Latin

Melgun - 07

Total number of words is 3650
Total number of unique words is 2308
31.2 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
50.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gyzynyň halyna Arkalyýewiň nebsi agyrdy, Şol
bada Gara Mergen bilen onuň ogly göz öňüne geldi.
Olara bolan gahar-gazaby ganynda at saldy. Läle bilen
Myratbegiň arasyndaky bolan işi Mylaýym adamsyna
aýdanokdy.
Läle poçta barýardy.
Ol günde birki ýola poçta gatnaýardy. Hat-habarlary
özüň baryp almaly bölümine bellemşa bolupdy. Ol
bölümde işleýän gyz Läle gapydan giren badyna
nebsagyryjylyk bilen ýylgyryp, başyny ýaýkaýardy.
Ahyry Läle o gyza öý telefonyny berdi. «Hat gelse, özüň
öýe jaň edäý» diýdi. Emma o gyz jaň etmän geçdi. Bu
gün onuň ýüregi howlugyp, ýene-de poçta gaýtdy. Läle
şol kanalyň boýundaky duşuşykdan soňra Myratbege
iki sapar sataşdy. Bir gezek olar diskoteka hem bardylar.
Tans etdiler, kofe içdiler. Ol ikisiniň arasynda bolan
bir gürrüň ýadyna düşende, Läläniň ýüregi ýanyp, otly
köýnek geýiberýärdi. Läle ondan: «Myrat jan, men seni
söýýän. Sen nähili? Söýýämiň?..» diýip sorady. Myrat
sesini çykarmady. Gürrüňi başga ýana sowdy.
Läle ýene-de «Sen näme meniň soragyma jogap
bereňok?» diýdi. Myrat: «Ony wagt görkezer. Samsyk
gürrüň etmesene» diýip jogap berdi. Soňky duşuşyga167
ha ol gelmedem. Läle näme etjegini bilmedi. Ýaýdanaýaýdana awtomatdan olaryň öýlerine jaň etdi. Bagtyna
trubkany Myrat aldy. Läle: «Myrat, bi men...» diýdi.
Onuň sesi sowuk çykdy. «Hawa?» diýdi-de, az salym
durup: «Näme, men gaty işli, baryp biljek däl. Ertirem
Aşgabada gidýän... «Hoşlaşmaga-da geljek dälmi?»
«Näme, Sonýa?!»
«Men Sonýa däl, Läle». Läläniň ýüregine gyzgyn
iňňe sanjylan ýaly boldy.
— Wiý, Läle! Bagyşla... Meň işim başymdan agdyk.
Özüm saňa hat ýazaryn. Bolýamy? Hoş onda...» Ol
şeýle diýip, trubkany ilki goýdy.
Ine-de hat ýazyşy.
Läläniň gün geçdigisaýy Myratbegden hat almak
tamasy üzülip barýardy. «Dört hatymyň birine-de jogap
berenok. Iki barmak hat ýazmaga wagty ýokmudyr.
Elbetde, bardyr. Ýazasy gelmeýä. Wah, hemmesine
özüm günäkär. Meni öldürmeli. Ilkinji duşuşykda
kelläm göçüp, bar diýen zadyna kaýyl boldum-da».
Läläniň gözlerine ýaş aýlandy.
Emma bu sapar tersine boldy. Läle gapydan girenden,
poçtadaky gyz: «Häzirjek öýüňize jaň etdim. Me!»
168
diýip, ýerinden turup hatly bukjaiy uzatdy. Läle, sag bol
aýdyp, daşary çykyp, çolarak ýerdäki bagyň kölegesine
bardy. Gözlerindäki gara äýnegi aýryp, usullyk bilen
bukjany açdy. Hat gysga ýazylypdyr. Bir tagta kagyzyň
ýarsyna-da ýetenokdy. «Söz tapmaýan ýaly...»
Salam Läle!
Işler bilen arma? Bizem okap ýörüs. Günde leksiýa,
praktiki okuwlar. Läle, näme beýle zol hat ýazyp azara
galýaň? Hatyňda aýdýan täzeligiňem ýok. Çaga ýaly,
şo bir aýdýan zatlaryň. Biziň aramyzda ilden üýtgeşik
bolan zat barmy? Ýaşlyk ýelgini bilen öteräk geçen
ýerlerim bolsa bagyşla. Umuman, meni unut. Basym
praktika gidýän. Hatyma jogap ýazjak bolup oturma.
Ýogsam, meniň saňa aýdasymam gelenok welin, gelen
hatlary studentleriň ýatakhanasynda bir stoluň üstünde
goýup gidýärler. Kim haýsy haty alyp okasy gelse,
ynsaby özünde. Seň hatyňam meň söýüşýän gyzymyň
eline düşmegi mümkin. Onuň kakasy gaty uly ýerde
işleýär. Onsoň, ikimize-de kryşka. Ýagşy onda, sag bol».
Ol hatyň yzyndan adyny-da goýmandyr.
Uzakdan görünýän Minara iki ýana hallan atyp duran
ýaly göründi. Läle çynara arkasyny ýaplap, gözlerini
ýumdy. Onuň gulaklary-da şaňlap durdy.
169
«Haram, nejis!.. Aldapdyr... Nejis!..»
— Howlukma, Läle! — Eger-de söýgi ykbalyny
öňünden görüp bilýän sygan aýal bolan bolsa Lälä
şeýle diýerdi. — Sen Myratbeg bilenem, Ahmet
bilenem baş goşaňok. Myratbeg seni öňde-soňda
söýmändi. Ahmediň söýgüsini bolsa özüň gaçyrdyň.
Indi howlukma, garaş. Seniň söýgiň, ýassykdaşyň başga
ýigit. Ony-da özüň tapaňok. Töweregiňdäki adamlar
kömek edýär. «Oglan howlugar, tudana wagtynda
bişer». Söýgä sabyrlylyk gerek.
11
Raýon partiýa komitetiniň býurosy garaňky düşende
tamamlandy. Özem çekeleşikli geçdi. Býuro propaganda
bölüminiň işini diňledi. Guramaçylyk bölüminiň
müdiri Ýallakow Gara Mergenowyň bölüminiň edýän
işlerini püçäge çykardy. Ol obalarda terbiýeçilik işiniň
gowşak alnyp barylýandygyny, köne urp-adatlara
uýýanlaryň, oraza aýynda agyz bekleýänleriň, gurbanlyk
edýänleriň, gyzlaryny satyp, galyň alýanlaryň, öýlerinde
gaýtarma bolup oturan çuwal gyzlaryň, özlerini
heläk edýänleriň, tirýek, meň çekýänleriň ädimsaýy
170
gabat gelýändigini, çaga ölüminiň köpelýändigini,
kolhozçylaryň medeni-durmuş derejesiniň pesdigini
nygtady. Bu barada propaganda hem agitasiýa işleriniň
juda gowşakdygyny, bölüm müdiri Mergenowyň işi
öz akymyna goýberendigini tankyt etdi. Soňra ol
Mergenowa berk partiýa käýinjiniň berilmegini talap
etdi. Henizem oblastdan gelen wekil ynsaply eken. Ol
Gara Mergenowyň bu wezipede ýaňy iki aý işleýäni
üçin käýinç bilen çäklenilmegini sorady. Soňundan
Han Arkalyýew çykyp gürledi, Ol: «Eger de, Mergenow
býuronyň şu kararyndan özüne sapak edinip, degişli
netije çykarmasa, işde öňe gidişligi gazanmasa, biz
ýene-de üç aýdan şu meselä dolanyp geleris. Ine, şonda,
öz uçastogyndaky baş-başdaklygy düzetmeseň, ýenede şun ýaly boljak bolsa, biz onda saňa berkräk çäre
göreris» diýip, stoly ýuwaşja ýumruklady.
Gara Mergenow býurodan ýagşa ezilen towuk
ýaly gara-der bolup çykdy. Gaharyna hiç kim bilen
gepleşmän, ýüzüni ak tam edip, göni öýlerine gaýtdy,
Gapynyň bosagasynda öňünden «kak-ka» diýip çykan
iki ýaşly oguljygyny-da bu sapar eline alyp bökdürmedi.
Kakasynyň keýpsizdigini bildimi ýa-da öýkeledimi,
oguljygy kemiş-kemiş edip ejesiniň ýanyna gitdi.
Mergenow diňe köwşdni çykardy. Şo durşuna öz
171
otagyna geçip, diwanyň üstüne ýüzin süýndi. Aýaly Selbi
bir ýakymsyz habaryň bardygyny bilip, ogly Ahmediň
ýüzüne naýynjar garady. Ahmet:
— Eje, kakama-ha bir zat bolupdyr. Işinde dagy bir
zat... Hany, gowusy, men özüm bir gepleşip göreýin —
diýip, kakasynyň ýatan otagyna bardy, kakasy diwanda
ýüzün düşüp ýatyrdy.
— Kaka, näm boldy?
Oglunyň sesi Mergenowy hasam ejizletdi. Bogazy
dolandygyny bildirmezlik üçin ýuwdundy.
— Tur, ýuwun, nahar iýeli.
— Özüňiz iýiberiň, oglum, häzir işdäm ýok.
Ahmet diwanyň gyrasynda oturyp, kakasynyň egnine
aýasyny goýdy.
— Janyň sag dälmi? Saglyk bolsa, galanynyň bir alajy
bolar, kaka. Hany, tur! Saňa garaşyp, hiçimiz nahar
iýmän otyrys.
Bu sözler Mergenowyň ýüregini öňküden beter
elendirdi. Beýle göwünligi kakasy ogluna bermelili
ahyry. Indi bolsa ogly kakasyna berýär. Bu dünýe nähili
bolupdyr? Hemme zat tersine bolup barýar. Gije-gündiz
iş diýip, kellesi bilen gum sowurýana käýinç berýärler,
172
işe bardyňmy, bardym edip, ugrunda gymyldap,
başlygyna ýaranýana sylag-serpaý berip, döşüne orden
dakýarlar.
— Janym sag-lä. Ýöne ýaňy býuroda nähak käýinç
berdiler.
— Kaka, käýinç üçin beýdip ýatma, öýdäkilerem
bimaza etme. Leninem işleýän adam ýalňyşýa diýipdir.
O işlemeýänler bolsa käýinjem almaz, beýlekem. Akguş
bolar ýörerler. Hany, tur.
— Bolýa, oglum, sen baryber, menem häzir...
Ogly çykyp gidensoň, Mergenow ýerinden turdy.
Elýaglygy bilen gözleriniň, kirpikleriniň çyglaryny
süpürdi. Penjiräniň kiçijik gözüni açyp, sigaretini
otlady. Ajy tüssäni birki sapar soransoň, göwrümi giňän
ýaly boldy. Kemşerip giden kiçijik oguljygy ýadyna
düşdi. Oňa nebsi agyryp, gapa ýöneldi.
«Gitdik, Gara Mergenow! Sähel zada duşmanlaryň
öňünde müzzerseň, gaýtam olary begendirersiň. Entek
ýol uzakdyr. Kimiň-kimdigini wagt, durmuş görkezer.
Öňe!»
***
Raýkomyň, raýispolkomyň işgärlerini kolhozlara
173
wekil edilip iberilen döwri türkmeniň Oraza aýyna
gabat geldi. Ýaşuly adamlaryň arasynda bu aýda agzyny
bekleýänler entegem bardy. Käýinç berlenden soňra,
Gara Mergenowyň gaty gahary gelipdi. Bardy-geldi oba
aktiwistleriniň ýa-da raýon ýolbaşçylarynyň arasyndan
birden-biriniň ata-enesiniň agzyny bekleýänini biläýse,
onda ol muny diňe raýona däl, bütin oblasta, respublika
jar etmegi ýüregine düwüpdi.
Gara Mergen ilki bilen raýon merkezindäki bazaryň
golaýyndaky çaýhana baryp görmegi ýüregine düwdi.
Bu ýeri aksakgallaryň çaý içişýän mesgenidi. Ol
hyýalynda her hili pikirleri öwrüp-çöwürdi. Arkaly aga
dagy bu günlerem sakgaldaşlary bilen çaý içýärmikäler
ýa-da her kim öz öýünde ýorgana bu- rÝeňişip, ýärganat
ýaly günun bataryna garaşyp ýatyr- mykalar? Eger, hut
Arkady aga-da oraza tutýan bolaýsa, onda ol ýaşulyny
näçe sylaýanam bolsa, şu edeni üçin bu sapar onam
aýajak däldi. Arkalyýewiň sag gözünden basyp, çep
gözünden çykaryp aryny aljakdy. Şeýdip, içini sowadasy
gelýärdi. «Hut seniň öz kakaň aksakgallara baş bolup
din-adatyň tuguny göterýär. Onsoň, garamaýak daýhan
hakda-ha gürläp oturasy iş ýok» diýjekdi. Goý, Han
Arkaly-da kössüz, akguş adam däldigini bilsin. Ýogsam,
onuň agzy ýetse iki egnini gemirjek parahordygyny,
174
jalataý-aýalbazdygyny, özünden wezipesi ulynyň
ýatyp köwşüni ýalamaga kaýyldygyny kim bilmeýär?
Uly il gürrüňini edýär. Kär edip bilenoklar. Elbetde,
ýokarda goldawy bolsa, etjek alajyň näme? Zyýany ýok.
«Kasas kyýamata galmaz». Han, bu etmişleriň, üçin
adyl sudunyň öňünde kelläňi ýalaňaçlamaly borsuň.
Häzir kürsiňde pyrlanan bolup, partiýa adyna bukulyp,
etjegiňi ediber bakaly. Kürsiň näçe wagt pyrlanarka?
Onyňam-a wagty gelende, jygyldap togtasa gerek.
Sen... Sen dagyjyk kim? Senden ýüz, müň esse ýokary
adamlaryň hem ölüp gidenlerinden soňra eden işleriniň
halalyny-haramyny mizan terezisine salyp ölçeýärler.
Wagt diýen zat kimiň-kimdigini dury aýna sereden
ýaly gaty magat görkezýändir.
Çaýhana golaý baryp-barmanka, Gara Mergeniň
burnuna balygyň ysy kükäp urdy. Çaýhana bilen
balykhana goňşudy. Garynlak, orta ýaşlaryndaky adam
uly gara gazanda balyk gowurýar. Onuň ogly, Radj
Gapuryňky ýaly murtuna timar berýän ýigit piwo, aýaly
bolsa çaý demläp satýar. Tomsuna bu ýeriniň müşderisi
hiç haçan kemelmeýär. Ylaýta-da piwonyň nobaty.
Hemişe hümer, mähelle. Goh-galmagal. Piwony kimsi
syrçaly bedreleri dolduryp alýar, kimsi-de üç-dört litrlik
bidony. Olaryň howlusy bir bolsa-da, çaý içýänler bilen
175
oturýan ýerleri başga-başgady. Çaýçylar akar ýabyň
üstünde, çür depesi guran garry çynaryň kölegesinde
gurlan ullakan sekide oturýarlar. Olaryň biri aýbogdaşyny
gurup, ýene birisi eplengi donuny ýassanyp, gök çaýyň
hözirini görýärler. Ellerindäki bokallary köpürjikläp
duran arpa suwly ýigitleriň ýer dawasy ýok. Kölege
tapan ýerlerinde bitin-ýarty kerpiçleriň üstünde oturyp,
ilkinji bokallaryny hopurdadyp, açgözluk bilen içseler,
soňabaka şirpildedip, ýarym-ýarty owurtlap, kakadylan
çapak balyk bolsa gyzyl tapan ýaly — biri-biri bilen em
ýaly edip bölüşýärler. Bolgusyz jedele tutup, ýoldaşynyň
üstüne jüýje horaz ýaly gyzaryp gygyrýany-da bardy.
Gara Mergen aksakgallaryň ýanynda — sekiniň
bir çetinde «Salawmaleýkimler» diýip ornaşdy.
«Amanmyň, ýigit» diýip, aksakgallar onuň salamyny
aldylar. Ol ýanyna gelen daýza bir çäýnek gök çaý bilen,
ýarym kilo gowrulan balyk sargady.
Aksakgallaryň arasynda Arkaly aga ýokdy.
«Ä-hä, Han agalar bilen gazan-tabagyny başgalaly
bäri, ýaşuly ýeke özi öýünde agzyny bekläp ýatandyr».
Arkaly aga agtygy Batyr bilen Han aganyň öýünden
gaýdyp, bazaryň golaýyndan iki otagly jaý alypdy. Her
näçe töwella-tagsyr edilse-de, goja öz diýenini gögertdi.
176
«Aýry ýaşajak» diýip, ýer depdi oturdy. Sözünden
dänmedi.
Sekiniň astyndaky akar suwuň şaggyldysy
birsydyrgyn «saz çalyp», gök çaý süzýän aksakgallary
hüwdüleýän ýalydy. Olar güne ýanan gabaklaryny
ýumanda, gözleriniň töweregindäki ýazylan gasyn
çylgymlarynyň içi agaryp görünýärdi. Çynaryň gür
ýapraklarynyň arasyndan jyklaýan güneşiň tyglary
akar suwuň ýüzünde appasy gaçan ýaly ýalpyldaýar,
tolkunlaryň gerşinde oýnaklaýar.
Aksakgallaryň söhbeti esasanam pagta hakdady.
— «Ýeňşiň» ýol ugrundaky atyzlarynda-da gowaçalar
keliň saçy ýaly, her ýerde biri. Olaram gamyş basypdyr.
Häý, şu ýyl pylany dolaýmak hyllalla bolaýmasa.
— Aý, ony diýme, sakgaldaş. Mundan beterräk gelen
ýyllaram görüpdik. Şu ýyl-a Pirweli iki elini buduna
urup galaýar öýdýäň welin, güýz gelýä, pylanyny dolýa
oturyberýä. Alla bilsin, nädip dolýa?! Şol adam bilen
oýun etmäň-how!
— Ony bilmek üçin Alla-da gerek däl, pygamberem,
sakgaldaş. Nädip dolunýanyny menden gowy bilýänsiň
welin, bilmediksirän bolýansyň. Olaň kolhozy pylanyny
müň dolubersin, daýhanyň kisesine kör-köpük
177
giräýmez. Beýdip, kolhozyny aç goýup, pylan dolandan,
dolmadyk ýüz paý gowy dälmi?
— Aý, hawa, bi diýýänleriňem dogry.
— Ýöne bu döwletiň düýbüni Lenin diýen adam
uçursyz berk guran eken. Höküwmediň bi harama
çykýan harytlary, bi aldawçylyk-gözboýagçylyklar
başga bir döwletde bolan bolsa, bireýýäm dagap giderdi.
Yzynam tapmazdy.
— Şuny-ha dogry aýdýaň, sakgaldaş. Wah, şo
Androbow biziň bagtymyza birküç ýyl ýaşaýan bolsa, bi
milleti tertibe-hä saljakdy. Seret ahyry, bi aýaklanmadyk
köşek ýaly entirekleşip ýören elleri kürüşgeli men diýen
ýigitlere. Bylaň barynyn akyl-huşuny şo çüýşedeki
zährimar alypdyr ahyry. Hany, onsoň, bylardan näme iş
talap etjek?.. Ogul-gyzyňy okuwa saljak bolsaň — para,
wezipe aljak bolsaň—para... Bar zat para-peşgeşe ýatdy.
Duluňa gelin getirjek bolsaň, petde-petde pul tölemeli.
Dükanlarda gerek zadyň tapylanok, tekjelerini ýylan
ýalan ýaly. Emma jygyllyk bazarynda iňňeden başlap
düýä çenli, göwün islän harydyň bar. Näme, şony
satýan söwdagärleriň ýerzemininde zäwut-päwrigi
barmyşmy? Näme, dükäne gelýän şo harytlary alypsatarlaryň nireden daşaýanyny milise bilenokmy? Bilip
178
aňyrsyna-da geçýä. Ine, sakgaldaş, ýagdaýlar-a şeýle.
Onnaň pul päwrigiň bolaýmasa ýa gyrp-çyrp edip
gapdaldan düşüräýmeseň, güzeran dolandyraýmak
kynaldy. Arzyňy ýokaryk ýazsaňam, arzaçy adyna
galýas.
— O... o... Mergenow! Mergenow!.. Meniň gadyrdan
bäşlikçi okuwçym! Salam, salam!
Köne şlýapasynyň etegi derden ýaňa şorlap giden,
hepdeläp päki görmedik eňeklerinden agaran tüýleri
syh-syh dürterişip duran süňňi iri adam ýylgyryp, Gara
Mergenowa elini uzatdy.
— Salam, ýoldaş mugallym! Nähili jan saglygyňyz?
Iş-güýçler, öý-içerler!
— Bäşlikdir, Mergenow! Hökümediň pensiýasyny
jübä urup ýatandyrys. Ýöne gelnejeň gaty gysganç,
piwä-beýlekä birazajyk emläýin diýenok.
Bu adam Möjek mugallymdy. Gara Mergen onuň
ýanynda piwo pulunyň ýokdugyny ýaňky gürrüňlerini
aýdan badyna aňdy. Ýöne, adamlaryň ýanynda nädip
oňa pul berjegini bilmän ýaýdandy.
— Aksakgallar, şu meniň iň zehinli okuwçym
bolmaly. Häzirem raýkomyň işgäri. Bi göze görünýän
179
ketde kişileriň bary Möjek mugallymyň elinden
çykandyr. Hatda Han Arkala-da «A» harpyny öwreden
özümizdiris. Şuwagt şonuň ýanyna baryp «Wolga»
maşyny sorasam, otkaz etmejegine gözüm ýetýä.
Ol mennen çekinmänem duranok. Baýak köçeden
barýarkam, maşyny saklap: «Mugallym, şu ýokarlaryk
arza ýazmaňy bes etsene» diýip ýalbarýa. Menem gaty
bet-dä! Hakyt ýüzüne, Kemineçeläp «Ýagşyga ýagşy
diýr men, ýamana-ýaman» diýdim. Dogry aýdypdyryn
gerek? Özem ýazsam bärde-bärde-de durmam ýok
meniň, göni Çernenkoň özüne wazladýan.
Han Arkalynyň
aksakgallaryň biri:
ady
agzalandanmy-nämemi,
— A-how, bu gün Arkaly görnenok-la — diýdi.
Gamçy ýaly hor adam, käsesini ýerde goýup, myňmyň etdi.
— Ýaňy men-ä bazarda gördum ony. Oňşugyny
başgalansoň, özi odur-budur alyşdyryp ýör.
— Aý, özbaşdak hojalyk süýremek aňsat iş däl,
sakgaldaş. Ylaýta-da bi ýaşdaň soň.
— Biz-ä dawalarynyň arasynda ýok welin, biri hol
zootehnik ogly Han bilen oňuşmanmyş diýýä, ýene
180
birisi Han bilen ýaşulynyň özi käýeşendir diýip gürrüň
çykarýar.
— Be... Oňşup-oňuşman bölüşip bilmeýän zatlary
nämekä?
— Aý, Hudaý bilsin. Arkalyň agtygam gaty gönümel,
durşy bilen nerwin diýýäler.
— Äý, şu ogul-gyzyňam aladasy kiçikä kiçi,
ulaldygyça-da uly bolýar-how!
Gara Mergenow üçin bu gürrüňlerde hiç hili
täzelik ýokdy. Ol «Belomor kanal» papirosyny
syňragynyň arasyna salyp, owurdyny içine oýup sorýan
mugallymyndan sypmanyň aladasyny etdi. Onuň
ösen dyrnaklarynyň içine giren kirler ýarym aýlaw
gara çyzyk bolup durdy. Gara Mergenow onuň öňem
içgilidigini aňsa-da, pul bermän sypmajagyny bildi.
Sebäbi ol piwo içýänleriň bokallaryna seredip, gultunyp
otyrdy. Dillenmese-de, gözleri bilen hut pul dileýän
ýalydy. Gara Mergen elini gymyldatsa, jübüsine sokup
pul berjekmikä diýen tamadady. Ahyry bir bäşligi,
mugallymynyň öňüne süýşüriň ýerinden turdy.
— Men-ä turjak, ýoldaş mugallym.
— Ä... bileje... herimiz...
181
— Ýok, ýok, men rulda.
— Ä... Onda iç diýjek däl. Meň pendimi alsaň, wabşe
ruldakaň agzyňa almagyn.
Şo wagt aňyrrakda eli çapakly bir ýigit ýoldaşy
bilen gyzyl ýumruga girişdi. Olaryň golaýyndaky
piwo içýänler uruşýanlary aralajagam bolanoklar. Eli
çapakly zir-zibil dökülýän çukura kelemenläp ýykyldy.
Aksakgallaryň biri:
— Häý, pormyňyz gursun, biz oglankak, biri bilen
gatyrak gygyryşsak ulular: «Haýt, bes ediň» diýseler
sem bolardyk. Hany, şulara-da bir zat diýip gör-dä, öz
ýakaňdan alarlar — diýdi.
Uruşýanlary aralaýyn ýa milisiýany çagyraýyn diýen
pikir Gara Mergeniňem kellesine gelmedi.
Gaýtam, «Bolgusyz zatlara şaýat bolmaýyn» diýip,
basymrak bu ýerden ökjäni göterenini kem görmedi.
Arkaly aganyň täze jaýynyň öňi aýal-ebtat, oglanuşakdan doludy. Ýanbaşlaryna «Milisiýa» diýlip ýazylan
iki sany «Žiguli» bilen sary gozakly üç motosiklete
münüp gelenler jaýyň gapydyr äpişgelerine syn
edýärdiler.
Gara Mergen maşynyny bärräkde goýup, näme
182
bolanyny bilmek üçin mähelläň ýanyna barmaga
gyssandy.
— Näme bar? Näme bolupdyr? — diýip, ol ýeten
çetindäki aýaldan sorady.
Aýallaryň biri gysgaça jogap berdi.
— Ogry giripdir.
— Tutupdyrlarmy?
— Tutarlarmy?.. Ýöne Arkaly aganyň ogrularyny
taparlar-la, her niçigem bolsa, ogly raýkom.
— Nämesi alnypdyr?
— Üç halysy, Batyryň ýapon magnitofony, 1500
manat pul diýýärler.
— Ogram kimiň öýüne girmelidigini bilýär. —
Keltejik aýal gözüni ýeser güldürip, ýanyndaky oral
aýalyň ýüzüne seretdi.
— Beý diýme, gyz. Ýaşuly kişiniň zadyna zar däl.
Ol halal ýaşaýan adam. Eýsem öýünde şojagaz zadam
bolmasynmy? On ýaly zat her ýeteniň öýünde-de bar.
— Ýöne bu sapar ogrular ýalňyşypdyrlar. Arkalyň
zatlaryny miliseler derrewjik tapar. Emma biz ýaly
garamaýagyýaky tapylaýmaz. — Ýene-de keltejik aýal
183
dillendi.
Bu sapar onuň içi güjükli gürrüňine jogap beren
bolmady.
— Öýde hiç kim ýok ekenimi? — Gara Mergen belli
bir adamdan soraman, kim jogap bererkä diýen ýaly,
her kimiň ýüzüne ýaltaklady.
— Elbetde, ýok. Aksakgal-a bazara giden ekeni.
Batyram kolhoza ertir gidýä, agşam ýatar wagtyna gelýä
— diýip, garry aýal jogap berdi-de, sözüni dowam etdi.
— Daş edewersin, ogurlyk-jümrülik diýen zady indiindi görüp ýörüs. Uruş ýyllary çörek atly biz pyýadadyk,
döwüm nana zar bolan döwürlerimizem pylankesiň
öýüne ogry giripdir diýip eşiden däldiris.
Gara Mergen «Ýeňiş» kolhozyna daş düşelen ýoldan
gitmän, gönüläp barmakçy boldy. Çarkandak ýolda
«Žiguli» tizligini haýallatsa, asmana geterilýän ak
kirşen yzyndan ýetýärdi. Onuň üçinem, Gara Mergeniň
gyzyl «Žigulisi» öz turuzýan tozanyndan özi gaçyp
barýan ýalydy. Ýoluň sag tarapyny syçanyň üstüne
bökjek pişigiň tüňňi ýeňsesi ýaly Garagumuň biribirine meňzeş gum gerişleri tutup ýatsa, soluny gowaça
atyzlaryndan, ýaplardan gaçyrylýan suwly meýdan
184
eýeläpdi. Emma onuň suwy bir garyş, garyş ýarym ösen
gamyşdyr suwotylary-da, garaçaýyrdyr garaklary-da
boýlap bilenokdy. Bi giden çalpaw meýdanlykda Goç
sallah sygyrlaryny bakýardy.
Gara Mergen aýnasyny açsa, maşynynyň içine tozan
kürsäp urýardy, açmasa, yssynyň derdinden dem
alar ýaly däldi. Hammama girenden beterdi, köýnegi
endamyna ýelmeşipdi, oturan ýeri öl-myžžykdy. Ol şol
gelşine, ýoluň suw alan ýerinden «Žigulisi» geçer öýtdi.
«Ýalpagraksyň» diýip çaklan ýerinden sürdi welin,
suwuň ortarasynda garaçy mal ýaly togtady-da, motory
öçdi.
Gara Mergen ony çykarjak bolup bir öňe, birem
yza sürüp gördi. Gaýtam maşynyň yzky tigirleri barha
ýere gömülýärdi. Ol mundan netije çykmajagyny bilip,
uludan demini aldy. Saman şlýapasy bilen ýüzüni
ýelpedi. Öňde-yzda ötegçi göze ilenokdy. Ho-ol aňyrda
Goçuň sygyrlary otlaşyp ýör. Onuň «ýalta» ýabysy dört
aýagynyň üstünde boýnuny sallap uklap dur. «Goçam
şo ýerdedir».
Gara Mergen balagyny dyzyna çenli çermäp,
köwüşlerini bir eline alyp maşyndan çykdy. Çalpaw,
ýata suw ýylyjakdy. Ol aýaklarynyň palçygyny ýuwup,
185
ýene-de köwüşlerini geýdi.
Ol Goçy çägäniň üstünden tapdy. Onda-da nähili
ýagdaýda? Arkaly aga aýaklarynyň guragyrysyny
aýyrmak üçin Jumaguly aga bilen çägä gömülmäge
gelipdirler. Goç ol ikisiniň gursaklaryna çenli gyzgyn
çägä gömüp, kellelerine-de kölege düşer ýaly ýylgynyň
şahalaryndan saýawan ýasapdyr-da, özem ýanlarynda
guma tirsek taşlap, gürleşip oturan eken.
Saglyk soraşanlaryndan soň, Gara Mergen olaryň
ýanynda çommalyp oturyp sowal berdi.
— Çäge guragyryňyza peýda edýämi onsoň?
— Onna-da nähilek? Gyzgyn çäge bogunlaryňda,
dyzçanagyňda, topugyňda ählije ýygnanan sarysuwlary
sorup alýa. Men mundan üç ýyl ozal gömlüpdim.
Guragyrym el bilen aýrylan ýaly bolupdy. Bi ýyl ýenem
azar berip ugrady. Goç inim, hany, ýene bir owurt çaý
ber-le — diýip, Arkaly aga dillendi. — Bogazym gurady.
Arkaly aganyň oraza tutmaýanlygy öz-özünden belli
boldy.
Goç torba-haltajygyň içinden bokurdagy görnüp
duran ýaşyl termosy çykardy.
Arkaly aganyň iki eli-de çägä gömülgi bolansoň, Goç
186
bugaryp duran çaýly käsäni onuň agzyna tutdy.
— Goç inim, bi bogazymy daglaýmasyn... Eliňgözüň dert görmesin, inijigim... Jumaguly, al, senem
bokurdagyňy ölle. Ýogsam, içegäňde öl-suw goýjak däl
bi cage. Men-ä garasuw boldum.
Gyzgyn çägäniň üstünden tamdyryň agzyndan
çykýan ýaly howurly epgek öwüsýärdi. Bu gyzgyn
çägede towugyň ýumurtgasy-da sähel salymdan
bişjekdi. Bir hepde, on gün mundan öňem bu düňle
çöllügiň depeleri ýap-ýaşyl öwüsýärdi. Ýylaklardyr
selinleriň ülpüldäp oturyşy, gulpaklyja gyzlaryň ýel
degen zülplerini ýadyňa salýardy. Bu gün olar asman
bilen zeminiň aralyndaky ýandyryp barýan howra
süllerip, saralyp ugrapdyr.
— Sen, inim, Mergen, bu ýerlerik nädip düşüp
ýörsüň? — diýip, Arkaly aga sorady.
— Ýaşuly, men «Ýeňşe» barýardym. Ýoluň suw alan
ýerinde maşynymy batyrdym. Onsoň, Goçdan kömek
soraýyn diýip sowluşym boldy.
— Hä, düşnükli. Onda biraz gyssanmaň. Häzir Goç
hemmä gerekli bolup dur.
— Ýok, men gyssanamok, ýaşuly.
187
— Nepesimiz düzüwkä-de ýer astynyň mazasyny
göreli. Soňra-ha o dunýe mydamalyk «göçüp»
baramyzsoň, gowumy, erbetmi, arzyňy diňlejek adam
ýok.
Gara Mergen: «Näme-de bolsa, aksakgal dine
ynanýa» diýip pikir etdi.
— Häzir demiň geliň durka-ha, gyzgyn çägäň asty
uçmah ýaly ýaraýa, şeýle dälmi, Jumaguly sakgaldaş?
— Näçe magtasaňam bärden gaýdýa, meň-ä on iki
süňňüm sorkuldap, bogunlary birin-birin söküldi
öýdýän.
— Bi, onsoň, araky öýüňizden alnan-goýlan zatlardan
derek çykdymy, Arkaly aga?
— Häý, derek tapyljak bolsa ogurlanarmy?! Enteg-ä
gördüm-bildim ýok. Aý, bähbit bol-a. Ýöne bir zada
haýran, näçe oýlansam-da, çal başym çatanok. Hanbegleriň gamçysyndan gan damýan döwründe bi hili,
kişiniň zadyna göz gyzdyrylandygyny eşitmändikle. Ýa adamlaryň gäbi azyp ýörmükä? Indi hut öýüňe
arkaýyn girip, halan zadyny alyp gidäýýärler. Sakgaldaş,
biz oglankak gulp diýen zadyň nämedigini bilmezdik
gerek? Bir ýerik gidilse-de, gapyny it-guş, şemal-semal
açmasyn diýip, zülpüne çöp ötürip giderdiler. Aç ölseler188
de, hiç kesiň, kesekiniň zady bilen işi bolmazdy. Indi öz
ýasaýan gülpumyzy ahmal görüp, iňlis gulpuny gözleşip
ýörler. Şäherde ýaşaýanlaryň-a käbiri bir ýerik çyksalar,
öýlerini telefon arkaly milisä tabşyryp gidýärmişler.
Toba, indi demir derwezäniň içidäki daşy iki-üç gulply
maşynyňy alyp gidýärler. Gapyňdaky sygryňy, goýnuňy
ogurlap ýörler. Öňler mallaryň özleri örä gidip, özleride gaýdyp gelerdi. Itiňem işi bolmazdy.
— Sakgaldaş, gadym ertiklerde döwler janyny demir
sandykda saklaýan ekeni. Bizem indi şoň ýaly, maňlaý
derimize gazanan halal zadymyzy goýmaga ýer tapman
ýörsek diýýän-ä. Ýaşap ýörse, bi dünýede her zat görjek
adam pahyr.
Goçam gepe goşuldy.
— Aý, men-ä ogry tarapyndan arkaýyn. Özüm zat
tapamok şo öýden. — Ol gazuwdan tapylana menzeýän
sary dişlerini ýyrşardyp güldi. — Ýöne, bi gürrüňlere
görä, basym barlyja adamlar bosagasynyn öňünde, eli
tüpeňli garawullap oturmaly boljak. Öten ýyl, size ýalan,
maňa çyn, pagta ýygmaga gelen yssydentleriň biri şeý
diýdi: «Öýümizde serhetçileriň byrak edip, ispisat eden
itini saklaýas» diýdi. Menem ony duzladym. «Näme,
türkmeniň iti beren ýalyňy iýmeýämi?» «Eý, türkmen
189
itleriniň ýüregi ýuka bolýa. Ogrular hajyk-hujuk edip,
öňüne bir bölek et oklasa, mahowlar syrazy dostlaşaýýa.
Onsoň, öýüňi göterip, aýagyny basyp geçselerem zat
diýenoklar» diýýä.
— Goç inim, şo oglanyň diýýäniniň jany bar.
Türkmen itleri eýesi ýaly ynanjaň bolýa, olar aňsat
adama degmeýä. — Arkaly aga uzakdan çalymtyk-sary
görünýän minara garap başyny atdy. — Hon-ha, hol,
depesi bulutlara ýetýän minarany saldyran soltanam öz
janyny itlere-de, janpenakärlerine-de ynanman, ýatsatursa ýanynda alaja bars saklanmyş. Onuň saldyran
minarasy sekiz ýüz ýyldan bäri mizemen dur, özi bolsa
bireýýäm gara topraga garylyp, ýatdan çykyp gitdi.
— Basym o minaranyň özem ýykyljak. Binýadyna
zeý suw üýşüpdir diýýäler. — Jumaguly aga gürrüňe
goşuldy. — Pirweli onuň eddil ýanjagazyndan suwly
ýap çekdirdi.
— O minarany Çingiz hanam ýykjak bolup iki
gezek synanyşypdyr. Ahyry bolmansoň minarasy bilen
tutuş şäheri suwa gark edipdir. Şonda-da är ýaly çydai
minarany indi Pirweli ýykjak bolýa diýsene. Onda ikinji
Çingiz han döräpdir-dä! Meniň elimden gelýän bolsa,
şu etmişi üçin Pirwelä jeza bererdim. Näme, ýabyňy
190
minaradan sowarak çekeňde ýer gytmy? Ony görmäge
dumly-duşundan turistler gelýär. Taryhy ýadygärlik
diýlip gürrüň edilýän ýerinde şu minaranam ýatlap
geçýärler. A-how, onsoňam, ol türkmeniň düýbüniňköküniň haýsy ýerlerden, haýsy ýyllardan gaýdýanyny
bildirip duran janly şaýat ahyry. Şol minarany özümiz
öz elimiz bilen ýok etsek, geçmişimiziň köküne palta
urdugymyz bolmazmy? Inim Gara, hany, senem bir zat
diý-dä. Bi Pirweli ýaly şowaköre bi zatlary düşündirseň
bolmaýamy. Bir milletiň taryhyny on kilo çaňly pagta
çalşyp bolmaz ahyry!
— Men aýdyp göreýin, Arkaly aga! Ýöne, meň
diýenime gulak gabardaýsa ne ýagşy.
— «Aýdyp göreýin» diýip, haýal-ýagallyk etme.
Çynlakaý aýtmaly. Düşündirmeli. Hawa, Sowet
hökümedi entek halkyň ýalasaç ýerini ýapmaga, ajyny
doýurmaga ýetişmänke, ýaňy aýaga galyp-galmanka,
Samarkandyň, Hywanyň, Buharanyň şuň ýaly minarametjitlerini remont etmäge weşeň-weşeň gyzyl pul
goýberdi. Ýogsam, şo ymaratlaryň haýsy zamanda,
haýsy halk ýaşaýarka gurlanam belli däl diýýärler.
— Meniň ýüz aýdanymdan, Han aganyň ýekeje gezek
aýdany ýerlikli bordy.
191
Arkaly aga ýüzüni kese sowup ýuwdundy. Gara
Mergeniň soňky aýdanyny onuň halamanyny duýdular.
Hanyň adyny eşidende, gojanyň myrryhy atlanýardy.
Çaýhanada-da onuň ady tutulsa, soňky wagtda
ýerinden turup gidiberýärdi. Arman, häzir guma
gömülgi bolansoň, nälaç ýatmaly boldy. Han bilen
düşünişýän bolsa ol öýlerini başgalamazdy ahyry.
Adamlar şuňa-da akyl ýetirmeýärmikäler? Ýa-da synap
görjek bolýarmykalar?
«Näteňet adam bular?»
12
Kerpiç zawodynyň direktory Şiraly Alyýewiň
duýdansyz öldi habaryna, nämüçindir, Han Arkalyýew
geň galyp, ör-gökden gelmedi. Ýüzünde gynanç alamaty
duýulýan ýalam bolsa, göwnübir ýalydy. Hamala, bu ajy
habary öň birinden eşidip, eýýäm patasyny alyp gelene
meňzeýärdi.
«Şiraly Alyýew hum peçe ýykylyp ölüpdir, ýüzi, elleri
tanar ýaly däl, garaköýük» diýip, raýon milisiýasynyň
naçalnigi ýarygije Arkalyýewiň öýüne telefon etdi.
Arkalyýew Meýlis Bakyýewi yzyna tirkäp olara bardy.
192
Öýüň içi uly yzlaşykdy.
Giň otagyň ortarasynda ýatan Şiralynyň üstüne ilki
ak mytgal, onuň üstündenem gymmat bahaly matalar
gat-gat ýapylypdyr. Üýtgemezlik üçin merhumyň
otagynda kondisioner işledip, gapdallaryna limonad
zawodyndan buz getirip goýupdyrlar.
Şiralynyň aýaly Han agany görende, hossaryny gören
ýaly öňküsindenem beter möňňürdi. Agy arasynda-da:
— Dostuň gitdi, Han aga... äh-hä-hä! Wah, öýüm
ýykyldy-la, doganlare-eý! Waý, nalajedeýin, il-ler-e-eý!
— diýip aglady.
Onuň yzyny çagalary alyp göterdi:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 08
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.