Latin

Gürgenç I - 10

Total number of words is 3771
Total number of unique words is 1951
31.8 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
51.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaýdyp, "Beýtül hikmäge" geldi. Biruny ýerınde ýokdy, ol köşkde
Horezmşanyñ huzuryndady.Ibn Salam "ýer togalagynyñ" duran
Birunynyñ iş otagyna girdi. Bir böleginiñ jugrafyÿasy dürli reñkler
arkaly görkezilen "ýer togalagyny" höwes bilen synlady.Öz eden işinden
kemçilik tapmady.Bu ony has hyjuwlandyrdy.Entek günortanlyga çenli
biraz wagt bardy.Ol şu gysga wagtdan hem peýdalanmakçy bolup, ýol
geýimini öý geýmine çalşyryp, işe başlady. Ol elindäki moýgalamlar 44
bilen öñündäki dürli reñkdäki boýaglardan alyp, "togalagyñ" ýüzündäki
çyzgylaryñ çägine sürtüp, daglary, düzlükleri, deñizdir derýalary,
şäherleri mesaña edýärdi. Ol işine şeýle gyzyşyp gideninden
günortanlygyñ wagty geçip gidenini hem duýmady.
-Molla Muhammet, arma-da! - diýen ýeñsesinden çykan sese
tisginip öwrûlen Idn Salam ýylgyryp duran halypasy Birunyny görüp,
edep bilen salam berdi. Gysgarak soraşylandan soñ Biruny:
- Molla Muhammet, biziñ bu zadymyza Horezmşa hezretleri juda
gyzygyp, garaşyp otyr. Tizräk tamamlamagymyz gerek - diýdi.
- Nesip bolsa, ýene üç güne doly taýýar ederin - diýip, Ibn Salam
ynam bilen aýtdy. Üç gün, elbetde, uly möhlet däl, emma işine yhlas,
hyjuw bilen ÿapyşan Ibn Salam üçin şu möhlet hem ÿeterlik boldy.
Ene zeminiñ şekili taýýar edildi.Ony Birunynyñ iş otagyndan uly
eýwana alyp çykdylar. Alymlardyr şägirtler ene ýeriñ şeklini synlap,
"Aperin, aperin!" diÿdiler. Indi ony köşke, Horezmşanyñ huzuryna
eltmelidi. Bu hakda öñünden weziri agzam Suhaýly jenaplaryna habar
edildi. Bu habar nähilidir bütin şähere ýaýrapdyr.
Öň hiç kimiň hyýalyna-da gelmedik bu zady görmek üçin köçelere
çykan müňlerçe adamlar bu günki taryhy wakanyň şaýady boldylar. "Ýer
togalagyny" göterip barýan adamlara ýol berip, köçeleriň iki ýan
tarapyny dolduryp, aýak üstünde duran adamlaryň gowry asmana
çykýardy. «Biziň ýerimiz şunuň ýaly togalakmyka?! Baý, bu alymlar
hem ýok ýerdäki zady tapýarlar-ow! Ýerimiziň ýassydygy görnüp dur44
)
Moýgalam-suratkeş iň suraty reň klemek üçin ulanýan guraly
114
a!» diýýän adamlaryň arasyndan «Astafurulah! Astafurulah!» diýen
sesler hem eşidilýärdi. Köşge golaýlaşdyklary saýyn bilesigelijileriň
sany kemelýärdi. Köşgüň öňünde "Ýer togalagy" bilen alymlary bir näçe
köşk emeldarlary baş wezir Suhaýly başlyklaýyn garşy aldylar.
Garşylanlaryň arasynda Şeýhulyslam hem bardy. Ol kişi ýakasyny tutup,
«Astafurulah! Astafurulah!» diýärdi «Togalagy» köşgüň tagt eýwanyna
alyp girip, bilek ýaly ýogyn özüniñ stünine ornatdylar. Horezmşa
gelýänçe adamlar onuň daşyna aýlanyp, gyzygyp synlaýardylar. Bir
mahaldan köşk sahybynyñ: «Kyblaýy älem Abul Abbas ibn Muhammet
al Mämun Horezmşa hezretleri gelýär!» diýen belent sesi ýaňlandy.
Hemmeler patyşanyň hormatyna gol gowşuryp, tagzyma taýýarlanyp
durdular. Garşydaky tylla nagyşly belent gapy açylyp, Horezmşa girdi.
Ol adamlaryň tagzymyna jogap edip, başyny atyp, salam berdi we
salykatly ädimläp «Togalagyň» ýanyna geldi.
-Hany, möwlana Birunynyň keramatly elleri bilen ýasalan ene
ýerimizi göreli-diýip, Horezmşa «Togalagyň» daşynda aýlanyp, ony
ünsli synlaýarka - möwlana, bu ýerimiziň ýarysynda jugrafy çyzgylar
bar, ýarysynda hiç zat ýog-a - diýdi.
-Aly hezret, biz ýerimiziň özümiz ýaşaýan gündogar tarapyny
bilýäris. Aňry tarapynda nämeleriñ bardygy bize nämälim. Ony bizden
soňky nesiller anyklarlar.
-Siziň anyklap bilmedik zadyňyzy olar nähili anyklar?
-Olar ýerimizi aýlanyp, aňyrsyna geçerler, öz gözleri bilen görüp
jugrafyýasyny hem çyzarlar.
-Siz şeýle boljagyna ynanýaňyzmy, möwlana?
-Şübhesiz ynanýan, Aly hezret.
-Onda olar ýerimiziň aňyrsyna nädip, nähili ýol bilen geçerler? Patyşanyň bu sowalyna Biruny biraz oýlanyp jogap berdi.
-Aly hezret, ýer togalagynyň gündogar tarapy bilen günbatar
tarapyny baglaýan gury ýer ýok, barlyk suw bilen gurşalan. Şonuň üçin
geljekki nesillerimiz uly-uly gämiler ýasap, suw ýoly bilen bararlar.
Horezmşa Birunynyň jogabyna ynansa-da weziri Suhaýla garap:
-Jenap Suhaýly, siz hem alym adam, bu zatlardan başyňyz gowy
çykýar. Ýöne möwlana Birunynyň pikirine öz pikiriňizi bildirmediňiz-ä.
-Aly hezret, meniň alymlygym möwlana Birunynyň pikirlerine,
ylmy garaýyşlaryna pikir bildirerden ejiz gelýär. Ýöne men bu kişiniň
geljekki nesillerimiz baradaky pikirine doly goşulýan. Bir wagt meniň
kelläme-de Ýer togalagyny aýlanyp çykjak geljekki nesillerimiz barada
hyýal gelipdi. Bu hakda möwlana Biruny bilen pikir alyşanymyzda bu
115
kişi ýerimiziň aňry tarapyna geljekki nesillerimiz diňe suw ýoly bilen
däl, asmandan uçup hem bararlar diýipdi. Häzir öte geçmäýin diýdimi
bu gepi aýtmakdan saklandy.
Horezmşa bilesigelijilik bilen Biruna garady. Biruna maý bermän
Şeýulyslam gepe goşuldy:
-Allatagala uçmak üçin diňe guşlara ganat beripdir, adamzada
ganat bermändir. Geljekki nesillere-de ganat bitmez. Şonuň üçin uçmak
diýen pikir galatdyr.
-Tagsyr, Siz galat diýseňizem, Birunynyň bu pikirine menem
goşulýan. Çünki adamzadyň akyly, paýhasy barha ösüp barýar. Biziň
ata-babalarymyz ilki ýerde ýöreýän tigirli arabany oýlap tapdy, soňra
suwda ýüzýän gämini döretdi. Ýer bilen suwdan soň gezek asmana
geler. Elbetde, adam ganat bekläp uçmaz, ol özi münüp uçýan zat ýasardiýip, Suhaýly Birunynyñ özünden eşiden pikirini aýtdy.
Biruny Suhaýlynyň gepini tassyklaýan manyda başyny atdy. Şeýh
ulyslam gepiniň hiç kim tarapyndan makullanmandygy üçin bitakat
bolup, geplemän durup bilmedi.
-Kyblaýy älem Abul Abbas al Mämün hezretleri sizleriň bu
gepiňizi dogry tapmasa gerek.
Horezmşa Biruny bilen weziriniň pikirine goşulsa-da, Şeýhulyslamyň ýüzünden ötüp bilmän gepi başga tarapa sowdy.
-Möwlana Biruny, siziň bu togalagyňyzyň bir tarapy boş bolşy ýaly
ýerimiziň aňry tarapy hem boş bolaýmasyn.
-Kyblaýy älem, dogry pikir aýtdyňyz-diýip, Şeýhulyslam
gapdaldan gepe goşuldy. -Allatagala ýaşaýyşy, ýaşaýyş üçin zerur
zatlary diňe biz bendelerine peşgeş berendir.
-Aly hezret,-diýip, Biruny patyşaga ýüzlendi.-Ýerimiziň aňry
tarapynyň boş bolmagy mümkin däl. Ol ýanda-da biziňki ýaly
yklymlaryň, deňizdir derýalaryň, daglaryň, çölleriň, tokaýlaryň,
haýwanlaryň, adamlaryň bardygy şübhesizdir. Çünki Gün nuruny
hemme ýere deň saçyşy ýaly Alla tagallanyň nazary hem hemme ýere
deň düşýändir. Şeýle bolansoň ýerimiziň aňyrsynda-da ýaşaýşyň
bolmagy kanunydyr.
Biruny sözüni gutaranyndan soň Şeýhulyslam şa näme diýerkä
diýip, oňa garady. Abul Abbas «Düşnükli» diýen manyda başyny atyp
duran soň ol ýene dillendi:
-Möwlana Biruny, siziň munyňyzyň ýogyn taýagyň üstünde durşy
ýaly ýerimizi-de şunuň ýaly bir sütün göterip durmy? Şeýle bolsa ol
sütüniň aşagy nämä direlen?
116
Biruny Şeýhulyslamyň gatyrganybyrak beren sowalyny
sowukganlyk bilen diňläp, jogap berdi:
-Tagsyr, ýerimizi hiç zat göterip duranok. Ol kaýynatda ýagny
älem giňişliginde hiç zada direlmän muallak dur, has dogrusy ýüzüp ýör.
-O nähili hiç zada direlmän durup bilýär! Hany, bir almany alyp,
howada şeýle goýup görüň durarmy, patlap aşak gaçar.
-Dogry, alma durmaz, tagsyr. Çünki, ony ýeriň dartyş güýji özüne
çekip alar. Ýerimiz alma ýaly gaçmaz. Sebäbi älem giňişliginde “aşak”
“ýokary” diýilýän zat ýok.
-Ýok, möwlana Biruny, men siziň bi deliliňize ynanamok.
-Meniň delilime ynanmasaňyz, Gurhany Kerime ynanýansyňyz,
tagsyr.
-Bu näme diýdigiňiz! Elbetde ynanýan.
-Ynansaňyz, Gurhany Kerimde bir aýat bar. «Küllin fi-falakun
ýasbahun»45 diýilýär. Manysyny bilseňiz gerek, tagsyr. Şeýhulyslam
özüni Gurhany Kerimiň bilimdany hasaplaýardy. Ol aýatyň haýsy
süredendigini ýadyna düşürjek bolup, bir salym dymdy. Onýança Biruny
ondan öňürtdi:
-Tagsyr, onuň manysy: «Ähli zatlar älemde ýüzüp ýörýändir.»
Şeýhulyslamyň ýüzi biraz gyzardy.
-Hä, dogry. Meniňem ýadyma düşdi. Ýöne ol aýatda aýdylan
hikmet ýerimize degişli däldir. Onda asman jisimleri hakynda aýdylýar.
-Tagsyr, asman diýänimiz ýokary seredenimizde görünýän
gözümiziň ýeten ýeri. Aýatda bolsa «falakun» diýilýär. Bu tutuş älem
diýmekdir.
-Şonda ol ýere-de degişli bolýa dälmi? Ähli zatlar diýilensoň,
elbetde, ýerimize-de degişli bolýar. Ýerimiz hem älemiň daşynda däl,
içinde, ahryn.
Şeýhulyslam bilen Birunynyň jedelini gyzygyp diňläp duran
Horezmşa Birunynyň ýeňenine içinden begenip «nätdi» diýen manyda
Suhaýla seretdi. Suhaýly hem patyşanyň garaýşynyň manysyna düşünip,
başyny atyp ýylgyrdy.
-Möwlana Biruny, jedeliňiz gutaran bolsa, bu jugrafy çyzgylar
bilenem tanyşaly-diýip, Horezmşa «togalagy» ýuwaş aýlandyrdy. Biruny
pursatdan peýdalanyp, Ibn Salamy patyşa bilen tanyşdyrmak
maksadynda:
-Aly hezret, bu çyzgylary amala aşyran alymymyz Muhammet ibn
Salam bilen tanyşdyrmaga rugsat etseňiz, özi size düşündirer-diýdi. Ibn
45
Gurhanyň süresi. Ähli zat älemde ýüzüp ýörýändir
117
Salam patyşanyň golaýyna gelip, tagzym etdi. Al Mämün oňa synçy
nazar bilen garap:
-Biz bu kişini tanamaýan ekenimiz-de-diýdi.
-Aly hezret, bu kişi ýakynda Bagdatdan geldi. Ol ýerde on ýyl
tälim alyp, ylym öwrenipdir. Suhaýly jenaplarynyň habary bar işe kabul
edenimizden-diýip Biruny gepini tassyklatmak üçin Suhaýla garady.
Suhaýly:
-Aly Hezret, men size «Beýtil hikmä» ýene bir alym gelip goşuldy
diýip aýdypdym, ýadyňyzda bolsa-diýdi. Al Mämün:
-Hä, hä. Aýdypdyňyz, ýadyma düşdi-diýdi. Ibn Salam:
-Aly hezret, ilki bilen bu edilen çyzgylar diňe meniň işim däldigini,
bu iş möwlana Birunynyň görkezmesi, kömegi bilen amala
aşyrylandygyny aýtmagym gerek-diýdi.
-Siz aýtmasaňyz hem biz ony bilýäs. Möwlana Birunynyň biziň
töweregimizdäki pitnelerden başga ähli haýyrly işlerde eli bar-diýip, Al
Mämün degişme äheňinde aýtsa-da, Biruny bu degişmäniň aňyrsynda
bir syryň bardygyny aňdy. Ibn Salam bolsa, şazada Abul Harysyň
horezmşa hakynda agzyndan sypdyran kineli sözlerini ýatlady.
-Hany onda, jenap Ibn Salam, bu çyzgylaryňyzy düşündirip beriňdiýip, Al Mämün buýruk däl-de, haýyş äheňinde aýtdy.
Ibn Salam «Togalagyň» gündogar tarapyndaky ýurtlary, şäherleri,
sähralary, deňizdir daglary, derýalary ýekän-ýekän görkezip, olaryň
tutýan meýdanyna çenli aýdyp berdi.
Bu düşündirişden kanagatlanan Horezmşa:
-Hany, onda meýlisler eýwanyna geçeliň. "Ýer togalagyny" getirip
köşkümize salanymyzyň şanyna bir meýlis guralyň. Belki bizden soňky
nesillerimiz Ýer togalagynyň baryny bolmasa-da ýarysyny Beýik
Horezmiň döwletine goşarlar. Adamlar patyşanyň soňky sözüni «Inşalla,
omyn» diýşip makulladylar. Şundan soň meýlisler eýwanynda sazsöhbetli meýlis başlandy.
XVII BAP
Birunynyň Ýer togalagynyň şeklini ýasap, horezmşanyň köşgüne
eltip berenligi hakyndaky habar dünýäniň çar tarapyna ýaýrady. Bu
habar bilen Birunynyň şan-şöhraty ýene-de artdy. Emma käbir
döwletleriň hökümdarlary Horezmşanyň Ýer togalagynyň şeklini
köşgüne salmagyny dünýäni Horezmine tabyn etmek niýetiniň alamaty
hökmünde garadylar. Beýle pikiriň döremegine Al Mämüniň özüniň
aýdan gepi hem sebäp bolan bolsa gerek. Onuň agzyndan çykan her bir
sözi, eden hereketi ýurduň daşyna öz-özünden çykmajagy bellidi.
118
Aýratyn-da döwrüň iň güýçli hökümdary hasaplanýan soltan Mahmyt
Gaznalynyň jansyzlary bu ýerdäki ähli zatlar barada oňa habar ýetirip
durýardylar. Hörezmiň paýtagtynyň medeniýetiň, ylmyň merkezine
öwrülip barýandygy, Gürgençdäki «Beýtül hikme» atly ylmy dergahda
Abureýhan Biruny, Ibn Sina, Abu Sahl Masyhy, Abu Nasyr Yrak, Abu
Haýyr Hammar, Abu Mansur Salabi, Ibn Miskäwaýh ýaly beýik
alymlaryň jemlenendigi baradaky habarlar soltanyň gözüni gyzdyrýardy.
Ol bu alymlaryň Gürgençde däl-de, öz paýtagty Gaznada bolmagyny we
paýtagtynyň ylym ojagy hökmünde dünýä tanalmagyny isleýärdi. Ol bu
islegini kanagatlandyrmak üçin uzak oýlanyp, bir inçe ýol tapdy. Ol
horezmşa Al Mämüne öwgüli sözlerden doly bir nama ýazdy. Onda
özüniň Al Mämün bilen garyndaşlyk açmak dogrusyndaky teklibini we
esasy maksadyny beýan etdi. Bu namany Al Mämüne ýetirmek üçin
özüniň iň ynamly weziri Hoja Huseýin Mykaýlyny Horezmine ýollady.
Hoja Mykaýly okumyşly, parasatly, ugurtapyjy adamdy. Ol uzak
ýoly söküp, Gürgenje ýetip geleninde Horezmşa şikarda bolany üçin ony
weziri agzam Suhaýlynyň özi garşy aldy. Ýanyndaky ýoldaşlaryny aýry
ýerde, onuň özüni köşkdäki iň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen
otaglaryň birinde ýerleşdirdi.
Iki weziriň saçak başyndaky ylym, bilim, goňşy ýurtlardaky
ýagdaýlar, syýasat, ykdysadyýet baradaky gürrüňleri gyzyşsa-da arada
çala duýulýan sowuklyk bardy. Munuň sebäbi myhman uzak ýoly söküp,
näme maksatda gelenini aýtmakdan saklanyp otyrdy. Ahryn Suhaýlynyň
sabyr käsesi doldy:
-Jenap Mykaýly, şu söhbetimiziň dowamynda men siziň çuňňur
bilimli, dana adamdygyňyza göz ýetirdim. Ýöne näçe garaşsam-da
Horezmine näme mesele bilen gelendigiňizi aýtmadyňyz. Ýa-da ony
diňe patyşanyň özi bilen çözüşmelimi?
-Ýok jenap Suhaýly, patyşaňyz entek gaty ýaş. Onuň sizsiz hiç
zady özbaşdak çözmejegini bilýän. Indi size aýtsam, soltanymyz Äl
Mämüniň özüne gowşurmagymy tabşyryp, bir nama gönderdi. Men şony
alyp geldim-diýip, Mykaýly dymdy. Ol hatyň mazmunyny aýtmakçy
hem boldy. Emma beýtse Suhaýlynyň keýpini wagtyndan öň gaçyryp,
özüni ýigrendirmegi mümkindigini oýlanyp, aýtmakdan saklandy.
Suhaýly hem sypaýylyk edip, hatyň mazmunyny soramady-da:
-Maňa aýtjak zadyňyzyň bolanymy şu, başga aýtjak zadyňyz
ýokmy?-diýdi.
119
-Bar, jenap Suhaýly. Bir gowy teklibimiz bar. Ony patyşaňyzdan
öňürti size aýtmakçy bolýanymyň sebäbi, ony bu teklibimize boýun
edersiňiz diýip ynanýan.
-Hany, aýdyň bakaly. Eger hakykatdan-da gowy teklip bolsa men
ynamyňyzy ödemäge çalyşaryn.
-Gowy teklip, jenap Suhaýly. Biziň soltanymyzyň bagynda bir
ajaýyp gül ösüp, kemala gelipdir. Şol güle siziň bilbiliňizi gondyraýsak
nähili görýäňiz?
Suhaýly bu gepiň manysyna şol bada düşündi. «Diýmek, Soltan
Mahmyt Al Mämüni giýew edinip, Horezmini jeňsiz, jedelsiz özüne
tabyn etmekçi ekeni-de». Kellesine gelen bu pikiri ýüregine pyçak bolup
sanjylsa-da, syr bildirmän degişmä salyp:
-Jenap Mykaýly, bizde birki saýrak bedene bar. Ýöne bilbil ýokdiýdi. Mykaýly:
-Bar, bilbiliňiz erte-indin şikärden geler-diýip güldi.
Suhaýly hem nalaç oňa goşulyp gülümjiredi.
Horezmşa şikärden gelýänçe Mykaýlyny hormatly myhman
hökmünde hezzet-hormat edip sakladylar. Şa şikardan ikindinara geldi.
Üç günlük aw-şikaryň ýadawlygyndan soň ol ertire çenli dem-dynjyny
almakçydy. Emma Suhaýlynyň Gaznadan gelen ilçi hakyndaky habary
ýadawlygyny ýadyndan çykartdy. Ikiçäk gürrüňiñ dowamynda Suhaýly
Mykaýlynyň «Gül we Bilbil» hakyndaky gepini aýdanynda Al Mämün,
ýaş ýigit dälmi, ýüzi açylyp:
-Owadan gyzmyşmy dogany soltanyň?-diýip sorady.
-Bilmedim. Ýöne Mykaýly «Bir ajaýyp gül» diýip taryplady.
-Maňa gowşurmaly nama-da şol hakdamyka?
-Bilmedim, diñe şol hakda dälldir diýip gorkýaryn.
-Näme üçin gorkýaňyz? Başga näme-kä?
-Aly hezret, soltan size doganyny ýöne ýere berýän däldir. Onuň
iberen namasy bilen tanyşanymyzda belli bolar.
-Onuň ýaly bolsa kabul edişlik guraň. Kabul etmegimize garaşýan
başga-da adamlar bolsa, olar biraz tagapyl etsinler. Ilki bilen Mykaýlyny
kabul edeli.
Suhaýly patyşanyň aýdyşy ýaly ähli döwlet işgärlerini we «Beýtil
hikmäniň» alymlaryny ýygnap köşgüň tagt eýwanynda dabaraly kabul
edişlik gurady. Köşk sahyby ilki bilen Mykaýlynyň adyny yglan etdi:
-Beýik Gazna döwletiniň beýik hökümdary soltan Mahmyt
Gaznalynyň ynançly wekili Hoja Hüseýin Mykaýly jenaplary kabul
edilmegini soraýar!
120
Patyşanyň başyny atyp, «Gelsin» diýen yşaratyndan soň Mykaýly
gelip girdi. Onuň nazary tagtda oturan görmegeý ýaş ýigide düşende
ýüzünde geň galmak alamaty peýda boldy. Ol Hörezmşanyň ýaşdygyny
eşidipdi. Emma näme üçindir oňa şeýle ýaş ýigidiň hökümdaryň
tagtynda oturany birhiliräk duýuldy. Şeýle-de bolsa ol aşak egilip
tagzym etdi-de söze başlady:
-Beýik Horezmin döwletiniň adalatly hökümdary Abul Abbas al
Mämün aly hezrete beýik soltanymyz Mahmyt Gaznaly hezretleri köp
dogaýy salam bilen şu namamy gönderdi- diýip, elindäki soltanyň möhri
basylan haty uzatdy. Horezmşa ony alyp:
-Beýik soltanyň ömürleri uzak, döwleti zyýada bolsun, salam
getiren sag bolsun-diýdi. Soňra haty açyp, içinden okaýarka soňky
setirlere ýetende ýüzi üýtgäp gitdi. Haty Suhaýla uzatdy. Ony okan
Suhaýlynyň ýüzi hem gaharyna ýaman gamaşdy. “Indi näme etmeli?”
diýen manyda Al Mämünä garady. Al Mämün ýaş bolsa-da, patyşalara
mahsus sowukganlyk bilen Mukaýla garap:
-Jenap Mukaýly, getiren hatyňyzyň mazmuny bilen bu duran
adamlarymyzy hem tanyşdyraly. Soňra maslahatlaşyp, size jogabymyzy
aýdarys. Häzir siz ýeriňize gidip dynjyňyzy alyberiň-diýdi. Mykaýly
çykyp gideninden soň kätibine haty sesli okap bermegi buýurdy. Onuň
mazmuny şeýledi:
«Beýik Horezmin döwletiniň hökümdary emir Abul Abbas Al
Mämün hezretleri, biz kim Soltan Mahmyt Gaznaly, siziň adalatly
hökümdar, özünden ululara sarpa goýýan belent adamkärçilikli
ynsandygyňyzy eşidip hem-de siziň arzuw-islegiňizi nazara alyp, biz
eziz uýamyz Kaljy hanymy siziň şäri nikaňyza bermäge razylyk
bildirdik. Şu mynasybetli siz öz döwletiňizi biziň döwletimiz bilen
dogan hasaplap, biziň adymyzy hutba goşarsyňyz hem-de ylym
merkeziňizdäki ady dünýä belli alymlaryňyzy Gazna iberersiňiz diýip
umyt edýäris. Size köp dogaýy salam bilen soltan Mahmyt Gaznaly»
Hat okalyp tamamlanandan adamlaryň arasynda gowur başlandy.
Biri «Soltan Mahmydyň doganynyň galyňy ýaman agyr eken-ä» diýse
ýene biri: «Bir gyz berip, tutuş ýurdy aljak-da!» diýdi. Suhaýly hem
saklanyp bilmän: «Alymlarymyza göz dikmegi ynsapdan däl-ä! Soltan
gaty öte geçýär!» diýdi. Ýöne hiç kim «Patyşamyz onuň doganyna
haçan sawçy iberipdir?» diýip soramady. Sawçy iberilmedigi bellidi.
Hatda aýdylyşy bolsa düşnüklidi. Adamlar patyşanyň özi näme diýerkä
diýip, oňa seredişip dymdylar. Al Mämün hem oýa çümüp otyrdy. Bir
121
salymdan ol kellesini galdyryp, adamlara göz aýlady. Hemmäniň ünsi
ondady.
-Muhterem begler, soltanyň eli uzyn, goşuny güýçli. Eger biz onuň
aýdanlaryny etmesek, soňy nähili bolar? Sizler näme pikirde-diýip,
Horezmşa adamlaryna maslahat saldy. Ilki bilen alymlar «Biz Gazna
gitmeris» diýip garşy çykdylar. Soltanyň adyny hutba goşmak
meselesine hem köpçülik garşy çykdy. Serkerdeleriň biri goşuny
güýçlendirip, Gaznalynyň garşysyna söweşe çykmaklygy teklip etdi.
Onuň ýanynda oturan beýleki bir sekerde patyşa ýüzlenip:
-Aly hezret, hakykatdanam goşunymyzyň üstüni dolduryp, has
güýçlendirsek, uzakdan aryp-ýadap gelen goşun nähili güýçli bolsa-da
biz ýeňilmeris-diýdi. Soňundan Biruny döwlet geňeşçisi hökmünde
çykyş edip, şeýle maslahat berdi.
-Aly hezret, begler, Gaznaly bilen urşa girmek öz ygtyýaryň bilen
özüňi heläk etmekdir. Bu serkerdämiziň «Uzakdan ýadap gelen
goşundan ýeňilmeris» diýmegi-de dogry pikir däl. Gaznalynyň pilleri
ýadawlygy bilmeýär. Onuň azyndan müñe golaý söweşjeň pili bar. Biziň
goşunymyz onuň pilleriniň aýagynyň aşagynda galar. Şonuň üçin onuň
bilen uruş etmek pikirinden el çekmeli. Ýagşysy, häzir gelip oturan
ilçisine goşup, gyzyň galyňy, soltanyň serpaýy bilen gelnalyjylary
ibereli. Gelni getirsinler. Uly dabaraly toý edeli. Toýda soltanyň ady arşa
çykalryp, hemdu-senalar aýdylsyn, bagşylar aýdyma adyny goşup
taryplasynlar. Bu zatlar hökman onuň gulagyna baryp ýeter, wagty hoş
bolar. Onsoňam siz onuň kanuny giýewi bolsaňyz üstümize goşun çekip
gelmez.
Birunynyň bu maslahaty hemmelere makul boldy. Horezmşa Al
Mämün şeýle dana geňeşdarynyň bardygyna içinden şükür edip goýdy.
ХУlll Bap
Köşkdäki gijäniň ýaryna golaý gutaran ýygnakdan soň Muhammet
ibn Salam medresedäki hüjresine gelip, gapysyny açyp ýetişmänkä
ýeňsesinde biriniň:
-Salawmaleýkum jenap Muhammet ibn Salam-diýen sesine
arkasyna öwrüldi. Salam beren adam elini uzadyp görüşdi-de, saglykamanlyk hem soraşman:
-Şazada Abyl Harys sizi alyp gelmegi buýurdy-diýdi. Ibn Salam bir
hili howatyrlandy:
-Gijäniň bimahal wagty şazadanyň menlik name işi çykdy-ka?
-Ony men bilmedim, tagsyr. Maňa «alyp gel» diýdi, başga hiç zat
diýmedi.
122
Ibn Salam nätjegini bilmän, bir salym ýaýdanyp durdy. «Barjak
däl» diýip bilmedi. Has dogrusy şazadanyñ sözüni syndyrmaga milt edip
bilmedi. Medresäniň howlusyndan çykyp, köçäniň burçynda duran
paýtun araba mündiler. Ibn Salam «paýtuny name üçin girelgäniň
öňünde goýman, bir çetde goýup gelipdir. Meni gizlin alyp gidip, näme
etjeklerkä?» diýip, içini gepledip, howatyr edýärdi. Abul Harysyň
köşgüne barýança-da şu pikir kellesinden çykmady. Abul Harys ony
ýüzlerçe şemler ýagtyldyp duran uly eýwanda kabul etdi.
-Eziz agam, Muhammet ibn Salam, siziň bilen aga-ini hökmünde
gatnaşmak niýetim bardy. Ýöne siz ýekeje gezegem meni idäp,
huzuryma gelmediňiz. Ine, indi sizi özüm adam iberip aldyrmaly
boldum-diýip, şazada salam-älikdenem öň öýkesini aýdan boldy. Şundan
soň salamlaşyp soraşdylar. Ibn Salam şazadanyň ýüzündäki ünji
alamatyndan özüni ýöne ýere çagyrmandygyny «aga-ini» gatnaşygy
diýeni bolsa ýöne bir sypaýyçylyk bilen aýdylan gepdigini aňdy.
Ýazylyp goýlan saçagyň başyna geçenlerinden soň Abul Harys:
- Bu gün köşkde gyzykly gürrüňler bolupdyr-a. Ol ýerde sizem
barmydyňyz? - diÿip, bir hili äwmezlik bilen sorady.
-Bardym.
-Indi patyşamyz Gaznalynyň doganyny alyp, onuň giýewisi bolsa,
soňy nähili bolarka, Gaznaly doganyny ýöne ýere berýän däldir. Siz
nähili pikir edýäňiz?
Ibn Salam, ýygnagyň gutarany ýaňydy, eýýam muňa ähli
gürrüňleri, hatda ol ýerde meniňem bardygymy ýetiripdirler-ow-diýip,
içini gepledip, daşyndan başga zat aýtdy:
-Şazadam, meniň syýasatdan kän bir başym çykmaýar. Allanyň
halany bolar.
-Dogry aýdýaňyz, Allanyň halany bolar. Men sizi bu meseläni
gepleşmek üçin däl, özüme dahylly bir mesele boýunça çagyrdymdiýip, Ibn Salama mylakatly nazary bilen garady- Agam, men sizden
Rugsar hanym üçin örän minnetadardyryn. Ol meniň tümlük gaplan
göwnümiň ýeke-täk şamçyragyna öwrüldi. Onuň sazyny diňlesem,
jemalyna seretsem köňlüme ynjalyk bermeýän zatlary unudýan-diýdi.
Ibn Salamyň serine «Köňlüne ynjalyk bermeýän zat name-kä, täjitagt bolaýmasa» diýen pikir gelip geçdi. Ol şazadany köşkde hiç
duşurmanyny ýatlap, «Ony, name üçin çagyrmayarlarka? Ýa-da
çagyrylsa-da barmaýarmyka» diýip oýlandy. Abul Harys sözüni dowam
edip:
123
-«Bendäm bendäme sebäp» diýleni ýaly, eger men size duş
gelmedik bolsam, dünýäde şunuň ýaly mugjyza bardygyny bilmezdim.
Siz sebäpli men kalbymyň tümlügini ýagtyldýan göwheri-şamçyraga eýe
boldum. Ine, şonuň üçinem size minnetdarlygymyň çägi ýok, agamdiýdi.
-Şazadam, Rugsary alyp gaýtmaga baranyňyzda başga deliller
tapyp, meni aýtmanyñyz üçin menem sizden juda minnetdar boldum.
-Ýadyňyzda bolsa, men size, özüm ugruny taparyn, sizi ara
goşmaryn diýip, söz beripdim, ahyryn.
-Sag boluň, şazadam-diýip, Ibn Salam bir zat soramakçy, ýöne
soramaga çekinýän kimin Abul Harysa seretdi.
Abul Harys onuň bu garaşynyň manysyna düşünip güldi:
-Näme soramakçy bolsaňyz, çekinmän soraberiň-diýdi-de, Ibn
Salama maý bermän, berilmedik sowala özi jogap berdi.- Rugsar köşgüňizde kim hökmünde ýaşaýar diýip soramakçy
bolduňyz, şeýle dälme? - Ibn Salam «bildiňiz» diýen manyda
ýylgyransoň sözüni dowam etdirdi. - Ilki niýetim Rugsary nikama
almakçydym. Meni bu pikirimden Rugsaryň özi gaýtardy. Rugsar
geleninden gowy bezelen aýratyn otag, hyzmatyna iki keniz goýdum.
Köşgümiziň durmuşy bilen öwrenişsin diýip, bir hepde onuň bilen
duşuşmadym. Ol meniň bu boluşyma haýranam galandyr. Bir hepdeden
soň çagyrdym. Ol huzuryma girip tagzym etdi, elindäki dutary diwara
söýäp goýdy-da gol gowşuryp durdy. Dogrymy aýtsam, ony görenimde
bir bada özümi ýitirýän, sözi nämeden başlajagymy bilmän ýaýdanýan.
-Oturyň, hanym-diýdim. Oturdy.-Bu ýeriň şertleri bilen
öwrenişýäňizmi? Kenizleriňiz içiňizi gysdyranokmy?
-Hemmesi gowy-diýip, ol aşak bakdy. Soňra birden ekabyrsyrap,
ýüzüme seretdi-de:
-Şazadam, meni bu ýere name maksatda getirdiňiz, sazym,
sungatym üçin bolsa gelenime bir hepde boldy, ýeke gezegem
habarymy tutmadyňyz-diýdi.
-Hanym, men sizi geleniňizden biynjalyk etmegi islemedim, täze
ýer bilen biraz öwrenişsin diýdim. Indi siziň elleriňiz hem dutary
küýsändir. Saz çalyp berseňiz, bütin dünýäni unudyp diňlärin-diýdim.
Şundan soň, agam men size aýtsam, Rugsar şeýle bir saz çaldy, öň siziň
öýüňizde çalan sazynyň deňi-taýy däl. On iki süňňüm gowşap, mum
kimin eredim. Şundan soň üç gün yzly-yzyna oňa saz çaldyryp,
jemalyna bakyp, dünýäni unudyp ýaşadym. Dördünji güni geleninde
124
bolsa --Rugsar jan, bu gün dutaryňyza dynç beräýeli. Bu gün men sizi
başga, bir zat üçin çagyrdym-diýdim.
-Başga zat üçin?-diýip ol howatyrly dillendi.
-Howatyr etmäň, hanym. Men siziň islegiňiziň garşysyna hiç zat
etmen. Ýöne men öz köňül islegimi aýtmasam artyk takat edip bilemok.
Men siziň diňe sazyňyza däl özüňize-de aşyk. Aşygyň ýeke-täk maksady
magşugyna gowuşmak. Eger razylyk berseňiz men sizi nikama alsam...
Rugsar ýüzüme bakyp, düşnüksiz bir manyda ýylgyrdy:
-Şazadam, men siziň nikaňyza geçip, aýalyňyzyň biri bolsam, siziň
üçin meniň öňki gyzygym galmaz. Aşagyňyza düşen yşk arzuwdaky el
ýetmez yşk kimin tolgundyryjy bolmaýar, ten lezzetinden ruhy lezzet
has beýikdir, şazadam. Şonuň üçin özüňizi ajaýyp ruhy lezzetden
mahrum etmäň.
Görüp otursam bu gyz diňe sazanda däl, adam ruhyýetiniň
bilermeni, pelsepeçi hem ekeni. Ýöne men onuň bilen razylaşmadym.
-Siziň bu deliliňiz maňa durmuşa çykmagy islemeýänligiňiz üçin
dokan pelsepäňiz, hanym. Aýdyň, size meniň nämäm ýaramaýar?
-Şazadam, men siziň kimin sazyma, sungatyma, husny-jemalyma
sarpa goýan adam bilen ömür sürsem, özümi dünýäde iň bagtly aýal
saýardym. Ýöne şazadanyň, aýaly bolup, ömrüñiň ahyryna çenli bagtly
bolup bolmaýar. Çünki ortada täji-tagt diýen bela barka adamyñyň hem,
perzentleriñiň hem, özüñiň hem ömrüň hemişe howp astynda bolýar.
Eger siz şazada bolman, çopan bolan bolsadyňyz, men size jan diýip,
durmuşa çykardym.
- Ine, agam, onuň aýdanlary. Men onuň bu delilleriniň garşysyna
söz tapyp bilmedim. Emma men ony almasam bolmaýar. Näme üçin
diýseňiz, men erte-indin Hazaraspa gidip barýan. Ýakynda Abul Abbas
meni çagyryp: «Hazaraspdaky goşunyň serkerdesi bidüzgünçilik
edýärmiş, goşunda tertip-düzgün gowşapdyr. Siz ol ýere baryp, jylawy
öz eliňize alyň» diýdi. Bu gep bir bahana bolsa gerek, maksat-meni
paýtagtdan uzaklaşdyrmak. «Nätjek, patyşanyň emri-wajyp», gitmesem
bolmaýar. Ol ýerde Rugsarsyz meniň ýüregim gysyp, heläk bolaryn.
Şonuň üçin ony alyp gitjek. Sizden haýyşym, häzir bize nika gyýyp
beriň. Ýöne muny hiç kim bilmesin. Bir ynanýan adamym siz bolanyňyz
üçin sizi çagyrdym.
-Şazadam, eger Rugsar razy bolsa nika gyýmak kyn däl.
Abul Harys elini iki gezek çarpdy, gapdaldaky iki ganatly belent
gapy açylyp, boýdan-başa ýaşyl geýnen, ýaşy birneme ötüşen bolsa-da
125
ýüzünde ýaşlygyndaky gözelliginiň yzy saklanyp galan aýal girip,
şazada tagzym etdi. Abul Harys:
-Eneke, Rugsar hanymy çagyryň, özi gelsin-diýdi.
Ibn Salam şazadanyň «özi gelsin» diýenine ilki düşünmedi, «näme
ol hemişe ýeke özi gelmän, biri bilen gelýärmikä» diýip pikirlendi, soň
«dutarsyz gelsin» diýenidigine düşündi.
Bir salymdan şol gapydan zerrin lybaslar geýinen Rugsar girip
geldi, nazary Ibn Salama düşenden şazada adatdaky tagzymy hem
unudyp:
-Waý, agam Muhammet!-diýip, haýran galyp seslendi, baryp, Ibn
Salamyň boýnundan gujaklamagy isledi, emma şazadadan ejap edeni
üçin diňe golaýyna baryp:
-Salamalek, agam-diýmek bilen çäklendi.
-Agaňyzyň ýanynda, şu ýerde oturyň, hanym-diýip. şazada eli
bilen ýer görkezdi.- Bu kişi indi patyşanyň ýakyn adamlarynyň biri
boldy.
-Rugsar jan, gurgunmyň, doganym-diýip, Ibn Salam saglykamanlyk soraşdy. Rugsar hem öýdäkileri ýekän-ýekän sorap, hemmesine
salam aýtdy. Ol Ibn Salamyň bu ýere nädip, näme üçin gelenini bilesi
gelse-de, şazadadan çekinip, sorap bilmedi. Abul Harys onuň içindäkini
bilen ýaly:
-Agam bu ýere nädip geldikä diýip, haýran bolmaň. Agaňyzy men
çagyrdym, hanym-diýdi, soňra uludan demini alyp, sözüni dowam
etdirdi. -Rugsar, öñräk siz maňa «Eger siz şazada bolman çopan bolan
bolsaňyz, size jan diýip durmuşa çykardym» diýipdiñiz, dogrumy?
-Hawa, şeýle diýipdim.
-Ine, indi men siziň aýdanyňyzy edip, çopan bolmakçy. Ýöne
mallaryň däl, adamlaryň çopany. Indi meniň nikama geçmeklige razylyk
berseňiz, ine agaňyz ikimize nika gyýmak üçin gelip otyr.
-Düşünmedim, şazadam. «Adamlaryň çopany» diýmäňiz näme?
-Men Hazaraspdaky goşunymyza gözegçi bolup barýan. Ol ýerde
tertip-düzgün biraz gowşapdyr. Patyşa meni, şonuň üçin, ol ýere
goýberýär. Rugsar, men ol ýerde sizsiz karar tapman ölerin. Şonuň üçin
sizi bile alyp gitmekçi.
Şazadanyň bu sözünden soň Rugsar bir salym dymyp oturdy. Soňra
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç I - 11
  • Parts
  • Gürgenç I - 01
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2095
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 02
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2093
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 03
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2145
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 04
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2152
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 05
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2027
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 06
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2041
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2138
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 08
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2025
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 09
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2066
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1951
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 11
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 12
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1999
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 13
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 1964
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 14
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 15
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1981
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç I - 16
    Total number of words is 1104
    Total number of unique words is 782
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.