Latin

Melgun - 06

Total number of words is 3610
Total number of unique words is 2223
30.8 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýyllygyna zähmet ýeňişleri...»
Meýlis Bakyýew tranzistorynyň burmasyny towlap
başlady. Rus, iňlis, nemes, ýee-de bir topar düşnüksiz
dillerde gürleýärdi. Bakyýew ol geplere düşünmese-de,
«Çernenko, Çernenko» diýilýänine düşünýärdi. Ahyry
ol şirin mukamly hindi aýdymynyň üstünden bardy.
Başujundaky borjomly çüýşeden käsä pyžladyp guýdyda, başyna çekdi. Soňra-da pallap:
— A-af, uklap galsam, radiony özüň öçürersiň —
diýdi. Aňyrrakda ýatan aýalynyň «Bolýa» diýen sesini
eşidip beýlesine öwrüldi.
139
Ol ýany ymyzganypdy. Telefon sesine oýandy.
— A-aý, basymrak alaýsaňa şony!— diýip, eýýäm
trubkany göteren aýalynyň haýal gozgananyna nägile
bolup hüňürdedi.
«Kimkä gijäň bu çaky bimaza edýän?»
— Alýo, howa, Meýlisleriň öýi. Nirede? Häzir..
Häzir...
— Meýlis, me, al trubkany!
— Näm bolupdyr? Kim ol? Bir ýerde ýangyn
barmyşmy?
— Hawa, bazada parta harmany ýanýamyş. Garawul
jaň edýä.
— Alo, näme? Kim bi? Hawa. Näçe punt ýanýa?..
Ýangyn söndürijilere jaň etdiňmi? Akmak, ilki şolara
jan et ahyry! Meň öýümde näme suwly howuz bilen
şlanga barmy? Menem häzir barýan.
Bakyýew trubkany goýup, ýassygynyň ýanyna geldi.
Boržomly çüýşäniň bokurdagyny agzyna eltende aýaly:
— Ýene-de baza ýanýarmy? — diýip sorady.
Bakyýew çüýşedäki suwy gulkuldadyp, düýbüne
çenli içensoň, erinlerini süpürişdirip jogap berdi.
140
— Näme, kermiň? Özüň eşitdiň-ä.
— Bi näme, ýylyň-ýylyna ýanyp durmalymyşmy o
harmanlar?
«Şükür et, akmak heleý, ýansa äriň bagty çüwýär».
Emma Bakyýew daşyndan sesini çykarmady. Oturgyjyň
arkasynda goýlan eşiklerini geýmäge başlady.
— Şofýora jaň et!
Aýaly telefona moýmuldaklap barýarka:
— Ýetimje bolanda, bu wagt hä diýmänkäň ýetip
gelerdi — diýip öz-özi gepledi.
8
Şaguly Garlyýewiň gyzy Şemşat özüni asyd öldürdi.
Öňňin onuň kyrk gününi belläpdiler.
Bu gün Şagulynyň uzyndan inçe, garagaýçak aýaly
taýýarlan naharyny adamsynyň öňünde goýdy. Özi-de
alkymynda oturyp, möý okan ýaly sarnamaga başlady.
— Kakasy, ogluň Garly jan bilen-ä gepleşmeseň boljak
däl. O «Moskwaň purkuroryna arza ýazaryn, Ballydan
Şemşadyň aryny alaryn» diýip ýördi» diýip otyr. Hol
raýonyň gazetinde işleýä Gara Mergen diýlenem
141
oňa meçew berýä öýdýän. Oňam bir zatlaryny Bally
operasiýa edip öldüripmişmi-nämemi.
Şaguly ortadaky türkmen konýagyna elini uzatdy.
— Eý, Totym, Totym... Indi boljak iş bolansoň,
boýasy siňensoň, müň ýere arz edeňde näme? Şemşat
janyň direlip geljek gümany barmy? Diňe Pirweli bilen
alagöz bolanymyz galar.
— Menem şony diýýän-dä, kakasy. Bir zadyň
aňyrsyna göz ýetirmän, tanapyna towsubereniň bolanok
ahyry. Wah, Garly jan entek ýaş bolýa-da, ajyny-süýjüni
görmedik, döwlüp bitmedik oglanda. Wah, diýenim
bolsa, Garly jana ýetirmän o ýezitden özjagazymyzyň
aryny özüm aljak-la.
— Ynha, biz öňünden aýrylyp, arabasyny özi tigirläp
ugransoň, basymam düşünerler-le. Birki sapar ýolda
ýabysy büdrär welin, ine, onsoň biziň gadrymyzy biler.
Häzir näme, iýse öňünde, iýmese gapdalynda. Pylan zat
gerek diýmäni bilýär. O puly nireden, nädip gazanýaň,
oň bilen işi ýok.
Şol wagt Garly gapydan girdi. Ejesi:
— Garly jan, geldiňmi? Nahar sowamanka geleniň
gowy bolaýdy. Gel, ynha, kakaň bilen nahar edin.
142
Häzir men saňa goýan paýymam getireýin — diýip
daş çykdy. Garly ejesi nahar getirýänçä, eşiklerini
çalşyryp, ýuwnup geldi. Birsalym dymyşlyk aralaşdy.
Gürrüňi kim nämeden başlajagyny bilmän otyrdy.
Garly uniwersitetiň bedenterbie fakultetini geçen ýyl
gutaryp, obalaryndaky orta mekdepde mugallym bolup
işleýärdi.
— Garly jan ýadandyr, o güjük kowalap ýören
çagalaryň yzyna eýerjek bolsaň lütüň çykmaýamy —
diýip, Toty dillendi.
Şaguly ýarym degişmä saldy.
— Şoň üçinem, hiç zada kelläňi agyrtmaly däl.
Beýlekiler ýaly gündiz-ä gara tagtaň öňünde sakyr-sakyr
edip, gije-de depder barlamak aladaň ýok. Ýaltanan
wagtyň okuwçylanna pişik-pişik oýnat, özüňem hezil
et-de, agajyň kölegesinde otur, şeýle dälmi, Garly?!
— Aý, hawa-la. — Garly kineli jogap berdi. Öz käriniň
kemsidilenine nägile boldy. — Hemme ýolbaşçylaryň
pikiri siziňki ýaly bolansoň, kolhozymyz-a beýlede
dursun, raýonymyzda-da bir kişiniň ady sportda
tutulanok. Sebäbi bedenterbiýä kembaha garaýaňyz.
Öweý çaga seredilişi ýaly kembaha garaýaňyz. Emma
kapitalistik ýurtlarda käbir futbolçyň ýeke özi öz
143
ýurduna siziň kolhozçylaryňyzyň ählisiniň bir ýylda
gazanýan girdejisinden köp peýda getirýär. Bizis
kolhozymyzda näçe adam işleýä?
— Wedomosta gol çekýän-ä alty ýüz.
— Alty ýüz adam. Ertirden agşama çenli jokrama
günüň aşagynda beýnisini gaýnara getirip işleýä. Emma
özüň zeýrenýäň «Haçan görseň sçýotyňyzda pul ýok»
diýip. Näme üçin? Hökümet mugt işledenok ahyry.
— Mugt işletmeýän bolsa, önüm bermelises, mugt
pulam berenok-da.
— Ýogsam näme, indi size mugt pulam bersinmn?
Özüm bolsam-a karzam berjek däl.
— Onda näme, kolhozy ýapjakmy?
— Ýok, girdeji berer ýaly önüm berjek.
— Önümi nireden aljak? Ine, biziň esasy önümimiz
pagta. Mekdebe barýarkaň, kartalara seredýäňmi?
Gowaça ekişini düýn-öňňin gutardyk. Emma gowaça
diýen zada şumatlar, eýýäm birki bejergini geçirmeli.
Birki gezek suw tutmaly. Seňki bolsa entek kesekden
saýlanybilmän mürrelip otyr. Onsoň, ýylyň ahyryida
hasyly nireden aljak?
— Onda-da öten agşam telewizorda ýöne «Ýeňiş»
144
kolhozy diýip öwüp ýatyrlar.
— Aý, baýak olar gelende, öwüler ýaly edildi-dä.
— Her ýylam-a pagta planyny dolýaňyz. Sylagserpaý, garaz, hökümetden alma kemini goýaňzok.
— Häý, oglum, oglum, meni gürletmesene. Öten
ýyl özüň dälmidiň direktor her mugallym bir tonna
pagta ýygmaly diýip buýruk berdi diýip gelen. Onsoň,
araňyzda ýyganyňyz boldumy şony?
— Ýok, biz-ä puluny beräýdik.
— Ana, gördüňmi? Ana, seniň şo beren puluň! Bir
tonna pagtaň diňe kagyz ýüzünde bar. Pagta zawodyndada «Bar» hasap edilýär, emma özi ýok.
— Zawod ony bir ýere tabşyranda, hasap bermelidir-ä?
Ýok bolsa olar ony nireden tapýar?
— Al, çöregiňi iý. Garnyňy doýur. Öten agşam pagta
zawudy ot aldy diýip eşidensiň-ä? Meni mundan artyk
gürletme.
— Hawa. Eşitdik.
— Ana, seniň bir tonna pagtaň on tonna bolup, küli
ho asmana sowruldy. Meýlis bu gün oňa ot aldy diýip
akt ýazandyr. Oglum, Garly jan, sen bu zatlara kelläňi
sokma-da, kakaň näme diýse «hä» diý-de gezibersene.
145
Oglanlar top oýnajak diýse, hersine birini ber balam.
Başga zat bilen işiň bolmasyn. Näme etjek bi majara
başyňy sokup. Besdir, kakaň bulaşyp ýöreni— diýip Toty
jibrindi. Garlynyň öňde bir çopanyň stadiona baryp
futbola seredişi ýadyna düşüp, gülküsi tutdy. Ol çopan
ýigrimi sany ýetginjegiň bir topuň yzynda ylgap ýörşüni
görüp, olara nebsi agyrypdyr. Başyny ýaýkapdyr. Ahyry
çydap oturybilmän goňşusyny tirsegi bilen dürtenmiş.
«Hä, näme?» «Aý, şu biziň döwletimiz ýaly baý döwlet
ýok welin, kä ýerde gysgançlygyň gözüni çykaraýýa».
«Hä, näme üçin?» «Aý, şunça ýigide bir top berşini
diýýän. Döken ýerine-hä harman-harman dökýä.
Bulara-da hersine birini beräýmeli eken-dä. Goý, oýnap
hezil etsinler».
— Ýylgyraýdyň-la, oglum, näme ýadyna düşdi?
Şeýdeweri, ýogsam soňky günlerde seň bolşuňy
halamok. Süsjek öküz ýaly bolup ýörsüň. Kakaň barka
hiç zadyň gaýgysyny etme. Şemşat jana-da gynanýansyň,
wah, nätjek-dä? Maňlaýyna ýazylany şeýledir-dä.
Garlynyň ýene-de gaşlary çytyldy. Ýüzüne gara bulut
inen ýaly boldy.
― Ony şo dereje ýetiren adam-a arak içip, keýp çekip
gezmeli, olam hossarsyz ýaly ölüp gidibermelimi?
146
― Wah, Garly jan, oňa biri «şeýt» diýip öwredenog-a.
Aýal maşgala çydamlyrak, geçirimliräk bolaýmaly
ahyry.
— Agzyň üstüne berip, dişiňi owratsalarammy?
— Hmm, hmm.. — Şaguly tirsegini ýassykdan
galdyrdy. Garly, şo seň uýaň bolsa, meňem ýüregimden
önen perzendim. Bizem şoňa sençe gynanýas. Ýöne...
Käte dişiňi gysaýmaly ýerleri bolýar. Başa gelenini
mertlerçe çekmegi başarmak gerek. Şoňa düşün. Eger
şo dogman geçen Bally başga biriniň ogly bolan bolsady,
onda meniňem etjegim belli. Ýakýan ýeri, agzymyzy
petikledýän ýeri o Pirweliniň ogly.
Başlygyň ogly bolsaň, näme etseň, edip ýörmeli-ow?
— Biz diňe Pirwelini sylaýas...
— Başlyk bolany üçinmi? Ýa-da onuň elinde baş
buhgalter bolanyň üçinmi?
— Ýok, gowy adam bolany üçin. Ony diňe biziň
kolhozyň halky däl, raýonam sylaýa, oblastda-da abraýy
uly.
— Şoň üçinem, sülçä jany sag gyzyňyza, kellesi
ütýgäpdir diýdiňizmi?
— Garly, meň gaharym geljek bolýa.
147
— Kakasy, gaharlanmasana.
— Enesi, sen şuny hülli hülli edip sandan çykarýaň.
Şemşat sagmy ýa beýleki, sen näme ony ekläp-saklan
adamlardan gowy bilýäňmi? Ol o zeýilli syrkawlaryň
keselhanasynda bellikde dur ahyry. Onsoňam, sen bäş
ýyllap Aşgabatda okadyň. Bu ýerde kimiň nähili bolup
ýöreninden nä habaryň bar?
— Şo wakadan öň biriňizem-ä Şemşat şeýledi diýip
ýaňzytmandyňyz!
— Myň tapýan gürrüňine seret-le! Haýsy ene-ata öz
perzeidiniň kemis-şikesini oturyp-turan ýerinde diline
çolap gezsin? Ylaýta-da, o zeýilli, derdiň. Näme o buşluk
habarymyşmy?
Garly iňkise gitdi.
Şaguly: «Nätdim, tutmaly damaryny tapdymmy?»
diýen manyda Totynyň ýüzçün ogryn tarap goýberdi.
— Wah, hawa, Garly jan. Biz onuň o ýetmezini ildengünden ýaşyrdyk, balam. Hatda saňa-da duýduran
däldiris. Bilip bolýamy, birden oglanlyk edip, degişmä
salan kişi bolup, diliňden sypdyrjakmy-nätjekmi? Ol
artyp başga keseller ýalam däl ahyry. Birden diliňden
sypdyraýsaň, olam bir ýarym göwün zenan maşgala,
148
ýüregine hanjar bolup dürtüler ätiýajy bilen, kakaň
ikimiz iki-çäk galamyzda-da şoň gürrüňini etmäge
gorkýardyk, ballym. Ylaýta-da, o ady ýitmiş kesel,
ot-çöp örýän günleri neressejigimi, halys eýerläp
münýärdi. Ýersiz-ýere kä gülýärdi, käte gamlanýardy.
Onuň şeýledigini diňe iki hojalyk — bir-ä özümiz,
birem Pirweliler bilýärdi.
Garly pikire batdy.
Ol öz otagyna geçip, diwanda ýatyp pikirlendi.
Uýasynyň gürrüňleriniň, ýeňilräk hereketleriniň
üýtgän taraplaryny ýadyna saljak boldy.
Garly öňräk işsizlikden Şemşatlara barypdy.
Pirwelilerde hiç kim ýokdy. Aýaly kurorta gidipdi, özi
bolsa işdedi, Şemşadyň ýeke özi öýleriniň işigindäki
tomusky aşhanada bir zatlar taýýarlap, ýetişiksiz gara
gündedi. Aşhananyň bosagasynyň golaýynda iki
ýaşlaryndaky uluja ogly aglap otyrdy. Garly ýanyna
baryp, oňa habar gatdy. Eline alyp göterjek bolanda, eli
balajagynyň ölüne degdi.
— O-ho, Şemşat, aý, Şemşat, bi-ýä balajygyny
hapalapdyr.
Şemşat açyk penjireden ýüzüni görkezdi.
149
— Ýok, o ýaňy kranyň ýanyna baryp suw oýnapdyr.
Garly jan, şony sallançakda oturtsana. Menem häzir
elimi boşadýan. Onsoň balagyny çalşyryn.
— Näme işleýäň özüň?
— Wah, bi gün Bally ülpetlerinimi, başlyklarynymy,
myhman çagyrjakmyş. Men kelle-aýagy basymrak
arassalap, ataryp goýbermesem, agşama çenli bişmez.
Garly ýegeniniň sallançagyny üwräp durşuna
dillendi.
— Kömekleş diýip ejeme aýdaýmaly ekeniň-dä.
— Wah, jigim, aýdaýaňda, ejemem bir gün
kemekleşer, iki gün... — diýip, Şemşat goýnuň kellesiniň
gulagyndan tutup, gaýnag suwa sokup çykardy. Soňra
kelläniň tüýlerini ütüp başlady. Gyzgyna çydap bilmän,
barmaklaryny üfleşdirdi. Şol wagt Garly içerde hem
kiçijik ýegeniniň aglaýan sesini eşitdi.
— Şemşat, gyzyňam aglaýar öýdýän.
— Wiý, şeýlemi?
Şemşat elini kranyň aşagyna tutup, howul-hara
ýuwdy-da, öýe ylgap barşyna öňlügine süpürindi.
Uýasynyň derläp, ýagyrnysyna ýapyşan köýnegi
Garlynyň gözüne ildi. Onuň yzyndan nebsi agyryp,
150
seredip durşuna oýa batdy. Howludaky germelen
ýüplere ýuwlup serlen geýimlere göz gezdirdi. «Daň
bilen turup ýuwan bolarly». Ýelejiretmek üçin çykarylan
halydyr keçeler howlynyň her ýerräginde güne serlip
goýlupdyr. Suw kranynyň ýanynda, uly jamda üýşüp
ýatan çaga arlyklary-da Şemşadyň eliniň boşaryna
garaşýardy. Şemşat gyzyny göterip Garlynyň ýanyna
geldi. Ol elindäki ujy emzikli çüýşäni uzadyp:
— Şuň süýdüni içirsene, Garly jan, menem häzirjek
elimi boşadýan. Onsoň ketekdäki towuklardanam
üçüsini öldürip berseň bolany, oňa çenli çagalaram
ýatar — diýdi-de, sallançakdaky oglunyň balagyny
çalşyrmaga durdy.
«Şemşadyň-a it güni bar» diýip, Garly setgäniň içinde
gezmeleşip ýören ak towuklara seredip içini gepletdi.
Garly diwandan turup, stolunyň çekmesine
salyp goýan Şemşadyň surat albomynyň gatlaryny
açyşdyrmaga başlady. Uýasynyň dürli ýaşdaky, dürli
wagtlardaky suratlary albomyň gatlarynda janlanyp
ugrady...
151
9
Halk deputatlarynyň Daşgala raýon Sowetiniň
başlyklygyna Begmyrat Daşgulakow saýlandy. Ondan
öň Juma Çaryýewiňem, Gara Mergenowyňam
delolarynyň obkoma gidenligini Pirweli dagy bilýärdi.
Gara Mergenow bolsa Han Arkalyýewiň, bu eden işine
hiç düşünmeýärdi. Ahmet Läle bilen arasyny üzensoň,
ol Han agadan ýagşylyga garaşmaly däl ahyry. Emma
bu tersine bolup çykdy. Bu nähili beýle bolýar? Han
Arkalyýewiň bu hereketi köp kişini geň galdyrdy.
«Indi-hä Arkalyýew Gara Mergene-de, ogluna-da
itiň art aýagyndan suw içirer» diýip ýörenler pikirini
üýtgetmeli boldy. Ýöne obkomda Gara Mergenowyň
kandidaturasy geçmänsoň, Arkalyýew ony kabinetine
çagyrdy. Onuň ogly hakda hiç zat bilmedik-eşitmedik
ýaly, eger-eger kelam agyz gürrüň açmady. Ýöne, Gara
Mergene partiýa mekdebine okuwa gitmegi teklip etdi.
Gep arasynda «Bu diňe meniň däl, ýokardakylaryňam
pikiri» diýip goýberdi. Oýlanmaga-ölçermege-de iki
gün wagt berdi.
Bu gün Gara Mergenow öz gelen netijesini aýtmaga
Arkalyýewiň ýanyna ugrady. Elbetde, onuň ýanyna
barmak üçin ilki bilen telefonda rugsat aldy. Arkalyýew
oňa: «Ýene-de ýarym sagatdan geläý» diýipdi. Belleşilen
152
wagty Mergenow Arkalyýewiň kabul edýän otagyna
girdi. Birinji sekretaryň kabinetine başyny atyp, sekretar
aýaldan: «Ýeke özümi?» diýip sorady. Ol «hawa» diýen
manyda kellesini atyp-atmanka, Gara Mergenow gara
gapa tarap ýöneldi. Sekretar aýal içinden: «Ýeke özi
bolanda, mundan ozal rugsatsyz girip bilýämidiň? Han
aganyň çagyranyny menden gizläp, hamana boş bolsa,
garaşyp oturanlardan bidin özüni arkaýyn girip-çykyp
bilýän kişi edip görkezjek bolýar» diýip, bu sapar özüne
«girmek bolýarmy?» diýilmänsoň, kineli halda, ýüzüni
äpişgä sowup, agzyny towlady.
Ol goşa gapynyň içindäkisini açanda, Arkalyýew
gyzyl trubkany gulagyna tutup otyrdy. Käte onuň
şeýleräk häsiýeti bardy: gapylaryň daşkysy açylan
bada trubkalaryň birini gulagyna tutýardy. Geleniň
näme möhüm bilen kabinetine girenligini öňünden
bilensoň, trubkada birki agyz ýa gaharlanyp gepleşerdi
ýa-da mylaýym gürleşen bolýardy. Beýle etmek bilen ol
birinjiden-ä, özüni bir minutam wagty ýok, işli adam
edip görkezjek bolýardy hem-de geleni bosaganyň
agzynda biraz saklap, gel-geç diýmän, sustuny
basjak bolýardy. Häzirem ol çyndanmy ýa ýöne şeýle
ýylgyrjaklap gürleýärdi. «Bolýar, Omar Soltanowiç.
Deputatlyga görkezileniňizi öten agşam telewizorda
153
aýtdylar. Onda-da SSSR Ýokary Sowetine. Diňe bir
telefonda däl, barybam gutlarys...»
Gara Mergenow mundan artyk diňläp durmaga
ejap etdi. Üstesine Arkalyýew ony görübem, «gel-geç»
diýmedi. Mergenow bosagadan ätlän bir aýagyny yzyna
çekip aldy. Sekretar aýalyň ajan hamyr ýaly ýüzüne
gözi düşende «Telefonda gürleşýä... Obkom bilen»
diýip özüni aklajak boldy. Agaran saçlaryny hyna çalyp
gyzardan aýala gygyny pürkmäge gowy bahana tapyldy.
Ol sowuklan erkek adamyň gyryljyk gepleýşine meňzeş
sesi bilen Mergenowyň üstünden eňterip ugrady.
— Şonda «girmek mümkinmi?» diýip sorarlar ahyry!
Gözüňize urlan ýaly süsdüriliberýäňiz. Bu garaşýan
adamlaram özüni sençe görýändir.
Gara Mergenow iki sany nätanşyň ýanynda ýüzüniň
alnyp, üstüne gygyrylýanyna erbet utandy. Belkem,
olar ony tanaýandyr. Raýon gazetiniň redaktory diýip
sylaýandyrlar. Indem: «Baý-bu-w, munuň-a üstüne
Han aganyň gapysynda oturýan aýalam agzyna gelenini
diýibilýän ekeni» diýip pikir edýändirler.
— Meni Arkalyçyň özi çagyrdy.
Erkek sesli aýal ýan bermedi.
154
— Çagyranda näme? Bu ýerik keýpine gelýän ýok.
Hemme-de işli, hemme-de gyssagly. Sen redaktor
bol, ýönekeý işçi bol, maňa parhy ýok. Edep-ekramy,
tertip-düzgüni saklamaly. Ony saklamagam, hemme
kişi başaranok. Gaýtam, şuň ýaly ýerde kolhozdan
gelenler intelligentlerden sypaýy-parhly çykaýýa. Girip
salam berýärler. Sabyrly bolup, nobatyna garaşýarlar.
Ýok, özüni intelligent saýyp ýörenleriň wagty ýokmuş.
Binobat urdurylyp giribermeli. «Häh» diýseler «Mäh»
bolmaly bulara...
Gara Mergenow ýaýdanjyrap, iki elini owkalady. Her
niçik, şol wagt içki telefon jyňňyrdap, diliniň jylawyny
goýberen aýalyň ýaňramasyna päsgel berdi. Ol trubkany
gulagyna tutup, şol bada-da aýyrdy. Gara Mergenowa:
«Bar, indi giriber» diýip, erkek sesi bilen nalaç dillendi.
Mergenow bu aýal özi hakda oturanlara, gör, nämeleri
ýaňrar diýen oýlar bilen Arkalyýewiň ýanyna baran
badyna aýtjak gürrüňlerinem ýatdan çykardy.
Han Arkalyýew gürrüňi okuwdan däl-de, gazetiň
çykyşyndan gozgady. Respublikan, oblast gazetleriniň
berýän materiallaryny çap edip oturandyklaryny, has
erbedem, gijä galyp gaýtalaýandyklaryny aýtdy. Gazet
işgärleriniň inisiatiwasynyň ýokdugyna igendi. SSSR
Ýokary Sowetine deputatlyga kandidat görkezilen,
155
halkyň halan ogul-gyzlaryny köpräk propagandirlemeli,
gyzykly okaljak, ýiti dişli — tankydy materiallar ýok.
Umuman, gazetiň çykyşyndan özüniň nägiledigini
duýduryp:
— Hany, onsoň, okuwly meseläni nätdiň? — diýip,
birdenkä sowal berdi.
— Han Arkalyýewiç, okuwy-ha goýbolsun etmesek
boljak däl. Şeýle netijä geldik.
Han Arkalyýewiň birden dyňzap gelen gahary
bogazyna tegek bolup, gepläp bilmän oturdy. Çekgesiniň
bir tarapynyň damary çekip, ýaňagynyň ýumrusy
loňkuldap gitdi.
— Täk... Onda näme... Ýagdaýyňa seret. Biz-ä
saňa ýagşylyk etjek bolýas. Onam bilmeseň... Soň-a
ökünersiň. Ýöe giç bolar — diýip, Han Arkalyýewiç
gaharynyň gelenini bildirmezlik üçin, sözleriniň
arasyny bölüp-bölüp zordan gürledi.
«Munuň diýýäni çynmyka?» Gara Mergenowyň
ilki kellesine gelen pikir şu boldy. Näme üçindir, men
tersinemikä diýýän. Her edip-hesip edip menden
dynjak bolýar.
— Menden dynjak bolýandyr diýen pikir kelläňe
156
gelmesin. Sen bolduň, başga boldy, maňa tapawudy
ýok. Gazet gowy çyksa bolany.
Gara Mergenow tasdan tisginip gidipdi. Pikirini
okanlygy üçin Han Arkalyýewe haýran galdy. Ýüzüm
bir gyzarmawersin diýe alada galdy. Stoluň üstündäki
«Partiýa durmuşy» žurnalyny öňüne çekdi, Sahypalaryny
açyşdyryp güýmenjek boldy. Emma žurnalyň birküç aý
mundan öňki sany bolsa-da, sahypalarynyň tötänden
kesilmän, biri-birine ýelmeşip duranlygy üçin, onuň
gatynyňam açylmandygy bildirýärdi.
— Aý, ýok-la, beýle pikir nireden bolsun? — Ol
ysgynsyz jogap berdi.
— Haý, öz-ä näme diýseň-de, salyň-a gowşak. Kime
sala salyp, geňeşen bolsaň-da, saňa dogry maslahat-a
bermändirler.
«Bäh, bu adam welimikä?»
— Aý, ýok-la, Han Arkalyç, sizden minnetdar. Ýöne
ýaş çagalam, garrym bolmasady, onda nirä diýseňizem
giderdim.
— Dog-g-ry-y... Täk, täk...
Stolun üstündäki çyrajyk ýandy. Han Arkalyýew
trubka seretdi-de, ony galdyrmagyň deregine knopkany
157
basdy. Saçy boýalan aýal gapydan girdi.
Şumat, obkomdan, başga ýerden jaň etseler «zanit»
diý. Päsgel bermäň.
Ol aýal çalt-çalt başyny atyp çykyp gitdi. Öz ýerine
baransoň, stoluň üstünde ýatan trubka:
— Han Arkalyç prawitelstwennyý telefonda gürleşýä.
Ýarym sagatdan jad edäýiň — diýdi.
Arkalyýew:
— Tak — diýip, ýene iş gürrüňine dolanyp geldi.—
Men bir zada düşünemok. Raýonda pagtany iň köp
berýän kolhozlary tankyt edýäňiz. Bi nähili iş stili
boldugy? Olary ýanaýaňyzmy?
— Han Arkalyç, diýýäniňiz adalatly bellik. Ýöne,
ynha, «Ýeňiş», «Prawda» kolhozlaryny alyp göreliň.
Dogry, pagta planyny ýylyň-ýylyna artygy bilen
dolýar. Emma medeniýeti juda yzagalak. Mysal üçin,
«Ýeňişde» ne hammam, ne-de gyşky klub bar. Köçeleride asfaltlanmadyk. Bir maşyn geçse, ýarym sagatlap
tozany aýrylanok. Medeni-köpçülik çäreleri geçirilenok.
Pirweli aga, Keýik dagy şu taraplaryna-da üns beräýse
bolaýjak welin, asyl başyna baranoklar. Halkam indi
düşünjeli. Yzly-yzyna ýazyp durlar, Han Arkalyç!
158
«Sen ýigit, görýän welin, ýorgana görä aýak uzatmajak
bolýaň. Bir zat aýdylsa, düşünäýmegiň deregine, özüňi
aklamaga çykalga agtarýaň. Kolhozdakylaryň häzir
kellesini gaşamaga elleri degenok. Ekiş gijikdi. Owlakguzy almak haýal barýar. Gurçuk tutmak gyzza-gyzza
geldi...»
— Obadakylaryň ýagdaýam meňki bolsun diýerlik
däl. Üç kampaniýa goşalanyp geldi. Ertirden başlap
hemmäňiz kolhozlara wekil bolup gitmeli bolarsyňyz.
Senem «Ýeňşe» ýazaýarys.
— Han Arkalyýewiç, meni «Ýeňşe» bir ibermäweriň.
— O näme üçin?
— Aý, birki günlükde biziň bir garyndaşlar bilen
Pirweli aganyň ogly Ballynyň arasynda sene-mene
gürrüň bolupdyr. Olaryň dawasy ula gitjek öýdýän.
— Şol köriçegeli gürrüňmi?
— Hawa, Bally operasiýa edende, syrkawyň içinde
gaýçymy, başga bir guralmy, bir zad-a goýup tikipdir.
Olam içde iriň baglap şo syrkaw ýogaldy.
— Gara Mergenowiç, ajal diýen zat ýetse, ýöräp
barýarkaňam bahana tapylýar. Indi boljak iş bolansoň,
her zat etseňem, şol ölen direlip gelmez, oň üçin nämä
159
gerek artykmaç gürrüň?!
— Han Arkalyýewiç, Ballynyň operasiýa edeni
ýa ölmeli, ýa-da maýyp bolmaly. Sebäbi ol instituty
kakasynyň puly bilen gutardy. Beýdip, adamlary gösgöni ajalyň eline bermeli däl ahyry.
— Bu mesele bilen saglygy saklaýyş edaralary
meşgullanar. Adamyň başyna garaşylmadyk pursat
her hili bela inýä. Pirweli aga-da, Bally-da häzir
ýasdaky adamlar. Eşidensiň, gelinlerem şeýle bolupdyr.
Biçäräniň akyly kemräk ekeni.
— Adamlara-ha başga hili gürrüň edýä.
— Nähili?
― Gelinlerini «Ölmäge mejbur etdiler» diýýärler.
— Başyna ölüm düşeniň gürüňini etmek aýyp bor.
Il agzyny ýygyp bolmaz. Sen bir hat-sowatly, düşünjeli
adam. Näme köçe gürrüňine, gybat-ýalana gulak
gabardýaňyz? Belkem, ikimiz hakda-da her hili ýalanýaşryk gürrüň edýändirler. Herki zadyň ilki magadyna
ýetip, soň, gürrüňe goşularlar. Ol özüni heläklän gelin
oblast dälihanasynda uçýotda durýan ekeni. Öňem
birki sapar özüni heläklejek bolmaga synanypdyr. Eneatasy tassyklaýar. Şol gybatkeşler iliň ogul-gyzyna ene160
atasyndan ýa-da hökümetiň akyly kemler bilen ýörite
meşgullanýan edarasyndan beletmişmi? Biz gürrüňi
uzaldyp oturmaly. Olaryň elinde wraçlaryň tegelek
peçatly haty bar. Goý, bu hakda hukuk organlary başyny
agyrtsyn. Senem raýkomyň býuro çleni. Raýonymyzyň
at-abraýy üçin çalyşmaly adamlarynyň biri. O
garyndaşlaryna-da haý-küş diý, beýdişip ýazyşyppozuşyp ýörmesinler.
Gara Mergenow bu sapar sesini çykarmady.
Arkalyýew gürrüň gutardy manysynda başyny atdy.
Soňra çepindäki stolüň üstündäki telefonlara tarap
kreslosy bilen bilelikde ýarym öwrum aýlandy. Gara
Mergenow hoşlaşyp kabinetden çykdy.
— Salam, Begmyrat. Gurgunmysyň? Kolhozlara
wekil ibermeli. Raýispolkomdan iberjek adamlaryň
spisogyny sagat üçe getir. Bolýa.
Han Arkalyýew trubkany goýup, ýene-de Gara
Mergenow hakdaky oýa batdy.
«Bu saparam sypdy. Indi nähili ýol bar? Seni-hä
o ýerde agzyňa gelen zady ýazdyryp, býuroda-da
garşyma nokgy-nokgy gepledip oturman. Bäh, täk...
Indi mundan nähili dynyp borka?
161
Saçy boýalan aýal gülli çäýnekde çaý getirdi,
— Näçe adam garaşýa?
— Üç adam.
— Arkalyç howlugýa diý. Gürrüňlerini itiň içägesi
ýaly uzaldyp oturmasylar-da, aýtjak zatlaryny basymrak
aýdyp, kabineti boşatsynlar.
— Wah, men görgüli her gelene aýda-aýda dilim
syrylýa-la. Ýöne ýaňky ýalylar bir girse, çöken ördege
dönäýýäler. Asyl ýaňrap oturgyçdan galaslary gelenok.
Şo-ol oýkanjyrap otyrlar.
— Hany, bolýa...
***
Han Arkalyýew raýkomyň apparatynda özgöeişiklik
etdi. Muňa küştçüleriň dilinde at göçümi diýilýärdi. Bu
göçümiň näme üçin edilenini Han aganyň özünden
başga känbir bilip barýan ýokdy. Ol diňe «oýnuň»
dowamynda belli bolmalydy.
Raýkomyň üçünji sekretary pensiýa çykdy. Onuň
ornuna Keýik Zamanowany bellediler. Propaganda
müdirini partiýa mekdebine okuwa iberip, onuň
ornuna-da Gara Mergenowy bellediler. Ol bu wezipe
geçjek däl diýip bilmedi. Ýogsam, öňki işinde raýkomyň
162
býuro çleni, aýagyň astynda döwletiň maşyny, özbaşdak
iş, öz eli, öz ýakasydy. Täze kärinde bolsa bir tarapdan
seredeniňde, ol raýkomyň apparatyna geçip, wezipesi
ulalypdy. Partiýa wezipäňi ulaldyp, saňa uly ynam
bildirse, garşy çykyp durmaklyk gelşikli däl. Indi Gara
Mergenow Arkalyýewiň gol astyndaky işgäri dälde, hut penjesindeki adamdy. Arkalyýew islän wagty
Mergenowy gysymyna gysaga-da, ökjesiniň astyna
oklap, garynja mynjyradan ýaly edip biljekdi. Onuň hut
şu maksady göwnüne düwen bolmagam mümkin. Ýöne
Arkalyýew haçan penjeýesine gysyp, näwagt ökjesinde
mynjyratmalydygyny bilýärdi. Häzirlikçe onuň bu
hereketi dok pişigiň tutan syçanyny guýrugy bilen
oýnap ýatyşyna meňzeýärdi.
Arkalyýew pälini ýamana düwüpdi.
10
Goja howluda gezmeläp ýören ogluny öz otagyna
çagyrdy. Şu mahaldan oňaýly wagt ýok. Ýogsam, goja
Hanyň haçan öýüne gelip, haçan gideninem bilmän
galýar. Biläýen wagty-da mydama ýany adamly.
Bazaryň ýanyndaky çaýhanada iliň öz ogly hakda edýän
ýaramaz gürrüňleri eşidilip başlanaly bäri Arkaly aga
163
ynjalyp ýatyp bilenokdy. Ol şum habarlara ynanmazçada däldi. Biri haram keýpden gürrüň açsa, ýene biri
para-peşgeşden gybat edýärdi. «Ýel bolmasa, çöp başy
gymyldamaýar».
Gojanyň gaharlydygy ak sakgalyna ýetiren
barmaklarynyň sandyraýanlygyndan hem bildirip
durdy. Emma ol gojalyk paýhasy bilen başardygyndan
dyňzap duran gaharyny ýuwdup geplejek bolýardy.
Şeýle-de etdi.
— Han, men seň bilen egri oturyp dogry sözleşjek.
Öz göwnüňe nähilidigini-hä bilemok welin, bu bolup
ýörşüň maňa-ha ýaranok.
— Kaka, bolup ýörşümiň nämesi ýaranok? Ilden
çykyp näme iş edipdirin?
— Özüň bileňokmy ýa biljegem bolaňokmy? Ýa
bilseňem bilmediksirän bolýaňmy?
— Nämäni, nämäni kaka?
— Han, at oýnatma. Ýaşyň altynjy onluga gadam
urdy. Saç-sakgalyň agardy. Bäş ýaşar aty sygyryp suwa
ýakmaýarlar. Akyl käsäň goýaljak bolsa, goýalar wagty
boldy. Sen... sen gorpuň gyrasynda gezip ýörsüň. Şonam
bileňokmy?
164
— Kaka, ahyrzamany golaýlaşdyrmasana!
— Seniň özüň ony öz gara kelläňden inderjek bolýaň.
Başga hiç kim. Sen... sen... haýsy döwletde, haýsy
döwürde ýaşap ýöreniňi bilýäňmi? Adyň Han bolsa-da,
sen gadymky gylyjyndan gan damýan hanlardan dälsiň.
Seň jübiňde edil Leniniňkä meňzeş gyzyl bilidiň bar.
Şoňa bakyp, toba gel! Ýa sen ony köp görýäňmi? Ýurdy
alahekge soranok. Seniňem yzyňdan ýeten tapylar.
— Ha-ha-ha!.. Baý, kaka, senem-ä dünýäni
gapyşdyrýaň-ow! Indi 37-nji ýyl ýok-how. Sen, kaka,
düýş-püýş görüp ýören-ä dälsiň?
— Sen gürrüňi kesä çekme. Wah, şo 37 indi gerek.
O ýyllar köp kişiler nähak gitdi. Gül ýaly, men diýen
gerçekleriň ýoguna ýanyldy. Indi bolsa hut gidäýmeli
adamlar bilini agyrtman, halkyň ýiligini sorup ýör.
Halaly-haramy garym-gatym etdiňiz.
— Kaka, ýalançy-göripleriň gepine gulak gabardyp
beýle dowla düşme. Ýürek çişer ýaly hiç zat ýok.
— Sen indi «Bor, düzelerin, bek borun» diýmäni,
gaýtam «hiç zat ýok» diýip meni köşeşdirjek bolýaňda? Bi... bi... öýe ýelden-ykdan gelýän haram pullary,
Taňry gün berse öldürilýän berre guzulary görmän meň
bäbenegim akypmy? Ýa bulary asmandan Allatagala
165
oklaýarmy? Ýa-da bolmasa, der saçyp gazanan daban
azabyňmy? Näme diýsene, Han, gel, myndan beýläk
meň ejaply agzymy açdyrma! Şu diýenlerime gulak
gabartmasaň, onda biz ýolumyzy, yrsgalymyzy, iýjek
duz-çöregimizi aýyrmaly borus.
— Täk... Baý, kaka, senem-ä...
— Men seniň tägidem bilmen, jüpüňem. Meniň gara
çynym. Arkaly entek lebzinden dänen adam däldir.
Sözüm iki çyksa, telpegim itiň syrtyna.
Han Arkalyýew raýon atýelesinde öz göwresine
bol biçdirip tikdiren ala-mula pižamasynyň gapdal
jübüsine elini sokup, howlynyň içinde eýläk-beýläk
aýlanmaga durdy. Goja ony aýnadan görüp, özüniň
aýdan gürrüňleri hakda oýlanýandyr öýtdi. Monça
boldy. Goý, pikirlensin. Akylyna aýlansa, henizem bir
pille. Han Arkalyýew: «Kakam soňky wagtda şeýtanyň
alyna gidip, was-wasa düşüp ýör-ow. Bi garrylygyň
etdirýän oýnudyr. Ýüregem ýukalyp, göwnüne her hili
hyýallar gelýändir» diýip, az salym oýlandy-da, ondan
soňra başga pikirleriň girdabyna düşdi.
Onuň deňinden Läle geçip gitdi. Gyzynyň ýüzi
salykdy. Öňkülerinden ep-esli horlanany duluklarynyň
çykyşyp duranyndanam bildirýärdi.
166
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 07
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.