Latin

Ussat we Margarita - 20

Total number of words is 3112
Total number of unique words is 1684
33.6 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dartdy we ýanynda, krowada oturtdy.
― Hawa, bize şeýle kemally hormat görkezipsiňiz, ― diýip gepläp başlady ol, ―
özüm hem şeýle bolar diýip oýlapdym, indi biz sen-menleşip durmalyň. ― Ol ýene
krowadyň aşagyna eňilip gygyrdy: ― Haçana çenli dowam etjek bu krowadyň
aşagyndaky biedeplik? Hany çyk, betbagt masgarabaz!
― Küştüň atyny tapyp bilemok ― diýip, mylaýym, ýasama ses bilen jogap berdi
krowadyň teýinden pişik, ― bir ýere çapyp gidipdir, oňa derek bir gurbaga elime ildi.
— Sen nä özüňi bazardadyryn öýdýäňmi? ― diýdi Woland gaharlanan kişi bolup. ―
Krowadyň aşagynda hiç hili gurbaga ýokdy! Bu arzan hiläňi Warýete üçin aýap goý.
Eger häziriň özünde çykaýmasaň, seni utuldy diýip hasaplarys, lagnaty gaçgak. ―
Beýtmesi ýok messir! ― diýip gygyrdy pişik we şol sekundyň özünde penjesinde
küştüň atyny saklap, krowadyň aşagyndan çykdy.
184
― Sizi tanyşdyraýyn... ― diýip söze başlady Woland, emma öz sözüni bölüp diýdi:
― Ýok, göresim gelenok bu oýnatgy bedibagty. Serediň, krowadyň aşagynda özüni
nähili tüýse öwrüpdir?
Bu tüýsde başdan-aýak çaňa bulaşan pişik yzky aýaklarynda durup, Margarita tagzym
etdi. Indi onuň boýnuna frak bilen dakylýan ak galstuk ― bant, döşüne aýallaryň
sadap dürbüsi asylgydy. Mundan daşgary, pişigiň murty ýaldyrawuk zere boýalgydy.
― Bu näme etdigiň boldy? ― diýdi Woland, ― nämüçin murtuňy boýadyň? Ýa-da
galstugy başyňa ýapjakmy, syrtyňda balagyň ýok halyna?
― Pişik balak geýmeýär, messir ― diýip, ulumsylyk bilen jogap berdi pişik, ― entek
maňa ädigem geý diýersiň? Ädikli pişik diňe ertekilerde bolar, messir. Emma islendik
bir jandaryň bala galstuk dakman gelenini görüpmidiň? Men jemagatyň öňünde
masgara bolmagy-da, boýnumdan tutulyp, baldan kowulmagy-da islemeýärin! Her
kim başardygyça özüni bezeýär. Bu aýdanlarymy dürbä-de degişlidir diýip hasap
ediň, messir!
― Onda murtuň näme?
― Haýran men, ― diýip gury bir nägilelik bildirdi pişik, ― nämüçin Azazello bilen
Korowýew sakgal-murtlaryny alanlaryndan soň, olara ak pudra sepmek bolýar-da,
men murtuma altyn pudra sepip bilmenmi? Mundan ak pudranyň nämesi artykmaç?
Eger-de men murtumy syran bolsam, onda ykarat etseňizem bolardy! Çünki murty
syrylan pişik ― dogrudan-da, öte geçmek, muny müň mertebe boýun almaga hem
taýýar men. Emma, umuman alanda, ― şu ýere gelende, pişigiň bogazy dolup, sesi
sandyrap çykdy, ― görüp durun, maňa igenýärler, menden aýyp gözleýärler, şonuň
üçin, öz öňümde, umuman, meniň balda bolmagym gerekmikä bir diýen möhüm
mesele dur. Ýeri, siz muňa näme diýersiňiz, messir?
Şeýle diýip, pişik birden çişip başlady welin, ýene bir sekuntdan onuň ýarylaýmagy
ahmaldy.
― Wah, kezzap diýsäni haý, jögi ― diýdi, Woland başyny ýaýkap, ― her sapar bu
― utuljagyny duýsa, barypýatan kezzap ýaly, gepi alyp gaçýar. Hany, tiz otur-da, bes
et gury samahyllamaňy.
― Men oturaryn ― diýip jogap berdi pişik, oturdy-da, ― ýöne soňky pikiriňe
nägilelik bildirýärin. Meniň sözlerim, siziň bu zenanyň öňünde meni kemsidip
aýdyşyňyz dek gury samahylly däl, gaýta anyk sillogizmler toplumy bolup, Sekst
Empirik Marsian Kapella, hatda Aristotel ýaly danyşmentler hem olara ýokary baha
bererdiler.
― Şah! (Küşt!) ― diýdi Woland.
― Baş üstüne, baş üstüne ― diýdi pişik we küşt tagtasyna dürbi bilen seredip
başlady.
― Şeýlelikde ― diýip ýüzlendi Woland Margarita, ― tanyş bol, donna, meniň
hemşerlerim. Ine, bu samsyklyga salan bolýan pişik ― Begemot. Azazello we
Korowýew bilen öň tanyşansyň, bu bolsa meniň hyzmatçym Gella. Işe ökde,
parasatly, elinden gelmeýän iş ýok.
Gözel Gella aýasyna melhem alyp, sahybynyň dyzyna sürtmegini dowam edip, gök
gözlerini Margarita dikip ýylgyrdy.
185
― Ana, boldy ― diýip tanyşdyrmagy soňlady Woland we Gellanyň dyzyny gatyrak
gysanyna ýüzi çytylyp, ― jemagatymyz, görşüňiz ýaly, uly däl, garym-gatym hilesiz.
― Ol dymyp, öňünde duran globusy aýlap başlady. Globus şeýlebir inçelik bilen
işlenipdir welin, ondaky mawy ummanlar tolkunýardy demirgazyk bolsa hakyky buz
we gar örtülen telpek ýaly bolup görünýärdi. Şu mahal küşt tagtasynyň üstünde
biserenjamlyk başlandy. Ak donly şa öz gezeginde köňli hapa bolup, typyrjyklap,
müşgil ýagdaýa düşenliginden ýaňa ellerini göge göterýärdi. Aýpaltalar bilen
ýaraglanan üç sany ak pyýada ofisere aňyny gaçyryp gorkuly seredip durdy, ofiser
şemşerini oýnadyp, pyýadalaryny öňe, ýagny Wolandyň iki sany gara atlysy duran
gözeneklere tarap ündeýärdi. Küşt çöpleriniň janlydygy Margaritany örän
gyzyklandyryp, haýran galdyrdy. Pişik dürbüsini gözünden aýryp, öz şasynyň
arkasyna mylaýym dürtüp goýdy. Şah agyr ýagdaýa düşenini duýup, ýüzüni elleri
bilen ýapdy.
― Işiň çatak görünýär, ezizim Begemot ― assa diýdi Korowýew, awuly ses bilen.
― Ýagdaý erbet, ýöne gaty çykgynsyzam däl ― diýdi Begemot, ― dogrusyny
aýdaňda: men ahyr netijede ýeňjegime ynanýaryn. Diňe ýagdaýy ýagşy oýlanyp
görmek gerek.
Ol oýlanyşy örän täsin tüýsde başlady: öz şasyna allanähili üm-yşaratlar edip, göz
gypyp başlady.
― Hiç zat kömek edip bilenog-a ― diýdi Korowýew.
― Eý, waý! ― diýip gygyrdy şonda Begemot, — totular uçup gidipdir-ä, men
öňünden duýdurypdym-a!
Çyndanam, uzakdan bihasap guş ganatlarynyň pasyrdysy eşidildi. Korowýew bilen
Azazello ylgap çykyp gitdiler.
― Eý, jyn ursun sizi, bala taýýarlygyňyz bilen! ― diýip seslendi Woland, öz
globusyndan göz aýyrman.
Korowýew bilen Azazellonyň daşary çykyp gideni hem şoldy, Begemotyň göz
gyrpmasy öwjüne çykdy. Ahyry, ak şa üm-yşaratyň manysyna düşündi-de, egnindäki
donuny öz duran gözenegine çykaryp taşlap, küşt tagtasyndan ylgap çykyp gitdi.
Ofiser bolsa onuň ýerine geçip, şa lybasyny öz egnine geýdi. Korowýew bilen
Azazello dolanyp geldiler.
― Ýene aldapsyň-da bizi ― diýip hoňňuldady Azazello Begemota dikanlap.
― Näbileýin, gulagyma geldi-dä ― diýip jogap berdi pişik.
― Ýeri haçana çenli garaşmaly? ― diýdi Woland, ― Küşt!
― Men öte eşidipdirin, metr ― diýdi pişik, ― küşt bolmagy mümkin däl.
― Gaýtalap aýdýaryn, ― küşt!
― Messir, ― diýdi pişik ýasama haýbat bilen, ― siz örän ýadaw görünýäňiz: şaha
küşt ýok ahyr!
― Şa G iki gözeneginde dur ― diýdi Woland, küşt tagtasyna seretmezden.
― Messir, meniň aňkam aşdy ― diýip yňrady pişik, ýüzüni eýmenç çytyp, ― bu
gözenekde şa ýok.
― Näme diýdiň? ― diýdi haýran galan Woland we tagta ünsli garady. Şa
gözeneginde duran ofiser ters öwrülip, ýüzüni eli bilen penalaýardy.
― Ah, sen deýýus ― diýdi pikire berlip Woland.
186
― Messir! Men ýene logika ýüzlenýärin ― diýip gep başlady pişik, iki penjesini
kükregine goýup, ― eger rakyp-garşydaş şaha küşt yglan etse, aslynda küşt
tagtasynda şahyň ady-sory bolmasa, beýle küşt küşt hasaplanmaýar.
― Boýun bolýaňmy ýa ýokmy? ― diýip gygyrdy Woland gahar-gazap bilen.
― Rugsat ediň, oýlanyp göreýin, ― mylaýym äheňde diýdi pişik, tirseklerini stola
goýup we penjeleri bilen gulaklaryny penjeläp, oýlanyp başlady. Ol uzak wagt
oýlanyp, ahyry diýdi: ― Boýun boldum.
― Bu kejir mahlugy öldürseň hem az ― diýdi, Azazello gyjynyp.
― Hawa, boýun boldum ― diýdi pişik, ýöne aýdyp goýaýyn, diňe içigara bahyllar
gurşap alan ýerde oýnap bilmeýändigim sebäpli boýun bolýandyryn! ― Ol ýerinden
turdy. Küştüň çöpleri öz-özünden guta girdiler.
― Gella, wagt boldy, ― diýdi Woland, Gella otagdan çykyp gitdi.
― Içigar galmyş, bal boljak güni aýagymyň agyrşyny diýsene ― diýip gepini dowam
etdi Woland.
― Rugsat ediň, men owkalaýyn ― diýip, mylaýym haýyş etdi Margarita. Woland
Margarita gaty dikanlap seretdi, soň dyzyny oňa uzatdy.
Lawa dek gaýnag palçyk Margaritanyň elini bişirýärdi, emma ol ýüzüni çytman,
Wolandyň dyzyny agyrtmazlyga çalşyp, owkalaberdi.
― Ýakynlarym muny batýel diýip durlar ― diýdi Woland, gözüni Margaritadan
üzmän, ― emma men gaty ynanç bilen aýdýaryn ki, dyzymyň agyrysy, bir müň bäş
ýüz ýetmiş birinji ýylda Broken dagynda Şeýtan kafedrasynda bir gözel albassy
zenan bilen ýakyn gatnaşykda bolanymdan galan bolsa gerek, meniňçe.
― O, beýle zat bormy?! ― diýdi Margarita.
― Perwaý etmäň! Ýene üç ýüz ýyldan soň düzelip gider. Maňa köp däri-derman
hödür etdiler, emma köne endigim boýunça mamamyň emleýiş usulyna amal edýärin.
Örän täsin ot-çöpleri miras edip galdyryp giden maňa şol kempir, ýagny mamam.
Ýogsa-da, siziň hiç hili derdiňiz ýokmy? Belki, kalbyňyzy gemirýän bir hasrat, gussa
bardyr sizde hem?
― Ýok, messir, onuň ýaly närseler ýok mende, ― diýip, jogap berdi dana Margarita,
― indi bolsa, siziň huzuryňyzda özümi örän gowy duýup otyryn.
― Gan örän beýik zat diýdi Woland, nämüçindir şadyýana tüýsde, ― görýän welin,
sizi meniň globusym gyzyklandyrýan bolmaly.
― O, rast, men hiç haçan görmändim beýle närsäni.
― Täsin gural. Gönümden gelsem, men soňky habarlary radiodan eşitmegi
halamaýaryn. Olar hakda haýsydyr bir gyz habar berýär, ol ýer-ýurt atlaryny
düşnüksiz aýdýar. Mundan daşgary, olaryň her üçüsinden biriniň dili peltek, hamala
olary ýörite saýlap tapýan ýalylar. Meniň globusym has amatly, üstesine-de ýüze
çykyp duran wakalary meniň anyk bilmegim gerek. Ine, meselem, kenaryny umman
suwy ýuwup ýatan ine, bölek ýeri görýärmiň? Seret, ana, ol ot alyp dur. Ol ýerde uruş
başlandy. Eger gözüňi golaý eltseň, hereketlerini hem anyk görersiň.
Margarita globusa ýakynrak eňildi, dörtburçlugyň içindäki ýeriň şekili giňelip, alelwan reňklere boýaldy we relýefli karta meňzedi. Şonda Margarita lentasypat
derýany hem, onuň kenaryndaky haýsydyr bir obany hem gördi. Mäş ýaly bir oýjagaz
ulalyp, otluçöp gutusy ýaly boldy. Birden bu öýüň üçegi gap-gara tüsse bilen bile
187
asmana göterildi, onuň diwarlary ýykyldy, netijede iki gatly bu gutujykdan hiç zat
galmady ― ol gara tüsse çykyp duran bir üýşmek küle öwrüldi. Margarita gözüni
globusa has golaý eltip, ýerde ýatan kiçijik bir aýaly we onuň ýanynda ellerini ýaýyp
gana bulaşan çagany gördi.
― Tamam ― diýdi ýylgyryp Woland, ― günä etmäge hem ýetişmedi. Abadonnanyň
işi hemişe pugta.
― Men Abadona garşy bolan tarapda bolmagy islemezdim, ― diýdi Margarita. ―
Onuň özi kimiň tarapynda?
― Siz bilen gürleşdigim saýy, ― hormat bilen diýdi Woland, ― örän
akyllydygyňyza has beter ynanýaryn. Siz hatyrjem boluň. Abadonna diňe halal iş
görýär we göreşýän iki tarapa-da bir meňzeş adalatlydyr. Şoňa görä, iki tarapyňam
göreşiniň akybeti des-deň bolýar. Abadonna ― diýip, Woland ýuwaşja çagyrdy,
şobada gara äýnek dakynan, hor adam diwar içinden çykyp, bu ýerde peýda boldy.
Onuň äýnegi Margarita şeýle güýçli täsir etdi welin, ol ýuwaşja haýkyryp, Wolandyň
aýagyna ýüzüni goýdy. ― Bes ediň, ― diýip gygyrdy Woland, ― beýle gorkak
bolupdyr-la bu zamanyň adamlary. ― Ol Margaritanyň egnine şarpyk uranda, onuň
bütin bedeni jaraňlady. ― Görüp dursuň-a, ol äýnekli. Mundan daşgary, Abadonna
hiç haçan hiç kimsäniň huzurynda biwagt peýda bolan däldir, bolmazam. Üstesine bu
ýerde menem bar-a. Siz bolsa, meniň myhmanym! Men ony size görkezäýeýin
diýdim.
Abadonna sarsman durdy.
― Bir sekunt äýnegini aýyrsa bolarmy? ― diýip sorady Margarita, Wolanda
gysmyljyrap, indi gorkudan däl-de, bilesigelijilikden sandyrap.
― Ana, bu welin bolmaz ― diýip, salyhatly äheňde diýdi Woland we elini salgady
welin, Abadonnanyň garasy ýitdi.
― Sen näme diýjek bolýaň, Azazello?
― Messir ― diýip, jogap berdi Azazello, ― geplemäge rugsat ediň. Bizde iki sany
nätanyş bar: hykgyldap, öz bikesiniň huzurynda galdyrmagy ýalbaryp haýyş edýän
sahypjemal gyz bilen onuň ygtyýaryndaky, bagyşlarsyňyz, doňuz.
― Sahypjemallaryň özlerini alyp baryşlary geň-dä ― diýdi Woland.
― Ol Nataşa, Nataşadyr ― diýip, Margarita gygyrdy.
― Bolýa, bikesiniň ýanynda galdyryň. Doňzy bolsa aşpezlere ugradyň!
― Ony soýarlarmy? ― diýip, Margarita gorkuly seslendi, ― rehim ediň, messir, ol
aşaky gatda ýaşaýan Nikolaý Iwanowiç. Düşünişmezlik bolupdyr. Nataşa bilmän,
oňa-da krem sürtüpdir...
― Bagyşlarsyňyz, ― diýdi Woland, ― kim başyna ýapsyn, kim ony soýsun?
Häzirlikçe aşpezler bilen otursyn, wessalam! Unanyň, men ony bal bolýan zala salyp
bilmen-ä!
― Hawa-da... ― diýip, Azazello söze goşuldy we dowam etdi:
― Hä diýmän ýarygije bolýar, messir.
― Ä, juda gowy ― diýip, Woland indi Margarita ýüzlendi:
― Şeýlelikde, merhemet ediň! Öňünden minnetdarlyk bildirýärin size. Özüňizi
ýitirmäň, hiç zatdan gorkmaň. Suwdan başga zat içmäň, bolmasa, halyň teň bolup,
size kyn düşer. Wagt boldy!
188
Margarita halyçadan turdy we şol mahal gapynyň öňünde Korowýew peýda boldy.
XXIII bap
IBLISIŇ HUZURYNDAKY ULY BAL
Gije ýarym bolany üçin howlukmak gerek boldy. Margaritanyň gözi zordan
saýgarýardy. Onuň ýadynda galan närse — şemler hem düýbüne reňkli daşlar düşelen
howuz boldy. Haçanda Margarita şu howzuň düýbüne düşende, oňa kömekleşýän
Gella bilen Nataşa onuň başyndan gyzyl reňkli goýy we gaýnag bir suwuklyk
guýdular. Margarita tamşanyp görüp, şorumtyk närsäni duýdy we özüni gan bilen
ýuwýandyklaryna düşündi. Bu ganly duşdan soň, başgasy ― gyzgylt goýy we dury
duş başlandy, indi bu gül ýagyndan Margaritanyň başy aýlandy. Soňra ony billur
düşege ýatyryp, birhili ullakan-ullakan ýaşyl ýapraklary tä ýalpyldaýança onuň tenine
sürtdiler. Şu wagt pişik ylgap girip, kömekleşip başlady. Ol Margaritanyň aýak
tarapynda oturyp, ädik ýaglaýanlar ýaly, onuň ökjesini sürtüp başlady. Margarita
gülgün bägül ýapraklaryndan kimiň özüne köwüş tikenini hem, olaryň altyn
tasmalaryň nähili edip öz-özünden sadaplanyp galanyny hem ýatlap bilmeýär.
Haýsydyr bir güýç Margaritany rast göterip, ýüz görülýän aýnanyň garşysyna goýdy,
şonda onuň başynda şahana almaz täç lowurdap ýandy. Şol wagt niredendir peýda
bolan Korowýew Margaritanyň boýnuna agyr zynjyra asylan gara gürji itiň uzyn ak
çarçuwadaky şekilini dakdy. Bu bezeg melikä gaty agyr geldi. Zynjyr şobada onuň
boýnuna sürtülip, agyr şekil bolsa onuň kaddyny egýärdi. Emma bu oňaýsyzlygyň
öwezine Margarita başga bir amatlylyga eýe boldy. Bu amat ― Korowýew bilen
Begemotyň oňa sylag-hormatydy.
― Zeleli ýok, zeleli ýok, asla ezýet çekmäň! ― diýip gepleýärdi Korowýew,
howuzly otagyň gapysynyň öňünde durup, ― başga çäre ýok, şu zat gerek, gerek,
gerek. Rugsadyňyz bilen, gözelim, saňa soňky maslahatym. Myhmanlar arasynda
dürli taýpadaky şahslar bolýar, o, juda-juda köp olar, emma hiç kime, karol gözelim
Margo, hiç hili aýratyn gadyr goýmaly däldir! Eger bardy-geldi içinden birleri
göwnüňize ýakmasa, muny ýüzüňize çykarmajagyňyza men düşünýärin...Ýok, ýok,
asla beýle oýlamak-da gerek däl! Ol duýar, bada-bat duýar. Oňa mähir goýup,
söýmek gerek, karol gözeli. Munuň öwezine bal bikesi ýüz esse köpräk mähre
sezewar bolar! Ýene: hiç kimi biperwaý geçirip goýbermersiňiz. Eger lak atyp
gepleşmäge wagtyňyz bolmasa, iň bolmanda, mylaýym nazar aýlarsyňyz ýa-da sähel
baş atyp goýbärsiňiz. Näme etseňiz ediň, emma hiç kimi ünssüz galdyrmaň. Olar
ünssüzlükden zowal taparlar...
Şundan soň Margarita Korowýew bilen Begemotyň ýolbaşçylygynda howuzly jaýdan
tüm-garaňkylyga gadam goýdy.
― Men, men, ― diýip pyşyrdady pişik, ― özüm signal bererin!
― Başla! ― diýdi Korowýew garaňkyda.
― Bal! ― diýip gaty mawlady pişik, şu demde Margarita gygyrdy-da, gözlerini
birnäçe sekunt ýumdy. Çünki bal onuň göz öňünde şöhleli nur hem-de her hili ys,
sesler mysalynda şekillendi. Korowýew goltuklap alyp gidip barýarka, Margarita
189
özüni tropik tokaýda gördi. Gyzyldöş, ýaşylguýruk toty guşlar şahalara aslyşyp,
olaryň üstünde böküşip: «Men haýran!» ― diýip jyňkyldaşýardylar. Emma tokaý
derrew gutaryp, hammamyňky ýaly dymyk howa uçgun syçradýan sargylt sütünli bal
zalynyň salkyn howasy bilen çalyşdy. Bu zal hem tokaý kibi boş guwlap ýatyrdy,
diňe sütünleriň aşagynda başlaryna kümüşsow daňy daňan, ýarym-ýalaňaç negrler
sarsman-etmän durdular. Margarita öz hemşerleri bilen, olara indi Azazello hem
goşulypdy, zala uçup girenlerinde, negrleriň ýüzleri tolgunmadan ýaňa goňur reňke
girdi. Şu ýerde Korowýew Margaritanyň elini goýberip, gulagyna pyşyrda-dy:
― Göni çigilleme tarap ýöre!
Margaritanyň garşysynda belent bolmadyk ak çigillemden diwar emele geldi, olaryň
aňyrsynda üstüne galpak geýdirilen san-sajaksyz çyralar, çyralaryň garşysynda ak
üstünden gara frak geýen adamlar göründi. Şonda Margarita bal sazynyň nireden
gelýändigine düşündi... Ýüz elli töweregindäki adamdan ybarat orkestr polonez
sazyny çalýardy.
Orkestriň öňündäki sypada duran, frak geýen adamyň Margaritany görüp, reňki çuwak boldy, ol bir emelläp ýylgyrdy we birden elini salgap, bütin orkestri aýaga
turuzdy. Orkestr bir pursat hem durman, dik duran ýerlerinden Margaritanyň başy
üzre saz ýagdyryp başlady. Mis surnaýlaryň owazynyň arkasyndan perýat dek
eşidilýän skripkalaryň sesi onuň başyndan ýaňy howuzda guýlan goýy gan ýaly bolup
guýuldy. Dirižýor orkestre arkasyny öwrüp, ellerini giň ýaýyp, iki eplenip tagzym
kyldy, şonda Margarita ýylgyryp durup, oňa el salgady.
― Ýok, bu heniz az, kem ― diýip pyşyrda-dy Korowýew, ― ol uzyn gije uklaman
çykar. «Salam size, o walslar karoly!» ― diýip gygyr oňa.
Margarita şeýle diýip gygyranda, sesi edil jaň sedasy ýaly bütin orkestriň owazyny
basyp gitdi welin, muňa onuň özem haýran galdy. Duran adam beýle bagta tolgunyp,
çep elini döşüne goýup, sag elindäki ak taýajygy galgydyp, orkestre dirižýorlyk
etmegini dowam etdi.
― Ýene, ýene ― diýip pyşyrda-dy Korowýew, ― çepe, birinji skripkalara seret,
şeýle başyňy at, goý olaryň her biri meni tanady diýip oýlasyn özüçe. Bu ýere
gelenler jahana meşhur sazandalar. Hol birinji pultuň öňünde oturan bilen salamlaşyň
― ol Wýetan. Gowy, örän gowy. Indi gitdik.
― Dirižýor kim? ― diýip sorady Margarita öňe uçup barşyna.
― Iogann Ştraus ― diýip şaňkyldady pişik, ― eger haýsy-da bolsa bir balda, şeýle
orkestr saz çalan bolsa, goý, meni tropik tokaýdaky daragtlaryň şahasyndan
asaýsynlar. Men çagyrdym bu orkestri. Üns beriň, ýekeje sazanda-da syrkawlap
galmady ýa-da gelmekden boýun towlamady.
Indiki zalda hiç hili sütün ýokdy. Olaryň deregine gyzyl, elwan, süýt ýaly ak
bägüllerden edilen diwar bir tarapda, ikinji tarapda ýapon kameliýa güllerinden
ýasalan diwar bardy. Bu iki diwaryň aralygynda üç sany howuz bolup, olaryň birinde
ýagty syýareňk, ikinjisinde ýakut reňkli, üçünjisinde hrustal ― billur reňkli şampan
çakyry düwmeläp, joş urýardy. Olaryň töwereginde gyzyl daňyly negrler ylgaşyp,
ýasy gaplara kümüş susak bilen çakyr guýýardylar. Bägül reňkli diwarda ötük bardy,
ondan garlawajyň guýrugy ýaly frak geýen adam estradada jöwlan urýardy. Onuň
190
öňünde jaz sazy dynuwsyz gümmürdeýärdi. Ol Margaritany gören badyna, elleri ýere
degýänçä eglip, soňam kaddyny dikledi-de, içiňden parran geçýän ses bilen:
― Alliluýa! ― diýip gygyrdy.
Ol öz dyzyna bir gezek urup, soň atanaklaýyn beýleki aýagyna urup, çetki sazandaryň
elindäki tabagy aldy-da, onuň bilen sütüne ýelmedi.
Uçup barýarka, Margarita bu ökde jaz-garagolyň, Margaritanyň arkasyndan üfleýän
polenez bilen ýapyşyp, öz jaz sazandalarynyň kellesine tabak bilen urýandygyny,
olaryň bolsa ylahy howp bilen aşak oturýandyklaryny gördi.
Soňra olar bir meýdança uçup çykdylar. Margarita bu ýeri tanady: Korowýew ony eli
şemli şu ýerde garşy alypdy. Indi bu meýdançada ýanyp duran üzüm başlaryny
ýatladýan uly gülli billur çyralaryň ýagtysyndan göz gamaşýardy. Margarita üçin
ýörite jaý taýýarlanan eken ― ony şol ýere goýdular, onuň çep tirseginiň aşagynda
ametist sütünjagaz peýda boldy.
― Eger juda ýadawlyk duýsaň, eliňi şu sütünjagaza goýmak bolar ― diýip
pyşyrdady Korowýew.
Gara tenli bir adam Margaritanyň aýagynyň aşagyna ýassyk taşlady, oňa altyn sapak
bilen gürji itiň suraty tikilendi, şonda Margarita kimiňdir elinden ýapyşyp, sag
aýagyny ýassyga goýanda, dyzy haýal epildi. Ol töweregine nazar aýlady. Korowýew
bilen Azazello onuň ýanjagazynda dabaraly ýagdaýda durdular. Azazellonyň ýanynda
ýene üç sany ýigit bolup, olar Margarita Abadonnany ýatlatdy. Margaritanyň
arkasyna sowuk degip başlady, ol öwrülip, ol ýerdäki mermer diwardan buz howuza
gazly meýiň şaglap guýulýandygyny gördi. Margarita çep aýagynyň aşagynda
nähilidir yssy we ýumşak zadyň gybyrdanyny duýdy. Bu Begemotdy.
Margarita belentde durdy, onuň edil aýagynyň aşagyndan haly düşelen örän
mahabatly basgançak pese düşüp gidýärdi. Pesde, edil dürbiniň ters tarapyndan
görnen ýaly, juda-juda alysda ullakan gapysy sakçyly we gap-gara bigelşik agzyna
bäş tonnalyk ýük maşyn arkaýyn girip biljek äpet kamin (peç) göründi. Gözüňi kör
ediji derejede ýagtylandyrylan gapysy sakçyly kamin hem, basgançak hem boşdy.
Indi Margarita kernaý-surnaýlaryň sedasy juda uzakdan eşidilýärdi. Şu görnüşde bir
minut ýaly gymyldaman durdular.
― Ýeri, hany myhmanlaryňyz? ― diýip sorady Margarita Korowýewden.
― Gelerler, karol gözeli, gelerler, häzir gelip başlarlar. Myhman az bolmaz. Olary bu
meýdançada garşylanymdan odun aýranymy has gowy görerdim.
― Odun aýyrmak nämemiş ― diýip, alyp göterdi ýaňra pişik, ― men trambaýda
konduktor bolup işlemäge-de razydyryn, özüňiz bilýäňiz, konduktorlukdan manysyz
iş ýok dünýäde.
― Hemme zat öňünden taýýar edilmeli, karol gözeli ― diýip goşmaça kyldy
Korowýew çatlan monokl dakan gözünde ot oýnadyp. ― Birinji gelen myhmanyň
özüni nirä goýjagyny bilmän sandyraklap ýöreninden, şol birwagtda onuň jübti-halaly
― dilazar melikesi, nämüçin beýle ir geldik diýip, ärine ykarat edip, yňňyl-myňyl
edeninden ýaman närse ýok dünýäde. Eger bal şeýle bolýan bolsa, onuň ýaly baly
zibile zyňmak gerek, karol gözeli.
― Elbetde, zibile zyňmaly ― diýip makullady pişik.
191
― Ýarygijä çenli on sekunt galdy ― diýip goşmaça kyldy Korowýew, ― häzir
başlanar.
Şu on sekunt Margarita üçin örän uzak ýaly boldy. Onuň hyýalynda on sekunt
bireýýäm geçdi, emma bolýan zat ýokdy. Emma birden pesde, äpet kaminiň içinde
bir zat tarkyldap gitdi-de, içinden bir dar agajy atylyp çykdy ― oňa çüýräp, dökülip
başlan jeset asylgydy. Ine, şu jeset syrtmakdan ýere üzlüp düşüp, birden egnine frak,
aýagyna laklanan köwüş geýen gara saçly görmegeý ýigide öwrüldi. Şondan soň
kaminden çüýräp başlan kiçiräk bir tabyt atylyp çykdy, onuň gapagy açylyp, içinden
başga jeset peýda boldy. Görmegeý ýigit hormat bilen onuň başujuna ýakyn baryp,
onuň elini goltugyna almak üçin egdi, şonda tabytdaky jeset hem turup, gara köwüşli,
saçyna gara ýelek dakan, çyp-ýalaňaç aýala öwrüldi we bu erkek bilen aýal bilelikde
basgançakdan ýokarlygyna göterilip başladylar.
― Ilkinji myhmanlar! ― diýdi Korowýew, ― jenap Jak öz jübti-halaly bilen.
Tanyşyň, karol gözeli, dünýädäki iň täsin erkeklerden biri! Galp pul ýasamakda deňitaýy bolmadyk döwlet dönügi, şol birwagtda ökde alhimik hem. Emma ― diýip,
pyşyrdap başlady ol Margaritanyň gulagyna, ― karolyň oýnaşyny zäherläp, şöhrat
gazanan. Bu her kimsä başartmaýar. Serediň, nähili gözel ýigit!
Reňki agaran Margarita aňk-taňk bolup, agzyny açyp, aşak seretdi, ol ýerdäki ýaňky
dar agajy hem, tabyt hem gapy sakçynyň gapdalyndaky ötüge girip, gözden gaýyp
boldy.
― Örän hoşaldyryn ― diýip, gygyrdy pişik basgançakdan çykyp gelen jenap Jakyň
göni ýüzüne.
Şol pursat pesde, kaminiň içinden başsyz, elsiz bir skelet çykdy we ýere bir urlup,
frak geýnen erkek kişä öwrüldi.
Jenap Jakyň aýaly Margaritaň garşysynda dyza çöküp, tolgunmadan ýaňa reňki
agaryp, onuň dyzyny ogşady.
― Karol gözeli ― diýip, samrady ol.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.