Latin

Gürgenç I - 06

Total number of words is 3776
Total number of unique words is 2041
31.6 of words are in the 2000 most common words
43.7 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kätiň döwlet kitaphanasy soňky ýüz ýylyň içinde has baýapdy. Bu
kitaphanada, medrese we mekdeplerde arap, pars, ýunan, hindi, suryýa
dillerini bilýän alym kişiler işleýärdiler. Olaryň biri-de Birunynyň ilkinji
halypasy hem howandary Horezmşa Abu Abdyllahyň daýysy Abu Hasyr
ibn Yrakdy. Ibn Yrak ýaşlygyndan ýetim galan Birunyny öz terbiýesine
alýar, oňa hat-sowat öwredýär, ähli ylymlar boýunça başlangyç bilim
berýär. Patyşanyň ýakyn garyndaşynyň howandarlygyndaky oglan
bolansoň oňa ylym öwrenmek üçin ähli gapylar açykdy. Ylymlaryň
esasy bolsa kitaplardady. Ýöne olar arap, pars, ýunan, hindi dillerindedi.
Ol kitaplaryň içine girip, ylym öwrenmek üçin ilki şol dilleri bilmelidi.
Şonuň üçin ýaş Biruni Arastunyñ, Eflatunyñ, Ÿewkelidiň eserleri
ýazylan ýunan dilini öwrenmäge girişdi. Arap, pars dillerini ol halypasy
Ibn Ýragyň kömegi bilen on iki ýaşyndan başlap öwrenip, ol dillerdäki
eserleri okaýardy. Düşünmedik zatlary barada halypasyndan yzygiderli
soraýardy, käte irizdirýärdi hem. Aýratyn-da, ol dünýäniň gurulyşy,
çäksiz älem, ondaky san-sajaksyz ýyldyzlar bilen gyzyklanýardy. Ol bir
sapar halypasynyñ boş wagtyna gabat gelip, onuñ ýüzüne ýylgyryp
seretdi. İbn Yrak onuñ bir zatlar sorajak bolýanyny duýup:
- Aýdyber, näme diýjek bolýañ - diýdi. Biruny:
-Ustaz, men hemişekim ýaly oý sürüp otyrkam kelläme goşga
meñzeş:
Nirden peýda boldy bu çäksiz älem,
Fäläkde ýyldyzlar, görsem jemul-jem.
Akyl ýetmez munyñ ibtidasyna,21
İntihasyzmy22 ýa bu syrly älem?! - diýen setirler geldi.- diýdi.
İbn Yrak kelesini ýaýkap güldi:
21
22
Ibtida- başlanyşy
Intiha-soňy
64
- Tüweleme, sen indi sowal bermegiñ täze ýolunam tapypsyñ-a.
Bu goşgy setirleriñ maña berlen sowal dälmi ? Aburaýhan, seniñ bu
sowalyñ adamzady iñ gadymy döwürlerden bäri oýlandyryp gelýan
sowal. Gadymy ýunan feýlesuflary: "Älemiñ iptidasy ýok, onuñ
intihasy-da bolmaz, ol ezeli-ebedi möwjütdir"23 diýen pikiri öñe
sürüpdirler. Yslam alymlary bolsa Älemiñ iptidasyny Alla bilen
baglaýarlar, ol Alanyñ gudratyndan, onuñ emri bilen dörän mugjize
diýýärler,onuñ intihasy barasynda Yslamda hiç zat aýdylmaýar.
- Yslamda ahyrzaman barada gürrüñ bar-a, ustaz.
- Ahyrzaman biziñ Ýerimize, ýerbäki ýaşaýyşa degişli, Äleme
degişli däl, ahryn.
- Dory, dogry, ustaz. Men munyñ parhyna barman aýdypdyryn diýip, Biruny ýalñyşany üçin gyzaryp gitdi. Ol halypasy bilen bolan bu
gysga söhbetdeşlikden barybir kanagatlanmady. Ol halypasynyñ hut
özüniñ pikriini bilmekçidi. Halypasy bolsa başgalaryñ gelen netijelerini
aýdyp, özi pikir bildirmedi. Diýmek, halypasynyñ bu barada öz pikiri
ýok ýa-da pikiri Yslamyñ akydasyndan24 gaýry bolsa, ony aýtmakdan
saklandy. Onuñ özüniñ kelesinde bolsa, iptidasy yok zadyñ bolmagy
mümkin däl, nämeniñ iptidasy bolsa onyñ intihasy hem hökman
bolaýmaly, diýen pikir bardy. Ol şu pikiriniñ dogry ya-da
nädogrydygyny halypasynyñ pikiri bilen deñeşdirip bilmekçidi. Bilip
bilmedi. Onyñ özüni gyzyklandyrýan zadyñ anygyna ýetýänçe yzyndan
galmaýan endigi bardy, emma ol ömrüniñ ahyryna çenli bu syryñ
anygyna ýetip bilmedi.
Biruny entek bäş-alty ýaşly çaga mahallarynda-da juda
bilesigelijidi. Ol gijelerine asmana seredeninde ýyldyzlardan gözüni
aýşyryp bilmän, bu ýanyp duran sansyz zatlaryň nämedigini bilesi
gelýärdi. Garry mamasy bolsa ýyldylzaryň her biri bir adamyňky,
adamyň ykbaly, jany öz ýyldyzyna bagly, eger bir adam wepat etse onuň
ýylddyzy asmanda süýnüp öçüp gidýär, diýip düşündirýärdi. Adatda
ulylar bir gep aýtsa çagalar ony hakykat hökmünde kabul edip,
ynanýarlar. Hemme zamanda-da çaga sadalygy, ynanjaňlygy bilen
ulylardan tapawut edýär. Emma Biruni entek alty-ýedi ýaşlaryndaky
çaga bolsa-da eýle däldi. Ol mamasynyň ýyldyzlar barada aýdanlaryna
kän bir ynananokdy. Asmanyň jümmüşinde, şeýle uzakdaky ýyldyzlaryň
ýerde ýaşaýan adamlar bilen nähili baglanyşygy bolup biler diýip
şübhelenýärdi.
23
24
Möwjüt-bar bolmak
Akyda-ýörelge
65
Ýetginjeklige gadam basan döwründe bolsa çagalygynda syrly
görünýän ýyldyzlaryň syryny indi özi açmaga dalaş edýärdi. Emma
entek irräkdi, entek köp okamalydy, köp zatlary öwrenmelidi.
Çagalykda adamyň beýnisine ornaşan käbir zatlar ulalansoň hem
tiz-tiz ýatlanylýar, olardan many gözlenýär. Biruni hem çagalygynda
ýyldyzlar barada mamasyndan eşidenlerine şol wagt ynanmadyk bolsada, indi ol «bu ýerde bir syr ýokmuka» diýip oýlanýardy.
-Ustaz, rugsat etseňiz, sizden ýene bir zat barada sorajak bolýandiýip, Biruni bir kitabyň sahypalaryny açyşdyryp, nämedir gözläp oturan
halypasy Ibn Yraga ýüzlendi. Ibn Yrak ýaňy on alty ýaşa gadam basan
şägirdiniň bilesigelijilik bilen uçganaklap duran garaja gözlerine dikilip:
-Tüweleme, Aburaýhan25, seniň soňky wagtda «ýene, ýenäň»
köpeldi. Hany aýt, näme sorajak-diýdi.
-Bagyşlaň, ustaz. Wagtyňyz bolmasa soň soraýaryn.
-Ýok, sen düşünmediň. Men «tüweleme» diýdim-ä. Seniň köp
sowal bermegiň ylym bilen çynlakaý gyzyklanýanyňy aňladýar. Men
muňa begenip ýörin-diýip, Ibn Yrak saryýagyz ýüzüne gelşik berip
duran ýaňy çalaryp ugran sakgalyny sypap, ýylgyrdy.«Bilmedigini sorap
öwrenen alym, arlanyp soramadyk özüne zalym» diýipdirler. Näçe
sowalyň bolsa bir menden däl, başga alymlardan hem soraber, inim.
Halypasynyň sözleri Aburaýhanyň ruhyny göterip goýberdi. Ol
öňürti halypasyna minnetdarlyk bildirip, soňra sowalyny berdi:
-Ustaz, bu närse barada sizden öňüräk soramakçydym. Emma siz
“ylmy däl zatlar barada näme kelle çişirip ýörsüň” diýermikäňiz diýip
saklandym. Indi bolsa şu ýerde-de bir syr bar ýaly bolup dur göwnüme...
-Aburaýhan, seniň bir kemçiligiň bar, -diýip, Ibn Yrak şägirdiniň
sözüni böldi.- Sen aýtjak zadyňy göni aýdaýman, gepi uzakdan aýlap,
söhbetdeşiňiñ takatyny tak edip goýberýäň. Hany, aýt näme ol saňa syrly
bolup duýulýan zat.
-Bagyşlaň ustaz. Aýtjak zadym ýyldyzlar barada. Men alty-ýedi
ýaşlarymda garry mamam bilen bagymyzdaky belent sekide asmandaky
ýyldyzlara seredip ýatýardyk. Şonda mamam “bu ýyldyzlaryň her biri
bir adamyňky, ýyldyz adamyň ykbaly bilen bagly, adam wepat bolanda
ýyldyzy süýnüp, öçüp gidýär” diýerdi. Şonda maňşübheli bolup duýulan
bu gepde, indi oýlansam bir syr bar ýaly, ustaz.
25
Birunynynyñ öz ady Muhammet bolmagyna garamazdan, onyñ adyny halypasy we başgalar hem
Aburaýhan diýip tutýardylar. Ibn Sina bilen ýazyşmalarynda hem biri-biriniñ atlaryny " Aburaýhan" " Abu Aly" diýip
tutýarlar.
66
-Sowalyňy ýene-de uzakdan aýlaman aýdyp bilmediň. Men seniň
ýeriňe bolsam “Ýyldyzlaryň adam ykbalyna täsiri barmy?” diýip, iki
agyz söz bilen sorardym-diýip, Ibn Yrak kellesini ýaýkap güldi. Soňra
oýa çümüp, bir salym dymdy-da:
-Näme diýsene, inim - diýdi - Bu mesele-de gadym zamanlardan
bäri adamlary gyzyklandyryp gelýär. Hökümdarlar köşgünde ýyldyzlara
garap ykbal kesgitleýän münnejimleri saklaýarlar. Duşman bilen
söweşde ýeňiş kim tarapda boljagyny ýyldyzlara garap, olar öňünden
aýdýarlar.
-Onsoň olaryň aýdyany dogry bolup çykyarmy?
-Köplenç dogry bolup çykýar. Çünki, olaryň arasynda welilikden
habarly adamlar hem bar. Ýyldyzlara garamasalar-da, olara boljak
wakalar ylahydan mälim bolýar.
Bu söhbetdeşlikden soň Aburaýhan welilik barada köp oýlanyp
gezdi. Adam nädip ol derejä ýetip boljakdygy hakynda, bir ýeri gelende,
halypasyndan sorady. Ibn Yrak oňa welilik derejesine okuw bilen, ylym
bilen ýetip bolmaýandygyny, ol dereje adama Hudaý tarapyn
berilýändigini düşündirdi. Soñynda:
-Ýöne ylym dagynyň belentliklerine çykyp bilen adama-da ol
belentlikden uzakdaky zatlar hem görünýär. Ýagny köp hadysalary
öňünden aýdyp biler. Şonuň üçin sen welilik ýaly Hudaý tarapyn
berilýän zada hantama bolup wagtyňy boş geçirme, Ylmyň iň belent
gaýasyna çykmak üçin gaýrat et. Seniň daş ýarýan zehiniň bar. Beýle
zehin her kime nesip etmeýär. Şu zehiniňden peýdalan - diýdi.
Aburaýhan halypasynyň şular ýaly öwütlerini öňlerem diňläpdi.
Onsuzam ylym onuň içgi dünýäsiniň talabydy. Ol okaman, öwrenmän,
düşünmediklerini soraman ýeke gün hem oňmazdy. Şäheriň gür agaçly
baglarynyň birinde ýerleşen döwlet kitaphanasynyň gapysy onuň üçin
hemişe açykdy. Ol ýeri halypasy “Ylymlaryň hazynasy” diýýärdi.
Biruny ol hazyna ilkinji baranynda çar tarapy kitaplardan doly uly
eýwanlary görüp, baýlyga gyzýan adam altyn-kümüş harman ýaly üýşüp
ýatan hazyna gireninde nähili ýagdaýa düşse, ol hem şeýle ýagdaýa
düşüpdi, begenjine aljyrapdy hem. Şonda ol on iki ýaşyndady. Bu ýaşda
ol eýýam hatly-sowatly oglandy. Arap, pars dillerini hem az-kem
bilýärdi. Dil bilmeseň bu kitaphana gireniňden peýda ýokdy. Çünki,
onda Birunynyň ene dilinde ýazylan ýekeje kitap hem ýokdy. Näme üçin
şeýle? Näme üçin şeýledigi entek ýaş oglanyň kän bir parhyna däldi. Ol
bu sowaly on dört ýaşyna ýeteninde halypasyna berdi. Ibn Yrak
şägirdiniň ýüzüne bir seretdi-de oýa çümüp, bir salym dymdy.
67
Aburaýhan bu sowaly bilen halypasynyň keýpini gaçyranyna bir hili
boldy. İbn Yrak:
-Aburaýhan - diýdi- dymyşlykdan soň kellesini galdyryp - Taryh
diýilýäni juda şepagatsyz. Beýle diýdigim taryhda juda pajygaly
zamanlaryň yzy bar. Biziň Horezmin ülkämiz juda gadym zamanlardada ylymly, bilimli ýurt bolupdyr. Biziň bu müň ýyllygymyzdan öňki
müň ýýyllykda ýazylan ýunan, pars çyn-maçyn dilindäki kitaplarda hem
Horezminiň ady tutulýar. Hawa, biziň ýurdumyz juda gadymy ýurt, men
onda üç ýüzden hem gowrak patşalaryň höküm sürenini bilýän, olardan
yigrmi birinin atlary yadymda bar. Ana şol gadymy zamanlardan bäri
biziň öz ýazuwymyz, öz ene dilimizde ýazylan kitaplar, rysalalar, dürli
ylmy eserler bolupdyr. Emma taryhda arap istilasy diýen waka ýüze
çykýar. Araplar başka-da köp sanly ýurtlaryň hatarynda Yslam dinini
ornatmak maksadynda biziň ýurdumyza gelenlerinde Horezmin
ýazuwyny, ol dilde ýazylan kitaplary ýok edýärler. Ine şular hakynda,
umuman Watanymyzyň gadymyýeti hakynda meniň Pederi
büzrükwarym köp gürrüň ederdi. Bu gürrüňlerden ýadymda galanlaryny
menem saňa gürrüň bereýin. Senem Watanyňyň geçmişini bilmeli.
***
Halypasynyň beren gürrüňini jany-teni bilen dinlän Aburaýhanyň
göz öňünde ata Watanyň gadymyýeti ör boýuna galdy. Ine Jeýhunyň iki
tarapyny tutup ýatan gadym Horezmin. Beýik derýanyň bol suwyndan
ganyp içýän ene zemin ýaşyl öwsüp oturan tokaýlary, gür baglary,
reňbe-reň ösümlik we haýwanat dünýäsini döredipdir. Gür ilatly
şäherleri, obalary, olarda ýaşaýan häzirki adamlara garanda has daýaw,
iri süňkli adamlary, erkin we açyk gezýän gözel gelin-gyzlary
Aburaýhanyň hyýal gözüniň öňünden ýeke-ýekeden geçýärdi.
-Ýurt parahat, asudady. Emma adamzat durmuşyna müdimi
parahatlyk nesip etmändir-diýip halypasy Ibn Yrak gürrüňini dowam
etdirdi.-Çünki, adamyň içgi dünýäsine müdümi asudalyk mahsus däl.
Bileginde güýji bar adamyň bir iş etmän, bir ýerde durup bilmeýşi ýaly
güýç toplan patyşalar hem tagtynda parahat oturyp bilmeýärler.
Şeýdibem ýurtlaryň, halklaryň asuda durmuşy bozulýar. Bir kiçi ýurtda
dörän Iskender atly entek ýigrimi ýaşa-da ýetmedik patyşa bilegine
güýjini sygdyryp bilmeýän adam ýaly çar tarapyna agyz urup,
jahangirlik ýoluna düşdi. Isgenderiň döwründe Horezminde höküm
süren Farasman parahatçylygy söýýän, ýaş bolsa-da dana patyşa
bolupdyr. Ol Isgenderiň Turan zemine aralaşanyndan habar tapyp, ony
Horezmine girizmezlik, gandöküşüklik etmezlik üçin çäre gözläp
68
başlaýar. Ol näçe dana bolsa-da özgeleriň pikirini diňlemän, maslahat
etmän bir işe baş goşmaz eken. Ol: “Bir kelläniň iki kelleden akyllyrak
bolmagy mümkin emma on kelleden akylly bolmagy mümkin däl”
diýýän eken. Farasman ine, şu ýörelgesine eýerip, bu sapar hem uly
ýygnak çagyrýar.
-Gadyrdan adamlar, ýurdumyzyň parahatlygy, halkymyzyň asuda
durmuşy gözümiziň göwheri deý goralyp gelinýär-diýip Farasman
wezir-wekillerine,
serkerdelerine
ýüzlenýär.-Mundan
soňam
ýurdumyzyň parahatlygyny saklamak üçin näme iş etmeli bolsa oňa
taýyn durmalydyrys. Habaryňyz bar, Iskender Zülkarnaý Buharadan soň
Marakandany alyp, oňa Samarkand diýip, täze at dakypdyr. Ony
Turandaky baş karargäh edip belläpmiş. Emma ol munuň bilen ol ýerde
karar tapmaz. Häzirem onuň iki gözi Horezmindedir, ir-u-giç ol biziň
üstümize-de ýörüş eder. Ine, şonda biz näme iş etmeli? Maslahat şu
hakda. Kimde nähili pikir bolsa aýdyň!
Maslahatda dürli pikirler orta atylýar. Serkerdelerden gyzmarak
biri Isgenderi ýurda golaý getirmän, ýary ýolda öňünden çykyp, derbi
dagyn etmeli diýen teklibi girizýär. Şonda patyşanyň halypasy hem
bayry wezir bu teklibi orta atan serkerdä garap:
-Gyzmalyk etmäň, ýagşy ýigit-diýýär.-Dünýäniň ýaryny fatyh eden
Isgenderiň goşuny aňsat derbi dagyn edilýän goşun däldir. Bu hakykaty
boýun almaly. Öňünden çykyp jeň edilse gaty köp adam gyrylar,
onsoňam ýeňiş gazansa ýurda girip, gaharyna köp weýrançylyk eder.
Farasman hem ýaş ýigit dälmi eger weziriň şu sözi bolmadyk bolsa
ol hem serkerdäniň teklibi bilen tas razylaşypdy.
-Onda siz näme maslahat berýäňiz?-diýip Farasman ussadyna
ýüzlendi:
-Men näme maslahat berjegimi häliden bäri oýlanyp otyryn. Ýöne
entek kelläme bir degerli pikir gelenok. Ertire çenli men bir akyl tapjak
bolaryn. Ertir irden huzuryňa baryp aýdaryn.
Baýry wezir sözünde tapyldy. Irden Farasmanyň huzuryna baryp,
Isgenderiň Horezmine ýörüş etmek howpuny aradan aýyrmak we onuň
bilen dostlaşmak üçin etmeli işini öwretdi. Ol soñunda şeýle diýdi:
-Oglum Farasman, men saňa Isgenderiň gepleýän ýunýan dilini
hem öwretdim. Bu dili ýunan feýlesuflarynyň eserlerini okamagyñ üçin
öwredipdim. Ine häzirki günde bu dil saňa durmuşda hem gerek boldy.
“Gylyç bilen alyp bolmaýan galany dil bilen alyp bolar”-diýipdirler.
Isgender bilen gepleşeniňde onuň göwnünden tursaň, sözleriňe
ynandyryp bilseň işiň oňuna bolar.
69
Farasman halypasynyň maslahatyna amal edip, Isgendere onuň
bilen gepleşik geçirmäge barjakdygyny ýetirýän çapar iberdi. Özüde
çapardan üç gün soň sowgat-salamyny, halypasynyň aýdan saçagyny
taýýarlap, kyrk atlysy bilen Samarkanda tarap ýola düşdi.
Horezminiň patyşasy Farasmanyň gepleşik geçirmek üçin
geljekdigi hakynda çapar getiren habary eşiden Isgender oýa çümdi:
“Bä, ol näme maksat bilen gelýärkä? Näme hakda gepleşik geçirjekkä?
Elbetde, ol biziň ir-u-giç Horezmine ýörüş etjegimizi bilýändir. Şonuň
öňüni aljak bolýarmyka? Gelibersin bakaly, ony şu ýeriň özünde
Horezmini bize iki elläp tabşyryp gitmäge mejbur edip bolmazmyka?
Emma Horezmin baý, güýçli, beýik döwlet. Farasman meniň bilen
güýjüne daýanyp gepleşermikä ýa-da barybir bizden güýçli däldigini
bilip söz ýöredermikä?”
Şeýle pikir bilen Farasmana garaşýan Iskendere onuň gelýäninj
habar edenlerinde bir güýç ony tagtyndan turuzyp Horezminiň
patşasynyň öňünden çykmaga, ony hormat bilen dabaraly garşy almaga
mejbur etdi. Megerem bu güýç Horezminiň güýçli, beýik döwlet
hökmünde dünýäde tutýan orny we belent abraýy bolsa gerek. Hawa-da,
hemişe boluşy ýaly, ol zamanda-da güýje sarpa goýulypdyr, abraý hem
güýje bagly bolupdyr. İsgender Farasmany üýrgeşik dabara biıen
garşylamak üçünmi ýa-da özüniñ harby gudratynyñ nä gadar beýikdigini
görkezmek maksadyndamy atly goşunyny bir tarapa, pyýada leşgerini
ikinji tarapa ýaý şeklinde nyzama duruzdy. Kyrk atlysy bilen gelýän
Farasmanyñ garasy görnenden deprekleriñ, kernaýlaryñ owazy asman
gümmezini tutup, ýañlanyp başlady. Farasman ýoldaşlary bilen kyrk
ädim bäride atyndan düşüp, wezir-wekilleri bilen özüne taarap gelÿän
Isgenderiñ garşysyna ýöredi. İki şanyñ gabatıaşyp görüşen çagy leşgeriñ
"İsgender! Farasman! İsgender! Farasman!" diýen sesleri al-asmanda
ýañlandy.
Iskender garşysynda duran özi ýaly ýaş patyşanyň Horezminiň
güneşine birneme garalan asuda ýüzüne, hoşmeýillik bilen bakýan gara
gözlerine, pälwansypat daýaw göwresine synçy nazaryny aýlaýarka
Farasman hem beýik jahangiriň saparlardaky ýelde, günde biraz gyzaran
asly ak ýüzüne, açyk asman ýaly mawy gözlerine, ýeňsesine düşüp
duran tylla reňkli saçlaryna, syrdam kaddyna höwes bilen seredýärdi.
-Hoş geldiňiz, biziň huzurymyza, merhemetli Farasman!-diýip
Isgender mylakatly dillendi.
70
-Men beýik jahangiriň mübärek didaryny görmek, onuň bilen
söhbetdeş bolmak ýaly beýik bagty gözläp, uzak ýoldan geldim-diýip
Farasman ýunan dilinde aýtdy.
-Geleniňizi hoş gördük, ýunança sözleýän Horezminiň beýik
hökümdary-diýip, Iskender ýylgyrdy. Soňra Farasmany ýanyndaky
adamlary bilen bile köşkiñ meýlisler eýwanyna teklip etdi. Farasmana
özüniñ oturýan şahana sekisinden ýer görkezdi. Farasman getiren
gymmat bahaly sowgatlaryny şu ýerde häzir bolan hazynaça berip,
Isgenderiň özi üçin ýörite taýýarlanan saçagy onuň öňünde goýdy.
-Beýik Isgender, bu siziň üçin ýörite taýýarlanan iň gymmatly, iň
mukaddes sowgatdyr-diýip, Farasman saçagy açdy. Ondaky dört sany
nanyň üstünde duran bir şirmaýy kökä gözi düşen Isgender bir hili
kinaýaly ýylgyryp, Farasmana garady. Farasman onuň bu garaýşyndan
“iň gymmatly sowgadyň şumy?”-diýen manyny añdy.
- Beýik Isgender, biziň halkymyzyň dessurynda iň hormatlaýan, iň
gadyrlaýan adamyna ilki bilen duz-çörek hödür edilýär - diýip Farasman
saçagyň üstünde duran külçeden bir döwüm alyp, agzyna saldy. Bu
"çörekde zähär ýok, gorkman iýiberiň”-diýen yşaratdy. Şundan soň
Iskender hem bir döwüm alyp iýdi-de, onuň tagamyna haýraan galyp :
-Üýtgeşik tagamly çörek ekeni, muny nädip bişirýärler-diýip
sorady.
- Bişirilişi adaty, ýönekeý, tagamlylyg1y bolsa Horezminiñ
mukaddes zemininde ýetişen ak bygdaýyñ tagamy. Horezminiñ
topragynda etişen ähli zatlar hem şeýle tagamly, süýjidir, beýik
Isgender - diýip, Farasman aşakda oturan nökerleriniñ birine "getir"
diÿen yşaraty etdi. Nöker derhal öñden taýarlap goýlan biçak uly
gawuny getirip, patyşalaryñ öñünde goýdy. Öñ beýle uly, elde
keşdelenen kimin owadan torly, bahar aýy bolmagyna garamazdan
biýarasyndan ýañy üzülen ýaly ter gawuny görmedik Iskender haýran
galyp Farasmana garady:
- Bäh! Bu haçan ekilip, haçan bişen gawun? !
- Bu geçen tomusda ekilip, güýzde bişen, gyşky bişek diýip
atlandyrylýan gawun. Bu tomsyñ öñýanyna çenli zaýalanman durýar.Bu
gawunlar diñe Horezminde bitýändir. Dünýäniñ hiç bir ýurdynda beýle
gawun ýokdyr - diýip, Farasman bilindäki hanjaryny alyp, gawundan
bir dilim kesdi-de, dilimi ikä bölüp, ýarysyny Iskedere berdi. İskender
Farasmanyñ gawuna işdämenlik bilen agyz urşyna ýylgyryp seredip
durdy-da, özi-de şeýdip iýip başlady. İskender gawuny iýip bolup:
71
- Farasman, men dünýäniñ näçe ýurdynda bolan bolsam-da,
Horezminiñ çöregin deý tagamly çöregi, gawunyn deý üýtgeşik süýji
gawuny dadyp görmedim - diýdi. Farasman:
- Beýk Iskender - diýdi - biz bir saçakdan duz datdyk, bir dilim
gawuny iki bölüp iýdik, şeýdip duzemek boldyk. Biziñ halkymyzda
duzemek bolmaklyk biradarlyga barabardyr. Indi men özümi dünýäniň
ýaryny fath eden beýik jahangiriň biradary diýip hasap etsem hem bolar.
Iskender hemişe gujur gaýrata dolup duran zeberdest endamynda
bir hili gowşaklyk duýdy. Ol Farasmana ahmyrly nazar bilen seredip:
-Sen meni ýeňdiň Farasman, jeňsiz, jedelsiz ýeňdiň. İndi men
Horezmine, biradarymyñ ýurdyna ýörüş edip bilmerin-diydi.
Biradarlygyny boýun alan Iskendere Farasman ýerinden turup
tagzym etdi. Şundan soň şahana meýlis başlandy. Saçaklara dürli naznygmatlar çekilip, billur bulgurlarda meýler süzüldi. Ajaýyp aýdym
sazlar ýaňlanyp, rakkasa gyzlaryň hyraman rakslary ýürekleri joşdurdy.
Yzly-yzyna üç gün dowam eden meýlislerden soňra Isgender
horezmlilere sowgat-serpaýlar bilen jogap berdi. Şundan soň olar sagaman ata Watana dolanyp geldiler.
XI BAP
Aburaýhan halypasynyň beren bu gürrüňinden soň Watanynyň
geçmişi bilen juda gyzyklanyp ugrady. Horezminiň öz ýazuwy, öz
dilindäki kitaplar, ol kitaplarda nämeler ýazylandygy, araplaryň olary
nädip ýok edendigi barada oýa çümýärdi. Bir güni ol halypasy Ibn
Yrakdan:
-Ustaz, araplar biziň öz dilimizde ýazylan kitaplary näme üçin,
nädip ýok edipdirler?-diýip sorady.
-Nirede kitap bolsa ýygyp alyp, olary küde-küde üýşürip, halkyň
gözüniň öňünde ýakypdyrlar. “Ine Siziň sygynýan oduňyzyň edýän işi!
Ol öýüňize düşse onu-da ýakyp kül edýär. Mundan soň ýedi belanyň biri
bolan oda sygynmaň, musulman boluň, şunda ahyrýetiňiz abat bolar”diýip wagyz edipdirler. “Nirde ol Allaň, bize görkez”-diýip Allanyň
adyna şek getirenleri, boýun egmedikleri oda taşlapdyrlar, gylyçdan
geçiripdirler.
-Ustaz, bu zulum-a! Adamlara zulum edipdirler-ä!-diýip,
Aburaýhan aňyrsyndan omzap gelen gazabyny saklap bilmän gygyryp
goýberdi.
-Aburaýhan, sen entek ýaş bolýaň, käbir zatlara düşünmejek
bolýarsyň. Adamzadyň durmuşynda zulumyň hem öz orny bar.
72
Käbir uly işler zulum bolmasa bitmeýär. Ine, biz zulum bilen
bolsa-da musulman bolduk. Külli älemi ýaradan, bizi ýokdan bar eden,
akyl-idrak, görmäge göz, sözlemäge dil, ýöremäge aýak, tutmaga el
beren gudraty güýçli Allany tanadyk.
Halypasynyň sözlerini tabynlyk bilen diňläp oturan Aburaýhanyň
kellesine berip bolmaýan sowallar gelýärdi. Şonuň üçin berip bolýan
sowal bilen ýüzlendi:
-Ustaz, şol gadymy öz dilimizdäki kitaplarda nämeler hakynda
ýazylanyny bilýän adam ýokmyka?
Ibn Yrak şägirdine ýylgyryp seretdi:
-Nämeler ýazylanyny bilesiň gelýämi?
-Juda bilesim gelýär.
-Meniňem bilesim gelýär, emma ol döwürden bäri üç ýüz ýyla
golaý wagt geçdi. Bäş arka aýlandy. Şonuň üçin ol kitaplaryň
mazmunyny doly bilýän adam ýok bolsa gerek. Ýöne babalaryndan
atalaryna, atalaryndan ogullaryna, ogullaryndan agtyklaryna ýetip gelen
gürrüňlere görä ol kitaplaryň biri biziň öňki ataşpereslik dinimiziň
pygamberi Zärdöştiñ taglymatyndan ybarat “Abisto”* diýen kitap
bolmaly. Sebäbi, Zärdöştiň watany Horezmin bolansoň Zärdöştilik dini
hem ilki Horezminde döräp, soň dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýran.
Eýranyň patyşasy Güstasip “Abistony” pars diline geçirdip, on iki müň
derä altyn syýa bilen ýazdyran eken. Ol Daranyň döwründe-de hikmetler
kitaby hökmünde aýawly saklanypdyr. Emma Isgender Zülkarnaý
Eýranyň paýtagtyny basyp alanynda ähli ataşhanalary ýykyp-ýumuryp,
şol altyn syýa bilen ýazylan “Abistony” hem oda ýakdyrypdyr. Ol
Eýranyň Istahr diýen şäherini alanynda ol ýerde tagta ýazylan
“Abistonyň” tibbiýet, pelsepa, nüjüm ylmyna degişli ýerlerini terjime
etdirip, galan böleklerini hem ýakdyrypdyr.
-Näme üçin ýakdyrypdyr? Ýa onda ýaman sözler ýazylypmy?
-Ýok. Zärdöşt diňe ýagşylygy wagyz edipdir. Häzir onuň saklanyp
galan dörtden bir bölegi hem uly kitap. Onda diňe adamlara däl hatda
haýwanlara hem ýagşy gatnaşykda bolmaklyk nesihat edilýär. Onda öňe
sürülýän üç zat bar: Ýagşy pikir, ýagşy kelam, ýagşy amal.
Görýäňmi nähili. Şu üç unsurda durmuşdaky ähli ýagşylyklar
jemlenen. Ýamanlyk edýänlere-de berilmeli jezalar hem kesgitlenen.
Eger gyzyklansaň, kitaphanada parsyda ýazylany bolmaly. Alyp okap
gör.
-Ony alyp okaryn. Ýöne, ustaz, beýleki ýok edilen kitaplarda
entek bize mälim bolmadyk ylmy açyşlaryň hem bolmagy mümkinmi?
73
-Mümkin-diýip, Ibn Yrak şägirdiniň pikirini tassyklady. Soňra öz
pikirini aýtdy:
-Biziň eždatlarymyz hem ötgür zehinli, ylyma, bilime yhlasly
adamlar bolupdyr. Muňa “Abistony”26 okan her bir adamyň göz
ýetirmegi mümkin. Men özüm “Abistoda” tebigat, adamyň tebigat bilen
baglanyşygy, älemiň, dünýäniň ýaradylyşy, Aý, Gün, ýyldyzlar, ähli
janly we jansyz möwjudat27 baradaky setirleri okanymda mundan iki
müň ýyl öň şeýle çuňňur pikir ýöredilenine haýran galdym. Şeýle
çuňňur pikirli adamlaryň tebigaty, dünýäni bilmek, öwrenmek islegi,
hyjuwy käbir açyşlara alyp baran bolmagy mümkin.
Halypasynyň bu çaklamasy Aburaýhanyň gürrüňi edilýän şol
gadymy kitaplara bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrdy. Ol:
“Horezminiň niresinde bolsa-da bir ýerinde birde-ikide kitap saklanyp
galmadymyka? Araplaryň hemme ýere eli ýeten däldir, ahyryn” diýip
oýlanýardy. "Şol kitaplaryň hiç bolmanda birini tapyp, gadymy
ýazuwymyzy bilýän adamdan öwrensem-de, okap görsem,
eždatlarymyzyň nämeler hakynda kelle döwendiklerini bilerdim"diýip
arzuw edýärdi. Emma arzuw etdigiçe ol kitaplar onuň üçin syrly äleme
öwrülip barýardy. Bu syrly älem oňa ömrüniň ahyryna çenli-de syryny
açmady.
Oňa derek ol özünden müň ýyllar öň geçen beýik ýunan
alymlaryny açdy. Indi ol Eflatun bilenem, Arasty28 bilenem olaryň öz
dillerinde söhbetleşip, bäsleşip bilýärdi. Al Farabynyň eserleri onuň
ýakyn maslahatçysydy. Arastunyň çylşyrymly pelsepesini Farabynyň
oňa ýazan şerhlerini okap düşünipdi. Ýetginjeklik ýyllaryndan başlap
onuň esasy gyzyklanýan ugurlarynyň biri fäläkiýet ylmydy. Ol özüniň
beýik Watandaşy “Äl-Jabr wal-mukabala"29 atly eseri bilen Al Jabr
(Algebra) ylmynyň esasyny goýan Muhammet ibn Musa al Horezminiň
fäläkiýet ylmyna degişli eserlerini Eflatunyňky bilen deňeşdirip, ara
tapawudyny anyklaýardy. Horezminde baryp ýüz ýyl öň şeýle beýik
alymyň dörändigine haýran galýardy. Al Horezminiň nirede okap, nädip,
beýle çuňňur bilimli, ylymda açyşlar eden beýik alym bolany hakynda
oýlananynda hyýaly ýene şol özi üçin syrly älem bolup galan gadymy
kitaplara dolanyp gelerdi. “Belki Al Horezmi şol kitaplaryň saklanyp
galanlary bolsa tapyp peýdalanandyr” diýip pikir edýärdi.
26
27
28
29
Abisto-Awesta (otparazlyk dininiň kitaby)
Möwjüdat-barlyK
Arasty- Arestotel
Algebra ylmy baradaky kitap
74
Ol bu pikirini halypasy Ibn Yraga aýdanynda ol bir salym dymyp
oýa çümdi, soňra Aburaýhana synçy nazaryny dikip:
-Sen Äl Horezmi gadymky kitaplary tapypdyr diýýäňmi?
-Tapandyr, okap öwrenendir. Ýogsa takyr ýerde, aşagynda güýç
bolmasa, hiç zat gögermeýşi ýaly ylmy binýady bolmadyk adam ylym
döredip bilmez, ahyryn, ustaz.
-Seniň bu pikiriňde-de jan ýok däl. Ýöne Al Horezmi özüniň esasy
işlerini Bagdada barandan soň şol ýerde edipdir.
Şol döwürde Bagdat iň gülläp ösen, ylym we medeniýetiň rowaç
tapan şäheri bolupdyr. Muhammet Al Horezmi halyfa Mämün al
Mötäsimiň köşgünde ýaşap, ylmy döredijilik bilen meşgullanypdyr.
Meşhur halyf Harun ar Raşidiň ogly Al Mämüniň döwründe Bagdada
dünýäniň köp ýurtlaryndan tanymal alymlar, terjimeçiler toplanyp,
“Baýtul hikmä" atly ylmy dergäh döredilipdir. Şundan soň Bagdat ylym
we ylmy terjimeçilik merkezine öwrülýär. Başga dillerden köp ylmy
eserler arap diline terjime edilýär. “Baýtul hikmäniň” garamagynda dürli
dillerde ýazylan dört ýüz müň kitaply kitaphana hem-de resedhana
bolupdyr. Al Horezmi şu kitaphana-da, “Baýtul hikmäniň” özüne-de
ýolbaşçylyk edipdir. Ol resedhanada30 asman jisimleriniň hereketini
öwrenip, biziň häzir peýdalanyp ýören “Zij-fiý-ylym äl-fälak”
rysalasyny ýazypdyr. Al Horezminiň esasy ylmy işi bolan “Äl jabr walmukabälä” hem Bagdatda halyfa Mämüniň goldamagy bilen
döredilipdir. Äl Horezmi bu eseriniň söz başynda hem bu hakda:
“Ymam Mämüniň ylyma gyzyklanmagy we alymlaryň işlerinde duş
gelýän kynçylyklarda kömek berýänligi meni hasabyýat hakynda eser
ýazmaga ündedi” diýip ýazýar. Halyfa Äl-Mämün alymlara asmanyň we
dünýäniň harytasyny döretmegi tabşyrýar. Bu işe ýetmiş alym çekilýär
olara Al Horezmi ýolbaşçylyk edýär. Bu haryta häzir “Mämüniň dünýä
harytasy” diýip atlandyrylýar. Aýdyberseň Äl Horezminiň eden işleri
sanardan köp, inim Meniň sen hakdaky arzuwym şu beýik
watandaşymyzyň hatarynda adyň tutulyp, beýik alym bolup
ýetişmegiňdir.
Biruny ussadynyň Al Horezmi hakyndaky bu aýdanlaryny öňem az
kem bilse-de ony uly üns berip diňledi we soňunda eden arzuwyna uly
minnetdarlyk bildirdi.
Aburaýhan ylymlaryň jümmüşine näçe çuň aralaşdygy saýyn onuň
özünde-de şonça ylmy çaklamalar döreýärdi. Olary bolsa halypasy Ibn
Yrak bilen paýlaşman durup bilmezdi.
30
Resedhana- obserwatoriýa
75
-Ustaz-diýdi ol bir gün halypasynyň boş wagtyny tapyp-Siz Äl
Horezmi hezretleriniň eserleriniň çuňňur bilimdany hasaplanýarsyňyz.
Şonuň üçin Sizden bir zat sorajak bolýan...
-Sorajak zadyňy giriş sözsiz sorap bileňokmy?-diýip, Ibn Yrak
kinaýaly gülümjiredi.
-Giriş sözi bilen başlanymyň sebäbi bar, ustaz. Ol hezret mundan
bir asyr öň ýeriň togalakdygyny we onuň göwrümini hem anyklapdyr.
Şeýle bolýan bolsa togalak zadyň bir durşuna durman togalanyp
biljekdigi hakynda onuň ylmy işlerinde hiç duş gelmediňizmi?
-A-hä, meni öwüp başlanyň sebäbi bar ekeni-dä. Ýok, men Al
Horezmi hezretleriniň ylym derýasynda näçe gulaçlap ýüzen bolsam-da
seniň aýdan zadyňa duş gelmedim. Indi sen näme diýjek bolýaň, ýer bir
duran ýeriňde duranok diýjek bolýaňmy?
-Duranok, ustaz. Ol hökman hereketde bolmaly. Ol öz okunyň
daşynda aýlanyp, öňe hereket edýär. Eger şeýle bolmadyk bolsa gije
bilen gündiz, dört pasyl hem bolmazdy.
-Ýeri, ýeri ýene nämeler kelläňe gelip ýör?-diýip Ibn Yrak
kinaýaly ýylgysa-da, şägirdiniň pikiri ony örän gyzyklandyrypdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 07
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.