Latin

Gürgenç I - 02

Total number of words is 3768
Total number of unique words is 2093
34.0 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Rugsaryň özüniň hereketlerine göz-gulak bolup ýatanyna ynanýardy.
Hakykatdan-da şeýledi. Ibn Salam atyny idip ugranyndan ol hem
ýuwaşlyk bilen süýşüp, golaýynda ýatan düýäniň boýnunyň aşagyndan
aňry geçdi-de, ýerinden turup, Ibn Salamyň barýan tarapyna ýöneldi.
Gyz gelip ýeten badyna Ibn Salam ony atyň ardyna alyp, gamçyny
basdy. Atyň ardynda Ibn Salamyň bilinden tutup oturan gyzyň begenji
içine syganokdy. Ol özüni alyp gaçyp barýan Ibn Salamyň näme
maksady bardygyny bilmese-de, hiç bir ýamanlygy göwnüne
getirenokdy. Çünki, Ibn Salamyň mylaýym keşbine, mähir çogup duran
gözlerine gözi düşen adamyň onuň kalbynda ýagşylykdan başga zat
ýokdugyna ýüreginde ynam hasyl bolýardy. Rugsar hem daşyrakdan
bolsa-da oňa gözi düşende: «Dünýädäki ähli adamlar hem şu adam ýaly
bolaýsa, gulçulyk diýen elhenç zadam bolmazdy» diýip oýlanypdy.
Ibn Salamyň daýaw aty olary bir sagada-da galman menziline
ýetirdi. Bu Ibn Salamyň dokduk mekany, mähriban obasydy. Ol
13
obasynyň bir çetinden gireninden atynyň başyny çekdi, ony ýuwaş
ädimledip, öz öýlerine geldi. Toýun laýdan daşy taraşlanyp salynan
onçakly uly bolmadyk jaýyň öňüne özüniň oturdan güjüm nahallary indi
jaýýdan hem esli ýokary galyp uly saýaly daragtlara öwrülipdirler. Aýyň
ýagtysynda öňi süpürilip gül pürkülen ýaly edip goýlan, abat saklanan
jaýyna nazary düşende Ibn Salamyň gözlerine ýaş indi. Ol atdan düşüp,
Rugsary-da göterip düşürdi. Soňra derweze bilen ýanaşyk duran gapyny
ýuwaşlyk bilen kakdy. Gijäniň ýaryndan esli agan wagty süýji ukuda
ýatan adamlary oýaryp turuzaýmak aňsat däldi. Gapy üç, dört sapar
kakylanda «Kim? Näme gerek?» diýen garyljyk ses eşidildi. Ibn Salam
käbesiniň sesini garyljyk bolsa-da tanady:
-Men Muhammet, gapyny açyň!
Içerden «Kakasy, tur! Biri men Muhammet gapyny açyň-diýip
dur» diýen sözler eşidildi. Soňra erkek adamyň «Kim sen, kim
Muhammet?» diýen ses geldi.
-Men, kaka, eje, ogluňyz Muhammet-diýeninden içerde ala takyrdy
başlandy. «Çyrany ýak! Çakmak daş nirede?!» diýişip, çal bilen kempir
alabasga galdylar. Bir mahal gapynyň deşiklerinden ýakylan çyranyň
yşygy göründi. Gapy jygyldap açylanda Muhammediň garşysynda eli
çyraly ýetmiş ýaşlaryndaky entek daýaw çal durdy.
-Kaka, men geldim-diýeninden çal elindäki çyrany kempirine
berip, ogluny garsa gujaklady. Çyrany ýerde goýan kempir ogluny
kakasynyň gujagyndan aýyryp alyp, bagryna basdy.
-Geldiňmi, oglum, nury-didäm, gözlerimiz ýoluňda intizar galdydiýip, kempir aglamjyraýardy. Ejesiniň gujagyndan boşanan Muhammet
içeriden aýalynyň, oglunyň, gyzynyň çykmagyna göz dikýärdi. Muny
aňan kakasy:
-Howatyr etme oglum, aýalyňam, ogluňam, gyzyňam sag-salamat.
Olar toýa gitdiler. Ertir gelerler-diýdi. Bir mahal Muhammediň
arkasynda duran gyza gözi düşen kempir birhili bolup, adamsyny dürtdi.
Şundan soň kakasy hem oglunyň yzynda duran gyzy saýgardy-da,
ogluna «munyň näme?» diýen manyda garady. Muhammet bu garaýşyň
manysyna düşündi. Elbetde, öýli-işikli ogul uzak ýoldan yzyna aýal
tirkäp gelse ata-enäniň uly ünjä galjagy düşnükli.
-Kaka, eje, siz başga hili pikir etmäň, bu gyz maňa dogan ýaly.
Men ony bendilikden azat etdim. Size içerde düşündirerin-diýip,
Muhammet, içeri girenlerinden soň Rugsar baradaky gürrüňi gysgaça
aýtdy. Soňra özüniň gyssagly gaýtmalydygynyň sebäbini düşündirip,
atyna atlandy-da:
14
-Nesip bolsa ertir gelerin-diýip, ýola düşdi.
Obadan saýlananyndan soň kerweniň goş basan ýerine wagtynda
ýetip barmak üçin ol atyna gamçy basdy. Janawer eýesiniň aladasyny
duýan ýaly ikinji sapar gamçy urdurman ýel ýaly süýnüp gitdi.
Entek daň atmagyna biraz wagt bardy.
Hemmeler süýji ukydady. Muhammet ibn Salam goşa ýakyn
geleninde atyň başyny çekdi. Ol ses ýetimden atyny ýuwaşja idip gelip,
ýerine baglady, özü-de aýagynyň ujunda ýöräp gelip, ýazylyp duran
jaýnamazynyň üstüne uzaldy. «Ak düýäni gördüňmi? Ýok».
III BAP
Kerwensaraýdan özüni ugradyp çykan kerwenbaşy bilen hoşlaşyp,
şäheriň derwezesinden daşary çykan Ibn Salam atynyň başyny burup,
şäheri gurşap alan beýik diwara bir salym buýsanç bilen seredip durdy.
Soňra obasyna tarap atyny ýorgasyna sürüp baryşyna bu beýik şäherde
geçen deslapky talyplyk ýyllary ýadyna düşüp, hyýaly ýatlamalar
dünýäsine uçdy. Medresäniň müdderisleri Muhammediň ötgür zehinine,
ylyma örän yhlaslydygyny görüp, geljekde onuň uly alym bolup
ýetişjekdigine ynanýardylar. Medresede bilim almak, ylym öwrenmek
üçin ähli şertler döredilendi. Talyplaryň nahary, bir görnüşdäki egineşikleri patşalykdandy. Her iki talyba bir hüjre, ylmy ýa-da edebi
döredijilik bilen meşgullanýanlaryň ýeke özüne bir hüjre berilendi.
Muhammet hem zehinli talyplaryň hatarynda okuwyň bäşýylyndan
başlap, galan iki ýylda ýeke özi bir hüjrede ýaşaýardy. Ol ylym bilen, bir
hatarda edebiýatada berlendi. Ýazýan gazallary talyplaryň arasynda
meşhurdy. Ol medresede berilýän sapaklardan daşkary özüniň beýik
Watandaşy Muhammet ibn Musa ol Horezminiň ylmy eserlerini çuňňur
öwrenmäge köp wagtyny sarp edýärdi. Aýratyn-da onuň «Al jäbr al
mukabala» atly eserine uly üns berýärdi. Ol bu eseri beýleki ylymlaryň
açary hasaplaýardy. Muhammet bu medresede ýedi ýyl, her tomusda
berilýän iki aý tätili hasaplamanda ýetmiş aý okady-bilim aldy, ylym
öwrendi.
Şu geçen ýedi ýylyň içinde ýaş ýigidiň ýadyndan çykmajak
wakalaryň gör näçesi bolupdy. Şolardan bolup geçen bir waka ýadyna
düşende ondan bir hili lezzet alan ýaly ýylgyranyny duýman galýardy.
Ol şeýle bolupdy:
Bir gün okuwdan soň, öýle namazyny okap, köçä çykan
Muhammet köpden bäri okuwa gelmän näsaglap öýünde ýatan bir
dostunyň halyndan habar alyp gaýtmak üçin gitdi. Ol hassany soramaga
baranda boş barylmaýan däbe görä süýji almak üçin ýol ugryna bazara
15
sowuldy. Muhammet bir bahana bilen Gürgenjiň haýsy bazaryna barsada ol ýerdäki bol-elinligi, tertip düzgüni, hatar-hatar giden dürli harytlar
satylýan dükanlary, dürli dilde gepleşýän, dürli milletden bolan
harydarlary, söwdagärleri görüp, beýik şäheriň bazarlary hem özüne
laýyk bolmaly-da diýip içini gepledip goýýardy. Bu sapar onuň bazara
esewan edip ýörmäge wagty ýokdy, ol bakgaldan bäş gadak şahanabady
ölçedip alyp yzyna öwrülende bir görmegeý oglan oňa salam berdi.
Muhammet oglana bir hili bilesigelijilik bilen seredip, salamyny aldy,
onuň ýüzi tanyş göründi. Emma nirede görenini ýadyna düşürip bilmedi.
-Ýadyňyzdamy, men size «Eden ýagşylygyňyz Alladan gaýtsyn,
diýenimde, siz maňa «Özüňizden hem gaýtsyn» diýipdiňiz-diýip, oglan
dillendi.-Indi näme ýagşylyk etmeli bolsa, aýdyň, menem edip,
karzymdan gutulaýyn...
Egnine bili guşakly begres don, kellesine kümüşsöw gyrpykdan tikilen
tegelek telpek geýinen bu «oglanyň» Mahynurdygyny Muhammet
şundan soň tanady. Hiç haçan oýuna-pikirine gelmedik bu duşuşyk
Muhammedi bir hili aljyratdy.
-Mahynur... bu nähili... Seni durmuşa çykýar diýipdiler-ä?!
-Çykmadym. Çyksam şeýdip ýörermidim...
***
Mahynur alty-ýedi ýaşlarynda mahaly kakasy aradan çykypdy.
Entek otuz ýaşa-da ýetmedik dul galan ejesi iki ýyl oturdy. Şu arada
altmyş ýaşa golaýlan öz obalaryndaky bir baý adam ony aýalynyň
üstüne ikinji aýal edip aldy. Öweý atasynyň öýünde Mahynur özüniň
ýakymly gylyk-häsiýeti, süýji dili bilen hemmelere özüni aldyrdy.
Aýratynda özünden bäş-alty ýaş uly Arslan atly öweý agasy ony öz
howandarlygyna alyp, hiç kime ynjytdyrmaýardy. Şeýlelikde Mahynur
on alty ýaşa ýeteninde serwi kamatly, görmegeý gyz bolup ýetişdi. Gyzy
göz astyna alyp ýören öweý atasy ony özüniň gatnaşýan elli
ýaşlaryndaky bir peşenesiz baýa uly puluň hasabyna aýal üstüne
berermen boldy. Mundan habar tapan gyz bilen ejesi hünübirýan aglap,
oturanlarynda entegem howandarlyk edýän öweý agasy gelip, olary
köşeşdirdi. Indi eýýäm öýli-işikli bolan ogul kakasynyň niýetine garşy
çykdy. Şonda kakasy:
-Sen näme diýip goşulýaň bu işe. Senden uly agalaryň biri-de bir
zat diýenok maňa. Seniň kimiň ol? Ýa ganyň birmi? Men ony bakdym,
kemala getirdim. Bagy-da kemala getirenden soň miwesini ýolup
satýarlar-diýip azgyryldy. Kakasynyň ýanyndan lapykeç bolup çykan
ogul «Ony ýolup sataýmarsyň» diýip içini gepledip gaýtdy. Ol
16
Mahynuryñ ejesiniň Gürgençde özünden uly doganynyň bardygyny
bilýärdi. Ol gyzy şonuň öýüne gaçyryp goýbermegi meýilleşdirdi.
Şeýdibem ol özüniň öňki geýimlerini gyza geýdirip, oglan sypatyna
girizdi-de, daň saz bermänkä atynyň syrtyna mündirip, şäheriň
derwezesiniň açylmagyna garaşyp duran adamlaryň golaýyna düşürip
gaýtdy.
***
Mahynur şu bolan wakany Muhammede gysgaça gürrüň berdi.
-Agam atyndan düşürip: «Bar jigim, bagtyňy Alla açsyn» diýeinde
gözümiň ýaşlary ýüzümi ýuwup gitdi-diýip, Mahynur agasy ýadyna
düşdümi bir hili hamsygan ýaly boldy. Mahynuryň soňky sözlerinden
gaty täsirlenen Muhammet:
-Be, dünýäde gowy adamlaram bar-ow-diýdi.
Mahynur:
-Şeýle bet pälli adamdan beýle gowy ogluň döränine özümem
haýran galýaryn-diýip gözlerinden al ýaňaklaryna togalanyp düşen iki
damja ýaşy donunyň kisesinden çykaran elýaglygy bilen syldy.
Muhammet ol ýigidiň şeýle belent adamkärçiligine sarpa goýup,
haçanam bolsa onuň bilen bir duşuşmagy ýüregine düwdü-de
Mahynurdan:
-Ol agaň ady kim?-diýip sorady.
-Ady Arslan, Arslan beg. Beg diýseň hakyky beg agam.
-Tüweleme adyna laýyk ýigit ekeni. Oglum bolsa ol ýigidiň
hormatyna adyna Arslan dakjak-diýip, Muhammet Mahynuryň ýüzüne
seredeninde gyzyň ýüzi bir hili üýtgäp gitdi. Ol:
-Aýalyňyz göwrelimi?-diýip zordan dillendi.
Muhammet:
-Diýäniň näme, Mahynur! Eger öýlensem göwreli aýal almaryn-a
diýip güldi. Gyzyň ýüzi açyldy.
Mahynur Muhammede ähli bolan zatlary aýdanam bolsa, bir zady
aýtmady. Ony aýtmaga gyzlyk mertebesi ýol bermedi. Ol daýzasynyň
öýüne gelip ýaşap başlanyndan soň küýzesini derýadan alyp çykyp
beren ýigidiň şäherde ýaşaýandygyny, medresede okaýandygyny bileni
üçin oňa nädip duşup boljakdygy barada oýlanýardy. Şu oý bilen ol iküç
gün medresäniň golaýyragyna baryp, ondan çykýan talyplary gözden
geçirdi. Ine, şu günem ol medreseden çykyp gaýdan Muhammedi
daşyrakdan görse-de tanap, onuň yzyna düşüp gaýdyberdi. Şeýdibem
bakgalyň dükanynyň ýanynda tötänden duşan kişi boldy. Eger
Muhammet gyzyň bu işini bileninde oňa ýüregindäkini gös-göni
17
aýdardy. Emma tötänden duşan gyzyň ýüregini bilmäninden soň aýlawly
gepledi:
-Mahynur, ýaňy maňa, "Eden ýagşylygyňyzy menem ýagşylyk
bilen gaýtarjak" diýen manyda bir zat diýdiň dälmi?
-Hawa, diýdim.
-Maňa näme ýagşylyk etjek?
-Siz nämäni isleseňiz, şony edeýin.
-Men nämäni islesemem etjekmi?
-Etjek... Men size bergidar, ahyryn-diýip gyz ýylgyrdy.
-Onda maňa bolýan ýeriň, daýzaňlaryň öýüniň salgysyny ber-diýdi.
Mahynur ilki Muhammediň ol salgyny näme üçin soraýanynyň
sebäbine düşünmedi-de:
-Siz ol ýere barsaňyz bolmaz, meni gyjalata goýarsyňyz-diýdi.
-Özüm barman, elbetde. Kakam barar. Ýa sen onuň barmagyna
garşymyň-diýip, Muhammet gyza garap ýylgyrdy.
Gepiň manysyna indi düşünen gyzyň ýaňaklaryna elwan reňk
çaýylyp, gözlerini aşak goýberdi. Şonda gyzyň peýkam kimin kirpikleri
aşakky ak gabaklaryň üstüne ýaýylyp, şahyr Ibn Salamyň köpden bäri
ukuda ýatan ylhamyny oýardy. Onuň kellesine şol bada:
Kirpigiň peýkamy dökmesin ganym,
Men saňa gurbanam janu-jahanym-diýen setirler inip geldi. Emma ony diline çykaryp gyzy beter
utandyrmagy islemedi. Şu pursatda ykbalyň eradasy bilen duşuşan iki
ýürek biri-birine tarap talwas edýärdi, emma adamlardan ejap edip,
göwreler saklanýardy.
-Salgyny berjekmi, Mahynur-diýip Muhammet gaýtalap sorady.
Gyz bagtyýarlyk şuglasy çaýylan gara gözlerini uýalyp kesä sowdy-da
salgysyny aýtdy. Soňra aýaklary ýeňil göçüp, kalby doly guwanç bilen
ýöräp däl uçup gitdi. Muhammet hem ykbalyny kesgitlän bu duşuşyga
Mahynurdan kem begenmedi.
Bu duşuşykdan soň bir aý geçip geçmän oba Dost Salamyň ogluny
öýerýän toý habary ýaýrady. Gelinlik Gürgençden bir müdderisiň
gyzymyş diýip, obanyň aýallary biri-birine buşlaýardylar. Ýöne bu gepiň
kimden çykanyny hiç kim bilmeýärdi. Dost Salamyň oglunyň gelininiň
kimdigini Mahynuryň öweý atasy ol bir çagaly bolanyndan soň bildi.
Emma indi onuň etjek alajy ýokdy. Çünki, ol şol wagtda ölüm düşeginde
ýatyrdy. Şundan köp geçmänem bendeligi berjaý etdi. Şol arada bir
gyzykly ýagdaý boldy. Dost Salam agtygyna at dakmak üçin mollany
18
çagyryp, çaganyň gulagyna azan aýtdyrmakçy bolýandygyny aýtdy we
«Näme at dakasyňyz gelýär?» diýip ogly bilen gelninden sorady.
Ine, şonda Muhammet Mahynur bilen ilkinji duşuşykda aýdan sözi
ýadyna düşüp, aýalyna «Ýadyňdamy» diýen manyda seredip ýylgyrdy.
Mahynur aýdylmadyk söze-de düşünýän parasatly zenandy. Ol:
-Atamyz makul görse-diýdi. Gelniň gepine düşünmedik Dost
Salam: «Men nämäni makul görmeli?» diýip sorady. Muhammet
kakasyny Mahynury soratmaga ibereninde oňa gyzyň başyndan geçen
ähli wakany gürrüň beripdi. Indi şol duşuşykda Mahynura şeýle uly
ýagşylyk eden öweý agasy Arslan begiň hormatyna ogly bolsa onuň
adyny dakmak hakynda edilen gürrüňi kakasyna aýtmaly boldy.
-Makul oglum. Gowy pikir, ýagşy niýet eden ekeniň. Arslan beg
her niçik hormata laýyk ýigit. Ýöne öňden gelýän däbe görä, at eýesiniň
razylygyny almak üçin oňa bir gowy serpaý edilýändir-diýip, Ibn Salam
içerki otagdan özüne tikdirip goýan silkme possunyny alyp çykdy. –Ine,
serpaý, şuny alyp baraý.
-Kaka, men başga serpaý alaryn, özüňe niýetlenen zat...
-Gepiňi köpeltme. Men ýene tikdirerin. Possunçy dostuma.
Muhammet serpaýy alyp ýola düşdi. Arslan obadaş bolansoň
Muhammedi gowy tanaýardy, ylyma berlen adam bolany üçin ony
hormat edýärdi. Mahynuryň oňa durmuşa çykýanlygy barada diňe onuň
özüne gizlin habar gelende biçak begenipdi. Gyzyň çykjak ýerine
eglenmän barypdy, özi ak pata berip ugradypdy. Arslan beg bir ýyl bäri
kakasyndan bölek çykyp, obanyň bir çetinden gowy jaý salypdy,
döwletli maşgala bolup, bol elin ýaşaýardy. Öýleri onçakly daş däldi,
atla bir sagatlyk ýoldy. Muhammet atyny jaýyň haýatyna kakylan
gazyklaryň birine daňyp, ak mata düwülen içmegi göterip, içeri girdi.
Göterinip gelen Muhammedi gören Arslan beg:
-O-ho! Köreken, gel, gel bakaly-diýip güler ýüz bilen garşy aldy.
Muhammet düwünçegi bir çetde goýup, öňden ýazylyp duran saçagyň
başyna geçdi. Saglyk, amanlyk soraşylandan soň:
-Munyň näme, köreken?-diýip, Arslan beg düwünçege ümledi.
-Size serpaý, silkme possun getirdim-diýip, Muhammet çekinibiräk
ýylgyrdy.
-Bu bir ýyldan soň nämäniň serpaýy? Öň «aga don» diýip bir
serpaý eden ýalydyň-la-diýip, Arsalan beg güldi. Muhammet düwünçegi
çözüp, içmegi Arslan begiň egnine taşlady-da:
-Bu siziň adyňyzyň serpaýy-diýdi.-Oglumyza siziň adyňyzy
dakmagy niýet edipdik.
19
-Ogluň boldymy?! Ilki şuny aýt, ahry! Näme maňa söýünjiläp
adam ibermediň? Buşlukçyňa bir at mündürip goýbererdim. Indi saňa
hiç zadam berjek däl-diýip, Arslan beg gatyrganan boldy.- Gutlaýan
inim ,ömri uzak bolsun. Indi seniň bu aýdanyňy buşluk hasap etsek, saňa
näme bersem bolarka?-diýip, Arsalan beg ýylgyryp Muhammede garady.
-Ýegenjigiňize adyňyzy berseňiz, iň uly buşluk şol, biziň üçin.
-Onda berenim bolsun, dakyberiň. Ýöne näme üçin ogluňyza
meniň adymy saýladyňyz?
-Oglumyz siziň ýaly edermen, mert, sahawatly, alyjenap adam
bolup ýetişsin diýýäs...
-Haý, haý kişini ýüzüne beýle öwmek gowy däl. Bu aýdan
häsiýetleriň mende barmy, ýokmy bilmedim, ylahym, ogluňyzda bolsun
şu häsiýetler, owmyn-diýip Arsalan beg iki elini ýüzüne syldy.
Muhammet özüne edilen hezzet-hormatdan soň gaýtmaga rugsat sorady.
Arsalan beg ony ugratmak üçin bile daşa çykdy. Şol mahalam begiň
hyzmatkärleriniň biri entek ýaşyna-da ýetmedik bir owadan taýy idip
getirdi.
-Bu bizden ýegene sowgat, alyp git-diýip, Arsalan beg, munuň ýaly
zada garaşmadyk Muhammede garap ýylgyrdy.
Hakykatdan hem munuň ýaly sowgada garaşmadyk Muhammet bir
hili boldy: «Sag boluň! Sag boluň!» diýmekden başga zat diline gelmän
gaýdyberdi. Atynyň ýany bilen bir taýy idip gelýän Muhammedi gören
Dost Salam:
-Hä oglum, içmegi bir taýa çalyşyp gelýäňmi?-diýip güldi. Ol
Arslan begiň sahawatly adamdygyny bilýärdi. Ine, şeýdip sowgat berlen
taý bilen bile Arslanjyk hem ösüberdi. Aýlar ýyllar geçiberdi. Arslanjyk
ýedi ýaşa ýetip, obadaky metjit mekdebe gatnap başlanynda Muhammet
medresäni gutaryp, alym bolmasa-da köp ylymlardan başy çykýan
bolupdy. Bu onuň üçin ýeterlik däldi. Alymlyk derejesine ýetmek üçin
entek köp çorba sowatmalydy. Ine şonuň üçinem ol ylym yzarlap
Bagdada gitdi.
***
Bagdat. Halyfalygyň paýtagty, gözel şäher.
Muhammet ibn Salamy Horezminden uzak ýol geçip gelen mysapyr
hökmünde “Islamyýa” medresesinde gowy kabul etdiler. Şäheriň orta
gürpünde ýerleşen bu medresäniň binasy özüniň beýikligi, owadanlygy,
nakşynkär peştaklary bilen Bagdadyň görküne görk goşup durdy. Ýöne
Ibn Salamyň göwnüne Bagdat her näçe owadan, baý bolsa-da
Gürgençden ileri däldi. Bu hakykatdanam şeýlemidi ýa-da «her kimiň öz
20
zady özüne, aý görüner gözüne» diýenlerine görämi, garaz Gürgenç oňa
gowy görünýärdi. Emma Bagdat halyfalygyň paýtagty hökmünde uly
syýasy we ylmy merkez hasaplanýardy. Bu şäher baryp 762-nji ýylda
halyfa Mansur tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ilki ol «Mädinät as
Salam» (dynçlyk şäheri) diýip atlandyrylyp, Abbasylar halyfalygynyň
paýtagty bolupdyr. Soňra ol parsça «Baga»-Hudaý, «dat»-berlen» diýen
sözleriň esasynda Bagdat diýilen at bilen äleme meşhur şähere
öwrülipdir. Ol indi hünärmençiligiň, söwdanyň, medeniýetiň, ylmyň iň
uly merkezi bolup, Asyýa yklymynda uly ähmiýete eýe
bolupdy.Muhammet ibn Salam şunuň ýaly dünýäniň dykkat merkezinde
duran säherde ýaşap, şunuň ýaly ylmy merkezde ylym alýandygyna
ýüreginde hasyl bolan buýsanç bilen okuwyna has yhlasly ýapyşdy. Ol
özüniň on ýyl musapyrlyk çeken döwründe diňe ylym öwrenmek bilen
çäklenmän, tätil döwründe «dünýäni görmän, dünýä adamy bolmarsyň»
diýen nakyla eýerip, Şam, Rum, Müsür ýaly ýurtlara hem syýahat etdi.
Şol ýurtlardaky alyp barylýan işler, syýasat, ijtymagy durmuş,
binagärlik, gadymy ýadygärlikler bilen hem gyzyklandy. Ol müň ýyldan
bäri adamzadyň aklyny haýran edip gelýän Müsür ehramlarynyň 10
öňünde durup, dünýäde taýsyz bu ýadygärlikleriñ nähili gurulandygy
barada oýa çümüpdi. Bu biçak ägirt we beýik desgany gurmak üçin näçe
müňläp gullaryň zulum bilen işledilendigini göz öňüne getirdi. Şonda ol
zulum diýilýän zadyň zalymlaryň elindäki iň güýçli guraldygyna emma
şular yaly beÿik desgalary-da zulmsyz döredip bolmaýandygyna hem
göz ýetirdi.
Ibn Salam Bagdatda ýaşan döwründe bu şähere has belet bolupdy.
Bu ýerdäki tertip-düzgün, asudalyk, adamlaryň birek-birege sylaşygy,
baýlarynyň sahawatlylygy, garyplarynyň kanagatlylygy, maýyplara,
talyplara berilýän kömekler, Abbasy halyfalarynyň gurduran, häzirki
wagtda döwlet tarapyndan saklanylýan ähli şertelere eýe bolan
hassahanalar her niçik öwgä mynasypdy. Aýratyn-da onuň özüniň bir
sapar nähoşlanynda ýatyp, şypa tapan «Adud ad Daula» hassahanasy
onda örän gowy täsir galdyrypdy.Bu erde näsaglara gije-gündiziñ
dowamynda seridilmegi, däri-dermanlarynyñ güýçliligi, jerrahlyk11
usullarynyñ kämilligi, kärine ökde lukmanlaryñ aýratyn täsirli hoşamaý
sözleri her niçik derdiñ-de wagtynda dep bolmagyna, hassanyñ
derdinden halas bolmagyna getirýardi. Bu hassahana ähli gerekli zatlar,
şol sanda Jerrahlyk esbaplary bilen hem üpjün edilendi. “Adud ad10
Ehram-piramida
11
Jerrahlyk-hirurgiýa
21
Daula” hassahanasy diňe näsaglary bejerýän tibbi merkez bolman ýaş
lukmanlaryň hem tejribe öwrenýän ýeri ekeni. Muhammet ibn Salam
şeýle hassahanalaryň şu çaka çenli näme üçin Gürgençde ýokdygy
barada oýlanyp, sebäbini tapan ýaly boldy. Araplar Eýrany feth12
edenlerinde ol ýerde Sasanylar döwründe bina edilen hassahanalary
görüp, şolardan nusga alyp gurupdyrlar. Diýmek, fettahlar13 feth edilen
ýurdyň diňe baýlyklaryny däl, medenieýetini, ylmyny hem alyp
özleşdiripdirler. Sasanylar döwründe bolsa ylym, medeniýet, tibbiýet
ýokary derejede ösüpdir. Arap alymy Al Kifti tibbiýet ylmynyň beýle
ösmeginiň sebäbini şeýle düşündiripdir. «Olaryň lukmanlary beýleki
ýurtlaryň tibbi usullaryny kabul edip, bu usullary ylmy jähetden has
kämilleşdiripdirler, özleriniň täze ylmy açyşlary bilen üstüni
ýetiripdirler, tibbi kanunlaryny işläp düzüpdirler we jikme-jik ýazyp
galdyrypdyrlar».
Umuman alanda, Yslam medeniýetiniň diňe araplaryň döreden
medeniýeti däldigine, araplaryň köp ýurtlary fatyh edenligi üçin köp
milletleriň medeniýetiniň goşulmagyndan emele gelen medeniýetdigine
göz ýetiren Ibn Salam fatyhlyk hem döwrüň we durmuşyň talaby bilen
bolýan zat ekeni diýen netijä geldi.
Muhammet ibn Salam on ýyl musapyrlyk çekip, çuňňur bilim aldy.
Nüjüm14, falakiýät, fikh15, pelsepe, taryh, jugrafiýa, ylahyýet ýaly
ylymlary özleşdirip alymlyk derejesine-göz öňünde tutan maksadyna
ýetdi.
IV BAP
Günortana golaý Gürgençden çykan Ibn Salam on ýyl
mysapyrlykda başdan geçirenlerini ýatlap barşyna obalaryna ýetip
geleninide, gün öýleden aganyny hem duýmady. Çagalygy, ýetginjekligi,
ýigitlik döwrüniň bir bölegi geçen mähriban ojagyna daşrakdan gözi
düşende tolgunyp, ýüregi jigläp gitdi. Düýn gije Rugsary alyp gaçyp
geleninde ýüreginde başga howsala bolany üçinmi beýle ýagdaýa
düşmändi. Ol öýüniň öňüne gelip, atynyň başyny çekeninde murty ýaňy
taban syratly bir ýigit ylgap gelip atyny tutdy, atdan düşen badyna ýigit
ony garsa gujaklady:
-Kaka, kaka jan, geldiňmi... bizi unutmadyňmy?
12
13
14
15
Feth-basyp almak
Fettahlar-basyp alyjylar.
Nüjüm-astrologiýa
Fikh-hukuk ylmy
22
Muhammediň bogazy doldy, bir bada gepläp bilmedi. Oglunyň
gujagyndan boşanyp, ony özi bagryna basdy, soňra ýaşly gözleri bilen
oglunyň edil özüne meňzeş keşbine seredip duruşyna gideninde entek on
ýaşa-da ýetmedik oglunyň beýle syratly ýigit bolanyna hem begenýärdi
hem haýran galýardy:
- Geldim, oglum, diýýäniň näme, men sizi unudarynmy hergiz diýip, Muhammet beýlesine bakanynda çekgesinde görünýän saçlaryna
ýek-tük ak aralan, keşbinde ýaşlykdaky gözelliginiň yzlary saklanan,
göz ýaşlaryny başyndaky öýmesiniň ujy bilen süpürip duran aýala gözi
düşdi. Muhammet onuň ýeňli bileginden tutup, özüne çekdi-de,
gujaklap, maňlaýyndan öpdi.
-Mahynurym, sag-aman ýörmüň? Tüweleme, ine Arslanyň hakyky
arslan ýigit bolupdyr-diýdi. Soňra ýene kimidir gözleýän ýaly
töweregine göz aýlap:
-Gyzyň görnenok-la Mahynur, sag-amanmy özi-diýip, Arslanyň
yzyndan bolan gyzyny sorady. Mahynur:
-Ol hem geler, daşyrak oba durmuşa çykarypdyk. Atam şu gün
irden olara-da habar iberipdir. Düýn gije siz gelip gideniňizde bizem
toýdadyk, Arslan agam agtygyna sünnet toý berdi. Bize habar baranda
olam eşitdi, begendi, özem geler-diýdi. Oglunyň maşgalasy-bilen
soraşyp-ideşip duranyna garap çal bilen kempir bir çetde iç-içinden
begenişip durdylar.
Bir salymda Muhammediň daşyna adam bary üýşdi. Goňşygolamlar, olaryň ýakynyrakdaky adamlary Dost Salamyň oglunyň şunça
ýyldan soň uly alym bolup gaýdyp gelenini eşidip, ony görmäge hemem
göz aýdyňa eňipdiler. Muhammet olar bilen ýekän-ýekän görüşüp,
soraşyp başlady. Kakasy bilen ejesi bolsa begençlerine iki bolup bilmän
adamlaryň arasynda duran ogluna buýsanç bilen seredýärdiler. Bir mahal
at aýagynyň sesi eşidildi. Ser salsalar Arslan beg atyny ýorgaladyp sürüp
gelýärdi. Ol gelip saklanan badyna Arslan ylgap baryp daýysynyň atyny
tutdy. Arslan beg atdan düşüp, ilki Muhammet bilen gujaklaşyp görüşdi.
-Aý tüweleme, öňki talyp Muhammet indi alym Muhammet ibn
Salam boldumy?-diýip, degişip, soňundan soraşdy. Adamlar Arslan
begiň sarpasyny saklap, dargaşman durdylar. Obanyň ilaty Arslan begi
belent adamkärçiligi, adalatlylygy üçin hem-de Mekke-Medinä zyýarata
baryp gelensoň hajy hökmünde örän sylaýardy. Adamlar onuň Dost
Salamyň maşgalasy bilen ýakynlygynyň sebäbini bir eýýäm eşidipdiler,
bilýärdiler. Arslan beg Muhammet bilen soraşyp-ideşip bolansoň özüne
23
garaşyp duran Dost Salam we adamlar bilen salamlaşyp, soraşdy.
Şundan soň Dost Salam adamlara ýüzlendi.
-Eý jemagat, eşitdim, eşitmedim diýmäň, eşitmediklere-de habar
ediň, ertir günortan çaglary Muhammediň sag-aman geleni üçin Allanyň
ýoluna sadakamyz bar. Ýakyn goňşular, sizlerden haýyş: ertir daň
agarandan geliň. Mal ýatakdaky öküzçeleriň birini çalmaly, gazanlary
atarmaly, adamlar oturar ýaly ýer taýýarlamaly. Adamlaryň biri degişip
diýdi.
-Dost Salam diýen adam şunuň ýalyda eçiläýmese, başga wagtda
mundan zat çykanok.
Ýene biri ýaşulynyň balykçydygyny ýatladyp:
-Dost aga, palawyň, çorbanyň öňünden balyk gowurma-da bolsundiýdi.
-Onda sen derýanyň ortasyna girip, suwy baglap dur. Menem
märekä ýeter ýaly balygy tutup getireýin-diýip, Dost Salam ol adamyň
degişmesine degişme bilen jogap berdi.
Dost Salamyň öýüniň öňi bir salym gyzan bazara döndi.
Bazaryňam ahyr sowulyşy ýaly adamlar hem dargaşyp, özli özleri
galdylar. Häliden bäri utanyp gaýynatasyna görünmän ýören gelnini
Arslan getirip, kakasyna tanyşdyrdy. Salam berip eda bilen aşak bakyp
duran gelniniň pökgerip duran garnyna gözi düşen Muhammet ýakyn
arada agtykly boljagyna begendi.
Arslan beg köp oturmady, öňden taýýar edilen saçagyň başyna
geçip, bir käse çaý içdi-de bir işiniň bardygyny, ýetişse ertir sadaka
geljekdigini aýdyp, ýerinden turdy. Ol hoşlaşýarka Muhammedi
myhmançylyga çagyrdy, “öýde arkaýyn gürleşeris” diýip, atyna atlandy.
Ikindinara gyzy bilen giýewisi geldiler. Ata-enä gyzyň mähri başgaça
bolýar. Gelen badyna kakasynyň boýnundan gujaklap, esli wagt
boşatman ýürek mährini duýduran gyzyň maňlaýyndan öpüp atalyk
mährini bildiren Muhammediň gözlerine ýaş aýlandy. Ol iki elläp edep
bilen görüşen giýewisi bilen hem mähirli soraşdy. Bir salym Dost
Salamyň öýi şagalaňly şatlyga doldy. Erkekler agşam namazyna
turanlarynda şagalaň köşeşdi. Agşam namazy okalandan soň şamlyk
edindiler. Nahardan soň töwir galdyrylanda Muhammet şeýle bir
owadan kyraat bilen “Tebärek” süresini okady welin oturanlaryň inini
dygladyp goýberdi. Dost Salamyň bolsa tolgunmadan gözleri ýaşlandy.
-Berekella oglum, “Tebäregi” okaýşyň hanaýy Käbedäki
muazziniň okaýşyndan kem däl-diýip, kakasy buýsanç bilen aýtdy.
24
-Kaka, Käbedäki muazziniň nähili okaýanyny siz nirden bilýäňiz?diýip sorady.
-Arslan begden eşitdim. Gaýynagaň haja baryp geldi, häli seniň
mundan habaryň ýok. Ol hanaýy Käbede okalýan süreleri şeýle bir
taryplap berdi, edil öz gulagym bilen eşiden ýaly boldum.
-Şeýle diýseňiz-le-diýen Muhammet özüniň Mekke, Medinäniň
golaýyndaky ýurtlara baryp, hanaýy Käbä barmandygyna ökündi. Dost
Salam oglunyň pikirini aňan ýaly onuň ýüzüne dikilip:
-Özüň näme, Mekke-Medinäniň alkymyndaky ýurtda ýaşap, ol
mukaddes ýere barmadyňmy?-diýdi. Muhammet ýaýdanybyrak jogap
berdi:
-Kaka, ol ýerde meniň kelläme ylymdan, ylym almakdan başga
pikir gelmändir. Onsoňam Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam
“Ybadat diňe namazdan ybarat däldir. Ylym öwrenmek bilen meşgul
bolmak hem ybadatdyr. Çünki, ylymly adamyň halka peýdasy köp
deger” diýipdir.
-Sen indi alym kişi, bu zatlary bizden gowy bilýänsiňde-diýip Dost
Salam bu hakda başga gürrüň gozgamady. Soňra ertirki beriljek
sadakanyň tertibi barada maslahatlaşdylar. Soňunda Muhammet
kakasyna ýüzlenip:
-Kaka, meni şonça ýoldan alyp gelen, uzak ýoluň dowamynda duzemek bolan kerwenbaşy bilen onuň ýolbeledini sadaka çagyrsak,
soňundanam bir gije myhman alyp ,hezzet etsek gowy bolardy-diýdi.
-Çagyr, oglum, çagyryber. Göwnüňde nähili hezzet etmek niýetiň
bolsa ediber. Hudaýa şükür, hemme zat bar. Serpaý etjek bolsaň iki sany
düýe ýüňden bolan çäkmen aldyrarys. Goňşularda tikip satyp
oturanlaram bar. Kakasynyň jomartlyk bilen aýdan bu sözlerinden soň
göwni hoşal bolan Muhammet ertesi irden kerwensaraýa ogly Arslany
çakylykçy edip iberermen boldy.
***
Ertesi irden kerwensaraýa giden Arslan günortana golaý kakasynyň
myhmanlaryny alyp geldi. Myhmanlary giň meýdanda aýlaw gurup
oturan mähelläniň ortasyndan geçirip, olar üçin ýörüte ýazylan ak
keçäniň üstünde oturtdylar. Kerwenbaşy Horezmine ilkinji geleni üçin
ýurduň ir-iýmişlerine, içi islimi nagyşly külal tabaklarynda çekilen
palawdyr dograma, ulakan tegelek çöreklere gyzyklanyp seredýärdi.
Ýolbeledine arapçalap bir zatlar diýärdi. Adamlar myhmanyň
arapdygyny bilenlerinden soň arap dilini bilýänleri onuň bilen arapça
gepleşip başladylar.
25
Ýeri gelende aýtsak, Horezmde arap dilini bilýänler az däldi.
Çünki HorezmI araplar alyp, yslam dinini girizenlerine iki ýüz ýyldan
hem gowurak wagt bolupdy. Şu döwüriň içinde arap dili, arap edebiýaty
mekdep-medreselerde zor berip okadylýardy. Ähli ylmy, edebi kitaplar
arap dilindedi. Muhammediň kakasy hem mekdepde, medresede okany
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 03
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.