Latin

Şejere - 12

Süzlärneñ gomumi sanı 3595
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
türkmenleriniň düzümindäki jatyrtürkmen tiresiniň adynyň jatyr sözi
“ýatar” sözüniň fonetik öwüşgini bolup, saryklardaky bozýatan, ýatan,
tekeleriň utamyş bölümindäki ýatagan tireleriniň ady bilen manydaşdyr.
Mahmyt Kaşgarynyň sözlügindäki ýatuk görnüşinde ulanylan bu söz
etnonimiýada “oturymly”, “göçüp-gonmaýan”, “çomur” diýen manyny
aňladýar.
150
JAFARBAÝ
Ganbatar Türkmenistanda, şeýle-de Eýrandaky Türkmensährada
ýaşaýan ýomutlaryň iki uly bölüminiň birine Jafarbaý diýilýär
(beýlekisine Atabaý). Bu at “Jafar diýen baýyň ili” diýen manydadyr,
çünki bu taýpanyň dörän ýerinde, ýagny Etrek we Gürgen derýasynyň
boýlarynda ýaşaýan türki taýpalaryň arasynda jafarbegli we jafarbegi
diýen uruglara-da duş gelinýär. Ähtimal, bu ýerde Jafar diýen bir atlyabraýly adam ýaşap, XVI—XVII asyrlarda ili öz daşyna toplan bolsa
gerek.
JELAÝYR
Orta asyrlarda dörän türki taýpalaryň biri-de jelaýyrlardyr.
G.P.Wasilýewanyň pikirine görä, XV—XVII asyrlarda bular türkmen
hasaplanypdyr. G.I. Karpow hem jelaýyrlary alili, owşar ýaly türkmen
taýpalaryna ýakyn garyndaş hasaplap, onuň uruglarynyň arasynda güjük,
hojanazar, aryk ýaly atlary göterýänleriň bardygyny belleýär. Jelaýyr
diýen adyň hakyky manysy barada maglumat ýok, ýöne şu atdaky urugtireleriň özbek, gazak, garagalpak we gyrgyz halklarynyň düzüminde-de
bardygyny ýatlap geçýäris.
JOJAŇ, SOJAN, SOJAK
Kaşgaderýa welaýatynyň Mübärek şäheriniň ýakynynda ýerleşen
Saryk obasynda ýaşaýan saryklaryň arasynda jo:jaň (o sesi uzyn aýdylýar),
Ýolöten, Tagtabazar raýonlarynda ýaşaýan saryklaryň so:jaň, Gökdepe
tekeleriniň düzümindäki so:jak tireleriniň bir kökden döränligine olaryň
ady şaýatlyk edýär. Tagtabazarly ýaşulular bu ady “sojagan”, ýagny
“sojap dem alýanlar” diýip düşündirseler, mübärekli saryklar jojaň diýen
ady juý-e jeň diýen täjik sözleri bilen baglanyşdyrýarlar (täjik dilinde
juý—“ýap”, jeň—“uruş” diýmekdir, ýagny “uruş ýaby” ýa-da “uruşlu
ýap”). Berilýän gürrüňlere görä, saryklaryň ýabynyň üstünde uruş bolup,
gan dökülipdir. Elbetde, bu gürrüňleriň hakykylygyna ynanmak kyn,
ýöne etnonimleriň asyl manysy barada häzirlikçe başga maglumat ýok.
151
JÖGI
Ärsarylaryň we burkazlaryň düzümindäki jögi diýen tireleriň
adynyň edebi dildäki jögi (jögülek etmek) sözi bilen dahyly ýok.
Aslynda jögi (jugi) sözi Orta Aziýa siganlarynyň esasy üç bölüminiň
biriniň etnik adydyr (olara multoni hem diýilýär). Bu jögüler topar-topar
bolup, obama-oba aýlanyp, dilegçilik, tebipçilik etmek, pal atmak bilen
meşgul bolýarlar. Olara Çärjew welaýatynda jögüler diýilýär. Bu etrabyň
gepleşiklerine jögi etnonimi täjik we özbek dillerinden geçipdir. Aslynda
hindi (sanskrit) dilinde jögi sözi “dilenjeň”, “gedaý” diýen manydadyr.
Çärjew welaýatyndaky gepleşiklerde-de bu söz hut şol manyda ulanylýar.
Biziň pikirimizçe, ýog (hindi ýoglary) we orus dilindäki Baba Ýaga (“jögi
mama”) sözüniň ýaga sözleri hem jögi sözi bilen asyldaşdyr. Jögi diýen
türkmen tireleriniň adynyň döremegine siganlar bilen gylyk-häsiýetiniň,
belki-de, keşpleriniň meňzeşligi sebäp bolan bolsa gerek.
JÖHIT
Orta Aziýa halklarynyň aglabasy ýewreý diýen etnonime derek jöhit,
özbeklerde bolsa ýahudi sözüni ulanýarlar. Etnonim klassyk edebiýatda
we dessanlarda köp duş gelýär:
Gündogardan günbatar,
Tersa, jöhit hem tatar (Magtymguly).
Ýa-da: Dine girmeýen mülhidem,
Hem tersaýem, hem jöhidem (“Nejep oglan”).
Alilieriň onbegi urugynyň we Kaşgaderýa welaýatynda ýaşaýan
pamyk türkmenleriniň düzümindäki jöhit tireleriniň ady, ähtimal, Orta
Aziýa (Buhara, Kerki) jöhitleri bilen etnik gatnaşyklar ýa-da bu taýpalara
soň goşulan toparlaryň dini ynançlary bilen baglanyşykly dörän bolsa
gerek. Etnonimiň hakyky manysy belli däl.
JUWAZÇY
Alili we teke taýpalaryndaky juwazçy diýen tireleriň ady tire
wekilleriniň gadymy kesbi—juwazçylyk bilen baglanyşyklydyr.
152
JÜÝJE
Nohurlylaryň düzümindäki jüýje tiresiniň adynyň gelip çykyşy
barada dilçi alym A.P. Poseluýewskiý şeýle ýazýar: “Bu toparyň
tirebaşysyna Öwez towuk diýipdirler. Uly derejä we abraýa eýe bolandan
soň, Öwez özüniň towuk diýen gelşiksiz lakamyny aýyrtmak maksady
bilen ile toý berýär. Il maslahat edip, oňa Öwez baý diýip täze at berýär.
Toýa çagyrylmadyklar bolsa gahar bilen oňa Öwez jüýje diýip at dakýar.
Tirebaşynyň jüýje lakamy soňra onuň iline-de geçýär.
JYLANTAMGALY
Samarkant welaýatyndaky Nurata türkmenleriniň bir tiresiniň
tagmasy ýylanyň yzyny ýada salýandygy, ýagny egrem-bugramdygy
üçin, oňa jylantagmaly (“ýylan tagmaly”) diýen at dakylypdyr. BU
tiräniň asly gaýy taýpasyndan bolsa gerek, çünki orta asyr gaýylarynyň
tagmasynyň şekili hut şeýle eken.
ZEŇŇI
Gyzylarbat raýonyndaky Hojagala obasynda ýaşaýan hojalaryň
düzüminde zeňňi tiresi bolup, onuň ady türki (türkmen) dilinde öň köp
ulanylan, häzir bolsa gara berzeňňi söz düzüminde we Aşgabat şäherine
goşulan Berzeňňi posýologynyň (ilki käriziň) adynda saklanyp galan
zeňňi sözündendir. Bu söz “negr”, “garaýagyz” manysyndadyr. Zinj
ýa-da zeňňi sözi aslynda Zanzibaryň ilatXyna, soňra bolsa tutuş negrlere
dakylypdyr. XI asyrda Siriýa baran seljuk türkmenleri zeňňiler diýen
patyşalar dinastiýasyny döredýärler. Zeňňi diýen türkmen etnoniminiň
garaýagyz halklar bilen etnik gatnaşyklar netijesinde dňremegi ýa-da
zeňňiler dinastiýasy bilen baglanyşykly bolmagy mümkindir.
IGDIR
Orta asyrlarda uly taýpalryň biri bolan igdirleri Mahmyt Kaşgary
24 türkmen taýpasynyň arasynda 14-nji Reşideddin bilen Abylgazy 21nji, Salar Baba bolsa 15-nji orunda goýýar. Reşideddin we Abylgazy
153
ony Oguz hanyň Deňiz diýen oglundan bolan ilkinji çaga hasaplasa,
Salar Baba Igdiri Oguz hanyň Gök han diýen oglundan bolan üçünji
nebere we ondan önen taýpa çaklaýar. Kaşgarydan beýleki alymlar igdir/
ýigdir etnonimini ýegdir diýen türki söz bilen baglanyşdyryp, onuň
manysyny “uly”, “ulug” (Abylgazy), “iýilik (eýgilik), beýiklik, ýigitlik”
(reşideddin), “eýlik, ululyk we bahadyrlyk” (Ýazyjy-ogly), “ýagşy
ümül” (Salar Baba) diýip düşündirýärler (aslynda ýeg we eý sözleri bir
kökden emele gelipdir).
Gadym eýýamlarda igdirler özbaşdak taýpa bolsalar-da, olaryň
uly bölegi XI asyrdaky seljuk herereti döwründe Eýrana, Azerbaýjana
we Türkiýa göçüpdirler. Maňgyşlakda galan igdirleriň hem uly topary
XVII—XVIII asyrlarda Stawropol ülkesine hem-de Astrahan oblastyna
gidipdir. Olaryň galan bölegi soňra çowdurlara goşulyp, şu taýpanyň bäş
bňlüminiň birini emele getiripdir.
Häzirki döwür alymlary: akademik A. H. Kononow, etnograf
G.I.Karpow we türkmen dilçisi H.A. Maşakow dagy igdir sözni ikä
bölüp, birinji ig sözüni “i:g”, ýagny beýleki taýpalar bilen gatyşmadyk
manysyndaky söz, -dir goşulmasyny hem kem işlik affiksi hasap edýärler.
Ýöne beýle düşündirişe ylmy taýdan ynanmak kyn, çünki, birinjiden,
igdir diýen adyň çekimlileri gysga, i:g sözünde bolsa uzyn aýdylýar.
Ikinjiden, soňky ýatlanan alymlaryň kem işlik goşulmasy hasaplanýan
–dir affiksi hem aslynda –der bolupdyr, meselem, Mahmyt bu ady igder,
Salar Baba bolsa ýigdir görnüşinde ýazypdyrlar. Bu goşulma çowdur
(asly çowuldar), çandyr (çawyndar), baýyndyr (bagandar) diýen
türkmen etnonimleriniň düzüminde-de duş gelýär.
Ig sözüniň asyl manysy barada biz iki çaklamany hödürlemekçi.
1. Bu söz ýyg söz bilen bir kökden bolup, ol “ýygyn”, “taýpa” ýaly
manylarda ýüze çykypdyr. Onuň inçe çekimlili ýig görnüşi çigmek, çigin
sözleri bilen asyldaş bolup, bu sözler hem özünde şol gadymy many
ýokundysyny saklapdyr. Altaý dilleri toparyna degişli bolan tungusmanjur (ewenk) dillerinde ýigna sözi hut “ýygyn” manysyndadyr.
2. Ig sözi ňg, og (serediň: ögem, oguz) sözleri bilen asyldaş bolup,
bu ýagdaýda-da ol ilki “topar”, “il”, “taýpa” manysyny aňladypdyr.
154
ÝIGRIMIDÖRT
Çarşaňňy we Kerki raýonlarynda ýaşaýan mukry hem-de hatap
taýpalarynyň düzüminde ýigirimidört diýen tireler bar. Giçki orta
asyrlrda Orta Aziýadan Azerbaýjana we Kiçi Aziýa ýurtlaryna göçen
gajarlaryň arasynda-da şu atdaky etnik toparlar bolupdyr.
Belli etnograf G.I.Karpow türkmen tire-taýpalarynyň derňewine
bagyşlanan kandidatlyk dissertasiýasynda (1942) hataply ýaşululardan
ýigrimidört diýen etnonimiň döreýşine degişli ýazyp alan täsin rowaýatyny
getirýär. Onda bu tiräniň wekilleriniň 24 ýaşdan aňy geçmändigi, bardygeldi, şol ýadan geçen adam bolaýsa-da, geçmişde olaryň öldürilenligi
gürrüň berilýär. Elbetde, beýle rowaýatyň hakykat bilen dahyly ýok.
Mukruly ýaşulularyň ýigrimi dört diýen tiräniň 24 maşgaladan dörändigi
baradaky gürrüňleri hem onçakly ynandyrmaýar. Biziň pikirimizçe, bu
tiräniň adyny türkmen halkynyň iňňän gadymy taryhyndan gözlemek
hakykata laýykdyr. Malim bolşy ýaly, gadymy türkleriň, şol sanda
türkmenleriň ata-babalary bolan gunlar biziň eramyzdan has öň hem 24
bölüge (okruga) bölünipdirler. Bu däp uzak dowam edipdir. Meselem, L.H.
Gumilýew “Gadymy türkler” diýen kitabynda Aşide diýen serkerdäniň
ýolbaşçylgynda türki ilatyň bir böleginiň 679-njy ýylda hytaýlylaryň
zulmuna garşy gozgalaň edendigini, oňa soňra türki halklaryň 24 bölüginiň
ählisiniň goşulandygyny ýazypdyr. 24-e bölünmeklik däbi gunlaryň
härby-nyzamy bilen baglanyşyklydyr. Uruş mahaly gun goşunlary 24
topara bölünip, olaryň ýarysy (12 bölegi) goşunyň çep, beýleki ýarysy
hem sag ganatyny düzüpdir. Öz gezeginde, her ganat dört-dörtden üç
topara bölünipdir. Hut şu bölünişik türki halklaryň taýpalara bölünmek
dänine-de geçipdir. Akademik S.P. Tolstow taýpa bölünişigiň 24-lik
sistemasynyň türkmenlerde XI asyrdan başlap hut hqzire çenli dowam
edýänligini, onuň IV asyrda Aral boýlaryna göçüp gelen gunlardan
oguzlara geçenligini ýazypdyr. Dogrudan-da, Mahmyt Kaşgary,
Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba, Abylgazy ýaly alymlar, şeýlede ähli “Oguznamalar” oguz-türkmenleriň 24 taýpadan durýanlygyny,
ol taýpalaryň atlaryny, tagmalaryny, ongonlaryny (guşlaryny), mal
soýlanda, her taýpa degişli ülüşlerini jikme0jik görkezipdirler.
Türk alymy professor Faruk Sýmer Türkiýä göçen türkmenlerde hut
sefewiler döwründe-de 24-e bolünmek däbiniň saklanandygyny, ýagny
155
ýakyn aralykdaky 24 obanyň iline (uruglaryna) Ýigrimidört diýlendigini
ýazýar. Orus alymlary XIX asyrda-da Mary tekelerine 24 aksakgalyň
(kethudanyň) baştutanlyk edendigini belläpdirler.
Gadymy gunlardan gaýdýan şu bölünişigiň türki halklaryň maddy
we medeni durmuşyna giňden ornaşandygyny hem bellemelidiris.
Meselem, häzirki türkmen halylarynyň aňyrsy hasaplanylýan Pazyryk
halysyna salnan gölleriň sany 24-dür (ol haly Altaýdan tapyldy). Teke
halylary hem köplenç 24 gölden ybaratdyr.
Gadymy oguz elipbiýinde ilki 24 harp bolupdyr. Aramyzdan juda ir
giden zehinli alymymyz Ahmet Bekmyradow şol 24 harpyň 24 türkmen
taýpasynyň tagmalarynda saklanandygyny belläp, her tagmanyň degişli
harpyny hem anyklapdy.
Diýmek, ýigrimidört diýen türkmen etnonimleri biziň gadymy atababalarymyzyň geçmiş taryhy, ýagny gunlaryň harby-administratiw
düzgünleri bilen berk baglanyşykly ýüze çykypdyr.
KEÝIK, KEÝIKÇI
Gökleň we olam taýpalarynyň düzüminde keýik diýen tireler,
Çarşaňňy, Kerki etraplarynda bolsa keýikçi diýen özbaşdak topar
bar. Olaryň atlary ýa keýik awlamak bilen, ýa-da bu uruglaryň keýik
diýen ýabany haýwany özüne totem hökmünde saýlap almagy bilen
baglanyşykly ýüze çykypdyr. Täjigistanda ýaşaýn kesamir diýen özbek
taýpasynyň düzminde keýikşi diýen uruglaryň bolmagy bu etnonimleriň
gadymydygyndan, ýagny şu taýpalaryň geçmişde bilelikde ýaşan
döwründe dörändiginden habar berýär.
KEM, KEMAN, KEMEN, KEMER, KEMKI
Kem (ýomut, ärsary we nohurly taýpalarynyň düzüminde duş gelýär),
keman (ýomut), kemen ýa-da kemenli (ärsary), kemer (gökleň), kemki
(ýomut) etnonimleri kem söňünden we köplügi, jemi bildirýän dürli
gadymy türki goşulmalardan hasyl bolupdyr. Türki halklaryň taryhynyň
irki döwürlerinde Ýeniseý derýasynyň boýunda ýaşan türki taýpalara
kem diýen etnik at dakylypdyr. Bu söz “derýa” diýen manydadyr, hatda
şol eýýamda türki halklar Ýeniseýe-de Kem diýipdirler. Şeýlelikde,
156
kem diýen etnonimleriň “derýa”, ýagny “derýanyň boýunda ýaşaýanlar”
diýen manysy bar. Kem diýen urug-tireler soňra aglaba türki halklaryň
düzümine siňip gidipdir.
KERSENÇI
Çowdurlaryň bozajy urugyna degişli bolan kersençi tiresiniň
wekillerine hünärine, ýagny kersen bejermäge ussat adamlar bolandygyna
görä, şeýle at dakylypdyr.
KEÇKELLE, KÜPBAŞ, TOGALAKKELLE, ÇAKÇABAŞ,
EGRIKELLE, SÜÝRÜKELLE
Tire-taýpa wekilleriniň kellesiniň formasy ençeme türkmen
etnonimleriniň döremegine sebäp bolupdyr. Antropolog alymlaryň
barlaglaryndan görnüşi ýaly, türkmen taýpalarynyň arasynda
süýrükelleler (ylmy dilde dolihosefallar) hem, togalakkelleliler hem
köp. Muňa etnonimiýadan näçe diýseň mysal getirmek mümkin. Ýöne
okyjyny ýadatmazlyk, sözbaşyda sanalan (we sanalmadyk) atlaryň diňe
degişli taýpalaryny ýaý içinde getirmek we käbir manysy düşnüksiz
sözleri düşündirmek bilen çäklenýäris: keç (teke, garadaşly), keçje
(teke), keçkelle (ärsary), kädi (garadaşly), kädibaş (saryk), kädiçi
(salyr), kädili (ýemreli), togalak (çowdur, teke), togalakkelle (baýat),
çakçabaş (Hywa, Buhara oblasty), ýerli şiwede çakça-“kädi”), küpbaş
(ata, sakar. Küp-“güpi”, gatyk ýaylýan süýri daş gap), egri (salyr),
egrikelle (mukry), süýrüje (ärsary), süýrükelle (çandyr), süýmüş
(çowdur) we başgalar.
KÖW, KÖWEK, KÖWLI, KÖWSI, KÖÝÜK, KÖÝÜKLI,
KÖÝÜNDI
Sakar we teke taýpalarynyň düzümindäki köwler, ýemrelileriň
köwek, alili, ýemreli, ýomut, gökleň, sakar, saryk taýpalaryndaky köwli,
hataplardaky köwsi diýen etnonimleriň köw sözüniň häzirki türkmen
dilinde ulanylýan köw, köwmek sözleri bilen dahyly ýok. Ol “oba”,
“urug” manysyndaky köw, köý diýen türki sözden emele gelipdir. Bu
157
söz türk dilinde hut şu manyda ulanylýar. Köw sözüniň yzyndaky dürli
goşulmalar bolsa degişliligi ýa-da köplügi aňladýarlar. Türki halklaryň
orta asyrlardaky göçe-göçlügi döwründe Ýewropa giden peçeneg diýen
oguz-türkmen taýpasynyň düzüminde köwler has uly we kuwwatly
urugy emele getiripdir.
Sakar, salyr we ýandyr taýpalarynyň köýük, arsarylaryň köýükli,
sakarlaryň köýündi tireleriniň atlary hem aslynda köw ýa-da köý
sözünden emele gelipdir.
KÖMÜRÇI
Alilileriň ýüzbaşy bölümine degişli bolan kömürçi tiresiniň
wekilleri hut geçen asyrda-da gumda kömür taýýarlamak we ony demirçi
ussalara satmak bilen meşgul bolupdyr.
KÖR, KÖREK, KÖRÇI
On sany türkmen taýpasynyň (ata, ýemreli, ýomut, nihurly, olam,
salyr, saryk, çandyr, esgi we ärsarylaryň) düzüminde kör, Dänew
raýonynda ýaşaýan salyrlarda körek, saryk we ärsary taýpalarynda bosa
körçi diýen tireler duş gelýär. Olaryň adynyň “batyl, sokur, gözsüz”
manysyndaky kör sözi bilen asla dahyly ýok, çünki özüni sylaýan
hiç urug-tiräniň özüne kör diýip at dakmajagy hemmä mälimdir. Kör
adamdan aňsat taýpabasy hem çykmasa gerek.
Sanalan etnonimleri (hiç bolmanda, olaryň köpüsini) emele getiren
kör sözleri iňňän gadymy döwürlerde türk we mongol dillerinde “tiretaýpalar birleşigi” manysyny aňladan kur ýa-da gur sözünden emele
gelipdir. Bu söz gurama, gurultaý diýen türkmen sözlerinde şu wagta
çenli saklanypdyr.
Bardy-geldi, etnonimlerdäki kör sözi tirebaşynyň lakamy
bolaýanda-da, onuň göz bilen baglanyşygy ýok. Edebiýatçy alym Ahmet
Bekmyradow Görogly (Körogly), Keýmirkör ýaly taryhy atlardaky
kör sözni gadymy türki dillerde “batyr”, “gahryman” manysyny aňladan
söz hasaplaýar.
Körek, körçi etnonimleriniň yyndaky –ek goşulmasy köplügi, -çi
bolsa degişliligi bildirýär (etnonimiýada –çi we -li goşulmasy biri-biriniň
158
ýerini çalşyp bilýär: hywaly-hywaçy, körli-körçi).
Sözümiň ahyrynda, ärsarylaryň gyzylkör, tekeleriň arykkör,
körsagyr we körsakgal tireleriniň adynda-da kör sözniň duş gelýändigini
belläp geçmekçidiris.
KÜRT, KÜRDÜK
Alynky Aziýa ýurtlary bolan Eýranda, Türkiýede, Yrakda we
Siriýada kürtleriň uly toplumy ýaşaýar (umumy sany 7-den 12 milliona
çenli). Öňki SSSR-de (Kawkazda we Orta Aziýda) hem kürtler bar (90
müň adam). Türkmenistandan kürtler topbak bolup Aşgabat raýonynyň
Bagyr obasynda ýaşaýarlar. Olar özlerine kürt ýa-da kürmenj diýip at
berýärler. Türkmen diline bu adyň diňe kürt görnüşi geçipdir. Muňa
Magtymgulynyň:
Ne ýer galar, ne ýurtlar,
Ne türk galar, ne kürtler;
Şabendäniň:
Kürtde, Kürdüstanda, gajarda, tatda,
Hiç ýerde bir sen dek peri görmedim —
diýen setirleri hem tassyklaýar.
Ençeme türki halklar, ylaýta-da türkmenler iňňän irki döwürlerden
başlap kürtler we Kürdüstan bilen ýakyn aragatnaşyk edipdirler.
Ýaşaýan ýurtlarynyň ýakynlygy, hojalyk we medeni durmuşynyň köp
babatda meňzeşligi, dini ygtykatynyň hem birdigi (edil türkmenler ýaly,
kürtler hem yslam dininiň sünni mezhebine uýýarlar) bu halklaryň biribiri bilenhas ýakynlaşmagyna, käýerlerde hut gatyşyp gitmegine ýardam
edipdir. XIV asyrda Türkmenistanyň günorta-gündogar ülkeleriniň
Hyratdaky kürt hökümdarlaryna garaşly bolandygyny we türkmenleriň
çozuşlaryndan ätiýaç eden Eýran şalarynyň geçen asyrlarda Eýran—
Türkmenistan serhedine kürtleri galkan hňkmünde zor bilen we
köpçülikleýin göçürip getirendigini hem nazara alsak, kürt-türkmen
etnik gatnaşyklarynyň juda rowaç bolandygyna göz ýetirmek kyn däl.
159
Hut şonuň üçin-de arabaçy, garadaşly, ýomut, olam, teke, çowdur,
änewli we ärsary taýpalarynyň düzüminde kürt, gökleňlerde kürdük
(bu ýerde –ük—jem goşulmasy), tekelerde kürtçapyk ( ýagny çapyklar
bilen gatyşyp ýaşaýan kürtler”), garadaşlylarda topbakürt (“topbak
ýaşaýan kürtler”) diýen tirelere duş gelinýär. Hazirlikçe biziň elimizde
hiç hili delil bolmasa-da, kürt etnonimiýasynda hem türkmen tire-taýpa
atlarynyň esli orun eýeleýändigini çak edýäris.
KYRAÇ, KYRAÇLY
Kyraçlylar Çärjew welaýatynda ýaşaýan salyr türkmenleriniň uly
uruglarynyň biri bolup, onuň wekilleri Farap raýonynyň Kyraç obasynda,
Dänew raýonynyň “Kommunizm”, “Aşgabat”, “Mir”, Frunze adyndaky,
Darganata raýonynyň “Gyzyl Baýdak” kolhozlarynda ýaşaýarlar.
Darganatada kyraçlylara kyranç hem diýilýär. Bu urugyň ululy-kiçili
toparlary Buhara welaýatynyň Alat we Garaköl raýonlarynda-da duş
gelýär.
Çärjew welaýatynda ýaşaýan ilatyň etnik taryhy barada uly ylmy
iş ýazan moskwaly etnograf Ýa.R. Winnikow şu etrapdaky salyrlaryň
düzüminde kyraçly, ýaýçyly, händekli, akjyk, gazarçy, araky, gulançy,
merkit, köpekli, mugal, eşekçi, deýnewli, ýediurug, kyrköüli, egri, ýagyr
diýen uruglaryň bardygyny nygtap, olaryň arasynda kyraçlylary ululygy,
adam sany boýunça birinji ýerde goýýar. Şu alym kyraçlylaryň tirkeş,
aýagarykly, ýüzbegi, tarpyzly, obaly ýaly tirelerden durýandygyny
hem belläpdir. Ýa.R. Winnikow dänewde ýaşaýan kyraçly ýaşulular
Jumak Jumamyrdaow we Öwlüýäguly Seýithanowdan ýazyp alan
maglumatlaryna esaslanyp, kyraçlylaryň ilki Garaköl raýonynda
ornaşandygyny hem belläpdir. Emma gurakçylyk zerarly bularyň
oturan ýerlerini gum basandygy üçin, 120 ýyl çemesi öň (geçen asyryň
ortalarynda) olaryň Amyderýanyň kenaryna göçendiklerini belleýär.
Şu alym hem kyraç diýen etnik ady rowaýat esasynda “40 aç” diýip
düşündirýär (Ürgençden ýa-da Mangyşlakdan 300 ýyl çemesi öň Lebaba
göçüp gelen 40 sany aç, ýagny garyp maşgaladan dörän il).
Biz elimizde bar bolan maglumatlara esaslanyp, kyraç, kyraçly
diýen etnik adyň ýüze çykyşyny we manysyny şeýleräk terzde
düşündirmekçi.
160
Kyraç diýen at iňňän irki türki (türkmen) etnonimleriniň biridir.
VI—VIII asyrlarda Mongoliýa etraplarynda (Ötükende) uly Türki
Kaganaty (imperiýany) esaslandyran we oguz türkmenleriniň bir bölegi
bolan gök türkleriň arasynda Kyraç ata diýen legendar şahs bolup, ol edil
Gorkut ata ýaly, ile öwüt-ündew bermek bilen meşgullanan öňden görüji
adam hökmünde suratlandyrylýar. Bu şahsyň ady belli türk ýazyjysy
Atsyzyň gadymytürk eýýamyny teswir edýän “Bozgurtlar” diýen taryhy
romanynda öwran-öwran gaýtalanýar. Belki, kyraç urugynyň ady şol
täryhy şahsyň Kyraç ata diýen ady bilen baglanyşyklydyr. Ärsary,
atabaý, jafarbaý, utamyş, tagtamyş, gyzyl, begenjaly ýaly türkmen tiretaýpalaryna şeýle taryhy şahslaryň adynyň dakylmagy bu pikiri hakykata
has ýakynlaşdyrýar. Galyberse-de, kyraçlaryň düzümindäki tirkeş
tiresiniň ady hem biziň eramyzyň başlaryndan habar berýär: gadymytürki
eýýamda (VI—VIII asyrlar) tirkeş ýa-da türkeş diýen uly taýpa bolup,
onuň ady türk sözünden we köplügi, jemi bildirýän –eş goşulmasyndan
emele gelipdir we “türkler” diýen manyda ýüze çykypdyr.
Türk alymlary (meselem, Mehmet Aýdyň) gadymy ata-babalarymyz
bolan gunlaryň (ýa-da hunlaryň) onok (“10 taýpa”) birleşigine girýän
etnik toparlar hökmünde türgeşleriň we töleşleriň adyny tutýarlar hemde olaryň türkmenlerdigini belleýärler. Onok birleşigine salyrlar hem
giripdir (bu barada D.Goşaýewiň “Syýasy söhbetdeş” žurnalynyň 1991nji ýylyň 9-njy sanynda çap edilen “Müň ýyldan soňky duşuşyk” diýen
makalasyny okaň). Diýmek, kyraçlylaryň bir tiresi bolan tirkeşler häzir
salyrlaryň düzümine degişli bolsalar-da, olar iňňän gadymy geçmişde
salyrlar bilen deň derejede şol bir onluga giripdirler.
Ýatlanan gadymytürki eýýamda kyrkaz atly türki taýpanyň ady
hem duş gelýär. Bu adyň kyrk sözi kyrköýli, kyrkmergen, kyrkhaltaly,
kyrkişikli diýen urug-tire atlarynda bolşy ýaly, san bilen baglanyşykly
hem bolup biler, çünki 3, 7, 9 sanlary bilen birlikde, 40 diýen san türki
halklarda sakramental (mukaddes) san hasaplanýar (deňeşdiriň: kyrk
çiltenler, Göroglynyň kyrk ýigidi, “Kyrklar” diýen türkmen mukamllary).
Kyrk etnonimiýada “gyzyl” (“gyrmyzy”) manysynda bolup, ol taýpanyň
ýerleşen tarapyny hem aňladyp biler. Meselem, gyzyl oguz—“günorta
oguzlar”, gyrgyz (kyrgoguz-kyrguz-kyrgyz)—“gyzyl oguz” we ş. m.
Eger kyraç etnonimi kyrkaz diýen adyň üýtgän görnüşi bolup, onuň
kyrk sözüni ýokardaky ýatlanan manylarymyzyň birine syrykdyrsak,
161
onda onuň az sözüni gadymytürki az ýa-da as diýen taýpanyň adyndan
çaklamak hakykata ýakyn bolar. Bu at asa görnüşinde çowdurlaryň
düzüminde duş gelýär (onuň yzyndaky –a—gadymy at ýasaýjy goşulma).
Şu ýerde alanlara aslar diýlendigini, şol aslaryň adynyň os görnüşiniň
osetileriň adynda şu wagta çenli saklanandygyny hem ýatlap geçeliň.
Bu adyň (oseti) yzyndaky –eti goşulmasy “ýurt” manysyndaky gürji
sözndendir (deňeşdiriň: kaheti, swaneti).
“Osetiýanyň esasy halky bolan osetileriň ady nire, türkmen nire?”
diýen soragyň ýüze çykmagy mümkindir. Bu soraga “bu iki halkyň
arasynda ýakyn baglanyşyk bar diýip jogap bermek mümkin, çünki
osetileriň etnogenezine halaç diýen türkmen taýpasy we gadymy alanlar
(aslar) günüden-göni gatnaşypdyrlar, olaryň etnik ady hem as sözünden
emele gelipdir.
Türki dilleriň fonetik kanunalaýyklygy netijesinde kyrkaz söz
kyraç sözüne ýeňil geçip bilýär: kyrkaz—kyrgaz—kyras—kyraş—
kyraç.
Kyraç diýen etnik adyň yzyndaky –aç (aş) köplük sany aňladýan
goşulma hökmünde gadymy türkmen tire-taýpa atlarynda köp duş
gelýär. Meselem, gögeç, tunaç, halaç, çekiç, eleç, ýalawaç, ýapaç we
ş.m. Şundan ugir alsak, kyraç diýen adyň aslynda “kyrklar” manysynda
ýüze çykan bolmagy ähtimaldyr (kyrkaç-kyrgaç-kyraç) Kyrk sözüniň
manysy barada ýokarda ýatlapdyk). Eger şeýle bolsa, onda kyraç (kyraş)
diýen türkmen urugy türkeş taýpasy bilen bir döwürde, mundan iki müň
ýyl çemesi öň ýüze çykandyr diýip çaklamak gerek, çünki muny türkeş,
töleş, kyraş (kyraç) diýen etnonimleriň ýasaalyşyndaky meňzeşlikler
tassyklaýar.
Kyraç urugynyň ady Kyraç ata diýen şahsyň asyndan gaýdýan
bolsa-da, gadymy kyrkazlaryň etnik adyna syrygsa-da ýa-da “kyrklar”
manysyndaky kyraç sözünden bolsa-da, bu at şeksiz, iňňän irki türkmen
etnonimleriniň biridir, ony göterýän il bolsa şol irki ata-babalarymyzyň
nebereleridir diýip, çekinmän aýdyp bileris.
LAMMA
Garabekewül raýonynyň Lamma (häzirki Seýdi) obasyna adyny
geçiren lamma urugy ärsarylaryň bekewül bölümine degişlidir.
162
Balkan dagynyň Nebitdag şäheriniň üstüne abanyň duran bir şahasyna
Lammaburun, öň onuň eteginde ýerleşen, häzir bolsa düzlenen bir
depä-de Lammadepe diýlip, şu urugyň ady dakylypdyr, çünki şu ýerde
öň lammalar ýaşapdyr. Muny Nebitdag şäherinden 70—80 kilomter
uzaklykda, Kaspi deňziniň kenarynda ýerleşen we häzir zähmetkeşleriň
tomusda dynç alýan ýerine öwrülen Helles diýen kurort ýeriň ady
hem tassyklaýar. Ol Garabekewül raýonynyň etnonimiýasynda elles
görnüşinde saklanyp galypdyr.
Lamma urugynyň ady laýna görnüşinde ilkinji gezek XVII asyrda,
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” we “Türkleriň şejeresi” diýen
kitaplarynda duş gelýär. Bu taryhçy alym Lammany adam ady bilen
baglanyşdyrýar, ýagny ony Oguz hanyň neberesiniň, Inelgazynyň bolsa
agtygynyň ady hasaplaýar. Bolmagy mümkin, ýöne käbir türki dillerde
lamba sözüniň “näme bolsa-da bir zadyň gyrasyna keslip salynýan
nagyş” manysyndan ugur alsak, onda bu adyň şu urugyň öz dowarlarynyň
gulagyna salýan tagmasynyň şekili bolmagynyň mümkindigini hem
ýatdan çykarmaly däl, çünki bu ugurda hut şeýle tagmalar şu güne çenli
saklanýar. Eger etnonim laýna sözünden bolaýsa-da, onuň manysyny
tagmanyň şekili bilen baglanyşdyrmak maksada laýykdyr, çünki laýna
sözi hem käbir türki dillerde “çäk”, “tagaşyksyz dilik” diýen manyny
aňladýar.
MAGTYM
Türkmenleriň öwlat taýpalarynyň biri bolan magtymlaryň etnik ady
araplaryň mahdum sözünden bolup, ol “hojaýyn”, “jenap” diýen manyny
aňladýar. Akademik W.W. Bartold we etnograf G.I. Karpow bu taýpanyň
adyny 1592-nji ýylda aradan çykan gudratly ruhany Mahdum Agzamyň
(ýagny “beýik, şöhratly hojaýynyň”) ady bilen baglanyşdyrýarlar.
MAMAŞ
Ärsarylaryň gara bölüminiň bir urugy bolan mamaşlara, ähtimal,
urugbaşynyň ady dakylan bolsa gerek. Şeýle atdaky urug-tireleriň
gyrgyzlaryň we Eýranyň Urmiýa welaýatynda ýaşaýan kürtleriň
düzüminde-de bardygyny nazara alsak, bu etnonimiň ir wagtlarda
163
dörändigini çaklamak bolar. Türki halklarda Mamaş atly şahslar
bolupdyr. Meselem, gazaklaryň 1518—1822-nji ýyllarda hökümdarlyk
eden bir hanyna Mamaş diýlipdir. Belki, şol hanyň raýatlary bolan, soňra
dumly-duşa dargan ilata mamaşlar diýlendir. Şu ýerde mamyş ýa-da
mamyşly diýen tiräniň gökleňleriň gaýy bölüminde-de duş gelýändigini
bellemekçidiris.
MARYP
Ata we ýemreli taýpalarynyň düzümindäki ma:ryp tireleriniň
ady araplaryň “günbatar” manysyndaky magreb sözünden bolup, ol
“afrikaly” diýen manyny aňladýar, çünki orta asyrlarda Demitgazyk
Afrikadaky Marokko, Alžir (has dogrusy, Aljezaýyr) we Tunis
döwletlerine tutuşlygyna Magryp diýlipdir. XI asyrda başlanan seljuklar
ýörişi döwründe bu ýurtlara türki halklaryň, şol sanda türkmenleriň
hem göçüp barandygyny nazara alsak, onda Magryba baran we soňra
yzyna gaýdyp gelen toparlara maryp diýen etnik adyň dakylmagynyň
mümkindigini aňlamak kyn däl. Muny ärsarylaryň düzümindäki müsür
diýen tiräniň ady hem tassyklaýar. Öňki makalalarda düşündirilen ajam,
araky ýaly etnonimler-de bu pikiriň delili bolup biler.
MASSAGET
Ylymda saklaryň (skifleriň) uly bölümleriniň biri hasaplanýan
we ençeme türki halklaryň, şol sanda türkmenleriň iňňän gadymy
ata-babalarynyň biri bolan massagetler biziň eramyzdan öňki VIII—
VI asyrlarda Syrderýanyň we Amyderýanyň aşak akymlarynda orun
tutupdyrlar. Olaryň etnik adynyň manysy barada ylymda dürli çaklamalar
bar. Meselem, alymlaryň bir topary gadymy grek taryhçylarynyň
maglumatlaryna esaslanyp, ony “Awestadaky” maso-ka-taý (ýagny
“çig balyk iýýänler”) sözi bilen baglanyşdyrsalar, beýlekileri hytaý
senenamalarynda da-ýoe-çži (“beýik, uly ýue-çži”) görnüşinde
ýazylyşyndan ugur alyp, massaget etnoniminiň “beýik getler”
manysynyň tarapyny tutýarlar. Garagalpak alymy Daulen Aýtmuratow
bolsa bu ady aglaba türki dillerde rowaç bolan bas, mas (ýagny “baş”)
we altaý dilinde “gulpak” manysynda saklanyp galan kede sözünden
164
hasaplap, onuň manysyny “depesinde saç, gulpak goýýanlar” diýip
düşündirýär. Azerbaýjan we türk alymlarynyň pikirine görä, massager
sözi “baş saklar” diýen manydadyr (adyň yzyndaky –t goşulmasy köplügi
bildirýär), ýagny baş sakat—massakat—massaget. Biz soňky pikiriň
tarapyny tutýarys.
MAŞRYK
Ýomutlaryň garaçuka bölüminiň uly uruglarynyň biri bolan
maşryklaryň etnik ady “gündogar” manysyndaky maşryk diýen arap
sözünden emele gelipdir. Etnograf G.I. Karpow bu urugyň XVIII
asyrda Maňgyşlakda ýaşan türkmen taýpalarynyň gündogar ülkelerinde
abdallaryň, hojalaryň we galmyklaryň galyndylaryndan emele gelendigini
belläpdir. Ýöne magreb (“günbatar”) diýen arap sözünden emele gelen
maryp tiresiniň adynyň arap ýurtlary bilen baglanyşyklydygyny nazara
alsak (bu barada öň gürrüň edipdik), onda maşryk diýen etnonimiň hem
Arabystanyň günbatar etraplarynda döän bolmagynyň mümkindigini
ýatladýarys.
MEŇLITEMIR
Gökleňleriň gaýy bölüminiň düzümindäki meňlitemirler Eýranyň
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 13
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.