Latin

Şejere - 31

Süzlärneñ gomumi sanı 3610
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
etnonimine syrykdyrýar we ony “kekilli”, “gulpakly”, “depesinde örülen
saç goýýanlar” diýip düşündirýär (bu barada Sak diýen makalada giňden
gürrüň ederis).
DAŞ, DAŞKY, IÇ, IÇKI
Türkmen (türki) etnonimiýasynda bu sözler hakyky etnonim bolman,
iki bölünen taýpanyň, urugyň böleklerini biri-birinden tapawutlandyrmak
üçin esasy adyň öňünden goşulýan anyklaýjy agzadyr. Ýöne esasy sözüň
unudylyp, diňe anyklaýjy agzanyň etnonim bolup ulanylyşyna-da duş
gelinýär. Meselem, Kalinin raýonynyň Dyşky oba sowetine adyny
geçiren dyşky diýen çowdur urugynyň ady daşky sözüniň şu şiwede
ulanylýan dyşky diýen dialektal görnüşinden emele gelipdir.
Iki bölege bölünen taýpanyň ýa-da urugyň öňki oturan ýerinde
138
galan toparyna iç, içki, ondan daşa gidenlerine hem daş, daşky diýlipdir.
Mysallar: daş oguz—iç oguz, daş butur—iç butur, daşky salyr—içki
salyr we ş.m.
Edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradow türkmenleriň üçok bölümine,
ýagny Syrderýa boýlaryndan Balkan—Maňgyşlak etraplaryna göçen
bölegine daş oguz, öňki ornunda galan bozoklara bolsa iç oguz
diýlendigini belleýär. Ençeme alymlar Daşhowuz şäheriniň adyny hem
“daş oguz” sözleriniň üýtgän görnüşi hasaplaýarlar.
DEMIRÇI
Alilileriň ýüzbaşy bölüminde demirçi diýen tire bolup, onuň ady
hünärmentçilik (demir ussaçylygy) bilen baglanyşyklydyr. Demirçi
diýen taýpa Azerbaýjanda hem bar. Türkmen etnografy G.I.Karpowyň
ýazmagyna görä, bu türkmen taýpasy XI asyrda Amyderýanyň
aňyrsyndan (ähtinal, Buhara etraplaryndan) Azerbaýjana göçüpdir. Ökde
hünärment bolandyklary we gylyç, naýza, ok ýasandyklary üçin, bular
Azerbaýjanda salgytdan boşadylypdyr.
DEPBE, DEPEL, ULUDEPE, BEGDEPESI
Bu sözleriň ählisinde şol bir söz –depe sözi gaýtalanýar. Etnonimik
termin bolan depe sözi türki tire-taýpa atlarynda depe, depbe, düpe,
tüpe, tübe görnüşlerinde ulanylyp, ol “topar”, “urug” ýaly manylary
aňladýar. Ýeri gelende aýtsak, tuwa, tofalar diýen türki halkaryň atlary
hem hut şu terminden emele gelipdir. Indi bu etnonimleri sanap, ýaý
içinde degişli taýpalaryny görkezeliň: depbe (çandyr), depel (ýomut.
Bu ýerde –l goşulmasy jemi bildirýär), uludepe (ärsarylaryň uly dört
bölüminiň biri), begdepesi (ýagny “begiň urugy”, alili).
Toba (töbe, depe) sözleri ýokardaky manyda biziň eramyzyň
başlarynda (III asyrda) hem ulanylypdyr. Özbeklerde bu söz taýpadan
kiçi, urugdan uly etnik birikmeleriň adydyr. Hywanyň köşk taryhçylary
Munis we Agahiniň pikirine görä, tübe sözi ençeme uruglaryň birleşigini
aňladýar. Uludepe bölümi hem özüne 14 urugy birleşdirýär. Abylgazy
Ärsary baýyň agtygy Mustapagazynyň neberelerine uludepe diýlendigini
belleýär. Onuň sözlerinden çen tutsaň, uludepeler etnik birlik hökmünde
139
giçki orta asyrlarda döräp, XVI asyryň ortalarynda häzirki Bäherden
raýonynyň Börme obasynda oturypdyrlar.
DIWANSAÝAT
Saragtdaky salyrlaryň diwansaýat tiresi geçmişde häzirki
Çärjew şäheriniň Diwanabag diýen ýerinde (demir ýol wokzalynyň
töwereklerinde) oturandygy üçin, ilki “diwanabagly saýat” diýip at
alypdyr, soňra bu at gysgalyp, diwansaýat görnüşine geçipdir. Takmynan
XVIII asyryň ahyrlarynda bu tire Ýolöten etraplarynda ýaşaýan
taýpadaşlarynyň—salyrlaryň arasyna göçüp gelipdir.
DOWLAT, DOLY
Tekeleriň togtamyş bölüminde, çowdurlaryň hem abdal we
gyzylergenek uruglarynda dowlat, atalarda dowlatgeldi we doly,
ärsarylarda bolsa dowlatöküzler diýen tireler bolup, olaryň ady gadymy
türki dulat, duglat diýen taýpanyň adyndan emele gelipidr. Bu tavpany[
ady aslynda tulu, dulu bolup, onuň yzyna köplügi, jemi bildirýän –at
diýen türki goşulma goşulypdyr (tulu-at-tulat-dulat). Dulu ýa-da tulu
diýen türki taýpanyň ady biziň eramyzdan has öň ýazylan çeşmelerdede duş gelýär. Bu taýpa V asyrda gadymy türki halklaryň guran Beýik
Türk imperiýasynyň Günbatar Kaganatyna girip, bu Kaganat dargandan
soň, ençeme türki halklaryň (başgyrtlaryň, gazaklaryň, özbekleriň,
türkmenleriň) arasyna siňip gidipdir. Gazak alymy A.Abdyrahmanow
tulu diýen etnonimi “tugly, ýagny “baýdak göterijiler” diýip düşündirýär.
DODURGA
Orta asyrlarda 24 türkmen taýpasynyň biriniň, häzir bolsa
gökleňleriň iki uly bölüminiň biriniň ady bolan do:durga sözi (o sesi
uzyn aýdylýar) Mahmyt Kaşgaryda tutyrka (tuwtyrka), beýleki ähli
çeşmelerde dudurga görnüşinde ýazylypdyr. Mahmyt dodurgany 24
taýpanyň içinde 16-njy, Reşideddin 10-njy, Salar Baba 11-nji, Ýazyjyogly we Abylgazy bolsa 7-nji orunda goýýar. Reşideddin dodurga sözüni
Oguz hanyň Aýhan diýen oglunyň 2-nji, Abylgazy 3-nji, Salar Baba
140
bolsa Ýyldyzhan diýen oglunyň üçünji perzendiniň ady we ondan önen
il hasaplaýarlar, adyň manysyny “mülk tutup, ýasamyş kylmak” (ýagny
“ýurt alyp, ony saaklamany başarýan”) diýip düşündirýärler. Ylmy
nukdaýnazardan beýle düşündiriş maňzyňa batmasa-da, bu adyň manysy
barada häzirlikçe başga delil ýok.
G.I.Karpow dodurgalaryň köp böleginiň seljuklar hereketi döwründe
Türkiýäniň Anadolu welaýatyna we Ermenistanyň günortasyna gelip,
ýurt tutunandygyny belleýär.
DOKUZ
Hojambaz raýonynda ýaşaýan olamlaryň düzüminde dokuz (olam
şiwesinde tokguz) diýen tire bolup, onuň ady Halaçdaky Dokuzjeňňel
diýen ýere-de dakylypdyr (öň dokuzlar şu ýerde oturypdyrlar).
G.I.Karpow, R.G.Kuzeýew ýaly alymlar bu tiräniň adyny VII—VIII
asyrlara degişli Orhon-Ýeniseý türki ýazuw ýadygärliklerinde duş gelýän
dokuz-oguz diýen taýpalar birleşginiň adynyň gysgalan görnüşi hasap
edýärler. Şol eýýamda uýgurlara dokuzoguz diýlipdir. Garagalpak alymy
Daulen Aýtmuratow türkmen, başgyrt, gagauz, gazak, altaý, garagalpak,
gyrgyz, özbek, nogaý, tuwa halklarynyň, şeýle-de Nurata türkmenleriniň
düzüminde duş gelýän dokuz, tokuz etnonimleriniň aslyny tuk, tük
(ýagny tüý) sözünden gözleýär we bu ady “depesinde örülen saç, çokul
goýýanlar” diýip düşündirýär.
DÜÝEJI
Türkmen taryhynda mynasyp yz galdyran taýpalaryň biri hem
düýejilerdir. Häzirki döwürde olar Çärjew raýonynyň Talhanbazar,
Ýylanly raýonynyň Garamazy, Bäherden raýonynyň Hankäriz we
Ýarajy, Esenguly raýonynyň Çekiçler obalarynda, Çeleken-Nebitdag
etraplarynda ýaşaýarlar. Respublikamyzyň çäklerinden daşarda-da,
meselem, Buhara welaýatynyň Wabkent raýonynyň Frunze adyndaky
kolhozynda (2 oba), Garagalpagystanyň Dörtgül raýonynda hem düýejiler
bar. Azerbaýjanda tutuş bir raýon we demir ýol stansiýasyna Deweçi
(Düýeji) diýilýär. Bu ýerde-de düýeji taýpasy ýaşaýar. Düýejileriň bir
bölegi Eýranyň Morawadepe raýonynda (Soňudagyň günortasynda),
141
Kümüşdepe, Bendirtürkmen, Omcaly, Aktokav obalarynda va\avarlar.
Türkiýe, Yrak, Sirab ýaly ýurtlarda-da düýejilere duş gelinýär. Şunça giň
territoriýa ýaýran düýejileriň geçmişde uly taýpany emele getirendigine,
olaryň asyl köküniň birdigine şek bolup bilmez, çünki ýokarda saanan
raýonlarymyzda, häzir biri-birinden has uzakda ýerleşen düýejileriň urugtire atlary, olaryň dä-dessurlary, käbir şiwe sözleri köplenç biri-birine
gabat gelýär. Meselem, akja, saryja, ödek, hywaly, porran, myýawut ýada miýewit, semedin, gereý diýen tireler sanan obalarymyzyň köpüsinde
bar. Eýranda bularuň üstüne perran düýejiler hem goşulýar.
Türkmenistanda, Özbegistanda, Eýranda, Garagalpagystanda
ýaşaýan düýejiler özlerini diýeji, Azerbaýjandakylar hem deweji,
däwäji diýýärler. Bu at düýe sözünden we kesp-kär bildirýän –çi
goşulmasyndan durýar (türkmen tire-taýpa atlarynda –çy/-çi goşulmasy
köplenç –jy/ji görnüşinde ulanylýar: gulanjy, aranjy, bazajy, goýunjy we
ş.m.).
Eýsem, bu taýpa näme üçin düýeji diýilýärkä? Hywada 19 ýyllap
(1645—1663) hanlyk eden we türkmenleri örän köp gyran, şonuň üçine
hem olaryň öňündäki öz günäsini ýuwmak maksady bilen “Türkmenleriň
şejeresi” (ýagny nesil daragty) diýen meşhur kitaby ýazan Abylgazy
Bahadyr han (1603—1664) düýeji taýpasynyň döreýşi hem-de adynyň
gelip çykyşy barada bu kitapda gyzykly maglumatlar getirýär. Onuň
sözlerine görä, düýeji ili han Batyýyň neberesi, Altyn Orda hany Özbek
hanyň ogly Janybekiň hanlyk süren döwründe (1341—1357) döreýär,
ýagny Janybek tagta çykansoň, onuň raýatyndaky türkmenler hana Balkan
etraplarynyň düýe bakmak üçin iň ýagşy ýerdigini habar berýärler. Şol
döwürde Ürgenç, Maňgyşlak, Balkan, Etrek, Gürgen türkmenleri Altyn
Orda hanlaryna garaşly eken. Janybek dürli türkmen taýpalaryndan 30
sany sarbany (düýe çopanyny) toplaýar, türkmenlerden salgyt hökmünde
we zorluk bilen müňläp düýe ýygnadyp, olary sarbanlara tabşyrýar.
Bu düýejiler barha köpelip, tutuş il bolýar, gurplanýar. Janybekden
soň, onuň ogly Berdibek tagta çykýar. Ol 1359-njy ýylda ölenden soň,
hanlykda tagt üçin dawa turýar. Türkmenler bu dawadan peýdalanyp,
bir wagtky zor bilen alnan düýelerini yzyna alýarlar. Düýejiler garyp
düşýär. Olar häzirki sakarlaryň ata-babalary bolan garaöýli taýpasynyň
ýanyna göçüp, Kaspi deňzinde we Uzboýda balykçylyk bilen meşgul
bolýarlar. Dfüýejiler barha köpelýär. Olar Aktam—Ogurjaly aralarynda
142
mesegn tutýarlar.
1550-nji ýylda ýazylan çeşmelerde düýejileriň sany 5—6 müň
öýli (25—30 müň adam) diýlip görkezilýär. Hatda XVII asyrda-da
bular ekerençylyk bilen meşgul bolupdyrlar (salgyda mal däl-de, däne
töläpdirler). Şol asyrda düýejiler alililer we hydyrililer bilen birlikde üçil
diýen taýpalar toparyny emele getiripdirler.
Göräýmäge, düýejileriň döreýşi barada Abylgazynyň berýän
maglumatlary juda ynandyryjydyr. Ol taryhy şahslar we seneler
bilen hem baglanyşýar. Ýöne iňkise goýýan zatlar bar. Birinjiden, öň
belleýşimiz ýaly, düýejiler Kakazda we Kiçi Aziýa ýurtlarynda-da duş
gelýärler. Bu ýurtlara türkmen köpçülikleýin XI asyrda, seljuklaryň ýörişi
döwründe barypdyrlar. Bu sene (XI asyr) düýejileriň dörän wagtyna
(XIV asyra) şübhe döredýär. Ikinjiden, gadymy türki dillerde meselem,
çagataý dilinde düýeji (deweçi sözi) “düýe çopany”, “düýeli gezýän”
manylaryndan başga-da, “esger ýygnaýan we olaryň hal-ýagdaýyny
barlaýan gözegçi”, “harby ispektor” diýen manyny aňladypdyr. Hatda
türki hanlyklarda, meselem, Temirleňiň döwletinde deweçi diýen wezipe
bolup, ol wezipedäkiler gurultaý geçirmek, goşuny ýörişe taýýarlamak
ýaly möhüm işleri ýerine ýetiripdirler, özleri-de hökümdardan beýlekilere
tabyn bolmadyrlar. Şonuň üçin düýejileriň, edil Farapdaky bitikçiler
ýaly, şeýle wezipäni eýelän adamyň nebereleri, raýatlary hökmünde XVI
asyrdan has öň, ýöne XI asyrdan soň ýüze çykan bolmaklary ähtimal. XI
asyrdan soň diýmegimiziň öz sebäbi bar: Mahmyt Kagarynyň XI asyrda
ýazan “Türki sözleriň diwany” diýen meşhur işinde türkmenleriň 24
taýpasynyň we ençeme uruglarynyň ady sanalýar, ýöne düýeji diýen ada
duş gelinmeýär. Diýmek, şol döwürde düýejiler taýpa hökmünde kemala
gelen däl bolsalar gerek.
Näme üçin düýejiler giň territoriýada bölek-bölek, biri-birinden
üzňe obalarda ýerleşdilerkä? Bäherden raýonynyň Hankäriz obasynda
ýaşaýan düýeji ýaşulusy Anna Ata oglundan eşiden rowaýatymyzda bu
barada şeýle diýilýär: Ýagyçylyk döwründe bir oba ýagy çozýar. Bütin
il gyrylýar, oba talanýar. Diňe bir oglan düýäniň howdunyň aşagynda
guzlenýär we aman galýar. Oňa düýeji diýip at berýärler. Ondan 7 ogul
dünýä inýär. Bu ogullar gaty bet bolany üçin, biri-birleri bilen oňuşman,
betdoga galýar we hersi bir yklymda ýurt tutunýar.
Rowaýat rowaýat bolýar. Ol bu taýpanyň daganyklygyny dogry
143
düşündirip bilmeýär. Taýpanyň dumly-duşa dargamagynyň sebäbini
giçki orta asyrlarda ýurtda bolup geçen taryhy syýasy, ykdysady
ýagdaýlardan, türkmenleriň çar tarapdan gysaja salan feodal hanlyklaryň
“bölüşdir-de, höküm sür” diýen kolonial syýasatyndan gözlemek dogry
bolar. Hywa hanlary, Buhara emirleri, şeýle-de Eýran şalary boýun
egmezek, uruşgan türkmen taýpalarynyň bir ýerde jemlenip, top bolup
oturmagyndan heder edip, olary bölüşdirmegiň, agyzny alartmagyň
ýoluny gözläpdirler. Şeýle syýasat netijesinde çandyrlaryň dürli
tirelerine öz esasy mekanlaryndan has uzaklarda ýerleşen ülkelerden
mülk ýer sowgat berip ýa-da olary zor bilen göçüripdirler, şeýlelikde,
biri-birlerinden ýüzlerçe kilometr uzaklykda çandyr obalary emel
eglipdir. Boýun egmezek düýejiler babatda-da şeýle syýasat ýöredilipdir.
Diýmek, düýejileriň pytradylmagyna dürli hanlyklaryň, emirleriň we
şalaryň kolonial diplomatiýasy sebäp bolupdyr.
Düýejiler barada munça gürrüň edenimize görä, bu taýpadan
çykan görnükli adamlar hakynda-da kelam-agyz ýatlamagymyz gerek.
Magtymgulynyň eserlerini Buharada daş basmausulynda çap edenleriň
biri Gurbanberdi Gürgeni diýen magaryfçy düýejilerden ekeni. Özbek
edebiýatçy alymy Kabyljan Tahyrowyň we türkmen alymy, asly
düýejilerden bolan Aşyrpur Meredowyň tassyklamaklaryna görä, 325
ýyllyk ýubileýi bellenjek ajaýyp şahrymyz, ençeme dessanlaryň we
liriki goşgularyň awtory Nurmuhammet Andalyp, sowet döwrüniň
ýayjy-şahyrlary Anna Kowusow, Şäher Borjakow dagy hem düýeji iliniň
wekilleridir.
DÄLI
Abdal, alili, arabaçy, gökleň, ýomut, sakar, salyr, saryk, teke,
çowdur, esgi, ärsary ýaly ençeme türkmen taýpalarynyň düzüminde däli
diýen urug-tirelere duş gelinýär. Türkmen etnonimiýasynda jynly, telbe,
tentek ýaly ýakymsyz atlaryň duş gelýändigini nazara alyp, käbir adamlar
bu ady göni manysynda düşündirýärler, ýöne beýle pikiriň hakykatdan
üzňedigini bada-bat aýtmalydyrys, çünki özüne hormat goýýan iliň beýle
ýakymsyz ady dakynmajagyna ýa-da dakdyrmajagyna göz ýetirmek kyn
däl.
Biz däli diýen etnonimleriň asyl köki we manysy barada 3 sany
144
çaklamany orta atmakçy.
1.Däli diýen etnonimler (hiç bolmanda, olaryň aglabasy) biziň
eramyzyň başlarynda Altaýda we Mongoliýada ýaşan, VI asyrda bolsa
Beýik Türk Kaganatynyň düzümine giren tele diýen gadymy türki
taýpalarynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Tele, dele, däli görnüşlerinde
ol gazak, garagalpak, başgyrt halklarynyň düzüminde-de duş gelýär.
Taryhy çeşmeler tele halkynyň müň öýlüsini (müň alaçyklynyň) baryp
V asyrda Irtiş derýasyndan geçip, Kaspi we Aral deňziniň arasynda
ýerleşendigini habar berýärler. Şol telelerden türkmen dälileriniň dörän
bolmagy hakykata has ýakyndyr. Eger şu çaklama dogry bolsa, onda däli
diýen tireler özlerini teleut we telengut diýen türki halklar bilen hem
garyndaş hsaplap bilerler, çünki bu halklaryň ady tele sözünden we
köplük goşulmasyndan durýar.
2.Däli diýen etnonim biziň eramyzyň başlarynda we ondan öň
häzirki Günbatar Türkmenistanda (Kaspi ýakalarynda) ýaşan dah (däh)
diýen halkyň adyndan we etnonimiýada degişliligi bildirvqn –li go\
ulmasyndan durýar (dähli—däli). Muny Günbatar Garagumdaky Dähli
guýusynyň we Gyzyletrek raýonyndaky Dehistan diýen gadymy şäheriň
atlary hem tassyklaýar.
3.Däli diýen etnonim tirebaşynyň lakamy bilen baglanyşyklydyr.
Bu ýerde ol söz “telbe”, “jynly” manysynda däl-de, “gaýduwsyz”,
“edermen”, “gözsüz batyr” ýaly manylardadyr (bir kemally iş bitirmez,
meýdanda däli bolmasa). Klassyk edebiýatymyzda däli lakamly şahslarada köp duşulýar. Meselem, “Görogly” eposynda Däli Mäter, Harmandäli,
“Gorkut atadaky” Däli Dundaz, Däli Domrul we başgalar.
Jemläp aýtsak, türkmenlerde däli atly tireler köp. Olaryň bir
bhöleginiň emele gelşinin birinji çaklamamyza, beýlekileriniň ikinji,
üçünji çaklamalara dogry gelmegi hem mümkindir.
ÝEDIURUG
Saryk we esgi taýpalarynyň, şeýle-de Kerki, Hojambaz raýonlarynda
ýaşaýan kyrköýli salyrlaryň düzümindäki ýediurug diýen etnonimleriň
manysy öz-özünden düşnükli: “ýedi urugyň birleşigi”. Käýerde bir
topary emele getiren ýedi urugyň atlary ýatdan çykarylan bolsa-da,
birnäçe ýerde ol uruglaryň atlary belli. Meselem, Kerkidäki ýediuruga
145
degişli uruglar şulardyr: egri, ýagyr, daşatar, eşek, lokga, kesir, däli.
Jetiurru, jetiruu diýen uruglara başgyrt, gazak we gyrgyz halklaryndada duşulýar. Umuman, ýedi urugyň birleşigi gündogar halklarynyň
köpüsine mahsus bolmaga çemeli. Ynha, G.I. Karpowyň ýazyşyna görä,
gadymy parfiýalylyrda megistany diýen etnik toparlar ýedi sany abraýly
uruglardan ybarat eken. Ahemenitlerde-de şeýle etnik toparlar bolupdyr.
ÝEMRELI
Daşhiwuz welaýatynyň Lenin we Ýylanly raýonlarynda ýemreli
diýen türkmen taýpasy ýaşaýar. Alili, ata, teke we änewli taýpalarynyň,
şeýle-de Nurata türkmenleriniň düzüminde hem ýemreli diýen tireler
duş gelýär. Ýemreliler Buhara welaýatynda, Azerbaýjanda, Eýranda we
Türkiýede-de bar.
Etnonim imrili görnüşinde ilkinji gezek Abylgazynyň “Türkmenleriň
şejeresi” diýen işinde duş gelip, ol “eýmir ili” diýen sözleriň biri-birleri
bilen goşulyşyp, kebşirlenip giden görnüşidir: eýmir ili—ýemirili—
ýemreli (eýmir sözi barada degişli makalada gürrüň bereris).
Şu awtor özüniň “Türkmenleriň şejeresi” diýen işinde ýemrelileri
Durunda ýaşaýan içki salyrlaryň arasyndan çykan il edip görkezýär.
Ol şeýle ýazýar: “Ýemir ili (ýemreli) halkynyň asly mundak turur
kim Maňgyşlakda içki salurdan bir kişi bir içki salurny öltürüp gaçyp,
Durunda olturgan salur iliniň içine gelip turur taky anlardan bir gyz alyp,
anda watan kylyp, olturup turur. Barça ýemirili halky ol kişiniň oglanlary
tyryrlar”.
Diýmek, ýemreliler taýpa hökmünde Ahalda dörän ildir.
ERKI
Ýomut we saryk taýpalarynda erki diýen tireler bar. Ýolöten
raýonyndaky Erkisadyk obasyna-da şu tiräniň ady geçipdir (erkisytdyh—erkisadyk).
Käbir alymlar grek taryhçysy Gerodotyň işlerinde duş gelýän
ýirki diýen etnonimiň aslynda türk sözüniň bir görnüşidigini ýazýarlar.
Gadymy türklerde irkit, irkut diýen taýpa bolupdyr. Bu at hem irki
sözünden we –t diýen türki köplük goşulmasyndan ybarat. Irkit diýen
146
at häzirki altaýlaryň etnonimiýasynda saklanyp galypdyr. Ýeri gelende
aýtsak, Irkutsk şäheriniň ady irkit, irkut diýen etnonim bilen baglanyşykly
bolmaly.
Ural we Sibir toponimiýasyny öwreniji alym A.K. Matweýew irki,
irkit diýen ady “urug, taýpa” manysyndaky irk diýen Eýran sözünden
hasaplaýar.
Bu adyň manysy barada ýene bir çaklamany hödülemekçi. Mongol
we türki halklar Isus Hristosa Ýerke ýa-da Ergu, hristaianlara-da erkeun
diýipdirler. (-un—köplük goşulmasy). Şundan ugur alynsa, onda erke
etnonimini türki halklaryň düzümine goşulan hristianlaryň adyndan
hasaaplamak hem mümkindir.
ÝOMUT
Türkmenleriň uly taýpalarynyň birine ýomut diýlip, bu taýpa
günbatar (ýa-da Şagadam) ýomutlary hem demirgazyk (ýa-da
Daşhowuz ýomutlary) diýen iki topara bölünýär. Bu taýpanyň uly topary
Eýrandaky Türkmensähranyň (Etrek-Gürgen etraplarynyň) ilatynyň
aglaba bölegini düzse, onuň bölek-büçek toparlary Owganystanda,
Garagalpagystanda hem duş gelýär.
Ýomut diýen at juda gadymy bolsa-da, bu ady göterýän il taýpalyk
derejesine giçki orta asyrlarda, mongol gyrgynçylygyndan (XII asyrdan)
has soň ýeten bolsa gerek, çünki Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi”
(XVI asyr) diýen işinden öň ýazylan çeşmelerde ýomut diýen ada duş
gelmeýäris. Abylgazy hem bu sözi taýpa däl-de, tiräniň (kiçi etnik
toparyň, urugyň) ady hökmünde ulanypdyr. Onuň ýazyşyça, Ýomut
Salyr Gazanyň neberesi bolan Ögürjik alpyň neslindendir: Ögürjik alp—
Berdi—Gulmy—Ýomut (Gulmynyň ikinji ogluna Gultak diýlipdir).
Ýomutlaryň Balkan—Maňgyşlak etraplarynda salyr iliniň dürli
böleklerinden ýygnanyp, taýpa derejesine ýeten bolmagy mümkindir,
çünki birinjiden, Abylgazy Ýomudy Salyryň gös-göni neberesi
hasaplaýar. Ikinjiden, ärsary, saryk, teke taýpalary bilen birlikde ýomutlar
hut XVI asyrda-da daşky salyr diýip at alan taýpalar birleşigine degişli
bolupdyr. Üçünjiden, Ýomut bilen dogan hasap edilýän Gultagyň ady
urugyň ady hökmünde salyr we ärsary taýpalarynda saklanypdyr. Başgada ençeme ýomut urug-tireleriniň atlary hut şu taýpalardaky etnonimler
147
bilen dogry gelýär.
Ýomut diýen etnonimiň gelip çykyşy we aňladýan manysy barada
ylmy çeşmelerde dürli pikirler orta atyldy. Meselem, belli türkmen
magaryfçy alymy Nazar Ýomudskiý ony Salyr Gazanyň neberesi bolan
we XII asyryň ahyrynda—XIII asyryň başynda ýaşap geçen Söýünhan
diýen belli şahsyň Ýomut oglunyň, ýagny taýpabaşynyň adyndan emele
gelen hasaplaýar. Etnograf alym Ata Jykyýew bu adyň manysyna degişli
iki rowaýaty il içinden ýazyp alypdyr. Olaryň birinjisine görä, bu söz
ýowm it, ýagny “it ýatagy” diýen manydadyr, çünki hürri çaga doan
bir aýal bäbegi gundap, it ýatagynyň içinde goýýar. Kemala gelen bu
çagadan dörän ile-de ýowmit-ýowmut-ýomut diýen at galýar. Ikinji
rowaýata görä, bu söz ýow (ýagny “ýagy”) we mut (“mat”) sözlerinden
bolup, ol “ýagyny ýeňýän” diýen manydadyr.
Ylmy nukdaýnazardan ýokarda getirilen düüşündirişleriň hiç biride hakykata dogry gelmeýär. Bu at barada geçen asyryň ortalarynda
Türkmenistana gelen majar (wengr) alymy Arminiý Wamberiniň pikiri
üns bermäge mynasypdyr. Ol ýomut diýen etnonimi gadymy türki dillerde
“il”, “halk”, “taýpa”, “topar” (nemsçe Menge) manylarynda ulanylan
ýom sözünden we –ut goşulmasyndan hasaplaýar. Ýom sözi ýokarky
manyda häzirki türkmen dilinde saklanmadyk bolsa-da, bu söz ýumak
(ýagny “bir ýere toplanan ýüp”), ýumruk, ýumry, ýumalak (“togalak”),
ýumurtga ýaly sözlerde häli-häzire duş gelýär. Uýgurlarda ýumut sözi
“topbak”, “topar”, gadymy türki dillerde bolsa ýumgy, ýumgylyg sözleri
“ýygyn”, “jem” manylarda ulanylypdyr. Mundan 2100—2200 ýyl öň
türkmenleriň gadymy ata-babasy bolan gunlara ýomut hem diýlipdir.
Gun sözüniňm özi hem “il”, “topar” manysyndadyr. Deňeşdiriň: il-gün.
Diýmek, bir türki taýpanyň gepleşigine mahsus bolan gun sözüni beýleki
şiwäniň wekilleri ýomut diýip öz sözleri bilen çalşyrypdyrlar. Ýomut
taýpasynyň etnik adynyň gadymy gunlaryň ýomut diýen ikinji ady bilen
baglanyşygyny subut edýän delilimiz bolmasa-da, bu etnonimleriň
ikisiniň hem şol bir sözden—“il”, “topar”, “taýpa” manysyndaky
ýom sözünden we gadymy türki dillerde jemi, köplügi aňladýan –ut
goşulmasyndan emel gelendigini göni aýdyp bileris.
148
JAGAL, JAGALBAÝ
Ärsarylaryň abdal urugynyň jagal we gyzylaýak urugynyň
jagalbaý atly tireleriniň asly bir bolup, olara jagalbaý (rusça debnik)
atly ýyrtyjy guşuň ady dakylypdyr. Şu atdaky urug-tireler ençeme türki
halklarda hem bar, ýöne olaryň ady her halkyň dil aýratynlygyna görä
biraz üýtgeşme bilen ulanylýar. Meselem: başgyrtlarda we özbeklerde
ýagalbaý, garagalpaklarda jagaltaý, gazaklarda jagalbaýly. Başgyrt
alymy R.G. Kuzeýew degişli taýpasyny görkezmezden, ýagaltaý diýen
tiräniň türkmenlerde-de bardygyny ýazýar. S.M Abramzon we R.G.
Kuzeýew ýaly alymlaryň pikirine görä, jagalbaý ýa-da ýagalbaý diýen
topar orta asyrlarda Aral ýakalarynda ýaşan türki halklaryň arasynda
döräp, oňa tagmasynyň şekiline görä, şeýle at dakylypdyr. Bu taýpanyň
tagmasy, dogrudan-da, öz awynyň yzyndan batly kowup, uçup barýan
guşy ýatladýar. Onuň formasy ýaýyň peýkamyna meňzeşdir.
JAGYLJOGUL
Nohurly taýpasynyň jagyljogul taýpasy we onuň ady ençeme
alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Meselem, türkmen dilindäki
makalalaryna Hoşgeldi Bagtyýarow diýip gol çeken alym G.I.Karpow
bu ady jagyl-jugul diýen ses meňzetmesinden hasaplaýar we ony urug
wekilleriniň galmagalçydygy bilen baglanyşdyrýar. Belli türkmen
dilçisi A.P. Poseluýewskiý bolsa bu etnonimi jagyl jöhit, ýagny “nadan
jöhit” diýip düşündirýär, emma öz pikirini delillendirmeýär. Moskwaly
alym G.P. Wasilýewa bu çaklamalaryň jagyljogullylar tarapyndan hem
aýdylýanlygyny, ýöne olaryň hakykata dogry gelmeýänligini belleýär.
Etnonimiň manysy barada häzirlikçe başga maglumat ýok.
JANGURBAN//JANGURBANLY
Giçki orta asyrlarda Eýrandaky türki halklardan, esasan hem
dürli türki taýpalaryndan emele gelen uly etnik topara jangurban ýada jangurbanly diýlipdir. Göräýmäge manysy düşnükli ýaly bolsa-da,
etnonimiň türkmen sözleri bilen dahyly ýok. Ol Eýranda mongollaryň
agalygy döwründe ýüze çykýar. Jangurbanly taýpasynyň serkerdeleri
şu ýurtdaky mongol (oýrat) hökümdary Argun-aganyň ýakyn
149
hemaýatçylary bolup, öz taýpasyna-da at hökmünde şu ýerde ulanylýan
harby-adminastratiw adalganyň—dzaun-gurban diýen mongol sözüni
saýlap alýar. Bu söz türkmençä geçirilende, “goşunyň çep ganatynyň üç
bölümi” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan-da, bu taýpanyň wekilleri
Argun-aganyň goşunynyň çep ganatynda üç esasy düzüpdir. Manysy
düşnüksiz dzaun-gurban sözi soňra jangurban diýen türkmen sözleri
bilen çalşyrylýar. XVI asyrda Eýranda mongol şalygy ýykylandan
soň, Mary, Abywerd (Kaka) we Nusaý jangurbanlylaryň eline geçýär.
Soňra bu taýpa Eýranda we Türkmenistanda dürli taýpalaryň arasyna
siňip gidýär. Häzir ol gökleňleriň gaýy bölüminiň bit tiresi hökmünde
Garrygala raýonynda saklanyp galypdyr.
JANYBEK
Saryklaryň baýraç urugynyň bir uly tiresine janybek diýlip, ony
ady, G. I. Karpowyň pikirine görä, Altyn Orda döwletinde 1342—1357nji ýyllarda höküm süren, özi hem Çingiz hanyň neberelerinden bolan
gazaply hanyň—Janybekiň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde
ençeme türkmen taýpalary şu hanyň garamagynda bolupdyr. Saryklarda
saklanyp galan rowaýatlarda we G.I. Karpowyň saryklara bagyşlan
ýörite makalasynda bu taýpanyňAŞtarhanylar (Astrahan hanlary), şeýlede gazak halky bilen ýakyn gatnaşykda bolandygy bellenýär. Şundan we
gazak halkynyň düzüminde-de janybek diýen urugyň bardygyndan ugur
alsak, etnonimiň gelip çykyşy barada G.I.Karpowyň ýokardaky pikiri
hakykata laýykdyr. Salyrlaryň saýat urugyndaky janyk tiresiniň ady hem
etnonimiň gysgalan görnüşi bolsa gerek.
JATYRTÜRKMEN
Samarkant welaýatynyň Nurata raýonynda ýaşaýan Nurata
türkmenleriniň düzümindäki jatyrtürkmen tiresiniň adynyň jatyr sözi
“ýatar” sözüniň fonetik öwüşgini bolup, saryklardaky bozýatan, ýatan,
tekeleriň utamyş bölümindäki ýatagan tireleriniň ady bilen manydaşdyr.
Mahmyt Kaşgarynyň sözlügindäki ýatuk görnüşinde ulanylan bu söz
etnonimiýada “oturymly”, “göçüp-gonmaýan”, “çomur” diýen manyny
aňladýar.
150
JAFARBAÝ
Ganbatar Türkmenistanda, şeýle-de Eýrandaky Türkmensährada
ýaşaýan ýomutlaryň iki uly bölüminiň birine Jafarbaý diýilýär
(beýlekisine Atabaý). Bu at “Jafar diýen baýyň ili” diýen manydadyr,
çünki bu taýpanyň dörän ýerinde, ýagny Etrek we Gürgen derýasynyň
boýlarynda ýaşaýan türki taýpalaryň arasynda jafarbegli we jafarbegi
diýen uruglara-da duş gelinýär. Ähtimal, bu ýerde Jafar diýen bir atlyabraýly adam ýaşap, XVI—XVII asyrlarda ili öz daşyna toplan bolsa
gerek.
JELAÝYR
Orta asyrlarda dörän türki taýpalaryň biri-de jelaýyrlardyr.
G.P.Wasilýewanyň pikirine görä, XV—XVII asyrlarda bular türkmen
hasaplanypdyr. G.I. Karpow hem jelaýyrlary alili, owşar ýaly türkmen
taýpalaryna ýakyn garyndaş hasaplap, onuň uruglarynyň arasynda güjük,
hojanazar, aryk ýaly atlary göterýänleriň bardygyny belleýär. Jelaýyr
diýen adyň hakyky manysy barada maglumat ýok, ýöne şu atdaky urugtireleriň özbek, gazak, garagalpak we gyrgyz halklarynyň düzüminde-de
bardygyny ýatlap geçýäris.
JOJAŇ, SOJAN, SOJAK
Kaşgaderýa welaýatynyň Mübärek şäheriniň ýakynynda ýerleşen
Saryk obasynda ýaşaýan saryklaryň arasynda jo:jaň (o sesi uzyn aýdylýar),
Ýolöten, Tagtabazar raýonlarynda ýaşaýan saryklaryň so:jaň, Gökdepe
tekeleriniň düzümindäki so:jak tireleriniň bir kökden döränligine olaryň
ady şaýatlyk edýär. Tagtabazarly ýaşulular bu ady “sojagan”, ýagny
“sojap dem alýanlar” diýip düşündirseler, mübärekli saryklar jojaň diýen
ady juý-e jeň diýen täjik sözleri bilen baglanyşdyrýarlar (täjik dilinde
juý—“ýap”, jeň—“uruş” diýmekdir, ýagny “uruş ýaby” ýa-da “uruşlu
ýap”). Berilýän gürrüňlere görä, saryklaryň ýabynyň üstünde uruş bolup,
gan dökülipdir. Elbetde, bu gürrüňleriň hakykylygyna ynanmak kyn,
ýöne etnonimleriň asyl manysy barada häzirlikçe başga maglumat ýok.
151
JÖGI
Ärsarylaryň we burkazlaryň düzümindäki jögi diýen tireleriň
adynyň edebi dildäki jögi (jögülek etmek) sözi bilen dahyly ýok.
Aslynda jögi (jugi) sözi Orta Aziýa siganlarynyň esasy üç bölüminiň
biriniň etnik adydyr (olara multoni hem diýilýär). Bu jögüler topar-topar
bolup, obama-oba aýlanyp, dilegçilik, tebipçilik etmek, pal atmak bilen
meşgul bolýarlar. Olara Çärjew welaýatynda jögüler diýilýär. Bu etrabyň
gepleşiklerine jögi etnonimi täjik we özbek dillerinden geçipdir. Aslynda
hindi (sanskrit) dilinde jögi sözi “dilenjeň”, “gedaý” diýen manydadyr.
Çärjew welaýatyndaky gepleşiklerde-de bu söz hut şol manyda ulanylýar.
Biziň pikirimizçe, ýog (hindi ýoglary) we orus dilindäki Baba Ýaga (“jögi
mama”) sözüniň ýaga sözleri hem jögi sözi bilen asyldaşdyr. Jögi diýen
türkmen tireleriniň adynyň döremegine siganlar bilen gylyk-häsiýetiniň,
belki-de, keşpleriniň meňzeşligi sebäp bolan bolsa gerek.
JÖHIT
Orta Aziýa halklarynyň aglabasy ýewreý diýen etnonime derek jöhit,
özbeklerde bolsa ýahudi sözüni ulanýarlar. Etnonim klassyk edebiýatda
we dessanlarda köp duş gelýär:
Gündogardan günbatar,
Tersa, jöhit hem tatar (Magtymguly).
Ýa-da: Dine girmeýen mülhidem,
Hem tersaýem, hem jöhidem (“Nejep oglan”).
Alilieriň onbegi urugynyň we Kaşgaderýa welaýatynda ýaşaýan
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 32
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.