Latin

Ussat we Margarita - 06

Total number of words is 3879
Total number of unique words is 2025
33.0 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
― Gysgasy, men kagyz ikonany boýnumdan asyp, ony kowalap başladym...
Şol wagt birden sagat ikiň zaňyny çaldy.
― Oh-ow! ― diýdi Iwan diwandan turup, ― sagat iki bolupdyr-ow, men bolsam siz
bilen gepleşip, wagt ýitirip otyryn! Bagyşlaň telefon nirede?
― Telefonyň ýanyna geçiriň ― diýip, wraç sanitarlara buýurdy.
Iwan derrew trubkany aldy, şol wagt sanitar aýal Rýuhinden ýuwaşja:
51
― Öýlenenmi? ― diýip sorady.
― Boý ýigit ― diýip, Rýuhin gorkarak jogap berdi.
― Profsoýuz agzasymy?
― Hawa.
― Milisiýamy? ― diýip, şol wagt Iwan trubka gygyrdy. — Ýoldaş nobatçy, daşary
ýurtly konsultanty tutmak üçin derhal buýruk beriň, pulemýot oturdylan bäş sany
motesikletçini iberiň. Näme? Siz yzymdan gelseňiz, özümem siz bilen giderin...
Menmi? Men şahyr Bezdomnyý, dälihanadan jaň edýän... Siziň saglygyňyz näme? ―
diýip, Bezdomnyý trubkany eliniň aýasy bilen ýapyp, doktordan pyşyrdap sorady. ―
Eşidýäňizmi? Allo!... Bethalyk ― diýip, Iwan gygyrdy-da, trubkany diwara tarap
zyňyp goýberdi. Soňra ol wraça tarap öwrüldi-de, oňa elini uzadyp, «hoş onda» diýip,
sowuklaç sözledi-de, gitmäge şaýlandy.
― Bagyşlarysyňyz, şu içki geýimde nirä gitjek bolýaňyz? ― diýip, wraç Iwanyň
gözlerine dikanlap seredip, aýtdy. ― Wagt ýarygijeden agdy. Siz biraz
nähoşlapsyňyz, gowusy, şu ýerde galyp, dynç alyň!
― Goýberiň-dä ― diýip, Iwan gapyň agzyny saklap duran sanitarlara ýüzlendi.
― Goýberýäňizmi ýa-da ýok? ― diýip, şahyr eýmenç ses bilen gygyrdy.
Rýuhin sandyrap başlady, oturan aýal bolsa stoldaky düwmäni basdy we stoluň tekiz
aýnaly ýüzünde ýaldyrawuk gutujyk we ampula peýda boldy.
― Ä-hä, şeýlemi ― diýip, Iwan wagşyýana gözlerini elek-çelek etdi-de: ― Ýeri,
bolýar-da, beýle bolsa... Hoş galyň! ― diýip, ýüzüne perde tutulan penjirä kellesini
urdy. Onuň kellesi «Gülç» edip ses çykardy, ýöne perdäniň aňyrsyndaky
döwülmeýän aýna onuň zarbyna çydam berdi, şol pursatda bolsa Iwan sanitarlaryň
eline düşdi. Ol jan-teni bilen harlap, olary dişlejek boldy, soňam:
― Gör, siz penjirä nähili aýna goýan ekeniňiz! Goýber... diýýän! ― diýip gygyrdy.
Wraçyň elinde sanjym ýalp edip gitdi, aýal bolsa zenana mahsus bolmadyk güýç
bilen onuň eline ýapyşyp, onuň ýeňini çermedi. Jaýa efiriň ysy ýaýrady. Iwan dört
adamyň golunda ysgyndan gaçdy, çemeçil lukman bolsa şu pursatdan peýdalanyp,
Iwanyň golundan sanjym etdi. Iwany ýene birnäçe sekunt saklap durdular-da, soň
diwana geçirdiler.
― Banditler ― diýip gygyrdy. Iwan diwandan zyňlyp turup, ýöne ony ýene öňki
ornuna oturtdylar. Şol aralykda ol ýene böküp turdy, ýöne bu gezek onuň özi ýerine
geçip oturdy. Ol dym-dyrs boldy, alarylyp, töweregine howsalaly seretdi. Soň birden
pallady, birdenem gahar bilen ýylgyrdy.
― Ahyry ele saldyňyz-da ― diýdi-de, ol ýene pallady, birdenem gyşardy we elini
çagaňky ýaly edip, kellesiniň aşagyna goýup, ukuly ses bilen gaharsyz hüňürdedi. ―
Ýeri, bolýa-da,.. ýöne bu etmişiňize müň puşman edersiňiz. Men-ä duýdurdym,
indem halanyňyzy ediň! Meni bolsa, häzir bar zatdan beter Pontiý Pilat
gyzyklandyrýar... Pilat... ― diýdi-de ol gözüni ýumdy.
Lukman:
― Wanna düşüriň-de, ýüz on ýedinji ýörite otaga salyp, sakçy goýuň ― diýip,
buýruk berdi-de, äýnegini dakyndy. Şu ýerde Rýuhin ýene tisginip gitdi, ak gapy
sessiz açyldy-da, gijeki gök çyralar bilen ýagtylandyrylan koridor göründi.
52
Koridordan rezin tekerli arabajyk geldi-de, sanitarlar köşeşen Iwany oňa mündürip
alyp çykdylar, gapy olaryň arkasyndan ýapyldy.
― Doktor ― diýip, geň galan Rýuhin pyşyrdap gepledi. ― Ol, dogrudan hem, näsag
ekenmi?
― Wah, hawa-la ― diýdi wraç.
― Ýeri, oňa näme bolupdyr ― diýip, Rýuhin gorkarak sorady.
Ýadaw wraç Rýuhine seredip, parhsyz jogap berdi.
― Hereket we söz agzalarynyň üýtgemesi, samrama interpretasiýasy. Şizofreniýa
kakyny bolaýmasa, üstesine-de arakhorluk kesapaty...
Rýuhin doktoryň bu gepinden Iwan Nikolaýewiçiň ýagdaýy çatak diýen manydan
başga zat aňşyrmady, soň uludan dem alyp, ýene sowal berdi:
― O nämüçin haýsydyr bir konsultant hakda gep urýar?
― Megerem, ol kimdir birine duşupdyr, ol hem munuň bozlan hyýalyna ýiti täsir
edipdir. Belki, gözüne bir zatlar görünýändir...
Birnäçe minutdan ýük maşyny Rýuhini Moskwa tarap alyp ugrady. Daň agaryp
başlapdy. Şonuň üçin ýol ugrundaky heniz öçürilmedik çyralar zerur däl bolup,
gözüňe ýakymsyz görünýärdi. Sürüji bu gijäniň biderek geçendigine gahar edip,
maşyny aldygyna sürýärdi we her öwrümde onuň tekerleri ýoluň erňegine degip, ses
edýärdi.
Ine, tokaý hem güw edip, yzda galdy, derýa bir çete çekildi, ýük maşynynyň
garşysyndan çykýan garawulhanalar, diwarlar, gat-gat edilip basylan odunlar, pürsler,
üýşürilgi çagyllar, ýogyn simler saralan tegekler, ýap-salmalar, pel-pel taşlanan
eňňere meýdanlar yz-yza geçýärdiler we Moskwanyň gaty golaýlany, şäheriň ony
tizden öz gujagyna aljagy duýulýardy.
Maşyn Rýuhini silkeläp, eýläk-beýläk zyňyp, üstünde oturan agaç töňňesi teýinden
sypyp, ony heläk edýärdi. Säher trolleýbusly giden milisioner bilen Pantoleýden
galan süpürgiler maşynyň çeleginiň o başyndan bu başyna dynuwsyz gatnaýardy.
Rýuhin olary bir ýere ýygnajak hem boldy, soňam gahary gelip: «A, jyn ursun-la
şulary, näme men akmakmy nä?» diýip hüňürdedi, olary aýagy bilen depip goýberip,
soň şol tarapa seretmedi. Onuň ruhy düşgündi. Ýaramaz jaýa baryp gaýtmagynyň öz
hatyrasynda agyr yz galdyranyny ol indi duýup başlady. Ol özüni horlaýan zadyň
nämedigini biljek bolýardy. Eýsem, ol näme? Ýadyna ýelmeşen gök çyraly
koridormy? Ýa-da dünýäde akyl-huşdan aýrylmakdan beter bagtygaralyk ýok diýen
pikirmi? Hawa, hawa, şu pikir hem, elbetde. Ýöne bu ähli kişä aýan zatlar. Emma
başga-da bir duýgy azar berýär. Nämekä ol? Hä, bildi, ol göwnüň galmasy. Hawa,
Bezdomnynyň onuň ýüzüne dogry garap aýdan göwün ýykyjy sözleri. Bar bela ol
sözleriň göwne degiji bolmagynda-da, däl, hakykatlygynda.
Şahyr indi töwerek-daşa seredenokdy, ol indi çelegiň silkinýän hapa poluna
ornaşypdy we bir zatlary hüňürdäp, öz etini özi iýýärdi.
Hawa, goşgulary... Ol eýýäm otuz üç ýaşynda! Ýeri, indiden beýläk nähili ýaşamaly?
Hawa, ol ýene her ýylda öňküsi ýaly birnäçe goşgy ýazar. Tä garraýançamy? Hawa,
tä garraýança. Ýeri, ol goşgular oňa näme berer? Şöhratmy? Öte akmaklyk! Iň
bolmanda, özüňi beri özüň aldama. Ýaramaz goşgy ýazýanyň ýanyna şöhrat golaý
53
gelmez. Nämüçin ýaramaz? «Ol dogrusyny, hakykaty aýtdy, ýazýan zatlaryma
özümem asla ynanmaýaryn» diýip, Rýuhin öz-özüne ykarat etdi.
Nerw damarlary örän güýçli dartylan şahyr bir çaýkandy, aýagynyň astyndaky pol
terpenmekden galdy. Rýuhin başyny galdyrdy-da, bireýýäm Moskwa girenini, daň
atyp, asmandaky bulutlaryň elwan reňke boýalyp başlanyny saýgardy. Onuň oturan
ýük maşyny seýil baga öwrülýän ýerde hatar duran ulaglaryň yzynda togtapdyr we
golaýda postamentde duran metal adam başyny çalarak egip, seýil baga parhsyz
seredip durdy.
Taby gaçan, näsag şahyryň nähilidir alamat pikirler beýnisine doldy. «Ine, hakyky
şowlulyk nusgasy...» ― diýip, Rýuhin ýerinden turup, nämüçindir hiç kime azarsyz,
gymyldaman duran çoýun adama hemle atyp, elini göterdi, ― ol öz durmuşynda
nähili hereket eden bolsa-da, nähili wakalary başyndan geçiren bolsa-da, hemmesi
onuň peýdasyna bolupdy, onuň şan-şöhratyny artdyrypdy. Emma onuň özi näme iş
bitirdi? Akylym çatanok. Ýeri, «Tupan gök ýüzün baglaýar...» Ýeri, dykgata sezewar
bolar ýaly many barmy bu sözlerde? Hiç düşünip bilemok. Bagty çüwüpdir, bagty ―
diýip, ýaňsyly netije çykardy. Birden Rýuhin maşynyň ýerinden gozganyny duýdy.
― Hawa, bir ak gwardiýaçy ony atyp, bilini çym-pytrak edip, oňa bakylyk beräýdi...»
Saklanyp duran maşynlar ýerinden gozgandy. Juda näsag, hatda garrap başlan şahyr
ýene iki minutdan Griboýedow elwanyna baryp girdi. Eýwan boşap galypdy. Bir
burçda oturan ülpetler soňky bulgurlaryny içip, turmaga şaýlanýardylar. Zalyň
ortasynda başy tahýaly, eli «Abrau» bulgurly tanyş alyp baryjy durdy.
Bir gujak süpürgi (plotensa) göterip giren Rýuhin Arçibald Arçibaldowiç tarapyndan
güler ýüz bilen garşy alnyp, şobada nälet siňen mata-marlaklardan halas edildi.
Eger Rýuhin keselhanada, soň ýük maşynynda surnukmadyk bolsady, onda
hassahanada bolan wakalary her hili toslamalar bilen baýlaşdyryp gürrüň edip
bererdi. Emma häzir bu zat onuň köňlüne jaý däldi, üstesine-de, Rýuhinde hiç hili
synçylyk ukyby ýok hem bolsa, ýük maşynynda çeken ýol azabyndan soň, restoran
hojaýynynyň ― deňiz garakçysynyň ýüzüne birinji gezek dikanlap garady, hawa,
Arçibald Arçibaldowiç Bezdomnynyň ýagdaýyny soraýan wagty, «aý-aý-ýaý» diýip,
gynanan bolsa-da, aslynda Bezdomnynyň takdyrynyň asla gyzyklandyrmaýandygyny
Rýuhin aňşyrdy.
«Berekella!» Dogry edýäň!» diýip, Rýuhin haýasyzlarça, öz-özüne ykaratly oýlanyp,
ruhy näsaglyk hakdaky gürrüňini kesip, haýyş etdi.
― Arçibald Arçibaldowiç, birazajyk arak bolaýsa...
Restoran sahyby, garakçy ýasama mürewwet bilen pyşyrdady:
― Düşünýän, ine, häzir ― diýip, ol ofisanty gol bulap, çagyrdy.
Indi çärýek sagatdan soň Rýuhin tutuş zalda ýalňyz özi büküdip, balyk iýýärdi, yzlyyzyna bulgury dolduryp arak içýärdi we öz durmuşynda hiç zady düzedip
bolmajagyna düşünýärdi, diňe unutmagyň mümkindigini boýun alýardy.
Özgeler keýp-sapa çeken wagty, şahyryň bu gijesi haýp geçipdi we ony indi yzyna
dolap bolmajakdy. Gijäniň haýp geçip gidendigini aňşyrmak üçin asmana seretmegiň
özi ýeterlikdi. Ofisantlar howlukmaçlyk bilen saçaklary ýygnaýardylar. Eýwanyň
töwereginde entäp ýören pişikler bireýýäm ýüzlerini ýuwupdylar. Şahyryň üstüne
gündiz abanyp geldi we ony aýawsyz uky basyp başlady.
54
VII bap
ÝARAMAZ JAÝ
Eger ertesi güni ir bilen Stýopa Lihodeýewe: «Stýopa! Eger häziriň özünde turmasaň,
seni atyp öldürerler!» diýseler, ol mejalsyz owaz bilen eşdiler-eşdilmez şeýle diýerdi:
«Bolýar, atsaňyz atyň, näme etseňiz ediberiň, emma turmaryn».
Ýerinden turmag-a beýlede dursun, gözüni açmaga-da mejaly ýok ýalydy, çünki, eger
ol gözüni açsa, şol demde ýyldyrym çakyp, başyny kesim-kesim edip, mynjyradyp
taşlajak ýaly bolýardy. Onuň beýnisinde ullakan bir jaň dynman urup duran ýalydy,
göz käseleriniň we gabaklarynyň arasyndan ýap-ýaşyl ýaldyrawuk gerdişli melewşe
salgymlar ýüzüp geçýän ýalydy, munuň üstesine-de ýüregi bulanýardy, bu
ýürekbulanma gelip-gelip beýnä çybyn ýaly ýelmeşip galan nähilidir bir patefonyň
sesinden emele gelýän ýaly duýulýardy.
Stýopa agşam ýüz beren wakanyň birje bölegini ýatlamaga synanyp, gördi, emma
diňe bir närse ýadyna düşdi, bolany: Hamala ol düýn agşam eli salfetkaly halda
haýsydyr bir zenany ogşamaga ymtylyp, ertir günortan öýüňize myhmançylyga
bararyn diýip wada edipdi. Zenan: «Ýok, ýok, men öýde bolmaryn!» ― diýip, ony ret
edipdi. Stýopa bolsa, öz sözünde berk durup: «Men barybir bararyn!» ― diýýärdi.
Stýopa zenanyň kimligini hem, häzir sagat näçe bolanyny hem, bu gün haýsy aýyň
haýsy günüdigini hem asla bilip bilenokdy, iň ýamany: ol özüniň nirede ýatanyny
hem bilmeýärdi. Ol hiç bolmanda, özüniň niredeligini anyklajak bolup, daş ýaly agyr
çep gabagyny zordan-zara göterdi. Gözüne bir zat ýalt edip görnen ýaly boldy.
Stýopa ahyry onuň diwar aýnasydygyny, özüniň bolsa öz ýatakhanasynda krowatda,
ýagny birwagtlar zergär dul aýalynyňky bolan krowatda arkan ýatanyny bildi. Birden
onuň beýnisinde şeýlebir gaty sanjy peýda boldy ki, ol gözüni ýumup yňrandy.
Düşündiriş: Warýete teatrynyň direktory Stýopa Lihodeýew Sadowaýa köçesinde «p»
şekilinde gurlan alty gatly öýde merhum Berlioz bilen bir kwartirada durýardy ― bu
gün ir bilen ol gözüni açyp, özüni şu ýerde gördi. Şuny aýtmak gerek ki, bu ― 50-nji
kwartira hakynda köpden bäri, ýaman diýip bolmasa hem, juda alamat gepler
eşidilýärdi. Mundan iki ýyl öň bu kwartira zergär de Fužereniň dul aýalyna degişlidi.
Ellä giren, gaýratly, hormatly Anna Fransewna de Fujere hanym bu jaýdaky bäş
otagdan üçüsini iki maşgala kireýine goýupdy: birinji kireýine ýaşaýanyň familiýasy
Belomutdy, ikinjisiniň familiýasy ― belli däl. şeýdip, mundan iki ýyl öň bu öýde
juda täsin wakalar ýüz berip başlady: bu ýerde ýaşaýan adamlar yzly-yzyna namnyşansyz gaýyp bolup başladylar. Dynç alyş günleriniň birinde bu öýe bir milisioner
gelip, ikinji kireýine ýaşaýjyny (onuň familiýasy saklanmandyr) daşary çagyrýar-da,
nähilidir bir kagyza gol goýmak üçin derrew milisiýa bölümine girip çylmagy oňa
teklip edýär. Ol şahs Anna Fransewnanyň sadyk öý hyzmatkäri Anfisa: «Biri jaň
edäýse, on minutdan dolanyp gelerin» diýip tabşyryp, ap-ak ellikli hoşmylakat
milisioner bilen çykyp gidýär. Emma ol on minutdan-a däl, soň bütinleý dolanyp
gelmeýär. Iň geň galmaly ýeri bolsa, onuň bilen bile milisioner hem ýitirim bolýar.
Hudaýhon, anygyrak aýdanyňda, juda yrymçy Anfisa aljyrap duran Anna Fransewna
55
öz çaklamasyny çürk-kesik aýtdy. ― Bu anyk jadygöýlügiň özi. Ol kireýine ýaşaýan
şahsy hem, milisionerem kimiň ogurlap gidenini men ýagşy bilýärin, ýöne häzir,
garaňky düşüp ugran wagty geplesem, häsiýeti ýaman bolýar. Mälim ki, jadygöýlik
başlanmasyn, bir başlansa, onuň asla yzy üzülmeýär. Ikinji kireýine ýaşaýjy,
ýadyňyzda bolsa, duşenbe güni gaýyp bolupdy, çarşenbe güni bolsa Belomut hem
edil ýer ýuwdan ýaly, nam-nyşansyz ýitdi ― ýöne başgarak ýagdaýda. Ertirine, her
günki endik boýunça, ony işe alyp gitmäge maşyny geldi, ony alyp gitdi-de, soň hiç
kimi gaýtaryp getirmedi, maşynyň özem soň dolanmady.
Belomut hanymyň başyna düşen hasraty, bagtsyz hadysany ýazyp, beýan eder ýaly
däl. Emma, hasrat hem, bu bagtsyz waka-da uzak dowam etmedi. Anna Fransewna
Anfisa bilen howlukmaç bir iş sebäpli şäheriň daşyndaky daça baryp, gaýdyp gelen
gününiň agşamy graždanka Belomut öýden gaýyp boldy. Bu entek hemmesi däl: äraýal Belomutlaryň eýelän iki otagynyň gapylary möhürlengidi.
Iki gün eýdip-beýdip geçdi. Şu geçen wagt içinde hemişe ukusyzlykdan teşbiş çeken
Anna Fransewna üçünji gün diýlende howlukmaç ýene daçasyna ugrady... Onuň şol
gidişi gidiş bolup, soň dolanyp gelmändigini aýtmasak hem bolar!
Bütin öýde ýalňyz özi galan, aglaý-aglaý huk bolan Anfisa gije sagat ikilerde uka
batdy. Şondan soňra oňa näme bolany bize mälim däl, ýöne başga kwartiralarda
ýaşaýan adamlaryň aýtmagyna görä, 50-nji kwartirada uzyn gije nähilidir bir tarkturk sesler eşidilenmiş, tä daň atýança onuň çyralary öçmändir. Ertiri Anfisanyň-da
gaýyp bolany mälim bolupdyr!
Gaýyp bolan adamlar we nälet siňen kwartira hakynda ençe wagta çenli her-hili
bolar-bolmaz myş-myşlar ýaýrady, meselem, şol arryk hudaýhon Anfisa göýä özüniň
tagtasypat göwsünde deri haltajykda Anna Fransewna degişli ýigrimi bäş däne ulyuly dür saklap, ýörenmiş. Göýä Anna Fransewnanyň köp gatnaýan şol daçasyndaky
odunhanasynda hem şol dürler ýaly nähilidir bihasap jowahyr, şunuň ýaly, patyşa
döwründen galan altyn teňňeleru... ýene şu kibi başga baýlyklar öz-özünden
tapylanmyş. Emma görmedik närsämize kepil bolup bilmeris.
Her zat bolanda-da, bu öý bary-ýogy bir hepdäň içinde möhürlenip, boş galdy, soňra
oňa merhum Berlioz öz aýaly bilen we şu Stýopa (ol hem aýaly bilen) göçüp
gelipdiler. Tebigy ýagdaý, bu şum öýe göçüp gelenlerinden soň, olaryň hem başyna,
şeýtan bilsin, her hili söwdalar düşüp başlady. Ýagny bir aýyň içinde iki aýal hem
gaýyp boldy. Emma bular nam-nyşansyz ýitmändiler. Berliozyň aýalyny göýä
Harkowda haýsydyr bir baletmeýster bilen bile görenmişler. Stýopanyň hatynyny
bolsa göýä Božýedomkada görenmişler, näme üçin diýeniňde, myş-myşlara garanda,
Warýetäniň direktory Stýopa özüniň bihasap tanyş-bilişleri arkaly iş edip, Sadowaýa
köçesinde garaňy görmesem bolany diýen şert bilen aýalyna bir otag alypdyr.
Şeýlelikde, Stýopa yňrandy. Ol öý hyzmatkäri Grunýany çagyryp, ondan piramidon
soramakçy boldy, emma bu işiň öte akmaklyk boljagyna, hudaýa şükür, akyly ýetdi...
Çünki Grunýada hiç-hili pramidon ýokdy. Soňra Berliozy kömege çagyrjak bolup
gördi, iki gezek zordan: «Mişa... Mişa...» diýip yňrandy, emma, özüňiz gowy
bilýäňiz, hiç-hili jogap bolmady. Öý suw guýlan dek dym-dyrsdy.
Stýopa aýagynyň barmaklaryny gymyldadyp görüp, jorabyny çykarman ýatanlygyny
bildi, ol jalbarynyň barlygyny ýa ýoklugyny anyklamak üçin titreýän elini ýanbaşyna
56
eltdi, emma hiç zady anyklap bilmedi. Ahyry, ol özüniň ýalňyz we garawsyzdygyny,
hiç kimiň özüne kömek etmejegini bilenden soň, näçe kynam bolsa, ýerinden turmaga
äht etdi. Stýopa ýelmeşip galan gabaklaryny zordan açyp, diwardaky aýnada saçlary
syh-syh bolan, hemme ýerini agyry basyp, ýüzi çişip, gözleri ýumlup galan, egninde
kir köýnek, içki balak, boýnunda galstuk, aýagynda joraby bolan bir adamyň şekilini,
ýagny özüniň keşbini gördi.
Ol özüni aýnada şeýle sypatda görüp durka, aýnada, onuň ýanynda egnine gara lybas,
başyna gara beret geýen nätanyş bir adam hem durdy. Stýopa ýerinde oturdy we gan
guýlan gözlerini güýjiniň baryça giňräk açyp, nätanyş adama dikanlady.
Ol nätanyş adam daşary ýurtlularyňka meňzeş ses bilen boguk we agras owazda
ümsümligi bozdy:
― Salam, dünýäde iň ýakymly ynsan Stepan Bogdanowiç!
Stýopa bar güýjüni işe salyp, bir azajyk ümsülikden soň zordan:
― Näme isleýäňiz menden? ― diýip gep başlady, öz sesini özi tanap bilmän aňktaňk boldy. «Näme» sözi inçe, «isleýäňiz» sözi-ýognas çykdy, «menden» sözi bolsa
agzynda ýitip gitdi.
Nätanyş adam dostlarça ýylgyryp, gapagynda üç burç şekilli almazy bolan uly altyn
sagadyny eline aldy, sagat on bir gezek jaň çaldy.
― Sagat on bir! ― diýdi ol. ― Rast bir sagatdan bäri oýanmagyňyza garaşyp durun,
siz maňa öýde sagat onda garaşaryn diýipdiňiz. Ine, men geldim!
Stýopa eli bilen sermeläp, krowatyň ýanynda duran stuldan jalbaryny tapdy we:
― Bagyşlarsyňyz... ― diýip pyşyrdap, jalbaryny geýdi, soň boguk ses bilen sorady:
― Haýyş, edýän, familiýaňyzy aýtsaňyz!
Oňa geplemek kyndy. Her bir sözi aýdanda, kimdir biri beýnisine inne sünjüp, ony
jähennem azabyna salan ýaly bolýardy.
― Be-e! Eýýäm familiýamy hem unutdyňyzmy? ― diýip, nätanyş adam ýylgyrdy.
― Bagyşlarsyň... ― diýip hümürdedi agyr ýagdaýyň täze alamatlary ýüze gelip
başlanyny aňşyran Stýopa; onuň göwnüne aýagynyň astyndaky pol birden gaýyp
bolup, şu tüýsde jähennem gowagyna bütinleý siňip gitjek ýaly bolup duýuldy.
― Ezizim, Stýopa, Stepan Bogdanowiç ― diýip, gep başlady duýgur myhman
ýyrşaryp, ― hiç-hili piramidon peýda bermez size. Siz köne akylly kanuna amal
kylyp, ýagny «ajyny ajy basýar» tüýsde iş görüň. Häzir sizi huşuňyza getirýän ýeketäk em iki bulgur arak bilen ajy we gaýnag tagam.
Stýopa mekir adamdy, şonuň üçin agyr bitap bolmagyna seretmezden, be, ol
ýagdaýyma şaýat bolupdyr, hemmesini boýun almak gerek diýip oýlandy.
― Gönimden gelsem ― diýdi ol zordan demi aýlanyp, ― agşam men azajyk...
― Boldy, boldy, hemmesi düşnükli! ― diýdi myhman we öz oturan kürsüsi bilen
bile bir çete süýşdi.
Şonda Stýopa kiçijik stoljagazda bezelen mejimäni görüp, aňkasy aşdy: mejimede
kesilen ak çörek, kiçi tabakda gara işbil, uly tabakda duzlanan kömelek, ýene
merwerjikde bir zatlar bardy, mundan daşary, dul aýalyň garynlak grafinine arak
guýulgydy. Hemmesinden hem beter grafiniň sowukdan derlänligi Stýopany gaty geň
galdyrdy. Emma munuň sebäbi mälimdi: grafin buz doldurylan daş tabaga goýlupdy.
Gepiň gysgasy, saçak diýseň tämiz edip düzelipdi.
57
Nätanyş adam Stýopanyň geň galma duýgusynyň öwç alyp, iň ýokary perdä
çykmasyna pursat bermän, ökdelik bilen oňa ýarty bulgur arak guýdy.
― Özüň nä? ― diýip seslendi Stýopa.
― Baş üstüne! Stýopa sandyraýan eli bilen bulgury agzyna eltdi, myhman bolsa öz
bulguryndaky aragy bir gultum edip ýuwdup goýberdi. Stýopa işbil gäwüşäp, zordan
diýdi:
― Sen näme?.. tagamdan?...
― Minnetdar men, men hiç-haçan içenimden soň garbanmaýan ― diýdi nätanyş
adam we bulgurlara ýene arak guýdy: Pitiniň gapagyny açdylar ― onda tamada
salnan sosiska bardy. Ine, ahyry Stýopanyň göz öňüni tosan lagnaty ýaşyl reňk gaýyp
bolup, dili kelama gelip başlady, iň möhümi, käbir zatlar onuň ýadyna düşdi.
Hakykatdan, waka düýn agşam Shodnýada, sketç ýazýan Hustowyň daçasynda
bolupdy. Stýopany ol ýere Hustowyň özi taksyda äkidipdi. Hatda şol taksyny
«Metropolyň» öňünde nähili saklanlary hem ýadyna düşdi, olar bilen bile ýene
haýsydyr bir aktýor hem barmydy janym, eli patefonly. Hawa, hawa, dogry, daçada
bolupdy bu! Ýene ýadynda, patefon sesine goşup, itlerem üýrüpdi. Emma Stýopaň
ogşajak bolan aýaly syrlygynda galdy... toba, kimkä ol... radioda işleýän bolmaly,
belkem, oň ýaly däldir.
Uly görnüşde düýnki gün az-azdan aýdyňlaşyp başlady, emma häzir Stýopany köpräk
bu günki gün, hususan, bu nätanyş adamyň nähili edip onuň ýatan otagyna girip
geleni, ýene arak bilen tagamyň nireden gelenligi gyzyklandyrýardy. Ana, şu
meseläni anyklap bolsa, ýaman bolmazdy-da!
Ýeri, onsoň, indi ýatlan bolsaňyz gerek familiýamy?
Emma Stýopa utançly ýylgyrdy we ellerini ýaýdy.
― Älhepus! Duýup durun, siz arakdan soň portweýin içipsiňiz! Heý beýdäýmek
bormy?
― Haýyş edýän sizden, şu gep aramyzda galsa... ― diýdi hoşamat bilen Stýopa.
― O, elbetde, elbetde! Emma dogrusy, Hustow barada kepillik berip bilmerin.
― Be, siz Hustowy tanaýaňyzmy?
― Agşam siziň kabinetiňizde gözüm düşüpdi, şol nusga. Onuň deýýuslygyny,
pitneçi, ikiýüzli ýaranjaňlygyny bilmek üçin bir gezek oňa göz gyýtagyňy aýlamak
ýeterlik.
«Juda dogry gepledi!» ― diýip, göwnünden geçirdi Stýopa, Hustowa berlen beýle
dogry, takyk we gysgaça kesgitlemä geň galyp.
Hawa, agşamky gün bölek-bölek bolup hakydasynda diklenip ugrapdy, emma şondada Warýete direktory entegem howsalalydy. Näme üçin diýeniňde, şol agşamky gün
hakda onuň ýadynda ullakan bir gara deşik bardy. Ýagny, ine şu beret geýen nätanyş
adamy, näme diýip oýlansaňyzam, Stýopa agşam öz kabinetinde asla görmändi.
Stýopanyň agyr ýagdaýa düşenini gören myhman ähmiýetli görnüşde:
― Jadygöýlik professory Boland ― diýip, özüni tanatdy we bolan wakalary bir
başyndan hekaýa edip berdi.
Onuň gepine garanyňda, ol Moskwa daşary ýurtdan düýn gündiz gelip, şobada
Stýopanyň ýanyna baryp, Warýete teatrynda gastrol bermegi teklip edipdir. Stýopa
Moskwa oblastynyň tomaşa jaýlary boýunça komissiýasyna jaň edip, bu meseläni
58
ylalaşypdyr, (Stýopanyň ýüzi agaryp, gözleri pyrpyrlap başlady) professor Woland
bilen ýedi günlük tomaşa düzlen şertnama gol çeken (Stýopanyň agzy öweldi),
tomaşanyň käbir çykyşlaryny ylalaşmak üçin Wolandy bu güne ir sagat ona öýüne
çagyrypdyr... Ine, Woland onuň huzurynda! Ol gelip öý hyzmatkäri Grunýany
görenini, hyzmatkäriň özüniň işe gatnap işleýändigini, edil häzir gelip duranlygyny,
Berliozyň öýde ýokdugyny aýdyp, eger siz myhman, Stepan Bogdanowiçy görmekçi
bolsaňyz, göni ýatakhanasyna giriberiň, sebäbi ol Stepan Bogdanowiçiň nähili
ýagdaýda ýatanlygyny görüpdir-de, derhal Grunýany şu golaýdaky azyk dükanyndan
arak hem iýmit, epdekden buz alyp gelmäge iberipdir, indi şeýle...
― Onda hasaplaşaly ― diýip gozgandy keýpi bozlan Stýopa gapjygyny sermeläp.
― Ýok, gerek däl! ― diýdi gastrolýor bu hakda eşitmek hem islemän.
Diýmek, arak bilen tagam düşnükli, emma barybir Stýopanyň ýagdaýy gözgynydy: ol
şertnama dogrusynda asla hiç zady ýatlap bilenokdy, bu Woland diýen kimsäni düýn
öldür görmändi. Dogry, Hustow barypdy, emma Woland ýokdy.
― Rugsat etseňiz, şertnamany bir görsem diýip, mylaýym haýyş etdi Stýopa.
― Merhemet ediň, baş üstüne...
Stýopa kagyza seretdi-de, daş ýaly gatap galdy. Bar zat ýerbe-ýerdi. Birinjiden,
Stýopanyň öz eli bilen goýan anyk goly! Resminamanyň ýan tarapyna maliýe
direktory Rimskiýniň, artist Wolanda getirjek ýedi tomaşasy üçin berilmeli otuz bäş
müň manatdan on müň manat awans bermeli diýip, gyşyk harplar bilen ýazan haty.
Munuň üstesine-de, şol ýerde Wolandyň on müň manady alanlygy hakynda dilhaty
bardy!
«Nämeler bolup dur özi?!» ― diýip oýlandy biçäre Stýopa, onuň başy aýlanyp
başlady. Hatyrasynda gorkunçly opurlyşyklar peýda boldy! Emma mälim gep ki,
şertnama görkezilenden soň, ýene ynamsyzlyk edip, geň galmak edepsizlik boljakdy.
Stýopa myhmany bir azajyk wagt ýalňyz galdyrmakçy bolýandygy hakynda ötünç
sorady-da, jaň etmäge, aýagy joraply beýleki otaga ylgap çykyp gitdi. Ýol ugruna ol
aşhana tarapa garap ― Grunýa! ― diýip çagyrdy. Emma hiç-hili jogap bolmady.
Şonda onuň Berliozyň ýaşaýan otagynyň gapysyna gözi düşdi, gördi-de doňup galdy.
Gapynyň tutawajyna daňlan kenepde uly sürgüçli möhür asylgydy. «Ýeri, onsoň! ―
diýip gygyryp goýberdi. Stýopanyň beýnisinde oturan kimdir biri. Bir kemi şudy!» ―
Şonda hyýaly Stýopany allanirelere, emma soňy betbagtlyk bilen gutarýan bir tarapa
ugrykdyrylan iki relsiň üstünden dazyrdadyp alyp gitdi. Onuň beýnisindäki oýpikirler şeýlebir bulaşyk boldy hatda muny teswirlemek hem kyn. Gara beret, buz
ýaly arak we akyl ýetmeýän şertnama degişli geleşikler az bolýan ýaly, gapynyň
möhürlenmegi artykmaçdy! Eýsem, Berlioz bir ýaman iş edipdir diýseňiz, hiç kim
ynanmaz, hudaý hakyna, hiç kim ynanmaz. Emma, ana, gapysy möhürlenen! Ä-hä...
Tersine ýöräp, Stýopanyň beýnisinde şu ýagdaýda žurnalda çap etdirmek üçin
ýakynda Mihail Aleksandrowiçe beren öz makalasy hakynda iň nähoş pikirler oýnap
başlady. Makala hem, gepiň gysgasy, bimanydy! Ondan peýda hem ýokdy, puly-da
uly pul däldi...
Makala hakyndaky oý-pikirleriniň yzyndan onuň Mihail Aleksandrowiç bilen eden
şübheli söhbeti ýadyna düşdi, eger ýalňyşmasa, bu ýigrimi dördünji aprel agşamy şu
ýerde, nahar otagynda bolupdy. Dogry, şol söhbeti doly manyda şübheli-de diýip
59
bolmazdy, elbetde. (Stýopa olar ýaly söhbete asla goşulmazdy), çünki ol dereksiz bir
gürrüňçilikdi. Bu gürrüňi gozgamasak hem hiç zat bolmazdy, graždanlar! Eger gapy
möhürlenmedik bolsady, onda ol söhbeti asla biderek zat diýip hasaplamak
mümkindi, emma möhürlenenden soň nähili bolarka...
«Eh, Berlioz, Berlioz! ― diýip göwnünden geçirdi gamgyn, gahary gelip başlan
Stýopa ― Bu asla aklyňa sygmaýar-la!»
Emma uzak wagt gaýgylanmaga pursat bolmady, Stýopa Warýeteniň maliýe
direktory Rimskiýniň kabinetine jaň etdi. Stýopa juda nähoş ýagdaýa düşüp galypdy:
birinjiden-ä Stýopanyň, şertnamany öz gözi bilen görenden soňam ynanman, derňäp
başlanyna daşary ýurtly artistiň ynjamagy ahmaldy, ondan soň, maliýe direktory
bilen-de bu hakda gep açmak örän kyndy. Hakykatdan hem, ondan: «Aýdyň hany,
düýn men jadygöýlik professory bilen otuz bäş müň manada şertnama düzüpmidim?»
― diýip sorap bilmez-ä! Nähili dili barsyn beýle diýip soramaga?
― Hawa! ― diýip, telefon trubkasynda Rimskiniň çasly we ýakymsyz sesi eşidildi.
― Salam, Grigoriý Danilowiç ― diýip, mylaýym gep başlady Stýopa, ― Lihodeýew
men. Gep beýle... hm... hm... neme... e... artist Woland gelipdir öýüme... ýagny
sizden soraýjakdym, agşamky spektakl meselesi nähili ýagdaýda?...
― Hä-ä, gara magiýamy? ― diýip, Rimskiniň sesi eşidildi trubkada, bildirişleri häzir
alyp gelerler.
― Ähä — pessaý owaz bilen diýdi Stýopa, ― hoş, görüşýänçäk...
― Özüňiz haçan gelersiňiz? ― diýip sorady Rimskiý.
― Ýarym sagatdan bararyn ― diýip, jogap berdi Stýopa we trubkany asyp, çog dek
gyzan başyny iki eli bilen gysdy. Gör, nähili ýaramaz ýagdaýlar. Huşuma näme
bolduka, graždanlar! Ä?
Indi gapyň agzynda köp eglenmek boljak däldi şu sebäpli Stýopa derrew şeýle reje
düzdi: nähili bolsa-da, özüniň huşunyň ýokdugyny myhmana duýdurmaly däl, indi
birinji nobatda, daşary ýurtly professordan bu gün agşam Stýopanyň gol astyndaky
Warýete teatrynda, hususan, nämeleri görkezjekdigini ýeserlik bilen sorap bilmek
gerek.
Şeýle reje bilen Stýopa telefon apparadyndan öwrüldi, öwrüldi-de, girelgäniň
agzynda duran, işýakmaz Grunýa tarapyndan köpden bäri süpürilmedik uly ýüz
görülýän aýnada pensne dakynan boýy derek ýaly uzyn, geň bir nusgany anyk gördi
(Wah, häzir bu ýerde Iwan Nikolaýewiç bolan bolsa! Ol bir seredende, tanardy bu
nusgany). Nusga bolsa ýüz görülýän aýnada bir göründi-de, gaýyp boldy. Howsala
düşen Stýopa eýwana ýene-de ünsli seretdi we gorkudan ýaňa ikinji gezek
entirekledi, çünki aýnada ullakan gara pişik ýöräp geçip, gaýyp boldy.
Stýopanyň ýüregi agzyna gelip, sandyrady.
«Nämeler bolup dur-a? ― diýip oýlandy ol, ― ýa-da akylymdan azaşaýjakmykam?
Nireden peýda boldy bu aýnadaky salgymlar?!»
Ol eýwana göz ýüwürdip, gorkusyna gygyryp goýberdi:
― Grunýa! Bu ýerde nähili pişikler entäp ýör? Nireden geldi? Onuň ýanynda ýene
kim bar?
― Asla alada galmaň, Stepan Bogdanowiç, diýen ses eşidildi, emma ol Grunýanyň
däl, belki ýatakhanada oturan myhmanyň sesidi. ― Ol meniň pişigim. Hiç ezýet
60
çekmäň. Grunýa öýde ýok, men ony watany Woronýeže iberdim, sebäbi şikaýat
edişiçe, köpden bäri oňa dynç bermän ekeniňiz.
Bu garaşylmadyk sözler şeýlebir tutyryksyzdy welin, Stýopa ýalňyş eşitdim diýip
güman etdi. Ol bütinleý aljyraňňy ýagdaýda ýatakhana tarap ylgady-da, otagyň
gapysynyň öňünde doňup galdy. Saçlary gymyldap, syh-syh bolup başlady,
maňlaýynda maýdajyk-maýdajyk der damjalary peýda boldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 07
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.