Latin

Melgun - 02

Total number of words is 3580
Total number of unique words is 2339
27.0 of words are in the 2000 most common words
38.5 of words are in the 5000 most common words
45.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şiralyny yralap turzup, ol görgülini düýşündäki ejir
görgüsinden dyndarardy. Gökjäniňem, Jümminiňem
çekýän jebirleri, görýän görgüleri Şiralynyňkydan kem
däldi. Öz kärdeşiniň bir zamanda küle öwrülenini
gören şofýorlaryň agyzlaryna uçuk gaýnapdy. Hamana
özleriniňem başyna şeýle elhänçlik inäýjek ýalydy.
Ýürek hemme zady öňünden duýýar...
Dogrudanam, Ýetimjäniň başyna inen betbagtlyk
bularyňam başyna düsermikä? Belkem. «It alnyna gelen
gürt alnyna-da gelermiş» ahyryn.
2
— Gara Mergeniň ogly Ahmet Han aganyň gyzy Läle
bilen söýüşýärmiş.
— Ahmet oň gyzyňa däl-de, baýlygyna aşyk bolan
bolaýmasyn?
— Haý, zaluwat, kimiň gyzyňy tutmalydygyny-ha
bilipdir-ow.
— Aşgabatda okaýarkalar, Han agaň ogly Batyr bilen
dostlaşan bolup, onuň uýasyny nyşana alýan eken-ow.
Batyr bilen o gyzyň ejeleri başga ahyry. Batyr ilki
aýalyndan, gyzy soňkusyndan.
30
— Bolanda näme. Çagaýataklary aýry bolanda-da,
ikisem Hanyň bilinden önen perzent-dä.
— Aý, şo Batyryň-a Han bilen arasam saz dälmiş.
— Ony diýseň, Han bilen kakasy Arkaly aganyňam
ugry ýok diýýärler.
— Aý, iliň gepidir-le. Bi millet siňek ýaly gepi ulaldyp
pil ýasaýa.
— Bä, onda Hanyň ähli baýlygy Gara Mergeniň
ogluna galjag-ow?!
— Iliň çagasy bela ýaly. Bar zady öňden görýär.
— Aý, oňa bi ýollary kakasy Gara Mergen salgy
berendir.
— Biziňkileriň-ä salgy bärseňem oňarýan goşy ýok.
***
— Ýetimje gürüm-jürüm bolupmyş-la.
— O bedibagt nirä ýitirim bolduka?
— Işden çykmak üçin başlygy Şiralyň stolunyň
üstünde arzasyny goýupmyş-da, şoňdan soň ony görenbilen ýokmuş.
— Hany, ol Amur oblastyna işe gidýänleriň arasyna
goşulyp gidenmişem-ä diýýäler. Ol ýere barsaň, taýýarja
31
jaý, saklasaň mal-gara-da berýärmişler. Ony aýt-da,
muny goý. Gaz ýaly moýmudyklap ýören sagymçy
gyzlaryň iöň gaýmaklary endamyna çykyp gidenmiş.
Ärkegi görse boýnuna böküp duranmyş.
— Bäh!..
— Haý, ýetim zaluwat. Mele gülpak gelinleriň
gujagynda meýmiräp ýatjag-ow. Gitmeli ýerin-ä
bilipdir.
— Bäşinji ýanwarda biziň aäroportdan Aşgabat
— Irkutskä bilet alanyny samolýotyň kassasyndan
anyklanmyşlar.
— Aý, şo Amur diýilýäni ugrunda bardyr-ow.
— Men-ä şo ýigidiň, aňyrsam düzüw dälmiş diýip
eşitdim. Onuň adyny-sorunam bilýän ýok. Ah-ow,
şol aramyza goýbärilen içaly-piçaly bolaýmasyn? Bi
kapitalistlerden her zat çykar.
— Ha-ha-ha!..
— Gülüň bakaly...
— Biriniň gyzyňy alyp gaçanmyşam-a diýýäler.
— Aý, oň ýaly bolsa, pylankesiň gyzyňy alyp
gaçypdyr diýip ýurda jar ederdiler-le. Ol-a ýöne gürrüň
bolaýmaňa.
32
— Dogrudanam, şoňuň doglan ýerini, pasportynyzadyňy gören barmyka?
— Ýetimjäň doglan ýeri, pasporty kime gerek? Eger
ol pylankesiň ogly bolan bolsa ýa-da ýokarrak edarada
oturan bolsa, tohum-tijine çenli ýetik borduňyz. Adynyda jan goşup tutardyňyz. Ýetimje ýalylara, hol «Ýeňiş»
kolhozyndaky Goç agta ýalylara köçede ölüp ýatandada, wah-wah diýjek ýok.
3
Bu ýylky ýaly ýagyşly bahar segsene golaýlan Arkaly
aga-da ýadyna salyp bilenokdy, ondan ýaşy bärräkdäki
Jumaguly aga-da: «Beýle ygally bahary gören-eşiden
däldiris» diýip gürrüň edýärdi. Jaýlarynyň üçegi şifärsiz
adamlar: «Palçyk tamymyz äräp gidäýmese ýagşy»
diýip howatyr bilen gözlerini gije-gündiz guýup duran
asmana dikýärdi.
Jumaguly aga demir pejinin tegelek gapagyny ätişgir
bilen şakyrdadyp süýşürdi-de, suwdan dolduran gara
tüňçesini oturtdy. Otagyň içi garaskyrap ugrady. Ol
diwardaky tokgaja zadyň çykyp duran göbejigini
şyrkyldadyp, ýokary galdyrdy. Kirli simden sallanyp
duran armyt ýaly çyra öçügsi ýandy.
33
Daşardan sygyrlaryň, göLäleriň molaşýan sesleri
geldi.
«Goç sallaham-a geld-ow» diýip, Jumaguly aga içini
gepletdi. Goňşy otagda sagymçylaryň biri bedresiniň
tutawajyny, beýlekisi bidonynyň gapagyny şakyrdatdy.
«Höw... küş... höwlim-höwlim!» diýen sesler eşidildi.
Süllümbaý ezilen sygyr çopany gapyny açyp, boýnuny
uzatdy.
— Aksakgal, barmysyň? Giç ýagşy!
— Waleýkimsalam, Goç inim, gel, gelen ýagşy.
— Häzir, men plaşymy bir çykaraýyn... Beh, aksakgal
diýýän-ä, büý Burkut ata, bu ýyl nädiberdi bi?
Jumaguly aga ýassygy tirsekläp, uzadyp ýatan inçeden
gara aýaklarynyň dyzyny döşüne çekdi. Goç içeri girip:
— Bu ýagynly howada gyzgyn peç adama ýaraman
durjak däl — diýdi-de, pejiň golaýyna çökdi.
— Goç inim, gowusy, çaý demle. Ana, tüňçe-de
şyglap ugrady. Gök çaýyň başynda eşiden-gören
täzelikleriňden gürrüň bär.
Goç padymanyň iki lakamy bardy. Köplenç sallah
diýärdiler, özi ýok wagty agta diýip tutýanlaram ýok
däldi. Bardy-geldi soňky lakamyny tutanyňy eşidäýse,
34
öler ýaly gaty görýärdi. Bu iki lakamy-da Minaraatanyň
adamlary goýupdy. Goç sallah ýerinden gozganyp,
ýarty gap çaýa elini uzatdy.
Goç sallah Minaraata obasynda doglup, üç ýarym
ýaşyndaka ejesi garahassalykdan, kakasy bolsa uruşda
ýogalypdy. Ony daşkyrak garyndaşlary ýygnapdy.
El ýaly tötäk tapan güni başy asmana ýetdi. Özüni
bileli bäri çopan taýagyny elinden düşürmezdi. Ilki
garyndaşlarynyň bäş-on dowaryny bakdy. Ýuwaşýuwaş onuň sürüsi köpelip ugrady. Goňşy-golam
birlän-ikilän tokludyr goýnuny goşdy, dura-bara bütin
obanyň çekenesiniň garamaty boýnuna düşdi. Birki
ýyl geçensoň, obanyň sygyrlaryny bakmaga başlady.
Ol her gün agşam sygyr eýeleriniň biriniňkide şamlyk
edinýärdi. Ertirligini, günortanlygyny-da — şol öýden
alardy; käte ýarty, käte-de üçden bir çöregi, garybrak
öýlerden bir zagarany düýe ýüňden dokalan köne
guşagyna dolardy, birki atymlyk çaýy-da daşynyň
nagyşlary sökülip giden çaýhaltasyna salyp, alyşdyran
zatlarynyň hemmesini kirli torbasyndaky gara tüňçesiniň
ýanyna dykyşdyrardy. Soňra gk eşeginiň gaňňasyndan
torbasyny ildirip, kendirden işilen ýüpünden tutardyda (tutsa-tutmaňa-da, eşegi onuň ýanyndan bir
ädimem aýrylmazdy), gumak ýol bilen, toýnaklaryny
35
şarkyldadyp barýan sygyrlaryň yzyna düserdi. Her
kim öýleriniň deňinde, sygrynyň şahyndan ýüpüni
ýazdyryp sürä goşup goýberdi. Goç sallah ömürboýy
müjärret geçdi diýmäge hiç kimiň dili barmazdy. O jahyl
çykan ýyllary gelin-gyzlaryň pynhan-pynhan seredýäni
köpdi. Goç sallah dul heleýleriň düýşüne-de girýärmiş
diýip obada myş-myş bardy. Ol üç sapar men diýen
mes, dul heleýe öýlendi. Ýöne, nämüçindir, birinjisi-hä
bir hepdeden, ikinjisi-de on bäş günden aradan çykdy.
Onsoň, Goç sallaha şübhälenip ugradylar. Aýallaram,
gürrüň-gybatyny bes eden ýaly boldy. Ýöne, günlerde
bir gün onuň köpbesinden öňe bir uzyn etäkli giripçykmaga başlady. Minaraatada ol barada täze-täze
habarlar ýaýrady. Goňşy obadan gelenmiş. Olam Goç
sallah ýaly ýetimmiş. Obanyň adamlary her günde ertir
bilen Goç sallahyň köpbesine seredýärdiler. «Bu gün ol
aýal daş çykarmyka, çykmazmyka? Näçe gün ýaşarka?»
Öňe ilkinji günler köpbäniň töwäregini syryp-süpürip,
suwlap, darsyldap ýören aýalyň soňabaka bady gowşady.
Daşary çykmasyny-da kemeltdi. Onuň ýanyna bir
bahanajyk tapyp baran aýala aýtmasyz zadam dilinden
sypdyranmyş: «Allatagala bu özidi toýnakly haýran edip
ýaratjak ekeni welin, ýalňyşaýypdyr. Çydar dagy eder
ýaly däl». Bu gep şol gün aýallaryň arasyna ýaýranam
36
bolsa, erkekleriň ondan öňräkden bäri habary bardy.
Ýöne näme etjeklerini, nähili alaç-çykalga tapjaklaryny
bilmän, ýaýdanyşyp ýördüler. Ol aýalam üç aýdan
soňra ýagty dünýe bilen hoşlaşdy. Şodurda-şoldur, ýa
oňa barmaga bogny ysan aýal tapylmady, ýa-da Goçuň
özi hiç kimi almady. Ol özüniň sallah güni bilen gözdi
ýördi. Adynyň yzyna-da sallah lakamyny ýelmediler.
Ýöne başga bir zat, bildirmejek bolsalar-da, erkek
ýüregi şübhäçil bolýamy-nämemi, Minaraatada başyna
telpek geöňleriň köpüsiniň göwni iňkislidi. Zerur işleri
bolsa-da, öýlerinden uzaklaşyp, ýabany ýatyp bilmän,
ýüreklerindäki galagoplygy hem egsebilmän, iňňäň
üstünde gözen ýaly bolup ýördüler. Ýöne, sygyrlaryny
bakdyrmaga başga adam tapmansoňlar nalaçdylar.
Onsoň, syrgyn köçäniň bir ujundan başlap, her gün
agşam bir hojalykda naharlanýan Goç sallah geljek
güni şol öýüň ärkegi ähli işi-pişesini taşlap öýlerinde
bolýardy. Nahary-çaýy özi äberýärdi. Aýalyny içerik
salyp, onuň gözüne görkezmän, basymrak ugradanyny
kem görenokdy. Ýöne, bir wakajyk iküç adamyň
gonjuna gor guýdy. Aýal bilesigelijiligi bilen, birki
zenan äpişgäniň tutusynyň aralygyndan Goç sallahyň
sypatyna ogrynça seredenmiş. Olaryň biri-hä aýalyny
suwa salma öňjenmiş. Aýtmaklaryna göre, gök-dalak
37
bolan synasyny gozgap bilmän, iýmäge-içmäge-de
ýaramansoň, onuň agzyna Pamygy ölläp, suw damdyryp
oturanmyşlar.
Bir gün obada uly toý boldy. Bu toý uruşdan soňky
bolan iň dabaraly toýlaryň biridi. Toý eöňi ýekeje
ogluny öýlendirensoň, aňyrsynda baryny-ýogyny orta
dökdi. Akly-gyzylly çüýşelerden kim näçe içse, hasaphäsip soran bolmady. Oba jahyllary, baý şol gije guduz
açdylar-ow! Horaz gygyryp, gün dogýança märeke
jaýyndan her hili sesler, gülküler eşidildi durdy. Goç
sallaham paýyny gidermedi. Ýöne, goltugyna guş berip,
oňa ep-eslini garyp-gatyp içirdiler. Ol aýaklanmadyk
köşek ýaly patanaklap, özüni zordan köpbesine atdy.
Şol durşuna — eşiklerini-zadyňy çykarman, kellesini
ýassyga goýandan, uka gitdi...
Gijäniň haýsy mahalydygy belli däl, çydamsyz agyra
döz gelmän, gözlerini açjak boldy, gygyrjak boldy,
bolmady. El-aýagyny-ha butnadybam bilmedi, hatda
gözleri-de mäkäm daňylgydy. Agzynyň içine dykylan
esgi-de äňini ýazdyryp barýardy. Birdenkä-de göbeginiň
aşaklaryndan ýüregi sogrulana döndi. Ol küçen ýaly iki
bükülip, özünden gitdi...
Ertesi padyman gök eşeginiň nogtasyndan idip,
38
gumak ýolda sygyrlarynyň yzyna düşmedi. Sygyrlaryny
näme etjeklerini bilmän duran heleýler ärleriniň üstüne
gygyrdy. «Baryň, turzuň o doňuzy, öten agşam öler ýaly
içendir o meýdi ýanmyş...»
Sallahyň öýüne gelip görseler, onuň balagynyň bir
satany çykarylgy, özem gara gana bulaşyp, demini saňap
ýatyr. Henizem toý eden ýaşuly gepden-gürrüňden
gaçyp, ökde tebibiň yzyndan adam iberdi. Tebip Goç
sallaha deri-derman edip, aýak üstüne galdyranmyş.
Ine, şeýdibem, ýürekleri müňkür obanyň erkeklerihä arkaýyn boldular, aýallaryň köpüsi içlerinden
gargyş baryny okap, beýle jezany oýlap tapan jelladyň
wagşylygyna ýakalaryna tüýkürdiler.
Ýöne, hemme zadyň tebibem-dermanam wagt diýen
zat ekeni. Aý-gün geçdigisaýy gep-gürrüňem ýatyşdy,
begenenleriňem, gynananlaryňam ýürekleri düşüşdi.
Goçam öňki Goçlugyna galdy. Ýöne, bärlen jeza welin,
onuň düýnki ýaly ýadyndady. Gije düýşüne zenanlar
girende, şol öňki Goçduryn öýdýärdi. Wakanyň iň,
gyzykly ýerinde... ukudan oýanan wagty ah çekip, garry
ýolbars ýaly bir nagra dartýardy-da, demsiz-düýtsüz
oýlanyp ýatýardy. Indi onuň oýun-gülki bilenem,
gyzyl-çyzyl bilenem işi ýokdy. Mydama egni aşak, başy
salykdy, susty pesdi. Ýöreýşini-de üýtgedipdi: maýrylan
39
mal ýaly, absaňaklap ýöreýärdi. Şoňdan soň gylykhäsiýetem üýtgedi. Bütinleý başga keýp-neşe geçdi,
durky bilen içgä bärildi. Gapdalynda götäröň torbasyna:
«Bir çuýşe çakyr salmaňaňyz, sygryňyzy bakjak däl»
diýip obadaşlarynyň öňünde şärt goýdy. Oba oňa-da
razy boldy. Ol köpbesine gelip, «Çemeniň» dykysyny
ýuwaşlyk bilen açyp, moýly käsesine lykyrdadyp
guýýardy-da, ýeke özi içýärdi, ýeke özi-de humaryny
görýärdi. Sygyrlary ertir irden äkidýärdi, gün eňegini
ýere dirände-de obanyň gyrasyndan girýärdi.
Her döwür, bir döwür diýleni...
Öňler sygyrsyz, bäş-on dowarsyz hojalyga «Öýlerinde
ne çaly bar, ne-de mäleöň dowary. Jöw-jöwleýän ala
ganjygyndan başga dört aýaklysy ýok» diýlip haýran
galynardy. Dükanlarda un haltalar münderlenip
durandyr. Onsoň, kim öz mellegine bugdaý eksin?
Dökün dökmeli, sürmeli, ekmeli, suwarmaly. Soňra
harman edip döwmeli, haraza äkidip, un etdirmeli.
Bu görgüleri görüp ýörenden, hon-ha, magazine
bar-da, näçe halta gerek bolsa minnetsiz alyp gaýt.
Şeýdip, mellege bugdaý ekmek düýbünden ýat boldy.
Gyşyň şatlama aýazyna, sygyrdyr dowarlaryň, eşekdir
kürreleriň ýiti toýnaklaryna döz gelip, baharda hiç zat
bolmadyk ýaly pajarlap boý alýan dok däneli, güýzlük
40
bugdaýyň, tohumy-da ýitip giden oguşýa. Bugdaý
bolmaňa, mal-garaňa samany nireden aljak? Indi
aýallar tamdyrlaryny suwamaga ýarty halta saman
tapman, agaç owuntugy bilen mydar edýärler. Uruşda,
adamlaryny açlykdan alyp galan jöweniň tohumy nirede?
Hamyryna käşirdir kädi salnan, ýaňyja tamdyrdan
çykan pökgi zagarany göwünler küýsemeýärmi?!
Han aganyň kakasy Arkaly aga: «Aşgazanym agyrýa»
diýip, doktora ýüz tutanda, ol: «Jöwen ununy tapyp,
kürtük etdirip iýseňiz, ýagşy bordy» diýenmiş. Han aga
Garagalpagystana ýörite adam iberip, bir batman jöwen
ununy getirdenmiş. Ýok zady tapar ýaly, näme, hemme
kişiniň ogly raýkomyň birinji sekretarymy? Ine, öň
her öýüň dulunda haltalap duran jöwen indi gyzyla
barabar boldy. Hem malyna, hem özüne gerek bolan
bugdaýdyr jöweniň melleklerde ady ýitensoň, aýallar
hem garadaňdan turup, aç sygry sagmany kyn gördüler.
Goç sallahyň sürüsindäki sygyrlar azalyp ugrady. Biri
bazarda satsa, beýlekisi aýaklaşma etdi, öňe biri et
kombinatyna geçirdi. Bar, aýdaly, ulular süýt-gatyksyz
eýdip-beýdip gününi görär, çagajyklar huruşsyz näme
etmeli? Oňa-da bahana tapdylar. «Süýt-gatygyň ornuny
, gawun-garpyz, gök-sök tutar» diýişdiler. Ine, şeýdilip,
türkmeniň ata-baba ýöredilip gelinýän däplerinden:
41
ekärançylygyndanam, her saganda... bedre-bedre
ýagly süýt berýän sygyrlaryndanam adamlaryň özleri
ýüz dönderdi oturyberdiler. Soňra obada galan bäş-on
sygyr üçinem Goç sallahyň taýagyny süýräp, köwşüni
tozdurasy gelmedi. Ol mallary eýeli-eöňine gowşuryp,
kolhozyň sygyr fermasyna işe geçdi.
— E-eý, Jumaguly aga, Jumaguly aga... — diýip, Goç
sallah demlän çäýnegini aksakgalyň öňüne süýşürdi.
— Obada näme täzelik bolsun. Hemme kişi ekişiň,
gürçuk tutmagyň ugrunda hozanak. Bu gün tutly
kartany çizelläp, ikinji sapar söküp ekdiler. Başlygymyz
Pirwelem şo ýerde ekeni. Maňa: «Armawäri, Goç! Nähili,
sygyrlarňy semredebilýäňmi? Bularyň ýaman hor-la»
diýýä. Meniňem geldi gaharym. «Edil ýüzüňe diýýän,
başlyk, kesäňden gybatyňy edemok — diýdim. —
Pärme ot-iým berdi-de, menem bulara bermelidimmi?
— diýdim. — Güry ýandak bilen öten ýylky gowaça
çöpünden sygyr semrärmi? Meýdanda, ynha, görüp
dursuň, mala zat ýok» diýdim. Sesini çykarybilmän,
lam-jim bolaýdy. Çizellenip ýörlen ýerden bir kesek
alyp, owradyşdyran boldy, ony ýanyndakylara görkezen
boldy. Oňa çenli bir görsem, Gytjanyň sagýan şahy
döwük haram ölmüşi köne ýorunjalyga ýetip barýa.
Menem Ýaltamy münüp (ýabysynyň ady), ony yzyna
42
gaýtarmaga gitdim. Onsoň, yzymdan näme gürrüň
edendiklerini Alla bilsin.
Jumaguly aga bir eli bilen ak sakgalyny owuşlap,
käsesindäki çaýy çalaja üfledi-de, owurtlap ýerde goýdy.
— Mal janawarda ideg bolmaňa, itiň hory bor-da!
Ot-iým bärmän hem-ä olary balyk ýaly semretjekler,
hemem bedreläp süýt aljaklar. Boldumy o? Bi ýolbaşçy
men diýip ýörenler agyzlary bilen aş gatyklamaga
öwrenipdirler. Bylaň ýekeje oňarýan zady ba. Olam
günde-günaşa ýygnak çagyryp, hol, panar tagtadan
ýasalan uzyn ýeşşigiň aňyrsyna geçip sarna diýseň —
ine, şoňy weli, baý başarýarlar-a!.. Jumaguly aga, men-ä
torbamdaky öz çaýymdan içäýjek. Ýarty soganjygyň
ýokmy?
— Bardyr. Duran ýerini özüň bilýän-ä. Sorap näme
etjek.
Goç bir düýp sogany getirip, güran gabyklaryny
artyşdyryp, çakgysy bilen iki tarapyny kÝeňişdirip
iki böldi. Torbasyndaky «Çemen» çüýşesiniň kagyz
dykysyny aýryp, käsesine guýdy.
— Häli, günortanam ýarsyny içipdim.
Ol käsäni ep-esli wagt ärninde saklap, çakyry süzüp
43
içdi. Soňra soganyň jübt gabygyny çümmükläp tutdyda, burnunyň deşigine dykjak ýaly, owadan murtuna
degirdi-de, gözlerini ýumup ysgady.
― Goç inim, öz-ä bi zadyň keýpini görüp içýäň-ow.
Aksakgal bu sözleri diýse-de diýdi welin, içinden:
«Bi işigaýdanyň, bi dünýede şunnan başga näme keýpi
bar? Guwanara ogul-gyzy bolmaňa, öýüni ot alsa-da,
köne ýorgan-keçesinden başga tütäre zady ýok. Onnaň,
bi içmän, kim içsin!» diýip, ýere bakyp oýlandy.
Goç eliniň aýasy bilen dodaklaryndaky serabyň
ýokundysyny süpürdi.
— Ýaşuly, şuny etmesem bir zadym kem ýaly. Içemsoň
welin, ýüküm ýeňlän ýaly bolaýýa. Öýe barýançam,
kellämem mazaly gyzdyrýa. Onsoň, dünýäni unudyp,
şeýle bir meýmirep uklaýan welin, hiý, sen goýaý. Ylla
şalaryn köşgünde ýatan ýaly! Bujagaz galanynam içip,
ýuwaş-ýuwaşdan turaýyn, onsoň. Entek belli däl, öýüň
depesinden ýagyş geçýän bolmagam mümkin...
***
Jumaguly aga, şol bir endigi boýunça, daň agaryp,
diwardaky çüýden asylgy radiosy şyglap ugran badyna
ukudan oýandy. Ýylyjak ýorgany birbada üstünden serpesi
44
gelmän, gujagyna çeken dyzlaryny, buz ýaly injiklerini
owkalaşdyrdy, öten ýyl gyzgyn çöge gömlende, Arkaly
aganyň aýaklaryna igenenini ýadyna saldy. Ol şeýle
diýipdi: «Yzgar garymda, gyrpaklap duran läbik suwda,
guşaklyga gelýän garyň üstünde süýşenekläniňizde-hä
üşemeýädiňizem, kesellemeýädiňizem. Indi gel-gel hiç
kim azar bärmän, peçe çoýup, ýorgana büräp ýatylanda
näziňizi artdyrýanyz. Häý, näme diýseňem, ýyllar
öz tagmasyny basýar-ow. Ynha, tüýnüksiz-gapysyz,
garanky jaýa — ýedi depim ýeriň astyna salarlar weli,
şoňda näderkäňiz?..»
Daşarynyň howasy şeýle bir arassady, alýan demiň
öýkeniňi mylaýym sypalap, süňňüň ýeňläp barýan
ýalydy. Ukudan oýanan serçeler köne tuduň şahalarynda
jürkde-jürkleşip pysyrdaşýardylar.
Birdenkä...
Birdenkä, Jumaguly aga doňup galdy. Ösgün gaşlary
bürşüp, öňküsinden beter hüjjärdi. Malýatagyň
palçykdan salnan diwarynyň bir tarapy ýokdy. Ol düýnki
ýagşa opurylyp, üstündäki şifärler dyr-pytrak çaşyp
ýatyrdy. Ýagynda-ýagmyrda mallar şol bassyrmany
penalaýardy. Gürygançylyk günleri bolsa bassyrmanyň
öňündäki adam boýy galdyrylan palçyk haýatyň içinde
45
bolýardylar. Haýatyň içi asmandan nem damsa-ha
baýaky, dammaňa-da jorka dönüp ýatyrdy. Sagymçylar
onuň içine köwüşli giribilmän, ädiklerini horsuldadyp,
zeýrÝeňişip ýörýärdiler. Häzir bolsa ne bassyrmanyň,
ne-de haýatyň içinde janly-jandar görünýärdi. Gumguklukdy.
«Hany mallar?»
Jumaguly aga awuna topulan garry gaplaň ýaly,
ýapyrylyp içerik ylgady. Howul-hara egnine köne
donuňy ýelbegeý atynyp, ädigini gowaldan sokdyda, süýtli bidonlaryň maşyna ýüklenýän belendiňe
çykdy. Heniz dogjak günüň orny gyzarmaňa-da, endigi
boýunça elini maňlaýyna kölegeledip, töwäregine
seretdi. Ýaşuly gyssanjyna içinden käýindi.
«Bi sagymçy tulalar irräk geläýýärdi. Bu gün bylaram
ýär ýuwdan ýaly, gara berenoklar. Ärleriniň ýanynda
eljireşip ýatandyrlar. Ýeri, o sallah agta geläýmel-ä
häzir...»
Jumaguly aga ädigini palçyga şypbykladyp, mallaryň
yzyny yzarlap gitdi. Yzlaryň ugry ýorunjalyga tarapdy.
Öten agşamky Goç sallahyň Gytjanyň kelek sygrynyň
körpe ýorunja eňişini gürrüň bereni ýadyna düşdi.
«Hä... boldy, boldy, o haram ölmüşiň düýn körpe
46
ýorunjadan agzy tagam tapyp, bu günem ähli mallary
yzyna tirkäp äkidendir».
Jumaguly aganyň sandygyna howp düşdi. Ädigini
horsuldadyp, çaltyrak ýörejek boldy. Emma güýçkuwwaty kemelen injikleri syzlaşyp, gürsagy hyjlady,
döwşäp demini aldy. Köne ýabyň raýşyna emedekläp
diýen ýaly çykan aksakgal, agzyny açyp, zordan demini
dürsedi. Eýýäm iş işden geçipdi.
Garşydaky körpe ýorunjalygyň içinde sygyrlar çişen
garynlaryny depe ýaly edişip ýatyrdy.
«Pahaý, eden işiňiz bar bol-a!»
Arly gyş gök ota zar bolan janawarlar körpe
ýorunjadan görk-gäbe doýan bolmaga çemeli.
Aksakgal mallaryň golaýyna baryp, maslyklaryň
arasyna goňan garry bürgüt ýaly çommalyp oturdy.
Janawarlaryň demini saňap ýatan syrkawlar ýaly
hyklaýşy iniňi düýrükdirýärdi. Bularyň köpüsiniň
garynlarynda entek dünýä inmedik gölejikleriň urnupçabalanýany ikuçly däldi.
Aksakgalyň çöňňelen göreçleri çygjardy.
«Edil biri gürsagyma guýan ýaly: «Bassyrmany
täzeden salmaly, Pirweli. Mynyň binýady köwlüp
47
gutarypdyr. Bir gün bizi biabraý eder» diýenime heniz
on gün geçenok» diýip başyny ýaýkanda, ak sakgaly iki
ýana ykjady.
Raýyşyň tümmekleriniň birine goňan gara garga
maslyklaryň bolaljagyny buşlaýan ýaly, aldygyna
gagyldady. Onuň çakyr sesi ertiriň ümsümligini
bozýandygy üçin, has hem ýakymsyz eşidildi.
Gytjanyň kelek sygry jany çykmanka, özüne meňzäp
duranja gölejigi ýadygör goýup, gözlerini açyp gitdi.
Janawar ony ýalap, daşyny güratmaga-da ýetişmedi.
Gytja öňlügi bilen gölejiginin endamyndaky ýorkalary
süpürişdirip, onuň enesiniň başujunda aglamjyrap
otyrdy. Ol ahyry çaýsaňaklap, ýerinden turjak bolýan
gölejigi öňlügine dolap gujagyna aldy.
«Seni ýatlap durarym ýaly, yzyňda nesil goýup
gideniňe-de şükür» diýip, Gytja kelegiň maňlaýyny
sypalady. Gölejik Gytjanyn goltuklaryna tumşujagyny
sokup, bir zatlar gözleýärdi. Onuň näme sermenýäni
bellidi...
Pirweli Penaýew, Batyr Arkalyýew, ferma müdiri
Baýly boçka, Jumaguly aga, Goç sallah dagy hol aňyrda
üýşüp, bir zadyň maslahatyny edýärler. Pirweli biriniň
üstüne gygyrýardy. Onuň: «Ýal ýagylary» diýen sesi
48
Gytjanyn gülagyna ýetdi. Başga näme diýenini eşidip
bilmedi.
Niredendir bir ýerden uçup gelen gök siňek, kelegiň
çylgym ýol ýasan gözýaşynyň üstüne gondy. Gytja
elini kelemenletdi. «Häý, küş... eýýäm sen nireden
ýetişäýdiň?.. Hüş, özit...» Gök siňek wyzzyldap uçdyda, kelegiň çişip duran ýelniniň üstüne gondy.
«Hüş... Häý, seniň...»
Golaýda ýatan bir sygryň garnyna, owadanja geçiguşy
gelip gondy. Ol tyrňyllap çişen garnyň üstünde iki-baka
loňkuldap, kiçijik çuňkleri bilen tüýleriň arasyndan
bir zatlary çöpleýärdi. Dumly-duşda mör-möjekleriň,
torgaýdyr serçeleriň owazlary eşidilýär. Garagumuň
ürgün çägeligini çar tarapa sürüp, täze açylan bu boz
meýdana ekin-tikine öwrÝeňişsin diýip, iki ýyl mundan
ozal ýorunja ekipdiler. Onuň içinde gögören suwotular
başlap, ýandaklar gülläp, ýorunjalygyň depesinden saýa
salyp otyrdy. Hemmesinden ösgün gamyşlary bolsa
geçen gije ekine düşen mallar omruşdyryp gidipdir.
Çar-töwäregiň sygyr paşmaklarynyň yzydy.
Göm-gök asmanyň ýärdäki sütüni ýaly bolup
görünýän minara tarapdan ýük maşynlaryň ikisi,
yzy telejkaly traktorlaryň üçüsi göni bulara tarap ala49
zenzele turzup gelýärdi.
Pirweli Penaýewiň kabinetinde L. I. Brejnewiň
türkmen halysyna adagy bolşundan has görmegeý,
gür gaşly, öz-özünden göwnühoş edilip dokalan
portreti henizem asylgy durdy. Dört diwaryň ýüzüne
gündogaryň kaşaň şekilleri nagyşlanyp, poldan esli
ýokarsyna ýarylan agajyň keşbi çekilip, üstündenem
reňksiz lak çalnypdyr.
Pirweli Penaýew çat maňlaýyndaky uzyn stoluň
başynda oturan adamyň ýüzüne: «Indiki maslahat?»
diýen manyda seretdi. Ol adamyň päki bilen
syrylan kellesiniň togalaklygy futbol pökgüsini ýada
salýardy. Ujy çowly gara murtlary ýag çalnan ýaly
ýalpyldap durdy. Ol kolhozyň baş buhgaltäri Şaguly
Garlyýewdi. Kabinetiň goşa penjiresiniň ortasynda
galan siňegiň ýüregedüşgünç wyzzyldysyndan özge
ses-üýn eşidilenokdy. Kolhozyň zootehnigi Batyr
Arkalyýew ýuwdunyp, ferma müdiri Baýly boçkanyň
ýüzüne seretdi. Baýly boçka Şagulynyň, Şaguly Pirweli
Penaýewiň ýüzüne garady.
— Hm... hany, gürläp oturyň, indi nätmeli?
Öňe-de siňegiň wyzzyldysy eşidildi, emma Penaýewe
jogap beren bolmady.
50
— Näme dymýaňyz? Gerekmejek wagty-ha dünýä
akyl satýaňyz. Indem agzyňyza suw alan ýaly.
— Aý, näme-dä... — Şaguly bir zat diýjek boldy.
— Hawa, aýdybär!
— Bi bir duýdansyz gelen bela-da, Pirgüly aga.
Kazasy dolsa, adamam ölýä. Boljak iş boldy. Ýöne indi
näme etmeli? Şoň maslahatyny edäliň.
— Wah, menem şoňy soraýan-da, Şaguly. Ýogsamam
indi ol sygyrlary direldip bolasy ýok-la.
«Bu adam bize näme diýdirmek isleýärke? Mal
ýatagynyň şeýledigini öň özi bilýärdi ahyryn. Beýdip,
dymyp oturmaýyn-la» diýip, işe başlanyna ýasy sekiz aý
bolan Batyr zootehnik ýerinden gobsundy.
— Pirweli aga, ýaňy Şaguly aga: «Bu bir duýdansyz
gelen bela» diýdi. Eýsem, şo dogrumy? Ferma ýatagynyň
bu gün-ärte ýykyljak bolup duranyny Jumaguly aga-da,
menem duýdurdym ahyry.
— Ähk, ähk... — Penaýew bir zat bokurdagyna
tegök bolan ýaly, iki mertebe ardynjyrady. — Batyr,
häzir ýär gaty bolsa öküz öküzden görär etmäliň. Bu
günki bolan işigaýdançylyga birinji nobatda menem,
asla şu oturanlarymyzyň hemmämizem günäkär.
51
Bi masgaraçylyk ilki bilen-ä biziň kolhozymyzyň,
galybärse-de, bütin raýonymyzyň adyna şikest,
biabraýçylyk getirär. Oň üçinem gürrüňi ulaldyp
oturman, bahymrak öz aýbymyzyň üstüni ýapalyň.
Bolmaňa, bütin ile — respublika masgara bolarys.
— Ýüzügara boljagymyz ikuçsuz, Pirweli aga —
diýip, Şaguly ellerini owkalap oturyşyna dillendi. —
Her ýygnakda mysal getirip, ryswa ederler. Mallaryň
garamatyna, Pirweli agaň aýdyşy ýaly, birinji nobatda siz
jogap bärýäňiz. «Tokmaga-da» ýazarlar, «Ýartygulakdada» görkezerler. Öňe bir zady ýatdan çykarmalyň. Bu
günki ýorunjalykda tükgörişip ýatanlar döwletiň maly.
Olaryň häläk bolşy bilen suduň, prokuroryň hem
gyzyklanmagy daş däldir. Eger bu işe olar gatyşaýsa,
soňunyň oňlulyk bilen gutarmajagy köre hasa —
belli zat. Mallaryň hununy maýmyn ýaly tans edip
tölemeli bolar, olara esasy jogap berýän adamlaram
gözenegiň aňyrsyndan garadarlar. Oň üçin ondan
boldy-ha, mundan boldy diýen çaga gürrüňini goýalyň.
Barymyzam mana düşýän uly adam...
Öňe-de dymyşlyk başlandy.
Öňe-de siňek...
— Aýt, biriňiz aýnany açyp, ýok etseňizläň şoňy!
52
Beýnimi iýdi-le — diýip, Pirweli penjirä tarap, çygylyp
gygyrdy. Baýly tarsa ýerinden galyp penjirä tarap iki
elini uzadyp ýöredi.
Oturanlaryň barysy birigip, pul çykaryşanda-da,
onça sygryň baş sanyny dýkeldip bilmejegi ikuçsyzdy.
Onda näme etmeli? Altmyş alty sygryň barysy haram
öldi diýip akt hem ýazyp bolanok. Müňça malyň birden,
bir günde gyrylmagy raýonda uly gopgün turzar.
Oblast, respublikan maldarçylyk uprawleniýelerinden
geljek derňewçileriň yzy üzülmez. Barlarlar, derňärler.
Iň soňunda-da ýüp syrygyp toýnukdan geçende, öňe-de
düýäniň ulusy köprüde taýak iýär — Pirweli Penaýewiň
ýakasyndan tutarlar. Kolhozyň ähli garamatyna jogap
berýän başlyk. «Sen nirä seretdiň? Ferma ýatagynyň
şeýledigini bilip durkaň, neneň oýunde arkaýyn
ýatdyň?» diýärler. Olam günäni raýon kolhozara
gürluşyk edarasynyň üstüne atjak bolar. «Täze ferma
ýatagynyň, gürluşygyna başlajak diýip, ýylyň-ýylyna
aldap gelýärler» diýär. Dernewçiler: «Hany, gürluşyk
proýektiň? Hany, gürluşykçylar bilen dogoworyň? Hany
geçiren puluňyz?» diýip tutarlar. Ine, bi sowaly bärseler,
ýuwdunyp, dymyp oturmaly bolar. Sebäbi o zatlar ýok.
Şo wagt telefon jyňňyrdady.
53
Pirweli Penaýew telefon apparatyny gözi bilen iýäýjek
bolup, gaharly seretdi.
«Jyrr...»
Ol dişini gyjap trubkany galdyrsa-da, gulak asman,
ýerinde goýdy.
«Işsiziň biri telefon edýändir-dä».
Ol «işsiz» ärjel eken. Öňe-de jaň etdi. Jyňňyrdy
üç sapar gaýtalanansoň, başlyk uludan demini alyp,
gaharyna zordan bäs gelip:
— Hawa — diýdi.
— Salamälik, başlyk. Men Sülgün.
— Hawa, Sülgün, aýdybär.
— Öýlänräk, gum etegindäki çägesow kartalara
ekilen gowaçalary söküp başlajak welin, tohum
çigidimiz ýetmez diýen gorkymyz bar. Nätsekkäk?
— Wah, Sülgün, sen aýal adam bolýaň-da, başga biri
bolanda... «Tohum çigit men kabinetimde dolup dur»
diýjek. — Pirweli trubkadan agzyny sowup, uludan
demini aldy-da, öňe-de trubka garady. — Hany, bi
agronom nirede? O näme diýýä? Näme?
— Başlyga aýdyň, «Men nireden tapaýyn?» diýýä.
54
— Şeýlemi? Onda şoňa aýt: ýa meni görsün, ýa-da
telefon etsin... Bolýa onda...
Penaýew trubkany gaharly goýdy-da:
— Dişleri syzlasa-da, maňa aýdýalar ― diýip zeýrendi.
Ol gürrüňiň nirede galanyny ýatlajak boldy. Bolmady.
Oýlanmaga-da öňe telefon jyrlap päsgel berdi.
— Bi heleýe gep düşündirip boljak däl-ow — diýip,
trubka gaharly ýapyşdy. — Başyňa-gözüňe döneýin,
Sülgün, men saňa düşündirip aýtdym ahyry, sen meni
işlemäge goýjjkmy ýa...
— Beh, Pirweli, hany dur-la, bu nä boluş?
— Wiý, Han Arkalyç, bi sizmidiňiz?
— Kim bolanda näme? Şeýdip, demiň bilen
degirmen ýöredibermelilimi? Bi, bolşuň dagy näteňet?
Jyn urdumy?
― Han Arkalyç, şuwat biraz aljyrap otyrys. O
Sülgünem tohum çigit diýip zol til edip, bizar-peteňimi
çykardy. Öňe şomyka diýip... Hä? Üstesine-de, birküç
sygrymyz körpe ýorunja düşüp haram ölüpdir. Han
Arkalyç, eger gyssagly iş bolmaňa, meň özüm öňe bäşon minutdan jaň edeýin-le.
— Bolýa, özüňe gel, demiňi dürse...
55
Penaýew derlän maňlaýyny ýaglygy bilen süpürip
oturyşyna:
— Beh, siz-ä walla, adamlary başagaý etjek — diýip
hüňürdendi. — Hany, indi nähili netijä geldik?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 03
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.