Latin

Ussat we Margarita - 18

Total number of words is 3825
Total number of unique words is 2008
29.9 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şuny aýdyp goýaýyn, eger meni heläk etseňiz, siz üçin aýyp bolar! Hawa, aýyp! Men
söýgim üçin heläk bolýaryn ― diýip, Margarita kükregine urup, Güne seretdi.
― Gaýdyp beriň, ― diýip hyşşyldady Azazello hapa bolup, gaýdyp beriň, şeýtan
ursun beýle tabşyrygy! Goý, Begemoty ibersinler.
― Aý, ýok! ― diýdi Margarita ötegçileriň ünsüni çekip. ― Hemmesine razy men,
bedenime melhem çalyp, gülki-masgara bolmaga hem, hatda şeýtanyň alyna gidip,
jähennem oduna barmaga hem razy men. Melhemi berjek däl!
― Bä-ä! ― diýip birden gygyryp goýberdi Azazello we bagyň daşyndaky gözenege
seredip, barmagy bilen bir ýere yşarat etdi. Margarita Azazellonyň görkezen tarapyna
seredip, ünsi çekýän hiç zat görmedi. Şonda ol tutaryksyz «Bä-ä!» sözüne düşündiriş
sorajak bolup, Azazello öwrüldi, emma Margarita Nikolaýewnanyň syrly söhbetdeşi
gaýyp bolupdy. Şonda Margarita elini bukjasyna tiz sokup, gygyrmazyndan öň oňa
salyp goýan altyn gutujygyny tapdy-da, köňli rahatlandy. Soňra Margarita oýlanman,
Aleksandr bagyndan howlukmaç çykyp gitdi.
XX bap
AZAZELLONYŇ MELHEMI
Dolan Aý agşamyň açyk asmanynda asylyp durup, zereň agajynyň şahalarynyň
arasyndan görünýärdi. Lipa we akasiýa agaçlarynyň şahalaryndan düşýän kölege
Lipa we akasiýa daragtlary bagyň aşagyna çylşyrymly nagyş çekip, bezeg berýärdi.
Binadan ýarym töwerek şekilinde çykyp duran ýatakjaýynyň açyk, emma perde bilen
ýapylan üç gabsaly penjiresi elektrik çyrasyndan ýaňa gaty ýagtydy. Margarita
Nikolaýewnanyň ýatakjaýynda barça çyralar ýakylyp goýlany sebäpli otagdaky
tertipsizlikler anyk göze ilip durdy. Krowada ýazylan odeýalda köýnek, jorap, içki
lybas dagap ýatyr, çykarylyp taşlanan içki geýimler bolsa aýak astynda,
howlukmaçlyk bilen söndürilip, basyp ýenjilen bir gap çilimiň ýanynda gyjymlanyp
ýatyrdy. Köwüşler agşamlyk stoljugyň, kofesi içip gutarylmadyk käse we çilim
galyndysy tüsseläp duran küldanyň gapdalynda durdy, oturgyjyň arkasyna gije
geýilýän gara köýnek asylgydy. Otag atyr ysyndan kükeýärdi, mundan daşgary,
niredendir bir ýerden gyzdyrylan ütügiň ysy hem gelýärdi.
Ýalaňaç Margarita Nikolaýewna ýuwunanda geýýän haladyny egnine atyp, aýagyna
ýumşak deriden tikilen gara köwüş geýip, ýüz görülýän aýnanyň garşysynda otyrdy.
Onuň öňünde Azazellodan alnan gutujygy sagatly altyn bilezik durdy. Margarita
sagadyň dilinden gözüni aýyrmaýardy. Käte oňa sagat bozlyp, dilleri ornundan
gozganmaýan ýaly duýulýardy. Emma diller, göýä bir zada ilişýän ýaly, hernäçe
haýal bolsa-da, ýöräp durdy, ine, ahyry, sagadyň uzyn dili dokuzdan ýigrimi dokuz
minut geçenini görkezdi. Margaritanyň ýüregi şeýlebir çalt urup başlady welin,
deslapky wagtda gutujygy ele almaga hem majaly galmady. Ahyry ol özüni ele alyp,
gutujygy açdy ― onda sarymtyl krem-melhem bar eken. Ondan batgaň ysy gelýän
ýaly duýuldy. Margarita barmagynyň ujy bilen kremden azajyk alyp, aýasyna sürtdi,
166
batganyň ysy tokaý ysy bilen goşulyp bogazyna haplap uruldy, şondan soň Margarita
kremi aýasy bilen maňlaýyna, ýaňaklaryna sürtüp başlady. Krem aňsat çalynýardy we
Margaritanyň duýuşyça, bada-bat endamyna siňip gidýärdi. Margarita ýüzüne
kremden üç-dört gezek çalandan soň, aýna seretdi-de, birden elindäki altyn gutujygy
ýere gaçyrdy. Gutujyk sagadyň çüýşe gapagynyň üstüne gaçyp, ony edil möýüň
kerebi ýaly şekilde çat açdyrdy. Margarita gözlerini derrew ýumdy, soňra ýene aýna
seredip, birden joşgunly gülüp başlady.
Onuň müçenekde timarlanan gaşlary goýalyp, iki sany garamtyl ýaý bolup, gök
gözleriniň üstünde gerlip durdy. Geçen ýyl oktýabrda, ýagny ussat gaýyp bolandan
soň, ýüzünde peýda bolan inçejik dik ýygyrt tekizlenip ýok boldy. Şeýle hem, iki
çekgesinde peýda bolan sarymtyk ýakal hem, iki gözüniň daşky gabaklarynyň
üstünde hasyl bolup başlan göze görünmez garalar, çyzyklar hem ýitdi. Ýaňaklary
tekiz gyzylymtyl reňke boýaldy, maňlaýy ap-ak we gubarsyz boldy, buýraladylan
saçlary ýaýyldy.
Otuz ýaşly Margaritanyň garşysynda indi, aýnada doga gara saçly ýigrimi
ýaşlaryndaky jenan sadap dek ak dişlerini görkezip, gaty-gaty gülýärdi.
Margarita güle-güle ýadansoň, bir silkinip, egninden haladyny zyňdy we ýakymly
melheme penjesini batyryp, ony endamynyň ähli ýerine çalmaga başlady. Bedeni
şobada gyzaryp, lowlap gyzdy. Şonda Aleksandr bagyndaky duşuşykdan soň iki
çekgesiniň, edil beýnisine iňňe sünjülip goýlan ýaly dynuwsyz örteýän agyry birden
aýrylyp, el-aýaklarynyň dokumalary güýje doldy we Margarita öz jisminiň agramsyz
bolanyny duýdy.
Ol segräp halyň ýokarysynda, howada asyl-asyl boldy, soňra ýuwaşlyk bilen aşak,
düşüp ugrady.
― Aýlanaýyn melhemden! Baý, bu kremi! ― diýip gygyrdy Margarita, özüni kürsä
taşlap. Krem onuň diňe daşky kyýapasyny üýtgetdi. Indi onuň bütin göwresinde,
bedeniniň her bir öýjüginde şatlyk möwç urýardy ki, muny ol ähli beden agzalarynda
hasyl bolýan jümşüldi kibi duýdy. Margarita özüni bar zatdan azat bolan ýaly, erkin
duýdy. Mundan daşgary, ol ir bilen köňlüne gelen närsäniň ýüze çykandygyna, indi
bu öýi we öňki ýaşaýyş keşbini bütinleý terk etjegine örän aýdyň düşündi. Emma ine,
öňki ýaşaýyş keşbini terk etmezden öňürti, ony ýokaryk, göge alyp gitmekçi bolan
nähilidir täze, üýtgeşik kuwwata boýun synmakdan ozal, iň soňky borjy berjaý
etmelidigi köňlüne geldi-de, çyp-ýalaňaç halynda howada uçup, äriniň kabinetine
atylyp girdi we çyrany ýakyp, ýazuw stoly bakan ylgady. Ol bloknotdan bir tagta
kagyzy ýyrtyp alyp, oňa galam bilen uly-uly edip şeýle ýazdy: «Meni bagyşla we
tizräk unut. Men seni ömürlik terk edýärin. Meni gözleme, netije çykmaz. Men
başyma düşen hasratdan we betbagtlykdan ýaňa arwaha öwrüldim. Men gidip barýan.
Hoş gal. Margarita».
Soň onuň ruhy ýeňläp, ýene ýatýan jaýyna uçup girdi, onuň yz ýanyndan goş-golaň
baryny göterip Nataşa ylgap girdi. Şol bada bu zatlaryň bary: ― köýnek asylan agaç
geýim asgyç, nagyşly ýaglyklar, guta salnan gök ýüpek köwüşdir kemer ýere döküldi
we Nataşa çaň basan ellerini kakyşdyrdy. ― Nähili, owadanmy men? ― diýip
gyrlan ses bilen gygyrdy Margarita Nikolaýewna.
167
― Waý, toba-a! ― diýip pyşyrda-dy Nataşa yzyna tesip, nädip etdiň muny,
Margarita Nikolaýewna?
― Bu ― krem! Ýag, melhem ― diýdi Margarita özüni aýnada synlap, her tarapa
öwrülip, lowurdap ýatan altyn gutujyga yşarat kyldy.
Nataşa polda ýatan gyjymlanan köýnege nazar salman, aýnanyň öňüne ylgap baryp,
gutujygyň düýbünde galan ýaga nebsewürlik bilen seretdi. Onuň dodaklary tibirdäp
durdy. Soň ol Margarita öwrülip, tükeniksiz yzzat-hormat bilen diýdi: ― Bedeniňize
serediň! Bu näme boldugy? Bedeniňizden nur ýagyp durd-a, Margarita Nikolaýewna.
― Şundan soň ol birden huşuna gelip, derrew ýerde ýatan köýnegi aldy-da, onuň
çaňyny kakyp başlady.
― Taşlaň ony! Taşlaň! ― diýip gygyrdy Margarita. ― Jyn ursun hemmesini, zyňyp
goýber! Ýok, gowusy, özüňe a ony, menden ýadygärlik. Ýadygärlik üçin alyň
diýýärin. Şu otagda näme bolsa, hemmesini alyber.
Aňk-taňk bolup galan Nataşa edil däli adam dek kän wagta çenli Margaritadan
gözüni aýyrman, aňkarylyp galdy, soň onuň boýnuna böküp, yzly-yzyna ogşap:
― Siz Atalasyň özi! Lowurdaýar! Atlas ýaly! Waý, gaşlaryňyza bir serediň,
gaşlaryňyza!
― Alyp git hemme esgi-pesgilerimi, atyrlarymy hem alyp, sandygyňa salyp, gizläp
goý, ― diýýärdi Margarita, ― emma gymmat zatlara degme, sizi ogrulykda
aýyplamaklary mümkin.
Nataşa eline düşen köýnekdir köwşi, joraby, içki geýimleri ― hemmesini ýygnap, bir
bukja edip, ýatylýan jaýdan ok ýaly atylyp çykyp gitdi.
Şu mahal dar köçäniň aňyr tarapyndaky haýsydyr bir açyk penjireden ökdelik bilen
çalynýan walsyň owazy gümbürdedi we aýny wagtda bir maşynyň derwezäniň öňüne
gelip durany eşdildi.
― Häzir Azazello jaň eder! ― diýdi Martgarita, dar köçeden ýaňlanýan walsa gulak
asyp, ― ol jaň eder! Daşary ýurtlydan gorkmaly däl. Hawa, indi düşündim, ol
howpsuz adam!
Maşyn güwläp, derwezeden daşlaşyp ugrady. Köçe tarapdaky gapy uruldy we
howludaky daş ýodadan aýak sesi geldi. «Bu Nikolaý Iwanowiç, aýak alyşyndan
bilýärin ― diýip oýlady Margarita, ― hoşlaşykdan juda täsin, gülküli bir iş etmegiň
gerek».
Margarita penjiräniň perdesini «şyr» edip bir tarapa syrdy-da, onuň aşak eteginde
dyzyny gujaklap, gapdallaýyn oturdy. Aý nury onuň sag böwrüne ýagty salýardy.
Margarita başyny göterip Aýa seretdi-de, çehresinde şahyrana pikirlenme keşp etdi.
Aýak sesi ýene bir-iki ýola eşidilip, soňra birden kesildi. Margarita ýene biraz Aýy
söýünip, sypaýçylyk üçin uludan dem aldy-da, bag tarapa gaňrylyp çyndanam öýüň
aşak gatynda ýaşaýan Nikolaý Iwanowiçy gördi. Aý Nikolaý Iwanowiçi öz nuruna
gark edipdi. Ol uzyn oturgyçda otyrdy, emma özünden biygtyýar oturandygy
mälimdi. Pensnesi bir tarapa agyp gidipdir, sanajyny-da mäkäm gujaklapdyr.
― A, salam, Nikolaý Iwanowiç, ― mylaýym owaz bilen diýdi Margarita, ―
agşamyňyz haýyr! Ýygnakdan gelýäňizmi?
Nikolaý Iwanowiç bu sowala jogap bermedi.
168
― Men bolsam ― diýip dowam etdi Margarita, göwresini köpräk daşaryk çykarmaga
çalşyp, ― özüňiz görüp dursuňyz, ýekelikden içim gysyp, näme etjegimi bilmän, Aýa
bakyp, wals diňläp otyryn.
Margarita çep eli bilen çekgesine düşen saçyny dogrulady, soň gaharlanyp diýdi:
― Bu hormatsyzlyk, Nikolaý Iwanowiç! Her halda men aýal adam-a! Özüňiz bilen
gepleşýän, adama jogap bermezlik ― bu gaty biedeplik!
Külreňk gursakçanyň hatda iliklerine çenli ak-sary, çokga çal sakgalynyň her bir tary
Aý ýagtysynda görnüp duran Nikolaý Iwanowiç birden ýakymsyz ýyrşardy,
oturgyçdan turdy we utançdan ýaňa özüni ýitirip, başyndan şlýapasyny alyp
salamlaşmaga derek, sanaçly elini gerdi we oturjak bolýan ýaly, dyzlaryny epdi.
― Waý, beýle tünt bolmasaňyz-la, Nikolaý Iwanowiç, ― dowam etdi Margarita, ―
umuman, men siziň hemmäňizden bizar boldum, ýöne muny beýän etmäge söz
tapamok, şonuň üçin siz bilen hoşlaşýanyma gaty şat men! Wah, jyn ursun
hemmäňizi!
Şu mahal Margaritanyň arkasynda ýatylýan otagda telefon jyrlady. Ol penjireden
segräp düşüp, Nikolaý Iwanowiçi hem unudyp, trubka ýapyşdy.
― Azazello gepleýär ― diýen ses eşidildi trubkadan.
― Ezizim, Azazello! ― diýdi Margarita gygyryp.
― Wagt boldy! Uçup çykyber ― diýdi Azazello, Margaritanyň äheňinden şatlykly
keýpiýetinden göwni göterilendigi bildirip durdy.
― Derwezäniň üstünden uçup geçeniňizde: «Görünemok!» ― diýip gygyryň. Soňra
öwrenişmek üçin bir salym şäheriň üstünde uçup, soň günorta tarapa uçup, şäherden
çykyp git, göni derýanyň boýuna baryň. Sizi ol ýerde garaşýandyrlar!
Margarita trubkany ýerinde goýdy, şol wagt goňşy otagda nähilidir bir agaç enjam
gapa tark-tark urlup başlady. Margarita baryp gapyny açanda, pol süpürilýän çotga
tans edip bäri girdi. Onuň çotka tarapy ýokarda bolup, dessesi bilen kä depinip, kä
oýun edip, penjire tarap okdurylýardy. Margarita begenjinden hiňlenip, çotga mündi.
Ana, diňe şonda Margarita bu tos-topalaňda geýinmegi-de undup barýanlygyny
duýdy. Ol «bedewi» krowatyň öňüne uçuryp baryp, eline ilki ilen gök reňkli köýnegi
aldy. Soňra ony edil baýdak ýaly pasyrdadyp, penjireden uçup çykyp gitdi. Wals
sedasy indi bagyň depesinde batlyrak ýaňlanyp başlady. Margarita penjireden pese
uçup düşüp, uzyn oturgyçda oturan Nikolaý Iwanowiçi gördi. Ol daş ýaly doňup,
ýokary gatdaky ýap-ýagty otagdan gelýän goha we tark-turklara gulak asyp,
aňkarylyp galypdy.
― Hoş galyň, Nikolaý Iwanowiç! ― diýip gygyrdy Margarita, onuň garşysynda tans
oýnap. Ol «waý» diýip gygyryp, oturgyjyň üstünde emedekläp, portfelini-de ýere
gaçyrdy.
― Ömürlik hoş galyň! Men uçup gidip barýaryn ― diýdi Margarita, wals sazyny
basyp gider derejede gygyryp.
Şu wagt ol elindäki köýnegiň asla gereginiň ýokdugyny aňlap, ýakymsyz ha-hahaýlady-da, ony Nikolaý Iwanowiçiň kellesine örtdi. Gözi zat görmän galan Nikolaý
Iwanowiç oturgyçdan kerpiç ýoda ýykyldy.
169
Margarita öz uzak mütdet azar çekip ýaşan öýüne soňky gezek nazar aýlamak üçin
yzyna öwrüldi, öwrüldi-de çyralaryň şöhlesinden low-low parlap duran penjirede
Nataşanyň geň galyp, üýtgän ýüzüni gördi.
― Hoş gal, Nataşa! ― diýip gygyrdy-da, ol çotgaň başyny ýokary göterdi, ―
görünemok, görünemok, ― diýip ýene batlyrak gygyrdy, soň zereň daragtynyň şahaýapraklaryna ýüzüni urduryp, onuň şahalarynyň arasyndan, soňra derwezäniň
üstünden parlap geçip, köçä çykdy. Şonda joşgunly çalynýan walsyň owazy hem
onuň yzyna eýerdi.
XXI bap
PERWAZ
Men görünemok, men erkin guş! Men görünemok, men erkin guş! Margarita öz
köçesinden uçup, ony kesip geçýän başga bir dar köçä çykdy. Ol kerosin we zyýanly
ownuk mör-möjeklere garşy suwuk derman satylýan, ýere çöküp, gyşaran nebit
dükany ýerleşen bu ýamak-ýasak, gyňyr-gyşyk, uzyn dar köçeden hem bir demde
uçup geçdi we şonda ol erkin, göze görünmeýän bolsa-da, seresap bolmalydygyny
pähimledi. Ol çotgany wagtynda togtadyp, ätiýaç etmedik bolsa, panus sütünine
urlup, heläk bolmagy mümkindi. Margarita çotgany mäkäm penjeläp, sütünden
öwrüm berip geçdi we indi elektrik simleriň, ýan köçäniň üstünde kese asylan
bildirişleriň arasyndan häzirräk bolup, ýuwaş uçdy.
Üçünji dar köçä göni Arbata alyp çykýardy. Margarita çotga erk etmegi indi pugta
öwrendi, çotga oňa boýun synyp, el-aýagynyň sähelçe hereketine etagat edýärdi. Özi
hem şäheriň üstünde uçýän wagty seresap bolmagyň, köp bibaşlyk etmezligiň
gerekdigini düşünipdi. Mundan daşgary, uçup barýany ötegçileriň hiç haýsynyň
görmeýändigi aýan boldy. Hiç kes başyny galdyryp ýokaryk seretmeýärdi, «beý, oňa
serediň!» ― diýip gygyrmaýardy, özüni çete çekmeýärdi dat-perýat etmeýärdi,
huşundan gitmeýärdi, däli ýaly hahahaýlap gülmeýärdi.
Margarita takmynan ikinji gatyň belentliginde sessiz, ýuwaş uçup barýardy. Emma
şonda hem ýap-ýagty Arbat köçesine çykyberinde, ýalňyşyp, nähilidir bir tegelek
köçe belgisine egni uruldy. Bu ýagdaý Margaritanyň gaharyny getirdi. Ol boýun
synýan çotgany öwrüp, bir gapdala çekildi-de, birden şol belgä hemle urup, çotganyň
ujy bilen onuň aýnasyny kül-uşak etdi. Aýna döwükleri aşak dökülip, adamlar
özlerini çete çekdiler, bir ýerden jürlewik çalyndy, emma Margarita bu gerekmez işi
edip, soň kah-kah urup güldi. «Arbatda has-da seresap bolmaly eken, ― diýip
oýlandy ol, ― bu ýerde hemme zat şeýlebir garym-gatym bolup gidipdir, baş alyp
çykar ýaly däl». Ol simleriň arasyndan uçup geçip, aşakda trolleýbuslaryň,
awtobuslaryň, ýeňil maşynlaryň üçegini gördi. Ýan ýollarda bolsa papaklaryň
derýasy akýan ýalydy. Bu derýalardan çeşmeler bölünip çykyp, agşamky dükanlaryň
ýalynly agzyna akyp girýärdi. «Baý-bow, hümer-le! ― diýip oýlandy Margarita
gaharlanyp, ― gybyrt etmäge ýer ýog-a!» Ol Arbaty kesip, geçip, dördünji gatyň
belentligine çykdy, we burçdaky teatryň fakel dek parlap duran turbalarynyň
ýanyndan geçip, iki tarapynda beýik-beýik ymaratlar gurlan gaty bir dar köçä uçup
170
girdi. Bu ýerdäki öýleriň hemme penjireleri açyk bolup, olaryň hemmesinde radiodan
saz sesi gelýärdi. Margarita bilesigelijilik bilen olaryň birine göz gezdirdi-de,
aşhanany gördi. Plitanyň üstünde iki primus güwläp ýanýardy, eli çemçeli iki aýal
özara jenjelleşýärdi.
― Hajathana (tualete) girip çykanyňyzdan soň, çyrany öçürmek gerek. Men size
aýtsam, Pelagýa Petrowna, ― diýdi bugly merweriň ýanynda duran aýal, ýogsa arza
berip, sizi göçürdip goýbereris!
― Özüňizem ilden üýtgeşik däl ― diýip jogap berdi ikinji aýal.
― Ikiňizem bir-biriňizden düzüw däl ― diýdi Margarita batly owaz bilen, penjireden
aşhana uçup girip. Gohlaşyp duran iki aýal ses gelen tarapa öwrüldiler-de, elleri hapa
çemçeli aňk-taňk bolup, doňup galdylar. Margarita ýuwaşlyk bilen iki primusyňam
gulagyny burup, oduny söndürdi. Aýallar «waý» diýip gygyryp, agyzlary açylyp,
aňkarylyp galdylar. Emma indi aşhana Margaritany irizdi, ol ýene dar köçä uçup
çykdy.
Köçäniň aýagyndaky, megerem, täze gurlan, sekiz gatly kaşaň bina Margairtanyň
ünsüni çekdi. Ol pesläp ýere düşdi we ymaratyň öň tarapyna gara mermer
örtülendigini, onuň aýnaly giň gapysynyň içerisinde altyn bezegli papak geýen,
ilikleri ýaldyrawuk gapy garawulynyň durandygyny, gapyň ýokarsyna bolsa altyn
harplar bilen: «Dramlit öýi» diýip ýazylan ýazgyny gördi.
Margarita bu «Dramliti nämekä» diýip, gözlerini süzüp, ýazga içgin seretdi. Soň
çotgany goltugyna gysdyryp, gapyny açyp, içerik girip, gapy garawulynyň agzyny
açdyrdy. Içerde liftiň ýanyndaky diwardaky ullakan gara tagta gözi düşdi. Oňa
kwartiralaryň nomerleri we olarda ýaşaýanlaryň familiýalary ak harplar bilen
ýazylgydy. Bu hatyň iň ýokarsyna ýazylan «Drammatruglar we edebiýatçylar Öýi»
diýen ýazgyny gören Margarita boguk owaz bilen wagşyýana gygyrdy. Ol howa
göterilip, tagtadaky familiýalary üns bilen okap başlady: Hustow, Dwubratskiý,
Kwant, Beskudnikow, Latunskiý...
― Latunskiý! ― diýip gygyrdy Margarita. ― Latunskiý! Ähä, bu şol! Ussady heläk
eden ine, şu.
Gapynyň öňünde duran işik garawuly geň galmakdan ýaňa bir uçup-düşüp, gözlerini
mölerdip, gara tagta äňetdi ol bu garaşylmadyk mugjyzany: adamlaryň atfamiliýalary ýazylan hatyň öz-özünden nädip seslenip bilýänine düşünmän, doňup
galdy. Margarita bolsa bu wagt basgançakdan ýokaryk dazlap çykyp barşyna
wagtyhoşluk bilen tekrarlaýardy:
― Latunskiý ― segsen dört! Latunskiý ― segsen dört... Ine, çepde ― 82, sagda ―
83, ýene bir gat belentde, çepde 84. Ol şu taýda. Ine, ýazgy ― «O. Latunskiý».
Margarita çotgadan düşdi, onuň gyzan ökjeleri daş düşelen meýdança degip hezil
etdi. Ol bir gezek, soňra ýene bir gezek jaňy basdy. Emma hiç kim gapyny açmady.
Margarita jaňyň düwmesini has gaty basdy, kwartirany başyna göterip jaraňlan jaňyň
sesini özi hem eşitdi. Hawa MACCOLIT-başlygynyň trambaýyň aşagyna düşüp öleni
we matam çäresiniň edil şu gün agşama belleneni üçin sekizinji gatdaky 84-nji
kwartiranyň eýesi ömrüniň ahyryna çenli merhum Berlioza minnetdar bolmalydyr.
Tankytçy Latunskiniň bagty bar eken. Şu bagt ony bu juma güni arwaha öwrülen
Margarita bilen duşuşmakdan azat etdi.
171
Gapyny hiç kim açmady. Şonda Margarita ýol ugruna etažlary sanap, atylyp, aşak
düşdi-de, köçä ýüwrüp çykdy we ýokary seredip, jaýyň gatlaryny sanap, Latunskiniň
penjiresini takmynlap takyklady. Binanyň burçunda sekizinji gatdaky bäş sany
garaňky penjire, şübhesiz, şonuň öýüdi. Margarita şu takmyny bilen howa göterildi
we birnäçe sekuntdan soň, açyk penjireden garaňky otaga girdi, bu ýere aýyň inçejik
kümüş şöhlesi düşüp durdy. Margarita şu şöhle-ýodadan ylgap baryp, tok düwmesini
sermeläp tapdy. Ýene bir minutdan soň jaý doly ýagtyldy. Çotga bir burçda durdy.
Margarita öýde hiç kimiň ýoklugyny bilip, basgançaga çykylýan gapyny açyp,
ondaky ýazgyny barlady. Ýazuw şoldy, diýmek, Margarita öz gözlän kwartirasyna
giripdir.
Hawa, aýdyşlaryça, tankytçy Latunskiý häzire çenli bu eýmenç agşamy ýatlasa, reňki
çuw-ak bolýarmyş, häzire deňiç Berliozyň adyny hormat bilen ýatlaýarmyş. Eger ol
öýünde bolanlygynda, bu agşamyň nähili şum we ýakymsyz jenaýat bilen soňlanjagy
asla syr bolup galardy. Margarita aşhanadan agyr çekiji alyp çykdy.
Ýalaňaç we görünmez arwah özüne tesgin-teselli bermäge çalyşýardy, elleri bitakat
titreýärdi. Ol rast nyşana alyp, roýalyň klawişlerine çekiç urdy, roýalyň eýmenç
nalasy bütin kwartirany basdy. Onuň klawişleri opurylyp, syrçalary gopup, dumlyduşa syçrap başlady. Roýal iňleýärdi, yňranýardy, hyrlaýardy, ýaňlanýardy. Onuň
syrçalanan gapagy edil sapança atylan dek «kars» edip ýaryldy. Margarita kynlyk
bilen haslap, roýalyň tarlaryny çekiç bilen gaňryp, üzýärdi. Ahyry ýadap, birazajyk
demini dürsemek üçin özüni kürsä oklady.
Wannada hem, aşhanada hem suw eýmenç tüýsde şarlap akýardy. «Suw daşyp, pola
akyp başlan bora çemeli» diýip köňlünden geçirdi Margarita, soň sesli dowam etdi:
― Görýän welin, köp oturmaly däl.
Suw aşhanadan dälize akyp çykypdy. Margarita şalp-şalp edip, aýakýalaňaç suwda
ýöräp aşhanadan tankytçynyň kabinetine bedreli suw alyp girdi we ony ýazuw
stolynyň üstlerine we içlerine guýdy. Soňra kabinetde duran yşgabyň gapysyny çekiç
bilen urup döwdi-de, ýatylýan jaýa okduryldy. Ol ýerdäki ullakan aýnaly yşgaby
bozup, tankytçynyň asylgy duran kostýumyny aldy-da, baryp wannadaky suwa
basdy. Kabinetden syýa çüýşäni ýatak jaýa getirip, syýany iki kişilik krowatdaky
ýumşak ýorgan-düşegiň üstüne dökdi. Margarita özüniň bu weýrançylykly işinden
lezzet alýan-da bolsa, bu oňa enteklerem az bolup görünýärdi. Şonuň üçin indi ol
gözüne ilen ähli zady kül-uşak edip başlady. Ol roýally jaýda fikus ýerleşdirilen
wazany döwdi. Bu işi dynyp, ýatak jaýa girdi we aşhanadan alan uly pyçagy bilen
ýorganlary kesip, fotosurat ýerleşdirilen aýnabentli ramkalary urup döwdi. Ol
ýadawlygy bilenokdy, onuň bütin bedeninden dynman der akýardy.
Şu wagt Latunskiniň öýüniň aşagyndaky 82-nji kwartirada dramaturg Kwantyň öý
hyzmatkäri aşhanada çaý içip otyrdy, ýokary gatdan gelýän tapyr-tupur ylgamalara,
haýsydyr bir zatlaryň kül-peýkun bolup döwülýänligine geň galdy. Ol başyny
galdyryp, petige seretdi, seretdi-de, petigiň birden nähilidir bir öçügsi reňkde gögerip
başlanyny gördi. Bu tegmil hyzmatkäriň göz öňünde kem-kem ulaldy-da, damjalar
peýda boldy. Hyzmatkär bu hadysa iki minut ýaly dikanlap oturdy, ahyry, petikden
hakyky ýagyş ýagyp başlady. Diňe şonda ol säpjäp turup, suw damýan ýere, pola jam
goýdy, emma ol hiç hili peýda bermedi, çünki petikdäki yzgar güýçlenip, gaz
172
plitasyna hem, gap-çanak goýlan stolyň üstüne hem ýagyp başlapdy. Şonda Kwantyň
öý hyzmatkäri gygyryp, ýokaryk atylyp çykdy, Latunskiniň kwartirasyndaky jaňy
dynywsyz jyrladyp başlady.
― Ine, jaň edip, başladylar, indi gitsem hem bolýar, ― diýdi Margarita. Ol çotga
münüp, gapy tarapdan gelýän aýalyň sesine gulak asdy.
― Açyň! Açyň! Dusýa, aç gapyny! Siziňkiden akyp durmy suw? Bizi suw basdy.
Margarita bir metr ýokary göterilip, çekiç bilen asma çyra bir urdy, iki lampoçka
partlap, çüýşe ownuklary dumly-duşa seçilip, pytrady. Gapy tarapdan eşidilýän
gykylyk diňdi, basgançakdan ylgap düşülýän aýak sesleri eşidildi. Margarita
penjireden uçup çykyp, onuň aýnasyny daşardan çekiç bilen ýuwaş urdy. Aýna pagş
edip döwüldi, bölekleri öýüň mermer plitalaryna urlup pese gaçyp ugrady. Margarita
ikinji aýnaň öňüne geçdi. Şu wagt juda aşakda, ýan ýodalarda adamlar eýläk-beýläk
ylgaşlaýardylar. Jaýyň girelgesiniň öňünde duran maşynlaryň biri motoryny gürledip
gitdi. Margarita Latunskiniň penjirelerini tamamlap, goňşy kwartiranyň penjireleriniň
öňüne ýüzüp bardy. Aýnalaryň bölek-bölek bolup döwlüşi çaltlaşdy, tarkyldaýan,
jaraňlaýan sesler bütin köçäni gurşady. Öýüň birinji girelgesinden gapy garawuly
ylgap çykyp, ýokary seretdi, näme etjegini bilmedik bolara çemeli, birazajyk eglendide, agzyna jürlewük salyp, gahar-gazap bilen jürledip başlady. Margarita şu
jürlewügiň sesiniň astynda sekizinji gatdaky soňky penjire aýnasyny-da keýp edip
döwdi-de, ýedinji gata düşüp, bu gatyň hem aýnalaryny bir çetinden döwüp çykdy.
Bütin öýi howsala, gorky basdy. Aýnasy heniz döwülmedik penjireler giň açylyp,
olarda adamlaryň kellesi görünýärdi we şu demde ýene gaýyp bolýardy, açyk
penjireler bolsa, tersine, ýapylýardy. Köçäniň aňry ýüzündäki öýleriň ýagty
penjirelerinde, Dramlitiň täze binasynyň penjireleriniň nämüçin öz-özünden
döwülýänligini bilmäge çalşyp, alada edýän adamlaryň gara kölgeleri görünýärdi.
Dar köçeden Dramlit öýüne tarap halk ylgap gelýärdi, öýüň içinde bolsa, aňkasy aşan
adamlar basgançakda, ýan ýodalarda sebäpsiz, maksatsyz ylgaşýardylar. Kwantyň öý
hyzmatkäri basgançakdan ylgap düşüp barýan adamlara, öýümizi suw basdy diýip
gygyrýardy, bir salymdan soň oňa, Kwantlaryň aşagynda, ― 80-nji kwartiradaky
Hustowyň öý hyzmatkäri goşuldy. Çünki Hustowlaryň aşhanasynyň, hajathanasynyň
petiginden hem şaglap suw geçýärdi. Ahyry Kwantlaryň aşhanasynda petigiň suwagy
gopup, aşak gaçyp, stolda üýşüp duran ýuwulmadyk tabaklaryň barysyny külpeýekun etdi, şondan soň suw hakyky çagba ýaly güwläp, gözenek tagtalaryň
arasyndan çogdy. Birinji girelgäniň basgançagyndan adamlaryň dady-perýady
eşidildi. Margarita dördünji gatdaky soňky iki penjiräniň öňünden uçup geçip
barşyna, içerik seretdi we howlukmaçlyk bilen protiwogaz geýýän bir adamy gördi.
Margarita penjire aýnasyna ýelmäp, ony gorkuzdy, ol otagdan gaçyp, gaýyp boldy.
Birden bu wagşyýana derbi-dagynlyk togtady. Margarita üçünji gata ýüzüp düşüp,
ýukajyk perde tutulan iň çetki penjireden içerik seretdi. Otagy galpak geýdirilen bir
çyra çala-çula ýagtyldýardy. Iki tarapyna tor tutulan kiçijik bir krowatda dört ýaşlar
çemesindäki çaga şowhuna gulak salyp, gorkup otyrdy. Otagda ulylardan hiç kim
ýokdy. Hemmeler daşaryk giden bolmaga çemeli.
― Aýna döwýärler! ― diýdi çaga we: ― Eje! ― diýip gygyrdy.
Hiç kim jogap bermedi, şonda ol:
173
― Eje, men gorkýan ― diýdi.
Margarita perdäni gyra süýşürip, penjireden uçup girdi.
― Men gorkýan ― diýip tekrarlady çaga we titräp ugrady. ― Gorkma, gorkma,
balajyk ― diýdi Margarita şemal çalyp, sowuklan sesini mylaýymyrak etmäge
çalşyp. — Aýnany garagol oglanjyklar döwdi.
― Keman atdylarmy? ― diýip sorady oglanjyk, indi sandyraman.
― Hawa, keman atdylar, keman ― diýip tassyklady Margarita, ― sen ýat-da, ykla!
― Sitnik atandyr ― diýdi oglan, ― şonda keman bar.
― Hawa, dogry, şol atdy!
Oglanjyk birden ses gelýän tarapa öwrülip, sorady: ― Siz nirede, daýza!
― Men ýok — diýip jogap berdi Margarita. — Düýşüňe girýän.
― Menem şeýledir öýtdüm ― diýdi oglan.
― Sen ýüzüňi aýaňa goýup ýat ― diýip buýrdy Margarita, ― men seniň düýşüňe
gireýin.
― Bor, bolýar, düýşüme gir-äý ― diýip razy boldy oglanjyk we şobada ýüzüni
aýasyna goýup ýatdy.
― Saňa erteki aýdyp bereýin ― diýdi Margarita we gyzgyn elini çaganyň saçy
syrylan kellesine goýdy, ― bir bar eken, bir ýok eken, dünýäde bir daýza bar eken.
Ol perzentsiz, özem örän betbagt eken. Ine, şol daýza aglap-aglap, ahyry gaharjaň
arwaha öwrülipdir... ― Margarita sesini çykarman, elini çaganyň başyndan aýyrdy
― ol uklap galypdy.
Margarita çekiji ýuwaşlyk bilen penjiräniň tekjesine goýup, özi daşaryk uçup çykdy.
Öý öňi tos-topalaňdy. Aýna döwüklerine gömlüp giden asfalt ýan ýodada adamlar bir
zatlar diýşip, ylgaşlaýardylar. Bu ýerde indi milisionerler hem peýda bolupdy. Birden
jaň sesi güýçli ýaňlandy we üstünde merdiwany bar ýangyn söndürýän gyzyl maşyn
Arbatdan dar köçä öwrülip geldi.
Mundan soňky wakalar indi Margaritany gyzyklandyrmaýardy. Ol simlere
çolaşmazlyk üçin çotgany mäkäm gysyp, derrew bu oňaýsyz jaýyň depesine tiz
çykdy. Dar köçe aşakda bir tarapa gyşaryp, soň dik aşak gitdi. Indi şu bir köçäniň
ornuna Margaritanyň aýagynyň aşagynda kän-kän üçekler peýda boldy ― olary her
ýerinden, her ýerinden ýagty ýollar dörtburç bolup kesip geçýärdi. Bularyň barysy
birden bir tarapa ýüzüp gitdi. Çyralaryň ýagtysy bir-birine gatyşyp, ýaýrady.
Margarita ýene bir silkinip öňe okdurylypdy, ýaňky üçekler ýer teýine siňip, gözden
gaýyp boldy, indi olaryň ýerinde pesde elektrik çyralaryndan emele gelen
ýylpyldaýan köl peýda boldy we bu köl birden gapdala öwrülip, dik durdy, soň
Margaritanyň depesine çykdy. Aý bolsa onuň aýagynyň aşagynda parlap başlady.
Margarita özüniň başaşak uçýandygyny aňşyrdy we ýene asylky ýagdaýyna düşüp
seredende, çyralar kölüniň hem indi gaýyp bolanyny, arkada gökde diňe elwan
şapagyň galanyny gördi. Birazajyk wagtdan soň şapak hem ýitdi, şonda Margarita
özünden belentde, çep tarapynda ýüzýän Aýdan başga hemrasynyň ýokdugyny gördi.
Onuň saçlary bireýýäm bir ýere jemlenipdi, Aý bolsa onuň bedenini öz nuruna
ýuwýardy. Margarita aşakda iki hatar bolup düzlen seýrek çyralaryň iki sany otly
çyzyga öwrülenini we salym geçmän, yzda galyp, gözden ýitenini görüp, özüniň
174
haýran galmaly tizlikde gidip barýanyny pähimledi-de, deminiň tutulmaýandygyna
geň galdy.
Aradan birnäçe sekunt geçende juda uzakda, aşakda, ýer üstünde elektrik
şöhlelerinden emele gelen täze köl parlady, emma ol derrew pyrlanyp-aýlanyp, ýer
bagryna çümdi. Ýene birnäçe sekuntdan ýene şol zatlar gaýtalandy.
― Şäherler! Şäherler! ― diýip gygyrdy Margarita.
Şondan soň ol aýagynyň aşagynda solgun reňkli, gara gaply gylyçlaryň ýatanyny ikiüç gezek synlady we olaryň derýadygyny pähimledi.
Perwazdaky aýal başyny ýokaryk, çep tarapa öwrüp, Aýyň örän çaltlyk bilen yza,
Moskwa tarapa däli ýaly çalt ýüzýändigini we şol birwagtda, asla gymyldaman
duranyny gördi ki, Aýyň ýüzünde ýiti tumşugy terk edilen şähere tarap garap duran
aždarha ýa-da küýki taýçanagy ýatladýan syrly gara tegmil anyk görnüp durdy.
Şu mahal Margarita çotgany ýöne ýere şeýle bat bilen uçuryp ýörün, beýle tizlikde
daş-töweregi anygyrak synlabam bilmerin, perwazdan lezzet alybam bilmerin diýip
göwnünden geçirdi...
Margarita çotganyň baş tarapyny öňe iterdi, onuň dessesi ― guýrugy ýokary
göterildi, şeýdip ol uçuşy ýuwaşadyp, ýere tarap pesläp başlady. Ine, şu edil asman
sankisinde uçan dek pese tyýpyp düşmek oňa örän gowy lezzet bagyşlady. Ýer
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 19
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.