Latin

Şejere - 10

Süzlärneñ gomumi sanı 3611
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
diýen uruglar bar. Bu adyň manysy barada iki çaklamany hödürlemekçi.
1.Gulançy diýen uruglar gadymy gypjaklaryň gulan ýa-da
gulançy urugynyň galan-gaçan böleklerinden emele gelip, öz gadymy
adyny hem saklapdyr. Gypjak gulançylary geçmişde häzirki Günorta
Gazagystanda ýerleşen Gulan şäherinde ýaşany üçin, olara Gulançy
(ýagny “Gulanly”, deňeşdiriň: hywaçy, çelekençi) diýen at dakylypdyr.
Gulan we Gulansary diýen etnonimler gyrgyzlaryň düzüminde-de bar.
122
2.Gulançy diýen etnik at gulan awlamak bilen bagly ýüze çykypdyr.
Geçmişde Orta Aziýada gulan köp bolupdyr, rowaýata görä, gulançylar
gulan awlamaga gaty ökde ekenler.
GULTAK
Ärsarylaryň bekewül we salyrlaryň ýalawaç diýen bölümlerinde
gultak diýen urug bolup, olaryň ady Saragtda bir kiçi oba hem-de ýaba,
Hojambaz taýonynda bolsa bir oba sowetine dakylypdyr.
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda Gultak sözi
urugbaşynyň ady hasaplanýar. Kitapda ýazylyşyna görä, Gultak Oguz
hanyň we onuň agtygy Salar Gazanyň neberesinden bolan taryhy şahsyň
adydyr. Abylgazy Gultagyň ata-babalaryny atma-at sanaýar: Salar
Gazanyň neberesi bolan Ögürjik alpyň Berdi we Buka diýen ekizleriniň
birinjisinden Gulmy hem Gulhajy diýen ogullary dogulýar. Gulmydan
Ýomut we Gultak diýen iki ogul, Gulhajydan bolsa Ärsary baba dünýä
inýär. Gultak Ärsarynyň gyzyna (öz doganoglanysyna öýlenýär).
Abylgazy öz kitabynyň başga bir ýerinde Ärsarynyň döwürdeşi Gultak
Garaja mergen diýen adamyň adyny tutýar. Bu ýerde şol bir şahs barada
gürrüň gidýär.
Etnograf alym A. Orazowyň şaýatlyk etmegine görä, ýasgaly B.
Mergenowda saklanýan şejerede gultak urugynyň emele gelşi barada
ýokardaky maglumatlar gaýtalanýar. Ýomut, garadaşly we käbir beýleki
türkmen şiwelerinde Gultak diýen erkek adynyň häli-häzire çenli
ýörgünlidigini bu aýdylanlaryň üstüne goşsak, onda gultak urugyna
adam adynyň dakylandygyny çak etmek mümkin.
Biz Gultak obaly Jumanazar pälwan Seýit oglundan (1878—1966)
gultak we ýomut diýen urug-taýpalaryň hersiniň bir oguldan ýaýrandygy
barada bir täsin maglumaty ýazyp alypdyk: geçen asyrda Lebap
boýlaryna Hywa hanynyň goşunlary ençeme gezek çozuş edýär. Şolaryň
birinde olaryň ýoly Gultak obasynyň üstünden düşýär, ýöne Hywa
goşunynda gulluk edýän we şejeräni gowy bilýän ýomut serkerdeleriniň
biri gultaklaryň ýomut bilen ýakyn garyndaşdygyny aýdyp, bu obanyň
talanmagyna ýol bermeýär.
123
GUMLY, DAGLY
Igdir we ýemreli taýpalary gumly we dagly diýen iki bölümden
durýarlar. Käbir rowaýatlarda gumly etnoniminiň Abylgazynyň işlerinde
duş gelýän kumy diýen gadymy oguz taýpasy, dagly diýen adyň
bolsa Oguz hanyň Daghan diýen ogly bilen baglanyşdyrylýanlygyna
seretmezden, biz bu etnik atlary şol ady göterýän iliň ýaşaýan ýeri bilen
bagly hasap edýäris: gumly—“gumda oturýanlar”, dagly—“dagda
ýaşaýanlar”. Ýöne beýle diýmek bilen biz gum, kum diýen taýpanyň türki
halklaryň (oguzlaryň) arasynda bolandygyny inkär etmek islemeýäris,
çünki bu etnonim, biziň pikirimizçe, Dagystanda ýaşaýan gumuk diýen
türki halkyň adynda saklanyp galypdyr. Gum we –uk diýen iki bölekden
durýan bu adyň yzky –uk bölegi gadymy türki dillerde jemi, köplügi
bildirýän goşulmadyr.
GUNLAR
Iňňän gadymy geçmişde Merkezi Aziýada ýaşan, soňra biziň
eramyzyň başynda (II-IV asyrlarda) Uralyň eteklerine göçüp gelip,
kuwwatly halka öwrülen gunlar ençeme türki halklaryň, şol sanda
türkmenleriň gönüden-göni ata-babalarydyr. Oguz hanyň hut gunlaryň
arasyndan çykanlygy, onuň Günhan diýen oglunyň adynda olaryň etnik
adynyň şöhlelenendigi (gun - Gün), tekeleriň togtamyş bölümindäki
gunny diýen tiräniň adynda gun sözüniň saklanandygy hem muňa güwä
geçýär. Munuň üstüne gunlaryň harby-administratiw düzgün-tertibiniň:
goşunyň ilki çep we sag ganata, öz gezeginde, olaryň hem 3-4-den jemi
24 topara bölünmeginiň türkmen tire-taýpa bölünişiginde üýtgewsiz
gaýtalanýandygyny goşmak mümkin.
Gunlar ýatlanan döwürde gündogardan günbatara köpçülikleýin
süýşüp ugraýarlar we taryhda halklaryň beýik göçe-göçlügi diýip
at alan eýýamyň başyny başlaýarlar. Gunlar ilki Kawkazda ýaşaýan
alanlary, soňra Don derýasyndan geçip, 375-nji ýylda Gara deňziň
demirgazygynda ýaşaýan gotlary boýun egdirýärler. 394-395-nji
ýyllarda gunlar Kawkazyň üstünden geçip, Siriýany we Kappadokiýany
tozdurýarlar, soňra olar Pannoniýada ornaşyp, ençeme gezek Gündogar
Rim imperiýasynyň üstüne çozýarlar. Şol döwürde olar ostgot, gerul,
124
gepid, şeýle-de ençeme german we german däl taýpalary özüne tabyn
edip, güýçli imperiýany döredýärler. Onuň iň kuwwatly döwri Atillanyň
höküm süren ýyllaryna düşýär (434-453).
Gunlaryň basyp alan ýerlerinde
garşylygyň güýçlenmegi,
Galliýanyň Kattalaun meýdanynda rimlileriň, westgotlaryň we
franklaryň birleşen güýçlerinden ýeňilmegi netijesinde gunlar has pese
gaçýarlar, Atilla ölenden soň bolsa (453 ýyl) has gowşap, 469-njy ýylda
olar halk hökmünde ýaşamagyny bes edýär.
Gunlar – türki halk, onuň etnik ady hem gadymy türkleriň “il”,
“halk” manysyndaky gun (gün) sözünden emele gelipdir. Bu sözüň şol
manysy türkmenleriň il-gün diýen söz düzüminde saklanyp galypdyr.
GURAÝYŞ
Garabekewül raýonyndaky bir oba sowetine, Hojambaz raýonynyň
Gultak obasynda hem bir kiçi oba şu ýerlerde ýaşaýan guraýş urugynyň
ady dakylypdyr. Bu urug ärsarylaryň gara bölümine degişli bolup,
olaryň ýene bir bölegi Kaşgaderýa welaýatynyň Mübärek şäheriniň
ýakynyndaky Köneşäher obasynda, köp bölegi bolsa Owganystanda
ýaşaýar.
Urugyň etnik adyny araplaryň gara-guraýş (kara-koraýş)
taýpasynyň ady bilen baglanyşdyrmak hakykata laýyk bolsa gerek (
Muhammet pygamberiň özi hem hut şu taýpanyň wekilidir), çünki Orta
Aziýanyň araplar tarapyndan basylyp alnan döwürlerinde we ondan soň
beýleki arap taýpalary bilen birlikde kara-koraýşlar hem Orta Aziýanyň
gözel oazislerine göçüp gelýärler. Akademik W.W.Bartold olaryň bir
böleginiň Buhara töwereginde ýaşanlygyny ýazýar. L.Klimowiç bolsa
özüniň “Kuran hakynda kitap” (orus dilinde, Moskwa, 1986) diýen
eserinde şol göçüp gelen arap taýpalaryny özüne hemaýatkär (mawami)
tutunan ýerli ilata dürli ýeňillikleriň berlendigini ýazýar. Buharada
türkmenleriň köpçülikleýin ýaşandygyny we häzir hem ýaşaýandygyny
nazara alsak, onda kara-koraýşlaryň raýatynda ýaşan türkmenlere-de
soňra olaryň guraýş diýen etnik adynyň dakylan bolmagy mümkindir.
125
GUTLUTEMIR
Ýomut taýpasynyň garaçuka bölüminiň ikinji ady gutlutemirdir.
Alymlar bu etnonimi taýpabaşynyň adyndan dörän hasaplaýarlar.
Abylgazy ony Ögürjik alpyň neberesi Ýomudyň Gutlutemir diýen
oglunyň ady hasaplasa, G.I.Karpow bu sözi Altyn Ordada 1395-nji
ýylda hanlyk eden Gutlug Timuryň ady bilen baglanyşdyrýar.
Türkmenlerde gutly we temir diýen aýry-aýry tireler hem bar. Bu
etnonimiň şol iki tiräniň goşulyşmagy netijesinde dörän bolmagy hem
mümkindir.
GUŞÇY
Abdallaryň we hataplaryň düzüminde guşçy diýen uruglar bar. Alili
we sakar taýpalaryndaky gutçy, gutjy diýen urug atlaryny hem alymlar
guşçy sözüniň biraz üýtgän görnüşi hasap edýärler, ýöne onuň gadymy
gut diýen etnonimden emele gelen bolmagy hem mümkindir (gut
barada, “Bagty, gutlar” diýen makala serediň). Guşçular gadymy türki
eýýamda uly taýpalar birleşigi hökmünde emele gelip, Günbatar Türk
Kaganatynyň düzümine giripdir we VI-VII asyrlarda türki halklaryň
Orta Aziýany eýelemeginde uly rol oýnapdyrlar.
Guşçy diýen taýpalaryň gyrgyz, gazak, özbek, nogaý, başgyrt,
azerbaýjan, türk, hatda altaý halklarynyň düzüminde-de bardygyny
nazara alyp, başgyrt alymy R.G.Kuzeýew bu taýpanyň etnik adynyň
Altaý etraplarynda biziň eramyzdan has öň ýüze çykanlygyny, guşçy
sözüniň bolsa guş arkaly aw etmek bilen baglanyşyklydygyny ýazýar.
Dogrudan-da, gadymy türkleriň durmuşynda guş bilen aw etmäge köp
üns berlipdir. Reşideddiniň ýazyşyna görä, mongol hanlary öz köşgünde
ýörite guşçular (awçylar) saklapdyrlar. Ärsary babanyň döwründe
Balkan etraplarynda-da guş bilen aw etmek hünäri ýörgünli eken.
Diýmek, guşçy diýen etnik at halkymyzyň gadymy hünäri bilen
baglydyr.
GÜNEŞ
126
Ärsarylaryň dört uly bölüminiň ikinjisine güneş diýilýär. Bu
etnonim güneş, güneç görnüşinde Türkiýe türkmenlerinde-de duş
gelýär. Taýpa ady hökmünde baryp XVI asyryň ortalaryna degişli
çeşmelerde ýatlanýan bu etnonimi Abylgazy Ärsary babanyň agtygynyň,
Mustapagazynyň bolsa oglunyň ady bilen baglanyşdyrýar. Güneşleri
Oguz hanyň birinji ogly Günhanyň nebereleri hasaplanýanlar-da, olary
gadymy gunlara syrykdyrýanlar-da bar. Biz soňky pikiriň tarapynda,
çünki N.A.Bernştam ýaly abraýly alymlar Günhanyň adynyň-da gun
diýen etnonimden bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
Diýmek, gun we güneş diýen etnik atlaryň ikisi-de gadymy türki
“il-gün” manysyndaky gün sözünden emele gelipdirler. Güneş sözüniň
yzyndaky –ş (-eş) köplügi, jemi bildirýän irki türki goşulma bolup, ol
mamaş, bataş, tirkeş (türkeş), gögüş, çalyş ýaly ençeme türkmen
etnonimleriniň ýasalmagyna gatnaşýar.
GÜRJI, GÜRJIEMEN
Salyrlaryň kyrköýli, ärsarylaryň surh uruglarynda, Büzmeýin
tekelerinde we änewlilerde gürji, tekeleriň gagşal urugynyň düzüminde
bolsa gürjiemen atly tireler duş gelýär. Soňky atdan (gürjiemen) ugur
alsak, bu etnonimler kiçi göwreli tüýlek itiň ady bolan gürji sözi bilen
baglanyşykly ýaly duýulýar, çünki it, köpek, ganjyk ýaly sözler türkmen
urug-tire atlarynda has köp ulanylyp, bu atlaryň ýüze çykmagyna
möjekden soňky eý görülýän haýwan bolan it (totem) sebäp bolupdyr.
Ýöne bu atlaryň, ylaýta-da gürji diýen etnonimleriň gürji (gruzin) halky
bilen baglanyşykly bolmagy hakykata has ýakyndyr, çünki türkmen
taýpalary, ylaýta-da seljuklar hereketi döwürde (XI asyrda) Kawkaza
giden türkmenler gürjüler bilen ýakyn etnik gatnaşykda bolupdyrlar.
Şol döwürde gürji halkynyň ululy-kiçili toparlarynyň türkmenleriň
arasyna siňip, şol toparlaryň belli bir böleginiň gürji diýen etnik adyny
saklamagy, gatyşan şol toparyň belli böleginiň soňra Balkan, Maňgyşlak
etraplaryna gaýdyp gelen bolmagy hakykatdan üzňe däldir, çünki
türkmen etnonimiýasynda beýle ýagdaýlara köp duş gelinýär (Arakçy,
araky diýen makala serediň). Gürjüstanda häli-häzire çenli ençeme
türkmen taýpalarynyň ýaşaýandygyny, türkmen klassyk edebiýatynda
we “Asly-Kerem” ýaly dessanlarymyzda gürji-türkmen gatnaşyklary
barada köp maglumatlaryň bardygy hem bu aýdylanlary subut etse
127
gerek.
Gürji diýen etnonimiň döreýşi barada-da käbir zatlary bellemelidiris.
Gürjüler (gruzinler) özlerine kartweli diýýärler, emma türki we mongol
halklary bu halka elmydama gürji, olaryň ýurduna-da Gürjüstan diýip
at beripdirler. Ýeri gelende aýtsak, gruzi (orus dilinde gruzin, Gruziýa)
diýen at hem şol gürji sözünden emele gelipdir: gürji-gürzi-gruzi.
Türkmen klassyk edebiýatynda, halkyň gepleşik dilinde we ähli türki
halklarda häzir hem gruzin, Gruziýa diýilmän, gürji, Gürjüstan sözleri
ýörgünlidir. Ýöne 40-njy ýyllarda türkmen edebi dilinde hem olary edil
orus dilindäki ýaly gruzin, Gruziýa görnüşlerinde ulanmaklyk zor bilen
girizildi. Ýakyn geljekde bu ýalňyşlygyň düzedilmegi zerurdyr.
GYZAN, GYZGANLY, GYZYK
Sakarlarda uly bir urugyň, gökleňleriň gaýy taýpasynda hem bir
tiräniň ady bolan gyzan sözi alsynda guzan bolup, onuň guz bölegi
oguz sözüniň gysgalan görnüşidir, -an bolsa parsy däl-de, gadymy türki
köplük, jem goşulmasydyr (deňeşdiriň: alpan, suwan, gazan we ş. m.).
Täjigistanyň Jylyköl raýonynda ýaşaýan salyrlaryň gyzganly tiresi
hem etnik taýdan gyzanlar bilen atdaşdyr. Ol dört bölekden durýar:
gyz-“guz”, “oguz”, -yk we –an —gadymy köplük goşulmalary, -ly —
degişliligi bildirýan goşulma.
Gyzyklar ort asyr türkmen taýpalarynyň biri bolup, Abylgazy
olary 24 taýpanyň onunjysy hasap edýär we bu etnik ady Ýyldyzhanyň
ikinji oglunyň ady bilen baglanyşdyrýar, adyň manysyny bolsa “böke”
(ýagny “pälwan”, “gahryman”) diýip düşündirýär. Biziň pikirimizçe, bu
at hem “oguzlar” diýen manydadyr: gyz-“guz”, “oguz” we –yk—köplük
goşulmasy.
GYZYL, GYZYLJA, GYZYLLY
Mahmyt Kaşgarly, Reşideddin, Abylgazy ýaly alymlaryň işlerinde
esasy taýpanyň ady hökmünde ýatlanmaýan bolsa-da, gyzyl taýpasy
ort asyrlarda iri türkmen taýpalarynyň biri bolupdyr. Ol soňra urug we
tireler hökmünde arabaçy, ata, garadaşly, gökleň, ýomut, igdir, müjewür,
sakar, salyr, saryk, teke, hoja, şyh, olam, ärsary taýpalarynyň düzümine
128
siňip gidipdir.
Bu etnonimiň ýüze çykyşy we manysy barda birnäçe çaklama öňe
sürülýär. Olaryň esasylaryny ýatlap geçeliň.
1.Köp
alymlaryň
(A.A.Roslýakowyň,
S.Agajanowyň)
tassyklamaklaryna görä, bu taýpa öz taýpabaşysynyň adyny göterýär.
Görnükli seljuk serkerdesi Togrul begiň gaýyny Gyzyl ibn Ýahýa XI
asyrda ençeme türkmen taýpa-tirelerini daşyna üýşürýär. Bu ile Gyzyl
ili diýen at berilýär. Soňra bu at gysgalyp, Gyzyl görnüşine geçýär.
Ýöne Ärsary, Atatürk ýaly şahslara degişli taýpasynyň ýa-da halkynyň
etnik adynyň dakylyşy ýaly, Gyzyla-da gyzyl taýpasynyň adynyň geçen
bolmagy mümkindir.
2.Dilçi alym N.A. Baskakowyň pikirine görä, türki etnonimiýada
gyzyl sözi (edil ak, gara, gök sözlerinde bolşy ýaly) tarapyň adyny
aňladýar. Meselem, gadymy uýgurlar günorta oguzlara, otparazlar
(buddistler) bolsa günbatar oguzlara gyzyl oguz diýip at beripdirler.
3. Biziň pikirimize görä, gyzyl etnonim oguz sözüniň gysga
görnüşi bolan gyz-guz sözünden we köplügi bildirýän –yl (-l, -al, -el)
goşulmasyndan durýar. Bu goşulma şagal, badal, bedel ýaly türkmen
etnonimlerini ýasamaga hem gatnaşýar.
Gyzylja we gyzylly diýen atlaryň yzyndaky –ja goşulmasy
kiçeltmegi (“gyzyllaryň kiçi bölegi”), -ly bolsa etnonimiýada degişliligi
aňladýar.
GYZYLAÝAK
Dünýä meşhur gyzylaýak halylary bilen türkmen halkynyň şanşöhratyny uly ile ýaýradan bu urug ärsarylaryň uludepe bölümine
degişlidir. Häzirki döwürde gyzylaýaklar Halaç raýonynyň Gyzylaýak
(Ahunly Gyzylaýak hem diýilýär, çünki bu ýerdäki Idrisbaba
medresesinden onlarça ahun çykypdyr) we Kerki raýonynyň Tutly
Gyzylaýak obalarynda ýaşaýarlar. Kerkä goşulan raýona-da öň
Gyzylaýak diýilýärdi.
Ahunly Gyzylaýak obasyndan öte sowatly Mollaöde Hudaýberdi
oglunyň beren maglumatyna görä, bu taýpa Maňgyşlakda oturan
döwründe, onuň bir baý ýaşulusy uly toý berip, ähli ýygnananlary gyzyl
okaralarda naharlapdyr. Şonuň üçinem toý tutana we onuň iline gyzyl
129
aýakly, ýagny “gyzyl okaralay” diýen at galýar (ýeri gelende ýatsak, asly
gyzylaýakly şahyr Kaýum Taňrygulyýew şu rowaýata esaslanyp, özüniň
bir eserine “Altyn okara” diýip at dakdy). Aýak sözüniň gadymy türki,
şeýle-de häzirki türki dilleriň ençemesinde “okara”, “çanak”, “käse”
diýen manylary bar. “Saýatly-Hemra” dessanyndaky “Saky pyýalany,
gandyr aýagy” diýen setire üns beriň. Gyzylaýaklaryň Maňgyşlakda
ýaşany hem dogry. Olaryň uly topary XVII asyryň başlarynda Lebapda
ornaşýar. Galmyklaryň gysmagy netijesinde gyzylaýaklaryň galangaçanlary 1641-nji ýylda Ahala we Mänä göçýärler. Belki, Gäwersde
ýaşaýan tekeleriň düzümindäki gyzylaýakly tiresi şol gyzylaýaklaryň
nebereleridir. Mollaödäniň beren maglumatyny tekeleriň daşaýak
(“daş okaraly”) urugynyň ady hem tassyklaýan ýaly. Ýöne ylmy
nukdaýnazardan bu rowaýata ynanmak kyn. Onsoňam gyzylaýaklar
Maňgyşlakda däl-de, bu ýere gelmezden has öň, ýagny gyrgyz
sähralarynda oturan döwürlerinde öz etnik adyna eýe bolupdyrlar,
muňa gyrgyzlaryň we gypjak-goňratlaryň düzüminde gyzylaýak diýen
uruglaryň bardygy güwä geçýär. Hut şuňa esaslanyp, özbek alymy
K.Şanyýazow geçmişde Deştigypjakda ýaşan türki halklaryň arasynda
gyzylaýak diýen uly urugyň dörändigini, soňra onuň türkmen, gyrgyz
we gypjak halklarynyň arasyna siňenligini belleýär.
Gyzylaýak sözüniň hakyky manysy barada ylmy edebiýatlarda
hiç zat aýdylmaýanlygy, elimizde hem degerli tutarygyň ýokdugy
sebäpli, häzirlikçe bu babatdaky gürrüňimizi şu aýdylanlar bilen
tamamlamakçydyrys.
GYZYLBAŞ
Ilki taýpa ady däl-de, sosial-syýasy termin bolan bu söz Eýran,
Azerbaýjan we Kiçi Aziýanyň gündogar welaýatlarynda XIV asyrda
döreýär. Şu etrapda ýaşan we sefewi hökümdarlaryna raýat bolan türki
(türkmen) taýpalaryna Anadoluda (Türkiýede) ýerleşen türkler gyzylbaş
diýip at dakypdyrlar, çünki şa Ysmaýyl I Hataýynyň atasy emir Haýdar
sefewi goşunlaryna 12 ymamlaryň hatyrasyna 12 sany gyzyl zolakly
başgap geýmegi höküm edýär. Şonuň üçin ilki şol goşunlara, soňra
sefewileriň raýaty bolan we yslam dininiň şaýy mezhebine uýdurylan
ähli türki taýpalara, şol sanda şamly, rumly, tekeli, awşar, gajar ýaly
130
türkmen taýpalaryna-da gyzylbaş diýen at galýar. XVI asyrdan soň türki
halklar (şol sanda türkmenler) eýranlylara hem gyzylbaş diýipdirler.
Geçmiişde türkmenleriň gyzylbaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk
edendikleri üçin, olaryň dürli toparlary türkmen taýpalarynyň düzüminede aralaşypdyrlar. Ärsarylaryň, gökleňleriň, mürçelileriň, tekeleriň,
Stawropol ülkesinde ýaşaýan igdirleriň düzüminde duş gelýän gyzylbaş
atly urug-tireler şol toparlaryň galyndylarydyr.
GYZYLERGENEK
Daşhowuz welaýatynda ýaşaýan abdallaryň, şeýle-de Astrahan
şäheriniň ýakynyndaky (17 km.) Funtowo-1 we Fontowo-2 obasynda
ýerleşen abdallaryň bir urugyna gyzylergenek diýlip, Kalinin raýonynyň
Gyzylergenek oba sowetine-de şu urugyň ady dakylypdyr. Ýerli ilat bu
ady urug wekilleriniň öz gara öýleriniň ergenegini (gapysyny) gyzyl
boýag bilen reňklemeginden gözleýär, ýöne gazak, gyrgyz halklarynyň
düzümindäki ergenek atly tirelere tagmasyna görä şeýle at berlipdir.
Olaryň tagmasy ergenegi, ýagny 3—4 zineli (basgançakly) merdiwanjygy
ýatladýar. Funtowo abdallarynyň hut şeýle tagmasy bolupdyr. Etnonimiň
gyzyl sözi gyzyl diýen türkmen taýpasynyň ady bilen baglanyşykly
bolsa gerek.
GYLAWUZ
Sakar raýonynda ýaşaýan hojaili taýpasynyň düzüminde gylawuz
diýen tire bar. Professor Faruk Sümer Türkiýäniň Siwas welaýatynda
kulaguzly diýen türkmen urugynyň ýaşaýandygyny ýazýar. Bu etnik
toparlaryň we olaryň atlarynyň şol bir kökden dörändigini aňmak kyn
däl. Gadymy türki dillerde gylawuz sözi “garawul” diýen manyny
aňladypdyr, türk dilinde bolsa ol häzirki döwürde-de “öňbaşçy”,
“serkerde” ýaly manylarda ulanylýar. Diýmek, gylawuz diýen tirelere ýa
olaryň kesp-käri (garawulçylyk edendikleri) sebäpli, ýa-da tirebaşynyň
gylawuz lakamy boýunça at dakylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Stawropol
türkmenleriniň ýaşaýan sährasyndan Kalaus, türkmençe Gylawuz diýen
derýajyk akýar. Oňa-da şol tiräniň adynyň dakylan bolmagy mümkindir,
çünki seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) we ondan soň bu etraplara
131
türkmenler göçüp gelýärler. Gylawuzlar şu derýanyň boýunda ýerleşen
bolsalar gerek. Häzirki Stawropol türkmenleri (çowdurlar, igdirler,
söýünjajylar) bu ýere XVII asyrda Maňgyşlakdan göçüp gelipdirler.
Ýöne olar özleriniň düýbünden näbelet ýerinden däl-de, eýsem öňden
gatnaşykly gadymy garyndaşlarynyň ýanyndan orun tutan bolsalar gerek.
GYLYÇMERGEN
Saryklaryň gojaly urugynyň gylyçmergen diýen tiresi XVIII asyrda
ýaşap geçen taryhy şahsyň adyny göterýär. Saryklaryň arasynda saklanyp
galan we etnograf Çary Ýazlyýewiň ylmy işlerinde bellenen rowaýata
görä, Gylyç mergen we Naýza mergen diýen serkerdeler Çärjew
töwereginde ýaşaýan saryklaryň Mara göçmegine baştutanlyk edýärler.
Ýöne bu ýere göçüp gelenlere Mary hany Baýramaly han ýer bermeýär.
Emma ýatlanan iki serkerde ýaý atmaga gaty türgenligini hanyň öňünde
subut edenden soň, Baýramaly bu mergenlere we olaryň iline Murgabyň
aýagyndan mülk bölüp berýär. Bu illere-de serkerdeleriniň atlary
dakylýar.
GYNYK
Irki orta asyrlarda oguz türkmenleriniň iň güýçli we uly taýpalarynyň
birine gynyk diýlipdir. Mahmyt Kaşgary ony 24 taýpanyň arasynda
birinji orunda goýýar we öz döwrüniň soltanlarynyň (Garahanylar
dinastiýasyndan bolan şalaryň) şu taýpadan çykanlygyny belleýär. Ýeri
gelende aýtsak, Mahmydyň özi hem hut şu taýpanyň wekili eken. Eýýäm
Reşideddiniň (XIV asyr) we Abylgazynyň (XVII) işlerinde gynyklar
iň soňky—24-nji orna düşýär. Ähtimal, seljuklaryň hereketi döwründe
(XI asyrda) bu taýpa tutuşlygyna Orta Aziýadan Kiçi Aziýa ýurtlaryna
(Türkiýä, Yraga, Siriýa, Kawkaza) göçen bolsalar gerek. Muny Orta
Aziýanyň häzirki etnonimiýasynda gynyk diýen adyň saklanmandygy
hem tassyklaýar.
Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba, Abylgazy dagy gynyk diýen
etnonimi taýpabaşynyň ady hasaplaýarlar. Reşideddin we Abylgazy ony
Oguz hanyň 6-njy ogly Deňizhanyň 4-nji perzendiniň, Salar Baba bolsa
Gökhanyň 4-nji oglunyň Gynyk diýen adyna syrykdyrýar we bu sözüň
132
manysyny “her ýerde bolsa eziz bolgaý” diýip düşündirýärler. Gazak
alymy W.U.Mahpirowyň pikiriçe, gynyk sözi “tutanýerli”, “okgunly”,
“güýçli” diýen manydadyr.
Orta asyr alymlarynyň gynyk sözüne berýän düşündirişlerinden çen
tutsaň, eýýäm şol döwürde onuň hakyky manysynyň ýitirilendigine göz
ýetirmek kyn däl. Biziň pikirimizçe, bu at gadymy gunlaryň etnik adynyň
biraz üýtgän görnüşidir: gun-gyn, etnonimiň yzyndaky –yk bolsa köplük
ýa-da jem goşulmasydyr: gunyk-gynyk, ýagny “gunlar”.
GYPJAK
Iňňän gadymy türki taýpa bolan gypjaklar orta asyrlarda uly
halkyýet derejesine ýetipdir. Gypjaklaryň taryhyny ýörite öwrenen
özbek alymy K.Şanyýazow gypjak sözüniň mundan 2300 ýyl öň ýazylan
taryhy çeşmelerde duş gelýändigini belleýär. Orta asyrlarda türki halklar
gypjaklar we oguzlar diýen iki topara bölünipdirler. Bularyň gypjak
toparyna başgyrt, tatar, nogaý, gumuk, garaçaý, balkar, gazak, garagalpak
ýaly halklar giripdir.
X asyrda Gazagystanyň demirgazyk-günbatar taraplarynda ýaşan
gypjaklar kem-kemden Orta Aziýanyň Deştigypjak sähralaryna, Wolga
boýlaryna we Gara deňiz kenarlaryna aralaşyp, Týan-Şandan tä Dunaý
derýasyna çenli aralyga ýaýraýarlar. 1054-nji ýyldan başlap, orus
senenamalarynda gypjak diýen etnonim orusça terjime edilip, polowes
görnüşinde ulanylmaga başlaýar. Ýewropa alymlary bolsa gypjaklara
kuman, koman, kuban diýipdirler (ýeri gelende aýtsak, Krasnodar we
Stawropol ülkelerinden akýan Kuban derýasyna hem şu kumanlaryň
etnik ady dakylypdyr).
1103-ni ýylda orus knýazy Wladimir Monomahdan ýeňlip,
gypjaklaryň bir bölegi Gürjüstana göçýär. Mongollaryň Gündogar
Ýewropa eden ýörişinde gypjaklar ilki Demirgazyk Kawkazda, soňra
Kalka boýundaky söweşde çym-pytrak edilip, olaryň ýene bir bölegi
Bolgariýa we Majarystana (Wengriýa) gaçyp, şu ýerlerde ornaşýar, esasy
topary bolsa mongollara goşulyp, Altyn Ordanyň esasy ilatyny emele
getirýär.
Reşideddin we onuň işinden peýdalanan beýleki orta asyr alymlary
gypjak sözüniň gelip çykyşyny şeýle düşündirýärler: Oguz han itbarak
133
taýpasyndan ýeňlip, gyşda iki derýanyň arasynda galýar. Şol wagt äri
uruşda ölen bir göwreli aýal agajyň gowagynda çaga dogurýar. Bu atasyz
çagany Oguz ogullyga alýar we oňa Gypjak diýip at dakýar. Gypjak sözi
kubuk sözünden bolup, ol “gowak”, “köwek”, ýagny “agajyň köwegi”
diýen manydadyr. Şu oglanyň nesillerine-de gypjak diýip at galýar. 17
ýyldan soň Oguz itbakarlary ýeňýär we olaryň baş götermezligi üçin,
gypjaklary itbakarlaryň arasyna (Ýaýyk, häzirki Ural derýasynyň
boýuna) göçürýär.
Her niçik bolsa-da, orta asyr alymlarynyň gypjak sözüne beren
düşündirişi ylmy taýdan maňzyňa batmaýar. Bu etnonim guba diýen türk
sözi (reňk ady) bilen baglanyşdyrylsa hakykata laýyk bolar, çünki onuň
kuban, kuman görnüşi (bu ýerde –n jem goşulmasydyr), şeýle-de bu
sözüň polowes diýen orusça terjimesi hut şuny tassyklaýar (polowes—
orus dilindäki polowyý, ýagny “guba reňk”, “sary” sözünden).
Gypjaklar barada giňden gürrüň edýänimiziň sebäbi bu toparyň
oguzlar bilen ähli döwürde ýakyn aragatnaşyk edip, biri-birleri bilen
gatyşyp gidenligi üçindir. S.Agajanowyň şaýatlyk etmegine görä,
gypjaklar orta asyrlarda Garagumda hem ýaşapdyrlar we olar häzirki
türkmenleriň düzümine-de aralaşypdyr. Muny alililerde we Çärjew,
Garaköl, Alat taýonlaryndaky garawullarda gypjak diýen urug-tireleriň
bardygy hem tassyklaýar. Alili-gypjaklar tekeler Ahaly eýeleýänçä,
häzirki Aşgabat raýonyndaky Gypjak obasynda ýaşapdyr we şu oba
olaryň etnik ady dakylypdyr.
GYRGYZ
Iňňän gadymy türki halklaryň biri gyrgyzlardyr. Türkmen-gyrgyz
etnik gatnaşyklary barada heniz ylymda agyz dolduryp aýdara zat
ýok, emma etnonimleriň berýän maglumatyndan çen tutsaň, gyrgyzlar
türkmenlere has ýakyn garyndaşdyr. Biz öz ylmy derňewlerimizde bu
iki halkyň 200 çemesi etnoniminiň biri-biri bilen deň gelýändigini,
gaýtalanýandygynu anykladyk. Olardan 22 sanysynyň degişli taýpalary
hem atdaş (meselem, türkmenlerde saryk, ärsary gyrgyzlarda saruu,
sary-bagyş). Bu ýagdaý tötänlikden däl, eýsem iki halkdaky atdaş urugtireleriň asyl köküniň birliginden gelip çykýar. Muny geň göresi zat
ýok. Orta asyrlarda türkmenleriň esli bölegi Gyrgyzystanyň Çu-Talas
134
derýalarynyň ýakalarynda, Yssykkölüň kenarlarynda ýaşapdyr. X asyrda
türkmen patyşalarynyň paýtagty hem Çu derýasynyň ýakasyndaky
Ordu şäheri eken. Abylgazy Bahadyr han türkmen-oguzlaryň ýurdunyň
gündogary Yssykköl we Almalyk, kyblasy hem Saýram şäheri diýip
görkezýär. Seljuklaryň esasy özeniniň Çu-Talas jülgelerinde ýaşan
türkmen taýpalaryndan dörändigini bu aýdylanlaryň üstüne goşsak,
türkmenleriň gadymy geçmişiniň gyrgyz sähralary bilen aýrylmaz
baglanyşyklydygyna göz ýetirmek kyn däl.
Köp sanly “Oguznamalarda” gyrgyz halkynyň aslynyň
oguzlardandygy tassyklanýar, Abylgazy özüniň “Türkmenleriň şejeresi”
diýen kitabynda Oguz hanyň Gyrgyz atly agtygynyň bolandygy, gyrgyz
halkynyň hem şol şahsyň nebereleridigi barada maglumat berýär. Şu
awtoryň “Türkmenleriň şejeresi” diýen işinde Gyrgyz Oguz hanyň bir
oglunyň gyrnagyndan doglan hasap edilýär.
Türkolog alym N.A. Baskakow gyrgyz etnoniminiň özüni-de kyryg
oguz, ýagny “gyzyl oguz” diýen sözleriň gysgalan görnüşi hasaplaýar.
Bu ýerde kyryg-gyryg sözi gyrmyzy sözi bilen asyldaş bolup, “gyzyl”
diýen manyny, etnonimiýada bolsa günorta ýa-da günbatar tarapy
aňladýar.
Diýmek, gyrgyz diýen etnonimiň fonetik taýdan ösüş ýoly şeýledir:
kyryg oguz—kyrguz—kyrgyz.
Gyrgyzlaryň kaňdy taýpasynyň düzüminde türkmen, türkmenleriň
çowdur we igdir taýpalarynda bolsa gyrgyz hem-de manas diýen
urug-tireleriň bolmagy, Gorkut atanyň Başgyrdystan gyrgyzlarynyň
taýpabaşysy saýylmagy, etnograf aspirant Muhammet Berdiýewiň
barlaglaryna görä, gyrgyz we türkmen saçagyndaky ençeme etli
tagamlaryň, olaryň adynyň hem-de taýýarlanyş tärleriniň deň gelmegi,
türkmen gülýakasynyň we bozbendiniň gyrgyzlardaky töönöç atly
şaý-sep bilen meňzeşligi, köjeme diýen türkmen nagşynyň diňe günorta
gyrgyzlarda we başgyrtlarda duş gelmegi doganlyk gyrgyz halkynyň
türkmenler bilen gadymy gan garyndaşdygyndan habar berýär.
GYRYK, GYRGY, KYRK
Biziň pikirimizçe, gyryk, kyryk diýen etnonimleriň we olaryň
biraz üýtgedilen görnüşlerinden emele gelen ençeme türkmen urug135
tire atlarynyň köki birdir. Orta asyrlarda uly türkmen taýpasynyň ady
bolan bu sözi Mahmyt Kaşgary bilmeýär. Reşideddin ony karyk, Salar
Baba kyryk, Abylgazy bolsa kyzyk görnüşlerde ulanýarlar. Ýatlanan
çeşmelerde Kyryk, Kyzyk sözleri Oguz hanyň agtygynyň (Ýyldyzhanyň
2-nji oglunyň) ady we şu ogluň neberelerinden emele gelen taýpa
hasaplanýar. Reşideddin bu sözüň manysyny “güýçli we kanuny gowy
bilýän”, Salar Baba –“kawy (güýçli) haldyr, harbda (uruşda) sak”,
Abylgazy hem “batyr, gahryman” diýip düşündirýärler.
Gyryk, kyryk etnonimleriniň hakyky manysyny açyp görkezmäge
degerli tutarygymyz ýok, şonuň üçin aşakdaky çaklamalary okyjylaryň
dykgatyna hödürlemekçi. Abylgazynyň bu ady gyzyk görnüşinde
ulanandygyny nazara alsak, onda bu at türki dilleriň z sesine derek r sesini
ulanan taýpalary tarapyndan döredilen etnonim bolup, onuň manysy
hem gyzyk diýen etnonimiňki bilen meňzeşdir (guz-yk, ýagny “guzlar”,
“oguzlar”). Oguzlara käbir türki halklar ogur, gur hem diýipdirler, bu
wariantdan ugr, onogur, uturgur (“otuz oguz”), uýgur ýaly etnonimler
hem emele gelipdir.
Reşideddiniň karyk görnüşinde ýazyşyndan çen tutsaň, bu adyň
“garyşyk” manysynda bolmagy hem ähtimaldyr, ýöne türkmen dilindäki
ga:rmak işliginiň birinji a sesiniň uzyn, karyk sözündäki a sesiniň bolsa
gysga aýdylyşy beýle düşündirişe biraz şübhe döredýär.
Türk etnonimlerini öwrenmek babatda köp iş eden D.Ýeremeýewiçiň
pikiriçe, karyk, kyryk diýen oguz-türkmen taýpasynyň asly iňňän
gadymy we giň ýaýran etnonimdir. Bu at urug-tireleriň ady hökmünde
Zerawşan özbekleriniň, XV asyrda Aral etraplarynda ýaşan göçme
türki (özbek) taýpalarynyň, gazak, gyrgyz, nogaý, garagalpak, başgyrt,
azerbaýjan, türk halklarynyň düzümine-de aralaşypdyr.
Indi gyr, kyr köklerinden dörän etnonomleri sanap, olaryň degişli
taýpalaryny ýaý içinde görkezeliň: gyrgy (mukry), gyrgyly/kyrgyly
(keýikçi), gyrma (salyr, Çärjew raýony), gyrman (arabaçy), gyrryk
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 11
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.