Latin

Melgun - 04

Total number of words is 3583
Total number of unique words is 2313
29.7 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
47.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
egninden ýapyşdy, soňam öňüne geçip gürsagyna
ellerini diredi. — Sen bir akylly bolsan-a. Ol-a bir däli,
uruş diýseň gözi açylýar. Myrat ony oglanlary urdurmak
üçin ýanynda saklaýa. Oglanlar! Geliň ahyry, bular
uruşjak bolýa.
Oňa çenli oglanlar ylgaşyp geldiler. Altyn dişliň
elinden tutup aňry äkitdiler.
Ýüzüniň hamy larsyldap duran Ahmet hyrra yzyna
öwrüldi-de, asfalt ýola tarap ýöneldi. Şol wagt ol kanalyň
öwrüminde ösüp oturan topbak söwütdir ýylgynlygyň
aňyrsyna öwrülen katäriň gözünden gaýyp bolanyny
görüp galdy...
...— Näme, zol-zol uludan demiňi alýaň? Bir
Myratbeg diýýäň, birem Ahmet. Näme boldy? Haýsy
göwnüňe degdi? Açygrak aýt ahyry! — diýip, Mylaýym
özelenip sorady.
— Eje... — Läle öňe-de dymdy.
— Hawa, yzyny aýt ahyry.
— Soň, aýdaryn, eje. Häzir hiç zat soramaňaňa.
Bolýamy, eje?
Läle aňyrsyna öwrüldi.
83
5
— Pirweli, senmi?
— Mendirin, Han aga. Salawmaleýkim!
— Gürgünmysyň Pirweli, Aşgabatdan ýörite medeni
brigada geldi. MK-a iberipdir. Ekiş kampaniýasynda
kolhozçylara «armaň» diýiň diýip. Olar häzir «Prawda»
kolhozynda. Ýazyjy-şahyrlar, hudojnik, aýdymçylar,
telewizora surata düşürýänler, garaz, on-on bäş adam
bar. Şolara agşam çaý-nahar bermelili, hemem daçaňda
ertire çenli ýatmaga ýär taýynla. Şagüla aýt. Şo ýerde
şaýyny tutubersin.
— Han aga, şuwat bize hut armaçam zerur gerekdi
özi.
Pirweliniň kesä çekip aýdýanyna Han Arkalyýewiç
düşündi.
— Nätjek-dä! MK-dan ibärilensoň, çaý-suw bärmän
yzyna gaýtaryp bolýamy? Onsoňam, «Myhman ataňdan
uly» diýipdirler. Ýazyjy bilen bagşy halkynyň diline
düşen özüň bolma. Olar köpüň adamsy. Seni arşa-da
galdyryp bilýä, ile ryswa-da edip bilýä.
— Öz-ä şeýledir o millet. Bolýa, gelibersinler.
Özüňizem hökman geliň.
84
— Bolýa, menem Meýlis bilen Şiralyny alyp bararyn...
Aý: «Gürt arkasyndan guş doýmuş» diýipdirler, olaň
bahanasy bilen bizem dynç almaly-da, gije-gündiz iş
diýip kaňkap ýörüs.
— Hawa-la, geliň, siz gelmeseňiz bolmaz.
Han Arkalyýewiç trubkany ilki goýdy.
«Ýeňiş» kolhozynyň obadan üç-dört kilometr
alysdaky daçasy Garagumuň başlanýan ýerinde. Ol
emeli kölüň ortasyndaky adajykda ýärleşendi. Çar
tarapda çarlaklar gaýyşyp, kiçijik tolkunlaryň görşinden
balyjaklary kakyp alýardy-da, gykuwlap ses edýärdi.
Belent haýatly daça rahat kölüň ortasynda labyryny
taşlan ak gämä çalym edýärdi. Bu daçany güry ýär
bilen birleşdirýän ýekeje maşyn ýoly bardy. Onuňam
şlagbaumyndan mydama kelle ýaly gülp asylgydy. Käte
bir arzyly myhman-meduwan geläýmese, daçanyň gök
derwezesi açylmazdy.
Daçada gijöýlän başlanan şowhun ýarygijeden epesli agansoň ýatyşdy.
Häzir Gün dogup, asmana götärilip ugrapdy.
Daça serenjam berýän Zöhre daýza daň agaraly bäri
iýilen-içilen gap-gaçlary ýygnap, ardyp-ýuwuşdyryp
ýördi. Ol ilki bilen ýelsiz ýere ýel tapyp, ýapraklaryny
85
şelpeledýän derekleriň, tegelek hoözuň boýundaky
başlary biri-birine goşulan, çagba ýaganda-da astyna
nem dammaýan güjümleriň astyny syryp suwlady.
Jürküldeşýän serçeleriň, «Bikäm gara doka diýdi» diýip
dynuwsyz gaýtalaýan huýpüýpikleriň sesleri eşidilsede, gür ýapraklaryň arasyndan özleri görnenok.
Bu wagt daçanyň owadan türkmen halylary terslinoňlyn düşelen otagynda, giň arap krowatynyň ýumşak
düşeginde arkan düşüp ýatan Han Arkalyýew hor
çekýärdi. Onuň horlaýşy-da iliňkä meňzeş däldi. Ylla
ýolbarsyn arlaýşy ýaly edip, demini sorýardy-da, ep-esli
wagtlap dem-düýtsüz ýatýardy. Edil şol wagt oňa belet
dälleriň «büýä-ä gutard-ow» diýip, howsala düşjegi
ikuçsyz. Birhaýukdanam böwrek ýaly dodaklary iki
bölünip, onuň ýarygyndan «pöf-läp» çykýan demi bir
ojagyn külüni göge sowurjakdy. (Ine, şoňdan soň, hälki
galawuta galan adamyň ynjalmagy mümkin).
Han Arkalyýewiç daçada ýatmaga galansoň, Pirweli
Penaýew hem ony taşlap gidip biljek däldi. Olam häzir
goňşy otagda serlip ýatyrdy. Han aga ýaly parryldap
hor çekmese-de, onuňam ýatyşy bijaý gözgynydy.
Ol bir ýeriniň agyry-awusyny gygyrman, çydajak
bolýan adamyň iňläp-yňranyşy ýaly ses edýärdi.
Iňňildi-yňranmasyny goýan halatam gäwüş gaýtarýan
86
düýäniňki dek, bir zatlary çeýneýän ýaly bolýardy. Ine,
şoňda, azylary biri-birine süýkenip, şeýle bir şatyrdyjygyldy eşidilýärdi welin, müňuň-a dişleri basym
owranyp gaçar diýdirýärdi.
Myhmanlaryň bäşisi ak öýde, galanlary beýleki
otaglarda ýatyrdy.
Iki şofýor — Gökje bilen Jümmi bolsa sekiniň
üstünde ýassyga ýaplanyşyp, hersi özlerine bir çäýnek
gök çaýy alypdy. Öten agşam öýlerine gaýtmak üçin
rugsat almaga mümkinçilik tapmansoňlar, bularam
alaçsyz bu ýerde ýatypdylar.
— Tüweleme, myhmanlar-a şoh adamlar ekeni
— diýip, Gökje gürrüňe başlap goýberdi. — Aýdym
aýtmaýany, dutar çalmaýany ýok bulaň.
— Olara aýdymy ho çüýşedäki «suwlar» aýtdyrýa.
— Hawa-aýt. Ýö-ö-ne, çägä guýup oturan ýaly-aý
olar. Bärekella, aşgazanlary siňdirýä. Özlerem serhoşam
bolanoklar, haýran galaýmaly.
— Şaguly olar bilen deň gidişjek bolup, düňderilen
pyşbaga ýaly tükgörilip galdy.
— O türkmençe gepleýän, murtluja ors ýigidi:
«saunany ýakyp bäriň» diýip ýürege düşdi. Pirweli
87
agadan ogrynça soradyk. «Ýakmaň» diýdi. «Ýürek
agyrysy barmydyr, gyzgyna çydaman, çaşjakmy,
kim bilýär? Bir belaň, üstünden baraýmaň. Sagaman başymyzdan sowalyň» diýdi. Soň bir görsem, o
howuzda suwa düşüp ýör. Ony diýseň, telewizorda näçe
sapar görkezdiler, hut buzy oýup düşüp ýörenlerem
bar. Öýüň içinde, peçiň başynda otyrkam, özum üşäp
başlan ýaly boldum.
— O çüýşedäkiň içinde 40 gradus bar. Içleri howur
alyp durandyr. Nätsin biçäreler.
― O Sulgün daýzağ birgädinde telewizire surata
alanlarynda, agşam tüňçeden çaý içýän, sakgally
hudojnigiň gudratyny görendirin. Äl-aýt, ol bir minutda
Sülgün daýzaň suratyny ýalpyldadyp çekäýdi. Kellesini
eýläk-beýläk gyşartdy-da, elindäki kömri bilen çekdi
oturyberdi. Men-ä, walla, telpek goýandyryn.
— Ynanýan. Bylaň içinne Durdygylyç şahyr ýaly
duran ýerinde goşgy düzüp bilýänem bolmaly.
— Bar bolmagy mümkin. Ýöne şulaň ýolbaşçysy-ha
Han aga: «Goşgy goşmak iňňe bilen guýy gazan ýaly
kyn» diýdi. Hut gülagym bilen eşitdim.
― Beh, o nähili şahyrka? Goşgy diýen zat hakdan içen
şahyrlaň diline gelip duranmyş diýýäler-ä.
88
— Aý, men näbileýin. Belkem, şahyrlaň içinde-de,
pagtaň sortlary ýaly, pärwoýynyň, triýtisiniň, bragynyň
bolmagy-da mümkin.
Gün asmana galdygyça, ýiti tyglaryny gözemäge
çynarlaryň gür ýapraklarynyň arasyndan yş tapýardy.
— Gün irden gyzyp ugrady, bu gün-ä yssy boljak
öýdýän — diýip, Gökje mesawy dillendi.
— Aý, şu howa-da düser ýaly däl. Bir gün-ä yssy, bir
günem salkyn, bir görseňem ýagyş guýup dur.
— Garrylary gepletseň-ä, owallar her möwsüm we
möwritinde kadasy bilen gelip-geçip, ýazy-ýaz ýaly,
gyşy-gyş ýaly bolýardy diýýärler. Indi welin ertir turup:
«Bu gün näme geýsemkäm?» diýip asmana seredýärsiň.
— Başlyg-a howaň, şu bolşuny edilýan synaglardan
görýär.
— Olam mümkin. Men-ä başga zatdan güman edýän.
Şu Garagumuň, her depesiniň üstünden bir deşik deşip
wyşka dikdiler. Dikilmedik deşikleriňem agzyny suwap
goýdular. Indi ak çägäniň ýüzi hassanyň endamyna
durtulen hytaýlyň altyn iňňesi ýaly, tikeç-tikeç wyşka
boldy. Ýeriň astyndaky gyzgyn howur, içinde Şaguly
gözibermelili turbalar bilen allowarralara çekilýar,
89
hany, şeýdip, seniň damarlaryňdan ganyňy sorduraýyn,
endamyňda gyzgynlyk galarmyka? Baý, basym gürbaga
ýaly buz-sesek borsuň-a.
— Şu diýýänleriňem biçeme däl. Şaguly ýaly
girdenekler içinde dik durup gözibermelili turbalarda
gazymyzyň allowarra äkidilýänem dogry. Ýöne öz zadyňy
isriplije tutmagam gerekmikä diýýän. Ýerden çykyp
ýatyr diýip, harydyňy göz ýumup sowrubermeligem
birhili. Näçe baý bolsaňam, saňaman sowsaň, bir gün
yzyndan ýetdireniňi duýman galýarsyň. Bi gaz, nebit
diýlen zatlar erteki gün gutaryp galsa, ekip alar ýaly
pagta däl ahyry.
— Äý, Gökje, ikimiz bi zatlara başymyzy agyrtmalyla. Oň üçin ýörite saçlaryny düşürip «kelle agyrdýan»
galyň äýnekli profissyrlar bar.

Hawa-la,
başymyzy
agyrdanymyzdaagyrtmanymyzda bizi[ gepimize it gulak asýarmy?
Ýöne, häki dile geldi, bile geldi, dymyp oturandan ýalan
sözle diýipdirler. Be, bi ýaşulular entek ýatjakmykalar?
Bäý-bä, tüweleme, agşam içibildiler-ow. Hudaý dözüm
bersin. Bärekella, içägeleriniň, çürşäýmeýşini? Bu gün
hepdeniň haýsy güni-aý? Biz-ä çislanyň-beýlekiniň
hasabynam ýitirdik.
90
— Baý senem, Jümmi, düýnki iöň-içeniň bir
ýadyňdamy? Bu gün ýekşenbe.
— Ä.. Bazar güni diýsene.
— Şoň üçinem arkaýyn ýatýandyrlar.
— Bizde-hä bazaryň-beýlekiň bolmaz. Kolhozçy
bende Taňry gün bärse, Gün dogsa, atyza ugrabermelili.
Şol wagt derwezäniň öňünde maşyn saklandy, Meýlis
bilen Şiraly tirkeşip howla girdiler.
— Näme-how, bi hojaýynlar, myhmanlar henizen
ýatyrlarmy? — Meýlis ýörep gelşine dillendi. ―
Kelleleriň-ä agşam işi görlüpdir. Bu ýatanlaryňkam
biziňkiden düzüw däldir diýip, remont etmäge geläýdik.
— Şoňy-ha ýüz-gözüňiziň çişem aýdyp dur. Edil
byzow ýalan ýaly — diýip, Gökje makullady. — Nämeden
dert tapynan bolsaň, şoň bilenem açmalymyş. Baryň,
haýsyň ýürekliräk bolsaňyz, men hojaýynymam turzuň.
— Zöhre eje, näme bişirýäň? — diýip, Şiraly
naharhanaň ýanynda gap-gaçlara hysyrdanyp ýören
aýala ýüzlendi.
— Ir bilen ýagly-ýüzli zady iýip bilmärsiňiz diýip,
çallyja unaş etdim. Içine turşuja ärigem atdym. Isleseňiz,
gatyklyja böregem bar.
91
— Aý, ýüz ýaşa, Zöhre eje! Tüýs ýürekleriň küýseýän
naharyny saýlapsyňyz.
— Siziň ýüregiňiziň haçan näme isleýänini bilmän,
Zöhre ejeňiz tokaýda ýaşanok ahyry.
— Bärekella!.. Onda Han aga tur diýeli. Myhmanlar-a
Aşgabatda üstlerine Gün dogýança ýatmaga öwrenendir.
Bylar näme, ertir turup, mal-gara seretjek aladalary ýok.
Sakgal-murtuny alyp, işe ýetişseler bolany.
Az salymdan hemmeler ördi.
Köpüsiniň gözleri hurma ýaly dym-gyzyldy. Olar
keýpsiz, ýüzlerini sallaşyp ýuwunýardy. Hamana,
agşam biri-biriniň göwünlerine degen ýalydy. Biri lak
atsa, beýlekisiniň gülagyna ýaramaýan ýaly, ýüzüni kese
sowýardy. Özlerem şeýle bir ýadaw, lellim görünýärdi,
janlaryna ýaranyp bilmeýän ýalydy. Ärinlerindäki
çilimlerini-de biri zorlap çekdirýän ýaly, göwünligöwünsiz, gaşlaryny çytyp, tüsselerini zor bilen
dartýardylar.
Han aga olaryň birkisi bilen degşen boldy.
— Şahyr, aý, hudojnik, bi näme, öten agşamky
keýpiňiz ýok-la?
— Ýaşuly, özüňiz dert berdiňiz, dermanynam
92
bärewäriň, ýogsam kelleler çat açýa.
— O zatlaryň işi haýyr-la. Hany, başlyk ― Pirweli,
Meýlis, bi näme gowşak deprenýäňiz? Gökje daga
aýtsaňyz-la, nahar-pahar, ýanynyda odur-budury bilen
getirişdiribersinler ahyry! Nädýäňiz muny, adamlary
ýöne horlap otyrsyňyz.
Medeni brigadanyň ýolbaşçysy, saçlarynyň gylla
ýarysy agaryp, indem gögümtil öwsüp duran, egnindäki
çal kostýumynyň ýakasy deputat nyşanly, gözleri äýnekli
adam sypaýyçylyk eden boldy.
— Han Arkalyç, nahar diýeniňiz bolýa welin,
ýanynyň «odur-budury» ir bilen birhiliräk dälmi? Bu
gün beýleki raýoňa geçmänkäk, kolhozçylaryňyz bilen
duşuşmarysmy?
— Inim, bu gün bazar güni. Duşuşyk gürrüňini
goýalyň. Goşgy-gazalyňyz, gep-gürrüňiňiz näçe
bolsa maňa aýdyp bäribäriň! Meň özüm olara, ynha,
ýygnaklarda aýdyp bererin! Düýn duşuşdyňyz, bolýa
şo. Işläp ýören adamlara azar bermeliseň, şoňça şatdyr.
Ozalam olar ýetişibilmän, garabaşlaryna gaý bolşup ýör.
Sähäl salym guýmeseň Kösäň Bozdumany ýaly sowap,
onsoň, gyzdyrmak görgi olary.
— Ha-ha-ha!..
93
— Bu gün, ynha, başlyk, bugaltir, kerpiç zawudyň
direktiri bilen duşuşyp otyrsyňyz. Bylar näme
kolhozçylardan pesmi? Ýa zähmetkeş dälmi? Şeýle
dälmi, ýigitler?
Oturanlar «howasyny» ýetirdi.
— Hany, onda, keýpiňizi bozmaň-da, iýip-içiň,
Meýlis, Şaguly, hany, o çüýşelere eliňizi ýetiriň. Walla,
size-de çaga öwreden ýaly aýdyp oturmaly-aýt. Ozalam
biri heleýini urýamyş...
— Hawa.
— Goňşy-golamy olaň galmagalyna ylgap gelip, aýaly
bilen adamsyny aralanmyşlar. Yzyndanam «Bu biçäräni
näme üçin urýaň? Gije-gündiz çagalarynyň arlygyny
ýuwup, öz öýi, öz işi bilen gydyrdanyp ýör» diýipdirler.
Onda adamsy: «Bi meniň aýdanymy edýä» diýip jogap
beripdir. «Weý, aýdanyňy etse, başga näme gerek?
Il-ä aýdanyny etdirip bilenok». «Ýok, onyňyz ýalňyş,
goňşular. Aýtsaň hemme kişi, hatda çaga-da edýä.
Aýtmankaň etse, ine, şoňda hasap». Ine, şoňky ýaly,
bularam aýtmaňaň, gozganjak däller-aý, wallakessin,
— Ha-ha!..
Çarşakdyr çemçeleriň, stakandyr bokallaryň sesleri
94
eşidilip ugrady. Oturanlaryň arasynda kirpiniň tikeni
ýaly hüžžük saçlysy, gyzyl bloknotyny dyzynyň üstünde
goýup, Han aga bilen Pirweliniň ýüzüne gözekmegözegine seretdi.
— Hiç bolmaňa, iöň-içenimizi bir ödep gideliň!—
Daşgala raýonynyň Minara obasynyň «Ýeňiş» kolhozy.
K/z başlygy Pirweli Penaýew» diýip ýazdy.
— Pirweli aga, näçe göktar ýere gowaça ekdiňiz?
— Bir müň bir ýüz.
— Näçe sentnärden hasyl almaly?
— 21.
— Borçnamasyz?
— 22.
— Geçen ýyl näçe sentnär aldyňyz?
— 23.
— Gaty gowy. Indi ökde mehanizatorlardan birküç
sanysynyň adyny aýdyň.
Penaýew ýüzüniň ugruna atlaryny tutdy.
— Näçe ýyldan bäri kolhoz başlygy?
— Şu ýyl bir kem ýigrimi bäş.
95
— Tüweleme. Özüňiz näçe ýaşyňyzda?
— Edil elli ýediň üstünde.
— O-ho, Magtymguly şahyr bir goşgusynda:
«Altmyş ýaşa ýetirdiň,
Başym gama batyrdyň,
Hoş günleriň ötürdiň,
Ýazyň ýok, gyşa ýetdiň».
diýse, öňe bir şygrynda:
«...Düşmüşem söwdaýa» diýp,
«Söwdaly gowgaýa» diýp,
«Geçdi ömrum zaýa» diýp,
Ah urar altmyşynda».
diýip ýazypdyr. Siz-ä şahyryň o aýdýan adamlary
ýaly armanly geçmärsiňiz. Altmyşda döşe bir ýyldyz
dakyp bilseňiz...
— Aý, nesibe-dä Han aganyňka dakdyk. Innem
raýkom joşsa, biz-ä garşy däl.
— Ine, geliň, şuň üçin getäreliň — diýip, biri täklip
girizdi.
— Ordenleriňiz bar gerek.
96
— O jäjekleriň hersinden biri bar. Öten ýylam Lenin
ordenini berdik. Indi bir ýyldyz dakaýmak galdy —
diýip, Han Arkalyýewiç rýumkasyny gözi äýnekli, çal
penjeklä uzatdy.
— Indi maldarçylyk barada-da birki sany dannyý
bäriň-dä? Kolhozyň näçe iri şahly maly bar?
— Jemi ýüz elli bäş — diýip, bu sapar Şaguly
Pirweliden öň jogap berdi.
— Bir-r ýüz elli bäş-ş... A goýunlaryňyz?
— Goýunlarymyz bir müň iki ýüz bolmaly. Olaram
Garagumda.
— Ýogsamam näçe pagtaçylyk brigadasy bar? Tas
ýatdan çykan ekeni.
— 10-sy pagta ekýä. Ikisem gök ekärançylyk.
— Iň öňde barýan brigadaňyz haýsy?
— Şo düýnki surata alan aýal brigadiriňiz. Sülgün
Geldiýewa diýýärler...
Keýpleri kök myhmanlary goňşy raýoňa ugratdylar.
Han Arkalyýewiç dagynyň, özli-özleri galdy. Biraz
wagtdan soňra Han aga Meýlisdir Şiraly dagy hem:
«Siz gaýdybäriň, men ýatyp biraz dynjymy aljak» diýip,
97
Penaýewden özgesi bilen hoşlaşdy. Ol agşamky ýatan
otagyna baryp, krowata agyr göwresini goýberdi.
— Ýaşuly, men näme işläýin? — diýip, Pirweli içki
işikde duran ýerinden dillendi.
— Täk, senem... — Arkalyýew näme diýjegini
bilmedimi ýa-da bir zadyň pikirini etdimi, garaz,
gözlerini potologa dikip, az salym ýatdy-da: — Agşamara
şol medeniýet baradaky orunbasaryňy getirip biljekmi?
— diýdi.
— Getirmeli bolsa...
— «Bolsa» diýip näme ikirjinlenýäň?
— Aý, ýok, getiris.
— Getir onda, oňa çenli ýatyp dynjymy alaýyn.
— Bolýa — diýip, Penaýew howla çykdy. Zöhre eje
agşamara näme bişirmelidigini tabşyryp, Jümminiň
maşynyna tarap ýöneldi. Ol ýol boýy oýlandy. «Keýik
Zamanowany medeniýet baradaky orunbasar edip al»
diýenem Han Arkalyýewiçiň özüdi. Öň olar tanyşmy
ýa-da biriniň maslahat bermeligi bilen şoňy al diýdimi,
olam belli däl. Ony soramagam birhili. Keýik Zamanowa
sagymçy Gytjanyň gyzydy. Durmuşa çykansoň,
Aşgabadyň sungat institutynda gaýybana okady.
98
Adamsy ony mugallymlaryň birinden gabanyp aýryp
goýberdi. Iliň aýtmyşyna göre, ol okuwdan çykyp, bir
mugallymyň maşynyna münenmiş. Institutyň öňünde
oňa garaşyp duran adamsy-da bir taksini tutup yzyndan
eňipdir. Hälki mugallym ony göni Päwrizä äkidenmiş.
Ýoluň ugrundaky gür baglykda maşynlarynyň içinde
gujaklaşyp otyrka, adamsy olaryň üstlerine baranmyş.
Pirweli maşyndan düşjek bolanda, Jümminiň ýüzüne
seredip:
— Häzir Keýigi tap. Agşam sagat alty bilen ýedi
aralygynda edarada bolsun — diýdi.
Ol burny bilen halk aýdymyna hiňlenip, giň
howlusynyň gapysyndan ätledi. «Ýawa» motosikletiniň
bir ýerini bejärip oturan ogluna:
— Ataşka, oglum, howlyny suwlasaňa! — diýip
deňinden geçip gitdi. Özleriniňkä ýanaşyk salyp beren
uly ogly Ballynyň jaýynyň öňünde agtyklaryna gözi
düşmedi. Mundan ozal olar mydama oýnap ýören
ýärlerinden ylgap öňünden çykardylar, boýnuna
bökärdiler. Penaýew iki mellegiň-de daşyna kerpiçden
belent haýat saldyrypdy. Özüniňem, Ballynyňam
jaýlarynyň üstüni şifäre-de kanagat etmän, poslamaýan
demirden eşegarka basdyrypdy.
99
Howlynyň içi tukat hem yssydy.
Daş-töwärekdäki zatlar bir ýakymsyz habary aýdyp
bilmän dymýan ýalydy.
Syrdam derekleriň, mündan ozal şowlap seslenýän
çynarlaryň ýapraklary-da butnaman diň salýana
meňzeýärdi.
Penaýew basymrak öýlerine girenini kem görmedi.
Ýüregi bir zady syzýan ýaly boldy. Eýwanda köwşüni
çykaryp durka, aýalynyň ýüzüni sowmasynyň sebäbini
öten agşam öýe gelmedigindendir öýtdi.
— Ýeri-ow, heleý han, näme ýüzüni sallaýaň? Janyň
bir sagmy?
Ol jogaba-da garaşman öz otagyna geçdi. Aýaly ýa
jogap bäresi gelmedi, ýa-da bir zat diýmäge ýetişmedi.
Pirweli geýimlerini çalşyrdy. Ala-mula eşiklerini geýip,
diwanyň üstüne gyşardy. Aýaly onuň otagyna, halylaryň
üstünden sessiz ýöräp geldi.
— Patma, näme sesiňi çykarman, ýüzüni sortduryp
ýörsüň? Eýgilikmi? Ýa bir sowuk habar eşitdiňmi? Aýt
ahyry!
— Habar eşidesiň gelse bar-da, hol serhoş ogluňdan
sora, näme bolanyny!
100
— Sen aýdanyňda näme, diliňden kireý isleýäňmi?
— Ylahym oglam gurasyn, ony dogran heleýem.
Häli ertir, goňşy kolhozdan birki sany adam geldi seni
gözläp. Özlerem dergazap gaharly. Bally onuň inisiniň
köriçägesini nädogry opärasiýa edip öldürenmiş. Indem
olar ogluňy suda bärjekmişler. Ol ölen o tankyt ýazýan
Gara Mergeniň gaýynenesiniň doganynyň oglumyş.
Gara Mergenem bu ýerde towugyna tok diýilmese,
Maskwa ýazaryň diýýärmiş.
— «Şo Gara Mergen syýasy gutarýança ýazsyn»
diýseň bolmadymy. Şoň üçinem ýüzüňi buz ýaly edip
otyrmyň?
— Olar-a şeýdip gitdiler. Aradan bir sagat geçdimigeçmedimi, gelnimiz başy açyk, aýakýalaň ylgap geldi.
— Hä?
Pirweliniň göwnüne başga zat geldi. Hälki gelenler
gaharyna gelinlerine bir zat diýäýdilermikä öýdüp
tirsegine galdy.
— Ballydan gaçyp geldi.
— Aý, şeý diýsene! — Ol öňe rahatlanyp, kellesini
ýassyga goýdy-da, arkan düşüp ýatdy. — Öýleri-ojaklary
başga. Är-aýaldyr-da! Köneler är-aýalyň urşuny ýaz
101
gününiň ýagşyna deňäpdirler.
— Olaryň bu gözekkisi ýagşyň-pagşyň işi däl. Bally
gelnimiziň başyna ahyrzamanany inderipdir. It öňjen
ýaly öňjipdir. Agzy-burnuny gara gan edip geldi.
Döwlen alyn dişlerem penjesinde.
— Owf! Şu tünege gelseň, bäş minut arkaýyn dynjyňy
alyp bolanok... Näm bolsalar, şo bolsun! On sekiz
ýaşdan ötensoň, ene-ata ogul-gyzyň etmişine jogap
berenok. Dawalaryny, hanha, sud, milise çözsün. Hany,
maňa bir sowuk çal ber!
Ol bir jam sowuk çaly hopurdadyp başyna çekdi-de,
murtlaryna ýokaşan ýokundylaryny torly polotensa
bilen süpürdi.
— Agzyna uran bolsa, gelnimizem bir ýoknasyz zat
aýdandyr-da!
— Bar aýdanym: «Adamlaryň garnyny mydama
içgili-serhoş halda kesýäň. Ahyry bir zadyň üstünden
bararsyň» diýdim diýýä.
— Ana dälmi?
— Şoň nämesi telek? Bir pahyr-a saňa janyny ynanýa.
Büýem eli pyçakly gassap ýaly, gözüni ümezledip, bilsebilmese kesişdirip ýörse...
102
— Aýal adam erkegiň işine goşulmaňa ýagşy. Ylaýtada gahary gelip, jany ýanyp duran wagty. Siz bolsa,
enegiňize jaň dakylana meňzeş. Gawun sakçysynyň
ganjygy ýaly, gapdaldan üýrüp ugraýaňyz.
— Biz bir zat diýsek, gepimiziň-sözümiziň agramy
ýok. Gawunçyň ganjygyna-da menzäberýäs. Emma
Hanyň aýaly Mylaýymyň agzyndan bir söz gaçsa, doga
edip boýnuňyza dakjak bolýaňyz. Samsyk, ýuwnuksyz
geplerinem gyzyla gaplabermeli edýäňiz.
— Ýeri, ýeri, besdir! Hetdiňden aşma!
Patma gahar bilen otagdan çykyp gitdi.
Pirweli her näçe ýatjak bolsa-da bolmady. Ol Ballyny
mundan üç ýyl ozal — segsen birinji ýylda öýeripdi. Edil
pagta ýygymyna düşülip-düşülmänkä, Bally Aşgabadyň
medinstitutyny gutaryp, diplom alyp gelen ýyly toý
edipdi. Toýuň sähedi bellenenden: «Pirweliniň ogly
Şagulynyň gyzyny alýamyş» habary diňe bir Minaraata
däl, bütin Daşgala raýonyna ýaýrapdy.
Daşarynyň tot-tozan gatyşykly petiş howasyndan
gelen adam üçin otagyň içi gül pürkülen ýalydy temiz
hem salkynjakdy. Täze halylaryň, stoluň üstündäki
bir gujak ter bagülüň ysy burk urýardy. Gaýgy-aladaň
bolmaňa, tüýs dynç alyp, hezil edip ýatmaly ýerdi.
103
Emma Patmanyň tapan gürrüňlerinden soň gözüňe
uky gelermi? Ýele ýanyňdanam geçmez. Gaýtam, indi
yzy nähili bolarka? Nädip ýaraşdyrmaly? Bulardan
çykalga gözläp çekýän aladaň agramy çökerip, ýere
sokup barýar. Gurşundan agyr pikirler sokudaşy ýaly
toňkuldap, beýniňi ýepbekleýär, masňlaýyňy sarsdyrýar.
Onuň zarbyna gözüň çykyp barýar. Öz-özüňe göwünlik
berdigisaýy, ýüregiň kapasdaky bedene dönüp çarp
urýar.
Pirweli ýatyp ynjalmajagyna göz ýetirdi. Ýerinden
turup, telefonyň ýanyna bardy. Ol Jümmini çagyryp:
— Keýige aýtdyňmy? — diýip sorady.
— Aýtdym, aýtdym, ýaşuly.
— Bolýa, onda, öýe gel, öňe daça gitjek — diýip,
trubkany şakyrdadyp goýdy.
Pirweli bilen Han aga — iki ülpet bolup ajy gök çaýyn
başynda köp gürrüňleriň başyny agyrtdylar.
Öten agşamky gap-gaçlary arassalamak Zöhre daýza
günorta çenli iş bolupdy. Indi ol hemme zady täzeden
daşamaga durdy. Parnikde ýetişen gökje hyýarlary,
gyzyl pomidorlary, öten ýyldan bäri saklansa-da, ýaňy
baldagyndan üzülen ýaly terje, al ýaňak almalary,
104
gelinbarmak, monty üzümleri, käşiriň, kädniň, naryň
şerbetlerini ak öýüň içindäki tegelek ojagyň başynda
oturan Penaýew bilen Arkalyýewiň öňünde ýazylan
klýonka çekip ugrady. Zöhre daýza işikden çykansoň,
Han aga ýassykdan dikeldi-de:
— Täk, Pirweli, senden bir zat soraýyn diýýän welin,
her sapar huşumdan çykarýan. Şu öz gazetimiziň
redaktory Gara Mergen nä jüre adam? Şoň yştymagy,
gelip çykyşy — ýagny, asly siziň kolhozdan diýýärlerle — diýdi.
Onuň gyzy bilen Gara Mergeniň oglunyň arasy
barmyş diýen habar Pirweliniňem gülagyna degipdi.
Şoňuň üçinem: «Bular indi garyndaşlyk-zat açjak bolup
ýörmükäler?» diýip, Pirweli böwrüni diňledi. Birbada
morta bir zat aýdaýmaýyn diýip, onuň sowalynyň
töwereginden aýlanyp, pikirini bilmekçi boldy.
— Bi orta Gara Mergen nireden geldi, Han aga? Ony
näme üçin soradyňyz?
Han Arkalyýew dyzynyň üstündäki polotensa bilen
ýüz-gözüni süpürişdirip oturyşyna, ýönekeý bir gürrüň,
eden ýaly edip aýtdy.
— Aý, şu biziň Lälämiz bilen soňuň ogly bir saparýarym sapar kino-sino gidipdirlermi-nämemi. Indem
105
aralary bozulypmyş. Garaz, ýaşlar-da, ýandak ody ýaly
birden ýanyp, birdenem öçäýýäler. Şol Gara Mergen
ol bedasyl ogluna haý-kuş edip bilmezmikä? Men ara
goşulyp ýörsemem uslyp däl. Pirweli indi hemme zada
düşündi, Han aganyň maşgalasynyň içki syrlaryna
çenli özüne ynanyp, sala salanyna begenjinden iki
bolup bilmedi. Bu gün gyzy hakdaky bu gizlin gürrüňi
ynansa, ertirki gün has uluragyny ynanar. Soňra ikimiz
syr alyp-syr berişýän adam bolarys. Pirweli guş ýaly
ýeňläp, ýassykdan tirsegini çekdi. Aýbogdaşyny gurady.
— Han aga, bu ýumşuňyzy hek ederin. Gara Mergen
bilen özümjik elin gepleşerin. Agyz-agyzdan ýel alyp,
bu gürrüňi çişirseler, siziň at-abraýyňyz üçinem gowy
däl. Siziň abraýyňyza şikes ýetjek ýerinde, Pirweli çal
kellesini orta goýmaly bor, oň üçin, ýasy ýanyňyz ýerde
bolsun. Hany, bi gök-sökler bilen ýüz-ýüzi goýbereli.
Olar ýüzlerini turşadyp, gök hyýary gürçüldedip
dişlänsoňlar, Arkalyýew gürrüňi başga ýerden tozatdy.
— Görogly: «Söweş-ä gutardy welin, Sapar kösäň
halyndai habar alaýyn» diýenmiş. Täk, ekiş-ä gutardy
welin, munuň indi yzy bar. Göwnüme bolmaňa,
ädamlar birneme üýtgetjek bolýan ýaly. Çöllän
goýunlaryň suwuň ysyny alanda boluşlary ýaly,
106
töweregine bakjaklaşyp, üşerilişip ýörler. Ýokardan
gelýän buýrukdyr-kararlaram öňki äheňde däl. Güngünden talap artyp barýar. Göwnüme bolmaňa, bir
öwrülişik bolmaly.
— Ýokardaky ýaşulularyň arasyndamy?
— Şeýlemikä diýýän, anyk bilemok welin, öňe
hälki aýdyşym ýaly, talap gün-günden güýjeýär. Öňki
günümiz dagy çaga pişigiň güni ýaly ekeni. Indi
oblastdan soralýan sprawkalary bir gün gijä goýsaň
öýünde ýatyranoklar. Öň, beýle däldi. Häzirem raýonyň
her bir ýolbaşçy işgörine iküç rezerw soraýarlar. Iň
ýaman ýeri, ýaşy pylança bolmaly diýýärler. Nireden
tapjak? Men näme, kadr taýýarlaýan inkubatorym
barmy?
— Aý, bi-de bir saýlaw ýaly bir zatdyr. Öter gider.
— Giderjek däller, Pirweli. Sen o gizlin gelýän hatlary
okap göreňok. Piliň gülagynda ukläp ýörsüň.
— Han aga, beýdip, dünýäni gapyşdyrmaňana.
Arkaýyn iýip-içeli-le. Omar Soltanowiç barka saňa, sen
barkaň maňa döw çalasy ýok-la.
— «Hudaýa ynansaň ynan welin, eşejigiňi berk duşa»
diýipdirler. Täk, onsoň, bi ýyl näçe gektar artyk gowaça
107
ekdiň?
Pirweli: «Bi sowal nireden geldi? Nämä gerek? Öň
soramaýadyň» diýen ýaly, Han aganyň ýüzüne bakdy.
— Aý, öňküler ýaly däl.
— Näçe?
— Bary-ýogy ýüzden gowrak.
— Täk, oblastdan ölçegçi gelmegi mümkin. Häzir
bolgun.
— Aý, biz mydama häzir.
— Hälki seniň «saýlaw ýaly zatdyr, geçer gider»
diýen gürrünleriňi il ilki eşidýä. Onsoň, peltelerine ýag
damansoň, gylaw alyp ugraýarlar. Häzirem şeýle bir
ýazýan köpelipdir, heý goýaý. Özlerem gün-günden
ökdeläp, tejribe toplaýarlar. Bir köpesini Aşgabada
iberseler, beýlekisinem Moskwa ýollaýarlar.
— Beh! Aý, şol Möjek mugallym ýalylaň işidir.
— Kimiň işidigini biljek däl welin, ýöne özler-ä göni
nyşaňaň onlugyny urup ýazýarlar.
— Nämeleri ýazýar-a olar? Biz näme, ilden artyk iş
edýäsmi?
— Aý, näme, gowaçalar artyk ekilýä. Artdyrylyp
108
ýazylýa. Pagta satyn alynýa. Planlar galp doldurylyp,
ýolbaşçylara orden paýlanýa. Kolhozçylar aç-ýalanaç,
ýylyň ahyrynda ellerini ýuwup galýarlar. Aý, muňa
meňzeşler-dä!
— Häk. Goý subut etsinler.
— Ana, subut edip bilmezler ýaly, öňe bir sapar
gülagyňa guýýan-da. Tilkiň guýrugy bilen yzyny
sübselep sapalak atyşyndanam beter hileger, işiňe jür
bolmaly.
― Jürdüris, Han aga. Ýüzügara bolmarys. Seňem
diliňi gysga etmeris.
— Hany onda, guý, eýle bolsa.
— Şeýtsene, Han aga. Ine, munyň başga gep!
Soňra Pirweli öz öýündäki bulaşyklygy Han aga
gürrüň berdi.
— Aý, onuň ýarasy ýeňille — diýip, Han aga elini
çalaja silkip goýberdi. — Baş wraça özüm duýdyryn.
Dogtorlar biri-birini satmaýa... Täk, hany, bi Keýijegiň
gelmedi-le?
Penaýew sagadyna seretdi-de:
— Gelmeli, gelmeli. Jümmä şu ýerik getir diýdim.
Öňe on bäş-ýigrimi minutdan gelerler.
109
— Özüň-ä medeniýet baradaky orunbasarlygyna
kimi almalydygyny bilipsiň. Keýik diýseň Keýik-dä!
Asla keýigiň aşygy ýalyjak.
— Ýörite seniň üçin saýlanandyr, Han agasy. Adamsy
bilenem bary-ýogy bir aý ýaşaşdy. Ulugyza gaýra dur
diýýän gelindir ol.
— Haý, senem degişmeçi bolupsyň-ow! Özüne bir azkem duýdurdyňmy? Öňe barmagymy degirmänkäm,
uçup durmasyn. Göwni bar dälmi?
— Razy bolmaňa, şu ýerik gelermi? Şu raýondan
çörek iýjek bolsa, biziň diýenimiz bilen bolmaly bor.
Aradan biraz salym geçensoň, Jümminiň maşynynyň
sesi eşidildi. Han Arkalyýew:
― Şofýoryňa rugsat beräý. Hol on ikilere geläýsin.
Artyk şaýat näme gerek? — diýdi.
― Jümmiden arkaýyn bol. Agzy açary ýiten gülp
ýalydyr.
— Aý, onda-da...
— Bolýa.
Horazyň kekeji ýaly gyrmyzy pombarhat köýneginiň
üstünden gök žemper geöň, ortadan pesräk boýly,
owadan zenan içeri girdi.
110
— Salamälik.
Pirweli degişdi.
— Baý, kejebe geljek ýaly ýoluňa kän garatdyň.
Geçiber, ynha, şujagaz ýerik. — Pirweli Keýige Han
Arkalyýewiçiň ýanyndaky mahmal körpekçäniň üstüni
görkezdi.
— Näme, garaşylýan gelinler menden artykmy?
diýip, Keýik owadan dişlerini görkezip ýylgyrdy.
— Dogry-da —diýip, Arkalyýew onuň tarapyny
çaldy. — Gurgunmysyňyz, Keýik? Armaň, işler bilen!
Medeniýet ojaklary nädýä?
— Edil özi ýaly gülleýä, Han aga.— Pirweli jogap
berdi.
— Onda ýaman däl.
— Han aga, biziň başlygymyz soňky wagtlarda
degişgen bolupdyr.
Arkalyýew gaşyny çytdy. «Hiç bolmanda, Han
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 05
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.