Latin

Şejere - 37

Süzlärneñ gomumi sanı 3642
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ýaly türkmen etnonimlerini hem hazar diýen at bilen bir hatarda goýmak
mümkindir (agzalan etnonimler barada degişli makalalara serediň).
224
HALAÇ
Gadymy oguz-türkmen taýpalarynyň biri bolan halaçlara Mahmyt
Kaşgary 24 türkmen taýpasynyň iň ahyryndan orun berýär. Bu taýpanyň
gelip çykyşy barada ol şeýle rowaýaty getirýär. 22 türkmen taýpasynyň
taýpabaşylary iki adamyň agyr ýüklerini arkasyna göterip, çagalaryny
yzyna düşürip, yzdan süýrenip gelýänlerini görýärler we bu ikisine
gaharlary gelip: “Gal aç” diýýärler. Şu iki adamdan halaçlaryň iki urugy
emele gelýär we olara soňra halaç diýen at dakylýar.
Reşideddin we onuň işinden peýdalanan Ýazyjy-ogly, Salar Baba,
Abylgazy ýaly alymlar hem aýaly ýolda çaga dogran we şonuň üçin
goşundan yza galan adama Oguz hanyň gahary gelip, “gal aç” diýeni
sebäpli, bu taýpanyň Galaç (soňra halaç) diýen ada eýe bolandygyny
ýazýarlar.
Elbetde, bu rowaýatlaryň halaç etnoniminiň hakyky manysy bilen
dahyly ýok, ýöne olar eýýäm orta asyrlarda halaç sözüniň manysynyň
unudylandygyna güzä geçýärler.
Orta asyrlarda halaçlar beýleki türkmen taýpalary bilen birlikde
Syrderýa boýlarynda ýaşapdyrlar, X asyrda ilkinjileriň hatarynda
Mawerannahrdan Amyderýanyň çep kenaryna göçüpdirler, häzirki Halaç
raýonynyň ady şol halaçlar bilen baglanyşyklydyr. Buhara welaýatyndaky
Halaç obalarynda hem şu taýpanyň galyndylary ýaşaýarlar. Halaç diýen
oba Azerbaýjanyň Salýan raýonynda hem bar. XII asyrda halaçlaryň
uly bölegi Hindistana we Kiçi Aziýa ýurtlaryna gidipdirler. Wengr
alymy G. Wamberi halaç sözüniň gylyç sözünden gözlese, türkmen
taryhçysy S. Agajanow Seljuklar döwletinden garyplaşan çarwa ilata
kalaş diýlendigini belläpdir. Ýöne adyň manysy baradaky bu pikirler
hem göwnüňden tutmaýar.
Biziň pikirimizçe, halaç diýen etnik at hal (kal) diýen sözden we
gadymy köplügi aňladýan –aç goşulmasyndan durýar (deňeşdiriň: gögeç,
kyraç, temeç, çekiç, eleç, ýalawaç we ş.m.) Hal/kal sözüniň gadymy
manysy belli däl, biz türki sözlüklerden onuň manysyna kybapdaş
gelýän sözi tapmadyk. Ýöne şor diýen türki halka soňra goşulan kalar
atly taýpanyň, halama, halam, hallar, hafa, halhal, halahar diýen türkmen
urug-tireleriniň atlarynda-da duş gelýän hal sözi öň kal görnüşinde
bolupdyr. Belki, bu söz gadym döwürde “topar, topbak, üýşmek” diýen
225
many ny aňladandyr, çünki ärsary şiwesinde duş gelýän galak sözi
şeýle pikir etmäge esas döredýär. Şiwede bu söz “Jürrümkesdi” diýen
oýunda maýdançanyň ortasynda gum üýşürilip edilen tümmegi—belligi
aňladýar.
HALWAÇYLAR
Ýemrelileriň halwaçylar tiresiniň wekilleri halwa bejermäge ezber
bolany üçin, şeýle at alypdyr. Kesp-hünär bilen baglanyşykly dörän bu
tiräniň etnik adyna öwrülipdir.
HALKADAGLY
Gökleňleriň gaýy böleginiň bu tiresiniň tagmasy halka şekilli tegelek
bolany üçin, olara halkadagly (“halka tagmaly”) diýen at berlipdir.
Daglamak işliginde duş gelýän dag sözi “tagma” manysynda hem
ulanylýar. Meselem, bir mataldan alnan: “Bir at aldym segsene, segsen
ýerinde dagy bar” diýen setirlere üns beriň.
HASARLY
Kaka we Baýramaly raýonlarynda ýaşaýan ownuk türkmen
taýpalarynyň biri bolan hasarlylaryň etnik ady olaryň öňki
mekanlarynyň—Eýrandaky Deregez diýen ýerindäki Hasar obasynyň
ady bilen baglanyşyklydyr. Özlerine Deregez türkleri diýip at berýän
bu taýpa geçen asyrda Kaka raýonyna göçüpdir, olaryň göçüp gelen
obalaryna-da Täzehasar diýen at berlipdir. Eýran dilleriniň hasar (hisar)
sözi “gala” manysyndadyr.
HATAP
Häzir özbaşdak ownuk taýpalaryň biri bolan hataplary G.I. Karpow
we Ýa.R. Winnikow dagy gökleňleriň bir bölümi hasap edýärler. Kerki
we Dostluk raýonlarynda ýaşaýan bu taýpanyň etnik adynyň döreýşi
barada meşhur rowaýatda bu iliň serkerdesiniň aýalynyň ýolda, düýäniň
hatabynda ogul dogranlygy, ondan önen ile-de hatap diýen adyň
226
dakylandygy gürrüň berilýär.
Hataplara olaryň tagmasynyň düýäniň hatabyna meňzeşligi üçin
şeýle adyň dakylan bolmagy hem mümkindir.
HOJA
Respublikamyzyň köp ýerlerine ýaýran dagynyk öwlat taýpalarynyň
biri hojalar bolup, olaryň etnik ady ençeme türkmen taýpalarynyň
(mürçeli, nohurly, salyr, çowdur we ärsarylaryň) düzüminde-de duş
gelýär. Hoja sözi şeýle manylary aňladýar:
1) “mugallym”;
2) ”baý”;
3) “garry”;
4) “uly;
5) “dört çaryýarlaryň neberesi”.
Hojaýyn we orus dilindäki hozýain sözleri hem şol bir kökden (hoja
sözünden) emele gelipdir.
HOJADYRYK
Ahal tekeleriniň düzümindäki hojadyryk diýen tiräniň adyny G.I.
Karpow “ýarym hoja” diýip düşündirýär we hojalaryň beýleki taýpalardan
ogullyga alan perzentlerinden önen nesle şeýle at berilýändigini belleýär.
HOJAILI
Sakar raýonyndaky ownuk taýpalaryň biri bolan we aslyny
hoja saýýan hojaililieriň etnik ady “hojalaryň ili” diýen manydadyr.
Garagalpagystandaky Hojaili şäherine-de şu taýpanyň ady dakylypdyr.
HOJALYK
Darganata raýonyndaky Hojalyk oba sowetine adyny geçiren bu
tiräniň ady sakarlaryň hojainebeg urugynyň düzüminde-de duş gelýär.
Bu etnonim hoja sözünden we degişliligi aňladýan –lyk goşulmasyndan
emele gelipdir. Manysy—“hojalar ili”.
227
HORASANLY
Ärsary, sakar, salyr, saryk, nohurly we hoja taýpalarynyň horasanly
diýen urug-tirelerine olaryň gadymy döwürde oturan ýurdunyň ady
dakylypdyr. Türkmenistanda Köpetdagyň eteklerine we şu etrap bilen
serhetleşýän Eýran welaýatlaryna geçmişde Horasan diýlipdir.
XIV asyr türkmen alymy Hafiz-i Abruwyň berýän maglumatyna
görä, orta asyrlarda Nusaýyň ýakynynda Salyr atly obalar bar eken.
Horasanly salyrlaryň şu ýerde ýaşap, şeýle etnik ada eýe bolandygyny
Ata Jykyýew hem belläpdir.
HURDOÝMAK
Garadaşlylyaryň we şyhlaryň düzümindäki hurdoýmak tireleriniň
ady parslaryň “bölek, ownuk, kiçi” manysyndaky hord we mongoltürki dillerdäki oýmak/aýmak (ýagny “taýpa”, “oba”. Serediň:Aýmak)
sözlerinden emele gelip, “kiçi taýpa” diýen manyda ýüze çykypdyr.
S.M. Demidow orta asyr türkmenleriniň gatyşan çarwa urug-tirelerine
hutdoýmak diýip at berýändigini belleýär.
HYWALY, HYWAÇY
Mürçeli, nohurly, sakar we çowdur taýpalarynyň hywaly, ýomut we
düýeji taýpalarynyň hem hywaçy urug-tireleriniň etnik ady “Hywadan
çykan il” diýen manyny aňladýar. Etnonimiýada bu atlaryň yzyndaky –
ly we -çy goşulmalary şol bir hyzmaty ýerine ýetirip, biri-biriniň ornuny
çalşyp bilýär. Geçmişde Horezm ülkesine we Daşhowuz, Köneürgenç
etraplaryna tutuşlygyna Hywa diýip at beripdirler.
HYDYRILI
XVI asyrda Uzboýuň orta akymynda alililer we düýejiler bilen
birlikde taýpalar birleşigini emele getiren hydyrililer hut soňky
wagtlarda-da özbaşdak taýpalygyny saklapdyrlar. XVI asyrda Uzboýuň
suwy kesilenden soň, onuň wekilleri dumly-duşa pytramaga mejbur
bolupdyrlar. Şeýlelikde, olaryň bir bölegi Horezm etraplaryna, uly bölegi
228
hem Çärjew töwereklerine (Sakara) göçüpdirler. Çärjew töweregine
ýerleşmedik hydyrilileriň uly bölegi Buhara we Samarkanta gidipdir.
Häzir Buhara welaýatynyň Alat, Garaköl raýonlarynda we Samarkant
raýonynyň “Moskwa” kolhozynda şol hydyrililleiň uly toparlary
ýaşaýarlar.
Uzboý hydyrilileriniň birt bölegi Maňgyşlagyň üsti bilen Stawropol
ülkesine tarap süýşen bolsa gerek, çünki bu ýerdäki igdirleriň düzüminde
hydyrili diýen tire bar. Hydyrili taýpasynyň adyny “Hydyryň ili” diýip
düşündirmek, Hydyry bolsa taýpabaşynyň ady hasaplamak, göräýmäge,
hakykatdan üzňe däl ýaly, çünki Abylgazy bu şahsy ýaşap geçen
adam hökmünde suratlandyrýar. Onuň ýazmagyna görä, Ärsary baýyň
Mamabike diýen gyzy dört ogly we iki gyzy bolan bir guluny azatlyga
goýberýär. Ol Uzboýuň ugrundaky Kürtüşata etraplarynda orun tutýar.
Özi we aýaly ölenden soň, onuň ogullary barha gurlanýarlar. Onuň
Hydyr çora (jora) diýen ogly soňra hydyrilileriň, Aly-çora—alilileriň
taýpabaşysy, Igbek diýen üçünji ogly uly baý, Kaşga diýen ogly hem
sakarlaryň baýtutany bolýarlar.
Arheolog Hemra Ýusubow orta Uzboýdaky Kürtüşata mawzoleýini
şol Hydyr-çoranyň jaýlanan ýeridir diýip çaklaýar.
Inkär edip bolmajak şeýle delilleriň bardygyna, Uzboýuň suwy
kesilenden soň, Hydyrili taýpasynyň uly böleginiň Sakara—öz gadymy
garyndaşlarynyň ýanyna göçüp baranlygyna seretmezden, biz hydyrili
etnoniminiň ýüze çykyşy barada düýbünden başga hili bir çaklamany
okyjylaaryň dykgatyna ýetirmekçi.
Malim bolşy ýaly, hydyrili diýen at köne çeşmelerde hyzyrili,
hyzrili, hazrili görnüşlerde z harpy bilen ýazylýar. Wolga boýunda
Hazarystan diýen uly döwletiň düýbüni tutan hazarlaryň türkmenler
bilenýakyn gatnaşykda bolanlygyny ýada salsak, onda hydyrili
etnoniminiň “hazar ili” manysynda ýüze çykanlygyny bellemek bolar:
hazar ili—hazyr ili—hyzyr ili—hydyrili (bu barada Hazar makalasyna
serediň).
HÄNDEKLI
Dänew we Farap raýonlaryndaky salyrlaryň düzüminde händekli
diýen urug bolup, Farapdaky Händek obasyna hem onyň ady geçipdir.
229
Händek ýa-da handak—gadymy oguz taýpasydyr. Arap alymy Idrisiniň
şaýatlyk etmegine görä, ol X asyrda Ruz (Gyrgyzystandaky häzirki Çu)
derýasynyň ýakasynda ýaşapdyr. Onuň galyndylary soňra salyrlaryň,
goňratlaryň we beýleki taýpalaryň arasyna siňipdir.
Gadymy çeşmelerde handag görnüşinde duş gelýändigini hazara
alyp, käbir alymlar bu oguz etnonimini Oguz hanyň 5-nji ogly Daghanyň
ady bilen baglanyşdyrýarlar (daghan—Haandag ili). Ýöne bu pikir bilen
doly ylalaşmasak-da, adyň hakyky manysy barada häzirlikçe elimizde
başga tutaryk ýok.
ÇAGATAÝ
Sakarlaryň hojainebeg bölüminde we Buhara oblastynyň Alat
raýonynda ýaşaýan çowdurlaryň düzüminde çagataý atly tireler bar.
Sakar çagataýlary çagataýbala (“ýokarky çagataý”) we çagataýpaýan
(“aşaky çagataý”) diýen iki bölege bölünýär.
Çagataý—Çingiz hanyň ikinji oglunyň adydyr. Oňa Mawerannahr,
Jetiögüz we Gündogar Türküstan bölünip berilýär, bu giň ýurt Çagataý
ulusy diýip at alýar, bu ýerde ýaşaýan ilata-da Çagataý türkleri
diýipdirler. XIV asyrdan soň Çagataý ulusynyň aýtymy daralyp, ol diňe
Mawerannahry (Amyderýa we Syrderýa aralygyny) öz içine alýar. Sakar
we çowdur çagataýlarynyň hem aslynda Çagataý ulusynda ýaşandyklary
üçin, olara şeýle at berlipdir (sakar çagataýlary 1780-nji ýyllar çemesinde
Sakara Samarkant etraplaryndan göçüp gelipdirler).
ÇAÝY, GARAÇAÝLY
Ärsarylaryň bekewül bölüminiň 10 urugynyň birine çaýy (ça:ýy)
diýilýär. Ýomutlaryň maşryk urugynyň düzüminde-de çaýy etnonimine
duş gelinýär. Bu urugyň wekilleri Çärjew welaýatynyň Garabekewül,
Daşhowuz oblastynyň Köneürgenç, Oktýabr, Täjigistanyň Jylyköl
raýonlarynda, esli bölegi hem Owganystanda ýaşaýar.
Türki dillerde çaý sözüniň “çeşme”, “derýa” ýaly manylaryndan
ugur alyp, çaýy diýen etnik adyň manysyny “çaýly” ýagny “çeşmäniň
(derýanyň) kenarynda ýaşaýanlar” diýip düşündirmek mümkin. Bu pikiri
Stawropol ülkesiniň Garaçaý-Çerkes awtonom oblastynda ýaşaýan
230
garaçaý ýa-da garaçaýly diýen türki halkyň ady hem tassyklaýar, çünki
onuň ady “gara suwly çaýyň ýakasynda ýaşaýan il” diýen manyda ýüze
çykypdyr. Çaýy diýen etnonimiň manysy baradaky bu çaklama hakykata
laýyk bolsa, onda çaýy urugyny düzýän gutluçal, körçal, söýünçal
diýen üç esasy tiräniň adyndaky çal sözlerini hem “çaýly” diýen adyň
gysgalan görnüşi hasaplamak mümkindir.
Alymlar çaýy etnoniminiň, şeýle-de taryhy (waka), emeli
(hemra), gazaky (goýun), türkmeni, täjiki ýaly sözleriň yzyndaky
–y goşulmasyny pars-täjik dillerinde degişliligi bildirýän affeks hasap
edýärler. Beýli pikir türkmen diline giçki döwürlerde aralaşan sözler
babatda hakykata laýykdyr, ýöne iňňän irki eýýamlarda—türki dilleriň
altaý dil birligini düzen döwürlerinde dörän goňşy, ýagşy, garşy, dagy
ýaly sözlerde, şeýle-de barany, bagty, bükri, gaýy, garrawy, gowly,
gyrgy, sanjary, soky, surhy, ýabany ýaly türkmen etnomimlerinde –y
affiksi gadymy türki goşulma bolup, ol diňe bir degişliligi däl, eýsem
köplügi hem aňladypdyr.
ÇAKA, ÇAKAN, ÇAKMAK, ÇAKÇAK, ÇAKYR
Sözbaşyda sanalan etnonimleriň düzümindäki çak sözi olaryň bir
kökden dörän bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Degişli taýpalaryny
ýaý içinde getirmek bilen, biz olary täzeden sanap geçeliň: çaka (teke,
esgi), çakan (ýemreli, mürçeli, salyr, teke, hydyrili, çandyr, çowdur,
ärsary, garawul), çakanalagöz (ýomut), çakmak (çowdur, ärsary),
çakçak (çowdur), çakyr (ärsary, alili, gökleň, mukry).
Bu sanalan atlardan çakan, çakmak, çakyr ýalylarynyň manysyna
dogry geläýjek sözleri häzirki türkmen dilinden hem tapmak mümkin.
Meselem, çakan diýen etnonimiň çakan gözli tirebaşynyň adyndan
bolmagy ähtimal, çünki çakanalagöz diýen etnonim onuň hut şu
manysynyň tarapyny tutýar. Çakyr diýen ady bolsa “aran” manysyndaky
çakyr sözi (rus dilindedäki ýakor hem şu sözdendir) ýa-da çakyr diýen
aw guşunyň ady bilen baglanyşdyrmak mümkin. Bu ýagdaýda çakyr
etnonimi tagmanyň görnüşine görä döräpdir ýa-da totemden emele
gelipdir.
Çak sözi bilen gelýän etnonimleriň ýüze çykmagyna ýatlanan
ýagdaýlaryň sebäp bolup biljekdigini inkär etmezden, biz olaryň asyl
231
köki barada düýbünden başga çaklamany orta atmakçy: bu atlar gadymy
sak diýen etnonime syrygýar (Sak diýen makala serediň). Saklaryň ady
geçmişde sak, saka, şak, şaka, çaka görnüşlerinde-de ulanypdyr. Türki
dillerde s-ş we ş-ç ses çalşygy ýay fonetik hadysa däl: baş—bas, gaş—
kas, şiýşe—çüýşe, çi’lik—şaşlyk we ş.m. Eger bu çaklama hakykata
dogry gelýän bolsa, onda çaka, çakan, çakyr etnonimleriniň soňundaky
–a, -an, -yr goşulmalary köplügi, jemi bildirýärler.
Bu atlaryň saklardan gaýdýanlygyny subut edýän delil hökmünde
olaryň juda gadymydygyny, çakmak etnoniminiň özbeklerde, azerbaýjan
etnonimiýasynda, çakçak diýen tiräniň gazak argynlarynda, gyrgyzlarda,
çakyr diýen sözüň hem azerbaýjanlarda, gyrgyzlarda, hatda gadymy
bulgarlaryň düzüminde bardygyny ýa-da bolandygyny şu ýerde ýatlap
geçýäris.
ÇAL, ÇALÇA, ÇALBAR, ÇALBOZAN, ÇALMA, ÇALŞAK,
ÇALYŞ
Çal sözi bilen gelýän etnonimler türkmen taýpalarynyň aglabasynda
duş gelýär. Meselem, çal/çallar (baýat, ýomut, hatap, ärsary, garawul
taýpalarynda), çala (alili, saryk, teke, ärsary), çalbar (çowdur),
çalbozan (saryk), çalma (ärsary), çalmak (pamyk), çalyş (ärsary, hatap,
esgi). Çal, çala, çalyş diýen tire-taýpa atlary gyrgyzlaryň, özbekleriň,
azerbaýjanlaryň düzüminde-de bar. Bu bolsa beýle atlaryň juda
gadymydygyndan habar berýär. Meselem, seljuklar hereketinden (XI
asyrdan) öň türkmenler Günorta Gyrgyzystanda oturypdyrlar. Olaryň bir
şäherine (galasyna) Çalyş diýlipdir. Bu ýerde çalyşlar ýaşandygy üçin,
ol şeýle at alypdyr. Çalyşlaryň bir bölegi seljuklar bilen Siriýa barypdyr.
Türk alymy Faruk Sümer XVI asyrda çalyş diýen şol oguz taýpasynyň
Halapda ýaşandygyny habar berýär.
Ýokarda aýdylanlardan çen tutsaň, iňňän irki eýýamlarda çallar
uly türki taýpany emele getirip, soňra olar çar tarapa dargan we beýleki
taýpalaryň düzümine siňen bolarly. Bu etnik adyň çal sözüni çal başly
(çal sakgally) taýpabaşynyň lakamy bilen baglanyşdyrmak göwnejaý
bolaýjak ýaly, çandyrlaryň çalbaş tiresiniň ady hut şeýle düşündirişiň
tarapyny tutýar. Ýöne çal sözi bilen gelýän etnonimleriň beýlekilerinde
bu sözüň a sesiniň gysga aýdylmagy olaryň köküniň başga sözdendigine
232
güwä geçýär. Üstesine-de, Dörtgül (Garagalpagystan) türkmenlerinde bu
etnonim çalabaş görnüşinde gysga aýdylýar.
Biz türki dillerde s sesiniň ş, ş sesiniň ç sesine geçiş kanunalaýyklygyny
göz öňünde tutup, (bu barada Çaka, çakan diýen makala serediň), çal
sözi bilen gelýän etnonimleriň Salak, salyr makalalarynda teswirlenen
sal diýen gun taýpasy bilen baglanyşykly bolaýmagynyň mümkindigini
şu ýerde ýatlap geçýäris.
ÇANDYR
Garrygaladaky Çendir (Çandyr) jülgesine adyny geçiren çandyrlar
Daşhowuz, Çärjew, Buhara, Samarkant we Kaşgaderýa welaýatlarynda
ençeme obalary emele getiren dagynyk türkmen taýpasydyr. Olaryň şunça
giň territoriýa ýaýramagyna Buhara w Hywa hanlarynyň “Bölüşdir-de
höküm sür” diýen syýasaty sebäp bolupdyr. Ilki Hywa hany özüne garşy
gidýän bu uruňgan taýpanyň bir ýerde jemlenmeginden heder edip, olary
bölüşdiripdir we hanlygyň çet-çemerelerinden ýer beripdir. Şeýlelikde,
Lenin, Ýylanly, Darganata raýonlaryndaky we Ürgenç etraplaryndaky
Çandyr obalary emele gelipdir. Hywa hanynyň bu syýasatyny Buhara
emiri hem ulanypdyr. Netijede, çandyrlar Dänew, Çärjew, Farap, Buhara
welaýatynyň Garaköl, Alat, Samarkant welaýatynyň Nurata, Pesdargam,
Kaşagaderýa welaýatynyň Baharystan, Ulýanow raýonlaryna
göçürilipdir.
Taýpa wekilleriniň uruşmaga, göreşmäge gaty ökde bolandygyny,
Özbegistanyň atly pälwanlarynyň köpüsiniň hut şu taýpadan
çykanlygyny göz öňünde tutup, ýerli ýaşulular öz taýpalarynyň adyny
“siňir” we “çeýe” manylarynda ulanylýan çandyr diýen şiwe sözünden
hasaplaýarlar. Ýöne beýle düşündiriş onçakly ynandyrmaýar. Biz çandyr
diýen etnonimi gadymy çowdur taýpasynyň adyndan çaklaýarys, çünki
gurluş taýdan bu atlar meňzeşdir. Galyberse-de, orta asyr alymlarynyň
işlerinde çawuldyr görnüşinde duş gelýän bu etnik ady XV asyr alymy
Ýazyjy-ogly çawyndyr görnüşinde ýazypdyr.
ÇARŞAŇŇY
Çarşaňňy raýonynda, Kerki, Oktaýbr we Tagtabazar raýonlaryndaky
233
Çarşaňňy obalaryna, Saýat raýonynda bir ýaba adyny geçiren çarşaňňy
urugy ärsarylaryň bekewül bölümine degişlidir. Abylgazy Lamma
(kitapda laýna) çarşaňňy uruglaryny Ärsary babanyň Inelgazy diýen
oglundan önen il hasap edýär, ýagny Inelgazynyň Töre diýen oglundan
Lamma, Sokman diýen oglundan hem Çarşaňňy diýen ogul bolup,
olaaryň neberelerine (uruga) hem şu ogullaaryň atlary geçýär.
Il içinde aýdylýan rowaýatlar çarşaňňy diýen ady “4 sanay şaňňy
sesli adymyň nesli” diýip düşündirýärler. (parsça çar—“dört” diýmekdir).
ÇARYK, ÇARYKLY, ÇARH, JARUK, JARUKLUK
Gökleň we nohurlylaryň düzümindäki çaryk, burkaz we
ýomutlardaky çarykly, salyrlardaky çarh diýen urug-tireleriň atlary
Mahmyt Kaşgarly tarapyndan ýatlanýan jarukluk diýen oguz-türkmen
taýpasynyň adynyň gysgalan görnüşidir.Mahmyt ony iň soňky (22-nji)
orunda goýup, bu taýpanyň az sanlydygyny, tagmasynyň näbellidigini,
özüniň hem Barçuk etraplarynda ýaşaýandygyny ýazýar.
Çaryklaryň çagrak diýen türkmen taýpasy bilen baglanyşykly
bolmagy hem mümkindir. Çagraklar XIII asyryň başynda Horezmşalaryň
goşunynda gulluk edip, mongollaryň çozuşy döwründe owganystana we
Pakistana gaçypdyrlar.
Çaryk diýen etnonimi A. P. Poseluýewskiý tire wekilleriniň çaryk
geýýändigi bilen baglanyşdyrsa, G. P. Wasilýewa ony saryk diýen
taýpanyň adyndan hasaplaýar.
Bu adyň asyl köki barada ýene iki çaklamany orta atýarys. Mahmyt
Kaşgary çar (çar/çarmak) sözüni “maşgala” (ýagny “urug”) diýip
düşündirýär. Gadymy uýgur dilinde ýazylan budda rowaýatlarynda
bolsa çar sözi “örülen saç” diýen manydadyr: uzun saçyn çar tugup
– “uzyn saçyny örüp düwüp”. Gadymy türk erkekleriniň depesinde
örülen saç goýmak däbini ýada salalyň. Şeýlelikde, çaryk etnoniminiň
“garyndaşlar topary” ýa-da “depesi örülen saçlylar” manysynda –yk
goşulmasy köplügi, jemi, topary aňladýar.
ÇATRAK
234
Ärsarylaryň uludepe bölüminiň çatrak urugynyň ady çat, çatmak,
çatma, çaty, çatalba, çatan sözlerinde duş gelýän çat sözünden we
gadymy türki –r hem-de –ak diýen köplük goşulmalaryndan ýasalyp,
“birleşen, goşulyşan il” diýen manyda ýüze çykypdyr.
ÇEGES
Dänew raýonyndaky salyrlaryň bir urugy çegeslerdir. Abylgazy
Balkan etrapynda ýaşaýan tüwerleriň arasynda Çekes (Çeges) atly
begiň bolandygyny ýazýar. Şundan ugur alyp, bu etnik ady şu şahs
bilen baglanyşdyrmak mümkin. Ýöne ol bege etnik adyň dakylmagy,
çeges urugynyň bolsa aslynda çig, çigil diýen gadymy türki taýpalardan
gaýdýan bolmagy, biziňçe, has ynandyryjydyr, çünki çig sözüniň
yzyndaky –es köplük goşulmasy bolup, bu etnonim “çigler” diýen
manyda ýüze çykypdyr.
ÇEKIR
Ärsary, gökleň, salyr, sakar taýpalarynyň düzüminde çekir,
çowdurlarda hem çekirbaý diýen urug-tireler bar. Olaryň adyndaky çekir
sözüniň manysy babatda hakykata ýakynlygy taýdan biri beýlekisinden
kem oturmaýan iki sany çaklamany okyjylaryň dykgatyna hödürleýäris.
Birinji çaklama görä, çekir diýen at ýokarda derňelen çeges etnonimi
bilen manydaşdyr: ol çek (çeg, çig) sözünden we -ir diýen köplük
goşulmasyndan hasyl bolup, “çigler” diýen manyny aňladýar. Ikinji
çaklama Orta Aziýada baryp yslamdan hem öňki döwürden dowam
eden çekirlik gullugy bilen baglanyşykly. Akademik W.W. Bartoldyň
ýazyşyça, bu etrapdaky hanlar, begler, uly we hatda ortagürp baýlar öz
köşgüni, mal-mülküni gorap saklamak üçin hakyna tutma garawullar,
družinnikler saklapdyrlar. Olara çekirler diýip at berlipdir. Halaç
raýonynda ýaşaýan çekir ýaşulularynyň beren maglumatyna görä, hut
şu asyryň 20-nji ýyllaryna çenli Garagumdaky örülerini we mallaryny
dürli çozuşlardan hem-de talaňçylykdan goramak üçin, ýerli baýlar çekir
urugynyň ýigitlerini garawul (çekir) gullugyna kabul edip, olara hak
töläpdirler. Çekir etnoniminiň ýüze çykyşy şu çaklamalaryň haýsy-da
bolsa birine esaslanýar.
235
ÇEMÇE, ÇOMUÇLY
Geçen asyryň ortalaryna çenli Murgap raýonyndaky Çemçedepe
diýen ýerde ýaşan çemçe atly saryk tiresine tagmasynyň görnüşine
görä şeýle at dakylypdyr. Bu tagma çemçäni ýada salýar (aşagy dik
çyzykly tegelek). Hatap taýpasynda şeýle tagmaly tirä çomuçly diýip
at beripdirlert. Çömüçli, çömüşli diýen urug-tireler başgyrtlaryň,
garagalpaklaryň, özbek gypjaklarynyň we goňratlaryň düzüminde-de
bar. Moldowada, gagauz halkynyň merkezi bolan Komradyň (onuň ady
goňrat diýen etnonimden) ýakynyndaky Çimişliýa posýologynyň ady
hem Çömüşli diýen urug adyndan emele gelipdir. Bularyň ählisiniň
tagmasy şol bir görnüşe eýedir.
ÇEPNI, ÇEPI
Gadymy oguz-türkmenleriň 24 taýpasynyň sanamasynda Mahmyt
Kaşgary çepnileri (jebni) 21-nji, Salar Baba—22-nji, Reşideddin,
Ýazyjy-ogly we Abylgazy dagy hem 16-njy orunda goýýar, soňky üç
alym çepni sözüni Oguz hanyň 4-nji ogly Gökhanyň 4-nji çagasynyň we
ondan önen iliň ady hasaplasa, Salar Baba ony Deňizhanyň 2-nji oglunyň
ady çaklaýar. Bu alymlaryň çepni sözüne berýän düşündirişleri şeýle:
Reşideddin: “Nirede ýagy görse, heminsöweşer”; Ýazyjy-ogly: “Kanda
ki ýagy görse, derhal söweşer we çapar”; Salar Baba: “Her kanda ýagy
bolsa, tawakkuf kylgaý, uruşgaý”; Abylgazy: “Bahadyr” (ýagny “batyr”,
“gahryman”). Türk alymy I. Kafesoglu şu alymlaryň ýazanlaryndan ugur
alyp, çepni diýen etnonimi goşunyň düzülüşi bilen baglanyşykly dörän
atlaryň hataryna goşýar.
Abraýly alymlaryň çepni taýpasyna beren mahabatly
düşündirişlerini inkär etmezden, biz bu etnonimiň “kiçi bölek”, “topar”,
“süri” manysyndaky gadymy çep, çöp diýen türki sözden emele gelip
biljekdigini hem bellemelidiris. Mahmyt Kaşgary çöp sözüni “bölejeik”
manysynda ulanypdyr: Bir çöp ýegil—“bir bölejik iý”. Türk dilinde
we türkmen diliniň ýomut (maşryk) şiwesinde mal agylyna-da çeperi
diýilýär. Şulardan ugur alyp, çeni diýen at “bölejik il”, “topar”, “kiçi
taýpa” manysynda ýüze çykandyr çaklaýarys.
Seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) çepnileriň uly bölegi Eýrana,
236
Türkiýä, Kawkaza, Yraga aşypdyr. Türkmenistanda diňe gökleňleriň
düzüminde çepni, atalarda hem çepi diýen tireler duş gelýär.
Alili, ata, gökleň, hatap we hydyrili taýpalarynyň çepbe, çowdur
we ärsarylaryň çepek, burkazlaryň çepbeje diýen tireleriniň hem şol
gadymy çepniler bilen bir kökden dörän bolmagy mümkindir.
ÇERIKLI, ÇERLI
Samarkant welaýatyndaky Nurata türkmenleriniň düzümindäki
çerikli we saryklaryň çerli tireleri, biziň pikirimizçe, baryp VIII asyryň
ýazuw ýadygärliklerinde agzalýan gadymy türki çerikli taýpasynyň
galyndylarydyr. Şol wagtyň türki dillerinde “goşun”, “esger” manysynda
çerik sözi ulanylypdyr. Diýmek, bu etnonim “esgerler ili” diýen manyda
ýüze çykypdyr.
ÇIG, ÇIGIL
Çig we çigil sözleriniň hersi bir gadymy türki taýpanyň ady bolup,
olar VI—VIII asyryň Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärliklerinde-de
duş gelýär. Meselem, şu işlerde çig diýen gadymy halkyň Ýeniseýiň
ýokary akymlarynda, Saýan daglarynda ýaşaýandygy görkezilýär. Biziň
pikirimizçe, çigil diýen etnonim hem aslynda çig diýen etnik atdan we
–il diýen köplük goşulmasyndan ybaratdyr. Çig diýen etnonim häzirki
wagtda ata, ýomut we teke taýpalarynyň, çikje tiresi ýomutlaryň
düzüminde saklanypdyr. G.I. Karpowyň dogry belleýşi ýaly, alili,
ýomut we teke taýpalaryndaky çil/ çiller diýen tireleriň ady gadymy
çigil etnoniminiň gysgalan görnüşidir. Garadaşlylaryň çildir, Nurata
türkmenleriniň çilikli, hataplaryň çillikli tireleriniň adyny hem çigil
sözüniň gysgalan görnüşinden (çil sözünden) emele gelen etnonimleriň
hataryna goşmak mümkin.
Ýusuf Balasagunynyň “Kutadgu bilig” diýen eserinde we gadymy
uýgur hatynda ýazylan budda rowaýatlarynda çigil sözüne “garamaýak
il” diýlip düşündiriş berilýändigine garamazdan, biz çig we çigil
etnonimleriniň aslyny çigmek, çigin, çigit sözlerinde saklanyp galan çig
sözi bilen baglanyşdyrmakçy. Çig, çigin sözlerinde “düwün”, “topbak”,
“ýygyn” ýaly manylary aňladýandygyny nazara alsak, çig/çik diýen
237
gadymy etnoniminiň hem şu sözden emele gelmeginiň mümkindigini
çekinmän aýtmak mümkindir, çünki tire-taýpa atlarynyň aglabasy hut
“topar, ýygyn, tire” manylaryndaky sözlerden döräpdir.
ÇOWDUR
Iňňän irki eýýamdan tä şu günlere çenli özbaşdak taýpalygyny
saklap gelýän 5 türkmen taýpasynyň biri çowdurlardyr (beýlekileri
baýat, salyr, eýmir, ywa taýpalary).
Çimkent gazaklarynyň düzüminde şauldyr diýen urugyň, şu etrapda
şeýle atdaky demir ýol stansiýasynyň bolmagy çowdurlaryň XI asyra
çenli Türküstan töwereginde ýaşandygyny görkezýär. Soňra olaryň uly
topary Maňgyşlaga gelýär. Bozajy diýen çowdur taýpasy bu ýerdäki
Bozajy ýarym adasynda ornaşýar. XVI—XVII asyrlarda çowdurlaryň
bir bölegi abdallar we söýünjajylar bilen birlikde Astrahan hem-de
Stawropol etraplaryna göçýärler, beýleki bir bölegi bolsa Daşhowuz
welaýatynyň Kalinin hem-de Telman raýonlarynda ornaşýarlar. Çowdur
taýpasynyň wekilleri Saýatda, Hojambazda, Buhara oblastynyň hem
Alat we Garaköl raýonlarynda ýaşaýarlar.
Uzak taryhy döwür içinde çowdurlaryň öz içine dürli taýpalary,
(meselem, abdallary, igdirleri) siňdirişi we köpelip-känelişi ýaly, onuň
çowdur diýen etnik ady hem dürli fonetik özgerişlere sezewar bolupdyr.
Meselem, XI asyr alymy Mahmyt Kaşgaryda bu taýpanyň ady juwaldar
görnüşinde duş gelýär, bu alym ony 24 türkmen-oguz taýpasynyň
arasynda 20-nji orunda goýýar. Reşideddiniň işinde jawuldur, Ýazyjyoglunda çawyndyr, Abylgazyda çawuldur görnüşlerinde getirilen bu
etnonim 15-nji orunda bolup, sanalan alymlar ony Oguz hanyň 4-nji
oglunyň 3-nji neberesinyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Diňe Salar Baba
çawuldury Daghanyň 2-nji ogly hasaplap, ony 18-nji orna geçirýär.
Bu alymlaryň etnonime berýän düşündirişi şeýle: Reşideddin:
“Şerefli (şöhratly), üýni ýaýgyn (ýagny sesi gaty)”; Salar Baba: “Daýym
(mydam) işi uruş-dawa bolgaý”; Abylgazy: “Şan-şerefli” we “Namysly”.
Häzirki döwrüň alymlary hem çowdur diýen etnonimi orta asyr
alymlarynyňka meňzeş terzde düşündirýärler. Meselem, türk alymy
I. Kafesoglu bu babatda “beýik, şöhratly”, çowdur şiwesini öwrenen
türkmen alymy H.A. Maşakow bolsa “namysjaň, gahryman” ýaly
238
düşündirişleri getirýär.
Biz bu etnonimiň iň gadymy juwaldar (çowaldar diýip okamak
hem mümkin) we häzirki döwürde ulanylýan çowdur görnüşlerinden
ugur alyp, onuň düýp köküni çog (çok) diýen türki söz bilen
baglanyşdyrmakçy (çok sözi ýemrelileriň çokçy tiresiniň adynda hem
duş gelýär). Türkmenistandaky Çohpetde (asly Çokpetde), Çokagaç,
Çokjünewüt ýaly ýer-tut atlarynda çok sözi “gür”, “topbak”, “bir ýerde
çogdam ösýän” ýaly manylary aňladýar. Häzirki türkmen dilinde çok
sözi “köpçülik”,”märeke”, “ýygyn” diýen manydadyr, hatda “çopan
adam çoka (märekä) bolmaz” diýen nakyl hem bar. Çog/çok sözüniň
gadymy manysy çugdumlanmak, çugutmak, çokul (depede ýa-da
ýeňsede goýulýan çogdam saç), çokaý (agzy bürülip bir ýere ýygnalýan
aýakgap), çokga (sakgal), çogmak (topbak) ýaly sözlerde saklanýar.
Diýmek, juwaldar/çowdur diýen etnominiň juw/çow sözleri
aslynda çog/çok/çug sözünden bolup, ol “ýygyn”, “märeke”, “topar”,
“il” diýen manyny aňladýar, ol sözüň yzyna goşulan –yl, (-yn)—köplük
sanyň goşulmasydyr. Çowdur, igdir, çandyr ýaly etnonimler üçin
umumy bolan –dur/-dyr/-dyr goşulmalarynyň asyl köki näbelli (kem
işlik goşulmasy däl), ýöne etnonimiýada onuň hem köplügi aňlatmagy
mümkindir.
ÇOMK, ÇOMALAK, ÇOMAN, ÇOMUR
Salyrlaryň çomak, tekeleriň çomalak we çomur, gökleňleriň,
ýomutlaryň hem çoman diýen tireleriniň adynda gaýtalanýan çom sözi
bu atlaryň häzirki dilde ulanylýan sözlerden däl-de, eýsem başga kökden
döränligine güwä geçýär.
Türki dillerde ü-j (ýigit—jigit, ýyl—jyl, ýegen—jiýen, ýer—jer)
we j—ç (jaň—çaň, jüňňül—çuňňul) ses gezekleşmeleriniň kanunalaýyk
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şejere - 38
  • Büleklär
  • Şejere - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1784
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1820
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3592
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    25.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1738
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3614
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1711
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3582
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    23.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3636
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1675
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1741
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3595
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3701
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1661
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1635
    24.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3747
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1619
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1721
    23.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1735
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1973
    17.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 2282
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    14.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    22.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    27.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    23.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1729
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3587
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1644
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1725
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3665
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1693
    25.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3657
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1757
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    24.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1776
    23.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    24.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3598
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1669
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1759
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1707
    22.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1668
    24.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3733
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1627
    26.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1647
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1642
    24.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1698
    23.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 38
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1737
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 39
    Süzlärneñ gomumi sanı 3489
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2019
    15.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    23.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    29.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şejere - 40
    Süzlärneñ gomumi sanı 552
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 418
    21.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    33.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.