Latin

Şejere - 04

Süzlärneñ gomumi sanı 3653
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Reşideddin (XIV asyr), türk alymy Ýazyjy-ogly (XV), Salar
Baba Gulaly ogly (XVI), Abylgazy (XVII) ýaly alymlaryň işlerinde
Alaýondly—adam ady, ýagny Oguz hanyň Daghan oglundan bolan
agtygynyň ady hasaplanýar. Reşideddin, Salar Baba bu adyň manysyny
“gowy mally”, “maly gurat”, Ýazyjy-ogly we Abylgazy bolsa “ala atly”
diýip düşündirýärler. Garagalpak alymy, ýazyjy Daulen Aýtmuratow
alaýuntly etnoniminiň aslyny alaýunlog (ýagny ”alaýüňlek”) sözlerinden
gözleýär we onuň “ala çokully”, “ala saçly” diýen manysynyň tarapyny
tutýar. Onuň pikiriçe, bu at gadymy türkleriň kellesinde (depesinde)
çokul, örülen saç goýmak däbi bilen baglanyşyklydyr.
Her niçik bolsa-da, biz bu etnonimiň “ala atly” manysynyň tarapyny
tutýarys, çünki birinjiden, hytaý çeşmeleri, şeýle-de Ýazyjy-ogly we
Abylgazy bu adyň hut şu manydadygyny nygtaýarlar. Ikinjiden, türki
halklar, şol sanda türkmenler aty mukaddes mal hökmünde eý görüpdirler.
Muny “Ertir turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen türkmen nakyly
hem tassyklaýar. Geçmişiň uruş-dawalara baý eýýamynda atsyz ýaşamak
mümkin hem däl ekeni. Ahal-teke bedewleri ýaly dünýä meşhur atlary
ösdürip ýetişdiren ata-babalarymyz atyň gadyryny gowy bilipdirler,
hatda ölen atyny edil adam jaýlan ýaly jaýlamak däbi hem muňa güwä
geçýär. Diýmek, ala atlar türki halklaryň (türkmenleriň) belli bir topary
üçin totem hökmünde hyzmat eden bolmagy mümkin. Bu toparyň şeýle
atlary ösdürip ýetişdirmek arkaly şu ady alan bomagy-da ähtimaldyr.
Biziň bu pikirimizi gökleňleriň, tekeleriň düzüminde ýaby, hojalarda
baýtally, saryklarda alaşa, garaatly, ýapagy, ärsarylarda, esgilerde
alataýly, taýlar, arabaçylarda aldory ýaly urug-tire atlarynyň saklanmagy
hem tassyklaýar.
Häzir alat we alaýontly diýen etnonimler Türkmenistanda duş
42
gelmeýän hem bolsalar, bu taýpanyň wekilleri Çärjew oblastynyň
territoriýasynda öň ýaşapdyr?/. Muňa Farap raýony bilen serhetdeş
bolan Alat raýonynyň we demir ýol satnsiýasynyň (Buhara oblastynda),
şeýle-de Üçajy posýologynyň ýakynyndaky Alat diýen guýynyň atlary
güwä geçýär.
OLAM, ALAN, ALAM, ALAŇ, AS
Türkmen taýpalarynyň biri bolan olamlaryň wekilleri häzirki
döwürde Hojambaz raýonynyň merkezinde hem-de Kirow (öňki Olam)
oba sowetinde, Çarşaňňy raýonynyň Akgumolam, öňki Dostluk raýonynyň
Olamsurhy obalarynda, Kerki şäherine ýakyn obalarda, Samarkant
şäheriniň Türkmengüzer (ýa-da Kölabat) mähellesinde (kwartalynda),
Surhanderýa welaýatynyň Termez raýonynyň Kepderhana obasynda,
Täjigistanyň Jylyköl raýonynda, şeýle-de Owganystan respublikasynda
ýaşaýarlar. Ýemrelileriň dagly urugynyň düzüminde-de olam diýen tire
duş gelýär.
Salyrlaryň garaman we ýomutlaryň garaçuka bölümlerinde alam,
Kaşgaderýa welaýatynyň Naharystan raýonynda ýaşaýan pamyk
türkmenlerinde bolsa alan diýen tireler bar. Bularyň ählisi aslynda bir
kökden emele gelen toparlar bolup, olaryň olam, alam we alan diýen
atlary hem şol bir sözüň dürli fonetik öwüşginleridir.
Bu taýpalaryň bir wagtky oturan, ýaşan ýa-da häzir hem ýaşaýan
ýerleri barada olaryň etnik atlary dakylan obalar we beýleki ýerler has
ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Olam sözi bilen gelýän we ýokarda
agzalan obalardan başga-da, bu söz Çarşaňňydaky Olamaryk diýen ýaba,
Gyzylgumuň içi bilen Hojambazdan Buhara gidýän gadymy Olamýola,
Ýylanly raýonynyň Keneges obasyndaky Olamýaba dakylypdyr. 1857nji ýyla çenli Ýolötendäki Alamdepäniň töwereklerinde salyrlaryň alam
tiresi ýaşapdyr. Saragtda-da olaryň häzirki oturan ýerine Alamdepe
diýilýär.
Olam diýen adyň ýüze çykyşy barada biz ýerli ýaşululardan
rowaýatlar ýazyp aldyk. Iň ýörgünli rowaýatda aýdylyşyna görä,
olamlaryň ýakyn garyndaşy salyrlardyr. Ir zamanlarda olamlar Ärsary
babanyň raýatynda ýaşapdyrlar. Ärsary babanyň ýanyna gezmäge gelen
bir abraýly adam (ymam) olam kethudasyny görkezip, Ärsarydan: “Bu
43
kim?” diýip sorapdyr. Ärsary hem: “Olam (ol hem) meniň oglum” diýip
jogap beripdir. Şondan soň olamlara şu at galanmyş.
Rowaýatyň hakykat bilen galtaşýan taraplary hem bar. Meselem,
olaryň salyrlar bilen has ýakyn garyndaşlygyny salyrlaryň düzümindäki
alam tiresi, şeýle-de köp ýerde olamlaryň salyrlar bilen goňşulykda
ýerleşişi hem tassyklaýar. Olamlaryň salyr taýpalar birleşigine degişlidigi
barada Hywa hany Abylgazy Bahadyr hanyň “Türkmenleriň şejeresi”
diýen işinde getirýän maglumatlary has ähmiýetlidir. Onuň ýazyşyça,
Köneürgenç etraplarynda ýaşaýan olamlar Suwarjygyň ogly Hurşydyň
nebereleri bolup, olara olam-ürgenji diýýärler. Suwarjyk alp we Ögürjik
alp bolsa Salyr Gazanyň nesilleridir.
Türki halklaryň köküni yzalýalan alymlaryň aglabasy häzirki
olam taýpasyny we olam tiresini gadymy alan diýen halk bilen
baglanyşdyrýar. Dogrudan-da, II—IX asyrlarda alanlar köpçülikleýin
Demirgazyk Kawkazda ýaşapdyrlar. IX—X asyrlarda olaryň bir bölegi
Horezm döwletine degişli bolan Sarygamyş kölüniň töwereklerinde
oturýan ekenler. “Türkmenistan SSR-niň taryhynda” (I tom I kitap)
gürrüň berlişine görä, sarmat massaget taýpalar toplumyna degişli bolan
alanlar baryp biziň eramyzyň I asyrynda Azow deňzinden tä Arala
çenli giň territoriýa ýaýrap, Türkmenistanda, umuman, Orta Aziýada
ýaşaýan halklaryň düzümine giň ornaşan halk bolupdyr. Akademik
A.A. Roslýakow alanlaryň mundan 2000 müň ýyl ozal Türkmenistana
aralaşandygyny, türkmen halkynyň arasyndaky süýri kelleligiň
(dolihosefaliýanyň), gyzyl reňkli eşikleriň, atyň käbir şaý-sepleriniň
türkmenlere hut alanlardan geçenligini belleýär. Taryh ylymlarynyň
doktory, moskwaly alym G.P. Wasilýewa olam taýpasynyň hem-de
salyrlaryň alan urugynyň hut Horasan (ýa-da Sarygamyş) alanlarynyň
nebereleridigini, olaryň Abu Reýhan al-Biruny (973—1050) döwründe
beýleki türkmen taýpa-tireleri bilen goşulyşandygyny ýazýar. Şu
alymyň şaýatlyk etmegine görä, entek X—XI asyrlarda-da şol alanlaryň
gepleşiginde esasy türkmen şiwelerinden ep-esli tapawut bolup, olar
horezmlileriň we peçenegleriň gatyşyk dilinde gepläpdirler.
Diýmek, alanlar azyndan 1000 ýyl mundan ozal türkmen tiretaýpalary bilen gatyşyp, olaryň arasyna siňipdir, ýöne öz gadymy alan
diýen adyny alam we olam görnüşinde şu güne çenli saklapdyr.
Geçmişde alanlara as ýa-da ýas hem diýlipdir. Bu gadymy taýpanyň
44
(halkyň) oseti (osetin) halkynyň döremeginde aýgytly rol oýnandygyny
şu ýerde ýatlap geçmek gerek (ýeri gelende ýatsak, osetileriň gelip çykyş
prosesine—etnogenezine halaçlar hem gatnaşypdyr). Alanlar as diýen
ady os görnüşinde oseti halkynyň adynda şu wagta çenli saklanypdyr
(olam we alam diýen etnonimlerde hem a-o ses çalşygyny görýäris).
Oseti diýen adyň ikinji bölegi –eti gürji dilinde ýurt manysyny berýär.
Deňeşdiriň: Swan—Swaneti—Swanetiýa, Kah—Kaheti—Kahetiýa.
Alan diýen adyň as ýa-da ýas diýen wariantlary-da türkmen
etnonimiýasynda şöhlelenipdir. Muňa çowdurlaryň (igdirleriň)
düzümindäki asa hem-de ýasa diýen tire atlary şaýatlyk edýärler.
Diýmek, olam, alam, alan, as diýen tire-taýpa atlary gadymy
alanlaryň adyna syrygyp, olar türkmen etnonimiýasynyň iňňän irki
gatlagyna degişlidir.
ALAÇA, ALAÇYK, ALAŞA
Türkmen urug-tireleriniň atlary bolan bu sözleriň aslynda bir
kökden dörän bolmagy mümkindir. Wagtyň geçmegi bilen olar dürli
fonetik öwüşginlere eýe bolan bolsalar gerek. Bu sözler tekeleriň utamyş
bölüminde alaça diýen tiräniň, saryklaryň alaşa urugynyň we onuň
polatşa urugynyň alaçyk tiresiniň atlarynda saklanyp galypdyr.
Bu etnonimleriň aňladýan manylary barada taryhy çeşmelerde hiç
zat aýdylmaýar. Halk rowaýatlary hem saryklaryň alaşa urugynyň adyny
Alyşa diýen adamyň (tirebaşynyň) ady bilen baglanyşdyrýar. Alaça,
alaşa diýen sözleriň häzirki manylaryndan ugur alýan düşündirişlere-de
duş gelinýär, ýöne olara ynanmak kyn.
Alaça, alaçyk, alaşa diýen atlaryň manysy we ýüze çykyş taryhy
barada ynançly tutaryk bolmany üçin, biz bu hakda käbir çaklamalary
hödürlemekçi. Birinji çaklama görä, bu atlar käbir türki dillerde duş
gelýän alaş, alaç sözünden emele gelipdir. Akademik W.W.Radlowyň
bellemegine görä, alaş sözi diňe bir gyrgyz urugynyň ady bolmak bilen
çäklenmän, ol “Başga ýerden (tireden) gelen”, “soň goşulan”, “keseki”
ýaly manylary aňladýan sözdür. Türkmen taýpa-tireleriniň düzümine
çetden gelip goşulan ilata şu adyň berlen bolmagy hakykata ýakyndyr,
çünki ähli tire-taýpalara keseki ilat mydama goşulyp durupdyr. Eger şeýle
bolsa, onda alaşa, alaça etnonimleriniň yzyndaky a gadymy at ýasaýjy
45
goşulmadyr. Muňa türkmen tire-taýpa atlary hökmünde ulanylýan baga
(asly bag, ýagny “urug, tire” sözünden), beçene (beçen), çaka, çala
(çal), asa ýa-da ýasa (as ýa-da ýas) ýaly sözler hem mysal bolup biler. Şu
çaklama esasynda alaçyk tiresiniň adyny alaç-jyk ýa-da alaş-jyk (ýagny
“soň goşulan kiçi tire”, “az sanly keseki il”) diýip düşündirmek mümkin.
Ikinji çaklama görä, bu atlaryň alaça, alaçyk diýen türki sözler
bilen baglanyşykly bolmagy mümkin. W.W. Radlow türkmenlerde
daşyna dürli matalar bilen ýapylan öýlere alaça, gyrgyz, tatar (gazan
we Krym tatarlarynyň) dillerinde bolsa çöp-çalamdan edilen kümelere
alaçyk diýlendigini belleýär. Orta asyr türkmenleri gara öýlere-de alaçyk
diýipdirler. Diýmek, bu adyň “alaçalarda (alaçyklarda, gara öýlerde)
ýaşaýanlar” manyda ýüze çykan bolmagy mümkindir.
Ýene bir çaklama görä, bu atlar “gatym-garym ilat”, “köp tire
wekillerinden düzülen” manysyndaky ala sözünden emele gelipdir.
Bu çaklamalaryň haýsynyň hakykydygyna seretmezden, alaça,
alaçyk, alaşa etnonimleriniň köküniň iňňän gadymy döwürlere
uzaýandygyny, olaryň gyrgyz, gazak, türkmen we käbir beýleki türki
halklarynyň bile oturan, ýaşan döwürlerinde dörändigini bellemelidiris,
çünki bu atlar agzalan halklar üçin umumydyr. Hatda geçen asyryň
görnükli orus etnografy N.A. Aristowyň berýän maglumatyna görä, ähli
gazaklaryň ilbaşysyna hem alaşa diýilýär.
ALBAN, ALWAN, ALPAN
Büzmeýin töwereklerinde tekeleriň utamyş bölümine degişli
alwan diýen tire, sakarlaryň hojainebeg bölüminde hem alpan diýen
urug atlaryna duş gelinýär. Sakar raýonynda Alpan, Alpantapça diýen
obalar, Alpanaryk diýen ýap hem bar. Bu etnonimler we toponimler şol
bir etnik adyň dürli fonetik öwüşginlerinden emele gelipdirler.
Alwan we alpan diýen türkmen tireleri öz aslyny alban diýen
gadymy türki taýpadan alyp gaýdýar. V—VII asyrlarda albanlar suwan
diýen türki taýpa bilen birlikde Jetisuwda (Semireçýede) ýaşapdyrlar
we dulatlar diýen taýpalar birleşigine giripdirler. Beýik Türki Kaganat
dagandan soň, bu birleşigi emele getiren taýpalar, şol sanda albanlar
çar tarapa pytrap, häzirki gazak, garagalpak, gyrgyz, türkmen, özbek
halklarynyň arasyna giňip gidipdirler. Ýöne bu halklaryň düzüminde
46
hem şol albanlar öz gadymy adyny saklapdyrlar.
Biziň pikirimizçe, alwan, alpan diýen etnik atlar alp diýen türki
sözden we jemi, köplügi bildirýän an diýen gadymy goşulmadan
durýar. Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärliklerinde, Mahmyt Kaşgarynyň
sözlüginde şeýle-de, häzirki altaý, şor, gyrgyz dillerinde alp sözi
“batyr”, “pälwan”, “gahryman”,”mergen” ýaly manylary aňladýar.
Hatda Mahmyt Kaşgary alp ýürek (ýagny “batyr”) söz düzümini we
“alplar bilen uruşma, begler bilen turuşma” (ýagny “garşysyna gitme,
bäsleşme”) diýen nakyly hem getirýär.
Alp sözi türki hökümdarlarynyň adynyň bir bölegi hökmünde örän
köp ulanylypdyr. Meselem, Turanyň legendar hökümdary we Garahanylar
dinastiýasynyň nesilbaşysy hasaplanýan Afrasiýabyň hakyky türki ady
Alp är toňa (töňňe?) ýa-da Toňa alp ärdir. Gadymy türki patyşalar
we serkerdeler Alp-Gutlug bilge kagan, Alp-Tarhan, Alp-Tegin, AlpTogrul, Alp-Turmuş, Alp-Tutug, Alpagut, seljuk soltany Alp-Arslan
ýaly atlaryň düzümindäki alp sözleri munuň aýdyň şaýadydyr. Salyrlaryň
nesilbaşysy Salyr Gazanyň ýörgünli ady hem Salyr Gazan alpdyr.
Diýmek, alban, alwan, alpan diýen etnonimler bir kökden döräp,
olaryň ilkinji görnüşi alpandyr. Bu taýpanyň wekilleri özlerine etnik at
hökmünde “batyrlar”, “pälwanlar” manysyndaky gowy manyly sözi seçip
alypdyrlar. Bu ýöne ýerden däl. Etnonimika ylmynda taýpa-tire atlary
döreýiş aýratynlyklary boýunça iki topara bölünýär: awtoetnonimler
(halkyň öz-özüne dakýan ady) we alloetnonimler (taýpa-tirelere çetden
dakylýan at). Alloetnonimlerde erbet manyly, kemsidiji atlara duş
gelinýär, ýöne awtoetnonimlerde beýle ýagdaýa gabat gelinmeýär,
sebäbi hiç halk
Züne erbet at dakmaýar. Alpan diýen gadymy at bilen manydaş
etnonimler soňky döwürlerde-de döräpdir. Muňa ärsarylardaky
batyrlar, (Hojambaz etrabynyň Gultak obasy), piller (şu raýonyň
Mekan obasy), alili, pamyk (Kaşgaderýa oblasty) salyr, saryk, änewli,
ärsary taýpalarynyň, şeýle-de kürtleriň şadylly taýpasynyň düzümindäki
palwanlar, pälwanly diýen urug-tireleriň atlary hem myasl bolup biler.
Biziň eramyzyň başlarynda we ondan öň häzirki Azerbaýjanyň
territoriýasynda albanlar diýen halk ýaşapdyr, olar biziň eramyzdan öňki
I müňýyllygyň ahyryndan tä biziň eramyzyň X asyryna çeni Küri (Kura)
we Araz (Araks) derýalarynyň boýunda güýçli döwlet hem döredipdirler.
47
Şol döwürde bu ýere Albaniýa diýlipdir. Balkan ýarym adasynda häzir
Albaniýa Halk Respublikasy bolup, onuň ilatynyň 71 prosentini alban
diýen musulman halk tutýar (dogry, bu halk özüne şkiptar, ýagny
“bürgütler” diýip at berýär). Eýsem, bu albanlaryň biziň gürrüňini edýän
albanlarymyz bilen nähili dahyly bar?
Biziň elimizde bu etnonimleriň şol bir sözden emele gelendigini
tassyklaýan delil ýok. Albaniýadaky albanlaryň dili türki däl-de HindiÝewropa diller toparyna degişlidir. Köp alymlaryň pikirine görä, Kawkaz
albanlarynyň dili hem türki däl, ýöne bu albanlar baryp biziň eramyzyň
başlarynda türki taýpalar bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Şu eramyzyň
başynda Kawkaz Albaniýasynyň demirgazygynda türki halklar ýaşan
bolsa, IV—V asyrlarda bu ýere hazarlar, suwarlar, hunlar, basmiller ýaly
ençeme türki taýpalar aralaşyp, bu albanlaryň diline uly täsir edipdirler.
Şu zatlardan çen tutsaň, Kawkaz albanlarynyň etnik adynyň hem aslynda
alpan sözünden bolaýmagy mümkindir. Soňra bu adyň Balkanda ýaşaýan
albanlar (şkiptara) hem geçendigini çaklamak bolar.
Şu aýdylanlar esasynda, alwan, alpan diýen türkmen urug-tire
atlarynyň gadymy alban diýen türki etnonime sygyrýandygyny, bu etnik
adyň hem biziň eramyzyň başynda ýa-da ondan öňki müňýyllykda (2—
2,5 müň ýyl mundan ozal) dörändigini bellemekçidiris.
ALILI
Magtymguly Garly ýaly ajaýyp bagşyny ile beren alili diýen
türkmen taýpasynyň wekilleri häzirki döwürde köpçülikleýin Kaka
etrabynyň Onbegi we Ýüzbaşy obalarynda, Daşhowuz welaýatynyň
Ýylanly we Lenin raýonlarynda (Alilioýda), Çärjew oblastynyň Dänew,
Farap, Buhara welaýatynyň Peşku raýonlarynda, şeýle-de Owganystan
respublikasynyň Antguýy we Mazaryşerip welaýatlarynda ýaşaýarlar.
Sany boýunça ortagürp taýpalaryň biri bolan alilileriň etnik
adynyň döreýşi we manysy barada dürli rowaýatlar aýdylýar. Türkmen
etnografy G.I.Karpowyň işlerinde getirilýän şeýle rowaýatlaryň birinde
alili diýen etnonim ”ala il”, “agzala il” diýip düşündirilýär. Bu adyň
Aly ili görnüşinden ugur alyp, ony “Alynyň (ýagny Hezret Alynyň)
ili” diýip teswirleýänler hem bar. Hatda arheolog Hemra Ýusupow bu
adyň şu manysyna daýanyp, alilileriň Eýranlara, ýagny yslam dininiň
48
şaýy mezhebine uýýanlaryň galyndylary hasaplaýar. Elbetde, beýle
düşündirişler bilen ylalaşmak mümkin däl.
Dilçi alym O. Çommadow alili etnonimini Magtymguly şahyryň
“türkmen binasy” atly goşgusynyň:
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi—
diýen setirlerindäki Ahal ili söz düzüminiň gysgalan görnüşi
hasaplaýar (Ahal ili—aal ili—alili). Tekeler Ahaly eýelemezinden öň,
alilileriň ýazyrlar bilen goňşulykda, Ahalyň edil jümmüşinde (häzirki
Aşgabat we Gökdepe raýonlarynyň territoriýasynda) ýaşandygyny, hatda
Aşgabat raýonynyň Gypjak obasyna hem alilileriň gypjak urugynyň
adynyň dakylandygyny nazara alsak, O. Çommadowyň pikiri hakykata
laýyk ýaly görünýär, ýöne Magtymguludan has öň, baryp XVII asyrda
ýaşan Hywa hany Abylgazy Bahadyr hanyň “Türkmenleriň şejeresi”
diýen meşhur kitabynda bu taýpanyň adynyň Ahal ili däl-de, hut alili
görnüşinde ulanylandygyny alymyň bu pikirine müňkürlik döredýär.
Abylgazy alilileriň döreýşi we onuň adynyň manysy barada anyk
maglumatlary getirýär. Onuň ýazyşyna we “TSSR-iň taryhynda” ( I tom,
1 kitap) tassyklanyşyna görä, XIV asyryň ortalarynda gadymy Uzboýuň
orta akymynda, Ärsary baýyň raýatynda Hydyr Jora (çeşmelerde Çora),
Aly Jora we Igbek diýen üç sany baý doganlar ýaşapdyr. Bular Ärsary
baýyň gyzy Mamabikäniň azatlyga goýberen gulunyň ogullary eken
(alilileriň arasynda saklanyp galan rowaýatda Aly Jora Ärsary baýyň
inisi hasaplanýar. Seret. “TSSR-iň taryhy”. I tom, 1 kitap, 322 sah. 4-nji
çykgyt). Abylgazy şu işinde garyp düşen özbekleriň (mongollaryň) we
türkmenleriň uly toparynyň Hydyr Joranyň we Aly Joranyň penasyna
özüni atanlygyny, Hydyryň raýatyndaky ile Hydyr ili (hydyrili), Alynyňka
hem Aly ili (alili) diýlip at berlendigini, alilileriň şol döwürde Orta
Uzboýuň iki kenarynda, Aktam we Garrygeçit aralykda ýaşandygyny
ýazýar. Şu etrapda Alilişor adyny häzire çenli saklap galan uly şorlugyň
bolmagy hem Abylgazynyň aýdanlaryny tassyklaýar.
Orta Uzboýda emel gelen alililer Daşhowuz, Çärjew, Buhara
etraplaryna nähili düşdülerkä?—diýen soragyň ýüze çykmagy mümkin.
1578-nji ýylda Üňzüň (Uzboýuň) suwy kesilýär. Onuň ýakasynda ýaşaýan
49
türkmenler, şol sanda alililer hem çar tarapa göçmäge mejbur bolýar.
Olaryň uly bölegi Ahala gelýär, bir bölegi hem Dänewiň Kölaryk—Alili
diýen ýerinde ornaşýar. Ähtimal, Buhara emiri dänewli alilileriň bir
toparyny Buhara göçüren bolsa gerek.
Alililer Daşhowuza-da zor bilen göçürilýär. Hywa hany Allagulynyň
Ahala eden basybalyjykly ýörişleri köplenç ýerli ilaty boýun egdirmek
üçin ony Hywa sürmek bilen tamamlanypdyr. Bu han 1830-njy ýylyň maý
aýynda Kaka etraplaryna eden ýörişinde Kakada (Abywertde) ýaşaýan
alilileri, magtymlary zor bilen sürüp äkidýär we olara Gylyçnyýazbaý
kanalynyň aýagyndan ýer berýär. Olaryň täze ýurtlaryna hem Alilioý we
Magtymoý diýip at berýärler.
ARABAÇY, KANLY
Arabaçy diýen türkmen taýpasy XV—XVI asyrlarda Balkan,
Maňgyşlak etraplarynda dörän bolsa gerek, çünki Mahmyt Kaşgary,
Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba ýaly alymlaryň däl, eýsem
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda-da onuň ady
tutulmaýar.
Taýpa hökmünde arabaçy sözi ilkinji gezek Hywa hanlarynyň
köşk taryhçysy Munisiň “Firdaaus ul-ykbal” diýen işinde ýatlanylýar.
Ol arabaçylaryň ärsarylar bilen goňşuçylykda, Balkan—Maňgyşlak
etraplarynda ýaşaýandygyny, olaryň çowdur taýpasynyň bir bölegidigini
ýazýar. Arabaçylaryň çowdurlara degişlidigi baradaky pikire
ynanasyň gelmeýär, çünki arabaçy ýaşululary özlerini Ärsarybabanyň
arabakeşleriniň nesilleri hasaplaýarlar. Galyberse-de, şahyr Mollanepes
arabaçylary başga taýpalar bilen bir hatarda sanaýar:
Ilbaşy gaýu-baýat, ymykly (bolmalysy: emekli), arap, arabaçy,
Nerezimde bir seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý.
1842-nji ýylda Türkmenistana aýlanan G.I.Danilewskiý hem
arabaçylaryň ärsarylar we tekeler bilen göçüp-gonup ýörendigini
belleýär.
XVII asyryň başlarynda-da arabaçylaryň sany köp däl eken. Muny
olaryň Hywa hany Isfendiýara (höküm süren döwri 1623—1643) tölän
50
salgydynyň (goýnunyň) sanyndan aňmak mümkin: içki salyrlar 17 müň,
eseniler 10.600, gökleňlileriň we adaklylaryň hersi 13.200, arabaçylar
bolsa 4.400 goýun töläpdirler.
Maňgyşlak we Balkan etraplarynda ýaşamak kynlaşansoň, beýleki
türkmen taýpalary bilen birlikde arabaçylar hem oazise özüni atýar.
Olaryň uly bölegi Çärjew töweregine gelip, häzirki Dänew, Farap, öňki
Burdalyk raýonlarynda ornaşýar, bir bölegi hem Hywa etraplaryna göçýär.
Häzirki döwürde şol arabaçylaryň wekilleri Dänew raýonynyň Biragyz,
Kelleaýak, Zergömen, Araky obalarynda, Türkmengala, Baýramaly
raýonlarynda, Buhara welaýatynyň Şafrikan raýonyndaky Arabaçy
obasynda, Garagalpagystanyň Biruny we Amyderýa raýonlarynda duş
gelýär. Azerbaýjanyň Barda we Kedebek raýonlarynda-da Arabaçy
diýen obalar bolup, olar hem bu ýerde arabaçylaryň ýaşaýandygy üçin
şeýle at alypdyrlar.
Arabaçy diýen etnik at, göräýmäge, öz-özünden düşnükli: “araba
ýasaýanlar” ýa-da “araba sürýänler”. Eger bu at şu manyda ýüze çykan
bolsa, onda ony kaňly diýen gadymy türki taýpa bilen deňeşdirmek
has gyzyklydyr. “Türkmen sowet ensiklopediýasynyň” 4-nji tomunda
bellenişine görä, kaňlylar XI asyrda Yrtyş derýasynyň boýlaryndan
göçüp gelen komanlaryň (polowesleriň) ýerli oguzlar (peçenegler)
bilen gatyşyp gitmegi netijesinde XI—XIII asyrlarda Aral sähralarynda
ýüze çykan türk taýpalarynyň birleşmesidir. XIII asyryň görnükli
taryhçysy Reşideddin dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýran we türkmen
diýip atlandyrylýan oguzlaryň uly taýpalary hökmünde gypjaklaryň,
halaçlaryň, kaňlylaryň we garlyklaryň atlaryny tutýar (ýeri gelende
aýtsak, arabaçylaryň 12 urugynyň biri hem garlyklardyr). Bu alym Oguz
hanyň döwründe kaňlylaryň beýleki taýpalardan tapawutlanyp, araba
oýlap tapandygyny, ýüklerini hem düýä däl-de, araba ýükleýändigini,
şonuň üçin hem olara “kaňly” (ýagny “arabaly”) diýlendigini belläýr.
Şol döwürde türki halklar araba kaň diýipdirler, çünki tigirleni barýan
araba kaň-kaň edip ses çykarypdyr.
Eger Reşideddiniň pikiri dogry bolsa, onda arabaçy diýen adyň
göni kalka (terjime) netijesinde kaňlydan emele gelen bolmagy
mümkindir. Ýöne bu ýerde iňkise goýýan zatlar bar. Birinjiden, gazak
dilçisi, akademik Abdyaly Kaýdarow kaňly etnoniminiň aslyny altaý
topar dillerinde “derýa”, “suw” manysynda ulanylan kan, kaň sözi
51
bilen baglanyşdyrýär. Ikinjiden, arabaçy taýpasyndan bolan we XIX
asyrda ýaşap geçen şahyr Aryf özüniň “Nesihatnama” diýen goşgular
ýygyndysynda bu etnonimiň manysyny düýbünden başga sözler bilen
baglanyşdyrýar:
Kiçi agtygydyr ol Oguz hanyň,
Agyn bil, bolmasyn aňa gümanyň.
Soňky adyn sorsaň, erur arbaçy,
Her bir işe seni küşeş kylguçy.
Arbaçy adyna bu erdi sebäp:
Bar erdi bir piri-kämil mukarrap,
Mübärek atlary Seýit Atadyr.
Bir kişi sorady Seýit Atadan,
—Niçe müridiň bar?--diýip andan.
Türkmen ili bu peçene halkydan.
Alarnyň sözlerin sen eşit anka:
—Arbagyn—çil—diýdi Seýit ol Ata.
—Arbagyn “kyrk” bolar arap lebzinde.
Çil ýene”kyrk” bolar parsy lebzinde.
Awamynnas (ýagny sada) halky kyn görüp any,
Arbaçy diýdiler, eşitgil muny.
Diýmek, Aryfyň pikiriçe, arabaçy (arbaçy) “kyrk” diýen
manydadyr.
Her niçik bolsa-da, arabaçy diýen etnik ady gadymy peçenegleriň
nesli bolan kaňlylar we kesp-hünär aňladýan “arabaçy” diýen türkmen
sözi bilen baglanyşdyrmak dogry bolsa gerek, çünki Aryf hem “türkmen
ili bu peçene halkydan” diýip belleýär.
ARAKÇY, ARAKY
Ärsarylaryň bekewül bölüminde arakçy, Dänew, Gärjew, Farap
raýonlarynda we Buhara welaýatynda ýaşaýan salyrlaryň düzüminde
hem araky diýen urug-tireler bolup, olaryň adynyň “arak” sözi bilen asla
dahyly ýok. Bu etnonimler Yrak diýen ýurt adyndan hasyl bolupdyrlar.
Yrak toponimi urdu, dari, puştu dillerinde Arak, käbir Eýran dillerinde
52
Erak, türkmen dilinde hem Yrak görnüşlerinde ulanylýar. Mälim bolşy
ýaly, seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) we ondan soň Yrak, Siriýa
etraplaryna türkmenler köpçülikleýin göçüpdirler (bu ýurtlarda häzir
hem türkmenler köp, hatda olarda türkmen dilinde kitaplar we gazetžurnallar hem çykarylýar).
Akademik W.W. Bartoldyň ýazmagyna görä, orta asyrlarda oguz
türkmenleri üç uly topara bölünipdirler: Seljuk, Balkan we Yrak
türkmenleri. Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda
ýazylyşyna görä, şol döwürde Diňlibegiň ýolbaşçylygynda salyr iliniň
bir bölegi hem Yraga göçüp gelýär. Salyrlardan Ögürjik alp diýen batyr
ýigit döreýär. Ol Yrakda agalyk edýän köp sanly baýyndyr türkmenleriniň
hany bilen tersleşýär we uruşmaga güýji az bolany üçin, ol 900 öýli
salyry we 100 öýli garkyny yzyna tirkäp, Yrakdan gaçýar-da, Şemaha
gelýär. Baýyndyrlaryň çozmagyndan gorkup, bu ýerde-de ýerlemän,
Ögürjik alp öz ili bilen Kryma gelýär. Bu il Krymdan hem gidýär, Itil
(Wolga) derýasyndan geçip, Ýaýyk (Ural) boýuna gelýär.
Ol döwürde bu ýerde kaňly diýen türki taýpa ýaşaýan eken. Olaryň
hany Gökdonlynyň rugsat bermegi bilen, Ögürjik alp öz ili bilen ençeme
ýyl Ýaýyk boýunda oturýar, ýöne ol Gökdonly bilen tersleşip, bu ýerden
hem gaçýar. Gökdonly Ögürjigiň yzyndan ýetip, onuň iliniň 700 öýlüsini
alyp galýar. Ögürjik 300 öýli bilen gaçyp, özüni Maňgyşlaga atýar.Üç
ýyl ol Garahan diýen ýerde oturýar. Ögürjigiň Garahanda ýerleşendigini
eşiden Gökdonly onuň üstüne ýöriş edýär. Ögürjik muny bilip, Balkana
gaçýar. Bu ýerde ençeme ýyl oturandan soň, Ögürjigiň ili häzirki Dänew
raýonynyň Gabakly obasyndan Buhara oblastynyň Alat posýologyna
çenli aralyga göçüp, ýurt tutunýar. Bu barada “Türkmenleriň şejeresi”
diýen kitapda getirilen goşguda (tartymda) aýdylýar.
Diýmek, Yrakdan çykan salyr we garkynlara soňky ýerlerinde
“yrakly” diýiljegi kanuny ýagdaýdyr. Azerbaýjanly yrakly diýen
etnonimiň bardygy biziň çaklamamyzyň hakykata laýykdygyny
görkezýär.
Arakçy we araky etnonimleriň yzyndaky –çy hem-de -y goşulmalary
degişliligi, jemi, köplýgi bildirýärler. Etnonimiýada we toponimiýada
–çy, -çi goşulmasy käbir türki dillerde we türkmen şiwelerinde -ly,
-li ornuna ulanylýar: arakly—arakçy, hywaly—hywaçy, çelekenli—
çelekençi we ş.m.
53
Ýene bir zady bellemekçidiris: Ögürjik alpyň ady Saragtda ýaşaýan
salyrlaryň garaman bölüminiň bir urugynyň ady hökmünde saklanyp
galypdyr. Ýolöten raýonyndaky Ükürjikli diýen gala we demir ýol
razýezdine hem şol urugyň ady dakylypdyr, çünki geçen asyryň ortasyna
çenli ükürjikliler şu ýerde ýaşapdyr.
ARBAP, ERBAP
Baýat, salyr, hatap, ärsary taýpalarynyň düzüminde arbap, mürçeli,
nohurly we änewli taýpalarynda hem arbap diýen tireler duş gelýär. Bu
atlaryň ikisi-de rebb diýen arap sözüniň köplük sany bolup, aslynda ol
“eýe”, “hojaýyn” we “mülkdar” diýen manylary aňladýar. Orta Aziýanyň
dürli ýerlerinde arbap sözüniň “oba kethudasy”, “aksakgal”, “mirap”,
“başlyk” ýaly manylary hem bar. Hywa hany Abylgazynyň işlerinde
bellenişine görä, XVI asyrda bu hanlykda şäher häkimlerine arbap
diýlipdir. Bu titul dürli halklaryň wekillerine, şol sanda türkmenlere hem
dakylypdyr.
Diýmek, arbap, erbap diýen türkmen tirelerine olaryň tirebaşylarynyň
kesebesi, tituly esasynda şeýle at dakylypdyr: arbabyň ili (tiresi)—arbap.
ARYK
Ärsary, teke, ýomut, çowdur taýpalarynyň düzüminde aryk, aryklar
diýen uruglar we tireler bar. Ärsarylardaky arykbatyr urugynyň we
arykberkeli diýen tiräniň, tekelerdäki arykgaraja, arykkör, arykperran
diýen diýen tireleriň atlarynda-da aryk sözüne duş gelýäris. Aryk diýen
urug-tireleriň ýaşaýan (ýa-da ýaşan) obalaryna, eýelik eden ýaplaryna,
galalaryna-da olaryň etnik atlary dakylypdyr. Meselem: Arygoba,
Arygyň jary (Murgap raýonynda); Aryk (Çarşaňňy, Garagum),
Arykbatyr (Kerki), Arykkör (Wekilbazar), Arykkörhaşyrdyk (Mary),
Aryklar (Türkmengala), Arykňerreň (Mary, Murgap) we ş.m.
Türkmen diliniň aglaba gepleşik we şiwelerinde arryk sözüniň aryk
görnüşinde (bir r bilen) aýdylyşyndan ugur alyp, bu etnonimleriň köplenç
“arryk, hortaň adamlar” ýa-da “arryk adamyň ili” diýip düşündirýärler.
Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda türkmen tire-taýpa atlaryny ürç
edip öwrenen we köp sanly ylmy işleri çap etdiren G.I.Karpow hem
54
aryk diýen etnik ady “arryk”, “hor” (toşiý) diýip terjime edýär. Ýöne
beýle düşündirişleriň hakykata laýyk gelmeýändigini bellemelidiris.
Aryk diýen etnonim iňňän gadymy bolup, ol seljuklar hereketinden
(XI asyr) ençeme has öň, ençeme türki halklaryň Altaý, Mongoliýa we
Gyrgyzystan etraplarynda bilelikde ýa-da goňşulykda ýaşan eýýamynda
ýüze çykýar. Muny uýgurlaryň, gyrgyzlaryň, garagalpaklaryň we beýleki
türki halklaryň düzüminde aryk diýen urug-tire adynyň duş gelýändigi
bilen delillendirmek mümkin. Gadymy türki döwürde aryk aýratyn taýpa
ýa-da taýpa birleşigi bolup, dürli sebäplere görä, onuň dagan we ençeme
türki halklaryň arasyna siňip giden bolmagy mümkindir.
Şol agzalýan eýýamda türki halklar aryk sözüni “arassa’,
“sap”, “päkize” ýaly manylarda ulanypdyrlar. Orhon-Ýeniseý ýazuw
ýadygärliklerinde (VI—VIII asyrlar), Mahmyt Kaşgarynyň “Türki
sözleriň diwany” diýen sözlüginde (XI asyr) bu söz hut şol manyda duş
gelýär. Häzirki türkmen dilinde aryk sözüniň ar bölegi arlyk (çaganyň
arlygy), artmak, arçamak (ýagny arassalamak) sözlerinde saklanyp
galypdyr. Stawropol türkmenleri “arassa, päkize, owadan” manylarynda
aruw sözüni ulanýarlar.
Diýmek, aryk diýen etnonim ilki dörän döwründe “arassa taýpa”,
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 05
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.