Latin

Gürgenç I - 03

Total number of words is 3752
Total number of unique words is 2145
31.8 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
üçin arap dilini gowy bilýärdi. Şeýle-de bolsa ol mollaçylyk etmedi,
mollaçylykdan bolykçylygy gowy görüpdi. Ondan näme üçin şeýle
sowatly adam bolup, mollaçylyk etmän balykçy bolanynyň sebäbini
soranlarynda:
Hemme molla bolsa padany kim bakar,
Balygy kim tutar, ody kim ýakar-diýip gülýärdi.
Sadaka aýdym-saz bolmasa-da toý ýaly şagalaňly geçdi. Agşam
bolsa myhmanlar üçin aýratyn saçak ýazylyp, aýratyn hezzet başlandy.
Ine, şonda Muhammet içerki otagda ejesi, gyzy bilen oturan Rugsardan
myhmanlar üçin bir döwür saz çalyp bermegi haýyş edip, kakasynyň
diwarda asylgy duran dutaryny alyp, onuň eline berdi. Rugsaryň özi hem
saz çalmagy gaty küýsän bolmaga çemeli dutary maňlaýyna degirip,
ogşady. Içerki otagdan eli dutarly çykan Rugsar myhmanlara egilip
salam berende kerwenbaşynyň ýolbelediniň gözi tegelenip gitdi. Ol
kerwenbaşa “bu, gyrnak bärde eken-ä” diýen manyda seredeninde
kerwenbaşy çalaja ýylgyrdy. Ýolbelet kerwenbaşynyň ýüzünde hiç hili
alamat görmänsoň “munuňam habary bar eken-ow” diýen netijä geldi.
Rugsar görkezilen ýere geçip oturanyndan soň dutaryň gulaklaryny
towlap düzüşdirdi. Otagda oturan ähli adamyň ünsi oňa gönükdi. Ol ilki
aşakky perdelerden tutup, kem-kemden heňi belentledip ugrady. Bir
mahal otagyň içini dolduryp ýaňlandyryp başlan bir jadyly heň ýürekleri
elendirip goýberdi. Ýüregiň jümmüşinden çykan nala meňzeş bu heň
oturanlara nätanyşdy, täze heňdi. Ol Rugsaryň kalbyndaky hasratyň
beýanydy, ýüreginiň nalasydy. Gyzyň elindäki dutaryň beýle zaryn nala
çekmeginiň sebäbi düşnüklidi. Rugsar uzak çalan bu heňini soňlap
maňlaýynda peýda bolan monjuk-monjuk deri eliniň tersi bilen sylyp,
adamlara göz aýlady. Hemmeler sazyň täsirinde doňan ýaly bolup
oturdylar. Soňra ol bu doňy çözmek üçin ýeñil heňlerden birki ýol çalyp
berdi. Myhmanlar we öý eýeleri gyza alkyş baryny etdiler. Rugsar
ýadadymy ýa-da özi çalan sazyň täsirinde bozuldymy rugsat sorap, dynç
almak üçin içerki otaga girip gitdi. Şonda Dost Salam myhmanlara
garap, olaryň öz dilinde:
26
-Men sazy diňläp, bir zada haýran galyp otyryn-diýdi. -Dünýäde
meňzeş ykballar, meňzeş atlar hem duş gelýän eken. Ine şu gyzymyz
Rugsaryň mundan ýüz ýyl öň ýaşap geçen atdaşy hem beýik sazandar
bolupdyr. Ol gyzyň ykbaly hakynda rowaýata meňzeş bir hekaýat hem
bar.
-Dost aga, eger ony gürrüň berseňiz, ol biziň horezminden alyp
gitjek iň gymmatly zatlarymyzyň biri bolardy-diýip kerwenbaşy Dost
Salama ýüzlendi.Dost Salam:
-Gürrüň bereýin, ýöne ol uzaga çeker, ýadarsyňyz-diýdi .
-Ýadamarys, biz daňdana çenli-de diňlemäge razy-diýip,
kervenbaşy yene hayyş etdi. Dost Salam bir salym dymyp, pikirini
jemleýän ýaly etdi-de gürrüňe başlady.
V BAP
Rugsar atly ol sazandar gyz Mahmyt nakgaş diýen biçak zehinli
nakgaşyň ýeke täk perzendi bolupdyr. Aýaly irräk ýogalansoň nakgaş
ähli mährini, söýgüsini şu gyzyna berip, ösdürüpdir. Olar demirgazyk
Horezminiň paýtagty Kätde ýaşapdyrlar. Şol döwürde-de Horezmin iki
döwletden, Demirgazyk we Günorta Horezmden ybarat bolupdyr. Bu
ikisini häli ýakynda häzirki patşamyzyň kakasy Mämün birinji
birleşdirdi. Hawa, şol Kätde Afrigler neslinden bolan Horezmşalar uzak
döwürden bäri höküm sürüp gelipdirler. Şol Horezmşalaryň biri täze
guran köşgüni bezetmek üçin Mahmut nakgaşy çagyrypdyr. Öz
döwründe bu ussat nakgaşyň öňüne çykjak başga bir nakgaş ýok ekeni.
Onuň köşkleriň, kümmetleriň diwarlaryna, petiklerine ýasan nepisden
nepis nagyşlaryny dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen jahankeşdeler,
söwdagärler görenlerinde “bu bir ylahy gudrat bilen ýasalan mugjyza”
diýip haýran galýan ekenler. Ussadyň gyzy Rugsaryň özi hem
kakasynyň döreden mugjyzawy nagyşlaryny synlanynda kalby heýjana
gelip, “muny söz bilen däl, diňe özi ýaly nepis äheňli saz bilen beýan
edip bolar” diýer ekeni we aýdyşy ýaly-da şol nagyşlardaky nepisligi,
gözelligi teswir edýän ajaýyp heňler döredipdir. Emma Rugsar özüniň
bu sungatyny ilden syr tutupdyr. Belki kakasy gyzyny goramak üçin ony
ile çykaran däldir. Garaz, Mahmut nakgaşyň başyna agyr günler
düşmeýänçä Rugsaryň sungaty äşgär bolmandyr. Nakgaşyň başyna inen
bela-da öz sungatyndan gelipdir.
Mahmyt nakgaş patyşanyň çagyrmagy boýunça baryp, täze köşgi
bezemäge girişýär. Ol gije-gündiz işläp, köşgi bir kemsiz bezeýär. Bezeg
işleri gutaransoň ony görmäge gelen patyşanyň wezir-wekilleriniň
hataryndaky Seýhunlyslam tagt eýwanynyň petiginiň dört burçyna altyn
27
suw berip ýasalan göwsi açyk suw perisiniň suratyna gözi düşenden
gazaba münüp, bu küpr suraty çeken nakgaşy jezalamagy patyşadan
talap edýär. Şeýlelikde Mahmyt nakgaşyň iki gözüne mil çekilýär 16.
Şundan soň Mahmut nakgaş gyzy bilen Gürgenje gelýär, egnine jende,
başyna külah geýip, galandar-derwüş sypatyna girip ýaşaýar.
Günlerde bir gün Gürgenjiň hökümdarynyň kellesine täsin bir pikir
gelýär. Halkyň arasynda özi hakda, döwletiň syýasaty hakda edilýän
gep-sözleri öz gulagy bilen eşitmekçi bolup, wezirine iki sany galandarderwüş geýimini tapyp gelmegi buýurýar. Wezir patyşanyň aýdan
eşiklerini tapyp getireninden soň Gürgenjiň gijelerine-de köp adamly
köçelerinde iki sany täsin derwüş peýda bolýar. Olaryň biri uzyn boýly,
ýagyrnlak daýaw pyýada bolsa beýlekisi onuň tersine şemalda gaýyşyp
duran agaç ýaly inçe adamdy. Bu derwüşler şäheriň kerwensaraýlarynda,
köçeleriň ugrunda adamlaryň özara gürrüňlerine assyrynlyk bilen gulak
salýardylar. Eger biri olara üns berse hiç zat bilmediksirän bolup, ýoluna
rowana bolýardylar. Köçeleriň birinden geçip barýanlarynda halys
ysgyndan düşen inçe derwüş ätiýaçlygy unudyp:
-Kyblaýy älem, men-ä halys ysgyndan düşdüm, ýuwaşyrak
ýöräliňle-diýdi. Onuň bu gepi köçäniň ugrunda asylan içi daş çyraly
panuslaryň biriniň ýagtysynda peýwagtyna gürleşip duran bikär
adamlaryň gulagyna ildi. Olaryň biri:
-“Gedaýlaryň köňli şalygy islär”-diýilişi ýaly derwüşleriň biri
beýlekisine “Kyblaýy älem” diýen bolaýr-diýeninde hemmeleri
pakyrdap gülüşdiler. Patyşa özleriniň gülki bolanyna gaharlanyp, wezire
azgyryldy:
-Näme, ysgyndan düşer ýaly iýmek-içmekden kemiň barmy, seniň?
Iýmek-içmekden kemi bolmasa-da wezir biçäräniň ýagdaýy gurdyň
golaýyna baglanan goýnyňky ýalydy-da. Şonda onuň iýeni içine
düşermi.
Galandar-derwüş eşigindäki şa bilen wezir Gürgenjiň köçelerini
bir-birden söküp baryşlaryna daş görnüşleri özleriniňkä meňzeş iki
derwüşe duş gelýärler. Olaryň biri kör bolmaga çemeli beýlekisi ony
idip gelýärdi.
-Eý Hudaýyň bendeleri, nireden gelip, nirä barýarsyňyz?-diýip, şa
olara söz gatdy. Kör derwüş ýanyndaky ýoldaşyndan “kimdir bular”diýip sorady. Ýoldaşy on alty, on ýedi ýaşlaryndaky ýaş oglandy. Ol:
“özümiz ýaly iki derwüş” diýeninden soň kör derwüş arkaýyn dillendi:
16
Mil çekmek-gözüne ot basyp kör etmek
28
-Eý Hudaýyň didaryna aşyk bendeler, biz galandarhana
derwüşleriň meýlisine barýarys. Isleseňiz biziň bilen ýöräberiň.
Şa bilen wezire-de geregi şudy. Olar kör derwüşiň teklibini kabul
edip, şäheriň bir çetinde ýerleşen galandarhana bardylar. Olar dört bolup
içeri girenlerinden aýbagdaşyny gurup oturan derwüşler ör boýuna
turup:
-Ýaşasyn biziň beýik sazandarymyz!
-Onuň senetkär elleri dert görmesin!
-Şeýle ogly dünýä inderen atanyň gözlerine Alla şypa bersin!diýişip uly şowhun etdiler.
-Hany, ataly-ogul, märhäbo, töre geçiň!
Bu sözlere gulak salyp duran şa bilen wezir öz ýoldaşlarynyň
kimlerdigini bildiler. Diýmek, köri idip gelen oglan onuň ogly, özem
sazanda ekeni. Galandarlar kör derwüş bilen ogluna hormat baryny
görkezip, beýleki gelenlere ünsem berenokdylar. Şa pursatdan
peýdalanyp, dünýäniň ähli iş-aladasyny terk edip, şu garyp külbäni
özlerine mesgen edinen pukaralary synlamaga durdy. Galandarhana
diýlen bu jaýyň içi giňdi, kyrk-elli adam arkaýyn ýerleşip otyrdy.
Çilimiň, beňiň tüssesinden gara keçä dönen jaýyň diwarlaryna bentlenen
köp sanly şemdanlardaky şemleriň ýagtysynda oturan adamlaryň köşgieýwanlarda oturan adamlaryňkydanam şähdi açykdy. Çaýdan, çilimden,
beňden keýpini sazlan galandarlar dünýäni bir pula satyp, han özleri,
soltan özleri bolup otyrdylar. Kör derwüş bilen ogluny töre geçirip
ýerleşdirenlerinden soň gapynyň ýanynda duran iki täze derwüşe üns
berdiler. Meýlisiň ketdesi-şagalandar olara söz gatdy:
-A-how, Hudaýyň bendeleri, sizler nirden bolarsyňyz, biz bu
ýerlerde size sataşmandyk?!
-Hormatly şagalandar, bizi sorasaň aslymyz Horasandandyr.
Jahankeşdelik edip köp ýurtlary gezdik. Indi nesibämiz çekip,
Horezminiň mukaddes topragyny togap etmäge geldik-diýip, wezir
ýaýdanman jogap berdi.
-Ejeza berseňiz, şu gije siziň meýlisiňiziň myhmany bolmakçydiýip şa weziriň sözüniň üstüni ýetirdi.
-Onuň ýaly bolsa baş üstüne, geçiň oturyň-diýip şagalandar ýer
görkezdi-de, hyzmatda duranlaryň birine buýrdy:
-Bu mysapyr derwüşleriň çaýdan, çilimden keýpini kökläň.
Galandarlar kör derwüşiň oglunyň gelerine garaşyp sadylla bolup oturan
bolmaga çemeli, şagalandaryň yşaraty bilen olaryň biri diwarda asylgy
duran dutary alyp sazandanyň gapdalynda diwara söýäp goýdy. Oglan
29
birki käse çaý içeninden soň bileklerini çyzgap dutary eline aldy. Şo
bada jaýyň içindäki şowhun kesildi. Oglan dutaryň gulaklaryny towlap,
kirişlerini düzýärkä märekä göz gezdirýärdi. Onuň şar gara gözleri
adamlara bir hili howatyrly seredýärdi, emma onuň süýt ýaly ak we dury
ýüzünde mylaýym asudalyk bardy. Sazandar dutary düzüp, bir, iki des
kakandan derwüşleriň sesine suw sepilen ýaly boldy. Şundan soň
dutaryň tarlary dillenip asyrlaryň ahu-nalasyny, zamananyň jebrijepasyny, aşyklaryň hijran azabyny beýan edýän kimiň ýaňlanýan bu
zaryn mukam-heňiň garşysynda durmaga daşdan ýürek gerekdi.
Derwüşleriň köpüsi göz ýaşlaryny kir ýaglyklary bilen süpürip otyrdylar.
Horezmşa hem özüniň gudratly bir döwletiň hökümdarydygyny unudyp
bu jadyly mukamyň ýesirine dönüpdi. Emma köpi gören şa sazandaryň
dutaryň perdeleriniň üstünde ýeňil oýnaýan nepis barmaklaryna syn edip
oturyşyna bir gizlin syry aňan ýaly wezirine gözüniň gytagy bilen
manyly seretdi. Emma jadyly heňiň labzyna iki ýana çaýkanyp,
aňkasyny aşyryp oturan wezir hiç zatdan habarsyzdy. Şa onuň böwrüne
dürtüp, gulagyna çawuş çakdy:
-Sazandaryň barmaklaryna gowuja äňet!
Şanyň sözlerine özüçe düşünen wezir:
-Äňedip otyryn, barmaklary edil näzenin gyzlaryňky ýaly.
-Onuň özi gyz bolaýsa nätjek!-diýip, şa weziriniň pähimsizdigine
igendi. Wezir gözlerini tegeläp hökümdaryna seretdi:
-Bä-ä, şeýlemikä, aly hezret?
Şa geplemedi. Sazandar hem çalyp oturan mukamyny aýaklap,
dutary diwara söýedi-de, öňündäki çaýly käsäni eline aldy. Onuň
gaşlarynyň üsti monjuk-monjuk bolup derläpdi, gözleri öz çalan sazynyň
täsirinden lowurdaýardy.
-Merhemetli şagalaňdar-diýip, şa meylisiň ketdesine ýüz tutdy.
-Sazandaryňyz, birki nama hem aýdyp beräýse gamgyn köňüllerimiz
ýene-de göterilerdi.
Şa galandaryň ýerine kör derwüş jogap berdi:
-Gadyrly myhmanymyz, siziň islegiňizi kanagatlandyrmak biziň
borjumyz. Emma munuň mümkinçiligi ýok. Sebäbi meniň oglum aýdym
aýdanok, ol diňe saz çalýar. Bu sözlerden soň şa özüniň gümanynyň
ýerliksiz däldigine anyk göz ýetirdi. «Diýmek, kör derwüş ýeke
perzendiniň gyzdygyny owazyndan biläýmesinler diýip, oňa aýdym
aýtmagy gadagan eden bolmaly. Onuň ätýajy hem düşnükli-gyz oglanyň
bu ykmandalaryň arasynda bolmagy gowy däldi. Onsoňam bir arkasyz
derwüşiň şeýle gözel gyzy özüniň gözelligi zerarly başyna geljek
30
belalardan goranyp bilmezdi». Şa bu pikirleri serinde aýlaýarka
sazandaryň ýüzüne hyrydar gözleri bilen ýene ünsli seretdi. Soňra
galandarlaryň ketdesinden gaýtmaga rugsat sorady.
-Biziň külbämizde siziň üçin ýer tapylar, isleseňiz galyberiň-diýip,
şagalandar myhmansöýerligini bildirdi.
-Köp sag boluň! Taňryýalkasyn! Biziň kerwensaraýda ýerimiz bardiýip, şa weziri bilen ýerinden turdy. Galandarlar olary «Alla ýaryňyz
bolsun!» diýip ugratdylar. Köçä çykanlarynda bahar gijesiniň salkyn
howasy şa bilen weziriň çilimdir neşäniň tüssesine dumanlanan
kellelerini biraz açan ýaly boldy. Şa ähli zady unudyp, ýaňyja diňlän
jadylaýjy sazynyň täsirinde geplemän gelýärdi. Henizem onuň
gulaklarynda dutaryň ýakymly owazy ýaňlanyp, perdeler üstünde
oýnaýan nepis barmaklar göz öňünden gidenokdy.
Köşgüň golaýyndaky köçeleriň birinde iki at goşulan paýtun araba
köp wagtdan bäri garaşyp durdy. Ýaňky iki derwüş gelip, paýtunyň tylla
nagyşly gapysyndan sümüldiler-de geýimlerini çalşyrdylar. Şeýdip ýaňy
ygyp ýören bu iki derwüş ýene-de Horezminiň gudratly
hökmürowanlaryna öwrüldiler. Häliden bäri dymyp gelen şa köşge
girenlerinden wezirine gysga buyruk berdi:
-Ertir meniň huzuryma salama ilkinji gelen adam ýaňky sazandar
bolsun!
-Lepbeý, kyblaýy älem-diýip, wezir öz hökümdary bilen hoşlaşdy.
Horezmşanyň buýrugynyň ýerine ýetirilmän galan wagty barmy,
näme?! Ertesi şa gelip tagtyna oturan badyna wezir girip, tagzym etdi:
-Kyblaýy älem, rugsat etseňiz bir raýatyňyz huzuryňyza salama
gelipdir-diýip, wezir ýene tagzym etdi. Şa buýrugynyň ýerine
ýetirilenini aňyp, Girsin” diýen manyda başyny atdy. Wezir gapyny
açyp, yşarat etdi. Sazandar derwüş içeri girip, gapynyň öňünde tagzym
edip durdy. Horezmşa hiç wagt etmeýän işini edip, geleniň hormatyna
ýerinden turdy, assa-ýuwaş ädimläp sazandaryň öňüne geldi. Zynatly
köşküň içinde jinde geýnen derwüşiň gözellikde tenha keşbi küle gaçan
göwher kimin lowurdap durdy. Şa onuň howatyrly garaýan şar gara
gözlerine seredip:
-Zergär kişiler göwheri kül içinde bolsa-da tanap alýandyr. Bizem
sizi şalyk mertebämize laýyk bilip tapdyryp getirtdik-diýdi.
Sazandar geplemedi. Şa gülümsiräp diýdi:
-Gepläberiň, owazymdan kimdigimi bilerler, diýip endişe etmäň.
Biz siziň owazyňyzy eşitmesek-de kimdigiňizi bilýäris.
31
-Siziň aly hezretiňiz, menden näme isleýärsiňiz?-diýip sazanda
aşak bakdy. Gizlin syryny paş etmezlik üçin gör näçe wagtdan bäri del
adamlaryň ýanynda dil ýarmadyk on sekiz ýaşly gyzyň enaýy owazyna
şanyň hem weziriň hem ini jumşüldäp gitdi. Şa sazandaryň howatyryny
dargatmak üçin özüniň niýetini açyk aýtdy.
-Howatyr etmäň, biz siziň özüňize däl-de sazyňyza, sungatyňyza
aşyk bolup, köşge aldyrdyk. Mundan soň siz galandarlaryň
meýlislerinde däl-de, biziň şahana meýlislerimizde sazandarlyk
edersiňiz hem-de köşkde erkana kenizlerimiziň biri bolup ýaşarsyňyz.
Eger sazandaryň özüne galsa, ol howandarsyz galan atasyndan
aýrylyp, köşkde ýaşanyndan öňki ykmandalyk durmuşyny saýlardy.
Emma ol şanyň sypaýylyk bilen aýdan mylaýym sözleriniň aňyrsynda
ret edip bolmaýan buýrugyň bardygyny gowy bilýärdi. Şonuň üçin onuň
razylyk bermekden başga alajy ýokdy.
-Eger siziň aly hezretiňiz, meni şeýle belent mertebä laýyk görýän
bolsaňyz men razy. Ýöne mensiz atamyň...
-Ataňyzyň gaýgysyny etmäň-diýip şa onuň sözüni böldi-Şeýle
senetkär perzendi kemala getiren atany biz hor etmeris.
-Sag boluň, kyblaýy älem, meniň atamy sylasaňyz, sizi Hudaý
sylasyn, mertebäňizi belentlerden belent etsin!
Şa alkyşy kabul eden manyda başyny atdy we gülümjiräp:
-Indi özüňizi tanyşdyryň, adyňyzy aýdyñ- diýdi.
-Adym Rugsar.
-Eşitdiňmi adyny? - diýip, şa wezirine garady.-Rugsar şa neslinden
bolmasa-da, ol sungatyň şasydyr. Şonuň üçin onuň adynyň soňuna
“banu” sözi goşulsyn. Meniň şu kararym köşk ähline ýetirilsin. Indi
Rugsar banuny mährem kenizlere tabşyr. Hammamda ýuwundyryp iň
nepis, iň kaşaň lybaslardan geýindirsinler.
-Lepbeý, aly hezret-diýip, wezir Rugsar banu bilen şanyň
huzuryndan çykdy.
Şol güni agşamky meýlis şa eglenibiräk gelensoň adatdakysyndan
gijiräk başlandy. Meýlisler eýwanyny dolduryp oturan wezir-wekiller,
begler, begzadalar patyşanyň gelýänini köşk sahyby yglan edeninden
ýerlerinden turup, baş egip durdular. Horezmşa islimi nagşlar bilen
bezelen belent gapydan girip, adamlara bir göz aýlady-da, tagtyna baryp
oturdy. Adamlar hem ýerlerinde oturanlaryndan soň kköşk sahyby
patyşanyň yşaraty bilen adamlara ýüzlendi:
-Hormatly asylzadalar, beýik paýtagtymyz Gürgenjiň sungat
gülzarynda bir ajaýyp gül açylypdyr. Onuň aly hezreti kyblaýy älem ol
32
güli köşgüň bezegi bolmagyny ygtyýar etdi. Marhaba, Rugsar banu
hanym!
Meýlisler eýwanynyň altyn suw bilen nagyşlanan gapylarynyň biri
açylyp, başdan-aýak zer geýinen serwi kadly, gözellikde tenha gyz
gireninde bütün köşgüň nazary oňa dikildi. Gyz giren ýerinde aýak
çekip, adamlara tagzym etdi. Patyşa gyzyň täze şahana lybasda husnyjemalyny görüp, özüni göwher daşy külden alyp, tylla ýüzüge gaş eden
zergäre meňzetdi.
-Ýeriňize geçiň, banu! Siziň üçin aýratyn ýer taýýarlanyldy.
Patyşanyň bu gyza şeýle hormat bilen “Sizläp” ýüz tutmagy ýöne ýere
däldir, onda bir keramat bardyr, diýen pikir döretdi adamlarda. Rugsar
banu şanyň teklibine minnetdarlyk manysynda tagzym edip, görkezilen
ýere geçdi. Patyşanyň buýrugy bilen hyzmatkärleriň biri gyza sapy tylla
nagyşly dutary getirip berdi. Dutary eline alan gyz gabagyny galdyryp,
hökümdara garady, şa «başlaberiň» diýen manyda başyny atdy. Şundan
soň ol zer köýneginiň uzyn ýeňlerini çyzgap, dutaryň tarlaryny düzdi-de
bir enýay heňe başlady. Dutar göýä janly adam ýaly dillenip, hasratly
dünýäniň destinden nala çekýärdi. Bu heň diňleýjiniň ýüreginiň
jümmüşine girip, göwresini iki ýana yrandyrýardy. Bu zaryn heň biraz
salym ýaňlanyp, assa-ýuwaş soňlandy. Hemmeler sazyň täsiri bilen
doňan ýaly bolup oturdylar. Bir dem dymyşlykdan soň Horezmşa
dillendi:
-Merhemetli Rugsar banu, biziň köşgümiz beýle ahu-nalanyň ýeri
däl-de, şad-u-horramlygyň mesgenidir.
-Bagyşlaň, kyblaýy älem. Men biygtyýar öz köňül köşgümiň öňden
galan hasratyny beýan etdim-diýip, Rugsar banu aşak bakdy. -Indi
rugsadyňyz bilen siziň köşgüňizde ýaňlanmaga mynasyp heňlerden
çalyp bereýin.
Patyşa salyhatlylyk bilen ýylgyryp, başyny atdy. Şundan soň
adamlaryň ruhuny göterip, kalbyny joşdurýan ajaýyp heňler ýaňlanyp
başlandy. Bu heňlerde hyýal çäksizligi, ruh gözelligi, aşyklaryň söýgiwepasy, nowbahar paslynyň keýpi-sapasy beýan edilýän ýalydy. Bu
ajaýyp heň köşgüň depesindäki, diwarlaryndaky nakgaşlyk sungatynyň
iň nepis nusgasy bolan tyllakäri nagyşlaryň üstünde aýlanyp, özüne
meňzeş gözellik gözleýän ýalydy. Meýlis gijäniň ýaryna çenli dowam
etdi. Bu sapar adamlar meýden, şerapdan däl-de, Rugsar banunyň
jadylaýjy sazyndan serhoş bolup dargaşdylar.
Dost Salamyň hekaýaty şu ýere geleninde kesildi. Gije-de
ýarymdan agypdy. Dost Salam:
33
-Gadyrly myhmanlar-diýdi-indi gaty giç boldy, ýatyp demdynjyňyzy alyň. Hekaýaty sozup oturmaly. Men size onuň esasy bölegini
gürrüň berdim.
-Taňryýalkasyn, eziz mezbanymyz, teşşekür-diýip kerwenbaşy uly
minnetdarlyk bildirdi.-Biz bu hekaýatyňyzy bir taryhy waka hökmünde
kabul etdik. Bu hekaýat biziň Horezminden alyp gitjek iň gymmatly
zatlarymyzyň biri bolar. Biz ony Bagdatda köp adamlara gürrüň bereris.
Ýöne, hormatly Dost aga, bu gyzyň ykbalynyň soňy nähili bolanyny-da
bilesimiz gelip dur.
-Bu gyzyň soňky ykbaly köp beýik adamlaryňky ýaly pajygaly.
Şonuň üçin ony size gürrüň beresim hem gelmedi. Indi bir aýtjak zadym,
bu biziň Rugsar jana atdaşynyň şan-şöhratyny bersin-de, onuň soňky keç
ykbalyndan daş etsin.
Dost Salamyň bu dilegine hemmeleri goşulyşyp «Omyn!» diýdiler.
Şundan soň myhmanlar hem, öý eýeleri hem ýatyp rahat uka gitdiler.
Ertesi azan namazyndan soň çaý başynda Dost Salam ogly
Muhammediň Bagdada gideli bäri geçen on ýylyň içinde Horezminde
bolan özgerişler barada gysgarak gürrüň berdi:
-Muhammet Bagdada gideninden köp wagt geçmän iki Horezmini
birleşdiren patyşamyz Mämün ibn Muhammet aradan çykdy-diýip, Dost
Salam söze başlady.- Onuň ýerine uly ogly Aly ibn Mämün tagta çykdy.
Iki ýurduň bir döwlete öwrülmegi bilen ykdysadyýetiň ösmegine oňaýly
şertler döredildi, köp sanly suw ýollary gazyldy. Ýerler suw bilen doly
üpjün edildi, bol hasyl alynyp başlandy, şäherlerde hünärmentçilik,
aýratyn-da dokmançylyk has ösdi. Söwda-satyk rowaçlandy, Horezmden
dürli harytlar daşary çykarylyp başlady. Köp ýurtlardan siziň ýaly
söwdagäleriň gelmegi üçin howpsuzlyk çäreleri görüldi. Indi bize
araplaryňam, türkleriňem, bolgarlaryňam, hazarlaryňam söwdegärleri
ýygy-ýygydan gelýärler. Gürgenç bolsa bir bütewi döwletiň paýtagty
hökmünde uly ähmiýete eýe boldy. Men ony taryplap oturmaýyn, ony
indi özüňiz aýlanyp görersiňiz, şonda «Eşiden deň bolmaz gören göz
bilen» diýlişi ýaly onuň nähili ajaýyp şäherdigine göz ýetirersiňiz. Indi
men size aýtsam, Horezminiň, paýtagtymyz Gürgençjiň şan-şöhratyny
äleme ýaýmakda häzirki patşamyz Abul Abbas al Mämun ýaş bolsa-da
köp işler bitirdi. Onuň agasy Aly ibn Mämüniň wepatyndan soň tagta
çykanyna ýaňy üç ýyl bolan bolsa-da şu gysga döwriň içinde ylmyň,
medeniýetiň ösdürilişi bir asyra barabar boldy diýsem-de lap urdugym
däl. Onuň Suhaýly atly biçak sowatly, ylymly dana weziri barmyş.
Patyşa onuň maslahaty bilen «Ummat al ylym» diýen ylmy merkez
34
açyp, köp alymlary şol ýere işe çekipdir. Başga bir ýurtda ýören
watandaşymyz beýik alym Aburaýhan al Birunyny hem çagyryp
getiripdirler. Dünýä tanaýan beýik hekim Abu ali ibn Sina hem şu ýere
gelipdir. Indi biziň Muhammede gelsek, bu-da Bagdatdan diňe biziň
üçin däl, Gürgençde şeýle ylmy merkeziň açylanyny, onda dünýä belli
alymlaryň işleýänini eşidip, olaryň hataryna goşulmak niýeti bilen gelen
bolmaly. Muny entek özi aýtmasa-da men bilip otyryn.
Muhammet kakasynyň soňky özüne degişli sözüne ýylgyryp,
başyny atdy.
Myhmanlar ertirki çaý-çörekden soň öý eýeleri bilen
hoşlaşýarkalar:
-Gadyrdan Dost aga-diýip, kerwenbaşy ýaşula ýüzlendi.-Biz
Horezmin ýurdunyň tagamly naharlaryny, baldan süýji ir-iýmişlerini
ilkinji siziň öýüňizde noş etdik. Bu biziň hiç haçan ýadymyzdan
çykmaz. Horezminlileriň myhmansöýerligi, jomartlygy, aýratyn-da
mertligi, Muhammediň eden işini nazarda tutup aýdýan, uly öwgä
mynasypdyr.
Öý eýeleri özleri barasynda aýdylan bu öwgüli sözleriň ýöne bir
hoşamat däl-de, ýürekden dörän duýgylaryň beýanydygyna ynanyp,
myhmanlary-da hoşamaý sözler bilen ugratdylar.
VI BAP
Her bir adam öz ömründe bir zada bagly bolýar. Eger ol şol zada
çyn ýürekden berlen bolsa ol zat onuň ünsüni başga zatlardan sowup,
özüne bendi edýär. Muhammet ibn Salam hem öz ömrüni ylyma
bagyşlany üçin öýünde bir hepdeden köp oturyp bilmedi. Göwni indi
ylmyň hakyky merkezine öwrülen Gürgenje tarap telwas edip başlady.
Bir gün ol maýyny tapyp pederine ýüzlendi:
-Kaka, ol gün kerwenbaşa men hakda aýdanyňyzy ýalana çykaryp,
men öýde bolubermäýin, rugsat berseňiz «Beýtül hikmä» baryp göreýin.
Kakasyndan öňürti ejesi dillendi.
-Oglum, «Alym bolsaňam zalym bolma» diýipdirler. Sen alym
boljak diýip, şonça ýyllap bize zalymlyk etdiň, indem etjek bolýaňmy?
-Diýýäniň näme, eje jan, men nähili zalymlyk edipdirin?
-On ýyl didaryňa zar edip, bize ejir çekdireniň zalymlyk dälmi,
oglum?-diýip, ejesi gözüne ýaş aýlady.
-Eje jan, käbäm, men indi daş ýurda gidemok, ahryn. Özümiziň
Gürgenjmizide bolýan. Aýda iküç ýola gelip giderin-diýeninden soň
ejesi birneme köşeşdi. Şeýip ol öýdäkileriň hemmesiniň razylygyny
aldy. Indi Gürgenje gidermen bolanyndan soň özi gullukdan azat edip
35
öýüne getiren Rugsar gyzyň mundan soňky ykbaly baradaky pikir ýene
kellesine urdy. Ol bu hakda öňem oýlanypdy. Rugsaryň özi bilen eden
ilkinji söhbetdeşliginde hem bu mesele gozgalanam bolsa ol çözülmän
galypdy. Ýogsam Muhammediň kakasam, ejesem, aýalam Rugsary
gowy kabul edipdiler. Ol bu öýde maşgalanyň bir agzasy hökmünde bir
ömür ýaşasa-da oňa gaşyny çytjak adam ýokdy. Emma Rugsar muňa
razy bolarmy? «Towşana dogduk depe» diýilişi ýaly öz ýurduny,
ýakynlaryny küýsemezmi? Bu sowallar Ibn Salamyň beýnisine agram
salyp başlanynda Mahynuryň erkek geýmini geýnip, öweý atasynyň
öýünden gaçany ýadyna düşdi-de Rugsary-da şeýle geýindirip, kerwen
bilen yzyna-ýurdyna ugratmak mümkindigi barada oýlandy. Ol bu
pikirini Rugsara aýdanynda gyz başgaça pikir bildirdi:
-Agam, men indi ýurdyma gaýdyp barsam, öňki Rugsar bolmaryn.
Kakam, ejem ýok, agalarym meni nähili kabul ederler? Gyrnak bolup,
gör näçe adamyň elinden geçendir-diýip pikir ederler. Men obada
başgalaryň gözüne-de gara sürtülen bolup görünerin. Meniň
arassadygymy özüňiz guldardan eşitdiňiz. Rugsat etseňiz men öýüňizde
çory bolup hyzmat ediberäýin.
-Ýok,
gyzym-diýip,
Rugsaryň
gürrüňinden
täsirlenen
Muhammediň kakasy onuň sözüni böldi.-Sen biziň öýümizde çory bolup
däl, öz gyzymyz bolup ýaşarsyň. Özüm seni gül ýaly ýigide durmuşa
çykararyn, uly toý ederis. Önüp-ösüp, bagtly durmuşda ýaşarsyň, inşalla.
Dost Salamyň mähribanlyk bilen aýdan bu sözlerine Rugsaryň
damagy dolup, minnetdarlygyny hem aýdyp bilmedi. Minnetdarlygy dil
bilen aýtmasa-da Dost Salama delmirip bakan ýaşly gözlerinde çäksiz
minnetdarlyk bardy. Şundan soň Muhammet ibn Salam Rugsardan hem
arkaýyn bolup, goştorbasyny omzyndan asdy-da pyýadalap ýola çykdy.
Onuň bagtyna irden Gürgenje barýan bir araba sataşdy. Arabaçy gowy
adam ekeni, ýüküniň ýetik bolmagyna garamazdan ony araba mündürdi.
-«Ýola çyksaň ýoldaş ýagşy»-diýipdirler. Siziň sataşanyňyz gowy
boldy. Gümür-ýamyr edişip gitsek Gürgenje baranymyzy bilmänem
galarys-diýip arabaçy ýaňy çalaryp ugran kelte sakgalyny sypap
goýberdi. Onuň günde biraz garalan ýüzündäki asudalyk, söz äheňindäki
mylaýymlyk Ibn Salamy derhal özüne çekdi. «Munuň ýaly adam bilen
söhbetleşseň bolýar» diýip, içini gepleden Ibn Salam:
-Hany, onda gürrüňimizi tanyşlykdan başlaýaly-diýdi.
Arabaçy sakgalyny sypap ýylgyrdy:
-Indi tanyşlyk iki tarapdan däl-de bir tarapdan bolýan boldy. Näme
üçin diýseňiz, men sizi tanaýan. Siz Dost Salamyň Bagdatda okap, alym
36
bolup gelen ogly Muhammet. Meni nirden bilýäň diýseňiz, ol gün siziň
sag-aman geleniňiz üçin kakaňyzyň beren sadakasyna nesibäm çekip
menem barypdym.
-Siz obamyzyň adamy bolsaňyz menem sizi tanamaly ahryn.
-Ýok, siz meni tanamarsyňyz. Men obaňyzyň gündogar
tarapyndaky obadan. Obaňyza bir garyndaşymyňka işim çykyp
barypdym, Sadakanyň üstünden çykdym, garyndaşym alyp bardy.
Nesibäniň işi-dä.
-Gowy bolupdyr baranyňyz. Şonda tanyşlyk açsaňyzam boljak
ekeni.
-Onda töweregiňizde adam köpdi, sokulyp barmaga çekindim.
Ezelde tanyşmak hem nesibede bar eken. Indi meni sorasaňyz, adym
Ilhan bolsa-da han däl-de daýhan-diýip, sakgalyny (ony gowy görse
gerek) ene-de sypap goýberdi.
-Daýhan diýseňizle. Siz käriňiz bilen her näçe buýsansaňyzam
hakyňyz bar.Çünki dünyani dayhan bakyar.
Ilhan aganyň ýüzi açylyp, gözleri şöhlelenip gitdi.
-Bäh! Dünýäni daýhan bakýar, diýdiňizmi, şu sözüňiz-ä ýüregime
jüňk bolaýdy. Ýöne muny biziň bakýanlarymyzyň köpüsi bilenok-da!
-Ony nämeden aýdýaňyz?
-Aý, durmuşda bolýan käbir zatlardan aýdýan-da. Ine, bir ýönekeý
mysal: toýa, märekä barsaň sypaýy don geýenleri töre geçirýärler-de,
daýhan aýakda galyberýär. Ýogsam şol töre geçýänleriň köpüsiniň halka
kör köpüklik peýdasynyň degmeýänini bilýälerem.
-Hawa, durmuşda hakyky bolmalysynyň tersine bolýan zatlaram
bar. Ýöne siz onuň ýaly zatlara üns bermäň. Daýhanyň kimdigini halk
bilýär-diýip, Ibn Salam ýoldaşynyň göwnüni göterdi.
-Hany indi siz öz işleriňiz, daýhançylygyňyz, durmuşyňyz hakda
gürrüň berjek dälmisiňiz?
-Daýhançylyk diýilýän zady özüňizem bilýänsiňiz-le, sizem obada
ösen adam-a.Kakaňyzynam ýeri bardyr ýa ýokmy?
-Bar, ýigrimi tanap töweregi bolmaly. Ýöne özi daýhançylyk
edenok. Öňden ony ýarymça beripdir. Özünin bolsa balyk saklaýan
kiçijik buzly jaýy bar. Tutulan balyklary şol ýerden şäherde balyk
gowuryp satýan balykpezler gelip alyp gidýärler.
-Hä, güzerany her kim özüçe dolandyrýar-da. Meniňem ýerim
ýigrimi tanap, diňe özümiz ekip dikýäs, günlükçi-de tutamyzok,
ýarymça-da beremizok. Hudaýa şükür, bugdaýymyzam, şalymyzam,
künjimizem, gawun-garpyzymyzam, gök-sögümizem ýylyň ýylyna
37
gowy hasyl getirip otyr. Ýere yhlas bilen seretseň, olam yhlasyňa görä
eçilýär. Ine şu alyp barýan bugdaýymam şu ýylky täze hasyldan. Ýigrmi
batman. Ony şu gün satsam, ertir bir öküzçäni arabanyň yzyna tirkäp
gaýdybermeli-diýip, Ilhan aga sakgalyny sypap goýberdi.
-Aý tüweleme, Ilhan aga, bu ýigrimi batman däne näçeräk ýerden
çykýar?-diýip, Ibn Salam gyzyklanyp sorady.
-Idegiňe bagly. Biz-ä her tanapdan kyrk batmandan hem geçirip
alýas. Şondan bu ýigrimi batman ýarym tanapdan hem azyrak ýerden
alynýa-da.
-Aý, tüweleme, Ilhan aga, çäjiňe berilişi ýaly ömrüňe-de bereket
bersin, ylahym!
-Sag bol, taňryýalkasyn, inim Muhammet. Hany indi sizem işiňiz
barada gürrüň beriň-dä. Bi alymlar näme iş edýä, bizem bileli-diýip,
Ilhan aga ýoldaşyna ýylgyryp garady.
Ibn Salam bu sada daýhan adama alymyň işi, ylym diýilýän
ummasyz älem hakynda näme gürrüň berjegini bilmän bir salym
ýaýdandy, soňra:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 04
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.