. Emma adamzat öňde nähili azap we
kynçylyklar bolmagyna garamazdan hemişe öňe, uzak menzillere
ymtylyp gelipdir. Adamlary uzak ýollara, alys menzillere iterýän güýçler
olaryň özleri ýaly dürli dürlüdir: kimleri mal-dünýä, kimleri şan-şöhrat,
kimleri söýgi-muhabbet, kimleri-de ylym-magryfat. Bu kerwen bilen
gelýänleriň içinde şolaryň hemmesinden hem bardy. Kerweniň ýüki
bolsa diňe adamlaryň hajatlary üçin gerek bolýan harytlardan ybarat
bolman, onda haryt hökmünde satylýan eli hünärli gullar, gözel
gyrnaklar hem ýok däldi. Bu agyr kerweni düzen iner düýeler, gatyrlar,
kerweni gorap gelýän nökerleriñ astyndaky atlar bilen olaryň eýelerini
hem howanyň yssysynyñ hem-de uzak ýoluň halys ýadadandygy görnüp
durdy. Emma kerwene goşulyp gelýän egni ak ýuka ýektaýly, kellesi iki
oram kiçiräk ak selleli bir jahankeşde Horezmiň topragyna gadam basaly
bäri ýadawlygyny unudyp, daş-töweregine nebsewürlik bilen göz
aýlaýardy. Otuz bilen kyrkyň ortasyndaky, gytyk gara sakgal-murty
bugdaýreňk ýüzüne gelşik berip duran bu syratly ýigidiň astyndaky dor
aty-da eýesinden görelde alan kimin ýadawlygyna garamazdan kellesini
kakyp, iki ýan tarapyna garanjaklaýardy.
Uly ýoluň iki ýan tarapyndaky ýaşyl öwsüp oturan gür baglar,
belent küňreli jaýlaryň öňündäki serhowuzlar, olaryň boýundaky äpet
güjümler, aryklardan akyp ýatan başga ülkeleriň suwuna meňzemeýän
mele reňkli suwlar onuň kalbyny heýjana salýardy. Ol tebigatyň beýle
sahawat bilen eçilen gözelligini ne Müsürde, ne Şamda, ne Yrakda
görüpdi. Bu ýigit şol ýurtlary aýlanyp görüp, soňunda Bagdat
medresesinde ylmyny kämilleşdiren asly horezmli Muhammet ibn
Salamdy. Ol Bagdatda şu at bilen tanalýardy. Onuň öz döwrüniň
alymlarynyň, pirleriniň hatda şalarynyň köpüsi ýaly şahyrçylykdan hem
1
habary ýok däldi. Ol alym hökmünde ýazan rysalalarynyň soňunda doly
adyny goýsa, şahyr hökmünde gazallarynyň soňunda:
Husny-jemalyň waspyna tapmady şahyr kelam,
Hijranyň odyna ýandy bir ömür Ibn Salam-diýip, adyny gysgaça berýärdi. «Ibn» sözüniň adamlaryň atlaryna,
aýratyn-da şahyrdyr, alymlaryň atlaryna goşulmagy arap istilasyndan 1
soñ ýoñ bolupdy. Muhammet ibn Salamyň pederi mekdep-medrese
gören adam bolsa-da, ýönekeý zähmet bilen ýagny Gürgenjiň galasynyň
gaýra düýbünden akýan joşgun derýa Jeýhunda balykçylyk bilen
meşgullanýardy. Öýleri-de derýanyň golaýyndaky küren obalaryň
birindedi. Dost Salamyň özi magryfatly adam bolanyndanmy ýeke ogly
Muhammediň bilimli, ylymly alym bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçin ilki
obadaky metjit-mekdepde onuň sowadyny çykartdy. Soňra Gürgenjiň
medresesine okuwa saldy. Ilki erkinlikde ýören oba oglanyna medrese
durmuşy, ol ýerdäki tertip-düzgün bilen öwrenişmek aňsat bolmady.
Emma ylma bolan yhlasy zerarly kynçylyklardan rüstem gelip, berilýän
bilimleriň jümmüşine aralaşmaga jan edip ugrady. Dini bilimlerden
daşkary okadylýan felekiýet2, jugrafiýa, edebiýat, pelsepe, mantyk ýaly
dünýewi ylymlar ony has özüne çekýärdi. Okuwdan soň özüniň
hüjresinde kalbyna ylham aralaşanda gazallar ýazardy.
Tomsuň jöwzaly yssysynda medresede okuw togdadylyp, talyplara
iki aý tätil3 berilýärdi. Ine, şonda Muhammet kakasyna derýada balyk
awlamaga kömekleşýärdi. Ol derýanyň ölemen aşygydy. Balyk
tutulmaýan beýleki wagtlarda-da, ol derýanyň kenaryna gelip, onuň
tolkunlanyp, buralyp akýan mele suwuna seredip, sagatlap oturýardy.
Käte gyrada gezim edýärkä gözlerini ýumup, hyýalynda gazallar
düzýärdi. Ýatdan dokan gazallaryny öýüne gelip, depdere göçürip
goýýardy. Günleriň birinde ol adatyna görä derýanyň gyrasynda
gözlerini ýumup, hyýalynda gazal düzüp ýörkä gulagyna «Waý, indi
nädeýin» diýen näzik ses eşidildi. Gözüni açyp seretse derýadan suw
almaga gelen gyzlaryň biriniň tüňi4 elinden sypyp, suwa gaçypdyr.
Muhammet şol bada köýnegini hem çykarman, özüni derýa atdy, çümüp
barýan tüňi alyp çykdy.Suw gaby derýa gaçan gyz minnetdarçylygyny
nädip aýtjagyny bilmän aljyrap duranynda joralarynyň biri ony dürtüp:
-Mahynur, «Sag boluň» diý aýhyryn, - diýeninden soň - Sag boluñ,
ýagşylygyňyz Alladan gaýtsyn-diýdi. Muhammet :
1
2
3
4
Istila- basyp almak
Felekiýet- astronomiýa
Tätil-rugsat, kanikul.
Tüň-misden ýasalan suw gaby
2
-Sizdenem gaýdar-da - diýdi welin bu sözüne özü-de, gyz hem
gyzardy. Gyzlar gülüşip, bokurdagyna ýüp daňylan tüñlerini arkalaryna
atyp, ýola düşdüler. Olaryň yzyndan seredip duran Muhammet
«Mahynur diýeni gowy gyz ekeni» diýip içini gepletdi. Muhammediň
ýylgyryp duruşy, mylaýym garaýşy göz öňünden gitmedik Mahynur
arkasyndaky suwly gabyň agramyny hem duýman barýardy. Ýigidiň
«Sizden-de gaýdar-da» diýen sözi entegem gulagyndan gidenokdy.
Şundan soň Muhammet derýanyň boýuna gelse ol gyzyň gelmegine
garaşýardy, ony ýene bir gezek göresi gelýärdi. Emma ol gyz başga
gelmedi, Suwa gelen beýleki gyzlar Muhammediň gözleriniň özleriniň
arasyndan Mahynury gözleýändigini aňyp gülüşýärdiler. Ahyr olaryň
biri Mahynuryň indi gelmejekdigini, ýakynda toýy boljakdygyny aýtdy.
Bu habary eşiden Muhammediň ýüregi
entek heserlenip
ýetişmedik bolsa-da, bir hili jigläp gitdi. Emma ol gyzyň başganyň dälde,hut özüniň ykbalyna ýazylandygyny Muhammet şol wagt nirden
bilsin.
***
Ine, indi gaýry ýurtlarda on ýyllap ylym öwrenip, alymlyk
derejesine ýeten Muhammet ibn Salam ata Watany Horezme dolanyp
gelýärdi. Ylym yzarlap ýurtdan gideninde entek otuz hem ýaşanokdy, bir
wagt çepiksije oglana meňzeýän Mujhammet indi kyrkyna golaýlap
barýan syratly, salyhatly ýigit bolupdy. Wagt diýilýän biçak gudratly zat
adamy diňe beden taýdan däl, akyl we ruhy taýdan hem özgerdýär.
Durmuşda görülen, eşidilen ähli zatlar, wakalar, hadysalar adamyň
aňyna, duýgularyna öz täsirini ýetirmän goýmaýar. Olaryň ýiti täsir
ýetirenleri hakydada möhürlenip galýar. Bagdatda geçen ýyllar hem
Muhammediň hakydasynda öçmez yz galdyrypdy. Ol bu talyplyk
ýyllaryny häli niçeler ýatlasa gerek.
***
Kerwen Gürgenje gelip ýeteninde jahana gijäniň gara perdesi
çekilipdi. Düzgüne görä galanyň derwezeleri daň atýança ýapylýardy.
Şonuň üçin kerwen gelip düşen Hazarasyp derwezesiniň öňünde
daňdana çenli garaşmaly boldy. (Gürgenjiň galasynyň derwezeleriniň
her biriniň öz ady bardy. Bu derweze Hazarasp tarapa bakany üçin
Hazarasp derwezesi diýilýärdi.)
Daň agaryp ugranyndan ukuda ýatanlar örüşip namaz okamaga
taýýarlyk görüp başladylar. Gije bir ýerlere ýitirim bolup, daňdana golaý
goşa gelen Ibn Salam hem özüniň berkidilen düýesiniň üstündäki
3
çuwaldan agzy gapakly kündügini alyp, täret kyldy-da, gije üstünde
ýatan namazlygynda azan namazyny okady.
Jahan ýagtylyp, daş-töwerek mesaňa görünende Ibn Salamyň
nazary ilki bilen garşysynda magallaklap duran haýbatly beýik gala
düşdi. Adam on ýyllap görmedik gadyrdanyna duşanynda nähili
tolgundyryjy duýgulary başdan geçirýän bolsa Ibn Salam hem kalbynda
edil şeýle tolgunma bilen beýik şäheriň daşyny gurşap alan bu belent
diwarlardan gözüni aýyryp bilmän durup galdy. Ol şeýle äpet gala
diwaryny gezen ýurtlarynyň hiç haýsysynda-da görmändi. Onuň aşagyna
baryp, depesine seretjek adam bir eli bilen telpegini tutup seretmese
telpegi aşak gaçardy.
Ibn Salam näçe ýüz müňläp ilat ýaşaýan bu ägirt uly şäheriň
daşyny şeýle beýik diwar bilen gurşamak üçin näçe müňläp adamlaryň,
näçe ýyllap zähmet çekendigini göz öňüne getirýärdi. Ýaşlygynda
galanyň beýle biçak haýbatyna onçakly üns bermändigine haýran galdy.
Gürgenjiň galasynyň haýbatly görnüşi Horezme ilkinji sapar gelen
kerwenbaşyny has hem heýjana salypdy. Ol ýanynda duran Ibn Salama
ýüzlenip:
-Muhammet, şäheriňiziň daşky görnüşi heýwere haýbatly ekeni,
onuň içi nähili?-diýip sorady.
-Gireniňizde görersiňiz, dostum.
Ibn Salamyň kerwenbaşa «dostum» diýmesi ýöne ýere däldi. Olar
ýaşytdaş we öz aralarynda ruhy taýdan ýakynlyk duýanlary üçin uzak
ýoluň
dowamynda
dostlaşypdylar.
Kerwenbaşy
söwdagär
maşgalasyndan bolsa-da sowatly, okuwly, edebiýaty söýýän, ylma sarpa
goýýan, öz ene dili bolan arap diliniň ähli şiwelerinden daşgary pars we
türki dillerini-de bilýärdi. Adam biri-birine dil arkaly ýakynlaşýar.
Kerwenbaşy bilen Ibn Salam kä parsça, kä arapça, käte-de türkide
gürleşip, dil tapyşdylar, dostlaşdylar. Kerwen dynç almak üçin goş
ýazdyranynda ikiçäk söhbetdeşlikde Ibn Salamyň berýän gyzykly
gürrüňleri, labyzly okaýan gazallary kerwenbaşyny käte tolgundyrsa,
käte meýmiredýärdi.
Gün çykmagynyň öň ýanynda belentligi on iki geze, ini on geze
golaý daşyna demir gaplanan äpet derweze uly ses edip açyldy. Şol
bada-da içerden çykan elleri uzyn naýzaly ona golaý nöker derwezäniň
iki tarapyna geçip hatara durdular. Kerwenbaşy kerweniň şähere girmegi
üçin rugsat almaga gitdi. Nökerleriň başlygy ony derwezäniň öňünde
saklap, bir zatlar soranyndan soň içeri geçirip goýberdi. Kerwenbaşy baş
derwezebanyň huzuryna girip, törde oturan ak sakgally ýaşuly adama
4
gol gowşuryp salam berdi. Ýaşuly gelen kişiniň egin-başyndan
arapdygyny bilip, "Ählän we sählän!5 diýip, ýerinden turup gelip
görüşdi, arap dilinde saglyk-amanlyk soraşdy. «Ählän bik»6 diýip,
oturmaga ýer görkezdi. Kerwenbaşy derwezebanyň özüni mylakatly
garşylany, ene dilinde soraşany üçin juda hoşal boldy. (Şol döwürde arap
dili halkara dil hökmünde giň ýaýrapdy. Aýratyn-da döwlet işinde
işleýänler ony gowy bilmelidi) Kerwenbaşy derwezebana kerweniň
Bagdatdan gelendigini aýdyp, oňa getiren harytlarynyň sanawy ýazylan
kagyzy uzatdy. Derwezeban harytlaryň sanawyna bir laý göz gezdirdide, ony dört epläp, bir çetde goýdy. Soňra:
-Muhterem7 jenap, düýn agşamara kerwen geleninden habarly
bolanymyz üçin şu gün irden şäheriň häkimine, baş pajymana habar
etdik. Siz olardan wekiller gelýänçä garaşmaly bolarsyňyz-diýdi.
Kerwenbaşy köp garaşmaly bolmady. Ilki bilen şäher häkiminiň wekili
geldi. Ol getirlen harytlaryň sanawyny gözden geçirdi-de, kerwenbaşa
köpmanyly garap:
-Jenap, siz kadany bilýänsiňiz-le... Gyrnaklaryň iň gözelini onuň
aly hezreti horezmşa Äl Mämün penakärimize sowgat etmeli
bolarsyňyz-diýdi. Kerwenbaşy edep bilen bir elini gursagyna goýup:
-Gyrnaklar meniňki däl, eýesi bar-diýdi.
-Kimiňki bolsa-da, şähere girip, kerwensaraýda ýerleşeniňizden
soň özüm gelip, gyrnagy alyp giderin- diýip, wekil hökümli gepledi.
Kerwenbaşy başyny egdi. Şäher häkiminiň wekili gideninden soň baş
pajymanyň özi geldi. Ol hem harytlaryň sanawyny gözden geçirip,
tölenmeli pajyň möçberini aýdanda kerwenbaşynyň gözleri tegelenip
gitdi. Ol:
-Tagsyr, bu juda köp bolýa dälmi? Biz ýurduňyza tomsyň
jöwzasyna garamazdan aýlap ýol basyp geldik. Biz beýik Horezmini
adalatyň höküm sürýän ýurdy diýip eşidipdik-diýdi.
-Siz näme ýurdyňyzda adalat ýok eken, diýjek bolýaňyzmy?-diýip
pajyman azgyryldy.
-Ýok, asla beýle diýjek bolamok, tagsyr, tersine Horezmin adalatyň
berkarar ýurdy diýjek boldym.
-Onuň ýaly bolsa siz hem adalatyň has berkarar bolmagy üçin bir
goşant goşmaly, ahryn-diýip, ol uçlary çekgesine ýetip duran ýaňy
çalaryp ugran murtyny sypap goýberdi.
5
Ählän wä sählän (arapça) - Hoş geldiñiz.
Ählän bik (arapça) - hoş gördük.
7
Muhterem-hormatly
6
5
-Düşündim, tagsyr . Biz bir bazaryňyza çykyp söwdamyzy açyp
goýbereli, onsoň özüm siziň bilen habarlaşaryn-diýdi, kerwenbaşy elini
gursagynyň üstüne goýdy.
-Ine, munyňyz başga gep. Paç hem siziň habarlaşyşyňyza görä
bolar. Şäherimizde on iki uly bazar bar, islän bazaryňyzda söwda
ediberiň-diýip, it ýylgyryşyny eden pajyman Kerwenbaşy bilen mähirli
hoşlaşdy. Bu zatlaryň gözli şaýady bolyp oturan derwezeban ak
sakgalyny barmaklary bilen aralap, kellesini ýaýkady. Soňra haýsydyr
bir şahyryň:
-Hudaýym bendesine mähribandyr,
We leýkin bendesiniň özi ýamandyr-diýen setirlerini ýuwaşja dile getirdi. Şundan soň derwezebanyň
hakykatçy adamdygyna göz ýetiren kerwenbaşy oňa hormat bilen garap:
-Tagsyr, indi hemme iş bitdi dälmi?-diýip sorady.
-Ýok, inim, esasy iş indi başlanýar. Ýaňy gelip giden şäher
häkiminiň wekili siziň hemmäňizi tibbi8 gözden geçirýen lukmanlary
iberýär. Içiňizde ýokanç keselli adam bolmasa, onsoň şähere girmäge
rugsat edilýär. Siz nä bu düzgünleri bileňizokmy?
-Ýok, ýaşuly. Meniň Horezmine ilkinji gelişim. Öň biziň pederimiz
gelýärdi. Indi ol kişi garrap, uzak ýola ýaranok. Şonuň üçin ýolbeledi
bilen meni iberdi. Indiden beýläk pederimiziň kerwenini men ýöretmeli
boldum.
-Hä, şeý diýseňiz-le. «Ata kesbi ogula halal» diýipdirler. Işiňiz,
söwdaňyz oňuna bolubersin, inim-diýip, derwezeban kerwenbaşynyň
göwnüni göterýän dileg etdi.
-Sag boluň, ýaşuly! Ýöne ýaňky aýdanyňyz meni uly ünjä goýdy.
Eger aramyzda birde, ikide keselli bolaýsa nähili bolar?
-Keselliňizi aýryp, hassahana ýatyrarlar, galanlaryňyza rugsat
ediler.
-Onuň ýaly bolsa gowy eken. Men aramyzdan keselli çykaýsa,
nähili bolar, Yzymyza gaýtmaly bolarmyka, diýip gorkdum. Pederimiz
hem düzgünleri maňa aýtmagy ýadyndan çykardymyka, aýtmady.
-Gorkdum, diýseňiz-le-diýip, derwezeban ýylgyrdy.- Gorkyňyz
ýerliksiz. Şonça haryt bilen gelen kerweni yzyna gaýtaryp bolarmy.
Biziň ýurdumyzda hiç haçan beýle zat bolan däldir.
Derwezeban sözüni gutaryp gutarmanka alty sany egni gök
ýektaýly adamlar gelip girdi:
8
Tib-lukmançylyk
6
-Ine, tibbi gözegçi lukmanlar hem geldi-diýip, derwezeban
gelenleri kerwenbaşy bilen tanyşdyrdy.
Şundan soň lukmanlar kerwenbaşy bilen kerweniň duran ýerine
ugradylar. Kerweniň düzümindäki ýüze golaý adamy ýekän-ýekän
gözden geçirýänçe kerwenbaşy Ibn Salama içerde bolan zatlary gürrüň
berdi. Ibn Salam şäher häkiminiň wekiliniň taçlabyny, pajymanyň
tamakinligini eşidip, öz ýurdynda-da şeýle adamlaryň barlygyna
gynandy. Ýöne derwezebanyň aýdan iki setir goşgusyna garşy çykdy:
-Muny haýsy şahyr aýdanam bolsa galat aýdypdyr. Hudaýymyň
bendeleriniň ýamanyndan ýagşysy köpdür-diýdi. Soňra kerwenbaşa bir
hili gülümjiräp seredip:
-Ol wekil gelse burunlak (gyrnaklaryň eýesini burny adatdakydan
has uly bolansoň kerwendäkiler şeýle atlandyrýardylar) gyrnaklarynyň
birini, onda-da iň gözelini berermikä-diýip, sorady.
Kerwenbaşy onuň sowalyny birneme geň görse-de:
-Bermän oýnaram. Wekil ýalandanmy, çyndanmy patyşanyň adyny
aýdyp dur, ahryn-diýdi.
Ibn Salamyň kerwendäki gullaryň, gyrnaklaryň nädip bu ýagdaýa
düşenini oýlanyp, olara rehimi gelýärdi.
Kerwen uzak ýoluň dowamynda näçe ýerde goş ýazdyryp, näçe
ýerde dynç alynan bolsa Ibn Salam şonça-da adamlar bilen tanyşyp,
olaryň hüý-häsiýetlerine ýetik bolýardy. Ilki tanyşanlarynyň biri-de
gullaryň, gyrnaklaryň eýesidi. Ibn Salam bu burunlak adamy içinden
ýaman görse-de, alyp barýan bendileriniň, aýratyn-da Rugsar atly bir
gyzyň ykbaly bilen gyzyklanýandygy üçin onuň bilen iki dilde-de
söhbetdeş bolýardy. Onuň asly pars bolup, arap ýurtlarynda-da,
Mawerannahr ýurtlarynda-da, gul söwdasy bilen meşgullanýanlygy üçin
arap, türk dillerini-de bilýän eken.
Bir dynç alyşda çakyrdan keýpini köklän burunlak çaýyň başynda
gürleşip oturan Ibn Salam bilen kerwenbaşynyň ýanyna gelip:
-Size bir ajaýyp saz çaldyryp bereýinmi?-diýdi.
-Serhoşlugyň diýdirýänimi bu aýdýanyň ýa çynyňmy?-diýip,
kerwenbaşy onuň gepine kän bir ynanman sorady.
-Çynym, agam, çynym-diýdi-de, goşuna gidip, bir salymdan eli
dutarly bir gyzy yzyna tirkäp geldi. Ikisi hem görkezilen ýerde
oturanlaryndan soň gyz sowally nazary bilen burunlaga garady. Ol
«Başlaber» diýen manyda kellesini kakdy. Şundan soň dutar dile girip,
ýürekleri endiredip barýan şeýle bir zaryn mukam ýaňlanyp ugrady
welin, ony diňläp oturanlaryň gözlerine ýaş indi. Ibn Salam gyzyň
7
perdeler üstünde oýnaýan näzik barmaklaryna, gözellikde bir kemsiz
jemalyna seredip oturşyna bu gyzyň asly asylzadalardan bolsa gerek
diýip çak etdi. Bu mukamyň yzyndan çalynan heň hem gyzyň ýürek
hasratynyň beýany ýaly ýaňlandy. Uzak çalynan iki mukamdan soň gyz
dutary gapdalynda goýup, maňlaýynda peýda bolan deri başyndaky
öýmesiniň ujy bilen syldy-da, «boldumy?» diýen manyda burunlaga
garady. Ol hem kerwenbaşy bilen Ibn Salama seredip:
-Nähili, boljakmy biziň gyzyň dutar çalyşy? - diýdi.
Kerwenbaşy geplemän başyny atdy. Ibn Salam gyza ýüzlendi:
-Adyň kim, aýym? Nireden özüň?
Gyz geplemän eýesine seretdi. Burunlak rugsat berdi:
-Aýdyber, belki seni satyn alar. Bu kişi alym adam. Şunuň ýaly
alymyň öýüne düşseň azar görmersiň.
-Adym Rugsar, özüm Mazandarandan-diýip, Ibn Salamyň türki
dilde beren sowalyna parsça jogap berdi. Mundan Ibn Salam gyzyň türki
dili hem bilýändigini aňdy.
Ibn Salam gyzyň öz dilinde ýene sowal berdi:
-Ökde sazanda ekeniň, doganym, sen nädip bu ýagdaýa düşüp
ýörsüň?
Rugsar Ibn Salamyň sözleýiş äheňindäki mylakatlylygy,
keşbindäki mähremligi ýüregi bilen duýup, özüne hossar tapynan ýaly
boldy-da, özi hakda gysgaça gürrüň berdi. Onuň pederi ýurdy baglan
sazanda bolupdyr. Rugsar hem ýaşlygyndan saza gyzyklanyp, dutar
çalmagy öwrenipdir. Ol on bäş ýaşa ýetende pederi dünýäden ötüpdir.
Pederi ölüminiň öň ýanynda gyzyny ýanyna çagyryp, özüniň dutaryny
onuň eline berip:
-Gyzym, bu dutar menden saňa galjak iň uly miras hem
ýadygärlikdir-diýipdir. -Sen muny gaty aýawly sakla. Sen sazanda
bolup, ile çykmasaň-da, kalbyňy hasrat gurşap alanda, meniň heňlerimiň
birini çalsaň hasratyň ýeňlär, gam-gussaň yza çekiler. Saz ynsanyň
ruhuny göterýän iň ajaýyp zatdyr...
Pederi ýene bir zatlar diýmekçi ekeni emma ýetişmändir, gyzyna
delminip bakan gözleri baky ýumulypdyr. Pederiniň wepatyndan soň
gyzyň ýeke-täk güýmenji şu dutar bolupdyr. Onda dürli heňleri,
mukamlary çalyp, kalbyndaky gam-gussany ýeňletmäge çalyşypdyr.
Günlerde bir gün hemişeki adatyna görä öýlerinden biraz saýlanyp,
hoş howaly ýerde dutar çalyp otyrka obalaryny Owgan tarapdan gelen
ýagy basanyny duýman galypdyr. Dutaryny göterip gaçyp barýarka
büdräp ýykylyp, dutaryny döwüpdir. Onýança bir atly ýetip gelip, gyzy
8
çekip alýarda atyň öňüne basyp alyp gidýär. Şeýlelikde ol Bagdadyň gul
bazaryna düşýär.
Rugsaryň bu beren gürrüňi Ibn Salama gaty täsir etdi. Nobatdaky
dynç alyşlykda, Ibn Salamyň berýän gyzykly gürrüňlerini diňlemäge
höwesek burunlak çäýnek-käsesini göterip, kerwenbaşynyň goşuna
geldi. Ol Ibn Salamyň kerwenbaşy bilen dostdugyny, hemişe onuň bilen
bile iýip-içýändigini bilýärdi.
-Sizler bilen bile çaý içsem hezil edýän. Alym agamyz köpden bäri
gürrüň hem tapanok, şu gün diliniň gulpy açylmazmyka?!
-Düýnki çalynan ýa sazdan, ýa sazy çalan gyzdan alym agaňa bir
täsir ýetdi, şondan bäri dymyp ýör-diýip, kerwenbaşy degişmä salyp
aýtdy.
-Aý, sazdan täsir ýeten bolsa, agamyza her günem saz çaldyryp
bereýin. Eger gyzdan täsir ýeten bolsa onuň özünem beräýerin.
-Bäh! Men siziň beýle jomartdygyňyzy bilmeýän ekenim. Onda ol
gyzy alym agaňyza beräýjekmisiňz?-diýip, kerwenbaşy birhili geň
galmak bilen sorady.
-Bermän näme, nyrhyny ylalaşsa...
-Hä, hä! Nyrhyny ylalaşsa, diýsene-diýip, kerwenbaşy indi özüniň
sadalygyna geň galdy. Ol ýene bir zatlar diýmekçidi, emma ondan öňürti
Ibn Salam gepledi:
-Bi, ylalaşyp, ylalaşmaz ýaly bahasy gaty gymmatmy gyzyň?
-Arzanam däl, agam, sebäbi ol gyrnak entek el degirilmedik,
gözellikde taýsyz, munuň üstesine ökde sazanda. Şeýle bolansoň bahasy
arzan bolýamy? Ýöne agam, siz bir gowy adam, şonuň üçin size
ylalaşyp bereýin.
-Eý gardaş, ylalaşmak üçin ortada pul bolmaly. Eger meniň pulum
bolsady, ylalaşaly diýmän aýdan bahaňa alardym hem-de ony islän
ýerine gitmäge kömegem ederdim.
Burunlak tüýsüz çekgesini gaşap, Ibn Salama geňirgenip seretdi,
soňra ardynjyrap şeýle diýdi:
-Agam, men bir zada düşünemok, ýagny, siz puluňyz bolup, ol
gyrnagy menden satyn alsaňyz, soňra ony özüňiziň aýdyşyňyz ýaly azat
edip, islän ýerine iberseňiz, siz näme peýda edýäňiz?
Ibn Salam:
-Meniň etjek peýdamy, şu beren sowalyňyza garanda siz hasaplap
bilmeseňiz gerek, ýagny düşünmersiňuz-diýip, beren jogabynda onuň
«ýagnysyny» gaýtalap agzyny öýkündi. Muny burunlak aňşyrmady.
Adam ýaman görýän adamyna sataşanda içindäki ýigrenjini ýa söz bilen
9
ýa bir hereket bilen ýüze çykaranyny özü-de duýman galýar. Ibn Salam
hem burunlagyň agzyny öýkünmek bilen çäklenmän. Ýene-de onuň
çetine degjek boldy:
-Eý, ýagşyzada,-onuň bu sözi kakdyryp aýdanyny burunlak
duýmady.-Siz rehimdar adama meňzeýäňiz, ýöne näme üçin beýle
birehim, şepagatsyz adamlaryň edýän işi bilen meşgulanýaňyz?
-Ha-ha-ha... -Burunlak hahahaýlap güldi.-Bu zamanda rehimdarlyk
bilen gün görüp bolýamy, ýagny, gazanç edip bolýamy, tagsyr?
Zamananyň zeýli şeýle. Bizem şoňa görä-de. Ine, kerwende menden
başga-da söwdagärler bar. Olar jansyz haryt satýa, men bolsa janly haryt
satýan ýagny şeýdip gazanç edýäs. Indi özüňizden hem sorasak, siz
näme gazanç etmäge barýaňyz?
Burunlak Muhammet ibn Salamyň alymdygyny bilse-de, onuň asly
horezminlidigini bilmeýärdi. Ol hem Gürgenje özüniň bir peýdaly işi
bilen barýandyr diýip pikir edýärdi.
-Men örän uly gazanç etmäge barýan. Siz ony hiç zat bilen ölçäp,
deňäp bilmersiňiz-diýip, Ibn Salam ýylgyrdy.
-Oho! Ol nähili gazanç, agam?
-Ol ylym, diýilýän gazanç
-Ylym?... Özüňiz ylymly alym bolsaňyz, size ýene ylym nämä
gerek, agam?
-Ylym diýýilýän çäksizdir, gardaş. Gürgençde Horezmşa Mämün
tarapyndan açylan «Beýtil hikme»9 diýilýän ylmy mesgen bar. Ol ýerde
Aburaýhan Biruny, Abu Aly Ibn Sina, Abu Nasyr Ibn Yrak ýaly beýik
alymlar bar. Men şolardan öwrenip, ylymymyň üstüne ylym goşmak
üçin barýaryn. Indi düşündiňizmi?!
Ibn Salam soňunda bir gatyrak söz aýdyp, bu nadan adamy ompa
oturtjakdy, emma saklandy. Çünki, Gürgenje çenli onuň bilen arany
bozmak, gatnaşygy saklamagy gerekdi. Bu ýöne ýere däldi.
II BAP
Tibbi gözden geçiriliş tamam boldy. Gözegçileriň ýolbaşçysy
kerwende keselli adamyň ýokdugy üçin hemmesine şähere girmäge
rugsat berýän resminama möhür basyp, kerwenbaşa gowşurdy. Şundan
soň kerwende gozganyş başlandy. Bir mahaldan gyrnaklaryň oturan
ýerinde bir gowur turdy. Burunlak burnuny asmana tutup, çar tarapa
ylgaýardy, dat salýardy: «Heý adamlar! Meniň bir gyrnagym ýok!
Rugsar ýok! Görmediňizmi?! Ol gaçypdyr, ýa ony ogurlapdyrlar! Eý
musulmanlar, göreniňiz, bileniňiz bolsa aýdyň!»-diýip, gygyryp
9
Beýtil hikme (arapça) - Hikmetler ýagny ylymlar öýi. Häzirki döwürde Mämün akademiýasy diýilýär.
10
ýörüşine adamlaryň arasyndan Ibn Salamy gözleýärdi. Ol kerweniň
başynda kerwenbaşy bilen duran Ibn Salama gözi düşenden ylgap baryp,
onuň alkymyna dykyldy:
-Siz şu gyrnak bilen gyzyklanyp ýördüňiz, musulman bolsaňyz
aýdyň, ol nirede, ony nätdiňiz?
Ibn Salam sowukganlylyk bilen jogap berdi:
-Eý gardaş, «Guman imandan aýyrar» diýärler. Meniň ol gyz bilen
gyzyklanýanlygymdan başga deliliňiz barmy? Ýok! Şonuň üçinem
menden guman etmäge-de hakyňyz ýok.
-Delil-peliliňi bilemok, meniň ýüregim syzyp dur.
-Häli sizde ýürek hem barmy? Eger sizde ynsana mahsus ýürek
bolanda özüňiz ýaly adamlary, gyzyňyz ýaly gyzlary o bazardan alyp, bu
bazarda satyp ýörmezdiňiz, gazanç etmegiň hakyky, arassa ýoluny
tapardyňyz.
-Siz näme diýjek bolýaňyz?! Bu iş, ýagny gul söwdasy
pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň döwründe-de ýörgünli işdi.
-Diýmek, şol döwürde-de siziň ýaly rehimsiz, şepagatsyz adamlar
bolan ekeni-de.
Ara kerwenbaşy düşdi:
-Bes ediň, jenaplar-diýdi. Soňra burunlaga garap- esasly deliliňiz
bolmasa, bu dawaňyzdan peýda ýok. Baryň, beýleki gyrnaklaryňyza ägä
boluň, olardanam birde-ýarymy eliňizden gidäýmesin. Biz häzir şähere
girýäs. Baryň, eglenmäň bu ýerde-diýdi. Şundan soň burunlak Ibn
Salama şübheli nazar bilen ýene bir seredip, bir zatdan howatyr edýän
ýaly howlukmaç ýöräp, goşuna tarap gitdi. Ol gidenden soň Ibn Salama
dikilen kerwenbaşynyň nazary hem gumandan daşda däldi. Ibn Salamyň
Horezmşa sowgat bermeli diýlen gyrnak hakynda sorap, bir hili
gülümjiräni ýadyna düşdi. Şonda-da ol bu nämä gülümjireýärkä diýip,
geň galypdy. Ýöne hiç zat diýmändi. Häzir hem bilesigelijiligi böwrüne
dürtüp dursa-da dil ýarmady. Soňra ýerinden turuzylyp, nyzama düzülen
düýeler we adamlara göz aýlady-da kömekçisiniň idip gelen atyna
atlanyp, şäheriň derwezesine tarap kerweniň öňüni çekip ugrady.
Kerwen şähere girip, derwezäniň golaýyndaky kerwensaraýda ýerleşdi.
Bu kerwensaraý hem Gürgenjiň beýleki kerwensaraýlary ýaly düýeler,
atlar, gatyrlar üçin niýetlenen uly meýdanyň daşyna aýlap gurulan
eýwandyr otaglardan ybarat bolup, ol ýerde ýüzlerçe adam arkaýyn
ýerleşýärdi. Ibn Salam şu ýerde uzak ýoluň dowamynda duz-emek
bolan, dostlaşan kerwenbaşysy bilen hoşlaşmaly boldy. Kerwenbaşy ony
11
ugratmak üçin kerwensaraýdan çykanlarynda oňa syrly seredip,
ýylgyrdy-da:
-Rugsar jana gowuja serediň-diýdi.
Ibn Salam bu synçy, duýgyr adamdan hiç zady gizläp bolmajagyny
aňyp, gözüni bir gyrpdy-da onuň elini mäkäm gysdy. Soňra
kerwensaraýdan idip çykan atyna atlanyp, şäheriň derwezesine tarap
sürüp gitdi.
***
Kerwenbaşynyň «Rugsar jana gowuja serediň» diýeni ýöne ýere
däldi. Ibn Salam ol gyzyň gelip çykyşyny, örän näzik kalp eýesidigini
özüniň beren gürrüňinden soň oňa juda rehmi, diňe rehmi däl mähri hem
inipdi. Şonda ol nädip bolsa-da bu gyzy bendilikden azat etmegi
ýüregine düwüpdi. Şonuň üçinem ol ýigrenýän adamy burunlak bilen
arany bozman, gatnaşyk saklaýardy. Özüniň niýetini gyza göni
aýtamgyň alajy ýokdy, onuň ýanyna baryp gepleşmek mümkin däldi.
Şonuň üçin ol başka bir ýol tapmalydy. Ol özüniň niýetini Rugsara
duýdurmagyň, köp oýlanyp, bir ýolyny tapdy. Ol oturup, bir gazal ýazdy.
Gazalyň başdaky iki setiriniň aşagyny çyzdy. Gazaly Rugsar okasa
aşagy çyzylan:
Terk etse bilbil kapasny çydaman azaryna,
Hoş görüp bagban ony gondurar gülzaryna-diýen setirleriň manysyna düşünjekdigine şübhe ýokdy. Şu ynam
bilen Ibn Salam nobatdaky dynç alyşlykda burynlagyň goşuna bardy.
«Täze ýazan gazalym» diýip, okap berdi. Soňundanam «gyrnaklaryňyza
beriň, okap göwünlerini götersin biçäreler» diýdi. Ibn Salamyň bu pirimi
amala aşdy. Ol gyrnaпklaryň deňinden geçeninde Rugsar oňa
köpmanyly seredip, gözüni gyrpdy. Indi bu işi amala aşyrmak üçin
oňaýly pursat gerekdi. Şeýle pursat bolsa, kerweniň Gürgenjiň
derwezesiniň öňüne gelip ýeteninde garaňky düşeni üçin daňdana çenli
garaşmaly bolan gijesidi. Adamlar düýeleri çökörip, gyşaryşyp dem
alýardylar. Ýene bir pirim oýlap tapan Ibn Salam gyrnaklarynyň
golaýyragynda ýumşak keçäniň üstünde gyşaryp ýatan burunlagyň
ýanyna bardy:
-Eý biradar, Horezminiň paýtagtyna ýetip gelenimiz üçin bolsa
gerek, ylhamym joşup ýene bir gazal ýazdym, isleseňiz okap bereýindiýdi. Burunlak:
-Okaň, okaň, tagsyr, eşideli-diýip, ýerinden turup oturdy. Ibn
Salam gyzlar hem eşider ýaly belent owaz bilen labyzly okap başlady.
Gazal yşk-muhabbete ýugrulany üçin onuň:
12
Ukyny terk edip maksada ýetsek şu gije,
Goý, rakyplar aglasyn, galsynlar agyr ünjäDiýen mazmundaky soňky iki setirine Rugsardan başga hiç kim
üns bermedi. Gyz düşünenini bildirip, ardynjyrap goýdy. Burunlak bolsa
gazal ýarany üçinmi ýa Ibn Salam bilen ýene söhbetleşesi gelipmi ony
öwüp başlady:
-Aperin, aperin! Siz parsyda çoh gözel sözleýärsiňiz. Indi meniň
bilen bir salym oturyň. Häzir çaý aldyrýan, Merw nabady bilen çaý
içýäs. Ibn Salam maksadyny amala aşyrmak üçin ony çakyrdan
doýurmalydy.
-Çaýdan çakyr gowy dälmi, byradar-diýdi. Çakyr içmegi gowy
görýän Burunlaga-da geregi şudy. Ol:
-Wah, wah, diliňize döneýin, Çakyra ýetesi zat barmy-diýip çakyr
aldyrdy. Ibn Salam bir käse içýänçä ol iki käsäni urup, ugrady. Ibn
Salam burunlagyň samsyklaç sowallaryna jogap berip, söhbetleşip
oturmaly boldy. Şonda onuň ýadyna bir danyşmendiň: «Kyrk ýyl
zyndanda oturmak-bir nadan söhbetinden ýagşyrak» diýen sözleri düşdi.
Hernä söhbetdeşlik uzaga çekmedi, çakyr güýjini görkezdi. Burunlak
oturan ýerinde gyşardy. Rugsar gazal arkaly edilen duýduryşa görä
uklamazlyga äht edip, gözüni açyp ýatdy. Ýadawlygy ýetik adamlaryň
ählisi gijäniň ýaryna ýetmän uka gitdiler. Ýaňky ýerinde ýatan
burunlagyň çekýän hory al asmana çykýardy. Ibn Salam amatly pursatyň
ýetip gelenini duýup, ýerinden turdy. Seýkin basyp atynyň ýanyna bardy.
Ony ýuwaşja idip, kerwenden sesýetim ýere çenli arany açdy. Ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 02
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.