Latin

Ussat we Margarita - 10

Total number of words is 3803
Total number of unique words is 2029
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Meniň bilenem şeýle oýun oýnaň — diýip güldi parteriň ortalarynda oturan bir
semiz adam.
— Awek plezir! — diýdi Fagot. — Nämüçin diňe seniň bilen? Hemmeler bu oýna
deň gatnaşýar! — diýip, buýruk berip başlady:
— Hemmäňiz ýokary serediň!.. Bir! — şu wagt onuň elinde pistolet peýda boldy,
soň: — Iki! — diýip gygyrdy. Pistoletiň agzy asmana garady. — Üç! — diýip
gygyranda, ot çykyp, «tark» eden ses eşidildi-de, gümmeziň aşagyndan, her tarapa
dartylan simiň we ýüpleriň arasyndan zala ak kagyzlar ýagyp başlady.
Kagyzlar pyr-pyr aýlanyp, käsi galereýa, käsi orkestriň çukuryna, hatda sahna-da
uçup düşýärdi. Birnäçe sekuntdan soň tomaşaçylaryň üstüne ýagyş ýaly ýagyp
başlady, adamlar turup, pullary gapyp başladylar. Ýüzläp eller howa göterildi,
tomaşaçylar gapyp alan kagyz pullaryny ýagty sahna tarapa öwrüp, gözlerine ýakyn
eltip, olarda hakyky suwly belgileriň bardygyna, ýagny pullaryň çyndygyna ynanç
hasyl edýärdi. Pullaryň ysy-da hiç hili şübhe döretmeýärdi: bular ýaňy çapdan çykan
pullara has bolan täsin ysdy. Bütin teatry owaly şatlyk, soň geň galma duýgusy
gurşap aldy. Hemme tarapdan: «Çerwonslar, hakyky onluk pullar» — diýen sözler,
«Ah, ah!» — diýen sesler we şadyýana gülki güwläp eşidilýärdi. Kimdir birleri
kürsüleriň aşagyna düşen pullary gözläp, hatarlaryň arasynda emedekläp hem
ugrapdy. Köpçülik oturgyçlaryň üstüne çykyp, çar tarapa pyrlanyp düşýän kagyz
pullary gapjak bolýardy.
Milisionerler bardyksaýyn geň galyp başladylar, artistler bolsa, perdäniň aňyrsyndan
arkaýyn çykyp gelýärdiler.
Beletaždan: «Näme eliňi uzadýaň? Bu meniňki! Men tarapa uçup geldi!» — diýen
ses we oňa jogap: «Itekleme meni, eger men seni iteklesem, şonda görersiň!» —
diýip gygyran başga ses ýaňlandy.
Soň birden jürlewük owazy geldi. Şol demde beletažda milisioneriň papagy peýda
bolup, ol ýerden kimdir birini alyp gitdiler.
Mahlasy, adamlaryň möwjemesi bardyksaýyn artyp barýardy, eger-de Fagot howa
üfläp, pul ýagşyny togtatmadyk bolsa, nämeleriň boljagy belli däldi.
Iki sany ýaş ýigit köp manyly we guwançly gözlerini gyrpyşyp, ýerlerinden turup,
göni bufede ýöneldi. Teatr aryň öýjügi ýalydy, tomaşaçylaryň gözleri üýtgeşik
lowurdaýardy. Hawa, hawa, eger Bengalskiý özüni ele alyp, ýerinden gozganmadyk
bolsa, bu wakanyň soňunyň näme bilen gutarjagy mälim däldi. Ol özüni doly
rastlamaga çalşyp, endigi boýunça aýaklaryny bir-birine sürtdi we sesini
mümkingadar ýaňlandyryp diýdi:
90
— Şeýlelikde graždanlar, häzir siz bilen bilelikde gipnoz diýilýän wakanyň şaýady
bolduk. Bu jadygöýlikde hiç hili gudrat ýoklugynyň anyk subutnamasy, onuň sap
ylmy tejribedigidir. Indi maestro Wolanddan bu tejribäni paş etmegini haýyş edýäris.
Häzir, graždanlar, size pul bolup görnen kagyzlaryň peýda bolşy ýaly, gaýyp bolşuny
hem öz gözüňiz bilen görersiňiz.
Şeýle diýip, ol çapak çalyp başlady, emma oňa hiç kes goşulmady, ol çapak çalýan
wagtynda ýüzünde ynanç oýnaklady, ýöne gözlerinde ynançdan derek ýokdy, gözleri
köpräk haýyşy beýan edýärdi.
Bengalskiniň sözleri halka ýaramady. Bütin zal şeýlebir dym-dyrslyga gark boldy ki,
ony diňe gözenek köýnekli Fagot bozdy.
— Bu hem ýene hälki aýdyşymyz dek, ýalançylyk nusgasy — diýdi ol geçiniňki ýaly
sandyrawuk we şaňky owaz bilen — bu kagyzlar, graždanlar, hakyky pullardyr!
— Brawo! — diýip gygyrdy bir ýogyn ses ýokardan.
— Dogrusyny aýtsam, bu adam — diýip Fagot Bengalskini görkezdi, — janyma
degdi. Bar zada tumşugyny sokup, ýalan bellikler bilen seansa zelel ýetirip dur!
Näme etsekkäk muny?
— Kellesini almak gerek! — diýdi galereýadan biri gazap bilen.
— Näme diýdiňiz? Lebbeý? — Fagot bada-bat bu ýaman teklibi tassyklap, — başyny
almak gerek? Dana pikir? Begemot! — diýip gygyrdy ol pişige, — düzet! Eýn, sweý,
dreý!!
Şonda asla garaşylmadyk hadysa ýüz berdi. Gara pişigiň tüýleri syh-syh bolup,
eýmenç mawlap, göni Bengalskiniň kükregine gaplaň dek böküp, onuň depesine
çykdy. Pişik hyrlap, mymyk penjeleri bilen alyp baryjynyň öljeren saçlaryny
çeňňelläp, wagşyýana gygyryp, onuň başyny iki gezek towlap, ýogyn boýnundan
ýoldy. Teatrdaky iki ýarym müň adam birbada gygyryşdy. Bengalskiniň üzlen
boýnundaky damarlaryndan gan dyňzap atyldy, onuň köýnegi, fragy gana boýaldy.
Zaldan aýallaryň janagyrly perýatlary eşidildi. Pişik üzlen başy Fagoda berdi, ol bolsa
kelläniň saçyndan tutup, ony halka görkezdi, şonda kelle jan ajygyna bütin teatry
başyna göterip:
— Doktory çagyryň! — diýip gygyrdy.
— Sen ýene tutaryksyz sözleri sözlärmiň? — diýip, Fagot aglaýan kelleden sorady.
— Indi beýtmerin — diýip hyrkyldady kelle.
— Hudaý hakyna, gynamaň ony — diýip, ložadan bir aýalyň örän ýiti nalasy eşidildi,
gara jady ses gelen tarapa ýüzüni öwürdi.
— Ýeri, graždanlar, bagyşlaýasmy muny? — diýip, Fagot zala ýüzlenip, sorady.
— Bagyşlansyn! Bagyşlansyn! — diýip, ilki aýallaryň aýry-aýry sesleri eşidildi,
soňra erkeklerem köpçülik bolup goşulyp gygyrdylar.
— Siziň pikiriňiz, messir? — diýip, Fagot nikaply jadydan sorady.
— Eýse näme diýeris — oýlanybyrak diýdi ol, — bular adam ahyry. Puly gowy
görýärler, eýsem mydama şeýle bolmanmy näme?.. Bütin ynsanyýet puly gowy
görýär, ol nämeden ýasalan bolsa-da, — deridenmi, kagyzdanmy, bürünçdenmi,
altyndanmy — barybir. Çünki olar ýeňles hulkatlardyr... Haý, ne çäre ... olaryň
kalplarynda käte rehimdarlyk duýgulary hem oýanýar... ýönekeý bendeler... umuman,
91
gadymky adamlar ýaly, bulary hem... diňe öý-jaý meselesi adamkärçilikden
çykarypdyr... — Soň belent owaz bilen buýrdy:
— Kellesini ýerine goýuň.
Pişik ýagşy nyşanalap, kelläni ornuna gondurdy, kelle hamana hiç haçan teninden
aýrylmadyk ýaly, öz ýerine pugta jaýlaşdy. Iň möhümi, boýny üzlen ýerinde hiç hili
ýara yzy galmady. Pişik Bengalskiniň fragyny we köýnegini penjesi bilen ýelpedi
welin, olardaky gan tegmilinden nyşan hem galmady, Fagot ýerde oturan Bengalskini
ör turuzdy, fragynyň jübüsine bir desse pul salyp, ony sahnadan çykaryp, diýdi:
— Hany, garaňy saýla! Indi sensiz wagtyhoşluk ederis.
Alyp baryjy yzyna garap, entirekläp, zordan ýangyn postuna ýetip bardy, emma şu
ýere ýetende, ýagdaýy agyrlaşdy. Ol ejizläp: — Waý, kelläm! Kelläm! — diýip
nalady.
Onuň ýanyna başgalar bilen Rimskiý hem ylgap bardy. Alyp baryjy aglaýardy, elleri
bilen howada bir närsäni tutjak bolýardy we sakawlanýardy: — Kellämi beriň!
Jaýymy alyň, kartinamy alyň, ýöne kellämi yzyna beriň! — diýýärdi.
— kurýer wraç getirmäge ylgady. Bengalskini grimhanadaky diwana ýatyrmakçy
boldylar, ol adamlary siltäp, depip galmagal edip başlady. Tiz kömegi çagyrmaly
boldy. Bagtygara alyp baryjyny äkidenlerinden soň, Rimskiý ýene sahna tarap ylgap,
ol ýerde täze mugjyzalaryň sadyr bolýandygyny gördi. Hawa, şu mahalmy, ýa
mundan sähel öňüräkmi, her halda jadygöý öz oturan köne kürsüsi bilen bile
sahnadan gaýyp bolupdyr, emma şuny aýtmak gerek ki, Fagotyň sahnada görkezýän
üýtgeşik oýunlaryna gyzygan halk Wolandyň gaýyp bolanyny asla duýmandyram.
Fagot bolsa, jebirlenen alyp baryjyny çykaryp goýberensoň, halka şeýle diýdi: — Ine
indi ol ýüregedüşgünçden gutulanymyzdan soň, geliň, aýallar dükanyny açalyň!
Şol pursatda sahnanyň poluna eýrany halylar ýazyldy, iki tarapyndan trubka dakylan
al-ýaşyl çyralar bilen ýagtylandyrylan uly-uly ýüz görülýän aýnalar we olaryň
aralygynda witrinalar peýda boldy, şadyýana geň galyp oturan tomaşaçylar bu
witrinada dürli reňkde, dürli fasonda bolan pariž aýal egin-eşiklerini gördüler. Bu bir
witrinada, beýlekisinde bolsa, ýüzlerçe ýelekli we ýeleksiz aýal şlýapalary, her dürli
reňkdäki gara, ak, sary deriden tikilen, tasmaly we sadaply hasapsyz tufliler peýda
boldy. Şu tuflileriň arasynda gutujagazlarda çyra şuglasynda towlanýan billur atyr
çüýşeler. Keýik derisinden, mahmaldan ýüpekden tikilen petde-petde sumkajagazlar,
olaryň arasynda bezelen, uzynak altyn gutujyklarda leb boýaglary. Şu wagt haýsy
gördendir peýda bolan, egnine baýramçylykly gara lybas geýen, boýnundaky diýseň
alamat ýara yzy bolmasa, çyn sahypjemal görünýän mele saç gyz witrinalaryň
öňünde durup, şu ýeriň bikesi sypatynda tagzym, kyldy.
Fagot süýji ýylgyryp, pariž fasondaky bu pariž köýnekleridir, aýakgaplaryny firma,
siziň — aýallaryň geýlen, köne köýnekleriňize, aýakgaplaryňyza çalyşar diýip yglan
etdi. Sumkajagazlar, atyr we başga närseler dogrusynda hem şeýle çalşyk boljagyny
üstüne goşdy.
Şu wagt pişik art aýaklaryny bir-birine urup, aýny wagtda öňki aýaklary bilen gapy
garawulyna laýyk hereket etdi. Gyz bolsa, örän düşüniksiz, emma parterdäki
aýallaryň ýüzüne seredeniňde, kişini was-wasa salyjy bir aýdymy nätanyş dilde
gyryljak, emma täsirli edip aýtdy:
92
— Herlän, Şanel nomer bäş, Misuko, Narsis Nuar, agşamlyk köýnekler, kokteýl
köýnek...
Fagot eglip-bükülipdi, pişigem tagzym edýärdi, gyz aýnaly witrinalary açdy. —
Merhemet! — diýip heňkirdi Fagot; — hiç çekinmän, utanman geliberiň!
Halk ikirjeňlenip başlady, emma häzirlikçe sahna çykmaga hiç kim ýürek edip
bilmedi. Ahyry garaýagyz bir aýal parteriň onunjy hataryndan turdu we hiç hili gep
— söze perwaý etmeýän adam ýaly, ýylgyryp, ýan tarapdaky basgançakdan sahna
çykdy.
— Brawo! — diýip gygyrdy Fagot, — iň birinji myhmany gutlaýaryn! Begemot,
kürsi! Aýakgapdan başlaýarys, madam.
Aýal kürsä oturdy. Fagot şobada, aýalyň aýak astyna, halynyň üstüne köwüş baryny
dökdi. Garaýagyz aýal sag aýagyndaky köwşüni çykaryp, melewşe reňkli tuflini
geýip gördi, halynyň üstünde ýerinden galyp, ökjesini basyp gördi.
— Aýagymy gysmazmyka? — ikirjiňläp sorady aýal.
Muňa jogap ornunda Fagot ynjap: — Ýok-la, aýdýanyň näme? — diýdi. — Pişik hem
öýkeli mawlady. — Men alýan şu tuflini, mosýe — diýdi garasaç aýal, hoşallyk
bildirip, ikinji aýagyna hem tufli geýdi. Aýalyň köne köwşi perdäniň arkasyna
taşlandy. Onuň özi hem mele saçly gyzyň we Fagotyň gözegçiliginde şol tarapa ýol
aldy; Fagot egnine birnäçe modaly köýnekleri asypdy. Pişik uçup-gonup
kömekleşýärdi, haýbatlyrak bolmagy üçin boýnuna santimetr hem asyp goýupdy.
Ýene sanalgyja sekuntlardan soň, garasaç aýal perde arkasyndan şeýle täsin köýnekde
çykyp geldi ki, muny görüp bütin parter bir deň gorsundy. Indi örän dilber bolup
giden batyr aýal aýnanyň garşysynda durup, ýalaňaç eginlerini synlady, ýeňsesindäki
saçyna elini degirdi we özüniň arka tarapyna aýnada görmek maksadynda öwrülip
başlady. — Firmamyz, şuny ýadygärlik üçin kabul etmegiňizi soraýar — diýdi Fagot
we garasaç aýala içi atyr çüýşeli, gapagy açyk gutujygy uzatdy.
— Mersi, — diýdi aýal tekepbirlik bilen we basgançakdan düşüp, parter tarapa
ýöredi. Ol barýarka, ýol ugruna tomaşaçylar ýerlerinden galyp, gutujygy tutup
görýärdiler. Şu wagt birden ýol açyldy-da, zalyň hemme tarapyndan aýallar sahna
tarap akyp ugrady. Köpçüligiň teşwişli gowry, gülküsi we ah-wahlarynyň arasyndan
bir erkegiň «Sahna çykmagyňa ýol bermerin!» — diýen sesi hem oňa: «Zalym we
bahyl erkek, elimi gaňyrma!» — diýip çyňkyrany eşidildi. Aýallar perdäniň arkasyna
geçip, ol ýerde öz lybaslaryny galdyryp, täzesini geýip çykardylar. Zer aýakly
kürsülerde hatar düzlişip, aýaklaryna laýyk tuflileri geýip görýärdiler. Fagot dyza
çöküp, elindäki şahdan ýasalan çemçe bilen aýallara kömekleşýärdi, hallanlap gujakgujak sumkajagazlary we tuflileri witrinadan kürsüleriň duran ýerine getirip, gaýtaryp
alyp gidýärdi, boýny nahraly aýymgyz bolsa, kä peýda bolup, kä ýene gaýyp
bolýardy, indi ol bara-bara bütinleý fransuzça sözläp başlady, emma iň gyzygy şunda
ki, hemme aýallar, hatda asla fransuzça bir sözi bilmeýän aýallar-da onuň sözlerine
gepini gutarmanka düşünýärdiler.
Aýallara gatyşyp sahna çykan bir erkek hemmäni geň galdyrdy. Ol aýalynyň,
dümewläp öýde ýatanyny, şu sebäpli özüne onuň üçin bir zatlar berip
goýbermeklerini sorady. Bu raýat hakykatdan-da hatynynyň bardygyny subut etmek
üçin, pasportyny görkezmäge-de taýýardy. Gamhor äriň bu beýanatyny halk kah-kah
93
urup garşy aldy, Fagot pasportsyz hem size özüme ynanan ýaly, ynanýaryn diýip
heňkirdi-de, erkege iki jübüt ýüpek jorap tutdurdy, pişik bolsa onuň üstüne bir guty
pomada — leb boýag berdi.
Gijä galan aýallar sahna okdurylýardylar, aýny wagtda bal köýnekleri, aždar gülli
pižamalary, her hili bezegli lybaslary we şlýapalary geýen bagtyýar aýallar sahnadan
düzülip düşüp gelýärdiler. Şu wagt Fagot, wagt giç bolany sebäpli, ýene bir salymdan
soň magazin ertir agşama çenli ýapylýar, diýip yglan etdi, sahnada edepsiz
biserenjamlyk başlandy. Aýallar aýaklaryna geýibem görmän, tuflilere tapyr-tupur
ýapyşyp başladylar. Bir aýal sahnanyň arkasyna edil tupan ýaly uçup girip, egnindäki
geýimini şarpa çykaryp taşlady-da, eline ilen birinji lybasa, parça-parça gülli halada
el urdy, mundan daşgary, ýene iki çüýşe atyry hem kakyp gitdi. Birazajyk wagtdan
soň, pistoletden ok atylyp, ýüz görülýän aýnalar gaýyp boldy, witrinadyr kürsüler
nirädir bir ýere çökdi, haly hem, aýna perdeler hem howada eräp, ýok boldy. Iň
soňunda dag-dag bolup üwlüp ýatan köne köýneklerdir joraplar gaýyp boldy we
sahna ýene öňki ýaly boşap galdy.
Ana, şonda ara täze personaž aralaşdy. Ikinji ložadan bir hoşowaz erkegiň ýakymly
we ýaňlanýan sesi eşidildi.
— Her näme-de bolsa, hormatly artist, häziriň özünde fokuslaryňyzyň tehnikasyny,
şeýle hem kagyz pul barasyndaky fokusyňyzy tomaşaçylara paş etmegiňizi isleýäris.
Şunuň ýaly-da, alyp baryşyny sahna gaýtarsaňyz ýagşy bolardy. Onuň takdyry
tomaşaçylary alada goýýar.
Bu hoşowaz tomaşaçy bu günki tomaşanyň hormatly myhmany, Moskwa
teatrlarynyň akustika komissiýasynyň başlygy — Arkadiý Appollonowiç
Sempleýarowdy.
Arkadiý Appollonowiç ložada iki aýal bilen otyrdy: olaryň biri — modaly,
gymmatbaha geýnen, ýaşy bir çene baran, ikinjisi — gowuja geýnen ýaş hem
ýakymlydy. Soňra protokol düzlende mälim boldy ki, birinji aýal Arkadiý
Appollonowiçiň hatyny, ikinjisi bolsa — onuň daşky garyndaşy, Saratowdan gelen,
häzirki wagtda Sempleýarowlaryň kwartirasynda ýaşaýan gelejegi parlak ýaş aktrisa
eken.
— Pardon! — diýip jogap berdi Fagot, — meni bagyşlarsyňyz, munuň hiç hili paş
edilýän tarapy ýok, hemme zat düşnükli.
— Ýok, bagyşlarsyň! Paş etmek hökmän. Ýogsa bu täsin nomerleriňiz kalpda teşwüş
galdyrýar. Tomaşaçylar düşündiriş talap edýär sizden.
— Tomaşaçylar — diýip, rehimsiz masgarabaz Sempleýarowyň sözüni böldi, — hiç
zat talap eden däldir? Emma, siziň hormatly islegiňizi kabul edip, Arkadiý
Appollonowiç, bolýar, men paş edeýin. Emma ondan öň ýene bir kiçijik nomer
görkezmäge ejaza berseňiz!
— Garşylyk ýok — diýip jogap berdi Arkadiý Appollonowiç mürewwet görkezip, —
emma soňunda, elbetde, paş ediş bolsun.
— Baş üstüne, baş üstüne. Onda siz soragyma jogap beriň, düýn agşamara
niredediňiz, Arkadiý Appollonowiç?
Ine, şu ýerliksiz, hatda howply diýse hem bolýar, soragy eşiden Arkadiý
Appollonowiçiň ýüzi üýtgedi, özem örän gaty üýtgedi.
94
— Arkadiý Appollonowiç düýn agşamara akustika komissiýasynyň mejlisinde-di —
diýip, beýanat berdi onuň hatyny öte tekepbirlik bilen, — emma, munuň jadygöýlüge
näme dahyly bar, düşünmedim.
— Hawa, dogry, madam — diýip takyklady Fagot, — düşünmeýänligiňiz tebigy
ýagdaý. Mejlis meselesinden siz asla bihabar.
Arkadiý Apollonowiç, siziň aýdan, aslynda bolsa, düýn agşam bolmadyk mejlise
gidenden soň, Çistiýe prudiniň golaýyndaky akustika komissiýasynyň binasynyň
öňünde öz şofýoryna jogap berip, (bütin zal suw sepilen ýaly dym-dyrs bolup galdy),
özi bolsa, awtobusda Ýelohowskaýa köçesine, raýon teatrynyň artistkasy Milisa
Andreýewna Pokobatkonyňka baryp, şol ýerde dört sagatlap myhman boldy.
Şu dym-dyrslykda kimdir biriniň «Öý!» diýen ejirli sesi eşidildi.
Arkadiý Apollonowiçiň ýaş garyndaş gelni birden sandyrawuk eýmenç owaz bilen
hahahaýlap başlady.
― Bar zat düşnükli! ― diýdi ol, ― özümem köpden bäri şübhe edip ýördüm.
Luizanyň roly näme sebäpden şol zehinsize berleni indi maňa aýdyň boldy!
Şeýle diýip, ol birden elindäki kelte desseli, mawy reňkli saýawany bilen Arkadiý
Apollonowiçiň kellesine ýelmedi.
Deýýus Fagot, ýagny Korowýew bolsa gygyrdy: ― Ine, hormatly graždanlar,
Arkadiý Apollonowiçiň günümize goýman talap eden paş ediş hadysalaryndan biri!
― Arkadiý Apollonowiçe el götermäge nädip milt etdiň, ganjyk? ― diýip, Arkadiý
Apollonowiçiň hatyny mahabatly kaddyny dikläp ýerinden turup, batly gygyrdy.
Garyndaş juwan ýene bir mertebe jynssyz, gaharly hahahaýlap güldi. ― Başgalaryň
hetdi ýetmese-de, ― diýip jogap berdi hahahaýlap ― meniň hetdim ýeter el
götermäge! ― şonda ikinji gezek «kars» eden ses eşidildi ― aýalyň saýawany
Arkadiý Apollonowiçiň başyna urlyp, pökgi ýaly bökdi.
Sempleýarowyň aýaly: ― Milisiýa! Tutuň ony! ― diýip, şeýlebir eýmenç gygyrdy
welin, adamlaryň ýüregi «şuw» etdi. Munuň üstesine pişik hem sahnanyň öňüne
okdurylyp çykyp, bütin teatry başyna göterip, birden adamzat owazy bilen gygyrdy:
― Seans tamam! Maestro! Marşa başlaň!!!
Aň-huşuny ýitiren dirižýor özüniň näme edýänine-de düşünmän, dirižýorlyk
taýagyny galgatdy we orkestar nähilidir gaýry tebigi, diýseň edepsiz bir marşy
çalmady, gümmürdetmedi, belki pişigiň ýigrenji yşaraty boýunça ― başlady... Emma
iň möhümi bu däl, belki, şu wakalardan soň Warýetede kyýamat gopup başlady.
Milsionerler Sempleýarowlaryň oturan ložasyna tarap ylgap gitdiler, tomaşa talaplar
ložanyň germewinden aşyp geçmekçi bolýardylar, eýmenç hahahaýlar, wagşyýana
gykylyklar we bularyň hemmesini basyp orkestrdäki mis jamynyň sesi ýaňlandy. Edil
şu wagtda sahna birden boram-boş bolup galdy, ýaňky üsti könelen kürsüde oturan
gara mag ol kürsi bilen bile nähili gaýyp bolan bolsa, indi Fagot bilen bihaýa pişik
Begemotyň bir dem salyşy bilen emele gelen zatlar-da edil şeýle gaýyp boldy.
XIII bap
GAHRYMANYŇ PEÝDA BOLMAGY
95
Şeýlelikde, nätanyş adam Iwana barmagy bilen haýbat edip, pyşyrda-dy: «Çüş!»
Iwan krowatda aýagyny sallap, oňa dikanlap seretdi. Otuz sekiz ýaşlardaky sakalmurty alnan, gara saçy maňlaýyna düşüp duran, jüýk burun, gözleri ala adam
balkondan assyrynlyk bilen seredýärdi.
Bu täsin myhman Iwanyň ýekeligine göz ýetirenden soň, daşaryk birazajyk diň salyp
durdy-da, ahyry otaga girmäge ýürek etdi. Diňe şonda Iwan onuň keselhana
geýmindeligini gördi. Ol içki köýnek-balakly, ýalaňaç aýagyna tufli geýip, egnine
goňur halat atynypdy. Myhman Iwana göz gypyp, elindäki bir desse açary jübüsine
salyp goýdy-da: «Otursam bolýarmy?» ― diýip sorady, Iwan baş atyp razy bolandan
soň, kürsä oturdy.
― Bu ýere nähili girdiňiz? ― Iwan myhmanyň süňklek barmagynyň haýbatyna raý
edip, pyşyrdap sorady, ― balkonyň gözenegi gulplydy-la!
― Gözeneg-ä gulplydy ― diýdi myhman, ― emma Praskowýa Fýodorowna
şepagatly bolsa-da, öte başagaý adam. Mundan bir aý öň onuň bir desse açaryny
ogurladym, şondan bäri birinji gatyň jaýyň töweregine aýlanýan balkonlaryna
çykmaga, käte bolsa goňşularym bilen duşuşmaga mümkinçilik aldym.
Eger balkona çykyp bilýän bolsaňyz, gaçyp gitseňizem bolmaýarmy? Ýa belentmi
juda? ― diýip, Iwan gyzyklanyp sorady.
― Ýok, — kesgin jogap berdi myhman, ― men bu ýerden gaçyp gidip bilmerin ―
balkonyň belent bolany üçin däl, barjak ýerim ýoklygy üçin gidip bilmeýärin. ― Ol
bir azajyk dym-dyrslykdan soň dowam etdi. ― Şeýdip, ýatyrys diýsene!
― Ýatyrys ― diýip, jogap berdi Iwan gelen adamyň goýun gözüne dikanlap.
― Bolýa-da... ― diýdi myhman birden aladalanyp.
― Bolsa-da siz başbermezeklerden dälsiňiz-le? Soranymyň sebäbi, bilýäňizmi, men
gohy, dawalaşmany, gyýnagy we şuňa meňzeş zatlary asla halamaýaryn. Esasanam
meniň üçin adamzadyň gygyranyny, goý, ol azar çekip, gazaplanyp ýa başga
ýagdaýda gygyrsyň, parhy ýok, barybir gowy görmeýärin. Köňlüme teselli berip,
aýdyň, siz başbermez däli dälsiňiz, şeýlemi?
― Agşam restoranda biriniň tumşugyn-a owratdym ― diýip, mertlerçe boýun aldy
täze tüýse girip başlan şahyr.
― Sebäp? ― diýip, myhman kesgitli sorady.
― Açygyny aýtsam, bisebäp ― diýdi Iwan utanjyrap.
― Aýyp ― diýip, myhman käýýedi we dowam etdi. ― Onsoňam, nämüçin şeýle
biýedep gep aýdýaňyz? «Tumşugyny owratdym» Adamda tumşukmy ýa ýüzmi ―
mälim däl-dä. Her halda, tumşuk däl-de, ýüz bolsa gerek. Şunlukda, ýumruk
işletmek... Ýok, siz bütünleý taşlaň bu işiňizi.
Myhman Iwana şu äheňde temmi berip, sorady: ― Kesbiňiz?
― Şahyr men ― diýip, nämüçindir göwünsiz boýun aldy Iwan. Myhmanyň keýpi
gaçyp, gaharly. ― Wah, nämedenkä hiç işim paşmaýar ― diýdi-de, ol bada-bat
huşuny ýygyp, üzür aýtdy we sorady:
― Familiýaň näme?
― Bezdomnyý.
― Eh, eh... ― diýdi myhman ýüzüni çytyp.
― Näme, goşgularym size ýaramaýarmy? ― diýip, gyzyklanyp sorady Iwan.
96
― Asla ýaramaýar.
― Haýsy goşgularymy okapdyň?
― Hiç goşgyňyzy-da okamandym! ― diýdi myhman gaharlanybyrak.
― Onda nämüçin beýle diýdiň?
― Diýemde näm bolupdyr ― jogap berdi myhman, ― näme ömrümde goşgy okan
däldir öýdýäňmi? Belkem... siziňki täsinlidir? Ýagşy, sözüňize ynanmaga taýýar
men. Özüňiz aýdyň hany: goşgularyňyz gowumy?
― Gaty dereksiz ― diýip, birden batyrgaý we ýürekden nägilelik bildirdi Iwan.
― Indi ýazmaň! ― diýip, haýyş etdi myhman ýalbaryjy äheňde.
― Ant içip, wada berýärin! ― dabaraly äheňde diýdi Iwan.
Andy el basyp tassykladylar, şol wagt dälizden ýuwaş aýak sesi we sözleşilýän ses
eşidildi.
― Çüşş...― diýip, pyşyrdady myhman we böküp balkona çykyp, penjiräni ýapdy.
Gapydan Praskowýa Fýodrowna jyklap, Iwandan hal-ýagdaý sorady, soň ondan,
garaňkyda uklamagy isleýäňizmi ýa ýagtydamy diýip sorady. Iwan çyrany
söndürmezligi haýyş etdi, şondan soň Praskowýa Fýodrowna näsaga ýagşy düýş
görmegi diläp, bu ýerden uzaklaşdy. Hemme ýer ümsümlik boldy, şonda myhman
ýene bäri girdi.
— 119-njy otaga tos-togolok, iki ýaňagy gyp-gyzyl täze bir näsagy ýatyrdylar ―
diýdi ol pyşyrdap. ― Gyzykly ýeri, ol wentilýasiýa tüýnügine goýlan haýsydyr bir
walýutalar hakynda, ýene Sadowaýa köçesindäki öýde jynlaryň mesgen tutandygy
hakynda lebi-lebine degmän samrap ýatyr. Puşkine zol-zol gargynyp, ýene iki
gepiniň birinde: «Kurolýesow, bis-bis!» ― diýip gygyrybam goýberýär.
Ol teşwiş çekip, bir tisgindi. Soňra köňli birazajyk teselli tapyp, kürsä oturdy-da: ―
Ýeri, bolýa-da, Hudaý kuwwat bersin, ―diýip, Iwan bilen başlan söhbetini dowam
etdirdi:
― Hoş, bu ýere düşmegiňize näme sebäp boldy?
― Sebäp Pontiý Pilat ― diýdi Iwan hesretli halda aşak bakyp.
― O nähili?! — diýip, myhman seresaplygy hem unudyp gygyrdy-da, derhal aýasy
bilen agzyny tutdy. ― Gör nähili adatdan daşary meňzeşlik! Ýalbarýan, ýalbarýan,
başdan-aýak aýdyp beriň!
Iwan nämüçindir bu nämälim adama ynandy we agşam Patriarh kölçesiniň boýunda
ýüz beren hadysany başda gorkubrak, soň batyrgaýlyk bilen aýdyp başlady. Hawa,
Iwan Nikolaýewiç açar ogurlan nämälim şahsyň mysalynda örän yhlasly diňleýji
tapdy! Myhman Iwany däli hasaplaman, onuň hekaýasyny uly gyzyklanma bilen
diňläp oturyşyna, bara-bara haýrana galdy. Ol öwran-öwran şeýle sözler bilen Iwanyň
sözüni bölýärdi: ― Ýeri, ýeri dowamy, dowamyny aýt, haýyş edýän. Ýöne öwülýädir
enbiýalar hakyna hiç zady galdyrman, doly beýan et!
Iwan hem bar zady bolşy ýaly doly beýan edýärdi, elbetde, oňa şu tüýsde hekaýa
etmek aňsatdy, ine, ahyry ol Pontiý Pilatyň elwanreňk mantiýaly ak donda balkona
çykan ýerine ýetdi. Şonda myhman edil ybadat edýän dek aýasyny aýasyna goýup
pyşyrdady: ― O, dogry tapan ekenim! O, hemmesi laýyk!
Myhman Berliozyň elhenç ölümi hakynda eşidenden soň, gözlerinde gazap uçguny
çakdy we şeýle diýdi:
97
― Diňe bir närse: Berliozyň ýerinde tankytçy Latunskiý ýa-da edebiýatçy Mstislaw
Lawrowiç bolmanlygyna ahmyr edýärin, ― soň gaty gyjynyp, sessiz gygyrdy. ―
Dowam et!
Konduktora ýol haky uzadan pişik hakyndaky hekaýa myhmanyň köňlüni çag etdi, ol
öz kyssasyndan wagty hoş bolan Iwanyň murtunyň astynda teňňe pul dişlän pişigi
teswirläp, oturan ýerinde ýuwaş böküşini synlap, içegesi üzülere gelip, ýuwaşja güldi.
― Şu ýagdaýda bu ýere geldim ― diýdi Iwan, Griboýedowda ýüz beren wakany
sözläp bolup we ýene ruhy düşüp, gamgyn boldy.
Myhman biçäre şahyra ýüregi awap, onuň egnine elini goýup diýdi:
― Bagtygara şahyr! Emma, ezizim, hemmesine özüň günäkär. Onuň bilen bu
derejede sanaşyp, hatda bihormat mylakat etmeli däl ekeniň. Ine, indi azabyny çekip
otyrsyň. Henizem ujyz gutulypsyň, şükür et.
― Eýsem, kim onuň özi? ― diýip, ýumruklaryny teşwişli silkip sorady Iwan.
Myhman oňa dikanlap, sowalyna sowal bilen jogap berdi:
― Aýtsam, tolgunmazmyň? Bu ýerde biz hemmämiz şübheli adamlar Doktor
çagyrmak, ukol etmek ýene şuňa meňzeş aladalar bolmazmy?
― Ýok, bolmaz! ― diýdi Iwan, ― aýdaýyň, kim özi oň? ― Ýeri, bolýa ― jogap
berdi myhman we her bir sözüni kesgin we bölek-bölek edip diýdi:
― Agşam Patriarh kölçesiniň ýakasynda siz şeýtan bilen duşuşansyňyz.
Iwan wadasyny ýatlap, tolgunmady, emma barybir, teşwişden ýaňa aňk-taňk bolup,
doňup galdy.
― Bu mümkin däl! Şeýtan ýok zat.
― Gyzyk ekeniň! Her kim diýse-de, siz beýle diýmäň. Siz, meniň pikirimçe, birinji
bolup onuň azabyna uçranlardansyňyz. Özüňiz dälihanada bolubam, asla, ony ýok
diýip otyrsyňyz. Haýran men size!
Aňyny ýitimäge az galan Iwan ümsüm boldy.
― Siz ony teswirläp başlanyňyzdan ― diýip, gepini dowam etdi myhman, ― agşam
kim bilen söhbet gurmak nesibesine miýesser bolanyňyzy çakladym. Çyndanam, men
Berlioza geň galyp otyryn! Siz-ä mälim maňa, gapyl adam ― şeýle diýip myhman
ýene ötünç sorady, ― emma Berlioz, eşidişimçe, käbir zatlary okan bolmaly. Şol
professoryň iň ilkinji sözlerinden onuň kimdigine şübhäm galmady. Ony tanamazlyk
asla mümkin däl, dostum! Emma siz... siz meni ýene bir gezek bagyşlaň... men hiç
haçan ýalňyşýan däldirin: siz düşünjeli adamsyňyz!
― Şek-şübhesiz ― diýip, tassyklady üýtgäp başlan Iwan.
― Hawa, berekella... özüňiz onuň ýüz keşbini teswirläp berdiňiz... gözüniň iki
dürlüligi, gaşlary! Meni bagyşlarsyňyz-u, belki siz «Faust» operasyny hem diňlän
dälsiňiz?
Iwan nämüçindir örän gamgyn boldy, iki ýaňagy köz dek gyzaryp, Ýaltada haýsydyr
bir sanatoriýa baranlygy hakynda bir zatlary samrap başlady...
― Ana, gördüňizmi... nämesine geň galarys! Emma Berlioz, tekrarlap aýdýaryn,
meni alada goýdy. Ol näme üçin diýseň, okumyşlygyndan beterem örän mekir adam.
Emma ony gorap aýtsam, Woland ondan ökderäk adamy-da bir zarbada jadylaýar.
― O nähili?! ― diýip, Iwan hem öz gezeginde gygyrdy.
― Ýuwaş!
98
Iwan «şap» edip, aýasy bilen öz maňlaýyna urdy we hyrryldap diýdi:
― Düşünýärin, düşünýärin. Onuň çakylyk hatynda «W» harpy bardy. Ine, saňa gerek
bolsa, aý-ýaý-ýaý! ― Aňk-taňk bolan Iwan penjiräniň aňyrsynda, asmanda ýüzýän
Aýa dikanlap, kän wagt ümsüm oturdy, soň ýene gepe başlady:
― Mundan çykdy, diýmek, onuň Pontiý Pilat huzurynda bolanlygy rast eken-dä?
Diýmek, ol şol zamanda doglan bolup çykýarmy? Maňa däli diýip otyrlar bular! ―
diýdi Iwan, gazap bilen gapy tarapa yşarat edip.
Myhmanyň dodagynyň ýanynda ajy ýylgyryş peýda boldy.
― Hakykatdan ýüz öwrüp bolmaýar ― diýip, myhman ýüzüni bulutlary aralap
ýüzýän agşam çyragyna tarap öwürdi. ― Sizem, menem ― däli, boýun gaçyrmak
nämä gerek? Gysgasy, ol sizi duzagyna düşürdi, sizem aklyňyzdan aýrypsyňyz,
sebäbi munuň üçin sizde şoňa esas bar. Emma siziň aýdan zatlaryňyz hakykatdan-da
bolan wakalar. Ýöne şol ýüz beren wakalar juda gaýrytebigylygy sebäpli, hatda
genial psihiatr Strawinskiý hem gepleriňize ynanmandyr. Ol sizi gördümi? (Iwan baş
atdy). Şol söhbetdeşiňiz. Pilatyň huzurynda hem bolupdyr, Kant bilen hem ertirlik
edinipdir. Indi bolsa, ine, Moskwa-da gelipdir.
Ol bu ýerde bar zady astyn-üstün eder! Bir emel tapyp ony tutmak gerek ― diýip,
täze Iwana ynamsyz hem bolsa, çalajan bolup galan öňki Iwan baş göterdi.
― Ine, siz synanyşybam görüpsiňiz, şol ýeterlik ― diýdi myhman kine bilen, ―
başgalara-da synanmazlygy maslahat bererdim. Köňlüňiz dok bolsun, ol hakykatdan
hem, bar ýeri astyn-üstün eder. Wah, arman! Müň-müň puşman ki, onuň bilen men
däl-de, siz duşupsyňyz! Diýmek, pursat geçip ― bütün niýetler ýanyp küle öwrülen
bolsa-da, ant içip diýýärin ki, onuň bilen duşuşmak üçin Praskowýa Fýodrownanyň
bir desse açaryny hem yzyna bererdim, arman, başga berer ýaly hiç zadym ýok. Men
bir biçäre gedaý!
― Nämä gerek boldy ol size? Myhman uzak wagt gaşlaryny çytyp, gamgyn bolup
oturdy we ahyry ýene gepläp başlady:
― Men size aýtsam, bu juda geň hadysa ― men hem bu ýerde edil siz ýaly, şol
Pontiý Pilat zerarly ýatyryn, ― myhman töweregine gorka-gorka göz aýlap diýdi: ―
Mahlasy, men geçen ýyl Pontiý Pilat hakynda roman ýazdym.
― Siz ýazyjymy? ― diýip, geň galyp sorady şahyr.
Myhmanyň reňki öçügsilendi şahyra ýumruk çenäp, soň diýdi:
― Men Ussat, ― ol ýüzüni eňşidip, haladynyň jübüsinden bütünleý ýag basyp giden
bir şypyrmany çykardy, oňa sary ýüpek bilen «U» harpy tikilgidi. Ol şypyrmany
başyna geýdi we ussatdygyny subut etmek maksadynda hem ýanlaýyn, hem ýüzmeýüz durup, özüni Iwana görkezdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 11
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.