Latin

Melgun - 08

Total number of words is 3601
Total number of unique words is 2303
29.9 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Waý, Han däde, kakamy oýaraýsana-a!..
— Waý, kaka jan, dostuň geldi, tursan-a-a-a!
Öýüň içine ýagy dökülen ýaly boldy.
Şol aralykda Şiralynyň aglap-aglap essi aýylan uly
gyzy çaşdy. Agy sesleri sähel salym kiparlady.
Han Arkalyýewiç ara düşen böwşeňlikden
peýdalanyp, Şiralynyň aýalyna göwünlik berdi:
— Gelin, birazajyk gaýrat et-de, özüňi ele alaweri.
Sen beýdip, aglap otursaň, çagalaryňam horlarsyň.
193
Gör-ä, eýýämden çaşyp-üýşüp otyrlar...
— Wah, men aglaman, kim aglasyn, jan dogan!
Garadagym ýykyldy-la-a-a!
— Waý, bizi horlamajak bolsa, şeýdip, biwagt gitjekmi
ol...
Meýlis Bakyýew gözýaşyny süpürip, zordan gepledi:
— Gaýrat ediň. Muňa gynanmaýan barmy? «Ataň
ölse-de, dem-dem agla» diýlendir. Seniň akylyň ýetýär-ä
bu zatlara.
Han Arkalyýewiçem yzyny ýetirdi:
— Çagalaryň saglygyny dile, gelin. Şiralynyň ýoguny
bildirmeris. Gyssanan wagtyňyz ýüz tutaýyň. Täk...
«Magtymguly: «Öli gaýdyp gelmez aglamak bilen»
diýipdir. Magtymgulysy bolmadyk bolsa türkmen
näderdikä? Ehli ýerde şonuň sözlerini tutaryk
edinip, ondan goldaw gözleýär. Nämüçindir, onuň
aýdanlary süýji-de bolsa, ajy-da bolsa göwünler ondan
kanagatlanyp, teselli tapýar».
Ol Şiralynyň aglap duran çagalarynyň ählisiniň diýen
ýaly kemislidigini görüp birhili boldy. Olarys biriniň
eli-agzy, beýlekisiniň gözi gyşykdy. Elbetde, bu aragyň
etdiren işidi. Olar indi ömürboýy öz deň-duşlarynyň
194
arasynda boýnuburuk, kemsinip gezmelidi. Han
Arkalyýewiň, ine, şoňa nebsi agyrdy. «Şu zährimary
azrak içmeli-ow» diýip pikir etdi. Yzyndanam ýene-de:
«Aý, indi bu ýaşdan soň Mylaýymyň bäbekhana barjak
aladasy barmy?» diýen hyýaly kellesinde aýlady. Eý,
Şiraly, etdiň etdiň özüňe hem-de yzyňy dowam etdirjek
nesilleriee etdiň.
Soňra Arkalyýew raýon keselhanasynyň baş wraçy
bilen Şiralynyň aýalyny, uly ogluny boş otaglaryň birine
çagyryp, seresaplylygy elden bermeýän kişi hökmünde
garaçyny bilen sala saldy.
— Eger ertirki gün gep-gürrüň çykjak bolsa, häzir,
ynha, baş wraç-a bar, Şiralyny barladalyň. Ýöne
eşitmişime gora, ol bu gün edarasynda bir işgariniň
doglan gününi belläp, ganymat içipdirem. Täk... Eger
şeýle bolsa, çagalaryňyza pensiýa düzetmek meselesi
kyn bor, hökman zeperi ýeter. Hany, muny nähili
görýäňiz?
Aýaly ýaglygynyň ujy bilen gözlerini tutup, owasyny,
burnuny süpürişdirip agyly gepledi.
— Kesdirjek däl. Öňki çeken jebrem besdir. Indi bir
gününe goýalyň.
— Täk... Ýagdaýyňyza serediň. Gözel göwnüňiz.
195
Biziňk-ä aýtmak. Galapynam, ynha, wraç, gepleşin. Eger
öňden kakyn-tutgaýy dagy bar bolsa, ony aýdyň. Şeýle
bir bahanajyk tapsaňyz, meň pikirimçe, gowy bormyka
diýýän. Ilçilikdir, her hili şyltak gepler tapylyberýär.
Dogtor, senem onda maşgalasy bilen gürleş, garaz,
kagyzyňda kemis-kümsi bolmasyn.
Wraç «Bolýa» diýen manyda başyny atdy.
Şiralynyň aýaly çym-gyzyl gözlerinde buldurap
duran ýaşlary gyňajynyň ujy bilen ýene-de sylyp,
burnuny çekdi.
— Boljak iş bolup, boýasy siňipdir. Özüňiz
bilýänsiňiz, dogtor, gowrak sprawka beriň-dä! Dokuz
çagany başyma taşlap gitdi...
Arkalyýew ýere bakyp, böwrüni diňledi.
Wraç:
— Bor, bor, gelneje. Hemmesini gül ýaly oňarys —
diýip jogap berdi.
Han Arkalyýew öýlerine gelip, daşky eşiklerini
çykardy. Mylaýym onuň ýüzüne soragly bakdy.
— Ol işigaýdana näme bolupdyr?
— Peje ýykylypdyr. — Adamsy gysgaça jogap berdi.
196
— Hiý-wiý, bagty ýatan, otly peje ýykylyberip, o
näme çagamyka?
«Eýýäm bi-de müňkürlik edýä? Doňuz, has ynanylar
ýaly ýoluny tapmadymyka?»
— Näme, serhoşuň çagadan tapawudy bolýamy? —
Han aýalynyň şübhe-müňkürligini şobada ýatyrmak
üçin azmly gepledi.
— Hä... Içipdir diýsene. Onda dogry. Serhoş adam
ody-suwy bilýami. Aýaklanmadyk köşek ýaly entirekläp
ýörşüne ýykylandyr biçäre.
— Şeý diý. Täk... Hany, maňa ýüz gram konýak ber,
ýüregim gysjak bolýa. Giňelmezmikä?
Han Arkalyýew ýarty stakan konýagy başyna çekdi.
Yzyndanam kädiniň şerbetinden owurtlady.
— Men, iň gowusy, howluda az-maz gezmeläýin.
Belkem, açyk howada gowulaşar.
— Şiraly biçäre gynanansyň. Bar, şeýdäý.
Howlynyň içi ümsümlikdi. Han aga üzüm
dalbarlarynyň aşagyndaky sement bilen ýylmanan
meýdançada elini arkasyna tutup gezim etdi. Iki
gapdaldaky endigan bölünen pellerde inedördül
ekilen akly-gyzylly bägüller, nazbaýgüller, gije açylyp,
197
gündiz gunçasy ýapylýan (gijegündiz) gülleriň ysy burk
urýardy. Emma atyr ysly bu gijäniň arassa howasynyň
lezzetinden ganmaga Han Arkalyýewe päsgel berýän,
ony iňkise goýýan agyr-agyr pikirler bardy.
Bir tarapdan ogly bilen kakasynyň aýrylyşyp
gitmekleri, ikinjiden bu günki Şiralynyň biwagt ölümine
adamlaryň nähili garajakdyklary hakda oýlanýardy.
Eýwandan «bilbil» sesi eşidildi. Bu derwezäniň
jaňydy. Han Arkalyýew derwezäniň iç ýüzünde durup:
— Kimsiň? — diýdi.
— Bi men... Han aga!
Han Arkalyýewiň ýagyrnysy düýrügip gitdi.
Sandyraýan elleri bilen derwezäniň gapdalyndaky
gapynyň zynjyryny ýazdyrdy. Howlynyň ortasyndaky
ujy owçarka ýatagyndan çykyp, zynjyryny şakyrdatdy,
birhili ses çykaryp çyňsady, Dim-dik gulaklaryny
üşerdip, gözlerini ýaldyratdy. Gapynyň öňünde inçeden
uzyn adamyň göwresi görnen badyna Han aga:
— Hä, näme bar? —diýip sorady.
— Aý, wada beren zadyňy almaga geldim.
— Äý, sen-ä bir... Erte-birigün alaňda ýüregiň ýarylyp
barýamy?.. Geleniňi hiç kim görmedimi?
198
— Ýok, köçede hiç kim ýok.
— Ho ýerde bir gara bar ýaly-la?
— O meň aýalym...
— Aýalyňy başyna ýapjakmy?
— Aý, ýöne... Bardy-geldi wadada durmasaň, ýa-da...
meni-de... başga birine Şiraly ýaly etdiräýseň, şaýat bor
ýaly...
— Aý, sen-ä bir samsyk ekeniň...
— Ýöne, meň aýalym agzyna berkdir, Han aga. Ölsede sesini çykarmaz.
«Iň gowusy mundan basymrak dynaýyn».
— O işi gep-gürrüň bolmaz ýaly etdiňmi?
— Arkaýyn bolaýyň. Ýagdan gyl sogrulan ýaly
edendirin. Özem mazaly içgili ekeni. Men: «Lomaý
kerpiç aljak kliýent tapdym» diýdim. Ol hakyt ynandy.
«Ýör onda, bir hummuzy görkezeýin, şondan alyň»
diýdi. Mazaly, şo wagt garawulam öýlerine giden
eken. Onsoň, görkezip ýörkä, bir pejiň golaýyna baran
mahalymyz, kellesine ýarty kerpiç bilen uraga-da, onuň
korap duran ýerine itberip goýberdim.
— Boldy, boldy. Bes et... Sen dur şu ýerde, men häzir...
199
Arkalyýew gapynş zynjyryny içinden ildirip, öýlerine
ýöneldi. Içki otagdan Mylaýymyň sesi çykdy.
— Ha-an! Kim gel-li?
— Sen ýatyber, Mylaýym! Bir tanşym, oblastdan,
häzir ugradýan.
— Çaý-nahar diýmeseňiz bolýa-la. Men-ä eýýäm
ýatypdymam.
— Ýatyber, ýatyber. Ol adam daşarda...
Han aga öz ýatýan otagyna girip çykdy.
— Ha-an!
— Hä! Aýdybär?!
— Sen, bu gün geljekmi?
— Özüň daňdan geläýsene. — «Hmm... Geçä jan
gaýgy, gassaba ýag».
Han aga hor çekeni üçin olaryň hersi bir otagda
ýatýardy. Diňe keýpiniň kök wagty ol agyr zat geterýän
ýaly myşlap, Mylaýymyň ýanyna barýardy. Arwana
çöken ýaly onuň krowatyna ýykylýardy. Agaç krowat
agrama bäs gelmän şakyrdap gidýärdi.
— Ýuwaşrak bolaýsana, ýekegapan ýaly. Wah,
butjagazymy gök-nil etdiň-le. Bar, häzir gitsene... Ertir
200
irden geläý.
Bu gün Han aga onuň özuni ertir irden çagyrd.
Arkalyýew inçemik nätanşa elindäki kagyza dolangy
zady berdi.
— Me, tegelek ýüz sany ýüzlük. Özüňem men
ideýänçäm gözüme görünme. Gerek wagtyň özüm
taparyn.
— Bolýa, Han aga, hyzmatyňyza taýyn. Ýogsamam,
ertir aýalymy alyp Pribaltika gitjek.
— Nirä gitseň, şoňa git.
— Işiň bitensoň kowýaňmy.
— Ýeri, besdir, sag-aman baryp geliň. Hoş.
Arkalyýew gapyny açdy. Zynjyryny ildirip, uludan
demini aldy. Soňra ýuwaşlyk bilen ýöräp, howludaky
asma ýüpden torlanan ýumşak sallançaga agyr
göwresini goýberdi. Myşlap gözlerini ýumdy.
Bir hepde mundan owal Han Arkalyýew işden soň
Şiralyny kabinetine çagyrypdy. Ilki ondan-mundan
degişme gürrüň etdiler.
Il içinde «Han Arkalyýew pensiýa çykjakmyş, onuň
ornuna Şiraly Alyýew boljakmyş» diýen myş-myşyň
201
ýaýranyny Han aga daşyndan bildirmese-de, içinden
göwnüne alypdy. Ol ýarym degişmä salyp gürledi:
— Belkem, «Il agzy keramat» diýipdirler.
— Goýaweriň, Han aga! On ýaly hyýal ýatsam-tursam
kelläme gelenok. Siziň kürsiňizi almaga milt etjek adam
entek enesinden dogan däldir.
Hökümetiň kürsüsi baky däldir, Şiraly. Amanatdyr.
Bir gün munda men otursam, ertir başga biri oturar.
— Il bu gürrüňi duşmançylykdan ýaýradýandyr.
Aramyza çöp atjak bolýandyrlar.
— Çöp atyp-atman, hiç kimiň oturan ýeri kakasynyň
möhür basyp beren wezipesi däl.
— Ol-a şeýle welin, eşegem öz deňini gaşarmyş. Bizehä şu ornumyzam besdir.
Han Arkalyýew oýa batdy.
«Mysapyrsyran
bolýa.
Hödürleseler
«Ä-ä»
etmejegini bilýän eşşegatalynyň. «Ýel bolmasa, çöp başy
gymyldamaz». Belkem, pulunyň güýji bilen geçerin
tamasy bardyr. Bir ýerde serhoş mahaly agzyndan
sypdyran bolmagam ähtimal».
Şiraly Alyýew elde göterýän diplomatyndan gazete
oralgy zady Arkalyýewiň öňüne süýşürdi.
202
— Sag-aman kurorta gidip geliň. Bu-da ýolda-yzda
sowarlyk çaý puly, ýöne, az görmäň! Bu ýarym ýyllykda
gowy düşmedi.
— Näçe?
— Tegelek otuz.
Arkalyýewiň burnunyň gapdaly çekip-çekip gitdi.
— Hany, galan ýigrimisi? Biz başda erkek adam ýaly
gepleşipdik. Ýarym ýylda elli, ýylda ýüz diýip.
— Gepleşdik welin...
— Sen öten ýylam on bäşini kem getirdiň. Bi ne, ýylýyldan kemeldip barýaň-la. Ýa nebsiň otugyp ýörmi?
Pylanyň her ýylda dört million kerpiç. Saňa hiç kim
palçygy ölçäp berenok. Bäş-alty milliony artyk guýdur.
Sen baza kilolap pagta geçireňok ahyry! Ne OBHSSden, ne-de derňewçiden üstüňden guş uçýan bolsa, ony
aýt. Oň üçinem, syrtyňy bulaman işle. Ýekeje sapar olara
kellämi kaksam, ertesi gün özüňi gözenegiň aňyrsynda
göräý.
— Wah, bilýän-le, Han aga.
— Bilseň, gepi çagaladyp oturma... Gürrus gutardy.
Şiralynyň maňlaýy çygjardy. Kabinetden gapdallaýyn
ýöräp çykdy. Şol wagt telefon jyňňyrdady.
203
— Hä, senmi? Salam. Nähili mekdepleriň, ýagdaýy?
— diýip, Han Arkalyýew raýon magaryf bölüminiň
müdiri bilen gürleşip ugrady.
— Han aga, dynç almaga gitjegiňizi eşidip jaň
edäýdim. Näçede ýanyňyza baraýyn?
— 10-da geläý.
Aňyrdan gepleýäniň birbada dili tutulan ýaly boldy.
— Näme gepläňok?
— Han aga... Han aga, men-ä agşam ýedi-sekizde
baraýmasam ýagdaýym ýok.
— Ýok, men saňa 10-da gel diýýän. Bi näme dildüwşen ýaly...
Han Arkalyýewiň gahary ýetjek derejesine ýetdi.
«Haramzadalar... Eşekler... Baryňyzyň gümüňizi
çekerin. Işe giren pursatyňyz ýantazysy ýaly gapdalymda
ýaranybilseňiz armanyňyz ýokdy. Bu günki günem
guýrugyňyzy bulaýaňyz... Men size görkezerin...»
Hälki gürrüňi sagat manysyndamyka öýdüp
düşünmäň. Han Arkalyýew: «Sagat 10-da gel» diýse, on
müň manat pul getir diýdigidi. Telefonyň aňyrsyndaky
bolsa ýedi-sekiz müňden başga ýagdaýynyň ýokdugyny
aýdýardy.
204
Aradan üç gün geçdi. Şiraly gelmedi.
Han Arkalyýew gahardan ýaňa hum ýaly çişdi.
«Eşegi semretseň, eýesini depermiş». Ýagşylygy biljek
adam däl bi. Belkem, mundan beter gyssasam. «Maňa
gün berenok» diýip, ýokarlara barar. Gumdaky Ýetimje
bilen bolan ahwaly aýtmakdanam çekinmez. Gowusy,
muny gümläýin. Şaýatlaryň biri kemelse bir bähbit...»
Han Arkalyýew bir hepde mundan ozal ýüregini
şeýle erbetlige düwüpdi. Ynha, bu günem onuň netijesi
barada, tor sallançakda oýa batyp, gözlerini süzüp ýatyr.
«Indi ertir adamlar näme gürrüň taparka? Olaryň
käbiriniň agzyny ysgap görmeli».
Han Arkalyýew özüniň ülpetleri — Meýlis Bakyýew
bilen Pirweli Penaýewi ýanyna alyp, Kryma dynç
almaga gitdi. Şo ýerik, ýok, edil Krymyň özüne-hä
däl, golaýrakda bir ýerine «Keýik Zamanowa hem
gidenmiş» diýen gürrüň bar. Ýöne, gep gürrüňden
gaçyp, putýowkany bir ýerik alan däldirler. «O buga
ýörite şonuň üçin, Keýigi ýanyna işe aldy ahyry» diýip,
ýek-tük agzyndan gaçyrýan ýok däldi.
«Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup». Her
kim her zat diýýär. Iliň agzyna urjakmy? Biri bir gepin
başyny başlasa, beýlekisi alyp göterýär.
205
«Ýogsam näme, Keýigiň ilden artyk näme sowady
barmyş? Medeni aň-bilim tehnikumyny gutaran. Soňam
adamsy bilen aýrylyşyp, artistçilik okuwyny ýykylypsürşüp zordan gaýybana tamamlady. Ho-ol, sagymçy
Gytjany-ha tanaýaňyz! Ana, şonuň gyzy Dursun
görgüli instituty gyzyl diplom bilen gutardam-da.
Raýkom komsomolda sekretar bolup işläp ýördi welin,
orny Meýlis Bakyýewiň ogluna gerek boldy. Dursuny
alagada partiýa mekdebine okuwa iberdiler. Onam gyzyl
diplom bilen gutaryp geläýdi. Emma: «Wagtlaýynça
oňşup dur. Häzir saňa oňaýly iş ýok» diýip raýonyň
kitaphanasyna müdir bellediler. Indi bäş ýyl-a bolandyr.
Şonuň «wagtlaýynça» diýlip işe iberilenine. Wezipe
bermediler-ä! Bermezlerem. Sebäbi o işigaýdanda n»
görk-görmek bar, ne-de arka. Ýöne, iş diýeniň, öleniňiöçeniňi bilenok. Bu wagt seniň diplomyň gyzyl bolsun,
goşa-goşadan bolsun, oňa sogan dograp berýän ýok.
Arkalyýew üçin zenan maşgalanyň-a ýüzi ýylmanagy,
erkek jynslynyňam jübüsiniň galyňy gerek.
Aksakgallaryň agzy gyzsa, bäri-bärlerde durmaýarlar.
Öz öýleriniň ownujak hysyrdylaryndan başlanýan
gürrüňleriniň dowamy baryp-ha Amerikanyň, Ak
tamyň içindäki wakalara sapyp gidýär.
Minaraly gürrüňem esli wagta çekdi. Ahyry olar bir
206
çukura tüýkürip, minarany halas etmegiň belli-külli
ugruna çykdylar.
Jumaguly aga uruş ýyllary Minaraatada mirap bolup
işläpdi. Haýsy ýerden, haýsy ugra suwuň akjagyny
gözüni daňsalar-da görkezip biljekdi. O zeýkeşi
minaranyň iki ýüz metr günbataryndan, Goçuň mal
bakýan çalpawly örüsine akdyrmagy maslahat berdi.
Eger-de şeýle edilse, onda bir okda iki däl-de, üç
towşany urup boljakdy. Birinjiden, minara, ikinjiden,
onuň ýanyndaky gonamçylyk halas boljakdy, üçünjiden
bolsa, zeýkeş bilen suwly ýabyň aralygyndaky gowaça
atyzlarynyň ýerasty suwlary kemeljekdi.
Haşar başlandy.
Ýekşenbe güni «Müňeleniň ýüzi käbä» diýlişi ýaly,
Minzraatanyň ýerden ýöräni haşara çykdy. Haýsy
adam özüniň dogduk mekanyndaky müň ýyllap duran
ýadygärligi halas etmäge öz goşandyny goşmajak? Ýada, hol, gonamçylykdaky san-sajaksyz tümmeklerde
kimiň ata-enesi, dogan-garyndaşy ýok. Eýsem, olaryň
süňki indi şor-suwda çüýräp gitmelimi? Her sapar
gonamçylykda adam jaýlap gelýän gölegçiler, başlaryny
ýaýkaşyp, aksakgallara arz edýärdiler.
«Iki depim gazmankaň, myžžaryp suw çykýar».
207
«Indi näme, ölimizi ýeriň ýüzünde jaýlamalymyka?!»
«Amanadyňy tabşyransoňam, bi giden bol
sähralykdan bir garyş gury ýer tapyljak dälmikä?»
Köne taryhdan baş çykarýanlar gürrüňi has
aňyrlardan başlaýardy.
— «Türkmeniň asly gelip çykyşy-ha şu ýerden — Was
topragyndan bolmaly. Ony ýagydan-ýamandan goran
ärlerem, hon-ha, hol, büdrükde şor topraga garylyp
gidipdir. Ondan başga-da dana kitaplary ile ýaýran
gadym alymlarymyzam, bolşewigiň ýoluny tutup,
sowatsyz halky täze eýýama çagyran şahyrlarymyzam
üsti heýkelsiz-nyşansyz, çöken guburlarda şor kesek
bolup ýatyrlar. Geljekki nesil olaryň mazarynyň
nirededigini bir taparlarmyka? Tapjagam bolmazlar.
Hany onda, il üçin başyny orta goýanyň sarpasynyň
tutulyşy indi şumy? Ýa-da indi suw getirenem, küýze
döwenem des-deň görülýärmikä? Ulusyny sylan baý
bolar, ölüsini sylan begem-ä» diýipdirler.
Günortanlar minaranyň kölegesine çaý-nahara
üýşdüler. Ýaşulularyň biri mniaranyň ýanyna getirip
baggoýnuny öldürdi. Saçak dolduryp, gyzgynja petir
getirenlerem tapyldy. Petir çöregi dograp, haşara
ýygnananlar hezil edinip dograma iýdiler. Minaranyň
208
kölegesinde jana şypaly salkyn şemal öwüsýärdi.
Dogramadan garnyny mäkäm doýran Goç köne
donuny aşagyna düşenip, minaranyň çür depesini
synlap ýatyr. Onuň kerpiçleri atyn dişi ýaly gyradeňdi.
Henizem astyndaky şor suw zeper ýetirmedik bolsa,
deňi-taýy bolmadyk bu minara ýel-ýagmyryň şatysynada, wagt atly ýowuzlyga-da ýan bererli däldi. Emma zeý
suw binýadyndan başlap, üç adam boýy ýokarlygyna
çenli kerpiçleriniň ýüzüne özüniň ak ununy çyrşapdyr.
Minaranyň binýadyndan dik boýuna tarap iýiji ýara ýaly
tutaşyp barýan ak şor owadan kerpiçleri, onuň haşamly
nagyşlaryny küpürsik kirşene dönderip barýardy. Emma
şol kerpiçleriň arasyna goýlan laý welin laýjan ekeni.
Oňa seniň şoruňam, ýel-ýagmyryňam dynnym ýaly
zeper ýetirmändir. Bişen ýylmanak kerpiçler owranyp
barýar welin, olaryň arasyna goýlan laý, eti iýlen pilçe
süňki ýaly, şol durşuna mizemän çykyşyp dur. Topraga
nämelerdir goşup-garyp, daşdanam berk bu laýy eýlän
ussa akylyň haýran galýar. Biri: «Topraga baýtalyň,
gatyryň, gulanyň süýdi garylyp ýasalanmyş» diýse, ýene
biri: «Toklutaýyň ýumurtgasyna eýlenenmiş» diýip, gözi
bilen görüp, gulagy bilen eşiden ýaly gürrüň bärýär.
Minaranyň ortabilinden ýokardaky garalyp görünýän
gözlerden girip-çykýan sansyz garlawaçlaryň sesleri, o
209
ýerde henizem ýaşaýşyň dowam edýändiginiň alamaty.
O gözlerden garlawaçlaryň biri girip, birisi çykýar.
Belkem, olaryň-da öz aladalary özlerine ýetikdir.
Jürküldeşip uçuşýan guşlar minaradan sapandan sypan
kesek ýaly dazlap gaýdýarlar. Kerpiçleriň kölegejiginde
ak petekelerini gaýşardyp, tüp yssynyň derdinden
çüňklerini açyşyp, dem-dynjyny alýanlary-da bar.
Minaranyň çür depesi gylyç bilen kesilen ýalydy.
Öň minaranyň başynda altyn gupba bolupdyr. Gün
doganda, onuň ilkinji şöhleleri şo gupba düşüpdir.
Onuň lowurdysy ýerde ikinji Gün döredipdir
diýdirýän eken, gözler gamaşyp «ýerdäki Güne-de»
göni seredip bolmandyr. Gündogaryň, Aziýanyň
men diýen şäherleriniň baý täjirleri «Ýerdäki Güni»
salgy alyp, ençeme menzil ýollardan azaşman,
minaranyň ýanyndaky şähere geler ekenler. Minaranyň
depesindäki garawulhanalardaky ýigitler minara tarap
edilýän her bir hereketi öňürti group, mis surnaýlaryny
çalypdyrlar. Şäher adamlary duşman ýetip gelýänçä,
arkaýyn goşun ýygnap häzir bolmaga puryja tapypdyr.
Duşman leşgerleri bolsa altyn gupbanyň lowurdysyna
gözleri düşensoňam, ençeme menzil ýol ýörär ekenler.
Bu şäherip o döwürde iki, üç ýüz müň ilaty bolupdyr.
Içilýän agyz suwlary ýerasty daş turbalar bilen öýlere
210
çekilipdir. Öňräk Pirweli minaranyň ýanyndan ýap
gazdyranda, ekskawatoryň susagynyň öňünden näçe
daş turbalar, näçe içi humly küýzeler çykdy.
Süýr günortan beýik minaranyň kölegesi gysgalyp, öz
binýadynyň etegine ýygnandy. Emma ýene-de minara
adamlardan öz kölegesini gysganyp durmady. Az
salymdan binýadyň, etegine üýşen goýry kölege ýuwaşýuwaşdan süýşüp, uzalmaga başlady. Gün öýläne agyp
ugrapdy.
Dogramadan doýan haşarçylar lakyrdap gaýnaýan
tüňçelerden gök çaý süzüp, derlän bileklerini ýaglyklary
bilen süpürişdirip mesawy gürrüň edip otyrkalar, bir
ýerden gyzyl «Žigulili» Gara Mergen geldi. Oňa nahar
hödür etdiler, emma «garnym dok» diýdi. Jumaguly
aganyň ýanynda oturyp, döwlen jürnügine şampan
çakyrynyň dykysy ötürilen çäýnegi öňüne çekdi. Birki
käse içensoň, saman şlýapasyny dyzyna geýdirip,
maňlaýyndan burçak-burçak inen derleri süpürdi.
— Çaý ýarady öýdýän, ajy der çykyberd-ä?
— Ýarady, Jumaguly aga. Özümem ertirden bäri aýak
üstünde, üç brigada aýlandym.
— Bu ýyl gowaçalaryň ýagdaýy nähili?
211
— Biraz gijräk diýäýmeseň, öten ýylkydan-a ganymat.
Ýöne suw az. Özbek garyndaşlar derýaň gyrasyna nasos
baryny üýşürip, suwy sorduryp ýatyrlar. Bize olardan
artan-süýşeni akyp gelmeli-dä!
— Gadym wagtlarda bir obadan başga bir oba gyz
sorap, gudaçylyga barlanda, gyzyň beriljek ýigidiniň
kimdigi soralman, ilki bilen «Obanyň ýabyň aýagynda
ýerleşýärmi ýa-da başynda?» diýip soralar eken. Sebäbi
ýabyň aýagyndaky obalar suw ýetmezligi zerarly
köplenç ýylajy galar ekenler. Biziňkem şol bolup barýar.
Derýaň aýaguçlary-da bi ýerler. Ýöne-aýt, ol özbek
dostlarymyza: «Öz ýetdik paýyňyzy alyň» diýip aýdyp
bolmaýamyka? Ýylyň-ýylyna gapdalymyzdan sanjy
bolup döräýýä şolar.
— Wah, diýýändirler-le. Aşgabatlaky ýolbaşçylarymyz
Moskwa çenli ýüz tutupdyrlar.
— Amyderýaň aýagujyndan-a, eýlesine-beýlesine
eşekli ýetibermeli diýýäler.
— Hawa-la, garagalpaklaň agzyndan ot çykýa. Aral
gurap barýamyş.
Gök çaýyň lezzetinden başlanan gürrüň Aralyň
ykbalyna çenli baryp ýetdi. Minaranyň salkyn
kölegesinde endamlary sowaşyp, ýadawlygy aýrylyşan
212
adamlar «Indi Araly nähili edip öňki kaddyna getirip
bolarka?» diýip, kelle döwmege başladylar. Gürrüňi
her kim bir ýana çekdi. Biri Sibirden derýa getirmegiň
tarapyny çaldy. Ýene-de biri: «Öň Aralyň hanasy doluka,
Sibiriň derýasy getirilýämidi?» diýdi.
Jedel gyzyşdy.
— Ýok, getirilenokdy. O döwürde suw bisarpa
tutulanokdy. Miraplar gije-gündiz ýabyň boýuny torç
edip aýlanýardy. Indi, heý, suwuň nähili tutulýanyny
barlap ýören miraba duşýaňyzmy? Men-ä şu kolhozda
kimiň mirapdygynam bilemok.
— Indi mirap däl-de, suw tehnigi diýilýär.
— Hany, şo suw tehnigi? Bizde kim şoň hakyny alýar?
Haýsyňyz bilýäňiz?
— Adamlar, hany, dawany gutaralyň. Öz işimiz
ýatdan çykdy. Çaýdan bolan bolsaňyz turalyň — diýip,
Jumaguly aga ellerini dyzçanagynyň üstünde goýup
ýerinden turdy. Onuň yzyndan Goç eline tüýkürip
piliniň sapyna ýapyşdy.
Adamlar täze gazýan zeýkeşleriniň raýşyna
baranlarynda, haýran bolup durdular. Günortana çenli
gazylan ýabyň içinde eýýäm ep-esli suw bardy. Özi-de
213
durnaň gözi ýaly göm-gök suw.
— Ine, ýerlerimiziň işini görýän ajy zakgun suw.
Şu suwy allowarra akdyryp goýbersen, ýer görgüli
derdinden açylaýar. Nädersiň minaranyň töweregindäki
şordan derek galmasa. — Göwni galkynan Jumaguly
aga süňdi ýeňillik bilen iki eline tüýkürip: — Hany,
başlalyň, ýigitler! — diýdi.
Zeýkeşiň suwy aýna zawodyndaky gögümtil ergininiň
endigan akyşyny ýatladýar. Asla birbada akýanam
bildirenokdy. Suwuň ýüzüne ýaprakdyr ot-çöp oklasaň
olar gök-syrça erginiň ugry bilen çalaja ýüzüp gidýärdi.
Bu ýekşenbe haşarçylar täze işe başladylar. Olar
gonamçylygyň içindäki tokaý bolup giden hapa-haşal
otlary ýatyrmaga girişdiler. Başlary tozgalap giden adam
boýy gamyşlar, düzüm-düzüm gyzyl däneler, her tikeni
temen ýaly ýandaklar, kätmeni uranyňda, tozgalary
dünýäni tutýan akbaşlar, tamdyr ýaly tegelenip oturan
syrkyndyr guşgözüler gonamçylygy sümme tokaýa
öwrüpdir.
Gara Mergen kakasy Mergen aganyň guburyny
tapjak bolup azara galdy. Görgi görüp, balagyny çetä
ýyrtdyrsa-da, tapyp bilmedi. Ahyry Jumaguly aga:
«Mergen pahyr ana, ho ýerde ýatyr. Ýör, görkezeýin»
214
diýip, ony yzyna tirkäp äkitdi.
— Her ýerde işleseňem, asla Kremlde otursaňam,
ata-eneň mazaryny ýatdan çykarmaly däldir.
Jumaguly aganyň ýöräp barýarka, bu aýdýan gyjytly
sözleri Gara Mergene şarpyk bolup degdi. Onuň ýüzi
gyzyp gitdi. Näme jogap berjegini-de bilmedi. Gowusy,
geplemezlikdi. Aksakgalyň aýdýany dogrudy. Özüňi
aklajak bolup, sypaýyçylyk etmegiň, sapalak atmagyň
hajaty ýokdy. «Müň kerem ylalaşýan» diýip, Gara
Mergen içini gepledip, uludan demini aldy.
— Dogry aýdýaňyz, Jumaguly aga! Aý, käte bizem iş
bilen garabaşymyza gaý bolan bolup geleňsizlik edýäsdä!
— Uruş ýyllary Mergen oba Sowetiniň başlygydy.
Menem mirap. Egin-egne berip işleşipdik. Sen bolsaň,
ýany dört-bäş ýaşlaryňdaky oglandyň. Käte sizden
çaý-çörek iýip, atlarymyza münüp ugranymyzda
sen: «Menem gitjek» diýip aglardyň. Käte Mergen
dözmezçilik edip, seni atyň öňüne mündürip, birki
ýüz ädim alyp giderdi. Soňra seni düşürip goýbärdi. Şo
zatlar ýadyňa düşýärmi?
— Çalaja, düýş ýaly...
215
— Bir gün raýonda ýygnak boldy. Mergeni bir özbek
aşnasy günorta çaýa çagyrdy. Mergen menem äkitdi.
Bir görsem, Mergen ortadaky üýşmek alma seredip
dur. Öý eýesi daş çykypdy. Men «Nämä seredýäň?
Gözüň gyzýan bolsa al-da iý-dä» diýdim. Ol: «Şuň
birini Garama alyp gitsem diýýän» diýdi. «Birinden
näme boljak, aşnaňdan soraly, köprägem biýr». «Aý,
ýok, utanç bor». Soňam göwnüni bire baglady öýdýan,
goşaýumruk ýaly gyzyl almany kiteliniň jübüsine
saldy pahyr. Hiç ýadymdan çykanok. Menem gaýtjak
wagtymyz öý eýesine şuň jübüsini barla diýjek diýip
degişdim. Pahyr: «Beýtme, Jumaguly, masgara edersiň»
diýip gara çyny bilen ýalbarypdy. «Bir gyzyl horazym
bar, şoň palawyna çagyraýyn» diýipdi. Şo döwür
adamlar sadamy-nämemi, mellegimizde alma, üzüm
ekmänem bilmändiris. Indi, gör, haýsy öýe barsaň, leýs
bolup ýatyr... Mergen neresse, seni biçak gowy görerdi.
— Özem işjanly adamdy. Onuň ertir işe barýanyny
yzyndan seredip gören ýok. Haçan görseň, il turupturmanka, gara daňdan bilen jöwen tommuklaryna
büdräp, edarasyna barýandyr. Tä soňky demine çenli
hökümediň işi diýip zowzuldap geçdi. Jan berende-de, iş
üstünde gitdi. Pagta harmanyndan baza pagta ugradyp
ýörkek, gapanyň başynda ýykyldy neresse! Ine, Mergen
216
jan, şu tümmekde bolmaly Mergen!.. Aý, Mergen! Hany,
tirsegiňe gal, gadyrdan. Ine, ogluňy getirdim.
Gara Mergeniň ýagyrnysy düýrügip, gözleri çygjardy.
Bokurdagy doldy. Göreçlerindäki ýaş zakgun-ajy
bolarly, gabagynyň içlerini awuşatdy.
— Hany, dost jan, seniň üstüňi öz elim bilen
arassalaýyn.
Jumaguly aga kada-kanun boýunça ilki guburyň
gumundam bir penje alyp, mazaryň etegine oklady.
Aksakgallaryň kätmen salan ýandagynda arynyň
kökesi bar eken. Bitgin, dänelep oturan ýandakdan
göterilen tozan bilen birlikde wagga ören arylar hüjüme
geçdi. Gara Mergen goranjak bolup ellerini daldalatady.
Oňa çenli ony iki ary jazladyp çakdy.
13
Irden ukudan oýanaly bäri Mylaýymyň işi-pişesi
özüni bezemek, timar bermelik boldy. Nämüçindir, bu
gün onuň aýaklary gamak ýaly ýeňil gopýardy.
— Läle jan, gyzym, Enegyza aýt, öýleriň poluny
ýuwuşdyrsyn, halylaryň tozanyny tozan sorýan maşyn
bilen arassalasyn. Nahar atarsyn. Özüňem wazadaky
217
gülleri täzele.
— Eje, näme, myhman geljekmi? Bu gün ýaman
keýpiň kök-le?
— Hawa, gyzym, şäherden joram geljek.
— Onda menem şähere joramyňka gidäýjek.
— Şeýdäý, gyzym. Biziň agzymyza seredip oturmak
saňa-da gyzyksyz bor.
— Ýa-da olarda ýatybam geleýinmi?
— Gözel göwnüň. Kino dagy gitseňiz gijä-de
galarsyňyz, ýatdajyk ertir geläýsene. Şeýdäý.
— Kino näme, bu ýerde ýokmy? Şähere baranyma
görä diskoteka gideris.
— Halanyňy et, gyzym.
Mylaýym hammama girdi. Wannanyň içine bägül
suwuny guýup, ak köpügiň içinde gaýyp ýören
ýumurtga ýaly meýmiräp ýatdy. Soňra saçlaryny
boýady, dyrnaklaryny reňkledi. Özüne timar bermelik
Mylaýyma agşama çenli iş boldy. Garaňky mazaly
gatlyşdy. Mylaýym sagadyna ogrynça seredip goýberdi.
«Geler wagtyna ýene bir sagat bar».
— Enegyz, naharyň taýýarmy?
218
— Taýýar, Mylaýym jan.
— Nämeler bişirişdirdiň?
— Towugyň içine odur-budur salyp bugladym.
Böregem bükülgi, gazana oklaýmaly. Palawam agdaryp,
demine goýaýmaly.
— Berekella! Onda senem aýal doganyňka gitsen
gidiber. Ertirjik geläý. Bolýamy? Menem joralarym bilen
arkaýyn gybat edeýin. Olar gelse, ýüregim gysmaz-la.
— Hawa, arkaýyn gürleşiň, onda men gitdim. Ýaňky
diýşim ýaly, hemmeje zat taýyn.
Ýüzüni garaňka tutup gelen «Wolga» bir epeý adamy
düşürip yzyna gitdi. Mylaýym ony derwezäniň iç
ýüzünde garşy aldy. Şobada-da derwezenäm, gapysynam
içinden gulplady. Ol adam eýwana girensoň, Mylaýym
daýaw itleriniň boýnundan zynjyryny ýazdyryp howla
goýberdi. Soňra içeri girip, gelen adamyň gujagyna
doldy. Ak bilegini boýnuna orap, maňlaýyny onuň
döşüne oýkady.
Epeý adam onuň lebine dodagyny basdy.
— Näme, soňky wagtlar geleňok? Hökman çagyryp
getirmelimi?
— Iş köp. Bu günem öýdäkilere raýonda plenum bar
219
diýip gaýtdym.
— Gowusy: «Öýdäki goýberenok» diýip, boýnuňa
alaý-da! Bar, onda şonuň bilen boluber.
— Ýeri, ýeri, biderek öýkelemesene...
Pirweli Penaýew dagy kurortdan gaýdyp geldiler.
Penaýew özi ýok wagtynda kolhozda bolan täzelikleri
ertesi Arkalyýewe ýetirdi. Zeýkeşiň çekilenini,
mazarystanlygyň içiniň arassalananyny jikme-jik
gürrüň berdi.
— Täk, bi näme, gowaçalaryňyz haşal otlaryň
astynda bolup, suwsuz gurajak bolup otyrka, adamlaryň
öwlüýäde nä köri bar? Muňa nähili düşünmeli? Zeýkeş
gazypdyrlar? Beh! Kim bu zatlary gurap ýören? —
Arkalyýew trubkanyň aňyrsynda ar- lady.
— Ynha, Han aga! Özüň ýok bolsaň, şeýle-dä! Bir
ädim gapdallaryndan aýrylsaň, her kim göwnüne
gelenini edip ýör.
— Ol wekil bolup ýören Gara Mergen nirä
seredenmiş? Biz ony kolhoza oýnamaga iberdikmi?
— Memsm şony diýýän-dä, Han aga. Dogrusyny
aýtsak, o näme, işiň öňe gidenine begenip ýörendir
öýdýäömi? Zeýkeşiň haşaryna-da, öwlüýä-de hut onuň
220
özi gatnaşypdyr ahyry.
— Hymm... Täk... Onda sen näme et diýsene... Täk...
Onuň şol işlere gatnaşany hakda bize iki barmak kagyz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 09
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.