Latin

Gürgenç I - 15

Total number of words is 3810
Total number of unique words is 1981
32.9 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
54.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Soň, hol görünýän belent depäniň öňündäki uly meýdana geçip, goş
taşlasynlar-da dynjyny alsynlar. Häzir şol depäniň üstüne meniň
çadyrym gurulsyn! Onsoň ýesirleriň arasyndan Abul Harysy, Alp Tegini,
söweşde ölmedik bolsa Ibn Salamy tapyp, meniň çadyryma getiriň. Olar
bilen aýratyn gürrüňim bar.
Soltanyň birinji buýrugy jar edildi. Iki tarapyň hem esgerleri işe
girişdi. Altyn Taş on esger bilen ýesirleriň arasyndan Soltanyň aýdan
adamlaryny gözläp tapýança depäniň üstüne çadyr hem guruldy. Altyn
Taş on atlysy bilen üç piýadany atyň öňüne salyp, Soltanyň çadyryna
eltdi.
Soltan Mahmyt türkmen halylary düşelen giň çadyryñ töründäki
göçme tagtynda gelenlere ýiti nazar bilen dikilip otyrdy. Ýokardaky
tüýnükden düşen ýagtyda onuñ tegelek çal sakgally ýüzi birneme hyrsyz
görünýärdi.
-Şazadany-da piýada getirdiňizmi?-diýip, ol ýaňsyly ýylgyryp
sorady. Altyn Taş ýylgyryp başyny atdy.
Soltanyň öňünde dik duran ýesirleriň ikisiniň başy dik, biriniňki
aşak egilendi. Aşak egilen başyň eýesi Alp Teginiň özüne rehim-şepagat
edilmegini isleýän namart adamdygyny soltan duýup, oňa ýigrenç bilen
seretdi. Soňra özüne dik bakyp duran Abul Harysa haýpy gelen kimin
garap:
-Şazada, bäş gün patyşa boljak diýip, ine şunça adamyň ganyna
galdyň. O dünýäde munuň jogabyny bermeli bolarsyň-diýdi.
-Şunça adamyň ganyna galan diňe men däl-diýip Abul Harys
soltandan nazaryny aýyrman jogap berdi. Soltan Mahmyt mert adamlara
duşmany bolsa-da sarpa goýardy. Şonuň üçin Abul Harysyň batyrgaý
jogabyna gahar etmedi:
-Sen, diňe men däl diýip, meni-de günälejek bolýaňmy? Ýok,
şazada. Bu gepiň hak däl. Eger sen meniň ilki eden teklibime razy bolup,
günäňi boýun alyp, aman diläp geleniňde bu gandöküşük bolmazdy.
Gelmäge gorkdyňmy ýa Ibn Salam meniň teklibimi düşündirip
aýtmadymy?
-Aýtdy.
-Men seniň Ibn Salamdan aýdyp goýberen gepiňe ynanyp, bir
hepde garaşdym. Seniň wada eden altyn-kümüşiň üçin däl, altyn kümüş
özümde dolup-daşyp ýatyr, ine şu gan döküşüklik bolmasyn diýip
178
garaşdym. Şeýle bolansoň bu gan döküşükligiň günäsini meniň bilen
paýlaşjak bolma, munuň günäkäri özüň, galyberse-de ine bu täze düşen
gelin ýaly başyny aşak egip duran. Göter kelläňi!-diýip Soltan Alp
Tegine azm urdy.-Sen mekir tilki, entek söweş görmedik bu ýaş oglana
düşündirmediňmi Soltan Mahmydy ýeňip bolmajagyny ýa sen meniň
haýsydyr bir söweşde ýeňilenimi eşidipmidiň?! Sen iki gapdala goşun
taşlamak bilen iki ýan tarapdan hüjüm edip, ýeňerin öýütdiňmi? Seniň
bu könelen usulyňy Soltan Mahmyt bilmez öýütdiňmi?! Seniň bir akylly
eden işiň, eger ol seniň kelläňden çykan bolsa, meniň pillerimiň
garşysyna şahy alawly öküzleri goýbereniň boldy. Ýöne olam size uly
utuş getirmedi. Eger seniň ýeriňe Horezminiň goşunynyň başynda bir
parasatly serkerde bolanda Soltan Mahmydy açyk meýdandaky söweşde
öküz bilenem, alaw bilenem ýeňip bolmajagyny bilerdi, başgaça usul
tapardy. Seniň ýeriňe men bolan bolsam Gürgenjiň galasynyň üstünde
bir müňe golaý ok ýaýçyny galdyryp, goşunyň baryny galadan
daşyrakda töwrekläp goýardym. Duşman gelip galany gabanynda
depedäki ok ýaýçylar bilen atyşardy, derwezelere hüjüm edip görerdi.
Ýadanyndan soň goşun gije dynç almaly bolardy. Ine şonda duýdansyz
dökülip, duşmanyň köp leşgerini gyrsa bolardy. Bir gijede köp güýjini
ýitiren duşman galadan daşarda uly güýjüň bardygyna we galany aňsat
alyp bolmajagyna gözi ýetip, ýaraşyk teklip ederdi.
Soltanyň soňky gepini ahmyr bilen diňlän Abul Harys Alp Tegine
ýaman gözi bilen seredip goýdy. Soltan sözüni dowam edip:
-Sen bu gan döküşükligiň öňüni almagyň deregine şazadany uruşa
öjükdirip, eden günäňdenem ulyrak günäñiň hem bardygyny bilýäňmi?!diýdi. Alp Tegin soltana naynjar garap goýdy-da, ýene başyny aşak egdi.
-Horezminiň kanuny patyşasy Abul Abbasyň garşysyna guralan
pitnäniň başçysy hem sen bolmaly!-diýip, Soltan Mahmyt has azmly
gepledi. Alp Tegin bu işde özüni aklamak üçin bir delil getiren bolup:
-Kyblaýy älem, men bir gullukdaky hyzmatkär adam. Abul
Abbasyň tagtyna dalaş etmäge meniň hukugym ýok. Şeýle bolansoň
men näme diýip onuň garşysyna pitne guraýyn-diýdi.
-Ähä! Şeý diýsene. Onda pitnäni tagta dalaş etmäge hukugy bar
adam gurapdyr-da - diýip, Soltan Mahmyt ajy ýylgyrdy. Abul Harys
namartlap duran Alp Tegine ýigrenç bilen seretdi. Ýöne onuň gepine
gaýtawul bermegi özüne kiçilik bilip, soltana ýüzlendi:
-Merhemetli soltan, bolup geçen ol işe pitne däl-de göreş diýilse
dogry bolar. Biz ýurdumyzyň garaşsyzlygyny dikeltmek üçin göreşe
atlandyk.
179
Häliden bäri tekepbirlik edip duran şazadanyň özüne “merhemetli”
diýip ýüzleneni üçinmi ýa-da onuň nähak edilen işi hak iş edip
görkezjek bolýany üçinmi Soltanyň ýüzünde bir hili kinaýaly ýylgyryş
peýda boldy.
-Şazada,- diýip Soltan agyr äheň bilen dillendi.- Kanuny patyşanyň
garşysyna edilen her niçik hereket göreş däl-de gozgalaň diýip
atlandyrylýar. Gozgalaňy bolsa pitneçiler taýýarlaýar.Gozgalaň
diýmegem ýurtdaky parahat durmuşy bozmak, nähak gan dökmek
diýmekdir. Şonuň üçinem gozgalaňçylar nähak döken ganlarynyň
jezasyny çekmelidirler. Horezmşa Abul Abbasyň nähak dökülen gany
üçin bolsa aýratyn, halkyň gözüniň öňünde aýylganç jeza beriler.
Soltanyň bu sözüne Alp Tegin bilen Abul Harysyň ýüzleri ak tama
dönüp, endamlaryny sowuk der basdy. Soltanyň Abul Abbasy kimiň
öldürenini soraman beriljek jezany aýdany geň hem-de gorkulydy. Bu
gorky Abul Harysy has basmarlady. Ol:
-Abul Abbasy men öldürmedim-diýip goýberenini özü-de duýman
galdy.
-Kalja-da şeýle diýipsiň. Maňa-da aýdyp ber hany, nähili ýagdaýda
öldürildi ol?
Abul Harys Kaljy hanyma aýdan gepini ýadyna saldy. Indi-de şol
gepi gaýtalamalydy. Emma Kalja aýdyşy ýaly bu ýerde Alp Teginiň
adyny göni aýtmaga çekindi. Çünki Alp Tegin onuň özüniň yşaraty bilen
gylyç urupdy. Şonuň üçin şeýleräk warsaky urdy:
-Abul Abbasyň ölümi onuň özünden boldy. Biz köşke girenimizde
ol maňa gylyç göterip topuldy, ýanymdaky esgerler ara düşdi. Olar bilen
garpyşykda-da heläk boldy.
-Şonda ýanyňda Alp Tegin ýokmydy?-diýip, Soltan teýeneli sorag
berdi. Abul Harys bu soragyň ýöne ýere berilmändigini, Kaljy hanymyň
agasyna Alp Teginiň adyny aýdandygyny duýdy. Şonda-da gönüläp
aýdyp bilmedi-de:
-Bardy öýüdýän-diýdi.
-Sen öýüdýän bolsaň, özümiz jikme-jigine ýeteris-diýip, soltan
Abul Harysa ýaňsyly nazar bilen dikildi. Ol Abyl Abbasa tyg çekeniň
Alp Tegindigini bilýärdi. Ýöne jeza pursady gelýänçä bilenini
aýtmakdan saklandy. Jeza çäresini bolsa Gürgençde halkyň göz öňünde
geçirmek bilen patyşany öldürenleriň nähili aýylganç ýagdaýa sezewar
ediljekdigini adamlara göz etmekçidi.
Soltan ýesirler bilen gepi uzaldyp oturmagy islemedi-de:
-Muhammet Salam galsyn. Ol ikisini alyp çykyň!-diýdi.
180
Soltanyň emri derhal berjaý edildi. Abul Harys bilen Alp Tegini
idirdedip alyp çykyp gitdiler. Haliden bäri Ibn Salama üns bermedik
soltan oňa mylakatly nazar bilen garap, oturmaga ejaza berdi. Soňra:
-Ýeri, Muhammet Salam, sen nähili ölmän galdyň. Men seni ölüme
höküm edipdim-ä?-diýdi.
-«Kyrk ýyl gyrgyn bolsa ajaly ýeten öler» diýipdirler.Ajalym ýeten
däldir-dä, Kyblaýy älem.
-Onyňam dogrydyr. Ýöne ölmän galanyňyň ýene bir sebäbi-sen
hak ekeniň, men nähak höküm edipdirin. Mundan başga-da, sen Gazna
barýan Kaljyny saklanyň hem-de ýurtda bolan agdarlyşygy habar edeniň
uly iş. Ýogsa Kaljy aýal mekirligi bilen gör nädip meniň başymy
aýlardy. Zalymlaram jezasyz döwranyny sürüp ýaşabererdiler-diýip,
soltan bir salym dymdy.-Dogry, biraz gandöküşlik boldy. Ýöne taryhda
adalaty dikeltmek üçin edilen gandöküşlikler ýazgarylmaýar. Seniň biziň
üçin eden şu işiň her niçik sylaga-da mynasyp.
Soltan sözüni soňlap bir goşowuç gyzyl salnan daşy zer keşdeli
haltajygy Ibn Salamyň öňüne oklady. Soltanyň bu «sahawaty» Ibn
Salamy gaty aljyratdy has dogrusy ýere sokdy. Ol özüni bir goşowuç
altyna ýurduny satan adam ýaly duýup, gaty erbet boldy. Şol pursatda,
öň kellesine gelip-gidip ýören pikirler has ýiti görnüşde beýnisini
tozadyp goýberdi. «Eý Hudaý, men indi kim boldum?! Ýurdumda bolan
bu gandöküşligiň günäkäri kim?! Menmi?! Men Kaljyny Gazna
geçirmän saklap galmadyk bolsam, ýurtda bolan agdarlyşygy Mahmyt
Gaznala habar etmedik bolsam bu aýlygançlyklar bolmasa bolmazdy,
ahbetin... Emma onda men patyşamyz Abul Abbasyň buýrugyna hyýanat
etdigim hem-de Abul Harysyň jenaýatyny ýaşyrdygym bolmazmydy?...»
Soltan ilki onuň düşen ýagdaýyna düşünmedi. Begenjine iki bolup
bilmeýändir öýütdi.
-Kyblaýy älem, sahawatyňyz üçin taňryýalkasyn. Ýöne men ony
alman. Maňa öýüme gitmäge ejaza berseňiz uly sylag etdigiňiz bolar.
Ibn Salamyň bu sözünden soň soltan önuň öňüne gyzyl oklap,
degnasyna degenini aňdy. Ol içinden «munça baýlykdan ýüz dönderer
ýaly kim sen» diýip, kinaýaly ýylgyrdy:
-Men seni ölümden azat etsemem ýesirlikden azat edemok.
Gürgenje bile gideris. Biz ol ýerde ýagdaýy düzgünleşdirenimzden
soň biziň bilen Gazna gitmeli bolarsyň. Gürgençde ylym bilen
meşgullanmaga mümkinçiligiñ bolmadyk bolsa, Gaznada halypaň
Birunynyň ýanynda işlärsiň, ylym bilen meşgul bolarsyñ. Bize ylymly
kelleler gerek-diýip Soltan sözüniň Ibn Salama nähili täsir edenini
181
bilmekçi bolup oňa synçy nazaryny dikdi. Muhammet Salam ýaşlygynda
ylym diýip, maşgalasyndan on ýyl aýralyga çydapdy. Diňe ylma-bilime
teşneligi oňa sabyr-kanagat beripdi, ata Watanyna bolan söýgüsi bolsa
onki süňňüne synmaz gujur berýärdi. Indi mundan soňky aýralyga, belki
ömürlik aýralyga nädip çydarka?! Şonuň üçin ony soltanyň sözi bir bada
aljyratdy. Ol näme jogap berjegini bilmän dymdy.
-Näme dymdyň, Muhammet? Meniň teklibim ýaramadymy?
-Siziňki teklip däl, Kyblaýy älem, ýesire buýruk. Ýeňiji ýesirini
öldürse-de, gul edip satsa-da haky bar.
-Ýok. Bu jogabyň bolanok. Sen öz ygtyýaryň bilen Gazna
gitjekmi, ýokmy? Şuny gönüläp aýt!
-Kyblaýy älem, ýesirde ygtyýar bolmaýar. Ilki siz meni
hökümdarlyk sözüňiz bilen ýesirlikden azat ediň, soňra men dogry jogap
bereýin-diýen Ibn Salam edep saklap, elini gursagyna goýdy. Soltan:
-Men, Soltan Mahmyt Gaznaly, hökümdarlyk sözüm bilen söweşde
ýesir düşen Muhammet ibn Salamy ýesirlikden azat edýärin-diýip, Ibn
Salama ýylgyryp seretdi-de-Indi boldumy?-diýdi.
-Boldy, Kyblaýy älem. Bu işiňiz meniň üçin iň uly sylag, bahasyna
ýetip bolmajak sahawat. Taňryýalkasyn!
-Hany, indi sen öz ygtyýarly, erkin adam hökmünde erk-islegiňi
beýan et - diýip, soltan bu sapar agraslyk bilen aýtdy.
-Kyblaýy älem, ýaňy siz «Bize ylymly kelleler gerek» diýdiňiz.
Meniň kellämi-de ylymly hasap edýän bolsaňyz ony alyp, göwrämi
Watanymda goýup gidäýiň, diýesim gelip dur. Emma meniň erk-islegim
hökümdaryň isleginiň ýanynda ejizdir.
-Hmm, şuny bileniňem bir gowy - diýip, soltan Mahmyt kinaýaly
gülümjiredi.-Ýöne bu saparam men ejize ganym bolmaýyn. Islemeseň
gitme. Sensizem meniň alymlarym ýeterlik. Möwlana Birunynyň ýeke
özü-de on alyma degýär.
-Dogry aýdýaňyz, Kyblaýy älem. Biruny hezretleriniň ýeke özi
meniň ýaly on däl, ýüz alyma-da degýär.
Soltan diliniň ujuna gelen ýöne aýtmakdan saklanan sözüni Ibn
Salamyň özüniň aýdanyna açylyp güldi. Ol:
-Meniň ýüz görüp, aýtmadyk sözümi özüň aýtdyň-ow-diýdi.
-Ýöne seniň alymlygyň hem Birunynyň alymlygynyň ýüzden dälde, ondan biriçe bardyr. Emma bu ýerde hiç hili ylym merkezi
bolmansoň, saňa ylym bilen meşgullanmaga hiç hili şert hem bolmaz.
Onsoň näme, «Ylmyna amal etmedik alym üstüne kitap ýüklenen eşek
ýalydyr» diýleni bolaýmasa-diýip ýylgyrdy.
182
Ýaňy ýüz görüp «seniň ýaly» diýmekden saklanan soltanyň indi
eşege deňänine Ibn Salam birhili boldy. Bu gepi ol ikinji sapar eşidýärdi.
Onda daýhan adamyñ aýdany häzirki patyşa adamyñ aýdany ýaly erbet
täsir etmändi. Gahar edeýin diýse, hökümdara gahar edip bolýamy
näme. Näme duýgusy bolsa-da, içine ýuwutmaly boldy. Emma oýlanyp
görse soltanyň aýdany dos-dogry. Oňa ylym gerek bolsa aýralyga
çydamalydy ýa-da ylymdan geçmelidi. Ol iki oduň arasynda galan kimin
ýagdaýa düşdi. Dogrusy, bu ýagdaýa ony soltan Mahmyt düşüripdi.
Zandy mekirlige ýugrulan Gaznaly ynsan ruhunyň hem bilermenidi. Ol
Ibn Salamyň ylymdan aňsat geçmejegini bilýärdi. Şonuň üçin oňa
alymyň ylymdan aýry ýaşasa kim boljagyny degnasyna degýän söz bilen
ýatladypdy. Soltan Ibn Salamyň tukatlanyp oýa çümeninden sözüniň oňa
mazaly täsir edenini aňdy.
-Muhammet, men dogrusyny aýtdym. Özüňem oýlanyp gör.Indi
iki ýurt bir ýurt boldy. Mundan beýläk kerwenleriň gatnawy-da çaltlaşar.
Maşgalaňy küýsän wagtyň kerwen bilen gidip geliberersiň. Gazna-da
Gürgençden juda bir daşam däl.
Ibn Salam Gaznalynyň inçelik bilen özüni yrjak bolup, aýdan bu
sözlerinden soň ret jogabyny berip bilmedi. Şonuň üçin ol isleseislemese-de Gazna gitmäge razylyk bermelidi.
-Kyblaýy älem, siz Gürgençde işleri ýerbe-ýer edýänçäňiz menem
öýümde ata-enemiň, maşgalamyň ýanynda bolaýyn. Gazna gitmegime
olaryňam razylygyny alaýyn. Şonuň üçin maňa häzir gitmäge ejaza
beräýseňiz gowy bolardy.
Ejaza bereris. Ýöne saňa Gürgenç barasynda bir tabşyryk bar. Ilki
şony berjaý edip, soň öýüňe sowularsyň. Biz mertebämize mynasyp
röwüşde garşylansak, rehim-şepagatymyz hem şoňa laýyk bolar.
Ibn Salam Soltanyň näme diýjek bolýanyna şol bada düşündi.
«Gürgençde sähel garşylyk görkezilse rehim-şepagatsyz bolmak hem
göwnünde bar eken-ow» diýip, içini gepleden Ibn Salam beýle ýagdaýyň
öňüni almaklygy özüniň borjy hasap etdi. Ol:
-Düşündim, Kyblaýy älem. Hemesi gowy bolar-diýdi.
-Berekella, Muhammet, seniň hemişe gowulygyň tarapyndadygyňy
bilýän-diýip, Soltan gapdalynda duran kiçijik jaňy iki gazek kakdy,
çadyra nedimleriniñ biri girdi. Soltan oňa Ibn Salamy at-ýaragly, ýol
harajady bilen ugradyp goýbermegi tabşyrdy. Ibn Salam ýerinden turup,
soltana tagzym etdi. Soltanyň başyny atyp ejaza bermegi bilen çadyrdan
çykdy.
183
Ibn Salamy ugradyp goýberenlerinden soň Altyn Taşyň kellesine
bir şübheli pikir gelip, Soltanyň huzuryna girdi:
-Kyblaýy älem, Ibn Salamy goýbermeli däldi. Ony özümiz bilen
bile alyp gitmelidi-diýdi.
-Näme üçin?!-diýip, Soltan Altyn Taşyň özüniñ ýalňyşyny tapan
kişi boluşyna gaharlandy.
-Kyblaýy älem, ol Gürgenje baryp, ilaty biziň garşymyza aýaga
galdyrsa derwezeleri berkiderler, bizi aňsat içeri girizmezler. Onsoň näçe
wagtlap, şäheri gabap ýatmaly bolarys.
-Howpuň, howatyryň şol bolsa arkaýyn bolaý. Ibn Salam iki ýüzli
adam däl. Baranda görersiň, seniň aýdanyňyň tersi bolar-diýip, Soltan
ynam bilen aýtdy.
XXV BAP
Ibn Salam Gürgenje ýetip gelende derwezeleri berkidilen galanyň
depesindäki esgerleri görüp, gürgençlileriň duşmany şähere
girizmezlige, onuň bilen galanyň üstünde durup, jeňi dowam
etdirmeklige äht edendiklerine göz ýetirdi. Galanyň üstündäki esgerleriň
Hazaraspyň golaýyndaky söweşde derbi-dagyn bolan leşgeriň bir
bölegidigini aňdy. Olaryň açyk meýdandaky söweşde ýeňilip, ary
köýendikleri üçin bu ýerde soňky demine çenli alyşmaga
taýýardyklaryny çak etse bolýardy. Bu ýagdaý Muhammet ibn Salamy
ýaman iňkise batyrdy. Ol Soltan Mahmyta “hemmesi gowy bolar” diýip
aýdan sözüniň üstünden çykmajagy üçin däl, bu görkeziljek garşylyk
üçin Gaznaly şäheri alaýsa ilata rehim-şepagatsyz darajakdygyny göz
öňüne getirip, howsala düşdi.
Nätmeli?! Gürgençlileri, nähili ýol bilen bolsa-da raýyndan
gaýtarmaly. Ýogsa soňy örän pajygaly bolar. Soltan Mahmyt galany
ýykyp-ýumursa-da şäheri alar. Gaharyna ilatyň başyna gara gün salar,
rehim-şepagat etmez. Ine, şu zatlary şäheriň kethudalaryna
düşündirmeli. Ibn Salam şu maksat bilen galanyň düýbine baryp,
depedäkilere ses ýeter ýaly edip gygyrdy:
-A-how ýigitler! Ýanyňyzda şäheriň ketdelerinden kim bar?!
Meniň oňa aýtjak sözüm bar!
Esgerlerden saýlanyp, öňe çykan bir adam:
-Ine men bar. Näme sözüňiz bolsa aýdyberiň-diýdi.
-Meni içeri goýberiň. Şäheriň häkimi, kazy-kelany we beýleki
kethudalary bilen gepleşmeli geplerim bar.
-Men sizi tanadym, Muhammet ibn Salam. Ýene ilçi bolup gelen
bolsaňyz, indi gepi-sözüňiz diňlenmez. Gowusy, yzyňyza dolanyp,
184
Gaznala baryp aýdyň, Gürgenji kyrk ýyl gabap ýatsa-da şähere girip
bilmez. Gowusy, duran ýerinden yzyna gaýdyp gitsin.
-Eý, ýagşy ýigit! Meni tanaýan bolsaňyz, içeri giriziň, galanyny
görübereris. Belki menem ok-ýaý alyp ýanyňyza çykaryn. Ibn Salam
şeýle diýmese şähere girizmejeklerine gözi ýetip, ýalan sözlemeli boldy.
-Ine, munyň başga gep. Derwezä baryberiň, häzir açarlar-diýdi ol.
Ibn Salam derwezeden girenden atynyň başyny göni kiçi saraýa (şäheri
dolandyryş edarasynyň jaýy) tarapa tutdurdy. Ol saraýyň öňüne gelip, bir
derwaýys habary bar ýaly atdan düşen badyna jylawy şu ýerdäki
nökerleriň biriniň eline berdi-de, girelgä tarap ýöneldi. Ibn Salam içeri
giren ýerinde saklandy. Elini gursagyna goýup, ol ýerde oturanlara edep
bilen salam berdi. Bu ýerde şäheriň häkiminden, kazy-kelandan, Seýhulyslamdan başga-da ona golaý adam bardy. Olar Ibn Salamy Abul
Abbasyň köşkünde telim sapar gören, tanaýan adamlar bolsalar-da, oňa
ýüzüni açmadylar.
-Ýene-de şu öňki teklip bilen geldiňizmi, hormatly Muhammet ibn
Salam?-diýip häkim sowuk äheň bilen sorady.
-Meniň öňki teklibim hem ýaman teklip däldi. Patyşaňyz ony kabul
edeninde şunça adamyň gany dökülmezdi, özi-de ýesir düşüp, gözgyny
ýagdaýda oturmazdy. Görýän weli, jenaplar, sizem pajyganyň üstüne
pajyga döretmäge taýynlyk görýäne meňzeýäňiz-diýip, Ibn Salam hem
sowugyrak äheň bilen jogap berdi. Oturanlaryň biri:
-Pajyga döretmäge taýynlyk diýmäňiz näme! Biz şäheri goramaga
taýynlyk görýäris-diýdi.
-Şäheri näçe wagt gorap bilersiňzi? Ony bir aý, aňry gitse iki aý
gorap bolar. Onsoň näme?! Şu wagtyň içinde Gaznaly galany ýykypýumursa-da alar. Gaharyna-da şähere gan çaýkar, hiç kime rehimşepagat etmez. Siz wagtlaýynça gahrymançylyk görkezjek bolup, ilaty
gyrgyna berýäňiz-ä! Şuňa düşünseňiz-le, ýaşulular!
Muhammet ibn Salamyň bu sözünden soň birsalym ara dymdyrslyk aralaşdy. Oturanlaryň köpüsi aşak bakyp, oýa çümdüler. Ibn
Salam gepim täsir etdi gerek diýip, içinden begenipdi, emma oturanlaryň
arasyndan bir «gözsiz batyr» tapyldy, Ol bir elini galgadyp, gep urup
başlady:
-Gürgenjimiziň derwezeleri berkden berk. Munuň üstüne galanyň
depesinden peýkam ýagdyryp dursak, nädip aljakmyşyn ol şäheri?! At
gaýtarym golaýyna gelsinler entek.
Onuň gepine birde- ýarym goşulanlar hem tapyldy:
-Galany ganyma öz eliň bilen tabşyrmak-gorkaklaryň işi!
185
-Dyza çöküp ýaşandan dik durup ölen ýagşy! Şonuň üçin...
Häliden bäri döşüne düşüp duran ap ak sakgalyny sypap, pikirlerip
oturan Şeýulyslam onuň sözüni kesdi:
-Muhterem wezir jenaplary, beýle gyzybermäň. Gyzmalyk bilen
edilen iş oňuna bolmaýar. Her meseläni sowukganlylyk, parasatlylyk
bilen çözmek gerek.
Ibn Salam Şeýhulyslamyň sözünden soň gytyk gara sakgally,
saryýagyz bu adamyň täze patyşanyň täze wezirleriniň biridigini aňdy.
Ol:
-Jenap wezir-diýip, oňa ýüzlendi.-Men ýaňy «galany ýykyp
ýumursa-da alar» diýip, ýöne ýere aýtmadym. Gaznalylaryň galalary bir
çetinden gädip gaýdýan, üstünden aşyp geçmek üçin gurallary, äpet
enjamlary bar. Şol gural-abzallary bilen olaryň Gürgenjiň galasy ýaly
näçe galalary zabt edendiklerini bütin dünýä bilýär. Onsoňam siziň
«Dyza çöküp ýaşandan, dik durup ölen ýagşy» diýen sözüňiz häzirki
ýagdaýa dogry gelmeýär. Tutuş ilaty ölüme sezewar edip bolmaz,
ahyryn!-diýip, Ibn Salam sözüne dyngy berdi. Adamlar biri-biriniň
ýüzüne seredip, aýdara söz tapmaýan dek dymdylar. Ibn Salam sözüni
dowam etdi:
-Jenaplar, biz ýeňilenimizi boýun almakdan başga alajymyz ýok.
Goşunyň ýarysy söweş meýdanynda gyryldy, bir bölegi gaçyp, bäri
gaýdypdyr, galanlary bolsa patyşanyň özi bilen bile ýesirlige düşdi. Indi
Horezminiň Gaznalynyň tabynlygyna geçjekligi hakykata öwrüldi.
Hakykatdan bolsa gaçyp gutulyp bolmaýar. Indi bolsa iň möhümi.Gaznalynyň gazabyny gozgaman ýurdy parahat, ilaty aman saklamak.
Şuny edip bilsek, Hudaýa ýüz-müň şükür etmeli. Bu dünýä çarhy pelek,
ol dyngysyz aýlanyp dur. Bir wagt geler Horezmin ýene-de garaşsyz,
gudratly döwlet bolar.
Muhammet ibn Salama Alla dili-zyban berip, gözsiz batyr boljak
boluşyp oturan bu adamlaryň kesirligini syndyrdy.
Ýaşy jähtden oturanlardan kiçiräk bolansoň ýaşulular näme diýerkä
diýip, edep saklap, häliden bäri geplemän oturan şäher häkimi dil açdy:
-Jenaplar, möwlana Muhammet ibn Salamyň geplerini akyl
terezisine goýup görende ol hak. Gaznala netijesiz garşylyk görkezip,
ilaty gyrgyna bermäge biziň hakymyz ýok. Şonuň üçin galanyň
üstündäki ýaragly adamlary aýyrmaly. Ýaşulular bolup Gaznalynyň
öňünden duz-çörek bilen çykmaly.
186
Oturanlaryň köpçüligi häkimiň sözüni makullap dil ýarmasalar-da,
kellelerini kakyşyp tassykladylar. Emma ýene şol täze wezir başga
hörpden gopdy:
-Ol siziň duz-çöregiňize, seretmän, şähere basdyryp girip, şäher
ilatyny gyrgyna başlasa nätjek?!
-Onuň ýaly etmez, ol hem adam, wagşy däl-diýip, Ibn Salam
weziriň sözüne bada-bat jogap gaýtardy. Soňundan soltanyň çadyrynda
bolan gürrüňleri aýdyp berdi.
Ibn Salamyň gürrüňini üns berip diňlän adamlar bu urşuň,
gandöküşligiň günäkäri diňe soltan Mahmyt Gaznaly däldigine göz
ýetirdiler. Aýratyn-da Soltanyň şazada Abul Harys bilen serkerde Alp
Tegine aýdan sözleri uly täsir galdyrdy.
-Jenap Ibn Salam-diýdi şäher häkimi.-Siz soltan Mahmydyň
ýanynda köpden bäri bolup, onuň gylyk-häsiýetine ýetik bolan bolsaňyz
gerek. Ol bir sözli adammy?
-Bir sözli adam. Ýöne käbir täsin gylyklary hem bar-diýip, Ibn
Salam soltanyň Abul Harysdan aldananyndan soň özi bilen eden
gürrüňini we özüni ölüme höküm edip, hökümi söweş meýdanynda
ýerine ýetirjek diýip, Gürgenjiň leşgerine goşulmak üçin goýberenini
gürrüň berdi.
-Söweş meýdanynda-da ajalym ýeten däldir-dä, köpçülik bilen
ýesir düşdüm. Ýesirleriň arasyndan meni, Abul Harysy, Alp Tegini tapyp
Soltanyň çadyryna eltdiler. Çadyrda-da ýaňky beren gürrüňim boldy.
-Soltan Mahmyt hakykatdan-da täsin adam ekeni. Ony gaty zalym
diýip eşidýärdik, eýle däl ýaly-la-diýip oturanlaryň biri dillendi.
-Aý, özüni adyl, mert adam edip görkezjek bolýandyr-da-diýip,
ýene biri gepe goşuldy. Şeýhulyslam gepi uzaga sozmazlyk üçin «Bes
ediň» diýen manyda elini galdyryp, özi dillendi:
-Adamlar, soltan Mahmydyň häsiýeti nähili bolsa bolsun, biziň
üçin iň möhümi halkymyza aman berip, ilatyň parahatlygyny bozmasa
bolany. Ony dawa-jenjelsiz ýurduna sag-aman ugratsak uly utuş
gazandygymyz hasaplaberiň.
Ibn Salam Şehulyslamuñ şu sözlerinden soň bu adamlaryň
garşylygyny doly ýeňenligine ynanç hasyl edip, arkaýynlaşdy. Şuňa
çenli öýi-de ýadyna düşenokdy. Indi ata-enesine, maşgalasyna tizräk
gowuşmak islegi döredi.
-Jenaplar!-diýdi ol.-Men halkymyzyň öňündäki borjumy berjaý
etdim...
187
-Gaznala beren sözümi hem diýiň - diýip, entegem kesirligi
aýrylmadyk wezir ýaňsyly söz oklady. Adamlar oňa ýaman göz bilen
seretdiler. Ibn Salam özüni giňlige salyp:
-Siz näme diýseňiz diýip bilersiňiz, jenap wezir. Men bu ýere
Gaznala beren sözümi berjaý etmek üçin däl, ilaty aman saklamak, şol
sanda siziñ hem beýlekilerden akylly kelläñiziñ gylyjyñ zarbyndan
pyzlowuk kädi ýaly togalanyp gitmezligi üçin geldim - diýdi. İbn
Salamyñ sözüniñ özune degişlisi weziriñ ýüzüni çym gyzyl etdi.
Adamlaryñ özüne ýamam göz bilen seredip oturanlary üçin gep
gaýtaryp bilmedi.
- Indi, jenaplar, maňa rugsat berseňiz şunça wagtdan bäri görmedik
ata-enemiň, maşgalamyň öňüne baraýyn - diýp, Ibn Salam oruralara
ýüzlendi.
-Rugsat Alladan, ýoluňyz ak bolsun!-diýen Şeýhulyslama köpçülik
goşulyşdy.
***
Ibn Salamyň öýüne giden gününden soň bir hepde geçip geçmän
Gaznalynyň Gürgenje golaýlan habary geldi. Ony garşylamak üçin
öňden görülen taýýarlyk boýunça kyrka golaý ak sakgally gojalar bilen
şäher häkimi, Şehulyslam, kazy-kelan dagylar irden galadan daş
çykdylar. Olardan soň bu habary eşiden şäher ilatyndan hem köp adam
çykyp, Hazarasp derwezesiniň öňündäki uly meýdanyň esli bölegini
tutdy.
Tomus aýy bolsa-da, garaşylmadyk gijeki ýagyş tozany basyp,
Gaznalynyň ýoluna irden suw sepilen ýaly boldy durdy. Köp garaşmaly
bolmady. Ýüze golaý atlynyň öňünde, iki ýan gapdalyndaky wezirwekilleriniň ortasynda gelýän kellesi jygaly soltan göründi. Leşgeri
yzyrakda gelýän bolmaga çemeli, gözýetimdäki baglaryň aňyrsynda
bolmasa
bärisinde
görnenokdy.
Bu-da
bir
edepliligiňmi,
salyhatlylygyňmy nyşanasy bolsa gerek diýen pikir döretdi. Garaşyp
duran uly mähälläniñ öñunde hatar duran elleri duz-çörekli ýaşululardan
on ädim çemesi bäride soltan atynyň başyny çekdi-de:
-Essalamu-aleýkum, Gürgenjiň hormatly ýaşulylary, kethudalary!diýdi.
-Waleýkum-essalam, merhemetli beýik soltan! Hoş geldiňiz,
Gürgenji azyma-diýen Şeýhulyslamyň jogabyndan soň soltan atyndan
düşdi. Soltanyň atdan düşmegi bilen bile gelenleriň hemmesi atlaryndan
düşüp, jylaw tutup durdylar. Soltan saldamly ädimläp, ýaşulularyň
188
öňüne geldi. Duz datdy, iki eliniň aýasyny ýüzüne sylyp, omin etdi,
soňra:
-Bizi hormatlap, duz-çörek bilen garşylanyňyz üçin taňryýalkasyn,
ýaşulular-diýip başyny atdy. Adamlaryň arasyndan iküç ýerden çykan
«Hoş geldiňiz, beýik soltan!», «Hoş gördük!» diýen sözlere üns beren
soltan:
-Hoş görseňizem, görmeseňizem geldik, dogrusy gelmäge mejbir
bolduk-diýip, agraslyk bilen dillendi.-Bizi bu ýörüşe mejbur eden waka
hemmäňize mälim. Ýurduňyzyň kanuny patyşasy öldürilip, döwlet
agdarylyşygynyň edilmegine biparh garap bilmedik. Çünki, patşaňyzyň
biziň giýewimizdigini nazara alman, biziň güýç-gudratymyzdan
gorkman edilen bu iş biziň gaty degnamyza degdi. Şonda-da biz beýle
uly gandöküşlik etmekçi däldik. Horezmşany öldüren adamlary
jezalandyryp, ýurtda tertip-düzgün ornaşdyryp gaýtmakçydyk. Emma
goşun toplap, öňümizden çykanlaryndan soň söweşmekden özge
çärämiz galmady. Ýeňildiler, ýesir düşdüler. Muňa-da özleriniň
akmaklygy sebäp boldy.
Soltany üns berip diňläp duran adamlaryň ol hakdaky pikirleri
düýpgöter üýtgedi. Köpçülikde «Bu adam eşidişimiz ýaly zalym däl
ekeni. Onda rehim-şepagat, adamkärçilik hem bar ekeni» diýen pikir
döredi.
Soltan adamlaryň özi hakyndaky pikirini okan ýaly gürrüňi özi
hakda dowam etdirdi.
-Ýaşulular, men hakda (Soltan nämüçindir «bizden» «mene»
geçdi) her haýsyňyzyň öz pikiriňiz bardyr. Meniňem özüm hakda öz
pikirim bar. Käbirleriň pikir edişi ýaly men zalym däldirin. Emma
ýamanlara jeza bermekden çekinmeýärin. Jeza bermek zalymlyk däl-de
adalatyň bir görnüşidir. Şonuň üçin biz (ol ýene «bize» geçdi)
horezmşany öldüren adamlara aýylganç bir jeza belledik. Ony-da şu
ýerde halkyň göz öňünde ýerine ýetireris.
Soltanyň bu sözünden soň adamlaryň ol hakdaky öňki pikirleri
biraz üýtgedi. «Ýamana jeza bermek adalatyň bir görnüşi» diýeni dogry
bolsa-da «aýylganç jeza» diýeni rehim-şepagatly adamyň etjek işi däl»
diýip, köpler içini gepletdi.
Şu arada göýä gözýetimdäki baglar süýşüp gaýdan ýaly bir hereket
göze ildi. Bu soltanyň yzyrakda galdyryp gaýdan leşgeridi. Soltan özi
bilen gelen atlylary bir gyra çekip, özü-de atlanyp, at üstünde leşgeriň
ýetip gelerine garaşyp oturdy. Kelleleri aşak egilen ýesirleri öňüne salyp,
sürüp gelen atly, pyýada we pillere-de ikiden-üçden münen leşger
189
galanyň derwezesiniň öňündäki uly meýdana sygman, ýarysy
töwerekdäki bugdaýy orup alnan ekin meýdanlaryndan ýer aldy. Soltan
bir elini galdyryp, üç barmagyny görkezdi. Bu yşarata düşbi nökerleriň
ikisi ýesirleriň arasyndan elleri arkasyna daňylan üçüsini çykaryp, goşun
bilen şäher adamlarynyñ arasyndaky açyk ýere getirip dyza çökerdiler.
Soltan olara ýigrenç bilen bir nazar aýlady-da mähellä ýüzlendi:
-Adamalar! Biz teftiş* geçirip, Horezmşa Abul Abbasy öldüren şu
üçüsi-Alp Tegin, Humar Taş, Saýat Tegin diýip atlandyrylýan
adamlardygyny anykladyk. Patşalara gylyç göteren her bir adama
aýratyn jeza beriljekdigini goý, hemme bilsin! Soltan sözüniň soňunda
«Başlaň!» diýen manyda bir elini göterip, aşak goýberdi. Derhal
peşşaplar gelip, olaryň ellerine goşup, aýaklaryny hem daňdylar-da şol
wagt orta çykarylan üç piliň hersiniň aýaklarynyň aşagyna birini
taşladylar. Öňden öwredilen piller olaryň kelleleri diýmän, garny
diýmän, oňurgasy diýmän basyp mynjyradyp başladylar. Olaryň
ýürekleri gyýyp barýan zaryn sesleri pilleriň aýagynyň aşagynda lenç
bolýança ýatmady. Bu aýylganç wakanyň şaýady bolup duran adamlaryň
tutuş süňňi lerzana geldi.
Soltan olaryň läşini pilleriň hortumynda şäheriň köçelerine
aýlamagy, soňunda Horezmşanyň gubyrynyň ýanynda dar gurup asyp
goýmagy buýurdy. Soňra: «Goý, Abul Abbasyň ruhy özüniň
katyllarynyň degerli jeza alandyklaryny görüp aram tapsyn» diýdi.
Soltanyň buýrugyna görä maslyklary pilleriň hortumyna daňyp alyp
gitdiler. Soltandan daşrakda duran adamlaryň biri:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 16
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.