Latin

Şejere - 14

Süzlärneñ gomumi sanı 3701
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Gyzylarbadyň ýer-ýurt atlarynda parnlaryň galdyran yzlary şu wagta
çenli saklanýar. Meselem, bu etrapyn orta asyrlardaky Ferawa (Paraw),
şu ýerdäki dagyň Partaw, Paraw obasyndaky gadymy mawzoleýiň
Parawbibi, Gyzylarbat gumundaky guýynyň Par diýen atlarynda par
diýen etnonime duş gelýäris. Şu raýonyň Purnuwar obasynyň ady hem
aslynda Parnwart bolup, ol “parlaryň galasy” diýen manyny aňladypdyr.
Bu adyň parn böleginiň yzyndaky –n, ähtimal, köplük goşulmasy
bolmaga çemeli, wart sözi bolsa hindi-ýewropa diller toparynda kert
(Stepanakert), gorod, grad (Petrograd, Leningrad, Nowgorod) sözleri
bilen asyldaş bolup, “şäher”, “gala” ýaly manylary aňladýar. Halaç
raýonyndaky Pelwert obasynyň adynda wert/wart sözi gadymy
görnüşini saklapdyr. Ýeri gelende aýtsak, Pelwert diýen adyň taryhy
çeşmelerde duş gelýän Parwart görnüşi Halaç etraplarynda-da parlaryň
ýaşandygyna güwä geçýär. Bu atda parn diýen etnonimiň yzyndaky -n
goşulmasynyň düşüp galandygyny hasap etmesek, Perwart diýen oba
hut Purnuwar—Parnwart diýen obanyň gadymy atdaşydyr, bu atlaryň
manysy, olary emele getiren diller hem birdir.
Par sözüniň gelip çykyşy baradaky ikinji çakalamnyň tarapdary
garagalpak alymy D. Aýtmuratow bolup, ol bu sözi gadymy awar/war
diýen halkyň adyna syrykdyrýar we onuň manysyny “depesinde gulpak
goýýanlar” diýip düşündirýär (war sözüniň manysy barada Burkaz,
warkaz, gerkez, çerkez diýen makala serediň).
Sözümiziň ahyrynda, par-parn diýen gadymy etnonimiň nohurlaryň
parraş, alilileriň parhaýly tireleriniň atlarynda-da duş gelýändigini
belleýäris.
PARSY
Ata, gökleň we ýomut taýapalrynyň düzüminde parsy diýen
tireler bolup, olar türkmen halkynyň parslar bilen eden gadymy
gatnaşyklaryndan habar berýärler. Irki eýýamlardan başlap, hut ýaňyýakynlara çenli türkmenler öz goňşusy bolan parslar bilen durmuşyň
ähli ugurlary boýunça ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar, ençene türkmen
tire-taýpalarynyň parslaryň düzümine siňşi ýaly, parslaryň esasy bölegi
hem türkmenlere goşulyşyp gidipdirler. Türkmen dilinde pars sözleriniň
180
köpdügi ol ýygy gatnaşykdan habar berýär. Aşgabat şäherinde, Kaka,
Tejen, Sarahs raýonlarynda öz ene dilini ýitirmedik, emma türkmen
dilini öz ene dili hasap edýän parslaryň esli mukdary ýaşaýar.
PENJIWAR
Salyrlaryň we saryklaryň penjiwar atly tireleriniň ady tire wekilleriniň
gadymy käri, ýagny olaryň Murgap derýasynyň ýakasyndaky gatlalara
garawullyk etmegi bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Joşup gelen
suwuň ýykmagyndan ýa-da ýagynyň hyýanatyndan goramak üçin, bu
etrapdaky gatlalara garawul goýlupdyr. Meselem, hut geçen asyrda-da
Gowşutbent gatlasyny 200 öýli garawul gorapdyr. Olara penjiwarlar
diýlipdir. Penjiwar sözi parslaryň penj (“bäş”) we war (”agyz”) sözünden
bolup,ilki bäş ýaba bölünýän gatlalary aňladyňdyr.
PEREŇ, PERREŇ
Ärsarylaryň gara bölümindäki pereň, Mary tekeleriniň düzümindäki
perreň (merjenliperreň we begliperreň) tireleriniň atlary “ýewropaly”
diýen manydadyr. Aslynda pereň sözi frank diýen taýpa adynyň
türküleşen görnüşidir. Seljuklar hereketi döwründe (XI asyrda) we ondan
öň Ýewropa çäklerine aralaşan türkmenler bu etrapda ýaşaýan ilata,
esasan hem rumlulara (wizantiýalylara) pereň, ol ýerden Orta Aziýa
getirilýän üýtgeşik harytlara hem pereňi (pereňi mawut, pereňi tüpeň)
diýipdirler. Pereňliler bilen goşulyşan, olaryň käbir topryny öz içine
siňdiren türkmenleriň ýene gadymy watanlaryna dolanyp gelenlerine
pereň, perreň diýen etnik atlaryň dakylan bolmagy mümkindir.
POLAT, POLATKEL, POLATLY, POLATŞA
Ata, gökleň we çowdur taýpalarynda polat, ärsarylarda polatly,
saryklarda hem polatkel we polatşa atly urug-tireler bolup, olara
tirebaşylarynyň ady dakylypdyr. Polat atlar şahslar barada alymlaryň
arasynda dürli pikirler bar. Meselem, Abylgazy polat atly tirelere adyny
geçiren Polady Ürgenç (Köneürgenç) hökümdary Akataý hanyň ogly
Bulat bilen baglanyşdyrýarlar, çünki ol Hywa etrapynyň we bu ýerde
181
ýaşaýan uludepe hem-de güneş ärsarylarynyň hany edilip bellenilýär.
G.I.Karpow bolsa saryklaryň polatkel we polatşa tirelerine Altyn Orda
hany, Şadybegiň ogly Polat hanyň (höküm süren ýyllart 1407—1410)
adynyň dakylandygyny ýazypdyr.
Alymlaryň bu pikirlerini inkär etmek niýetimiz ýok, sebäbi
ärsarylaryň Hywa, saryklaryň hem Altyn Orda hanlaryna garaşly bolup
ýaşandyklary tarhy hakykat (polatşa etnoniminiň şa sözüne üns beriň).
Ýöne Mahmyt Kaşgarynyň döwründe (XI asyr) garlyk türkmenleriniň
bir tiresine bulat 9polat) diýlendigini göz öňünde tutup, ýokardaky
etnonimleriň hiç bolmanda käbiriniň öz gözbaşyny garlyk bulatlaryndan
alandyr diýip çaklaýarys.
PÄKIZE
Ýylanly raýonyndaky Päkize we Omarpäkize obalaryna, Lenin
raýonyndaky bir ýaba ady dakylan päkize diýen garadaşly tiresiniň
etnik ady “arassa”, “başga tireler bilen gatyşmadyk”, “garnuwsyz” diýen
manyda ýüze çykypdyr (ýene Aryk diýen makala serediň).
SABYNLY
Ärsarylaryň gabyrdy urugynyň bir tiresine sabynly diýlip,
Hojambaz raýonyndaky Sabynly Surhy obasyna-da onuň ady dakylypdyr.
Ýerli ýaşulular bu obadaky Sabynly atly öwlüýäde bir düýe ýüki
sabyn üçin öldürilen adamyň jaýlanandygyny gürrüň berýärler, ýöne
hakykatda, sabynly—gadymy türki urugyň ady bolup, ol garagalpak
etnonimiýasynda sapun, Azerbaýjanyň etnonimlerinden dörän ýer-ýurt
atlarynda hem sabynçy görnüşlerinde duş gelýär. Krymdaky Sewastopol
şäheriniň ýakynynda ýerleşen Sapundaga-da hut şu gadymy urugyň ady
geçen bolsa gerek.
Sabynly etnoniminiň asyl köki we ýüze çykyşy barada şulary
aýtmak mümkin. Göräýmäge, bu ady “sabynçylar”, “sabyn ýasaýanlar”
diýip düşündirmek hakykata laýyk ýaly, çünki hünärmentçilik bilen
baglanyşykly dörän tire atlary juda köp, ýöne muňa bu adyň sapun,
sapyn, sabyn görnüşlerinde hem duş gelýändigi şübhe döredýär.
Biziň pikirimizçe, sabynly etnoniminiň asyl köki “birleşik”, “topar”
182
manysyndaky sap sözünden we jemi bildirýän –yn goşulmasyndan
durýar. Sap sözi sabyr etnoniminde we sap-sap goşun, ýüp sapmak
ýaly sözlerde saklanyp galypdyr. Çekimlileri gysga aýdylýan sapyn
sözi soňra türkmen dilinde sa:byn, sa:bynly görnüşine geçipdir (-ly
goşulmasy bu ýerde degişliligi bildirýär). Şu etnonimiň manysy barada
Sabyr diýen makalada serediň).
SABYR
Garadaşly taýpasynyň satykly bölümine degişli sabyr urugynyň
ady gadymy türki sabyr ýa-da sawyr diýen taýpanyň adyndandyr.
Akademik W.W. Bartoldyň ýazyşyna görä, bu etnik at Wizantiýa we
ermeni çeşmelrinde baryp 463-nji ýylda duş gelýär.
Sabyr etnoniminiň gelip çykyşy (köki) barada biz dilçi alym N.
A. Baskakowyň pikirine goşulýarys. Ol bu sözüň sap, sab bölegini
“birleşmek, goşulmak, sapylmak” manysyndaky işlik, -yr bölegini bolsa
hereket edýäniň adyny bildirýän goşulma hasap edýär (goşulmanyň
manysy barada bu pikir hakykata dogry gelmeýär, çünki ol köplügi, jemi
bildirýän goşulmadyr). Diýmek, N.A. Baskakowyň pikiriçe, sabyr sözi
“birleşdiriji”, “jemleýji” ýaly manyny aňladýar. Biz bu adyň “topar”,
“taýpa”, “birleşen il”, “ýygyndy” ýaly manysynyň tarapyny tutýarys.
Sabyr, sawyr diýen adyň sagyr (Sagyr diýen makala serediň)
sözi bilen asyldaş bolmagy hem mümkindir, bu ýerdäki g—w we w—b
sesleriniň orun çalşygyny dil nukdaýnazardan düşündirmek gaty aňsat:
oglak—owlak, ögret—öwret we ş.m.
Ylmy çeşmelerde sabyr etnoniminiň manysy barada çaklamalar
başga-da köp. Biz olara onçakly ynanmasak-da, şu ýerde käbirini ýatlap
geçeliň.
G.I. Karpow bir işinde sabyrlary gadymy suwar etnonimine
syrykdyryp, onuň manysyny “atly”, “at münmäge suwara” diýip
düşündirýär. Ol başga bir işinde sabyrlary grek çeşmelerinde sapar,
sapur, parsça kitaplarda şapur, şahpur görnüşlerinde duş gelýän
gadym etnonim bilen baglanyşdyryp, onuň manysynyň hem “şazada”
bolmalydygyny ýazýar.
Ikinji çaklama ýerli ýaşulularyň maglumatlaryndan gelip çykýar.
Olar sabyr urugyna tirebaşynyň (geçmişdäki uly hanyň) adynyň
183
dakylandygyny gürrüň berýärler. Dogrudan-da gadymy Ýazyr ýurdunda
(garadaşlylar ýazyrlardan döräpdir) şeýle taryhy şahs bolupdyr. XIII
asyrda II ýyllap bu ýurtda Hinduhan höküm sürýär. Tagta dawa etmez
ýaly, ol öz dogany Omar hany ýurdundan kowýar we onuň gözlerini
oýmagy buýurýar. Jellatlar rehim eip, ony gözüni oýman kowýarlar.
Doganynyň höküm süren II ýylynda Omar kör bolup gezýär, şeýle
sabyrlylyk zerarly, oňa Sabyr han diýen ikinji at dakylýar, ol Ýazyr iline
han bolýar, 1220-nji ýylda mongollardan gorkup, Horezmden gaçan
Türkan hatyny öz ýurdunyň (Ýazyr ýurdunyň) serhetine çenli ugradýar,
ýöne bu rehimsiz şa aýal ony serhetde öldürýär. Belki, ýerli ýaşulularyň
rowaýaty şu han bilen baglanyşyklydyr.
Sözümiziň ahyrynda, sabyr atly urug-tireleriň Azerbaýjanda,
Türkiýede we Wolga boýlarynda ýaşan türki halklaryň düzüminde-de
duş gelýändigini ýatlap geçýäris.
SAGYR
Sagyr we sagry görnüşlerinde iki dürli ulanylýan bu etnik at salyr
(Hojambaz raýony), saryk we teke (Aşgabat) taýpalarynda saklanypdyr.
Şeýle atdaky tireler Gökdepe we Mary etraplarynda-da bolupdyr, oňa
şu raýonlardaky Körsagyr diýen obalaryň ady güwä geçýär. Biziň
pikirimizçe, etnonim sag (bu barada Sak diýen makala serediň) sözünden
we köplügi, jemi bildirýän –yr goşulmasyndan durýar.
SADRAK, SADYR
Salyrlaryň sadrak we Stawropol ülkesinde ýaşaýan çowdurlaryň
sadyr tireleriniň atlary sad sözünden we –yr diýen köplük goşulmasyndan
durýar. Sadrak diýen atda onuň yzyna keçeltmekligi (tiräniň kiçiligini)
bildirýän –ak goşulmasy hem goşulypdyr (sad –yr –ak). Abylgazy saýyr
atly türkmen tiresiniň adyny tutýar, bu sözüň hem Oguz hanyň gyrnak
aýalyndan bolan oglunyň adydygyny belleýär. Şundan çen tutsaň,
sadyr—saýyr sözleri bir kökden dörän bolmaly, çünki türkmen dilinde
d-ý ses çalşygyna köp duşulýar: adak—aýak (aýak), adgyr—aýgyr we
ş.m. K,G sesleriniň aňsatlyk bilen ý sesine geçýänligi (Egemberdi—
Eýämberdi, tük—tüý, dügme—düwme—düýme weş.m.) nazara alyp,
184
sadyr diýen tire adyny ýokarda derňelen sagyr, yzda getiriljek saýynly
etnonimleri bilen bir hayarda goýmak mümkin.
SAZANDA
Ýemreli ýaşululary özleriniň sazanda tiresiniň adyny geçen
asyrda ýaşap geçen meşhur Baba sazandanyň (tirebaşynyň) ady bilen
baglanyşdyrýarlar. Baba sazandanyň asly ýemrelileriň dagly bölüminiň
garataýly urugyndan bolup, ol saz çalanda, hamala, bilbilller bu hoş
owaza aşyk bolup, dutaryň sapyna gonar eken.
SAÝYNLY
Çärjew raýonynda ýaşaýan salyrlaryň saýynly urugynyň adyny
ýerli saýynhany (söýünhany) diýen etnonimiň gysgalan görnüşi
hasaplaýarlar, ýöne bu adyň aslyny saklar bilen baglanyşdyrmak hakykata
has ýakyn bolsa gerek, çünki saýyr, saýat (saýat) ýaly etnonimler muňa
güwä geçýär, eger şeýle bolsa, onda bu adyň fonetik ösüş ýoly şeýledir:
sakyn—sagyn—saýyn. Diýmek, bu at sak sözünden, jemi bildirýän –yn
we degişliligi (degişli tiräni) aňladýan –ly goşulmalaryndan durýar.
SAK
Türkmenleriň we ençeme beýleki türki halklaryň gadymy atababalary bolan saklar biziň eramyzdan öňki müňýyllyklarda köp
sanly göçme taýpalaryň birleşmesinden emele gelip, uly we güýçli
halk derejesine ýetipdir. Olar biziň eramyzdan öňki VIII—IV asyrlarda
Orta we Merkezi Aziýanyň (Orta Aziýanyň, Gazagystanyň, Gündogar
Türküstanyň) giň sähralarynda ýaşapdyrlar. Gadymy grek alymy
Gerodotyň ýazmagyna görä, biziň eramyzdan öňki III asyrda höküm
süren Eýran şasy Dariýiň eýýamynda saklara dahlar hem diýlipdir
(bu barada Dah, daý diýen makala serediň). Ýewropa göçen saklar
skif diýen at bilen bellidir. Bu etnonimiň köki hem sak sözündendir.
Taryhda mälim bolşuna görä, saklaryň bir bölegi mundan 2300 ýyl öň
Türkmenistanyň territoriýasyna aralaşyp, Parfiýa döwletini döretmäge
işeňňir gatnaşýar. Soňra bu saklar türkmen we beýleki türki däl we türki
185
halklaryň arasyna siňip gidýär, olaryň maddy we medeni durmuşynynda,
şol sanda etnonimiýasynda öçmejek yz galdyrýar. Meselem, türkmen
tire-taýpa atlary bolan sakar, saýat, saýynly, sakaw, zak, zyk, şag, şagal,
şawman, çaka, çakan, çakyr ýaly ençeme etnonimler hut sak sözüniň
gatnaşmagynda dörän atlardyr. Azerbaýjan, türk, gazak, gyrgyz, özbek
etnonimiýasy barada-da ýagdaý şeýledir.
Ýewropa, orus we ençeme sowet alymlary saklary (skifleri) Eýran
dilli halk hasap edýärler, emma türk alymlarynyň ählisi, azerbaýjan
alymy G. Geýbullaýew, garagalpak alymy D. Aýtmuratow, geçen asyryň
görnükli orus etnografy N. A. Aristow we beýlekiler saklaryň türk dilli
bolandygyny belleýärler: saklaryň hemmesi bolmasa-da, olaryň belli bir
bölegi türki dilde gepläpdir. Belki, Eýran dilli halklar bilen gatyşanlary
soňra bu dili kabul edendir.
Saklary Eýran dilli halk hasaplaýn alym A.I. wan Windekens sak
sözüni parslaryň “it” manysyndaky seg, sek sözüne syrykdyrýar we bu
etnonimi totemden dörän at hasaplaýar. Käbir adamlar bolsa bu adyň
sak (sakçy, garawul) diýen türki sözden dörändigini ýaňzydýarlar. Sak
sözüniň düýp köki barada D. Aýtmuratowyň çaklamasy üns bererlikdir.
Ol bu gadymy türki halkyň sak/şak diýen adyny “gamçy, “örülen saç”
manysyndaky çagyk sözi bilen baglanyşdyrýar we ony “depesinde
örülen saç goýýanlar” diýip düşündirýär. Dogrudan-da, geçmişde türki
halklaryň esgerleri, umuman erkek adamlary şeýle saç goýupdyrlar. Hut
ýaňy-ýakynlara çenli türkmen obalarynda depesi (ýa ýeňsesi) gulpakly
oglanlary görmek bolýardy. Bu ýagdaý ata-babalarymyzyň şol gadymy
däbiniň dowamydyr. Eger D. Aýtmuratowyň şu pikiri dogry bolsa, onda
sak sözüniň “gulpak”, “örülen saç” manysynyň tarapyny tutup biljek
sakak diýen türkmen sözüniň bardygyny hem ýatladýarys. Ol tuwalga
(şlem), telpek, şlýapa ýaly başgaplaryň başdan gaçmazlygy üçin, eňegiň
aşagyndan geçirilip daňylýan ýüpi aňladýar.
SAKAW, SAKAWY
Ärsarylaryň sakaw we ýomutlaryň sakawy diýen tireleriniň atlary
sak diýen gadymy halkyň adyndan we köplügi, jemi bildirýän –aw (asly
–ak) goşulmasyndan emele gelen bolsa gerek. Bu adyň tirebaşynyň
lakamy bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkindir.
186
SAKAR, SAKARJA, SAKARLY, SAKGAR
Sakar we Sakarçäfe raýonlaryna adyny geçiren sakarlaryň ady
Mahmyt Kaşgary, Reşideddin ýaly orta asyr alymlarynyň işlerinde
agzalmaýan bolsa-da, bu taýpa gadymy we uly türkmen taýpalarynyň
biridir. Onuň bölekleri soňra beýleki türkmen taýpalarynyň düzüminede aralaşypdyr. Meselem, burkazlarda sakarja, ärsarylarda sakarly,
baýatlarda sakarçarlak, ata we gökleňlerde bolsa sakgar diýen urugtireler bar. Bu atlaryň ählisi sakar sözünden döräpdir.
Taryhçy Abylgazy han sakarlary Oguz hanyň nesillerinden Garagazy
begiň Gabajyk diýen oglundan önen nesil hasaplaýar. Ol sakarlaryň uly
atasyna Kaşga-çora (Kaşga-jora) diýlendigini, bu şahsyň Ärsary baýyň
Mamabike diýen gyzynyň azatlyga goýberen gulunyň 4-nji ogludygyny
belleýär (beýlekileri Hydyr-jora, Aly-jora we Igbek). Şu awtoryň
ýazyşyça, Kaşga-joranyň iline soňra garaöýli, ahyrda hem dagsakar,
sakar diýen at dakylypdyr, kaşga we sakar sözleriniň manysy bolsa birdir.
Abylgazy Kaşga-joranyň iliniň Ajydeňziň (Garabogazyň) ýakynynda,
Amyderýanyň (ýagny Üňzüň) kenarynda ýurt tutandygyny, bu ýeriň
ekerançylyk we maldarçylyk üçin ýaramsyzdygy üçin, garaňýli iliniň
garyplaşyp, balykçylyk bilen meşgullanýan kenarýaka taýpalarynyň
ýanyna göçenligini hem habar berýär.
Alymlar sakar etnoniminiň aňladýan manysyny anyklamaga
ýeterlik üns beripdiler, ýöne olaryň ençemesi bu ady reňk aňladýan
sakar sözi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Meselem, Abylgazy kaşga we
sakar sözlerini manydaş diýse, Çärjew welaýatyndaky taýpa-tireleriň
etnografiýasy boýunça barlag geçiren Ýa.R. Winnikow sakar etnonimini
Töre Garabeg diýen sakar serkerdesiniň münen sakar aty, ýagny
Hywa hanynyň çozup gelen goşunlarynyň garşysyna sakarlaryň beren
gaýtawulyna Töre Garabegiň sakar atyň üstünde ýolbaşçylyk edendigi
we ýeňiş gazanandygy bilen baglanyşdyrýar. Sakar şiwesi barada iş ýazan
dilçi alym Gülnar Meňliýewanyň getirýän rowaýatynda Ärsary baýyň
uly toýunda bolan at çapyşykda maňlaýy sakar atly ýigidiň ýeňendigi
üçin, oňa we onuň iline sakar adynyň dakylandygy gürrüň berilýär.
Biziň pikirimizçe, beýle rowaýatlaryň sakar etnoniminiň hakyky
manysy bilen asla dahyly ýok. Biz bu adyň düýp köki barada G.I.
Karpowyň we D. E. Ýeremeýewiň çaklamalaryny hakykata ýakyn
187
hasaplaýarys. D. E. Ýeremeýew bu ady sak diýen gadymy halkyň
adyndan we är sözünden çaklap, ony “sak adamlary”, “sak ili” diýip
düşündirýär. Ýöne bu alymyň sakar sözüniň yzyndaky –ar goşulmasyny
är sözünden hasaplamagy nädogry, çünki ol, edil tatar, awar, hazar,
owşar, gajar, suwaar, tüwer etnonimlerinde bolşy ýaly, köplügi, jemi
bildirýän goşulmadyr.
G. I. Karpow sakar etnonimini gadymy grek alymlarynyň
eserlerinde teswirleýän sak, sakarauk, sakaraul ýaly taýpalaryň
adyndan hasaplaýar. Straabonyň ýazyşyça, biziň eramyzdan öňki 206njy ýylda sakarauklar Syrderýanyň orta akymyndaky Sogdianany
basyp alyp, ol ýerden Mara gelýärler. Gerodot bu halky Garabogaz bilen
Maňgyşlagyň aralygynda ýerleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, sakarauklar
(sakaraullar) saklaryň özüdir ýa onuň bir bölümidir.
Diýmek, sakar etnonimi gadymy saklaryň etnik adyndan we -ar
goşulmasyndan hasyl bolup, ‘sak ili”, “saklar” diýen mänyda ýüze
çykypdyr. Bu ýagdaý türkmenleriň (umuman, türki halklaryň) düzümine
gadymy saklaryň giňden aralaşandygy baradaky taryhy maglumatlaryň
üstüni ýetirýär.
Sakar etnoniminiň sakgar görnüşi ilatyň şiwe aýratynlygy bilen
baglanyşykly (sekiz—sekgiz, dokuz—dokguz, saka—sakga we ş.m.)
Geçmişde saklaryň etnik adynyň sakka görnüşinde hem ulanylandygyny
şu ýerde ýatlap geçeliň.
SAKY
Ärsarylaryň çakyr urugynyň düzümindäki saky tiresiniň adyna
“mirap”, “saky” diýip düşündirýän bolsalar-da, biz bu etnik ady hem
saklara syrykdyrmakçydyrys. Bu adyň, şeýle-de barany, gaýy, bagty,
bükri, garrawy, göki, gunny, gyrgy, sanjary, ýabany, ýagmyry ýaly
ençeme etnonimleriň düzüminde duş gelýän –y/-i goşulmasy bolsa
gadymy türki dillerde köplügi, jemi aňladypdyr. Dörän döwründe a sesi
gysga bolan saky etnonimi soňra türkmen dilindäki sa:ky sözüniň täsiri
astynda uzyn a sesli söze öwrülipdir.
188
SALAK, SALYK
Ýomutlaryň salak diýen uly urugynyň ady Oktýabr raýonyndaky
Salakbent, Salakýap, Şagadam etrapyndaky Salakseňňir diýen ýerýurtlara hem dakylypdyr. Şeýle atdaky tirelere alilileriň, Ahal tekeleriniň,
salyk atly tirelere bolsa burkazlaryň düzüminde-de duş gelinýär. Aşgabat
raýonyndaky Ýasmansalyk obasy hem ýasman we salyk tireleriniň
ýaşaýanlygy üçin şeýle at alypdyr. Salah, salahly diýen etnonimler
Azerbaýjanda, Gürjüstanda, Ermenistanda we Türkiýede, salyk atly
tireler bolsa gyrgyzlaryň düzüminde-de duş gelýär. Bu ýagdaý ol etnik
toparlaryň juda gadymydygyndan habar berýär.
G.I. Karpow salak etnonimine “hünäre ukypsyz, salkamsajak, sölite” diýip, nädogry düşündiriş berýär. Hakykatda, bu at sal
sözünden we –yk ýa-da –ak diýen gadymy köplük sany, jemi bildirýän
goşulmadan durýar. Sal sözüniň manysy belli däl. Azerbaýjanly alym G.
Geýbullaýew ony (sal ýa-da zal sözüni) gadymy gunlaryň bir taýpasynyň
ady hasaplaýar we bu etnonimiň Rostow oblastynda Don derýasynyň
çep goşandy bolan Sal derýasynyň, Salsk şäheriniň, Sal sährasy
(Salskaýa step), diýen giň territoriýanyň, Azerbaýjandaky Salian
şäheriniň atlarynda saklanandygyny belleýär. Munuň üstüne Altaý we
Kemerewo ülkelerindäki Salaýyr atly şäheriň hem-de dagyň atlaryny
goşmak mümkin. Diýmek, salak, salyk atly tireler gadymy gunlar bilen
baglanyşykly ýüze çykypdyr. Şu at barada ýene-de Salar, Salyr diýen
makalalara-da serediň.
SALTYK
“Saltyklar” diýen meşhur türkmen mukamlar toplumyny dünýä
beren bu urugyň ady ärsarylarda we olamlarda saklanyp galypdyr. Onuň
wekilleri häzir Çarşaňňy we Garabekewül raýonlarynda, Täjigistanyň
Jylyköl diýen ýerinde, köp bölegi bolsa Owganystanyň Akja we
Şybyrgan welaýatlarynda ýaşaýarlar. Alymlar bu etnik ady tirebaşynyň
ady bilen baglanyşdyrýarlar. Meselem, W.A. Gordlewskiý Arzyrumda
XII asyrda Saltyk diýen türkmen hanynyň höküm sürendigini belleýär.
Taryhdan mälim bolşuna görä, 1263—1264-nji ýyllarda seljuk oguztürkmenleriniň bir bölegi Saltyk babanyň baştutanlygynda Kryma
189
göçüpdir. Ýöne biziň pikirimizçe, tiräniň ady adam adyndan däl-de,
tersine, şol belli şahslaryň atlary saltyk diýen ertnonimden dörän bolsa
gerek. Abdylhekim Gulmuhammedow we Mäti Kösäýew dagy saltygy
seljuk diýen adyň üýtgän görnüşi hasap edýärler, ýöne bu pikiri hem
ylmy taýdan esaslandyrmak zerur.
Biz saltyk diýen ady ikä bölüp, onuň sal bölegini gunlaryň sal
taýpasynyň adyna syrykdyrmakçy (Salak diýen makala serediň).
Adyň –tyk bölegi biri-biri bilen sepleşip giden –t we –yk diýen köplük
goşulmalaryndan ybarat bolsa gerek.
SALYR, SALAR, SALARGAZAN
Türkmenleriň içinde häzire çenli özbaşdak taýpalygyny saklap
gelýän iňňän gadymy oguz-türkmen taýpasynyň biri salyrdyr. Mahmyt
Kaşgary ony 24 türkmen taýpasynyň içinde 5-nji orunda goýýar. Ort
asyr alymlarynyň galanalary (Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba we
Abylgazy) bu taýpany 17-nji orna geçirip, ony Oguz hanyň Daghan
oglunyň birinji çagasyndan ýaýran il hasap edýär. Adyň manysy barada
bu alymlaryň pikiri şeýle: Reşideddin: “Nirä barsa, gylyç we çalagy
(naýzasy) iş görür”; ýazyjy-ogly: “Sal, ur, ýagny kanda bolsaň, gylyç
bilen çomagyň rowan bolsun”; Salar Baba: “Her kişi ýetse, gylyç we
çalak urgaý”; Abylgazy: “Gylyçly”. Bu alymlaryň ählisi salyrlaryň
tagmasynyň gazaýakly (ýagny gazyň aýagyna meňzeş. Bu barada
Gazaýakly diýen makala serediň) bolandygyny görkezýärler. Hut şonuň
üçin salyrlara geçmişde gazaýaklylar hem diýlipdir.
Şeýlelikde, ýokarda sanalan alymlaryň ählisi salyr diýen ady
“sal, ur” ýa-da “salyr” (“gylyç salar”) sözleri bilen baglanyşdyrýarlar.
Bu bolsa eýýäm orta asyrlarda salyr etnoniminiň hakyky manysynyň
unudylandygyny, onuň şol döwrüň dilinde bar bolan sözler arkaly
düşündirilmäge başlanandygyny görkezýär. Türki etnonimleri derňän Ýu.
Hemet ýaly meşhur alym hem salyr sözüniň şu manysyndan uzaklaşyp
bilmändir we bu ady “çozuşa taýyn batyr esger” diýip düşündiripdir.
Biziň pikirimizçe, salar, salyr etnonimleri salak, salyk diýen atlar
bilen bir kökden, ýagny sal diýen gun taýpasynyň adyndan we jemi,
köplügi bildirýän –ar/-yr diýen gadymy türki goşulmadan emele gelipdir
(bu barada Salak makalasyna serediň).
190
Indi salyr, salar we salargazan etnonimleriniň degişli taýpalaryny
anyklalyň.
Salyr—özbaşdak taýpadyr, ol tire hökmünde saýatly we hydyrili
taýpalarynyň düzümine hem giripdir. Bularyň bir bölegi 1263-nji ýylda
Kryma göçüp gelipdir, hatda şu ýerdäki Salgir derýasynyň ady hem şu
salyrlar bilen baglanyşyklydyr.
Gňkleňlerde salar diýen tire bar. Hytaýyň Sýunhau welaýatynda
(Pekiniň ýakynynda) ýaşaýan türkmenlere-de salarlar diýilýär. Olar
1370-nji ýylda Samarkant welaýatynyň häzirki Nurata we Goşrabat
raýonlaryndan bu ýere göçüp gelip, öz milli däplerini, dilini şu wagta
çenli saklapdyrlar.
Stawropol ülkesinde ýaşaýan igdirleriň düzüminde hem salargazan
tiresi bolup, ol salyrlardan şu taýpa geçipdir (bu ýerdäki gazan sözi
barada Gazan makalasyna serediň).
Sözümiziň ahyrynda salyr diýen etnonimiň il içinde salar
görnüşinde-de ulanylýandygyny, ärsary, saryk, teke, ýomut ýaly ençeme
türkmen taýpalarynyň hem salyrlar (daşky salyrlar) bilen etnik taýdan
baglanyşyklydygyny ýatladýärys.
SANJAR, SANJARY
Saryklaryň sanjar we tekeleriň sanjary diýen urug-tireleri XII—
XIV asyrlarda döräp, olaryň etnik adyny Marynyň, umuman, seljuklaryň
uly hökümdary bolan soltan Sanjaryň (XII asyr) adyna syrykdyrýarlar.
A.A. Roslýakowyň we G.I. Karpowyň pikirine görä, Sanjaryň urugyna
Marynyň hasylly ýerlerinden köp mukdarda ýer bölünip berlipdir. Ýerli
ilat oňa ilki Sanjary, soňra soltanizler (soltan eziz, ýagny “soltanyň
ezizleri”) diýip at dakypdyrlar. Ýöne soltanizleriň soltanly diýen gadymy
türkmen taýpasy bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkindir.
SARWAN, SARWANLY
Türkmen dilinde sarwan sözüniň “düýe çopany” manysynda
ulanylýandygy we bu dilde düýeji, ak düýeli, erekli, erkekli ýaly düýe
maly bilen baglanyşykly etnonimleriň köplügini nazara alyp, saryklaryň
sarwan we ýomutlaryň sarwanly diýen urug-tireleriniň atlaryny “düýe
191
çopanynyň nebereleri” diýip düşündirmek hakykata laýyk ýaly görünýär.
Türkmenleriň düýäni asylly mal hasaplaýanlygyny, ony mukaddes, eý
görýänligini hem üstüne goşsaň, şeýle düşündiriş has ynandyryjydyr.
Ýöne gyrgyzlaryň we gazaklaryň düzüminde sarman atly uruglaryň
bolmagy bu etnonimleriň juda gadymydygyna, sarwan diýen türkmen
etnoniminiň hem aslynda sarman sözünden bolaýmagynyň mümkindigine
güwä geçýär. Şeýle bolsa, onda bu etnonimleriň köki sar (sary) we man
diýen iki bölekden durýar we “sary ili” diýen manyny aňladýar (sary we
man söleri barada Sary hem-de Türkmen diýen makalara serediň).
SARY, SARYK, SARYJA
Sary sözi bilen gelýän taýpalaryň, uruglaryň we tireleriň türkmenleriň
düzüminde örän köpdügine göz ýetirmek üçin, biz olary ýeke-ýeke sanap,
ýaý içinde-de degişli taýpalaryny görkezeliň: sary (alili, ýemreli, salyr,
burkaz, teke, igdir, änewli, ärsary), saryly (ärsary), saryja (alili, düýeji,
saryk, teke, ärsary), sarybaky (esgi), sarybükri (teke), saryjabaýlar
(ärsary), saryjalyk (ýomut), saryk (özbaşdak taýpa), sarykel (şyh),
sarymolla (şyh), sarysopy (teke), saryhajy (şyh), ärsary (özbaşdak
taýpa). Şu ýerde gyrgyz halkynyň düzüminde sary, gypjaklarda we
katagan özbeklerinde sarybaş, Türkiýäniň Siwas welaýatynda ýaşaýan
türkmenlerde saryjaly, tuwa, gazak, garagalpak, başgyrt, gyrgyz,
hakas, uýgur, goňrat, özbek, azerbaýjan, türk halklarynyň düzüminde
saryk, garagalpaklarda ärsary ýaly sary sözi bilen gelýän etnik atlaryň
bardygyny, ýagny bu sözüň türki halklaryň etnonimiýasynda giňden
ýaýrandygyny ýatladýarys.
Elbetde, bu sanalan etnonimlerdäki sary sözüniň käbir ýagdaýda
tirebaşynyň ady bilen baglanyşykly bolmagy mümkin, ýöne olaryň
köpüsinde bu söz şol bir kökden emele gelip, başga hili manyda ýüze
çykypdyr. Eýsem, nähili manyda?
Gypjaklaryň etnik taryhyny derňän K. Şanyýazow irki eýýamda
sary ýa-da saryk diýen uly türki taýpanyň ýa-da taýpalar birleşiginiň
bolandygyny çaklaýar. Dogudan-da, IX asyrda Syrderýanyň orta
akymyndan gündogarda sary atly gypjak taýpasynyň ýaşandygy bellidir.
Türkmen alymy S.Agajanowyň pikiriçe, gök gözli we sary saçly bolany
üçin, olara sary diýen etnik at dakylypdyr. Akademik W.W. Bartoldyň
192
ýazyşyça, orta asyrlarda saryklaryň üstüne çozan gaýylar olary Sary
diýen ýurtdan kowýarlar, sarylaryň uly bölegi türkmenleriň arasyna
siňýär. Şu alym sarylaryň, şeýle-de orus senenamalarynda köp ýatlanýan
polowesleriň we kumanlaryň aslynyň birdigini hem ýaňzydýar. Başgyrt
alymy R. G. Kuzeýew sary, saryk we gypjak etnonimleriniň şol bir
manyda ýüze çykandygyny, bu taýpalaryň hem bir kökden dörändigini
belläpdir. Dogrudan-da, gypjak sözüniň aslynda guba (deňeşdiriň: guba
düýe, guba dag) sözüniň ýatandygyny, kuman, kuban diýen etnonimleriň
hemm guba sözündendigini, gypjaklaryň orusça terjimesi bolan polowes
sözüniň hem “sary, guba” manydaky polowoý diýen orus sözünden
ýasalandygyny nazara alsak, onda bu taýpalaryň bir kökden döräp,
atlarynyň hem şol bir manyda ýüze çykanlygyna göz ýetirmek kyn däl.
Alymlaryň käbirleri (meselem I.G.Dorodomow) derňelýän
etnonimleriň düzümindäki sary sözüniň reňk ady bilen dahylly bolman,
edil gök oguz, gyzyl oguz, akgoýunly, garagoýunly diýen atlaryň gök,
gyzyl, ak, gara sözleri ýaly, türe-taýpanyň ýaşaýan tarapy (demirgazyk)
bilen baglanyşyklydygyny ýazýarlar.
Şeýlelikde, sary sözi bilen gelýän türki etnonimler taýpa wekilleriniň
saryýagyzlygy ýa-da olaryň ýerleşen tarapy bilen baglanyşykly ýüze
çykypdyr: sary, gypjak, kuman/kuban, polowes diýen atlar hem şol
bir etnik topara degişli bolup, olar şu taýpalaryň atlarynyň dürli dillere
terjime edilen (kalkalaşdyrylan) görnüşidir.
Indi ýokarda sanalan etnonimleriň käbiriniň manylaryny
anyklaşdyralyň: saryly—“sary taýpasyna degişli topar”, saryja—
“sarylara degişli kiçi il”, sarybükri—“bükrüler bilen gatyşan sarylar”,
saryjalyk—“saryja tiresiniň topbal ýeri”, saryk—sary sözüniň gadymy
formasy. D. Ýe.Ýeremeýew saryk sözüniň yzyndaky –k bölegini
söz ýasaýjy goşulma hasaplaýar. G.I. Karpow bu etnonimiň manysy
barada düýbünden başga hili çaklamany orta atýar: saryklaryň legendar
baştutany Ýalkamyş Astrahan hanynyň gyzyna (başga maglumata görä,
gazak gyzyna) öýlenip, başdan –aýak sary eşik geýýär. Şonuň üçin
Ýalkamyşa we onuň iline sary (saryk) diýip at berýärler.
SATYKLY
Garadaşly taýpasyny emele getirýän iki uly bölümiň biri bolan
193
satyklara olaryň urugbaşysynyň ady dakylan bolsa gerek. Çagasy
durmaýan maşgalalarda ýaş çagalara Satyk, Satybaldy, Satyldy, Satym
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 15
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.