Latin

Ussat we Margarita - 13

Total number of words is 3795
Total number of unique words is 2139
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
goworitel) görenmiş. Soňra ol nämüçindir teatryň zalynda peýda bolupdyr, zalyň
altynsow petiginde uly billur gül parlap duranmyş, diwarlarda ― kenket çyralar
ornaşdyrylgymyş. Bar zat uly bolmadyk, ýöne baý teatrda nähili bolsa, bu ýerde hem
şeýlemiş. Mahmal perdeli sahna-da, ulaldylan, her ýerinde ― her ýerinde ýyldyzlar
kibi ýanyp duran ülje reňkli on manatlyklaryň görnüşi-de çawuş, butgasy-da, hatda
tomaşaçylar-da barmyş.
Nikonor Iwanowiçi geň galdyran zat tomaşaçylaryň bary bir jyns wekili ―
erkeklermiş, üstesine-de nämüçindir, ählisi sakgallymyş. Zalda birem stul ýoklugy,
tomaşaçylaryň ýalpyldadyp süpürlen typançak polda oturandyklary onuň aňkasyny
aşyrypdyr.
Nikonor Iwanowiç bu ullakan nätanyş jemagat döwresinde özüni oňaýsyz duýup,
biraz wagt ýaýdanyp durup, soň hemmelere öýkünip, ol hem daýaw sakgallak adam
bilen bar ýerini tüý basan, solgun bir raýatyň aralygynda, parket polda türk oturyşyny
edip oturypdyr. Oturanlaryň hiç haýsy bu täze tomaşaça üns hem bermändir.
Şu mahal jaňjagazyň ýumşak owazy eşidilip, zalda çyra öçüpdir, perde syrylyp, ýagty
sahnada kürsi we üstüne altyn jaňjagaz ýerleşdirilen stoljagaz we törde gara
mahmaldan arkalyk görnüpdir. Ýan tarapdan sahna sakgal-murty tekiz alnan, saçy
gowy timarlanan, egnine smoking geýen, ýüzi çyraýly ýaş artist çykypdyr.
Tomaşaçylar janlanyşyp, sahna tarapa öwrülipdir. Şonda artist budkanyň golaýyna
gelip, ellerini bir-birine sürtüp:
― Otyrmysyňyz? ― diýip, mylaýym bariton sesde sorap, ýylgyryp zala seredipdir.
Otyrys, otyrys ― diýip, oturanlar dürli äheňde hor bolup jogap beripdirler. ― Hm...
― diýipdir pikire berlip artist, ― eýsem, siz irmediňizmi, men-ä düşünemok? Adam
118
şekilli adamlar häzir bahar güneşinden, maýyl howadan dem alyp, köçelerde seýran
edip ýörler, siz bolsaňyz dymyk zalda demigip otyrsyňyz! Eýsem, programma şeýle
gyzyklymy? Ýogsa-da, nätjek, her kime bir zat ýaraýar-da ― diýip, artist danalarça
sözüni jemläpdir.
Soňra ol sesiniň tembrini hem, äheňini hem üýtgedip, ýaňlanma owaz bilen şoh
äheňde yglan edipdir:
― Şeýlelikde, programmamyzyň nobatdaky nomerinde jaý edarasynyň başlygy we
berhiz aşhanasy müdiri Nikonor Iwanowiç Bosoý sahna çykýar. Baş üstüne, Nikonor
Iwanowiç!
Artistiň gepini zal dowamly el çarpmalar bilen garşy alýar. Geň galan Nikonor
Iwanowiç gözlerini mölerdipdir, alyp baryjy bolsa sahnanyň öňündäki çyralardan
gözüni eliniň aýasy bilen penalap, zaldakylaryň arasyndan ony gözläp tapypdyr-da,
mylaýym ýylgyryp, barmagy bilen yşarat edip, ony sahna çykarypdyr. Şonda Nikonor
Iwanowiç nädip sahna çykanyny-da duýman galypdyr. Onuň garşysyndaky we
arkasyndaky çyralaryň al-elwan şöhleleri gözüne düşen badyna, tomaşaçy doly zal
tümlükde gaýyp bolupdyr.
― Hany, Nikonor Iwanowiç, bir görelde görkeziň-dä ― diýipdir ýürekdeşlik bilen
ýaş artist, ― walýutany tabşyryň.
Ümsümlik aralaşypdyr. Nikonor Iwanowiç özüni dürsäp, ýuwaşja söze başlapdyr.
― Hudaýdan ant içýän, eger...
Ol aýtjak gepini aýdyp ýetişmänkä zal gaharu gazap bilen galmagal göteripdir.
Netijede Nikonor Iwanowiç özüni ýitirip, dymypdyr.
Dogry düşünen bolsam ― diýip, sözüni dowam edipdir, programmany alyp baryjy
artist, ― siz Hudaýy orta goýup, «walýutam ýok» diýip ant içmekçi bolduňyz dälmi?
― Ol Nikonor Iwanowiçe hemdertlik bilen seredipdir.
― Hawa, şeýle, ýok, ― diýýär Nikonor Iwanowiç.
― Beýle bolsa ― diýipdir artist, ― biýedepligim üçin günämi geçiň, siz bilen
aýalyňyzdan özge hiç kim ýaşamaýan şol kwartiranyň hajathanasyndan tapylan dört
ýüz dollar nähili düşüpdir ol ýere?
― Jady bilen-dä! ― diýýär kimdir biri garaňky zaldan äşgäre kine bilen.
― Hawa, şeýle, jady bilen ― diýip, gorka-gorka jogap berýär Nikonor Iwanowiç,
emma kime jogap berenini: artistemi ýa garaňky zalamy ― bilip bolmandyr. Soň ol
jogabyna goşmaça edip:
― Al-arwah, ýagny gözenek kemzol geýen terjimeçi taşlapdyr.
Zalda ýene gazaply galmagal turýar. Galmagal diňenden soň, artist gepe başlaýar.
― Ine, şeýdip Lafonteniň basnýalary-da aýdylyp dur bu ýerde! Dört ýüz dollary
taşlap gidenmişler! Ine, siziň hemmäňiz walýutafuruşlar! Siz ― ýörite şu ugurdan
işleýänler, hany aýdyň maňa ― şeýle boljagyna akyl ýetýärmi?
― Biz walýutafuruş däl ― zalyň ol ýerinden-bu ýerinden birde-ýarym öýkeli owaz
eşidilipdir, ― emma çyndanam beýle bolmagy mümkin däl.
― Doly goşulýaryn ― diýipdir artist kesgin äheňde, ― ýöne sowalym bar: meselem,
nämäni taşlap gitmekleri ahmal?
― Çagany! ― diýip, gygyrypdyr kimdir biri zaldan.
119
― Örän dogry ― diýip, tassyklaýar artist, ― çagany, golsuz haty, proklamasiýany,
bellenen wagtda partlaýan bombany, ýene köp närseleri taşlap gitmekleri mümkin,
emma dört ýüz dollary hiç kim taşlap gitmese gerek, onuň ýaly akmagy tebigat hiç
haçan ýaradan däldir. ― Şondan soň artist Nikonor Iwanowiçe ýüzlenip, mylaýym
melamat edip, hasratly sözläpdir: ― siz meni ynjytdyňyz, Nikonor Iwanowiç! Sizden
juda umytgärdim. Gysgasy, nomerimiz geçmedi. Zalda Nikonor Iwanowiçiň şanyna
sygyryp ugrapdyrlar.
― Ýerinden gelen walýutafuruş ol! ― diýip gygyrýamyşlar zaldan, ― ine, şular
ýalylaryň kesapatyndan biz ejir çekýäris!
― Oňa käýinmäň ― mylaýym äheňde diýipdir alyp baryjy, özi hem puşman edip
dur. ― Soň ol gözýaşa dolan gök gözlerini Nikonor Iwanowiçe öwrüp, üstüne
goşýar: ― Bolýar, baraýyň öz ýeriňize, Nikonor Iwanowiç!
Şondan soň artist jaňjagazy çalyp, batly ses bilen yglan edipdir: ― Arakesme,
deýýuslar!
Hiç garaşylmadyk ýerden bu nätanyş teatr programmasyna gatnaşyp, huşuny ýitiren
Nikonor Iwanowiç özüni ýene ýaňky poldaky ornunda görüpdir. Indi onuň düýşüne
bütin zalyň garaňka çümüp, zym-zyýat bolany, diwarlarda «Walýutalary tabşyryň!»
— diýen gyzyl hat bilen ýazylan sözler girýär. Soňra ýene perde açylyp, alyp baryjy:
— Sahna Sergeý Gerardowiç Dunçili teklip edýärin — diýýär.
Dunçil elli ýaşlaryndaky hoşbiçim, emma juda sallam-sajak adammyş.
— Sergeý Gerardowiç — diýip, alyp baryjy oňa ýüzlenýär, — siz bir ýarym aý bäri
eliňizde galan walýutalary tabşyrmakdan saklanyp, aýdaly, ýurt olara mätäç wagty,
size bolsa olaryň asla geregi ýok halyna, bu ýerde kejirlik edip otyrsyňyz. Özüňiz
intelgent adam, hemme zada gowy düşünýäňiz, şuňa seretmezden, maňa kömek
bermek islemeýärsiňiz.
— Gynansagam, etjek alajym ýok, mende başga walýuta galmady, — diýip hatyrjem
jogap berdi Dunçil.
— Hiç bolmasa, brilliantlarňyz bardyr? — diýip artist sorady.
— Brilliantym hem ýok.
Artist başyny aşak egip, birazajyk oýlanyp durdy-da, elini çarpdy. Sahnanyň ýan
tarapyndan moda boýunça geýnen, ýagny ýakasyz palto we kiçijek şlýapa geýen orta
ýaşlaryndaky bir zenan çykdy. Ol juda howsalalydy, Dunçil bu zenana seredip,
gaşlaryny oýnaklatdy.
— Kim bu aýal? — diýip sorady artist Dunçilden.
— Ol meniň aýalym — diýip, mynasybet bilen jogap berip, Dunçil zenanyň uzyn
boýnuna ýigrenç bilen seretdi.
— Biz sizi, madam Dunçil, — diýip ýüzlendi alyp baryjy ol aýala, şeýlebir mesele
bilen size ýüz tutmaly bolduk, ýagny äriňizde ýene walýuta barmy?
— Şonda ol hemmesini tabşyrypdy — diýip, tolgunyp jogap gaýtardy madam Dunçil.
— Ýagşy eger beýle bolsa, goý, şeýle bolsun. Eger hemmesini tabşyran bolsa, onda
çärämiz ýok, indi derhal Sergeý Gerardowiç bilen hoşlaşmagymyz, gerek! Isleseňiz,
teatrdan gidiberiň? Sergeý Gerardowiç — diýip, artist şahana mürewwet etdi.
Dunçil arkaýyn we mynasybetli öwrülip sahnanyň ýan tarapyna ýöräp başlady.
120
— Ýene bir minut sabyr etseňiz! — diýip, alyp baryjy ony saklady, — hoşlaşmazdan
ozal, size programmamyzdan ýene bir nomer görkezmäge ejaza berseňiz — diýip, ol
ýene-de elini çarpdy.
Tordäki gara perde süýşüp, sahna bal köýnegini geýen ýaşajyk bir sahypjemal gyz
elinde altyn mejime göterip çykdy, mejimede süýji gabynyň lentasy bilen daňlan
galyň bir desse pul we brilliant monjugy sahnanyň her tarapyna yzyny üzmän ýaşyl,
sary, gyzyl uçgunlar syçradyp ýatyrdy.
Dunçil bir gadam yzyna tesdi, reňki ak esgi ýaly agardy. Zal doňup galdy.
— On sekiz müň dollary, altyn pulda kyrk müňe durýan bu monjugy — diýip,
dabaraly yglan etdi artist, — Sergeý Gerardowiç Harkow şäherindäki öz oýnaşy, —
häzir bize görmek nesip etjek Ida Gerkulanowna Worsuň kwartirasynda saklap
gelipdir, aslynda bibaha, emma hususy şahsyň elinde hiç kime derkarsyz bu uly
baýlygy tapmakda bize hormat edip kömekleşen Ida Gerkulanowna müňde bir sag
bol aýdýarys.
Sahypjemal gyz ýylgyranda, dişleri lowurdap, uzyn kirpikleri gyrpyldady.
— Emma siziň şahsy mynasybetiňizde — diýip, artist Dunçile ýüzlendi, — gysganç
ýakymly möý we aç möjek ýaly, üstesine-de, barypýatan ýalançy kezzap gizlenen
eken. Siz öz eýmenç kejirligiňiz bilen aý ýarymyň dowamynda hemmäni derde
goýduňyz. Baryň indi öýňüze, aýalyňyzyň başyňyza inderjek jähennem azaby —
eden jenaýatyňyza laýyk jeza bolsun.
Dunçil bir çaýkanyp, tas ýykylypdy, emma kimdir biri rehim edip, goltugyndan
söýget berdi. Şol pursatda alynky perde düşüp, sahnadakylaryň baryny gözden
gizledi.
Nikonor Iwanowiçiň nazarynda, zaly lerzana getiren dowamly el çarpmalardan ýaňa
uly gülçyralardan ot syçyraýan ýaly boldy. Öňki gara perde ýokaryk göterilende,
sahnada indi diňe artistiň özünden başga hiç kim ýokdy. Täzeden başlanan güýçli el
çarpyşmalaryň arasyny kesip, artist zala tagzym etdi-de, söze başlady.
— Programmamyzda gatnaşan ýaňky Dunçiliň şekilinde siz adaty bir eşegi gördüňiz.
Ýogsa, düýn men, öýde gizlin walýuta saklamak — öte akmaklykdyr diýip, aýtmak
lezzetine eýe bolupdym-a? Sizi ynandyryp aýdýaryn ki, hiç kim, hiç hili ýagdaýda ol
walýutadan peýdalanyp bilmez. Ine, şol Dunçili mysal alalyň. Ol örän köp aýlyk
alýar, hiç zada mätäç däl. Onuň şahana kwartirasy, aýaly, ýene sahypjemal oýnaşy
hem bar. Muňa seredip görüň, walýuta bilen gymmatbaha daşlary döwlete tabşyryp,
her nähili bişeýkellikleri başyndan sowup, dynç, asuda ýaşamaga derek bu içimtap
samsyk ahyry iliň gözüniň öňünde masgara boldy, üstesine-de, öýünde uly maşgala
dawasyny başyna satyn aldy. Ýeri, kim tabşyrar? Isleg bildirýän ýokmy? Onuň ýaly
bolsa, nobatdaky nomerimizde — programmamyza ýörite çagyrylan talantly we
tanymal drama artisti Sawwa Potapowiç Kurolesow şahyr Puşkiniň «Husyt rytsar»
pajygasyndan parça okap berer.
Ady agzalan Kurolesow derrew sahnada peýda boldy, ol egnine frak geýip, ak
galstuk dakynan, saçy syrylan, uzyn, dolmuş adam eken.
Ol ýüzüni ajydyp, gaşlaryny çytyp, altyn jaňjagaza gyýa bakyp, hiç hili girişsiz,
tebygy bolmadyk ses bilen şygyr okap başlaýar:
— Jalaý, mekir ýigit bir bozuk jenana sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdy...
121
Şundan başlap Kurolesow özi barada köp ýaman gepleri aýtdy. Nikonor Iwanowiç
haýsy-da bolsa bir bagtygara dul hatynyň ýagşyň astynda zar-zar aglap, Kurolesowyň
garşysynda dyza çökenini, emma artistiň köňlüni ýumşadyp bilmändigi dogrusynda
onuň öz agzyndan eşitdi. Nikonor Iwanowiç düýşi görýänçä şahyr Puşkiniň birem
eserini-de okamandy, ýöne ony juda oňat bilýärdi, hatda onuň adyny her gün birnäçe
gezek aşakdaky mazmunda dile alyp durýardy: «Kwartira hakyny siziň üçin Puşkin
tölejekmi?» ýa-da: «Näme, basgançakdaky çyrany Puşkin towlap alyp gitdimi?», —
«Belki siz, kerosin üçin Puşkin pul tölär öýdýäňizmi?»
Ine, indi Nikonor Iwanowiç şahyryň eserlerinden biri bilen tanşyp, gussa batdy, ýetim
çagalary bilen ýagyşda dyza çöküp duran aýaly göz öňüne getirip, biygtyýar:
«Deýýusyň bir eken-ow bu Kurolesow!» — diýip köňlünden geçirdi.
Ol bolsa bardyksaýyn sesini gataldyp, toba etmegini dowam edip, Nikonor
Iwanowiçy aljyratdy, çünki artist birden sahnada ýok bir adama ýüzlenip, şol ýok
adamyň dilinden özüne-özi jogap gaýtaryp başlady, şu gepleri aýdýan wagtynda ol
özüne kä «siz» diýip, käte «sen» diýip, özüne-özi birde «jenap», birde «baron», birde
«atam», birde «oglum» diýip ýüzlenip başlaýar. Nikonor Iwanowiç diňe bir zady —
artistiň: «Açarlar! Açarlarym meniň!» — diýip jan howluna gygyryp, ahyry pola
ýykylyp, harlap ölüp galanyna düşünipdir, soň artist yňranyp, boýnundaky
galstugyny ýuwaşja çözüpdir.
Kurolesow ölüp bolansoň, ýerinden turyp, jalbarynyň çaňyny kakýar, ýalandan
ýylgyryp, tagzym edýär-de, gürrüldili el çarpyşmalar aşagynda sahnadan çykyp
gidýär. Soň alyp baryjy şeýle diýýär:
— Biz Sawwa Potapowiçiň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde «Husyt rytsar» eserini
diňledik. Şol rytsar şoh ylahylar uçup gelip, daşymda perwana bolarlar, ýene juda köp
şuňa meňzeş köňül açyjy hallar ýüz berer diýip umyt edipdi. Emma häzir özüňiz
gördüňiz, hiç hili ylahylar hem uçup gelmedi, muzalar — ylhamlar-da oňa sowgat
getirmedi, ol hiç hili ymaratlar-da gurup bilmedi, tersine, juda ýaman ölüm tapdy,
walýutadyr göwher daşlardan doldurylan sandygynyň üstünde ýüregi ýarylyp,
jähenneme gitdi.
— Sizi habardar edýärin, eger walýutalary tabşyrmasaňyz, siziň başyňyza-da şeýle
heläket, — belki, ondan hem bäşbeteri — düşmegi mümkin.
Belki, Puşkiniň şygry eseri, ýa-da alyp baryjynyň kyssaýy sözleri täsir etdimi,
nämemi, birden zaldan çekinjeň bir ses eşdildi:
— Men tabşyrjak walýutamy.
— Sizi hormat bilen sahna çagyrýaryn — diýdi alyp baryjy garaňky zala dikanlap,
mylaýym ses bilen.
Sahna pes boýly, çynar saçly bir adam çykdy, ol görnüşine görä, üç hepde dagy
sakgalyny almadyk adama meňzeýärdi.
— Bagyşlarsyňyz, familiýaňyz? — diýdi alypbaryjy.
— Kanawkin Nikolaý diýdi ol çekinjeňlik bilen.
— Hawa! Örän hoşal men, graždanin Kanawkin, gulagym sizde!
— Tabşyrjak — diýdi Kanawkin ýuwaşja.
— Näçe?
— Müň dollar, ýene ýigrimi sany on manatlyk altyn teňňe.
122
— Brawo! Hemmesimi?
Programmany alyp barýan artist Kanawkiniň gözlerine dikanlap seretdi, şonda
Nikonor Iwanowiçiň nazarynda, artistiň gözlerinden uçgun atylyp, rentgen şöhlesi
ýaly Kanawkiniň bedenini deşip geçen ýaly boldy. Zalda oturanlaryň demi içine gitdi.
— Ynandym! — diýdi netijede artist we göz nuruny öçürip: — ynandym! Bu gözler
aldamaz! Size men näçe gezek esasy ýalňyşlygyňyz adam gözleriniň gudratynyň
bahasyna az üns berýänligiňizde diýip aýdypdym. Düşüniň, diliň hakykaty
ýaşyrmagy mümkin, emma göz — hiç haçan! Meselem, size tötänden bir sorag
berdiler diýeli, emma siz oňa tisginmeýärsiňizem, bada-bat özüňizi ele alyp, hakykaty
ýaşyrmak üçin näme jogap bermelidigini bilýäňiz, şeýdibem örän ynamly jogap
gaýtaraňyzda, ýüzüňizde gepiňiziň ýalandygyny duýdurýan birem alamat
görünmeýär, emma mälim ki, berlen soragdan aljyranyňyzda, hakykat birden
kalbyňyz düýbünden gözüňize böküp çykýar-da, wessalam, iş tamam. Hakykat paş
bolup, ele düşýäňiz!
Artist bu örän esasly sözüni dabdaba bilen sözläp, Kanawkinden mylaýym äheňde
sorady:
— Nirede ýaşyryp goýupdyňyz?
— Preçistenkadaky daýzamyň öýünde, Porohownikowa familiýasy...
— Hä-ä! Wiý, dur-dur... Klawdiýa Iliniçniňkamy? — Hawa.
— O, hä,hä, dogry! Kiçiräk öýjagaz? Garşysynda uly bolmadyk ýeri-de barmydy? Ä,
bilýärin, bilýän ol öýi! Hoş, ol öýüň niresine dykyp taşlapdyň baýlygyňy?
— Ýerkümede, Eýnem gutysyna salyp goýupdym...
Artist ellerini bir-birine urdy.
— Heý görüpmidiňiz beýle akmaklygy? — diýip, gygyrdy ol gamgyn bolup. — Ol
ýerde pullar yzgar çekip, zeňläp gidýär-ä! Heý, şeýle adamlara walýuta ynanyp
bolarmy? Ä? Eý, Taňrym, çaga ýaly-da bular!
Kanawkiniň özi hem, galp ýol bilen baýlyk toplap, hata iş edenine indi düşünüp,
öçgün saçly başyny aşak egdi.
— Pul — diýip, dowam etdi artist, — daýzasynyň alaka gemrip zaýalajak
ýerkümesinde däl, belki döwlet bankynda, juda pugta goralýan ýörite otaglarda
saklanmagy lazym! Uýat size, Kanawkin! Siz ullakan adam-a.
Kanawkin utanjyndan özüne ýer tapman, diňe barmagy bilen kemzolynyň etegini
dyrnaýardy.
— Ýeri, bolýa — diýdi artist biraz ýumşap, — geçeni kim ýatlaýar... — Soňra birden
garaşylmadyk ýerden şeýle goşmaça etdi: — Hawa, ýene bir zat, bir gezek
baranymyzda, ýaňky... maşyny iki ýola gatnadyp ýörmez ýaly... daýzaňda-da bar
bolsa gerek? Ä? Işiň beýle öwrüm almagyna garaşmadyk Kanawkiniň ini jümşüldedi,
teatr dym-dyrslyk boldy.
Ä-hä, Kanawkin?! — diýdi alyp baryjy mylaýym kine bilen, — men-ä ony
öwdümem! Ine, saňa gerek bolsa, Jögülik etmek nämä gerek?! Ýagşy däl, Kanawkin!
Ýap-ýaňy göz hakda aýdypdym-a. Ana, gözüňdenem görnüp dur daýzaňda-da
barlygy. Aýt-da, dyn-da, näme gynaýaň bizi?
— Bar! — diýip, Kanawkin çürt-kesik, gygyrdy.
123
— Brawo! — diýip, alyp baryjy seslendi. — Brawo — diýdi adamlaram bütin zaly
lerzana getirip.
Zal köşeşenden soň, alyp baryjy Kanawkini gutlap, elini gysdy, onuň şähere, öz
öýüne gitmegi üçin ulag teklip etdi we sahnanyň gyrasynda duran birewe ýene-de şu
maşyndan Kanawkiniň daýzasynyň öýüne baryp, ony aýallar teatryndaky programma
çagyrmagy tabşyrdy.
— Hawa, ýene bir zat sorajakdym, daýzaň öz baýlygyny nirede gizläni barada size
aýtmanmydy? — diýip, alyp baryjy sorady we Kanawkine hormatlap çilim uzadyp,
otluçöp çakdy. Ol çilim otlap, gamly gülümsiredi.
— Ynanýan, ynanýan — diýdi artist uludan dem alyp, — jadygöý kempir öz
ýegenin-ä däl, şeýtana-da syryny ynanmaz. Ýeri, bolýa, onuň kalbynda adamçylyk
duýgysyny oýarmaga çalyşarys. Eger onuň süýthorluk kalbynda birde-ýarym
çüýremedik tar galan bolaýsa. Bolýa, salamat bol, Kanawkin!
Şundan soň bagtyýar Kanawkin ugrady. Artist, walýuta tabşyrmak isleýänler ýene
barmy? diýip sorady, emma ümsümlik oňa jogap boldy.
— Siz-ä alasamsyk ekeniňiz, Hudaý kessin! — diýenden soň, artisti perde ýapdy.
Çyralar öçüp, biraz wagt hemme ýer zulmata gark bolansoň, uzakdan bir tenor
owazyň gaharly aýdymy eşidildi: «Onda üýşüp ýatyr tylla teňňesi, maňa degişlidir
olaň hemmesi!» Soňra niredendir uzak bir ýerden iki gezek el çarpyşmalaryň sesi
geldi. ― Aýallar teatrynda-da bir juwan aýal tabşyrýar ― diýip, birden dillendi
Nikonor Iwanowiçiň çypar sakgally goňşusy, soň uludan dem alyp, sözüne goşdy: ―
Wah, eger gazlarym bolmasady! Lianazowada, ezizim, meniň uruşgan gazlarym bar.
Mensiz gyrlar öýdüp gorkýan. Uruşgan guş näzik bolýar, ideg talap edýär... Eh,
gazlarym bolmasady!... Puşkin bilen meni täsin galdyryp bilmersiňiz ― diýip, ol
ýene uludan dem aldy.
Şol mahal zal ýap-ýagty boldy-da, Nikonor Iwanowiçiň düýşünde hemme gapylardan
zala ak galpak geýen, eli susakly aşpezler girip geldi. Şägirt aşpezler bolsa uly
çanakda suwuk çorba bilen ýasy gapyrjakda kesilgi gara nan getirdiler. Tomaşaçylar
janlandy. Şadyýan aşpezler olaryň arasyndan ýöräp, tabaklaryna suwuk çorba guýup,
çörek paýlaýardy.
― Naharlanyň-ow, ýigitler, ― diýip, olar gygyrýardy, ― soňra walýutalaryňyzy
tabşyryň! Nämä gerek bu ýerde wagtyňyzy biderek geçirip? Näme, zarmy siz şu suw
çorba? Ondan-a öýüňize baryp, içip, garbanyp, arkaýyn ýatanyňyz ýagşy dälmi?
― Ine, meselem, sen babaý, näme üçin ýaýdanyp otyrsyň? ― diýip, Nikonor
Iwanowiçiň özüne ýüzlenipdir boýny horazyň täji kibi gyp-gyzyl, dolmuş aşpez oňa
birje kelem ýapragy gaýyp ýören bir susak çorba uzadyp.
― Ýok! Ýok! Ýok mende walýuta! ― diýip, bar güýji bilen gygyrdy Nikonor
Iwanowiç. ― Düşünýäňmi? Ýok!
― Ýokmy? ― diýip, aşpez ýakymsyz ýogyn ses bilen, soň: ― Ýokmy? ― diýip
sorapdyr ol pessaý mylaýym owaz bilen, soň: ― Ýok, Ýok, ― diýip göwünlik berip
başlapdyr ol, feldşer aýal Praskowýa Fýdorownanyň tüýsüne girip.
Çünki ukuda basyrganýan Nikonor Iwanowiçiň egnini şol aýal ýuwaşja yralap
başlapdy. Şonda birden aşpezler eräp, teatr hem perdesi bilen dargap gitdi. Nikonor
Iwanowiç ýaş doly gözüni açyp, şypahanadaky öz otagyny, maslahaty bilen hemmäni
124
bizar eden ýüzügara aşpezleri däl, ak halat geýen iki adamy, ýagny doktor bilen
elinde tabak däl-de, üstüne ak hasa ýapylan sanjymly jamy saklap duran Praskowýa
Fýodorownany gördi.
― Eýsem, bu näme boldugy ― diýip, Nikonor Iwanowiç gamly gepledi, özüne
sanjym edilip durlan wagty ― ýok ahyr ol, mende ýok! Puşkin tabşyrsyn olara
walýutany. Ýok!
― Hawa, ýok, ýok, ― diýip, köşeşdirýärdi ony merhemetli Praskowýa Fýodorowna,
― ýok zady ýaradyp boljakmy?
Nikonor Iwanowiç sanjymdan soň ynjaldy-da, hiç hili düýş görmän uklap galdy.
Emma onuň howsalaly galmagaly netijesinde ýüze gelen gorky 120-nji otaga geçip,
ol ýerde ýatan näsagy oýatdy, bu näsag turandan, öz kellesini gözlemäge başlady, soň
howsala 118-nji otaga girip, nämälim ussadyň kalbyna gulgula saldy. Ol hasratdan
doly gözlerini Aýa dikip, durmuşyndaky güýzüň ahyrky nedamatly agşamyny,
podwaldaky otagynyň gapysynyň astyndan düşýän şöhläni we söýgülisiniň tar-tar
saçlaryny ýatlady.
Gorky 118-nji otagdan balkonyň üsti bilen Iwanyň otagyna uçup geçdi welin, ol
oýanyp, aglap ugrady.
Emma wraç howatyrlanyp başlan bu biçäreleri bir demde derman bilen köşeşdirdi,
olar ýene uklap galdy. Hemmeden soň, derýanyň üstünde daň agaryp başlanda, Iwan
hem ymyzgandy. Derman onuň bütin bedenini edil deňiz tolkuny ýaly basandan soň,
ol teselli tapdy. Bedeni ýeňleşdi, kellesi ukynyň ýakymly täsirinden hözir tapdy. Ol
uka gidende, gulagyna çalnan iň soňky sesler ― tokaýdaky guşlaryň daňyň öň ýanky
jagyl-juguly boldy. Emma hä diýmän olaryň owazy öçüp, Iwan düýş görüp başlady.
Düýşünde Takyr Depäniň üstünde Gün indi magryba agyp başlady we onuň çar
töweregi iki hatar bilen gabalandy...
XVI bap
ÖLÜM JEZASY
Takyr Depäniň üstünde Gün indi magryba agyp başlady we onuň çar töweregi iki
hatar bilen gabalandy. Çäşde prokuratoryň ýoluny kesip, çapyp geçen atly goşun
şäheriň Hewra derwezesine ýetdi. Olara tä barýançalar ýol açykdy. Kappadokiýa
pyýada goşuny mähelleden hümer bolan ýoly açyp, adamlary, gatyrlary, düýeleri iki
tarapa gysyp çykarypdy, şu sebäpli, goşun atlaryny arkaýyn çapdyryp, ap-ak tozany
pelege ýetirip, Wifleýem ýoly bilen Ýaffa ýolunyň biri-birini kesip geçýän çatrygyna
çykdylar. Soň ol Demirgazyk-günbatar ýoldan şemal dek öwsüp, ýelip gitdi. Mundan
sähel öň, ýaňky Kappadokiýa pyýadalary ýoluň gyrasyna ýerleşip, Ýerşalaime
baýrama gelýän kerwenleri öz wagtynda bir tarapa sowmaga ýetişipdiler.
Zyýaratçylar eginlerindäki ýol çadyrlaryny taşlap, ýoly ýakalap düzlen Kappadokiýa
pyýadalarynyň arkasynda sap-sap bolup durdular. Atly goşun bir çakyrym ýol geçip,
okdurylyp gelýän ýyldyrym legionynyň ikinji kagortasyndan hem ozup gitdi we ýene
bir çakyrym geçip, Takyr Depe meýdanyna birinji bolup bardy. Bu ýerde goşun
atlardan düşdi. Komandir goşuny wzwodlara böldi, wzwodlar bolsa ol diýen belent
125
bolmadyk bu depäniň diňe Ýaffa ýoluna dogrulanan azajyk ýerini açyk galdyryp,
galan hemme ýerini gabap aldy. Atlylardan soň, sähel wagt geçip-geçmänkä, depäniň
etegine ikinji kagorta hem ýetip gelip, depä bir basgançak ýokary göterildi we ol hem
depäniň etrabyny gerdişsypat dolap aldy.
Ahyry Mark Krysaboýyň ýolbaşçylygyndaky kenturiýa hem ýetip geldi. Ol ýoluň iki
tarapyny ýakalap, durnahatar düzlüp gelýärdi, ýoluň ortasyndan bolsa ýörite
sakçylaryň gözegçiliginde arabada ölme höküm edilen we boýunlaryna arameý we
grek dilinde «Garakçy we pitneçi» diýip ýazylan ak tagmajyklar asylan üç jenaýatçy
barýardy. Bu arabanyň yzyndan täze ýonulan diregli sütünler, arkanlar, piller,
bedreler-u paltalar ýüklenen başga arabalar gelýärdi. Bu arabalarda ýene alty sany
jellat hem bardy. Arabalaryň yzyndan kenturion Mark, Ýerşalaim ybadathanalarynyň
sakçylarynyň serdary hem-de ýaňy şa köşgünde garaňky otagda Pilat bilen gysga
müddetli söhbet eden gaýtarma galpakly plaş geýen adam at münüp barýardy. Bu
toplanşyk hatar bolup gelýän leşger bilen jemlenip, onuň arkasyndan alamat
tomaşany görmek isleginde dowzah ody dek jyzrama günüň yssysyndan hem
gorkmadyk iki müňe golaý bikär işsizler gelýärdi.
Şäherden üýşüp çykan bu tomaşatalaplaryň hataryna indi ýolda duşan synçy
zyýaratçylar hem goşulyşyp, hemmesi bu taýa melalsyz, arkaýyn tirkeşip gelýärdiler.
Ine, şu uzyndan-uzyn mähelle tä Takyr Depä ýetip barynça jarçylar ýaňy çäşde
Pilatyň köşkde durup aýdan sözlerini batly owaz bilen gaýta-gaýta tekrarlap bardylar.
Depäniň etegini gurşap alan atly goşun hemmäni ýokaryk, ikinji gurşaw tarapa
geçirip goýberdi, ikinji kenturiýa bolsa depäniň üstüne diňe ölüm jezasyna höküm
edilen adamlary geçirip, bütin mähelläni çaltlyk bilen depäniň çar töweregine
ýaýratdy, netijede tomaşatalap mähelle ýokarda ― pyýadalar zynjyrynyň, aşakda
atlylar hatarynyň aralygynda galdy. Indi olara jenaýatçylary pyýadalaryň selçeň
hatarynyň arasyndan synlamak mümkindi.
Elkyssa, bularyň bu depäniň başyna göterilenine, ine, üç sagatdan köpräk wagt geçdi,
indi Gün Takyr Depäniň üstünden agyp başlan hem bolsa, heniz onuň gyzgynlygy
entegem çydar ýaly däldi, Depäni iki halka bolup gurşap alan atlylar hem, nökerler
hem yssydan ýaňa ezýet çekýärdi, bu ýagdaýdan irip, bu üç jenaýatça içlerinden
gargynyp, olaryň tizräk ölmegini isleýärdiler.
Depäniň eteginde duran pyýada goşun komandiriniň maňlaýy öl-suwdy, ak
köýneginiň arkasy gara dere batyp, birinji wzwodyň deriden ýasalan bedresine tiztizden baryp, ondan owuçlap suw içdi, başyndaky sellesini ölledi. Şondan biraz teselli
tapyp, ýokarlygyna gidýän gumak ýoluň ol çetinden-bu çetine dynman gatnaýardy.
Onuň uzyn gylyjy çyzymlanan ädiginiň gonjuna urlup durdy. Şeýdip ol öz
nökerlerine sabyrly-çydamly bolmakda görelde görkezmekçidi, emma şeýle-de bolsa,
olara rehimi gelip, naýzalardan piramidalar ýasap, olaryň üstüne ak plaşlaryny ýapyp,
saýawan etmäge ejaza beripdi. Siriýaly (suwarylar) nökerler ine, şu çadyrlarda
rehimsiz gyzdyrýan güneşden jan saklap başlapdylar. Bedreler tiz-tizden boşaýardy
we wzwodlaryň nobatçylary gezekli-gezegine depäniň etegindäki gowaklyklardan
suw daşaýardylar: bu jarlykda gyrymsy tut agaçlarynyň goýy saýalarynda bulanyk bir
çeşme bu dowzahy jyzramada ömrüniň soňky günlerini geçirip, şildiräp akýardy.
126
Yssynyň derdinden ýuwaşan atlaryny saklap duran suwarylar hem şu ýerde bikarar
bolup, kölege küýsäp, içleri gysyp durdular.
Esgerleriň bu ýerde ejir çekip oturmalarydyr jenaýatçylara gargamagy düşnüklidi.
Çünki prokuratoryň ölüm jezasynyň ýerine ýetirilýän wagty, özi üçin nätanyş bolan
Ýerşalaim şäherinde bidüzgünlikler ýüz berer diýip howpa düşmesi onuň bagtyna
ýerlikssiz bolup çykdy. Ölüm jezasynyň başlananyna üç sagatdan aşanda, garaşylan
ýagdaý ýüze çykman, ýokardaky pyýadalaryň hatary bilen depäniň etegindäki
atlylaryň hatarynyň arasyna ýerleşen tomaşaçylardan biri hem galmady. Günüň
jokramasy olary jyzyrdadyp, hemmesini Ýerşalaim tarap kowupdy. Indi ine, şu iki
halkanyň aralygynda bu depä nädip geleni nämälim bolan iki sany eýesiz it galypdy,
bolany. Emma jokrama yssy bu itleri-de haldan gaçyrypdy, şu sebäpli olar
bagyrlaryny ýere berip, dillerini sallap ýatyşlaryna güneş howruna perwaý etmän,
gyzan daşlaryň içinde ösen nähilidir tikenli ösümlikleri aralap, dynman ylgap ýören
bu ýerdäki hažžyklara-da üns bermeýärdiler. Ölüme höküm edilenleri ne goşundan
doldurylan Ýerşalaimiň özünde, ne bu ýerde ― töweregi gabalan, depede halas
etmäge hiç kim synanyşyk etmedi, mähelle şähere gaýtdy, sebäbi, bärde bu
jezalandyryşda hiç hili gyzyk ýokdy, şäherde bolsa bu wagt bu gün agşam ýetip gelen
beýik baýrama ― pasha taýýarlyk başlanypdy.
Ikinji halkadaky rim pyýadalary atlylardan hem köpräk azar çekýärdiler. Kenturion
Krysaboý öz esgerlerine diňe harby demir papaklaryny çykaryp, başlaryna öllenen ak
guşagy ýapmaga rugsat berdi, emma olaryň naýzalaryny ellerinden aýyrtman, mydam
dik sakladýardy. Özi bolsa, öllenmedik gury guşagyny başyna ýapyp, hatda
köýnegine ýabşyrylan ýolbars keşpli kümüş nyşanlaryny-da, bilindäki gylyjy bilen
hanjaryny-da aýyrman jellatlara ýakyn ýerde eýläk-beýläk ýöräp ýördi.
Şunlukda Gün ýiti tygyny göni kentiriona nazarlan bolsa-da, bu ony asla gynanokdy,
kükregindäki şir nyşanlaryň ýüzlerine seredip bolmaýardy, çünki olar Gün şöhlesine
eräp, lakyrdap gaýnaýan kümüş ýaly gözüňi gamaşdyrýardy.
Krysaboýyň terzi ýiten ýüzünde ne ýadawlyk, ne närazylyk alamatlary bardy, tersine
döw kamat kenturion şu zeýilde tä gün batýança, soň daň atýança soňra ýene uzyn
gün ― gysgasy, näçe wagt gerek bolsa şunça, ellerini mis tokaly hat ýazylan
kemerine goýup, kä jenaýatçylar daňlan sütünlere, kä depäniň üstüni gorap duran
esgerlere ýowuz seredip, aýak astyndaky wagt ötüp agaryp giden adam süňklerini ýada maýdajyk daşlary gaýtarma ädiginiň tumşugy bilen biperwaý depip geçmäge
kadyr dek görünýärdi.
Gaýtarma galpakly adam sütünlerden sähel aňyrrakda üç aýakly kürsüde ornaşyp,
biperwaý otyrdy, tukatlykdan ýaňa elindäki çöp bilen ýer çyzyp, gumy dörjeleýärdi.
Indi depäni gurşap alan iki halkanyň arasynda bir adam-da galmandy diýen gürrüňe
gelsek, bu beýle bir dogry däl. Bu ýerde bir adam bardy, ýöne ony köpçülik
görmändi. Ol depäniň üstüne çykylýan açyk ýol tarapda, ölüm jezasyny görmäge
amatly ýerde däl-de, belki onuň çykmaga amatsyz, nätekiz bolan, köp ýerleri opurlan,
ýarylan gowagyň ýanynda gurap barýan injir daragtynyň bir erňekde hudaý gargan
takyr ýere ýapyşyp, jan saklaýan ýerinde ornaşypdy. Ölüm jezasyna dahyly
bolmadyk ine, şu ýeke-täk tomaşaçy bu iş başlanan çagdan, ýagny dört sagat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 14
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.