Latin

Ussat we Margarita - 08

Total number of words is 3768
Total number of unique words is 1888
32.8 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýalta baryp, dynç alyp gelýänçä, çet ýurtly artisty şu jaýa wagytlaýyn ýazgy etmegi
haýyş edipdir.
— Ol maňa hiç hili zat ýazan däldir, — geň galyp diýdi başlyk.
— Siz portfeliňizi köwläp görüň, Nikonor Iwanowiç — diýdi Korowýew mylaýym
äheňde.
70
Nikonor Iwanowiç egnini gysyp, portfelini açdy-da, Lihodeýewiň hatyny gördi. —
Toba, nähili edip hatyramdan göterildikä, — Nikonor Iwanowiç açyk bukja manysyz
seredip durşuna hüňürdedi.
— Eh, Nikonor Iwanowiç, mundanam beter wakalar bolýar durmuşda! — diýip
jyňňyldady Korowýew. — Aljyraňňylyk, hem ýadawlyk üstesine gan basyşyň ýokary
galmagy, gadyrdan dostymyz Nikonor Iwanowiç! Meniň özüm-de öler ýaly başagaý.
Wagt tapyp, söhbet guranymyzda, öz başymdan öten käbir wakalary size hekaýa edip
bererin, gülüp, içiňiz gyrylar!
— Lihodeýew haçan gidýärkä Ýalta?
— O, ol bireýýäm gitdi! — diýip çyňsady terjimeçi, — ol, men size aýtsam, häzir
saparda! Mahlasy, niredeligini şeýtan hem bilmeýär! — şu sözleri aýdyp, ol iki elini
edil el degirmeniniň perine meňzedip pyrlady.
Nikonor Iwanowiç daşary ýurtly jenap bilen hut özüniň duşuşmagynyň şertdigini
aýtdy, ýöne terjimeçiden ret jogabyny aldy: asla mümkin däl. Işli. Pişik bilen
türgenleşik geçýär.
— Eger isleseňiz, pişigi görkezip bilerin — diýip teklip kyldy Korowýew.
Bu gezek teklibi Nikonor Iwanowiç ret etdi, ýöne ol wagt terjimeçi başlyga has
üýtgeşik bir teklibi yglan etdi. Jenap Wolandyň myhmanhanada ýaşamagy gowy
görmeýändigini we giň jaýda erkin ýaşamaga endik edenligi sebäpli, öý edarasy bir
hepde, ýagny Wolandyň Moskwadaky gastrollary wagtynda bütin kwartirany, ýagny
merhumyň hem otaglaryny goşup, ýaşamaga berip bilmezmikä?
— Eýsem indi merhum üçin barybir dälmi — diýip, gyryljak ses bilen pyşyrdady
Korowýew, — özüňiz hem düşünip dursyňyz, Nikonor Iwanowiç, indi oňa bu jaýyň
geregi ýok, şeýle dälmi?
— Bu teklibe birneme geň galan Nikonor Iwanowiç, daşary ýurtly myhmanlar
hususy jaýda däl-de, belki «Metropol» myhmanhanasynda ýaşamalydyr diýen
mazmunda garşylyk bildirdi.
— Aýtdym-a size, ol öler ýaly ynjyk — diýip, pyşyrdady Korowýew, — asla
islemeýär! Myhmanhanany gowy görmeýär! Ine, şeýle doýandyryn bu inturistlerden!
— diýip, içgin janykdy Korowýew, damarlary görnüp duran boýnuna elini eltip, —
ynanýaňyzmy, janymdan doýurdy! Gelýärler-de... ýa edil ysgaw it ýaly içalylyk
edýärler, ýa dowamly ynjyklyk eýläp, ganyňy gyzdyrýarlar, ol eýle däl — bu beýle
däl, — diýip... Emma siziň öý edaraňyz, Nikonor Iwanowiç, bu şertnamadan diňe
peýda, sap girdeýji görýär. Ol puluny aýamaýar, — Korowýew töweregine göz
gezdirip, başlygyň gulagyna pyşyrdady: — Millioner ol!
Terjimeçiniň bu teklibinde anyk amaly many bardy, ol many juda ýakymly bolsa-da,
emma terjimeçiniň özi gepleýiş usuly bilen hem, geýim-gejimi, gözündäki hiç zada
ýaramsyz pensnesi bilen hem asla ýakymsyz adam bolup görünýärdi. Şoňa görä,
başlygyň köňlüni nähilidir bir şübhe gemirýärdi, emma şeýle bolsa-da, teklibi kabul
etjek boldy. Gep şeýledi, öý edarasynda ýeter-ýetmezçilik juda uludy. Güýze ýetip,
öýleri bug bilen ýylatmak üçin mazut almalydy, emma munuň üçin gara köpügem
ýokdy. Ine, inturistiň berjek manady bilen müşgili aňsat etse boljakdy. Şuňa
seretmezden, işbilermen, seresap Nikonor Iwanowiç bu meseläni ilki inturist býurosy
bilen ylalaşmagyň gerekligini beýan etdi.
71
— Düşünýärin — diýip çyňsady Korowýew, — ylalaşman bolarmy, hökman
ylalaşyň. Ine, telefon nomeri, Nikonor Iwanowiç, häziriň özünde ylalaşyň. Pul
meselesinde hiç darykmaň — pyşyrdap dowam etdi ol, başlygy telefon duran otaga
äkidip — şulardan ýonmasaň, kimden aljak! Siz onuň Nissadadaky willasyny
görseňiz — alamat! Geljek ýyl ýazda daşary ýurda baranyňyzda, ýörite onuňka girip
geçiň — görüp agzyňyz açylar! Inturist býurosy bilen şertnama telefon arkaly bir
demde çözüldi, bu ýagdaý başlygy geň galdyrdy. Mälim bolşuça, olar jenap
Wolandyň Lihodeýewa degişli hususy jaýda ýaşamakçy bolýanyndan habardar
ekenler, şeýlelikde muňa garşylyk görkezmediler.
— Ana, laýyk boldy! — diýip, gygyrdy Korowýew.
Onuň şaňňy owazyndan halys başy aýlanan başlyk, öý edarasy 50-nji kwartirany
artist Wolanda bir hepde müddete bermäge razydygyny aýdyp, azajyk endişeli
pikirlenip, aýtdy:
— Gününe bäş ýüz manatdan.
Korowýew başlygyň halys aňkasyny aşyrdy. Ol äpet pişiginiň ýeňil bökýänligi
eşidilip duran ýatakhana ogrynça göz gyrpyp yşarat kyldy-da, gyryljak owaz bilen
diýdi:
— Diýmek, bir hepde üç ýarym müň bolýar — şeýlemi?
Nikonor Iwanowiç Korowýewdan: «Bä-ä Nikonor Iwanowiç, içdäňiz-ä açyk eken!»
— diýen yşarata garaşypdy, emma ol bütinleý başga hörpden gopdy: — Baý,
şundanam bir pul bolarmy? Bäş müň soraň, berer.
Nikonor Iwanowiç perişan ýyrşaryp, merhumyň stolynyň ýanyna nähili baranyny
özem aňşyrmady. Şol wagt Korowýew örän çalt hereket edip, ökdelik bilen bir
demde iki nusgada şertnama taýarlady. Şondan soň ýatakhana tiz girip çykdy —
şertnamanyň iki nusgasyna-da daşary ýurtly artist iri harplar bilen gol çekipdi. Bu
şertnama başlygam gol çekdi. Korowýew ondan bäş müň alany hakynda Nikonor
Iwanowiçden dilhat sorady...
— Harplar bilen ýazyň, harplar bilen, Nikonor Iwanowiç!... Bäş müň manat diýip...
— soň bu möhüm geleşige degişli bolmadyk— Eýn, sweý, dreý! — diýip, bäş desse
täp-täze puly başlygyň öňüne taşlady. Şonda, Korowýewyň: «Ýerden tapsaň, —
sanap al», «hasaply dost uzak gider» diýen ýaly, pullary sanaldy.
Başlyk pullary sanap bolandan soň, Korowýewdan wagtlaýyn ýazgy etmek üçin
daşary ýurtly artistiň pasportyny sorady, soň pasporty hem, şertnamany hem, puly
hem portfeline saldy-da, Korwýowdan utanjyrap, kontramarka sorady...
— Mundan aňsat iş ýok! — diýip paňkyldady Korowýew, — size näçe bilet gerek,
Nikonor Iwanowiç, onkimi, on bäşmi?
Aňkyrap galan başlyk özüne we aýaly Pelageýa Antonowa diňe bir jübüt
kontramarka ýetýär diýdi.
Korowýew şobada blaknot alyp, çakganlyk bilen öň hatardan iki adamlyk
kontramarka ýazyp, ony çep eli bilen Nikonor Iwanowiçe berip, sag elindäki
galyňlygy bir desse puly ussatlyk bilen onuň jübsine saldy. Nikonor Iwanowiç pula
göz gytagyny aýlady-da, çog dek gyzaryp, terjimeçiniň elini iterip başlady.
— Beýle zat mümkin däl... — diýip sakawlady ol.
72
— Raýymy gaýtarmaň — diýip, pyşyrdady Korowýew onuň gulagyna, — bizde
mümkin däl, emma daşary ýurtlarda mümkin. Siz ony ynjydarsyňyz, Nikonor
Iwanowiç, bu ýagşy däl. Hyzmat etdiňiz ahyryn...
— Jenaýat hasaplanýar-da — diýip, — eşdiler-eşidilmez pyşyrdady başlyk
töweregine garanjaklap.
— Şaýat ýog-a — diýip, pyşyrdady Korowýew onuň beýleki gulagyna, — özüňiz
aýdyň, hany şaýat? Siz nähili adam?!
Şu wagt, soňra başlygyň tassyklaýşyça, mugjyza ýüz berdi: şol bir desse puluň özi
onuň portfeline girip gitdi. Soň nämüçindir birden ysgyny gaçan, halsyz başlyk özüni
basgançakda gördi. Onuň beýnisinde dürli-dümen hyýallar möwüç urýardy. Bu
hyýallar içinde Nissadaky willa hem, baş öwredilen pişik hem bardy, üstesine-de
onuň bagtyna, şaýatlar ýokdy. Şeýdip aýlanyp durşuna, birden kontromarka üçin
Pelageýa Antonowna hoşal bolar diýip köňlünden geçirdi. Bular üzlem-saplam
pikirlerdi, emma, umuman, hoş ýakýardy. Emma muňa garamazdan, başlygyň
kalbynyň törüne nähilidir bir iňňe sünjülip durdy. Bu ynjalyksyzlyk iňňesidi. Mundan
daşgary, şu ýerde, basgançakda birden başlygyň beýnisinde: «Dur, gapy sürgüçlenen
bolsa, terjimeçi kabinete nädip girdikä? Nämüçin ol, ýagny Nikonor Iwanowiç, ondan
soramady?!» — diýen pikirden başy çaşdy. Başlyk kän mahallap basgançagyň
üstünde goýun ýaly, basgançaga seredip durdy, ahyry muňa perwaý etmezligi bu
biderek sowal bilen başyny agyrtmazlyga karar kyldy...
Başlygyň jaýdan çykany hem şoldy, içerden pessaý ses eşidildi:
— Maňa ýaramady bu Nikonor Iwanowiç. Ol barypýatan kezzap hem hilegär. Ony
gaýdyp bu ýerde gelmez ýaly etmek bolmazmy?
— Messir, siz buýruk berseňiz, bolany!.. — diýip niredendir Korowýewyň sesi geldi,
— emma indi sesi sandyraman, arassa we owazly gepleýärdi.
Soňra bu lagnaty terjimeçi telofonly otagda peýda boldy, telofon nomerini ýygnap,
naýynjar ses bilen gepläp başlady:
— Allo! Size şuny mälim etmegi öz borjum diýip bilýärin: Sadowaýa köçesindäki üç
ýüz ikinji — bis öý toplumynyň başlygy Nikonor Iwanowiç Bosoý wolýuta
söwdasyny edip ýör. Aýny şu wagtda onuň otuz bäşinji kwartirasynda,
hajathanasyndaky wentiliýasiýa tüýnüginde gazete dolangy dört ýüz dollar gizlengi
dur. Bu gepleýän — ýokarda aýdylan öýüň on birinji kwartirasynda ýaşaýan Timofeý
Kwassow men. Ýöne meniň adymy pynhan saklamagyňyzy haýyş edýärin. Çünki
ýokarda ady agzalan başlygyň kasas almagyndan gorkýaryn.
Şeýle diýip trupkany asyp goýdy deýýus.
Şondan soň 50-nji kwartirada nämeleriň bolany mälim däl, ýöne Nikonor
Iwanowiçiňkide bolan ahwallar bize mälim. Başlyk öz kwartirasynda hajathana girip,
gapynyň ilgençegini ildirdi-de, portfelinden terjimeçiniň zor bilen beren bir desse
pulny sanap, dört ýüz manatdygyny anyklady. Nikonor Iwanowiç puly gazýet
bölegine dolap, howa sorgujynyň tüýdügine dykdy. Bäş minutdan soň başlyk özüniň
ykjamja iýmekhanasynda stol başynda oturdy. Onuň ömür ýoldaşy yhlas bilen
kesişdirilen, üstüne gök sogan galyň sepilen bir tabak selýodkany aşhanadan alyp
çykdy. Nikonor Iwanowiç bir bulgur arak guýup içdi, ikinji bulguram dolduryp içdide, dürtgüjine bir sünjende üç bölek selýodkany aldy... şu wagtam gapyň jaňy
73
jyňňyrdady. Pelageýa Antonowna şu pursatda bugaryp duran pitini iýmekhana
göterip girende, pitä bir seredende, içinde näme barlygyny, elwan reňkli goýy kelem
çorbada jahanda iň datly tagam — ýülük barlygyny duýmak kyn däldi. Nikonor
Iwanowiç tüýküligini ýuwdup, köpek ýaly hyrlady.
— Eý, peder näletler! Arkaýyn iýip-içmäge-de goýmaýarlar. Hiç kimi goýberme,
men ýok, men öýde ýok. Jaý meselesi bolsa, aýt, başymy agyrtmasynlar. Bir
hepdeden ýygnak boljak. Nikonor Iwanowiçiň aýaly daşky girelgä dazlap çykyp
gitdi, ol bolsa ot üfleýän köli ýatladýan kelem çorbasyndan çemçe bilen uzynlygyna
döwlen ýülük süňküni süzüp aldy. Edil şol wagt bu ýere iki kişi girdi, olar bilen gelen
Pelageýa Antonownanyň reňki çuw akdy. Olara gözi düşenden, Nikonor Iwanowiçiň
hem reňki agaryp, ýerinden galdy.
— Hajathana nirede? — diýip, gyşyk ýakaly ak köýnek geýen birinji graždanin
aladaly äheňde sorady. Nahar stolunda bir zat «tyrk» etdi. (Nikonor Iwanowiçiň
elinden çemçesi gaçdy).
— Bärde, bärde — diýdi çalt gepläp Pelageýa Antonowna. Gelenler derrew şol taýa
okduryldylar.
— Näme gep bar? — diýip, pessaý sorady Nikonor Iwanowiç gelenleriň yzyndan
ýöräp, — biziň öýümizde şübheli zat ýokdur... Bagyşlaň... dokumentleriňiz...
Birinji adam gidip barşyna Nikonor Iwanowiçe dokument görkezdi, ikinji bolsa şol
pursatda hajathanada, kürsä çykyp, howa sorujynyň tüýnügine elini sokupdy.
Nikonor Iwanowiçiň gözi garaňkyrady. Gazeti açdylar, onda manat däl-de, bir
gojanyň suraty çekilen gök bolup gök däl, ýaşyl bolup ýaşyl däl, nätanyş pullar
çykdy. Emma bularyň bary Nikonor Iwanowiçe çala-çula göründi, çünki onuň göz
öňünde birhili tegmiller gaýyp ýördi.
— Wentilýasiýa tüýnüginde dollarlar, — oýa batyp diýdi birinji we Nikonor
Iwanowiçden mylaýym tüýsde sorady:
— Paket siziňkimi?
— Ýok! — diýip jogap berdi Nikonor Iwanowiç gorkunçly owaz bilen; —
duşmanlaryň işi bu!
— Şeýle-de bolýar — diýip, ylalaşdy birinji adam, soň mylaýymlyk bilen dowam
etdi: — Ýeri, indi galanlaryny-da tabşyrmak gerek.
— Mende zat ýok! Ýok, Hudaý hakyna, elimde-de saklap görmändim şeýle närsäni!
— diýip, çyny bilen gepledi başlyk. Ol yşgabyň öňüne ylgap baryp, onuň çekmesini
tarkyldadyp çekdi, ondan portfelini alyp, açyp görüp, bir-birine gowuşmaýan gepleri
gygyryp başlady:
— Ine, şertnama... kezzap terjimeçiň salyp goýany... Korowýew... pensne dakynan!
Ol portfelini açyp, içine seretdi, soň elini sokup, reňki gögerdi, portfel kelem çorba
gaçdy. Portfelde hiç närse: Stýopanyň haty hem, şertnama hem, pul hem,
kontramarka hem ýokdy. Mahlasy, epleme metrden başga hiç zat galmandy.
— Dostlar! — birden özüni tutup bilmän gygyryp goýberdi başlyk, — tutuň olary!
Biziň öýümize al-arwahlar aralaşypdyr. Edil şu mahal Pelageýa Antonownanyň
gözüne näme görnenini bilemzok, ýöne ol birden ellerini bir-birine urup çyňkyrdy:
— Waý, Iwaniç, toba kyl! Günäňi ýeňlederler!
74
Gözlerine gan guýlan Nikonor Iwanowiç aýalynyň kellesine ýumruk çenäp: — Haý,
nälet siňen samsyk — diýip hyrlady.
Şundan soň ol gowşap, oturgyja çökdi, meger, takdyra men beren bolsa gerek.
Şol wagt synçgawlyk derdine ýolgan Timofeý Kondratýewiç Kwassow başlygyň
öýüniň bosagasynda durup, gapynyň açar deşiginden, ogry ýaly bolup, kä seredýärdi,
käte, gulak tutup, diň salýardy.
Ýene bäş minutdan bu öýüň şu wagtda howluda jem bolan ýaşaýjylary başlygyň iki
kişi bilen göni derwezä tarap ýol alanyny gördi. Olaryň gepine görä, Nikonor
Iwanowiçiň reňki ak esgi ýaly agarypdyr, serhoş ýaly entirekläp, bir zatlary
hüňürdäp, geçip gidenmiş. Ýene bir sagatdan soň nämälim bir adam on birinji
kwartira gelip girdi, şol mahal Timofeý Kondratiýewiç goňşularyna başlygy nädip ele
salandyklary hakda uly keýp bilen tolgunyp, hezil edip, agyz köpürjikledip hekaýa
edýärdi. Gelen adam Timofeý Kondratýewiçi barmagy bilen aşhanadan gapynyň
çykalgasyna tarap ümledi, oňa bir zatlar diýdi, soň olaryň ikisem gaýyp boldy.
X bap
ÝALTADAN GELÝÄN HABARLAR
Nikonor Iwanowiçiň bagtsyzlyga uçran pursady, 302 — bis jaýa ýakyn ýerde,
Sadowaýa köçesindäki Warýete teatrynyň maliýa direktory Rimekiniň kabinetinde iki
kişi: Rimskiniň özi bilen Warýetäniň iş dolandyryjysy Warenuha bardy. Teatryň
ikinji gatyndaky bu ulakan kabinetiň iki aýnasy Sadowaýa köçesine, ýazuw stolyň
başynda oturan maliýe direktorynyň arkasyndaky üçünji aýna Warýetäniň ýazky
bagyna açylýardy, bu bagda sowuk içgiler satylýan bufet, tir hem-de açyk estrada
sahnasy bardy. Kabinetdäki zatlar ýazuw stolyndan başga bir petde köne
bildirişlerden, üstünde bir grafin suw goýlan stoljagazdan, dört kürsüden we nähilidir
bir peýzažyň çaň basan köne maketi ýerleşdirilen burçdaky sekiden ybaratdy. Özözünden düşnükli zat, bulardan daşary, ýazuw stolynyň ýanynda, Rimskiniň çep
bykynynda jaýdan-jaýa köp göçüliberip syrçasy gopup giden, otda ýanmaýan demir
kassa hem bardy.
Stol başynda oturan Rimskiniň irden bäri tüýsi bozukdy, emma Warenuha, munuň
tersinedi, juda keýpi çag, gereginden artyk işewür görünýärdi. Emma ol güýçgaýratyny nämä sarp etjegini bilmän awarady:
Häzir bolsa, Warenuha kontramarka sorap halys gününe goýmaýan adamlardan
gaçyp, bu ýerde gizlenipdi. Beýle ýagdaýlar teatrda täze programma başlanýan
döwürde has-da öwç alýardy. Bu günem edil şonuň ýaly gündi. Telefon jyrlasa,
derrew trupkany alyp, ýalan gepläp başlardy:
— Kim? Warenuhamy? Ol ýok. Teatrdan çykyp gitdi— diýerdi.
Haýyş, Lihodeýewa ýene jaň edip gör, — diýdi Rimskiý saňňyldap.
— Ol öýünde ýok ahyry. Karpowy iberdim. Kwartirada hiç kim ýok diýip geldi.
— Bu nähili bibaşlyk jyn ursun — diýdi Rimskiý haşşyldap, hasap maşynasyny
şarkyldadyp.
75
Şol wagt gapy açylyp, ýap-ýaňy goşmaça çap edilen täze afişalary bir gujak edip
göterip, kapeldiner (teatrda biletleri barlaýan, tertibe seredýän) girdi. Ýaşyl kagyza
uly-uly gyzyl harplar bilen aşakdaky sözler ýazylypdy:
ŞU
GÜNDEN
BAŞLAP,
HER
GÜN
WARÝETE
TEATRYNDA
PROGRAMMADAN DAŞARY, PROFESSOR WOLAND GARA MAGIÝANYŇ
JADYGÖÝLIK SEANSLARYNY GÖRKEZÝÄR WE PAŞ EDÝÄR.
Warenuha afişany makediň üstüne ýaýyp, uzakdan durup oňa seretdi, we kapeldinere,
derhal hemmesini ýelmemäge iberiň diýip buýurdy.
— Gowy afişa, derrew göze ilýär — diýdi ol kapeldineriň yzyndan.
— Emma maňa asla ýaranok bu bimanylyk, — diýip hoňňuldady Rimskiý süňk gaşly
äýnegi arkaly bildirişe alarylyp seredip, — aslynda ony sahnada goýmaga kim rugsat
berdi, men-ä haýran!
— Ýok, Grigoriý Danilowiç, tersine, bu örän inçe bir iş. Iň gyzykly ýeri —
gözbagçylygyň paş edilişi.
— Bilmedim, bilmedim, meniňçe, onda hiç-hili gyzyk ýok, ol mydama şeýle biderek
zatlary tapyp ýör! Iň bolmanda, mag tersokany görkezenogam. Sen özüň bir
gördüňmi şony? Haýsy görden tapdy ony, jyn ursun!
Mälim bolşuça, Warenuha-da Rimskiý ýaly tersokany görmän eken. Düýn Stýopa
maliýe direktorynyň ýanyna, elinde şertnamanyň garalama nusgasy bilen (Rimskiniň
aýtmagyna görä, ol telbe ýaly bolup) ylgap gelipdir-de, derrew aklama göçürip, pul
bermegi tabşyrypdyr, jadygöý bolsa puly alypdyr-da, gaýyp bolupdyr, ony Stýopadan
başga hiç kim görmändirem.
Rimskiý ýanyndan sagadyny çykaryp, ikiden bäş minut geçenini gördi-de, aňkasy
aşdy. Eýsem, bu näme boldugy? Lihodeýew takmynan sagat on birlerde jaň edip,
ýarym sagatdan bararyn diýipdi. Emma ol teatra-da gelmedi, öýünde-de ýok!
Rimskiý ― Meniň işim durup galdy! ― diýdi käýinip, gol çekilmedik bir top kagyza
barmagyny dürtüp.
― Birden ony-da, Berlioz ýaly tramwaý kakyp giden bolaýmasyn ― diýdi
Warenuha, telefon trubkasyny gulagyna tutup, trubkadan bolsa uzyn-uzyn
umytsyzlyk signaly eşidilýärdi.
― Käşki şeýle bolaýsady ― diýip, eşidiler-eşdilmez sözledi Rimskiý. Edil şu mahal
kabinete formaly kemzolly, papakly, gara ýubkaly we aýagyna şypbyk geýen bir aýal
gelip girdi. Ol kemerine asylan kiçijik sumkasyndan dörtburç ak kagyz bilen depder
aldy-da, sorady:
― Warýete şu ýermi? Size öte gyssagly telegramma. Gol çekiň.
Warenuha aýalyň depderine nähilidir egrem-bugram gol çekdi, aýal çykyp gidensoň,
gapy ýapylandan soňra, dörtburç kagyzy açdy. Ol telegrammany okap çykyp, geň
galmakdan ýaňa gözlerini gyrp-gyrp etdi-de, ony Rimskä uzatdy.
Telegrammada aşakdaky sözler ýazylypdy: «Ýaltadan Moskwa. Warýete. Şu gün on
bir otuzda jenaýat agtaryş bölümine içki köýnek-balakly aýakgapsyz, mele saçly bir
telbe gelip, özüni Warýete direktory Lihodeýew diýip tanatdy. Direktor Lihodeýewiň
niredeligi hakynda Ýaltanyň jenaýat agtaryş, bölümine gyssagly telegramma
«ýollaň».
― Ýa, toba! ― diýip seslendi Rimskiý we ― diňe şu ýetenokdy ― diýdi.
76
― Galp Dmitriý ― diýdi Warenuha we telefon trubkasyny alyp, gepläp başlady:
― Telegrafmy? Warýete hasabyndan. Öte gyssagly telegramma... eşidýäňizmi?..
Ýaltanyň jenaýat agtaryş bölümi... Direktor Lihodeýew Moskwada. Maliýe direktory
Rimskiý...»
Şondan soň, Warenuha Ýaltadan alnan maglumata seretmezden, ýene Stýopany
telefon arkaly ähli ýerden gözläp başlady, emma, mälim bolşy ýaly, ony hiç ýerden
tapmady. Warenuha elinden trubkany goýman, ýene nirä jaň etsemkäm diýip baş
agyrdyp durka, ýene birinji telegrammany getiren aýal gelip, Warenuha täze bukjany
gowşurdy. Warenuha ony howlukmaç açdy-da, okap çykyp, sykylyk çalyp goýberdi.
― Ýene näme bela? ― sorady Rimskiý saňňyldap.
Warenuha telegrammany indemän, maliýe direktoryna uzatdy, ol aşakdaky sözleri
okady: «Ynanmagyňyzy ötünip soraýaryn. Wolandyň gipnozy bilen Ýalta taşlandym.
Jenaýat agtaryş bölümine şahsyýetimi tassyklaýjy gyssagly telegramma iberiň.
Lihodeýew».
Rimskiý bilen Warenuha kellelerini biri-birine çakyşdyryp, telegrammany gaýtadan
okap başladylar, okap çykyp, jyňk etmän, bir-birlerine çiňňerilişdiler.
— Graždanlar! ― diýdi aýal gazaba çykyp, ― ilki gol çekiň, soňra näçe dymsaňyz,
dymyberiň! Men gyssagly telegrammalary ýaýradýan ahyry!
Warenuha gözüni telegrammadan aýyrman, depdere gyýşyk-çaýşyk gol çekdi, aýal
çykyp gitdi.
― Eýsem, sen onuň bilen telefonda sagat on birlerde gepleşmänmidiň? ― diýdi iş
dolandyryjy gaty geňirgenip.
― Gaty gülkünç masgaralyk! ― diýip gygyrdy Rimskiý, ― gepleşdimmi,
gepleşmedimmi barybir, onuň häzir Ýaltada bolmagy mümkin däl! Ýa, toba!
― Ol serhoş... ― diýdi Warenuha.
― Kim serhoş? ― diýip, sorady Rimskiý, soň ýene ikisi bir-birine dikanlap durdular.
Ýaltadan telegramma iberip oturanyň bir kezzap ýa-da däli bolmagy ähtimal, ―
muňa asla şübhe ýokdy; emma başga bir zat kelläni agyrdýardy; şol ýaltaly ýalançy,
düýn Moskwa gelen Wolandy nireden tanaýarka? Şeýle hem, onuň bilen
Lihodeýewiň arasyndaky gatnaşygy nireden bilýärkä?
«Gipnoz bilen...» ― diýip tekrarlady Warenuha telegrammadaky sözleri, ― emma ol
nireden bilýärkä Wolandy? ― Ol gözlerini gyrpyldadyp, birden bir karara gelen ýaly
bolup, seslenip diýdi: ― Aý ýok, bu bir boş zat, boş zat bu! Ynanmaýan, ynanmaýan!
― Nirede ýaşap ýör şol lagnaty Woland? ― diýip, Rimskiý sorady.
Warenuha derhal inturist býurosyna jaň edip, şu dem-de Wolandyň Lihodeýewiň
kwartirasynda ýerleşenligini habar edip, Rimskiniň agzyny açdyryp goýdy. Soň ol
Lihodeýewiň öýüne jaň edip, trubkadan eşdilýän uzyn-uzyn gudoga uzak wagt gulak
salyp durdy. Niredendir juda alysdan «Meniň mesgenim gaýalar...» diýlip aýdylýan
gamgyn aýdym telefonyň gudogyna goşulyp eşidilýärdi, şonda Warenuha telefona
radio goşulýar diýip köňlünden geçirdi...
― Öý jogap bermeýär, ― diýdi Warenuha trubkany asyp, ― ýa-da ýene jaň
edäýsekmikäk?...
Ol sözüni gutarmanka, bosagada ýene şol aýal peýda boldy.
77
Rimskiý hem, Warenuha hem aýala garşy durdular, ol bolsa sumkasyndan bu gezek
ak däl-de, nähilidir garamtyl kagyz çykardy.
― Büý-ä indi has çökder boldy ― diýdi Warenuha dişinden syzdyryp, howlukmaç
çykyp barýan aýalyň yzyndan seredip, ilki kagyz Rimskiniň eline düşdi.
Fotokagyza düşürlen, gara harplar bilen ýazylan suratdaky haty anyk okasa bolýardy:
«Meniň hatym, golum kimligimi görkezer. Olary tassyklap, gyssag telegramma
iberiň, Wolandyň yzyndan ýörite gizlin gözegçilik goýuň.
Lihodeýew».
Warenuha teatrlarda işlän ýigrimi ýylynyň dowamynda köp täsin wakalaryň şaýady
bolupdy, emma häzir özüni akyl-huşundan aýrylýan ýaly duýdy, şoňa görä, aşakdaky
ýönekeýje bimany jümleden başga zat aýdyp bilmedi:
― Beýle bolmagy mümkin däl!
Emma Rimskiý başgaça ýol tutdy. Ol ýerinden turup, gapyny açdy, kürsüde oturan
hat gatnadýan (kurýer) aýala: ― Poçtalýondan başga hiç kimi girizmäň! ― diýip
gygyrdy-da, işigi içinden ildirdi. Soň ýazuw stolynyň tahylyndan bir desse kagyz
alyp, ondaky Stýopanyň elýazmalaryny we gollaryny fotogrammadaky ýazgy hem
gol bilen deňeşdirip başlady. Warenuha stola göwsüni taşlap, Rimskiniň ýüzüne
gyzgyn demini üfläp durdy. ― Bu elýazma şonuňky ― diýdi bir karara gelip maliýe
direktory, Warenuha bolsa ýaň ýaly şol sesi gaýtalady.
― Şonuňky.
Iş dolandyryjy Rimskiniň ýüzüne seretdi-seretdi-de, onuň ýüzüniň üýtgänine
aňkarylyp galdy. Şeýle hem öňem hor maliýe direktory öňküdenem horlanan, hatda
garrap giden ýaly, süňk gaşly äýnek dakynan gözleriniň owalky jokraýyp seredişi
ýitip, olarda diňe howsala, alada däl-de, hasrat hem peýda bolan dek duýuldy.
Adam gaty geň galanda, özüni nähili tutýan bolsa, Warenuha-da özüni şeýle tutdy. Ol
kabinetiniň ol başyndan bu başyna çalt baryp-geldi, iki mertebe, haça çekilen Isa dek,
gulajyny ýaýdy, grafindäki sarymtyl suwdan bir bulgury bir zarbada içdi-de, ahyry
şeýle diýdi:
― Düşünmeýän! Dü-şün-me-ýän!
Rimskiý bolsa penjirä seredip, bir zat hakda çyny bilen dartgynly ýagdaýda
oýlanýardy. Maliýe direktorynyň ýagdaýy juda çylşyrymlydy. Häziriň özünde, şu
ýerden butnaman ýüze çykan adatdan daşary hadysa hakda adaty düşündiriş talap
edilýärdi.
Ol gözlerini ýumup, Stýopanyň şu gün sagat onkiň ýarynda agşamky köýnekde,
aýakýalaňaç halda haýsydyr bir öte tiz uçýan uçarda barýanyny, soňra şol Stýopanyň
özüni aýny şol birwagtyň özünde ― sagat onkiň ýarynda Ýalta aerodromynda aýagy
joraply duranyny göz öňüne getirdi... iblis bilsin, bu näme boldugy?!
Belki, şu gün Stýopanyň kwartirasyndan onuň bilen gepleşen adam Stýopa däldir?
Ýok, Stýopanyň sesidi! Stýopanyň sesini-owazyny Rimskiden gowy tanaýan ýokdy.
Gel, bu günki telefonda geplän Stýopa däl diýeli, düýn agşamara Stýopa öz
kabinetinden çykyp, göni şu kabinete şol biderek şertnamany alyp gelip, özüniň
biedepligi bilen maliýe direktorynyň gaharynam getiripdi. Ol nädip teartda hiç kime
hiç zat aýtman gidip ýa-da uçup bilýärkä? Eger agşam günýaşar wagty uçup gidendede, Ýalta eýýäm ýetip bilmezdi. Ýa ýetip bilermidi, ä?
78
― Ýalta çenli näçe kilometr? ― diýip sorady Rimskiý?
Warenuha eýläk-beýläk ýöremesini bes edip, gygyrdy:
― Hawa, pikirlendim! Muny-da pikirlendim! Demir ýol bilen Sewastopola çenli bir
ýarym müň kilometr. Ýalta çenli ýene segsen kilometri goş. Emma uçarda kemräk
bolýar, elbetde.
Hm... Hawa... Otly hakynda gep hem bolmaly däl. Ýeri onda nähili bardyka?
Istrebiteldemi? Kim hem haýsy istrebitele (çalt uçýan harby uçar) aýakgapsyz
Stýopany mündürer? Nämüçin? Belkem, ol Ýalta uçup barandan soň ädigini
çykarandyr? Ýene: nämüçin? Ýok, ädikli-ädiksiz ony beýle uçara goýbermezler!
Hawa, istrebiteliň bu işe dahyly ýok. Telegrammada ýazylypdyr ahyry, jenaýat
agtaryş bölümine gündiz on bir otuzda geldi diýip, emma ol Moskwada telefonda
gepleşende, sagat... be-e, dur-la... şu wagt Rimskiniň göz öňünde öz sagadynyň ýüzi
göründi... Ol sagat dilleriniň nähili şekilde duranyny ýatlap başlady. Ýa, toba!
Ýadyna düşdi: on birden ýigrimi minut geçipdi. Bu nähili boldy? Eger Stýopa
telefondaky söhbetden soň, aedroma ylgap, ol ýere, aýdaly, bäş minutda ýetip bardy
diýip pikir edilse, ýöne muňa hiç kimsäniň akly çatmaýar, onda samolýot bäş
minudyň içinde hem howa göterilip, hem müň kilometrden köpräk aralygy uçup
geçip, Ýalta gonan bolýarmy? Diýmek, uçar sagatda on iki müň kilometrden-de
köpräk aralygy geçýän eken-dä!!! Bu boljak zat däl, diýmek Stýopa-da Ýaltada däl.
Ýeri, indi näme ýol galýar? Gipnozmy? Adamzady bir demde müň kilometr aralygy
oklap bilýän hiç-hili gipnoz ýok dünýäde! Diýmek, Stýopa özüni Ýaltada ýaly
duýýar! Bolýa, oňa şeýle duýulan bolsa, onda Ýaltanyň jenaýat agtaryş, bölümine
hem şeýle duýulýar diýip oýlaýarsyňyzmy?! Aý, ýok, bagyşlarsyňyz ýöne beýle
bolmagy mümkin däl!...
Telegrammany şol taýdan iberýärler-ä? Maliýe direktorynyň ýüzi örän aýylgançdy.
Şu wagt daşardan gapynyň tutawajyny towlap, çekip başladylar, hyzmatçy aýalyň
jan-teni bilen gygyrany eşidildi:
― Bolanok! Öldürseňizem girizmerin! Ýygnak gidip dur!
Rimskiý başardygyndan özüni ele alyp, telefon trubkasyny göterdi:
― Gyssag Ýalta bilen birleşdiriň.
«Akylly pikir» ― diýip, köňlünden geçirdi Warenuha.
Emma Rimskiý Ýalta bilen gürleşip bilmedi. Ol trubkany goýup diýdi:
— Işler tersine öwç alyp, liniýa bozulypdyr.
Näme üçindir liniýanyň şikesleneni ony gaty gama batyrdy, hatda çuň oýa çümdürdi.
Ol biraz pikirlenip; bir eli bilen ýene trubkany aldy, ikinji eli bilen bolsa, trubka
aýdýan sözlerini ýazyp başlady:
― Öte gyssag telegrammany kabul ediň. Warýete. Hawa. Ýalta. Jenaýat agtaryş
bölümine. Hawa «Şu gün sagat onkiň ýarlarynda Lihodeýew Moskwada meniň bilen
telefonda gepleşdi, nokat. Şondan soň iş ýerine gelmedi we ony telefon arkaly gözläp
tapyp bilemzok, nokat. Onuň elýazgysyny tassyklaýaryn, nokat. Aýdylan artisti göz
astynda saklamagyň çäresini görýäris. Maliýe direktory Rimskiý».
«Juda paýhasly!» ― diýip oýlandy Warenuha, emma pikirini soňuna ýetirmänkä,
beýnisinden başga sözler «lyp» edip geçdi: «Akmaklyk! Onuň Ýaltada bolmagy
mümkin däl!»
79
Şu wagt Rimskiý şeýle hereket etdi: hemme alnan telegrammalary, olara goşup öz
telegrammasynyň nusgasyny jemläp, bukja saldy, bukjany uly konwerte salyp,
ýelimledi, konwertiň üstüne birnäçe söz ýazyp, ony Warenuha berip, diýdi:
― Sen, Iwan Sawelýewiç, häziriň özünde elin eltip gowşur. Goý özleri seljersin.
«Ine, bu hakykatdanda paýhasly pikir boldy!» ― diýip oýlandy Warenuha we
konwerti portfeline salyp goýdy. Soňra ätiýaçdan Stýopanyň telefon nomerini ýene
bir ýola aýlap görüp, bir azajyk diňläp durdy-da, birden hoşal bolup, syrly ýagdaýda
gözüni gypyp başlady. Rimskiý özüne gelip, boýnuny uzatdy.
― Artist Woland gerekdi! ― diýip, mylaýymlyk bilen sorady.
― Ol häzir boş däl ― diýip, jogap berdi trubkada bir sandyrawuk sesi ― kim
soraýar?
— Warýeteniň iş dolandyryjysy Warenuha.
― Iwan Sawelýewiç? ― şatlanyp gygyrdy trubkadaky ses ― çäksiz hoşal men
owazyňyzy eşidenime! Saglygyňyz nähili?
― Mersi diýip, ― jogap berdi geň galan Warenuha, ― kim bu gepleýän?
― Onuň kömekçisi, kömekçisi we terjimeçisi Korowýew men, ― diýip gümmürdedi
trubkadaky ses ― her bir hyzmatyňyza taýýar men, hormatly Iwan Sawelýewiç!
Näme işiňiz bolsa, çekinmän, maňa aýdyberiň. Gulagym sizde!
― Bagyşlarsyňyz, Stepan Bogdanowiç Lihodeýew häzir öýde ýokmy?
― Gynansagam, ýok! ýok! ― şaňkyldady trubka, ― gitdi.
― Nirä!
― Şäheriň çetine, maşynada seýil etmäge.
― Hi... nirä? Se... seýle?... Haçan gaýdyp gelerkä?
― Birazajyk açyk howada dem alyp, gaýdyp gelerin diýip gitdi!
― Düşünerli... ― diýdi aňyny aldyran Warenuha, ― mersi. Haýyş, mosýe Wolanda
aýdyň, ol şu gün sahna üçünji bölümde çykar.
― Aýdaryn. Eýsem näme. Elbetde. Gyssagly tüýsde. Şek-şübhesiz. Aýdaryn ―
diýip, trubkadan üzlem-saplam jogap geldi.
― Bor, sag boluň ― diýdi geň galan Warenuha.
― Meniň iň gyzgyn, iň mähirli salamymy we isleglerimi kabul etgeýsiňiz! ―
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 09
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.