Latin

Ussat we Margarita - 16

Total number of words is 3846
Total number of unique words is 1995
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Soňra çemodandan ýene iki jübüt içki köýnek-balak, päki çarhlaýan tasma, nähilidir
bir kitap we gutujygy çykaryp, towukdan başga hemmesini aýagy bilen depip,
basgançagyň aralygyndan aşak zyňyp goýberdi. Boşan çemodan hem pese oklandy.
Birazajyk wagtdan soň onuň ýere tarkyldap urlany eşidildi, megerem, gapagy gopan
bolsa gerek.
Soň saryýagyz galtaman towugyň aýagyndan tutup, onuň bilen rastlap Poplawskiniň
gerşine şeýlebir urdy welin, towugyň özi uçup gidip, Azazellonyň elinde diňe aýagy
galdy. Meşhur ýazyjy Lew Tolstoýyň dana düşündirişi bilen aýdanyňda,
Oblonskileriň öýünde hemme zat astyn-üstün boldy. Şu ýagdaýda ol hem edil şeýle
diýerdi. Hawa! Poplawskiniň göz öňünde bar zat garym-gatym boldy. Onuň göz
öňünden uzyn uçgun lyp edip geçdi, soň ol uçgun uzyndan-uzyn matam lentasyna
öwrülip, nurly maý gününi bir salymda zulmat perdesi bilen büredi, ― şonda
146
Poplawskiý pasportyny elinde tutup, basgançakdan pese uçup düşe başlady.
Basgançagyň birinji öwrülmesine ýetende, ol ýerdäki penjire aýnasyny depip döwdide, özi basgançakda oturdy. Aýaksyz towuk onuň ýanyndan uçup geçip, basgançagyň
aralygyndaky boşluga düşdi. Ýokardaky meýdançada galan Azazello bir demde
towugyň aýagyny gemirdi-de, süňküni trikosynyň ýan jübüsine saldy we kwartira
girip, gapyny şarkyldadyp ýapdy. Edil şu mahal aşakdan ýokarlygyna göterilýän
adamyň aýak sesi eşidildi.
Poplawskiý ýene bir basgançak pese ylgap düşüp, bu ýerdäki meýdançada duran agaç
diwana çöküp, demini dürsedi.
Üstüne köne biçim, sarymtyl berk ýüpek matadan tikilen çesunça, başyna ýaşyl
lentaly sypal şlýapa geýen, örän gamgyn ýüzli, keltejik bir garry basgançakdan
çykyp, Poplawskiniň garşysynda togtady.
― Soramaga rugsat ediň, graždanin ― diýip, mylaýym äheňde sorady ol çesunçaly
adam, ― nomeri 50-nji kwartira nirede?
― Ýokarda! ― diýdi Poplawskiý, jogaby gysgadan gaýtaryp.
― Örän minnetdar men, graždanin, ― diýdi kelte boýly adam gamgyn äheňde we
ýokary galyp ugrady. Poplawskiý bolsa ýerinden turup, pese ylgap düşdi.
Maksimilian Andreýewiç göre-gündiz özüni wagşyýana dalan deýýuslaryň üstünden
arz-şikaýat etmäge milisiýa howlukmaýarmyka diýen sowal dogulýar. Ýok, eger-eger
diýip, gaty ynam bilen aýtmak mümkin. Milisiýa edarasyna baryp, ine, häzir äýnekli
pişik pasportymy okady, soň triko geýen , kemeri pyçakly adam... diýip arz etsinmi...
ýok, graždanlar, Maksimilian Andreýewiç hakykatdan hem, dana adamdy!
Ol pese, düşüp, köçä çykýan gapynyň ýanjagazynda nähilidir bir sümelgäni gördi.
Sümelgäniň gapysynyň aýnasy döwükdi. Poplawskiý pasportyny jübüsine salyp,
ýokardan taşlanan zatlaryny gözläp, daş-töweregine göz aýlap başlady. Emma ol
zatlardan nam-nyşan ýokdy. Bu ýagdaý Poplawskini beýle bir ynjytmady, geň ýeri,
gaharynyň gelmeýänine özi hem haýran galdy. Häzir ony waswasa salýan başga bir
täsin pikir eýeläpdi, ― ol ýaňky gargyş siňen kwartirany häzir ýokaryk giden kelte
adamyň mysalynda ýene bir synap görmek islegindedi. Hakykatdan-da: eger ol öýüň
niredeligini soran bolsa, diýmek, bu ýere birinji gezek gelýär. Diýmek, ol häzir gösgöni 50-nji kwartirany mekan eden deýýuslaryň penjesine baryp düşer. Poplawskiý
bu kelte kişi tiz gaýdyp geler diýip güman edipdi. Maksimilian Andreýewiç indi
ýegeniniň jaýlanyş dessuryna howlukmaýardy, Kiýew otlusynyň ugramagyna bolsa
heniz kän wagt bardy. Ykdysatçy eýläk-beýläk seredip, ýaňky sümelgä girdi. Edil şu
mahal ýokarlarda gapynyň açylyp-ýapylany eşidildi. «Ana, şol girdi!» ― diýip
oýlady Poplawskiý ýüregini howladyp. Sümelgäniň içi salkyndy, ondan syçanyň we
ädigiň ysy gelýärdi. Maksimilian Andreýewiç bir agaç töňäň üstünde oturyp,
garaşmagy karar etdi. Onuň oturan ýeri amatly bolup, altynjy girelgäniň agzy äşgär
görnüp durdy.
Emma kiýewli daýy bu ýerde çak eden wagtyndan köpräk garaşmaly boldy.
Basgançak, nämüçindir henizem boşdy. Şol sebäpli ses gowy eşidilýärdi. Ine, ahyry,
bäşinji gatda gapy kakyldy. Poplawskiý doňňara daş bolup otyrdy. Hawa, şonuň aýak
sesi, «Aşak düşüp gelýär». Bir gat aşaky gapy açyldy. Aýak sesi diňdi. Aýal sesi.
Gamgyn adamyň sesi... hawa, şonuň sesi... Ol, «Isanyň hakyna, azar bermäň...»,
147
diýen ýaly boldy. Poplawskiniň diň salýan gulagy döwük aýnadan çykyp durdy. Şol
gulak aýal adamyň gülküsini aňşyrdy. Çalt hem ynamly ýöräp, düşüp gelýän aýak
sesi; ine, ol çaltlyk bilen geçip giden aýaly arkasyndan görüp galdy. Eline gök
kleýonka sumka göteren bu aýal gapyny açyp, howla çykyp gitdi. Kiçijik adamyň
aýak sesi ýene gelip ugrady. «Geň zat, ol ýene şol öýe dolanyp barýar. Ine, ýene
ýokary gatdaky gapy açyldy. Aý, ne çäre, ýene garaşarys».
Bu sapar köp garaşmaly bolmady. Gapy açyldy. Aýak sesi. Ses diňdi. Janagyrly
gykylyk. Pişik mawlady. Juda tiz, uçup düşüp gelýän aýak sesi, pese, pese, pese!
Poplawskiý niýetine ýetdi. Ýaňky gamgyn adam bir zatlary samrap, çokuna-çokuna
okdurylyp geçdi, onuň ýylçyr kellesi dyrnalan, jalbary öl-suw, ýüzi-gözi dälä
çalymdaşdy. Onuň gorkusy şu derejä ýetip, gapynyň nirä açylýandygyny bilmän, jany
çykaýjak bolup, tutawaçdan ýoklary dartyp başlady, ahyry ugruny tapyp, ony açyp,
gün şöhlesi düşüp duran howla atylyp çykyp gitdi.
Şeýdip, kwartira synagdan geçdi, Maksimilian Andreýewiç indi merhum ýegenini
hem, kwartirany hem oýlaman, öz başyndan geçiren howpy ýadyna düşende, «galtgalt» titräp, şol: «Hemmesi düşnükli! Bar zat düşnükli!» ― diýip, iki agyz sözi
pyşyrdap, howla ylgap çykdy. Ýene birnäçe minutdan soň ykdysatçy-taslamaçy
trolleýbusda Kiýew wokzalyna tarap ugrady.
Poplawskiý pesde, sümelgede oturan wagtynda kiçijik adamyň başyna örän kyn
söwda düşüpdi. Ol Warýetede büfetçi bolup işleýän, ady-familiýasy Andreý Fokiç
Sokowdy. Warýetede derňew işleri alnyp barylýarka, Andreý Fokuç ähli wakadan
özüni çete çekip ýördi, emma adamlar onuň ozal hem tutuk ýüzüniň indi hasam
gamgynrak bolanyny duýupdylar, mundan daşgary, ol kurýer Karpowdan çet ýurtly
jadygöýüň nirede ýaşaýanyny-da sorapdy.
Şeýlelikde, bufetçi basgançak meýdançasynda ykdysatçydan salgy sorandan soň,
bäşinji gata baryp, 50-nji kwartiranyň jaňyny basdy. Ol jaň eden badyna, gapyny
açdylar, emma bufetçi derrew girip bilmedi, gaýta tisginip yza tesdi. Munuň sebäbi
bardy. Gapyny uýat ýerine tor bezegli fartukjagaz dakan, başyna ak bezeg dakynan
çyp-ýalaňaç gyz açypdy. Aýagyna bolsa altyn köwüş geýipdi. Gyzyň daşky
kyýapasynda ýeke-täk nogsan ― boýnunda goňur ýara yzy bar diýmeseň, onuň
kaddy-kamaty asla bibahady.
― Giriň-dä, jaň edeniňizden soň! ― diýdi gyz, bufetçä bihaýa gök gözlerini dikip.
Andreý Fokiç aňk bolup, gözlerini gyrpyldatdy we şlýapasyny çykaryp, girelgä
gadam goýdy. Edil şu mahal girelgedäki telefon jyrlady. Utançsyz hyzmatçy gyz bir
aýagyny oturgyja goýup, trubkany alyp diýdi:
― Allo!
Bufetçi utanyp, nirä seretjegini bilmän, aýaklaryny çalşyryp durşuna: «Ine, saňa
gerek bolsa, çet ýurtlylaryň hyzmatçysy! Tüf, nähili masgaralyk!» ― diýip
oýlanýardy. Soň ol şu bihaýalykdan gözüni alyp gaçmak üçin her tarapa ýaltaklap
başlady.
― Bu giň, alagaraňky girelgäniň içinde her dürli zatlar we lybaslar çaşyp ýatyrdy.
Şunlukda, oturgyjyň arkasynda elwan reňk žähekli matam plaşy, ýüz görülýän
aýnanyň aşagyndaky stoljagazda bolsa ýanyp duran altyn saply uzyn şpaga ýatyrdy.
148
Ýene kümüş saply üç sany şpaga edil saýawan ýa-da hasa kibi burça söýäp goýlupdy.
Diwara kakylan keýik şahyna bolsa bürgüt petli beretler ildirilgidi.
― Diňleýärin ― diýdi hyzmatkär telefona, ― näme? Baron Maýgel? Gulagym
sende. Hawa, Jenap artist bu gün öýde. Hawa, baş üstüne duşuşar ol siziň bilen.
Hawa, myhmanlar... Ýa frak, ýa gara kemzol. Näme? Gije sagat on ikä. ―
Hyzmatkär telefonda gepleşip bolup, trubkany goýdy, soň bufetçä ýüzlendi: ― Size
näme gerek?
― Men graždanin artisti görjekdim. ―
O nähili? Hut onuň özünimi?
― Hawa, ― diýdi gamgyn äheňde bufetçi.
― Sorap göreýin ― diýdi hyzmatkär ikirjiňlenip we merhum Berliozyň kabinetini
çala açyp diýdi: ― Rytsar, bu ýere keltejik bir adam gelip, messirri görjek diýýär.
Kabinetden Korowýewiň çat açan sesi eşidildi:
― Goý, girsin.
― Myhmanjaýa giriň ― diýip, gapyny açdy bihaýa gyz, edil adam şekilli geýnen
ýaly, soň özi girelgäni terk etdi. Bufetçi teklip edilen otaga girdi-de, özüniň näme iş
bilen gelenini hem unutdy. Bu öýüň bezegini görüp onuň aňkasy aşdy. Äpet
penjirelere goýlan al-elwan aýnalardan (nam-nyşansyz gaýyp bolan zergär dul aýalyň
arzuw-höwesi) edil buthanalarda bolşy dek üýtgeşik nur saçylýardy. Baharyň
günleridigine seretmezden, gadymy haşamly kaminde odun lowlap ýanyp durdy.
Ýöne otagyň içi yssy däl, tersinedi, jaýa giren bufetçiniň burnuna ýerzeminiň zeý ysy
uruldy. Kaminiň öňüne ýazylan gaplaň derisiniň üstünde äpet garamtyl pişik gözlerini
sahawatly süzüp, oda seredip otyrdy. Bu ýerde şeýlebir stol hem bar bolup, hudaýhon
bufetçiniň gözi oňa düşenden, endam-jany tisgindi: stolyň üstüne budhana parça
matasy ýazylgydy. Ine, şu parça saçagyň üstünde zeň we çaň basan garynlak çüýşeler
durdy. Çüýşeleriň arasynda bir mejime ýalpyldap göründi, onuň sap altyndan
ýasalany bir seredeniňden mälimdi. Kaminiň öňünde kemerine pyçak dakan keltejik,
çypar adam polat şemşirini syh edip, otda çişlik, bişirýärdi, etiň suwy oda şyp-şyp
damýardy, tüsse bolsa tor arkaly çykyp durdy. Bu ýerde diňe kebap ysy, şunuň dek,
allanähili juda ýiti atyr bilen ladan ysy hem bardy ki, Berliozyň aradan çykany hakda
gazetden okan we onuň nirede ýaşanyny bilýän bufetçiniň beýnisinde, bu ýerde
Berlioza jynaza okan bolsalar gerek diýen pikir peýda boldy, emma şu demde muny
öte ýalňyş pikir diýip, göwnünden çykaryp taşlady.
Huşuny ýitiren bufetçi birden kimiňdir ýogyn, haýbatly bas sesini eşitdi:
― Ýeri, näme kömek edip bilerin men size?
Şonda bufetçi özüne gerek kişini gördi. Jadygöý hemme tarapyna ýassyk ýaýyp,
allanähili juda giň we pessejik diwanda gyşaryp ýatyrdy. Bufetçiniň gözüne artist
egnine diňe gara içki köýnek-balak, aýagyna uzyn tumşukly gara köwüş geýen ýaly
göründi.
― Men, ― diýip hasrat bilen gepe başlady bufetçi, ― Warýete teatrynda bufet
müdiri...
Artist bufetçiniň gepini böljek bolan ýaly, elini öňe uzadyp, (barmaklaryndaky
ýüzükleriň gaşlary lowurdap, nur saçdy) gaharly sözläp ugrady:
149
― Ýok, ýok, ýok! ― Indi bir agyz hem geplemäň! Hiç haçan, hiç ýerde! Bufetiňizde
hiç-haçan naharlanmaryn! Agşam men, hormatly kişi, bufetiňiziň golaýyndan
geçipdim, häli-şindi bekre balygy bilen peýniriňiziň ysy damagymdan gidenok.
Ezizim! Hiç-haçan peýnir gök reňkde bolmaýar, kimdir biri aldapdyr sizi. Peýnir diňe
ak reňkde bolmaly. Ondan soň, çaýy! Ol-a bir ýuwundy-la! Bir üflas gyzyň bedrede
sowuk suw getirip äpet semawara guýup duranyny, şol wagtyň özünde semawaryň
jüründigini towlap, adamlara çaý guýup berýändiklerini gözüm bilen gördüm. Ýok,
ezizim, beýtmek bolmaz!
― Meni bagyşlarsyňyz, ― diýdi bu garaşylmadyk hüjümden aljyran Andreý Fokiç,
― men başga mesele bilen gelipdim, bekre balygyň oňa dahyly ýok.
O nähili dahyly ýokmuş, balyk yslanan bolsa!
― Bekre balygyň soň gyzdyrlanyny iberipdiler ― diýdi bufetçi.
― Ezizim, bu birderek gürrüň!
― Nämesi biderek!
Soň gyzdyrylan diýýäniňiz! Her bir harydyň täze, soň ýyladylan bolmazlygy gerek,
eger bekre soň ýyladylan bolsa, ol azyk däl, ony iýip bolmaz, çünki ol zaýa bolandyr.
Dowamly ykarat edýän artisden nähili gutuljagyny bilmedik bufetçi:
― Meni bagyşlarsyň... ― diýip, ýene gepe başlanda, artist:
― Bagyşlap bilmerin ― diýip, üzül-kesil onuň sözüni böldi.
― Men başga meselede gelipdim! ― diýdi, zordan halys aljyran bufetçi.
― Başga meselede? ― diýdi geň galyp, çet ýurtly jadygöý. ― Eýse, nähili işiňiz
bolup biler maňa? Eger hakydam aldamaýan bolsa, men size kärdeş bolanlardan diňe
bir markitant — goşunlaryň ýanynda bolup, söwda edýän aýaly bilýärdim, emma
oňa-da kän wagt geçdi, siz ol mahal dünýä gelmändiňiz. Bolsa-da, men şat. Azazello!
Bufet müdiri jenaplaryna oturgyç goý.
Kebap bişirýän adam bärsine öwrüldi welin, onuň seýrek, bigelşik uzyn dişleri
bufetçini erbet gorkuzdy. Azazello çalasynlyk bilen oňa gara dub oturgyçlardan birini
goýdy. Otagda şu pessejik oturgyçlardan başga oturgyç ýokdy.
― Örän minnetdardyryn ― diýdi bufetçi we oturgyja çökdi. Oturany hem şol,
oturgyjyň yzky aýagy «kars» edip döwüldi, bufetçi gürpe ýykylyp, arkasy ýere gaty
uruldy. Ol ýykylyp barşyna, aýagynyň öňünde duran başga bir oturgyja degip, onuň
üstünde püre-pür gyzyl meý guýlan bulgury jalbaryna agdardy.
Artist: ― Boý-bow! Bir ýeriňizi agyrtdyňyzmy? ― diýip gygyrdy.
Azazello bufetçä kömek edip, goltugyndan galdyrdy-da, oňa başga oturgyç goýdy.
Bufetçi öý eýesiniň «Jalbaryňyzy çykaryň, otda guradyp bererler» diýen teklibini
mylaýym äheňde ret etdi, öl geýimde özüni örän oňaýsyz duýup, ikinji oturgyja
gorka-gorka oturdy.
― Men pes oturgyjy gowy görýärin, ― diýip gepläp başlady artist, ― pes
oturgyçdan ýykylmak onça hatarly däl. Hawa, biz bekre balygy hakda gepläp
otyrmydyk?! Ezizim! Hemişe diňe täze azyk, täze azyk, täze azyk ― her bir
bufetçiniň şygary şu bolmalydyr. Ýogsa-da, ine, dadyp görüň... Şu wagt kamindäki
oduň gyp-gyzyl şuglasynda bufetçiň öňünde şemşir ýalpyldady we Azazello altyn
tarelka jazlap duran bir bölek et salyp, üstünden limon şerbetini damdyrdy-da, ony
bufetçä iki dişli altyn çarşajyk bilen bile uzatdy.
150
― Sag boluň... men... Ýok, ýok, dadyp görüň! Bufetçi hormat ýüzesinden bir bölek
eti agzyna saldy-da, şobada, hakykatdan hem, täze etden bişirilen, özem örän
hoştagam zady çeýneýändigini duýdy. Emma ysy ýakymly, mazaly eti çeýnäp durka,
ol şeýlebir galkyndy, tas ikinji gezek ýykylypdy. Goňşy otagdan uly bir guş uçup
çykyp, ganatyny bufetçiniň takyr başyna ýuwaş degrip geçdi. Ol kaminiň tekjesinde
duran sagadyň ýanyna baryp gonanda, baýguşdygy mälim boldy. «Ýa, hudaý toba!
― diýip oýlady ähli bufetçiler ýaly gaharjaň Andreý Fokiç. ― Bu nähili jaý özi!»
― Bir bulgur çakyr, ä? Agyndanmy, gyzylyndanmy? Haýsy ýurduň şerabyny gowy
görýäňiz günüň bu wagtynda?
― Sag boluň... men içmeýärin...
― Biderek edýäň! Bolmasa bir gol süňk taşlap oýnarysmy? Ýa siz başga bir oýny
halaýaňyzmy? Meselem: domino, kart?
― Men hiç zat oýnamaýaryn ― diýdi, gaty usurgan bufetçi.
― Örän ýaman ― diýip netije çykardy öý eýesi, ― siz näme diýseňiz diýiň, emma
meý içmekden, humar oýunlaryndan, dilber aýallardan-u ýürekdeş söhbetlerden ýüz
dönderýän erkekleriň köňlünde nähilidir ýowuzlyk kän bolýar. Beýle adamlar ýa agyr
näsag bolýarlar, ýa-da töweregindäki adamlary gizlin ýigrenýärler. Dogry, käte
başgaça-da bolýar. Meniň bilen bile bir saçak başynda zyýapatda bolan adamlaryň
içinde-de üýtgeşik deýýuslar duşýardy. Ýeri, bolýa, gulagym sizde.
— Siz düýn gözbagçylyk edipdiňiz...
― Menmi? ― diýdi gara mag geňirgenip, ― ýok, bagyşlarsyňyz. Maňa ýaraşmaýar
beýle zatlar!
― Bagyşlarsyňyz ― diýdi özüni ýitirip oturan bufetçi, ― eýsem, jadygöýlik
seansy...
― Ä, hawa, dogry, dogry! O, ezizim! Size syryny açaýyn: men asla artist däldirin,
ýöne bir keýpine, moskwalylary göresim geläýdi, bolany, muny amala aşyrmaga teatr
oňaýlydy, elbetde. Ine, meniň kömekçilerim, ― ol kellesi bilen pişik tarapa yşarat
kyldy, ― şol seansy gurnadylar, men diňe moskwalylary synlap, ümsüm
oturyberdim. Ýok, ýok, reňkiňiz öçmesin-de, hany, şol seans mynasybetli sizi bu ýere
gelmäge näme mejbur edenini aýdyň maňa.
― Özüňize aýan, her dürli fokuslar arasynda ýokardan kagyzlar hem gaçypdy, ―
bufetçi sesini peseltdi we hyjalat çekip töweregine garady, — gepiň gysgasy, şol
kagyzlary hemmeler howadan gapyp aldy. Soňra bufetime bir ýaş ýigit girip, bir
gyzyl onluk uzatdy, men oňa sekiz ýarym manat gaýtardym... Soňra ikinji adam...
― Ol hem ýaş ýigitmidi?
― Ýok, garry adam. Soň üçünji, dördünji adam girip geliberdi. Men barysyna
gaýtargy berdim. Bu gün kassany barlap göreýin diýsem, pul däl, gyýkyndy kagyzlar
ýatyr. Bufet bir ýüz dokuz manat zyýan gördi.
― E, toba, toba! ― diýdi artist, ― be-e, eýsem, adamlar şol kagyzlary hakyky pul
hasapladylarmyka? Bile-göre şeýle edenlerine hiç aklym çatanok.
Bufetçi ýüzüni çytyp, töweregine nazar aýlady, ýöne hiç zat diýmedi.
― Be-e, kezzaplarmyka?.. ― aladalanyp sorady gara mag myhmandan, ― aý ýogaa, moskwalylaryň arasynda-da kezzaplar barmy?
151
Oňa jogap ýerine bufetçi ajy ýylgyrdy, şonda moskwalylaryň arasynda-da
kezzaplaryň barlygyna asyl-ha şübhe galmady.
― Bu pes adamlaryň işi! ― diýip, Woland gaharlandy, ― ine, siz garyp
adamsyňyz... dogry dälmi, garypsyňyz-a?!
Bufetçi kellesini gerdenleriniň arasyna çekdi welin, onuň garyp adamlygy göründi.
― Siz, meselem, näçe pul süýşirindiňiz?
Sorag gyzyklanma görnüşinde berildi, emma ony ýönekeý diýip bolmaýardy. Bufetçi
özüni ýitirdi.
― Bäş amanat kassada iki ýüz kyrk dokuz müň manat puly bar, ― diýdi nähilidir
sandyrawuk ses goňşy otagdan, ― ýene öýünde poluň aşagynda iki ýüz sany on
manatlyk altyn teňňe gizlengi.
Bufetçi özüni göýä oturgyja ýelmeşen dek duýdy.
― Hawa, elbetde, kän pul däl bu, ― diýdi Woland myhmana mürewwet edip, ―
emma, dogrusyny aýdanyňda, süýşüreniňiz size gerek hem bolmaz. Haçan ölerin
öýdýäň?
Indi bufetçiniň gahary geldi.
― Muny hiç kim bilmez, ajalymyň hiç kime galtaşygy-da ýok ― diýip, jogap berdi
ol.
― O nämüçin hiç kim bilmezmiş ― diýip, kabinetden ýene ýaňky ýakymsyz ses
eşidildi, ― ol näme Nýutonyň binomymy! Ol dokuz aýdan soň, geljek ýylyň
fewralynda birinji MGU hassahanasynyň dördünji palatasynda bagyr ragyndan öler.
Bufetçiniň reňki sap-sary boldy.
― Dokuz aý ― diýip, oýa batyp, hasaplap başlady Woland, ― iki ýüz kyrk dokuz
müň... çaklap hasaplasak, aýyna ýigrimi ýedi müň manatdan düşýärmi? Azrak, ýöne
ortaça gün geçirilýän bolsa, ýetiberýär. Ýene altyn teňňeler hem bar.
― Altynlary harçlamaga ýetişmeýär ― diýip, ýene ýaňky ses gepe goşuldy,
bufetçiniň ýüregini buza dönderip. ― Andreý Fokiç wepat eden badyna, onuň öýi
ýykylar, on manatlyk altyn teňňeler bolsa Döwlet bankyna geçiriler.
― Hawa, keselhana girmegi maslahat bermezdim ― diýip, dowam etdi artist. ―
Agyr näsaglaryň dynuwsyz yňrap, nala çekip ýatan palatasynda jan bermegiň näme
manysy bar. Ondan-a şol ýigrimi ýedi müňe ýagşy bir oturlyşyk gurup, soň awy içip,
ýas mukamlarynyň astynda serhoş sahypjemallar-u jana-jan dostlaryň ugratmagynda
baky dünýä rowan bolanyň gowy dälmi?
Bufetçi sarsman otyrdy, ol birden garran ýaly boldy. Gözleriniň daşynda gara halka
peýda boldy, ýaňaklary salparyp, eňegi asylyp galdy.
― Muňa serediň-ä, hyýala berlip gidipdiris ― diýdi öý eýesi, ― maksada geçeli.
Hany, görkez bakaly şol gyrkylan kagyzlaryňy.
Bufetçi tolgunyp, jübüsinden gazete dolanan bir petde kagyzy alyp, ony açdy, açdyda, aňk-taňk boldy. Gazete gyzyl onluklar dolangydy.
― Ezizim, siz çyndanam näsag ― diýdi Woland egnini gysyp.
Bufetçi syrtaryp, ýerinden galdy.
― Bardy-geldi, ― diýdi sakawlap ol, bular ýene öňki ýaly...
― Hm... oýlanyp durdy artist, ― onda ýene huzurymyza geliň. Siz üçin mydama
gapymyz açyk. Tanyş bolanmyza şat men.
152
Şol wagt kabinetden Korowýew atylyp çykyp, bufetçiniň eline ýapyşdy, ony dynman
silkeläp, hoşlaşyp, hemmä köpden-köp salam aýtmagy gaýta-gaýta haýyş etdi. Hiç
zat aňşyrmaýan bufetçi dälize tarap ýöredi.
― Gella, ugradyp goýber! ― diýip gygyrdy Korowýew.
Bufetçi dälizde ýene şol çypar, ýalaňaç, bihaýa gyza ýüzbe-ýüz boldy. Ol gyýa
açylan işikden keseligine çykyp, zordan «hoş» diýdi-de, serhoş ýaly entirekläp
ugrady. Ol basgançakdan bir gat pese düşüp saklandy, basgançakda oturyp,
jübüsinden dolangy puly alyp açdy ― onluklar ýerindedi.
Şol halatda bu ýerdäki jaýdan ýaşyl sumkaly bir aýal çykdy. Ol basgançakda gyzyl
onluklara manysyz dikanlap oturany görüp ýylgyrdy-da, özüçe diýdi:
― Bu nähili öý boldy?! Ine, bu hem ir bilen awulygyny içipdir. Ana, penjiräň
aýnasyny ýene döwüpdirler, ― soňra bu bufetçä dikanlap seredip:
― Bä, graždanin, onluk pullarňy towuk hem çokmaýar eken. Maňa-da birazrak
bersene-e! Ä?
― Maňa azar bermäň, Isa hakyna, ― diýdi gorkup oturan bufetçi we puly derrew
gizledi.
Aýal gülüp:
― Haý, mysalaň gursun, gysganç bedibagt! Degişdim ― diýip, pese düşüp gitdi.
Bufetçi assa-ýuwaş ýerinden turdy, şlýapasyny düzetmek üçin elini göterdi-de,
kelleýalaňaçlygyny duýdy. Yzyna gaýtmaga aýagy çekenokdy, emma şlýapasyna-da
gözi gyýmady. Ol birazajyk ikirjiňlenip durandan soň, ahyry yzyna gaýdyp, baryp jaň
etdi.
― Indi näme gerek size? ― diýip sorady ondan nälet siňen Gella.
― Şlýapamy galdyrypdyryn ― diýip pyşyrda-dy bufetçi, barmagyny takyr başyna
dürtüp. Gella yzyna öwrüldi, bufetçi heder edip, hyýalynda tüýkürdi-de, gözlerini
ýumdy. Gaýtadan gözüni açanda, Gella oňa şlýapasy bilen gara saply şemşir uzadyp
durdy.
― Meniňki däl ― diýip pyşyrda-dy bufetçi, şemşirini yza gaýtaryp, şlýapasyny geýip
durşuna.
― Eýsem, siz şemşirsiz gelipmidiňiz! ― diýip, geňirgendi Gella.
Bufetçi bir zatlar diýip mydyrda-dy, tiz pese gaýtdy. Onuň kellesinde bir oňaýsyzlyk
duýuldy, şlýapada birhili gyzgynlyk bardy, şonda ol şlýapasyny kellesinden çykardyda, gorkudan ýaňa segräp düşüp, pessaý gygyrdy. Onuň elindäki şlýapa däl-de, ütülen
horazyň ýelegi dakylan mahmal beretdi. Bufetçi çokundy. Şol pursatda beret mawlap,
gap-gara çaga pişige öwrüldi we ýene Andreý Fokiçiň kellesine böküp çykyp, onuň
takyr başyna dyrnaklaryny çümdürip, mäkäm ýapyşdy. Bufetçi jan awusyna dat edip,
aşak ylgady, çaga pişik bolsa onuň başyndan segräp düşüp, basgançakdan
ýokarlygyna atylyp çykyp gitdi.
Bufetçi açyk howa okdurylyp, derwezä tarap loňkuldap ylgady we arwahlar mekan
tutan bu 302 ― bis öýi ömürlik terk etdi.
Soňra oňa näme bolandygy biz üçin syr däl. Bufetçi derwezeden köçä atylyp çykyp,
bir zat gözleýän ýaly, gözlerini elek-çelek edip, töweregine ogrynça seretdi. Ýene bir
minutdan ol köçäniň beýle ýüzüne geçip, epdege girdi.
153
Ol: «Merhemet edip aýdyň maňa...» diýen badyna, tahylyň aňyrsynda duran satyjy
aýal gygyryberdi:
― Graždanin! Kellämiziň bar ýeri dyrnalaň-la!..
Ýene bäş minutdan soň bufetçiniň başy hasa bilen saralgydy, şol birwagtyň özünde ol
bagyr keseli boýunça iň güýçli dogtarlaryň, öz käriniň ussady professor Bernadskiý
bilen professor Kuzmindigini hem bilip ýetişdi, soň olaryň haýsy biri ýakyn ýerde
diýip sorap, Kuzminiň bu ýerden bary-ýogy bir öý aňyrda, kiçijiik ap-ak jaýda
ýaşaýandygyny bildi we begenjinden başy göge ýetdi, iki minutdan soň ol şol jaýa
baryp girdi. Bu juda gadymy ymarat bolsa-da, otaglary amatlydy. Bufetçiniň
ýadynda: oňa birinji ýüzbe-ýüz gelen eneke kempir boldy, ol bufetçiniň şlýapasyna el
uzatdy, emma şlýapanyň ýoklugyny görüp, boş tamşandy-da, nirädir bir ýere gitdi.
Kempiriň ornunda aýnanyň gapdalynda, bir arkanyň aşagynda orta ýaşlardaky bir
aýal peýda boldy we bufetçi sorag bermäge-de ýetişmänkä, diňe aýyň on dokuzyna
ýazylmak mümkin diýdi. Bufetçi nähili alajyň barlygyny tiz pähimledi. Ol nursuz
gözleri bilen arka seredip, ol ýerde ― girelgede nobata garaşyp oturan üç adamy
görüp, pyşyrdady: ― Derdim agyr ― ölüp barýan...
Aýal bufetçiniň hasa bilen daňlan kellesine geň galyp seretdi-de, ikirjiňlenip:
― Ýeri, bolýa.. diýdi-de, ony içeri geçirdi.
Şol pursatda garşydaky gapy açylyp, ol ýerde peýda bolan doktoryň gözündäki altyn
pensne parlady, ak halatly aýal diýdi:
― Graždanlar, bu näsag nobatsyz girýär.
Bufetçi göz açyp-ýumasy wagt geçmänkä, özüni professor Kuzminiň kabinetinde
gördi. Bu uzalyp gidýän otagyň ne bir gorkunçly, ne dabdabaly, ne lukmançylyga
degişli tarapy bardy.
― Size näme boldy? ― diýip sorady professor Kuzmin mylaýym owaz bilen we
bufetçiniň hasa bilen saralan başyna howsalaly seredip.
― Ynamdar adamlaň maglumatlaryna garanyňda ― diýip jogap berdi bufetçi, diwara
asylgy aýnaly çarçuwadaky bir topar adamyň suratyna göz gyýtagny aýlap, ― geljek
ýyl fewralda bagyr ragyndan ölýän ekenim. Ýalbarýan, öňüni alyň.
Gaýyş kürsüde oturan professor Kuzmin özüni onuň belent söýenjegine ýaplady.
― Bagyşlarsyňyz, gepiňize düşünmedim... siz lukmana ýüz tutduňyzmy? Näme
sebäpden kelläňiz saralgy?
― O nähili lukmanmyş? O lukmany sizem bir görsediňiz! ― diýip, ol birden
dişlerini şakgyldatdy. ― Siz kellämdäki sarga seretmäň, keselime onuň dahyly ýok,
kelläme asla üns bermäň, ol başga zatdan. «Bagyr düwünmesi», haýyş edýän, öňüni
alyň.
― Eýsem, kim aýtdy size muny?
― Oňa ynanyň, ― diýip çyn ýürekden haýyş etdi bufetçi, ― ol bilýär.
― Hiç zada düşünemok ― diýdi, professor egnini gysyp, kürsisini tigirläp, stoldan
uzaklaşyp.
― Haçan öljegiňi näbilýär ol adam, üstesine-de, ol lukmanam-a däl eken!
― Dördünji palatada öljekmişim, ― diýdi bufetçi. Şu gepden soň professor
syrkawyň başyna, guran jalbaryna dikanlap seretdi-de: «Bir kemi şudy! Däli-le bu!»
― diýip köňlünden geçirdi we sorady:
154
― Arak içýäňmi?
― Hiç haçan agzyma alan däldirin ― diýip, jogap berdi bufetçi.
Ýene bir minutdan soňra ony çykaryndyryp sowuk kleýonka ýazylan kuşetka
ýatyrdylar, professor onuň garnyna basyşdyrdy. Şuny aýtmak gerek ki, bufetçiniň
ruhy indi ençe ýeňleşipdi. Çünki professor häzir, hususan bu günki günde bufetçide
hiç hili rakdan derek ýokdugyny kesgin ynanç bilen aýtdy. Emma şeýle bolsa...
ýagny gorkýan bolsa,, haýsydyr bir kezzap ony aldan bolsa, goý, onda hemme
analizlerini tabşyrsyn...
Professor bir kagyzyň ýüzüne onuň nirä barmalydygyny, nämeler almalydygyny
ýazyşdyryp, oňa düşündirdi. Mundan daşgary, ol bufetçä nerwisiniň bütinleý sandan
çykandygyny aýdyp, newropatolog professor Burä hem hat ýazyp berdi.
― Näçe tölemeli men, professor? ― diýip mylaýym we sandyrawuk ses bilen sorady
bufetçi, goltugyndan küti gapjygyny çykaryp.
― Göwnüňden çykaranyňy ― kesgin mylaýym äheňde diýdi professor.
Bufetçi otuz manat çykaryp stola goýdy, soň elini edil pişik penjesi kibi oýnadyp,
gyzyl teňňeleri öňkiň üstüne goýdy.
― Ýeri, bu näme? ― diýdi Kuzmin murtuny towlap.
― Raýymy gaýtarmaň, graždanin professor ― diýip pyşyrda-dy bufetçi, ―
ýalbarýan ― ragyň öňüni alyň.
― Häziriň özünde gaýdyp al altynyňy ― diýdi professor özüne buýsanyp, ― siz öz
nerwiňizi bejertseňiz gowy bolardy. Ertiriň özünde siýdigiňizi tabşyryň analize, çaýy
köp içmäň, nahary duzsuz iýiň.
― Hatda çorbany hemmi? ― diýip sorady bufetçi.
― Hemme naharyňyz duzsuz bolsun ― diýip buýrdy Kuzmin.
― Ehh!.. ― diýdi çala gorsanyp bufetçi, professora mähir bilen dikanlap, soň
altynlary jübüsine saldy-da, işige tarap tese başlady.
Şol agşam professora görünmäge gelen näsaglar azdy, iňrik, garalyp başlanynda,
soňky syrkaw hem gitdi. Professor haladyny çykaryp durşuna, bufetçiniň üç sany
gyzyl onluk goýup giden ýerine göz aýlady, emma ol ýerde hiç hili pul ýok-da,
«Abrau ― Dýurso» çüýşesine ýelmenýän üç sany ýarlyk ýatyrdy.
― Jyn ursun, bu näme boldugy! ― diýip gaharlandy Kuzmin haladynyň etegini
polda süýräp baryp, kagyzlary barlap görşüne ― ol diňe däli däl, ýene kezzap hem
eken-ow! Emma düşünip bilemok, nämüçin geldi ol meniň huzuryma? Diňe siýdik
analizi üçin kagyz ýazdyrmaga geldimikä, aý, ýoga-a! Oh! Palto ogurlamaga
gelendir!
Şundan soň ol haladynyň bir ýeňini çykaryp, girelgä atyldy ― Kseniýa Nikitişna! ―
diýip gygyrdy ol bosagada durup, ― seret hany, paltolar ýerindemikä?
Paltolar ýerindedi. Emma professor ahyry ýol ugruna haladyny çykaryp stola
golaýlaşdy-da, birden stolyň aşagyndan gözüni üzüp bilmän, edil parket pola kök
uran ýaly, daş dek doňup galdy. Ýap-ýaňy ýarlyklar ýatan ýerde süýt guýlan
gapjagaz, tarelkaň ýanynda şormaňlaý bir gara pişijek garybana mawlap durdy.
― Hany aýdyň, indi bu näme? Eýsem bu... ― professor ýeňsesiniň sowap barýanyny
aňşyrdy. Onuň ýuwaş, ýöne janagyrly sesine ylgap gelen Kseniýa Nikitişna, çaga
pişigi gelen syrkawlaryň biri taşlap giden bolsa gerek, professorlaryňkyda beýle
155
ýagdaýlar bolup durýar diýip, ony derrew köşeşdirdi. ― Mätäçlikde ýaşaýan bolmaly
― diýip düşündirýärdi Kseniýa Nikitişna, ― bizde bolsa, her hili bolsa-da, elbetde...
Soňra haýsy syrkaw taşlap gitdikä diýip oýlap başladylar. Oýlana-oýlana, aşgazan
ýarasy bilen gelen kempirde saklandylar.
― Elbetde, şol, ― diýýärdi Kseniýa Nikitişna ― ol şeýle pikir eden bolmaly: men-ä
barybir ölerin, biçäre pişijek bolsa hor bolar.
― Bagyşlarsyňyz! ― diýip heňkirdi Kuzmin, ― süýt näme?! Süýdi-de şol kempir
getirdimi? Tarelkajyga näme diýersiňiz?!
― Süýdi ol kiçijik çüýşede getirip, şu ýerde tarelka guýandyr ― diýip düşündirdi
Nikitişna.
― Her nämede bolsa, äkidiň pişijek bilen tarelkajygy ― diýdi Kuzmin we özi
Kseniýa Nikitişnany tä gapa çenli ugratdy...
Ol yzyna gelende, ýagdaý ýene üýtgäpdi.
Professor haladyny çüýe ildirip, gulagyna howludan kimdir biriniň hahahaýlap
gülýäni eşidildi, ol penjireden seredip, aňk-taňk bolup galdy. Bir zenan köýnekçe
howlyny kesip, garşysyndaky kiçijik jaýa tarap ylgap barýardy. Professor hatda ol
aýalyň ady-familiýasyny hem bilýärdi, ― Mariýa Aleksandrowna. Hahahaýlap
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 17
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.