Latin

Gürgenç I - 05

Total number of words is 3907
Total number of unique words is 2027
32.8 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
51.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
adamdygyňyz görnüp dur. Meni ine bular ýaly-(ýanyndaky iki ülpetini
görkezdi) kellesi boş, nadanlaryň söhbeti irizdi. Siziň ýaly dana adam
bilen söhbetdeş bolasym gelýär. Meniň kakamyň inisi Abul Abbas tagta
çykanyndan soň daşyna bir topar akyldarlary ýygyp, şolaryň akly bilen
ýurdy dolandyrýar. Ýogsam özüniň akly ine şu ikisiniňkiden uly tapawut
etmeýär...
Ibn Salam serhoşyň gürrüňini diňläp oturşyna onuň hakykatdanam
şazadadygyna we tagtda oturan garyndaşyna ýüreginde kitüw bardygyna
göz ýetirdi.
...-Mende birem dana, parasatly syrdaş, aşna ýok. Ine, şular ýaly
akmaklar bilen ülpet bolsaň özüňem akmaga öwrüläýmegiň ähtimaldiýip, yzyny üzmän gepläp oturan şazada ýadyna gyzykly bir zat düşen
ýaly güldi-de Ibn Salama garap-Siz gadymda bir patyşanyň däli ogly
hakyndaky hekaýaty eşidipmidiňiz?-diýdi.
Ibn Salam “ýok” diýen manyda kellesini ýaýkady.
-Eşitmedik bolsaňyz, diňläň, men aýdyp bereýin. Onsoň meniň
soňky sözüme galat diýmersiňiz-diýip şazada Ibn Salamyň hekaýat
diňlemäge meýli-de, wagty-da ýokdugyna garamazdan gürrüňini dowam
etdirdi.
-Gadymda bir patyşanyň ýeke-ýalňyz bir ogly bar eken, olam däli
ekeni. Patyşa näme iş etjegini bilmän wezir-wekillerini ýygnap olara
sala salypdyr. Wezirler özara geňeşip, hökümdara ýurtda bar bolan dana,
alym adamlardan kyrkysyny ýygnamagy we ogluny olara goşup, bir
çöli-beýewanda bir ýyl ýaşatmaklygy maslahat beripdirler. «Ogluňyz bir
ýylyň dowamynda şol danalaryň söhbetinde bolup, akyllanar»
diýipdirler. Patşa bu maslahaty makul bilip, bir çölde kyrk bir adam
ýaşar ýaly jaý gurduryp, harjy-harajady bilen ogluny kyrk akylly adama
goşup, şol ýere iberipdir. Aradan bellenen möhlet-bir ýyl geçipdir.
Patyşa olary alyp gelmegi buýurypdyr. Alyp gelipdirler. Görseler
gidende bir däli kyrk akylly bolan bolsa gelende kyrk bir däli bolup
gelipdirler-diýip, hykyrdap güldi. Bu hekaýat Ibn Salamy-da çalarak
güldürdi.
51
-Ine görýäňizmi, kyrk akylly bir dälini akylly edip bilmändir,
tersine bir däli kyrk akyllyny däli edipdir.
Şonda bu iki samsyk meniň ýeke özümi özleri ýaly samsyk
etmezmi! Ýok, mundan beýläk men bular bilen ülpet boljak däl. Siziň
ýaly dana adamlar bilen ülpet boljak. Şeýle bir şahyrana söz bar.
Otursaň danalar bilen çekseň geler bir gyl bilen,
Otursaň nadanlar bilen gelmez çekseň zynjyr bilen.
-Siziň aly hezretiňiz, meniňem siziň pikir edişiňiz ýaly alyp ýatan
danalygym ýok...
-Duruň!-diýip şazada Ibn Salamyň sözüni böldi.-Birinjiden, maňa
aly hezret dagy diýmäň. Aly hezret meniň kakamyň köşgünde, onuň
tagtynda otyr. Ikinjiden, men siziň danalygyňyz barmy, ýokmy, ony
gözleriňizden bilýän. Siziň gözleriňizde bir üýtgeşik many bar. Gözler
ýöne ýere beýle many saçmaýar. Ine, bu ikisiniň gözlerine serediň,
goýunyň gözi ýaly hiç bir manysyz mölerip durandyr.
Ibn Salam olara biygtyýar seretdi. Ol biçäreler şazada näme diýse
kaýyl bolup, ýylgyryşyp otyrdylar, asyl degnasyna degilen adama
meňzemeýärdiler.
-Agam-diýip şazada sözüni dowam etdirdi.-Siz meniň kimdigimi,
adymy-zadymy eşitdiňiz. Indi siz maňa özüňizi tanadyň, kim siz, ismi
şeribiňiz näme? Ibn Salam bu adamdan tizräk sypmagyň oňaýyny
tapman oturanam bolsa ýalan sözläp bilmedi:
-Meniň adym Muhammet ibn Salam. Ýakynda Bagdatdan geldim...
-Siz bagdatlymy?-diýip şazada onuň sözüni böldi.
-Ýok, şu ýerli, horezminli. Mundan on ýyl öň Bagdada gidipdim.
Ol ýerde ýokary «Islamyýa» medresesinde okap, bir azyrak bilim alyp
geldim.
-Ha, ha! Bir azyrak diýmäňiz näme, siziň alym adamdygyňyz
görnüp dur, agam. Indi dogryňyzy aýdyň. Meniň bilen gatnaşmagy, ülpet
bolmagy isleýäňizmi? Islemeseňiz men zorlajak däl. Zorluk bilen dost
bolup bolmaz.
-Hormatly Abul Harys, siziň dek şazada bilen gatnaşmak, ülpet
bolmak meniň ýaly ýönekeý bir alym üçin uly mertebe, uly bagt, Ýöne...
-«Ýöneden» soňuny aýtmak gerek däl, näme diýjegiňizi men
bilýän. «Ýöneden» öň aýdan howaýy sözleriňize-de men ynanmaýan.
Men öwgülere özüni aldyrýan adam däl. Ýöne, meniň ýönämiň öňüni
eşitdiňiz, indi soňuny eşidiň: Meniň bilen gatnaşyk etmegi isleseňiz
gapym siziň üçin hemişe açyk. Bir işde kömek gerek bolsa men
dostlaryma hemişe kömege taýyn. Düşündiňizmi, agam?!
52
Ibn Salam geplemän kellesini atdy.
-Hany onda tanyşlygymyz üçin bir käse meý uraly, guý, sen saky
bolýan bolsaň-diýip ýanyndakylaryň birine buýurdy. Ol: «Lepbeý!
Şazadam» diýip, käseleri meýdan doldurdy. Abul Harys bir käsäni alyp
Ibn Salamyň öňünde goýdy.
-Uzur, şazadam, men içmeýän, rugsat berseňiz huptan namazynyň
wagty boldy.
-Huptan namazynyň belli wagty ýok, ony gijäniň ýaryna çenli
okasa-da bolýar. Şu bir käsäni içiň, onsoň rugsat bereli, baryp
namazyňyzy okaberiň.
-Şazadam, meý bilen namaz dogry gelmez.
-Näme üçin dogry gelmeýärmişin. Gurhany Kerimde serhoş
wagtyňyz aýak üstünde durup bilseňiz, namaz okaberiň, diýen aýat bara.
-Ol aýat ýatyrylyp, ýerine meýi gadagan edýän aýat wahyý bolup
geldi.
-Ol aýat meýi göterip bilmän, bozgakçylyk edýän adamlar üçin
gelendir. Siz bir käse içip, bozgakçylyk etmersiňiz, ahyryn. Onsaňam,
sogaby diňe namaz okap, ybadat kylyp, gazanyp bolmaýar, agam.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam: «Ybadat diňe namazdan ybarat
däldir. Ylym we hünär öwrenmäge sarp edilen wagt hem ybadata sarp
edilen wagt kimin sogaplydyr» diýipdir.
-Emma, şazadam, pygamberimiz meý içmäge sarp edilen wagt
hem ybadata sarp edilen wagt ýaly sogaply diýen däldir-diýip, Ibn Salam
aýdyşyna aýtdy welin soňundan şazadanyň gahary geläýmese ýagşy
diýip biraz düýrükdi. Şazada gaharlanmady. Öňküsi ýaly dowam etdi.
-Dogry, pygamberimiz eýle diýip aýdan däldir. Ýöne ybadat
hakynda bir danyşment şahyr.
Işk bilen ybadat jet däldir asla,
Ony hem muny hem buýurmyş Alla.
Ybadat ýol açsa jennete onda,
Jenneti bagyş eder näzenin munda-diýipdir. Şahyryň aýdyşy ýaly, bu dünýäniň jennetini hem
görmeli. Ynsan ýalança ýeke gezek gelýär, şonuň üçin özüňi bu
dünýäniň keýpi-sapasyndan mahrum etmek bolmaz.
-Şazadam, bu dünýade her kim bir ýoly saýlap alypdyr. Meniň
ýolum, keýpi-sapam ylym. Älemiň, Zeminiň, durmuşyň syrlaryny
öwrenmekden men biçak lezzet alýan. Şu öwrenenlerimiň netijesinde
özümden adamlara peýdaly bir zat galdyrsam meniň üçin uly bagt.
53
Ibn Salamyň bu sözünden soň Abul Harys. «Bu biziň bilen ýoldaş
boljak adama meňzemeýär, meňzemese meňzemesin, men muny
sypdyrman» diýip, içini gepledip oturşyna bir hili kinaýaly ýylgyrdy-da:
-Ylmyň aşygy, diýseňiz-le. Bolubilýä, ýöne bu dünýäde islendik
zadam yzygiderli bolsa irizýär, agam. Şonuň üçin arasynda keýpi-sapa
bilen dem-dynjam almaly-diýdi.
-Meniňem dem-dynjymy almaly wagtym boldy, rugsat ediň,
şazadam...
-Men ýaňy aýtdym-a, öňüňize goýlan käsäni içiň, rugsat onsoň.
-Şazadam uzur...
-Uzury soň aýdarsyňyz. Men sizi gury iberesim gelenok, hiç
bolmasa şu bir käse bilen agzyňyzy ölläp gidiň.
Ibn Salam alaçsyz galdy. Ol: «Men bu meýi öz ygtyýarym bilen
däl, zorluga düşüp, mejburan içsem günäsi bolmaz-la» diýip, oýlandy-da
käsäni eline aldy.
-Ine, munyňyz başga gep, aldyk-diýip, Abyl Harys öz käsesini
agzyna ýetirse-de iki gözi Ibn Salamdady. Ibn Salam ondan öňürti içip,
käsesini düňderip, goýdy.
-Berekella, agam, sag boluň! Elimi gaýtarman, sözümi syndyrman
içdiňiz, sag boluň!
Agzynyň içine çaýkalan ajy tagamdan biraz gözleri ümezläp giden
Ibn Salam:
-Indi maňa rugsatmy, şazadam?-diýip turmaga hyýallandy.
-Rugsat, rugsat, byradar. Ýöne men bir zada düşünemok. Siz
oturmajak, keýp çekmejek bolsaňyz bu ýere näme üçin geldiňiz, özi?
-Meniň çaýhana diýip giren ýerim meýhana ekeni, ýalňyşypdyryn.
Men çaýhanada çaý içip, saz diňläp biraz dynç almakçydym-diýen Ibn
Salam özüniň ýalňyşanynamy, ýa-da meýiň täsiri bilenmi bir hili gülüp
başlady. Abul Harys meý guýan sakysyna soragly seretdi, ol çalaja
başyny atdy. Bu üm-yşaratlardan Ibn Salama guýulan meýiň ýönekeý
meý däldigini aňsa bolýardy. Ýogsa bir käse meýiň, gitmäge howlugyp
oturan adamy wagtyhoşluk bilen beýle güldürer ýaly güýji bolmaly
däldi.
-Agam siz çaý içip, saz diňlemek maksadynda gelen bolsaňyz,
häzir çaýam, sazam bolar-diýip, şazada meýhana hyzmatçysyny
çagyrdy.-Çyn-Maçyn çaýneklerinde ajy çaý getir! Sazandalar, garbanyp
bolan bolsa, aýt, başlasynlar.
Meýhana hyzmatçysy «Lepbeý» ddiýip buýruklary ýerine
ýetirmäge ylgady.
54
Salym geçmän gyjakdyr çeň, dutardyr ud bir perdeden gopup
ajaýyp bir mukam ýaňlanyp başlady. Sazyň täsiri meýiň täsirinden hem
ötürip, Ibn Salamy iki ýana yrandyryp ugrady. Şazada pursatdan
peýdalanyp Ibn Salama çaý ýerine ýene bir käse meý tutdy. Ibn Salam
çaý ýerine ýene mey doly käsäni alyp, başyna çekdi-de, sazyň täsirine
berildi. Bir mahal çalynýan mukam tamamlanyp, täze mukama
başlanmagyň öň ýanynda bir salym saz kesildi. Ibn Salam nämedir bir
zat ýadyna düşen ýaly serhoş gözlerini süzüp Abul Harysa garady:
-Şazadam, men gitmelidim, ahbetin-diýdi.
Abul Harys:
-Indi oturyň, ine çaýam geldi. Mukamlaryň ajaýyby indi başlanýar.
Soňunda näzenin rakkasalaryň raksyna, hyramyna tomaşa ederis-diýip,
ýene bir käse meý uzatdy. Onýança öňküden hem täsirli saz başlandy.
Ibn Salam uzadylan meýi-de içdi.
Abul Harysyň aýdyşy ýaly iki-üç mukamdan soň niredendir dört
näzenin peýda boldy. Biri-birinden gözel, başdan-aýak zer geýnen bu
rakkasa gyzlaryň saza goşup edýän ajaýyp raksyna, hyramyna aňk bolup
seredip oturan Ibn Salam özüne uzadylan meý doly käseleriň birini-de
yzyna gaýtarmady. Ibn Salamyň bu oturyşy ol döwürden ýüz ýyl soň
dörän beýik şahyr Hafyz Şirazynyň:
Çäşm agar inästu abro,
Inni nazu, işwa in,
Alwida eý akly danyş,
Alwida eý ilmy-din20-diýen setirlerini ýada salýardy.
IX BAP
Ibn Salam guşluga golaý gözüni açdy. Görse, özüniň medresedäki
hüjresinde däl-de, bir şahana otagda, ýumşak ýatalganyň üstünde ýatyr.
Huşuny jemläp, bolan wakalary yzygiderli serinden geçirmekçi boldy,
hemmesi ýadyna düşmedi, bu ýere nähili gelenini-de huşuna getirip
bilmedi. «Diýmek, meni serhoşlykda huşumy ýitirenimden soň, şu ýere
getirip taşlapdyrlar-da» diýip, içini hümleden Ibn Salam ýerinden
turmakçy bolup üstündäki ýorgany serpen badyna özüniň çuw
ýalaňaçdygyny duýdy. Ýorgany gaýtadan ýapynyp, töwereginden
geýimlerini gözledi. Ýekeje-de eşigi gözüne ilmedi. Penjireden daşary
seretse, bir eýýam gün çykyp, onuň şöhlesi daragtlaryň ýaşyl
ýapraklarynda jylalanýardy. Diýmek, taharat-da galdy, namazam. «Eý
Hudaýym, indi bu günämi men nädip ýuwaryn?!» diýip, eden işine iç20
Göz hem gaş, näz hem kereşme şeýle bolýan bolsa , akyl, ylym we din bilen hoşlaşmak gerek.
55
içinden ökünip, ýorgana çolanyp oturan Ibn Salam: «Kim bar, bu
öýde?!» diýip gygyrdy. Otagyň gapysy açylyp, bir näzenin girdi:
-Turduňyzmy, begim?-diýip zenan tagzym etdi.
-Begim? Sen kim?
-Siziň gyrnagyňyz.
-O nähili gyrnagym?! Meniň gyrnagym ýok!
-Ozal bolmasa, indi bar. Ine, men.
-Sen?! Bu nä oýun? Düşündirsene maňa...
-Men näbileýin. Gijäniň ýaryndanam geçende sizi getirip, “seniň
täze eýäň” diýip goýnuma saldylar...
-Eý Hudaý! Bu nä masgaraçylyk! Kimiň öýi bu öý?!
-Siziňki. Şazada Abul Harys men bilen şu öýi size peşgeş beripdir.
-Näme?! Peşgeş?!-Ibn Salamyň depesinden gyzgyn suw guýulan
ýaly boldy. "Gep bu ýanda diýsene. Maňa bular ýaly peşgeşiň näme üçin
berilýänini bilmegim gerek" diýip ol öz ýanyndan hüňňürdedi.-Meniň
eşiklerim nirede? Eşiklerimi tapyp ber!
Zenan dik sandygyň bir ýan gapysyny açyp, ýuka ýüpek ýektaýy
äberdi-de:
-Şuny geýip, hammama girip çykyň, onsoň geýnersiňiz-diýip
otagdan çykdy. Ibn Salam topugyna ýetip duran ýektaýa dolanyp, onuň
yzyndan çykdy. Çykan ýeri dört penjireli ortarak eýwan ekeni. Eýwanyň
sag tarapynda gapysyz däliz bardy. Zenan:
-Geliberiň-diýip şol tarapa ýol başlady. Däliziň sag tarapynda arasy
açygyrak pesiräk iki gapy göründi.
-Meýdan etseňiz aňyrky gapa giriň, onýança men suwlary
taýýarlap durýan-diýip, zenan bärki gapa girdi. Ibn Salam giren
gapysyndan çykyp, bärki gapa gireninde zenan suwlary taýýarlap, oňa
garaşyp durdy.
-Sen näme dursuň?
-Sizi ýuwundyrmaýynmy?
-Çyk, özüm ýuwunýan.
Hammamda ýuwunýarka-da Ibn Salamyň kellesinde dürli oýlar at
salýardy, özüniň nädip bu duzaga düşenine haýran galýardy. Indi boljak
iş bolansoň, oý-pikirdenem, ökünçdenem peýda ýokdy. Muny onuň özitde gowy bilýärdi. Şonuň üçin onuň indiki etmeli işi sag-aman bu altyn
kapasdan sypyp gitmekdi. Ol şu pikir bilen hammamdan çykyp,
eýwandaky naz-nygmatdan doly saçaga-da seretmän ýatan otagyna
girdi. Onuň yzyndan giren zenan:
56
-Begim, çaý, nahar taýýarlap goýdum, ertirlik edinmeýäňizmi?diýdi.
-Işdäm ýok, men geýinjek. Eşiklerimi tapyp ber.
Zenan dik sandykdan ak ýüpek köýnek, balak, dört oralan ýüpek
selle we mawy reňkli ýuka zerbap don çykaryp, ýatalganyň üstünde
goýdy.
-Bular meniň geýimim däl, meniň öz eşiklerimi tapyp ber.
-Şulardan başga eşik ýok, begim. Şahana lybaslar-a bular,
geýiberiň.
-Meniň öz geýimlerim nirde?
-Sizi getiren adamlar alyp gitdi, ýerine şulary getirip gitdiler.
Ibn Salam bu oýnuň maksadyna düşünen ýaly boldy. Indi onuň bu
geýimleri geýmekden başga alajy galmady.
-Çykyp dur, men geýinip alaýyn-diýip,zenana üm bilen gapyny
görkezdi.
-Men özüm geýindireýin, näme menden gaçýaňyz...
Zenanyň bu sözünden soň güpbe göwnüne bir şübhe geldi:
-Aramyzda hiç zat bolanok dälmi?-diýip sorady.
-Ýok, bolanok, siz gaty serhoşdyňyz, huşyňyz ýokdy.
Ibn Salam içinden «Hudaýa şükür, bir günähi kebirden
saklanypdyryn»-diýip goýdy. Ol ýatalganyň üstündäki eşiklere seredip
duruşyna bu geýimde «Beýtil hikmä» baryp bolmajagy hakynda
oýlanýardy. Şonuň üçin ol bazara baryp, egin-eşik satylýan dükanlaryň
birinden özüniňki ýaly ýönekeý geýim alyp geýmelidi. Şunda donunyň
jübüsindäki pullary ýadyna düşdi. Ol:
-Pullarymy goýup gutmedilermi?-diýip sorady.
-Öz pulyňyzmy, başga pulmy, bilmedim, täze donyňyzyň jübüsi
puldan doly.
Ibn Salam «Bu sahylyklaryň sebäbi nämekä?» diýip öz ýanyndan
hüňürdedi-de zenana garap:
-Indi çykyp dur, men geýineýin. Donuň jübüsindäki puluň öz
pulumdan artygyny saňa goýup gidýän-diýdi:
Zenan çykdy. Ibn Salam hem geýinip eýwana çykanynda saçagyň
başynda iki sany daýaw pyýada otyrdy. Olar ýerlerinden turup, gol
gowşuryp, Ibn Salama salam berdiler. Olaryň biri:
-Jenap Muhammet ibn Salam, şazada Abul Harys size paýtun
iberdi. Köşgünde size garaşýar-diýdi.
Ibn Salam özüni kapasa düşen guş kimin duýup, näme etjegini
bilmän galdy, bir hyýaly ret jogabyny berip, göni çykyp gitmekçi boldy.
57
Emma beýtse bu iki pyýadanyň nähili hereket etjegini bilmän ýaýdandy.
Gör, olar şazadadan niçik buýruk alyp geldiler? Garşylyk görkezmek
peýdasyz. Şonuň üçin baryp, şazadanyň özi bilen düşünüşmeli diýen
pikir bilen çykyp paýtuna mündi. Şazadanyň köşgi derýanyň şäheriň
içinden geçýän golynyn boýunda ýerleşen, gowy howaly ýerdedi, ol
daşyndan men diýen haýbatly bolmasa-da içi, diwarlary tylla suw berip
bezelendi. Bu jaý Gürgençde bir näçe ýyl tagtda oturan hökümdar Aly
ibn Mämüniň ogluna saldyran köşk pisint jaýdy.
-Marhabo, eziz agam!-diýip, şazada Ibn Salamy penjirelerinden
deryanyň golynyn tolkunlanyp akýan suwy görünip duran eýwanda
kabul etdi. Görüşip soraşyp, dürli naz-nygmatlardan doly saçagyn
başyna geçdiler.
-Eziz agam, Muhammet, düýn agşam siziň bilen gowy oturdyk,
dostlaşdyk, dogan okaşdyk-diýip şazada söze başlady. Ibn Salam içinden
şeýle-de bolupmyka diýip, ýadyna düşürjek boldy, emma düşürip
bilmedi.
-Hawa, siziň beren gürrüňleriňizden, men dost saýlap
ýalňyşmandygyma, Siziň hakyky mert, edermen, ynsanperwer, adalatly
adamdygyňyza göz ýetirdim. Kerwendäki guldaryň goşundan ol
sazandar gyrnagy alyp gaçmak her kim-her kimiň elinden gelýän iş däl...
Ibn Salamyň depesinden gaýnag suw guýulan ýaly boldy. «Wah, men
samsyk şol zatlary-da aýdypdyrynmy?» diýen pikiri beýnisine çog bolup
basyldy.
-Ol gyzyň tarypyny şeýle bir ýetirdiňiz weli, meniň şol bada ony
göresim, sazyny diňläsim geldi. Ýöne siz «Men size ony ertir peşgeş
berýän» diýeniňizden soň bu işi bu güne goýduk.
-Men size ony peşgeş berjek diýdimmi? Zähresi ýarylara gelen Ibn
Salam şazadanyň ýüzüne naýynjar seretdi.
-Näme maňa beýle seredýäňiz, ýa aýdan sözüňizden dänjek
bolýaňyzmy?
-Şazadam, şeýle diýip aýdanym ýadyma, düşenok...
-Ýadyňyza düşmese, ýadyňyza düşürjek adamlar bar. Ýanymyzda
iki ülpetimiz bar-da, olar şaýat. Menem size «Bir gara, bir gara»
diýenlerinden hem artdyryp, bir garaňyza iki gara öňünden peşgeş
etdim. Häzirem şol ýerden geldiňiz dälmi?
-Şazadam, meni bagyşlaň. Serhoşlykda men näme aýdyp, näme
goýanymy hem bilmändirin. Onsoňam men siziň jomartlyk bilen eden
şol peşgeşiňizi kabul edip bilmeýän. Men ylym adamy, maňa aýşyeşretde ýaşamak gelişmeýär. Meniň medresede ýaşaýan hüjräm bar. Şol
58
maňa ýeterlik. Men Bagdatdan öz watanymda "Ummat al ylym" atly
ýagny «Beýtil hikme» ylym dergähiniň açylanyny eşidip, şu dergahde
işlemäge, ol ýerdäki beýik alymlardan ylym öwrenip, öz ylmymy
kämilleşdirmegi niýet edinip geldim. Indi maňa rugsat etseňiz, şol niýet
edip gaýdan ýerime baraýyn.
-Ha, ha, ha! Juda gülküli zatlary aýdýaňyz, hormatly Ibn Salam.
Siz bu bäş günlük dünýäniň lezzetlerinden ýüz öwürüp, näme artdyrjak
bolýaňyz. Ylym öz ýoluna, keýpi sapa öz ýoluna Horasanda bir beýik
alym we şahyr döräpdir. Onuň şeýle beýti bar:
Zahyt, saňa hüýr, maňa jenana gerek,
Jennet saňa bolsun, maňa meýhana gerek.
Siz, näme ol kişiden beýikmi? Bu dünýäniň keýpi-sapasynyň
gadryny bilýän ýene bir şahyr şeýle ýazypdyr:
Yşk bilen ybadat jet däldir, asla,
Ony hem, muny hem buýurmyş Alla.
Ybadat ýol açsa jennete onda,
Jenneti bagyş eder bu ýanda Leýla.
Niçik? Rast aýdylypmy? Men size şu misrelerde aýdylan jenneti
bagyşlaýan. Men size bir Leýla bilen bir gözel ymarat berdim. Sizem
sahawata gaýtargy etmeli bolarsyňyz.
Ibn Salam kyn ýagdaýa düşdi. «Nätmeli? Rugsary berjek däl diýse,
Abul Harys hökmürowan şazada. Onuň bilen oýun edip bolmaýar»
diýen pikir serinden geçse-de, ony raýyndan gaýtarmakçy bolup, ýene
bir synandy:
-Şazadam, men ol biçäre gyzy gullukdan azat etjek bolup, alyp
gaçdym. Indi ony ýene gulluga bersem...
-Kim ony gul edip saklajak!-diýip, şazada onuň sözüni kesdi.-Eger
men onuň sazyna, sungatyna, husny-jemalyna aşyk bolaýsam, ol meniň
däl, men onuň guly bolaryn. Eger-de ol meniň özüne gul bolmagymy-da
islemese, onda ol köşgümizi bezäp, erkin keniz bolup gezer.
Ibn Salama indi çykalga galmady.
-Bolýa, şazadam, men siziň şu sözleriňizi Rugsara aýdyp, onuň
razylygyny aljak bolaryn...
-Munuň ýaly-da gyrnagyň razylygy soralmaýar!-diýip, Abul Harys
çürt-kesik aýtdy.
Ibn Salamyň ýüzi ak esgä döndi. Oňa nazary düşen şazadanyň
rähimi indimi nämemi ony artyk ünjä goýmagy islemedi.
-Görýän weli meniň sözüm size gatyrak täsir edäýdi öýüdýän. Siz
biynjalyk bolmaň. Men sizi Rugsaryň öňünde gyjalata goýmaryn.
59
Gowusy, siz maňa öýüňiziň salgysyny beriň, men özüm baryp, Rugsar
bilen gürleşerin. Eger razy bolmasa zorlap alyp gaýtmaryn. Men ejize
ganym däldirin-diýdi. Abul Harys söbetdeşine bir hili ýeser nazar bilen
seretdi-de - bilip durun, içiňizde «Ejize ganym bolmasaň onda näme
«Munuň ýaly-da gyrnakdan razylyk soralmaýar diýdiň?»-diýen sowal
döredi, şeýle gerek. Men size zamananyň düzgünine görä durmuşda
bolýan ýagdaýy aýdyp goýberipdirin. Ýöne zorluk diýen zat meniň
tebigatyma ýatdyr, dostum.
Ibn Salam şazadanyň gep sözlerine garap, eger olar hakyky
häsiýetini ýaşyrýan perde bolmasa ýaman adam däl eken diýen netijä
geldi. Oňa onuň Rugsar hakynda häzir gelen pikiri juda makul boldy.
Ol Abul Harysa minnetdarlyk bilen seredip:
-Şazadam, siz hakyky adalatly, ynsanperwer, alyjenap kalp eýesidiýdi. Ibn Salamyň öwgüsi Abul Harysa ýaraman durmady ol:
-Ýurda şeýle adam patyşa bolmaly-diýip, ýüregindäkini aýdyp
goýberenini duýman galdy. Ibn Salam:
-Inşalla-diýip başyny atdy. Eger ol şeýle diýmese şazadanyň
köňlünde özüne şübhe döretjegini bildi. Ibn Salamyň «Inşallasy» Abul
Harysyň oňa bolan ynamyny has artdyrdy, geljekde bu adamdan hem öz
maksadynyň ýolunda peýdalanyp boljakdygyna ynam döredi. «Beýtil
hikmä» ýerleşmekligi maksat edinýän bolsa, goý ýerleşsin. Şunuň bilen
alymlarsyz güni geçmeýän patyşanyň köşgüne hem ýakynlaşar. Köşkde
özüne ýakyn adamlar näçe köp bolsa şonça gowy».
Şu pikirler bilen Abul Harys Ibn Salama ýene hoşamaý sözler bilen
ýüzlendi:
-Agam Muhammet, durmuşda her bir adamyň öz öňünde goýan
maksady bolýar. Siziň maksadyňyz «Beýtil hikme» bolýan bolsa indi
men size «Işiňiz oňundan bolsun» diýmeli bolýan. Ýöne diňe ylym
diýip, durmuşyň lezzetlerinden özüňizi mahrum etmäň. Medresedäki
hüjräni goýuň, meniň beren jaýymda ýaşaň. Ol näzenin hyzmatyňyzda
bolar. Alyma-da işlemek üçin, ýaşamak üçin şert gerekdir, ahyr.
«Bir belasy bolmasa şüdügärde balyk neýlesin» diýilişi ýaly bu uly
peşgeşiň aňyrsynda näme barka, bu diňe Rugsar üçin däldir-ow”-diýip,
Ibn Salam içinden gyzyklandy. Ýöne munuň aňyrsynda näme bardygyna
göz ýetirip bilmäni üçin däl-de maşgalasyna, ylyma bolan wepalylygy
üçin Abul Harysyň peşgeşini kabul etmäge ynsaby çatmady.
-Men indi näme diýeýin-diýdi teklibine ret jogabyny alan Abul
Harys närazyrak äheňde-zarymyz bar zorumyz ýok. Islän ýeriňizde
60
ýaşaň. Ýöne «Beýtül hikmede» täze dostlar artdyrsaňyz bizi-de ýatdan
çykarmaň.
***
Ibn Salam Abul Harys bilen dostlarça hoşlaşyp, «Beýtül hikme»
tarapa ýola düşdi. Ýöne ol egnindäki şahana geýimi bilen ol ýere
barmaga ejap edip, ýol ugruna bir egin-eşik satylýan dükana sowuldy.
Dükançy bu üýtgeşik geýnüwli adama gözi düşenden baş egip salam
berdi.
-Geliň, begim, hoş gördük. Näme hyzmat?
-Hyzmat: meniň egnimdäki geýimleri, üstüne pul alsaňyzam,
ýönekeý geýime çalyşyp beriň.
Bu gepi bir hili geňlän dükançy Ibn Salama ýylgyryp seretdi-de:
-Çalyşsam üstüne men pul bermeli bolaryn-diýdi.
-Puluňyz gerek däl, çalyşyp berseňiz bolýa.
Dükançy Ibn Salamy burçdaky tutunyň aňyrsyna geçirip, öňüne bir
topar eşik taşlady.
-Şulardan halanyňyzy geýiniberiň.
Ibn Salam öňki özüniň geýimine meňzeş geýimlerden geýinip,
dükança köp sag bolsun aýtdy. Dükançy bu adamyň eden işine
düşünmän onuň yzyndan haýran bolup garap galdy.
Wagt günortana golaýlanda Ibn Salam «Beýtil hikmä» ýetip bardy.
Ol şu tapda bir tarapdan bu ýerdäki beýik alymlar bilen didarlaşjagyna
begense, ikinji tarapdan «Meni öz hatarlaryna kabul ederlermikä?»
diýen howatyry hem ýok däldi.
«Beýtil hikmäniň» binasy bişen kerpiçden, peştaklary nagyşly köşk
ýaly ymarat ekeni. Ibn Salam bir salym bu kaşaň binany synlap durdy.
Ol Bagdatda-da medresedir metjitleriň «men-men» diýen binalaryny
içindenem, daşyndanam näçeler synlapdy. Bu bina olardan özüniň
kaşaňlygy, peştaklaryndaky kuhy usulyndaky nagyşlary, kerpiçleriniň
ýüpek ýaly ýylmanaklygy bilen tapawutlanýardy. Binanyň iki ganatly
oýmakäp nagyşly belent gapysy ýapykdy. Ibn Salam içinden
«Bismillahy Rahmany Rahym» diýip, gapyny ýuwaş iterdi. Onuň ilkinji
ädim ädip giren ýeri ini inliräk, uzyny gysgarak däliz bolup, onuň iki
tarapynda-da birden gapy bardy.
Garşydaky belent açyk gapydan eýwan, onuň iki tarapynda hatar
gapylar görnüp durdy. Ýöne adam gara görnenokdy, dym-dyrslykdy,
göýä eýeleri taşlap giden ýurt ýalydy. Ibn Salam näme etjegini bilmän
ýaýdanyp duran wagty däliziň sag tarapyndaky gapy açylyp, içerden bir
ýaş ýigit çykdy. Onuň kellesinde adatdaky selle däl-de, mele gyrpykdan
61
selle ýaly edip tikilen telpek bardy. Gyrymsy gara sakgal-murty ak
ýüzüne gelşik berip durdy. Ibn Salam ony görenden «bu garawul bolsa
gerek, çykan otagy-da garawulhanadyr» diýip çaklady. Ýigit özünden
uly salyhatly adamy görüp, gol gowşuryp, edep bilen salam berdi, soňra:
-Tagsyr, näme ýumuş bilen geldiňiz?-diýdi.
-Men Bagdatdan geldim. Şu dergähde ylmy iş bilen meşgullanmak
niýetim bar. Şonuň üçin hezreti Birunyny görüp, ol kişi bilen
gepleşmekçidim. Ony şu dergahyň rahnamasy diýip eşidipdim-diýip, Ibn
Salam özüne synçy nazaryny dikip, duran ýigitden jogaba garaşdy. Bir
zatlaryň pikirini edýän ýaly bir salym dymyp duran ýigit Ibn Salama
seredip duruşyna ýylgyrdy-da:
-Tagsyr, Siz Muhammet ibn Salam dälmi?-diýdi.
Ibn Salam ömründe ilkinji gezek görýän adamynyň özüni tanap,
adyny tutup duranyna haýran galdy:
-Siz meni nädip tanadyňyz? Biz öň hiç haçan duşuşmandyk,
öýdýän.
-Dogry, öň duşuşmandyk. Öňräk biziň alymlarymyzyň arasynda
Siziň adyňyz tutuldy. Muhammet ibn Salam diýen şu ýerli bir ýigit
mundan on ýyl öň Bagdada gidip, ol ýerde okap alymlyk derejesine
ýetipdir. Indi ol ata ýurdy-Gürgenje gaýdyp geljekmişin diýen gürrüň
boldy. Şonda möwlana Biruny: «Geleni gowy, gelse Gürgenjiň hem
ylym babatynda Bagdatdan gaýra durmaýandygyny görer» diýdi.
Ýigitden bu gürrüňi eşiden Ibn Salamyň gözleri nurlanyp, ýüzi açylyp
gitdi.
-Diýmek, meni bilýän ekenler-dä. Onuň ýaly bolsa men örän şatdiýen Ibn Salam garşysynda ýylgyryp duran ýigide: -Geliň, onda ilki
siziň bilen tanyşaly, ismi-şeribiňizi aýdyň-diýdi:
-Menem siziň bilen atdaş, tagsyr. Pederimize Tarhan diýärler.
Alymlar maňa degişip, käte Muhammet ibn Tarhan diýýärler. Men muňa
bir hili gyjalat bolýan. Alymlaryň adyna goşulýan ibn diýen söz bize
gelşenok. Sebäbi men bir hyzmatdaky adam. Şu hüjräni maňa berdiler.
Men gijelerine sakçylyk edýän, gündiz bolsa hyzmatdan boş wagtym
ylym öwrenýän.
Ibn Salam bu sada ýigidiň gepine başyny atyp, «gaty gowy» diýdi.
Soňra:
-Atdaş bu gün näme dynç günümi? Sizden başga adam
görnenoga?-diýip sorady. Muhammet Tarhan:
-Ýok, dynç güni däl. Düýnden bäri möwlana Biruny köşkde
Horezmşanyň huzuryndady. Ol kişi şanyň maslahatçysy bolansoň
62
köplenç köşkde bolýar. Bu gün irdenem alymlaryň baryny köşge
çagyrdylar. Bir maslahat bar bolmaga çemeli-diýdi. Soňra birden bir zat
ýadyna düşen ýaly äheňini üýtgetdi.
-Wi, bagyşlaň, tagsyr. Gep-söz bilen bolup, sizi içeri teklip etmek
hem ýadyma düşmändir. Hany biziň puharaja hüjrämize merhemet ediň.
Alymlar gelýänçä çaýyň başynda bir salym gürleşip oturarys. Men siziň
ýaly alym adamlar bilen söhbetdeş bolmagy özüme uly mertebe bilýän.
Ibn Salam bir göwni gidip, soň gelmekçidi. Emma bu göwnaçyk
ýigidiň sözüni ýykyp bilmedi, içeri girdi. Atdaşy derhal orta saçak
ýazyp, süýjidir ir-iýmiş goýdy-da «men häzir...» diýip ylgap çykyp gitdi,
salym geçmän iki çäýnek çaý göterip geldi:
-Tagsyr, ine şu gapdalda aşhanamyz bar. Çaý diýseňiz mydama
gaýnap dur. Naharam üç mahal bişirilýär. Alymlaryň iýmiti, egineşikleri, beýleki gerek zatlary-da patyşalykdan. Horezmşa hezretleri
alymlara uly sarpa goýýar. Men häzir günortanlyk naharam buýuryp
gaýtdym.
-Biderek azara galypsyň, inim. Häzir halypalar gelse men çykaryn.
-Siz arkaýyn oturyberiň, halyplar entek gelmezler. Aly Hezret
maslahatdan soň olary, hezzet-hormat etmän goýbermez. Olar gelýänçe
menem size hyzmat edeýin, tagsyr.
Ibn Salam alymlar gelýänçe garaşmaly bolansoň atdaşynyň hödürkeremini kabul etmeli boldy.
***
Şol gün Horezmşa Abul Abbas al Mämün «Ummat al ylymyň»
ýagny «Beýtil hikmäniň» alymlaryny döwlet derejesindäki maslahata
däl-de özüni gyzyklandyrýan ylmy meseleler boýunça nobatdaky
söhbetdeşlige çagyrypdy. Söhbetdeşlikde şanyň baş weziri Suhaýly hem
gatnaşýardy. Jenap Suhaýly ylym, bilim, edebiýat, sungat adamlaryna
howandarlyk edýän özü-de çuňňur bilimli, dana adamdy. Şanyň
huzuryndaky şeýle ylmy söhbetdeşlikleriň hem guramaçysy onuň özüdi.
Ol ýaş patyşanyň ylymly, bilimli hökümdar bolmagyny isleýärdi. Çünki
ol hökümdar näçe ylymly bolsa şonça-da adalatly we döwleti
dolandyrmaga ukyply bolýar diýip hasaplaýardy. «Beýtül hikmäniň»
döredilmegine-de, alymlaryň ol ýere toplanylmagyna-da, Birunynyň
Gürgenden çagyrylyp getirilip, alymlara baştutan edip bellenilmegine-de
ol kişi sebäpçi bolupdy. Suhaýly Birunynyň göbek gany daman şäheri
Kätde ýaş bolsa-da uly ylmy işler alyp barandygyny bilýärdi.
Horezminlileriň özara uruş-jenjelleri zerarly onuň ýurtdan çykyp
gitmegi Horezm ylmy üçin uly ýitgi bolupdy. Bu hakda weziri agzam
63
Suhaýly hem şeýle pikirdedi. Ol öz wagtynda Birunynyň durmuş ýoly,
döredijiligi, ylmy işleri bilen ýakyndan gyzyklanypdy.
X BAP
Aburaýhan Muhammet ben Ahmet al Biruny Horezminiň ylym
asmanynda parlak ýyldyz bolup döräpdi. Birunynyň doglup ösen
mekany Demirgazyk Horezmiň paýtagty Kät Günorta Horezmiň
paýtagty Gürgenç bilen gözellikde, baýlykda bäsleşip bilýärdi. Jeýhunyň
demirgazyk kenarynda ýerleşen bu şäheriň köçeleri gündüşmez kölegeli,
ymaratlary kaşaň, bazarlary harytlara baý we köp adamlydy. Dürli
ýurtlardan gelýän kerwenler bazarlary doldurýan harytlar bilen bile dürli
dillerde ýazylan ylmy we edebi kitaplary hem getirýärdiler. Şonlukda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 06
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.