Latin

Ussat we Margarita - 09

Total number of words is 3779
Total number of unique words is 2089
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýýärdi trubka. ― Size üstünlükler! Guwanç, bagt-sagadat dileýärin. Salamat boluň!
― Bolany!
— Aýdypdym-a! ― diýip gygyrdy iş dolandyryjy tolgunyp, ― hiç hili Ýalta-palta
ýok: şäheriň çetine seýle gidipdir!
― Eger şu rast bolsa, ― diýdi gazapdan reňki ak esgi ýaly agaran maliýe direktory,
― beýle doňuzlygy näme diýip atlandyrjagymy hem bilemok!
Şu wagt iş dolandyryjy böküp turup, şeýle çasly gygyrdy welin, Rimskiý sarsyp gitdi:
― Boldy! Ýadyma düşdi! Puşkinoda «Ýalta» diýen somsahana açylypdy! Hemmesi
düşnükli! Ol ana, şoňa barandyr, lül bolubam, indi telegramma iberip ýatyr!
― Bu gaty öte geçmek bolýar ― diýdi Rimskiý, gahardan ýaňa ýaňagy tirpildäp,
gözlerinde ot ýanyp, ― häli howlukmasyn, bu seýil oňa juda gymmada düşer ―
şeýle diýip, ol birden sägindi we dowam etdi: ― Weý, onda jenaýat agtaryş näme?...
― Bu toslama! Onuň adaty oýunjagazy ― diýip, onuň sözüni böldi iş dolandyryjy
we sorady:
80
― Paketi eltip beribereýinmi?
― Elbetde ― diýdi Rimskiý.
Şu wagt işik açylyp, ýene öňki aýal girdi... «Şol!» ― diýip gyssagly oýlandy
Rimskiý. Ikisi-de poçtaçy aýala ýüzbe-ýüz durdy.
Bu gezek telegrammada şeýle sözler bardy: «Tassyklanyňyz üçin sag boluň. Jenaýat
agtaryş bölümine meniň üçin gyssagly bäş ýüz iberiň, ertir Moskwa uçaryn.
Lihodeýew».
― Däliräpdir... ― diýip, Warenuha pessaý sözledi.
Rimskiý bolsa açarlaryny şarkyldadyp, demir kassanyň agzyny açdy-da, ondan bäş
ýüz manat sanap alyp, jaň edip, hyzmatçyny çagyrdy, puly onuň eline tutduryp,
telegrafa iberdi.
― Akyl-huşuň ýerindemi, Grigoriý Danilowiç? ― diýdi Warenuha öz gözlerine
ynanman, ― meniňçe, pul iberip nädogry edýärsiň.
― Nädogry bolsa, gaýdyp geler, ― diýdi Rimskiý ýuwaşja, ― emma bu keýp-sapa
üçin ol entek gowuja temmi alar, ― soň Warenuhanyň portfeline yşarat edip, dowam
etdi. ― Sen ötägit, Iwan Sawelýewiç, wagt ýitirme:
Warenuha eline portfelini alyp, kabinetden atylyp çykdy.
Ol aşaky gata düşüp, kassanyň öňünde uzyn hatara düzlen, nobatda duran adamlary
gördi, kassir aýaldan ýakyn bir sagadyň içinde birem bilet galmajagyny, çünki
goşmaça bildirişi okan adamlaryň topar-topar bolup gelýändiklerini eşitdi-de, kassir
aýala ložadan we parterden iň gowy otuz ýeri satman goýmagy buýurdy, soň dazlap
çykyp, kontramarka sorap ýürege düşýänleriň gözüne güýdüşip, papagyny almana öz
kabinetine ugrady. Kabinete giren badyna telefon jyrlap başlady.
― Diňleýän! ― diýdi gygyryp Warenuha.
― Iwan Sawelýewiçmi? ― diýip sorady telefonda diýseň gödek, ýakymsyz sesli bir
adam.
― Häzir ol teatrda ýok! ― diýip, Warenuha gygyrjak boldy ýöne telefondaky ses
onuň sözüni böldi:
― Aldawaçlygy goýuň, Iwan Sawelýewiç, diňläň. Telegrammalary hiç ýere
äkitmäňem, hiç kese görkezmäňem.
― Kim bu gepleýän! ― diýip, gygyrdy Warenuha, ― oýny bes ediň, graždanin!
Häziriň özünde kimdigiňizi anyklarys! Nomeriňiz?
― Warenuha ― diýdi, ýene şol ýakymsyz ses, ― sen rus diline düşünýäňmi?
Telegrammalary hiç ýere äkitme.
― Äl, nähili ekeniňiz? ― diýip, gaharly gygyrdy iş dolandyryjy, — duruň bakaly!
Bu kylmyşyňyz üçin temmiňizi bererler, ― ol ýene bir zatlar diýip hemle urdy-da,
birden sem boldy, çünki trubkada ony indi hiç kes diňlemeýärdi.
Şu çak, bu kiçijik kabinet birden garaňkyrap başlady. Warenuha kabinetden atylyp
çykyp, işigi ýapdy-da, ýan tarapdaky sokakdan ýazky baga tarap ylgady. Iş
dolandyryjy tolgunýardy we güýç-gaýrata beslenipdi. Çünki ol, ýaňky jaň eden
tüpbozanlaryň bir ýerliksiz hile bilen bir işler etjekdiklerine, olaryň bolsa
Lihodeýewiň gaýyp bolmagy bilen baglydygyna şübhelenmedi. Şol sebäpli, ýowuz
niýetli bu adamlary paş etmek islegi iş dolandyryjyny dynç goýmaýardy, iň gyzykly
tarapy, ol birhili ýakymly wakanyň sadyr boljagyny öňünden duýup başlapdy. Beýle
81
duýgy adatça, bir ýere dab-dabaly habar ýetirip, tutuş jemgyýetiň üns-ygtybaryna eýe
bolmaga ymtylýan wagtyňda ýüze çykýar.
Bagda birden güýçli şemal öwsüp, iş dolandyryjyny ýolundan saklamakçy bolýan
ýaly, ony habardar etmekçi bolýan ýaly, gözlerine gum sepdi. Ikinji gatda bir
penjiräniň aýnasy döwüläýjek bolup, jarkyldap ýapyldy, zereň we lipa agaçlarynyň
çür depesi howsalaly şuwwuldady. Iňrik garalyp, biraz salkyn aralaşdy. Iş
dolandyryjy gözlerini owlakap, gök gübürdisinden habar berýän etegi sary bulutlaryň
Moskwa asmanynda aşaklap ýüzýändigini gördi.
Warenuha hernäçe howluksa-da, ýazky hajathana montýoryň elektrik çyrasyna
simden tor geýdiren ýa geýdirmedigini barlamak isleginden waz geçip bilmedi.
Ol tiriň golaýyndan ylgap geçip, gür siren agajynyň aşagyna girdi, gögümtil reňke
boýalan hajathana şol taýda ýerleşýärdi. Montýor işine jür adam eken, erkekler
bölüminde, petikdäki çyra sim tor aýlanypdyr, emma iş dolandyryjyny başga bir zat
biynjalyk etdi: gök gübürdemeden öň bolan garaňkylanma garamazdan, hajathananyň
diwarlaryna kömürdir galam bilen ýazylan her hili sözleri arkaýyn okap bolýardy.
― Be-e, bu näme boldugy... ― diýip, iş dolandyryjy gep başlajak boldy welin,
birdenkä arkasyndan biriniň myrryldyly owazy eşidildi:
― Sizmi bu, Iwan Sawelýewiç?
Warenuha tisginip, yzyna öwrülip, ýüzi pişigiňkä meňzeş togalak adamy gördi.
― Hawa, men, ýeri, näme? ― diýip, parhsyz jogap berdi Warenuha.
― Örän, örän diýseň hoşaldyryn, ― diýdi pişiksypat togalak adam mawlaýan ýaly,
soň birden gulaç ýaýyp onuň gulak-çekgesine şeýlebir doňdurdy welin, iş
dolandyryjynyň başyndan papagy uçup, oturgyjyň arasynda gaýyp boldy. Togalak
adamyň urgusyndan bütün hajathana bir demde ýagtylanyp, asmandaky gümmürdi
hem oňa ýaran boldy. Soň ýene bir gezek ýyldyrym çakdy we iş dolandyryjynyň
garşysynda saçlary göýä alaw ýaly çypar, bir gözi gülli, agzyndan azy dişi çykyp
duran, pälwansypat, eginlek emma özi keltejik ýene bir alamat peýda boldy. Ine, şu
ikinji alamat, megerem, çeppekeý bolmaga çemeli, iş dolandyryjynyň beýleki
çekgesine-de gönderdi. Bu urga goşulyp, ýene gök gümmürdedi, hajathananyň agaç
üçegine şatyr-şatyr çagba guýup başlady.
― Edýäniňiz näme, dost... ― diýip pyşyrdady aňy ýiten iş dolandyryjy, emma şu
demde, jemagat hajathanasynda bigünä adama hüjüm eden bonditlere «dostlar»
diýmegiň dogry däldigine düşünip, hyrryldady! ― graždan... emma olaryň bu ada
hem mynasyp däldiklerini pähimledi, edil şu wagt olaryň haýsy-da bolsa biriniň
üçünji elhenç urgusyna tap getirmän, burnundan lahta-lahta akan gan köýnegini
boýady.
― Portfeliňde näme bar, muthor? ― diýip käýindi pişiksypat adam, ―
telegrammalarmy? Olary hiç ýere äkitme diýip telefonda saňa duýdurmadylarmy?
Duýdurdylarmy diýip soraýan senden!
― Duýdur... duýduryp... dylar... ― diýip sandyraý-sandyraý jogap berdi iş
dolandyryjy.
― Şuňa seretmezden ylgap, ýola çykypsyňda? Ber bärik portfeli, mahluk! ― diýip,
hälki telefonda eşidilen bulaşyk owaz bilen gygyrdy ikinji mahluk we Warenuhanyň
sandyraýan ellerinden portfelini çekip aldy.
82
Soňra iki bolup iş dolandyryjynyň goltugyna girip, goltuklap ony bagdan süýräp
çykardylar-da, Sadowaýa köçesini boýlap, dazyrdap alyp gitdiler. Gök gümmürdisi
gitdigiçe güýjäp, gümmürdeýärdi, derýa ýaly akýan ýagyş suwy kanalizasiýa
salmalaryna güwläp, şowlap girýärdi, hemme tarapda suwuň üstünde, «börek
gaýnaýardy», tolkunlar peýda bolýardy, jaýlara ýagýan ýagmyr suwy urbalara
sygman, olaryň gapdalyndan şarlap akyp düşýärdi, derwezeleriň aşagyndan
köpürjiklenen ýagyş suwy sil dek akyp çykýardy. Sadowaýa köçesinde birem diri
jandar galmandy, şunlukda, Iwan Sawelýewiçi hiç kim halas edip bilmejekdi.
Ýyldyrym çakanda diňe lyp-lyp göze ilýän garakçylar laýly suw akymlaryndan
ädimläp çalajan iş dolandyryjyny bir demde 302-bis öýüne getirdiler-de, girelgä
süsdürildiler. Bu ýerde iki sany aýakýalaňaç aýal köwüşlerini we joraplaryny ellerine
alyp, diwara gysylyp durdular. Soňra banditler altynjy girelgäniň işigine tarap
ylgadylar. Huşundan giden Warenuha bäşinji gata alynyp çykylyp, Stýopa
Lihodeýewiň oňa ýagşy tanyş bolan kwartirasynyň ýarymgaraňky girelgesine
oklandy.
Bu ýerde iki basmaçy gaýyp bolup, olaryň ýerinde melesaç, gözleri fosfor dek
ýalpyldaýan çyp-ýalaňaç bir gyz peýda boldy.
Warenuha başyna düşen alamatlaryň iň aýylganjynyň şudugyny pähimledi, gaty
yňrandy-da, diwara tarap çekildi. Gyz bolsa iş dolandyryjynyň alnyna ýüzme-ýüz
gelip, iki elini onuň egnine taşlady. Warenuhanyň saçlary gorkusyndan ýaňa syh-syh
boldy, çünki ol ýagyşa ezilen sowuk köýnegi arkaly hem gyzyň buz kibi sowuk
aýalaryny duýdy.
― Gel, seni bir ogşaýyn, ― mylaýym owaz bilen diýdi gyz, ýanyp duran gözleri
Warenuhanyň gözlerine galtaşdy. Şonda Warenuha huşundan gidip, gyzyň posasyny
duýmady.
XI bap
IKI IWAN
Derýanyň aňry kenarynda, mundan bir sagat öň maý güneşiniň şuglasyna gark bolup
duran gür tokaý ýuwaş-ýuwaşdan garalyp, ahyry gaýyp boldy. Penjiräniň aňyrsyndan
şarlap guýýan ýagyş aýnalara perde çekdi. Asmanda dembe-dem alaw ýüpleri parlap,
asman tars-tars ýarylýardy, hassanyň ýatan otagy zol-zol ýagtylyp, gorkuly şugla
gaplanýardy.
Iwan köpürjükläp, gaýnap akýan bulançak derýa seredip, öz krowatynda sessiz aglap
otyrdy. Her gezek gök gümmürdän-de ol endişeli yňranyp, elleri bilen ýüzüni
ýapýardy. Onuň ýazyp taşlan kagyzlary ýerde pytrap ýatyrdy; gök gümmürdisinden
otaga şuwlap giren şemal olary her tarapa uçuryp goýberipdi.
Şahyryň aýylganç konsultant dogrusynda arza ýazmaga urunmalary hiç-hili netije
bermändi. Ol dolmuş feldşer aýaldan (onuň ady-familiýasy Praskowýa
Fýodorownady) kagyz bilen keltejik galam alan wagty, işeňňir adamlar ýaly,
aýalaryny biri-birine sürtüp, stoljagazyň başynda gyssagly oturypdy. Ol başda
ylhamy joşup, haty şeýle başlady:
83
«Milisiýa, MACCOLИT agzasy Iwan Nikolaýewiç Bezdomnydan. Arza. Düýn
agşamara men merhum M. A. Berloiz bilen Patriarh köçesine bardym...»
Emma şahyryň pikiri şobada esasan «merhum» diýen söz sebäpli bulaşdy. Arza
başdan tutaryksyz bolup çykýan ýalydy: bu nähili merhum bilen bardym? Merhumlar
ýöremeýär! Dogry-da, ýene däli hasaplarlar! Iwan Nikolaýewiç oýlanyp ýazanlaryny
düzedip başlady. Indi beýle bolup çykdy: «... soňrak aradan çykan M. A. Berlioz
bilen...» Bu hem awtory kanagatlandyrmady. Üçünji gezek täzeden ýazdy, emmma
üçünji owalky ikisindenem beter bolup çykdy: «... Tramwaý basyp giden Berlioz
bilen...» — ýene, munuň üstesine ol hiç kimsä belli bolmadyk atdaş familiýaly
kompozitoryň şahyr beýnisine ýapyşyp ýatmagy artykmaç, şonuň üçin: «...
kompozitordan başga Berlioz...» — diýip ýazmaly boldy. Iwan bu iki Berlioz bilen
başagaý bolup, bar ýazanlaryny çyzyp taşlady. Okajagyň ünsüni başdan özüne
çekmek üçin juda täsirli, güçli sözlerden başlajak boldy-da, tramwaýa münen pişik
hakynda ýazyp, şundan soň üzülen kelle epizodyna geçdi. Üzülen baş we
konsultantyň öňden görüjiligi onuň beýnisinde Pontiý Pilat hakyndaky pikirleri
oýardy, şonda Iwan has-da ynançlyrak bolmagy üçin prokurator hakynda eşidenlerini,
onuň Iroduň köşgüne gan reňk jähekli ak plaş bilen Iroduň köşgüniň eýwanyna çykan
ýerinden başlamagy makul bildi.
Iwan erjellik bilen işläp, ýazanlaryny çyzyp, täze sözler girizip, hatda Pontiý Pilatyň,
ondan soň yzky aýaklarynda duran pişigiň suratyny hem çekmäge çalşyp gördi.
Emma suratlar hem ýardam bermedi — şahyryň arzasy gitdigiçe çylşyrymlaşyp, baş
alyp çykar ýaly bolmady. Oňa çenli bolsa dünýäni jünbüşe salýan bulutlar gelip, gür
tokaýyň üstüni büräp, güýçli şemal turan wagty, Iwan özüniň ysgyndan gaçanyny,
arza ýazmagy başaryp bilmejegini duýdy-da, şemalyň uçuran kagyzlaryny poldan
ýygnaşdyrman, eşidiler-eşidilmez, sessiz aglap başlady.
Gök gümmürdisi wagty ak göwünli feldşer aýal Praskowýa Fýodorowna şahyrdan
habar almaga geldi, jaýa girdi-de, onuň aglap oturanyny görüp, gorkdy we näsag
ýyldyrymdan gorkmasyn diýip, penjiräniň perdesini ýapdy, ýerde seçilip ýatan
kagyzlaryny ýygnaşdyryp, göni wrajyň ýanyna ylgady. Wraç gelip, Iwanyň eline
sanjym etdi, soň: indi aglamarsyň, häzir hemmesi geçip gider, üýtgär, unudylar diýip,
oňa teskin berdi.
Wraç dogry aýdan eken. Hä diýmän derýanyň aňyrsyndaky tokaý başky görnüşe
girdi. Owalky gözel halyna gaýdan dury asmanyň aşagynda tokaýdaky her bir daragt
anyk göze ilip başlady, derýa-da rahatlandy. Sanjymdan soň, gussa hem şahyry terk
edip, indi ol öz krowatynda asmandaky älemgoşary arkaýyn synlap ýatyrdy.
Bu ýagdaý agşama çenli dowam etd, ol älemgoşaryň assa-ýuwaş gaýyp bolanyny
hem, asmanyň tüýsi öçüp, gamgyn bolanyny hem, tokaýyň gara tüýse girenini hem
duýman galdy. Iwan gaýnag süýt içip, ýerine geçdi, pikirleriniň üýtgäp başlanyny
duýup, özi hem geň galdy. Lagnaty pişik hakyndaky pikiri mylaýymlaşdy, üzülen
kelle ony indi gorkuzanokdy, şoňa görä, Iwan ony hatyrasyndan çykardy, indi,
dogrusyny aýtsam, bu şypahanada ýatmak ýamanam däl, Strawinskiý dana we
meşhur adam, onuň bilen mylakatly bolmak örän ýakymly. Agşamyň sergin howasy
bolsa, gök gümmürdisinden soň arassa hem şypaly — diýip oýlandy. Hasrat öýi
ýumruldy. Asuda koridorlardaky saralan ak lampalar öçüp, olaryň ýerine, kada görä,
84
gögümtil agşam çyralary ýandy, gapylaryň aňyrsyndaky ýörelgelere düşelen rezin
düşegiň üstünde ýuwaş ýöräp ýören feldşer aýallaryň aýak sesleri bardyksaýyn
kemräk eşidilip başlady.
Indi Iwan rahat pinekläp ýatyşyny, kä petikdäki abažuryň aşagyndan mylaýym şugla
saçýan çyra, kä gara tokaýyň aňyrsyndan çykyp gelýän Aýa nazar aýlap, öz-özi bilen
söhbetleşýärdi.
— Ýeri, nämüçin men Berliozy tramwaý basany zerarly beýle tolgundym? — diýip
pikir ýöredýärdi şahyr. — Ahyr netijede başaşak gitsin-le! Näme ol meniň iki dogup,
bir galanymmydy? Eger bu meselä çuňurak seretsek, men merhumy beýle bir içgin
tanamogam-a. Ýeri, men ol hakda näme bilýärin? Hiç zat, bar bilýänim, ol takyr kelle
öte dilewar. Şeýle hem — graždnlar — diýip, ondan soň — Iwan kimleredir
ýüzlenip, gepini dowm etdirdi, — geliň, bir zady aýdyňlaşdyryp göreliň, hany maňa
düşündirip beriň, men näme sebäpden bir gözi boş, beýlekisi gara, şübheli
konsultanta, jadygöý professora jynly ýaly topuldymkam? Elime şem alyp, içki
balakda onuň yzyndan kowalamagymyň, soň, restoranda görkeden akmaklygymyň
nämä geregi bardy?
— Aý, ýok, ýok, — diýdi owalky Iwan şahyryň öz içinde öz başynda duran täze
Iwana kesgitlilik bilen, — her nähili bolsa-da, professor Berliozyň kellesiniň
üzüljegini öňünden anyk aýtdymy? Diýmek, nämüçin tolgunmaly däl?
— Mesele başga ýerde, dostlar! — diýip, nägilelik bildirdi täze Iwan ozalky Iwana,
— munyň aşagynda nähilidir bir syr barlygy ýaş çaga-da aýan. Şol konsultant ýüz
göterim gizlin we syrly şahs. Emma iň gyzyk tarapy hem şunda-da! Onuň Pontiý
Pilat bilen şahsy tanyşlygy bar eken, ýeri, mundan beter nähili täsinlik bolsun?
Patriarh kölçesiniň boýunda tüýs akmak ýaly galmagal turuzandan, ondan
mylaýymlyk bilen Pilat we jenaýatçy Ha-Nosri barada doly gürrüň bermegini haýyş
eden bolsam, dogry bolmazmydy? Men bolsam başyma ýok galmagaly satyn alyp
ýörün! Dogry, žurnalyň redaktoryny tramwaýyň basyp gitmegi möhüm hadysa,
elbetde! Emma, näme, indi žurnal ýapylyp galjakmy? Heý, çärämiz barmy, adamyň
başy ölümli, hatda duýdansyz hem ölmegi mümkin diýip, juda dogry aýdylypdyr.
Goý, jaýy jennet bolsun! Ýene ýerine başga bir redaktor saýlarlar, belkem, mundan
hem dilewarrak bolar.
Täze Iwan bir azajyk irkilip, köne Iwandan sorady:
— Ýeri, bu wakada men kim boldum?
— Akmak! — diýdi, niredendir bir ýerden anyk ýaňlanan owaz. Emma bu ne täze, ne
owalky Iwanyň owazydy, belki konsultantyň ýogyn sesine örän meňzeşdi. Emma
Iwan «akmak» diýen söze, nämüçindir hapa bolmady, gaýta hüşgär geňgalma bilen
ýylgyrdy-da, gözi ýumlup, köşeşdi. Iwanyň uka gideni hem şoldy, göz öňünde pil
aýakly palma daragty göründi, golaýyndan pişik geçip gitdi — ol indi gorkunç däldi,
şatlykly görünýärdi. Mahlasy, Iwany uky doly basmarlap başlanda, birden eýwanyň
gözenegi süýşürildi we balkonda özüni Aý şuglasyndan penalaýan syrly bir şahs
peýda boldy, ol Iwana barmagy bilen yşarat etdi. Iwan asla gorkman, krowatyndan
galdy-da, balkonda bir erkek kişiniň duranyny gördi. Ol adam barmagyny dodagyna
degrip: — Tss! — diýip pyşyrdady.
85
XII bap
GARA JADYGÖÝLIK WE ONUŇ PAŞ EDILIŞI.
Başyna sary reňkli deşik kotelok — şlýapa, aýagyna gözenek jalbar, paşmagyna
ýaldyrawuk köwüş geýen malina sypat burny gyp-gyzyl, kiçijik bir adam Warýetäniň
sahnasyna iki tekerli ýönekeý welosiped münüp çykdy. Ol fokstrot sazynyň aşagynda
sahnany bir mertebe aýlanyp, ýeňişli seda bilen gygyrdy welin, welosiped yzky
tigrinde aýaga galdy. Kiçijik adam bir tigirde bir azyrak sahnada aýlanyp, aýagyny
asmana göterip, welosipedi eli bilen sürüp, soňam onuň öň tekerini aýryp, perdäniň
arkasyna tigirläp goýberdi, soň welosipediň çarhyny eli bilen aýlap bir tekerde
ýöremegi dowam etdi. Şundan soň egni trikogy we hemme ýerine kümüş
ýyldyzjagazlar ýapyşdyrylan ýubka geýen, dolmuş, sary saçly bir aýal bir tekerli juda
belent welosiped münüp çykyp, ol hem sahnada aýlanyp (öwrülip) başlady. Kiçijik
adam bu aýal bilen garpma-garşy gelende, başyndaky kotelok — şlýapasyny aýagy
bilen çykaryp, gygyryp salamlaşýardy. Ahyry sekiz ýaşlaryndaky ýüzi garrysypat bir
oglanjyk awtomobiliň ullakan gudogy asylan goşa tekerli kiçijik welosipedli çykyp,
ulularyň aýagynyň aşagynda çolaşyp, hyzlap ýöräp başlady. Bu üç artist sahnada
birnäçe mertebe pyr-pyr aýlanandan soň, orkestrdäki depregiň gorkunç sesiniň
astynda ylgap, sahnanyň gyrasyna geldi, birinji hatarda oturan tomaşaçylar «wah»
diýip, oturan ýerlerinde arkan gaýyşdylar, çünki adamlara bu üç artist ulaglary bilen
bile orkestriň çukuryna ýykyljak ýaly duýuldy.
Emma artistler welosipedleriniň öňki we tekerleri sazandalaryň üstüne ýykyljak çagy
sakga durdylar. Welosipedçiler «hop!» diýip gyýgyrşyp, ýere böküp düşdüler, aýny
wagtda sary saç aýal tomaşaçylara howaýy posa iberdi, oglanjyk bolsa gudogyny
düýdüldedip, gülkili signal berdi.
Dowamly el çarpyşma binany lerzana getirdi, mawy perde sahnanyň iki tarapyndan
biri-birine ýakynlaşyp gelip, welosipedçileri gözden ýaşyrdy, işikleriň depesindäki
«çykalga» diýip ýazylan ýaşyl çyralar söndi, gümmez aşagyndaky ap-ak şar sypat
çyralar möý kerebini ýatladýan gimnastika ýüpleriniň aralygynda lowurdap ýandy. Iň
soňky bölüminiň öňündäki arakesme başlapdy. Welosipedçi Žullileriň maşgalasynyň
ýerine ýetiren täsin oýunlaryna gyzykmadyk ýeke-täk adam Grigoriý Danilowiç
Rimskiý boldy. Ol ýalňyz özi ýuka dodaklaryny dişläp, kabinetinde oturşyna, ýüzi
gahardan ýaňa çytylýardy. Lihodeýewiň düşnüksiz ýagdaýda ýitirim bolany az ýaly,
indi iş dolandyryjy Warenuhanyň gaýyp bolmagy hem üstesine.
Rimskiý onuň nirä gidenini bilýärdi, emma ol giden ýerinden yzyna dolanyp
gelmedi! Rimskiý egnini gysyp, öz ýanyndan — Ýeri, ne bela boldy diýip pyşyrdady.
Maliýe direktory ýaly iş bilermen adam üçin Warenuhanyň giden ýerine jaň edip, oňa
näme bolanyny sorap bilmekden aňsat iş bolmasa hem, geň galaýmaly, ol tä agşam
sagat ona çenli özüni bu zada mejbur edip bilmedi. Sagat onda Rimskiý özüni mejbur
edip, ahyry telefon trubkasyny gulagyna tutdy, tutdy-da, telefonyň sem bolup
galanyny bildi. Kurýer binadaky başga telefonlaryň hem işlemeýädigini habar etdi.
Bu elbetde, ýakaymsyz, emma gaty bir adatdan daşary, bolmadyk ýagdaý maliýe
direktoryny, birhili geň galdyrdy, şol birwagtyň özünde-de hoşal etdi:
86
Jaň etmek zerurlygy aradan aýryldy.
Arakesmäni habar beriji gyzyl çyra maliýe direktorynyň depesinde lyp-lyp edip
ýanyp ugranda, kurýer girip, daşary ýurtly artistiň gelenini habar berdi. Nämüçindir
maliýe direktory bu habara tisgindi we ýerinden galyp, ýüzünden gar ýagjak ýaly
alarylyp, gastrolýory garşy almak üçin perdäniň arkasyna ýol aldy, çünki ony garşy
almaga indi özünden başga adam galmandy.
Bir topar bilesigeliji adamlar: egnine zerli don geýip, selle oran gözbagçylar, dokama
ak kurtka geýen konki uçujylar ýüzüne pudra çalnan hekaýaçy we grimçiler
koridorda üýşüp durup, her hili bahana bilen ullakan grimhana jyklap seredýärdiler.
Egnine biçimi örän täsin, gaty uzyn frak geýip, ýüzüne gara nikap çeken meşhur artist
hemmäni geň galdyrdy. Emma jadygöýiň iki ýoldaşy has-da alamat bolup göründi.
Bular: egnine gözenek kemzol geýip, gözüne çüýşesi çat açan pensne dakan uzyn
adam bilen togalak semiz gara pişikdi — pişik grimhana yzky aýaklarynda ýöräp
girdi, barybam arkaýyn diwana geçip oturdy we gözlerini süzüp, grim stolunyň
ýanyndaky ýalaňaç çyralary synlap başlady. Rimskiý özüni ýylgyrmaga mejbur edip
(emma ajy ýylgyryşy ýalan we turşudy) diwanda, pişigiň ýanynda lal bolup oturan
jadygöý bilen elleşmän, tagzym edip salamlaşdy. Emma gözenek kemzolly ýuha:
«Men bularyň kömekçisidirin» diýip maliýe direktoryna özüni tanatdy. Bu ýagdaý
maliýe direktoryny ýene geňirgendirdi, çünki şertnamada kömekçi hakda hiç hili söz
ýokdy.
Grigoriý Danilowiç, edil tamdan taraşa düşen ýaly, birden peýda bolan gözenek
kemzolla mejbury ýüzlenip: — Apparatlaryňyz nirede? — diýip sorady.
— Eý, biziň asman almazymyz, hormatly jenap direktor — diýip, sandyrawuk ses
bilen jogap berdi. Jadygöýiň kömekçisi — biziň apparatlarymyz hemişe özümiz bilen
bile. Ine ol! Eýn, sweý, dreý! — Şeýle diýip, ol Rimskiýniň göz öňünde düwünli
barmaklaryny pyrlap durdy-da, birden onuň ilikleri ildirilen kemzollynyň içindäki
jübüsine salnyp, zynjyr bilen iligiň deşigine berkidilen altyn sagadyny zynjyry bilen
bile pişigiň gulagynyň arkasyndan aldy.
Rimskiý biygtyýar elini garnyna goýdy, bu mugjyzanyň şaýatlary aňk-taňk boldular,
işigiň arasyndan ogrynça garap duran grimçi bolsa hoşal bolup, gygyrdy.
— Siziň sagadyňyzmy? Merhemet ediň, alyň — edepsiz torşaryp diýdi, kömekçi we
özüni ýitiren Rimska onuň zadyny hapa aýasynda uzatdy.
— Beýle adam bilen tramwaýa münseň, jürüňi diker — diýip şadyýana heňde
pyşyrdady hekaýatçy grimçiniň gulagyna. Emma pişik sagat wakasyndan hem täsin
oýun görkezdi. Ol birden ýerinden turdy, yzky aýaklarynda ýöräp, üstüne aýna
ýerleşdirilen stoljagazyň öňüne bardy, öňki aýaklary bilen grafin gapagyny aýryp,
bulgura suw guýdy, suwy içip bolup, ýene gapagy ýapdy-da, grim esgisi bilen
murtuny süpürdi. Bu ýerdäkiler agyzlaryny açyp, dilleri zybana gelmän, doňup
galdylar, grimçi bolsa hoşal bolup pyşyrdady:
— Gör, ediberişini!
Şu çak jaň üçünji gezek howsalaly jyrlary, gyzykly nomerleri görmek höwesinde
bolan adamlar tolgunyp, grimhanadan çykyp başladylar.
Ýene bir salymdan soň tomaşa zalyndaky şarsypat çyralar söndi, sahnanyň öňündäki
çyralar ýanyp, perdäň etegine gyzylymtyl nur düşdi, şonda egnine könelen köýnek,
87
gyjymlanan frak geýen, sakgal-murty alnan, çaga ýaly şadyýan, dolmuş adam
perdäniň öňünde peýda boldy. Bu bütin Moskwa owazasy dolan alyp baryjy Jorž
Bengalskidi.
— Şeýlelikde, graždanlar — diýip, söze başlady Bengalskiý, çagalara mahsus äheň
bilen — häzir sahna çykmak nobaty... — diýip, Bengalskiý öz sözüni böldi we
başgaça äheňde gepläp başlady:
— Üçünji bölümde tomaşaçylar zalda hasam köpelipdir. Bu gün bu ýere şäheriň
ýarysy ýygnanypdyr.! Ýakynda bir tanyşymy görüp, oňa:
— «Nämüçin teatrymyza barmaýarsyň? Agşam bizde şäheriň ýarysy ýygnandy»
diýemde, ol: «Men şäheriň ikinji ýarymynda ýaşaýaryn!» — diýip jogap berdi. —
Bengalskiý gürrüldili gülkä garaşyp biraz dymdy, emma hiç kim gülmänden soň,
sözüni dowam etdirdi: — Şeýlelikde, häzir daşary ýurtly meşhur artist mosýe Woland
jadygöýlik seansy bilen siziň öňüňizde çykyş edýär! Emma sizem, bizem bir zada
gowy düşünýäris, — şu ýere gelende Bengalskiý danalarça ýylgyrdy, — gara magiýa
aslynda dünýäde ýok zat, bu bir yrymçyllykdan başga zat däl, emma maestro Woland
gözbagçylyk emellerini doly ele alypdyr, bu bolsa jadygöýlik seansynyň iň gyzykly
ýerinde, has dogrusy, onuň emelleriniň edilýän wagtynda size aýan bolar, emma biz
onuň tehnikasynyň paş edilişiniň tarapdary bolanymyz üçin jenap Wolandy sahna
teklip edýäris!
Bengalskiý şu tutaryksyz sözlerini samrap bolup, iki aýasyny bir-birine urdy we
perdä tarap yşarat edende, perde ýuwaş şyglap, iki tarapa serpildi.
Jadygöýüň uzynak kömekçisi hem-de yzky aýaklarynda ýöreýän pişigi bilen sahna
çykyp gelşi halka hoş ýakdy.
— Maňa kürsi goýuň — diýip, buýrdy Woland ýuwaşlyk bilen, şu demde sahnada
birden kürsi peýda boldy-da, jadygöý oňa baryp oturdy, — aýt, hany maňa, ezizim
Fagot — diýip, ýüzlendi. Woland gözenek kemzolly masgarabaza, onuň
«Korowýewden başga-da ady bar bolmaga çemeli, — sen näme diýersiň,
Moskwanyň adamlarynyň tebigatynda üýtgeşiklik boldumyka?
Jadygöý kürsüniň asmandan düşenini görüp, aňk-taňk bolup galan märekä garady.
— Hut şeýle, messir — diýip, ýuwaş jogap berdi Fagot — Korowýew.
— Dogry aýtdyň. Şäher ilaty daşyndan gaty üýtgäpdir, şol birwagtda, meniňçe,
şäheriň özi hem. Geýim-gejimleri hakda aýtmanymyzda-da, otüki zatlar hälki...
nämedi ol... tramwaýdyr, awtomobiller peýda bolupdyr.
— Awtobuslary-da — diýip, hormat bilen üstüni ýetirdi Fagot.
Halk bu söhbet — jadyly oýunlara girişdir öýdüp, olary üns bilen diňleýärdi.
Sahnanyň arkasy artistlerden, sahna işçilerinden dolupdy, olaryň ýüzleriniň
arasyndan Rimskiýniň buz ýaly çuw-ak bolan aladaly ýüzi hem göze ilýärdi.
Sahnanyň gapdal tarapynda duran Bengalskiniň çehresinde-de geň galma alamatlary
peýda boldy. Ol gaşyny çala galdyrdy-da, pursatdan peýdalanyp, gepläp başlady:
— Daşary ýurtdan gelen artist, tehnika taýdan rowaçlanan Moskwamyza, şeýle hem
Moskwanyň halkyna aperin aýdýar — diýip, Bengalskiý iki gezek öňki parterde
oturanlara, soň galereýa garap ýylgyrdy.
Woland, Fagot we pişik alyp baryja tarapa öwrüldi.
— Eýsem men aperin aýtdymmy? — diýip sorady jady Fagotdan.
88
— Ýok, messir, siz hiç kime hiç hili aperin aýtmadyňyz — diýip jogap berdi ol.
— Onda bu adam näme diýip dur?
— Ol ýalan gepledi! — bütin teatr eşider ýaly belent owaz bilen diýdi gözenek
kemzolly kömekçi we Bengalskä öwrülip, goşmaça kyldy: — Gutlaýaryn sizi,
ýalançy graždanin!
Galereýada gülki göterildi, Bengalskiý bir tisginip, gözlerini mölertdi. — Emma meni
awtobuslar, telefonlar kän gyzyklandyrmaýar... Apparatlar hem — diýip ýatlatdy
gözenek kemzol.
— Örän dogry, minnetdar men — diýip, ýogyn ses bilen ýuwaş gepläp dowam etdi
jady, — apparatlar däl, belki şäher ilatynyň içinden nädereje üýtgänligidir!
— Hawa, bu örän möhüm mesele, jenap.
Sahnanyň arkasynda duranlar bir-birlerine seredişip, geň galma bilen eginlerini gysyp
başladylar. Bengalskiý pomidor ýaly gyzardy, Rimskiý ak esgi ýaly boldy. Emma şu
mahal jadygöý başlanyp gelýän howsalany duýup, şeýle diýdi:
— Ýogsa-da, ezizim Fagot, gepe güýmenip, halkyň içini gysdyrdyk. Hany, ilkibaşda
ýönekeýräk bir hünär görkez.
Zal ýeňillik bilen gozgandy. Fagot bilen pişik rampa1 ýakalap, hersi bir tarapa geçdi.
Fagot barmaklaryny şarkyldadyp:
— Üç, dört! — diýip şoh gygyrdy-da, howadan bir desse karty gapyp aldy, soň ony
uzyn lenta öwrüp, pişige uzatdy. Pişik ony gapyp alyp, edil şu tüýsde Fagota
gaýtardy. Atlas kart ýylan ýaly wyşlady, Fagot agzyny jüýjäňki ýaly açyp, bir desse
karty bir-birden ýuwdup goýberdi.
Şundan soň pişik yzky sag aýagyny süýräp, zala tagzym kyldy we el çarpyşmalary
gazandy.
— Klass, haýran biz — diýip, sahnaň arkasynda duranlar gygyryşdylar.
Fagot bolsa barmagy bilen partera yşarat edip diýdi:
— Indi, hormatly graždanlar, ýaňky kart ýedinji hatarda oturan graždanin
Parçewskiniň jübüsinde, graždanka Zelkowa aliment tölemek hakynda kazyýetden
gelen çakylyk bilen üç manatlyk puluň arasynda.
Parterde oturanlar herekete gelip, ýerlerinden turup başladylar. Ahyry, şu wagt geň
galmakdan ýaňa gulagyna çenli gyzaran bir raýat (onuň familiýasy hakykatdan hem
Parçewskiý eken) jübüsinden kart dessesini alyp, ony näme etjegini bilmän,
galgadyp, ýokary göterdi.
— Size ýadygärlik bolsun! — diýip gygyrdy Fagot. — Çünki siz düýn agşamlyk
nahar wagtynda, eger poker oýny bolmadyk bolsa, Moskwada bir günem ýaşap
bilmezdim diýip, ýöne ýere aýtmandyňyz.
— Bu bir öňden gelýän oýun — diýdi kimdir biri galereýadan, — ol adam bularyň öz
şärikleri bolmaly.
— Siz şeýle pikirdemisiňiz? — diýip gygyrdy Fagot, galereýa gözüni süzüp seredip,
— onuň ýaly bolsa, sizem bize şäriksiňiz, sebäbi kart häzir siziň jübüňizde!
Galereýada hereket başlandy, soň şadyýan ses eşidildi.
— Dogry! Şunda eken! Şu ýerde, şu ýerde... Saklaň! Be-e, bu gyzyl onluklar-la!
1
Rampa — sahnanyň öňündäki çyralar.
89
Parterdäkiler galereýa tarapa başlaryny öwürdiler. Ol ýerde bir raýat öz jübüsinden
bank usulynda daňlyp, üstüne «bir müň manat» diýip ýazylan bir desse puly tapyp,
aňk-taňk bolup galypdy.
Töwereginde oturanlar onuň üstüne eňdiler, ol bolsa, pullar hakykymyka ýa-da jadyly
kagyzlarmyka diýip, desse puluň üstündäki kagyzy dyrnagy bilen ýyrtmaga
çalyşýardy.
— Hudaý hakyna, çyn pul! Gyzyl onluklar! — diýip gygyrdylar galereýadan şatlykly
owazlar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 10
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.