Latin

Ussat we Margarita - 19

Total number of words is 3857
Total number of unique words is 2064
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Margarita tarapa galyp gelýärdi onuň şu wagta çenli nämälim bolan gap-gara üstünde
syrly sypatlary açylyp, jemi ki täsinlikleri aý-aýdyň gijede anyk göze görnüp başlady.
Ýer Margarita golaýlaşyp gelýärdi we onuň bokurdagyna ýaşyl lybas geýip başlan
tokaýlaryň ysy üfläp durdy. Margarita gyraw düşen otly meýdany bürän dumanyň
üstünden, soň bir kölüň üstünden suwlup geçdi. Margaritanyň aýagynyň aşagynda
gurbagalar güýjünde baryny edip, joş urup warryklaýardylar, alysda bir ýerde otly
nämüçindir ýüregi tolgundyryp, paşşyldap barýardy. Margarita basym şol otlyny-da
gördi. Ol howa uçgun saçradyp, edil pile gurçugy kibi gyrbyldap barýardy. Margarita
ondan ozup, ýene bir aýna kölüň üstünden uçup geçdi, bu kölüň üstünde ýene bir Aý
parlap durdy, ol ýene pesläp, uly sosna agaçlarynyň uçlaryna aýaklary deger-degmez
perwaz urdy.
Şol mahal arkadan howany jyrladyp ýyrtýan ýaly eýmenç şowhun eşdildi, ol
Margarita kem-kem golaý geldi. Uçup gelýän top okuny ýatladýan bu şowhuna aýal
adamyň ençe çakyrymdan eşidilýän hahahaýlamasy kem-kem goşuldy. Şonda
Margarita yzyna öwrülip, nämälim bir gara zadyň öz yzyndan kowup gelýänini gördi.
Ol gara zat golaýlaşyp geldigiçe, onuň haýsydyr bir nämälim närsä münen adamdygy
aýan boldy. Ýene birazdan soň ol adamyň kimdigi belli boldy. Bu ― Nataşady. Ol
Margaritany kowup ýetip, tizligini ýuwaşatdy, saçlary şemalda bulaşan çyp-ýalaňaç
Nataşa bir semiz doňuza münüpdi, doňuz öňki toýnaklaryna portfel tutup, yzky
toýnaklary bilen janhowluna dynman depeşekleýärdi. Onuň gözünden gaçyp, ýüpüne
çolaşan pensnesi aý şöhlesinde ýalpyldap hallan atýardy, şlýapasy bolsa zol-zol
gözüniň üstüne düşýärdi. Margarita doňza dikanlap seredip, ony tanady, bu ―
Nikolaý Iwanowiçdi. Ana, şonda Margaritanyň gülküsi tokaý üzre ýaňlanyp,
Nataşanyň gülküsine garyşdy.
― Nataşka! ― diýip gygyrdy Margarita, ― krem sürtdiňmi senem?
175
― Gözüňe döneýin seniň! ― diýip jogap berdi Nataşa, öz gohy bilen meýmiräp
oturan gür tokaýy oýadyp, ― o, meniň fransuz melikäm, men, ine, şunuňam kel
başyna sürtdüm kremden!
― Melikäm! ― diýip bögürdi doňuz, hamsygýan ses bilen, üstüne münen aýaly
loňkuldadyp uçup barşyna.
― Janyňa gurban bolaýyn! Margarita Nikolaýewna! ― diýip gygyrdy Nataşa, öz
bikesi bilen ýanma-ýan uçup barşyna, ― rast, kremi aldym. Ahyr bizem adam ahyryn
― ýaşamagy, uçmagy isleýäris! Meni bagyşlaň, melikäm, indi men yza gaýtmaryn,
ölsem hem dolanmaryn! Waý, nähili gowy, Margarita Nikolaýewna! Maňa
öýlenmekçi ― diýdi Nataşa, suw-sil bolup pyşyllap barýan doňzuň gerdenine
barmagy bilen dürtüp ― öýlenmekçi! Meni näme diýip çagyrypdyň, ä? ― diýip
gygyrdy ol doňzuň gulagyna eňilip.
— Perişdäm ― diýip hyrlady doňuz, ― men beýle tiz uçup bilmeýärin! Möhüm
kagyzlarymyň pytrap gitmegi mümkin. Natalýa Prokofýewna, men närazylyk
bildirýärin.
― Eý, jyn ursun seni, kagyz-pagyzlaryň bilen bile! ― diýip gygyrdy Nataşa haýasyz
hahahaýlap.
― Ýuwaşyrak, Natalýa Prokofýewna! Birden biri eşidäýmesin! ― diýip, doňuz
ýalbardy.
Nataşa Margarita bilen ýanma-ýan uçup barşyna, bikesi uçup gidenden soň onuň
öýünde nämeler bolanyny güle-güle aýdyp berdi Nataşa, sowgat edilen närseleriň
birine-de el urman, derrew geýimlerini çykaryp taşlapdyr-da, kreme topulypdyr, soň
ony şapyr-şupur bedenine sürtüp başlapdyr. Seretse, bikesinde ýüz beren üýtgeşiklik
onda hem peýda bolupdyr. Nataşa begenjinden joş urup gülüp, aýnada şekillenen
täsin gözelliginden serhoş bolup durka, gapy açylyp, bosagada Nikolaý Iwanowiç
görnüpdir. Ol Margarita Nikolaýewnanyň köýnegini we şlýapasy bilen portfelini
elinde saklap, aljyrap duranmyş. Onuň gözi Nataşa düşüpdir-de, huşundan
aýrylypdyr. Soň biraz huşuna gelip, köz ýaly gyzaryp, sakawlanypdyr: ― Şu köýnegi
ýerden göterip, hut özüm alyp çykmagy borjum hasapladym.
― Ýaňy näme diýdiň, deýýus, ä? ― diýip çyňsap we hahahaýlap gülýärdi Nataşa. ―
Nämeler diýdiň, näme diýip ýoldan azdyrdyň meni! Petde-petde pul wada kyldyň.
Klawdiýa Petrowna bilmez diýdiň. Näme, ýa gepim ýalanmy? ― diýip
waňkyldaýardy Nataşa doňza, ol bolsa utanyp, tumşugyny gapdala sowýardy.
Nataşanyň şohlugy tutup, degşip Nikolaý Iwanowiçe hem krem çalypdyr, çalypdyrda, täsinlige doňup galypdyr. Aşaky gatda ýaşaýan bu hormatly goňşynyň ýüzi
bürşüp, doňuz tumşugyna öwrülipdir, el-aýaklaryndan toýnak ösüp çykypdyr. Şonda
Nikolaý Iwanowiç aýna seredipdir-de jan agyrly, wagşy ses edipdir, emma pursat
elden giden eken. Birnäçe sekuntdan soň ol başyna düşen musybatdan ýaňa zar-zar
aglap, üstüne Nataşany mündüripdir-de, Moskwadan haýsydyr bir tarapa uçup
başlapdyr.
― Meni öňki kaddyma gaýtarmagyňyzy talap edýärin! ― diýdi ol boguk ses bilen kä
gazaplanyp, kä ýalbaryp, soň hor-horlap başlady, ― men bikanun ýygynda
gatnaşmagy islemeýärin! Margarita Nikolaýewna, siz öz hyzmatkäriňizi tertibe
çagyrmalysyňyz.
176
― Aý ýog-a, eýýäm saňa men öý hyzmatkäri bolup galdymmy? Öý hyzmatkäri diý?
― diýip heňkirdi Nataşa, doňzuň gulagyndan çümükläp-çümükläp, ― ýaňy perişdäm
diýmänmidiň!? Adyma näme diýipdiň?
― Wenera? ― diýdi aglamyşlap doňuz, ol daşlaryň arasyndan şyrlap akýan çeşme
üzre uçup, toýnaklary bilen hoz şahalaryny şytyrdadyp geçdi.
― Wenera! Zöhre ýyldyzy! ― diýip buýsançly çyňsady Nataşa bir elini biline goýup,
beýleki elini Aý tarapa uzadyp, ― Margarita! Şazada gözel! Haýyş edip görüň, meni
şu albassylygymda galdyrsynlar. Aýdanyňyz ― emri wajyp, size häkimlik berildi!
Şonda Margarita:
― Bolýa, söz berýärin! ― diýip jogap berdi.
― Sag bol! ― diýip seslendi Nataşa we birden batly we allanähili gaýgyly äheňde
gygyrdy: ― Heý! Heý! Tizräk, Tizräk! Hany bir neme tijen! ― Ol doňzuň
janhowluna ýelip-ýüwrüş netijesinde iç-içine batyp giden bykynyna ökjeleri bilen
hykylatdy, doňuz ýene howany iki bölüp, ýyldyrym ýaly öňe atyldy ki, birazajyk
wagt geçer-geçmez, Nataşa uzakda gara nokat bolup göründi, soňra bolsa asla gözden
gaýyp bolup, garasy hem öçdi.
Margarita guwlap ýatan, nätanyş ýerlerde, depelikleriň üstünden şol öňküsi ýaly assaýuwaş uçup barýardy: bu depeliklerde seýrek ösen äpet sosnalaryň arasynda ol ýerdebu ýerde harsaň daşlar ýatyrdy. Margarita uçup barşyna, häzir Moskwadan gaty
uzaklaşan bolsam gerek diýip oýlaýardy. Onuň münen çotgasy indi sosnalar üstünden
däl, belki bir tarapy Aý şöhlesinden kümüş reňkde towlanýan daragtlar arasyndan
uçýardy. Onuň ýeňil kölgesi ýerde, özünden has öňde örmeläp barýardy ― indi Aý
Margaritanyň ýagyrnysyna nur saçýardy.
Ol suwuň golaýdadygyny duýdy, diýmek, barylmaly menzil şu ýerlerde. Margarita
sosnalar arasyndan çykyp, bir kert jaryň ýanyna bardy. Jaryň Aý nury düşmeýän
düýbünde derýa akýardy. Bu dik jaryň eteginde duman agaçlaryň şahasyna degip
durdy, derýanyň aňry kenary bolsa ýasy tekizlikdi. Ol ýerde bir top bolup ösen gür
şahaly daragtlaryň aşagynda ýanýan otdan uçgun syçraýardy we nähilidir birhili
sudurlar görünýärdi. Margaritanyň gulagyna şol tarapdan jynyňy tutdurýan ýakymsyz
ses eşidilen ýaly boldy. Ondan aňyrda-tä gözýetime çenli Aýyň kümüş nuruna gark
bolan tekiz sährada ne bir külbe, ne gybyrt edýän janly-jandar bardy.
Margaritanyň töwereginde hiç kim ýokdy, ýöne biraz beýleräkde, pessejik agaçlaryň
arasyndan pagşyldy, şapyrdy eşidildi, ol ýerde-de kimdir biri suwa düşýärdi.
Birden ol tans etmesini goýup, üşerildi. Şapyrdy golaý gelip, gyrymsy agaçlaryň
arasyndan kellesine gara ýüpek silindiri ýeňsä basyp geýen, semiz bir ýalaňaç adam
çykdy. Onuň dabanlary suwuň düýbündäki gara palçyga batany sebäpli, ol aýagyna
gara köwüş geýen ýaly bolup görünýärdi. Onuň synçgylawuk tutmasyndan, özüni
alyp baryşyndan çen tutsaň, onuň ganymat içendigini, derýadan hem konýagyň ysy
çykan ýaly bolup duýulandygyndan habar alsaň, muny äşgär bilse bolýardy.
Margaritany görüp, semiz töweregine garanjaklady-da, birdenem şadyýana gygyrdy:
― Bu nähili? Men şol gözeli görýänmi? Klodina, eýsem, bu sen dälmi, köşeşmeýän
dul gelin? Senem bärdemiň? ― diýip, ol salamlaşjak bolup öňe süýşdi.
Margarita yza tesip, mynasybet bilen jogap berdi:
177
― Gümüňi çeksene, jyn uran. Tapdyň bu ýerde Klodinany! Sen kim bilen
gepleşýäniňi bir bil ― diýip, biraz pikirlenip, öz sözüne kagyza ýazylmaýan uzynuzyn sögünç sözlerini goşdy. Bu zatlar ýeňilkelle semiz kişä serhoşlykdan aýňaldyjy
täsir etdi.
― Oý! ― diýip, ol ýuwaş seslendi-de, tisgindi, ― merhemet edip, meni bagyşlaň
şöhlezar melike Margo! Men öte geçipdirin. Baryna şu näletsiňen konýak günäkär!
― Semiz ýeke dyzyna çöküp, silindr ― şlýapasyny gapdala uzadyp, tagzym etdi-de,
rus we fransuz sözlerini gatyşdyryp, özüniň Pariždäki dosty Gessar hakynda, konýak
barada, öz ýalňyşlygy zerarly ejir çekýändigi dogrusynda sakyrdap ugrady.
― Balagyňy bir geýmeli ekeniň, köpeý ogly ― diýip, Margarita biraz mylaýym
äheňde aýtdy.
Margaritanyň gaharynyň köşeşendigini görüp, semiz şatlykly ýyrşardy we uly
tolgunma bilen aljyraňňylyk zerarly balagynyň Ýeniseýiň kenarynda galandygyny,
şonuň üçinem häzir bu ýerde balaksyz durandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna
görä, ol ýap-ýaňam Ýeniseý derýasynda suwa düşüp ýören eken, indi bolsa şol ýere
dem salymda uçup barjakdygyny, onuň örän golaýdygyny gepine goşdy-da, öz-özüne
buýruk berip, yza götinjekledi-de, ahyram suwa ýykyldy. Ýöne ol suwa arkan
ýykyldy-da, kiçeňräk bakenbardly ýüzünden aperin aýtmak we wepadarlyk bildirmek
duýgusy ýitmedi.
Margarita gaýanyň ýakasyndan aşak, pese böküp, salym geçmän, özüni derýa
boýunda gördi. Gökdäki perwazdan soň, onuň suwa düşesi geldi. Ol çotgany bir
gapdala oklap, ylgap gelip suwa başşak urdy. Onuň ýeňlän bedeni suwa mysaly
peýkam ýaly çümüp, suwuň äpet sütüni bolsa ony tas Aýa çenli ýokary göterdi. Suw
edil hammamdaky ýaly ýyly eken, Margarita suwuň düýbünden göterilip, derýada
päsgel berýän zadyň ýoklugyndan peýdalanyp, salkyn gijede hezil edindi...
Margarita ahyry kenara çykdy. Onuň bedeni suwa düşmek akybetinde lowurdady. Ol
hiç hili ýadawlyk duýman, yzgarly ýumşak otuň üstünde şatlykdan ýaňa tans edip
başlady.
Soňra ol gaty sykylyk çaldy welin, ýanyna çotgasy uçup geldi, ol çotga münüp,
derýanyň üsti bilen beýleki kenara geçdi. Hekli dagyň kölgesi bu ýere ýetenokdy, şu
sebäpli bütin kenar Aý nuruna gark bolup ýatyrdy.
Margaritanyň aýagynyň çyg düşen otlara degeni hem şoldy, tallaryň aşagynda
çalynýan saz hem batly ýaňlandy, otdan çykýan uçgunlar yzly-yzyna şadyýana
syçrady. Şahalaryna näzik we ýumşak ysyrgalar asylan tallaryň aşagynda iki hatar
düzlüp oturan semiz gurbagalar edil rezinden ýasalan ýaly, kä çişip, kä pessaýyp agaç
surnaýlarda şadyýana bir marşy çalýardylar. Bu sazandalaryň garşysynda tallaryň
şahalaryna ýapyşan çyglar aýna ýaly bolup, gurbagalaryň ýüzlerinde oduň howply
lowurdaýan ýalynly şöhlesine notalary anyk görkezip oýnatýardy.
Marş Margaritanyň şanyna çalynýardy. Ol örän buýsançly dabara bilen garşy alyndy.
Derýanyň ýüzünde meýlis gurap oýnaýan mawy beden suw perileri oýunlaryny
goýup, suw otlaryny bedenlerinden aýryp, bulaýlap, Margaritany gutlap başladylar,
şonda güwleýän ýap-ýaşyl kenarda olaryň yňranýan sesleri eşidilip, ýaňlanýan
owazlary örän uzaklara ýaýrady.
178
Serwi tallaryň aşagynda Margaritanyň az wagtlyk bolmagynda ýene bir waka bolup
geçdi. Al howada birden sykylyk sesi eşidilip, bir gara beden, ýere laýyk düşübilmän,
suwa pagşyldap gaçdy. Az salymdan soň, Margaritanyň alnynda, ol kenarda oňaýsyz
ýagdaýda duş gelen şol bekenbardly semiz peýda boldy. Ol Ýeniseýe tiz barypgelmäge ýetişen bolmaga çemeli, onuň egni fraklydy, ýöne başdan-aýaga öl-suwdy.
Konýak ony ikinji gezek ýüňsakal edipdi, aşak inende, ol ýene suwa gaçypdy. Ýöne
bu oňaýsyz ýagdaýda-da onuň ýüzündäki ýylgyryş ýitmändi we oňa Margaritanyň
elini öpmäge ygtyýar berildi. Ýalaňaç albassylar tallaryň arkasyndan ylgap çykyp, bir
hatara düzüldiler we köşk gözellerine has hormat bilen dyz epip, tagzym etdiler. Bir
teketoýnak jandar ylgap gelip, Margaritanyň elinden ogşady, derhal ýere şahyny
degrip, melikämiz suwa düşüp ýeňlediňizmi diýip sorady oňa gyşaryp, dynç almagy
teklip etdi.
Margarita hem teklibi kabul etdi. Şonda teketoýnak oňa bir gadak şampan çakyryny
uzatdy. Margarita şeraby içenden, derhal köňli gül-gül açylyp, ýüregi ýylady. Ol
Nataşany soraglaşdyr-dy, onuň suwa düşüp, öz doňzuna atlanyp ýene Moskwa uçup
gidenligini aýtdylar: ol tizräk baryp, Margaritanyň gelýändigi hakynda habar bermek
we onuň üçin lybas taýynlamaga kömekleşmegi zerur eken, Margarita hem tallar
aşagynda uzak otyrmady.
Hemmeler sapara şaýlanyp başlady. Suw perileri aý nurunda öz tansalaryny
soňladylar we ýuwaş-ýuwaş gözden gaýyp boldular. Teketoýnak mahluk
Margaritadan derýanyň kenaryna nämeli geldiňiz diýip hormat bilen sorady. Onuň
çotga münüp gelendigini eşidip:
― O nähili böýle, ol gaty oňaýsyz-a ― diýdi-de, bir demde iki şahyndan täsin bir
telefon ýasady-da, kimdir birine häziriň özünde maşyn ibermegi talap etdi, talap
bada-bat berjaý boldy. Ada üsti açyk, mele reňkli maşyn uçup düşdi, emma rulda
adaty sürüji däl-de, kellesine kleýonka papak, ellerine agzy giň ellik geýen tumşugy
uzyn gap-gara garga otyrdy. Ada boşap galdy. Uçup giden albassylar parlaýan Aý
nurunda eräp, ýok boldular. Uly ot sönüp, onuň üstüni kül örtdi.
Teketoýnak we bakenbardly Margaritanyň maşyna münmegine kömekleşdiler, ol
arkadaky giň oturgyçda ornaşdy. Maşyn güwläp, bir bökdi-de, belende, tas Aýa çen
göterildi, ada hem, derýa hem gaýyp boldy, Margarita Moskwa tarap dazlap uçup
gitdi.
XXII bap
ŞEMLERIŇ ÝAGTYSYNDA
Asmany pelekde uçup barýan maşynyň birsydyrgyn güwleýşi Margaritany
hüwdüleýärdi, Aý şöhlesi bolsa ýakymly ýyladardy. Ol gözüni ýumup, ýüzüni şemala
tutdy we ýap-ýaňy terk edilen nätanyş derýa kenary hakynda hasrat bilen oýlanyp
başlady, çünki ol ýeri indi asla görüp bilmejegini köňli duýýardy. Bu gün agşamky
ýüz beren barça jadygöýliklerden we gudratlardan soň ol kimiň huzuryna
myhmançylyga barýandygyny aňyp ugrapdy, emma bu ýagdaý ony gorkuzanokdy.
Şol ýerde öz bagtyna gaýtadan duçar bolmak umydy ony batyrgaý edipdi. Emma
179
onuň bagt dogrusynda uzak wagtlap hyýala çümmegine pursat bolmady. Margarita az
salymdan soň gözüni açyp, garganyň tejribeli sürüji bolanlygyndanmy, ýa gurat
maşynyň tiz ýöreýänligindenmi, her halda aşakda indi zulmata bürenen tokaýy däl,
ýalp-ýalp edýän köl ýaly Moskwany gördi. Garaguş ― sürüji perwaz wagtynda
maşynyň öňki sag tigirini burup boşadyp, soňra ony Dorogomilowo raýonyndaky,
adam-garasyz, juda hylwat bir gonamçylyga gondurdy. Soň hiç zat soraman oturan
Margaritany çotgasy bilen bile bir gabyr daşynyň ýanynda düşürip, maşyny
gonamçylygyň etegindäki jara itekläp goýberdi. Maşyn düýpsüz jara gümmürdäp
gaçyp, bölek-bölek boldy. Garga Margarita hormat bilen tagzym edip, tigire mündide, uçup gitdi.
Şu pursadyň özünde bir gubur daşynyň arkasyndan bir gara plaş göründi. Onuň aňňy
dişi Aý nurunda ýalp edip gitdi welin, Margarita derrew Azazellony tanady. Ol
Margarita ümlüp, çotga münmegi teklip etdi, özi bolsa uzyn gylyja mündi, şu demde
ikisi hem asmana uçdular-da, birnäçe sekuntdan soň hiç kime görümän, Sadowaýa
köçesindäki 302-bis öýüň öňünde gondular.
Goltuklaryna çotga bilen gylyç gysdyran bu iki ýoldaş basdyrmanyň aşagyna
girenlerinde, Margaritanyň gözi kimedir birine sabyrsyz garaşyp oturan papakly,
gonjy beýik ädikli bir adama düşdi. Azazello bilen Margarita ýeňil gadam urup, aýak
ujunda ýöräp geçen bolsalar-da, ol adam aýak sesini eşitdi, emma nähili jandaryň
gybyrdysydygyna düşünip bilmän, gorkuly tisgindi.
Soňra olar altynjy girelgäniň öňünde ýaňky adama bir almany iki bölen ýaly meňzeş
birine uçradylar. Bu ýerde hem öňki waka gaýtalandy. Aýak sesleri... Adam
teşwişlenip, gaşlaryny çytdy. Girelgäniň gapysynyň açylyp-ýapylanyny gördi-de,
gybyrdylaryň yzyndan şol tarapa atyldy, girelgeden içeri seredip, elbetde, hiç zat
görmedi. Nusgasy ikinjiden, diýmek, birinjiden hem alnan ýene biri üçünji gatdaky
meýdançada nobatçylyk edýärdi. Ol ajy papiros çekip otyrdy, Margarita onuň
deňinden geçende, üsgürindi. Çilimkeş endamyna iňňe sanjylan ýaly, oturgyçdan
säpjäp turup, töweregine gorkuly nazar aýlady, basgançakdan aşak seretdi. Bu mahal
Margarita öz hemrasy bilen 50-nji kwartiranyň gapysynyň öňüne barypdy. Jaňy
basyp durmadylar, Azazello öz açary bilen gapyny sessiz açdy.
Margaritany geň galdyran birinji zat tümlük boldy. Girelge edil ýeriň aşagy kibi gapgaraňkydy, şonuň üçin Margarita büdräp ýykylmakdan gorkup, biygtyýar
Azazellonyň plaşyndan ýapyşdy. Emma şol wagt juda alysda, ýokarda bir
şemçyranyň ýylt-ýylt ýanýanlygy göründi, soňra ol ýagty golaýlaşyp başlady.
Azazello gidip barşyna Margaritanyň goltugyndan çotgany dartyp aldy, çotga şobada
zulmat goýnunda sessiz gaýyp boldy. Indi olar nähilidir giň basgançaklardan ýokaryk
göterilip başladylar, Margarita üçin basgançagyň soňy ýok ýaly duýulýardy.
Moskwadaky ýönekeý bir kwartiranyň girelgesine bu görünmez, emma barlygy anyk
duýlup duran uzyndan uzyn basgançagyň sygýandygy Margaritany geň galdyrdy.
Emma basgançak birden gutaryp, Margarita bir meýdançada durandygyna düşündi.
Ýaňky çyra Margaritanyň ýüzüne golaý geldi-de, ol elinde şem saklap duran gara bir
uzyn adamyň ýüzüni gördi. Soňky günlerde bu adama duş gelen şormaňlaýlar hatda
çala ýanýan şemiň ýagtysynda hem ony tanardylar, elbetde. Bu Korowýew, ýagny
Fagotdy.
180
Dogry, häzir onuň daşky keşbi juda üýtgäpdi. Bireýýäm zibile taşlanmaga laýyk
syrçasy döwük pensnäniň ýerine ol indi monokl dakypdy, emma bu hem çatlap şemiň
şöhlesi şu aýnada şekillenýärdi. Onuň bihaýa ýüzündäki murty towlanyp, ýag
çalyngydy, onuň garalygy bolsa, egnine frak geýenliginden şeýledi. Diňe döşi agaryp
görünýärdi. Bu tersokan regent, jadygöý, terjimeçi ― mahlasy, aslynda kimdigini
şeýtan hem bilmeýän Korowýew şem tutan elini giň ýaýyp, Margarita tagzym kyldy
we ony öz yzy bilen ýöremäge çagyrdy. Azazello gaýyp boldy.
«Örän geň, üýtgeşik agşam ― diýip oýlandy Margarita, ― beýle boljagyny asla göz
öňünede getirmändim! Näme bolsa, elektrik öçdümikä? Ýöne bar zatdan beter
otagyň göwrümi meni geň galdyrýar. Bu zatlaryň bary nädip Moskwanyň adaty
kwartirasyna sygýar? Muňa asyl-asyl akyl ýetmeýär».
Korowýewiň elindäki şem juda öçügsi ýanyp dursa-da, Margarita özüniň örän ullakan
zalda, ýene san-sajaksyz mahabatly gara sütünli tükeniksiz uzyn zalda durandygyna
düşündi. Korowýew kiçijik bir diwanyň öňünde saklanyp, şemi şu ýerdäki bir tumbaň
üstünde goýdy, üm bilen Margaritany oturmaga ündäp, özi-de onuň ýanynda çökdi
we edil surata düşýän adam ýaly haýbat bilen tirsegini tumba goýdy.
― Rugsat ediň, size özümi tanyşdyraýyn, ― diýdi Korowýew jygyldyly ses bilen, ―
Korowýew men. Çyraň ýoklugyna geň galýaňyzmy? Tygşytlylyk diýip oýlan
bolsaňyz gerek? Ýo-ýok-ýok, beýle däl. Eger şeýle bolsa, birinji duşan jellat,
şunlukda, bu gün, häli birazdan soň siziň dyzyňyza baş goýmaga eýe bolan
jellatlardan biri şu tumbaň üstünde başymy tenimden jyda kylsyn. Sebäp, messir
elektrik yşygyny halamaýar, biz ony soňky pursatda ýakarys. Ana şonda, ynanaýyň,
oňa ýetmezçilik bolmaz. Ýöne ýagtylyk kemräk bolsa gowudyr-la. Korowýew
Margarita hoş ýakdy, şaňňyldap jöwrenişi onuň köňlüne teselli berdi.
― Ýok ― diýip jogap berdi Margarita, ― ine, şunça zadyň — ol elini uzadyp, zalyň
örän giňligini suratlandyrdy, — adaty bir kwartira nähili sygýanlygy has geň
galdyrýar meni.
Korowýew ýakymly ýylgyrdy, burnunyň daşynda kölgeler oýnaklady.
― Mundan aňsat zat ýok! ― diýip jogap berdi ol ― Bäşinji ölçeg nazarýetinden
habarly bolanlar üçin öz otagyňy köňlüň islän göwrümde giňeltmek hamyrdan gyl
sogran ýaly. Hawa, hawa, hormatly hanym, akyl ýetmez derejede giňeltmek mümkin!
Ýene has geň zat aýtsam ― diýip ýaňramasyny dowam etdi Korowýew, ― diňe
bäşinji ölçeg nazarýetinden däl, asla hiç zatdan habary bolmadyk, emma şuňa
seretmezden, öz kwartiralaryny giňeltmek barasynda gaty üýtgeşik täsinlikler
döreden adamlary bilýärin. Meselem, maňa aýdyşlaryna görä, bir şäherli Zemlýanoý
walda üç otagly jaý alyp, bäşinji ölçegsiz ýa-da başga mekiz-hilesiz, derrew otaglaryň
arasyndan diwar örüp, ony dört otagla öwrüpdir, soň ony Moskwanyň başga-başga
raýonyndaky iki sany özbaşdak; biri-üç, beýlekisi-iki otagly jaýa çalyşypdyr. Ine, size
― baş otag. Soňra şol üç otagly öýi iki sany iki otagla çalşyp, görüp durşuňyz ýaly,
alty otaga eýe bolýar. Şeýdip, ol Moskwanyň dürli raýonlaryndaky alty otagdan
ybarat şol jaýlaryny Zemlýanoý waldaky bäş otagly kwartira çalyşjak bolýanlygy
hakynda gazete bildiriş berende, özüne bagly bolmadyk ýagdaýda bu iş togtaýar.
Belki, häzirem ol Moskwada bolmasa-da, bir ýerlerde, sizi ynandyryp aýdýaryn, bir
181
otagly jaýda ornaşandyr. Gördüňizmi, nähili algyrlar bar, siz bolsaňyz, bäşinji ölçeg
hakda soraýaňyz.
Bäşinji ölçeg hakynda gürrüň açan Margarita däl, Korowýewiň özüdi, şoňa
seretmezden, Margarita öý çalyşmaga ökde algyryň pyrryldaklaryny diňläp, şadyýana
gülüp goýberdi. Korowýew dowam etdi:
― Esasy işe geçeli, Margarita Nikolaýewna. Siz örän akylly adam, şoňa görä,
elbetde, hojaýynymyzyň kimdigini aňansyňyz.
Margaritanyň ýüregi gürsüldedi we ol çalaja baş atdy.
― Ana, düşünipsiň ― diýdi Korowýew, ― biz her hili ýarym-ýalta, syrly geplere
garşydyrys. Dogrusy, messir her ýyl bir gezek bal berýär, ol dolan Aýyň ýazky baly
ýa-da ýüz karolyň baly diýlip atlandyrylýar. San-sajaksyz adamlar gelýär! Şu ýerde
Korowýew dişi agyrýan ýaly ellerini ýaňagyna ýetirdi. Häli muňa özüňizem şaýat
bolarsyňyz. Gysgasy: messir sallah ― özüňiz bilýäňiz, meýlisiň bikesi ýok. Öý bikesi
zerur ― diýip, Korowýew ellerini giň gerdi, ― ylalaşyň, ýeri, bikesiz nädip bal
bolsun...
Margarita Korowýewiň her bir sözüni örän üns bilen diňläp, ýüregi sowap gitdi, ýöne
öz bagtyna ýetmek umydy onuň başyny aýlaýardy.
― Bizde däp bolup galyşyna görä ― diýip gepini dowam etdi Korowýew, ― bal
bikesiniň ady, elbetde, Margarita bolmaly, bu birinjiden, ikinjiden bolsa, onuň bal
berilýän ýerde doglan bolmagy şert. Görüp dursyňyz ki, biz syýahat edýäris, bu sapar
Moskwada menzil tutduk. Bu ýerde biz ýigrimi bir Margaritany tapdyk emma
ynanýaňyzmy, ― diýip Korowýew demi içine düşüp, öz buduna «şarp» edip urdy, ―
biri hem laýyk gelmedi. Ahyry, bize bagt gülüp bakdy-da...
Korowýew kaddyny egip, manyly ýylgyrdy, şonda Margaritanyň ýüregi ýene
sowady. ― Gysga aýtsam, ― diýdi Korowýew, ― has gysgasy şu jogapkärligi öz
boýnuňyza alyň diýsek, ýok diýmersiňiz-ä!
― Ýok diýmerin ― diýip kesginli jogap berdi Margarita.
― Elbetde! ― diýdi Korowýew we şemi belent göterip, sözüne goşdy. ― Onda
ýörüň meniň bilen.
Olar iki hatar duran sütünleriň arasyndan ýöräp, ahyry bir zala geçdiler, bu ýerde ýiti
limon ysy bogaza uruldy, bir zatlaryň şygyrdysy eşidildi, üstesine Margaritanyň
kellesine bir zat degip geçdi. Ol tisgindi.
― Gorkmaň ― diýip mylaýym äheňde göwünlik berdi Korowýew, Margaritanyň
golundan tutup, ― bu Begemotyň balyň öňisyrasynda görkezýän oýunlary, bolany.
Umuman, men size Margarita Nikolaýewna, hiç haçan, hiç zatdan gorkmazlygy
maslahat bermäge het etmekçi. Gorkaklyk gowy zat däl.
Sizden ýaşyryp oturmaýyn, bal diýseň dabaraly bolar. Biz öz döwründe
hökmürowanlygy gaty güýçli bolan şahslary göreris. Emma olaryň mümkinçiligi
meniň gulluk edýän hojaýynym bilen, biz bilen deňeşdireniňde, olar deňizden bir
damja hem bolup bilmezler, muny oýlasaň, gülküň gelýär, hatda, ýüregimi aýtsam,
adam gamgyn bolýar... Ýene bir zat ― siz korol neslinden, şazadalar gany sizde.
― O nähili şazadalar gany? ― diýip, Margarita, Korowýewe gysmyljyrap,
pyşyrdady.
182
― Ah, melike ― diýip, Korowýew oýunlyga salyp, yrgyldady, ― Gan meselesi ―
dünýäde iň çylşyrymly mesele! Eger gaty garry mamalardan, özem köşeşdiriji
wezipeden peýdalanan garry enelerden soraşdyrsaň, hormatly Margarita
Nikolaýewna, örän täsin syrlaryň üsti açylar. Bu zatlar hakynda aýdyp, kartyň
ýüzündäki suratlary ýatlasam, ýalňyş bolmaz. Şeýlebir zatlar bar, olaryň öňünde
döwletleriň arasyndaky şertli araçäkler asla bimany bolup galýar. Bir zada yşarat
edeýin, ýagny on altynjy asyrda ýaşap geçen korol aýal, kimdir biri oňa gaty kän
wagtlardan soň, öz ajaýyp çowlugymy ýa-da ýuwlugy, ajaýyp Margarita öz golundan
tutup, Moskwada bala çykarar diýse, örän-örän geň galardy. Ine-de, biz geldik!
Şu wagt Korowýew şemi üfledi, ol sönüp, gaýyp boldy-da, Margarita öz aýagynyň
aşagynda gara gapynyň astyndan düşüp duran ýagtylygy gördi. Korowýew şol
gapyny ýuwaşja kakdy. Margaritanyň gaty tolgunany zerarly dişleri şakyrdap, ini
jümşüldedi. Gapy açyldy. Otag gaty uly däldi. Margarita bu ýerde dubdan ýasalan giň
bir krowat, krowadyň üstünde gyjymlanan köne kirli örtgi we ýassyk gördi.
Krowadyň öňünde aýaklary keltejik dub stol, onuň üstünde guş höwürtgesini ýa-da
salýan şemdan bolup, onuň ýedi sany altyn guş penjesinde ýogyn şemler ýanyp
durdy. Mundan daşgary, stolda ýene çöpleri diýseň ökdelik bilen ýasalan ullakan küşt
tagtasy bardy. Könelip, şyrgagy çykan halyçanyň üstünde pessejik uzyn oturgyç
durdy. Bu ýerde ýene bir stol bolup, onuň üstüne nähilidir altyn käse we başga bir
şemdan goýulgydy. Bu şemdanyň şahlary ýylana meňzedilip ýasalypdy. Otagdan
kükürt we sakyz ysy gelýärdi, çyralaryň kölgeleri ýerde bir-birini kesip geçýärdi.
Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Margarita Azazellony gören badyna tanady, ol
krowadyň baş tarapynda durdy we indi egnine frak geýipdi. Ol Margarita örän ýiti
mähir bilen tagzym kyldy, ol indi Aleksandr bagynda Margaritanyň gaşyna garakçy
kyýapasynda gelen Azazello asla meňzänokdy.
Warýeteniň hormatly bufetçisini gaty ynjydan we täsin seans berlen gijede onuň
bagtyna horaz gygyranda gaçyp giden şol ýalaňaç albassy, ýagny Gella krowadyň
golaýyna ýazylan halyçada oturyp, kükürt bugy çykyp duran merwerde bir zady
hamyr garan ýaly garýardy.
Bulardan daşgary, küşt stolynyň ýanyndaky belent kürsüde ullakan bir gara pişik sag
penjesinde küştüň atyny tutup otyrdy.
Gella ýerinden gozganyp, Margarita tagzym etdi. Pişik hem kürsüden böküp düşüp,
yzky sag aýagyny öňe sürüp, myhmana tagzym edip, birden küştüň çöpüni
penjesinden gaçyrdy we ony gözläp, krowadyň aşagyna emedekläp girdi.
Bularyň baryny gorkudan ýaňa daş dek doňup galan Margarita şemleriň kölgeli
ýagtysynda çala-çula gördi. Onuň gözi düşege dikanlady, onda biçäre Iwanyň öňräk
Patriarh kölçesinde, şeýtan ýok diýip ynandyrjak bolan kimsesi, ýagny şol ýok zadyň
özi häzir krowatda otyrdy. Iki göz: düýbünde islendik ýüregiň iň çuň ýerine çenli
deşip girmäge kadyr bolan zerli uçgun parlap duran sag göz bilen iňňäniň deşigini
ýada salýan, zulmata çümen düýpsiz guýynyň çykalgasyny ýatladýan nursuz we gara
çep göz Margaritanyň ýüzüne dikanlap bakýardy. Wolandyň ýüzi birýana gyşarypdy,
agzynyň sag tarapy aşak sallanyp durdy, takyr giň maňlaýynda inçejik gaşlary bilen
bir tekizlikde iki sany ýygyrt bardy. Ýüzüniň hamy güne gaýzygan ýalydy.
183
Üstüne köne, çep egnine ýamag düşen uzyn agşamlyk köýnekden başga hiç zat
geýmedik Woland giň gyşaryp otyrdy. Ol bir ýalaňaç aýagyny aşagyna salyp,
ikinjisini uzyn oturgyja uzadyp goýupdy. Ine, şu gara aýagynyň dyzyna Gella tütäp
duran bir melhem sürtýärdi. Bu garaňkylykda Margarita ýene Wolandyň tüýsiz
kükreginde gara daşdan ökdelik bilen ýasalyp, üstüne allanähili ýazgylar ýazylan
altyn zynjyra berkidilen bir tomzagy gördi. Düşekde oturan Wolandyň ýanynda gaty
sandyga ýerleşdirilen üýtgeşik bir globus bolup, ol janly ýalydy we bir gandalyna
Gün şöhlesi düşüp durdy. Ümsümlik birnäçe sekunt dowam etdi. «Ol meni
öwrenýär» ― diýip oýlady Margarita we erkiniň ýetdigiçe dyzlarynyň
sandyramasyny basmaga hereket kyldy.
Ahyry Woland ýylgyryp, gep başlady, onuň uçgun syçrap duran gözi low edip ýanan
ýaly boldy.
― Hoş geldiňiz, karol gözel, emma içki öý lybasynda bolanym üçin meni
bagyşlarsyň .
Wolandyň sesi şeýlebir pes hem gyryljakdy welin, käbir sözlere düşünmegem kyndy.
Ol düşekde ýatan uzyn gylyjy aldy-da, krowadyň aşagyna dykyp, gorjalap diýdi:
― Boldy, çyk! Oýun bes edilýär. Myhman geldi.
― Hergiz bes etmäň ― diýip suflýor ýaly pyşyrdady Korowýew Margaritanyň
gulagyna.
― Hergiz bes etmäň... ― diýip gep başlady Margarita.
― Messir... ― diýip pyşyrdady ýene Korowýew onuň gulagyna.
― Hergiz bes etmäň, messir ― diýdi özüni ele alan Margarita, mylaýym, emma
takyk sözläp, soň ýylgyryp goşmaça kyldy: ― Oýny togtatmazlygyňyzy ýalbaryp
sizden haýyş edýärin. Eger küşt žurnallary şu partiýaňyzy çap edäýseler, gowja
gonorar tölärdiler diýip pikir edýärin.
Azazello onuň gepini makullap, ýuwaşjadan bokurdagyny arçady. Woland bolsa
Margarita üns bilen seredip durup, öz ýanyndan:
― Korowýew mamla, ganyň oýny ap-aýry! Gan!
Ol elini uzadyp, yşarat bilen Margaritany ýanyna çagyrdy. Margarita ýalaňaç
aýaklarynyň aşagyndaky poly duýman, oňa golaý bardy. Woland özüniň daş ýaly
agyr, şol birwagtda hem çog dek gyzgyn elini Margaritanyň egnine goýup, ony özüne
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 20
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.