Latin

Gürgenç I - 08

Total number of words is 3806
Total number of unique words is 2025
30.3 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýenimde, «Elbetde, bizem bilenimizi öwrederis» diýermikäňiz
öýütdim. Ýok, siz «Meni beýle sözler bilen utandyrmaň» diýdiňiz. Men
«Utandyrmak üçin aýtmadym. Biz siziň ylmyňyzyň nä derejededigini
bilmänimiz üçin aýtdym» diýenimde «Hä, bilimim ýokary derejede»
diýermikäňiz hem öýdüpdim. Ýok, siz beýle-de diýmediňiz, dymdyňyz.
Biziň bu synag siziň salyhatly,«Bilenimden bilmedigim köp» diýen
35
Imtihan-synag
88
alymlardandygyňyzy görkezdi. "Beýtil hikmä" girmek üçin bu kiçijik
synagdan geçdiňiz. Hany, indi içerä merhemet!
Şunuň bilen "Beýtil hikmeniñ" girelgesiniň öňündäki gürrüň
tamamlandy. Içeri girildi. Biruny uly eýwanyň töründe goýlan uzyn
dästhat tagtanyň aňyrsyna geçip oturdy. Beýleki alymlar bärsinde tutuş
düşelen halylaryň üstünde ýerleşdiler. Alymlar hataryndan ýer alan
Muhammet ibn Salam olaryň nämedir bir meseläni ara alyp
maslahatlaşmakçy bolýandyklaryny aňdy.
Köşkde ylmy söhbetdeşlikden soň medreselerde dini taglymat
bilen bir hatarda dünýewi ylymlar boýunça berilýän sapaklary,
hassahanalarda bejeriş usullaryny has kämilleşdirmekde müderrislere we
hekimlere "Beýtil hikmeniñ" ýardamy barada hem mesele gozgalypdy.
Alymlar şu iki mesele boýunça özara pikir alyşmaklygy niýet edip
gaýdypdylar. Biruny iki ýan tarapda hatar oturan kärdeşlerine göz aýlap
nazary halypasy Ibn Yrakda eglendi.
-Ustaz, siz bu ýana, meniň ýanyma geçiň. Ilkinji sözi sizden
eşideli. Siziň pikiriňiz niçik?
-Teklibiňiz üçin sag boluň! Dergahymyzyň rähnamasy siz, men
däl. Şonuň üçin ilkinji söz hem siziňki. Menem pikirimi oturan ýerimdede aýdaryn. Onsoňam gartaşan adamyň turup-oturyp ýörmegi aňsat däldiýdi Ibn Yrak. Halypasynyň bu jogaby oňa «Sen meni ýanyňda oturtjak
bolsaň, näme üçin özüň bilen bile eltip oturtmadyň, ýeke özüň
ulumsylyk edip geçip oturdyň» diýen ýaly eşidildi.
Biruny gyzmarak, gaharjaňrak adamdy, emma ulumsylyk häsiýeti
ýokdy. Ol şu sapar ulumsylyk däl-de, geleňsizlik edenini duýup,
halypasyna ýüzlendi.
-Ustaz, bagyşlaň! Siz şu oturan ýeriňizde gürlejek bolsaňyz,
menem siziň ýanyňyzda oturyp gürläýeýin-diýdi-de ýerinden turup
alymlaryň hataryna geçdi.
Alymlar Birunynyň bu hereketini ýylgyryşyp, baş atyp
makulladylar. Indi resmi maslahat döwre söhbetine öwrüldi. Birunydan
soň Ibn Yrak we beýleki alymlar maslahatlaşylýan mesele boýunça öz
pikirlerini aýtdylar. Soňunda Biruny Ibn Salama ýüzlenip:
-Jenap Ibn Salam, siz Bagdat medresesinde okadyş usullaryny
görüp, bilip geldiňiz. Eger-de olaryň okadyş usullary biziň
medresämizdäkiden kämilräk bolsa, ony müderrisler bilen
maslahatlaşyp, okuwda ulanmaklaryna kömek edersiňiz-diýdi. Ibn
Salam ilkinji iş gününde özüne şeýle ynam bildirilenine monça boldy.
89
-Baş üstüne, möwlana. Elimden geldigiçe ederin. Eger rugsat
etseňiz, hassahanalaryň işinde-de kömegimiň degmegi mümkin-diýen
Ibn Salam Birunynyň bir hili ýylgyranyny görüp, içinden “öwünjeňlik
etdim öýüdýän” diýip gyzardy.
-Siziň lukmançylykdan hem başyňyz çykýarmy?-diýip Birunynyň
beren soragyna ters düşünip beter gysyndy.
-Ýok, möwlana. Men lukmançylykdan başym çykýar diýen
manyda aýdamok. Ýöne Bagdadyň hassahanalarynyň işi bilen
tanyşlygym üçin aýtdym. Men birki sapar nähoşlanymda Bagdadyñ
«Adut at Dawla» diýip atlandyrylýan hassahanasyna düşdüm. Şonda ol
ýerdäki hassalary bejeriş usullaryny öz gözüm bilen gördüm.
-Onuñ ýaly bolsa, bu işi-de size tabşyraýaly. Ibn Syna hem ertebirgün eli boşasa geler. Ol patyşanyň bir ýakyn garyndaşyny bejerip ýördiýip, Biruny Ibn Salama hoşamaý garap goýdy.
Döwre söhbetinden soň alymlar özleriniň iş otaglaryna girip
gitdiler. Ibn Salamy Biruny öz otagyna alyp girdi. Gapydan giren badyna
Ibn Salamyň ünsüni otagyň bir burçynda duran gulaç ýetmez uly togalak
zat özüne çekdi. Ol piliň sapyndan ýogynyrak taýaga oturdylan bolup,
taýagyň aşagy atanak astynlyga kakylandy. Şu boluşynda belentligi
adamyň boýy bilen deňdi. Onuň köp ýeri mawy reňke boýlandy. Ibn
Salam ozal munuň ýaly zady görmedik bolsa-da, onuň ýer togalagynyň
şeklidigini aňdy. Biruny onuň şekile dykgatly seredip durany üçin.
-Bildiňizmi munuň nämedigini?-diýdi. Ibn Salam ýylgyryp:
-Meniňem esasy ugurlarymyñ biri fåläkiýet bolany üçin ýerimiziň
şunuň ýaly togalakdygyny bilýän, möwlana-diýdi.
-Sowalyma
jogap
bermeziňizden
öñ
ýylgyranyňyzdan
bilýändigiňizi duýupdym-diýip, Biruny hem ýylgyrdy.
Adamlar biri-birine ýylgyryşyp seredişse, ýylgyryşyp sözleşse
arada mähir muhabbetiň döremegine ýol açylýar. Biruny bilen
Muhammet Ibn Salam ýaňy tanyşanam bolsalar-da, biri-birine mähir
gözi bilen seredýärdiler. Bu ýöne ýere däldi. Mähir diýilýän duýgy-da
birden döremeýär. Adamyň duýgylar dünýäsi juda çylşyrymly. Näme
üçindir käbir adamy birinji göreniňde sulhuň almaýar. Käbiri bolsa
göreniňden gözüňe yssy basylýar. Biruny hem "Beýtil hikmeniñ" öňünde
elini gursagyna goýup duran özüniňki ýaly gara gytyk sakgaly ýigide
nazary düşenden içki bir duýgy bilen ony halady, gözüne şeýle yssy
göründi. Şol ýerdäki tanyşlykdan soň edilen söhbetdeşlik çagynda ony
kiçijik synagdan geçiren Biruny içki duýgysynyň ýalňyşmandygyna
ynanyp, ony özüniň iş otagyna alyp giripdi. Biruny depderdir kagyzlar
90
duran ýazuw tagtasynyň aňyrsyna geçip oturdy, Ibn Salama-da oturmaga
ýer görkezdi. - İnim Muhammet, - diýip, adyny aýdyp ýüzlenmek bjlen
Biruny ony özüne has ýakyn tutýandygyny bildirdi - Men şunuň ýaly ýer
togalagynyň şeklini Kätde ýaşaýan döwrümde-de ýasamaga
synanyşypdym-diýip, Biruny dogulyp ösen şäherini, ol ýerde geçen
ýaşlyk ýyllaryny küýsäni üçinmi geçmişinden söz açdy - Ol şekil muňa
garanda-da ulurakdy. Emma uruş başlanyp, men ýurtdan baş alyp çykyp
gitmeli boldum. Şol sebäpli-de ol iş çala galyp gitdi. Gaýry ýurtlarda
ýaşanymda muny ýasamaga mümkinçiligim bolsa-da islegim bolmady.
Gürgenje gelenime-de bäş ýyla golaýlap barýar. Horezmşa Abul Abbas
hezretleriniñ sözüni syndyryp bilmän onuñ döwlet geñeşçisi bolanym
üçin düýpli ylmy iş edip bilmedim. Bary-ýogy dört-bäş rysala ýazdym.
Ýöne "Beýtil hikmeniñ" ýolbaşçysy hökmünde alymlaryñ işlerine
mümkinçiligime görä ýardam edýärin. Bu ýerde hàzire çenli ençeme
işler amala aşyryldy. Häzir bolsa, Ibn Sina, Abul Hasan Hammar
tarapyndan ýokançly keselleriñ garşysyna üstünlikli iş alyp barylýar.
Abu Nasyr Arrak, Ibn Miske Weýh ýerastyndaky hadysalary we gymmat
bahaly daşlaryñ emele gelişini, meniñ ustazym Abu Nasyr ibn Yrak, Al
Hojandy asman jisimleriniñ hereketlerini hem-de şemalyñ güýjini,
tupanlaryñ emele gelişini öwrenýärler. Abu Mansur Saälibi gadym
dünýä taryhymyzy öwrenip, kitap ýazyp otyr. Umuman özüñiz
alymlarymyz bilen mulakatda36 bolup, olaryñ işleri bilen tanyşsañyz,
gözleg usullaryny öwrenseñiz özüñiziñ geljekde etjek ylmy işleriñizde
peýdasy deger.
- Maslahatyñyz üçin sag boluñ, ustaz. Men alymlarymyzdan hem
öwrenmeli zat bolsa öwrenerin. Siziñ "Al äsar al bakyýä" eseriñizden
hem men köp zat öwrendim. Ol kitabyñyzyñ bir nusgasy Bagdatda biziñ
medresä düşen ekeni, ol elden ele geçip okaldy. Men birinjileriñ
hatarynda okap çykdym.
- Men ol eseri Gurgende Keý Kawus hezretleriniñ ylmy iş etmegim
üçin döredip beren şertlerinden peýdalanyp ýazdym.
- Eşitmişimize görä, Keý Kawus hem size baş wezirlik wezipesini
tekllip eden ekeni, siz onuñ teklibini ret edipsiñiz. Eger Horezmşanyñ
hem teklibini ret edip, diñe ylmy iş bilen meşgullananyñyzda "Al àsar äl
bakyýa" kimin bir näçe eserler dörederdiñiz.
- Dogry aýdýañyz. Horezmşanyñ teklibini ret rdip bilmedigimiñ
sebäbi: Horezm meniñ watanym. Watanymyñ räwnaky37 üçin ýaş
36
37
Mulakat- söhbetdeşlik
Räwnak-ösüş, rowaçlanyş
91
patyşaga elimden gelen kömegimi bermekligi özümiñ borjym
hasapladym. Patyşamyz ylyma, tebigata, dünýäniñ gurluşyna juda
gyzyklanýar. Onyñ haýyşy boýunça Kätde edip bilmedik işimi edip,
görşüñiz ýaly, ýer togalagynyñ şeklini ýasadym. Diňe göwresini. Indi
onuň ýüzüne yklymlaryň, derýalaryň, daglaryň, deňizleriň, sähralaryň,
ýurtlaryň, şäherleriň jugrafy ýerleşişini reñkler arkaly geçirmeli. Men
ony tiziräk tamamlap, Horezmşa hezretlerine hediýe38 etmekçi bolýan.
Emma patyşanyñ geñeşçisi bolanym üçin köp wagtym köşkde geçýär.
Munyñ jugrafyasyny etmäge wagt tapamok, beÿleki alymlary bolsa öz
işlerinden aýyryp, bu işi tabşyrmak bolanok.
-Ejaza etseňiz, tagsyr, şu işiňizde men ýardam edeýin.
Jugrafyýadan biraz başym çykýar-diýip, Ibn Salam elini gursagyna
goýdy. Biruny oňa garap ýylgyrdy-da:
-Biraz däldir, Bagdatda jugrafyýadan hem çuññur bilim
berýändirler. Ýöne siz hem bu ýere üstünde işlemek üçin bir mowzugy
ýüregiñize düwüp gelensiñiz, ahryn - diýdi.
- Meniñ ýüregime düwüp gelen işime gyssag ýok, ustaz.
- Haýsy ugurdan, nämeniñ üstünde işlemekçidiñiz? -diýip, Biruny
gyzyklanyp sorady.
- Men edebi mirasymyzy öwrenip, şu ugurda ylmy iş etmek niýtim
bardy. Geçmişde-de biziñ ýurdymyzda ençeme ajaýyp şahyrlaryñ, söz
ussatlarynyñ bolanyny bilýärin. Men ol döwürleriñ köşk şahyrlaryndan
başga-da, halkyñ içinde dörän, halkyñ durmuşyny, halkyñ arzuwisleglerini beýan eden söz ussatlarynyñ döredijiligini ýüze çykaryp,
halkymyza ýetirsem diýýän.
- Niýetiñiz gowy niýet. Bu juda möhüm iş, başlaberiñ! Bizem
elimizden gelen ýardamy ederis.
- Ÿok ustaz, bu işe gyssag ýok. Öñürti men ýerimiziň şekliniñ
jugrafyýasyna ýardam edeýin, ondan soñ, nesip bolsa ol işi-de, başga
ylmy işleri-de edibereris.
- Müñ teşekkür,inim Muhammet, meni juda begendirdiñiz.
-Ynamyňyz üçin sag boluň, ustaz. Men onda işe girişiberäýin.
-Girişiberiň, ine çyzgy esbaplary, boýaglar. Ýöne arasynda ýaňy
aýdylan mesele boýunça medreselere-de, hassahanalara-da aýlanyp,
maslahatlaryñyzy berip geliň. Dogrusyny aýtsam, Muhammet, sizi maňa
Hudaý ýetirdi, "Togalagyñ" jugrafyýasyny hem edip, Horezmşa
hezretlerine näçe tiz eltip bersek, ony şonça-da köp begendireris.
38
Hediýe-sowgat
92
-Düşünýän, maňa tabşyran bu işiňizden arkaýyn bolaýyñ, nesip
bolsa, göwnüňizdäki ýaly etjek bolaryn. Oňarmadyk ýerim bolsa sizden
soraryn-diýip, ibn Salam edep bilen elini gursagyna goýdy. Şu arada ýaş
alymlaryň biri ejaza sorap otaga girdi:
-Ustaz, maňa ýunan dilinden terjime etmäge beren rysaladaky
käbir adalgalaryň arapçasy ýok. Olaryň özüni alyberäýinmi?- diýip
Biruna ýüzlendi.
-Özüni alyberiň, ýöne kowusda39 düşündiriş beriň. Onsaňam arap
elipbiýindäki biri-birine meňzeş harplar, olaryň astyny we üstüni bilen
tapawutlanmagy, asyl sözüň üýtgäp durmagy arap ýazuwynyň uly
nogsanydyr. Eger-de şol astyn we üstün belgileriniň biri tötänlikden
goýulmadyk ýagdaýynda sözüň başga bir manyny bermegi hem
mümkindir. Siz ine şuňa has köpüräk üns berjek boluň.
Ýaş alym baş egip çykyp gideninden soň Biruny ýene ibn Salama
ýüzlendi:
-Muhammet, siz gyssanmaň, bu iküç günde bitýän iş däl, gerek
ýerinde ülkeleriň teswiri ýazylan rysalalardan peýdalanyň-diýip, Biruny
beýleki alymlaryň işinden habar almak üçin çykyp gitdi. Ibn Salam
birinji iş gününi Birunynyň hut öz ýanynda, onuň iş otagynda başlanyna
içinden buýsanýardy.
Muhammet ibn Salam ýer togalagynyň şekliniň jugrafiýasynyň
üstünde işlemäge höwes bilen girişdi. Biruny hem köşkdäki işlerinden
sypynyp bildigi «Beýtil hikmä» gelip, ilki bilen Ibn Salamyň işinden
habar tutardy. Käbir ýerlerine düzedişler girizip, maslahatlar bererdi.
Yzyndanam berekellasyny ýetirip öwerdi.
Birunynyň bu işi Ibn Salama tabşyranyny alymlar ilki bir hili
geňräk gördüler. Ýöne işiň gidişini synlanlaryndan soň olar hem
öwdüler. Öwgüni her kim her hili kabul edýär. Ibn Salam öwgüni gowy
gorýän adam däldi. Şonda-da öwgüler oňa-da azda-kände täsir eden
bolmaga çemeli, onuň özüne ynamy has artypdy. Alymlaryň arasynda-da
özüni ynamly alyp barýardy. Ol bir hepdäniň dowamynda "Beýtil
hikmeniñ" alymlaryndan Birunynyň halypasy Abu Nasyr ibn Yrak,
dosty Abu Sahl Masyhy, Abul Haýyr Hammar, Abu Mansur Saalaby, Ibn
Miskä Weýh we Al Hojandy dagylaryñ diñe özleri bilen dàl, alyp barýan
işleri bilen hem tanyşdy.
Ol Bagdatda mahalynda şu alymlaryň hatarynda beýik hekim we
alym Abu Aly ibn Sinanyň hem bardygyny eşidipdi. Emma geleli bäri
ony bu ýerde görmedi. Işe gelen güni Biruny ony erte-birigün geler
39
Kowus- ýaý
93
diýipdi. Emma ondan bäri iki hepde geçdi. Seredýän hassasy agyrrak
bolmaga çemeli. Ony, Birunydan soranynda ol:
-Ibn Sina bir aý bäri köşkde. Ol bimary aýaga galdyrdygy geler.
Görersiňiz, tanyşarsyňyz-diýdi. Ibn Salam Ibn Sina hakynda köp gürrüň
eşidipdi. Onuň bilen tanyşmak arzuwy bardy.
-Ol kişi bilen hem tanyşmak miýesser etse özümi ýene-de
bagtlyrak saýardym-diýip, soňundan bir hili gülümjiredi. Biruny onuň
ýöne ýere gülümjiremänini aňyp:
-Näme bir hili ýylgyrdyňyz? Bir gyzykly zat ýadyňyza düşdi
öýüdýän-diýdi.
-Hawa, tagsyr, Bagdatda Ibn Sina jenaplary hakynda bir gyzykly
gürrüň eşidipdim. Şol ýadyma düşdi.
-Hany, ony bizem eşideli-diýip, Biruny öňündäki çäýnekden ýarym
käse çaý guýup, Ibn Salama uzatdy.-Alyň, bagşylar hem bir dessana
başlamazyndan öň damagyny ölläp alýarlar.
Ibn Salam degişmeden aýdylan bu gepe başyny atyp ýylgyrdy.
Çaýy birki owurtlap, käsäni ýerde goýdy-da gürrüňe başlady.
-Buharada Ibn Sinanyň hekim hökmünde ady çykyp, şöhraty artyp
barýanyna görüplik eden kärdeşleri ony Emire ýamanlaýarlar. Ol hakyky
hekim däl, aldawçy, gözboýagçy diýýärler. Emir bu gepleri barlap
görmek üçin Ibn Sinany köşküne aldyrypdyr. Emir oňa:
-Biziň gyzymyz nähoşlapdyr. Sen hekim bolýan bolsaň emini aýtdiýipdir. Ibn Syna:
-Kyblaýy älem, men gyzyňyzyň damarynyň uruşyny göreýin,
onsoň emini aýdaryn-diýipdir. Emir gaharlanyp:
-Sen gyzymyň eliniň goşaryndan tutjak bolýaňmy? Sen namährem,
ahyryn!-diýýär. Ibn Sina:
-Onda gyzyňyzyň ýatan otagyna baryp, onuň bilegine bir uzyn
sapagy gaýym baglap, beýleki ujuny maňa getirip beriň. Men şol sapak
arkaly nähoşyň damar urşuny barlap, emini aýdaryn-diýýär.
-Ine, munyň bolýar. Men bu aýdanyňy häzir ederin-diýýip, emir
içerki otaglara girip gidip, bir salymdan uzyn sapagyň bir ujuny Ibn Sina
getirip beripdir. Ibn Syna sapagy iki-üç ýola çekip görüpdir-de:
-Emirim, bu nähoşyňyz bir syçan iýse tut ýaly bolýar-diýipdir. Ibn
Sinanyň bu gepine şu ýerde oturan wezir-wekiller haýran galyp, emire
garapdyrlar. Emir ýylgyryp:
-Sözümiz ýok. Siz hakyky hekim ekeniňiz-diýipdir we Ibn Sina
sylag-serpaý edip, goýberipdir. Şundan soň şu ýerde oturanlar emiriň
94
sapagy gyzynyň goşaryna däl-de, pişigiň aýagyna daňyp getirenini
bilipdirler. Biruny bu gürrüňi diňläp hezil edip güldi.
-Huseýniň şöhraty Bagdada-da ýetip barypdyr-da-diýdi. Ibn Salam
Ibn Sinanyň öz adynyň Huseýindigini Birunynyň şu sözünden soň bildi.
-Möwlana, siz ol kişi bilen köpden bäri tanyşmy?
-Men onuň bilen Gürgenje şu gelenimde ýüz görüşdik. Ol
Gürgenje menden has öň gelen ekeni. Ozal onuň bilen hat alyşýardyk.
-Bagdatda ony diňe taýsyz hekim däl, ylymyň köp ugurlaryndan,
şol sanda pelsepeden hem başy çykýan ötgür alym diýip, taryp edýärler.
-Hakykatdan hem şeýle. Ýöne pelsepede ikimiziň pikirlerimiziň
çapraz gelýän ýerleri bar-diýip, Biruny birden dymdy, soñra - Bu
çaprazlyk ilki ýazyşmalarymyzda ýüze çykdy. Şonuň üçin men häzir
onuň bilen ikiçäk oturyp jedelleşmekden gaça durýan-diýdi.
Şu söhbetdeşlikden bir hepde geçip-geçmän «Beýtil hikmä» Ibn
Sina geldi. Ol ilki bilen Birunynyň iş otagyna girdi.
-Oho! Hüseýin! Marhabo!-diýip Biruny ýerinden turup salamlaşyp,
görüşdi.-Hassaňyz aýaga galdymy?
-Hudaýa şükür, gowulaşdy. Basym aýaga galar-diýip,Ýer
togalagynyň şekliniň ýanynda duran Ibn Salama seretdi-de.
Möwlana Biruny, men bu ýigidi tanamadym-la - diýdi. Ibn Salam bolsa,
garaýyşlary ötgür, galyň dodagynyň üstündäki gapgara murty, kelte gara
sakgaly onuň entek ýaş ýigitdigine güwä geçip duran bu adamy gapydan
giren badyna içki bir duýgy bilen tanapdy.
-Bu ýigit Muhammet ibn Salam al Bagdady-diýip, Biruny
ýylgyrdy. Ibn Salam Ibn Synanyň ýanyna gelip, iki elläp edep bilen
görüşip salamlaşdy-da:
-Ustaz «al Bagdady» diýip degşip aýdýar. Men horezminli-diýdi.
-Möwlana Biruny «al Bagdady» diýip, ýöne ýere aýdan däldir. Siz
şol Bagdatda okap gelen ýigit dälmi?
-Hawa, tagsyr, men şol.
-Siz hakda bu ýerde gürrüň edilipdi. Geleniňiz gowy bolupdyr.
Watana ýetesi ýer barmy. Mümkin bolsady, menem Watanyma Buhara
dolanardym-diýip Ibn Sina uludan demini aldy.
Buharany terk edip gaýtmaga mejbur bolan Ibn Sina Watanyny
küýseýärdi. Duşmanlary, diňe özüniň däl, ylymyň hem duşmanlary ony
dinsizlikde günäläp, janyny howp astynda goýandyklary üçin ol
Watanyndan gaçyp çykmaly bolupdy.
-Möwlana, bu «Togalagyňyz» haçan taýýar bolar?
95
-Ony garşyňyzda duran Ibn Salamdan soraň. Onuň jugrafyýasyny
şu kişä tabşyrdyk-diýip, Biruny Ibn Sina oturmagy teklip etdi.
Oturanlaryndan soň Biruny öňünde demli duran çaýdan bir käsä guýup
Ibn Sina uzatdy. Çaýdan bir owurtlan Ibn Sina sowally nazary bilen
garap:
-Jenap Ibn Salam, size juda jogapkärli hem-de juda hormatly iş
tabşyrylypdyr. Ony tizräk tamamlap, köşge eltseňiz Horezmşa
hezretleriniň nazaryna düşersiňiz-diýdi.
-Nesip bolsa, ýene iki-üç hepdeden taýýar bolar-diýip, Ibn Salam
Biruna seretdi-de-Siziň kömegiňiz bilen, ustaz -diýdi. Biruny başyny
atyp, ýylgyryp goýdy. Ibn Sina:
-Meniň muny soraýanym ýöne ýere däl - diýdi.- Horezmşa
hezretleriniň siziň bu zadyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyndan
habarym bar. Arada ol meni huzuryna çagyrdy. Bardym. Weziri agzam
Suhaýly bilen oturan ekenler. Ilki menden hassanyň ýagdaýyny sorady.
Olaryň ikisiniň gürrüňiniň siziň «Togalagyňyz» hakdadygyny, menden
hem soranyndan soň, aňdym. Men bir aý bäri köşkde hassa seredýänim
üçin siziň bu işiňizden habarym bolmansoň belli jogap berip bilmedim.
Ýöne siziň, men gaýtmazymdan öň, onuň şeklini ýasanyňyzy, daşyna
örtmek üçin gowy eýlenen mal derilerini tapdyryp ýöräniňizi aýtdym.
-Ol o zatlary bilýär. Men günde-günaşa onuň ýanynda, ahyryn.
Ýöne menden «haçan taýýar bolýar?» diýip soramaýar. Meni
gyssamajak bolýar öýdýän-diýdi. Ibn Salam :
-Ol ylma juda gyzyklanýan eken. Tebigatyň iň inçe syrlaryny-da
bilesi gelýär. Meniň bilen pelsepeden gürrüň edip oturyp, soňunda şeýle
sowal berdi:
-Möwlana, siz hekim, alym kişi. Adamyň ähli agzalaryny olaryň
işleýşini gowy bilýärsiňiz. Bu dyngysyz urup, durýan ýüregimiz, ýagty
jahany görýän iki gözümiz, aňymyz we beýleki agzalarymyz, «bir katra
suwdan» nädip peýda bolýar? Ylymda bu mugjyza düşündiriş barmy?
-Aly hezret, şol «katra suwuň düzüminde ähli agzalarymyzyň
binýady bar. Tebigatyň «öz özüni dörediş» diýen kanuny esasynda olar
ösüp kemala gelýär.
-Ol binýat diýeniňiz şol «katra suwuň» düzüminde ýerleşýän bolsa
juda kiçijik zat bolmaly.
-Onuň kiçiligi saçymyzyň taryndan hem müň esse diýen ýaly
kiçidir. Ine, künji dänesini alyp görüň. Ösümlik dünýäsinde künji
tohumyndan kiçi tohum seýrekdir. Ýöne şu kiçijik künji dänesi ýere
düşende ondan künjiniň baldagy, ýapraklary we müňläp künji däneleri
96
emele gelýär. Çünki şol emele gelen ösümligiň hem-de hasylynyň
binýady şol bir kiçijik dänäniň düzüminde bar.
-Ol binýat diýeniňiziň özi nireden peýda bolan?
-Tebigatdaky ähli zadyň binýadyny Alla tagala goýan. Şol
binýatlary ösdürip kemala getirmek tebigatyň işi, aly hezret-diýip,
düşündirjek boldum.
Ibn Sina sözüne dyngy berenden Bruny öňki ikisiniň jedelleri
ýadyna düşüp, gödegiräk äheňde hüjüme geçdi:
-Siz Horezmşa hezretlerine-de bar zadyň ýaradyjysy Alla diýmän,
maňa diýişiňiz ýaly, ara ýene tebigaty sokupsyňyz-da!
Ibn Sina Birunynyň ýaşynyň özünden ulydygyny sylap, edep bilen
jogap berdi.
-Möwlana, men tebigatyň kanunlaryna ynanýanym üçin
patyşamyza-da soran zadyny şol esasda düşündirdim.
-Siz tebigatyň kanunlary diýip, dünýäniň, älemiň ýaradylandygyny
hem inkär edýäňiz, ahryn!
-Möwlana, bu älem akyla sygmaýan derejede çäksiz, şeýle çäksiz
zadyň ýaradylmagy mümkin däl. Ol ebedül-ebed bar. Onuň iptidasy
hem ýok, intihasy hem.
-Onda siziňçe älemdäki sansyz ýyldyzlar, seýyaralar, kuýaşymyz,
ýerimiz hem ebedi bar zatlarmy?
-Ýok. Olar tebigatyñ kanunlar esasynda dürli döwürlerde dörän.
-Goý, şeýle bolsun. Olaryň ýerleşişi-kuýaşyň ortada, seýaralaryň
onuň daşynda aýlanma hereketi kim tarapyndan guralan? Siz, ahryn,
dünýäniň merkezi ýer däl-de, kuýaşdygyna ynanýaňyz-a! Pikir edip
görüň. Eliňize bir näçe maýda daşlar bilen bir ulyrak daşy alyp, olary
näçe müň gezek ýokary atsaňyzam olar aşak gaçanda iri daşyň orta,
maýda daşlaryň onuň töweregine tertip bilen ýerleşip düşmegi
mümkinmi?
-Daşlaryň şeýle tertipde düşmezligi mümkin. Ýöne Gün bilen
seýaralar ýokary zyňylan daşlar däl...
Biruny elini siltäp, ýüzüni kese sowdy. Söhbetdeşiniň
gyzmalygyny bilýen Ibn Sina geplemän, çykyp gitdi.
Biruny Ibn Salama garap:
-Men bu adam bilen teý düşünişip bilmedim - diýdi .- Ozalky
söhbetlerimiz hem şeýle çekeleşikli geçdi. Ol ilki ýeriň çekiş güýjüni
hem inkär edipdi. Nämemiş, eger ýer ähli zady özüne çekýän bolsa onda
ot ýananda alaw näme üçin aşak däl-de ýokary örýär-diýýar. Iň beteri
onuň dünýäniň ýaradylandygyny inkär etmegi. Onuň bilen öňem şu
97
mowzugda jedelleşenimizde men oňa: «Siz dünýäniň ýaradylandygyny
inkär etmek bilen, onuň ýaradyjysy Hudaýy hem inkär edersiňiz»
diýenimde ol: «Ýok. Men Hudaýy inkär edemok. Ýöne Hudaý ýaradyjy
däl, tebigat öz kanunlary esasynda ösýär, özgerýär» diýdi. Şeýle küpür
pikirli adamy dini-yslamyň güýçli merkezlerinden biri bolan Buharada
ýaşatmazlar. Ol şonuň üçinem bäri, Gürgenje gaýdan bolmaly. Biruny
Ibn Salama bu zatlary gaharyny gaçyrmak üçin aýdan bolsa gerek,
şundan soň biraz köşeşdi.
***
Muhammet Ibn Salam iküç hepdäniň içinde Biruny bilen has
öwrenişdi, ruhy taýdan ýakynlaşdy. Işiň arasynda özüni gyzyklandyrýan
zatlar barasynda sowallar berip, jogaplaryny jan gulagy bilen diňlärdi.
Biruny hem diňe ylmy söhbetdeşligi däl, göwnüne ýaraýan adam bolsa
onuň bilen mesawy gürrüň etmegi-de halaýardy. Ol Ibn Salama özüniň
Kätde ýaşan döwri, eden işleri barasynda gürrüň berip, onuň hem
Bagdatda ýaşan ýyllary, ondan öňki durmuşy bilen gyzyklanypdy. Ibn
Salam şazada Abul Harys bilen bolan wejeralykdan başga başyndan
geçenleri gürrüň beripdi. Birunyny onuň sazanda gyz Rugsary guldaryň
elinden alyp gaçany, aýaly Mahynuryň erkek lybasyna girip, ony gözläp
tapany has gyzyklandyrdy. Şol arada Ibn Salamyň kellesine bu beýik
alymyň terjimehalyny geljekki nesiller üçin ýazyp galdyrmak pikiri
geldi. Ol şu pikir bilen işiniň arasynda şol işe-de başlapdy. Bir gün
Biruny köşkden keýpi kök halda geldi. Ibn Salamyň işini gözden geçirip,
ony öwdi. Ibn Salam pursatdan peýdalanyp, Birunynyň daşary ýurtlarda
bolan döwründen gürrüň gozgady:
-Möwlana, men siziň Kätde ýaşan döwrüňiz barada beren
gürrüňiňiz esasynda ömür beýanyňyzyň başky bölümini ýazyp goýdum.
Indi Kätden gideniňizden soň daşary ýurtlarda ýaşan ýyllaryňyzda
başdan geçirenleriňiz, eden işleriňiz barada gürrüň beraýseňiz, ony-da
kagyza geçirsem...
-Ol zatlar size nämä gerek?-diýip, Biruny Ibn Salamyň sözüni
kesip sorady.
-Ustaz, nesip edip, siziň bilen bir ömür bile bolsam, geljekki
nesillere siziň doly terjimehalyňyzy ýazyp galdyrmak niýetim bar.
-Heý, molla Muhammet-diýip, Biruny birinji sapar onuň adyny
dostlarça degişip tutdy.- Siz patyşalaryň ýanynda ýöräp, olaryň taryhyny
ýazýan taryhçylara öýkünmekçi bolýaňyzmy? Men patyşa däl, sizem
meniň taryhçym boljak bolup azara galyp ýörmäň.
98
-Dogry, siz patyşa däl, ýöne patyşalardan hem beýik şahsyýet siz.
Geljekki nesillere-de beýik işler eden beýik şahsyýetleriň taryhy gerek,
ahbetin.
Biruny kellesini ýaýkap güldi.
-Men özüm-ä beýiklik derejesine ýetendirin diýip pikir edemok.
Entek edilmeli işler öňde. Ýöne size gerek bolsa gürrüň bereýin-diýip,
Biruny bir salym oýa çümüp oturdy-da-Onda atdaşyňyz Muhammet
Tarhana çaý buýruň. Bagşylar hem aýdymy çaý owurtlap aýtmasa sesi
gowy çykmaýar-diýip ýylgyrdy. Ibn Salam çykyp, çaý buýuryp geldi.
Biruny:
-Bir oturyşda on bäş ýyllyk wakalary aýdyp tükedip bolmaz. Häzir
men size hakydamda öçmez yz galdyranlaryny gürrüň bereýin-diýdi.
Muhammet Tarhan mejimede iki çäýnek çaý bilen şaha nabat getirip
gitdi. Biruny suwsap gelen bolmaga çemeli yzly-yzyna iki käse çaý içip,
ýene-de käsesine çaý guýup gürrüňe başlady. Ol gürrüňiniň arasynda çaý
süzüp, berilip gürüň edip oturşyna gün ýaşyp, agşam namazynyň wagty
bolanyny hem duýman galdy. Ibn Salam hem tutuş göwresi gulaga
öwrülip wagt diýen zady unudypdy.
Ibn Salam üç gün Birunynyň beren gürrüňiniň täsirinde gezdi. Ony
ýöne habar görnüşinde däl-de çeperräk görnüşde ýazmaklygy
meýilleşdirdi. Şeýlelikde gündizleri Ýer togalagynyň şekliniň
jugrafiýasynyň üstünde işlese, gijelerine hüjresinde bir şem ýanyp
gutarýança ýazdy. Ol Biruniniñ Reýde, daşary ÿurtdaky soñky menzili
Gürgende geçen durmuşynyñ beýanyny soñlap, onuñ özüne okap
bermekçi boldy. Biruny-da garşy bolup durmady. Wagt tapyp, ikiçäk
oturdylar. İbn Salam okap başlady.
XIV BAP
Dogduk mekany, ýaşlygynyň ajaýyp döwri geçen Kätden baş alyp
çykyp gaýdanyndan soň Biruny ilki Reý şäherine bardy. Bu gözel, asuda
şäheriň emiri Fath ad Döwlä ýogalanyndan soň ogullary Seýit we Şe
ms ad Däwleler ýaş çaga bolandyklary üçin hökümdarlyk aýaly Saýida
hanymyň paýyna düşen ekeni. Şähere çetden gelen-gideni köşke habar
bermek düzgüni boýunça musapyrhana Kätden Abu Reýhan al Biruny
atly bir adamyň gelip düşenini Saýida hanyma habar berdiler. Saýida
hanymyň diňe Horezminde bolan uruşdan we özgerişlikden däl, Afrigler
nesilşalygynyň paýtagty bolan Kätde ýaşlygyna garamazdan ylym
äleminde eýýam özüni tanadan Biruny atly alymyň ýaşaýandygyndan
hem habary bardy. Saýida hanym musapyrhanadan habar gelen badyna
ol ýere adam iberip, Birunyny köşgüne çagyrtdy. Biruny köşgüň
99
haşamly eýwanynyň töründäki tagtyrowanda oturan otuz ýaşlar
çemesindäki görmegeý zenana gözi düşende öz içinden «Patyşalyga
mynasyp aýal eken» diýip goýdy. Däbe görä oňa tagzym etdi. Saýida
hanym hem sakgal-murty ýaňy taban, gözlerinde danalyk alamatlary
balkyp duran ýaş ýigide synçy nazaryny dikip, mylaýym ýylgyrdy:
-Aburaýhan al Biruny diýenleri siz bolsaňyz hoş gördük,
şäherimize hoş geldiňiz-diýip, oturmaga ýer görkezdi. Biruny ýene bir
gezek baş egip, tagzym etdi-de görkezilen ýere geçdi. Ol tagtyň iki
tarapynda oturan adamlara bir ýola göz aýlap, olar bilen kelle kakyp
salamlaşdy.
-Biziñ Horezminde bolan ýagdaýdan habarymyz bar jenap Birunydiýip, Saýida hanym söhbetdeşlige söz açdy. -Ýöne siziň ýurdüňyzy
taşlap gaýtmagyňyza nämeler sebäp bolanyny bilmedik.
Biruny bu aýalyň söhbetdeşini soraga tutan ýaly «Näme sebäp
boldy?» diýmän «Nämeler sebäp bolanyny bilmedik» diýeninden inçe
tebigatly, edep kadalaryny doly saklaýan ynsandygyny aňdy.
-Melikäm, meniň ýurtdan çykyp gaýtmagymyň birinji sebäbi
zalyma gulluk etmezlik.
- Onda bize gulluk etmegiňize umyt baglasam bolarmy? Meni
entek hiç kim zalymlykda aýyplamady.
-Men kimem bolsa şahsyýete däl, onuň Aly hezreti Ylma gulluk
edýärin.
Birunynyň jogaby Saýida hanyma biraz ýokuş degse-de bildirmedi,
kellesini ýaýkap gülümjiredi-de:
-Beýle jogaby menden başga, käbir hökümdarlaryň ýanynda
aýtsaňyz sizi jezalandyrmaklary mümkin - diýdi.
-Men siziň şol käbirleriň hatarynda däldigiňizi, kalbyňyzyň hem
keşbiňiz ýaly biçak gözeldigini ýüregim duýany üçin gönümi aýtdymdiýip, Biruny oturan ýerinde başyny egip, tagzym etdi. Öwgi ýaramaýan
zenan barmy, Saýida hanym mylaýym ýylgyryp:
-Men hakdaky gowy pikiriňiz üçin sag boluň, jenap Biruny-diýdi.
-Melikäm, rugsat etseňiz, Biruny jenaplaryndan soramaly
zatlarymyz bar-diýip, oturanlardan biri dillendi.
-Men gidýän, sizler hem meýlisler eýwanyna geçiň. Saçak
ýazylandyr, şamlyk wagty boldy, arkaýyn oturyp iýip-içiň. Şol ýerde
jenap Biruny bilen hem sowal-jogap edişiberiñ - diýip, Saýida hanym
tagtyndan turdy. Patyşanyň hormatyna hemmeler onuñ bilen deň aýaga
galdylar. Saýida hanym çykyp gidenden soň Biruny galan adamlarwezirler, wekiller, geňeşdarlar, serkerdeler, münejümler we başga-da
100
jemi ýigirmä golaý adam bilen görüşip çykdy. Soňunda görüşen mele
gytyk sakgally, ak ýüzli, mawy gözli orta ýaşlaryndaky adam onuň elini
goýbermän ýüzüne mähir bilen seredip şeýle diýdi:
-Siz, Abu Sahl Masyhy diýen bir biçäre ylym fidaýysy* barmyş
diýip eşitmediňizmi?
Biruny bu kişiniň keşbinden we aýdýan sözlerinden onuň nasrany *
dinindäki tanymal alym, meşhur hekim Masyhydygyny aňdy. Ol
mylaýym ýylgyryp:
-Alym hökmünde dabarasy dag aşan, hekim hökmünde şöhraty
äleme ýaýran adamyň mübärek adyny bu dünýäde eşitmedik barmyka?diýdi. Masyhy Birunyny gujaklap, bagryna basdy.
Biruny geljekde özüniň hakyky dostuna öwrülen Abu Sahl
Masyhyny ilki şu ýerde-nesibesi çekip gelen Reý şäherinde duşurdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 09
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.