Latin

Ussat we Margarita - 05

Total number of words is 3726
Total number of unique words is 2112
29.1 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
buşlady maňa. Bibaha tagam-da özi hem!
41
— Ýaşamagyň ýoluny bilýäň-ow, Amwrosiý! — gorsanyp diýdi egbar geýnen,
boýny çöp ýaly arryk Foka ýüzleri enaýy, dodaklary gyrmyzy, saçy altynreňk, iri
göwreli şahyr Amwrosiýa seredip.
— Aý, ýok-la, hiç-hili ýoluny bilmeýärin — diýdi nägilelik bilen Amwrosiý, — diňe
adam şekilli ýaşamak isleýärin, bolany...
Näme sen, Foka, sudak balygyna «Kolizeýde» hem duşsa bolýar diýjek bolýaňmy?
«Kolizeýde» onuň bir porsiýasy on üç manat on bäş köpüge durýar, bizde bolsa, bäş
manat elli teňňe! Üstesine-de «Kolizeýdäki» balyklar üç günläp duran, has hem beteri
«Kolizeýde» Teatr köçesinden süsdürlip, ilkinji pete-pet gelen ýaş ýigidiň üzüm
hoşasy bilen maňlaýyňa ýelmemejegine kepiliň barmy? Ýok, men «Kolizeýe»
düýbünden garşy — diýip, iýermen Amwrosiý tutuş bulwary ýaňlandyrdy. — Meni
imrindirjek bolma, Foka!
— Men seni imrindirjek bolamok, Amwrosiý — diýip, Foka janykdy. — Öýde
agşamlyk edinse-de bor-la.
— Sadyk guluňyz — diýip, Amwrosiý batly gepledi. — häzir seniň aýalyň umumy
aşhanada a natýurel — gyzyl balygy merwerde bişirjek bolşuny göz öňüne getirjek
bolýaryn! Hi-hi-hi! ... Orewuar, Foka! — diýip, Amwrosiý aýdyma hiňlenip, üsti
saýawanly eýwana tarap ugrady.
Hawa, hawa, şeýle zatlar bolupdy. Moskwaly köne adamlar bu ýeri tanymal
Gribaýedowy gowy bilýärler. Buglanan gyzyl balyklar!
Özem olar arzanjakdy, eziz Amwrosiý! Kümüşsow merwerlerdäki leňňeç
boýunjykly, täze işbilli balyk nahary dälmi? Ak kömelege ýumurtga garylyp
taýýarlanan, saply gapjagazlardaky pýure? Ýenjilen guş etinden bişirilen (file) size
hoş ýakanokmydy? Genuez bedenesi? On ýarym manatdan! Saz, mylakatly hyzmat!
Iýul aýynda, haçanda maşgalaňyz daçadaka, sizem özüňiziň gaýra goýulmasyz
edebiýat işleriňiz bilen şäherdekäňiz üzüm teläriň aşagynda, arassa ak saçaklar
örtülen stollaryň başynda tabagy dolduryp pereň çorbasyny iýeňzokmydyňyz?
Ýadyňyzdamy, Amwrosiý? Soramak nämä gerek! Men ony ýatdan
çykarmandygyňyzy dodaklarňyzdan görüp durun. Eýsem, her hili aw guşlardan —
bedeneden, käkilikden, sülgünden bişirilen tagamlaryňyz niçik? Gaňşyrawyňy tütedip
barýan narzan?!
Ýeri, boldy, okyjy, seniň ünsüň başga zatlara sowulýar, yzym bilen öňe!..
Berliozyň Patriarhda heläk bolan şol agşamy sagat on biriň ýarynda Griboýedowyň
ýokarky gatynda diňe bir otagda çyra ýanyp, ol ýerde ýygnaga toplanan on iki sany
edebiýatçy Mihail Aleksandrowiçiň gelmegine garaşyp, içleri gysyp otyrdylar.
MASSOLIT Prawleniýesiniň otagynda stullarda, stollarda, hatda penjiräniň sekisinde
otyranlar howanyň petişliginden ejir çekýärdiler; Açyk aýnadan hiç-hili öwüsgin hem
girenokdy. Moskwa günuzyn asfalta siňdiren yssysyny yza gaýtarýardy, gijesine-de
howanyň tebtiniň peselmeýändigi görnüp durdy. Daýzanyň öýüniň podwalynda
ýerleşen aşhanadan soganyň ysy geldi, şonda otagda oturanlaryň damagy gijäp, olar
närazy ýagdaýda gahar edip başladylar.
Titi geýnen, ýuwaş hulkly, gözleri ýiti belletrist Beskudnikow ýanyndan sagadyny
çykardy. Sagadyň dili on bire barypdy. Beskudnikow siferblata pitikläp, ony ýanynda
42
oturan şahyr Dwubratskä görkezdi, ol stolyň çetinde rezin oltaňly sary köwüşli
aýaklaryny yrgyldadyp otyrdy.
Dwubratskiý: — Baý-bow — diýip hüňňürdedi.
— Ýigitçämiz Klýazmada eglenen bolaýmasa — diýdi güňleç ses bilen Nastasýa
Lukinişna Nepremenowa. Bu ýazyjy aýal moskwaly bir sowdagäriň ýetimçesi bolup,
«Şturman Žorž» lakamy bilen deňiz soweşleri hakynda hekaýalar ýazýardy.
— Ahyr bu ynsapdan däl-ow! — diýip, meşhur sketçleriň awtory Zagriwow batyrgaý
gepledi. — Häzir menem bu ýerde demigip otyrandan, öz eýwanymda hezil edip çaý
içerdim. Ýygnak sagat ona çagyrylmanmydy?
— Häzir Klýazma gowy dynç alyş mesgenine öwrüldi — diýip, kärdeşlerini waswasa saldy Şturman Žorž, çünki Klýazmanyň golaýyndaky edebiýatçylar obajygy
Pereliginoda dynç almagy hemme ýazyjylaryň bir adam ýaly arzuw edýändiklerini ol
ýagşy bilýärdi.
— Häzir ol ýerde bilbiller saýraýandyr. Men hemişe bahar aýlarynda şäheriň daşynda
gowy işleýärin.
— Men şol jennete näsag aýalymy ibermek üçin üç ýyldan bäri pul töleýärin, emma
henize çenli netije ýok — diýdi ajy kineli gahar bilen nowellaçy Ionerim Poprihin.
— Bagty getiren barar ol ýere — diýdi laňňyldap, aýnanyň tekjesinde oturan tankytçy
Ababkow.
Şturman Žorž monjuk ýaly gözlerinden şadyýana ot çakylyp, ýakymsyz owazyny azkem, mylaýymlaşdyryp diýdi:
— Içigaralyk gerek däl, dostlar. Ol ýerde bary-ýogy ýigrimi iki daça bar, ýene ýedisi
gurlup dur, biz, MASSOLIT agzalary bolsa üç müň.
― Üç müň bir ýüz on bir adam ― diýip, burçdan kimdir biri söz oklady.
— Ana, gördüňizmi — diýip, dowam etdi Şturman, — alaç näme, daçany biziň iň
zehinlilermiz aldy...
— Generallar! — diýip, bu gybata ssenariçi Gluharýow açyk goşuldy.
Beskudnikow ýasama pallap, otagdan çykdy.
— Pereliginoda bir özüniň bäş otagly daçasy bar — diýdi onuň yzyndan Gluharýow.
— Lawrowiç bolsa, bir özi alty otagly jaýda ýaşaýar — diýip, Deniskin gygyrdy. —
Aşhanasy bolsa dub agajyndan bezelen.
— E, häzir gep munda däl ― diýip, Ababkow heňkirdi. — Sagat onkiň ýary boldy.
Gozgalaňa meňzeş goh-galmagal göge göterildi.
Şol lagnaty Pereligina jaň etdiler. Diýlen daça däl-de, Lawrowiçe düşdüler.
Lawrowiçiň derýanyň ýakasyna gidenini eşidip, keýipleri bozuldy. Soň töwekgel
edip, goşmaça 930-nji nomer arkaly edebiýat komissiýasyna jaň etdiler, ýöne hiç kim
trupkany almady.
— Özi jaň etse bolmaýamydy! — diýip, Deniskin, Gluharýow we Kwant dagy
wagyrdaşdylar.
Ýöne olar ýerliksiz galmagal edýärdiler. Mihail Aleksandrowiç hiç ýere jaň edip
bilmez. Çünki ýap-ýaňam Mihail Aleksandrowiç bolan şahs indi Gribaýedowdan has
uzakda, müň şemlik lampalar bilen ýagtylandyrlan uly bir zalda, üstüne sink örtülen
üç stolda bölek-bölek bolup ýatyrdy. Brinji stolda — döwlen eli, mynjyran döş
kapasasy, hemme ýerinde gan gatap galan ýalaňaç jeset, ikinji stolda — alyn dişleri
43
sypyp, agzy opurlan, açyk galan nursuz gözleri çyralaryň ýiti nuryna asla perwaý
etmän ýatan kelle, üçünji stolda bolsa bir top bolup gatap galan bölek esgiler ýatyrdy.
Başsyz jesediň daşynda sud lukmançylygynyň professory, patalog-anatom bilen onuň
prozektory — jeset kesiji, derňew organynyň wekilleri we Mihail Aleksandrowiç
Berliozyň MASSOLIT boýunça orunbasary — edebiýatşynas Želdibin (ony telefon
arkaly näsag aýalynyň ýanyndan çagyrypdyrlar) toplanypdy.
Želdibini getiren maşynda derňew wekilleri otyrdylar, olaryň hemmesi birinji
nobatda merhumyň öýüne bardylar, (wagt ýarygijä ýakynlaşypdy) ol ýerde
merhumyň kagyzlary sürgüçlendi, şondan soňra hemmesi jesethana ugradylar. Ine,
indi olar jesediň daşynda durup, nähili edilse makulrak bolarka: üzlen başyny
boýnuna tikip goýsakmykak ýa-da merhumyň jesedini tä eňegine çenli gara mata
bilen örtüp, (diňe kellesini açyk galdyryp) Gribaýedow zalyna ýerleşdirsekmikäk
diýip, maslahat edýärdiler.
Hawa, Mihail Aleksandrowiç, hakykatdan hem, hiç ýere jaň edip biljek däldi, emma
Deniskin, Gluharýow, Kwant hem Beskudnikowlar netijesiz goh edip, kabineti
göçüräýjek bolýardylar. Bu on iki edebiýatçynyň hemmesi laýyk ýarym gijede aşak,
restorana düşdüler. Bu ýerde olar ýene Mihail Aleksandrowiçi renç bilen dile
çoladylar, eýwandaky stollaryň hemmesi indi bentdi, şonuň üçin olar örän owadan,
emma örän dymyk zalda naharlanmaga mejbur boldular.
Rast ýarym gijede birinji zalda nämedir bir zat birden gümmürdäp, şaraňlap, seçilip
giden ýaly boldy. Şol pursatda ýaňlanyp, inçejik erkek sesi saza goşulyp:
«Alliluýýa!» — diýip, jan-teni bilen çyňkyryp başlady. Ady ile belli Gribaýedow
žazy işe başlapdy. Derlän ýüzler göýä ýagtylan ýaly, göýä petikdäki atlaryň
suratlaryna jan giren ýaly, çyralaryň şuglasy güýçlenen ýaly boldy, şonda iki zaldaky,
ondan soň eýwandakylar ýüpden boşanan ýaly bolup, tansa çykyp başladylar.
Gluharýow şahyr gelin Tamara Polumesýas bilen tans edip başlady, Kwant tansa
çykdy, romançy Žukowlow sary köýnekli bir kino aktrisasy bilen tansa çykdy.
Dragunskiý hem, Çerdakçi hem, äpet ýazyjy aýal Şturman Žoržy gujaklap, pes boýly
Deniskin hem tansa başlady, ak digir-digir ýazky matadan jalbar geýen nämälim bir
şahsy mäkäm gujaklap, gözel arhitektor aýal Semeýkina — Gall hem tansa goşuldy.
Her gün şu ýerde bolýanlar hem, çagyrylan myhmanlar hem, moskwalylardyr
daşyndan gelenler hem tansa çykyp başladylar: Kranştadly ýazyjy Iogann,
Rostowdan gelen, bütin ýüzüni gyp-gyzyl demrew basan haýsydyr (režessýor bolsa
gerek) Witýa Kuftik diýen şahs, MASSOAITDE poeziýa bölüminiň iň meşhur
görnükli agzalary, ýagny Pawianow, Bogohulskiý, Sladkiý, Şpiçkin we Adelfina
Buzdaklar hem tansa çykýardylar. Saçlaryny boks pasony boýunça aldyran,
ýakalaryna moda rastlap, pamyk goýdyran käri nämälim ýaşlar hem tansa
çykýardylar.
Şeýle hem bir sakgalyna sogan ýelmeşen gartaň adam bilen az ganlylykdan ejir
çekýän, oraýany ýüpek köýnegi gyjymlanan gyz tans oýnaýardy.
Gara dere batan ofisiantlar derläp duran piwoly kürşgelerini depesinde göterip, nägile
äheňde: «Bagyşlaň, graždanin!» diýip, gyryljak ses bilen gygyrýardylar. Bir ýerlerde
ses güýçlendirýän rupordan: «Karskiý, bir!», «Zubrik, iki!» diýen buýruklary
berilýärdi. Inçe sesli aýdymçy bolsa, indi aýdym aýtman, diňe «Allilluýa!» diýip
44
uwlaýardy. Jazdaky altynsow tabaklaryň gümmürdisi aşhananyň gap ýuwulýan
ýerinden gelýän okara-çemçeleriň sesini doly basýardy. Bir söz bilen aýdanyňda:
dowzah.
Ýarygije bu dowzahda göze görünmeler başlady. Gara gözli, hanjara meňzeş
sakgally, frak geýen görmegeý ýigit şa nazary bilen öz mülküne seretdi. Mistikler
aýdypdyrlar-a, aýdypdyrlar, birwagtlar bu görmegeý ýigit frak geýmän, gaýyş guşak
guşanypdyr, guşagynda pistoletiň sapy görnüp durupdyr, onuň garga perinden
ýasalan saçlary gyzyl ýüpek mata bilen daňylypdyr, Karib deňzinde onuň
ýolbaşçylygynda tabyda örtülýän gara matadan, ýüzünde kelleçanagyň suraty çekilen
baýdakly gämi ýüzýär eken.
Ýöne, ýok, ýok! Ýalançy-mistikler galat aýdýar, dünýäde hiç hili Karib deňzi-de ýok,
onda hiç hili garakçylar-da ýüzenok, olaryň yzlaryndan kowýan gämi-de ýok,
tolkunlaryň üstüne ýeleklerden örtülen dumanam. Hiç haýsy ýok, hiç haýsy
bolmandyram. Diňe ýapraklary göwrän lipa agajy, çoýun gözenek we onuň
aňyrsynda bulwar bar... Çüýşe okarajykda buz ýüzüp ýör, goňşy stolda bolsa,
gözlerine gan öýlen öküz gözli biri otyr. Howply, örän howply... Eý, hudaýlar, eý,
meniň hudaýlarym, zäher gerek maňa, zäher!..
Şu ýagdaýda birden bir stolyň üstünde: «Berlioz!» ― diýen owaz perwaz etdi. Birden
jaz kimdir birinden gaty ýumruk iýen ýaly sandyrap, soň güň bolup galdy. «Näme,
näme, näme bolupdyr, näme?!!! ― «Berlioz!!!» Adamlar ýerlerinden galdylar, gohgykylyk başlandy.
Mihail Aleksandrowiç hakyndaky şum habar hemmäni agyr gussa batyrdy. Kimdir
biri köýüp-bişip, häzir, şu ýeriň özünde kollektiwiň adyndan telegramma ýazyp, tiz
ugratmak gerek diýip seslendi. Emma o nähili telegramma, ony nirä ibermeli diýen
sorag ýüze çykýar. Ony ibermekden näme peýda? Hakykatdan-da, ony nirä ibermek
gerek? Onsoňam, telegramma nähili mazmunda bolsa-da, ýenjilen eňegi häzir jeset
kesýäniň rezin ellikli golunyň astynda duran, üçin boýny professor tarapyndan gyşyk
iňňe bilen deşilip tikilýän jeset üçin onuň nämä derkary bar? Ol ýogalypdyr, indi hiçhili telegramma gerek däl oňa: Bar zat tamam. Onuň üçin telegrafy azara goýmalyň.
Hawa, ol heläk boldy, heläk boldy... Emma biz diri ahyry!
Hawa, agyr hasrat göýä ullakan tolkun kibi dolup-daşdy, soňam ýuwaş-ýuwaşdan
köşeşip, bady gaýtdy. Adamlaryň käbiri öz stollaryna owal-a ogrynça, soňra äşgäre
gaýdyp başladylar, arak içip, garbandylar. Hakykatdan hem, de-walýaý usulynda
taýýarlanan towuk kotletlerini isrip etmek bolmaz-a? Ýeri, biziň aç galmagymyzdan
Mihail Aleksandrowiçe näme peýda bar. Biz entek diri ahyry!
Şeýlelikde roýalyň gapagyny gulplap goýdular, sazandalar dagady, birnäçe žurnalist
bolsa nekrolog (gynanç hatyny) ýazmak üçin öz redaksiýasyna ugrady. Želdibiniň
jesethanadan geleni mälim boldy. Ol merhumyň ikinji gatdaky kabinetinde
oturanmyş. Şobada «Berliozyň ýerine şony goýarlar» diýen ses eşidildi. Želdibin
prawlenie agzalarynyň hemmesini restorandan çagyrdyp getirtdi, soň Berliozyň
kabinetinde howlukmaç röwüşde başlanan mežlisde Griboýedowyň sütünli zalyny
matama häzirlemek, matam märekesiniň başlaýan wagtyny kesgitlemek, şu
ýakymsyz waka degişli bolan başga zerur meseleler hakynda maslahata girişdiler.
Restoranyň ýene hemişekisi ýaly agşamlyk durmuşy başlandy, bu ýagdaýyň tä
45
restoran ýapylýança, ýagny daňdan sagat dörde çenli dowam etmegi mümkindi, eger
oturanlary Berliozyň ölümi hakyndaky habardan-da beter geň galdyran, asla
garaşylmadyk üýtgeşik bir waka ýüze çykmadyk bolsa. Birinji bolup Griboýedow
öýüniň derwezesiniň öňünde ýolagçylara garaşyp duran sürüjiler howatyrlanyp
başladylar. Olaryň kimdir biri:
― Ýa toba! Oňa serediň! ― diýip, gygyryp goýberdi.
Şol wagt çoýun gözenegiň öňünde niredendir peýda bolan ot «ýylp» edip, eýwan
tarapa ýakynlaşyp başlady. Stollaryň başynda oturan adamlar ýerlerinden turup, şol
tarapa içgin seredip başladylar we şol ýylpyldan ot bilen bile duw-ak bir suduryň hem
restoran tarapa ýakynlaşýandygyny gördüler. Ol gül çyrmaşygynyň aşagyna ýakyn
gelen wagty, oturanlaryň barysy ellerindäki çarşajyklaryna sünjülen sterlýad balygy
bilen, gözlerini mölerdip, oturan orunlarynda doňup galdylar. Şu mahal çilim çekmek
üçin restoranyň işik asylýan ýerinden howla çykan eşik agasy çilimini dabany bilen
mynjyratdy-da, suduryň restorana girmegine ýol bermezlik üçin şol tarapa ýöräp
başlady, emma soň, nämüçindir bu hyýalyndan dändi-de, sakga durup, samsyklaç
ýylgyrdy.
Şeýlelikde sudur gül çyrmaşygynyň aşagyndan geçip, bimelal eýwana gadam goýdy.
Ana, diňe şonda bu suduryň göze görünýän salgym däl-de, onuň tanymal şahyr Iwan
Nikolaýewiç Bezdomnydygyna hemmeler şaýat boldy. Ol aýakýalaňaç, egnine
süzülip, esgi bolan agymtyl uzyn köýnek we ýol-ýol ak içki balak geýipdi,
köýneginiň döşüne bolsa iňlis ýazgysy bilen nämälim keramatlynyň öçügsi suraty
teswir çekilen kagyz ikonany asypdyr. Iwan Nikolaýewiçiň elinde ýakylan nika şemi
bardy. Onuň sag ýaňagy dyrnalypdy. Şu hadysanyň netijesinde eýwanda ýüze gelen
dymyşlygyň çuňlugyny ölçemek asla başartjak zat däl. Bir ofisiantyň elindäki gyýşyk
tutulan kürşgeden piwo şildiräp akýardy.
Şahyr şemi depesine göterip, belent owaz bilen diýdi:
― Salam, dostlar! ― şundan soň ol ýakynyrakdaky stolyň aşagyna yşyklap seretdide, gaýgyly heňde: ― Ýok, bu ýerde-de ýok ol! ― diýdi.
Şu çakda bir erkek kişiniň hem bir aýalyň sesi eşidildi:
― Tamam bolupdyr. Telbe bolup galypdyr ― diýdi ýogyn erkek sesi rehimsiz
äheňde.
― Bu ýagdaýda ony köçede polisiýa näme üçin saklamadyka? ― diýip, bir aýal
gorkuly seslendi. Iwan Nikolaýewiç bu gepi eşidip, jogap berdi: ― Hawa, iki gezek:
Skatertniý bilen Bronnaýada meni tutjak boldular, emma men diwardan aşyp, gaçyp
gutuldym, ýüzüm sypjyryldy.
― Şundan soň Iwan Nikolaýewiç şemi ýokary göterip gygyrdy: ― Gadyrly
ýazyjylar! ( Onuň boguk owazy sagdynlaşdy we ol otluklydy). Hemmäňiz maňa
gulak asyň! Ol peýda boldy! Derhal ony tutuň, bolmasa, köp agyr bagtsyzlyklara
sebäp bolar!
― Näme? Näme? Näme diýdi ol? Kim peýda bolupdyr? ― diýip, adamlar çar
tarapdan gulgula turuzdylar.
― Konsultant! ― diýip jogap berdi Iwan, ― ana, şol konsultant häzir Patriarh
kölçesiniň golaýynda Mişa Berliozy öldürdi.
46
Şu wagt içki zaldan mähelle çozup çykyp, Iwanyň şeminiň daşynda egele boldy. ―
Bagyşlarsyňyz, anygyrak gepleseňiz-le ― diýen mylaýym owaz Iwan Nikolaýewiçiň
gulagynyň astynda çala eşidildi, ― aýdyň hany, nähili öldürdi ol? Kim öldürdi?
Iwan töweregine ýaltaklap: ― Daşary ýurtly konsultant, professor, içaly ― diýip
jogap berdi.
― Familiýasy näme onuň? ― diýip, biri Iwanyň gulagynyň ýanynda pyşyrdaşdy.
― Hemme bela şonda-da! ― diýip, Iwan gussa bilen seslendi. Käşki familiýasyny
bilsedim! Onuň teklipnamasynda ýazylan familiýasyny gowy saýgarman galdym...
Diňe familiýasynyň baş harpy ýadymda: «We» «W-dan» başlanýardy familiýasy!
Nähili familiýanyň «W» bilen başlanmagy mümkin? ― Iwan maňlaýyna elini goýup,
öz-özüne sowal berdi we birden samyrdap başlady: ― We, We, We! Wa… Wo…
Waşnermi? Wagnermi? Waýnermi? Wegnermi? Wintermikän? ― Iwanyň jany-teni
bilen biljek bolýany sebäpli, saçlary eýläk-beýläk oýnap başlady.
― Wulfmy? ― diýip, bir aýal janygyp gepledi.
Iwanyň gahary geldi. Tentek sen ― diýip, ol janygan aýaly gözi bilen agtaryp
gygyrdy. ― Wulfyň näme dahyly bar muňa? Wulfda hiç hili aýyp ýok! Wo, Wo…
Ýok! Hiç ýatlap bilemok! Gep şeýle, graždanlar: häzir siz milisiýa jaň ediň,
professory tutmak üçin pulemýot berkidilen bäş motosiklet ibersinler. Ýene bir zady
unutmaň, ol ýalňyz däl: ýanynda gözüne çüýşesi çat açan pensne dakan, çakmak
jalbarly, bir ýuha bilen doňuz ýaly semiz bir gara pişik hem bar. Oňa çenli men
Griboýedowy barlap çykaryn… Köňlüm duýup dur, ol bu ýerde!
Iwan gaty biynjalyk bolup, elindäki şemiň mumuny öz üstüne syçradyp,
töweregindäki adamlary itekläp, stollaryň aşagynda ýörmeläp başlady. Şu wagt:
«Doktor!» ― diýen ses eşidildi-de, Iwanyň garşysynda bir adamyň süňkden edilen
äýnek dakynan, sakal-murty syrylan, mylaýym, etlek ýüzi peýda boldy.
― Ýoldaş Bezdotnyý, ― labyzly äheňde gep başlady ol adam ― rahatlanyň! Siz
hemmämiz üçin eziz bolan Mihail Aleksandrowiçiň... ýok, anygyragy, Mişa
Berliozyň ölüminden gaty hapa bolupsyňyz. Biz muňa örän oňat düşünýäs. Siz demdynç almaly. Häzir ýoldaşlar sizi eltip, ýatyrarlar, birazajyk ymyzganyp, gussany
unudarsyňyz...
― Sen ― diýip, Iwan dişlerini gyjyrdadyp, onuň sözüni böldi ― professory bahym
tutmagyň zerurlygyna düşünýäňmi özi? Öz bimany maslahatlaryň bilen meni
aljyradyp dursuň şu wagt! Kemakyl!
― Ýoldaş Bezdomnyý, meni bagyşlarsyň, ― diýdi ýaňky adam, çog ýaly gyzaryp,
yzyna tesip we bu galmagala goşulanyna puşman edip.
― Ýok, kimi bagyşlasam-da, seni bagyşlamaryn ― diýip, Iwan Nikolaýewiç ýuwaş,
ýöne ýigrenç bilen gepledi.
Onuň gazapdan ýüzi çytyldy, sag elindäki şemi tiz çep eline alyp, rehimdarlyk
görkezen bu adamyň gulagynyň düýbüne ýelmedi. Şobada hemmeler Iwana topuldy.
Şem öçdi, şarpyk iýen adamyň äýnegi ýere gaçyp, bir demde kül-uşak boldy. Iwan
hatda seýil bagynda ýören adamlara hem eşidilýän, hemmäni gulgula salýan elhenç,
söweşjeň nagra çekip, özüni gorap başlady. Stollardan gaçyp, döwlen gap-gaçlaryň
sesi aýallaryň gyýk-bagy eşdildi. Ofisiantlar şahyryň el-aýagyny süpürgiçler bilen
47
daňýan wagty, eşik asylýan ýerde restoranyň hojaýyny bilen gapy garawulynyň
arasynda şeýle gürrüň boldy.
Hojaýyn: ― Onuň içki balakda gelenini gördüňmi? ― diýip, sowuk sorady. Gapy
garawuly: ― Hawa, Arçibald Arçibaldowiç, ― diýip, gorkuly sandyrap jogap berdi.
― Ol MASSOLIT agzasy bolsa, nähili girizmäýin?
― Onuň içki balakda gelenini görüpmidiň, diýýän? ― diýip tekrarlady hojaýyn.
― Özüňiz oýlap görüň ahyry, Arçibald Arçibaldowiç, ― diýýärdi çym gyzyl bolan
gapy garawuly, ― men näme edip bilerdim? Dogry, düşünýärin, eýwanda hanymlaraýallar otyr...
― Aýallaryň muňa dahyly ýok, olara barybir ― diýip, hojaýyn gözleri bilen gapy
garawulyny iýäýjek ýaly bolup dowam etdi ― emmä milisiýa üçin bary bir däl! Içki
geýimdäki adamyň Moskwanyň köçelerinde diňe bir ýagdaýda ýöremegi mümkin ―
eger oňa milisiýa gözegçilik edip barýan bolsa, özem milisiýa bölümine äkidilip
barýan bolsa! Eger sen gapy garawuly bolýan bolsaň, beýle adamy gören badyňa bir
sekunt hem oýlanman, jürlewigiň çalmaly ekeniň, jürlewük, eşidýärmiň?
Aňy gaçan garawul eýwan tarapda bir zadyň gürpürläp gidenini, kül-uşak bolan
tabaklaryň döwlenini, aýallaryň gyk-bagyny eşitdi.
― Ýeri, indi men seni näme etsemkäm? ― diýip, garakçy hojaýyn sorady.
Garawulyň reňki öçüp, gözi tegelendi.
Gowy daralan saçlary ýüpek ýalyn bilen örtülen ýaly boldy. Frak hem gaýyş kemer
ýitip, kemerde pistoletiň sapy göründi. Garawul özüni gäminiň bogaldagyndan asylgy
halda gördi. Ol sallanyp duran dilini, egnine gaçan dem-düýtsüz kellesini anyk
saýgardy, hatda gäminiň bortundan aňyrda tolkunlaryň-da sesini eşitdi. Garawulyň
dyzlary sandyrady. Ýöne indi deňiz garakçysynyň oňa rehimi inip, gözlerindäki gahar
oduny öçürdi.
― Bilip goý, Nikolaý! Bu soňky gezek bagyşlaýyşym. Beýle işigaçasy
restoranymyza mugtuna hem gerek däl. Sen ybadathana baryp, garawulluga dur. ―
Şu ykaratdan soň, ol komandir tiz we anyk buýruk berip başlady: ― Bufetden
Panteleýi çagyr. Milisionere habar etsin. Protokol ýazyň. Maşyn çagyrdyň.
Psihiatriýa şypahanasyna ugradyň. Soň: ― Çal jürlewügiňi! ― diýip sözüne goşdy.
Çärýek sagatdan soň, restorandaky aňkasy aşanlar, bulwardakylar, jaýlaryň
penjiresinden restoran tarapa seredýänler Panteleýiň, işigagasynyň, milisioneriň
ofisiantyň hem-de şahyr Rýuhiniň Griboýedow derwezesinden edil çaga ýaly
gundalan bir ýaş ýigidi göterip çykyp barýanlaryny görüp, aňk-taňk bolup galdylar:
gundalan ýigit gözýaş edýärdi, Rýuhine laýyklap tüýkürýärdi we gözýaşyna boglup,
gygyrdy:
― Deýýus!
Ýük maşynynyň gaharjaň görnüşli sürüjisi motory işledip başlady.
Maşynyň ýanynda duran bezegli paýtunyň sürüçisi uçar atynyň ýagyrnysyna urup,
ony howlukdyryp: ― Ine, ýyndam at! Jynlyhana biz özümiz alyp bararys! ― diýip
gygyrýardy.
Töwerekde görlüp-eşidilmedik hadysa hakynda märeke gulgula turuzýardy. Mahlasy,
bu ýigrenji, erbet, was-wasa salan, gabahat galmagal ýük maşyny şormaňlaý Iwan
48
Nikolaýewiçi, milisioneri, Panteleýi we Pýuhini Griboýedow derwezesinden uzaga
alyp gidenden soň köşeşdi.
VI bap
ŞIZOFRENIÝA DIÝENLERI DOGRY ÇYKDY
Moskwanyň eteginde, derýanyň boýunda soňky wagtlarda gurpup, ady ile meşhur
bolan däliler şypahananyň kabulhanasyna ak halatly, çokga sakgal adam gelip
girende, wagt gije ikiň ýarydy. Üç sany sanitar diwanda oturan Iwan Nikolaýewiçden
göz aýyrman, sak durdular. Gaty tolgunan şahyr Rýuhin hem şu ýerdedi. Iwan
Nikolaýewiçiň el-aýagy daňlyp getirilen süpürgiçler hem şol diwanda bir top bolup
ýatyrdy. Rýuhin giren adamy gördi-de, reňki agaryp, üsgüren boldy-da, gorkuly
sözledi:
― Salam, doktor.
Doktor Rýuhine baş egip jogap gaýtardy, emma baş egip, oňa däl-de, Iwan
Nikolaýewiçe seretdi.
Ol ýowuz ýüzi bilen gaşlaryny çytyp, gymyldaman otyrdy, hatda lukman girende-de,
oňa seretmedi.
Rýuhin Iwan Nikolaýewiçe gorkuly göz aýlap, näme üçindir pyşyrdap gepledi:
― Ine, doktor, bu kişi ― tanymal şahyr Iwan Bezdomnyý... görýäňizmi?.. Içgi
zerarly, ruhy näsaglyga ýolukdymyka diýip gorkup otyrys...
― Köp içýärmidi? ― diýip, doktor dişiniň arasyndan syzdyryp sorady.
― Ýok, içýärdi, emma beýle köp içenokdy...
― Saçakçy, alaka, şeýtan ýa-da itleri tutmak bilen meşgullanýarmydy?
― Ýok ― diýip, tisginip jogap berdi Rýuhin, men ony düýn agşam, şu gün irdenem
gördüm. Ol bütinleý sagatdy...
— Nämüçin içki balakda? Ýatan ýerinden alyp gaýtdyňyzmy?
― Ol restorana şu ýagdaýda geldi, doktor.
― Ähm, ähm ― diýdi doktor kanagat hasyl edip, ― nämüçin ýüzi sypjyrylypdyr?
Biri bilen uruşdymy?
― Diwardan ýykylypdyr, soň restoranda bir adamy urdy... ýene käbir adamlary...
― Hawa, düşnükli, düşnükli ― diýdi doktor, soň Iwan tarapa öwrülip, ― Salam, ―
diýdi.
― Salam, zelelkeş! ― diýdi ― Iwan gahar bilen batly gepläp.
Rýuhin hyjalat çeklenden ýaňa mylakatly doktora başyny göterip seretmäge hem het
edip bilmedi. Emma doktor asla gaharlanmady, çakganlyk bilen äýnegini gözünden
aýyrdy-da haladynyň etegini göterip, jalbarynyň arka jübüsine saldy, soň Iwana sorag
berdi:
― Ýaşyňyz näçedir?
― Baryň-a, jyn ursyn hemmäňizi! ― diýip, Iwan gaharlandy we ýüzüni ters öwürdi,
― Näme üçin gaharyňy getirýärsiň? Saňa gahar getirýän gep diýmedigä-ä!
― Ýaşym ýigrimi üç diýip, — Iwan tolgunyp gepläp başlady: ― Hemmäňiziň
üstüňizden arz ederin. Has beterem seň üstüňden, çüýrük! ― diýip, ol Rýuhine
özbaşdak ýüzlendi.
49
― Ýeri, siz näme diýip şikaýat etmekçisiňiz?
― Meni, bütinleý sag adamy tutup, dälihana zorluk bilen süýräp getirenleri üçin! ―
diýip, Iwan gazaply gepledi.
Şonda Rýuhin Iwanyň ýüzüne dikanlap, seretdi-de, ýüregi höök etdi; çünki onuň
gözlerinde dälilik nyşany asla ýokdy. Griboýedowda bulançak görnen gözleri, indi
ýene owalky halyna gaýdyp, parlap durdy.
«Ýa, toba! ― diýip köňlünden geçirdi howsala düşen Rýuhin, ol bütinleý sag ahyry!
Bu nähili bimanylyk? Ony nämüçin bu ýere getirdik? Diňe ýüzi sypjyrylan
diýäýmeseň, ol örän sag, örän sag, bolany...»
― Siz ― diýip, arkaýyn gep başlady wraç aýagy ýaldyrawuk ak oturgyja oturan
ýerinde, dälihanada däl, şypahanada, bu ýerde sizi eger zeruryýet bolmasa, hiç kim
saklap durmaz.
Iwan Nikolaýewiç oňa şübhe bilen gyýa seretdi-de, hüňürdedi: ― emma şonda-da
hoňňuldap diýdi:
― Hudaýa şükür! Şunça tentekleň içinden ahyry bir düzüw adam tapyldy. Tentekleň
içinde birinji pähimsiz we körzehini Saşka!
— Kim ol körzehin Saşka? ― diýip, lukman sorady.
Ine, şu Rýuhin! ― diýip, Iwan hapa barmagyny Rýuhine dürtdi.
Ol gazapdan ýaňa ot alan ýaly boldy.
«Minnetdar bolmaga derek ― diýip ol ökünç bilen oýlandy ― ýagşylyga ýamanlyk
diýip şuňa aýdarlar. Tüýs deýýus eken!»
Iwan Nikolaýewiç şu tüýsde Rýuhiniň asly-neslini yzlap, paş etmekçi bolan şekilli:
― Ol tebigaty boýunça hakyky kulak ― diýdi. — Özem proletar nikabyny ýüzüne
örten kulak. Siz onuň betgelşik ýüzüne serediň-de, ýazan şygyrlary bilen deňeşdirip
görüň! «Parlaň!» «Pajarlaň! He-he-he... Siz onuň kalbyna nazar salyň ― nämeleri
hyýal edýänligini bilersiňiz... geň galarsyňyz! ― diýdi-de, Iwan Nikolaýewiç
ýigrençli güldi.
Çog dek gyzaran Rýuhin agyr dem alyp: «Dost diýip bagryma basanym ýylan bolup
çykdy, men ganym duşmanyma gamhorluk eden ekenim» diýip oýlandy. Ýene bir
çatak tarapy: etjek alajyň ýok, ruhy näsag bilen sögüşip boljakmy?!
— Sizi nämüçin bu ýere alyp geldiler? ― diýip, Bezdomnynyň paş edýän gepini üns
bilen diňläp bolansoň, lukman sorady.
— Arwah alsyn bu saňsarlary! Tutup, her hili jyn ursun letdeler bilen el-aýagymy
daňdylar-da, ýük maşynyna ýükläp gaýtdylar.
― Ýene bir sowal: nämüçin restorana içki geýimde bardyň?
― Munuň geň galasy zady ýok ― diýip, Iwan jogap berdi. ― Moskwa derýasyna
suwa düşmäge barypdym, geýimlerimi ogurlap, deregine şu egnimdäkileri taşlap
gidipdirler. Eýsem, Mokswanyň köçelerinden gyp-ýalaňaç geçip bolarmy? Baryna
şükür diýip geýdim, çünki restorana howlugýardym, Griboýedowa.
Wraç, düşünmedim diýýän ýaly, Rýuhine seretdi, ol gaharly hüňürdäp: ―
Restoranyň ady şeýle ― diýip takyklady.
― Ähä, ― diýdi wraç, ― nirä howlugdyň? Bir iş boýunça duşuşygyňyz barmydy?
― Konsultanty tutjak bolup gözläp ýörün ― diýip, Iwan Nikolaýewiç howatyrly
gözlerini tegelekläp jogap berdi.
50
― Nähili konsultanty?
― Siz Berliozy bilýäňizmi? ― diýip, Iwan manyly äheňde sorady.
― Hä, ol kompozitorymy?
Iwanyň taby tyrryk boldy.
― Kompozitor nämişlesin? Ä, hawa, ýok! ýok! Kompozitor Mişa Berlioz bilen
familiýadaş!
Rýuhiniň geplemäge höwesi ýokdy, emma düşündiriş bermeli boldy.
― MACCOLITiň sekretary Berliozy şu gün agşam Patriarh kölçesiniň golaýynda
trambaý basdy.
― Bilmeýän zadyňy gepleme! ― diýdi Iwan Rýuhine gaharlanyp, ― sen däl, men
muňa şaýat! Ol Mişany tramwaýa ýöriteläp gapma-garşy kyldy!
― Itekledimi?
― Nämüçin ol ony «iteklemelimiş?» diýip, adamlaryň biparhlylygyna gahary gelen,
Iwan dowam etdi. ― Onuň üçin iteklemegiň zerurlygy ýok! Onuň elinden şeýlebir
hileler gelýär ki, seresap bolmasaň, halyň harap! Ol Berliozyň tramwaýyň aşagyna
düşjegini öňünden aýtdy.
― Sizden başga ýeke biri gördümi şol konsultanty?
― Hemme bela hem şonda-da, men bilen Berliozdan başga ony gören-bilen ýok. ―
Şeýle... ýeri bolýa, şol jenaýatçyny ele salmak üçin nähili çäreleri gördüňiz? ― diýip,
wraç bir çetde, stolyň ýanynda oturan, ak halat geýen aýala tarap öwrüldi. Aýal bir
petde kagyz alyp, onuň baş öýjüklerini ýazgy bilen dolduryp başlady.
― Men gören çärämmi? Aşhanadan şem alyp...
― Ine, şunymy? ― diýip sorady wraç, aýalyň öňünde stolda kagyz ikona bilen
ýanma-ýan ýatan, maýyşgak şem bölegini görkezip,
― Hawa, şuny, soň...
― Ikona nämä gerek boldy?
― Hawa, ikona... Iwan gyzaryldy we dowam etdi, ― bar zatdan beter şu ikona ony
gorkuzardy, ― Iwan barmagy bilen Rýuhine yşarat etdi. ― Gep şunda ki, şol
konsultant, dogrusyny aýtsak, jynlar bilen dilleşilgi, ony aňsatlyk bilen ele alyp
bolmaz.
Sanitarlar nämüçin Iwandan gözlerini aýyrman, ellerini gapdallaryna tutup taýýar
durdular.
― Hut şeýle, ― diýip, gepini dowam etdi Iwan, jynlar bilen dilleşilgiň bu faktyny
asla inkär edip bolmaz. Ol Pontiý Pilat bilen ýekme-ýek sözleşipdir. E, maňa beýle
geň galyp seretmäň! Gepim çyn! Bar zady öz gözi bilen görüpdir ― balkony hem,
palmalary hem. Gepiň gysgasy, onuň Pontiý Pilatyň huzurynda bolandygyna men
kepildirin.
― Ýeri, ýeri...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 06
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.