Latin

Ussat we Margarita - 04

Total number of words is 3836
Total number of unique words is 2120
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
arkasyndan Bezdomna — jedelleşme diýen manyda göz gypdy, emma özüni ýitiren
şahyr onuň ümüne düşünmedi.
— Hawa, hawa, hawa — diýip, Berlýoz tolgunyp sözledi — elbetde, şu zatlaň
bolmagy mümkin! Örän mümkin, Ponti Pilat hem, balkon hem, galan gepler hem...
Siz ýeke özüňiz geldiňizmi, ýa-da ýanýoldaşyňyz bilen?
— Ýeke, özüm, täk özüm, men mydama-da ýekedirin — diýip, professor hasrat bilen
sözledi.
— Zatlaryňyz nirede, professor? — diýip, ýesirlik bilen lukma taşlady Berilýoz —
«Metropoldamy?» Nirede düşlediňiz?
— Menmi? Hiç ýerde — diýip, jogap berdi däli nemes gök gözüni oýnadyp, Patriarh
kölçesine gaýgyly we wagşyýana nazar aýlap.
— Be-e! Onda... nirede ýaşajak bolýarsyň?
— Siziň kwartiraňyzda — diýip, edepsizlik bilen jogap berdi däli we göz gypyp
goýberdi.
— Men, men... örän şat... ýöne... — diýip sakawlady Berlioz — meniňkide düşlemek
size oňaýsyz bolaýmasa... «Metropolda bolsa, örän ajaýyp otaglar bar, birinji klasly
myhmanhana...
— Üstesine şeýtan hem ýok diýsene? — diýip, öz ýanyndan şatlanyp, sowal berdi
däli Iwan Nikolaýwiçe.
— Üstesine şeýtan hem...
— Raýyny gaýtarma! — diýip, pyşyrdady Berlioz, professoryň arkasyndan oňa ümyşarat edip.
32
— Hiç hili şeýtan ýok! — diýip, tutaryksyz geplerden başy agyran Iwan Nikolaýwiç
gygyryp, ýerliksiz sözleri aýdyp goýberdi — nireden geldi bu derdeser?! Bes ediň
däliligi...
Şu wagt däli kah-kah gülüp goýberende, lipalaryň üstüne gonup oturan serçe
güsürdäp uçup gitdi.
— O, bu indi diýseň peýdaly gyzykly gep boldy, — diýip, professor bütin göwresi
bilen silkinip güldi — ýurdyňyz nähili özi, nämäni sorasaň, — ýok! — Ol birden
dälilige mahsus hahahaýlamasyny kesip, düýbünden başga tüýse, keýpiýete geçip,
gygyrdy:
— Diýmek, onda ýok-da?
— Rahatlanyň, köşeşiň, gaharyňyzy basyň, professor, — diýip, näsagyň nerwisiniň
bozulmagyndan howatyrlanyp, Berlioz hüňürdedi. — Siz şu ýerde dostum
Bezdomnyý bilen bir minutjyk oturyň, men şol öwrüme derrew baryp, jaň edip
geleýin, onsoň sizi islän ýeriňize alyp bararys. Siz şäheri hem entek doly bileňzok
ahyry...
Berliozyň düzen rejesini dogry hasap etmek gerek: iň ýakyn telefon awtomata ylgap
baryp, ol daşary ýurtlular býurosyna, çet ýurtly bir konsultantyň Patriarh kölçesinde
akyl-huşyny ýitiren halda oturanlygy hakynda habar bermekçidi. Dogrusy, derhal
çäre görmek gerekdi, bolmasa, haýsydyr bir gelşiksiz ýagdaýyň ýüze çykjagy
anykdy.
— Jaň etjekmi? Ýeri bolýa, jaň ediň — diýip, näsag gamgyn razylaşdy, soňra birden
güýçli yhlas bilen dowam etdi: — Emma aýralykdan öň, ýalbaryp haýyş edýän, hiç
bolmanda, şeýtanyň barlygyna bir ynanyň! Ýeke-täk haýyşym şu. Bilip goýuň, muny
subut edýän ýedinji delil bardyr, ol iň ynamdar delil! Hä diýmän muňa özüňiz şaýat
bolarsyňyz.
— Bolýa, bolýa — diýdi ýasama hormat bilen Berlioz we däli nemesi saklap oturmak
ýaly kynçylykdan howsala düşen şahyr dostuna göz gypyp, soňra özi Bronnaýa
köçesi bilen Ýermolaewskiý diýen dar köçäniň öwrümine çykýan çatryga tarap
okduryldy.
Professor bolsa birden sagalan ýaly bolup, ýüzi-çehresi açyldy.
— Mihail Aleksandrowiç! — diýip, ol Berliozyň yzyndan gygyrdy. Ol tisginip,
yzyna öwrüldi, emma, adymy-familiamy professor bir gazetden okandyr-da, diýen
hyýala berlip, özüne teselli berdi. Professor bolsa ellerini agzyna tüýdük edip
gygyrdy:
— Ýeri, aýt, häziriň özünde Kiýewdäki daýyňa telegramma ibersinlermi?
Ýene Berliozyň ini jümşüldedi. Kiýewde daýymyň barlygyny nireden bilýärkä bu
tentek? Bu halda gazetleriň hiç birem hiç zat ýazmady-la. Be-e, Bezdomnyýnyň
şübhesi dogry bolaýjak öýdýän? Görkezen delilli dokumentleri hem ýasama bolsaha?.. Ah, nähili ylhanat! Jaň etmek gerek! Derhal jaň etmek gerek! Kimdigini bir
demde anyklarlar!
Berlioz başga hiç zada üns bermän, ylgap gitdi.
Edil şol wagt, Bronnaýa köçesine çykyberende, uzyn oturgyçda bir adam redaktoryň
ýoluna garaşyp durdy — bu adam ýap-ýaňy Gün şöhlesinde goýy we petiş howada
gaýypdan görnen grajdanine bir almany ikä bölen ýaly meňzeýärdi. Emma indi ol
33
howaýy hem däl, üýtgeşik hem däl, adaty adamlar ýaly jisimden ýaradylandy; gaş
garalyp başlan bu wagtda Berlioz ol adamyň murtunyň towuk perine meňzeýändigini,
monjuk dek kiçijek gözleriniň serhoş we kinaýaly seredýänligini, ýokary dartyp
geýen gözenek matadan tikilen jalbarynyň aşagyndan köne kirli ak jorabyny anyk
gördi.
Mihail Aleksandrowiç gorkuly yzyna öwrüldi, emma häzir bu äteňet meňzeşlige asla
üns hem bermeli wagt däl diýip, özüne teselli berdi. — Turniketi (geçelgäni)
gözleýäňmi, grajdanin? — diýip, gözenek jalbar geýen ylhanat sandyrawuk ses bilen
sorady — beýläk, baş üstüne! Göni gidiberseň gözleýän ýeriňize çykarsyňyz. Ýol
görkedenim üçin, aslynda hak almalydym sizden... saglygymy dikeltmek üçin... siziň
sadyk regentiňiz! Eşitdi ylhanat soň çaýşanaklap, kellesinden çapyksuwarlaryň
papagyny çykaryp, gulajyny giňden ýaýyp, tagzym etdi.
Berlioz dilege we çaýşanak regente gulak asyp durmady-da, turniketiň öňüne ylgap
baryp, ondan ýapyşdy. Soň ondan aýlanyp geçip, ýaňy tramwaýyň ýoluna gadam
goýmakçy bolanda, gözüne gyzyl we ak şöhle uruldy, çüýşe gutydaky: «Tramwaýdan
seresap bol!» — diýen ýazgy hem ýalp edip ýandy.
Şu demde Ýermolaew köçesinden çykan tramwaý täze gurlan liniýadan Bronnaýa
köçesine tarap öwrüldi. Ol öwrümde gaty jygyldap, dogry ýola çykdy-da, birden
içindäki elektrik şöhlesi bilen ýagtyldy-da, tizligi çaltlandy. Seresap Berlioz howpsuz
ýerde duran bolsa-da, gaýta turniketiň yzyna geçip durjak boldy we onuň bendini
tutup, yzyna bir gadam basdy. Edil şu wagt, eli turniketden sypan, aýagy tramwaýyň
ýoluna gyýalap düşen daşa büdrän, buzda taýýan ýaly typyp giden, ikinji aýagy
ýokary galan, Berlioz tramwaýyň ýoluna ýykyldy. Ol bir zatlardan ýapyşjak bolup
urnup, keseligine ýykyldy, ýeňsesi bir daşa haýallyk bilen uruldy we şu wagt
ýokarda, çep tarapyndamy, ýa sagyndanmy pähimläp bilmedi, altyn reňke giren Aýy
gördi. Şu demde ol bükülgi ýatan ýagdaýyndan guduz açan ýaly bolup ýanbaşyna
öwrüldi, öwrüldi-de, öz üstüne diýseň uly tizlik bilen ok ýaly uçup gelýän tramwaýy
sürýän aýalyň ak esgi ýaly agaran ýüzüni we onuň başyndaky gyzyl ýaglygyny gördi.
Berlioz gygyrmady, emma bütin köçäni dolduryp duran aýallaryň janhowly ýaly sesi
dünýäni doldurdy. Tramwaý sürüji aýal eletrik tormozy şarta çekdi, wagonyň
tumşugy ýere egildi, soň hem bir silkindi, wagonyň aýnasynyň syrçalary elhenç ses
bilen çym-pytrak bolup döwüldi. Şu wagt Berliozyň beýnisinde kimdir biri jan
awusyna «Dogrudanam şeýlemi?» diýip, gygyryp goýberdi. Onuň gözüniň öňünde
Aý ýene bir gezek, iň soňky gezek lyp edip göründi, emma ol derrew böleklere
bölünip başlady, soňra dünýä tüm garaňky boldy.
Tramwaý gelip Berliozy basdy, şonda seýilbagyň daşyna aýlanan demir gözenegiň
aşagyna, daş üýşürilen ýapgyda tarap tos-togalak bir gara zat togalandy. Ol zat şu
ýapgytdan geçip, Bronnaýa köçesine düşelen daşlaryň üstüne baryp düşdi. Bu
tramwaýyň üzüp taşlany — Berliozyň kellesidi.
IV bap
HOWP
34
Aýallaryň hasratly gykylygy diňdi, milisiýanyň jürlewükleri hem dymdy, iki sanitar
maşyny gelip, biri şarta üzülen baş bilen göwräni ölihana, ikinjisi ― aýna
döwüklerinden ýaralanan tramwaý sürüji gözel aýaly keselhana alyp gitdi, ak fartuk
dakynan köçe süpürýän işgärler aýna döwüklerini ýygnap, gan ýoky galan ýerlere
gum sepdiler. Iwan Nikolaýewiç bolsa, turnikete ýetip bilmän, uzyn oturgyçda nähili
ýykylyp galan bolsa, henizem şol ýagdaýda ýatyrdy. Bezdomnyý ýerinden galmaga
birnäçe gezek synanyp gördi, emma aýaklarynda jan ýokdy ― ol şel bolup galan
adama meňzeýärdi. Şahyr perýat eşdilen bada turnikete tarap ylgapdy we daş köçede
kelläniň togalanyp barýanyny görüpdi. Bu ahwalatdan ol bütünleý huşuny ýitirip,
özüni uzyn oturgyja taşlapdy, şol wagt hem bilegini garça dişläp, ganadypdy.
Elbetde, ol telbe nemesi unudypdy, häzir diňe bir zada düşünmäge çalyşýardy, ýapýaňam Berlioz onuň bilen söhbetleşip otyrdy, ine, indi bolsa, sähel wagtdan soň onuň
kellesi...
Şahyryň ýanyndan alleýany boýlap, gaty aladaly adamlar bir zatlary gepläp, ylgap
geçýärdiler, emma Iwan Nikolaýewiç olaryň geplerine düşünip bilenokdy.
Emma şahyryň gabadynda iki aýal garaşylmadyk ýagdaýda çakyşdy-da olaryň jüýk
burun, adaty saçly birisi şahyryň edil gulagynyň ýanynda gygyryp, ikinjisine şeýle
diýdi: ― Annuşka bar-a, biziň Annuşkamyz! Sadowaýa köçesinden! Bu şonuň işi! Ol
magazinden bir çüýşe günebakar ýagyny alandyr, ýolda seresapsyzlyk edip, litrlik
çüýşäni galtaga urup sypdyrypdyr-da, ýagy dökäýipdir! Ýubkasynam haraplandyr...
Ol şeýlebir sögünmek sögündi, heý goýaý a ol biçäre bolsa, şol dökülen ýaga taýyp,
dogry tramwaýyň aşagyna baryp düşüpdir...
Aýalyň gygyryp aýdan sözlerinden diňe bir, «Annuşka» diýen söz Iwan Nikolaýewiň
beýnisine ornap galdy...
― Annuşka... Annuşka?... ― diýip, gaýtalady şahyr töweregine gorkuly seredip, ―
dur, howlukma, ýeri-ýeri, hä... «Annuşka» sözüne «günebakar ýagy» diýen söz, soň
hem näme üçindir «Pontiý Pilat» sözleri gelip goşuldy. Şahyr Pilaty ýadyndan
çykaryp taşlap, sözleriň zynjyryny «Annuşka» sözünden başlady. Netijede bu zynjyr
juda tiz birigip, bir demde ony däli professora ýüzbe-ýüz etdi.
Günäkär! «Mejlis bolmaz, çünki Annuşka ýagy dökdi» diýip, ol aýtdy ahyry. Ine,
merhemet edip, mejlisiň bolmajagy anyk! Ýeke bu hem däl: Berliozyň başyny aýal
adam alar diýip, ol açyk aýtd-a?! Hawa, hawa, hawa! Dogrudanam, tramwaýy
sürüjisi aýaldy? Bee... nämeler bolup ýör?
Berliozyň bu elhenç ölümini şübheli konsultantyň öňünden anyk bilenligine indi çigit
ýalam şübhe galmady. Şonda şahyryň beýnisini iki pikir eýeledi. Birinji pikir: «Ýok,
ol asla däli däl! Bu zatlaň bary bimany!», ikinji pikir: «Bu bagtsyzlygy onuň özi
guramadymyka?!»
Ýöne bagyşlarsyňyz, nähili edip beýle zady gurap bolar?
― Ýok, ýok! muny entek anyklarys.
Iwan Nikolaýewiç bar güýjüni jemläp, özüne zor salyp uzyn oturgyçdan zordan
turdy-da, yzyna-professor bilen söhbetleşen ýerine okduryldy. Bagtyna, ol häli
gitmän eken.
35
Bronnaýa köçesindäki çyralar eýýäm ýakylypdyr. Patriarh kölçesiniň üstüne altyn
reňk Aý şöhle saçýardy, Iwan Nikolaýewiçe ana şu, hemişe göz baglaýjy Aýyň
nurunda professor goltugyna hasa däl-de, gylyç alyp duran ýaly duýuldy.
Hälki düşnüksiz regent indi ýap-ýaňy Iwan Nikolaýewiçiň oturan ýerinde
ornaşypdyr. Özem ol burnuna bihajatlygy anyk görnüp duran pensne gondurypdy,
pensnäniň bir gözi aýnasyz, beýleki gözündäki çüýşe bolsa çatlapdy. Berliozy
tramwaýa tarap ýollan wagty ýaman görnen bu gözenek jalbarly adam indi ― pensne
dakanynandan soň-a hasam beter ýigrenji göründi. Iwan professoryň ýanyna sowap
barýan ýüregi bilen ýakynlaşdy, soň onuň çehresine dikanlap seredip, onda hiç hili
dälilik alamatynyň ýokdugyna we hiç haçan bolmandygyny öz ýanyndan tassyklady.
― Hany, dogryňy aýt, aslynda sen kim? ― diýip, boguk owaz bilen sorady Iwan.
Çet ýurtly şahyry göýä ilkinji gezek görüp duran ýaly, oňa üşerlip seretdi we sowuk
jogap berdi:
― Meniňki düşünmeýär!... rusça gepleýiş.
― Ol düşünmeýär! ― diýip, özünden hiç kim çet ýurtlynyň gepini düşündirmegi
soramasa-da, regent oturan ýerinden gepe goşuldy.
― Jögülik etmäň! ― diýip, Iwan gaharlandy we birden ýüreginiň şuw edip
gidenligini duýdy ― siz ýaňy şu ýerde rus dilinde örän oňat gepläpdiňiz. Siz
nemesem däl, professor hem dälsiňiz! Siz ― hem jenaýatçy, hem içalysyňyz!
Delilleriňizi görkeziň! ― diýip, Iwan gazap bilen gygyrdy.
Şübheli professor ozaldan hem gyşyk agzyny ýene-de ýigrenç bilen gyşardyp,
eginlerini gysdy.
― Graňdanin! ― diýip, şumroý regent ýene ara sokuldy, ― näme üçin siz inturisti
biynjalyk edýäňiz? Bu işiňiz üçin berk jogap bermeli borsuňyz!
Şübheli professor bolsa, tekepbirlik bilen öwrüldi-de, Iwandan daşlaşdy. Iwan özüni
ýitirip başlandygyny duýdy. Demi demine ýetmän, regente ýüzlendi.
― Eý, graždanin, jenaýatçyny tutmaga kömekleşiň! Siz muňa borçlusyňyz.
Regent birden gaýratlanyp, böküp ýerinden turdy-da, gygyrdy:
— Kim jenaýatçy? Hany ol? Çet ýurtly jenaýatçymy? ― regentiň gözleri guwançly
oýnady ― Şol barýanmy? Eger ol jenaýatçy bolsa, birinji nobatda «Ýetiň!» ― diýip
gygyrmaly. Ýogsa, ol gaçyp gider. Hany, gel ikimiz deň gygyraly! Bileje! ― Şeýle
diýip regent agzyny açdy. Aňyny gaçyryp duran Iwan degişgen regentiň gepine gidip,
Ýetiň! ― diýip gygyrdy, emma regent onuň sesine ses goşmady.
Iwanyň gyryljak owazy degerli netije bermedi. Bagdan geçip barýan iki gyz gorkup,
aňryk gaçdylar, şonda onuň gulagyna: «Serhoş ýaly-la?!» diýen ses eşidildi.
― A-ha ýa senem şonuň bilenmidiň? ― diýip, gazaba münen Iwan gaharly gygyrdy.
― Ýeri meniň üstümdenem güljek bolýarmyň, aýryl ýolumdan!
Iwan sag tarapdan geçmekçi boldy, regent hem şu tarapa atyldy! Iwan çepe
okduryldy. ― ýigrenji regent hem çepe geçdi.
― Sen bilgeşleýin aýagyma çolaşýaňmy? ― diýip, gahary gaýnan Iwan gygyrdy ―
entek men seni milisiýa tabşyraryn!
Iwan ýaramaz regendiň ýeňinden tutjak bolup hemle kyldy, emma tutup bilmän,
armanda galdy. Regent edil ýere giren ýaly, gaýyp boldy.
36
Iwan bir ah urdy, şeýle hem uzakdan gidip barýan ýigrenji nätanyş bir adamy görüp
galdy. Ol Patriarh diýen dar köçäniň başlanýan ýerine ýetip barypdy, özem eýýäm bir
özi däldi. Nähili adamlygy asla belli bolmadyk ýaňky regent professora goşulyp
barýardy. Bu hem az ýaly, garaşylmadyk ýerden, ýagny nirelerden peýda bolan
doňuz ýaly haýbatly, gazan ýaly, garga ýaly gap-gara, uzyn murtly bir pişik olar bilen
bile barýardy. Üçüsi bilelikde Partiarh dar köçesine ýördüler, gyzykly ýeri-de, ýaňky
pişik art aýaklarynda ýöräp ugrady.
Iwan bu betniýetlileriň yzyndan ylgady, emma olary kowup ýetmegiň juda müşgil
boljagyny derhal aňlady.
Üçler hä diýmän dar köçeden geçip, Spirdonowa çykdylar. Iwan gadamyny näçe
çaltlandyrsa-da, yzarlanýanlar bilen arasy bir garyş hem kemelmedi. Şahyr aýňalyp
ýetişmänkä, Spiridonowkadan geçip, özüni Nikita geçelgesiniň öňünde gördi, bu
ýerde onuň ýagdaýy hasam agyrlaşypdy. Bu ýerde adam şeýlebir mygyllykdy welin,
käbir ýolagçy bilen çaknyşyp, sögünjem eşitdi. Üstesine-de, betniýet topar banditleriň
köp ulanýan usulyny ulanyp, çar tarapa dagap gitmegi karar edipdi.
Regent Arbata tarap geçip barýan içi doly awtobusa böküp münüp, köpüň içinde
tizden-tiz gaýyp boldy. Yzarlanýanlaryň birini ýitiren Iwan indi bar ünsüni pişige
dikdi: bu täsin pişik duralgada saklanan «A» belgili motorly wagonyň basgançagyna
baryp, wagona girip başlan bir aýaly gygyrdyp çekip düşürdi-de, gapy tutawajyna
ýapyşyp basgançaga çykdy-da, yssy howa zerarly, açyp goýlan penjireden
konduktora ýarym teňňe pul hem uzatdy.
Pişigiň bu hereketi Iwany şeýlebir geň galdyrdy welin, öwrümdäki bakgal dükanynyň
öňünde doňup galdy, şol birwagtyň özünde-de ol konduktoryň eden hereketine
öňküdenem beter geň galdy. Konduktor aýal tramwaýa çykyp barýan pişigi
göreninden, gahar bilen sandyrap gygyrdy:
― Pişiklere rugsat ýok! Pişik bilen münmek gadagan! Piş! Düş wagondan, ýogsam
milisiýany çagyraryn!
Bu hadysa pişigiň tramwaýa münmekçi bolany-ha beýlede dursun, hatda onuň kireý
haky tölejek bolşy-da ne konduktor aýaly, ne ýolagçylary geň galdyrdy!
Pişik diňe kireý haky tölemäge kadyr bolman, üstesine tertipli janawer hem bolup
çykdy. Ol konduktor aýalyň çirkin sesini eşidenden, ýere düşdi-de, duralgada ýarym
teňňelik pul bilen murtyny sypalap oturyberdi. Emma konduktor aýal tanapy çekip,
tramwaý ýerinden gozgananda, ol pişik tramwaýdan kowlup düşürilip, emma
tramwaýdan galyp, gitmäge başga mümkinçiligi bolmadyk adam ýaly hereket etdi. Ol
üç wagony geçirip, soňkusynyň yzyndan aslyşyp, üçege ýaly bir zada ýapyşyp ýoluny
dowam etdi, şeýdip, ýarym teňňe puluny hem tygşytlady. Iwan bu ýaramaz pişige
aňkarylyp, tas üçüň birini, iň möhüm jenaýatçy ― professory ýitiripdi. Emma ol,
Iwanyň bagtyna gaýyp bolmana ýetişmän eken. Iwan onuň külreňk beretini Bolşaýa
Nikitskaýamy, ýa Gersen köçesiniňmi başlanýan ýerinde hümer-hümer adamlaryň
arasynda görüp galdy. Göz açyp ýumasy wagtda Iwanyň özi hem şol ýerde peýda
boldy. Emma ýene bagty çüwmedi. Şahyr gadamyny batlandyrdy we ýolagçylary
itekleşdirip, loňkuldap ylgap başlady, emma barybir professora bir garyş hem
golaýlaşyp bilmedi. Iwan, köňlüniň çag däldigine garamazdan, bu kowgynyň adatdan
daşary tizlikde barýandygyna haýran galdy. Iwan Nikolaýewiç Nikita derwezesine
37
ýetenden soňra, aradan ýigrimi sekunt hem geçmänkä, eýýäm Arbat meýdanyna ýetip
baryp, san-sajaksyz çyralardan ýaňa gözi gamaşdy. Ýene birnäçe sekunt geçip, Iwan
Nikolaýewiç özüni gyşyk-myşyk gap-garaňky bir dar köçede gördi — bu ýerde ol
birden gürp edip ýykylyp, dyzyny ganatdy. Ýene ýagty çyrany magistral —
Kropatkin köçesi, soňra dar köçe, ondan soň Ostoženka we ýene çola, garaňky çalaçula ýagtylandyrylan dar köçe. Ana, şu ýere gelende, Iwan Nikolaýewiç şol örän
zerur bolan adamy bütinleý gözden ýitirdi. Professor gaýyp bolupdy.
Iwan Nikolaýewiç näme etjegini bilmän galdy, emma bu waka köpe çekmedi, çünki
birden onuň köňlüne professor, elbetde, 13-nji jaýyň, anyk 47-nji kwartirasyna giren
bolmaly diýen pikir geldi.
Iwan Nikolaýewiç şu 13-nji jaýyň girelgesine ok ýaly atylyp baryp, ikinji gatyna
uçup çykdy, derrew gözlän kwartirasyny tapyp, bitakatlyk bilen jaýyň düwmesini
basdy. Sähelçe wagt geçmänkä, bäş ýaşlar çemesindäki bir gyzjagaz gapyny açdy,
emma gelen daýydan hiç zat soraman, bada-bat yzyna öwrüldi-de, haýsydyr bir otaga
girip gitdi.
Gara kir basan belent petigiň aşagynda burça ornaşdyrylan kiçijik lampa bilen çalaja
yşyk berýän, asla garawsyz bu otagda daşyna demir gaplanan haýbatly guty durdy,
diwarda şinleri sypyrylan welosiped asylgydy, asawaç tekjesinde ýatan gyş telpeginiň
uzyn gulagy sallanyp dyrdy. Bu ýerdäki otaglaryň birinden radiodan bir erkegiň
ýaňlandyryp, batly owaz bilen gygyryp şygyr okaýandygy eşidilýärdi. Iwan
Nikolaýewiç bu oňaýsyz ýagdaýda asla aljyramazdan: «Ol, elbetde, wannada
gizlenen bolmaly» diýen netijä gelip, göni şol tarapa atyldy. Içeri gap-garaňkydy.
Iwan diwara urlup barşyna, bir gapyň aşagyndaky deşikden ölügsi bir ýagta gözi
düşdi, sermeläp gapynyň tutawajyny tapdy-da, ony ýuwaşlyk bilen özüne çekdi.
Gapynyň ilgençegi gopup, Iwan çyndanam wanna girdi, şonda ol, bagtym bar eken
diýip köňülden geçirdi.
Emma şowlulyk Iwana garaşyşy dek gülüp bakmady! Onuň damagyna çygly
ýylymtyk howa urupdy, soň ol kolonkada ýylp-ýylp edip ýanyp duran kömrüň
ýagtysynda bu ýerde diwardan asylgy uly taňňyry, syrçasy gopup, ähli ýeri gara
tegmil bolan wannany gördi. Wannada başdan-aýak sabyn köpürjigine boýalan, eli
maçalkaly ýalaňaç bir aýal durdy. Ol uzagy görüp bilmeýän gözlerini süzüp, Iwana
seretdi, emma bu jähennem tümlüginde ony tanamadyk şekilli, şoh äheňde, pes owaz
bilen diýdi: — Kirýuşka! Özüňmi? Näme, huşuňy ýitirdiňmi?.. Hä diýmän Fýodor
Iwanowiç ýetip geler. Bar, git häziriň özünde! — diýip, ol Iwana maçalkany silkdi.
Görşüňiz ýaly, düşünişmezlik ýüz beripdi, munuň sebäpkäri bolsa Iwan
Nikolaýewiçdi, elbetde. Emma ol öz aýbyny boýun almak islemedi we yşarat bilen:
«Wah, bozugeý!..» diýdi-de, şol demde nämüçindir aşhana geçdi. Bu ýerde hiç kim
ýokdy, alagaraňkyda ona golaý primus plitäniň üstünde ümsüm durdy. Ýyllap çaňy
süpürilmedik penjiräniň aýnasyndan düşen Aý şöhlesi çaň, kerep basyp giden
bütinleý unudylan asylgy ikonany, çalaja ýagtylandyrdy, ikonanyň çarçuwasyndan
bir jübüt nika şeminiň ujy çykyp durdy. Bu uly ikonanyň aşagyna kiçijik — kagyz
ikona ýabşyrylyp goýulgydy.
Iwan arka gapydan çykyp gitmezden öňürti bir şem bilen kagyz ikonany öz ýany
bilen aldy, emma bu işi näme maksat bilen edendigi hiç kime belli däldi. Ol
38
nämeleridir samyrdap, nätanyş kwartirany terk edende, ýap-ýaňy wannada özi şaýat
bolan hadysany ýatlap, ol bihaýa Kirýuşa kimkä, gulagy sallanyp duran gulakjyn
şonuňkymyka diýip, biygtyýar oýlanyp başlady.
Şahyr guwlap ýatan, tukat dar köçä çykyp, gaçgagy yzarlap, töweregine göz aýlady,
emma ol hiç ýerde görünmeýärdi. Şonda Iwan öz-özüne kesgin diýdi:
— Elbetde, ol anyk Moskwa derýasynda! Öňe!
Iwan Nikolaýewiçden, nämüçin siz professor häzir başga ýerde däl-de, hut Moskwa
derýasynda diýip çaklaýarsyňyz diýip soralsa, ýagşy bolardy, emma bar bela şonda
bolup, bu sowaly berjek adam ýokdy. Ýigrenji dar köçe guwlap ýatyrdy.
Aradan kän wagt geçmänkä, Iwan Nikolaýewiçi Moskwa derýasynyň kenaryndaky
granit basgançakda görmek mümkindi. Ol derrew egin-eşigini çykaryp, ýyrtyk ak
köýnek we könelen, bagjyksyz bir jübüt köwşi öňünde duran, kagyza dolanan
temmäki çekip oturan sakgaly gelşikli bir adama tabşyrdy. Ol ellerini silkip, tenini
gatydyp, garlawaç ýaly bolup, özüni suwa oklady. Suw şu gadar sowukdy welin,
Iwanyň demi tutulyp, hatda indi suwuň ýüzünde ýüzüp çykyp bilmesem gerek, diýen
pikir hem göwnünden ýylp edip geçdi. Emma bagtyna ýüzüp çykdy we pyşgyryp,
gözleri hanasyndan çykara gelip, nebit ysy gelip duran gap-gara suwuň ýüzünde
kenardaky çyralaryň öwrümli ýagtysynyň içinde ýüzüp başlady.
Suwuň sowuklygyndan digdirän Iwan kenardaky basgançaklarda ýaňy eşiklerini
tabşyryp giden sakgally adamynyň ýanyna tarap ýöredi, görse, diňe geýimlerini däl,
sakgally adamyň özüni hem ogurlap gidipdirler. Şol geýim çykarylan ýerde
erkekleriň ýol-ýol içki balagy, ýyrtyk uzyn köýnek, şem, kiçijik kagyz ikona we bir
guty otluçöp galypdy. Iwan ejiz gazap bilen kimedir birine ýumruk çenedi-de,
taşlandy geýimleri geýip başlady. Häzir ony iki gaýgyly pikir: birinjiden, hemişe öz
ýanynda saklaýan MASSOLIT agzalyk bilediniň gaýyp bolany, ikinjiden, şu
ýagdaýda Moskwanyň köçelerinden geçse bolarmyka diýen pikir teşwişe salyp
başlady. Näme bolsa-da, içki balakda-da... Dogrusyny aýtsaň, kimiň näme işi bar. Bir
ýaman iş etmese ýa-da kimdir birine azar bermese bolýa-da.
Iwan içki balagyň iliklerini ýolup aýyrdy-da, ol indi tomusky balak ýaly görner diýip
hasap etdi. Soň eline bölek ikonany, şemi we otluçöpi alyp, ýola düşdi-de, öz-özüne
diýdi:
— Griboýedowa! Şek-şübhesiz, ol şol ýerdedir.
Şäher agşamky durmuş gujagyndady. Platformalary tirkewe alan ýük maşynlary
köçäni çaňydyp, zynjyrlaryny şarkyldadyp geçip durdy, plantformalara ýüklenen
gaplaryň üstünde nähilidir erkek adamlar gyşaryp ýatyrdylar. Hemme ýerde
penjireler alaň-açykdy. Şu penjireleriň her birinde sargylt abažurly çyralar ýanyp
durdy. Hemme penjirelerden, hemme gapylardan, derwezelerden, hemme howludan
«Ýewgeniý Onegin» operasynda ýerine ýetirilýän poloneziň gyryljak sesi eşidilýärdi.
Iwan Nikolaýewiç ýöne ýere howatyrlanman eken, geçenem, gidenem, oturanam
öwrülip, ony synlap galýardy. Netijede ol uly köçeleri terk edip, kiçi köçelerden
ýörmegi makul gördi, çünki bärdäki adamlaryň özüne azar bermejegine jalbara asla
meňzemeýän içki balak geýen, aýakýalaňaç adamy saklap, sowal berip, ýürege
düşýän adamyň duşmajagyna ynam etse boljakdy.
39
Iwan hem şuňa amal edip, Arbatyň möý kerebi ýaly dar köçelerine sowuldy we salym
geçmän, töweregine gorka-gorka göz gyýagy bilen nazar aýlap, kä yzyna seredip,
öýleriň sokmaklaryna bukulyp, swetoforly çatryklardan, ilçihanalaryň nagyşly
derwezelerinden özüni daşrak tutup, diwarlary ýakalap, ýöräp gitdi.
Emma ol nirede bolsa-da, orkestriň sazy astynda Tatýana söýgi bildirip aýdym
aýdýan haýbatly bas, ýogyn owaz oňa howp salyp, gynaýardy.
V bap
BU GRIBOÝEDOWDA BOLUPDY
Sarymtyl reňke boýalan bu iki gatly gadymy tam bulwaryň ýakasynda, töweregine
çoýun gözenek aýlanan, daragtlary solan bagyň eteginde ýerleşýärdi. Tamyň
öňündäki kiçiräk meýdança asfaltlanan bolup, gyşda bu ýere gar üýşüp, depesine pil
sünjülip goýlardy, ýaz aýlary bolsa, bu ýer kenep saýawanyň aşagynda ýazky
restoranyň iň gözel bölümine öwrülerdi. Bu tam «Griboýedow öýi» diýip
atlandyrylýardy, muňa sebäp, göýä birwagtlar ýazyjynyň, ýagny Aleksandr
Sergeýewiç Griboýedowyň daýzasy şu öýüň eýesi bolanmyş. Emma çyndanam şeýle
bolupmy-ýokmy, anyk aýdyp bilmeýäris. Aslynda, meniň aňlaşymça, Griboýedowyň
öý eýesi bolan hiç-hili daýzasy ýokdy... Emma muňa garamazdan, bu tamy şeýle
atlandyrýardylar. Üstesine-de eger moskwaly bir kezzabyň gepine ynansak, bu öýüň
ikinji gatynda köp sütünli, töwerek şekilli zalda meşhur ýazyjy ýumşak diwanda
ýassanyp oturan şol daýzasyna özüniň «Akyl zerarly hasrat» eserinden parça hem
okanmyş. Emma, kim bilýä, okan bolsa okandyram, esasy zat bu däl! Esasy zat,
häzirki wagtda bu öýüň hojaýyny MASSOLIT bolup, bagtygara Mihail
Aleksandrowiç Berlioz Patriarh kölçesiniň kenaryna baran wagtyna çenli şol gurama
ýolbaşçylyk edýärdi. MASSOLIT agzalarynyň şerapaty bilen bu tamy hiç kim
«Griboýedow öýi» diýip atlandyrman, hemmeler oňa gysgaça «Griboýedow»
diýýärdi: «Agşam men Griboýedowda iki sagat otagma-otag tentirekläp ýördüm» —
«Hoş, nähili?» — «Ýalta bir atlyk putýowka aldym», «Tüweleme!» Ýa-da
«Berliozyň ýanyna bar, bu gün ol dörtden alta çenli Griboýedowda kabul edýär...» we
şuňa meňzeşler.
MASSOLIT Griboýedowa juda golaý we amatly ýerleşendi. Griboýedowa giren her
bir adam ilki bilen biygtyýar her hili sport seksiýalarynyň bildirişleri bilen, şeýle
hem, ikinji gata alyp çykýan basgançagyň diwarlaryna ýelmenen MASSOLIT
agzalarynyň topar-topar bolup, ýa-da biri-birleri bilen düşen suratlary bilen
tanyşardy. Ikinji gatdaky birinji otagyň gapysynda uly harplar bilen «Balyk awy we
daça seksiýasy» diýen ýazgy bolup, ýazgyň aşagyna çeňňege ilen balygyň suraty
çekilgidi. Başga iki otagyň gapysyna çala göze ilýän hat ýazylgydy: «Bir günlük
döredijilik ýollanma. M. W. Podložnaýa ýüz tutmaly».
Ondan soňky gapydaky ýazgy gysga bolsa-da, asla düşünip bolmaýardy:
«Perelygino». «Griboýedowa» tötänden giren adam şu ýazgydan soň ýazyjynyň
daýzasynyň hoz agajyndan ýasalan gapylaryna ýelmenen dürli-dümen ýazgylary
40
görüp, aňk-taňk bolup galýardy: «Kagyz aljaklary Poklýowkina nobata ýazýar»,
«Kassa», «Sketç ýazýanlar üçin hususy hak töleýärler...»
Aşakda, bina girilýän ýerden başlanan uzyndan-uzyn nobata duranlary gören adam:
«Öý-jaý meselesi» diýip ýazylan, adamlaryň dynuwsyz girip-çykýan gapysyna
maňlaýyny dirärdi.
Öý-jaý meselesine garalýan otagdan soň, diýseň nagyşly owadan plakat göze ilýärdi,
bu plakatda beýik gaýa, onuň depesinde egnine myltyk asyp, at çapyp barýan
çäkmenli atly teswirlenipdi. Ondan pesräkde — palmalaryň saýasyndaky eýwanda eli
awtoruçkaly bir ýigit juda ýiti gözlerini alys-alys asman boşlygyna dikip otyrdy. Bu
teswiriň aşagynda şeýle sözler ýazylgydy: «Iki hepdeden (hekaýa, nowella) bir ýyla
çenli (roman, trilogiýa) doly döredijilik rugsatlary berilýär. Ýalta, Sowuk Suw,
Borowoýe, Sihodziri, Mahinžauri, Leningrad (Gyşky köşk)». Bu gapynyň öňünde-de
nobatda duranlar bardy, emma juda köp däldi, takmynan ýüz elli töweregidi.
Bu ýerden geçip, Griboýedow öýüniň gözel öwrümlerinden, pesli-belent
sokmaklaryndan baran adam: «MASSOLIT Prawleniýesi», «Kassalar № 2, 3, 4, 5»,
«Redaksion kollegiýa», «MASSOLIT başlygy», «Bilýardhaýa» diýip ýazylan
gapylardan öter, şonuň ýaly, MASSOLITiň dürli-dümen goşmaça edaralaryny, iň
soňunda, ýokarda ady dile alnan daýzanyň beýik ýegeniniň komediýasyny yhlas bilen
diňlän ýerini — köp sütünli zaly görerdi. «Griboýedowa» giren her bir adam, eger
onda azajyk pähim-parasat bolsa, MASSOLIT agzalarynyň nähili bagtyýar durmuş
geçirişini bir garaýyşda pähimlärdi, pähimlärdi-de, şobada onuň içini göriplik pişik
bolup dyrmalardy. Şol pursatda ol, doglanymda nämüçin maňa hem ýazyjylyk
ukybyny bagyş etmediň diýen ýaly ajy ykaratdan doly gözlerini göge dikerdi, elbetde,
MASSOLIT agzasynyň bütin Moskwada bilinýän, hoş ysly, gymmatbaha gaýyşdan
daş tutulan, zer nagyşly mele biledine miýesser bolmagy ýazyjylyk ukybyň ýok
bolsa, arzuw hem edip bolmaýardy.
Hany, göripligi aklap kim bir agyz söz aýdyp biler? Bahyllyk iň pes duýgudyr, emma
muňa garamazdan, Griboýedowa gelen myhmanyň ýagdaýyna düşünmek gerek.
Çünki onuň ýokarky gatda gören närseleri häli deňizden damja. Daýzanyň öýüniň
birinji gatyny tutuş restoran eýeläp durdy. Ýöne bir restoranmy, restoran jan! Ynsap
bilen dogrymy aýtsam, ol bütin Moskwada iň gowy restoran hasaplanardy.
Griboýedow inçe bezegli gupbaly potoloklaryny aýsypat atlaryň suraty çekilen iki
ullakan zalda ýerleşeni bilen, bu ýerdäki her bir stola ýaglyk örtülen saýawanly
çyralar goýlany bilen, oňa girmegiň her bir ötegçä nesip etmeýäni üçin, şeýle hem, bu
ýerde taýýarlanýan naharlaryň hili bilen hem Moskwadaky men diýen restorany hem
pese gaçyrýar, munuň üstesine, bu ýerde tagamlar jübüňe agram salmaýan bahadan
berilýärdi. Şuňa görä, Griboýedowyň çoýun gözeneginiň ýanynda bu kitabyň
awtorynyň gulagyna ilen aşakdaky söhbetiň asla geň galmaly ýeri ýok bolsa gerek:
— Bu gün nirede agşamlyk edinmekçi, Amwrosiý?
— Hirede bolar öýdýäň, elbetde, şu ýerde, ezizim Foka! Arçibald Arçibaldowiç bu
gün agşamlyga porsiýa-porsiýa edip taýýarlanan hakyky gyzyl balyklary boljak diýip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ussat we Margarita - 05
  • Parts
  • Ussat we Margarita - 01
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2002
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 02
    Total number of words is 3849
    Total number of unique words is 1940
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2056
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 04
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2120
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 05
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2112
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 06
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2025
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 07
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 1961
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1888
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 09
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2089
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 10
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2029
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 11
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2084
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 12
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2162
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2139
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 14
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 2096
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 15
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1984
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 16
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1995
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 17
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2063
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 18
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2008
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 19
    Total number of words is 3857
    Total number of unique words is 2064
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ussat we Margarita - 20
    Total number of words is 3112
    Total number of unique words is 1684
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.