Latin

Ussat we Margarita - 11

Total number of words is 3900
Total number of unique words is 2084
31.8 of words are in the 2000 most common words
48.2 of words are in the 5000 most common words
54.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
― Muny maňa söýgülim tikip beripdi ― diýip, syrly röwüşde sözüne goşdy.
― Familiýaňyz näme?
― Familiýam ýok indi, ― gussaly ýigrenç bilen jogap berdi bu geň myhman, ― men
familiýamy, şeýle hem barça durmuşy zatlary terk etdim. Sorabam durma.
― Bolmasa, romanyňyz barada gürrüň beriň ― diýdi Iwan mylaýym äheňde.
― Janym bilen. Durmuşym, çyndanam, ol diýen ýönekeý däl ― diýip beýan edip
başlady myhman.
99
...Ol maglumaty boýunça taryhçy bolup, mundan iki ýyl ozal Moskwa muzeýleriniň
birinde hyzmat edip, mundan daşary terjime bilen hem meşgullanýan eken...
― Haýsy dilden? ― diýip, Iwan gyzyklanyp sorady.
― Men ene dilimden başga ýene bäş dili bilýärin, ― jogap berdi myhman, ― iňlis,
fransuz, nemes, latyn we grek dilini. Ýene italýança hem kem-käs okap bilýärin.
― Baý-baý! ― diýip, gözügidijilik bilen pyşyrdady Iwan.
Taryhçy ýalňyz bolup hiç ýerde hiç hili garyndaşy, Moskwada degerli tanşy-da ýok
eken. Göz öňüne getirip görüň, bir gün ol zaýomdan ýüz müň manat utupdyr.
― Nähili geň galanymy bir görseňiz bilerdiňiz ― diýýärdi pyşyrdap gara şypyrma
geýen myhman, ― kir geýim salnan sebede elimi soksam, elime obligasiýa ildi: onuň
nomeri gazetdäki bilen gabat geldi! Ony maňa muzeýde beripdiler ― diýip ol aýtdy.
Bu geň myhman ýüz müň manatlyk utuşy alyp, juda köp kitap satyn alypdyr,
Mýasniskaýadaky otagyny taşlap...
― Müň lagnat bolsun şol tünege ― diýip hyrryldady myhman ...we Arbatyň
golaýynda bir jaý gurujydan kireýine...
― Siz jaý gurujylaryň kimlerdigini bilýäňizmi? ― diýip, myhman Iwandan sorady
we özi düşündirdi. ― Olar Moskwada ugruny tapyp galan jüwlükleriň topary...
Jaý gurujynyň bagjagazyň içinde ýerleşýän jaýyň podwalyndan iki otagy kireýine
alýar. Muzeýdäki işini taşlap, Pontiý Pilat hakynda roman ýazyp başlaýar.
― Ah, ol wagtlar altyn döwürdi ― diýip, pyşyrdady myhman gözlerini lowurdadyp,
― özbaşdak kwartira, ýene dälizi-de bar, dälizde üsti grantly el ýuwulýan,
nämüçindir ol ala-böle şu sözi nygtap, buýsançly gepledi, ― ýan ýola tarap bakyp
duran kiçijik penjire, ol hem gapy tarapdan başlanýardy. Garşysynda, dört ädim
aňyrda, diwaryň düýbünde siren, lipa, zereň ýaly agaçlar ösüp otyrdy. Oh... oh... oh!
Gyşda men aýnadan adamlaryň garda «garç-garç» edip ýöreýän aýaklaryny görerdim,
aýak seslerini seýrek eşiderdim. Pejimde hemişe lowlap ot ýanyp durýardy! Emma
birden bahar geldi-de, penjirämiň tutuksy aýnalary arkaly men ilk-ä ýalaňaç, soňra
ýuwaş-ýuwaş ýaşyl lybas geýip başlan siren agaçlaryň pudaklaryny gördüm. Ana
şonda, ýagny geçen ýylky baharda ýüz müň manatlyk utuşdan hem guwançlyrak
waka ýüz berdi. Bu bolsa, ylalaşarsyň, ýüz müň ― bu ägirt uly baýlyk!
― Bu dogry ― diýip, onuň gepini üns bilen diňleýän Iwan tassyklady.
― Men penjiräni açyp, ykjamja ikinji otagymda oturýardym, ― myhman eli bilen
ölçäp görkezip başlady, ― ine... bu ýerde diwan, garşysynda ikinji diwan, diwanlar
aralygynda stoljagaz, onuň üstünde owadan gülçyra, penjirä ýakyn ýerde kitaplar,
beýlesinde bolsa, kiçijik ýazuw stoly, birinji otagymda ― ol juda uly, on dört metrdi,
― gat-gat kitaplar hem peç durdy. Wah, nähili gowy günüm bardy!
Siren güllände üýtgeşik ysy bolýar! Beýnimiň ýadawlygy aýrylyp, özümi guş ýaly
ýeňil duýýardym, Pilat hakyndaky romanym hem şaglap, soňuna ýetip barýardy...
Gyzyl jähekli ak plaş! Düşünýän! ― diýdi Iwan.
― Tapdyňyz! Pilat uçup, soňuna golaýlap barýardy, men indi onuň: «...Iudeýanyň
bäşinji prokuratory, bedewli Pontiý Pilat» diýen sözler bilen soňlanjagy bilýärdim.
Tebigy ýagdaý, men gezelenç etmäge-de daş çykýardym. Ýüz müň ― oýun pul däl,
özüme juda ajaýyp çal kostýum satyn alypdym. Ýa bolmasa, garbanmaga bir arzan
restorana gidýärdim. Arbatda ajaýyp bir restoran bardy, häzirem barmyka, bilmedim.
100
Şu ýere gelende, myhman gözlerini giň açyp, Aýa dikanlap, hekaýasyny pyşyrdap
dowam etdi: ― Ol gözel bir desse ýigrenji, howsalaly gül göterip gidip barýardy.
Şeýtan bilsin, ol gülüň ady nämedi, ýöne ol gül nämüçindir Moskwada ilki peýda
bolup başlardy. Ol gözeliň gara reňkli ýeňil ýaz paltosynyň ýanynda bu gül göze
anyk saýgardýardy. Hawa, ol sary gül göterip barýardy! Ýaramaz reňk. Ol Twerskaýa
köçesinden ýöräp, bir dar köçä öwrüldi, öwrülip yzyna gaňrylyp seretdi. Twerskaýa
köçesini bilýäň dälmi? Bu köçede adam hemişe hümer bolar durardy, emma
ynandyryp aýdýaryn ki, ol şunça adamyň içinden diňe maňa seretdi, seredende-de,
ýöne bir howsala bilenem däl, armanly bakdy diýseňem boljak. Şonda meni onuň
husny jemalyndan hem beter, gözlerindäki hiç kimiň ýadyna düşmedik adatdan
daşary ýalňyzlyk ody özüne bendi edipdi!
Men hem şu sary reňke gul bolup, dar köçä öwrüldim-de, gelniň yzyndan
ýöräberdim. Biz bu gyýşyk we demikdiriji köçeden (men onuň bir tarapynda, ol bolsa
ikinji tarapynda) ümsüm gidip barýardyk. Geň galaýmaly, köçede birem diri jan
ýokdy. Men onuň bilen gepleşmegiň lazymlygyny oýlap ejir çekýärdim we aýny
wagtda, oňa söz gatyp bolmaz öýdüp howsala düşýärdim, bu ýagdaýda bolsa ol-a
gider, soň ony görmek maňa miýesser etmez diýip gama batýardym.
Şonda, göz öňüne getirip görüň, duýdansyz onuň özi söze başlady:
― Güllerim size ýaradymy?
Onuň çalaja ýognas, emma sähel pessaý owazynyň sedasy, tenteklik bolsa-da
aýdaýyn, nazarymda, bu dar köçedäki sarymtyl reňkli ýaramaz diwara urlyp, yzyna
gaýdan dek boldy. Men şol demde köçäniň onuň barýan tarapyna geçip, oňa
ýakynlaşdym-da:
― Ýok ― diýip, jogap gaýtardym.
Ol maňa geňirgenip bakdy, men bolsam birden we asla garaşylmadyk ýerden ömür
boýy diňe şu aýaly söýüp gelenligimi aňladym. Ajap söwdalar, ýeri! Siz, elbetde,
maňa telbe adam eken diýersiňiz?
― Hiç zat diýmerin ― diýdi Iwan we: ― Haýyş edýän, dowam ediň! ― diýip üstüne
goşdy.
Myhman hekaýasyny dowam etdirdi:
― Hawa, ol maňa geň galyp seretdi, soň gözümden gözüni aýyrman, sorady: ― Siz,
umuman, gülleri halaňzokmy? Onuň sesinde duşmançylyk äheňi bar ýaly duýuldy.
Men onuň bilen deň gadam basmaga çalşyp, ýanma-ýan barşyma, asla utanman,
özümi arkaýyn alyp barşyma özüm hem geň galýardym.
― Ýok, men gülleri gowy görýärin, emma munuň ýalylary däl ― diýdim.
― Nähilisini?
― Bägüli oňat görýärin.
Şeýle diýenime puşman boldum, näme üçin diýeniňde, ol günäkär adam ýaly
ýylgyrdy-da, gülüni ýol ýakasyndaky salma oklap goýberdi. Men biraz özümi
ýitirdim-de, emma güli göterip, ýene oňa uzatdym, emma ol ýylgyryp, gülleri ýene
itekledi, netijede olary indi özüm göterip ugradym.
Şu zeýilde biz biraz wagt ümsümlik saklap gidiberdik, soňra ol elimden gülleri alyp,
köçä oklap goýberdi-de, gara ellikli elini meniň elimiň aşagyndan geçirdi-de, mundan
beýläk biz goltuklaşyp gidiberdik.
101
― Soň ― diýdi Iwan, ― haýyş, bar zady bolşy ýaly aýdyň.
― Soňmy? ― tekrarlady myhman, ― soň näme bolanyny özüň hem oýlap görseň
bolýar. ― Ol gözlerinde birden peýda bolan gözýaşy sag ýeňi bilen howlukmaç
süpürip, gepini dowam etdi: ― Söýgi ýer astyndan çykan ganhor dek peýda boldyda, ikimizi des-deň şikestledi! Adatça ýyldyrym ýa fin hanjary şeýle şikestleýär
adamy!
Şeýlelikde, ol soňra bu pikiri inkär edip, biz juda köpden bäri, bir-birimizi bilmedik,
görmedik çagymyzdan başlap söýüşendiris diýip tassyklady, öňler ol başga adam
bilen ýaşaýardy, men hem şonda... başga biri... bilen ýaşaýardym... beh... ady
nämedi...
― Kim bilen? ― diýip, Bezdomnyý sorady
― Ol... beh... nämedi ady... ― diýdi myhman barmaklaryny şyrkyldadyp.
― Siz öýlenipmidiňiz?
― Hawa-da, ine, şyrkyldadyp otyryn-a... Ýaňky... Warenka, Maneçka... ýok,
Warenka... zol-zol köýneklidi... muzeýde... mahlasy ýadymda ýok.
Hawa, ol şol gün köçä ýörite sary gül göterip çykan eken, meniň ony tapmagym üçin,
bardy-geldi şol gün bu duşuşyk ýüz bermänin-de, ol zäher içip, öz janyna kast
etmekçi bolan eken, çünki onuň durmuşy manysyz bolupdyr. Hawa, söýgi bizi göz
açyp-ýumasy salymda şikestläp goýupdyr. Men muny şol günüň özünde, bir sagatdan
soň, ullakan şäheri duýman kesip geçip, Kreml diwarynyň etegine, derýanyň boýuna
baranymyzda bildim. Biz göýä juda köp ýyllardan bäri bir-birini gowy bilýän dek,
öten agşam hoşlaşan adamlar dek söhbetleşýärdik. Ertir hem şu ýerde ― Moskwa
derýasynyň boýunda duşuşmaga wadalaşdyk, duşuşdyk hem. Maý güneşi bize nur
saçýardy. Soňra, aradan sähel wagt geçmän, bu aýal meniň pynhan aýalym boldy. Ol
her gün meniň öýüme gelerdi, men oňa irden intizar bolup garaşyp başlaýardym. Şu
sabyrsyzlyk wagty adatça öýdäki närseleriň ýerlerini üýtgedişdirýärdim. Onuň
gelmegine on minut galanda, penjiräň öňünde oturyp, köçe tarapky köne gapynyň
«jyýk» edip açylmagyna garaşýardym. Geň galmaly ýeri, onuň bilen uçraşmazymdan
ozal howlymyza kän adam gelmezdi, has dogrusy, hiç kim girmeýärdi, indi bolsa,
nazarymda, bütin şäher howlymyza tarap akyp gelýän ýaly duýulýardy. Derweze
gapysy kakyldygy, ýüregim «jyg» edýärdi, bir göz öňüňize getirip görüň-ä,
garşymda: penjiräniň aňyrsynda elbetde, kimiňdir hapa ädigi peýda bolýardy.
Meselem, çarhçynyň. Eýsem, özüňiz aýdyň, bize çarhçynyň nämä geregi bar?
Nämäni çarhlamaly? Haýsy pyçaklary?
Meniň dilberim köçe gapydan bir gezek girerdi, emma ol girýänçä ýüregim keminden
on ýola urýardy. Men ýalan sözlämok. Soň, sagat dilleri günorta wagty görkezip,
onuň gelýän wagty bolanda we gara ýumşak deriden tikilen üstki bezegleri polat
tokalar bilen dartylan onuň köwüşleri degerli ses çykarman aýnamyň garşysynda
peýda bolanda-da, ýüregim gürs-gürs urmasyny bes etmeýärdi.
Käte ol ikinji penjirämiň öňünde saklanyp, köwşüniň ujy bilen aýna urup, garagollyk
ederdi. Men şol demde penjiräň öňünde peýda bolardym, emma köwüş hem, ýagtyny
saklap duran gara ýüpek köýnek hem gaýyp bolýardy ― men şonda gapyny açmaga
howlugardym.
102
Aramyzdaky mylakaty hiç kim bilmeýärdi, muňa imanym kämil, beýle bolmagy
mümkin däl hem bolsa. Emma onuň äri, tanyşlarymyz mundan bihabardylar.
Ýaşap oturan podwalymyň ýokarsyndaky köne öýde ýaşaýanlar mundan
habardardylar, elbetde, olar ýanyma haýsydyr bir aýalyň gelip-gidip duranyny
görýärdiler, emma onuň kimdigini hem, adyny hem bilmeýärdiler.
Şu söýgi dessanyny bütin durky bilen berlip diňleýän Iwan: ― Kimdi ol aýal? ―
diýip sorady. Myhman, muny hiç-haçan, hiç kime aýtmaryn diýýän ýaly, başyny
ýaýkady, soň hekaýasyny dowam etdirdi.
Onuň hekaýasyndan Iwana şular mälim boldy: ussat bilen nätanyş aýal bir-birlerini
şeýle derejede gaty söýüpdirler, biri ikinjisiz bir günem oňup bilmändirler. Indi Iwan
howludaky siren agajy we diwar sebäpli hemişe ýarymgaraňky bolan podwaldaky iki
otagy, ol ýerdäki gyzyl agaçdan ýasalan, könelip, haýy gidip, waýy galan mebeller-u
ýazuw stoly ― býurony, býuronyň üstünde duran ýarym sagatda jaň urýan sagady,
ahyry reňklenen poldan ys basan potologa çenli bulaşyp ýatan san-sanaksyz kitaplary
hem, peji-de juda anyk göz öňüne getirip başlady. Iwana ýene şu närse mälim boldy
ki, myhmany bilen onuň pynhan hatyny özara aragatnaşyk baglan ilkinji günleriň
özünde Twerskaýa köçesi bilen dar köçäniň burçunda bir-birimiz bilen
duşuşmagymyz takdyry ezelden maňlaýymyza ýazylan hem-de biz ömürbaky birbirimiz üçin ýaradylandyrys diýen karara gelen ekenler.
Myhmanyň hekaýasyndan aşyk-magşuklaryň wagty nähili geçirendikleri hem mälim
boldy. Aýal gelenden, birinji nobatda fartuk dakyp we darajyk eýwanda (biçäre
bimaryň nämüçindir buýsanyp dile alan şol el ýuwulýan krantly çanagy şu ýerdedi)
tagta stol üstünde kerosinka ýakyp, nahar taýýarlap, soň birinji otag arasynda duran
uzyn stolda saçak ýazardy. Maý aýynda gök gübürdäp, çagba guýan wagtlary ýagyş
suwy söýüşenleriň soňky mekanyny gark eder derejede howp döredip, garaňky
penjireleriň öňünden derwezä tarap haýkyryp akan wagtlarynda, olar peç ýakyp,
körükde kartoşka bişirýärdi. Barmaklaryny küle bulap, kartoşkanyň gara gabygyny
ardanlarynda, ondan bug çykardy. Podwalda gülki eşidilerdi, bagdaky daragtlar
ýagyşdan soň döwlen şahajyklaryny, ap-ak güljagazlaryny ýere dökerdi. Gök
gümmürdisi diňip, yssy tomus gelende, köpden bäri arzuw edilen we ikisiniňem desdeň oňat görýän bägülleri wazada peýda bolardy.
Özüni ussat diýip atlandyran adam iş bilen meşgul bolar, aýal bolsa uçly dyrnakly
barmaklaryny saçlarynyň arasyndan geçirip, ýazylan sahypalary gaýtadan okap, okap
bolandan soň bolsa, bu sopbaşjagazy tikip başlardy. Käte ol dyza çöküp, tekçäniň
aşak gatyndaky kitaplaryň ýa-da stula çykyp, ýokary gatdaky ýüzläp kitaplaryň çaň
basan ýüzlerini esgi bilen süpürerdi. Ol ýazyja şany-şöhrat dileg edip, ony tizräk
işlemäge ündäp, aýny şol wagtda ony ussat diýip atlandyryp başlapdy. Ol Iudeýanyň
bäşinji prokuratory hakyndaky kitabyň wada edilen ahyrky jümlelerini okamaga
howlugyp, köňlüne ýakan käbir jümleleri gaty ses bilen owazly okap, «bu poman ―
meniň durmuşymdyr» diýerdi.
Roman awgust aýynda ýazlyp gutarylyp, haýsydyr bir nätanyş maşinistka berildi,
maşinistka ony bäş nusgada göçürdi. Ine, ahyr netijede gizlin mekan terk edilip,
durmuş meýdanyna çykylýan gün hem geldi
103
― Hawa, men elime romanymy alyp, durmuş meýdanyna çykdym, emma çykan
badyma ýaşaýyşym soňuna ýetdi ― diýip, pyşyrdady ussat we başyny aşak saldy,
şonda sary ýüplük bilen «U» harpy tikilen gaýgyly gara sopbaş uzak wagt yrgyldap
durdy. Soň ol hekaýasyny dowam etdi, emma indiki gepleri üzlem-saplam bolup
çykdy. Myhmanyň bu geplerinden diňe bir närsäni aňşyrmak mümkindi: onuň başyna
örän agyr bir apat düşüpdi.
― Edebiýat älemine birinji mertebe gadam goýuşymdy, emma häzir hemmesi doly
tamam bolup, heläkete uçranym anyk bolandan soň, men ony eýmenç geň galma
bilen ýatlaýaryn! ― diýip ussat dabaraly pyşyrdap, elini göterdi.
― Hawa, örän geň galdyrdy ol meni, örän!
― Kim? ― eşdiler-eşdilmez pyşyrdap sorady Iwan, teşwişlenen myhmanyň sözüni
bölmekden gorkup.
― Redaktor-da, aýdyp durun-a, redaktor diýip. Dogry, ol okamasyna okap çykdy.
Emma maňa ýigrenç bilen, ýaňaklary çişen adama garan ýaly garap, göz gyýtagyny
otagyň burçuna aýlap, hyjalatly hikirdedi. Ol elindäki manuskirpti (gadymy
golýazmalaryň atlandyrylyşy) ýersiz ýere gyjymlap, hykyrdaýardy. Beren soraglary
maňa däliniň sözi ýaly duýuldy. Çünki ol roman barada hiç zat aýtman, menden: kim
sen, nireden peýda bolduň, köpden bäri galam ýöredýäňmi, näme üçin siz barada şu
çaka çenli hiç zat eşitmedik? diýip, sorap başlady, hatda meniň nazarymça, beýle
geň-taň temadan roman ýazmagy kim saňa maslahat berdi diýen ýaly tentegiň
soragyny hem berdi. Ahyry, sowallary janyma degip, çydap bilmän, romanymy çap
edýäňizmi ýa ýokmy diýip, kesgin tüýsde soradym. Şonda ol biserenjam alňasap,
gümmi-sümmi eden bolup, soň bu meseläni bir özüniň çözüp bilmejegini, eserim
bilen redaktorlar komissiýasynyň özge agzalary hem, ýagny tankytçylardan
Latunskiý bilen Ariman hem-de edebiýatşynas Mstislaw Lawrowiç dagynyň
tanyşmagynyň gerekdigini aýtdy. Ol iki hepdeden soň geliň diýip haýyş etdi.
Iki hepdeden soň barsam, hemişe ýalan gepläp, gözleri gyýmak bolup galan bir garry
gyz kabul etdi.
― Hawa, ol Lapşýonnikowa, redaksiýanyň kätibi ― diýdi ýylgyryp Iwan,
myhmanyň gaharly taryplaýan dünýäsi oňa tanyşdy.
― Bolsa bardyr ― diýip, şarta sözüni böldi myhman, ― mahlasy, şu aýal hemme
ýeri gara tegmilli kän gyjymlanan romanymy gaýtaryp berdi. Gözüni gözümden alyp
gaçmaga çalşyp, Lapşýonnikowa:
― Häzir redaksiýamyz iki ýyla ýetjek golýazmalar bilen üpjün, şoňa görä,
romanyňyzy çap etmek meselesi, meniňçe, başa barmasa gerek ― diýdi:
― Ýene nämeler ýadymda galdyka? ― diýip seslendi ussat, çekgelerini sypalap. ―
Hawa, golýazmanyň gyrasyna edilen gyzyl bellikler we ýene ýarymyň gözleri
ýadymda. Hawa, onuň gözlerini ýatda saklaýaryn.
Myhmanyň hekaýasynda näanyklyk, allanähili düşnüksiz gepler köpräk uçrap
başlady. Ol gyýalap ýagan ýagyşy ýatlady, podwaldaky mekanynda başyndan geçiren
kynçylyklary hakynda, ýene nireleredir baranlygy dogrusynda sözledi. Ol özüni
göreşe iteren aýaly asla aýyplamaýandygyny, hawa, hawa, onda hiç günä ýoklugy
hakynda pyşyrdap gepledi.
104
― Bow, ýadymda, ýadymda gazetiň goşmaça sahypasyndaky näletsiňen ýazgy ―
diýip, myhman hüňürdäp, gazet sahypasynyň şekilini howada iki barmagy bilen
çyzyp görkezip, şonda Iwan myhmanyň üzlem-saplam geplerinden pähimlediki,
başga bir redaktor ussadyň romanyndan ullakan bir parçany gazetde çap edipdir.
Onuň aýtmagyna görä, aradan iki gün geçip-geçmän, başga bir gazete tankytçy
Arimanyň: «Redaktoryň ganatynyň astyndaky duşman» diýen makalasy peýda
bolupdyr, bu makalada ýazylyşyça, Iwanyň myhmany redaktoryň biperwaýlygyndan
we nadanlygyndan peýdalanyp, metbugatda Iisus Hristi taryplamaga çalyşanmyş.
― Hawa, ýadymda, ýadymda! ― diýip, Iwan gygyryp goýberdi. ― Emma familiýaň
ýadymdan çykdy!
― Tekrarlap aýdýaryn, familiýamy goýaly, indi ol ýok ― diýip jogap berdi myhman.
― Gep familiýada däl. Bir günden soň başga bir gazetde Mstislaw Lawrowiçiň goly
bilen başga makala peýda boldy. Bu makala awtory pilatçylyga, hem-de ony
metbugatda taryplamaga (ýene şol lagnaty sözler) çalyşan dindara çäre görmegi,
görlende-de, aýawsyz çäre görmegi teklip edipdi.
Men bu «pilatçylyk» sözüne aňk-taňk bolup, üçünji gazeti warakladym. Bu gazetde
iki makala bardy: biri ― Latunskiniňki, ikinjisine bolsa «N-E» diýip gol goýlandy.
Men size aýtsam, Ariman bilen Lawrowiçiň makalalary Latunskiniň ýazan
makalasynyň ýanynda witjikdi. Latunskiniň makalasyna goýlan sözbaşynyň özi hem
size ýeterlik: «Köne mezhebiň janköýer esasçysy». Özüm dogrumda ýazylan
makalalary okamaga şu derejede berilipdirin ki, söýgüli ýarymyň (gapyny
gulplamagy unudan ekenim) elinde suw-sil bolan öl saýawan we nemlenen bir desse
gazet bilen gelip, üstüme abananyny hem duýmandyryn. Onuň gözlerinden ot
çykýardy, buz dek sowuk elleri sandyraýardy. Ilk-ä ol özüni gujagyma oklap, meni
ogşaberdi... ogşaberdi... soň, elini stola urup, gyryljak owaz bilen Latunskini zäherläp
öldürjekdigini aýtdy.
Iwan sähel gamgyn bolup, bogazyny arçap goýdy, ýöne hiç zat diýmedi.
— Gam-gussa doly günler başlandy. Roman ýazylyp gutardy, başga edere iş ýokdy,
indi ikimizem pejiň öňüne düşelen halyçada oda seredip oturýardyk, bolany. Biz indi
tiz-tiz aýra bolýardyk. Ol seýir etmäge çykyp gidýärdi. Meniň durmuşymda bolsa
täsin wakalar ýüz berip başlady, dogry beýle ýagdaýlar mende öňem zol-zol bolup
durýardy... Men garaşylmadyk ýerden birden bir dost tapyndym. Hawa, hawa,
ynanyberiň, umuman alanda, meniň juda manysyz endigim bar: adamlar bilen dil
tapyşmagym juda kyn, hiç kime ynanmaýan, sähel närsä şübheleniberýän. Emma ―
gyzygy şunda ki, şu ýaramaz häsiýetlerime seretmezden, gelip-gelip, oýlamadyk,
garaşylmadyk bir adam, eger daşky sypaty, şeýtan bilsin, nähili bolsa-da, bar zatdan
beter şol göwnüme ýaraýar.
Mahlasy, şol näletli wagtlarda bir gün bagjagazymyzyň köçe gapysy açylyp,
howlymyza bir adam girdi. Ýadymda, güýzüň ýakymly günlerinden biridi. Aýalym
öýde ýokdy. Gelen adamyň öý eýesi bilen bir işi bolsa gerek, onuňka girip gitdi, soň
howla çykyp, meniň bilen saglyk-amanlyk soraşdy-da, derrew tanyşdy. Ol özüni
žurnalist diýip tanyşdyrdy. Ol maňa şeýle gowy göründi welin, bilýäňizmi, häzire
çenli käte-käte ony ýatlap, küýsänimi duýman galýan. Ýuwaş-ýuwaşdan ol öýüme
zol-zol gelip başlady. Mälim bolşuna görä, ol sallah eken, menden sähel daşrakda,
105
edil meniňkä meňzeş kiçijik kwartirada ýaşaýar eken, emma oňa kwartira darlyk
edýärmiş we şoňa meňzeş, we şuňa meňzeşler.
Nämüçindir ol meni öýüne çagyrmaýardy. Aýalyma ol asla ýaramady. Emma men
onuň tarapyny çaldym. Şonda hatynym: ― Bileniňi et ― diýdi, ― emma bu adam
mende diňe ýigrenç oýarýar.
Men güldüm. Bilemok, bu adam haýsy häsiýeti bilen meni özüne ram etdi? Gep
şunda ki, öz gutusynda üýtgeşik häsiýeti bolmadyk adamyň umuman gyzygy ýok.
Emma Aloiziniň (hawa, unudypdyryn ― täze tanyşymyň ady-familiýasy Aloiziý
Mogaryçdy) içki dünýäsinde şeýle häsiýet doludy. Men Aloiziý ýaly danyşment
adama öň hiç ýerde gabat gelmändim, görýän welin, mundan soňam asla duşaryn
öýdemok. Eger-de gazetde çykan bir makalanyň manysyna düşünip bilmesem,
Aloiziý ony bir demde düşündirip berýärdi, düşündirende-de emgenmän, aňsat we
rowan düşündirýär. Durmuşy wakalary we meseleleri-de şeýle aňsat teswir edýärdi.
Emma häli bu hemmesi däl. Aloiziý edebiýata bolan yhlasy bilen meni özüne bendi
etdi. Tä onuň haýyşyna görä romanymy başyndan-ahyryna çenli okap berýänçäm,
ynjalmady. Soňra bolsa roman dogrusynda öwgüli sözler aýtdy, emma edil
redaktoryň romanym dogrusyndaky belliklerini öz gulagy bilen eşiden dek, ol hem
şol pikirleri gaýtalap, agzymy açdyrdy. Aloiziý redaktoryň pikirlerini birkemsiz
tekrarlady. Mundan daşgary, näme sebäpden romanymyň çap edilmänligini hem örän
anyk düşündirip berdi welin, bu pikirde hata ýoklugyny özüm hem aňşyryp
başladym. Ol pylan babyň geçmeýär diýip, gepiň açygyny aýtdy...
Emma makalalarynyň yzy üzülmeýärdi. Iň ilkinjileriniň üstünden gülüpdim. Ýöne
makalalaryň sany köpeldik saýyn olara bolan garaýyşym hem üýtgedi. Ikinji etap ―
geň galmak döwri boldy. Bu makalalar howp salyjy we ynandyryjy äheňde
ýazylandygyna garamazdan, olaryň diýeli her bir setirinde öte ýalan-ýaşyryk we
güman etmek äheňi duýulýardy. Maňa olaryň öz aýtmakçy bolan pikirleri däl, başga
birleriniň pikirleri beýan edilýän ýaly bolup duýulýardy, olaryň dergazaplygyna
sebäp hem şol bolsa gerek diýip oýlanýardym-da, şu oýlardan asla halas bolup
bilmeýärdim. Mundan soň, men size aýtsam, üçünji basgançak ― gorky döwri
başlandy. Ýok, ýok, ol makalalar däl, ynanyň, belki olarda, romanyma degişli
bolmadyk başga-başga zatlar meni gorkuzyp başlady. Ine, meselem, men
garaňkylykdan gorkup ugradym. Gysgasy, ruhy bitaplyk döwri başlandy. Kiçijik
otagymda ýatmazdan ozal çyrany söndürsem, göwnüme penjireden, eger ol ýapyk
bolsa-da, nähilidir uzyn-uzyn gara şekiller, sowuk ellerini oýnadyp girip gelýän ýaly
bolýardy. Ahyrynda gijeleri çyraň ýagtysyna uklap geçirdim.
Söwer ýarym bolsa üýtgäp başlady (elbetde, gara şekiller barada oňa syzdyrmadym.
Emma ol ýagdaýymyň çataklygyny duýýardy) horlanyp, reňki gaçyp, indi kän
gülmeýärdi, romandan parça çap etdirmegi maslahat bereni üçin gaýta-gaýta ötünç
sorap başlady. Indi ol maňa hemme zady başdan aýlap, günorta, Gara deňiz boýuna
gitmegi, ýüz müň manatlyk utuşdan galan puly harçlap, şol ýerde dynç almagy
maslahat berip başlady. Bu pikirinde ol berk durdy, men bolsam onuň bilen
çekişmezlik üçin (Gara deňze gidip bilmejegimi köňlüm duýup durdy) ýakyn
günlerde giderin diýip wada berdim. Bileti onuň özi aljak diýdi. Şonda men galan
puly, on müň manat çemesi puluň hemmesini onuň eline berdim.
106
Ol: ― Munça pul nämä gerek? ― diýip, geň galdy. Men bolsam, ogurlatmakdan
gorkýaryn, şonuň üçin, tä gidýänçäm sende dursun diýen delil getirdim. Ol puly alyp,
bukjasyna saldy-da, meni gaýta-gaýta ogşap, şeýle diýdi: ― Seni şu ýagdaýda ýeke
taşlap gidenimden ölenim gowy, emma nä çäre, maňa garaşýarlar, zerurýete boýun
bolmasam, alajym ýok, ýöne ertir hökman gelerin. Ol maňa hiç zatdan gorkma diýip
ýalbardy.
Bu oktýabr aýynyň ortalarynda, iňrik garalyp başlan wagty bolupdy. Ol gitdi. Men
diwana gyşaryp, çyrany hem ýakman uklap galdym. Bir mahal otagyma gara şekiliň
girenini duýup oýandym. Garaňkyda sermenip, zordan çyrany ýakdym. Jübi sagadym
agşam sagat ikini görkezýärdi. Men ýatanymda bitapdym, indi näsag bolup oýandym.
Nazarymda, güýzüň zulmaty penjire aýnasyny syndyryp, otaga guýuldy-da, özümi
edil syýa meňzeş şu tümlüge gark bolýan ýaly duýup başladym. Men özüni
oňarmaýan ýarawsyz adam bolup oýanypdym. Men gygyrdym, beýnimde bir
kimsäniň, iň bolmanda ýokarky gatda ýaşaýan öý eýesiniň ýanyna pena isläp çykmak
pikiri oýandy. Edil däli adam ýaly özüm bilen özüm söweşip başladym. Ahyry pejiň
öňüne baryp, içine salnan oduny ýakmaga gurbum ýetdi. Odun şytyrdap ýanyp, pejiň
gapysy şarkyldap ýapylandan soň, özümi ýeňlän ýaly duýdum... Soňra dälize ylgap
çykyp, ol ýerde hem çyra ýakdym, bir çüýşe ak çakyr tapyp, dykysyny aýyrdym-da,
onuň bokurdagyndan içip başladym. Netijede gorky bir bada köşeşdi ― şu ýagdaýda
öý eýesiniň ýanyna ylgaman, pejiň ýanyna bardym. Pejiň gapysyny doly açyp, (odyň
howry el-ýüzümi bişiräýjek bolýardy), pyşyrdadym:
― Betbagtlyk başa düşdi, Halymdan habar almaga tizräk gel! Gel! Gel!
Ýöne hiç kim gelmedi. Peçde ot lowlap ýanýardy, ýagyş aýnany urýardy. Şonda iň
soňky bagtsyz hadysa ýüz berdi. Men stolyň çekmesinden romanymyň maşinkada
göçürilen uly nusgalarydyr gereksiz golýazmalarym bilen doldurylan depderleri alyp,
olary ýakyp başladym. Bu örän agyr iş, çünki golýazmalar ýanmaýar. Şonuň üçin,
dyrnaklarymy syndyrsa-da, depderleri bölek-bölek edip ýyrtyp, olary pejiň içine
oklap, kesewi bilen dörýärdim. Ýanan kagyzlaryň küli käte oduň üstüni basyp, meni
gamlandyrýardy, emma men göreşýärdim, netijede romanym köp garşylyk görkezsede, barybir berbat boldy. Göz öňümde tanyş sözler peýda bolýardy, sahypalar
aşakdan ýokarlygyna lowlap, saralyp ugranda, ýazylan sözler görnüp durdy. Olar
kagyz garalyp başlandan soň gaýyp bolýardy, şonda men kesewi bilen dörüp, olary
ýok edip başlaýardym.
Edil şu wagt kimdir biri aýnany ýuwaş dyrnady. Ýüregim «jig» edip gitdi-de, soňky
depderi oda oklap, gapyny açmaga ylgadym. Howla açylýan gapa kerpiç
basgançaklardan çykmalydy. Men büdräp-südräp, gapynyň alnyna baryp, ýuwaş
soradym: ― Kim siz?
Tanyş owaz ― aýalymyň sesi jogap berdi:
― Bu men.
Nädip gapynyň zynjyry bilen ilgençegini aýranymy bilemok. Ol başdan-aýak öl-suw,
ýaňaklary öl, saçlary perişan halda bosagadan ätläp, içerik girdi-de, sandyr-sandyr
edip, özüni gujagyma oklady. Men diňe bir sözi tekrarlap bildim bolany: ― Sen...
sen? diýdim-de, soň sesim ýitdi, soň ikimizem aşak podwala okduryldyk. Ol girip
poltosyny çykaryp taşlady-da, soň birinji otaga ok ýaly atylyp girdik. Ol ýuwaş
107
gygyryp, ýalaňaç elini derrew peje dykdy-da, indi aşagyndan ýanyp başlan soňky bir
desse golýazmany tartyp alyp, pola taşlady. Şu wagtyň özünde otagyň içi tüsseden
doldy. Men aýaklarym bilen depip, ody söndürdim, ol bolsa özüni diwana oklap,
öýkeni dolup, monjuk-monjuk gözýaş döküp, aglap başlady.
Ol ahyry köşeşdi, men söze başladym:
― Meniň bu romany göresim gelenok, men ondan gorkýaryn. Men näsag. Meni
gorky gurşap aldy.
Ol ýerinden galyp, gepe başlady
― Waý, hudaýym, sen gaty näsag-la. Näme üçin? Sebäbi näme? Barybir, seni
dertden halas ederin, bu beladan gutararyn. Bu näme boldugy? Men onuň tüsseden
we agydan çişen gözlerini gördüm, maňlaýymy sypalap başlanda, elleriniň buz
ýalydygyny duýdum.
― Men seni sagaldaryn, gutuldaryn ― diýip seslendi ol, ýüzüni egnime goýup, sen
ony ýene dikeldersiň. Nämüçin, nämüçin bir nusgasyny özüm alyp goýmadymkam?
Ol gazap bilen dişlerini gyjady-da, ýene düşnüksiz hüňürdedi. Soňra leblerini gysyp,
ýanan sahypalary ýygnap, tükelläp başlady. Bu ― romanyň ortasyndaky haýsydyr bir
babydy. Ol köýen sahypalary bilen jemläp kagyza orady-da, bagjyk bilen daňdy.
Onuň bar edýän hereketinde bir kararlylyk, kesginlik bardy, özüni ele alanlygy anyk
görnüp durdy. Ol çakyr sorap, içdi-de, soň arkaýyn gepläp başlady. Ol:
― Aldawçylygyň soňy şeýle töleg bilen gutarýar ― diýdi, — boldy, men indi aldaw
bilen ýaşaman. Häzir seniň ýanyňda galardym welin, emma bu sypatda iş tutmagy
halamaýaryn. Öýünden gijesine gaçyp gidenimi ärimiň ömürboýy gynanç bilen
ýatlap ýörmegini islemeýärin. Ol maňa hiç haçan hiç-hili ýamanlyk etmedi. Ony
häzir duýdansyz çagyrdylar, zawodynda ýangyn bolanmyş. Emma ol hä diýmän
gaýdyp geler. Men onuň bilen ertir gepleşerin, başga adamy söýýärin diýip aýdaryn
oňa, soňra bütinleý seniň ýanyňa gelerin. Hany, aýt, belki, beýle etmegimi isleýän
dälsiň?
― Wah, biçärejigim ― diýdim oňa, ― beýle etmegiňe ýol bermerin. Ýagdaýym
hasam ýaramazlaşar, şu sebäpden seniňem meniň bilen bile heläk bolmagyňy
islemeýärin.
― Diňe şu sebäplimi? ― diýip sorady ol gözlerini gözüme ýakyn getirip.
― Diňe şu.
Ol birden ruhlanyp, boýnumdan gujaklap, meni bagryna basyp, diýdi:
― Men hem seniň bilen bile heläk bolaryn. Ertir gaýdyp gelerin.
Ine, durmuşymda ýadymda galan soňky ahwallar ― gyýa açylan eýwan gapysyndan
düşen ýagtyda onuň seçelenen saçlary, başyndaky beret we aýgytdan doly gözleri.
Ýene bosagada onuň symgylt salgymy hem kagyza dolanan ak düwünçek.
― Seni ugradyp gelerdim welin, ýöne yza gelmäge mydarym ýok, gorkýan ―
diýdim.
― Gorkma. Ýene birnäçe sagat sabyr et. Ertir irden ýanyňda bolaryn.
― Bu onuň durmuşyndaky soňky sözleri boldy.
― Çüşş! ― diýip, näsag birden sözüni böldi-de, barmagyny göterdi, ― bu gün aýly
gije örän biynjalyk.
Ol balkona çykyp, gözden gaýyp boldy.
108
Iwan koridordan arabajygyň tigirlenip geçenini, kimiňdir horkyldap aglanyny we
pessaý gygyranyny eşitdi. Ümsümlik aralaşandan soň, myhman ýene gaýdyp geldi
we 120-nji otaga adam getirenlerini habar berdi. Alyp getirilen adam gaýta-gaýta şol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 12
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.