Latin

Melgun - 17

Total number of words is 2479
Total number of unique words is 1622
33.8 of words are in the 2000 most common words
48.1 of words are in the 5000 most common words
54.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Penaýew iki elini kelemenledip zöwwe tirsegine
galdy.
— Ýaşuly, ýaşuly!..
441
Doktoryň sesine ol biraz özüne gelse-de, henizem
süňňüni saklap bilmän, gorkudan ýaňa endam-jany
sandyraýardy.
— Ýaşuly, birje ukol edeli!
— Ä?..
— Ukoljyk edeli diýýän. Tut ýaly borsuňyz.
— Hä!.. Dogtor, bu senmi?
— Hawa-la, ýogsam näme? Başga kim bolsun? Ynha,
oglun Bally janam geldi.
Pirweli Penaýew Ballynyň keşbini çalaja saýgardy.
Ogly gülümsiräp, kakasyna baş atdy. Bu onuň, hem-ä
salam berdigi hem-de «halyň niçik?» diýdigidi. Penaýew
gözüni çalaja ýumdy. Soňra-da ýüzünligine ýatdy.
Aradan sähel salym geçensoň, ataly-ogul palatada
ikiçäk galdylar. Kakasy başujynda oturan oglunyň
agzyndan aňkap gelýän aragyň-çilimiň ysyny aldy.
— Maşynly geldiňmi? — diýip sorady.
— Hawa. Hä, näme? Bir ýerik baryp gelmelimi?
— Ýeter-ýetmez nämäň bar?
Pirweli biraz dymyp ýatdy.
— Aý, ýok-la. Ýöne bir zady gaýtalap aýdaýyn. Şu içip
442
sürmäni bes etjek däl-ow sen. Agzyň aňkap dur.
«Sen öz janyň gaýgysyny et. Indiden beýläk maňa
akyl öwretmäň näme?»
— Kaka, sen jan saglygyňy gaýgy etsene!..
«Meni gaýgy edip azara galma. Özüm öz çapanymy
suwdan çykarça boldum».
— Bu gün Han Arkalyç raýon ýolbaşçylary bilen
saglygymy sorap gitdiler. Penaýew potologa gözlerini
dikip, ogluna mesawy gürrüň berdi. — «Hemmesi
gowy bor, zady gaýgy etme» diýip göwünlik berýärler:
Bally uludan demini aldy.
— Gelen
geçenmişler.
barlagçylar
beýleki
kolhozlara-da
— Şeýlemi?
— Hawa.
— Bizdäki tapan «zatlary» ilde-de bardyr-la.
Çöpläberseň, tapylar gider otyr.
— Hawa. Para-da, artdyryp ýazma-da barlan
ýeriňden çykyp duranmyş.
— Ýogsam näme. Uly il şeýtdi. Bizem olardan kem
galmadyk.
443
— Para-peşgeşiň yzyny yzarlasaň, barha ýokary
dyrmaşýamyş özi-ä.
Pirweli Penaýew ýaňsylap ýylgyrdy.
— Ýogsam näme, berleni özüň alyp, özüňe siňdirip
otursaň, depäňdeki seni ýere sokaýmaýarmy? Çaga ýaly
gürrüň edýäň!
— Onda, kaka, sende-de az-owlak ýygnalanýygşyrylan bolmaly-ow. — Bally bu sözlerini ýarym
degişme bilen aýtdy.
— Elbetde. Menem başlyklyk kürsüsiniň ömürbaky
däldigini bilýän. Şemal beýleden öwsen güni, bir gün
«Oturgyjy boşat» diýseler alajyň ýok, boşatmaly bor.
Onsoň nätjek? Hökümediň byjagaz pensiýajygyna
gözüňi dikseň, ajyňdan ölersiň. Oň üçin, dyzyňda
kuwwat barka, gepiňi gögerden wagtyň garrylygyňam
gamyny iýmeli.
Ataly-ogul oýa batdy.
— Kaka, ol «iýen gamyňy» kassada goýan-a dälsiňde? Hökümediň kassasyndamy?
— Hm-m... Men nä beýdiberip däli-samsykmy?
— Onda nirede goýduň?
Pirweli Penaýew ep-esli wagt geplemän, oýlanyp
444
ýatdy.
— Aý, maňa ynanmaýan bolsaň, aýtmak hökmanam
däl.
— Hm... Gep ynanyp-ynanmazlykda däl, käte siziň
oglanlyk edip, zährimardan ýuwdan halatyňyz diliňiz
ýeňläýýä. Şondan howatyrlanýan. Ýogsam-a saňa ony
aýdyp goýaýsam zeleli ýok welin...
Pirweli Penaýew ýene-de oýlandy.
— Aý, bizem-ä indi, kaka, aşyk oýnap, sümügimizi
ýeňimize çalyp ýören oglan-oglanjyk däl-le. Hökümet
bize-hä adamlaryň janyny ynanýar, gel-gel, kaka bolup,
ogluňa müňkür bolýan bolsaň aýtma. Aýt diýip dyzap
durjak däl.
— Wah, gep müňkürlikde-de däl-le! Men ony diňe
öz gara günüme ýaradaýyn diýip toplamadym. Siziňem,
agtyk-çowluklarymyňam elleri uzadan ýerine ýetsin,
kişä günleri galmasyn diýip, gije-gündiz çemçeläp
ýygnadym. Bolýa, saňa indi aýtmasam, görýän welin,
göwnüňe aljak bolýaň. Ýöne, berk belle, bir ýerde
diliňden sypdyraýdygyň, öz aýagyňdan paltany
urdugyňdyr.
— Ýak, kaka, senem.
445
— Hol, iň tördäki otagda, hiç haçan ýakylmaýan
golland peçi bardyr. Ine, şonuň kül gaçýan aşaky
gözünde iküç sany köne kitap ýatyr. Şolaryň daşy ýok,
taryh kitabynyň içinde Garagumdaky çopanyň dil haty
bar. Aý, o adamyň özüni, bala-çagasyny il hataryna
goşanam özüm-le. Üstesine-de ejeňiň daşky garyndaşy.
Onda-da, ätiýaç üçin beren pullaryma-da, gyzyllarymada dilinden hat alyp goýdum. Onsuzam bardy-geldi
maňa bir zat bolaýsa, ony saňa getirip bererdi-le. Özem
hudaýhon, işanzadalaryň kowumyndan, aňyrsy ýanyp
duran gudratly, keramatly, adam.
Pirweli Penaýew pynhan syryny aýdyp, «içini
dökensoň», iki egninden dem alyp, kükregini sowatdy.
Ogly Bally gidenden soňra oňa ýene-de ukol etdiler.
Haly öňküden teňleşse teňleşdi, ýeňlemedi. Dili gaýnan
ýaga salnan bölek et ýaly gowrulyp, agzynyň içini ýakyp
barýardy... Gapydan egni ak halatly doktoryň ornuna
gyzyl-ot köýnekli ýene-de Ýetimje girdi...
— Halyň niçik, Pirweli başlyk? — Ýetimje şeýle
diýip, Pirweliniň, hal-ýagdaýyny soradymy ýa-da ýatan
hassanyň göwnüne geldimi, o belli däl. Ýöne gumdaky
bolan elhenç waka birden Pirweliniň ýadyna düşüp,
şobada dili tutuldy, gulaklary gapyldy. Gözleei ümezläp,
446
indi Ýetimje adam keşbinden özgerip, lowlap ýanýan
ojara öwrüldi. Onuň aldajy gyzgyn howry Pirweliniň
endam-janyny ýakyp-ýandyryp, ýüz-gözüni çirkizip
barýardy. Ol uly ili bilen gygyrmakçy bolup, agzyny
açýardy. Tüýdük ýaly guran bogazyndan, hyrrylda
meňzeş sesden özge üýn çykmaýardy. Elleri, aýagy
diýen edäýse, şu wagt ol ýaraly ýolbarsa dönjekdi.
Emma indi onuň on iki süňňi kişiniňkä ogşamaýardy,
özüne erki ýokdy. Ol krowatyň, üstünde ýanar ot bolup
ýatyrdy. Göreçleri iç işikde duran Ýetimjäni käte alow
görnüşde, käte-de adam keşbinde çalaja saýgarýardy.
Onuň sesini-üýnüni çykarman durşuna has beter heder
edýän Pirweliniň dili tutulyp, huşy başyndan göçüpdi.
Birhaýukdan soňra Pirweli özüne gelip, gözlerini açdy.
Iç işikde Ýetimje ýokdy. Köýnek-balagy, prostynlara
deniç suwa salnan ýaly, sykybermeli bolupdyr. Süňňi
aram tapyp, uludan demini aldy. Birneme ynjaldy.
«Naýynsap Ýetimje, öz ajalyny menden görýärmikä?
Ony atan men däl ahyry. O näme üçin dowzahyň ody
bolup meniň üstüme geldikä? Batyr bolýan bolsa, göz
görkezip bilýän bolsa, Han aganyň ýakasyndan tutsun.
Şonuň üstünden otly gürzini indersin. Eý, toba...
Dogry-da walla... Hawa, otluçöp hakda... Ony näme, şo
ýerdäkileriň hemmesi çakyp zyňdy. Ýa-da meniň, çakyp
447
zyňan çöpüm jesedine ilki ot beräýdimike? Eý, toba...
Megerem, beýlekiler güýmeň-süýmeň edip durandyr.
Gapydan nobatçy wraç geldi. Pirweliniň gözlerine
seredende, nämüçindir, şprisli eli sandyrap gitdi. Oňa
tarap ýörände, dyzlary saňňyldady, goram-gowşak
boldy...
Bally ot ýakylmaýan pejiň aşaky gapagyny açdy.
Dogrudanam, üstüne ýörite kül dökülen iküç kitap
ýatyrdy. Ol peje elini sokanam şoldy, möý çakan ýaly
dessine yza çekip aldy. Ýüregi jigläp gitdi. Emma eliniň
arkalaryna çolaşan düşdüşiň kerebinden eýmenen
Ballynyň ýüregi ýene-de öňki kaddyna gelip ugrady.
Jümşüldeşen «garynjalar» ýagyrnysyndan aýrylansoň,
Bally ýene-de elini peje sokup, kitaplary çykardy. Taryh
kitabyna ýokaşan küli pejiň agzyna kakyşdyryp, içinden
gözleýän dil hatyny tapdy. Öwran-öwran okap çykdy.
Indi ol dil haty öňki ýerinde goýaýsa biri tapyp alaýjak
ýaly, nirede gizlemegiň aladasyny etdi. Iň pynhan,
oňaýly diýip niýetlän ýerindenem syry açylar öýtdi.
Otaglaryň ähli ýerini birlaý gözden geçirdi. Emma ony
goýup, ynjalyp ýatar ýaly ýer tapmady. Soňra howla
çykdy. Melleginiň içinde gömüp goýar ýaly oňaýly ýer
gözledi. Emma amatly ýer tapmady. «Birdenkä gije suwsil edip ýagyş ýagaýsa nädersiň? Ýa-da sümsünip ýören
448
körsyçan ýalaky agtaryp tapagada, tüýt-müýt edäýse
nätjek?! Munuň ýaly zadyň ýagysy gytmy näme?..»
Hamana, hut şeýle bolup barýan ýaly, ol howpurgap,
ýene-de içerik girdi. Birdenkä onuň egnindäki alamula pižamasynda gözi eglendi. Käte ol durşuna-da
ýorgana giräýýärdi. Ol haty hasyr-husur balagynyň
jübüsine saldy. Oňa-da kaýyl bolman, jübüsiniň agzyna
ilgençek ötürip, krowata geçdi. Ýorgana girip, uzyn
süýnüp ýatansoňam, jübüsiniň daşyndan ýene bir sapar
haty elläp gördi. Ertekilerdäki döwleriň janyny gizläp
saklaýşy çyn bolýan bolsa, şu wagt Ballynyň hem jany
budy bilen aýasynyň aralygyndaky hatdady.
Ýöne indi ol ýene bir derde uçrady.
Asla gözlerine uky gelmeýärdi.
Garagumuň jümmüşinde dowar bakyp ýören garry
çopanyň gizläp saklaýan baýlygy diňe Balla däl, eýsem
onuň ogul-gyzynyň, agtyk-çowlugynyň sowmagyna-da
ýetjekdi.
Pirweli Penaýewiň keselhanada ýogalanyna bir aý
geçip-geçmänke, ýakyn-daşdan her hili ýakymsyz myşmyşlar ýaýrap ugrady. Bu myş-myşlar derrew uly ile
ýaýrady. Agyz-agyzdan ýel alar diýýärler.
449
«Pirweli Penaýewi
öldürenmişler».
keselhanada
ukol
edip
«Wah, o pahyr öz ajalyna öljek däl eken-le!»
«Öz bilinden syzdyryp öndüren perzendiniň doktor
ýoldaşlary şeýtseler, hossarsyz bendeleriň dat gününe».
«Magtumguly şahyr aýdyp geçipdir-le:
«Başyň ýassyga ýetende
Ogul-gyzyň ýatça bolmaz»
Wah, Görogly bende:
«Ar-namysy yzlaşmaga,
Ogul gerekdir ýigide».
diýipdir-le!»
«Özüm-ä Ballynyň ornuna bolsam, görde ýatan
atama dil ýetirtmezdim. Bu gep-gürrüň çynmyýalanmy, takygyna ýeterdim...»
Alysdan-daşdan, golaýdan-goltumdan, peşeden pil
ýasap gulagyna ýetirilýän bu myş-myşlardan Ballynyň
halys bizar-peteňi çykypdy.
Ahyry ol çydabilmän, kakasynyň nähili keselden
ýogalanyny anyklamak üçin sudmedekspertizasyna
arza berdi. Belli bir gün Pirweli Penaýewiň mazaryny
450
täzeden açyp, onuň jesedinden barlag geçirdiler. Balla
bolsa bir hepdeden barlagyň netijesini aýdarys diýdiler.
Agyz-agyzdan ýel alyň, bu habar ilki Minaraata
obasyna, soňam bütin Daşgala raýonyna ýaýrady. Indi
iki adamyň başy çatylsa, ýene-de Pirweliniň gürrüňi
edilýärdi. Adamlar üýtgeşik bir habara garaşýan ýalydy.
Aradan bir hepde geçdi.
Bally telefon ederler diýen umyt bilen garaşdy.
Emma, oňa ne telefon eden boldy, ne-de beýleki.
Ertesi Bally ýola çykdy. Ekspertizanyň başlygy kel
kellesiniň hamy ýylanyň gowy ýaly ýalpyldap duran
adam ony mähirli garşylasa-da, bir zada ahmyr edýän
ýaly, käte ýylçyr kellesini yşyga ýyldyradyp başyny
ýaýkaýardy. Ahyry ol gönüläp aýtman, öwrümli
gürrüňine başlady.
— Inim, Bally jan, durmuşda her zada garaşybermeli
eken... Men-ä walla, saňa nädip aýtjagymam bilemok...
Aýtmasamam boljak däl. .... Aýtmasy kyn zat-da.
— Aýdyň, aýdyň! — Bally gözlerini tegeledi.
— Aý, özi birhili, diliňem baranok... Şu adamlaryň
geleňsizligi halys degnaňa degýä. Biperwaýlyk diýen zat
aramyzdan ýok bolmasa boljak däl.
451
Diýmek, aýdylýan gep-gürrüňler, myş-myşlar
ugrunda bar eken-ow. Aý, howwa-da, ýel bolmasa çöp
başy gymyldarmy diýsene.
— Aý, özi adamzat ahyrsoňy amanadyny gara ýere
tabşyrmaly-da. Bi dünýä iki sapar gelen ýok. Ýatan ýeri
ýagty bolsun, Pirweli aganyň köp duzuny iýipdik...
Bu gürrüňlerden Bally ekspertizanyň netijesiniň
näme bilen gutaranyny bilip bilmedi. Onuň üçinem
manlaýyny owkalap, ýene-de kel adamyň agzyna
seredip sowal berdi.
— Hawa, onsoň, nähili netijä geldiňiz?
— Wah, Bally jan, şony aýtjak bolup, hiç ebeteýini
tapamok-da!
— Nämäniň?
— Şo... nähili aýtmalydygynyň.
— Aý, näme, ikimiz kärdeş. Oglan-oglanjyk däl,
hemme zada akylymyz ýetýä. Ajy-da bolsa aýdybermeli...
— Bizde bir aýal bar. Adamsam uruşda wepat bolan.
Şunça ýyllap adamsynyň ýoluna göz dikip, garaşyp
gezipdir.
«Bu gürrüňler bi ikarada näme gerek?» diýip, Bally
içini gepletdi. «Ýa-da hemme kişini özi ýaly işsiz hasap
452
edýärmikä? Meň bir başym, müň işim bar».
Bally onuň bu gürrüňleriniň özüne asla gerek
däldigini bildirmekçi boldy-da, ýüzüni eýlek-beýläk
sowup sagadyna sereden boldy. Stoluň üstündäki gyzyl
telefonyň trubkasyny düzeden boldy.
— Ine, onsoň... şo aýal bizde tamsüpüriji bolup
işleýär. O işigaýdanyň ne hossary bar, ne-de howandary.
Işden çykaraýsaň, ojagaz pensiýasy bilen aç öläýmeli.
— Ehk...
— Häzir, men bu zatlary näme üçin aýdýan diýsene?
Onuň bir emmasy bar. Düýpli sebäbi bar. Ine, şo aýal
atdanlykdanmy ýa biperwaýlykdanmy, garaz, Pirweli
aganyň analizli bankasyny döwüpdir-de, hapaça
oklaýypdyr... Ine, gardaş, bolan iş-ä şeýle. Ýeri, muňa
näme diýjek? Işden kowsaňam, öldürseňem, ýerine
geljek däl. Bizem indi nätjegimizi bilmän, aňk bolup
otyrys.
Ikisi-de dymyşdylar.
— O naçara-da agzymyzdan gelenini diýdik. Näme
etjek, ýarym-ýaş bolup otyr.
Ýene-de dymyşlyk.
Ýene-de her hili gep-gürrüň ýaýradýan gybatkeşleriň
453
ýalan-ýaşryk samahullamalary Ballynyň gulagyny,
kamata getirip barýana döndi.
— Bi bolan iş ile bir ýaýramawersin. Ozalam
gürrüňimiz gyt däl.
— Ýo... ýok-la. Bi gapydan-a gep çykmaz.
— Ýöne indi näme etmeli?
— Biz-ä bilmedik.
— Ile gep-gürrüň bolamyzsoň, indi anygyna
ýetmesegem-ä birhili?
— Bir tarapdan, olam şeýle. Ikinji tarapdanam,
ýaşulyny ýene-de bimaza etmeklik... — Olar ýenede dymdylar. — Birhili bolaýmasa... — Kel adam
birhaýukdan hälki gürrüňiniň yzyny ýetirdi, gümmuksümmük etdi.
Bally ikegninden demini aldy.
— Ýöne beýdibem-ä goýup bolasy ýok.
Ýylçyr kelleli adam «Näme etmeli onda?» diýen
manyda garşysynda oturan Ballynyň göreçlerine
dikanlap seretdi.
— Bütin il üstümizden güler. «Kakasynyň guburyny
açdyrybam, «tutan guşy, alan galasy bolmady» diýerler.
454
Analizi täzeden alyň.
— Ä... O... Ýe... ýene-demi?
— Elbetde...
— B... Bally... Il geň görer...
— Bu zatlaryň änigine-şänigine ýetilmese, şonda geň
görerler.
Ýylçyr kelle ýuwdunanda, bogazynyň düwni aşakýokary bökdi. Ol ýara yzlary besse bolup galan kellesini
biraz tutup oturansoň ýene-de ýöwselläp-ikirjinläp:
— Uly ile masgara borus-ow! — diýdi. — Hemme
zady täzeden başlamaly.
— Gep-gürrüň täzeden başlanandan, ikinji gezek
analiz alanyň gowy dälmi?
Ýylçyr kelle dymdy.
Ýagyş çisňeýärdi. Onuň üçinem, guburdan
ýokary atylýan toprak tozap duranokdy. Bu ýerdäki
ekspertizanyň komissiýasynyň arasynda merhumyň
ogly Bally hem bardy.
Mazary gazýanlar içki öýe ötenlerinde aňk-taňk
boldular. Sebäbi içki öýüň agzyna goýlan çig kerpiçler
gabryň düýbünde çaşyşyp ýatyrdy. Olar biri-birleriniň
455
ýüzlerine geň galyjylyk hem howatyrlanma bilen
seretdiler. Içki öýüň ýumşak topragyny elleri bilen
gabryň düýbüne peşäp aýyrdylar.
Garaşylmadyk, aýylganç waka ýüze çykdy. Hemme
kişi biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, doňup galdylar.
Biriniň beýlekä söz gatmaga dili ysmady. Sebäbi haýran
galdyran zat gabyrda Pirguly Penaýewiň jesedi ýokdy...
Bu hemmeleri aňk etdi.
Ballynyň beren gürrüňlerinden soňra, Han
Arkalyýew öküz myşlan ýaly uludan demini aldy-da:
— Bi dünýe şeýle-dä, inim — diýdi. — Men-ä saňa
näme aýdyp, näme goýjagymy bilemok. Ine, diýeli,
sen meň ornumda, şu kresloda otyrsyň. Özüň näme
diýersiň? Minaraatada ýatan bendeleriň san-sajagy ýok.
Olaryň näçe gat jaýlananam belli däl. Bäh, entek men-ä
beýle waka duş gelmändim. Hut ertekilerdäki ýaly. Beýle
boljak bolsa, mazarystanlygyň daşyna tikenli sim aýlap,
dwrwezesiniň agzynda garawul goýaýmaly boljak. Aý,
gaýrat et, inim. Belkem, bir yş tapylaýady-da.
Bally Han Arkalyýewden hem belli bir söz eşitmedi.
Bäş-on günlükde ol Omar Soltanowiç bilenem
gürrüňdeş bolanmyş. Omar Soltanowiç oňa: «Inijigim,
meň maslahatymy alsaň, saňa bir zat aýdaýyn. Özüňem
456
kakaň ýaly ýitirim bolmajak bolsaň, Hudaýa şükür etde, sesiňi çykarmanjyk geziber» diýenmiş.
Ine, şondan bäri-de Bally kelebiň ujuny ýitirip, güň
ýaly bolup ýör diýýärler.
Ertir Birinji Maý baýramy.
Baýramçylygyň hormatyna Daşgala raýonynyň
zähmetkeşleriniň dabaraly ýygnagy bolmaly.
Mylaýym adamsyny bir gyldan besläp, geýindirip
durşuna, şifoneriň asawajyndan ýakasyna altyn
ýyldyz dakylan asman reňkli iňlis kostýumyny eline
aldy. Aýnanyň öňünde özüni synlan Han Arkalyýew
kürtdürip durdy-da, çep döşündäki altyn ýyldyzyny
aýyrmaga başlady.
— Ony nämüçin aýyrýaň? — diýip, Mylaýym
geňirgenip sorady.
Han Arkalyýewiç ýasama ýylgyrdy.
— Sypaýylyk üçin, Mylaýymhan! Soňky wagtlarda
telewizora seredýän welin, Moskwadaky ýaşulularyň
biriniňem döşünde ýyldyzy ýok. Öň beýle däldi.
Nämüçindir, indi uly-uly ýygnaklara-da dakynman
gelýärler. Şu ýöne ýere däldir. Görýän welin, indi şu
jäjekler modadan düşäýen ýaly. Göwnüme bolmasa,
457
döşüňi ýaldyradyp ýörmeklik halanmaýa öýdýän.
— Dakdyrmajak bolsalar, onda näme üçin berýäkäler?
— «Her döwür — bir döwür» diýipdirler,
Mylaýymhan! Döwre göra bolmaly. «Il hanjak bolsa,
bizem şonjak» diýlen bilen bolubereli. Atyň jylawyny
öňkimiz ýaly başyna goýbersek, basym büdrejek. Oň
üçin, il bilen deňräk sürüp mysapyrrak bolmak gerek.
Han Arkalyýew aýalynyň egninden gujaklap özüne
çekip çalarak gysdy-da, gapa ýöneldi.
Han Arkalyýew aradan ýarym sagat wagt geçipgeçmänkä, eýýäm içi adamdan hyryn-dykyn doly
klubuň sahnasyndaky tribunala gür-gür sesi bilen zaly
ýaňlandyryp gepläp durdy...
— Ýoldaşlar! Şeýlelikde, durgunlyk döwri biziň
Daşgala raýonymyza-da özüniň zyýanly tegmilini
besse-besse basyp gitdi...
Indi Han Arkalyýewiň özüni alyp barşynda-da,
hereketlerinde-de üýtgeşiklik duýmak bolýardy. Ol
öňküleri ýaly ýumrugyny düwüp, elini bulaýlamasyny
goýupdy. Öňler adamlaryň ýüzüne seretmän, esrän
neriň burnuny göge tutuşy ýaly, ýüzüni kese-kese
sowýardy. Indi bolsa olar bilen çaý başynda mesawy
458
gürleşýän ýalydy. Ýüz-gözünde-de ýasamalyk, ýylgyrma
alamatlary mydama taýyn durdy. Köneden gelen şeýle
bir dana söz bar: «Adam baý bolupdyr diýseler ynan,
beg bolupdyr diýseler ynan, emma öz gylyk-häsiýetini
üýtgedipdir diýseler ynanma». Bäh! Diýmek onda
köneleriň o dana sözleri ýalan eken-dä?
— Ýoldaşlar, SSKP-niň aprel plenumyndan soňra
biziň ýurdumyzda ösüp başlan täze şemalyň öwüsgini
biziň Daşgala raýonymyzyň zähmetkeşleriniň hem
süňňüni ýeňletdi, täk... ruhuna ruh goşdy. Durgunlyk
ýyllarynda býurokratlaryň, parahorlaryň edenetdilikleri netijesinde, biz aga ak, gara gara diýip
bilmedik. Demokratiýa sözi ýatdan çykankyrlady,
Pirweli Penaýew ýaly kolhoz başlyklary hökümeti,
partiýany aldap, pagta satyn almak, artyk gowaça
ekmek ýaly negatiw hadysalar bilen meşgullanyp,
ýalan şöhrata, haram baýlyga kowalaşyp, biziň Daşgala
raýonymyzyň at-abraýyna hyýanat etdiler. Biz mundan
beýläk... Täk...
Prezidiumda oturan Daşgulakow, Zamanowa
dagylar üçin Han Arkalyýewiň sesi henizem şol
öňküleri ýaly dury hem ynamly ýaňlanýardy. Belkem,
zalda oturanlaryň köpüsi üçinem şeýledir.
459
Ýöne Han Arkalyýewiň asman reňkli iňlis
kostýumynyň goltuk jübüsindäki partbiletiniň
içindäki bir tagta ak kagyza näme ýazylanyny onuň
özünden başga iki aýakly ynsan bilmeýärdi. Diňe
bu hakda onuň özi Omar Soltanowiçe birki mertebe
dilden ýaňzydypdy. Omar Soltanowiç birinji gezek
«Çynyňmy?» diýip sorapdy. Ikinji mertebe «Entek
işläbersene, näme, üýtgedip gurmakdan gorkýaňmy?»
diýip sorapdy. Üçünji sapar bolsa: «Hany, göreli bakaly,
biraz gyssanma...» diýipdi.
Han Arkalyýewiň partbiletiniň içindäki hatyň
mazmuny şeýledi: «...Saglyk ýagdaýym sebäpli işden
boşatmagyňyzy haýyş edýän...»
Omar Soltanowiçe bir oňaýy bilen bu arzasyna gol
çekdirip, pensiýasynyň gapdalyndan jogapkärçiligi,
garamaty azrak edaralaryň birine süýşüp, parahat
durmuşda güýmenip gezibersem diýip arzuw edýärdi.
Ýöne ol garaşylýan arzuwly gün haçan gelerkä?
Minara tarapdan öwüsýän ýel her ýerdäki gurt daran
dowarlara dönen dagynyk bulutlary bir ýerik ýygnap,
Garaguma baka kowalap barýardy. Gumuň etegindäki
boz meýdan al-ýaşyl öwüsýär. Ol ýerde Goç çopaiyn
sygyrlary agyp-dönýärdi.
460
Minaranyň töweregi gaýda-gaýmalaşyk. Maşynlar,
traktorlar iki-baka müňzeşýär. Bu gün kolhoz adamlary
ýene-de ýowara üýşüpdi.
«Ýeňiş» kolhozynyň täze başlygy Gara Mergenow
ýadygärlikleri goramak baradaky jemgyýetiň üsti
bilen minaranyň şor iýen binýadyny täzelemek üçin
Hywadan, Samarkantdan ýörite ussalary çagyrdypdy.
Ýowara üýşenler binýat üçin getirilen kerpiçleri, daşlary
ýonmaga, ýülmemäge ussalara kömekleşýärdi. Müň
ýyllap duran minaranyň ömri ýene-de uzap ugrady...
1987-nji ýyl.
461
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.