Latin

Ussat we Margarita - 15

Total number of words is 3761
Total number of unique words is 1984
31.6 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Buhgalter özüni ýitirip, ýygryldy we «Warýete» diýen sözi birinji gezek eşidýän ýaly,
bilmezlige saldy, emma içinden: «Ana, gerek bolsa!...» diýip oýlandy.
Gerek ýerine baryp, ýol hakyny sag-aman töledi-de, bina girdi we bölüm müdiriň
kabinetine tarap dälizden çalt ýöräp barşyna, bimahal gelenini duýdy. Tomaşalar
komissiýasynyň edarasynda nähilidir bir başagaýlyk bardy. Başyndaky ýaglygy
syrylyp egnine düşen, gözleri hanasyndan çykjak bolýan kurýer aýal buhgalteriň
ýanyndan ýüwrüp geçdi.
― Ýok ol, ýok, ýok, gözüňe döneýinler! ― diýip gygyrýardy ol gör kimlere ―
penjegi, jalbary bar, emma penjekde hiç zat ýok!
Aýal haýsydyr bir gapa girip gitdi, şu demde onuň yzyndan gap-gaçlaryň kül-uşak
döwülýäni eşidildi. Kätibiň otagyndan komissiýanyň birinji bölüminiň müdiri ylgap
çykdy, buhgalter ony gowy tanaýardy, emma ol şeýlebir gahar-gazaplydy, buhgalteri
tanymady we şol gidişine nam-nyşansyz gaýyp boldy. Bu wakalardan gaty lerzana
gelen buhgalter komissiýanyň başlygynyň kabinetiniň girelgesine, maşinistkanyň
otagyna girdi-de, bütinleý aňk-taňk bolup galdy.
Gapysy ýapyk otagdan gazaply ses gelýärdi. Bu, şübhesiz, komissiýanyň başlygy
Prohor Petrowiçiň sesidi. «Kimdir birlerini gowja dalaýan bolmaly?» ― diýip
köňülden geçirdi aňkarylyp duran buhgalter we töweregine göz aýlap, başga bir
wakanyň şaýady boldy: Prohor Petrowiçiň şahsy sekratary ― sahypjemal Anna
Riçardowna deri örtülen kürsüde aýaklaryny otagyň tas ortasyna çenli uzadyp,
başyny kürsiň arkasyna ýaplap, elindäki elýaglygyny öl-suw edip, aglap ýatyrdy.
Anna Riçardownanyň tutuş eňegi leb boýagyna boýalyp, erik reňkli ýaňaklaryna erän
kirpik boýagy gap-gara bolup akyp düşýärdi.
Anna Riçardowna otaga adam girenini görüp, böküp ýerinden turdy, buhgaltere
okdurylyp, penjeginiň ýakasyndan tutup, ony siltäp ses edip, diýdi:
― Hudaýa şükür! Ahyry bir mert adam tapyldy! Hemmeler gaçyp gitdi, dönükler!
Ýör onuň ýanyna, näme etjegimi bilmän haýran men! ― Soň içgin-içgin aglap
buhgalteri kabinete alyp girdi.
Buhgalter kabinete girdi-de, birinji nobatda elinden sanajy gaçdy, beýnisindäki
pikirleri bütinleý astyn-üstün boldy. Munuň sebäbi bardy, elbetde. Üstüne görmegeý
syýaçüýşe goýlan bezegli ýazuw stolyň aňyrsynda diňe kostýumyň özi otyrdy we
syýa batyrylmadyk gury pero bilen kagaza bir zatlar ýazýardy. Kostýum galstuklydy,
onuň sagat jübüsinden özi ýazýan ruçka çykyp durdy, emma kostýum ýakasynyň
üstünde ne boýun bardy, ne kelle, edil şonuň ýaly, kostýumyň ýeňlerinden el hem
çykmaýardy. Kostýum işe gaty berilenligi sebäpli, töwereginde bolýan top-topalaňy
asla duýanokdy. Kostýum otaga kimdir biriniň girenini eşidip, kürsä ýaplandy, şonda
onuň ýakasy üsre Prohor Petrowiçiň buhgaltere gaty tanyş sesi ýaňlandy:
― Näme gep? Gapa ýazylgydyr-a bu gün kabul etmeýänligim.
137
Sahypjemal kätip gyz muny eşidip, barmaklaryny döwere getirip gygyrdy:
― Gördüňizmi? Görýäňizmi?! Ol ýok! Ýok! Gaýtaryp beriň! Tapyp beriň ony!
Şol wagt kimdir biri kabinetiň gapysyndan burnuny sokdy-da, «waý» diýip gygyryp,
ökjäni göterdi. Buhgalter dyzlarynyň sandyraýandygyny duýup, oturgyjyň gyrasyna
otyrdy, emma sanajyny ýerden götermegi unutmady. Anna Riçardowna buhgalteriň
penjegini goýbermän, onuň daşynda çarh urýardy we dynman gygyrýardy:
― Şeýtany dile alyp käýinýän wagtlarynda, mydam ony «haý-haý» bilen
saklaýardym! Ine, akybet ― diýip, gözel kätip zenan ýazuw stolyň öňüne ylgap
bardy we köp aglanyndan soň haýallan, ýakymly saza meňzeş owazy bilen diýdi: ―
Proşa! Niredesiňiz?
― Maňa «Proşa» diýmäge nähili hetdiňiz ýetdi? ― diýdi kostýum ulumsylyk bilen
we kreslo ýene-de çuňňurrak batyp otyrdy.
― Tanamaýar! Meniň tanamady! Düşünýäňizmi? ― diýip, kätip zenan möňňürdi.
― Kabinetde gözýaş dökmäň! ― diýdi indi gazap bilen kostýum we rezolusiýa
goýup, gol çekmek üçin bir desse kagyzy ýeňi bilen öz öňüne süýşürdi.
― Ýok, men muny görüp durup bilmen, ýok, hiç durup bilmen! ― diýip, Anna
Riçardowna gygyrdy-da, kabinetinden ylgap çykyp gitdi, onuň yzyndan buhgalter
hem ok ýaly atylyp çykdy.
― Men otyrdym, ― diýip, aýdyp başlady tolgunmadan ýaňa titräp Anna
Riçardowna, ýene buhgalteriň ýeňinden mäkäm tutup, ― birden bir pişik girip geldi.
Gap-gara, özi hem begemot ýaly bela. Elbetde, men oňa «piş!» ― diýip gygyrdym.
Ol çykyp gitdi, emma deregine allanähili tos-togalak adam girdi, onuňam ýüz keşbi
pişige meňzeýärdi. Girdi-de: «Bu näme boldugy, graždanka, nämüçin iş bilen
gelenleri «pişläp» kowýaňyz?» ― diýdi. Şeýle diýdi-de, zyrp edip Prohor Petrowiçiň
ýanyna girip gitdi, men hem onuň yzyndan girdim, elbetde. «Näme edip ýörsüň, aňhuşyňyzy iýdiňizmi?» ― diýip gygyrdym oňa. Ol akmak bolsa, göni Prohor
Petrowiçiň öňüne baryp, onuň garşysynda, kürsä oturdy! Emma Prohor Petrowiç...
özüňiz bilýäňiz ol ― juda hem alçak adam-da, emma öler ýaly gyzma. Gahary geldi!
Hawa! Gaharjaň, çünki öküz ýaly işleýär, hawa, gahary gelip: «Nämüçin birugsat
girdiň bu ýere?» ― diýdi. Ol nätanyş bihaýa bolsa, kürsä ýaýbaň oturyp, munuň
üstüne, ýyrşaryp näme diýdi diýiň: «Men, diýdi, siz bilen iş hakynda gepleşmäge
geldim» diýdi. Prohor Petrowiç bolsa, gazaby joşup: «Bent men!» ― diýdi. Ol bolsa
bihaýalarça utanman zat etmän: «Siz hiç zat bilen bent dälsiňiz...» ― diýdi. Toba!
Şundan soň, elbetde, Prohor Petrowiç tutaşyp gidip: «Bu nähili akmakçylyk! Alyp
gidiň ony, jyn alsyn meni!» ― diýip gygyryp goýberdi. Ol uýatsyz ýyrşaryp, näme
diýdi diýiň: «Jyn alsynmy? Boldy, düzederis!» ― diýdi. Şonda bir zat tark etdi, men
gorkup gygyrdym. Görsem, şol pişikýüz nätanyş ýok, stolda bolsa, ko... kostýum...
oty-y-yr... Uu-uuu! ― Anna Riçardowna agzyny bir gulaç açyp, uwlap başlady.
Ol aglap-aglap, demini dürsäp, soňra asla ýadyňa düşmeýän gepleri samrap ugrady:
― Haçan seretseň, ýazyp otyr, ýazyp otyr, ýazyp otyr! Aklyňdan azaşdyrjak!
Telefonda-da gepleşýär! Kostýum gepleşýär! Hemmeler gaçyp gitdi ― syçanyň hini
müň tylla!
138
Buhgalter duran ýerinde diňe titreýärdi. Emma şu wagt oňa ykbal gülüp bakdy.
Kätiphana iki sany millisioner agraz tüýsde, arkaýyn gelip girdi. Sahypjemal kätip
olary gördi-de, bäşbeter eňräp, eli bilen kabinetiň gapysyny görkezdi.
― Geliň, agyny bes edeliň, graždanka, ― hatyrjem äheňde diýdi birinji millisioner,
buhgalter bolsa, özüniň bu ýerde artykdygyny bilip, otagdan okdurylyp çykdy we
ýene bir minutdan soň arassa howa ýetdi. Beýnisi edil içinde ýel öwüsýän turba ýaly
güwleýärdi, şu güwwüldiniň arasyndan bilet barlaýanlaryň agşamky tomaşa gatnaşan
pişik hakyndaky hekaýatlary üzlem-saplam bolup gulagyna gelýärdi. «Ine, saňa gerek
bolsa! Bu şol pişigimiz dälmik-ä!? »
Komissiýa edarasynda öz islän maksadyna ýetip bilmedik ak göwünli Wasiliý
Stepanowiç Wagankowskiý dar köçesinde ýerleşýän onuň bölümçesine barmagy
karar etdi. Ol öz köňlüne tesgin bermek maksadynda bölümçä çenli pyýada ýöräp
bardy. Tomaşalar kommissiýasynyň şäher bölümçesi howlynyň töründäki, wagtyň
geçmegi bilen suwagy gopan ymaratda ýerleşip, ol öz westibýulindäki porfir sütünleri
bilen meşhurdy. Emma bölümçä gelen adamlary bu gün sütünler däl, belki şu
sütünler aşagynda ýüz berýän hadysa geň galdyrýardy.
Birnäçe kişi bir stol başynda aglap oturan gözel gyza haýran galyp seredýärdiler
gözel gyz şu stoljagazyň üstüne ýaýly goýlan tomaşalar hakyndaky ýörite edebiýatyň
satyjysydy. Aýymgyz edil häzir hiç kime hiç hili kitap satanokdy, adamlaryň halýagdaý sorap beren sowallaryna bolsa diňe el silkeýärdi, bolany, emma edil şu mahal
ýokardan hem, aşakdan hem, ýan taraplardan hem, hullasy, filialyň hemme
bölümlerinden, azyndan ýigrimä golaý telefon birbada gaty jyrlap başlady. Aglap
oturan gözel gyz birden tisginip:
― Ana, ýene başlandy! ― diýip çyňkyrdy, gahar-gazaby joşup, birden sandyrawuk
owaz bilen aýdym aýdyp başlady:
― Şöhratly deňizim, mykaddes Baýkal...
Şu wagt basgançagyň öňünde peýda bolan kurýer ýumruk düwüp, kimedir birine
hemle kyldy we özüniň ýakymsyz boguk bariton owazy bilen gözel gyza goşuldy:
Şanly gämi, omul balykly çelek!»
Kurýeriň owazyna başga otaglardan özgeleriňem sesi goşulyp, hor emele geldi we
ahyry, bu aýdym aýdyşma bölümçäň hemme ýerinde ýaňlanyp başlady. Hasaplaýyş
barlag bölümi ýerleşen iň ýakyn 6-njy otagdan gelýän owazlaryň arasynda kimiňdir
biriniň pessaý boguk, emma juda güýçli ýogyn owazy parhlanyp durdy. Telefon
apparatlarynyň bardyksaýyn güýçlenip başlan jaňlary bu hora goşulýardy.
Heý, Barguzin... hereket et wal! ― diýip, kurýer basgançakda durup bögürýärdi.
Gyzyň gözýaşlary ýüzünden syrygýardy, ol dişlerini gysmaga çalyşýardy, emma agzy
öz-özünden açylyp, kurýerden bir perde ýokary owazda aýdýardy:
Ýaş ýigit uzakda durmasa ýagşy!
Bölümçä iş bilen gelip, lal bolup aňkasy aşan adamlary köpräk geň galdyran närse şu
bolup, ol hora gatnaşyjylaryň hersi binanyň dürli taraplarynda bolsa-da, göýä
görünmän duran dirižýordan göz üzmän duran ýaly, juda rowan we sazlaşykly
aýdýardylar.
Wagonkowskiý dar köçesinden geçýän adamlar howlynyň germewiniň aňyrsynda
saklanyp, bölümçede bolýan wagtyhoşluga haýran galýardylar. Aýdymyň birinji
139
bendi gutarandan soň, hor ýene göýä dirižýor yşarat eden ýaly, birden aýdymy bes
etdi. Kurýer ýuwaş käýinip, otaga girip gitdi. Şu mahal bölümçäniň howly gapysy
açylyp, ak halat üstünden ýuka palto geýen bir raýat bilen milisioner gelip girdi.
― Jan, doktor, bir alaç ediň ― diýip, demi-demine ýetmän çyňkyrdy gyz.
Basgançagyň başyna bölümçe kätibi atylyp çykdy, utanan bolsa gerek, sakawlap
diýdi:
― Bilýäňizmi, doktor, biziň hemmämiz nähilidir köpçülikleýin gipnoz täsirine duçar
bolan bolmaly... Şuňa görä, elbetde... ― ol gepini soňlap bilmän, sözleri bogazyna
dykylyp, birden tenor owaz bilen aýdym aýdyp başlady:
Şilka we Nerçinsk...
― Akmak! ― diýip gygyrdy gyz, emma kime ykarat edenini aýdyp ýetişip bilmedi,
gaýta özi şol Şilka we Nerçinsk dogrusynda aýdym aýtmaga mejbur boldy.
― Özüňizi ele alyň! Aýdym aýtmagyňyzy bes ediň! ― diýdi doktor kätibe. Görnüp
dur ki, kätibiň özi hem daşyndan aýdym aýtmazlyk üçin köp närseden waz geçmäge
taýýardy, emma näme etsin, aýdym aýtmakdan özüni saklap bilenokdy, şoňa görä, ol
hora goşulyp, bendiň soňuna çenli, wagşy haýwanyň özüni iýmändigi, atyjylaryň
okunuň özüniň yzyndan ýetmänligi hakda aýdym aýdyp, köçeden geçýänleriň ünsüni
özüne çekdi. Bent gutarany hem şoldy, birinji bolup satyjy gyz dogtardan walerianka
aldy, şundan soň ol başgalara hem walerianka içirmek üçin kätibiň yzyndan ylgady.
― Meni bagyşlarsyňyz, zyba gyz ― diýip, Wasiliý Stepanowiç satyjy gyza ýüzlendi,
― bölümçäňize girmänmidi gara pişik?...
― O nähili pişik? ― diýip gygyrdy gahar bilen gyz, ― bir eşek otyr bölümçämizde,
eşek! ― şeýle diýip, ýene goşmaça kyldy:
― Bolýar, goý eşitsinler! Hemmesini aýdyp bereýin ― şundan soň ol ýüz beren
wakany aýdyp berdi.
Mälim bolşuça, şäher bölümçesiniň «ýeňil tomaşalar işini düýpden astyn-üstün eden»
(satyjy gyzyň gürrüňi) müdir her hili gurnak açmaga höwesli eken. ― Başlyklary bu
ýol bilen aldady ol ― diýip gygyrdy gyz.
Müdir şu bir ýylyň dowamynda Lermontowy öwrenmek, küşt-şaşka, ping-pong we at
üstünde gezmek gurnaklaryny açypdyr. Tomus gelse, derýada ýene-de gaýyk
küreklemek, we alpinistler gurnaklaryny-da döretjekmiş.
― Ine, bu gün bolsa, günortan arakesme wagtynda... ― diýip, hekaýasyny dowam
etdi gyz, ― müdir alanähili bir ýigrenji bilen goltuklaşyp girip geldi... egninde
gözenek matadan jalbar, gözüne çüýşesi çatlan pensne dakan... ýüzi ― edil häzir
görden çykana meňzeýär!
Satyjy gyzyň gepine görä, müdir ol adamy şol demde, bölümçäniň aşhanasynda
naharlanyp oturan işgärlere, hor gurnagyny döretmek boýunça şu ugurdan tejribeli
kär eýesi diýip tanyşdyrypdyr.
Geljekki alpinistleriň ýüzleri könelipdir, emma müdir hemmäni kuwwatly bolmaga
ündäpdir, hor boýunça tejribeli kär eýesi bolan ol adam hem degişme, hem gaçyrym
gepler aýdyp, aýdym öwrenmek üçin azajyk wagt gerek bolýandygyny, diýeli, onuň
bir wagon peýda getirýänligi hakynda ant içip, ynandyrypdyr.
Her sapar bolşy ýaly, satyjy gyzyň aýtmagyna görä, bölümçäniň tanymal
hoşamatgöýleri Fanow bilen Kosarçuk birinji bolup atylyp çykyşyp, hor gurnagyna
140
ýazylmaga razylyk beripdirler. Şonda galan hyzmatçylar hem aýdym aýtmakdan
gaçyp gutulyp bolmajagyna düşünip, gurnaga ýazylýarlar. Aýdymy günortan
arakesme wagtynda aýtmagy karar edipdirler, çünki galan wagtlar Lermontow we
şaşka bilen bent ekenler. Müdir kollektiwe görelde görkezmek üçin özüniň tenor
sesiniň barlygyny yglan edipdir, şundan şoň hemme zat edil ýaman düýş ýaly
başlanypdyr. Gözenek jalbar geýen spesialist ― hormeýster: ― Do-mi-sol-do! ―
diýip gygyrypdyr-da, aýdym aýtmakdan gaçyp, yşgabyň arkasynda gizlenen
utanjaňlary dartyp çykarypdyr. Kosarçuk bolsa, saz heňi örän oňat diýip, hiňlenip,
yňranyp başlapdyr we men ― garry aýdymçy ― regentiň sözüni ýerde galdyrmaň,
diýip ýalynyp, kamertony jyňňyrdadyp çalyp, «Şöhratly deňiz» aýdymyny bir
gümmürdedip alyň indi diýip, haýyş edipdir.
Gümmürdedip alypdyrlar. Alanda-da juda gowy alypdyrlar. Gözenek jalbar geýen
regent, çyndanam, öz işini ýagşy bilýär eken. Birinji bendi soňuna ýetirenden soňra,
regent üzür sorap: «Maňa bir salym rugsat!» ― diýipdir-de... gaýyp bolupdyr.
Hemmeler ony häzir bir minutdan geler öýdüpdirler. Emma aradan on minut geçsede, ondan derek bolmandyr. Filial hyzmatkärleriniň köňli şat bolup ― regent gaçdy,
diýip pikir edipdirler.
Emma birden hemmeler aýdymyň ikinji bendini aýdyp başlapdyrlar, Kosarçuk olara
baş bolupdyr: belki, onuň saz üşügi, ol diýen gowy däldirem, emma owazy ýakymly
belent tenor eken. Aýdym gutarypdyr. Regentden derek ýok! Hemmeler ýerli-ýerine
dagap başlapdyr, emma öz orunlaryna baryp ýetişmänkäler, islemeselerem, ýene
aýdyma başlapdyrlar. Hiç özlerini saklap bilmändirler. Iki-üç minut ümsüm
oturýarmyşlar-da, ýene başlaýarmyşlar. Bir salym ümsüm oturyp, ýene
başlaýarmyşlar! Ana, şonda, bagtsyzlygyň ýüz berenine düşünipdirler. Müdir
masgara bolup, öz kabinetine girip, içinden gulplapdyr.
Şu ýere gelende, gyzyň hekaýasy üzüldi. Walerýanka hem kär etmändi.
Ýene çärýek sagatdan soň Wagankowskiý dar köçesindäki gözenegiň öňüne üç ýük
maşynasy gelip togtady, bölümçäniň barça hyzmatkärleri müdiriň baştutanlygynda şu
maşynlara mündüler.
Birinji maşyn bir çaýkanyp, derwezeden dar köçä çykandan şol kuzowda birbirleriniň eginlerinden ýapyşyp, gysylyp duran işgärler agyzlaryny açdylar-da, bütin
köçäni başlaryna göterip, belli aýdyma başladylar. Ikinji ýük maşyny, ondan soň
üçünji maşyndakylar hem olara goşuldylar. Ine, olar şeýle halda bolýardylar. Köçeýolda öz işleri bilen gümra adamlar ýük maşynlaryna göz gytagyny aýlap, geň
galmaýardylar, çünki olary şäheriň daşyna gezelenje gidip barýanlardyr öýdýärdiler.
Dogry, olar çyndanam şäheriň daşyna gidip barýardylar, emma gezelenje däl-de,
professor Strawinskiniň şypahanasyna ýol alypdylar.
Bütinleý aň-huşuny ýitiren buhgalter ýarym sagatdan soň tomaşahanalar sektorynyň
maliýe bölümine ýetip bardy, bu ýerde ol elindäki döwlet amanadyndan tizräk
dynmak niýetindedi. Eýýäm agzy bişip, tejribe toplan bu adam uzyn zala seresaplyk
bilen göz aýlady ― bu ýerde altyn harp ýazgyly çal aýnaly tekjeleriň aňyrsynda
hyzmatçylar işläp otyrdylar. Buhgalter bu ýerde hiç hili howsalaly ýa-da bitertip
alamatyny görmedi. Hemme edaralarda bolşy ýaly, bu ýerde hem asudalyk höküm
sürýärdi.
141
Wasiliý Stepanowiç: «Pul kabul edilýär», diýen ýazgyly tekjä başyny sokdy, nätanyş
hyzmatçy bilen salamlaşdy we mylaýymlyk bilen girdeji orderiniň blankasyny
sorady.
― Nämä gerek ol? ― diýip sorady hyzmatçy.
Buhgalter geňirgendi.
― Pul tabşyrjak bolýan. Warýeteden men.
― Bir salym sabyr ediň ― diýdi hyzmatçy we aýnany simtor bilen ýapdy.
«Geň ýagdaý!» ― diýip oýlady buhgalter. Onuň geň galmasy tebigydy. Çünki beýle
ýagdaýy ömründe birinji gezek görşüdi. Hemmeler bilýär: pul almak kyn; bu işde
hemişe bir kösençlik tapylýar. Emma buhgalter özüniň otuz ýyllyk iş tejribesinde bir
adamyň hem, hala ol ýurist bolsun, hala hususy şahs bolsun, pul tabşyrmakda
kynçylyk çekenini görmändi. Ine, ahyry simtor açylyp, buhgalter ýene başyny aýnaly
tekjä dykdy.
― Köpmi tabşyrýan puluňyz? ― diýip sorady hyzmatçy.
― Ýigrimi bir müň ýedi ýüz on bir manat.
― O-ho! ― diýdi hyzmatçy, nämüçindir kineli äheňde we buhgaltere ýaşyl blank
uzatdy.
Buhgalter özüne tanyş kagyzy bir demde dolduryp, pul dolanan bukjanyň daňysyny
çözüp başlady. Ol bukjany çözüp, birden gözi gamaşdy, gaty gamgyn bolup, bir
zatlar diýip sakawlady. Onuň göz öňünde daşary ýurt pullary ýatyrdy. Bu ýerde
paçka-paçka Kanada dollarlary, iňlis funtlary, golland guldenleri, Latwiýa latlary,
eston kronlary bardy...
― Ine, şol Warýetedäki ýalançylardan biri ― diýen ýognas owaz eşidildi lal bolup
galan buhgalteriň depesinde. Şobada Wasiliý Stepanowiçi ele saldylar, ýagny tussag
etdiler.
XVIII bap
SAPARY ŞOWSUZ ADAMLAR
Biziň işjanly buhgalterimiz içi adamsyz, hat ýazyp oturan kostýuma ýolukmazdan öň,
takside barýan wagty, Moskwa gelen Kiýew otlusynyň ýumşak orunly 9-njy plaskart
wagonyndan eli kiçijik panar çemodanly, hoşhulk bir adam hemme ýolagçylar
hatarynda wagondan düşdi. Bu ýolagçy merhum Berliozyň Kiýewdäki öňki Institut
köçesinde ýaşaýan daýysy, ykdysady-taslamaçy Maksimilian Andreýewiç
Poplawskidi. Maksimilian Andreýewiçiň Moskwa gelmegine öňňin giç agşam alan
aşakdaky mazmundaky telegrammasy sebäp bolupdy:
«Meni häzir Patriarh kölçesinde tramwaý basdy. Jaýlanyş juma güni sagat üçde.
Geleweri. Berlioz».
Maksimilian Andreýewiç Kiýewde at-abraýly iň danyşment kişilerden biri
hasaplanýardy. Emma bu hili telegrammanyň akylly adamyň hem aňkasyny aşyrjagy
anykdy. Eger-de adam özüni tramwaýyň basyp gideni hakynda telegramma berýän
bolsa, ol ölen däldir. Şeýle bolsa, depin edilmek dessury nämäni aňladýar? Ýa ahwaly
142
juda agyr bolup, diri galjagyna gözi ýetmän ýatyrmyka? Bu mümkin, emma depin
wagtynyň anyklygy öte geňdi. Eýsem, ol özüniň juma güni gündiz sagat üçde depin
ediljegini, özüňiz oýlaň, nireden bilsin? Örän geň galmaly telegramma!
Emma düşüniksiz ýagdaýlardan baş alyp çykýandyklary üçin akylly adamlara dana
diýýärler. Mesele aýdyň. Ýalňyşlyga sezewar edilen çakylykda hatalyk bar. «Meni»
sözi, şübhesiz, bu ýere başga telegrammadan girip, «Berliozy» diýen sözüň ýerine
düşüp, «Berlioz» sözi bolsa, goşulmadan jyda bolup, telegrammanyň soňuna
barypdyr. Şeýle düzediş girizilse, telegrammanyň mazmuny aýdyňlaşýar, emma
pajygaly häsiýete eýe bolýar. Maksimilian Andreýewiç, ömür ýoldaşynyň gussaly
perýady sähel diňen badyna, derhal Moskwa şaýlandy.
Şu ýerde Maksimilian Andreýewiçiň ýürek syryny paş etmegimiz gerek. Hiç şübhe
ýok ki, aýalynyň ýaňy ömür daragtynyň gülläp başlan wagty aradan çykan ýegenine
onuň hem haýpy gelýär. Emma işli adam hökmünde özüniň jaýlanyş märekesine
gatnaşmagyna ol diýen zerurlygyň ýokdugyna hem elbetde, düşünýärdi. Şoňa
seretmezden, Maksimilian Andreýewiç Moskwa gitmäge gaty gyssandy. Ýeri, oňa
näme sebäp? Sebäp kwartira. Moskwadaky jaýmy? Hawa, bu örän möhüm mesele.
Maksimilian Andreýewiçe nämüçindir Kiýew ýaramaýardy, şu sebäpli, soňky
wagtlarda Moskwa göçüp barmak niýeti onuň kalbyny alada goýup başlapdy welin:
hatda ol onuň ukusyna-da zeper ýetiripdi. Pes kenar tarapdaky köljagazlary gömüp,
suwy gözýetime baryp ýeten Dnepriň baharky daşgyny hem onuň ýüregini
joşduranokdy. Knýaz Wladimiriň heýkeli üzre göze röwşen çaýýan, gözellikde deňitaýy ýok bu ýakymly tebigat hem onuň ünsüni özüne çekenokdy. Wladimir
depeligindäki kerpiç düşelen ýodalarda oýnaýan güneşiň ýaldyrawuk nurlary hem
onuň göwnüni awlamaýardy. Bularyň hiç haýsyny-da islemeýärdi ol, diňe bir zady ―
Moskwa göçüp barmagy küýseýärdi. Özüniň Institut köçesindäki kwartirasyny
Moskwadaky bir oňaýlyrak jaýa çalyşjak bolup, gazetere beren yglanlary-da netije
bermedi. Isleg bildirýänler tapylmaýardy, birde-ýarym tapylanda-da, goýan şertleri
asla ylalaşar ýaly däldi.
Telegramma Maksimilian Andreýewiçi lerzana saldy. Beýle amatly pursaty elden
bermegiň özi günädi. Işbilermen adamlar beýle amatly pursadyň soň
gaýtalanmajagyny gowy bilýärler.
Mahlasy, näçe müşgil bolsa-da, ugruny tapyp, ýegeniniň Sadowaýa köçesindäki
kwartirasyny miras almak gerekdi. Hawa, bu müşgil, örän çylşyrymly iş, emma
şeýle-de bolsa, bu kynçylygy ýeňmelidi. Tejribeli Maksimilian Andreýewiç muňa
ýetmek üçin birinji nobatdaky iň zerur işiň bir alajyny tapyp, merhum ýegeniniň üç
otagly jaýyna wagtynça bolsa-da, özüni ýazgy etdirmelidi. Maksimilian Andreýewiç
juma güni Moskwa ýetip gelip, şol günüň özünde Sadowaýa köçesindäki 302 ― bis
öýüň öý edarasynyň gapysyndan girdi.
Diwarynda suwa gark bolany diriltmek usullary birnäçe suratda teswirlenen köne
plakat asylan darajyk otagda, agaç stolyň aňyrsynda sakgal-murty ösen, gözleri
howsalaly, orta ýaşlaryndaky adamyň ýalňyz özi egnini gysyp otyrdy.
― Edara başlygyny görüp bolarmy? ― diýip, tagzym bilen sorady ykdysady
taslamaçy, başyndan şlýapasyny aýryp, çemodanjygyny boş oturgyja goýup.
143
Ine, şu ýönekeý sowaldan stol başynda oturan adamyň ruhy düşüp, ýüzi üýtgedi.
Gözleri howsalaly oýnaklap, ol başlyk ýok diýen manyda mydyrdady.
― Belki, öz öýündedir? ― diýip sorady Poplawskiý, ― gaty zerur işim bardy.
Ol adam ýene üzlem-saplam jogap berdi. Bu gezekki jogabyndan başlyk öz öýündede ýok diýen manyny aňlasa bolýardy.
― Haçan gelerkä?
Stol başyndaky adam sowala jogap bermän, birhili gussa bilen penjirä seretdi.
«Ä-hä!» ― diýdi özüne-özi parasatly Poplawskiý we kätibi sorady.
Ol birgeňsi bolup oturan adam edil çykalgasyz ýagdaýa düşen ýaly, gyzaryp, ýene
samyrdady, kätibem ýok... haçan geljegi hem mälim däl, dogrusy... kätip näsag...
diýen ýaly boldy.
«A-ha!...» ― diýdi özüçe Poplawskiý: ― eýsem, prawleniýe agzalaryndan hiç kes
ýokmy!?
― Men bar ― diýip, eşdiler-eşdilmez ses bilen jogap berdi ol adam.
― Görýäňizmi ― diýip haýbat bilen gepläp başlady Poplawskiý, ― men merhum
ýegenim Berliozyň ýeke-täk mirasdary bolýan, ― habaryňyz bar, ol Patriarh
kölçesiniň golaýynda wepat boldy ― şeýlelikde, kanun boýunça men biziň 50-nji
kwartiramyzy miras hökmünde kabul edip almaly...
― Bihabar men, ýoldaş ― diýip, onuň sözüni böldi ol adam.
― Bagyşlarsyňyz, ― diýdi batly ses bilen Poplawskiý, ― siz prawleniýe agzasy
hökmünde borçly...
Şol wagt otaga bir graždanin girdi. Stol başyndaky adam ony görüp, ak esgi ýaly
boldy.
― Prawleniýe agzasy Pýatnažko senmi? ― diýip sorady ondan giren adam.
― Men ― diýip, çala jogap gaýtardy ol.
Giren adam Pýatnažkonyň gulagyna bir zatlar diýip pyşyrdady, ol howsala düşüp,
ýerinden galdy-da, ýene birnäçe sekuntdan soň, edaranyň boş otagynda Poplawskiniň
täk özi galdy.
«Bäh çatak boldy-la! Wah, bulaň hemmesini...» ― diýip oýlandy ahmyr bilen
Poplawskiý, asfalt düşelen howludan geçip, 50 ― kwartira tarap howlugyp barşyna.
Maksimilian Andreýewiçiň jaň düwmesini basany hem şol, gapy açyldy-da, ol
garaňky dälize girdi. Ony birbada geň galdyran närse şu boldy ki, gapyny kimiň
açany mälim däldi, çünki dälizde oturgyçda oturan äpet bir pişikden başga hiç hili
jandar ýokdy.
Maksimilian Andreýewiç özüni duýdurmak üçin üsgürinip, poly depdi. Şonda
kabinetiň gapysy açylyp, dälize Korowýew çykdy. Maksimilian Andreýewiç oňa
sypaýçylyk bilen, emma öz gadyryny gaçyrmadyk ýagdaýda tagzym edip, diýdi:
― Familiýam Poplawskiý. Men merhum Berliozyň...
Ol gepini soňlap hem ýetişmänkä, Korowýew jübüsinden kirli bir elýaglyk alyp, onuň
bilen agyz-burnuny ýapyp, aglap goýberdi, ― daýysy bolýan...
― Eýsem näme, bilýän, ― diýip, onuň sözüni kesdi Korowýew elýaglygy ýüzünden
aýryp. ― Bir görenimden sizdigiňizi pähimledim! ― diýdi ol bütin endam-jany bilen
silkinip, boýur-boýur aglap:
144
― Nähili betbagtlyk, ä? Nämeler bolup ýör özi? ― diýip, sözüne goşdy. ― Tramwaý
basyp gitdimi? ― pyşyrdap sorady Poplawskiý.
― Waý, hawa ― diýip gygyrdy Korowýew, onuň pensnesiniň aşagyndan gözýaşlary
zuw-zuw akyp başlady, ― onda-da nähili! Öz gözüm bilen gördüm. Ynanýaňyzmy
― başy... şarta üzlüp düşdi!.. Sag aýagy kars edip, iki bölek boldy! Çep aýagy kars
edip, iki bölek boldy! Ine, şeýlebir bela eken bu tramwaý diýeni! ― Soňra
Korowýew ýene özüni saklap bilmän, aýnanyň ýanyndaky diwara ýüzüni goýup,
bütin göwresi bilen silkinip, ses edip aglap ugrady.
Bu nätanyş adamyň hetdi-hereketi daýyny gaty geň galdyrdy. «Biziň zamanda
mähriban adamlar galmandyr diýýärler, ine, bar eken-ä!» ― diýip oýlady ol özüniň
hem ejizläp başlanyny duýup, emma şu demde onuň beýnisinden, ýene-de bu
mähriban adam merhumyň jaýyna özüni ýazgy edip ýetişen bolaýsa diýen pikir lyp
edip geçdi, elbetde, durmuşda beýle ýagdaýlar hem bolup dur.
― Bagyşlarsyň, siz meniň biçäre Mişamyň dostymydyňyz? ― diýip sorady ol, gupgury çep gözüni ýeňi bilen syryp, sag gözi bilen gama batan Korowýewi synlap.
Emma ol öýi ýykar derejede, şeýlebir ses edip aglaýardy welin, zol gaýtalanýan
«şarta üzüldi, iki bölek boldy!» ― diýen sözlerden başga hiç zady aňyp bolmaýardy.
Korowýew aglap-aglap keýpden çykandan soň, ýüzüni diwardan aýryp diýdi:
― Ýok, mundan artyk çydap bilmerin! Baryp efir walerýankasyndan üç ýüz damja
içmesem bolmaz! ― Şundan soň ol gözýaşyndan öl-suw bolan ýüzüni Poplawskä
öwrüp, sözüne goşdy: ― Ine, size tramwaýyň kesapaty!
― Bagyşlarsyňyz, maňa telegrammany siz iberipmidiňiz? ― diýip sorady
Maksimilian Andreýewiç, bu geň aglagyç adam kimkä diýip, henizem ejirli halda
oýlanyp...
― Ol! ― diýdi Korowýew barmagy bilen pişigi görkezip.
Poplawskiý, öte eşitdimmikäm diýip, aňalyp galdy.
― Ýok, çydap bilemok, aglamaga indi mydarym galmady ― diýip, dowam etdi
Korowýew burnuny çekip, ýatlasam: tigir şormaňlaýyň aýagyny... bir tigir azyndan
on put-a bardyr... Kars edip! Gidip uklap, köşeşmesem bolmaz ― şeýle diýdi-de,
dälizden gaýyp boldy.
Pişik bolsa ýerinden gozgandy, oturgyçdan böküp düşüp, art aýaklarynyň üstüne dik
durdy, öň aýaklaryny biline goýdy-da, agzyny bitaý köwüş dek açyp, dile girdi:
― Hawa, men iberipdim telegrammany. Indi näme?
Maksimilian Andreýewiçiň şu demde gözi garaňkyrap, başy aýlandy, el-aýaklary
ysmaz bolup galdy, çemodanyny goýup, pişigiň garşysyndaky oturgyçda çökdi.
― Men rus dilinde gepläp durun-a ― diýdi pişik gazap bilen, ― ýeri, indi näme?
Emma Poplawskiý oňa jogap berip bilmedi.
― Pasportyň! ― diýip, mawlady pişik we ýumşak penjesini uzatdy. Bütinleý özüni
ýitiren Poplawskiý pişigiň gözlerinde ýanyp duran iki uçgundan başga hiç närsäni
görmän, jübüsinden pasportyny edil hanjary gynyndan sogran ýaly çykardy. Pişik ýüz
görülýän aýnanyň aşagyndaky stoljagazda ýatan galyň gara gaşly äýnegi alyp
dakynyp, has-da haýbatly göründi we Poplawskiniň sandyraýan elinden pasporty
kakyp aldy.
145
«Be-e, huşumdan gidäýjekmikäm ýa ýokmy?» ― diýip oýlady Poplawskiý. Uzakdan
henizem Korowýewiň horkuldap aglaýanlygy eşidilýärdi, girelge efir walerýankasy
we ýene allanähili ýakymsyz närsäniň ysyna doldy.
― Dokument haýsy milisiýa bölümi tarapyndan berlen? ― diýip sorady pişik,
pasporty sahypalap. Jogap bolmady.
Pişik ters tutup oturan pasporty sahaplap, penjesini ýöredip öz-özüne diýdi: ― Dört
ýüz on ikinji bölüm... hä, dogry, on ikinji! Maňa tanyş bu bölüm! Ol ýerde ite-debite-de pasport beriberýärler! Emma men, meselem, size bermezdim! Asla
bermezdim! Ýüzüňe bir serederdim-de derhal ret ederdim! ― Pişigiň gahary gelip,
pasporty ýere oklap goýberdi.
― Siziň jaýlanyş märekesine gatnaşmagyňyz gadagan edilýär ― diýip, dowam etdi
pişik, ýörite buýruk berip.
― Derhal öz ýaşaýan ýeriňize dolanyň. ― Soň gapy tarapa öwrülip seslendi: ―
Azazello!
Şu mahal dälize egnindäki gara trikosy bedenine şaplaşyp duran, keltejik, bilindäki
kemerinde pyçak asylgy, çep gözüne ak düşen, çypar, seýrek dişli, agsak adam atylyp
çykdy.
Poplawskiý özüne howa ýetmeýänini duýup, entirekläp ýerinden galyp, ýüregini
tutup, yza tesdi.
― Azazello, ugrat! ― diýip buýrdy pişik, girelge otagdan çykyp barşyna.
― Poplawskiý, ― diýdi kelte adam burnuna salyp, ― bar zat düşnüklidir-le?
Poplawskiý baş atdy. ― Häziriň özünde Kiýewe ugra ― diýip dowam etdi Azazello,
― ol ýerde gybyrt etmän otur-da, Moskwadan kwartira almagy hyýalyňa hem
getirme, düşündiňmi?
Özüniň seýrek dişi, pyçagy, çaşy gözi bilen Poplawskiýniň janyny alan bu kelte
adamyň boýy ykdysatçynyň egnine deň gelse-de, hetdi-hereketinden gaýratly, ökde,
öz işine ezberdigi görnüp durdy.
Ilki bilen ol ýerde ýatan pasporty alyp, Maksimilian Andreýewiçe uzatdy, ol jansyz
eli bilen pasporty aldy. Soň Azazello bir eline çemodany alyp, ikinji eli bilen gapyny
açdy-da, Berliozyň daýysyny goltuklap, basgançak meýdançasyna alyp çykdy.
Poplawskiý diwara söýenip galdy. Azazello çemodany açarsyz açyp, ondan ýag
ýokly gazete dolanan bir aýagy ýok ullakan gowrulan towgy alyp, ýerde goýdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 16
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.