Latin

Şejere - 27

Süzlärneñ gomumi sanı 3609
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
diýen ýurduň ady hem Roma bilen asyldaşdyr). Eýrandaky Gürgen
welaýatyna we gadymy Köneürgenje (Gurganja) adyny geçiren gürgen
diýen halkyň ady hem hindi-ýewropa dillerindäki gorg (asly wrk, orus
dilinde wolk, nemes dilinde wolf) sözünden emele gelipdir. Manysy
“möjek”.
Türki halklaryň ata-babalary möjegi has hem eý görüpdirler.
Meselem, türki halklar bilen gadymy garyndaş bolan mongollar özüni
gök börüden we maraldan, telesler hem möjekden we hun şanýuýynyň
gyzyndan doglan hasap edipdirler. Biziň eramyzyň başlarynda we
onuň öň ýanlarynda ýaşap geçen we soňra gazaklaryň, gyrgyzlaryň,
türkmenleriň ( ajy, aç etnonimlerine serediň), başgyrtlaryň düzümine
siňip giden aşina diýen türki taýpanyň ady şino, çino (“möjek”)
diýen mongol sözünden emele gelipdir. Adyň öňündäki –a hytaý
dilinde hormaty bildirýän sözüňi goşulmadyr :a – şina – “mukaddes
böri”. Türki halklaryň uly bölegine geçmişde bozgurt ýa-da gökböri
diýlipdir, özbeklerde we Özbegistanda ýaşaýan türkmenlerde gökböri
diýen at köpgeri görnüşinde gadymy türki sport oýnunyň adynda
saklanypdyr. Başgyrtlaryň başgurt – başkort diýen ady hem gurt sözi
83
bilen baglanyşyklydyr (baş gurt, ýagny esasy gurtlar ýa-da boz gurt). Irki
türkleriň taryhy barada “Gadymy türkler” diýen ajaýyp kitaby ýazan
L.N.Gumilýow hut VI asyrlarda hem türkleriň durmuşynda möjegiň uly
ähmiýete eýe bolandygyny, hatda hytaý çeşmelerinde “türk hany” we
“möjek” sözleriniň sinonim bolup ulanylandygyny ýazýar. Şol döwürde
türkleriň baýdagynda hem möjegiň kellesi şekillendirilipdir. Gadymy
Tukýu (türk) döwleti barada ýazylan hytaý çeşmelerinde getirilýän
rowaýata görä, türkleriň asly börüden bolupdyr, şol işlerde hut Oguz
hanyň özüniň hem boz gurtdan dörändigi barada aýdylýar. Şu çeşmelere
daýanyp, akademik W.A.Gordlewskiý şeýle ýazýar: “ Gadymy türkler
üçin möjek – mukaddes janawar, ol türkleriň ata-babasy, taýpabaşysydyr”.
Möjegiň ähmiýeti onuň durmuşdaky uly roly diňe gadymy türki
etnonimiýada däl, eýsem maddy we ruhy medeniýetiň köp babatlarynda
äşgär ýüze çykýar. Meselem, haly, keçe nagyşlarynda, keşdelerde möjegiň
simwolik şekilleri saklanyp galypdyr. “Türkmenistanyň gadymy we
täze ýollary ” diýen kitabynda W.S.Zaletaýew türkmen gülýakalaryna
salynýan nagyşlaryň arasyndan möjegiň birnäçe şekilini ýüze çykardy.
Çagasy durmaýan aýallaryň täze bolan bäbegini möjegiň agzyndan
geçirip (derisine dolap), oňa Böri, Gurt, Möjek ýaly atlary dakýanlygyny,
göz degmesin üçin çaga tumarlaryna möjegiň tüýüni ýa-da derisinden
bir bölejik salmak däbini hem ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşsak,
türkmen durmuşynda böri obrazynyň häli-häzire çenli saklanyp
galandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Böri, gurt, möjek etnonimleriniň
wagt taýdan döreýiş
yzygiderliligini anyklamak üçin, türkmen durmuşynda saklanyp
galan ýene bir däp barada gürrüň etmegimiz gerek. Türkmenler has
hormatlanýan ýaşulularyň, öwlatlaryň adyny tutman, olara hormaty
bildirýän başga sözler bilen ýüzlenipdirler. Meselem, gelinleriň öz
gaýynlarynyň adyny tutmazlygy, gijesine ýylanyň adynyň “gamçy”
diýlip atlandyrylmagy muňa mysal bolup biler. Ylmy dilde muňa tabu
diýilýär. Eý görülýän haýwan bolan böriniň ady hem tabulaşdyrylyp,
oňa soňra “gurt”, “möjek”, “jandar” ýaly atlar dakylypdyr. Diýmek,
derňelýän etnonimleriň gadymysy börüdir, soňra gurt, iň ahyrda hem
möjek diýen etnonim döräpdir. Bu atlaryň ýüze çykyşy bolsa gadymy
ata-babalarymyzyň ylmy gözýetimi, ynanjy we gadymy däp-dessurlary
bilen baglanyşyklydyr.
84
BUJAKLY
Sakar raýonynda bir obanyň ilatyna bujaklylar diýilýär. Olar
özlerini özbaşdak taýpa hasap edýärler. Türkmen etnografy G.I.Karpow
bolsa bujaklylary agar taýpasynyň bir urugy edip görkezýär. Bujakly
diýen urug-tireler nogaý, gazak, garagalpak halklarynyň düzüminde-de
duş gelýär.
Adyndan mälim bolşy ýaly, bujaklaryň etnik ady Bujak sährasy
bilen baglanyşyklydyr. Dnepr we Prut derýalarynyň aralygyndaky giň
sähralyga Ýewropa halklary Bessarabiýa ýa-da Moldaw sährasy, türki
halklar bolsa Bujak diýýärler. Bu taryhy welaýat XII—XIII asyrlarda
Galisiýa-Wolyn knýazlygynyň, XVI asyryň başyndan XVIII asyra çenli
Türkiýäniň, 1812-nji ýyldan soň Orsyýetiň garamagynda bolýar. 1918nji ýylda ony Rumyniýa basyp alýar, 1940-njy ýylda ol ýene gaýtarylyp
alynýar we Moldawiýanyň hem-de Ukrainanyň sostawyna girizilýär.
XI—XVIII asyrlarda Bujak sährasynda türki halklar (esasan,
gypjaklar) ýaşapdyrlar. Dürli taryhy döwürlerde her hili sebäplere görä
Bujak sährasyny terk edip, beýleki türki halklara goşulan bessarabiýaly
taýpalara-da bujakly diýip at berilýär.
BURKAZ, WARKAZ, GERKEZ, ÇERKEZ
Dörtleme goşgularda sazlaşykly kapyýany hasyl edip biljek bu
etnonimler söz ýasalyş ýollary, ýagny gurluşlary boýunça-da biri-birine
ýakyndyrlar.
Beýik Watançylyk urşunda Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen
belent ada ilkinji mynasyp bolan Gurban Durdy ýaly gerçegi ösdürip
ýetişdiren burkazlar sany boýunça ortagürp türkmen taýpalarynyň
biridir, olaryň wekilleri Mary, Murgap, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum,
Türkmengala we Tejen raýonlarynda ýaşaýarlar.
Burkaz diýen etnik at bize mälim bolan çeşmelerde ilkinji gezek
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda duş gelýär.
Abylgazy bu taýpanyň (burkas iliniň) döreýşi barada şeýle ýazýar:
Salyrlardan Timur Toglyhan atly bir kişi bardy. Ol bir ýerden gelip,
atdan düşdi. Görse, Esik Ysmaýyl atly bir salyr göçjek bolup, zatlaryny
ýygnap ýör. Ol göçüp gidenden soň, Timur “göçülen ýurtda bir närse
85
galan bolgaý” diýen umyt bilen ol ýere barýar. Görse, ojagyň içinde
bir ogul çaga uklap ýatyr. Timuryň ogly ýok eken. Ol bu çagany özüne
ogullyga alýar we oňa Burkas diýip at goýýar. Burkas ili şu oglanyň
nebereleridir.
Abylgazy ýaly uly alymyň kitabynda anyk adamlaryň atlary tutulyp
gürrüň berilýändigine seretmezden, çyna berimsiz bu rowaýata ynanmak
kyn, çünki burkazlar salyrlaryň Maňgyşlakda oturan döwürlerinden has
öň dörän bolsalar gerek. Muny subut edýän käbir tutaryklarymyz bar.
1973-nji ýylda Türkiýede bolanymyzda, Stambulyň gämi
duralgasynda “Burkaz” atly uly okean gämisine gözümiz düşdi. Biz
ýolbeledimiz Mehmetden bu gämi we onuň ady barada soradyk. Ol
Türkiýäniň käbir welaýatlarynda, hatda
Stambulyň ýakynynda
hem burkaz türkmenleriniň ýaşaýanlygyny, bu gäminiň bir burkazla
degişlidigini gürrüň berdi. Bolgariýanyň Gara deňiz kenarynda,
Stambuldan uzak bolmadyk aralykda Burgaz (Burkaz) diýen uly port
şäheriň bardygyny hem şu ýerde ýatlap geçeliň.
Burkazlar Türkiýe etraplaryna seljuklaryň hereketi döwründe (XI
asyrda) gelendigini nazarda alsak, onda burkazlaryň has öň dörändigine
göz ýetirmek kyn däl. Etnograf alymlar hem bu etnonimiň juda irkidigine
güwa geçýärler. Meselem, türkmen alymy G.I. Karpow burkaz sözüniň
aslyny bükdüz ýa-da bekdili diýen türkmen taýpasynyň adyndan
gözlese, orus alymy A.P.Kowaleýwskiý ony Wolga boýlarynda ýaşan
gadymy bulgar diýen türki halkyň adyna syrykdyrýar. Onuň pikiriçe,
Syrderýa sähralarynda ýaşan gadymy türkleriň r sesine derek z sesini
ulanýan toparynyň dilinde bu at şeýle ösüşi we üýtgeşmäni başdan
geçiripdir: bulgar (a sesi gysga) –bolgar-balgar-brgz-bargaz-burgazburkaz.
Burkaz etnoniminiň manysy barada ýene-de käbir çaklamalary
ýatlap geçeliň.
Burkaz ýaşululary, şeýle-de şu taýpadan çykan edebiýatçy alym
Baba Weliýew burkaz sözüni “böri oguz” sözleriniň fonetik taýdan
biraz üýtgän görnüşi hasap edýärler.
Ýene bir çaklama. Gadymy türki eýýamda (biziň eramyzyň
başlarynda) Baýkal kölüniň kenarynda bargutlar diýen türki taýpa
ýaşapdyr. Türkmenleriň ata-babalarynyň şol etrapda ýaşanlygyny nazara
alsak, burkaz etnonimini bargutlar bilen baglanyşdyrmak hem maksada
86
laýykdyr. Bargut sözüniň burkaza geçişini bolsa dil nukdaýnazardan
delillendirmek aňsat: bargut-borgut-burgut-burgat-burgaz-burkaz.
Bargut sözüniň ahryndaky –t, burkazyň yzyndaky –z (-s) goşulmalary
gadymy türki dillerde jemi, köplügi aňladypdyr.
Eger burkaz etnonimini warkaz, gerkez, çerkez sözleri bilen bir
morfologik hatary düzýän at hasaplasak, onda ony bur we kaz diýen iki
bölege bölmeli bolar, ýöne bu ýagdaýda bur sözüniň manysy düşnüksiz
bolup galýar. Adyň yzyndaky kaz bölegi, biziň pikirimizçe, -k we –z diýen
iki sany gadymy türki goşulmanyň biri-biri bilen sepleşip, kebşirlenip
giden görnüşi bolsa gerek. Ol sözbaşyda sanalýan beýleki etnonimlerde
hem gaýtalanýar: war-kaz, ger-kez, çer-kez.
Gökleňleriň düzüminde duş gelýän warkaz, gerkez, çerkez diýen
etnonimler barada aýry-aýrylykda gürrüň edeliň (çerkez diýen tire ady
ärsarylaryň lamma urugynda-da duş gelýär).
Warkaz diýen adyň war bölegi tekeleriň düzümindäki war,
ýomutlaryň orsukçy urugynyň waraň, arabaçylardaky warryk diýen tire
atlarynda-da gaýtalanýar. Gadymy türki taýpalar Baýkal we Mongoliýa
etraplarynda ýaşan döwürlerinde warlar olar bilen goňşy oturypdyrlar,
hatda türk kaganynyň warlar bilen urşandygy baradaky maglumatlar
hem taryhda saklanyp galypdyr.VI asyrdan başlap warla türki taýpalaryň
arasyna siňýärler.
Beýik Türk Kaganaty synandan soň, türki taýpalar günbatara
ýöriş edýär. Aralyň boýlarynda olara huni (hinonit), war we ogor (ugr,
wenrleriň ata-babalary) taýpalary gaýtawul berýärler. Biziň eramyzyň
558-nji ýylynda bular türki taýpalar tarapyndan basylyp alynýar. Soňra
hioni we war taýpasy birleşip, awar diýen halky emele getirýär (ýeri
gelende aýtsak, Kawkazdaky awar halkynyň ady şu söz bilen asyldaşdyr).
Beýik Magtymgulyny dünýä indiren gerkezleriň etnik adynyň ger
böleginiň manysy barada häzirlikçe biziň elimizde hiç hili tutaryk ýok.
Bu söz Kaşgaderýa welaýatyndaky pamyk türkmenleriniň gereň, agar
taýpasynyň düzümindäki gerreý, atalardaky gerre diýen tire atlaryndada duş gelýär. Ger sözüniň gir görnüşi tekelerdäki girdek, girjik,
ýemrelerdäki girne, ýomutlardaky girraz, atalardaky girran diýen
etnonimleriniň düzüminde gaýtalanýar.
Ylmy çeşmeler tarapyndan tassyklanmaýan bolsa-da, biz çerkez
diýen etnoniminiň asyl köki barada şeýle çaklamany hödürlemekçi: bu at
87
“goşun”, “esger” manysyndaky gadymy türki çeri, çerik diýen sözden
we köz (belki-de, -ez, -es) goşulmasyndan durýar. Çeri, çerik sözleri
Samarkartyň golaýyndaky Nurata türkmenleriniň çerikli, saryklaryň
düzümindäki çerli, alili we atalardaky çerri diýen tireleriň atlarynda-da
gaýtalanýar.
Alymlaryň käbirleriniň çerkes diýen etnik ady Azow
kenarlaryndaýaşan gadymy kerket diýen halkyň ady bilen
baglanyşdyrýandygyna seretmezden, biz Demirgazyk Kawkazdaky
Garaçaý-Çerkes awtonom oblastynda ýaşaýan çerkesleriň etnik adynyň
türkmen çerkezleriniň ady bilen asyldaş bolmagynyň mümkindigini hem
ýatlamakçydyrys, çünki adygeý halkynyň çerkes diýen ikinji etnik ady
olaryň türkleriň garamagynda bolan döwründe ýüze çykýar. Müsürde
XII—XIII asyrlarda esasy harby güýç bolan we häkimiýeti basyp alan
mamlýuklaryň özeni hem türklerden (türkmenlerden) we çerkeslerden
ybarat eken. Şulary nazara alyp, adygeý halkynyň çerkes dýen adynyň
gadymy türki çerik sözi bilen baglanyşdyrylmagy hakykata ýakyn bolsa
gerek.
BURUNJYK
Çowdur taýpasynyň bäş urugynyň birini burunjyklar düzýärler.
Çowdurlaryň etnik taryhyny öwrenen alym G. Nyýazgylyjow bu
etnonimi burun sözüne we kiçeltmekligi bildirýän –jyk goşulmasyna
bölýär hem-de ony urug wekillerine ýasyja kiçijik burnuň mahsusdygy
bilen baglanyşdyrýar. Belki, şeýledir. Ýöne bu ýerde iňkise goýýan başga
bir zat bar, ol-da lakaý özbekleriniň düzüminde burundyk diýen tiräniň
bolmagydyr. Şonuň üçin burunjyk we burundyk diýen etnonimleriň
aslynyň bir kökden emele gelendigini hem inkär etmek bolmaz.
BÜZMEÝINLI
Alilileriň ýüzbaşy bölüminde büzmeýinli diýen tire bar. Tekeler Ahaly
eýelemezden (XVII—XVIII asyrlardan öň), alililer häzirki Aşgabat,
Gökdepe we Bäherden raýonlarynyň territoriýasynda oturypdyrlar.
Büzmeýin obasyndan Kaka göçüp gelen ilata-da büzmeýinli diýen at
galypdyr.
88
BÜKDÜZ
Orta asyr çeşmelerinde sanalýan 24 türkmen taýpasynyň biri-de
bükdüzlerdir. Mahmyt Kaşgary ony 8-nji, Reşideddin 23-nji, Abylgazy
hem 22-nji orunda goýýar. Bu awtorlaryň ählisi Bükdüzi Oguz hanyň
Deňizhan diýen oglundan doglan ikinji ogluň ady hasaplaýarlar we
Bükdüz diýen sözüň manysyny “hyzmatkär” diýip düşündirýärler.
Reşideddin bu taýpanyň guşuny (ongonyny) çakyr diýip görkezse,
Abylgazy onuň ütelgedigini nygtaýar.
Her niçik bolsa-da, bükdüzler häzirki Türkmenistanda uly yz
galdyrmandyrlar. Ähtimal, olar seljuklar hereketi döwründe (XI asyrda)
özlerini köpçülikleýin Türkiýe, Yrak, Siriýa ýaly ýurtlara atan bolmaga
çemeli. Diňe tekeleriň we salyrlaryň düzüminde bükri diýen urug
adynyň etimologik nukdaýnazardan bükdüz bilen asyldaş bolmagynyň
mümkindigini hasap etmeseň, türkmen etnonimiýasynda bükdüz sözi
duş gelmeýär.
BÜRGÜT
Garabekewül raýonynyň Lamma obasynda ýaşaýan bekewül
ärsarylarynyň bir urugyna bürgütler diýilýär. Bu urugyň gazan arygyna
we oturan obasyna-da Bürgüt diýen at galypdyr.
Göräýmäge, bürgüt diýen etnonim öz-özünden düşnükli: bürgüt
diýen güýçli guşy özüne totem (ongon) edinen urugyň ady. Ýöne
gadymy türkleriň we mongollaryň arasynda bargut, gyrgyzlarda
burut, XV asyrda Aral ýakalarynda ýaşan göçme özbekleriň düzüminde
burkut diýen etnonimleriň bolmagy beýleki düşündirişiň hakykatdan
üzňedigini görkezýär, çünki bir tipdäki atlar köp ýerde gaýtalansa, onda
olaryň ýüze çykyşy tötänleýin bolman, eýsem kanunalaýyklygy emele
getirýär.Indi dürli alymlar tarapyndan ýokarda sanalan etnonimleriň
düşündilişine syn edeliň. Gyrgyz alymy S.M. Abramzon bargut diýen
etnonimiň mongollaryň bargu taýpasynyň adyndan we köplük sanyň
–t goşulmasyndan durýandygyny ýazýar. Başga bir gyrgyz alymy
K.I.Petrow mongol-gyrgyz taýpasynyň ady bolan burut sözüni ikä
bölüp, onuň buru sözüni böri bilen baglanyşdyrýar, -t bolsa köplük
sanyň goşulmasydyr.
89
BAŞBAGLY, BAŞÖÝLI, BÄŞURUG
Türkmenler köpçülikleýin Maňgyşlakda ýaşan döwürlerinde, olaryň
bäş taýpadan: abdallardan, igdirlerden, çowdurlardan, söýünjajylardan
we burunjaklardan ybarat uly toparyna başbagly diýlipdir. Bu at bäş
diýen sandan we “tire, urug” manysyndaky bag sözlerinden durýar.
Maňgyşlakda ýaşap geçen Hatam şahyryň goşgularyndan mälim bolşuna
görä, bäşbaglylara Bäşbagly Hesen ýa-da bäşöýli hem diýlipdir. Bu
ýerde “öý” sözi “taýpa” manysynda bolsa, Hesen sözi Esenili diýen
etnonimiň gysgalan görnüşidir (bu barada öz ýerinde gürrüň bereris).
Kaşgaderýa welaýatynyň “Mübärek” sowhozynda ýerleşen Saryk
obasynda ýaşaýan saryklaryň bäşöýli, salyrlaryň kiçiaga bölümindäki
bäşurug diýen etnik toparlaryň at alşy hem bäşbagly etnonimindäki
ýalydyr.
GABYRDY
Ärsarylaryň uludepe bölüminiň bir urugy gabyrdylar bolup, olaryň
wekilleri häzir Halaç raýonynyň Gyzylaýak obasynda we Hojambaz
raýonynyň Beşir obasynyň Gabyrdy uçastogynda ýaşaýarlar. XIX asyrda
Halaçda ýaşap geçen şahyr Abdyrahym Zynharynyň “Myhman gelendir”
goşgusynda bu urugyň ady agzalýar:
Halaç on urugnyň azy gabyrdy,
Aýagyny tel tutup eder tabyrdy.
Gabyrdylaryň özleri däl-de, eýsem olaryň töwereklerinde ýaşaýan
beýleki urug-tireleriň wekilleri bu etnik ady gabyrdamak diýen ses
meňzetmesi bilen baglanyşdyrýarlar (gabyrdap gepleýänler), emma
beýle düşündirişiň hakykat bilen asla dahyly ýok.
Biz gabyrdy diýen etnik adyň manysy barada iki çaklamany
okyjylaryň dykgatyna ýetirmekçi. Birinji çaklama görä, bu urugyň ady
XI asyryň birinji ýarymynda Mara häkimlik eden seljuk soltany Dawut
Çagrybegiň ogly Imadeddin Gaward ýa-da Gawurd diýen şazadanyň
adyndan emele gelipdir. Bu şazadanyň ýolbaşçylyk eden gynyk taýpasy
şol döwürde Aral we Kaspi aralykdaky sähralarda oturypdyr. Mahmut
90
Gaznewiniň goşunlary 1040-njy ýylda Mary şäheriniň ýakynynda
seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilenden soň, Kiçi Aziýada,
Kawkazda, Müsür, Siriýa, Yrak ýaly ýurtlarda Gaznewileriň eýelik eden
mülkleri seljuk hökümdarlarynyň arasynda bölüşilýär. Çagrybegiň ogly
Gawurda Eýrandaky Kerman etraplary ýetýär. Ol bu welaýata 1041—
1073-nji ýyllar aralykda hökümdarlyk edýär.
Diýmek, gabyrdy urugynyň ady şazada Imadeddiniň Gawurd diýen
adyndan we degişliligi bildirýän –y goşulmasyndan durýär. Bu goşulma
sanjary, ýagmyry, surhy, ýabany ýaly ençeme türkmen etnonimleriniň
ýasalmagyna hem gatnaşýar.
Biziň bu çaklamamyzy hakykata ýakynlaşdyrýan ýene bir fakt hem
Halaçdaky süleýman urugynyň adydyr. Mälim bolşy ýaly, Süleýman
Dawut Çagrybegiň üçünji ogly, Gawurdyň bolsa agasydyr. Bu iki againiniň atlarynyň soňra olaryň häkimlik eden ilatynyň etnik ady hökmünde
ulanylan bolmagy gaty mümkindir.
Ikinji çaklama görä, gabyrdy diýen etnonim iki bölekden durýar.
Onuň gabyr diýen bölegi hazar diýen gadymy türki halkyň kabar, gabar
taýpasynyň adyndandyr, -dy goşulmasy bolsa -ly, -li affiksiniň fonetik
öwüşginidir. Deňeşdiriň: Almaata şäheriniň gazakça ady hem “almaly”
diýen manydadyr.
Hazarlaryň türkmenler bilen ýakyn aragatnaşykda bolanlygyny
nazara alsak, onda gabyrdy diýen türkmen urugynyň hazar kabarlylary
bilen asyldaş hasap edilmegi hakykatdan juda üzňe däldir.
Gawurd diýen adam ady ýa-da hazarlaryň gabyrdy taýpasy bilen
asyldaş bolanlygyna seretmezden, gabyrdy diýen türkmen etnonimi
bizi ýene bir Kawkaz halky bilen—Kabardy-Balkariýa respublikasynyň
esasy ilaty bolan kabardylar bilen ýakynlaşdyrýar. Kabyrdylar (orusça
kabardin) özlerine kabardy diýýärler. Nalçikdäki uniwersitetiň
professory, ýerli alym Jemaldin Kokow, adygeý-çerkes dillerinde
gepleýändigine seretmezden, kabardy we çerkes halklarynyň etnik
adynyň türki sözlerden emele gelendigini, bu halklara hem türki halklaryň
şeýle at dakandygyny gürrüň berdi. Bu pikir dogry bolsa, onda gabyrdy
we kabardy etnonimleriniň şol bir türki sözden we goşulmadan emele
gelip biljekdigine ynanmak mümkindir.
91
GAGAUZ
Gepleşik dili boýunça azerbaýjanlar, türkler we türkmenler bilen
birlikde türki dilleriň oguz toparyna degişli bolan gagauzlar Moldowa
respublikasynyň günorta etraplarynda, esasan, Komrat (Goňrat)
raýonynda, şeýle-de Ukrainada, Kawkazda, Gazagystanda, Bolgariýada,
Rumyniýada ýaşaýarlar. Dini ynamlary boýunça olar hristian dinine
uýýarlar. Bu halkyň etnik ady (gagauz) gök oguz diýen sözlerden
gelipdir.
Alymlaryň käbirleri gök oguzlary Oguz hanyň Gökhän diýen
oglunyň nebereleri, olaryň etnik adyny hem Gökhanyň adyndan emele
gelen hasaplasa, beýlekiler (meselem, türk alymy Ibrahim Kafesoglu)
olary Altaý daglarynyň gündogarynda, Ýarkentde, Kaşgarda baryp VI
asyrda Bumyn diýen imperatoryň baştutanlygynda güýçli döwlet düzen
gök türkleriň galyndylary diýen pikire uýýarlar.
Türki etnonimiýada gök sözi tarapy (esasan, gündogary) hem
bildirýär. Akademik A.N. Kononowyň pikiriçe, Beýik Türk Kaganatynyň
gündogar tarapynda ýerleşen taýpalara (ähtimal, oguzlaryň bir bölegine)
gök türkler (ýagny “gündogar türkler”) diýen at berlipdir. Taryhda olaryň
guran döwleti hem Gündogar Türk Kaganaty diýen at bilen bellidir.
GAGŞAL
Tekeleriň togtamyş bölüminiň bir urugy bolan gagşallaryň etnik ady
gök şal ýa-da gök sal sözlerinden emele gelipdir. Muny gadymy türki
argyn diýen taýpanyň düzüminde köksal ýa-da kökşal diýen etnonimiň
bolandygy bilen delillendirmek mümkin (argynlar soňra göçme
özbekleriň we gazaklaryň düzümine siňipdirler). Türkmen dilindäki
resgessiw assimilýasiýa, ýagny öňdäki sesiň yzdaky sese uýgunlaşmagy
netijesinde gökşal diýen at gagşal görnüşine geçipdir. Gagauz diýen halk
adynyň aslynda gök oguz bolandygy hem muny tassyklaýar.
Türki etnonimiýada gök sözüniň aňladýan manysy barada biz gökli,
gökleň diýen atlar baradaky makalada giňden gürrüň bereris. Gagşal
diýen etninimiň ikinji bölegi iňňän gadymy sal, şal diýen türki taýpanyň
adyna syrygýar (bu barada salak, salyr etnonimleriniň düşündirişine
serediň).
92
GAJAR
Eýranda ýaşaýan gajarlaryň aglabasy häzir pars dilinde gepleşýän
bolsa-da, olar aslynda türki taýpanyň wekilleridir. Taýpa hökmünde
türki (türkmen) we parsy taýpalaryň gatyşmagy netijesinde Eýranyň
we Horasanyň territoriýasynda kemala gelen gajarlar XV—XVI
asyrlarda gyzylbaşlaryň esasy özeni hasaplanyp, şa Ysmaýyl Hataýynyň
ýolbaşçylygynda Sefewiler döwletini berkarar etmäge işeňňir
gatnaşypdyrlar. Şa Apbas I döwründe gajarlaryň bir bölegi Kawkazda,
ikinji bölegi Maryda, üçünjisi hem Gürgen derýasynyň boýunda
oturypdyr, hatda Baýramalyda hanlyk eden we 1785-nji ýylda Buhara
emiri Şamyrat Welnamy tarapyndan öldürilen Mary hany Baýramaly
hanyň hem asly gajarlardan bolupdyr, XVIII asyrda bu taýpa has
güýçlenip, gajarlar dinastiýasyny döredýärler.
Musulman patyşalarynyň şejeresini yzarlan alym K.E. Boswort
gajarlary türkmen hasaplaýar. Bu ýöne ýerden däl bolsa gerek, çünki
gajar diýen urug ýa-da tire atlary alilileriň, gökleňleriň, demirgazyk
ýomutlaryň we olamlaryň düzüminde saklanyp galypdyr.
Gajar diýen adyň asyl köki we manysy barada häzirlikçe biziň
elimizde hiç hili tutaryk ýok, ýöne türki etnonimleri ütç edip öwrenen orus
alymy D.E.Ýeremeýewiň bu baradaky pikiri bellenmäge mynasypdyr. Ol
gajar diýen etnonimi gadymy hazar diýen türki halkyň adynyň üýtgän
görnüşi hasaplaýar.
GAZAK
Dürli türki taýpalaryň birleşmegi netijesinde Gazagystanyň we
Orta Aziýanyň giň sähralarynda XV—XVI asyrlarda tutuş millet
derejesine ýeten halka türkmen dilinde gazak, gazak dilinde kazak, orus
dilinde kazah diýilýär (orus kazaklaryndan tapawutlandyrmak üçin,
orus dulindäki termin sowet döwründe kabul edildi). Maňgyşlakda we
beýleki ýerlerde ýaşaýan türkmenleriň gazak halkynyň arasyna siňip
gidişi ýaly, dürli taryhy döwürlerde gazaklaryň ululy-kiçili bölekleri
hem türkmenleriň düzümine aralaşypdyr. Muny baýat, saryk, teke, hatap,
änewli taýpalarynyň arasynda gazak atly urug-tireleriň duş gelýändigi
hem tassyklaýar. Ýöne gazak diýen türkmen tireleriniň ählisini gazak
93
halky bilen baglanyşdyrmak nädogry bolar, çünki türkmenlerde Gazak
sözi erkek ady hökmünde ýörgünlidir. Diýmek, Gazak sözi tirebaşynyň
ady bolup biler. Muňa mysal getirmek hem mümkin. Ýemrelileriň
düzümindäki gazak tiresiniň ady XVIII asyrda Ahaldan Daşhowuz
etraplaryna göçüp gelen taryhy şahsyň—Ugurly Gazagyň ady bilen
baglanyşyklydyr.
Eýsem, gazak sözüniň manysy näme? Bu barada alymlaryň arasynda
dürli pikirler bar. Şolaryň käbirini ýatlap geçeliň.
1. Etnonim “erkin”, “özbaşdak” manysyndaky gazak-kazak
diýen türki sözden bolup, ol bu halkyň erkinligini, göçüp-gonup
ýörmegi, özbaşdaklygy, hiç kime tabyn bolmazlygy söýýänligi bilen
baglanyşdyrylýar. Käbir türki halklar (meselem, kaşgarlylar) öýlenmedik
(erkin) ýigitlere kazak ýigit diýýärler. Bu pikiri rus kazaklarynyň ady
hem tassyklaýar (rus kazaklarynyň we gazak halkynyň etnik atlary
aslynda şol bir türki sözden emele gelipdir). Rus knýazlaryna boýun
egmän, serhetiň çet-çemerelerine çykan ilata kazaklar diýlipdir.
2. Z.Ş. Nawşirwanowyň we käbir beýleki alymlaryň pikiriçe, gazak
we kazak sözleri türki gaçak (ýagny han-beglere boýun egmän, öz ilinden
gaçyp çykan) sözündendir.
3. Gazak alymy Aýtym Abdyrahmanowyň pikiriçe, gazak at iki
bölekden durýar: gaz—gadymy taýpa ady we sak—Gazagystanyň
territoriýasynda ýaşan gadymy saklaryň etnik ady.
Ýokardaky pikirleriň haýsynyň hakykata laýyk gelýändigine
seretmezden, gazak we kazak diýen etnik terminler aslynda bir türki
sözden emele gelipdirler.
GAZAN
Ärsarylaryň gara bölüminiň, salyrlaryň ýagyr we saryklaryň gojaly
uruglarynyň düzüminde gazan diýen urug-tireler duş gelýär, hatda
Garabekewül raýonynda şu urugyň ady dakylan Gazan atly oba we
Gazanaryk diýen ýap hem bar. Etnograf alym Ata Jykyýewiň işlerinde
salyr türkmenleriniň uly atasyna (legendar taýpabaşysyna) Gazan han
ýa-da Salyr Gazan diýilýändigi bellenýär. Bu alymyň pikiriçe, Gazan
han ýa-da Gazan alp IX asyryň ikinji ýarymynda ýaşap, türkmenleriň bir
bölegini yslam dinine salan şahsdyr. Aslynyň salyrlardan bolany üçin, ol
94
öz adyna Salyr sözüni hem goşupdyr (Salyr gazan ýa-da Gazan Salyr).
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda Gazan atly
taryhy şahslaryň ikisiniň ady tutulýar. Olaryň biri Gazan beg bolup, ol
orta asyrlarda Syrderýa boýlaryndan Maňgyşlaga göçen türkmenlere
(esasanam, salyrlara) baştutanlyk edýär. Ikinjisi salyr ilinden Enkeş
diýen adamyň Jäjekli diýen aýalyndan doglan Gazan Salyr ýa-da Gazan
alpdyr. Şeýle maglumatlara salgylanyp, alymlaryň aglabasy gazan
diýen türkmen taýpasyna Gazan diýen tirebaşynyň adynyň geçendigini
tassyklaýarlar. Ärsary we salyr dialektlerinde Gazan diýen erkek adynyň
häli-häzire çenli ýörgünlidigini, tatar we Altyn Orda hanlyklarynda-da
Gazan atly hanlaryň bolandygyny hazara alsak, bu pikir hakykatdan
juda üzňe-de däl. Ýöne gazak alymy A.Abdyrahmanow we tatar dilçisi
G.F. Sattarow dagy gadymy türklerde gaz (ýa-da haz) diýen taýpanyň
bolandygyny, bu sözleriň gazak we hazar etnonimleriniň düzüminde
duş gelýändigini belleýärler. Bu pikire esaslansak, gazan diýen etnonim
gaz sözünden we jemi, köpçüligi bildirýän –an goşulmasyndan durýar.
Ýokardaky pikirleri tassyklamaga ýa-da inkär etmäge biziň elimizde
tutaryk ýok, ýöne Wolga boýunda ýaşan gadymy bulgarlaryň düzümindede gazan diýen taýpanyň bolandygy mälim. Gazan diýen taýpanyň ýa-da
urugyň ady bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlary Krymda-da duş gelýär. Orus
alymlaryI.N. Lezina we A.W.Surepanskaýanyň tassyklamaklaryna görä,
bu toponimler hut türkmenleriň gazan taýpasynyň adyny göterýärler.
Eýsem, gadymy Bulgrystana we Kryma gazanlar nähili düşdükä? Muňa
jogap bermäge synanyşalyň.
Biziň pikirimizçe, Beýik Türk Kaganaty (imperiýasy) dagandan
soň, beýleki türki taýpalar bilen birlikde gazan türkmenleriniň bir
bölegi (belki, ulu bölegi) Wolga boýlaryndaky Bulgarystana aralaşýar.
Soňra olar häzirki tatar, bolgar ýaly halklaryň arasyna siňip gidýärler.
Tatarystanyň paýtagtyna Gazan (orusça Kazan) diýilmegi ýöne ýerden
däl. Bu şäheriň adynyň manysy barada dürli çaklamalaryň bardygyna
seretmezden, oňa gadymy Bulgariýa aralaşan gazan türkmenleriniň
adynyň geçendigine şübhe bolup bilmez. Muny tatar taryhçysy H.W.
Ýusupow gös-göni ykrar edýär.
Taryhy işlerden mälim bolşuna görä, seljuklaryň hereketi döwründe
Türkiýä we Kawkaza aralaşan türkmenleriň (esasan hem salyrlaryň)
bir bölegi 1263—1264-nji ýyllarda Saltyk babanyň baştutanlygynda
95
Kryma aralaşýar. Muny bu ýerdäki Salgir (Salyr) diýen derýänyň
ady we salyrlaryň tire adyndan emele gelen beýleki toponimler hem
tassyklaýarlar. Şol salyrlaryň arasynda gazan urugynyň wekilleri hem
bolandyr diýip çaklamak gerek. Soňra bu ýere gelen salyrlar we beýleki
türkmen taýpalary türki we türki däl taýpalar bilen gatyşyp, Krym
tatarlary diýen diýen etnik topary emele getirýärler. Krym tatarlarynyň
diliniň türkmen diline juda ýakynlygyny hem Krym tatarlarynyň
düzüminde türkmenleriň uly ornu eýeleýändigi bilen düşündirmek bolar.
Diýmek, häzirki ärsary, salyr we saryk taýpalarynyň düzüminde
duş gelýän gazanlaryň iňňän gadymy türki (türkmen) taýpasydygyny
bellemek bilen, onuň türkmen ganyny tatar (esasan hem Krym tatarlary),
bolgar, belki-de çuwaş, wengr halklarynyň gany bilen gatyşdyranlygyny,
garyndaşlaşdyranlygyny unutmaly däldiris.
GAZARÇY
Dänew, Çärjew we Farap raýonlarynda, şeýle-de Buhara welaýatynyň
Alat, Garaköl we Swerdlow raýonlarynda ýaşaýan salyrlaryň düzüminde
gazarçy diýen urugyň adyna duş gelinýär. Biziň çaklamamyza görä,
bu etnonim hazar diýen türki halkyň adyndan we –çy goşulmasyndan
durýar. Türkmen etnonimiýasynda -çy,-çi goşulmasy -ly, -li ýerine
ulanylýar we ol degişliligi, ýagny şu iliň haýsy uruga, tirä degişlidigini
aňladýar (deňeşdiriň: gulanly-gulançy, hywaly-hywaçy we ş. m.).
Hazarlar gunlaryň ýörişlerinden soň Gündogar Ýewropada dörän
türki dilli halk bolup, olar VII asyryň ortalarynda Hazar kaganlygyny
(döwletini) döredýärler. Bu döwlet Wolganyň aşak akymlaryny,
Demirgazyk Kawkazyň gündogar bölegini, VII asyrda bolsa Krymyň köp
bölegini, Azow deňziň ýakalaryny, şeýle hem Gündogar Ýewropanyň
Dnepre çenli ýaýylyp ýatan giň sähralaryny eýeleýär. 735-nji ýylda hazar
goşunlary araplardan ýeňilýär. 895-nji ýylda Gara deňziň Hazarystana
degişli ýerini peçenegler eýeläp, bu ýerdäki hazarlary Dunaýa (häzirki
Wengriýa) tarap kowýarlar. X asyryň 60-njy ýyllarynda orus knýazy
Swýatoslaw Igorýewiç Wolga boýundaky hazarlary derbi-dagyn edýär.
Netijede, X asyryň aýagynda Hazar döwleti synýar, onuň ilaty bolsa
çuwaşlaryň, tatarlaryň, şeýle-de Gara deňzi, Kaspi boýlarynda ýaşaýan
türki we türki däl halklaryň arasyna siňip gidýär. Olaryň bölekleri
96
türkmenleriň düzümine-de aralaşypdyr, çünki Hazar kaganlygy Horezm
döwleti bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr (bu barada Hydyrili etnonimine
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 28
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.