LatinHärber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Şejere - 28
Süzlärneñ gomumi sanı 3577
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
bagyşlanan makalada-da gürrüň ederis). Şu ýerde türki halklar arasynda
Kaspi deňziniň Hazar deňzi adynyň ýörgünlidigini hem ýatlalyň (Jeýhun
bilen bahry-Hazar arasy—Magtymguly).
Diýmek, gazarçy (ýagny hazarly) diýen etnik at XI asyrda, salyrlaryň
Maňgyşlak we Balkan etraplarynda ýaşan döwürlerinde dörändir diýip
çaklamak hakykata ýakyn bolsa gerek.
GAZAÝAKLY
Rim sifri V-iň ýa-da latyn harpy V-niň iki şahasynyň ortasyndan
dikligine göni çyzyk çekiň. Ol gumaksy ýerde guşuň (gazyň) basyp
giden yzyny ýada salar. Şeýle görnüşdäki tagma türki halklar gazaýak
tagmasy, oňa eýelik edýän uruga ýa-da taýpa hem gazaýakly diýýärler.
Gazaýaklylar başgyrtlaryň, özbekleriň düzüminde-de bar. Ýöne ýazuw
çeşmelerinde bellenişine görä, gazaýak tagmasynyň hakyky eýeleri
salyr türkmenleridir. XI asyr alymy Mahmyt Kaşgarydan başlap XVII
asyr taryhçysy Abylgaza çenli bu taýpanyň tagmasynyň gazaýakdygy
nygtalýar we olaryň eserlerinde şol tagmanyň surat hem getirilýär.
Tagmasyna görä salyrlaryň gazaýaklylar diýen ikinji ady hem ýörgünli
bolupdyr. Diýmek, gazaýakly diýen türkmen tireleriniň aslynda salyrlara
degişli etnik toparlardygyny çekinmän aýtmak mümkin. Meselem, XI
asyrdaky seljuklar hereketi döwründe Syrderýa boýlaryndan Maňgyşlaga
göçmän, Samarkant welaýatyndaky Nurata daglarynda galan türkmenlere
Nurata türkmenleri ýa-da gazaýaklylar diýilýär, çünki olaryň
aglabasy salyrlardyr. Çärjew raýonyndaky gazaýaklylar hem salyrlaryň
bir bölegidir. Stawropol ülkesindäki igdirleriň düzüminde-de gazaýakly
diýen tire bar. Adyndan çen tutsaň, bu tire hem salyrlardan igdirleriň
içine aralaşan bolmaly.
Etnograf alym Ata Jykyýew Maňgyşlakda türkmenleriň gadymy
ýaşan ýerlerinde galdyrylan maddy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek
maksady bilen etnografik ekspedisiýada bolanda, jaýlara, tamdyrlara,
guýulara çekilen tagmalaryň şekilleri boýunça salyrlaryň ýaşan ýerlerini
anyklady. Olarda-da hut gazaýak tagmasy suratlandyrylypdyr.
Türki halklarda, şol sanda türkmenlerde tagmasynyň şekili, görnüşi
97
boýunça atlandyrylan aýtamgaly, goştamgaly, jylantamgaly, goldagly
ýaly etnonimler sanardan kän. Biz bu meselä ýene ençeme gezek
dolanjakdygymyz üçin, şu makalada tagma sözüniň ýüze çykyşy,
manysy we ähmiýeti barada gürrüň etmegimiz gerek.
Türki halklaryň ählisinde, şeýle-de aglaba türkmen dialektlerinde
tagma we tamga görnüşinde ulanylyp, ol şu dillerden pars-täjik
we slowýan (orus) dillerine-de aralaşypdyr. Bu söz iňňän gadymy
döwürlerde, türk-mongol dilleriniň tungus-manjur dilleri bilen özbaşdak
diller hökmünde aýrylyşmadyk eýýamynda döräpdir, muny tungusmanjur dillerinde ta sözüniň “dag”, tamaga, tamagan sözüniň “tagma”
manylarda ulanylýandygy hem tassyklaýar. Tagma we daglamak sözleri
bolsa aslynda bir kökden emele gelipdirler. Olar gyzan demir arkaly
mallaryň daglanmagy, tagmalanmagy bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr.
Dag sözi tagma manysynda türkmen dilinde häzir hem aktiw
ulanylýar. Muny bir mataldan alnan şu setirler hem tassyklaýar:
Bir at aldym segsene,
Segsen ýeriniň dagy bar.
Bir gulagy çürt kesik,
Bir gulagynyň çägi bar.
Bir taýpanyň malyny beýlekiniňkiden tapawutlandyrmak,
mallar gatyşaýanda-da olary saýlap almak maksady bilen her taýpa
özüne mahsus tagma alypdyr. Çarwa halklara mahsus bolan bu däbiň
kämilleşen görnüşi biziň sowet döwrümizde-de ulanylýar—kolhozsowhoz mallarynyň gulagyna nomerlenen ýa-da ýazgysy bolan teneçir
dakylýar.
Her taýpanyň we urugyň aýry-aýry tagmalarynyň bolmagy,
köp asyrlaryň dowamynda onuň üýtgewsiz saklanmagy halklaryň
etnografiýasyny öwrenmekde juda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin
Mahmyt Kaşgary, Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar baba, Abylgazy ýaly
orta asyr alymlarynyň. N.A.Aristow. N.G.Malliskiý, D.N.Sokolow, G..I.
Karpow, R.G.Kuzeýe ýaly orus we sowet alymlarynyň işlerinde tagmalar
ýörite öwrenilýär. D.N. Sokolow şu asyryň başlarynda tagmalaryň
gadymy türki elipbeýiň harplary bolaýmagynyň mümkindigi baradaky
çaklamany öňe sürdi. Türkmen alymy Ahmet Bekmyradow özüniň
98
“Andalyp we oguznamaçylyk däbi” diýen kitabynda agzalan alymlaryň
tagma baradaky pikirlerini düýpli öwrenip, 24 türkmen taýpasyna mahsus
bolan 24 tagmanyň gadymy oguz elipbiýine dogry gelýändigini, haýsy
tagmanyň haýsy harpdan emele gelendigi baradaky has hem batyrgaý
çaklamasyny ylymda ilkinji gezek ora atdy.
Diýmek, türki halklaryň (umumy çarwalaryň) gadymy durmuşyny
öwrenmekde tagmalar we olar bilen baglanyşykly etnonimler juda
ähmiýetli ylmy çeşmedir.
GAÝRAKÇY
Daşkent welaýatynyň Akgorgan raýonynyň “Akgorgan”
sowhozynda türkmenleriň uly topary ýaşaýar. Bu türkmenler 1930—
1931-nji ýyllarda baýlar we kulaklar hatarynda Türkmenistanyň dürli
raýonlaryndan Mürzeçöl etrapyna göçürilen, sürgün edilen ilat bolup,
olaryň aglabasy saragtly salyrlar, sowhozyň bir uçastogy çärjewli salyrlar,
galanlary hem Tejenden, Gazanjykdan we beýleki ýerlerden gelenlerdir.
Ökde pagtakärler hökmünde özüni tanadan bu ilatdan Özbegistanyň at
gazanan oba hojalyk işgärleri, agronomlar, mugallymlar, wraçlar, dört
sany ylymlaryň doktory, onlarça kandidatlar, sowet we partiýa işgärleri
ösüp ýetişdiler.
Urug-tire bölünişigini ýadyndan çykaran özbekleriň, türkleriň,
tatarlaryň gurşap alandygyna seretmezden, bu türkmenler özlerini
şiwe aýratynlygyny, özboluşlylygyny, urug-tire atlaryny şu wagta çenli
saklapdyrlar. Urug-tire atlarynyň arasynda gaýrakçy diýen tire hem
bar. Onuň ady Çärjew oblastynyň, şeýle-de Özbegistanda ýaşaýan
türkmenleriň gepleşigine mahsus bolan gaýrak sözünden we kesp-kär
bildirýän –çy goşulmasyndan durýar. Bu gepleşiklerde gaýrak sözi
“çalgydaş”, gaýramak işligi hem “çalmak”, ýagny kütelen tyglara, pyçak,
palta ýaly gurallara ýüze çykarmak, ýiteltmek diýen manylary aňladýar.
Bu tiräniň wekilleri geçmişde şeýle hünär bilen meşgullanypdyrlar. Şu
obaly, Özbegistanyň at gazanan mekdep mugallymy Kirli Patarowyň
aýtmagyna görä, gaýrakçylaryň içinde öz gadymy kärini dowam
etdirýänler häzirem bar.
99
GAÝY
Oguz türkmenleriniň iň irki we güýçli taýpalarynyň biri gaýylardyr.
Mahmyt Kaşgarynyň sanawynda ol gynyklardan soň ikinji orunda
durýar, Reşideddiniň, Abylgazynyň we beýleki orta asyr alymlarynyň
eserlerinde bolsa bu taýpa birinji orna geçýär. Diýmek, XI asyrda
gynyklar iň güýçli, agalyk ediji, adam sany boýunça hem agdyk taýpa
bolan bolsa, soňra bu orny gaýylar eýeleýär. Hatda türkmen klassyk
şahyrlarynyň döredijiliginde-de gaýylar we baýatlar ilbaşy saýylýar.
Mollanepesiň “Äleme gelgeý, gelmegeý” goşgusyndan alnan şu setirlere
üns beriň:
Il başy gaý-u baýat, ymykly, agar, arabaçy,
Nerezimde bir seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý.
Häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda gaýylar özbaşdak
taýpalygyny ýitirip, urug hökmünde gökleňleriň we baýatlaryň düzümine
goşulypdyrlar, çünki bu taýpanyň aglabasy seljuk ýörişleri döwründe
Türkiýe, Eýran, Yrak, Siriýa we Kawkaz ýurtlaryna aralaşypdyrlar.
Türk alymy, professor Faruk Sümeriň “Oguzlar (türkmenler)” diýen
kitabynda ýazylyşyna görä, Türkiýäniň Anadolu welaýatynda 25 sany
oba gaýylaryň etnik ady dakylypdyr. XVI asyrda şeýle obalaryň sany 94
eken.
Reşideddin we ondan soňky orta asyr alymlarynyň ählisi Gaýy
sözüni Oguz hanyň uly ogly Günhanyň birinji perzendiniň ady we
şondan dörän taýpa hasaplaýarlar, gaýy sözüniň manysyny “mäkäm”
diýip düşündirýärler, ähtimal, olar gaýy we gaýym sözleriniň bir kökden
dörän hasap eden bolsalar gerek.
Biz gaýy sözüniň manysyna düýbünden başga tarapdan
çemeleşmekçi. Dünýä halklarynyň köpüsinde, şol sanda türki halklarda
iňňän irki etnonimler “adam”, “garyndaşlar”, “tire”, “urug” ýaly
manylardaky adaty sözlerden emele gelipdiler. Gaýy taýpasy hem
“garyndaş” manysyndaky gadymy türki gad-gaz gaý sözünden gelip
çykan bolsa gerek (türki dillere d-z we z-ý ses çalşygy mahsus fonetik
hadysadyr. Deňeşdiriň: adak-azak-aýak). Orhon-Ýeniseý türki ýazuw
ýadygärliklerinde duş gelýän gadyn, XI asyrda ýazylan “Kudadgu bilik”
100
diýen eserdäki gazyn, häzirki türkmen dilindäki gaýyn sözleri şol gadgaz-gaý sözlerinden emele gelip, “aýalyň atasy”, “gaýyn” we “garyndaş”
ýaly manylary aňladypdyr. Mahmyt Kaşgary gadaş we gazaş sözlerini
“garyndaş” manysynda ulanypdyr. Umuman, gadymy gadaş sözi soňra
türkmen dilinde üýtgedilip, has dogrusy, manysy düşnükli sözler bilen
çalşyrylyp, gardaş we garyndaş görnüşine geçipdir (garyndaş—bir
garyndan çykan). Eger şu çaklamamyz dogry bolsa, onda gaýy sözüniň
yzyndaky –y (ýa-da –yk. Mahmyt Kaşgary bu ady kaýyg görnüşinde
ulanypdyr) jemi, köplügi, degişliligi bildirýän gadymy türki goşulmadyr.
Netijede, gaýy (kaýyg) diýen etnonim “garyndaş topary”, “gan
garyndaşlardan dörän il” ýaly manyda ýüze çykypdyr.
GALMYK
Galmygystana at beren we mongol diliniň günbatar şiwelerinde
gepleýän galmyk halky irki döwürlerden başlap türkmenler bilen
ýakyn aragatnaşykda bolupdyrlar. XVI—XVII asyrlarda türkmenleriň
Maňgyşlakda ýaşaýan döwründe bu gatnaşyk has ösüpdir. Stawropol
ülkesine we Astrahana göçen türkmen galmyklaryň agalygynda,
hatda olar bilen gatyşyp ýaşapdyrlar. Bu ýygy gatnaşyklar türkmen
etnonimiýasynda çuň yz galdyrypdyr. Meselem, häzirki ata, gökleň,
ýomut, sakar, çowdur we ärsary taýpalarynyň düzüminde galmyk atly
urug-tirelere diş gelinýär. A.A.Rosklýakow olary hut türkmenleriň içine
siňip giden galmyklar hasap edýär.
Alymlaryň köpüsi gadymy oýratlara soňra dakylan galmyk (kalmyk,
kalmak) diýen etnik ady galmak diýen türki söz bilen baglanyşdyrýarlar.
Olaryň pikiriçe, başga dine geçmän, butparaz, köp hudaýlylyk
ymanynda galan oýratlara galmyk, ýagny “öňki dininde galanlar” diýip
at beripdirler. Ýerli alym W.P. Dabrakowa bu ady düýbünden başgaça
düşündirýär: galmyk sözi bolan halmg “gatnaşyk”, “garylan” diýmekdir,
ýagny “beýleki orrat we türki taýpalar bilen gatyşan il”.
GALPAK, GARAGALPAK
Türkmen bilen gan garyndaş bolan we irki eýýamlardan bäri
goňşuçylykda ýaşaýan halkyň garagalpak diýen ady bar. Bu halkyň
101
öz şahyrana döredijiliginde, gazak, nogaý, şeýle-de türkmen dillerinde
we bu halklaryň klassyk edebiýatlarynda garagalpak diýen etnonim
bilen birlikde, onuň galpak görnüşinde gysgaldylyp ulanylyşyna-da duş
gelinýär. Seýdiniň “Tapylmaz” goşgusyndan alnan “Sähran, işin, nogaý,
galpak, gazakda” diýen setir hem muňa mysal bolup biler.
Garagalpak diýen adyp gelip çykyşy we aňladýan manysy barada
alymlaryň arasynda birlik ýok. Bu barada aýdylan zatlary gysgaça jemläp,
biz bu babatda gelen netijämizi okyjylaryň dykgatyna hödürlemekçi.
Garagalpaklar ilki häzirki ýaşaýan ýerinde (Garagalpagystanda) dälde, günorta Orsyýetiň sähralarynda, ýagny Wolga we Don boýlarynda
taýpa, halkyýet hökmünde ýüze çykan bolmaga çemeli, çünki olaryň ady
orusça çýornye klobuki görnüşinde ilkinji gezek Kiýew senenamalarynda
duş gelýär (1146—1192-nji ýyllar).
Wolga, Don boýlarynda, häzirki döwürde Günorta Orus sährasy
diýip at berilýän giň territoriýada biziň eramyzyň başlarynda-da türki
taýpalaryň ýaşandygy mälim. Beýik Türki Kaganat synandan soň, türki
halklaryň bu etrapa göçe-göçlügi giň gerime eýe bolýar, hatda olar
bu ýerde Bulgarystan we Hazarystan diýen kuwwatly döwletleri hem
döredýärler. Şol döwür orus senenamalarynda tork (türk), torkman
(türkmen), uz (oguz), peçeneg, berendeý, kuman, çýornye klobuki
ýaly türki taýpalaryň öwran-öwran gaýtalanýar. Reşideddiniň “Taryh
ýygyndysy” (“Jem-i at-tawarih”) diýen eserinde-de (XIV asyr) kaum-i
kulah-i siýah diýen etnonim duş gelýär. Ol garagalpak diýen adyň parsça
terjimesidir (garagalpak kowumy). Ynha, şu çeşmelerde ýatlanýan
şu kowum (garagalpaklar), köp alymlaryň pikiriçe, peçeneg-hazar
birleşigini emele getiren türki (türkmen) taýpalarynyň şu etrapdaky
gypjak (nogaý) taýpalary bilen gatyşmagyndan emele gelipdir.
Professor P.P. Iwanowyň pikiriçe, Horezm şasy Altyntaşyň
hyzmatyndaky nökerleriň bir bölegi gar galpak (gara başgap) geýendigi
üçin, ilki şol nökerler, soňra olaryň degişli taýpasy garagalpak diýen at
alypdyr.
Garagalpak alymy we ýazyjysy Daulen Aýtmuratow garagalpak
etnoniminiň aňladýan manysyny düýbünden başgaça düşündirýär.
Gadymy türkleriň erkekleri depesinde ýa-da ýeňsesinde saç goýupdyrlar,
ol saçy örüp goýberenleri hem bolupdyr. Şonuň üçin, D.Aýtmratowyň
pikiriçe, bu at “gara galpak” diýen sözleriň birneme üýtgän görnüşidir.
102
Öz sözlerini delillendirmek üçin, ol garagalpak şahyry Berdahdan şu
goşgyny mysal getirýär:
Mäliktiň ugly Razyhak,
Ýaşlygynda koýdy gulpak,
Keýgen eken kara kalpak,
Şundyn “Kalpak” bolgan eken.
Sözümiziň ahyrynda tekeleriň togtamyş bölüminde galpak diýen
tiräniň bardygyny hem ýatladýarys.
GAPAN
Ärsary, gökleň, ýemreli we teke taýpalarynyň düzüminde gapan
diýen urug-tirelere duş gelinýär. Bu etnonimiň Gapan, Kapan, Kafan,
Kopan görnüşlerinde Azerbaýjanda, Ermenistanda, Dagystanda, Gazan
hanlygynda, Ukrainada hem duş gelýändigini, alymlaryň bu atlary
oguzlaryň peçeneg taýpasynyň gapan urugy bilen baglanyşdyrýanlygyny
nazara alsak, onda gapan atly urug-tireleriň ählisiniň bir kökden
ýaýrandygyny bellemek bolar. Gapan taýpasy gadymy türki eýýamda,
peçenegleriň entek beýleki türkmen taýpalary bilen bir ýerräkde oturan
döwri döräpdir. Peçenegler bilen gadymy Bulgarystana gaýdan gapanlar
Kawkazdaky we Ýewropadaky gapanlary giň territoriýa ýaýradan
bolsalar, olaryň Orta Aziýada galan bölekleri häzirki türkmenleriň we
özbekleriň düzümindäki gapan diýen tiräni emele getiripdirler.
Gapan etnoniminiň gaty irkidigine ýene bir delil getirmek mümkin.
Beýik Türk Kaganatynda 691—716-njy ýyllarda höküm süren uly
hana (Gutlug kaganyň inisi, Kültegin we Bilge kaganyň daýysy bolan
şahsa) Gapagan (“gapan”, ýagny “jezalandyryjy”) diýlipdir. Şu hanyň
ýakynlaryna onuň adynyň geçen bolmagy hem ähtimaldyr.
GARA, AK
Ärsarylaryň uly dört bölüminiň biri garalardyr. Olaryň we
bekewülleriň ýaşaýandygy üçin, Garabekewül raýonyna-da şu etnik
toparlaryň atlary dakylypdyr. Gara diýen urug-tireler arabaçy, garadaşly,
103
gökleň, ýomut, olam, sakar, salyr, teke, çowdur, şyh ýaly ençeme
taýpalaryň, ak diýen urug-tireler hem ýomut, gökleň, teke we ärsary
taýpalarynyň düzüminde duş gelýärler. Umuman, türki etnonimiýada
ak we gara sözleri iňňän ýörgünli bolup, olar ikä bölünen bir taýpanyň
ýa-da urugyň şol böleklerini tapawutlandyryjy söz hökmünde hem
ulanylýarlar. Meselem: ak goňur—gara goňur, ak goýunly—gara
goýunly, ak guraýyş—gara guraýyş, akman—garaman we ş.m.
Şeýle atlardaky ak, gara, hatda gök, sary, gyzyl ýaly reňk
aňladýan sözleri alymlaryň aglabasy reňk bilen däl-de, şol ady göterýän
etnik toparlaryň ýerleşýän taraplary bilen baglanyşdyrýarlar, çünki bu
sözler dünýäniň köp dillerinde diňe reňki däl, eýsem belli-belli tarapy
hem bildirýärler. Meselem, Altyn Orda etnonimiýasynda ak sözi
“gündogar” (Ak Orda—“gündogar Orda”), Krymda “günorta”, türki we
mongol halklarynda gara sözi “günbatar” ýa-da “demirgazyk”, gök—
“gündogar”, sary—“merkezi” ýa-da “demirgazyk” ýaly taraplary
aňladypdyr. Şonuň üçin, ak we gara sözleriniň aýyklaýan sözleriniň
düşüp galmagy netijesinde, olaryň diňe özüniň soňra etnonime öwrülen
bolmagy ähtimaldyr.
“Tuwa taryhynyň” awtorlary türki etnonimiýadaky ak we gara
sözlerini gadymy gunlaryň harby tertibi bilen baglanyşdyrýarlar. Gunlar
atly goşunlaryny dörde bölüp, olary tarap atlary bilen atlandyrypdyrlar.
Meselem, goşunyň günbatar tarapy aklar, demirgazyk ganatyna garalar
diýlipdir. Olar öz adyna laýyk reňkli atlary münüpdirler.
Gara diýen türkmen etnonimi Abylgazy Ärsary baýyň Zeýnelgazy
diýen oglundan bolan agtygynyň ady hasaplaýar. Irki eýýamlarda gara
sözüniň “garamaýak”, “garyp-gasar il” ýaly manyny aňladandygyny,
etnonimiň hem hut şu sözdendigini çaklaýanlar-da bar.
Türki etnonimlerde köp duş gelýän gara sözüni Orta Aziýadaky
Garahanylar döwletiniň başynda duran garahanylar ýa-da ilekhanlar
dinastiýasynyň 1127—1212), şu dinastiýanyň ilkiniji hökümdary
Abdylkerim Satyk garahynyň ady bilen baglanyşdyrýan çaklamalara-da
duş gelinýär.
Her niçik bolsa-da, biz gara diýen etnik adyň juda irkidigini, onuň
Garahandan däl, eýsem Oguz handan hem öň dörändigini güman edýäris.
Türki hanlara olar han saýlanandan soň dürli hormatly lakamlaryň
(Iltüzer, Bilge kagan), şol sanda olaryň degişli taýpalarynyň atlarynyň
hem (Atatürk, Ärsary) dakylandygyny nazara alsak, Abdylkerime104
de Garahan diýen lakamyň gara diýen etnonim bilen baglanyşykly
dakylmagynyň mümkindigini bellemekçidiris.
Gara etnoniminiň biziň eramyzdan (Oguzhandan) has öň dörändigini
subut edýän bir delil, ol-da tungus-manjur dillerinde gepleşýän halklaryň,
meselem, Ýakutystanda (Sahada) ýaşaýan ewenleriň düzüminde-de gara
diýen urug-taýpalaryň bolmagydyr. Irki döwürlerde bu halklaryň we
türkleriň bir ýerde ykjam oturandygy, olaryň dilleriniň hem bir kökden
(altaý dillerinden) ýaýrandygy göz öňünde tutulsa, onda olardaky we
bizdäki gara etnonimleriniň aslynyň birdigini çaklamak hakykatdan
üzňe bolmasa gerek. Eger şeýle bolsa, onda bu etnonimleriň döwründen
bäri 3000 ýyl (belki, ondan hem köp) wagt geçipdir.
Şu aýdylanlaryň üstesine ýene bir etnonimi ýatlalyň, Ärsarylarda
garaja diýen urug, alili, gökleň, ýomut, ýemreli, olam, teke we saryk
taýpalarynyň düzüminde hem garaja diýen tireler bar. Bularyň ady-da
gara etnoniminden we kiçeltmekligi (ýagny garalaryň kiçi bölegidigini)
bildirýän –ja goşulmasyndan durýar.
Bu at hem has ir, seljuklar hereketinden (XI asyrdan) öň döräpdir.
Muny şu hereket döwründe Kiçi Aziýa we Kawkaza (Azerbaýjana)
göçen gylyçly taýpasynyň düzüminde garaja urugynyň bardygy bilen
delillendirmek mümkin.
GARABOÝUN, GARABOÝNAK
Ýemreli, ýomut, saryk, ärsary, müjewür taýpalarynyň düzüminde
garaboýun, ýemrelilerde hem garaboýnak diýen urug-tireler bar.
Karamoýyn diýen etnik atlara garagalpaklarda, goňratlarda, garlyklarda
we Fergana gypjaklarynda-da duş gelinýär. Göräýmäge, köki bir bolan
etnik toparlaryň ady öz-özünden düşnükli ýaly: gara boýunly. Emma
garagalpak alymy D.Aýtmuratowyň pikirine görä, biziň eramyzyň III
asyrynda dörän bu etnonimiň manysy düýbünden başga hili: ol “gara
saçly” diýen manyny aňladýar. Görkezilen asyrda sýanbi diýen türki
taýpadan muýun we toba diýen iki urug aýrylýar, olaryň etnik atlary
şol wagtky türki dillerde gulpagyň, çokulyň, käkiliň dürli görnüşleriniň
adyny aňladypdyr. Diýmek, garaboýun diýen at gadymy türk erkekleriniň
depesinde örülen ýa-da örülmedik saç (çokul, gulpak) goýmak däbi bilen
bagly ýüze çykypdyr.
105
GARAWUL
Çärjew raýonynda, şeýle-de Buhara welaýatynyň Alat we Garaköl
raýonlarynda hiç taýpa girizilmeýän bir uruga, gökleň, salyr we teke
taýpalarynda bolsa dürli tirelere garawul diýilýär. Olaryň etnik adynyň
ýagyçylyk döwürlerinde garawullyk etmek bilen bagly ýüze çykandygy
görnüp dur. Çärjew, Alat we Garaköl garawullarynyň döreýşi barada
etnograf Ýa.R. Winnikow şeýle maglumat berýär: Hywa we Buhara
hanlyklarynyň arasy ýaramazlaşan döwürde (XVIII-XIX asyrlarda),
bu hanlyklaryň serhetine (häzirki Dänew raýonynyň Gabakly obasyna)
Hywa hany garawullar iberýär. Olar Tagta we Köneürgenç ýomutlaryndan
bolup, wezipesi Buhara tarapdan çozup gelýän goşun barada Hywa habar
ýetirmekden we mümkin bolsa, oňa gaýtawul bermekden ybarat eken.
XIX asyryň başynda Çärjew begi bu garawullary zor bilen Çärjew we
Garaköl etraplaryna göçürýär. Olardan önen ilat hem garawullar diýip
at alýar. Garawulguýy diýen demir ýol stansiýasy-da şu garawullaryň
guýusynyň ady dakylýar.
GARADAŞLY
Gadymy ýazyr türkmenleri ilki Maňgyşlaga, ondan hem
Gökdepe-Bäherden etraplaryna gelip ýurt tutunandan soň, olaryň bir
bölegine garadaşly diýip at berilýär. Häzirki wagtda ortagürp türkmen
taýpalarynyň biri bolan garadaşlylar barada Abylgazy şeýle ýazýar:
“Ýazyr iliniň birniçesi Durun tarapda tag içinde dehkanlyk kylyp olturup
erdiler. Bu waktda anlarny karataşly dietururlar”. Bu topara “dag içinde
daýhançylyk edeni” üçin garadaşly diýlen bolmagy mümkindir.
“TSSR-iň taryhynyň” awtorlary bu ady Maňgyşlakdaky garadag
diýen ýer we şu ýerde ýaşan siýahkuhy diýen türkmenleriň ady bilen
baglanyşdyrýarlar. Türkiýede garadaşly türkmenleriniň bardygyny
nazara alsak, olaryň bu pikirini hakykata ýakyn hasap etmek bolar.
Pars dilinde ýazan awtorlaryň öz eserlerinde garadaşly diýen etnonim
siýahsangi däl-de, siýahkuhy (“gara dagly”) diýip nädogry terjime eden
bolmaklary mümkindir.
XVII—XVIII asyrlarda Ahal sebitlerini tekeler eýeländen soň, bu
ýerde ýaşaýan ýazyrlar we alililer duşly-duşa göçýärler. Garadaşlylaryň
106
bir bölegi Daşhowuz oazisinde (häzirki Ýylanly we Lenin raýonlarynda)
ýerleşýärler. Olaryň galan-gaçan bölekleri bolsa gökleň, ýomut, nohurly
we teke taýpalarynyň düzümine aýratyn tire hökmünde siňip gidýärler.
GARAMAHMYT, MAMYT
Sakarlaryň uly bölümleriniň biri garamahmytlar bolup, Saýat we
Sakar raýonlaryndan akýan kanala-da olaryň ady dakylypdyr.
Bu adyň gara bölegi tarap görkezýän söz, mahmyt bölegi hem
urugbaşynyň ady bolsa gerek, çünki mamyt (mahmyt) diýen tireler
çowdurlaryň we igdirleriň düzüminde-de duş gelýär.
Mahmyt (Mahmut) atly iki sany taryhy şahs bellidir. “TSSR
taryhynda” ýazylyşyna görä, Mahmytlaryň biri belli oguz serkerdesi
bolup, ol XII asyrda ýaşap geçipdir. Beýlekisiniň ady Mahmyt Ýamin
ad-Daula 998—1030-njy ýyllar aralykda Gaznewiler döwletiniň güýçli
hökümdary bolup, ol Horezmi basyp alypdyr we bu döwletiň demirgazyk
serhedini Amyderýa çenli giňeldipdir. Mahmyt we garamahmyt diýen
etnonimleriň şu şahslaryň haýsy-da bolsa biriniň ady bilen baglanyşykly
bolmagy mümkindir.
GARAMGOL, MOGOLJYKLAR, MUGAL, MUGUL
Olamlarda garamgol (gara mugal) diýen urug, Çärjew raýonyndaky
salyrlaryň düzüminde mugal (bu ýerde Mugalbala we Mugalpaýan diýen
ýaplar we obalar hem bar), Samarkandyň eteginde ýaşaýan hydyrililerde
hem mugul diýen tireler duş gelýär. Bularyň atlary mongol sözüniň
türki dillerde ulanylýan mogol, mugol, mugal, mugul ýaly fonetik
öwüşginlerinden emele gelipdir.
Mälim bolşy ýaly, XIV asyryň 40-njy ýyllarynda Çagataý ulusy
bölünýär, Gündogar Türküstanyň, Jetiögüziň we Şaş (Daşkent)
welaýatynyň territoriýasynda Mogolystan döwleti döreýär. Oňa at beren
Çagataý we Ugedeý uluslaryna göçürilip getirilen az sanly mongollar
bolup, olar tiz wagtda türki halkara goşulyp gidipdirler. Şol döwürde
Mogolystanyň türki halklaryna-da mogol diýlipdir. Bu döwlet synandan
soň, onuň ilaty mugol, mogol ady bilen köp halklaryň, şol sanda
türkmenleriň arasyna siňipdir.
107
Abylgazy mogoljyklar diýen urugyň alilileriň arasyndan Orta
Uzboýda XIV asyrda dörändigini, ýagny olaryň alilileriň taýpabaşysy
Aly Joranyň dogany Hydyryň penasyna gelip, onuň malyny bakan 4
mongolyň neberesidigini belleýär. Emma bu etnonimi hem Mogolystan
mogollary bilen baglamak hakykata has ýakyndyr. Abylgazynyň
eserinde ýokarda ýatlanylan Hydyr Jora hydyrilileriň taýpabaşysy
edilip görkezilýär. Onuň daşyna üýşen mogollar mogoljyk urugyny
esaslandyran bolsalar, onda hydyrili mugullarynyň hem şol mogoljyk
urugy bilen dahyllydygy düşnüklidir. Uzboýyň suwy kesilenden soň
(XVI asyr) bu taýpalar Çärjew, Buhara we Samarkant etraplaryna
göçüpdirler.
GARAMYŞ
Farap raýonyndaky Garamyş oba sowetiniň ýaşajylaryna garamyşlar
(karamyş, karmyş) diýlip, olar salyrlaryň bir urugy hasaplanýar. Bu at
gar (garmak) düýp işliginden we gadymy öten zaman ortak işliginiň
–myş goşulmasyndan ybarat bolup, ol “garylan”, “dürli urug-tireleriň
gatylmagyndan dörän” diýen manyny aňladýar. Özbek alymy K.
Şanyýazowyň we moskwaly etnograf B.H. Karmyşýewanyň pikiriçe,
etnonimiň dörän ýeri Deştigypjak bolup, ol soňra dargap, başgyrt, gazak,
gyrgyz, özbek we türkmen halklarynyň arasyna siňip gidýär.
GARAÖÝLI, GARABÖLÜK
Orta asyr alymlary tarapyndan sanalýan 24 türkmen taýpasynyň
biri bolan bu toparyň adyny Mahmyt Kaşgary garabölük (ýagny
“garalaryň bölümi”), Reşideddin we Salar Baba garaewli-garaöwli,
Abylgazy hem garaöýli görnüşinde ýazypdyrlar. Onuň orny Mahmytda
12-nji, Reşideddin we Abylgazyda 4-nji, Salar Babada bolsa ýedinjidir.
Reşideddin bilen Abylgazy garaöýlülileri Oguz hanyň birinji ogly
Günhanyň dördünji neberesi hasaplasa, Salar Baba ony Oguz hanyň
ikinji ogly Aýhanyň üçünji çagasyndan önen il diýip ýazýar. Garaöýli
etnoniminiň manysyny Reşideddin “gara öýli”, Abylgazy “her kaýda
oltursa, hergäh birlen (ýagny gara öýde) olturgyjy”, Salar Baba bolsa
“ýolda çerik (goşun) bilen hub ýörür” diýip düşündirýär.
108
Garagalpak alymy we ýazyjysy D. Aýtmuratow bu pikirleriň ählisini
ret edip, göräöýli etnoniminiň “gara saçly” manysynyň tarapyny tutýar,
çünki onuň pikiriçe, uý sözi gadymy türki dillerde “ýüň”, “tüý” ýagny
“saç” manysynda hem ulanylypdyr. Bu alym etnonimi gadymy türk
erkekleriniň kellesinde saç (gulpak) goýmak däbi bilen baglanyşdyrýar.
Bu düşündirişleriň haýsyna ynanmalydygyny, goý, okyjylaryň özi
çözsün. Ýöne Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda
garaöýlüler barada köp maglumatlaryň getirilendigini ýatladalyň. Şu
kitapda ýazylyşyna görä, Ärsary baýyň gyzy Mamabike Horasandan
gaýdanda, 4 ogly we 3 gyzy bolan bir guly we gyrnagy oňa hyzmatkär
berýärler. Bu guluň uly ogluna Hydyr-Çora (Hydyr Jora), ikinjisine Aly
Jora, üçünjisine Igbek, dördünjisine hem Kaşga Jora diýýärler. Mamabike
garrandan soň, bu gullara uly döwlet we mülk berip, olary azat edýär.
Ogullar baýlaşyp, hersi özbaşyna bir iliň taýpabaşysy bolýar. Hydyryň
iline hydyrili, Alynyňka—alili, Kaşganyňka garaöýli taýpasy diýen
at galýar. Kaşganyň ili Ajydeňziň (Garabogaz kölüniň) ýakalarynda
ýaşaýar.
Altyn Orda hany Berdibek 1359-njy ýylda öldürilenden soň,
Balkandaky düýejiler talanýar, garyp düşýär. Kenarda ýaşaýan
garaöýlülerden haraý isläp, düýejiler olaryň ýanyna göçýärler. Ençeme
ýyldan soň düýejileriň sany köpelýär, olar barha gurplanýarlar, emma
garaöýlüler garyplaşýarlar. Şol açlyk ýyllarynda bularyň içinde Halyl
diýen dogumly ýigit döreýär. Ol garaöýli aksakgallaryny ýygnap, Ärsary
baýyň onbegileriniň we ýagşyzadalarynyň huzuryna baryp, şeýle diýýär:
“Öň biz siziň hyzmatkäriňizdik. Häzir garyp düşdük. Sizden uly haýyş:
Uly we Kiçi Balkandaky suwly, ekmäge amatly we guşly ýerlerden bize
ýer berseňiz. Bize size onuň üçin ýylda näme tölemeli bolsa töläli”.
Ärsary kethudalary maslahatlaşyp, garaöýlülere Ärsary babanyň Uly
Balkandaky 6 akar çeşmesini,10 höwürtge laçyn, 18 höwürtge ütelgi
bermegi karar edýärler. Bu zatlar üçin garaöýlüler ýylda ekinlerinden
alan hasylynyň ýarysyny, agyl (aran) dikmek üçin 2 müň gamyş, 10
uly laçyn, 4 jüre (?) laçyn, 18 uly ütelgi, 6 saryja (awçy guş) bermeli
bolýarlar. Halyl dagy muňa razy bolýarlar, ýöne aw guşlaryny tutmak
üçin ýüpleriniň (urganynyň) ýoklugyny, özleriniň hem azyksyz galanyny
aýdýarlar.
Ärsary kethudalary bulara 100 gulaç ýüp, 6 sany owlakly geçi, iki
109
tulum (meşik) çökelik (çekide) we bir eşek berýärler. Garaöýlüler köp
ýyllap bu zatlary ulanyp güzeran görýärler. Taryhçylaryň barlaglaryndan
mälim bolşuna görä, XV—XVI asyrlarda düýejiler Balkan etrabyndan
garaöýlülileri gysyp çykarýarlar. Garaöýlüleriň köpüsi sakar, galanlaryda ärsary, ýomut taýpalarynyň arasyna siňip gidýär, olaryň garaöýli
diýen etnik ady hem taryhyň sahnasyndan düşüp galýar. Sakarlaryň
düzümine giren garaöýlülere dagsakar diýen täze etnik at dakylýar.
GARAÇUKA, GARAÇUHA
Ýomutlarda garaçuka diýen uly urug, alililerde gem garaçuha
diýen tire bar. G.I. Karpowyň pikirine görä, ýomut garaçukalarynyň
öň gutlutemir, Hywa taryhçysy Munisiň şaýatlyk etmegine görä bolsa
çony-şeref diýlipdir. Munis Balkan we Gürgen etraplarynda ýaşaýan
çony-şerefleriň eýranlylaryň eşigini (garaçuka diýip atlandyrylýan üsti
gara geýimli) geýendikleri üçin, olara garaçukalar diýip at beripdirler.
Taryhçy A.Orazowyň işlerinde-de bu türkmenleriň gara ýüň matadan
tikilen gursakça geýendikleri we şol sebäpli olaryň garaçuka diýen
etnik ada eýe bolandyklary barada ýazylýar. Garaçuklar we garaçuhalar
aslynda bir kökden dörän etnik toparlardyr.
GARKYN, GARJAW, GARMA, GARNAS, GURAMA
Gurluşyna we manysyna üns beren okyjy bu türkmen etnonimleriniň
garmak we guramak (ýagny “seplemek”, “birleşdirmek”) işliklerinden
emele gelendigine hem-de olaryň “garylan”, “gatylan”, “dürli tirelerden
düzülen” ýaly manylary aňladýandygyna göz ýetirse gerek. Garjaw,
garma tireleri ärsarylaryň, garnas diýen uruglar gerkezleriň we
ärsarylaryň, gurama diýen urug-tireler bolsa alili, ýomut, saryk, teke,
änewli, ärsary taýpalarynyň düzüminde duş gelýärler. Bulardan garnas
diýen etnonim karaunas görnüşinde Fergana türklerine-de mahsus,
hatda Mawerannahrdaky çagataýlara-da karaunas diýlipdir. Mogolystan

Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 29
- Büleklär
- Şejere - 01Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3518Unikal süzlärneñ gomumi sanı 178424.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 02Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3663Unikal süzlärneñ gomumi sanı 182025.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 03Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3592Unikal süzlärneñ gomumi sanı 164225.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 04Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3653Unikal süzlärneñ gomumi sanı 170625.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 05Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3686Unikal süzlärneñ gomumi sanı 171125.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 06Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3648Unikal süzlärneñ gomumi sanı 173825.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 07Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3614Unikal süzlärneñ gomumi sanı 171125.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 08Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3582Unikal süzlärneñ gomumi sanı 170723.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 09Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3636Unikal süzlärneñ gomumi sanı 174524.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 10Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3611Unikal süzlärneñ gomumi sanı 167524.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 11Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3623Unikal süzlärneñ gomumi sanı 174124.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 12Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3595Unikal süzlärneñ gomumi sanı 173522.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 13Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3691Unikal süzlärneñ gomumi sanı 164724.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 14Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3701Unikal süzlärneñ gomumi sanı 166125.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 15Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3650Unikal süzlärneñ gomumi sanı 163524.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 16Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3747Unikal süzlärneñ gomumi sanı 161925.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 17Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3644Unikal süzlärneñ gomumi sanı 172123.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 18Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3687Unikal süzlärneñ gomumi sanı 173525.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 19Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3549Unikal süzlärneñ gomumi sanı 197317.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 20Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 2282Unikal süzlärneñ gomumi sanı 170814.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 21Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3572Unikal süzlärneñ gomumi sanı 183723.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 22Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3648Unikal süzlärneñ gomumi sanı 172926.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 23Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3587Unikal süzlärneñ gomumi sanı 164425.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 24Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3679Unikal süzlärneñ gomumi sanı 172525.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 25Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3665Unikal süzlärneñ gomumi sanı 169325.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 26Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3657Unikal süzlärneñ gomumi sanı 175725.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 27Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3609Unikal süzlärneñ gomumi sanı 168524.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 28Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3577Unikal süzlärneñ gomumi sanı 177623.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 29Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3648Unikal süzlärneñ gomumi sanı 169824.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 30Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3598Unikal süzlärneñ gomumi sanı 166924.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 31Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3610Unikal süzlärneñ gomumi sanı 175924.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 32Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3591Unikal süzlärneñ gomumi sanı 170722.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 33Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3692Unikal süzlärneñ gomumi sanı 166824.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 34Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3733Unikal süzlärneñ gomumi sanı 162726.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 35Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3632Unikal süzlärneñ gomumi sanı 164724.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 36Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3759Unikal süzlärneñ gomumi sanı 164224.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 37Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3642Unikal süzlärneñ gomumi sanı 169823.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 38Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3704Unikal süzlärneñ gomumi sanı 173726.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 39Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 3489Unikal süzlärneñ gomumi sanı 201915.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
- Şejere - 40Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.Süzlärneñ gomumi sanı 552Unikal süzlärneñ gomumi sanı 41821.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.