Latin

Gürgenç I - 13

Total number of words is 3759
Total number of unique words is 1964
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
buýruk däl, haýyş äheňinde aýtdy. köşk sahyby bir hili ýaýdanjyrap
galdy. Onuň bul bolşuna geň galan Abul Harys:
-Näme dursuň? Meniň aýdanymy eşitmediňmi?-diýdi.
-Eşitdim, aly hezret, häzir adam iberýän-diýip, çykyp gitdi. Onuň
ýaýdanjyranynyň sebäbi bardy. Ol Ibn Salamy Abul Abbasyň ýüz atly
bilen Hazarasp galasyna iberenini, ol ýerden soltana Abul Harysyň
goşun çekip Gürgenje gelýänini habar bermegi tabşyranyny bilýärdi. Ol
şuny tasdanam dilinden sypdyrypdy. Birden dilini dişledi. Aýtmady.
Doly dönük bolandan ýarym dönük bolanyny gowy gören bolmaga
çemeli.
Ibn Salamyň gözlegine iberilen adamlar ony şäherde hiç ýerden,
hatda obadaky kakasynyň öýünden hem tapman geldiler. Abul Harys:
«Bä, adamam şeýle ýitirim bolsa bolaýan ekenow, özi aýatda dirimikä
ýa ýene Bagdada gitdimikä... Abul Abbasyň Gazna iberen alymlarynyň
içinde ol ýokdy» diýip, oýlanyp oturşyna birden göz öňüne atda, erkek
lybasynda bir görmegeý ýigide meňzäp barýan Rugsar geldi «Eýýäm
barjak menziline barandyram. Garyndaş-doganlary ony nähili
garşylarka? Gullukda gyrnak bolan aýal hökmünde kese göz bilen
seretmezmikäler? «Aý agzy gyşyk bolsa-da baýyň ogly geplesin»
diýenleri ýaly meniň beren altynlarym bilen baý hatyn bolup barsa
gullugynda durjaklaram tapylar. Özüne laýyk ýigidem tapylman durmaz.
Hernä bagtly bolsun-da... Onuň bilen geçiren demlerim ömrümiň
ahyryna çenli ýadymdan çykmasa gerek» diýip, Abul Harys içini
gepledip, geçen günlerini ýadyna düşürdi.
***
152
Kaljy hanym kenizleri bilen bile ýumşak düşelen tagtyrowanda hiç
zatdan kösenmän baş gije-gündizi parahat geçirdi. Saparyň altynjy güni
irden Hazarasp galasyna ýetenlerinde olary goragyndaky nökerlerden iki
esse köp ýaragly atlylar gurşap aldylar. Nökerleriň baştutany atlylaryň
serkerdesine gözi düşenden ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol:
-Muhammet Salam! Bu sizmi? Baý, gorkuzdyňyz-a-diýdi.
-Hawa men. Siz meni nirden tanaýaňyz?
-Gürgençde medresede okanyňyzda menem bardym. Ýöne men bir
ýyla-da ýetmän medresäni terk etdim. Kelle ylyma çatmady.
-Hä-ä, menem sizi bir gören adamyma meňzetdim. Medresede
wagtyňyzda bisakgaldyňyz. Häzir bolsa biraz sakgal goýberipsiňiz.
Şonuň üçin tanamadym, bagyşlarsyňyz-diýip, Ibn Salam oňa ünsli
seretdi.-Indi sizden «ýol bolsun» soraly ugruňyz nirä, tagtyrowandaky
kim?
Nökerbaşy birden ykjamlandy. Kellesine gelen pikirden gorkup
gitdi. «Bular Abul Abbasyň adamlary bolmaly. Bizi sag-aman
goýbermeseler gerek...»
-Näme dymdyňyz? Meniň soragyma jogap beriň!
Buýruk äheňinde berilen bu sowal nökerbaşyny has aljyratdy.
-Biz Gazna barýas... Kaljy hanymy ýurduna eltip gaýtmak üçindiýip, ol biraz säginip jogap berdi.
Kaljy hanymyň Abul Abbas al Mämüniň aýalydygyny, Gaznalynyň
doganydygyny hemme bilýär. Ibn Salam oýa çümdi: «Diýmek, Abul
Abbas öldürülen. Kaljy hanymy näme maksat bilen ýurdyna iberipdir?
Gaznalydan gorkany üçinmi? Diňe onuň üçin däldir, başga-da bir gep
bardyr. Muny anyklamak gerek. Bulary gala salyp, Kaljy hanym bilen
gepleşip görmeli» diýen pikir bilen nökerbaşa ýüzlendi:
-Onuň ýaly bolsa gala sowulyň, dem-dynjyňyzy alyň. Ýol
harajadyňyzyň üstüni doldurarsyňyz.
-Köp sag boluň, taňryýalkasyn. Biz ýaňyrak düşläp, demdynjymyzy alyp gelýäs. Ýol harajadymyz hem ýeterlik. Ýol kişisi ýolda
ýagşy diýipdirler. Bizi eglemäň-diýip, nökerbaşy sypaýçylyk etdi.
Tagtyrowanyň derçesindäki tutyny bir gyra çekip, jyklap oturan Kaljy
hanym bu adamlaryň ärine derekdigini aňyp:
-Hödür-kerem edýän bolsalar sowulaýaly-diýdi.
Nökerbaşy:
-Ýok, melikäm, sizi beýik soltana näçe tiz eltip gowşursam şonça
ýagşy. Maňa tabşyryk şeýle-diýdi.
153
-Sen näme, melikäniň islegine-de garşymyň? Hany gitdik!-diýip,
Ibn Salam buýruk äheňinde aýtdy. Nökerbaşy özleriniň gala
salynmaklary gowulygyň alamaty däldigini aňsa-da, nalaç gala
sowulmaly boldy. Nökerleri we nökerbaşyny ýaragsyzlandyryp,
esgerleriň umumy ýatakhanalarynyň birine saldylar. Kaljy hanymy bolsa
kenizleri bilen mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen otagda
ýerleşdirdiler. Kaljy hanym ärine tabyn bu adamlaryň özlerini näme
maksatda saklandyklaryny bilmäge howlugýardy. Ol köp garaşmady.
Çaý-suwdan soň Ibn Salam idin sorap onuň huzuryna girdi:
-Melikäm, men patyşamyzyň ýakyn adamlarynyň biri Muhammet
ibn Salam-diýdi.-Aly hezret maňa Abul Harys Gürgenje girmezinden öň
ýüz atly bilen şäherden çykyp gitmegimi, Hazarasp galasyny alyp, ol
ýerden agaňyza ýagdaýy habar etmegimi tabşyrdy. Men agaňyza çapar
iberdim. Indi siz maňa Gürgençden habar beriň. Aly hezret amanmy?
-Aly hezret şehit boldy.
-Wallahy älem! Şehitleriň jaýy jennetdir-diýip, Ibn Salam
horezmşanyň ruhyna degsin edip, Gurhandan bir süre okady.
-Siziň gelýäniňizi görüp, özüm hem şeýle pikire gelipdim. Aly
hezret aman bolanda siziň gaýtmajagyňyz belli-diýip, Ibn Salam bir
salym sägindi-de.-Melikäm, men bir zada düşnemok. Abul Harys sizi
nähili goýberäýdi?-diýip sorady.-Agaňyzdan gorkany üçin däldir-le.
Kaljy hanym derrew jogap bermedi, dymdy.
-Nämä dymýaňyz, maňa ynanmaýaňyzmy?
-Ynanýan. Siziň möwlana Birunynyň ýasan Ýer togalagynyň
jugrafiýasyny edendigiňizi hem, alymlar Gazna gidensoň aly hezretiň
hyzmatynda galandygyňyzy hem bilýän. Maňa özi gürrüň beripdi. Ýöne
men boýun alyp gaýdan zadymy size aýtsam ony siziň nähili kabul
etjegiňizi bilmän dymdym.
-Boýun alyp gaýdan zadyňyz kimiň peýdasynadygyny men
bilmeli, melikäm. Şonuň üçin ony maňa aýtmasaňyz bolmaz-diýip, Ibn
Salam Kaljy hanyma talap ediji nazar bilen garady.
Şundan soň Kaljy hanym Abul Harys bilen aralarynda bolan
gürrüňi jikme-jik aýdyp berdi. Hatda parahatçylyk ýola goýulansoň Abul
Harys sawçy iberse oňa hatyn bolmaga razylyk berjegini hem gizlemedi.
Kaljynyň soňky gepi Ibn Salamyň oňa bolan hormatyny şo bada ýitirdi.
«It wepa, hatyn jepa» diýip şunuň ýaly aýallar hakynda aýdylan ekenow. Galan ömrümde ärsiz galaýmaýyn diýip, öz äriniň katylyna-da*
barmaga razy bu zenan» diýip, içini gepleden Ibn Salam:
154
-Kaljy hanym, siziň aýdyşyňyz ýaly gan döküşikligiň bolmany
elbetde, gowy, emma jenaýatçy jezasyz galsa gowy däl. Şonuň üçin men
siziň Abul Harysa beren sözüňizi ýerine ýetirmegiňize ýol berip biljek
däl. Sebäbi soltandan hakykaty gizläp, ony aldamak gowy däl. Şoňa
görä agaňyz gelýänçä siz şu ýerde garaşmaly bolarsyňyz.
-Tussaglykdamy?
-Hormatly saklawda-diýip, Muhammet ibn Salam Kaljynyň
ýanyndan çykdy. Ol esgerleriniň onbaşylaryny çagyryp, Kaljy hanym
bilen gelen nökerleriň saklawuny has güýçlendirmegi tabşyrdy.
-Eger şu nökerleriň biri gaçyp, Gürgenje habar ýetiräýse, bäş ýüz
atly gelip, biziň külümizi göge sowurar. Biz soltan Mahmyt gelýänçe şu
ýerde saklanmaly-diýip, Ibn Salam esgerlerine düşündirdi.
XXII BAP
Muhammet ibn Salamyň iberen çapary Gazna ýetip baranda soltan
Mahmyt öz köşgünde Biruny bilen fäläkiýet ylmyna degişli hadysalar
barada gürrüň edip otyrdy. Birunynyň Gazna gelenine ençeme wagt
bolan bolsa-da, soltany onuň ylmy söhbetleri irizmändi. Ilki başda
aralarynda düşünişmezçilik boldumy nämemi soltan ony tas
jezalandyran eken. Beýle ýagdaýa baryp ýetilmeginiň sebäbini anyk
bilýän ýok. Ýöne bu hakda şeýle bir rowaýat bar:
Soltan Mahmyt Biruny bilen ilkinji duşuşygynda oňa şeýle sowal
berýär:
-Siz Horezmşa Abul Abbasa ýerimiziň şeklini togalak bir zat
görnüşinde ýasap beripsiňiz we ony asmanda hereket edýär diýen pikiri
aýdypsyňyz. Şu dogrymy?
-Dogry, kyblaýy älem. Ýerimiz togalak, ol älem giňişliginde
hereket edýär.
-Onuň ýaly bolsa älem giňişligine ýeriň üstündäki zatlar saçylyp
gitmezmi?
Biruny soltanyň bu sowalyna “Allanyň eradasy bilen hiç zat
saçylyp gitmeýär, butnaman durýar” diýip jogap bereninde gülala-güllük
boljak ekeni. Emma ol alymlyk mertebesini saklap, ylmyň gelen
netijesine görä jogap berýär:
-Kyblaýy älem, ýerimiziň özüne çekiş güýji bar. Muňa ylymda
ýeriň özüne çekiş kanuny diýilýär. Şu kanun esasynda üstündäki ähli
zatlary ýer özüne çekip durýar.
-O nähili kanun?! Kanunlary hökümdarlar çykarýar. Ýeriňem bir
kanuny bolarmy?!-diýip Soltan Biruna azgyrylypdyr.
155
-Kyblaýy älem ýeriň özüne çekiş kanuny hökümdarlaryň
kanunyndan has güýçlüdir-diýip goýberenini özü-de duýman galypdyr.
Birunynyň bu jogabyna dergazap bolan soltan:
-Alyp çykyň ony! Minaradan aşak oklaň, ýeriň çekiş kanuny özüne
çekip alsyn!-diýip buýurýar. Biruny gorkmagyň deregine ýylgyrypdyr.
Muňa geň galan Soltan:
-Näme ýylgyrýaň?-diýip soranynda Biruny şeýle jogap beripdir.
-Kyblaýy älem, külli musulman äleminiň hökümdary, dini yslamyň
daýanjy beýik Soltan Mahmyt Gaznalynyň buýrugy bilen ölsem meniň
ölümim taryhy ölüm bolar. Asyrlar aşa meniň ölümim siziň mübärek
adyňyz bilen bile agzalar. Munuň ýaly äleme ýaýyljak ebedi şöhrat her
kime miýesser edenok. Şonuň üçin men begenjime ýylgyrdym.
Birunynyň bu sözi soltany oýa çümdüripdir. “Be hakykatdan-da
şeýle boljag-ow. Men oýlanman dilimden sypdyraýypdyryn bu buýrugy.
Emma meniň agzymdan çykan sözüňem ýerine ýetirilmän galan wagty
ýok. Indi nädip bolar” diýip, içini gepleden Soltan Biruna seredip.
-Meniň-ä seni öldüresim gelenok. Ýöne men patyşa, patyşanyň
agzyndan çykan buýruk ýerine ýetirilmese bolmaýar. Düzgün şeýlediýýär. Biruny ýene ýylgyrypdyr-da:
-Onuň ýaly bolsa meni minaradan oklaýsynlar-diýýär.
-Oklasalar ölersiň-dä.
-Eger hakykatdan-da meni öldüresiňiz gelmeýän bolsa men
ölmerin.
-O nähili ölmersiň? Minaradan oklananlaryň ölmän galany ýok.
-Kyblaýy älem, siz meni diňe minaradan oklamagy buýurdyňyz.
Minaradan oklap, öldürüň diýmediňiz. Şonuň üçin meni buýrugyňyzy
ýerine ýetirmek üçin minaradan oklasynlar. Ýöne meniň gaçjak ýerime
bir harman saman üýşürsinler.
Soltan Mahmyt Birunynyň ugurtapyjylygyna ten berip, gülüp
goýberipdir. Ine, şu wakadan soň soltan bilen alymyň arasynda gowy
gatnaşyk başlanypdyr.
Horezmden çapar gelenini habar berenlerinde Biruny bilen açylyp
söhbet gurup oturan Soltan Mahmytyň ýüzi agras sypata girdi. “Bu
çapar näme habar getirdi-kä, eýgilikmikä?” diýen pikire gitdi. Çapar
girip, dyzyna çökdi:
-Aýt habaryňy!-diýip soltan sabyrsyz seslendi.
-Kyblaýy älem, Hazaraspdaki goşunymyzyň serkerdesi Alp Tegin
bilen Şazada Abul Harys patyşamyza garşy goşun çekip, Gürgenji
156
gabadylar. Patyşa bizi-ýüz atlyny günbatar derwezeden çykaryp
goýberdi. Hazarasp galasyna baryp, size habar etmegimizi tabşyrdy.
Bu habar Soltan Mahmydyň içinde harasat turuzan bolsa-da
sowukganlyk bilen sorady:
-Ýüz atly diýdiňmi, ýüz atly bolup geldiňizmi?
-Ýok. Üç atly bolup geldik. Galanlarymyz Hazaraspda Size
garaşýarlar.
Soltan Mahmyt bir tarapdan dogany bilen giýewisi üçin
teşwişlense, ikinji tarapdan Horezmi basyp almak üçin bahana
tapylanyna begenýärdi. Ol çapara garap;
-Sizler iküç gün dem dynjyňyzy alyň. Onsoň biziň bilen Gürgenje
gidersiňiz. Ol pitneçileriň jezasyny bermesek bolmaz-diýip, Soltan
çapary çykaryp goýberdi. Soňra Biruna garap:
-Ine, möwlana, şeýle zamana. Tagt üçin ini agasyny, ogul kakasyny
çapmaga taýyn. Ýogsam, Abul Harys keseki däl, Abul Abbasyň agasy
Alynyň ogly.
Biruny şu pursatda bir agyz söz tapyp aýtmakdanam ejizdi. Onuň
kellesinde howatyrly pikirler at salýardy. “Gaznalynyň goşunyna ýurdy
depeletmejek bolup, onuň iberen atlylarynyñ öňüne düşüp gaýdany indi
hiç boldy. Indi Gaznaly basdyryp barsa, gör nähili weýrançylyklar bolar.
Jepakeş ýurdym Horezmin”. Şeýle pikirler bilen ýüregi gyýylan Biruny
soltana ýüzlendi:
-Kyblaýy älem, Horezmine goşun çekip ýörmän, pitneçileri bäri
aldyryp, jezalap bolmazmy?
Gaznaly Birunynyň maksadyna düşündi, kellesini ýaýkap:
-Möwlana, siz asman bilen, asmandaky jisimler bilen boluberiň.
Ýerdäki işleri özüm oňararyn-diýdi.
***
Muhammet ibn Salam Gazna iberen çaparynyň ýetip barjak
wagtyny, Gaznaly goşun çekip geläýse näçe günde geljegini barmak
büküp sanap, sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Çünki, Kaljy hanymyň
Hazaraspda saklananyny Abul Harysyň bilip galmagyndan howatyr
edýärdi.
Bir aý diýende gündogar tarapda al asmana çykan tozan göründi.
“Gelýär! Leşger gelýär!” diýip, içinden begenen Ibn Salamyň ýüregine
bir salymdan başga howatyr aralaşdy: “Gaznala diñe pitneçileri
jezalandyrmak başartmasa iki arada söweş başlanyp uly gyrgynçylygyñ
boljagy ikuçsyz. Beýle ýagdaýa ýol bermezligiň ugruny tapmaly” diýen
pikir kellesinde at salyp başlady.Emma näçe oýlansa-da, entek
157
Gaznalynyň niýetini we häsiýetini bilmän munyñ ugruny tapmak
mümkin däldi. Şonuñ üçin Ibn Sslam soltany hormat bilen garşylamagyñ
ugruna çykdy. Ol derhal öñden gepleşip goýan Hazaräspiñ
kethudalaryny, ak sakgally ýaşulylaryny jemläp, goşunyñ garasy
görnenden duz-çörek göterip galanyñ öñünden geçýän ýola çykdy. Uly
ýoly dolduryp gelýän leşgeriň yzy görnenokdy. Öňdäki hataryň
ortasynda gelýän kellesi tylla jygaly bolsa-da egni ýönekeý gök ýuka
donly soltan Mahmyt biraz ýadow görneni üçinmi o diýen gazaply
adama meňzemeýärdi. Ýek-tük ak aralaşan tegelek gara sakgaly,
gytygrak murty güne birneme ýanan garameňiz ýüzüne gelişmänem
duranokdy. Golaýlap gelen soltanyň bu sypatyny synlan Ibn Salamyň
göwnünde gowulyga umyt döredi. Ol bu adamy uly gandöküşüklik
etmän, adalaty dikeltmegiň başga ýoluna yryp bolar diýip ynanasy geldi.
Soltan Mahmyt uly ýoluň üstünde sap bolup duran elleri saçakly
adamlaryň öňüne gelip, atynyň başyny çekdi. Salam berip atdan düşdi:
-Biz soltan bolsagam duzdan uly däldiris-diýip, ýaşulylaryň biriniň
elindäki saçakdan çörek alyp duz datdy. Ýaşulylar:
-Hoş geldiňiz Horezmine beýik soltan!-diýip deň seslendiler.
-Hoş geldiňiz diýseňizem, biziň gelenimizi içiňizden hoş görüp
durmandygyňyzy bilýän. Ýöne bizi bu ýere gelmäge mejbur eden
ýagdaýy-da bilseňiz gerek-diýip, Soltan Mahmyt öňünde duranlara
synçy nazaryny dikdi. Ýaşulylaryň biri:
-Ony-da bilýäs-diýdi.-Biz Siziň ýurdumyza gelmegiňizi adalaty
dikeltmek, parahatçylygy berkarar etmek, galyberse-de iküç pitneçiniň
jezasyny bermek üçin diýip düşünýäris, beýik Soltan.
Soltan Mahmyt kellesini atyp, kinaýaly ýylgyrdy. Ak sakgally
gojalaryň hatarynda duran gara gytyk sakgally Ibn Salama ünsli
seredip:-Gürgençden gaçyp gaýdan ýüz atlynyň serkerdesi siz dälmi?diýdi. Ol “gaçyp” diýen sözi bilgeşleýin aýtdy.
-Men şol, kyblaýy älem. Ýöne biz gaçyp çykmadyk. Patyşamyz
buýurmadyk bolsa galyp pitneçiler bilen söweşerdik.
-Ýeri bolýa. Patyşaňyzdan habaryňyz barmy?
-Ony Size Kaljy hanym aýdar, Kyblaýy älem.
-Kaljy şu ýerdemi?-diýip, Soltan howlugyp sorady.
-Şu ýerde, sag-salamat, kyblaýy älem. Sizem şu gün Hazaraspda
düşleseňiz Kaljy hanym bilen arkaýyn gürleşerdiňiz. Menem sizi käbir
zatlardan habarly ederdim-diýip Ibn Salam haýyş äheňinde aýtdy. Soltan
Mahmyt doganynyň şu ýerdeligini eşidip, begenjine Ibn Salamyň
teklibine razy boldy. Ol goşunyna galanyň daşynda goş ýazdyrmaga
158
buýruk berip, özi wezir-wekilleri bilen gala sowuldy. Galanyň
derwezesiniň öňünde Kaljy hanym kenizleri bilen bile agasyny garşy
aldy. Soltan eňilip tagzym edip duran doganynyň başyny galdyryp,
maňlaýyndan ogşady. Saglygyny sorap, içeri ýöneldi. Kaljy agasynyň
Abul Abbasy soramanyny bir hili gördi. Soltan bolsa doganynyň ýeke
özüniň şu ýerdeligini eşideninde Abul Abbasyň aýatda diri däldigini
aňypdy. Şonuň üçin içerde ähli bolan zatlary jikme-jigine ýetip
soramakçydy. Ibn Salam Soltany ýörite taýýarlap goýan jaýyna
ýerleşdirdi. Onuň adamlary üçinem gowy dynç alar ýaly şertler
döredildi. Soltan Mahmyt bolan wakalary bilmäge howlugyp, çaýsuwdan-da öň Kaljy hanymy çagyrtdy:
-Kaljy, bolan zatlaryň ählisini maňa bir ujundan gürrüň ber-diýip,
Soltan doganyny garşysynda oturtdy. Kaljy hanym agasyna Abul Harys
bilen bolan gürrüňi bir başdan aýdyp berdi. Emma sawçyly gürrüňi
ýaşyrdy, aýtmady. Soltan Mahmyt Abul Abbas öldürilenden soň Abul
Harysyň onuň aýalyna göz dikenine biçak gazaplandy. Ol “Men seniň bu
etmişiňi gözüňe görkezerin” diýip hüňňürdedi. Soňra Kalja:
-Şeýdip sen ondan gutulmak üçin parahatçylygy wada berdiňmi
ýa-da çynyň bilen oňa degmezlige meni yrjakmydyň?-diýip synçy
nazaryny dikdi. Kaljy aşak bakdy:
-Men gan döküşüklik bolmazlygy üçin...-diýip sägindi.
-Düşnükli. Muhammet Salam seni Gazna ibermän dogry edipdir.
Ýogsam sen gör nähili ýalan deliller bilen meni aldap, bäri goşun
çekdirmejek ekeniň. Sen äriňi öldüren, parahat durmuşyňyzy bozan
adama näme üçin beýle ýagşylyk etjek bolýaň? Sebäbini aýt!-diýip
Soltan azm urdy.
-Men ýagşylygy oňa däl, halka, esgerlere etjek boldum. Uruş bolsa
gör näçe adam gyrylar ahyr, aga-diýip Kaljy agasyna naýynjar bakdy.
-Ha-ha! Görseňiz-le meniň nähili ýüregi ýuka, rehimdar doganym
bar-diýip Soltan ýansyly gürledi.- Sen näme, uruşsyz, jeňsiz maksada
ýetip bolmaýanyny bileňokmy? Bar, çyk! Aýal başyň bilen syýasata
goşuljak bolma-diýip Soltan Kaljy hanymy çykaryp goýberdi.
Gaznalynyň Kaljy hanym bilen gürrüñiniň gutarmagyna garaşyp
duran Muhammet Salam oňa hezzet baryny edip başlady. Soltan
naharlanyp bolanyndan soň Ibn Salamy çagyrdy:
-Adyňy Muhammet, Muhammet Salam diýdiňmi?
-Hawa, Kyblaýy älem. Adym Muhammet.
-Abul Abbasyň köşgünde näme işdediň?
159
-Men köşkde däl “Beýtül hikmede” Biruny hezretleri bilen bile
işleýärdim. “Beýtul hikme” ýapylansoň patşamyz meni özüne ýakyn
tutup, köşkde hyzmatda bolmagymy isledi.
-Alym men diýsene. Tüýs bize gerek adam ekeniň. Bu hakda soň
gürleşeris. Häzir sen maňa dogryňy aýt. Näme üçin Kaljyny Gazna
ibermän bu ýerde sakladyň?
-Kyblaýy älem, Kaljy hanym Gazna barsa, ýalan sözläp, Abul
Harysy aklamak niýetiniň bardygyny bildim. Sizden hakykaty
ýaşyrmakçy bolany üçin sakladym, Sizi aldawa salmasyn diýdim.
Onsoňam Abul Harys bilen eden gürrüňiniň soňunda oňa aýdan bir
gepini halamadym. Şuňa garanda onuň aladasy diňe urşuň öňüni almak
däl ýaly-diýip, Muhammet Salam soltana manyly seretdi. Gaznaly:
-Onda nämäniň aladasyny edýä? Dogurlap aýt, näme gep ol seniň
halamadygyň?-diýip, söhbedeşine ýiti nazaryny dikdi. Ibn Salam
Kaljynyň ol gepi agasyna aýdyp bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçin
soltanyň bu gepi-de bilip goýanyny kem görmedi.
-Kyblaýy älem, Kaljy hanym ol gepini size aýtmaga çekinendir.
Maňa gürrüň bereninde dilinden sypanyny özi-de duýman galdy öýdýän.
Ol Abul Harysa “Eger mende göwnüňiz bolsa parahatçylyk
gazanylandan soň sawçy iberäýiň” diýipdir.
Gaznalynyň ýüzi dym gyzyl boldy, dodaklary titredi:
-Arman doganym bolýa-da! Ýogsam diňe meni aldamakçy bolany
üçinem kellesini almaly. Gör, ony “gan döküşüklik bolmazlygy üçin”
diýip, beýlesinde är islegi-de bar ekeni-dä, haram ganjyk!
Ibn Salam Gaznalynyň biraz köşeşmegine garaşyp, soň ýüzlendi:
-Kyblaýy älem, Kaljy hanymyň gan dökülmezligini isleýäni
çynydyr. Hemmämiziň hem islegimiz şu. Bir ugruny tapyp, pitneçileri
ele salyp bolsa...
-Seniň näme diýjegiňi bilýän. Uruşsyz, jeňsiz olary nädip ele
saljak?!-diýip Soltan Ibn Salamyň sözüni böldi.
-Kyblaýy älem, Iskender Zulkarnaý jeňsiz-jedelsiz Çyn-Maçyny
boýun egdiripdir. Bizem ugruny tapsak...
-Taryhda beýle gürrüň ýok! Sen nirden tapdyň ony?-diýip, Gaznaly
söhbetdeşiniň sözüni ýene böldi.
-Dogry taryhda ýok. Ýöne bu hakda gadymy çeşmelerde bar,
Kyblaýy älem.
-Ýeri, nädip boýun egdiripdir Çyn-Maçyny? Bilýän bolsaň aýt.
Ibn Salam Bagdatda «Islamyýa» medresesiniň kitaphanasynda
«Gadymy rowaýatlar» diýen kitapda okan hekaýatyny gürrüň berdi:160
Iskender Zulkarnaý agyr goşun bilen Çyn-Maçynyň serhedine gelip, goş
taşlapdyr. Çyn-Maçynyyň hakany ýaşy bir çene baran moýsepid adam
eken. Ol köşgünde wezir-wekilleri bilen maslahat geçirip oturan wagty
Iskenderiň çapary barypdyr. Çapar Iskenderiň berip goýberen namasyny
edep bilen iki elläp (tabşyryk şeýle bolmaly) hakana gowşurypdyr. Ol
namany kätibine berip, sesli okamagy buýurypdyr. Kätip okap başlaýar:
«Beýik Çyn-Maçyn ýurdunyň beýik hakany Kahy-Şin hezretlerine
mälim bolsun kim, biz Iskender Zulkarnaý siziň döwletiňiziň şerhedine
gelip, ondan geçmäge het edip bilmän saklandyk. Maksadymyz siziň
mübärek didaryňyzy görmek we geljekki işlerime atam hökmünde ak
pata bermegiňizi haýyş etmekddir. Eger serhediňizden geçmäge rugsat
etseňiz...»
Hatyň şu ýerine gelende hakan «Besdir! Dowamyny okamak gerek
däl» diýipdir. Hatyň düýp manysyna düşünmedikler:
«O-ho! Biziň beýik hakanymyzdan Iskender Zulkarnaý ak pata
almaga gelipdir. Görüň, hakanymyzyň at-abraýy dünýäde nähili belent
ekeni» diýişip heşelle kakyşypdyrlar. Hakan:
-Bes ediň, nadanlar: Onuň maksadyna düşünmediňizmi?! Derrew
kyrk at taýýarlaň. Onuň alnyna özümiz baraly. Serhetden geçse näme
boljagyny bileňizokmy-diýip adamlaryna azgyrylypdyr. Kahy-Şiniň
kyrk atly bolup, gelýänini gören Iskender onuň öňünden çykyp, atdan
gujaklap düşüripdir. Gözýetime çenli uzap giden meýdany tutup ýatan
leşgeri gören hakanyň adamlary nämäniň nämedigine şundan soň
düşünipdirler. Iskender hakany adamlary bilen bile çadyryna eltip,
hezzet-hormat edipdir. Oturlyşygyň soňunda hakan Isgendere ýüzlenip:
-Oglum Iskender, siziň biz taraplara gelmekden maksadyňyz diňe
biziň bilen didarlaşyp, bizden ak pata almakmy ýa-da başga maksadam
barmy?-diýip sorapdyr.
-Başga-da bir maksat bar, atam-diýip, Isgender ýylgyrypdyr.-Ony
size aýtsam, asmanda Hudaý bir, Erde-de hökümdar bir bolmaly. Men
dünýäniň ýaryny aldym. Şu alan ýurtlarymy size tabşyrsam, olary-da
Çyn-Maçyna goşup, hemmesine özüňiz hökümdarlyk etseñiz, ýa-da...
-Ýa-dasyny aýtmasaňam düşündim, oglum. Hemmesine özüň
hökümdarlyk ediber. Getir şertnamalaryňy, gol çekip bereýin diýmekden başga hakanyñ alajy galmandyr.
Öňden taýýarlap goýulan şertnamalary hakanyň öňüne
goýupdyrlar. Hakan olara gol çekip, möhür basypdyr. Şeýdip ÇynMaçyn hem Isgenderiň tabynlygyna geçipdir.
Muhammet Salam hekaýaty soňlap, soltana ýüzlendi:
161
-Kyblaýy älem, görüşiňiz ýaly, bir dana tedbir bilen tutuş ýurdy-da
ele salyp bolýan eken. Size-de «Isgenderi zaman» diýýärler. Uruşsyz,
jeňsiz pitneçileriň jezasyny berseňiz. Siziňem bu işiňiz rowaýata
öwrülip, adyňyz asyrlar aşa dillerde dessan bolardy.
Gaznaly kellesini ýaýkap, kinaýaly ýylgyrdy:
-Muhammet, sen bu hekaýaty haýsy çeşmeden alan bolsaňam, ol
bir toslanan rowaýat. Hakykatda bolsa Iskender hem hiç bir ýurdy
uruşsyz, jeňsiz gan dökmän almandyr.
Ibn Salam soltanyň bu sözünden soň onuň maksady diňe bir
pitneçileri jezalandyrmak däl-de, ýurdy doly basyp almakdygyna
düşündi. Düşünse-de onuň taryna kakyp görmek üçin aýlawly söz
taşlady.
-Kyblaýy älem, Abul Harys tagtdan düşürilse Horezmin hem siziň
tabynlygyňyza geçer, ahryn.
-Hä, elbetde-diýip, soltan maksadyny açyk aýtdy. -Ýöne uruşsyz
Abul Harysy nädip tagtdan düşürjek?
Ibn Salam Gaznalynyň goşuny Gürgenje girse şäherde
weýrançylyk boljagyny, gan döküljegini göz öňüne getirip, ýurdy
barybir bermeli bolsa, uruşsyz berleni ýagşy diýen pikir bilen:
-Kyblaýy älem, ilki Abul Harysa ilçi iberip, şert goýulsa, eger şerte
razy bolmasa goşunynyň derbi-dagyn ediljekdigi, özüniňem erbet jeza
sezewar boljakdygy ýaňzydylsa bolmazmy?-diýip soltana ýüzlendi.
-Bolýan bolsa özüň git-de, Abul Harys bilen Alp Tegini getirip,
meniň öňümde dyza çöker, hany göreli!
Gahar gatyşykly aýdylan bu söze Muhammet Salamyň ýüzi üýtgäp
gitdi:
-Kyblaýy älem, ilçi edip öz adamlaryňyzdan iberseňiz has
ygtybarly bolar-diýip, Muhammet Salam ýaýdanybyrak aýtdy.
-Men seni entek özüme maslahatçy edinemok-diýip, Soltan has
gaharlanyp aýtdy.- Onsoňam öz adamlarymy ol jellatlaryň eline bermegi
islämok. Şonuň üçin özüň git. Sen olaryň öz ildeşi. Sen gelýänçäň men
sabyr edeýin. Jeňsiz, uruşsyz iş bitse meniň üçinem ýagşy. Ýöne men
olaryň toba edip, biziň öňümizde dyza çökjegine ynanamok.
Indi Muhammet Salamyň özi gitmese başga alajy ýokdy. Gaznaly
oňa özi bilen Gürgençden gaýdan atlylaryndan on atly berip, ugradyp
goýberdi.
***
Soltan Muhammet Salamy Gürgenje ugradanyndan soň dogany
Kaljyny huzuryna çagyrtdy. Kaljy agasynyň huzuryna gelýärkä, bu
162
çakylygyň gowulyga däldigini syzyp dowla düşdi. Ol gapydan giren
ýerinde tagzym edip, gol gowşuryp durdy. Soltan oňa oturam diýmedi.
Soltan içinde gaýnaýan gazabyny basjak bolup, bir salym dymdy. Soňra
ony duran ýerinde soraga tutdy.
-Kaljy, Abul Harys diýýänleri nähili adam?
-Onuň nähili adamdygyny men näbileýin, agam.
-Özüňiñ aýtmagyňa görä sen onuň bilen ýüzbe-ýüz durup,
gürleşipsiň, şundan soň nähili netijä geldiň? Bir gören adamyň hakynda
nämede bolsa bir pikir döreýär, ahyryn.
-Ýüz-keşbine garanda ýaman adama meňzemeýär-diýip, Kaljy
aşak bakdy.
-Şeýlemi?! Ýüz-keşbi gowymy, owadan ýigitmi? Sen bir
göreniňden aşyk bolaýdyňmy oňa?!
Kaljy Ibn Salamyň sawçyly gürrüňi agasyna aýdanyny duýdy. Oňa
bu gepi dilinden sypdyranyna puşman etdi.
-Men gan dökülmesin, parahatçylyk bolsun diýip...
-Sem bol! Saňa parahatçylyk däl, är gerek ekeni! Nähili bihaýalyk!
Nähili biwepalyk! Göz açyp gören ýassykdaşyny öldüren adamyň
goýnuna girmäge taýyn aýala kim diýip bolýar?! Çyk! Gümüňi çek!
Kaljy hanym sandyrap çykyp gitdi. Ol agasynyň rehimsizdigini
bilýärdi. Özüne nähili jeza beriljegini bilmän gije-gündiz içini
it ýyrtyp gezdi.
XXIII BAP
Hazaraspdan Gürgenje çenli aralyk atlary haýdap sürende üç
günlik ýoldy. Muhammet ibn Salam özüniň üç günden soň näme
boljagyny bilmäni üçin atlary gyssaman öz maýdalyna sürüp, dört günde
Gürgenje gelip ýetdi. Ol Abul Harys bilen duşuşanynda özüniň we
ýoldaşlarynyň janyny aman saklamak üçin birazyrak ýalan sözlemelidi.
Ol ýolboýy aýtjak sözlerini oýlanyp, taýýarlanyp gelýärdi. «Alla dilizyban berse alyp çykaryn» diýip, ýüregindäki howsalany ýatyrjak
bolýardy.
Ol ýoldaşlary bilen gün öýläne agan çagy Gürgenjiň Hazarasp
derwezesinden girdi. Şähere gelen-gidene gözegçilik edýän sakçylara
«Biz patyşanyň Hazaraspda bir ýumuş bilen galan nökerleri»
diýenlerinden soň olary geçirip goýberdiler. Emma köşgüň goragynda
duranlara dogrusyny aýtmalydy. Abul Harysa on atly bilen Muhammet
ibn Salam diýen adam Gaznalydan ilçi bolup gelenini aýdanlarynda ol
sag gapdalynda oturan Alp Tegine ýalta garady-da:
163
-«Gurt agzasaň gurt geler» diýenleri bolaýdy gerek. Ýaňyrak onuň
gürrüňini edipdik. Indi ony nätmeli?-diýip sorady.
-Nätmelisi belli, Aly Hezret dönükleri diňe ölüme buýurmaly. Ony
kabul edibem oturmaly däl-diýip, Alp Tegin öz gepini özi makullap
kellesini atdy.
-«Ilçä ölüm ýok» diýen düzgünem bar-a.
-Aly hezret, eger ilçi başga ýurduň adamy bolsa oňa ölüm ýok.
Muhammet Salam Gaznalynyň raýaty däl, öz ýurdymyzyň adamy. Şeýle
bolansoň öz ýurduna dönüklik edeni üçin kellesini kesip, özi bilen
gelenlerden Gaznala berip goýberäýmeli.
Abul Harys geplemän, bir salym oýa çümdi. Soňra:
-Ýok, beýtsek bolmaz. Biz ondan peýdalanmaly. Çagyryň, gelsin!diýdi. Alp Tegin Abul Harysyň sözüne geň galyp, «ondan näme
peýdalanjakka» diýip, içini gepletdi-de garşy söz aýdyp bilmedi.
Muhammet Salam köşgüň tagt eýwanyna gireninde Abul Abbasyň
tagtynda oturan Abul Harysa, onuň iki tarapyndaky dik duran
emeldarlaryna gözi düşüp, ini tikenekläp gitdi. Ol patyşalara edilýän
tagzymy berjaý etdi.
-Marhabo, köne dostum! Men sizi ýitirip, tapman ýördüm. Gör, siz
nirelerde ekeniňiz-diýip, Abul Harys kinaýaly äheňde sözledi.
Muhammet Salam onuň kinaýasyny duýmadyk kişi bolup:
-Siziň bilen ýene-de didar görüşmek nesibede bar eken, şazadamdiýdi.
-Sen nä meniň patyşalygymy ykrar etmejek bolýaňmy?-diýip, Abul
Harys «Sizden» «Sene» geçdi. Ibn Salam ýalňyşanyny duýup.
-Bagyşlaň, aly hezret... öň öwrenişen dil-diýdi.
-Bujagaz ýalňyşy bagyşlap bolar. Ýöne seniň bagyşlap bolmaýan
ýalňyşyň bar-a.
-Aly hezret, aýtsaňyz, nämede ýalňyşan bolsam, düzedeýin.
-Ony indi düzedip bolmaýar. Oňa derek Gaznalynyň gullugyna
haçan we nädip geçeniňi aýdyp ber.
-Aly hezret, men Gaznalynyň gullugyna geçemok. Ýöne onuň ilçi
bolup gitmek hakyndaky teklibine Watanymyzyň topragynda gan
döküşlik bolmazlygyny islänim üçin razy boldum.
-Menem şony islänim üçin Kaljy hanymy Gazna iberipdim. Emma
sen ony Hazaraspda saklap, Gazna geçirmänsiň. Eger sen aýdyşyň ýaly
Watanymyzda gan dökülmezligini isleýän bolsaň, beýle etmezdiň,
özüňem ýurtda bolan döwlet özgerişini Gaznala habar bermezdiň. Seniň
bu eden işiňe dönüklik diýilýär. Dönügiň jezasy bolsa ölümdir!
164
Muhammet Salamyň üstünden sowuk suw guýulan ýaly boldy. Ol
Kaljy hanymyň goragyndaky nökerleriň biri gaçyp gelip, ähli zady habar
berendigini aňdy. Indi onuň takdyryna ten bermekden özge çäresi ýokdy:
-Aly hezret, meni dönük hasap edýän bolsaňyz, jezaňyzy beriberiň.
Ýöne Watanymyzda gan dökülmezligi üçin Gaznaly bilen ylalaşyga
geliň. Men muny ölümimiň öň ýanynda halkymyzyň parahatçylygy üçin
aýdýan.
Abul Harys Muhammet Salama synçy nazar bilen seredip, bir
salym dymyp durdy. Soňra:
-Men seni öldürmäýin. Saňa rehimim geleni üçin däl. Parahatçylyk
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 14
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.