Latin

Gürgenç I - 07

Total number of words is 3792
Total number of unique words is 2138
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Düýn men siz köşge patyşa hezretleriniň huzuryna gideniňizde
ikindi namazyna Juma metjidine bardym. Juma namazdan öň imam
günä, sogap hakynda wagyz edip oturşyna gürrüňi Aýyň, Günüň
tutulyşyna ýazdyrdy. Ol bu hadysalar adamlara günä işleri üçin duýduryş
hökmünde ýüze çykýar, Güni hem perişdeler her gün säherde çekip
çykaryp, asmana ýola salyp goýberýärler, ýogsa gün hem Hudaýa “men
çykjak däl, Zeminde günä işler köpeldi, şolara ýüzüm düşmesin,
diýýärmiş”-diýip, adamlary ynandyryp otyr. Şeýdip, halky düşünjesiz,
nadan edip barýarlar. Tebigatdaky hadysalara ylmy garaýyşlar halka
ýetirlenok, ustaz.
-Hop. Günüň Hudaýa aýdan sözleri, perişdeleriň ony çekip
çykarýandyklary ýalan diýeli, emma Günüň säher çykyp, asmany
aýlanyp agşam ýaşmagy göze görnüp duran hadysa dälmi, näme?
-Biziň gözümize şeýle, ustaz. Günüň çykmagy, ýaşmagy Ýerimiziň
aýlanmagynyň netijesi. Biz Ýer bilen aýlanyp Güne çykýarys. Bu
gündiz. Ýene aýlanyp Günden gizlenýäris. Bu gije. Onsoňam, ustaz,
mundan müň ýyllar öň Eflatun tarapyndan ýer durup gün onuň daşynda
aýlanýar diýen düşünje adamlaryň aňyna siňdirlen. Bu nädogry düşünje
üýtgewsiz galyp, hakykat ýüze çykmaly dälmi?!
-Bäh! Aýdýanyň näme! Sen gatyrak gideňokmy? Onda biz bütin,
dünýäde ykrar edilen dünýäniň merkezi Ýer däl-de Gün diýmelimi?
76
Ýok, inim, häzir bu pikiriňi öňe sürüp bolmaz. Muňa ýol bermezler.
Çünki seniň bu pikiriň ýeriň, asmanyň Hudaý tarapyn gurulanyna
müňkürlik bolar. Şonuň üçin häzir bu pikiri göterip çykmaklyk dinimiziň
garşysyna gitmekdir.
Aburaýhan dişini gysyp, geplemedi. Emma içinde “bu nähili
zaman?! Hakykat haçan ýüze çykar, haçan halka ýeter?! Din öz ýoluna,
ylym öz ýoluna bolsa bolmaýamy! Din ylymyň ýoluna böwet bassa
ylymda öňe gidişlik bolarmy!”-diýen närazylyk baş göterdi. Ibn Yrak
şägirdiniň içinde turan närazylyk tupanyny ýüzünden aňyp, ony birneme
köşeşdirjek äheňde gepledi:
-Aburaýhan, diniň garşysyna gidilmeýän ugurda-da ylyma iş kän.
Biz Allanyň ýaradan zemininde ýaşaýarys. Ine şu zeminiň özündäki
janly, jansyz möwjudatlary öwrenip, olaryň halka peýdaly taraplaryny
açyp bermek hem ylymyň işi. Ýogsa-da sen ýer asty baýlyklary, ýer üsti
jisimleri bilen gyzyklanyp ýören ýalydyň-la. Ana şol ugry hem çuňňur
öwrenmeli.
-Öwrenerin, ustaz. Geljekde ol ugurdan bir kitap hem ýazaryn.
Ibn Yrak şägirdiniň birneme göterilip geplänine içinden “Ýaşlykda. Ýaşlykda göwün asmanda bolýa-da” diýip, ýylgyryp goýdy.
Hakykatdanam, ýaňy ýigrimi ýaşa gadam basan Aburaýhanyň göwni
asmandady. Özüne ynamy güýçlidi. Ol indi arap, pars, ýunan dillerini
suwara bilýärdi. Ol dillerde ýazylan ylmy eserleriň ençemesini okapdy.
Indi ol döredijilik joşguny bilen ýaşaýardy. Ol Arastunyñ, Eflatunyñ
eserleriniñ käbirlerine şerhler bilen bir hatarda Aýyñ, Güniñ tutulyşy,
Eriñ şekliniñ togalakdygyny subut edýän we onuñ göwrümi barada we
başga-da ylmy rysalalar ýazdy. Bu işleri ýaş alyma uly şöhrat getirdi.
Ol Al Horezminiň ýeriň şekli we göwrümi baradaky pikiri bilen
ilki tanyşanynda ýer togalagynyň şekilini ýasamagy ýüregine düwüpdi.
Ol indi şol ýüregine düwen zadyny amala aşyrmaga girişdi. Onuň
çakyna görä togalagyň göwrümi bir adamyň gujagy ýeter-ýetmez
ululykda bolmalydy. Ýöne ilki ony nämeden nädip ýasamalydygyny
oýlanyp, bir hepde gezdi. Adam bir zat barada oýlanyberse garaşmadyk
mahaly çözgüdi kellesine gelýär.
Bir mahal başga bir zat hakynda oýlanyp oturan Abureýhanyň göz
öňüne gara öýüň ýasalyşy gelýär-de mesele çözülýär duruberýär. Ol gara
söwüdiň barmak ýogynlygyndaky çybyklaryna ýaý ýaly egreldip bir
ýogyn taýaga iki ujyny bentläp, gujak ýetmez uly togalak şekil ýasady.
Indi onup daşyna gowy eýlenen goýun derilerini örtüp, ýüzüne Al
Horezminiň aýdan ýedi yklymyny çyzaýmalydy. Emma bu iş soňuna
77
çenli ýerine ýetirilmän galdy. Çünki, ylmy döredijiliginiň ýaňy gülläp
barýan döwründe ol ata Watanyndan baş alyp, çykyp gitmeli boldy. Ony
22 ýaşynda Watanyndan jyda düşüren 995-nji ýylyň baharynda ýüze
çykan uruşa 994-nji ýylyň güýzünde taýýarlyk görlüp başlanypdy.
XII BAP
Kätiň bazarlarynda, kerwensaraýlarda, medrese we metjitlerde
Gürgenjiň emiri Käti basyp almak üçin goşun toplaýarmyş diýen myşmyş habarlar ýaýrady. Bu habar ýalanmy, çynmy anyk bilýän bolmasada şäher ilatynyň ynjalygyny gaçyrdy. Kerwen çekip gelen söwdegärler
harytlaryny arzan-u-gymmat satyp, tiziräk bu ýurtdan gitmegiň
aladasyna düşdüler. Emma bu habaryň köşge-de ýetip barmagyna
garamazdan Horezmşa Abu Abdullah arkaýyn görünýärdi. Bu howpuň
garşysyna hiç hili çäre görlenokdy. Gaýtam ýakynlaşyp gelýän Nowruz
baýramçylygyna uly taýýarlyk gidýärdi. Şäheriň meýdançalarynda uly
gazanlar üçin demir ojaklar goýulyp, merkezi meýdanynda darbazlaryň
darlary, hiňildikler gurulýardy.
Hijri 385-nji ýylyň Nowruz baýramynyň öň ýanynda agşam
köşkde kabul edişlik boldy. Horezmşa Abu Abdullah ylymperwer adam
bolany üçin kabul edişlige ilki bilen alymlary, müderrisleri, şahyrlary
çagyrdy. Biruny hem halypasy Ibn Yrak bilen bardy. Zerbap donly köşk
emeldarlary, begler, begzadalar, goşun serkerdeleri meýlisler eýwanynyň
çep tarapyndan, alymlar, müderrisler, şahyrlar sag tarapyndan ýer
aldylar. Olara sag tarapdan ýer berilmegi ylym we edebiýat adamlaryna
görkezilýän hormatyň nyşanydy. Hyzmatda duranlar Biruny bilen Ibn
Yraga aýratyn hormat goýup salamlaşdylar. Birunynyň kellesinden “bu
aýratyn hormat biziň ylmymyza goýlan sarpamy ýa-da halypamyň
patyşanyň ýegeni bolany üçinmi?”-diýen pikir geçdi. Ibn Yrak
şägirdiniň kellesindäki pikiri okan ýaly, oňa manyly seredip ýylgyryp
goýdy.
Bir mahal köşk sahybynyñ patyşanyň gelýänini habar berýän ýiti
sesi ýaňlandy:
-Jemagat! Afryglar nesilşalygynyň beýik wekili, Abu Abdullah ibn
Mansur Horezmşa hezretleri meýlisler eýwanyna teşrif* eýleýär!
Meýlisler eýwanynyň töründäki belent nagyşbent iki ganatly gapy
açylyp, salyhatly ädimläp, Horezmşa girip geldi. Hemmeler ýerlerinden
turup, baş egip tagzym etdiler.
-Essalamu aleýkum, ýagşyzadar!-diýip, patyşa jemagata salam
berdi.
78
-Penakärimiziň ömürleri uzak bolsun!-diýen sesler meýlisler
eýwanyny ýaňlandyryp goýberdi. Patyşa öz ýerine geçip oturanyndan
soň adamlar hem oturdylar. Adamlaryň ünsi, nazary horezmşadady.
Biruny ony öňem bir näçe gezek görüpdi, iküç sapar huzurynda hem
bolupdy. Ilkinji duşuşygy üç ýyl öň ony halypasy bilen bile köşge
çagyrylanynda bolupdy. Sakgal-murty ýaňy çalaran, nurana ýüzli
patyşanyň mylakatly seredýän gözlerine gözi düşende Birunynyň
köşgüň bosagasyndan ätläninde başlanan tolgunmasy zym-zyýat boldy.
-Halypaňyz sizi ötgür zehinli, geljekde uly, diňe uly däl, beýik
alym bolmagy mümkin diýip öwdi-diýip patyşa Biruna synçy nazaryny
dikip, ýüzlendi.-Zehin diýilýän zat Allanyň ynaýaty31, oglum. Ol her
kim, her kime berilmeýär. Ony halkymyzyň bähbidi üçin, ýurdumyzyň
ylmyny, ylmy bilen bile şan-şöhratyny ýokary götermek üçin
peýdalanmak gerek. Şuny edip bilseňiz, adyňyz taryhda öçmez bolup
galar.
Horezmşanyň bu sözleri şol wagt Biruna üýtgeşik täsir edipdi.
Şonuň üçn bu sözler onuň hakydasynda möhürlenip galypdy. Käte ol bir
ylmy meseläniň üstünde kelle döwüp oturanynda şu sözleri ýatlaýardy,
ondan güýç alan ýaly bolýardy. Biruny patyşany soňky sapar bir aý
çemesi öň bazarda nedimleri bilen bile nyrh-nowany seljerip ýöreninde
gabat gelipdi. Patyşa onuň salamyny alyp, saglyk-amanlyk soraşdy,
işlerine rowaçlyk diledi. Ol sakgal-murty öňküsine garanda has
agaranyndanmy birazyrak garran ýaly görünýärdi. Emma ýiti nazarlary
ýanyp duran gözleri entek göwresinde güýjüň, gujuryň egsilmändigini
bildirýärdi. Afrig patyşalarynyň neslinden bolan kanuny şa bolsa-da
bazarda, ýönekeý adamlaryň arasynda-da keşbinde men-menlik,
ulumsylyk nyşany ýokdy. Şonuň üçin oňa meýlisler eýwanyny dolduryp
oturan adamlaryň hatarynda Biruny hem mähir gözi bilen seredýärdi.
-Eziz ýagşyzadalar!-diýip Horezmşa oturanlara ýüzlendi.Ülkämize Nowruzy älem geldi. Nowruzy indi halkymyz iki ýüz ýyldan
bäri baýram edip gelýär. Yslamdan öň hem ata-babalarymyz baharyň
başlanyşyny uly otlar ýakyp, olaryň daşynda aýdym-saz bilen baýram
edipdirler. Emma biziň şu baýramymyzy şady-horramlyk bilen
geçirmäge päsgel berjek bir bolgusyz «myş-myş» gepler ýaýrapdyr.
Hamala Gürgenjiň emiri Al Mämün bize garşy ýörüş etmek üçin goşun
toplaýarmyş. Biz Gürgençdäki wekilimiziň ýanyna adam iberip,
soradanymyzda bu gepiň düýbinden ýalandygy mälim boldy. Al Mämün
garluklaryň Gürgenje hüjüm etmek ähtimalynyň bardygyny nazara alyp,
31
Ynaýat-peşgeş
79
goşunynyň sanyny birneme artdyrypdyr. Onsoňam Al Mämün bilen ezeli
dostlugymyz bar. Ol bize hiç haçan ýamanlygy rowa görmez. Şonuň
üçin meýlisimizi şady-horramlyk bilen geçireliň. Biz şähere-de adam
iberip, baýramçylygy gowy geçirmekligi, hiç hili howpuň ýokdugyny
aýtdyk. Hany sazandalar saza, göýendeler aýdyma başlasyn! Rakkasa
gyzlaryň raks-hyramy hem ýatdan çykmasyn!
Horezmşa sözüni tamamlanyndan soň aýdym-sazlar ýaňlanyp,
meýlis gyzyp başlady.
Biruny bilen halypasynyň ýanynda oturan bir moýsepit-muderris
Ibn Yraga ýüzlenip diýdi:
-Möwlana, patyşamyz juda ak göwün, ynanjaň. Özüniň aýdyşy
ýaly Al Mämüniň bize dostlugy çynmyka? Ol araplaryň dikmesi,
ahyryn. Araplaryň bolsa iki Horezmini birleşdirip, bir uly döwleti
halyfatyň gol astynda saklamak meýilleri ýokmuka? Siz meýlisden soň
galyp, daýyňyz bilen gürleşiň. Herhalda ätiýajy elden bermezlik gerek.
Gapyl galyp üstümizi basdyraýmagymyz mümkin.
Ibn Yragyň özi hem şeýle pikire gelipdi. Şonuň üçin ol müdderisiň
gepini makullap, başyny atdy.
***
Abu Abdullahyň aýdyşy ýaly Gürgenjiň emiriniň Käte ýörüş
etmek niýeti ýokdy. Emma hökümdarlaryň niýetiniň, pikiriniň
üýtgemegine sebäp gyt däl.
Emir Al Mämunyň niýetiniň üýtgemegine Bagdatdan gelen
halyfatyň wekiliniň küşgürmegi sebäp bolan bolsa, Gürgenje gelýän
buharaly belli serkerde Simjuryny kätlileriň ýolda tutup, tussag etmegi
Käte ýörüş etmek üçin bahana boldy.
Uly hormat bilen kabul edilen wekil halyfa Kadyryň tabşyrygyny
ýerine ýetirmek üçin amatly pursata garaşýardy. Özüniň hormatyna
guralan meýlisde şeýle pursat hem geldi. Meýden keýpi göterilen emir
Al Mämün wekile hoşamat edip başlady:
-Hormatly jenap, siziň Gürgenje gelmegiňiz, halyfa hezretleriniň
sowgat-salamlaryny getirmegiňiz biziň üçin juda şatlykly waka boldy.
Siz gelmezden öň bir waka sebäpli dörän gahar-gazabym hem köşeşdi.
-Emir hezretleriniñ gazabyny gozgan nämekä?-diýip, wekil emire
synçy nazaryny dikdi.
-Biziň gazabymyzy gozgan näme däl, kim diýseňiz-le. Ol kim
Horezmşa Abu Abdullah. Ol musulmançylyga sygmaýan iş etdi. Buhara
emiriniň gazabyna uçran serkerde Simjury bizi penäkär saýyp, Gürgenje
gelýärkä ony Hazarasyp galasynyň golaýynda tutup, tussag etdiripdir80
diýip, serhoşlygy aşan emir sesini gataldyp başlady.-Ol kimmiş?
Horezmşamyş! Biziň soraýan ülkämiz hem Horezm dälmi! Şeýle bolsa
ol biziň hem şamyzmy?!
Emiriň gyzyşyp aýdan bu sözleri wekile esasy maksada geçmäge
maý berdi:
-Aly hezret, hakykatyna seredende bir Horezm, bir Horezmşa
bolmaly. Bu diňe meniň pikirim däl, halyfa hezretleriniň hem pikiri.
Şonuň üçin Jeýhunyň iki tarapy birleşdirilse uly taryhy waka bolar.
Birleşen bir uly Horezmin döwletiniň ýene-de gülläp ösmegi üçin has
amatly şertler dörär. Muny Horezmşa Abdullahyň özü-de islemän duran
däldir.
-Nämäni islemän duran däldir? Näme diýmekçi bolýaňyz?
-Külli Horezminiň şasy bolmagy.
-Siz külli Horezmine onuň şa bolmagyny isleýäňizmi?
-Bu zat meniň ilegime bagly däl. Iki Horezmini birleşdirmegi kim
başarsa şol hem onuň şasy, hakyky Horezmşa bolar.
Bu sözlere emir Al Mämüniň içinde tupan turan ýaly boldy. Ol
öňündäki boş käsäni uzadyp “meý!” diýip gygyrdy. Saky ylgap gelip,
käsäni meýdan doldurdy. Emir käsäni başyna çekip, aşakda goýdy-da
wekile sowuk nazar bilen garap, garyljak ses bilen:
-Bu işi men başararyn! Ýogsa-da Simjury üçin onuň bilen
hasaplaşmaly men!
-Diňe Simjury üçin gylyç ýalaňaçlamagyň geregi ýok. Watan üçin,
Horezminiň geljegi üçin etmeli bu işi, eger başarsaňyz-diýip, wekil
soňky sözi onuň degnasyna degip, has küşgürmek üçin aýtdy.
-Başararyn! Men başarmasam kim başarar?!-diýip, serhoş emir
kükredi. Gürgenje sapardan göz öňüne tutulan maksadyň amala aşjagyna
içinden begenen wekil:
-Menem size halyfa hezretlerinden ak pata alyp, petiwa 32
göndererin-diýdi. Meýlisde ajaýyp saz bilen näzenin gyzlaryň raksyna
maýyl bolup oturan serhoş adamlar törde aýratyn oturan emir bilen
wekiliň gürrüňine ünsem berenokdylar. Üns berjekleri bolanda-da ara
açyk bolany üçin gürrüňiň näme hakdadygyny aňşyrmaklary mümkin
däldi. Şonuň üçin emir bilen halyfatyň wekiliniň arasynda bolan bu
gürrüň meýlisler eýwanyndan daşary çykmady.
Gürgençdäki bu meýlis Kätdäki meýlisden bäş aý öň bolupdy.
***
32
Petiwa-rugsatnama
81
Kätdäki meýlis dowam edýärdi. Horezmşa Abu Abdullah ud bilen
gyjakda çalynýan bir gadymy mukamyň täsirinden kellesini iki ýana
çalaja çaýkap hezil edip otyrdy. Bir mahal daşardan howlugyp giren bir
serkerdäniň patyşanyň ýanyna baryp, oňa bir zatlar diýmegi hemmäniň
ünsüni çekdi. Horezmşa birden ýerinden turdy. Onuň yşaraty bilen saz
kesildi. Patyşa ýerinden turanyndan soň bir üýtgeşik waka ýüze
çykanyny aňan jemagat aýaga galdy. Hemmäniň ünsi özüni ýitiren ýaly
bolup duran patyşadady.
-Jemagat! Men ýalňyşypdyryn-diýdi özüni dürsän şa batly ses
bilen-emir Mämün bize hyýanat edip, üstümize goşun çekip gelýärmişin.
Häziriň özünde bar güýjümizi toplap duşmanyň öňünden çykmagymyz
gerek. Serkerdeler! Ygtyýaryňyzdaky esgerleri jeňe taýýarlaň! Meýlis
tamam! Bir salymda meýlisler eýwany boşap, agyr oýa çümüp duran
Horezmşa, ýegeni Ibn Yrak, Biruny we birnäçe döwlet işgärleri galdylar.
Olar hem patyşadan dürli tabşyryklar alyp, çykyp gidenlerinden soň Ibn
Yrak daýysyna ýüzlendi:
-Aly hezret, biziň güýjümiz Mämüniň güýji bilen deň gelmez,
şonuň üçin siz özüňizi ätiýaç ediň.
-Diýýäniňiz näme! Men gaçyp gizlenmelimi?! Ýok! Goşuny özüm
söweşe alyp girerin. Ätiýaç meselesine gelsek siz özüňizi, geljekde
adamzada peýdasy degjek uly açyşlar edip biljek ynha bu şägirdiňizi
ätiýaç ediň. Egerde biz ýeňiläýsek, bize derek adamlary-da aman
goýmazlar. Şonuň üçin ätiýajy elden bermäň. Indi baryň size-de rugsatdiýip, patyşa ýegenine başga geplemäge maý bermän hoşlaşdy.
Ibn Yrak bilen Biruny köşkden çykanlarynda gijäniň ýaryna
golaýlanyna garamazdan köçeler şum habary eşiden adamlardan doludy,
wagyr-gowur asmana galýardy. Olar adamlaryň arasyndan geçip
öýlerine ýetip gelende günde bäş wagt azan sesi ýaňlanýan minaradan
muazziniň adamlary duşman bilen göreşe çagyrýan sesi azan sesinden
hem batly ýaňlanyp başlady: «Watandaşlar! Eziz diýarymyzy basyp
almaga goşun çekip gelýän duşmanyň garşysyna göreşe atlanyň!
Şäherimiziň edermen gerçek ýigitleri eliňize ýarag alyň! Ýaragy ýok
adamlar eliňize pil, palta, ýabak alyp duşmanyň garşysyna çykyň! Janajan şäherimizi duşmana basdyrmalyň!» Muazzin çagyryşyny yzly-yzyna
gaýtalaýardy.
-Ustaz, öýde nähili ýarag bar-diýip, Biruny muazziniň sesine gulak
asyp duran halypasyna ýüzlendi. Ibn Yrak hiç zat diýmän gapyny kakdy.
Gapy açylyp içeri girenlerinden soň:
82
-Bizde ýarag näme işlesin. Biziň ýaragymyz galam dälmi?-diýip
Ibn Yrak gaharlyrak dillendi. Biruny halypasynyň näme üçin gatyrganyp
jogap berenine düşünmedimi nämemi oňa beter gaharyny getiren söz
aýtdy:
-Onda men odun ýarýan paltamyzy alyp çykaryn.
-Sen o palta bilen odunam idilli owradyp bileňok, onsoň şonuň
bilen duşmanyň öňünden çykjakmy?! Seniň eliňde palta däl-de kesgir
gylyç bolanda-da jeň meýdanynda bitirjek işiň ýok. Sen ömrüňde eliňe
ýarag tutup görmedik bolsaň, söweş tälimini bilmeseň, sendenem bir
söweşiji bolarmy?! Garşyňdan çykan birinji duşman esgeri kelläňi
pyzlawuk kädi ýaly togalap goýberer. Ol kelle eýesiniň egninde dursa
geljekki nesillere ölmez-ýitmez ylmy eserler, açyşlar goýup gitmegi,
mümkin dälmi?! Şonuň üçin sen ol kelläni duşmanyň gylyjyna bermän
saklamalysyň.
Ibn Yrak uludan dem alyp, sözüni dowam etdirdi:
-Dogrusyny aýdanda, biziň bu uruşda duşmandan üstün
çykmajagymyz görnüp dur. Al Mämun eýle- beýle güýç bilen bäri ýörüş
etmez. Biziň näme, onuň goşunyna deň geljek goşunymyz barmy!
Onsoňam ol minaradan gygyryp duran muazzine kim buýruk berdi-kä?
Bu ilaty gyrgyna bermeg-a! At-ýaragly, eli galkan gylyçly jeňçiler
öňünden çykan eli pil, paltaly adamlary bir çetden gyrar. Senem şolaryň
biri bolmazyňdan öň, häziriň özünde ýol şaýyňy tut-da bu ýerden garaňy
saýla. Indi sen bu ýerde ylym bilen meşgullanyp bilmersiň.
Basybalyjylar gör nähili işler eder. Emir al Mämun diýen adam
ylymperwer adam däl bolsa gerek.
Birunyny halypasynyň sözleri çuňňur oýa batyrdy. Bu sözleri ol
akyl terezisine goýup gördi. Halypasynyň hakdygyna ten berdi.
Onsuzam özüniň ylyma bolan biçak uly yhlasy hem söweş pikirinden
gaýtardy. Eger söweş meýdanyna girse ölümiň gutulgysyzdygyna göz
ýetirdi. Biraz dymyşlykdan soň halypasyna ýüzlendi:
-Ustaz, özüňiz näme etmekçi!? Siziň Horezmşanyň garyndaşy
ekeniňizi bilseler aman goýmazlar.
-Bilýän, menem bir alajyny ederin. Sen öz başyňy gutarjak bol.
Meniň şägirdimdigiňi bilseler seni-de sylap oturmazlar-diýip, Ibn Yrak
hoşlaşykdan öň şägirdine ýüreginden syzdyryp, soňky nesihatyny etdi,
ak ýol diläp, pata berdi. Halypasynyň öňki öwüt-ündewlerine garanda bu
saparkysy has täsir etdi, onuň bokurdagy dolup, gözlerine ýaş aýlandy.
Adamyň ömründäki agyr pursatlaryň biri-de aýralygyň öň ýanyndaky
83
pursat bolsa gerek, halypa şägirt biri-birine delmirip bir salym
duranlaryndan soň gujaklaşyp hoşlaşdylar.
Biruny şol güni daňdana golaý ýola çykan Ispyhanly söwdagäriň
kerwenine goşulyp, ata Watanyny terk etdi.
***
Uzak ýoluň dowamynda Birunynyň kellesine dürli oýlar, hyýallar
gelip geçýärdi. Halypasy Ibn Yragyň bolsa hoşlaşyk wagtynda:
«Aburaýhan, sen ylym üçin ýaradylan ynsansyň. Allatagala saňa
egsilmez zehin beripdir. Nirede bolsaňam ünsüňi ylymdan başga zada
sowma. Ine, şonda sen örän uly açyşlar edersiň, ölmez ýitmez eserler
döredersiň, Adyň dünýäde ebedi galar» diýen sözleri gulagynda
ýaňlandy durdy.
Ol halypasynyň aýdan ylmy eserlerini eger şu uruş bolmadyk bolsa
özüniň mähriban şäherinde döretmekçidi, ylmy açyşlar etmekçidi. Ol şu
22 ýaşynyň içinde-de ençeme işler edipdi. Olardan iň yhlas bilen
ýapyşan işi ýer togalagynyň gujak ýetmez şeklidi. Ol onuň ýarsyny
ýasapdy. Hemmesinden hem şu başlan işiniň bitmän çala galanyna
gynanýardy, uruşy näletleýärdi: «Eý Allahym, bu gan döküşüklik,
gyrgynçylyklar adamzadyň adyna gelişýärmi?! Seniň ýaradan
mahluklaryňyñ içinde adamdan wagşysy, adamdan ganhory barmy?
Ýok. Iň wagşy haýwanlar hem adamlar ýaly topar topara bölünip, biribirini gyrmaýarlar, ahryn! Sen adama akyl berdiň, paýhas berdiň, şunuň
bilen bile gahar, gazap diýilýän zady hem berdiň. Şu soňkysyny
bermäniňde älem gülüstan bolardy. Häzir meniň göz öňüme gelýän
gyrgynçylyk hem bolmazdy.»
Kätdäki gyrgynçylyk Birunynyň göz öňüne getirişinden hem
aýylganç boldy. Mämüniň goşuny öňünden garşysyna cykan az sanly
goşuny derbi-dagyn edip, şähere basdyryp girýär. Mähriban şäherini
goramaga milt eden eli paltaly, pilli, ýabakly adamlary bir çetden
gyrýarlar. Söweşde Horezmşa Abu Abdullah hem şehit bolýar. Şunuň
bilen näçe asyrlardan bäri Horezminde höküm sürüp gelen Afrigler
nesilşalygy tamam bolýar.
Uly gyrgynçylygyň hasabyna iki Horezmini birleşdiren Gürgenjiň
emiri özüni Horezmşa diýip yglan edýär.
***
995-nji (hijri 385) ýylyň baharynda taryha giren bu waka zerarly
weýran bolan Kätde ýas, ýeňiş gazanan Gürgençde toý tutulýardy. Toýa
Bagdatdan Halyfanyň gutlagnamasy bilen gymmat bahaly sowgatlaryny
84
alyp, ýörite wekiliň gelmegi indi Horezmşa adyny alan Al Mämüniň
ruhyny belentlere göterdi.
Ol indi Halyfa tarapyndan hem ykrar edilen birleşen Horezmin
döwletiniň ýeke-täk hökümdary hökmünde özüni asmanda saýýardy,
özüne ynamy güýçlüdi. Şu ynam bilen ýurdy abadanlaşdyrmak boýunça
ençeme ýagşy işleri hem etdi. Emma üstünlikden azyp, zalymlygyny
hetden aşyryp goýberenligi üçin taryhy çeşmeleriň habar bermegine
görä esgerleri tarapyndan tikeläp öldürilýär. Belki bu Kätde eden
gyrgynçylygynyň Hudaý tarapyn gaýtargysydyr."Al-Kasasul min älhak!"33 Ouň ýerine derhal uly ogly Aly ibn Mämüni tagta çykarýarlar.
Aly ibn Mämün tebigaty ýumşak, keselbendiräk adamdy. Ol özüni
bejertmek üçinmi ýa-da ylymperwerlikdenmi Buharadan baş alyp çykan
Aby Aly ibn Sinany Gürgenje çagyrýar. Ibn Sina Gürgenje gelip,
Horezmşa Alynyň howandarlygynda amaly we ylmy işlerini dowam
etdirýär. Emma her näçe jan etse-de Alyny ajalyň penjesinden alyp galyp
bilmeýär. Ajala beýikleriň hem etjek alajy ýok eken.
Pederinden soň uzak höküm sürmek miýesser etmedik Alydan
soňra onuň on dokuz ýaşly inisi Abul Abbas bilen ogly Abul Harysyň
arasynda tagt üçin teýden göreş başlanýar. Has anygy, göreş şazadalaryň
tarapdarlarynyň arasynda gidýär. Bu göreşde öňden baş wezir
wezipesinde işläp gelýän Suhaýly atly parasatly, dana adamyň
ýolbaşçylygyndaky topar üstün çykyp, tagta Abul Abbasy oturdýarlar.
1009-njy ýylda tagta çykan Mämün II ady bilen taryha giren 19 ýaşly
Horezmşa baş wezir Suhaýlynyň kömegi bilen ýurtda tertip, düzgün,
adalat ornadýar. Ylyma, edebiýata, sungata giň ýol açylýar. "Beýtül
hikme"- Ylymlar öýi döredilip, oňa öz döwrüniň görnükli alymlary-Abu
Aly ibn Sina, Abu Sahl Masyhy, Abul Haýyr Hammar, Abu Nasr Yrak,
Al Hojandi, Abu Mansur Salaby, Ibn Miskawaýh dagylar bilen bir
hatarda ýaş alymlar hem işe çekilýär. Bu alymlaryň arasynda gaýry dinli,
gaýry ýurtlylar hem bardy. Emma Horezminde dogulyp, önüp-ösen, şu
ýeriň özünde alymlyk derejesine ýeten beýik Biruny ýokdy.
***
Birunynyň bolsa Kätdäki uruş zerarly ýurtdan başyny alyp çykyp
gideli bäri on bäş ýyla golaýlap barýardy. Onuň dürli şäherlerde bolup,
soňunda Gürgeniň hökümdary Keý Kowusyň köşgünde mekan tutany
barada Gürgenje habar düşüpdi. Weziri agzam Suhaýly ony Gürgenje
aldyryp, "Beýtil hikmä" ýolbaşçy edip goýmaklygyň ugryna çykypdy.
Biruny hem Gürgençde «Beýtil hikme» atly ylmy merkeziň
33
Ar Hakdan gaýdar
85
döredilenligini, onda ustazy Abu Nasyr ibn Yragyň, dosty Masyhynyň
biri birine namalar gönderip gaýybana dostlaşan Ibn Synanyň we
beýleki özüne tanyş alymlaryň iş alyp barýandyklaryny eşidip, bihet
begenipdi, özü-de şol alymlaryň hatarynda, ata Watanynda bolmagy
isleýärdi. Emma ýaşamaga, işlemäge şahana şertler döredip beren Keý
Kabusyň şeýle goýbermejegine gözi ýeteni üçin bu islegi arzuwa
öwrülipdi we şu arzuw bilen hem ýaşaýardy. Adamyň arzuwynyň wysal
bolmagy beýik bagtdyr. Şeýle bagta ýetmek Birunynyň hem ykbalynda
bar eken. Ine, bir gün Gürgençden gelen çapar iki nama getirýär. Olaryň
birini Biruna, beýlekisini Keý Kowusa gowşurýar. Horezmşa Abul
Abbas Al Mämüniň adyndan Suhaýlynyň eli bilen ýazylan bu namalar
Birunyny näçeler begendiren bolsa, Keý Kowusy şonçalar gynandyrdy.
Biruna ýazylan namada ata Watana gaýdyp gelip, «Beýtil hikmä»
ýolbaşçylyk etmek teklip edilýärdi. Keý Kowusa gowşurylan namada
bolsa Birunyny ýoldaky howp-hatardan gorap, Gürgenje ýetirmek haýyş
edilýärdi. Nama haýyş äheňinde ýazylan bolsa-da özüňden güýçlüniň
haýyşyny bitirmezlik gowulyga eltmejegine gözi ýeten Keý Kowus gaty
öwrenişen, dana söhbetdeşinden jyda boljagyna näçe ýüregi gyýylsa-da,
Biruny bilen hoşlaşmaly boldy. Hoşlaşyk çagynda Keý Kowusdan
başga-da biriniň bu aýralyga ýüreginiň gyýylýany gözlerinden görnüp
durdy. Hiç haçan ejizlemedik bu merdemsi ýürek eýesiniň özüne
delmirip bakan gözlerini Biruny hiç haçan unutmasa gerek. Ilki
duşanynda bu gözleriň mylakatly bakyşyny, soňlar mylakatyň ýerini näz
bilen mähiriň eýelänini we aralarynda dörän ilki düşnüksiz, soň düşnükli
duýgularyň ýüreginde goýan dagyny ol içinde bir ömür saklap bilmez,
ahyr bir ýakyn adamyna gürrüň berer. Şonda bizem ondan habarly
bolarys.
Mähirli hem gynançly hoşlaşykdan soňra Gürgene hat getiren
çaparyň düzümindäki üç kişi, Keý Kowusyň hem beren bäş nökeri,
Birunynyň özi bilen dokuz atly bolup, Horezme tarap ýola düşdüler.
Entek Horezmiň gazaply sowugy başlanmadyk bolsa-da, güýz günleri
bolany üçin howa çigreklidi.
Çölleri, sähralary söküp, käýarym ýolda duşan rabatlarda düşläp,
ýigrimi gün diýende Gürgenje ýetip geldiler. Olar Gürgenjiň Hazarasp
derwezesinden girenlerinde gün ýaşyp, garaňky gatlyşyp ugrapdy.
Gürgenjiň köçelerinde panus çyralar ýakylypdy. Birunynyň geler
wagtyny çemeläp, derwezebanyň ýanynda ony garşy almak üçin adam
goýlan eken. Ol adam Birunyny özi üçin taýýarlap goýlan jaýa alyp
bardy. Ol:
86
-Şu jaýy weziri agzam Suhaýly jenaplary Siziň üçin patşalygyň
hasabyna satyn alyp goýdy. Munda ýaşamak üçin ähli şertler bar. Bir
kemi-bir melike-diýip degişdi. Biruny onuň soňky sözüne çalarak
ýylgyryp, eden hyzmatyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra onuň bilen
hoşlaşdy. Biruny öýüň içini aýlanyp görüp, işlemek, ýaşamak üçin özüni
getiren adamyň aýdyşy ýaly diňe ähli şertleriň bardygyna däl-de, ata
Watanyň howasyndan dem alýandygy üçin Hudaýa şükürler etdi.
Ertesi irden Biruny azan namazyny okap bolup, çaýa oturanynda
bir adam girip, ony görmäge Horezmşanyň gelenini aýtdy Biruny daş
çykyp, atda oturan patyşa salam berip, tagzym edip ýetişmänkä
Horezmşa atdan düşüp, onuň bilen iki elläp görüşdi. Biruny:
-Aly hezret, huzuryňyza özüm barardym, ahryn-diýeninde:
-Ylym iň ýokary hökümdardyr. Hemme kişiler oňa egilmeli, ol
olara däl-diýip, Horezmşa ýylgyrdy.Ýaş bolsa-da dana sözli Horezmşa
Abul Abbasa göwni ýeten Biruny:
- Horezmşa hezretleri ylymy hakyky hökümdardan hem ýokardaky
hökümdar saýýan bolsa, Horezmin diýarynyñ ylymda şan-şöhraty äleme
dolar - diýdi
- Munyñ üçin möwlana Aburaýhan al Biruniniñ dahasyndan34
dörejek şah eserler bilen onuñ rahnamalyk etjek "Beýtil hikme"
alymlarynyñ gujur-gaýraty derkar.
Horezşanyñ bu sözüne Biruni "biz hyzmata taýýar" diýen manyda
bir elini gursagyna goýup, boşyny egdi.
- Teşekkür, möwlana! Biz size köşkde garaşýas. - diýip, Horezmşa
hoşlaşdy. Şeýlelikde ol 1010-njy ýylyñ güýzünde «Beýtil hikmede» işe
başlaýar. Şol bir wagtyň özünde Horezmşa ony özüne geňeşçi tutunýar.
XIII BAP
Muhammet ibn Salam atdaşy bilen mesawy gürrüňe berilip, wagt
öýle bolanyny hem duýman otyrdy. Birden daşardan eşidilen seslere
böküp turdular. «Geldiler» diýdi Muhammet Tarhan. Ibn Salam her näçe
sowukganly adam bolsa-da, ykbalyny çözjek bu möhüm duşuşyk
ýüregini biraz bökdürdi. Ol atdaşyndan öňürtiläp daşary çykdy. Alymlar
"Beýtil hikmä" özlerini getiren paýtun arabalardan düşüp, jaýa tarap
ýöräp ugradylar Öňde gelýän gytyk gara sakgally, gara gözlerinde gujurgaýrat ody ýanyp duran, orta boýly, garaýagyzyrak adama gözi düşen
Ibn Salam «Megerem Biruny şu adam bolsa gerek» diýip çaklady. Onuň
çakyny atdaşy tassyklady. Ibn Salam:
34
Daha-geniý
87
-Essalawmaleýkim, essalawmaleýkim-diýip, alymlar bilen ýekänýekän iki elläp görüşdi. Soñra elini gursagyna goýup, edep saklap duran
ýigidiň kimdigini Muhammet Tarhan aýdýança alymlar oňa gyzyklanyp
seredip durdular.
-Ä-hä, Bagdady, diýsene-diýip Biruny degişme äheňinde oňa
ýüzlendi.-Watana gaýdyp, gowy edipsiňiz. Indi biziň bilen bolsaňyz,
Bagdadyň «Dar al ylym» dergähi bilen biziň "Beýtil hikmemizi"
deňeşdirip görersiňiz.
-Möwlana, meniñ "Dar al ylym" dergahy bilen içgin tanyşlygym
ýok. Medreseden soñ meniñ ol ýere geçip işlemek mümkinçiligim bardy,
emma men öz Watanymdaky ylym dergahynda işlemekligi arzuw edip
geldim. Siziň «Biziň bilen bolsaňyz» diýen sözüňiz meniň depämi göge
ýetirdi. Meniň düýp maksadym hem siziň bilen bolmak, sizi halypa
tutunmak, sizden ylym syrlaryny öwrenmekdir-diýip Ibn Salam elini
gursagyna goýup, başyny egdi. Biruny «Nähili görýäňiz bu ýigdi» diýen
manyda töwereginde duran alymlara göz aýlady-da:
-Belki, bizem sizden öwreneris. Siz Bagdatda on ýyl okap,
bizdenem köpräk tälim alansyňyz-diýdi.
-Möwlana, meni beýle sözler bilen utandyrmaň.
-Men sizi utandyrmak üçin aýtmadym. Biz siziň ylmyňyzyň nä
derejededigini bilmänimiz üçin «belki» diýen sözi goşup, pikirimi
aýtdym-diýip, Biruny ýylgyrdy. Ibn Salam dünýä belli bu beýik alymyň
özüni oýnaýandygyny ýa-da synaýandygyny bilmän bir hili boldy. Ol
içinden “Beýikler beýikligine buýsanyp özünden pesiräkleri oýnamagy
gowy görýärlermikä? Beýikleriň häsiýetinde-de şeýle nogsanlyk
bolýamyka?” diýip, dymdy duruberdi.
-Muhterem Ibn Salam, Siz nädogry pikire gitdiňiz-diýip, Biruny
onuň kellesindäki pikirini okan ýaly gepledi.-Meniň siziň göwnüňize
degmek niýetim ýok. Ýöne men sizi mukaddes ylym dergähine
girizmezden öň bir kiçiräk imtiha35 etdim. Men «Belki sizden öwreneris»
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 08
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.