Latin

Gürgenç I - 11

Total number of words is 3749
Total number of unique words is 2060
31.8 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ibn Salama «Siz näme diýýäňiz» diýen manyda garady.
-Rugsar jan, şazadanyň seni çyn ýürekden söýýänligi görnüp dur.
Ine, häzire çenli seni hormatlap «sen» diýmän «siz» diýip ýüzlenýär.
Indi oňa «sizden» «sene» geçmeklige razylyk beräý-diýip, Ibn Salam
126
nesihat äheňinde aýtdy. Şundan soň Rugsar Abul Harysa garap
ýylgyrdy-da:
-Şazadam, eger siz gitseňiz, menem munda sizsiz ölerin-diýdi.
Abul Harysyň ýüzi açylyp, gözleri bir enaýy yşyk bilen parlady. Ibn
Salam nikany gyýyp, olara egsilmez bagt diläp, ak pata berdi. Şazada
Ibn Salama halat-serpaý ýapyp, öýüne paýtunda ugradyp goýberdi.
Şu wakadan bir gün öň şazadany Horezmşa köşgündäki özüniň
aram alýan otagyna çagyrdy. Saçagyň başynda bir salym umumy
gürrüňden soň ýaş jähetden özünden kiçi bolany üçin nesihat äheňinde
söze başlady:
-Doganym Abul Harys, Biziň eşitmegimize görä köşgüňize bir
sazandar gyzy getirip, onuň sazynamy, özünemi muşdak halda
wagtyňyzy biderek geçirýän ekeniňiz. Bikärçilik ýigit kişiniň erkini,
eradasyny gowşadyp, ýaltalyga eltýär. Şonuň üçin men sizi Hazaraspa,
ol ýerdäki goşunymyza gözegçi edip ibermek kararyna geldim. Munuň
esasy sebäbi goşunyň serkerdesi Alp Teginiň özi käbir bidüzgünçilik
edip, goşunda tertip-düzgüni gowşadypdyr diýen habarlar bar. Şonuň
üçin ol ýere baryp, jylawy eliňize alyň. Biziň bu teklibimize
garşylygyňyz ýokmy?
-«Patyşanyň emri wajyp» diýilýär, garşylyk görkezip bolmaz, Aly
hezret.
-Onda erte-birigün taýýarlygyňyzy görüp, ýola çykyberiň. Ýoluňyz
ak bolsun!
Şeýdip, şa bilen şazadanyň arasyndaky gürrüň tamamlandy. Abul
Harys köşgüne gaýdyşyn: «Bar aýdany ýalan. Meni paýtagtdan
daşlaşdyrjak bolup, oýlap tapan bahanasy bolsa gerek. Näme üçin
menden dynjak bolýarka, ýa biri meni ýamanladymyka?» diýip, ýolboýy
içini gepledip geldi.
Horezmşa bolsa Abul Harysy Hazaraspa ibermek bilen Gaznadan
gelin gelensoň toýda soltanyň adyna aýdyljak hamdu-senalar, öwgüler
Gaznala tabynlygyň nyşany hökmünde görülip, närazylyk köpelse onuň
başçylygynda döremegi mümkin bolan pitnäniň öňüni almakçydy. Bu iş
hem hemişekisi ýaly baş wezir Suhaýlydan bimaslahat bolmandy. Emma
«Danalar hem hatadan haly däldir» diýleni dogry çykdy, soň Suhaýlynyň
puşmany içine sygmady.
***
Horezmşa bilen bolan gürrüňden soň bir hepde geçip-geçmän Abul
Harys ýola çykdy. Rugsar hanym iki kenizi bilen iki at goşulan üsti
ýapyk arabada, on iki nökeri bilen şazadanyň özi atly niredesiň Hazarasp
127
galasy diýip, ýoluň tanapyny çekip ugradylar. Gyşyň soňky günleri
bolsa-da, entek gowşamadyk aýazdan atlylary eginlerindäki galyň
içmekleri goraýardy. Arabadaky aýallary bolsa öňlerindäki demir
maňňaldaky46 köreýän kömüriň közi ýylydýardy. Şu ýagdaýda ýol söküp,
rabatlarda düşläp bäş gün diýende Hazaraspa ýetip geldiler.Şazada
Hazaraspda uly dabara bilen garşy alyndy.
XIX BAP
Gaznadan gelin geldi. Horezminiň gazaply gyşy geçip, bahar bilen
bile geldi. Dabarasy dag aşan toý tutuldy. Ertekilerdäki ýaly kyrk gijegündiz bolmasa-da, üç gün dowam eden toýda soltan Mahmyt
Gaznalynyň adyna hamdu-senalar aýdyldy. Bagşylar onuň adyny
aýdyma goşup, öwgüsini göge ýetirdiler. Toýda adyna aýdylan öwgüler
gulagyna ýetip, Soltan Mahmyt Horezmine bolan garaýşyny üýtgetdi.
Horezmşa indi öz giýewisi bolansoň ýurduň hem iru-giç öz
tabynlygyna geçjekdigine köñlünde ynam hasyl etdi.
Horezmşa Abul Abbas bolsa soltanyň dogany Kaljy hanymyň
husny-jemalynyň owsunyna düşüp, onuň agasynyň ýurduna göz
dikýändigini bütünleý unutdy. Horezmşany jadylan diňe onuň gözelligi
däldi, ol süýji dili, dilewarlygy bilenem şany özüne benduwan edipdi.
Ondan ilki täze düşen gelin hökmünde haýa perdesine dolanyp, “hä,
hawa, ýagşy” diýen sözlerden başga sözi almak mümkin däldi. Emma
aradan iküç hepde geçensoň Kaljy hanym dil açyp, dilewarlygyny
görkezdi. Bir sapar Abul Abbas jomartlyk edip, oňa:
-Hanym, şu köşkde göwnüňize ýaran zadyňyzy alyň, siziňki şoldiýeninde, Kaljy ýylgyryp:
-Hökümdarym,-diýdi.- Gadymda bir patyşa söýgüli aýaly bilen
urşup, şu köşkden gerek zadyňy al-da güm bol-diýipdir. Aýaly:
-Bolýa, ertire çenli puryja beriň, gidýen-diýipdir. Agşam ol
patyşanyň meý içýän bulguryna beýhuş edýän derman salypdyr. Patyşa
meý içip, beýhuşlykda uka gidensoň aýaly ony araba salyp, ýola rowana
bolupdyr. Daň atanda patyşa beýhuşlykdan açylyp, görse bir arabada
ýatyrmyş,baş ujunda-da aýaly otyrmyş. Patyşa:
-Eý, bu nähili gep, nirä barýas?-diýse aýaly:
-Siz meni kowduňyz, şu köşkden gerek zadyňy al-da güm bol
diýdiňiz. Men-ä gerek zadymy alyp gidip barýan, gerek zadymam siz,
sizden başga ol ýerde meniň gerek zadym ýok-diýipdir. Patyşa
ýeňilenini bilip, aýalyndan ötünç sorapdyr. Soňra yzyna dolanypdyrlar.
46
Maň ň al-kömürüriň közi saklanýan demir gap
128
-Hekaýatyňyzyň manysyna düşündim, hanym-diýip, Abul Abbas
ýylgyrdy.
-Düşünen bolsaňyz, meniňem bu ýerde sizden başga göwnüme
ýaran zadym ýok. Siz meniňki bolsaňyz bolýa-diýip, Kaljy hanym Abul
Abbasyň depesini göge ýetirdi. Kaljynyň özi-de Horezmin ýaly dünýä
belli, meşhur ýurduň melikesi bolanyna iç-içinden begenýärdi. Emma
täji-tagtyň eýeleri üçin ömürlik asuda ýaşaýşyň bolmaýşy ýaly Abul
Abbas bilen Kaljy hanymyň asal aýlary hem uzaga çekmedi Galagoply,
teşwüşli günler başlandy. Galagoplugyň başy Bagdatdan gelen bir habar
boldy. Halyf Kadyr Abul Abbasy Horezminiň kanuny hökümdary diýip
ykrar edilendigi baradaky şahadatnama bilen gymmat bahaly serpaýlar
iberýär. Bu peşgeşi halyf Horezmşa bilen soltany tersleşdirmek
maksadynda iberendigini Biruny aňýar. Ol bu hakda Suhaýla aýdanynda
wezir Birunynyň pikirini dogry tapýar we ikisi halyfyň peşgeşini
düzgüne görä resmi suratda dabaraly däl-de, hiç kime jar etmän
gizliniräk kabul etmekligi makul görýärler. Emma Horezmşa bu iki
akyldarynyň pikirine goşulmaýar. Ol halyfyň özüne şeýle uly sarpa
goýýanyny çar tarapa jar edip, goňşy döwletleriň nazarynda şanşöhratyny ýene-de artdyrmagy isledi. Ol:
-Jenaplar, ikiňizem süýtden gan gözleýän bolupsyňyz. Halyfyň
bize bildiren ynamynyň, hormatynyň Soltana näme dahyly bar. Gaýtam
ol begenmeli dälmi, ol meniň gaýnagam, ahyryn-diýdi.
-Aly hezret-diýdi wezir Suhaýly.- Gaýnagaňyz bolany üçinem
halyfyň sizi götergileýäni oňa ýokmaz. Ol sizi özüne wepaly, çyzan
çyzygyndan çykmaýan giýew hökmünde saklajak bolýar. Halyf bolsa
garyndaşlyk zerarly Gürgenç bilen Gazna birleşip, halyfata howp
döretmegi mümkin diýen pikirde araňyza sowuklyk salmakçy .Ýogsa-da
halyf sizi şu çaka çenli bilmeýärmidi? Gel, gel indi Soltan Mahmut siziň
bilen garyndaş bolanyndan soň ýadyna düşdüňizmi?
Baş wezir bilen baş geňeşdar her näçe jan etseler-de patyşany
ynandyryp bolmady. Belki, ol howpsyzlykdan şan-şöhraty ileri tutandyr.
Şonlukda halyfyň peşgeşi dabaraly suratda kabul edilýän boldy. Köşgüň
öňündäki baş meýdanda uly toý tutuldy. Köp adamly bu dabara daşary
ýurtly söwdagarler, jahankeşdeler hatda derwüşler hem gatnaşdy.
Gürgenjiň ady belli jarçysy:
-Halaýyk! Eşitmedim diýmäňler, eşidip şatlanyňlar! Dini yslamyň
diregi halyfatyň paýtagty Bagdatdan hoş habar geldi! Külli
musulmanlaryň rahnamasy halyfy zaman Al Kadyr hezretleri biziň
kyblaýy älemimiz Abul Abbas al-Mämün Horezmşa aly hezretiň
129
Horezmin
diýarynyň
kanuny
hökümdarydygyny
tassyklaýan
şahadatnama bilen bahasyna ýetip bolmajak sylag-serpaýlar gönderipdir.
Häzir şol mukaddes resminama bilen mübärek serpaýlary kabul edip
alyş dabarasy başlanýar!-diýip bokurdagyna sygdygyndan gygyryp, jar
etdi.
Şundan soň halyfatyň ilçileri çaklanja sandygy göterip meýdana
girdiler. Meýdanyň köşk tarapyna gurulan uzyn sekiniň ortasynda
goýlan tagtynda oturan Horezmşa we onuň iki ýan tarapyny tutup oturan
emeldarlar ýerlerinden galdylar. Iki ilçi basgançakdan sekiniň üstüne
çykyp, sandygy Horezmşanyň öňünde goýdylar. Ilçileriň biri sandygy
açyp, içinden naý şeklinde dolanan, daşy tylla reňkli Şahadatnamany
aldy, ony iki elläp tagzym bilen Horezmşanyň eline berdi. Beýleki ilçi
sandykdan bir zerbap don çykaryp, şanyň egnine ýapdy. Patşa bilen bile
aýaga galan märekäniň içinde şatlykly gowur turdy. “Mübärek bolsun!
Kyblaýy älemiň ömürleri uzak bolsun! Aly hezrete şöhrat!” diýen sesler
ýaňlandy. Patyşanyň yşaraty bilen adamlar ýerli-ýerine oturdylar.
Sazandalar sazyna, bagşylar aýdyma başladylar. Dürli tagamlar çekildi.
***
Gürgençde bolup geçen bu dabara diňe Soltan Mahmytyň gulagyna
däl, çar tarapdaky döwletleriň köşklerine-de baryp ýetdi. Ol dabaranyň
tarypyny eşideninde Soltan dişini gysyp:
-Bu oglan özüne arka tapynjak bolýarmy-ka! - diýip gyjyndy.
Soltan Mahmyt özüniň “Beýtil hikmedäki” alymlary Gazna ibermek,
Gürgençde adyny hutbä goşmak baradaky talabynyň şu çaka çenli
ýerine ýetirilmedigine-de çydap, sabyr edip gelýärdi. Indi ol şular hakda
berkräk gürleşmek üçin Horezmşa bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak
maksadynda ony Gazna çagyrdy. Halyfyň hümmetinden gylawlanan Al
Mämün Soltanyň teklibini ret edýär.
Giýewsiniň sözüni syndranyna beter gahary gelen Gaznalynyň
gazabyny hetden aşyran ýene bir waka ýüze çykdy.
Buharanyň emiri Arslan ker bilen Kaşgaryň hany Tugan hanyň
arasynda dawa turýar. Şu zerarly iki dogan ikisi-de Garahanylardan
bolsa-da, dawa ula ýazyp, uruş howpy döreýär. Bu ýagdaýdan
peýdalanyp, Horezmiň bähbidine bir iş edip boljakdygyny aňan dana
Suhaýly Al Mämüna şeýle maslahat berýär:
-Aly hezret, Soltan Mahmydyň talaplary ýerine ýetirilmänligi üçin
bize bolan gazaby içine sygmaýan bolsa gerek. Ol ýeterlik goşun
topladygy üstümize ýörüş eder. Şonuň üçin ony haýykdyrar ýaly
Garahany hanlary bilen dostlyk-hyzmatdaşlyk barasynda şertnama
130
baglaşmaly. Siz Arslan ker bilen Tugan hanyň arasyna düşen towy
ýazyp, olary ýaraşdyrsaňyz ikisi-de şertnama baglaşmaga razylyk berer.
-Bu aňsat iş däl, jenap Suhaýly. Olaryň biri Buharada, biri
Kaşgarda, biz olaryň haýsy biriniň huzuryna baryp ýetişeris-diýip
Horezmşa weziriniň maslahatyny göwnemedi. Suhaýly “Munuň ýaly
işler başgaça edilýär” diýen manyda ýeserlik bilen ýylgyrdy:
-Aly hezret, siziň olaryň huzuryna barmagyňyz gerek däl. Biz olary
biri-birine bildirmän myhmançylyga çagyrarys. Gürgenje gelenlerindede ikisini duşuryp ýaraşdyrarys.
-Çakylyga gelmeseler nä? Ýa-da biri gelip, biri gelmese?
-Çakylyk bilen çakylygyň tapawudy bar, Aly hezret. Biz
çakylyknamany şeýle bir täsirli edip ýazarys, ony okan han gelmezlige
bahana tapyp bilmez.
-Kelläňiz gowy işleýär, muhterem Suhaýly-diýip şa ýylgyrdy.
Şanyň aýdyşy ýaly Suhaýlynyň gowy işleýän kellesinden çykan
çakylyknamalaryň biri Buhara, ikinjisi-de Kaşgara gönderildi. “Gylyç
bilen alyp bolmaýan galany söz bilen alsa bolýar” diýenleri dogry çykdy.
Täsirli sözler bilen ýazylan çakylyknamalar hanlaryň ikisini-de
ýaýdandyrman ýola çykardy. Ilki Buharadan Arslan ker geldi. Ony
dabaraly garşy alyp, hezzet-hormatynyň kemini goýmadylar. Tugan han
gelýänçe Al Mämün bilen Suhaýly dogan doganyň galasydygyny, öz
doganyňa ýamanlyk etmek duşmanyňa ýagşylyk etmekdigini, bu
ýagdaýdan duşmanlar peýdalanmazdan burun ýaraşmagyň gerekdigini
Arslan keriň ker gulagyna guýdular.
Üç günden soň Kaşgardan Tugan han hem ýetip geldi. Ony-da
hormat-ehtiram bilen garşylap, aýry jaýda ýerleşdirdiler. Hezzethormatyň arasynda onuň bilen hem ýaraşyk dogrusynda täsirli gürrüň
geçirip, dogany bilen ýaraşmaga boýun etdiler. Emma hanlaryň ikisi-de
nirede ýaraşmalydyklary barada oýlanýardylar. Haçanda olar ikisiniň-de
şu ýerde, Gürgençdediklerini bilenlerinden soň Horezmşa bilen
weziriniň bu haýyrly hilesine ten berdiler. Ýaraşygyň şanyna meýlis
guraldy, köşküň meýlisler eýwanyny dolduryp, aýdym-sazlar ýaňlandy,
altyn käselerde meýler süzüldi. Hanlaryň keýpini göge göteren
meýlisden soňra dostluk, hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalara gol
çykilip, möhürler basyldy.
Bu wakadan habar tapan Mahmyt Gaznaly:
-Mämün garahanylar bilen şertnama baglaşyp, indi bize garşy
durjak bolýamy?! Bu oglan ýa maňa boýun eger, ýa men Horezminiň
külüni göge sowuraryn! - diýip, gazaba mündi.
131
Köşk emeldarlary soltany köşeşdirmek üçin näme etjeklerini
bilmän aljyraňňy ýagdaýa düşdiler. Ahyry Soltanyň gahar-gazaby bilen
öwrenişen garry wezir dillendi:
-Soltanym, Mämüne ýene bir duýduryş nama ibereli. Şundan
soňam ol aklyna aýlanmasa, goşun çekmeli bolar.
-Wah, aklyna aýlanar ýaly ol oglanda akylyň özi ýog-a! Ol Suhaýly
we beýleki nedimleriniň elinde oýnatgy. Onuň hökümdarlyk güýji ýok,
aslynda!
-Şeýle-de bolsa ýene bir gezek duýduraly, Soltanym-diýip, garry
wezir tewella etdi. Bu teklibi beýleki wezir-wekiller hem goldadylar.
Şundan soň aşakdaky mazmunda hat ýazylyp, çapar bilen Gürgenje
iberildi.
«Essalamu aleýkum, Abul Abbas al Mämün hezretleri! Biz siziň
bilen garyndaşlyk açanymyzdan soň hem biziň talaplarymyzy berjaý
etmän gelýänligiňiziň sebäbini bilýäris. Siz öz ygtyýarly hökümdar
dälsiňiz. Siziň töweregiňizdäki emeldarlar isleýän işiňizi etmäge ýol
bermeýärler. Bu bolsa siziň hökmürowanlygyňyzyň gowşakdygyny
görkezýär. Biz indi siziň ygtyýaryňyzy eliňizden alan şol adamlary
jezalandyrmak we size döwleti nähili dolandyrmagy görkezmek üçin
goşun çekmeli bolýarys, ýa-da siziň özüňiz şol adamlary köşgüňizden
kowup, biziň size öň bildiren şu aşakdaky üç talabymyzy ýerine
ýetirmelisiňiz:
1.Bize hormatyňyzyň nyşany hökmünde adymyzy ähli metjitlerde
okalýan namazlarda hutba goşmalysyňyz.
2.Biziň belent mertebämize mynasyp gymmat bahaly sowgatlar
ibermelisiňiz (Bu sowgatlaryňyzy soň gizlin ýagdaýda özüňize gaýtaryp
ibereris. Onsuzam biziň altyn-kümüşimiziň agramyny ýer zordan
göterýär)
3.Ylym merkeziňizdäki alymlary şu haty alyp baran çapar bilen
Gazna ugratmalysyňyz.”
Horezmşa haty şu ýerine çenli okap, gaharyny basyp bilmän ony
zyňyp goýberdi:
-Zalym! Sütemkeş! Görýäňizmi, öňki sypaýçylygyň ýerine indi
haýbat atýar. Men bir haty getirmek üçin kyrk adamdan ybarat çapar
nämä gerek-kä diýsem, alymlary alyp gitmek üçin iberilen ekeni-dä!
Hatyň mazmuny köşk emeldarlarynyň hem gaharyny gozgady:
-Garahanylardan ýardam alyp, uruşa taýýarlanmak gerek!
Watanymyzyň garaşsyzlygyny gorap bilmesek, biz nädip baş göterip
132
ýöräris-diýenler hem boldy. Suhaýly bu ýagdaýdan çykalga gözläp
oýlanýardy. Biruny bolsa bir karara gelipdi:
-Aly hezret, uruş, gan döküşlik gowy çykalga däl-diýip patyşa
ýüzlendi.-Bu ýagdaýdan çykmagyň başga ugruny tapmaly. Men we
maňa goşuljak alymlar bolsa Gazna gideli. «Alymlaryny iberipdir-ä»
diýip, birneme köşeşer ol.
Horezmşa uludan demini alyp, Suhaýla garady. Suhaýlynyň
dymmagyndan peýdalanyp, Ibn Syna pikirini aýtdy:
-Möwlana Birunynyň aýdany hem gowy çykalga däl. Galyberse-de
biz Gaznalynyñ köşgüne gitmeris.
-Biz diýeniňiz kimler?-diýip, Biruny Ibn Sina kinaýaly garady.
-Ine men, Masyhy jenaplary...
-Sizi Horezminiň ykbaly gyzykdyrmaýan bolmaga çemeli. Meniň
bilen öz ýurduny Gaznalynyň goşunyna depeletmegi islemeýän
horezminli alymlar gider. Biz nirede näme döretsek hem aslymyz
horezminli bolanymyz üçin Hoezminiň adyna geçer.
Birunynyň bu sözleri Ibn Syna şarpyk bolup degdi.
Häliden bäri oýlanyp, dymyp duran Suhaýly patyşa ýüzlendi:
-Aly hezret, möwlana Birunynyň aýdan teklibiniň ýeke özi soltany
kanagatlandyrmaz. Şonuň üçin ýene bir zat edeli.
-Ýene näme etmeli?-diýip, Al Mämün gaharly sorady.
-Aly hezret, ýarak itiň öňüne bir bölek süňk taşlasaňyz degmeýär.
Onuň ikinji talabyny hem berjaý edeli. Ony ýene yzyna gaýtaryp berjek
bolsa, mundan çekjek zyýanymyz ýok-diýip Suhaýly «meniň pikirimi
goldajaklar ýokmy?!» diýen manyda oturan adamlara göz gezdirdi.
Horezmşa hem beýlekileriň-de pikirini bilmek üçin bir salym garaşdy.
Hiç kimden ses-seda çykmanyndan soň özi dillendi:
-Jenap Suhaýly, soltan Mahmydyň gönderen namasynda «Biziň
mertebämize laýyk sowgat» diýenine garanyňda, onuň gözi doýar ýaly
bir gatyra ýük boljak altyn-kümüş ýygnamaly. “Yzyna gizlinlikde
gaýtaryp ibereris” diýeni ýalan. Ol alan zadyny gaýtaryp berýän adam
däl. Basybalyja harby harajatlar üçin köp pul gerek. Ol öz pulumyza
goşun toplap, özümizi çapar. Onsoňam şonça puly ýitirmek, döwletimize
uly zyýan ýetirmekdir. Şonuň üçin ýene bir iş etmeli bolsa adyny hutba
goşaýalyň.
Horezmşa sözüni gutarandan adamlaryň arasyna gowur düşdi.
-Adyny hutba goşmak, Gaznala tabyn bolmak dälmi!-diýip
gygyrdylar. Horezmşa bir elini galdyryp:
133
-Köşeşiň, adamlar! Tabyn bolarysmy, bolmarysmy soň görübereris.
Häzirlikçe şundan gowy tedbir-çäre ýok-diýdi.
Patyşanyň gelen kararyna gahar edip, alymlardan başga adamlar
çykyp gitdiler.
Şundan soñ Al Mämün tagtyndan düşüp, aýak üstünde duran
alymlaryň garşysyna geldi.
-Ezizler,- diýdi, ol birhili damagy dolup - bir gün gelip siziň bilen
hoşlaşaryn diýen pikir hiç bir kelläme gelmändi. Nätjek, zamanamyz
zorlaryňky bolup dur. Men siziň hemmäňizden hem juda
minnetdardyryn. Ýedi ýyl «Beýtil hikmede» zähmet çekip, köp işler
etdiňiz. Ylymda Horezminiň adyny dünýä ýaýdyňyz. «Beýtil hikme»
bilen bile siziň adyňyz taryhda galar. Nirede bolsaňyzam sag-salamat
boluň. Ylymdan eliňizi sowatmaň...
Horezmşanyň bu gysgajyk hoşlaşyk sözi diňe alymlaryň däl, onuň
özüniň hem gözüne ýaş aýlady. Soňra gözüniň ýaşyny sylyp, Biruna
ýüzlendi.
-Möwlana Biruny, Siziň öz ygtyýaryňyz bilen gan döküşligiň öňüni
almak üçin Gazna gitmekçi bolýanlygyňyzy watanperwerligiň beýik
nusgasy hasap edýärin. Köp sag boluň!- diýip, Biruny bilen Gazna
gitmekçi bolýanlara-da minnetdarlyk bildirdi. Gazna gitmekden boýun
gaçyranlaryň hem göwnüne degmedi. Kim nirä gitmekçi bolsa ýol
harajatlaryny berip, ugratmagy weziri Suhaýla tabşyrdy.
Biruny özi bilen Gazna gitmeklige isleg bildiren Ibn Salama onuň
öňem on ýyl maşgalasyndan aýra ýaşanlygyny oýlap, “Siz Aly hezretiñ
ýanynda galyň” diýdi.
- Ustadyñyz dogry aytdy, jenap ibn Salam. Siz ustadyñyzyñ ýerine
meniñ maslahatçym bolarsynyz. Bize alymdan hem maslahatçy gerek diýip, patyşa ibn Salama "razymysyñyz" diýen manyda garady.Ibn
Salam goluny gursagyna goýup, başyny egse-de, içinden: "Men indi
alym däl, patyşanyñ nökeri boldym. Arzuw-niýetlerim başgady: "Beýtil
hikmede" ylym bilen meşgullanyp, ata Watanym Horezminiñ ylmyna öz
goşandymy goşmakçydym. Zalym zaman arzuwlarymy puja çykardy"
diýip, ah çekdi.
Şeýlelikde Aburaýhan Biruny, Abu Nasyr Yrak, Abul Haýyr
Hammar Gazna, Abu Äli ibn Syna, Abu Sahl Masyhy Gürgene, Abu
Mansur Salyby, Al Hojandy Bagdada gitdiler. Şunuň bilen Gürgenjiň
«Beýtil hikme» atly dünýä ýaň salan ylym dergähi ýapyldy.
XX BAP
134
Soltan Mahmyt Gaznalynyň Horezmşanyň öňünde goýan esasy
talaplarynyň berjaý edilip, alymlaryň Gazna iberilmegi, adynyň hutba
goşulmagy Gürgençde biraz närazylyk meýillerini döreden bolsa
Hazaraspda gahar-gazap oýardy. Bu bolsa Horezmşanyň garşysyna pitne
guramaga bahana boldy.
Adam şunuň ýaly özi üçin hem howply işe ýöne ýere däl, köňlünde
köpden bäri besläp gelýän arzuwyny amala aşyrmak maksadynda
töwekgellik edip baş goşýar. Baş pitneçi-goşunyň serkerdesi Alp Tegin
hem töwekgelçi adamdy. Ol harby hyzmatdan iripdi. Köşkde patyşanyň
iň ýakyn adamy bolup, köp zada güýji ýetýän, aýdan sözi geçýän
emeldar bolmagy arzuw edýärdi. Emma bu arzuwyna Abul Abbasyň
döwründe ýetip bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçin ol Abul Harysy ele
alyp, ony tagta oturtmaklygyň hyýalyna münüpdi. Abul Harysyň
Hazaraspa gelmegi bolsa arzuwynyň amala aşmagyna umyt döredip, ony
biçak begendiripdi. Abul Harys bilen ilkinji söhbetdeşliginde-de:
-Şazadam, siziň Hazaraspa gelmegiňiz meni biçak begendirdi.
Emma sizi bu ýerde däl, Horezminiň tagtynda görsem, begenjimiň çägi
bolmazdy-diýip, Abul Harysyň inçe taryna kakyp gördi. Şazadanyň bu
gepi erbet kabul etmändiginden onuň hem köňlünde täji-tagt arzuwy ýok
däldigini aňan Alp Tegin ony Horezmşanyň garşysyna küşgürmäge
girişdi. Ol soňky sapar pikirini açyk aýtdy.
-Şazadam, Abul Abbas Horezminiň mukaddes garaşsyzlygyny
Gaznalynyň bir ganjygyna çalyşdy. Gürgençdäki hemmämiziň
buýsanjymyz bolan «Beýtil hikmäni» ýapyp, alymlarymyzy Gazna
iberdi. Soltanyň adyny hutba goşduryp oňa tabynlygyny boýun aldy. Ine,
şular üçin onuň Horezminiň tagtynda oturmaga haky ýok.
Alp Teginiň bu sözleri şazadanyň kalbynyň iň töründe ýatan gizlin
arzuwyna ýol arçaýana meňzäni üçin içinden begense-de, daşyndan syr
bildirmedi:
-Haky ýok bolsa näme etmeli?-diýip, ol Alp Tegine synçy nazar
bilen garady.
-Goşun biziň elimizde, ony Gürgenje çekmeli.
Şazada oňa seredip oturşyna: «Bu adam gujur-gaýratly bolsa-da,
inçelik bilen pikir öwürmäge ukyply däl eken» diýip, içini gepletdi.
-Siz «Egri gylyç esgerleriň bilinde bolsa-da sapy şalaryň elindedir»
diýen, ýagny ygtyýaryndadyr diýen gepi eşitmediňizmi?! Patyşasyna
wepalylyk dogrusynda kasam eden esgerler, siziň bir agyz sözüňiz bilen
patyşasynyň üstüne gidermi, gitmez.
135
-Meniň sözüm bilen gitmese, siziň sözüňiz bilen gider. Siz, ata
miras tagtyňyzy eýelemäge hakyňyz bar, ahryn. Aslynda ol tagt siziň
kakaňyz Aly ibn Mämüniňkidi. Şeýle bolansoň ol atadan ogula geçmeli.
Abul Abbas onda bikanun otyr.
Bu sözler bilen Alp Tegin Abul Harysa has tãsir ýetirmekçidi,
emma şazada başgaça dillendi:
-Men şu sözler bilen çykyş etsem esgerlere ters täsir eder. Men
olaryň nazarynda tagt dawasyny edip ýören pitneçi bolaryn. Jenap Alp
Tegin, munuň ýaly işler bir saparky söz bilen ýola goýulmaýar. Bu işi
inçelik bilen assa-ýuwaş taýýarlamaly. Siz dört-bäş özüňize ynamly
esgerleri goşunyň içinde Abul Abbasyň etmişleri, ýagny ýurdy satany
barada, onuň diňe aýşy-eşret bilen meşgul bolup halky-da, goşuny-da
unudandygy hakynda gep ýaýratmak üçin taýýarlaň. Adamlar çykyşlara
garanda myş-myşlara köpräk ynanýarlar. Arasynda goşuny saklamak
üçin pul goýberenok diýip, azyk-owkatdan gysyň. Şeýdip goşunda
närazylyk döretmeli. Onsoň Gürgenje ýörüşe çagyrsaňyz gepiňiz geçer.
-Şazadam, tüweleme, ýaş bolsaňyzam sizde meniň ýaly on adamyň
akly bar. Işimiz şowuna bolup, size ata miras tagtyňyzy alyp berip
bilsem, ölsemem armanym ýok-diýip, Alp Tegin ýallaklady. Elbetde,
Alyp Tegin Abul Harysa tagty alyp berse armansyz öljek däldi. Ol tagtyň
eýesiniň ýanynda ikinji hökmürowan adam bolup aýşy-eşretde
ýaşamakçydy. Şu maksat bilen hem goşunyň içinde şazadanyň aýdan
işini geçirip başlady.
***
Täji-tagty saklamak hökümdarlara-da aňsat düşmeýär. Tagtyň
howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çar tarapda, hatda öz köşgüniň içindede jansyzlary bolýar. Olar arkaly nirede näme gep bolsa habarly
bolýarlar.
Hazaraspda taýýarlanýan pitnäniň habary Gürgenje gelip ýetende
weziri agzam Suhaýly şazada Abul Harysy Hazaraspa ibermäge razylyk
berip, uly ýalňyşlyga ýol berenini duýdy. Çünki, Alp Teginiň ýeke özi,
Abul Haryssyz, pitne guramaga milt edip bilmezdi. Ol Alp Tegini gowy
bilýärdi. Bir wagtlar Alp Tegin Gürgençde mahaly Suhaýly bilen gowy
gatnaşykdady. Horezmşa bu habara ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da
bilmän wezirine ýüzlendi:
-Jenap Suhaýly, siz şu habara çynyňyz bilen ynanýaňyzmy?
-Ynanýan, aly hezret. Dogrymy aýtsam, şazada Abul Harysy
Hazaraspa iberip juda uly hata edipdiris.
136
-Näme, Abul Harys Alp Tegine goşulyp bize garşy baş göterer
öýüdýäňizmi?
-Aly hezret, Alp Tegin tagtyňyza dalaş edip bilmeýär. Onuň muňa
haky ýok-diýip, Suhaýly “dowamyny aýtmasam hem düşnükli bolsa
gerek” diýen manyda Abul Abbasa seretdi.
-Hmm... Düşnükli. Diýmek, Abul Harys tagtyň yşkynda ekeni-dä!
Gürgençde asudalygy saklamak maksadynda eden işimiz tersine bolup
çykdy diýseňiz-le-diýip horezmşa bir salym dymdy, soňra Suhaýla
garap:
-Indi näme etmeli?-diýdi.
-Aly hezret, bardy geldi olar bäri goşun çekäýse gaýtawul berer
ýaly bu ýerdäki goşunymyzy güýçlendirmek gerek. Munuň üçin
birazyrak wagt gerek. Şonuň üçin men Hazaraspa gideýin. Olary
ýörüşden mümkingadar köpräk wagt saklajak bolup göreýin-diýip
Suhaýly bir salym dymdy-da.- Eger ýagdaý agyr bolsa, men size
gyssagly habar ýetirerin. Habarym, şu ýüzügim bolar-diýdi.
***
Ýagşylyga umyt baglap, oňarsa belanyň öňüni almak üçin on iki
atly bilen Suhaýly ýola düşdi. Bäş gün diýende iki atly bilen menzile
ýetip geldi. On atlyny bolsa hersiniň arasyny 20 çakyrymdan edip, ýol
boýunda goýup gaýtdy. Bu bir howply habar bolsa Gürgenje tiz
ýetirmegiň usulydy. Habary birinji atly ikinjä, ikinji atly üçünjä, şeýdip,
onunjy atly soňky menzile ýetirmelidi.
Suhaýly ätiýaç edip, göni gala girmedi. Içerdäki ýagdaýy daşardan
bilip bolmazmyka diýen pikir bilen galanyň golaýyndaky bir oba
sowuldy. Gün ýaşyp garaňky gatlyşyp başlapdy. Aý hasabyndan
Horezminiň gazaply gyşy çykyp, bahar başlanan hem bolsa, Nowruzyň
akja garynyň sowugy bildirýärdi. Munuň ýaly ýagdaýda ýolagçylar atababalardan gelýän däp boýunça ýolunda duşan islendik öýe taňry
myhmany bolup düşýärdiler. Suhaýly hem ýanyndaky iki ýoldaşy bilen
daşyndan seredende barlyrak adamyň jaýyna meňzeýän bir howla
düşdüler. Öý eýesi-orta ýaşlaryndaky sakgaly ýaňy çalaryp ugran daýaw
adam olary güler ýüz bilen garşy aldy. Myhmanlaryň atlaryny-da,
özlerini-de gowy ýerleşdirdi. Howlynyň derwezesinden giren ýerde
jylawhana diýilýän aýratyn otagda ýerleşen myhmanlaryň öňüne saçak
ýazyldy. Pelte çyranyň garşysynda oturan öý eýesiniň otda taplanan ýaly
gyzyl ýüzüne, zeberdest ellerine garap, Suhaýly «bu adam demirçi
bolaýsa gerek» diýip çaklady. Soraşyp-ideşilende onuň çaky dogry bolup
çykdy. Özüni Bugra beg diýip tanyşdyran öý eýesi Hazarasp galasynyň
137
içinde demirçilik ussahanasynyň bardygyny, ol ýerde dört şägirdi bilen
özi hem işleýändigini, esasy işleriniň arasynda esgerleriň atlaryna nal
kakyp, gylyçlaryny ötgürläp berýändiklerini gürrüň berdi. Suhaýly öz
içinden «Bagtymyza Alla bizi bu adama sataşdyrdy. Indi ondan galadaky
gep-gürrüňi, ýagdaýy bilip alarys, inşalla» diýip begendi. Öz nobatynda
öý eýesi myhmanlardan habar soranynda Suhaýly özleriniň Amula
söwda işi bilen barýandyklaryny, Gürgençden çykanlaryna bäş gün
bolandygyny aýdanynda Bugra beg:
-Gürgençli bolýan bolsaňyz patyşamyz hakynda bu ýerde ýaýran
geplerden habaryňyz bardyr. Çynmy şu gepler?-diýip sorady.
-Näme gep özi? Näme gepdigini aýtsaňyz, bizem ýalanmy, çynmy,
bilenimizi aýdarys-diýip Suhaýly öý eýesine ýüzlendi.
-Bir aý bäri esgerleriň arasynda Horezmşa hakynda dürli ýaramaz
gepler gezýär. Dek düýnem şazada Abul Harys goşuny sapa duruzyp, ol
ýere kazy-kelany, ymamy hem çagyryp, olaryň öňünde çykyş edipdir. Ol
öz nutugynda Horezmşanyň ýurdy Soltan Mahmyt Gaznala
satandygyny, häzir Gürgençde Horezmşa däl-de Mahmyt Gaznalynyň
oňa aýallyga beren dogany höküm sürýändigini, ol aýalam Gürgençdäki
atlary dünýä belli alymlarymyzy Gazna iberenligini hem-de agasy soltan
Mahmyt Gaznalynyň adyny hutba goşdurandygyny aýdyp
«Watanymyzyň garaşsyzlygyny ýitirip, onuň aýakasty edilmegine ýol
bermelimi?! Biziň Watandan mukaddes zadymyz barmy?!» diýip,
soňunda «Ýa Watan, ýa ölüm!» diýip gygyrypdyr.
Bugra begiň bu gürrüňi Suhaýlyny sowuk dere batyrdy. Emma syr
bildirmän:
-Biz söwda-satyk bilen meşgullanyp ýören adam bolansoň syýasata
kän bir gyzyklanmaýarys. Ýöne Soltan Mahmydyň adyny hutba
goşdurypdyr diýip eşitdik-diýdi. Onuň kellesinde dürli hyýallar at
salýardy. «Nätmeli? Abul Harysy niýetinden gaýtaryp bolmajagy belli
boldy. Ony "mugallymy" Alp Tegin gowuja okadypdyr ýa-da onuň özi
täji-tagta höwesiniň güýji bilen goşunyň öňünde hakyky watançy bolan
bolup çykyş edipdir. Eger şeýle bolsa ol maksadyna ýetmek üçin öňden
bir bahana tapylmagyna garaşyp ýören eken. Indi ol bu tapan
bahanasyndan peýdalanman goýmaz.» Suhaýlynyň dymyp oturanyny öý
eýesi ýadawlykdandyr öýdüp «Indi dem-dynjyňyzy alaýyň» diýip, öz
jaýyna çykyp gitdi.
-Ýagdaý düşnükli boldy gerek, ýigitler-diýip, Suhaýly
ýoldaşlaryna garady.-Indi nätmeli? Hany, siziň pikiriňizi hem diňläýin.
Ýigitleriň biri bir üýtgeşik pikir aýtjak ýaly ykjamlanyp:
138
-Abul Harys ertir bizi kabul etse, siz onuň gije ýatýan ýerini bilip
berseňiz, biz ikimiz ony dynçlarys-diýdi. Suhaýly kellesini ýaýkady.Ikiňiz däl, on bolsaňyzam ol işi edip bilmersiňiz. Gör, onuň ýatýan
jaýynyň daşynda näçe sakçysy bardyr. Gowusy bu habary Gürgenje tiz
ýetirmeli. Şonuň üçin sen häziriň özünde yzyňa dolanmaly bolarsyňdiýip, Suhaýly bir barmagyndaky ýakut gaşly tylla ýüzügini çykaryp
berdi. Şuny berk saklap, birinji atla ýetir. Menzilleriň arasynda atlary
gaýgyrman çapsynlar. Ýüzük ertir şu wagta çenli patyşanyň eline
düşsün! Biz ikimiz ertir öýläne golaý gala bararys. Alajy bolsa Abul
Harysy derhal goşun çekmekden birki hepde saklajak bolaryn. Şu
pursatdan peýdalanyp, goşuny güýçlendirerler.
Ýigit elini gursagyna goýup, çykyp gitdi. Ol öý eýelerini
oýarmazlyk üçin atyny ýuwaşlyk bilen howludan idip çykardy-da birinji
menzile tarap at saldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 12
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.