Latin

Ussat we Margarita - 01

Total number of words is 3803
Total number of unique words is 2002
33.2 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
1
Mihail BULGAKOW
Ussat we Margarita
(Roman)
Rus ýazyjysy Mihail Afanasýewiç Bulgakowyñ adyny dünýä meşhur eden "Ussa we
Margarita" ("Мастер и Маргари́та") romany XX asyr dünýä edebiýatyñ altyn
hazynasyna giren eserleriñ biri hasaplanýar.
M.A.Bulgakowyñ jemgyýetçlik nogsanlyklaryny fantastiki dilde tankyt ediş metody,
ony köp sanly dünýä ýazyjylary üçin nusgalyk ýazyja öwürdi.
Roman 1966-67-nji ýyllarda SSSR-de senzurlanan görnüşde neşir edilendigine
garamazdan 1930-njy ýyllarda ýazylypdy. Ýazyjy eseriñ üstünde tutuş on ýyllap
işläpdir. Emma stalinçilik diktaturasy romanyñ çap edilmegine ýol bermedi.
Eser Mihail Berlioz atly redaktoryñ bir kölüñ boýunda şeýtana duş gelmegi başlaýar.
Şeýtan Moskwada galan döwründe adamlaryñ ikiýüzliliklerini paş edýär.
2
Ýazyjy M.Bulgakow N.Gogolyñ edebi tradisiýasyna eýerip ironiki stilde stalinçi
režimiñ fantastiki panoramasyny janlandyrýar. Dartgynly wakalara baý bolan roman
iki sany tapawutly döwürden söz açýar. Wakalaryñ aglaba bölegi Stalin döwrüniñ
Moskwasynda bolup geçýär, galan bölegi bolsa Isa pygamberiñ (a.s) haça çüýlenen
wakasyndan, Injilde agzalýan wakalardan gözbaş alyp gaýdýar. Arasynda ençeme
asyr ýatan iki döwüriñ umumylyklary bilen birlikde, romanyñ içinde roman
tehnikasyny ulanyp, M.A.Bulgakow postmodernistik edebiýatyñ hem kerpijini goýan
ussat ýazyjydyr.
Köpçülikleýin tankydy romanyñ süññüne siñdirendigine garamazdan "Ussat" diýip
atlandyrylan personaž bilen Margaritanyñ arasyndaky adatdan daşary söýgi
gatnaşyklary romanyñ ahyrky bölümlerinde barha ýygjamlaşýar. Eseriñ başyndaky
ironiki atmosfera soñabaka petiş we gussaly kyssa öwrülýär.
Dünýä dilleriniñ ençemesine terjime edilen bu eseri ussat ýazyjy Osman Öde hem
terjime edipdi. Şeýle hem halypa şahyr, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Atamyrat
Atabaýew türkmen diline doly terjime etdi.
A.Atabaýewiñ terjime eden "Ussat we Margaritasy" ilkinji gezek türkmen dilinde we
ilkinji gezek www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtynda okyjylara
hödürlenýär. Okamaga howlugyñ !!!
www.kitapcy.ml
© Has TÜRKMEN.
3
Birinji bölüm
... Kim-aýt sen!
— Men hergiz ýamanlyk diläp, —
ýagşylyk edýän güýjüň bir bölegi!
Gýote. «Faust»
I bap
HIÇ HAÇAN BIGANALAR BILEN SÖZLEŞMÄŇ
Bahar günleriniň birinde, dymyksy agşam çagynda, Moskwanyň Patriarh kölçesiniň
boýunda iki kişi peýda boldy. Olaryň biri küljümek ýaz penjegini geýnen, pes boýly,
çepiksi, takyr kelleli, sakgal-murty gazalyp syrylan, gözüne adatdan daşary uly
şahpisint äýnek geýnendi, özüniň täzeje şlýapasyny bolsa eline geýdiripdir. Ikinjisi
bolsa, çyparrak, gözenek matadan tikilen kepkasyny ýeňseräk basyp geýen, eginlek
irimçik ýigit — egninde çakmak köýnek, aýagyna gyjymlanan ak jalbar, paşmagyna
gara şypbyk geýipdi.
Bu tanyşdyranlarymyzyň birinjisi Moskwadaky iň uly edebi birleşmäniň birinde
/onuň gysgaldylan ady MASSOLIT/ başlyk hem galyň bir žurnalyň redaktory bolup
işleýän Mihail Aleksandrowiç Berlioz, onuň ýaş hemrasy bolsa, şahyr Iwan
Nikolaýewiç Ponyrýow bolup, ol öz eserlerine Bezdomnyý diýen lakam bilen gol
çekýärdi.
Bu iki ýazyjy ýaňy ýaşyl öwsüp ugran lipalaryň saýasyndan pena tapan batlaryna alamula boýaglar bilen boýalan, ýokarsyna «Piwo we suw» diýen ýazgyly dükana
özlerini atdylar.
Häzir, maý aýynyň bu ýakymsyz agşamynda ýüz beren birinji geň galmaly ýagdaýy
belläp geçmek lazymdyr. Diňe dükanjagazyň öňünde däl, belki, Malaýa Bronnaýa
köçesi bilen ýanma-ýan uzalan bütin giňiş meýdanda bir adam hem görünmeýärdi.
Gury ümür-dumana bürenen Gün Moskwany mis ýaly gyzdyryp, Sadowoýe kolsonyň
arkasyna batyp barýan wagty, hatda dem almaga hem ysgyn-mydar galmadyk bu
çagda, lipa daragytlarynyň aşagyna bir adam hem gelmedi, uzyn oturgyçda hem
oturmady, bütin alleýa boram boşdy.
— Narzan beriň — diýip, Berlioz haýyş etdi.
Satyjy aýal bir zatdan ynjan ýaly:
— Narzan ýok — diýip jogap berdi.
Berlioz boguk ses bilen:
— Piwo barmy? — diýip sorady.
Satyjy aýal:
— Piwo agşamara gelýär — diýip jogap berdi.
Berlioz:
— Nämäňiz bar? — diýip sorady.
Aýal:
— Erik şerbeti bar, ýöne ýylapdyr — diýdi.
— Bolýa, guýuň, ýyly bolsa-da, guýuň!..
4
Erik şerbeti sap-sary köpük bolup, bulgury doldurdy, şobada dellekhananyň ysy
haplap damaga doldy. Şerbet içen ýazyjylary birdenkä synçgylawuk tutup başlady.
Olar şerbetiň hakyny töläp, Bronnaýa köçesine arka öwrüp, ýüzlerini kölçä tarap
edip, uzyn oturgyçda çökdüler.
Şol wagt diňe Berlioza degişli bolan bir geň waka ýüze çykdy. Onuň synçgylawugy
birden togtady, ýüregi çalt urup, bir dem nirädir bir ýere gaýyp bolan ýaly boldy, soň
ýene ornuna gaýtdy, emma indi onuň ýüregi kütek bir iňňe sünjülýän ýaly bolup,
sarkyryp agyrýardy. Mundan daşgary, Berliozyň endam-janyny elhenç bir ýagdaý
bisebäp dolap aldy welin, ol şu pursatda Patriarhdan — şu ýerden yzyna garaman
gaçyberesi geldi. Berlioz özüniň nämeden gorkanyny bilip bilmän, perişan bir halda
töweregine ýaltaklady. Onuň reňki öçüp, ýüzi duw-ak boldy, elýaglygy bilen
maňlaýyny sylyp: «Beh, maňa näm bolaýdy? Öň beýle hala düşmändim-le, meger,
ýürek çatlaýar... gaty ýadapdyryn. Bar işi taşlap, tizden-tiz Kislowodskä ugramak
gerek öýdýän» diýip oýlandy.
Şu mahal onuň gözüniň öňünde gyzyl köz dek yssy howa goýalyp, ondan çüýşe ýaly
dury, örän täsin sypatda bir ynsanpisint şekil wujuda geldi. Onuň muşt ýaly başynda
çapyksuwarlaryň kepkasy, egninde çylgym-çylgym matadan biçilen kelte we özi kibi
howaýy kemzoljyk... Bu raýat örän uzyn bolsa hem, egni-gerdeni insiz, özi çöp ýaly
arryk, ýüz keşbi, üns beriň, masgarabaz ýagdaýyndady. Berlioz şunça ömür süren
bolsa-da, täsin ahwalatlara asla öwrenişip bilmeýärdi. Şu sebäpli onuň reňki has beter
öçüp, gözleri alaryp, aljyrap, öz içinden: «Beýle bolmagy mümkin däl» diýdi.
Hakykatda bolsa, görýän zatlary çyndy, bu täsin adam Berliozyň göz öňünde kä saga,
kä çepe yranyp, ýerden ýokarda salgymlap dyrdy. Şol wagt Berliozyň endamyny
güýçli gorky gurşap, gözlerini bada-bat ýumdy. Soňra, ol gözüni açanda, ýaňky şekil
eräp, çylgym kemzolly adamyň gaýyp bolandygyny gördi, aýny wagtda ýüregine
sünjülýän kütek iňňe hem wujudyndan atylyp çykyp gitdi.
— Off, lagnaty! — diýip goýberdi redaktor — bilýäňmi, Iwan, häzir yssynyň
derdinden tas däliräpdim! Hatda gözüme her hili belalar görnüp başlady — diýip,
ýylgyrjak boldy, emma gözlerindäki teşwiş uçgunlary häli öçmän, elleri hem titräp
durdy. Ýöne dura-bara onuň göwni teselli tapdy, elýaglygy bilen ýelpindi-de, azajyk
batyrgaý äheňde: «Ýeri, bolýa-la» — diýdi-de, erik şerbetini içen wagtlaryndaky
üzlüp galan söhbeti dowam etdi. Gep, soň mälim bolşuna görä, Isa pygamber
dogrusynda barýan ekeni. Mesele şu ki, redaktor öz žurnalynyň nobatdaky sany üçin
dine garşy uly bir poema ýazmak hakynda şahyra tabşyryk beripdi. Iwan
Nikolaýewiç şol poemany juda gysga wagtyň içinde ýazyp gutardy, emma bagta
garşy poema redaktory kanagatlandyrmandy. Bezdomnyý öz poemasyndaky baş
gahrymany, ýagny, Isa pygamberi gara reňkler bilen juda çökder teswirlese hem,
redaktor poemany gaýtadan ýazmak gerek diýip aýak diredi. Şu sebäpden, ol şahyryň
esasy hatasyny görkezmek maksady bilen, oňa Isa pygamber dogrusynda wagyz
okaýardy. Iwan Nikolaýewiçe, esasan, nämäniň päsgel bereni — şahyrlyk talantynyň
teswirleýiş ukybymy ýa-da öz ýazmakçy bolýan mowzugynyň oňa düýbünden
nätanyşlygymy — anyk aýtmak kyn, emma onuň eserinde Isa özüne güýçli maýyllyk
oýarmasa-da, göýä diri personaž ýaly bolup çykypdy. Berlioz bolsa, şahyra mesele
Isanyň ýagşy-ýamanlygynda däl, umuman, Isanyň şahs hökmünde bolmanlygynda,
5
oňa degişli gepleriň bolsa, adaty bir toslama ekenliginde diýip subut etmekçi
bolýardy. Şuny aýdyp geçmek gerek ki, redaktor ýazyjy adamdy, şunlukda, Isa
pygamberiň dünýäde ýaşap geçenligi hakynda öz kitaplarynda ýagşydan-ýamandan
hiç zat diýmedik gadymy taryhçylardan, meselem, meşhur Filon Isgenderden,
tükeniksiz ylym eýesi Iosif Flowiýden örän ökdelik bilen delil getirýärdi. Mihail
Aleksandrowiç özüniň örän okumyşlygyny aýan edip, gep arasynda ýene Tasitiň
meşhur «Annalyna» ýagny, ýyl-sene ýazgylaryna degip geçip, onuň on bäşinji
kitabyndaky Isanyň öldürilişiniň beýan edilen 44-nji babynyň has soň goşulan ýalan
bapdan özge närse däldigini hem aýdyp geçdi. Redaktoryň diýýän bu gepleriniň
hemmesi şahyr üçin täzelikdi, şoňa görä, ol özüniň göm-gök şoh gözlerini Mihail
Alensandrowiçe dikişine, onuň sözlerini üns bilen diňleýärdi, mahal-mahal
synçgylawuk tutanda bolsa, pyşyrdap, erik şerbetini näletleýärdi.
Berlioz bolsa: — Gündogarda Bibi Merýemiň Hudaý tarapyn göwreli bolandygyny
beýan etmedik bir din hem ýok. Şoňa görä, hristianlar hem özge bir açyş edip bilmän,
ine, şu gündogarlylar ýaly öz Isa pygamberini döretdiler, ýöne welin, ol hiç haçan
ýagty ýalança gelmändir. Poemada hem, esasy ünsi, ine, şu meselä gönükdirmek
gerek.
Berliozyň batly sesi boş alleýada jaraňlap eşidilýärdi, ol ylmyň jeňňellerinde geçip
bolmaýan gür tokaýyň hylwat ýerlerine girip bardygysaýyn — diňe öte ylymly
adamyň beýle hylwatgähe bişikest girip bilmegi mümkin — şahyr müsürlileriň
sahawatly hudaýy Asman we zemin oglany Ozaris hakynda hem, Finikiýa hydaýy
Fammuz dogrusynda hem, Marduk hakynda hem, hatda Meksikanyň astek halky üçin
bir zamanlar örän gadyrly bolan, emma beýle bir belli bolmadyk betgahar hudaý
Wislipusli hakynda hem bardygysaýyn köp we peýdaly maglumatlar alyp başlady.
Mihail Aleksandrowiç Wislipusliniň zowalasyny astekler hamyryndan alandyklary
dogrusynda ýaňy hekaýa edip başlanda, alleýada ilkinji adam göründi. Soňra,
dogrusy, boljak iş bolandan soň, dürli-dürli edaralar sypaty, bolşy hakynda kän
maglumatlar berdiler. Emma ol maglumatlaryň deňeşdirmesi geň galdyrman biljek
däldi. Şeýlelikde, birinji maglumatda ol adamyň pes boýly, gyzyl dişli we sag
aýagyna agsaýandygy hakynda habar aýdylan bolsa, ikinjisinde ol adam äpet boýly,
dişine platina gapladan, çep aýagy agsak diýlipdi. Üçünji maglumatda: ol üns bererlik
hiç hili alamaty ýok diýip, çürt-kesik ýazylypdy. Dogrusyny dogry diýmeli,
maglumatlaryň hiç biri hem dogry däldi. Birinji nobatda: şol nazarda tutulan adamyň
hiç aýagy hem agsanokdy, boýy gysga-da däldi, epeýem, il deňindäki uzynak
adamdy. Dişleri hakynda aýtmaly bolsa, çep äňinde platina, sag äňinde altyn dişleri
bardy. Ol gymmatbaha külreňk kastýum geýen adamdy, aýagyndaky köwşi hem
kastýumynyň reňkindedi. Külreňk beretini gopbamlar ýaly bir gulagynyň üstünde
gyýa gonduryp, goltugyna gara itiň kellesini ýatladýan gara tutawaçly hasa
gysdyrypdy. Görnüşinden, ýaşy kyrkdan geçen. Agzy sähel gyşygrak. Sakgal-murty
tep-tekiz syrylan. Garaýagyz. Onuň sag gözi gara, çep gözi bolsa, nämüçindir, gökdi.
Şar gara gaşlarynyň biri pes, biri belentdi, gepiň gysgasy, çet ýurtly adamdy. Ol
redaktor bilen şahyryň oturan uzyn otugyjynyň öňünden geçip barşyna, olara gözüniň
gyýtagyny aýlady, saklanyp, birdenem iki dostdan iki gadam aňyrdaky başga bir
oturgyja çökdi.
6
Berlioz: «Nemes» diýip oýlandy.
Bezdomnyý bolsa: «Iňlis» diýip göwnünden geçirdi. — Toba, şu jyzrama jöwzada
ellikli gezip ýör, yssylamaýarmyka?»
Saýry ýurtly kişi bolsa, bu wagt kölçäni kwadrat görnüşinde dolap alan köp gatly
jaýlara gyzyklanyp, göz ýüwürdip başlady, hamala, ol bu jaýlary birinji gezek görýän
ýalydy. Ol nazaryny ýokarky gatlaryň aýnalaryna dikdi, aýna syrçalary Mihail
Alensandrowiç bilen baky hoşlaşýan güneşiň döwük şöhlesini özünde şekillendirip,
göz gamaşdyrýan derejede ýalpyldaýardy, soň ol peski gatlardaky şam çökmegi bilen
garalyp başlan aýnalara nazar taşlady, nämedir bir zada mylaýym ýylgyrdy, gözlerini
süzdi, ellerini hasanyň togalak dessesine, eňegini bolsa, ellerine goýdy.
Şu wagt Berlioz: — Sen, Iwan, şeýdip hudaýyň ogly Isanyň dogluşyny juda oňat we
satirik usulda görkezipsiň, emma gyzygy şunda ki, Isadan öňem bir topar
hudaýzadalar doglupdyr — meselem aýdaly-frigiýaly Attis — emma, gysgaça aýtsak,
olaryň biri hem, gönüsinden gelsek, Isa hem dogulmandyr, bomandyr, şoňa görä, sen
Isanyň dogluşyna derek ýa-da oňa zyýarat etmäge gelen sährgär müneçjimleri
görkezmäge derek, onuň dünýä inişi baradaky ýalan toslamalar dogrusynda ýazmaly
ekeniň — diýýärdi. — Häzir bolsa, seniň beýan edişiňçe, ol çyndanam, dünýä inen
bolup çykýar!..
Şol mahal Bezdomnyý demini içine ýuwdup, bizar eden synçgylawyndan dynmakçy
boldy, emma tersine, has beter güýçli synçgylawuk tutup başlady, Berliozam gepini
bes etdi, çünki daşary ýurtly kişi birden ýerinden tutup, ýazyjylara tarap ýöräp
başlady. Olar bu nätanyş adama geň galmak bilen seretdiler. Nätanyş saýry
ýurtlylaryň äheňinde: — Ötünç soraýan, meni bagyşlarsyňyz — diýdi — emma
sözleri düzüw aýdyp: — Size nätanyş bolsam-da, söhbetiňize aralaşanym üçin...
emma, ylmy söhbetiňiziň temasy şeýlebir gyzykly welin, neme...
Şeýle diýibem, ol hormat bilen beretini başyndan çykardy, netijede iki dost hem
biygtyýar ornundan turup, oňa tagzym etmeli boldy.
Berlioz: — «Eýsem-de bolsa, bu pereňli» diýip oýlandy.
Bezdomnyý öz ýanyndan: — «Polýak öýdýän» diýdi.
Ýene deslap aýtmaly zat: bu daşary ýurtly birinji aýdan sözüniň özünde şahyrda
ýigrenç oýardy, Berlioza bolsa, ol ýarady, ýagny, hoş ýakdy diýip bolmaýaram-da,
anygragy... nähili aýtsa bolarka... ony gyzyklandyrdy diýäýeliň.
— Siz bilen oturmak mümkinmi? — diýip, çet ýurtly mylaýym äheňde sorady.
Şonda iki dost nalaç iki tarapa süýşdi-de ýer berdi, çet ýurtly bolsa, olaryň ikisiniň
arasynda oturyp, şol bada söhbete girişdi:
Eger ýalňyş eşitmedik bolsam, Siz Isa dünýä inmändir diýip aýtdyňyz öýdýän? —
diýip, çet ýurtly göm-gök çep gözüni Berlioza dikip sorady.
— Ýok, ýalňyş eşitmänsiňiz — diýip, Berlioz hormat bilen jogap berdi. — Men anyk
şeýle diýdim.
— O, diýseň gyzykly! — diýdi çet ýurtly.
«Jyn uran, muňa näme gerekkä?» diýip, Bezdomnyý göwnünden geçirdi, soňam
gabagyny asyp oturdy.
— Siz hem söhbetdeşiňiziň pikirine goşuldyňyzmy? — diýip, nätanyş çet ýurtly
Bezdomna tarap öwrülip sorady.
7
Öz pikirini çürt-kesik we gysga ybaralar bilen beýan etmäge endik eden şahyr: —
Ýüz paý! — diýip jogap gaýtardy.
— Örän ajap! — diýip, çagyrylmadyk hemsöhbet nägile äheňde seslendi, soň bolsa,
nämüçindir, töweregine ogry seredişi bilen äňedip, şeýle hem, boguk sesini hasam
peseldip aýtdy: — Ýelmeşegenligim üçin meni bagyşlaň, emma, meniň pähimimçe,
siz hudaýa-da ynanaňzok öýdýän?! — ol gözlerini gorkuly petredip dowam etdi: —
Ant içýärin, hiç kime hiç zat aýtman.
Daşary ýurtly kişiniň howpurgamasyna Berlioz çala ýylgyryp:
— Hawa, biz hudaýa ynanmaýarys! — diýip, jogap berdi we — emma bu hakda
açykdan-açyk, erkin aýdybermeli — diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Çet ýurtly oturgyjyň arkasyna ýaplandy-da, bilesigelijilikden ýaňa çyňsabrak sorady:
— Siz ateistmi?
— Hawa, biz ateist! — diýip, Berlioz ýylgyryp jogap berdi, gahary gelen Bezdomnyý
bolsa: «Bize halys ýelmeşäý-dow bu çet ýurtly gaz!» diýip, göwnünden geçirdi.
— Gör, nähili ajaýyp! — diýip, bu täsin saýry käte ol, käte beýleki edebiýatça
seredip, sesini owazlandyrdy.
— Biziň ýurdumyzda ateizm hiç kimi geň galdyrmaýar — diýip, Berlioz
diplomatlara mahsus mylakat bilen aýtdy. — Halkymyzyň köpüsi hudaý hakyndaky
toslamalara kän wagt bäri aňly röwüşde ynanmany goýdy.
Şonda çet ýurtly gelşiksiz bir hereket etdi: ornundan turup, geň galyp duran
redaktoryň elini gysyp, şeýle diýdi: — Size çyn ýürekden minnetdarlyk beýan etmäge
rugsat ediň!
— Nämüçin minnetdarlyk bildirýäňiz? — diýip, Bezdomnyý gözlerini gyrpyldadyp
sorady.
Çet ýurtly tentek barmagyny köpmanyly göterip: — Meniň ýaly mysapyr myhmana
örän möhüm maglumat bereniňiz üçin — diýdi.
Möhüm maglumat syýahatça çyndanam güýçli täsir eden bolmaga çemeli, şonuň üçin
hem ol töweregindäki jaýlara gorka nazar aýlap çykdy, hamana oňa her bir penjireden
bir ateist seredip duran ýaly.
«Ýok, bu iňlis däl» — diýip, Berlioz pikir etdi, Bezdomnyý bolsa: «Beýle rusça
geplemäni nirden öwrendikä, ine geň ýeri?!» — diýip, göwnünden geçirdi-de, ýene
torsardy.
— Eger rugsat etseňiz, sizden bir närsäni soramakçydym — diýip, çet ýurtly myhman
biraz teşwişli hyýala berlip oturandan soň, ýene gepläp başlady: — Onda älemi
Hudaýyň döredenligi hakyndaky delilleri nätse bolar? Mälim bolşy ýaly, ol deliller
laýyk bäş sany...
— Gaty görmäň welin — diýip, Berlioz jogap berdi. — Şol delilleriň biri hem hiç hili
gymmata duranok. Çünki, adamzat olary bireýýäm unutdy. Akyl-paýhas
nukdaýyndan alanynda, hudaýyň barlygyny subut edýän hiç hili deliliň bolmagy
mümkin däl ahyry.
— Brawo! — diýip, gygyryp goýberdi çet ýurtly. — Sag boluň! Siz biynjalyk garry
Immanuiliň bu baradaky aýdan pikirini doly tekrarladyňyz. Emma gyzyk ýeri şunda
ki, ol bäş delili hem doly weýran edenden soň, göýä öz üstünden gülmekçi bolýan
ýaly, şobada özi altynjy delili keşp edipdi!
8
Kantyň delili hem — düşünjesi zor redaktor inçe ýylgyryş bilen garşylyk bildirdi, —
esassyz. Şiller bikär aýtman eken, Kantyň bu mesele babatda eden işleri, pikirleri
diňe gullary kanagatlandyryp biler diýip. Ştraus bolsa, bu delili ýaňsylap gülüpdi.
Berlioz gepläp otursa-da, içinden: «Herniçik-de bolsa, bu adam kimkä? Rus dilinde
oňat geplemegi nireden öwrendikä?» diýip oýlanýardy.
— Maňa galsa-ha şol Kanty şu nazarýeti üçin Solowka üç ýyllyk sürgün ederdim! —
diýip, Iwan Nikolaýewiç oslagsyz ýerden aýdyp goýberdi.
— Iwan — diýip, haýygan Berlioz pyşyrdady.
Emma Kanty Solowka ugratmak dogrusyndaky teklip çet ýurtly myhmany diňe geň
galdyryp goýman, hatda onuň wagtyny hem hoş etdi.
— Örän dogry, gös-göni şeýtmeli — diýip, ol çasly aýtdy, şonda onuň Berlioza
sereden çep gök gözi birden nurlanyp gitdi, — onuň jaýy şol ýer! Hawa, şol gezek
ertirlik wagtynda men oňa: «Siz professor, näme diýseňiz, diýiň, emma keşp eden
deliliňiz gowuşman dur! Belkem, ol akylly delildir, emma örän düşnüksiz. Sizi
ýaňsylap, gülmekleri mümkin» diýip aýdypdymam-la.
Berliozyň gözi hanasyndan çykara geldi. «Ertirlik wagtynda... Kanta aýdypdymamla». Näme diýip samrap otyr bi?» diýip oýlandy.
— Emma — diýip, çet ýurtly Berliozyň aňk-taňk bolanyna biperwaýlyk edip, şahyra
ýüzlendi-de — ony Solowka ibermegiň hiç mümkinçiligi ýok, sebäbi, ol ýüz
ýyldanam ozal, Solowkadanam has alys bir ýere ugradylypdy. Şu sebäpdenem, men
size aýtsam, ony ol ýerden alyp çykmak asla mümkin däl!
— Haýyp! — diýdi jedelkeş şahyr.
— Hawa, haýyp! — diýdi, nätanyş çet ýurtly gözlerini güldürip. Soňam sözüni
dowam etdi: — Ýöne meni başga mesele öz erkime goýanok, eger hudaý ýok bolsa,
onda adamzat durmuşyny we umuman, ýer ýüzündäki barça janzatlary kim herekete
getirip dur diýen sorag döreýär.
Bu dogrusyny aýdanyňda, beýle bir aýdyň bolmadyk soraga Bezdomnyý gahar bilen,
howlukmaç ýagdaýda jogap berdi: — Kim bolar öýdýäň, ynsanyň özi-dä!
— Bagyşlaň — diýip, mylaýym äheňde jogap berdi nätanyş kişi, — ýaşaýşy
dolandyrmak üçin iň bolmanda, az mütdetlik anyk bir plan bolmaly. Aýdaly, baryýogy bir müň ýyl mütdete plan düzmeg-ä beýlede dursun, hatda özüniň ertirki güni
hakynda hem bir zat aýtmaga ejiz bolan ynsan, ýeri, maňa aýdyň, nädip ýaşaýşy
dolandyryp bilsin? Hakykatdan-da — diýip, ol indi Berlioza tarap öwrüldi — bir göz
öňüne getirip görüň, şunlukda siz özgeleri hem, özüňizi hem dolandyryp başladyňyz,
permanlar berip başladyňyz, umuman, bu işiň höwesine düşdüňiz, emma birden...
yhm... yhym... öýkeniňiz sarkama keseline ýolugýard-a... — çet ýurtly göýä öýken
sarkamasy oňa hezillik bagyşlaýan ýaly hoşal ýylgyrdy, — hawa, sarkama, — ol
gözlerini pişik ýaly gypyp, bu owazly sözüni ýene tekrarlady, — şeýdibem
dolandyryş ukybyňyz gutaryp galar. Indi öz takdyryňyzdan başga hiç kim sizi
gyzyklandyrmaz. Ýakynlaryňyz sizi ýalan sözler bilen köşeşdirjek bolarlar, siz
ýagdaýyňyzyň agyrlygyny duýup, ilki alym wraçlara, soň ýalançy tebiplere, hatda
palçylara hem ylgap başlarsyňyz. Emma alymlardan hem, tebiplerden hem,
palçylardan hem haraý bolmaýandygyny özüňiz oňat bilýärsiňiz. Netijede, bu
urunmalaryň hemmesi pajygaly ýagdaý bilen gutarýar. Ýap-ýaňy özüni nähilidir bir
9
işleri dolandyrýan ýaly duýan şahs indi birden tagta tabytda gymyldaman ýatan zada
öwrülýär, onuň daşynda perwana bolanlar bolsa, bu jansyz jisimden hiç hili nep
ýokdugyna düşünip, ony peçde ýakýarlar. Emma mundan hem beter bolmagy
mümkin: bir adam Kislowodskä atlandy diýeli — şu ýere ýetende, daşary ýurtly kişi
Berlioza gözlerini gypyp goýberdi, — ýönekeý gezelenç diýersiňiz, emma ol şony
hem amala aşyryp bilmez, çünki, nämälim bir sebäbe görä, birden büdräp, tramwaýyň
teýine düşýär! Serediň, nämüçin ol siziňçe, özüni şeýle ygtyýar edýän bolsa... Oňa
nähilidir başga bir hulkat ygtyýar edýär diýip, garşy çyksak, dogry bolmazmykan? —
Şeýle diýip, çet ýurtly üýtgeşik bir gülki bilen hikirdedi.
Sarkama derdi we tramwaý hakyndaky göwünsiz hekaýany uly üns bilen diňläp
oturyşyna, Berliozy nähilidir teşwişli oýlar howsala salyp başlady. Ol: «Bu daşary
ýurtly däl! Bu çet ýurtly däl» — diýip oýlanýardy. — Juda geň galmaly bir nusga...
emma, her halda bu kimkä?»
— Görýän welin, siziň çilim çekesiňiz gelýär öýdýän — diýip, garaşylmadyk ýerden
nätanyş myhman Bezdomna ýüzlendi, — nähilisini küýseýärsiňiz?
— Näme, sizde her dürli çilim barmy? — diýip, şahyr nadyl äheňde sorady.
Dogrudan hem, onuň çilimi tükenipdi.
— Haýsy papirosy küýseýärsiňiz? — diýip, nätanyş myhman tekrarlap sorady.
— «Naşa marka» bolýar — diýip, Bezdomnyý gaharly aýtdy.
Nätanyş myhman howlukman, jübüsinden portsigar çykaryp, ony Bezdomna uzatdy:
— «Naşa marka».
Redaktory hem, şahyry hem portsigaryň içiniň «Naşa marka» papyros bilen
doldurandygyndan-da başga, portsigaryň özi has geň galdyrdy. Ol juda uly we
altyndan ýasalan bolup, açylanda gapagynyň üstüne goýlan üç gyraňly göwher gök
we ak öwsüp, lowurdap gitdi. Şonda iki edebiýatçy iki hili pikire çümdi.
Berlioz: «Ýok, bu çet ýurtly adam» — diýdi.
Bezdomnyý bolsa: «Wah, al kakmyş, be-e?» diýip göwnünden geçirdi.
Şahyr bilen portsigar eýesi çilim otlandy, çilim çekmeýän Berlioz bolsa, papirosy ret
etdi.
«Oňa garşylyk bildirmek gerek» — diýip, Berlioz karara geldi: — Hawa, ölüm hak,
muny hiç kim inkär etmeýär. Emma, gep şunda ki...
Ýöne ol diýjek bolýan gepini aýtmaga ýetişmänkä, çet ýurtly myhman söze başlady:
— Hawa, ölüm hak, iň ýamany ol käte garaşylmadyk ýerden ýüze çykýar, bar bela
hem şonda! Adam, umuman, şu gün agşam hem näme bilen meşgullanjagyny bilip
bilmeýär.
«Öte manysyz gürrüň...» diýip, Berlioz oýlandy we garşylyk bildirdi: — Ýok, bu
meselede gaty lap edip aýtdyňyz. Meselem, men şu gün agşam nämeler etjegimi
azda-kände anyk bilýärin. Hawa, elbetde, Bronnaýa köçesinde depämden birden
kerpiç gaçaýmasa...
— Kerpiç — diýip, onuň sözüni agraslyk bilen böldi nätanyş myhman — hiç haçan
hiç kimiň başyna bisebäp gaçmaýar. Ynandyryp aýdýaryn, size kerpiç hiç hili howp
salmaýar, siziň ölümiňiz başgaça.
10
— O nähili ölümkä? Belki, siz bilýänsiňizem? — diýip, Berlioz äşgäre kinaýa bilen
sorady. Berlioz bu öte manysyz söhbete çökder berlip aýtdy, — belki meniň özüme
aýdarsyňyzam?!
— Baş üstüne! — diýdi bigana kişi. Ol göýä Berlioza kastýum biçmekçi bolan dek,
ony başdan-aýak synlady, soň dişlerinden syzdyryp: «Bir, iki... Merkuriý ikinji
jaýda... Aý ýaşdy... alty — betbagtlyk... agşam — ýedi...» diýip samyrdady-da, şol
owaz bilen guwançly aýtdy: — Siziň kelläňizi keserler!
Bezdomnyý bu ergeneksiz adama gazap bilen azgyrylyp seretdi, Berlioz bolsa,
ýaňsyly gülüp, sorady: — Kim keser? Duşmanlarmy? Interwentlermi?
— Ýok — diýip, jogap berdi hemsöhbet, — rus gyzy, komsomol gyz.
— Hmm... — diýdi, Berlioz nätanyş çet ýurtlynyň degişmesine gyjynyp, —
bagyşlarsyňyz-da, ýöne beýle zat mümkim däl.
— Men hem ötünç soraýan — diýip, çet ýurtly jogap berdi, — emma bu hakykat.
Ýogsa-da, sizden bir närsäni sorajakdym, şu gün agşam näme iş etmekçi, eger gizlin
bolmasa?
— Gizlin däl. Häzir Sadowaýa köçesine, öýüme bararyn, soň, giç sagat onda
MASSOLITDE mejlis bar, men onda başlyklyk ederin.
—Ýok, asla beýle bolmagy mümkin däl — diýip, çet ýurtly kişi gaty garşylyk
görkezdi.
— O nämüçin?
— Üçüni şol — diýip, çet ýurtly myhman jogap gaýtaryp başlady we süzük gözlerini
asmana garatdy, — hä diýmän agşam salkynyň düşjegini duýan gara guşlar boşlukda
sessiz uçýarlar, Annuşka günebakar ýagyny satyn aldy, satyn aldy däl, ony dökdem.
Diýmek, ýygnak bolmaýar.
Dogrusyny dogry aýtmaly, bu müjmel gepden soň, lipalaryň astyna ümsümlik
aralaşdy.
— Bagyşlarsyňyz — diýip, biraz dymyşlykdan soň, bimany toslama satyp oturan çet
ýurtla seredip, Berlioz söze başlady. — Günebakar ýagynyň muňa näme dahyly bar...
Onsoňam, kim ol Annuşka?
— Günkebakar ýagynyň dahyllydygyna sebäp munda — diýip, birden söze
Bezdomnyý goşuldy, — meger ol çagyrylmadyk hem söhbete garşy uruş yglan
etmekçi boldy, — siz, graždanin, ruhy keseller şypahanasynda heý bolupmydyňyz?
— Iwan! — diýip, Mihail Aleksandrowiç ýuwaşja hürsekledi.
Emma çet ýurtly myhman asla ynjamady, gaýta şadyýan ýylgyryp: — Bolandyryn,
bir gezegem däl, birnäçe ýola! — diýip seslendi. Ol ýylgyrsa-da, ünsli gözlerini
şahyrdan üzmän gürledi, — onda-da nä bolmak! Bir ökünýän zadym, professordan:
«Şizofreniýa näme?» diýip soramagy unudypdyryn. Indi özüňiz ondan sorap,
anyklarsyňyz-da, Iwan Nikolaýewiç!
— Adymy, familiýamy nireden bilýäňiz?
— Siz birhili adam, Iwan Nikolaýewiç, sizi kimler tanamaýa? — diýip, çet ýurtly
myhman jübüsinden «Literaturnaýa gazetanyň» agşamky sanyny çykardy. Şonda
Iwan Nikolaýewiç gazetiň birinji sahypasynda öz suratyny, suratyň aşagynda bolsa,
öz ýazan şygryny gördi. Emma agşam ony hoşal eden şöhrat we tanymallyk
sebäpkäri bolan bu şygyr indi şahyry asla söýündirmedi.
11
Ol reňki çuw-ak bolup: — Meni bagyşlarsyňyz, siz bir dem sabyr edip bilmersiňiz,
ýoldaşyma diýjek iki agyz amanat gepim bardy — diýdi.
— O, baş üstüne! — diýdi nätanyş kişi, — bu ýer, daragtlaryň aşagy hylwat ýer eken,
üstesine-de, men hiç ýere howlugamok.
Şahyr Berliozy çeträge çykaryp: — Bäri bak, Mişa, bu asla inturist däl, ol içaly.
Ýurdumyzdan çykyp giden satlyk rus emigranty. Tizräk onuň kepilini sora, bolmasa
gider ol...
— Şeýlemikä? — diýip, Berlioz gaýgyly pyşyrdady, özi bolsa: «Gepi-söz-ä dogry
ýaly!» diýip göwnünden geçirdi.
— Gepime ynanaý — diýip, şahyr Berliozyň gulagyna pyşyrdady, — ol samsyklyga
salan bolup, käbir zatlary biljek bolýar. Onuň rusça gepleýşini özüň eşitdiň-ä —
diýip, şahyr pyşyrdap, gaçyp gidäýer öýdüp, nätanyş taýa göz gyýtagyny aýlady, ýör,
ony ele salaly gaçyp gitmänkä...
Soň şahyr Berliozyň elinden tutup, ony uzyn oturgyja tarap çekdi. Bigana kişi indi
oturgyçdan turupdy. Elinde dok külreňk gaply nähilidir bir güwänama sypatly galyň
kagyzdan ýasalan bukjany we çakylygy saklap durdy. — Meni bagyşlarsyňyz,
gürrüňe gyzygyp, özümi tanyşdyrmagy hem unudaýypdyryn. Ine, meniň
mekannamam, pasportym we Moskwa konsultasiýa üçin çagyrylandygym hakynda
teklipnama — diýip, nätanyş kişi iki edebiýatça ýiti gözlerini dikişine, kesgin-kesgin
gepledi.
Şonda iki dost öz eden işlerinden özleri utanyp: «Be-e, hemme gepi eşiden ekenow...» diýip oýlandy. Berlioz mylaýym yşarat bilen kepil görkezmegiň hajatynyň
ýoklugyny bildirdi. Çet ýurtly myhman dokumentlerini redaktora uzadan wagty,
teklipnamadaky çet ýurtlyň dilinde «professor» diýlip ýazylan söze we familiýasynyň
baş harpynyň «W» ekenligine şahyryň gözi düşdi.
Bu bolan ahwala ökünýän äheňde redaktor, — örän hoşaldyryn, — diýip hüňürdedi,
çet ýurtly bolsa, dokumentlerini ýene jübüsine saldy. Şeýlelikde mylakat gaýtadan
diklendi-de, olaryň üçüsem täzeden uzyn oturgyja çökdüler.
— Siz biziň ýurdumyza konsultant hökmünde çagyryldyňyzmy, professor? — diýip,
Berlioz sorady.
— Hawa, men konsultant.
— Siz nemesmi? — diýip, Bezdomnyý sorady.
— Menmi?.. — diýip, professor tekrarlady we birden çuňňur oýa berildi. — Hawa,
nemes diýseň-de bolýar...
— Rusça örän oňat gepleýän ekeniňiz — diýip, Bezdomnyý duýdurdy.
— O, men umuman, poliglot, juda köp dili bilýärin — diýip, professor jogap berdi.
— Käriňiz haýsy ugurdan — diýip, Bezdomnyý sorady.
— Meniň kärim sährgärlik, gara magiýa ugrundan.
«Bir şu ýetenokdy» diýen pikir Mihail Aleksandrowiçiň beýnisine sanjyldy.
— Siz... sizi şu ugur boýunça çagyrdylarmy biziň ýurdumyza? — diýip, ol sakawlap
sorady.
— Hawa, şu ugur boýunça — diýip, professor tassyklady we pikirini dowam edip: —
Bu ýerdäki döwlet kitaphanasynda onunjy asyrda ýaşan jadygöý, gözbagçy Herbert
12
Awrilakskiniň asyl golýazmalary tapylypdyr. Şolary işlemekçi, anyklyk girizmegi
sorap durlar menden. Bu ugurdan men dünýäde ýeke-täk işgär.
— A-a! Taryhçy ekeniňiz-dä?! — diýip, Berlioz ýuwaşja, arkaýyn hormat bilen
sorady.
— Hawa, men taryhçy — diýip, alym tassyklady, soň edil tamdan taraşa düşen ýaly,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 02
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.