Latin

Ussat we Margarita - 12

Total number of words is 3756
Total number of unique words is 2162
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
51.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bir sözi: kellämi gaýtaryp beriň diýip ýalbarýarmyş. Söhbetdeşler howsala düşüp, ilki
dym-dyrs oturdylar, soňra köşeşip bölünen söhbeti dowam etdirdiler. Myhman ýaňy
bir söze başlapdy... Emma bu günki gije, çyndanam ynjalyksyzdy. ― Henizem
koridordan gowur-gowur ses gelýärdi. Netijede myhman geplerini eşdiler-eşdilmez
pyşyrdap, Iwanyň gulagyna aýdyp başlady, onuň:
Ezizim gidenden soň, aradan çärýek sagat geçensoň aýnamy kakdylar... ― diýen
birinji jümlesinden başga hemme geplerini diňe şahyr eşitdi, bolany. Näsagyň
şahyryň gulagyna pyşyrdap aýdan gepleri, ony örän tolgundyrýan bolmaga çemeli.
Salym geçmän onuň ýüzi çytylyp, gözleri kä gorkuly, kä gazap bilen bakrady. Ol indi
balkondan görünmeýän Aý tarapa eli bilen yşarat edýärdi. Daşardan gelýän sesler
bütinleý diňenden soň, Myhman Iwanyň ýanyndan sähel süýşüp, indi gaty ses bilen
gepini dowam etdi.
― Hawa, soňra, ýanwaryň ortalarynda, gişlik men öz howlymyzda ilikleri üzlen şol
paltomda sowukdan digdiräp durdum. Arkamda siren pudaklaryny basan gar üýşmegi
öňümde, aýagymyň aşagynda ― perde tutulan, çala-çula ýagtylandyrylan
penjirelerim. Men birinji äpişgä eňilip gulak asyp başladym ― otaglarymdan
patefonyň sesi eşidilýärdi. Gulagyma ilen ses diňe şu boldy. Emma hiç zat görüp
bilmedim. Ýene birazajyk eglenip, bag tarapky gapydan köçä çykdym. Güýçli syrgyn
göterilipdi. Aýagyma çolaşan bir it meni gorkuzdy, özümi ondan alyp gaçyp, köçäniň
aňry ýüzüne geçdim. Hemişelik hemram bolup galan sowuk we gorky nerwlerimi
zaýa edip, umytsyzlyga girifdar edipdi. Barjak ýerim ýok, iň aňsat ýoly, dar
köçämizden çykyp, özümi tramwaýyň aşagyna oklamakdy. Içi çyralar bilen
ýagtylandyrylan, hemme tarapyny buz gaplan ýaşikleriň sowukda adamyň gaharyny
getiriji şakyrdysyny alysdan eşitdim. Emma eziz goňşym, hemme bela şunda ki,
gorky meniň her bir öýjügimi eýeläpdi. Şeýdip, tramwaýdan-da edil itden gorkan
ýaly gorkýardym. Hawa, bu binada meniň derdimden agyr dert hiç kimde ýok,
gepime ynanyber.
― Emma siz ol aýala habar berip bilerdiňiz ― diýdi Iwan biçäre bimara ýüregi awap,
― üstesine-de puluňyz-da şondady? Ol ony saklandyr-a?
― Siz muňa hiç şübhe etmäň, elbetde, saklandyr. Ýöne siz maňa düşeňzok öýdýän.
Belki, men birwagtky wakany teswirlemek endigimi ýitirendirin. Dogrusyny aýtsam,
indi men ony kän bir küýsäbem duramok, sebäbi onuň maňa zerurlygy ýok. Eger
onuň eline dälihanadan baran hat düşäýse... diýip, myhman gijäň garaňkysyna
mylaýymlyk bilen seretdi. Eýsem, şeýle salgydan nädip hat iberip bolar? Ruhy
keselliden? Oýun edýänsiňiz, dostum! Ýeri, ony bagtsyz edeýinmi? Muny men
başarman.
Iwan oňa nägilelik bildirip bilmedi, emma kemsuhan Iwan myhmanyň ýagdaýyna
gynandy, oňa hem dert berdi. Ol bolsa öz hatyrasyndan teşwişlenip, gara şypyrma
geýen başyny dynman yrap, oturşyna, diýýärdi:
― Maňlaýy şor gelin. Emma ol meni unudandyr diýen umydym bar.
Iwan gorkarak: ― Entek siz gutulyp gidersiňiz...
109
― Derdim dermansyz ― diýip, hatyrjem jogap berdi myhman, ― Strawinskiý meni
ýaşaýyşa dolap eltmäge wada berip ýör, emma men oňa ynanmaýaryn. Ol
ynsanperwer doktor, ol maňa diňe teselli berjek bolýar. Emma inkär edmeýärin, häzir
birneme sagaldym. Ýogsa-da nämede galypdyk? Aýaz, dazlap barýan tramwaýlar.
Şol wagtda bu şypahananyň açylanyndan habarym bardy, şonuň üçin bütin şäheri
pyýada ýöräp geçip geldim bu ýere. Akmaklykdy bu, elbetde! Şäheriň çetinde men
sowukdan doňup, belki, ölüp giderdim, emma bir duýdansyzlyk janyma jan berdi.
Şäher girelgesinden dört kilometr bärde ýolda bir ýük maşynyny gördüm, onuň bir
ýeri bozlup, saklanyp duran eken, men sürüjiden haýyş etdim, görseňiz-le, ol maňa
rehim etdi. Maşyn şu tarapa gelýän eken. Meni-de özi bilen alyp geldi. Bu sapar
wagtynda çep aýagymyň barmaklaryny sowuk aldyrdym, bolany.Emma, aýagyma em
edip, düzetdiler. Ine, sähel kem dört aýdan bäri şu ýerde men. Bilýäňizmi, bu ýer
göwnüme, o diýen ýaman däl. Dogry, mähriban goňşy, ullakan rejelere baş urup
oturmagyň hajaty ýok bu ýerde. Ine, meselem, men bütin Ýer şaryny aýlanyp
çykmakçydym. Ýöne çäräm ýok, bu maňa nesip etmedi. Indi, ynha şu Şaryň kiçijik
bir bölegini görüp otyryn. Oýlanýaryn, zeminiň iň oňat ýeri däl bu ýer, emma,
tekrarlap aýdýaryn, şuňa-da şükür. Ine, tomus ýetip gelýär, Praskowýa
Fýodrownanyň wada edişiçe, balkonymyzy peçek gül büräp alýarmyş. Açarlar
mümkinçiligimi artdyrdy. Gijeler Aý dogýar. Be, eýýäm ýaşyp gidipdir! Salkyn
düşdi. Wagt ýarym gijeden agdy. Men baraýyn indi.
― Aýtsaňyzlaň, Ieşua bilen Pilatyň takdyry nähili boldy? ― diýip sorady Iwan, ―
şony biläýjekdim, ýalbarýan şony aýdyp berseňiz.
― Aý, ýok, ýok ― diýdi myhman gyjynyp, ýaňagyny tirpildedip, ― romanymy
ýatlasam, bütin bedenim gagşap gidýär. Patriarh kölçesinde tanşan jadygöýüň ony
menden ýagşyrak aýdyp bermegi mümkin. Söhbetdeşlik üçin sagja bol. Hoş,
görüşýänçäk.
Iwan özüni dürsemänkä, gözenek ýuwaşja ýalpyldy-da, myhman onuň aňyrsynda
gizlendi.
XIV bap
HORAZA ŞÖHRAT!
Rimskiýniň nerwisi artyk çydam etmedi, protokoly ýazyp bolýançalar hem kanagat
etmän, öz kabinetine okduryldy. Ol stolda üýşüp ýatan jadyly pullardan sowuklan
gözlerini aýryp bilmän otyrdy. Beýnisi güwläp, akly çaşypdy. Daşardan adamlaryň
galmagaly endigan eşidilýärdi. Tomaşaçylar Wareteden çykyp, köçä akyp başlapdy.
Maliýe direktorynyň hetdenaşa eşitgir gulaklaryna birden milisiýanyň jürlewüginiň
sesi geldi. Öňden belli zat, jürlewük hiç-haçan öz özünden ýagşylyga jürlemeýär.
Jürlewük gaýtadan çalyndy, şonda başga jürlewük oňa ýardama gelip, gatyrak we
gazaplyrak çalyndy, soň şu jürlewük owazyna adamlaryň ha-hahaýy, hatda uly
gykylygy başlandy welin, maliýe direktory köçede ýene bir jenjelli erbet wakanyň
ýüze çykandygyny we bu wakanyň, elbetde, ol jadygöý bilen ýardamçylarynyň
geçiren şum seansy bilen göni dahyllydygyny pähimledi. Duýgur Rimskiý asla
ýalňyşmandy.
110
Ol Sadowaýa köçesine açylýan penjireden daşaryk seredende, ýüzi çytyldy we
pyşyrdap däl, anygyragy, wyşyllap:
― Men şeýle boljagyny bilýärdim-le ― diýdi.
Ol köçe çyralarynyň güýçli ýagtysynda, öz penjiresiniň aşagynda, pesde, ýodada bir
aýalyň içki köýnekde, mawy reňkli uzyn trusyly duranyny gördi. Dogry aýalyň
başynda şlýapa, elinde sumkasy-da bardy.
Bütinleý aňkasy aşan, kä çommalyp oturmaga, kä dazlap nirädir gaçmaga
hyýallanýan bu hanymyň töweregini dolap alan märeke gowga göterip, ýaňy maliýe
direktorynyň endamyny jümşülleden ha-hahaýlardyr galmagallaryň ýerine ýetirijisi
şu mähelledi. Aýalyň ýanynda bir raýat aljyrap egninden öz paltosyny çykarmaga
çalyşýardy, emma örän gaty aljyrany sebäpli, elini ýeňinden çykaryp bilmeýärdi.
Şu wagt birden başga ýerden ― çep tarapdaky girelgeden-de galmagal we wagşyýana
ha-ha-haýlar eşidildi-de, Grigoriý Danilowiç şol tarapa öwrülip, gülgün reňk içki
köýnekde duran ikinji bir zenany gördi. Ol özüni penalamak üçin ýan köçä geçip,
teatryň girelgesine sümjek boldy, emma içerden çogýan tomaşaçylaryň akymy onuň
ýoluna böwet boldy, melgun Fagotyň firmasyndan aldanan geýim-gejime
höwesekligi we ýeňles häsiýeti netijesinde masgara bolan şormaňlaý aýal indi diňe
bir zady ― ýer ýarylyp, tizräk şoňa girmegi arzuw edýärdi. Milisioner jürlewügini
edil howany deşip barýan ýaly derejede jürledip, bu bagtygara aýala tarap ylgady,
onuň yzyndan kepka geýen nähilidir şoh ýigitler eýerdi. Şular köçäni başlaryna
göterip, haha-haýlanlar, gowga turzanlardy.
Murtlak hor bir paýtunly atyny uçuryp gelip, birinji ýarym-ýalaňaç aýalyň golaýynda
sakga togtady-da, agzynyň jähegi gaçyp, ýyrşardy.
Rimskiý kellesine ýumruklap tüýkürdi-de, penjiräň öňünden aýryldy.
Ol köçeden gelýän şowhuna gulak asyp, stol başynda biraz oturdy. Sykylyklaryň sesi
dumly-duşy gaplap aldy, soňra ýuwaş-ýuwaşdan köşeşdi.
Jenjel tiz basylyp ýatyrylyp, Rimskiýni geň galdyrdy.
Indi gol gowşuryp oturyp boljak däldi, jogapkärçiligiň ajy awusyny içmek wagty
ýetipdi. Tomaşanyň üçünji bölümi wagtynda telefon apparatlary düzedilipdi, diýmek,
jaň edip, ýüz beren waka hakynda degişli ýere habar bermek, ýardam soramak, ýalan
geplemek, hemme aýby Lihodeýewa ýükelemek özüňi aklamaga hereket etmek
gerekdi we şuňa meňzeşler. Ah, sen lagnaty şeýtan! Gazaby joşan maliýe direktory
iki mertebe trubkany alyp, ýene goýdy. Şu wagt birden uly ümsümlige gark bolan
otagda apparat juda gaty jyrlap, maliýe direktoryny gorkuzdy, ol gorkudan ýaňa
tisginip, doňup galdy. «Saglygymyň, nerwimiň işi gaýdypdyr» ― diýip oýlanyp,
trubkany göterdi. Emma şu demde ony gulagyndan uzaklaşdyrdy-da, reňki ak esgi
ýaly ap-ak boldy. Trubkada aýal adamyň mylaýym we aýnaky jynsyý aragatnaşyga
çekiji jögülik owazy pyşyrdap diýdi:
― Hiç ýere jaň etme, Pimskiý, soňy erbet bolar.
Şeýle diýip ol trubkany ýerine goýdy. Maliýe direktorynyň ini jümşüldedi trubkany
goýup, nämüçindir öz arkasyndaky penjirä öwrülip seretdi. Ol ýaňy ýaşyl lybas geýip
başlan zereň daragtynyň seýrek şahalarynyň arasyndan bulut bölekleriniň aňyrsynda
ýüzýän Aýy gördi. Rimskiý, nämüçindir, pudaklara yhlasly seredip başlady, ol
seretdiksaýyn endam-janyny gorky duýgusy gurşap aldy. Ahyry ol özüne zor salyp,
111
Aý ýöräp barýan penjireden ýüzüni sowup, ýerinden turdy. Indi hiç ýere jaň etmek
hakynda gep hem bolmagy mümkin däldi, maliýe direktory indi diňe bir zat
dogrusynda ― nädip tizräk teatrdan çykyp gitmek hakynda oýlanýardy.
Ol gulak saldy: teatryň jaýy suw sepilen ýaly dym-dyrs. Rimskiý binanyň ikinji
gatynda kän wagtdan bäri özünden özge hiç kim ýoklugyna düşündi, düşündi-de,
çagalara mahsus güýçli gorky duýgusy bütin göwresini birden eýeledi. Ol häzir
ýalňyz özi boş koridorlardan geçip, basgançaklardan düşmegi oýlap, bütin göwresi
galdyrady. Ol gözbagçynyň stolyň üstünde üýşüp ýatan gyzyl onluklaryny tapyrtupur ýygnaşdyryp, sanajyna saldy, özüne azajygam bolsa kuwwat bermek üçin
üsgürindi. Emma üsgülegi gyryljak çykyp, zordan eşidildi. Şu mahal onuň burnuna
kabinetiniň gapysynyň aşagyndaky deşikden ýakymsyz zeý ysy urlan ýaly boldy.
Maliýe direktorynyň ini jümşüldedi. Munuň üstesine, şol sagat ýarym gijäniň zaňyny
urup başlady. Hatda şu sagadyň zaňy hem maliýe direktoryny lerzana getirdi. Soňra
kimdir biriniň gapynyň gulpuna açar sokup, ýuwaşja towlan çagy ýüregi tas
agzyndan çykypdy. Ol derjigen sowuk elleri bilen sanajyny mäkäm gujaklap, gulpyň
deşigindäki şykyrdy ýene azajyk dowam edäýse, bu eýmençlige takat edip bilmän,
«dat» diýip gygyrjakdy.
Ahyry gapy kimdir biriniň raýyna boýun synyp, açyldy we kabinete Warenuha sessiz
gelip girdi. Rimskiý duran ýerinde kürsä lampa çökdi, çünki aýaklarynda mydar
galmandy. Ol öýkenini dolduryp howa sordy-da, hoşamatly adam ýaly ýyrşaryp we
ýuwaşja diýdi:
― Ýa, Hudaý! Ýüregim-ä ýardyň!
Hawa, beýle duýdansyz peýda boluş islendik adamy-da gorkuzardy, şuňa
garamazdan, edil häzir Warenuhanyň gelmegi uly şatlykly wakady. Her näme-de
bolsa, bu çolaşyk syryň hiç bolmanda bir ujy tapylypdy.
― Ýeri, geple tizräk! Bol, bol! ― diýip seslendi Rimskiý, şu aýdyňlaşan syryň ujuna
ýapyşyp, ― Bu näme boldugy?
― Meni bagyşla, ― diýdi pessaý ses bilen, otaga giren adam gapyny ýapyp, ― seni
gidensiň öýdüpdim.
Soň Warenuha papagyny hem çykarman, kürsä tarap geçdi-de, stolyň ol tarapynda
oturdy.
Şuny aýdyp geçmek gerek ki, Warenuhanyň jogaby birgeňsi bolup duýuldy, şonda ol
duýgurlykda dünýädäki iň ýagşy seýsmik stansiýanyň seýsmografy bilen hem
bäsleşmäge ukyply bolan maliýe direktoryny huşuna getirdi. Be, bu nähili beýle
boldy? Eger Warenuha maliýe direktoryny kabinetde ýok diýip hasap eden bolsa,
nämüçin bu ýere geldi? Ýogsa onuň öz kabineti bar-a. Bu ― bir. Ikinjiden: Warenuha
teatryň binasyna haýsy gapydan girende-de, elbetde, gijeki nobatçylardan birine duş
gelerdi, olara bolsa, Grigoriý Danilowiç öz kabinetinde birazajyk eglenýär diýlip
aýdylypdy. Emma maliýe direktory bu gümanlara kän baş agyrdyp oturmady.
Köňlüne sygmaýardy.
― Nämüçin jaň etmediň? Ýalta bilen bagly derdeserler nämeden ybarat?
― Hawa, aýdanlarym dogry çykdy, ― diýip jogap berdi iş dolandyryjy, göýä
agyrýan dişi azar berýän adam ýaly tamşanyp, ― ony Puşkinodaky restorandan
tapypdyrlar.
112
― Näme?! Puşkinodan?! Moskwanyň etegindäki Puşkinodan? Telegrammalar
Ýaltadan gelipdi-le?!
― Eh, Ýalta nämişlesin? Puşkinodaky telegrafçyny içirip, serhoş edipdir-de, soň ikisi
birigip bozgaklyk edip başlapdyrlar, şeýlelikde, «Ýalta» belgisi bilen telegrammalar
iberýärler.
― Ä-hä...ähä... Ýeri, bolýa, bolýa... ― diýip Rimskiý geplemän, aýdyma hiňlenen
ýaly boldy. Gözlerinden sarymtyl ot syçrady. Kellesinde Stýopanyň masgaralanyp
işden boşadylyşynyň dabaraly peýzajy şöhlelendi. Azatlyk! Maliýe direktory ahyry
Lihodeýew mysalyndaky bela-beterden azat bolýar! Belki, Stepan Bogdonowiçe
işden boşadylmakdan-da beterräk jeza nesip eder...
― Jikme-jik aýdyp ber! ― diýdi Rimskiý hatly papkany stola gürp edip urup.
Warenuha jikme-jiklikleri aýdyp ugrady. Ol maliýe direktorynyň iberen ýerine
barypdyr, baran badyna ony kabul edip, sözüni üns bilen diňläpdirler. Elbetde, Stýopa
Ýaltadadyr diýen pikir hiç kimiň hyýalyna-da gelmändir. Lihodeýew Puşkinodaky
«Ýalta» restoranynda bolmaly diýen Warenuhanyň çaklamasyna hemmeler derhal
goşulypdyr.
― Häzir nirede ol? ― diýip, iş dolandyryjynyň sözüni kesdi tolgunyp oturan maliýe
direktory.
― Nirede bolsun ― diýdi iş dolandyryjy kinaýaly ýylgyryp, ― elbetde, huşa
getirijide.
― Ýeri, ýeri! Aý, sagja bol-a!
Warenuha bolsa kyssasyny dowam etdirdi. Ol geplediksaýyn Lihodeýewiň
bihaýalykly kylmyşlary maliýe direktorynyň göz öňünden uzyn zynjyryň halkalary
dek düzlüp geçip başlady, emma zynjyryň nobatdaky her halkasy öňkülerinden
beterräk peýzažlary suratlandyrýardy. Ine, meselem, onuň Puşkino telegrafynyň
öňündäki çemenlikde öte serhoş ýagdaýda telegrafçy bilen gujaklaşyp, haýsydyr bir
entäp ýören garmonçynyň nagmasyna tans edenini näme diýip atlandyrjak? Ýa-da
haýsydyr bir aýallary çyňkyrdyp kowalanyny alyp gör! Ýene «Ýaltanyň» özünde
bufetçi bilen ýakalaşjak bolupdyr! «Ýaltanyň» içinde goh-galmagal edip, gök sogany
ýere seçipdir! «Aý-Danilýa» diýen ak içginiň sekiz çüýşesini kül-uşak edipdir.
Stýopany äkitmegi islemedik taksiçiniň sçýotçigini urup döwüpdir. Onuň bu ýaramaz
hereketlerine çäk goýjak bolanlara basdyraryn diýip haýbat atyşyny diýjekmi?!
Mahlasy akyla sygmaýan etmişler.
Stýopanyň Moskwanyň teatr döwresinde «ak jüýje» däldigi hemmelere aýandy, ýöne
bu zatlar Stýopa üçinem has öte geçmekdi. Iş dolandyryjynyň sözlerine ynansaň,
barypýatan öte geçmek...
Rimskiniň ýiti gözleri, ony iýäýjek ýaly, iş dolandyryjynyň ýüzüne dikanlady, emma
bu gözler hekaýa näçe köp dowam etdigiçe, şonça mylaýymlaşyp başlady. Onuň
kyssasyndaky gabahatly jikme-jiklikler durmuşyrak we aýdyňrak boldugy saýy...
maliýe direktory oňa şunça az ynanyp başlady. Warenuha Stýopanyň it ýaly
guduzlap, ony Moskwa alyp gitmäge baran adamlara hem garşylyk görkedenligi
barada hekaýa edip başlanynda, maliýe direktory ýarym gije gaýdyp gelen iş
dolandyryjynyň bar gepleriniň ýalanlygyna tamam ynandy! Hawa, gepleriniň
hemmesi ― başyndan aýagyna çenli barypýatan ýalandy.
113
Warenuha Puşkino barmandy, Stýopa hem Puşkinoda ýokdy. Serhoş telegrafçy hem
ýok, restoranda çüýşe hem döwülmändir, Stýopany hiç kim ýüp bilen daňmandyr...
― bularyň hiç biri-de bolmadyk zat. Rimskiniň iş dolandyryjynyň diýýänleri
barypýatan ýalan diýen kesgin pikire geleni-de şoldy welin, onuň aýaklaryndan
başlanan gorky duýgusy bütin bedenini gurşap aldy, şonda oňa zeý palçygyň ysy bir
däl, iki mertebe howada ýüzen dek duýuldy. Maliýe direktory kürsüde birgeňsi
tüýsde büküdip oturyp, edil çyra şöhlesinden gözüni alyp gaçmakçy bolýan ýaly,
ýüzüni gazet bilen örtüp, birsyhly stol çyrasynyň mawy saýasyny penalamaga
çalyşýan iş dolandyryjydan gözüni aýyrman, çürt-kesik: bulara nähili düşünmeli? ―
diýip kelle döwýärdi. Eýsem, şeýle bimahal gelen iş dolandyryjy bütin binanyň
ümsümlige berlip, haňlap ýatandygyna garamazdan, nämüçin beýle ýalan sözläp
otyrka? Şeýle hyýala berlen maliýe direktorynyň kalbyny, iň soňunda näbelli, emma
eýmenç howp duýgusy gemrip başlady. Ol Warenuhanyň ýalan gepläp, alyp-gaçyp
oturanyny hem, ýüzüni gazet bilen örtüp, hile edýändigini hem duýmadyk ýaly bolup,
onuň samramalarna degerli gulak asman, ýüzüne örän ünsli, dikanlap seredip başlady.
Warenuhanyň ýüzünde beýan edip bolmaýan nähilidir üýtgeşiklik bardy welin, bu ―
Puşkino wakasy baradaky töhmetçilikli toslamalaryň näme sebäpden dörändigindende möhümräkdi, ýagny şol «nähilidir» diýenimiz ― iş dolandyryjynyň daşky
keşbiniň we gepleýiş äheňiniň özgerenligidi. Ol ýüzüni ýapmak üçin papagynyň
ördektumşuk saýawanyny gözlerine çenli basyp geýmäge näçe urunsa-da, elindäki
gazeti näçe ýaýyp, öwrüp görse-de, ― barybir, Rimskiý onuň sag ýaňagynyň,
burnunyň gögerendigini saýgardy. Mundan daşary, adatça hemişe joşgunly iş
dolandyryjy häzir hassa kibi buz ýaly agaryp gidipdir, boýnuna bolsa şu gijeki dymyk
howada nämüçindir köne ýol-ýol şarf orapdyr. Bu özgerişlere ýene iş dolandyryjynyň
teatrda bolmadyk şu gysga wagtynyň içinde dişleriniň arasyndan howa sorup,
tamşanmak ýaly ýakymsyz endik çykaranyny, sesiniň juda üýtgäp, boguk we
ýakymsyz bolanyny gözlerinde ogrynlyk, gorkaklyk alamatynyň peýda bolanyny
üstüne goşsak, Iwan Sawelýewiç Warenuha tanalmaz ýaly bolupdyr diýip batyrgaý
aýtmak mümkin.
Maliýe direktoryny ýene bir zatlar agyr alada goýýardy, emma ol sowuklan beýnisini
näçe agyrtsa-da, Warenuha näçe dikanlap seretse-de, howatyrlandyrýan närsäniň
nämedigini pähimläp bilmeýärdi. Ol diňe bir zady: iş dolandyryjynyň Rimskä juda
tanyş kürsüde oturyşynda nähilidir adatdan daşarylyk barlygyny, Warenuha bilen
kürsüniň bir-birine sazlaşmaýandygyny takyklap boljakdy.
― Mahlasy, ahyry ony tutup, maşyna basdylar ― diýip, laňňyrdady Warenuha gök
dalak ýüzüni eliniň aýasy bilen örtüp, gazetiň arkasyndan seretdi.
Rimskiý birden endigi boýunça elini uzatdy-da, aýny wagtda, barmaklaryny stolyň
üstünde oýnadyp, elektrik jaňyň düwmesini basyp goýberdi we... doňup galdy.
Boşap galan binada jaň sesi jaraňlap eşidilmedi. Signal bolmady, düwme stola batdy,
emma seda çykmady. Düwme jansyzdy, jaň bolsa bozukdy. Maliýe direktorynyň bu
hilesi Warenuhanyň gözünden sypmady, ol gaşyny çytyp, gözlerinden gazap
uçgunyny saçyp sorady:
― Nämüçin jaň edýäň?
114
― Elim degäýdi tötänden ― diýdi pessaý ses bilen Rimskiý we elini yza çekdi, soň
ol ― ýüzüňe näme boldy ― diýip sorady.
― Maşyn birden öwrülip, gapyň tutawajyna uruldym ― diýip, jogap berdi Warenuha
gözüni ondan alyp gaçyp.
«Gepi ýalan!» ― diýip köňlünden geçirdi maliýe direktory. Birdenem gözleri
hanasyndan çykaýjak bolup, manysyz bakdy-da, ol kürsüniň arkasyna ýaplandy.
Kürsüniň arkasynda, polda bir-birini kesip geçýän iki kölege ýatyrdy, biri goýy gara,
ikinjisi solak çal reňkdedi. Kürsüniň söýgejiniň hem, ýiti uçly aýaklarynyň hem
kölgesi polda anyk görnüp durdy, emma Warenuhanyň söýenjik arkaly görnüp duran,
şeýle hem kürsüniň aşagyndaky aýaklarynyň kölgesi görnenokdy. «Be, onuň kölgesi
ýok-la!» ― diýip janhowluna Rimskiý gorkup, içinden gygyrdy. Bedeni sandyrap
başlady.
Warenuha Rimskiniň manysyz nazaryna seredip oturyşyna, kürsüniň arkasyna
ogrynça nazar taşlady-da, onuň arkasynyň açykdygyny gördi. Ol kürsüden turdy,
maliýe direktory hem şeýtdi, sanajyny goltuklap, stoldan bir gadam yza çekildi.
― Hä, duýdy-ow, nälet siňen! Hemişe parasatyň ýiti seniň, ― diýdi Warenuha
maliýe direktoryna, ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezden gazabyny pürküp, soňra
birden böküp, gapynyň öňüne bardy-da, iňlis gulpunyň düwmejigini ökdelik bilen
aşak basdy. Maliýe direktory baga açylýan aýna tarap çekilip, ýalt edip oňa öwrüldi
we Aý nuruna gark bolan penjirede aýna ýelmeşen çyp-ýalaňaç bir aýalyň ýüzüni we
fortoçkadan içerik uzadan ýalaňaç elini gördi ― bu el penjiräniň peski ilgençegini
açmaga çalyşýardy. Ýokary ilgençek açylypdy.
Rimskiniň nazarynda stolyň üstündäki çyra öçüp başlan ýaly, ýazuw stoly bolsa bir
tarapa agyp barýan ýaly duýuldy. Buz dek sowuk, güýçli tolkun gelip, oňa urlan dek
boldy, emma ol ähli güýjini jemläp, ýykylman saklandy. Onuň galan güýji: ― Waý
dat, ýetişiň... diýip gygyrmaga däl, pyşyrdamaga ýetdi.
Warenuha ganyny garawullap, böküp, özüni ýokary zyňýardy, zyňanda-da, howada
uzak erkin çaýkanyp durýardy. Ol çeňňek sypat barmaklary bilen Rimskiý tarapa
yşarat edip, wyşlaýardy, tamşanýardy, penjiräniň arkasynda duran ýalaňaç aýala göz
gyrpýardy.
Aýal bolsa şu wagt melesaçly başyny howlukmaç fortoçkadan sokup, elini ýagdaýy
baryça uzatdy, penjiräniň peski ilgençegini dyrnaklary bilen dyrnap, çarçuwany
silkäp başlady. Şonda onuň eli edil rezin ýaly sozulyp, ölüleriňki ýaly gögerip
ugrady. Ahyry bu öliniň gögeren barmaklary ilgençegiň ujuny çeňňelläp, ony birýana
burdy, penjire ýuwaş açylyp ugrady. Rimskiý pessaý yňranyp, diwara söýendi we
sanajyny galkan edip, öňe tutdy. Ol ajalynyň ýetendigini aňdy.
Penjire doly açyldy, ýöne otaga gijäniň hoştap howasynyň we lipa agajynyň
gülleriniň ysyna derek zeýli ýerkümäniň ysy haplap urdy. Öli aýal aýnanyň sekisinde
durdy. Rimskiý onuň göwsünde eräp başlan tegmilleri anyk gördi.
Edil şu mahal bagdan, tiriň arkasyndaky pessejik binadan garaşylmadyk ýerden
horazyň şatlykly sesi geldi. Teatr programmalaryna gatnaşýan guşlar şu ýere
ýerleşdirilipdi. Bu eldeki horaz Moskwa gündogar tarapdan daňyň ýakynlaşyp
gelýändigini gygyryp buşlaýardy. Aýalyň çehresi wagşyýana gazapdan bürşüp,
115
gyryljak ses bilen sögündi, gapynyň öňünde howada çaýkanyp duran Warenuha bolsa
haýkyryp, poluň üstüne gaçdy.
Horaz ýene gygyrdy, aýal dişlerini şarkyllatdy, başyndaky mele saçyň tarlary dim-dik
boldy. Horazyň üçünji gezek gygyrany hem şoldy, ol yzyna öwrüldi-de, penjireden
uçup çykyp gitdi. Onuň yzyndan Warenuha hem bir böküp, howada keseligine
uzaldy-da edil söýgi hudaýy Kupidon kibi ýuwaş süýnüp, ýazuw stolunyň üstünden
uçup geçdi-de, penjireden şuwlap gitdi.
Ýap-ýaňy-da Rimskiý diýlip hasap edilen, indi bolsa saçynda birem gara tary
galmadyk goja kişi gapa tarap ylgap bardy, ilgençegi ýazdyryp, gapyny açdy tüm
garaňky eýwandan dyzlap çykdy. Basgançaga öwrülýän ýerde ol gorkudan endiräpsandyrap, elektrik düwmesini sermeläp tapdy-da, basgançagy ýagtyltdy. Endam-jany
sandyraýan goja basgançakda ýykyldy, çünki göwnüne Warenuha ýuwaşjadan öz
üstüne agyp düşen ýaly boldy. Pese ylgap düşen Rimskiý nobatçynyň westibýuldaky
kassanyň öňünde, stulda uklap oturanyny gördi. Ol nobatçynyň ýanyndan
daraklygyna basyp, ogrynça ýöräp geçip, esasy gapydan köçä çykdy. Diňe şonda
Rimskiý birazajyk ýeňillik duýdy. Ol ahyry huşuna gelip, elini kellesine eltip,
şlýapasyny kabinetinde galdyrandygyny-da pähimledi.
Elbetde, ol şlýapasyny almaga yza dolanmady, gaýta has-has edip, giň köçäni kesip
geçip, öwrümdäki kinoteatra tarap ylgady, şol ýerde taksiniň tutuk gyzylymtyl
çyrasynyň ýanyp durany uzakdan göründi. Ol bir demde şol ýere ýetdi. Oňat ýeri,
taksini hiç kim alyp gitmändir.
― Leningradyň kurýer otlusyna, çaý pulam bererin, ― diýdi goja ýüregini tutup,
hassyldap dem alyp.
― Garaža barýan ― diýdi şofýor, ýigrenç bilen ýüzüni ters öwrüp.
Şonda Rimskiý sanajyndan bir ellilik çykardy-da, maşynyň öňki açyk aýnasyndan
sürüjä uzatdy.
Ýene birazajyk wagtdan soň warak maşyn Sadowaýa aýlaw ýolundan tüweleý ýaly
uçup barýardy. Ýolagçy yzky oturgyçda tiz-tizden silkinip barşyna, sürüjiniň
garşysyndaky bir bölek ýüz görülýän aýnada kä onuň şadyýana gözlerini, kä özüniň
bimany gözlerini synlaýardy. Rimskiý wokzalyň binasynyň öňünde maşyndan
okdurylyp çykdy-da, biline ak öňlük tutup, hammallyk nyşanyny dakan, ilki duş
gelen adama gygyrdy:
― Birinji derejeli wagon, bir bilet, otuz manat berýärin ― diýip sanjagyndan gyzyl
onluklary gysymlap çykardy, ― birinji ýok bolsa ― ikinji derejeli, eger o-da ýok
bolsa, näme bolsa, alaý. Nyşan dakynan adam işläp duran elektrik sagada seredip,
Rimskiniň elinden pullaryny kakyp aldy. Ýene bäş minutdan soň wokzalyň aýnabent
gümmeziniň aşagyndan kurýer otlusy ok ýaly atylyp çykdy-da, gijäň tümünde gaýyp
boldy. Şol otly bilen bile Rimskiý hem uç-dereksiz ýitirim boldy.
XV bap
NIKONOR IWANOWIÇIŇ DÜÝŞI
116
Çak etmek kyn däl, şypahananyň 119-njy otagyna ýerleşdirilen, gyzyl ýüzli, semiz
adam Nikonor Iwanowiç Bosoýdy. Emma ol professor Strawinskiniň ygtyýaryna
gelmezinden öň başga ýerde hem boldy. Nikonor Iwanowiçiň ýadynda şol başga
ýerden juda az zat: diňe ýazuw stolydyr skaf bilen diwan galdy.
Beýnisine inen gandan we ruhy ezýet çekenligi sebäpli gözüniň öňi garaňkylaşypdy,
Nikonor Iwanowiç bilen ol ýerde söhbet edipdirler, emma söhbet juda birgeňsi,
üzlüm-saplym bolup çykdy, dogrusy söhbet bolmady.
Nikonor Iwanowiçe berlen birinji sowal şeýledi: ― Siz ― Sadowaýa köçesindäki üç
ýüz ikinji ― bis öý komitetiniň başlygy Nikonor Iwanowiç Bosoý, şeýlemi?
Muňa jogap edip Nikonor Iwanowiç eýmenç hahahaýlap, şeýleräk jogap berdi:
― Men Nikonor, dogry, Nikonor men! Emma nähili başlykmyşym?
― Muňa nähili düşünmeli? ― diýip soradylar Nikonor Iwanowiçden gözlerini süzüp.
― Diýjek bolýanym ― diýip jogap berdi ol, ― eger başlyk bolan bolsam, bir
seredenimde, onuň şeýtanlygyny duýardym! Özüňiz oýlap görüň! Pensnesiniň aýnasy
çatlan... üst-başy eleşan. Onuň nädip daşary ýurtlynyň terjimeçisi bolmagy mümkin?
― Kim hakda gürrüň berýäňiz? ― diýip soradylar Nikonor Iwanowiçden.
― Korowýew-da! ― diýip gygyrdy Nikonor Iwanowiç ― öýümiziň ellinji
kwartirasyny eýeläpdir! Ýazyň! Korowýew. Derrew ele salmaly ony! Ýazyň! Altynjy
girelge. Ol şol ýerde.
― Walýutany nireden aldyň? ― diýip mylaýym äheňde soradylar Nikonor
Iwanowiçden.
― Hak tagala, kadyr Hudaý ― diýip, gepläp başlady Nikonor Iwanowiç, ―
hemmesini görüp dur, özümiň barjak ýerim hem şol ýer. Hiç-haçan elime almandym,
walýutanyň nähili bolýandygyny göz öňüme getiribem görmändim! Hudaý meni
bagtygaralygym üçin gazabyna duçar edendir ― diýip, aladaly dowam etdi Nikonor
Iwanowiç köýneginiň iliklerini kä ildirip, kä ýazdyryp, kä çokunyp, ― dogry, aldym!
Aldym, emma özümiziň sowet puly bilen aldym! Dogry, pul alyp jaýa ýazgy etdim,
jedelsiz boýnuma alýaryn. Emma kätibimiz Proležnew hem enaýylardan däl!
Açygyny aýdýan bolsak, öý edarasyndakylaryň hemmesi ogry. Emma walýuta alan
däldirin!
Jögüliligi bes edip, dollaryň wentilýasiýa tüýnüginde nireden peýda bolanyny aýdyp
beriň! ― diýip, Nikonor Iwanowiçden haýyş etdiler, ol dyza çöküp, agzyny uludan
açdy-da, edil parket tagtasyny ýuwutjak ýaly bolup, egildi.
― Isleseňiz, ― diýip çyňsady ol, ― almadym diýip kasam içip, toprak iýmäge hem
taýýar men. Emma Korowýew ― şeýtan.
Her nähili sabyr-takatyň hem çägi bolýar, stol başynda oturanlar Nikonor Iwanowiçe,
bes indi, adam ýaly gepläň diýip, berke tutup başladylar.
Şonda Nikonor Iwanowiç ýerinden böküp turup, şol diwan goýlan otagy başyna
göterip, eýmenç gygyrdy: ― Ana, ol! Ana, şkafyň arkasynda dur! Masgaralap, gülüp
dur! Pensnesi-de şol... Tutuň ony! Ýüzärlik tütediň!
Nikonor Iwanowiçiň reňki çuw-ak bolup, titräp, howa çokunýardy, dazlap gapynyň
öňüne baryp, ýene yzyna gaýdýardy, her hili dogalary sanaýardy, ahyry ol asla
tutaryksyz gepleri samrap başlady. Nikonor Iwanowiçiň hiç hili gürrüňe ýaramly
däldigi aýan boldy. Ony alyp çykyp, ýörite otaga ýerleşdirdiler, ol sähel ynjaldy,
117
emma horkuldap aglap, dynman ybadat edip başlady. Dogry, Sadowaýa köçesine-de
baryp geldiler. 50-nji kwartira-da girip çykdylar. Ýöne ol ýerde hiç hili Korowýewi
tapmadylar, üstesine-de, ol öýde ýaşaýanlardan hiç kim Korowýew diýen adamy
tanamaýar, bilmeýärem eken. Merhum Berlioz bilen Ýalta giden Lihodoýewiň jaýy
asla boşdy, kabinetdäki yşgaplara urlan sürgüçli möhürler bolsa öz ýerinde asylyp
durdy. Soň seljermäge gelenler gaýdyp gitdiler, aýny wagtda öý edarasynyň kätibi,
ruhy düşüp, aňy gaçan Proležnew hem olar bilen goşulyşyp gitdi.
Agşamara Nikonor Iwanowiçi Strawinskiniň şypahanasyna eltdiler. Ol taýda näsag
nädynç bolup, şeýlebir guduzlady welin, netijede Strawinskiniň resepti boýunça oňa
sanjym etmeli boldy. 119-njy otaga ýerleşdirilen Nikonor Iwanowiç diňe ýarygijeden
soň uka gitdi, şonda-da uky arasynda ejir çekip, yňranýardy.
Emma dura-bara ukusy kadalaşdy. Tolgunmasy, yňranmalary galyp, ýeňil we
endigan dem alyp başlandan soň, otagda ýeke galdyrdylar.
Şonda Nikonor Iwanowiç düýş gördi, şübhesiz, gören düýşüne bu günki başyndan
geçiren wakalary esas bolupdy. Nikonor Iwanowiçiň düýşi aşakdaky ýaly başlandy:
eli mis kernaýly nähilidir birhili adamlar uly dabara bilen ony laklanan äpet gapynyň
öňüne getirenmişler. Soňra şu gapynyň ýanynda kernaýçylar Nikonor Iwanowiçiň
şanyna gutlag sazyny çalýarmyşlar. Soňra bir ýogyn ses şohluk bilen oňa şeýle
diýýärmiş.
― Hoş geldiňiz, Nikonor Iwanowiç! Walýutalary tabşyryň.
Nikonor Iwanowiç juda haýran galyp, depesinde gaty sesli radiokernaýy (gromko
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 13
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.