Latin

Şejere - 01

Süzlärneñ gomumi sanı 3518
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Soltanşa ATANYÝAZOW
ŞEJERE
Türkmeniň nesil daragty
Aşgabat, «Turan-1»
1994
1
Atanyýazow S.
ŞEJERE (Türkmeniň nesil daragty), A.: “Turan-1”—1994.
Her bir halkyň tire-taýpasy onuň gönezligi, asyl köki bolup, olaryň
atlary halkyň geçmişini biziň günlerimize mizetmän ýetiren ajaýyp kitapdyr.
Bilesigeliji giň okyjylar köpçüligine, ylaýta-da ýaşlara niýetlenen bu kitapda
türkmen tire-taýpalarynyň gyzykly taryhy, olaryň adynyň döreýiş sebäpleri we
manysy barada gürrüň gidýär, getirilýän maglumatlaryň ygtybarly bolmagy
üçin, awtor gadymy hytaý, grek, orta asyr arap, türk we pars alymlarynyň
işlerinden giňden peýdalanýar, ençeme türkmen tire-taýpalarynyň adynyň
ýüze çykyşy barada gadymy we häzirki zaman alymlarynyň çaklamalaryndan
düýbünden üýtgeşik pikirleri okyjylara hödürleýär.
Halkymyzyň gadymy geçmişine göz ýetirmek isleseňiz, şu kitaby okaň!
A—0505000000
BBK 63.5 (2)
A91
“Turan-1”
2
SÖZBAŞY
Gadymy ata-babalarymyzyň “Ýedi arkaňyzy bilmek—parz” diýen
dana aýtgysy bar. Şu ýörelgeden ugur alyp, olar öz çagalaryna geçmiş
atalarynyň adyny ürç edip ýatladypdyrlar. Gazak halkynda bu däp häzire
çenli ýörgünlidir. Diňe bir türki kowumlara däl, eýsem türki halklaryň
köpüsine mahsus bolan nesil yzarlamak düzgüni türkmenlerde nesil
daragty, araplarda şejere, käbir türki halklarda ýedi ata, ýedi arka,
oruslarda rodoslownaýa, ylmy dilde bolsa genealogiýa diýen atlar bilen
bellidir.
Geçmişiňi bilmän, geljege göz ýetirmek mümkin däl. Atababalarymyzyň asyrlar boýy sünnäläp bize ýetiren gowy däplerinden, şol
sanda geçen nesilleri ýatda saklamak we olary hormatlamak endiginden
ýüz döndürsek, biz öz neberelerimizde şu günki we geljekki nesillere
sarpa goýmak ýaly asylly sypaty terbiýeläp bilmeris, çünki geçmiş özüne
aýawly çemeleşmegi talap edýär, edilen hyýanat üçin bolsa dessine ar
alýar. Dagystanyň meşhur şahyry Rasul Gamzatowyň atasy Gamzat
Çadasynyň aýlawly aýdan ajaýyň sözlerinden çen tutsaň, “Geçmişine
sapança atany ol top bilen urýar”.
Ululara hormat goýmazlyk, garrylary sylamazlyk, ýakynlaryň bilen
oňuşmazlyk, gara nebis üçin hallan atmaklyk, gedemlik, tireparazlyk,
ogurlyk ýaly geçmişde ata-babalarymyzyň ýigrenen zatlary häzirki
ýaşlarymyzyň arasynda barha güýjäp, ýoň bolup barýar. Munuň esasy
sebäbini biziň könämizi ýatdan çykaranlygymyzdan, ata-babalaryň
gowy däplerini unudanlygymyzdan, umuman, geçmişimiziň üstüne
atanak çekenligimizden gözlemek dogry bolar. Beýle ýagdaýda ýaşlarda
erbet endikleriň, ýigrenji häsiýetleriň dörejegi şübhesizdir, çünki Yrak
türkmenleriniň nakylynda jaýdar aýdylyşy ýaly, “aslyny unudan atasyny
atar”.
Soňky 50 ýylyň dowamynda içgin öwrenmeklik gadagan edilen
3
temalaryň biri-de türkmen tire-taýpalarynyň gurluşy, gelip çykyşy we
olaryň atlarydyr. Şu döwür içinde rus dilinde bolaýmasa, türkmen dilinde
olar barada ylmy işler neşir edilmedi, ylmy derňewler-de geçirilmedi.
“Tire-taýpalaryň we olaryň atlarynyň öwrenilmegi il içinde tireparazlygy
ösdürer” diýen galp düşünjeden ugur alyndy. Hakykatda weli düýbünden
tersine: öz aslyňy bilmezlik, diňe bir türkmen taýpalarynyň däl,
eýsem, türki halklaryň, şeýle-de goňşulykda ýaşaýan halklaryň gan
garyndaşlygyna, olaryň aglabasynyň asyl köküniň, gelip çykyşynyň şol
bir gözbaşdan gaýdýanlygyna düşünmezlik tireparazlygy we milletçiligi
döredýär.
Etnonimika, umuman, etnografiýa ylmynda dogry bellenilişi ýaly,
dünýäde keseki gany gatyşmadyk, töweregindäki dürli halklar bilen
garylmadyk, ýagny bir ata-eneden (ganybir maşgaladan) dörän ýekejede arassa, ig halk, taýpa, hatda tire-de ýok. Uzak asylaryň dowamynda
bu etnik toparlar öz içine garyndaş we garyndaş däl taýpa-tireleriň,
halklaryň dürli böleklerini kabul edip durýar. Wagtyň geçmegi bilen, soň
goşulan az sanly il uly taýpanyň içine siňip, eräp gidýär. Muňa her bir
okyjy öz obasynyň mysalynda-da göz ýetirip biler: soňky 30—40 ýylyň
içinde onuň obasyna beýleki obalardan birnäçe maşgala göçüp gelendir
ýa-da göçüp gidendir. Ençeme maşgalalar beýleki tire-taýpalardan gyz
alyp, gyz berendirler. Bu ýagdaý uzak asyrlaryň dowamynda gaýtalanyp
duran zat.
Basybalyjykly uruşlary, göçe-göçlükleri, pajygaly sosial-ykdysady
hadysalary hasap etmäniňde-de, ýokarda ýatlanan we ähli tire-taýpalara
mahsus bolan etnik gatnaşyklar ilatyň dürli toparynyň arasynda ganyň
gatyşyp durmagyna getirýär.
Ähli taryhy çeşmeleriň biragyzdan tassyklamagyna görä, türki
halklar iňňän gadymy eýýamda bir kökden, bir topardan dörän il bolup,
soňra olar aýrylyşypdyrlar, aglabasy soňra özbaşdak halk derejesine
çenli ösüp ýetişipdir. Türkmen taýpalary hem bir kökden (gadymy
oguzlardan) gaýdýar, olar bir kökden dörän äpet daragtyň ululy-kiçili
şahalarydyr. Köp asyryň dowamynda türkmen halky goňşy halklarynyň
we taýpalarynyň dürli toparlaryny öz düzümine kabul edipdir. Öz
gezeginde bu halkyň dürli bölekleri hem ýakyn we uzak halklaryň (hatda
oruslaryň, wengrleriň, bolgarlaryň, kürtleriň, parslaryň...) arasyna siňip
gidipdir.
4
Diýmek, türkmen tire-taýpalarynyň biri-birlerini ganybir dogan
hasap edişi ýaly, biz özümizi töweregimizi gurşap alan köp sanly halklar,
halkyýetler bilen hem ganybir garyndaş saýmalydyrys. Ynha, okyjylaryň
dykgatyna hödürlenýän şu kitabyň esasy ideýasy şundan ybarat. Oçerkleri
okap çykan her bir okyjy şundan soň taýpa-tireleriň wekillerini özi bilen
doganlygyna, töweregimizi gurşap alan halklaryň hem biri-birleri bilen
gan garyndaşlygyna göz ýeterse gerek.
1988-nji ýylda “Ylym” neşirýatynda biziň “Slowar turkmenskih
etnonimow” (“Türkmen etnonimleriniň sözlügi”) diýen kitabymyz
orus dilinde çap edildi. Onda türkmen tire-taýpa atlarynyň 2300-den
gowragy ýerleşdirilip, olara düşündiriş berlipdi. Eliňizdäki oçerkler
şol sözlügiň esasynda ýazylan bolsa-da, onuň terjimesi däl, sebäbi bu
kitapdaky oçerkler üçin ýatlanan sözlügiň 2300 makalasyndan diňe
300-den gowragy seçilip alyndy, olar hem sözlük makalasy görnüşinde
berilmän, oçerk häsiýetinde giňişleýin teswir edildi. Galyberse-de, bu
kitaba girizilen etnonimleriň köpüsi täzeden işlenildi, olaryň aňladýan
manylary we gelip çykyşy ýatlanan sözlükdäkiden başgaçarak
düşündirildi. Muňa, bir tarapdan, türkmen etnonimleri barada goşmaça
toplanan maglumatlar sebäp bolsa, ikinji tarapdan, rus dilinde çap
edilen sözlük neşire tabşyrylandan soň, biz türkmen etnonimleriniň
ylmy-teoretiki meseleleri bilen meşgullanyp, bu atlary doganlyk türki
halklaryň tire-taýpa atlary bilen degşirip öwrendik. Bu ýagdaý türkmen
etnonimleriniň ençemesiniň gelip çykyşyna täzeçe çemeleşmäge
mümkinçilik döretdi. Üçünjiden, 1990-njy ýylyň aprel aýyndan başlap,
“Şejere” ýörelgesi bilen “Ýaş kommunist” gazetiniň şenbe güni çykýan
her sanynda türkmen etnonimleri baradaky makalalarymyz çap bolup
ugrandan soň, respublikamyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylardan
onlarça hat aldyk. Ol hatlardaky peýdaly bellikleri we habar berilýän
goşmaça maglumatlary biz nazarda tutduk. Orus dilinde çap edilen
sözlügimiz barada metbugat sahypalarynda aýdylan tankydy bellikler
hem hasaba alyndy. Netijede, bu kitapda ýerleşdirilen ençeme türkmen
etnonimleriniň aňladýan manylary rus dilinde çap edilen sözlükdäkiden
başgaça düşündirildi.
Türkmen etnonimleri we olar baradaky taryhy maglumatlar,
köplenç, gadymy hem-de häzirki döwür alymlarynyň çap edilen
işlerinden alyndy, 1963-nji ýyldan başlap, bular barada biziň il içinden
5
toplan maglumatlarymyz hem işde doly peýdalanyldy.
Ol ýa-da beýleki etnonimiň aňladýan manysyny we onuň gelip
çykyşyny anyklamak aňsat iş däl, çünki bu atlaryň ençemesiniň
döränine birnäçe asyr, käbiriniň ýüze çykan wagtyndan bäri bolsa
2—3 müň ýyl geçipdir, emma olaryň manysy we ýüze çykyş sebäpleri
barada taryhy çeşmelerde anyk we ynançly maglumatlar duş gelmeýär
diýerliklidir. Şeýle ýagdaýda biz deňeşdirme usulyndan peýdalandyk,
ýagny bir etnonimi derňänimizde, ony tutuş sistemany emele getirýän
özüne kybapdaş beýleki türki (türkmen) etnonimleri bilen degşirip,
saldarlap görüp öwrendik we onuň gelip çykyşy barada jaýdar hasaplan
çaklamalarymyzy orta atdyk.
Tire-taýpa atlarynyň manysy barada okyjylaryň dykgatyna
hödürlenen çaklamalar—awtoryň hususy pikiri. Biz ony meseläniň
gutarnykly çözgüdi hasaplamaýarys, çünki geljekki çuň ylmy derňewler,
täze tapylan goşmaça maglumatlar netijesinde ol ýa beýleki etnonimiň
aňladýan manysy başga hili düşündirilip bilner. Biz bu babatda giň
okyjylar köpçüliginiň kömegine bil baglaýarys. Türkmen etnonimleri
baradaky belliklerini, tankydy pikirlerini habar beren okyjylardan biz
gaty hoşal bolardyk. Hatlary awtora şu adrese ibermek bolar: 744000,
Aşgabat, Gogol köçesi,15. Türkmenistan YA-nyň H. Baýlyýew adyndaky
Dil bilimi instituty.
6
GIRIŞ
Tire-taýpa atlarynyň gelip çykyşy baradaky şeýle kitabyň türkmen
okyjyaryna niýetlenen ilkinji gezek neşir edilýändigi üçin, biz onomastika
ylmynyň bir şahasy bolan etnonimikanyň ýörite terminleri, türkmen tiretaýpa atlarynyň özboluşly aýratynlyklary, olaryň beýleki türki halklaryň
etnonimiýasy bilen özara gatnaşygy we ylym üçin ähmiýeti barada
gysgaça düşündiriş bermegi makul bildik.
Etnonimika—grekleriň etnos (“halk”) we onoma (“at”) sözlerinden
emele gelip, “tire-taýpa we halk atlaryny öwrenýän ylym” diýen manyny
aňladýar. Taýpa-tiräniň bölünip alnan bir adyna (meselem, ýomut diýen
ada) etnonim, belli bir halkyň ýa-da ülkäniň şeýle atlarynyň jemine,
tutuş sistemasyna bolsa etnonimiýa diýilýär. Eliňizdäki kitapda tiretaýpa atlary diýen termin bilen bir hatarda etnonimler diýen adalga hem
giňden ulanyldy.
Etnik atlar dakylyş häsiýetine görä iki uly topara bölünýärler:
awtoetnonimler, ýagny halkyň ýa-da taýpa-tiräniň özi üçin saýlan (kabul
eden) ady we alloetnonimler, ýagny halka ýa-da taýpa-tirä töwerekdaki
iliň dakan ady. Iliň özi üçin saýlan atlary aglaba gowy manyly sözlerden
hasyl bolýar, emma daş-töweregiň dakan atlarynda (alloetnonimlerde)
kemsidiji äheňler hem duş gelýär. Meselem, Germaniýanyň esasy ilaty
özüne doýç diýse, gündogar ýurtlaryň ilaty oňa alman, ruslar bolsa nemes
diýip at berýärler. Nemes sözi nemoý (“güň, lal”) sözi bilen asyldaşdyr.
Dili düşnüksiz bolany üçin, ruslar olara şeýle at beripdirler.
Mälim bolşy ýaly, türkmen taýpalarynyň düzlüşi örän çylşyrymly:
taýpalaryň köpüsi 2-den 5-e çenli uly bölümlerden ybarat. Meselem:
teke (bölümleri: utamyş we togtamyş), ýomut (atabaý we jafarbaý),
ýemreli (dagly we gumly), alili (ýüzbaşy we onbegi) taýpalary 2, salyrlar
7
garaman, kiçiaga we ýalawaç diýen 3, ärsarylar uludepe, güneş, gara we
bekewül diýen 4, çowdurlar bolsa garaçowdur, burunjyk, bozajy, abdal
we igdir diýen 5 uly bölümden ybarat. Öz gezeginde bu bölümler ençeme
uruglara, uruglar hem onlarça ownuk tirelere bölünýärler. Biri beýlekisine
tabyn bolan şeýle bölünişik ýokardan aşaklygyna sananda 2-den 10-a
(ata taýpasynda 13-e) çenli ýetýär. Ylymda-da, halk arasynda-da bu
çylşyrymly bölünişigiň ähli halkalaryny ýeke-ýekeden (ýokardan aşak)
atlandyrýan, 1-nji halkany2 (3, 4, 5...)-njiden tapawutlandyrýan ýörite
termin ýok. Meselem, “taýpa” manysynda ylmy çeşmelerde-de, il içindede “taýpa”, “urug”, “halk”, “il”, hatda “tire” ýaly sözleriň ulanylyşyna
duş gelýäris. Aşaky halkalar barada-da ýagdaý şeýle. Bu türki halklaryň
ählisine mahsus zatdyr. Ýöne beýle diýildigi türkmen dili ownukly-irili
etnik toparlary aňlatmaga ukyply terminlere garyp diýildigi däldir. Bu
dilde we onuň şiwelerinde şeýle bölekleriň ady hökmünde, ýokarda
sananlarymyzdan başga-da, oba, kowum, birata (salyr), gandüşer (saryk),
topar, lakam, depe, tüpe, desde (ärsary), bölüg (Mary), aryş (Astrahan
türkmenleri), dähe (bujakly), top, tohum, maşgala, aýmak ýaly ençeme
sözler ulanylýar.
Eliňizdäki ktapda özbaşdak milletleriň ady halk, teke, ýomut... ýaly
uly taýpalar taýpa, onuň 2-den 5-e çenli uly şahalary bölüm, olardan
kiçileri urug, urudan soňky bölünişiginiň ähli halkalary hem tire diýen
terminler bilen aňladyldy.
Türki, şol sanda türkmen etnonimiýasyna mahsus sypat hökmünde
urug-tireleriň köplenç jübüt-jübütden düzülýändigini, şol jübütleriň
adynyň we aglaba ýagdaýda ýanaşyk ulanylýandygyny görkezmek
mümkin. Muňa ak, gara (akgoýunly—garagoýunly, ak daşaýak—gara
daşaýak, ak goňur—gara goňur), uzyn, gysga, kelte (uzyn ak—gysga ak)
ýaly tapawutlandyryjy sözler bilen gelýän etnonimler aýdyň mysal bolup
biler. Beýleki urug-tire atlary hem köplenç goşalandyrylyp ulanylýar
(beg—wekil, öküz—salak, uludepe—güneş, gara—bekewül we ş.m.).
Ärsary şiwesinde beýle goşa etnik toparlara jabdak tireler diýilýär,
ylymda bolsa bu hadysa dualizm (“ikileme”) diýen at bilen bellidir.
Etnonimleri öwrenmegiň ähmiýeti
8
Halkyň etnogenezini (düýp köküni, gönezligini), onuň iňňän irki
eýýamlarda ulanan sözlerini, dilini, hojalyk şertlerini, aragatnaşyk eden
halklaryny, meşgullanan kärlerini we ş.m. öwrenmekde etnonimler
bahasyna ýetip bolmajak ylmy çeşme hasaplanýar, çünki olar ençeme
asyry, hatda müňýyllyklary öz üstünden geçirseler-de, dilimiziň gadymy
sözlerini mizemez görnüşde biziň biziň günlerimize ýetiripdirler. Hut
şonuň üçin alymlar tire-taýpa atlaryny ähmiýeti boýunça gadymy ýazuw
ýadygärlikleri bilen deň tutup, olary öwrenmeklige ulu üns beripdirler.
Türki etnonimler barada ençeme maglumatlary 2000 ýyl çemesi
mundan öň ýazylan hytaý senenamalaryndan, gadymy grek alymlarynyň
galamyna degişli taryhy işlerden tapmak mümkin.
Türkmen taýpalrynyň 24-niň we olaryň ençeme uruglarynyň adyny
ilkinji gezek derňän, olaryň ýerleşiş tertibini we tagmalaryny görkezen
alym Mahmyt Kaşgarydyr. XI asyryň beýik dilçisi hasplanýan Mahmyt,
alymlaryň tassyklamagyna görä, oguzlaryň kynyk taýpasyndan bolup,
Kaşgarda doglupdyr we şol etrapda (Sinszýanda) hem aradan çykypdyr.
Ol özüniň 1072—1074-nji ýyllarda ýazyp gutaran “Diwan lugat attürk” (“Türki sözler diwany”) diýen uly göwrümli, üç tomluk eserinde
şeýle ýazýar: “Türkler aslynda 20 taýpadyr... Her taýpanyň sansyz
uruglary bar. Men bulardan esasylaryny, ýagny ene uruglary ýazdym,
olaryň şahalaryny (bölümlerini) taşladym. Ýöne oguz-türkmenleriniň
maýda (ownuk) uruglaryny hem, olaryň mallaryna goýulýan belliklerini
(tagmalaryny) hem ýazdym, çünki damlarda bulary bilmäge zerurlyk
bardy. Gündogardan başlap, her bir taýpanyň oturýan ýerini tertip bilen
yzygider görkezdim”.
Hormatly okyjy! Eliňizdäki kitapda siz Mahmyt Kaşgarynyň adyna
köp duş gelersiňiz. Türkmen taýpa-tireleriniň atlaryny düşündirmekde
biz onuň “Diwanyny” gymmatly çeşme hökmünde köp paýdalandyk.
Kitapda Reşideddin, Abylgazy, Ýazyjy-ogly, Salar Baba ýaly meşhur
alymlaryň ady hem köp gaýtalanýar. Şonuň üçin bu şahslar we olaryň
ýazan eserleri barada gysgaça ýatlamagymyz gerek.
Eýranyň Hemedan şäherinde 1247-nji ýylda doglan görnükli taryhçy
alym Fazlallah ibn Reşideddin (ölen wagty 1318) özüniň “Jem-i attawaryh” (“Taryhyň jemi”) diýen üç tomluk ajaýyp eserini 1300—1310njy ýyllarda Eýrandaky mongol hökümdaryna bagyşlap, pars dilinde
ýazýar. Türki we mongol halklarynyň taýpa bölünişigine bagyşlanan
2-nji tomda Reşideddin türkmenleriň 24 taýpasynyň orunlaryny,
9
atlarynyň manysyny, ongonlaryny (totemlerini) we tagmalaryny ýekänýekän sanaýar.
Ýazyjy-oglunyň XV asyrda ýazan “Taryh-y aly Seljuk” (“Beýik
seljuklar taryhy”) atly eseri Stambulyň Topgapy muzeýinde saklanýar.
Bu eser Reşideddiniň eseri esasynda türki dilde ýazylyp, onda dürli
“Oguznamalardan” ýerlikli paýdalanylypdyr. Bu eserde-de türkmen
taýpalary, olaryň aňladýan manysy, her taýpanyň guşy (ongony, totemi),
tagmasy, mal soýlanda olara degişli ülüşler yzygiderli görkezilýär.
Asly nusaýly Salar Baba Gulaly ogly Harydarynyň “Oguznama”
diýen eseri hem Reşideddiniň ýatlanan kitaby esasynda 1555-nji ýylda
türkmen dilinde ýazylyp, onda-da türkmen taýpalary ýokarky terzde
derňelipdir.
Hywa hany Abulgazy Bahadyr han (1603—1664) türkmenlere
garşy gazaply syýasat ýöredip, olary köp gyrýar. Ömrüniň ahyrynda öz
etmişine ökünip, türkmenleriň öňündäki günäsini ýuwmak üçin, 1659—
1661-nji ýyllarda “Şejere-ýi terakime” (“Türkmenleriň nesil daragty”)
diýen kitabyny ýazýar. Abulgazy hem Reşideddiniň kitabyndan ymykly
peýdalanypdyr, çünki ol Yspyhanyň ýakynyndaky Tabarek galasynda 10
ýyllap agöýli edilip (girewine) saklanýar, şol döwürde-de Reşideddiniň
eseri bilen tanyşýar. Bu barada awtoryň özi habar berýär.
Türkmen taýpa-tireleriniň atlary barada diňe bir bu awtorlaryň
eserlerinde däl, eýsem rewolýusiýadan öňki we soňky Ýewropa hemde orus alymlarynyň ýazan kitaplarynda gymmatly maglumatlara
duş gelmek bolýar. Soňky ýyllar içinde türkmen etnograflary hem bu
babatda köp işler etdiler. Olaryň arasynda ilki bilen G.I. Karpowyň ady
ýatlanmaga mynasypdyr, çünki bu alym baryp 20-nji ýyllarda türkmen
taýpa-tireleri barada maglumat ýygnamaga girişdi, 1925-nji ýylda bolsa
“Plemennoý i rodowoý sostaw turkmen” (“türkmenleriň taýpa we urug
gurluşy”) diýen kitabyny çap etdirdi. Soňky ýyllarda ol türkmen urugtaýpalary barada köp maglumat toplap ýa-da dürli işgärlere topladyp,
aglaba taýpalar barada makalalar ýazdy, olaryň ençemesini “G.I.Karpow”
diýen at bilen ýa-da “Hoşgeldi Bagtyýarow” diýen türkmen lakamy bilen
dürli žurnallarda neşir etdirdi.
Türkmen etnonimleri barada taryh ylymlarynyň doktorlary Sergeý
Atajanowyň, Ata Jykyýewiň we Annadurdy Orazowyň bitiren hyzmatlary
hem bellenmäge mynasypdyr.
10
Türki etnonimleriň arasyndaky umumylyk we aýratynlyklar
barada
Mälim bolşy ýaly, dünýä halklarynyň ählisi öz ösüşiniň belli bir
pursatynda taýpa-tire bňlünişigini başdan geçiripdir. Şeýle bölünişik
çarwa halklarda, meselem, gazaklarda, gyrgyzlarda, garagalpaklarda,
başgyrtlarda, türkmenlerde we beýleki ençeme türki halklarda has
uzak saklanypdyr. Ir döwürlerde oturymlylyga geçen azerbaýjan, tatar
halklarynda, Özbegistanyň aglaba ülkelerinde taýpa-tire bölünişigi kemkemden ýatdan çykarylypdyr.
Türkmenlerde taýpa-tire bölünişiginiň uzak we berk saklanmagynyň
ýene bir sebäbi olaryň daşyny gurşap alan feodal döwletleriň (Hywa
hanlygynyň, Buhara emirliginiň we Eýran şalygynyň) bu halka garşy
alyp baran basybalyjylykly syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Türkmen
topragyna göz gyzdyran we onuň edermen halkyny dyza çökermäge
ymtylan bu hökümdarlar “bölüşdir-de höküm sür” diýen kolonial şygary
baýdak edinip, türkmen taýpalaryny (we dürli türki halklary) biri-biriniň
garşysyna goýup, olaryň arasynda duşmançylyk oduny tutaşdyrypdyrlar.
Beýle ýagdaýda merkezleşen döwleti bolmadyk türkmenler diňe
öz taýpadaşlaryndan, urugdaşlaryndan haraý gözläpdir. Bu hem öz
gezeginde tire-taýpa bölünişigini çuňlaşdyryp, onuň uzak saklanmagyna
getiripdir.
Umuman, tire-taýpalaryň döremegi halkyň biri-birine garaşly
ululy-kiçili böleklere bölünmegi we olaryň hersine aýry-aýry atlaryň
dakylmagy taryhy zerurlyk netijesinde ýüze çykýar. Bu bölünişikde we
olaryň atlarynda bolsa geçmişiň taryhy wakalary hem-de däp-dessurlary
öz şöhlelenmesini tapýar. Başgaça aýdanda, tire-taýpalara bňlünmeklik
we olara at dakmaklyk däbi öz döwrüniň jemgyýetçilik gurluşyndaky
aýratynlyklara esaslanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde türkmen
taýpalarynyň 24-e bölünmek däbini ýatlamak hem ýeterlikdir (orta
asyr alymlary, şeýle-de gadymy “Oguznamalar” türkmenleri 24
taýpadan ybarat il edip görkezýärler). Bu däp gadymy gunlaryň harbyadministratiw bölünişigi esasynda ýüze çykypdyr. Mälim bolşy ýaly, gun
goşunlary ilki sag we çep ganata bölünipdirler. Her ganat üç şahadan, her
şaha hem 4 bölümden ybarat eken (jemi 24 bölüm). Taryhy çeşmelerde
uly bölümleriň hersiniň özüniň mahsus atynyň (gyr at, dor at, ak at, gara
11
at, ala at) bolandygy hem bellenilýär. Gunlaryň döwründäki bu bölünişik
däbi türkmenleriň 24 taýpa bölünmek däbinde we etnonimiýasynda şu
wagta çenli saklanypdyr.
Diňe bir etnonimiýada däl, eýsem halkyň maddy we ruhy
medeniýetiniň dürli gatlaklarynda bu däbiň saklanyp galandygy barada
Ahmet Bekmyradow şeýle ýazýar: “Edil hunlaryň keçe-halysyndaky
ýaly, üç hatardan 8-e bölüp, 24 göl salmak däbi türkmen haly sungatynda
ýörgünli däpleriň biri. Türkmen halylarynda 24 göli dörtden alty hatara
ýa-da 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak däbiniň ýörgünlidigini
aýtmalydyrys. Bu däpler hem hunlaryň, olaryň soňky dowamy bolan
oguzlaryň gurluşy bilen baglanyşykly. 24 göli dörtden alty hatara
bölmek Oguz hanyň alty ogly hem olaryň hersiniň dört oglundan emele
gelen türkmen taýpalarynyň birleşigini aňlatsa, 24 göli 12-den iki hatara
bölüp salmak hem Oguz hanyň 24 agtygynyň 12-den iki ganata bölünişi
baradaky gadymdan gelýän halk ynanjy bilen baglydyr”1 (durmuşyň
dürli ugurlarynda 24-e bölünmek däbiniň duş gelşi barada “ýigrimidört”
diýen makalada giňden gürrüň berildi)
Türkmen tire-taýpalary we olaryň atlary dürli döwürleriň önümidir.
Dörän wagtlaryna görä türkmen etnonimlerini biz 5 topa böldük. Olaryň
birinji (iň irki) gatlagy gadymy türki ýazuw ýadygärliginde we hytaý
çeşmelerinde duş gelýän alpan, bürgüt, war, gun, gyzan, gypjak, daz,
dowlat, dokuz, däli (tele), sabyr, suwar, sakar, giç ýaly etnonimlerinden
ybarat.
Häzirki Türkmenistanyň (umuman, Orta Aziýanyň) territoriýasynda,
bu etrapa entek türki halklaryň gelmezinden has owal, sak, massaget,
tohar, alan ýa-da as, gürgen, teber (tabur), parnlar, sogdular, dahlar,
margianalar, amurdlar (amardlar) ýaly öňden oturymly we göçme halklar
ýaşapdyrlar. Dörän wagty nukdaýnazardan olary ýokarda sanalan türki
halklardan we taýpalardan giçkidir çaklamak nädogry bolar, çünki bu
etnonimleriň aglabasy 2, hatda 3 müň ýyly öz üstünden geçiren atlardyr.
Ýöne weli bu atlar bilen belli bolan etnik toparlaryň türki halklaryň
düzümine aralaşan döwri gadymy türki etnonimleriň ýüze çykan
eýýamyndan soňky döwre degişlidir.
Orta asyr alymlarynyň (Mahmyt Kaşgarly, Reşideddin, Ýazyjyogly,
Salar Baba, Abulgazy dagynyň) eserlerinde agzalýan türkmen
____________________________
1
Bekmyradow Ahmet. Andalyp hem oguznamaçylyk däbi.
12
etnonimlerini biz dörän wagty taýdan 2-nji gatlagy emele getirýän atlar
hasaplaýarys, çünki olaryň dörän wagty ol awtorlaryň ýaşan döwründen
has ozaldyr.
Türki (türkmen) etnonimiýasynyň döreýşindäki 5-nji, iň ahyrky
gatlak XV—XIX asyrlarda ýüze çykan köp sanly türki taýpa-tire atlaryny
öz içine alýar. Bu atlaryň aglabasy türki sözlerden emele gelip, olaryň
ençemesiniň dörän döwrüne we ýüze çykan ýerine degişli dokumental
maglumatlary hem tapmak bolýar.
Şu ýerde türkmen etnonimleriniň ýüze çykyşyndaky we aňladýan
manylaryndaky käbir aýratynlyklar barada-da kelam-agyz gürrüň
bermegimiz gerek.
Bu kitapdaky oçerkleri okap çykan okyjylaryň ençemesi etnonimleriň
asyl köküniň “taýpa”, “urug”, “garym-gatym il” manysyndaky adaty
sözlerden (jyns atlardan) emele gelendigine gözi ýetse gerek. Muny geň
görüp otursa zat ýok: doýç (nemesleriň özleri üçin kabul eden ady),
udmurt, nenes, niwh (birmada halk), inuit (eskimoslaryň özlerine
dakan ady), mari (Mary respublikasynda ýaşaýan halkyň ady) ýaly
ençeme etnonimler hem “adam”, “adamlar topary”, “il” ýaly manyda
ýüze çykypdyrlar. Bu bolsa taýpa-uruglaryň ilki dörän we sanynyň hem
entek az bolan eýýamynda, olary şol topary aňladýan adaty sözler bilen
atlandyrmagyň ýeterlik bolandygyny görkezýär. Bu ýagdaý etnonimleriň
ýaňy döräp başlan döwürlerine mahsus bolupdyr.
Döreýiş sebäpleri, gurluşlary we aňladýan manylary babatda
türkmen etnonimleri beýleki türki halklaryň tire-taýpa atlaryndan onçakly
tapawutlanmaýarlar. Bu ýagdaý türki halklaryň geçmişde gan garyndaş
bolanlygyndan, olaryň maddy we ruhy medeniýetiniň (şol sanda,
etnonimleriniň) hem bir kökden döränliginden, umumylygyndan gelip
çykýar. Muňa şol bir etnik adyň ençeme türki halklaryň etnonimiýasynda
gaýtalanýandygy hem güwa geçýär.
Biz türkmen tire-taýpa atlaryny ençeme türki halklaryň etnonimleri
bilen degşirip, biri-birleri bilen deňeşdirip gördük. Netijede, olaryň
arasynda köp sanly meňzeşlikleriň, adybir urug-tireleriň bardygyna göz
ýetirdik.
Iki ýa-da köp halklaryň düzüminde şol bir atdaky tire-taýpalaryň
köp duş gelmegi bu halklaryň geçmişde ýakyn garyndaş bolanlygyndan
ýa-da olaryň arasyndaky etnik gatnaşyklaryň ýygylygyndan habar berýär.
13
Bu nukdaýnazardan seretseň, adybir tire-taýpalaryň köplügi gyrgyzlaryň
türkmen halky bilen geçmişde has ýakyn bolanlygyna güwä geçýär.
Biz öz derňewlerimizde bu iki halkyň 183 taýpa-tiresiniň biri-biri bilen
atdaşlygyny ýüze çykardyk. Bularyň 22-siniň diňe bir özi däl, eýsem,
olaryň degişli taýpalary hem atlary boýunça biri-birine gabat gelýär:
türkmenlerde saryk, ärsary, gyrgyzlarda saruu, sary bagyş—ählisinde
sary sözi bar.
Diňe bir etnonimleriň däl, eýsem, maddy maddy medeniýetiň beýleki
taraplarynyň hem deň gelmegi (meselem, etli nahar atlaryndaky we olaryň
taýýarlanyşyndaky meňzeşlikler, türkmen gelin-gyzlarynyň gülýaka we
bozbent diýen şaý-sepleriniň günorta gyrgyzlaryň töönöç diýen şaý-sepi
bilen meňzeşligi, türkmenleriň köjeme diýen nagyş ediş usulynyň diňe
gyrgyzlarda we başgyrtlarda saklanmagy we ş.m.) türkmenleriň hemde gyrgyzlaryň geçmiş ýakynlygynyň gözli şaýadydyr. Taryhy çeşmeler
hem muňa doly güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, X asyrda we ondan öň
türkmenler häzirki Gyrgyzystanyň territoriýasynda—Yssykköl, Jetiögýz
etraplarynda we Çu-Talas jülgelerinde oturypdyrlar. Hatda X asyrda
türkmenleriň patyşasy Çu derýasynyň boýundaky Orda şäherini özüne
paýtagt edinipdir.
Abulgazy Gyrgyzy Oguz hanyň bir agtygynyň ady hasaplaýar,
häzirki alymlar (N.A. Baskakow) gyrgyz dien etnonimiň kyryg oguz
(ýagny “gyzyl oguz”) sözlerinden emele gelendigini tassyklaýarlar.
Ýene bir fakt. Gyrgyzlaryň kandy taýpasynyň düzüminde türkmen,
türkmenleriň çowdur we igdir taýpalarynda bolsa gyrgyz we manas diýen
etnonimler duş gelýär. Bu umumylyklaryň ählisi jemlenip, türkmen we
gyrgyz halklarynyň geçmişde bir kökden dörändigini, ganybir garyndaş
bolandygyny görkezýär.
Adybir urug-tireleriň sanyna görä, bu iki halkyň käbir taýpalarynyň
biri-biri bilen has ýakyn aragatnaşykda bolandygyna göz ýetirmek kyn
däl. Meselem, ärsary taýpasynyň düzüminde 55, tekelerde 43, ýomutlarda
37, saryklarda 33, salyr we çowdurlarda 26, gökleňlerde 23 etnonim
gyrgyz urug-tire atlary bilen, gyrgyzlaryň hem adigine taýpasynda 40,
sary bagyşda 28, saýakda 27, saruu taýpasynda 25, soltoda 18, bagyş
taýpasynda 17, çekir saýak we muňguş taýpalarynda 14 etnonim türkmen
urug-tireleriniň atlary bilen gabat gelýär.
Biz şeýle deňeşdirmeler netijesinde azerbaýjanlaryň we özbekleriň
14
hersinde 80, gazak we garagalpaklarda 60, başgyrtlarda 30, altaýlarda 15
etnonimiň türkmenlerdäki bilen deň gelýändigini anykladyk. Iki we köp
halkyň düzümindäki bu atdaş etnik toparlaryň käbiriniň özbaşdak, biribirine dahylsyz atlandyrylan bolmagy mümkindir, ýöne olaryň köpüsi
türki halklaryň gan garyndaşlygynyň gözli şaýady hökmünde berk
kanunalaýyklyk esasynda dörän etnonimlerdir.
Eliňizdäki kitaba girizilen oçerkleriň aglabasynda getirilen
etimologik derňewlerde ençeme atlaryň yzyndaky goşulmalar köplügi
ýa-da jemi bildirýän affiksler hökmünde häsiýetlendirilýär. Okyjylaryň
“Şunça köplük goşulmasy bolarmy?” diýip geňirgenmekleri mümkindir.
Meseläni anyklaşdyrmak we okyjylary alasarmyk ýagdaýda goýmazlyk
üçin, bu goşulmalar barada gysgaça düşündiriş bermegi zerur
hasaplaýarys.
Häzirki türki, şol sanda türkmen dillerinde köplük sany aňlatmakda
–lar/ler goşulmasy ýörgünli bolsa-da, bu dilleriň mongol, tungusmanjur, koreý... dilleri bilen birlikde altaý dilleri diýen dil toparyny
emele getiren eýýamynda, ondan öňki we soňky döwürlerde köplügi,
jemi, topary, kollektiwi aňlatmakda ençeme goşulmalar ulanylypdyr.
Ady belli türkşynas alymlaryň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, ol
goşulmalaryň esasylary aşakdakylardan ybarat:
-r (-ar/-er, -yr/-ir, -ur/-ür). Etnonimlerden mysallar: owşar, salar1,
suwar, tatar, teber, towar, tüwer, üker, ýazyr, eýmir, goňur, awar, hazar,
bulgar we ş.m.
-z (-az/-ez, -uz/-üz): oguz, topaz, ekiz, gerkez, gyrgyz, burkaz we
ş.m. Gadymy köplügiň bu goşulmasy biz, siz, göz, omuz, dyz, ekiz
(iki-z) sözlerinde, şeýle-de 2-nji ýöňkemäniň köplüginde gelen aldyzyň,
geldiňiz ýaly işlik formalarynda saklanýar.
-s (-as/-es): bedes, garnas, temes, çeges, hars, hakas, barlas we ş.m.
-ş (-aş/-eş, -uş-üş, -yş/-iş): mamaş, meleş, güneş, eleş, parraş, bataş,
çalyş, alnyş, owuş, gögüş we ş.m.
____________________________
1
Getirilýän mysallaryň türkmen edebi dilinde häzirki aňladýan manylaryndan ugur
alyp, olaryň yzyndaky bölekleriň gadymy köplük goşulmasydygyna okyjylaryň
şübhelenmegi hem mümkindir. Biz olara bu etnik atlaryň asyl sözüniň (meselem, salar
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 02
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.