Latin

Melgun - 09

Total number of words is 3527
Total number of unique words is 2296
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýollat. Düşündiňmi? Galanyny özüm oňaryn.
— Bolýa. Düşündim, Han aga. Kagyzyň işi haýyr.
— Bolýa onda. — Arkalyýew trubkany taşlady.
Penaýew ellerini owkalady.
«Duruber bakaly, Gara Mergenjik. Ogluňa «haý
diý» diýip, uly başymy kiçeldip ýanyňa baranymda,
ýüzümi alyp goýbereniňi Pirweli içinden çykarandyr
öýdýärmiň? Garyndaşlaryňy men üstüme küşgürip,
Ballynyň aýagyndan arza baryny ýagdyrdyň. Alan
galaň boldumy? Indi meniň bir edişime seret. Itiň
art aýagyndan suw içer ýaly ederin. Boýny kädili
galandar ýaly gapy-gapy entederin. «Itiň alnyna gelen
gurduň alnyna-da gelermiş». «Han aganyň gyzyny öz
sallah galan ogluna alyp beräý» diýip üstümden gülen
bolýadyň. Men seni şeýle bir güldirin, hoşuňa gelsin.
Köneler: «Gülki soň güleniňki» diýipdir. Pirweliniň
döwi seniňkiden rüstemdir. Ony iki aýagyňam gapana
düşüp, ýensäň çüwdesi ýere degende bilersiň...»
Penaýewiň keýpi göterilip ugrady. Ol bu kerepden
221
Gara Mergeniň sypyp bilmejegine oýlandygyça göz
ýetirdi. Bu onuň Han Arkalyýewiň ynamyna tarap ýene
bir uly ädim ätdigidi. Onuň kellesine ýene-de bir pikir
geldi. Bu pikiriň öň näme üçin gelmändigine ökünip,
haýdan-haý Şagulyny ýanyna çagyrdy.
Penaýew daçasynda Şaguly bilen ikiçäk günorta
naharyny iýdiler. Ikisi bir çüýşäni beluşip içensoňlar,
Pirweli otluçöp bilen dişlerini synçgalap oturyşyna
Şagula şeýle diýdi:
— Şaguly, ikimiz dogan ýaly bile işleşdik. Biribirimize gatygaýrym söz aýdyşmadyk. Men saňa bir
döwletli maslahat bereýin. Eger alsaň. Almaňasam özüň
bil. Ýöne meniň aýtjak zadym, berjek maslahatym, edil
bagt guşy iki egniňe gelip goňan ýaly bir zat. Uçursaňam,
uçar gider, soň tutabilmersiň. Soňam ökünip, döşüňe
patladarsyň, giç bolar.
— Hany, eýle bolsa, basymrak aýtsana, Pirweli.
— Aýtsam, şeýle: seň-ä ýetişen ogluň bar. Şeýle gerek?
Tüweleme, boý-syratam, akyl-huşam bir adamyňkyça
bar. Indi ol mundan beter ulalyp düýe boljakmy?
— Hawa, aýtjak zadyňy basymrak aýtsana, öldürdiňle, Pirweli!
222
— Men mun ýaly akylly maslahaty her kese
berip ýöremok. Ýöne sen bolansoň aýdýan. Ýene-de
gaýtalaýan, seň-ä ýetişen ogluň bar.
— Hawa, bar, bar... Özem kakamyň ady dakylan.
Onsoň?
— Han aganyňam aýyň bölegi ýaly ýetişen gyzy bar.
Şarpa guda bolmaly. Ýöne, aýtjak zadym. Raýkomyň
birinji sekretary bilen garyndaşlyk açsaň näme armanyň
bar?
— Wah, Pirweli, nätdiň-aýt?!
— Özüm-ä siziňki ýaly aýdanymdan çykmaýan
oglum bolan bolsa, bir minudam tykyrganjak däl.
Ertiriň özünde sawçylyga barardym.
— Bäh, Pirweli, hany dursana! Bi Han agamyz: «Meň
gyzymy dilärçe, siz kim bolupsyňyz?» diýip, meni
bujagaz günümdenem dyndaraýmasyn birden... Onsoň,
bizem köne rowaýatlardaky baýyň günlükçisiniň
günune düşäýmeli.
Şagulynyň ýadyna düşen rowaýatyny Pirweli-de
bilýärdi. Gadym depseň yranmaz bir baýyň günlükçisi
bar eken. Bir gün ol ak öýüň gapböwründe dylymdylym ýyrşaryp, baý bilen arkaýyn gürleşip oturanmyş.
223
Baý oňa bir ýumuş buýrupdyr. Günlükçi ýigit «lepbeý»
diýip gidibermän oýkanjyrap oturanmyş. Bir zat
aýdaýjak-aýdaýjagam bolýarmyş-da, ýene otyr diýýä.
Onsoň baý: «Sen maňa bir zat aýtjak bolýaňmy?» diýip
sorapdyr.
«Hawa, baý aga».
«Aýt onda, diňleýän».
«Aýtsam, baý aga, men siziň gyzyňyza aşyk boldum.
Şony maňa beräýseňiz...»
Baý akylly adam eken, gaharlanman, zat etmän:
«Hany, şol oturan ýeriňden beýleräk süýşübem, ýaňky
diýenleriňi gaýtala» diýenmiş. Ýigit iki ädim gapdala
süýşüpdir welin, indi baýyň ýüzüne seredip bilenokmyş.
Gaýtam: «Waý, baý aga, gaýtmyşym edýän. «Günämi
öt!» diýip maňlaýyny ýere diräp bagyryp ýatanmyş. Baý
şo günlükçi ýigidiň hälki oturan ýerine birgiden gyzyl
gömüp goýan ekeni. Ol ýetim günlükçini şol gyzyllar
gepledýän eken».
Penaýew rowaýatdaky ýetim günlükçini ýatlap
ýylgyrdy.
— Bolýar, eger başlygyňa-da serpaý etseň, Han aga
bilen Mylaýymy yrmagy öz üstüme alýan.
224
— Ber eliňi! — diýip, Şaguly keltejik goluny Pirwelä
uzatdy. —Puluň, malyň gürrüňini etmäň. Ähli
gazananym Han aga ikiňiziňki. Toýam nähili geçirseň,
öz ygtyýaryňda.
Şaguly daçadan göni öýüne gaýtdy. Eýwanda
aýalynyň tirseginden tutup:
— Toty peýker, hany, ajy gök çaý demläp ýanyma gel.
Ikijigimiz döwletli maslahat edeli — diýdi.
«Bu gün-ä diline kemput çalnan ýaly. Bi nämäniň
alamatyka? Nä döw çaldyka?»
— Habaryň eýgilikmi, kakasy?
— Ýogsam näme.
Çaý başyida Şaguly Garlyny öýlendirmek meselesini
Tota gürrüň berdi. Pirweli bilenem maslahaty
bişirendigini aýtdy. Totynyň garaýagyz ýüzi agaryp
ugrady. Dylym-dylym edip, geplejek boldy, birbada
bolmady. Soňra birsalym ýuwdunyp oturdy. Eýýäm
raýkomyn birinji sekretarynyň gyzyny gelin edip,
töründe oturdana döndi.
— Wah! — diýip, Toty gözlerine ýaş aýlady. — Oňa
ýetesi bagt barmy, Şajan! Wah... şu... şu... raýkomyň
maşyny gapymda dursa... — Ol gözlerini ýumdy. —
225
Menem Pirweliniň heleýi Patmanyň gözüne basyp,
şüý yzky oturgyjynda — şo ulularyň oturýan ýerinde
gaýşarylyp, şo heleýiň deňinden şaglap geçsedim...
— Bar arzuwyň şo bolsa, onda onuň hasyl boldugy
biläý.
— Wah, o kemçin heleý Şemşat jan ýaly gelniň
gadyryny bilmedi. Hudaý jan göz görkezer o süýdi
ýanana.
— Ýöne, heleýhan, şo «Wolga», münjegiň çynyň
bolsa, onda ilki bilen ogluny razy etmeli. Seň-ä hut
özüň öýlenýän ýaly, eýýämden pylan biçip ugradyň.
— Garly janymy? Wüý, oň ýaly gyz tapan ýigit
maýmyn bolup yrazy bolar. Bolmanam bir görsün. Ak
süýt beren enesiniň diýeninden çykjak oguldan ogul
bolarmy? Ýöne, sen sesiňi çykarma. Özüm ertire çenli
möý okan ýaly okap, mumly ýüplüge dönderin. Sen öz
işiň bilen bol-da geziber.
Aradan iki gün geçensoň, Şaguly bilen Meýlis gijara
Han agalaryň öýlerine bardy. Myhmanlara çaý eltip
gaýdan Läle beýleki otagda Mylaýymdan sorady.
— Wüý, eje, kakasy-ha Winni-Puhyň kopyýasy ekeni,
oglam şeýle girdenekmi?
226
— Sen näme, gyzym, uzyn-kelte diýip, oňa suw
boýlatjak bolup durmyň? Bolýa-da öýden girip-çykyp
ýörse. Sen nä zada zarmyň?
— Men-ä ony aýakly garpyz ýaly edip, yzyma tirkäp
bilmen. Nämä gülýäň?
— Seň Winni-Puh diýeniňe gülkim tutýa.
— Dogry-da! Özüň bararmyň şoň ýala?
Mylaýym jakgyldap güldi.
— Toba, toba, daş edewersin... Ýok, gyzym, degişýän.
Ogly ejesine çekenmiş. Boýy çynar ýaly, özem
sportsmenmiş.
— Onda-da, eje, öz gözüm bilen görmesem ynanjak
däl.
— Bor, duşuraýarys, gyzym.
14
Pirweli Penaýewiň daçasy ýene-de ir ertirden
suwlanyp, süpürildi, timar berlip başlandy. Gijöýlänler
myhmanlar gelip ugrady. Han aga, Pirweli bütin
maşgalasy bilen, Meýlisiň ýeke özi geldi.
Howzuň boýundaky uly sekiniň üstünde iýip227
içmekden göwün islän zadyň bardy. Mylaýym, Läle, Toty
üçüsi ýanaşyk oturdylar. Garlynyň alty ýaşlaryndaky
jigisi gulpagyny tasadyp, Läläniň ýanyna baryp gondy.
(Läläniň geljekdäki gelnejesi bolmalydygy hakdaky
gürrüňden onuň habary bolmaly). Mylaýym bilen Toty
biri-biri bilen sypaýy, süýji dilde gürleşen bolýardylar.
Saçagyň üstündäki datly tagamlardan biri-birine
hödür-kerem edýärdiler.
— Täk... Şeýle gadyrly bolmagy aýallardan öwrenmeli,
gör, olaryň bolaýşyny? — diýip, Han Arkalyýew
Mylaýym bilen Toty tarapa başyny atdy.
— Näme, göriplik edýäňizmi? — Mylaýymyň owadan
gülküsi daçany ýaňlandyrdy.
— Umuman, biz gelnejelerden köp zady öwrenmeli
welin, özümiz käte boýnyýogynlyk edäýýäs. — Meýlis
şampan çakyryna elini uzatdy.—Hany, gelnejeler, sizem
bize goşulyp oturyň. Ine, bagtyňyzam şuň ýaly mydama
erňeginden çogsun... Hany, Han aga, içer ýaly ediň
muny.
— Onda, näme, Lukman Hekim öljek mahaly
«Adamlar, men dört müň dört ýüz ýaşadym» diýenmiş.
O şun ýaly dost-ýary bilen her saparky oturyşanyny bir
ýaş hasap eder ekeni. Biziňem näme, dost-ýarlarymyz
228
köpelibersin. Bizem Lukman Hekimden az ýaşamalyň,
köp ýaşajak bolaýlyň. Iki esse artyk ýaşalyň!
— Aý, berekella, Han aga!
Han aga içensoň, käsedäki käşiriň sary şerbetini
başyna çekip, dodaklaryny şapbyldatdy-da:

Basym
gowaçalarymyzy
görmäge
ýaryşdaşlarymyzam geljek — diýip, täzeligi habar berdi.
— Ýene şo üç respublikadan gelýär dälmi?
— Hawa.
— Aý, gelsinler bakaly. «Gelen döwlet». Ýoluň
gyralaryndaky bitgin gowaçalarymyzy görkezeris-dä,
daça getireris...
— Ýok, bu sapar başlygyň görkezjek ýerlerine
aýlanman, özleri görjekmiş.
— Bäh... Olar kolhozyň ýol-ýodasyny, nirde gowaça
ekenimizi näbilýämişler?..
Birinji nahar iýildi.
Garly Läle tarapa ýeke sapar seredipdi. — Onda-da
gyzyň pyýala dek owadan gözlerine gözi düşenden,
susty basylyp, ýere seretdi. Ol bir çetde, sürä täze
goşulan tokly ýaly, çugutdyryp, ýygrylyp otyrdy.
229
— Garly, inim, sen oňly iýen zadyň bolmady-la. —
Meýlis dillendi.
— Ýok, köp iýdim.
— Bar, onda, jigiňi kölde gaýyga mündür. Ýanyňyza
Lälänem alyň.
Garlynyň ýüzi horazyň kekeji ýaly gyzardy.
— Sürüp bilýäňmi özüň?..
— Hawa-la. — Garly gowuşgynsyzlyk bilen Läläň
ýüzüne seretjek boldy. Ol eýýäm Bibijan bilen sekiden
düşüp ugrapdy.
— Meň ýekeje gyzymy gark edäýme! — Mylaýym
degişme bilen ýylgyrdy.
— Eje, o sürüp bilmese, özüm sürýän-ä! — diýip, Läle
merdemsi jogap gaýtardy. Han aga ýassykdan garysyna
galdy.
— Aý, biziň gyz Harmandäli ýaly, öz başyny özi çarar.
Erkek kişiň duran ýerinde o-da durar.
— Bi zamanda hakyň köýmez ýaly şeýle-de bolmaly.
Läle jan hakyl edýä. — Toty Han agany goldady.
Ýaşlar gaýyga münende, ol iki-ýana gaýkyjaklady.
Bibijan gorkup, inçejik sesi bilen:
230
— Waý eje, men-ä gorkýan! — diýdi.
— Gorkma, ynha şu ýerden ýapyşyp otur. — Läle
oňa oturylýan tagtany görkezdi.
Suwuň üstünden jana şypaly serginje şemal
öwüsýärdi. Bu ýeri behişt ýalydy. Läle Garlynyň
uzyn boýuna, bugdaý reňk ýüzüne gelşik berýän gür
gaşlaryna, garaz, bedeniniň ähli ýerine syn edip çykdy.
Gaýyga müňensoň, kürekçiniň çat maňlaýynda,
hamana, hudožnige suratyny çekdirjek ýaly bolup
oturmaly bolýarsyň. Küregi öňe iteklep yza çekjek
bolanda Garlynyň kellesi Läläň has golaýyna egilýärdi.
Şonda onuň alma ýaly ýylmanajyk ýaňagyndaky gara
haljagazy, täze dogan aýa meňzeýän egremçe gaşlary, şo
gaşlara ümzük atan uzyn-uzyn kirpikleri, umman ýaly
gözleri has-da zyba görünýärdi. Onuň gara saçlaryndan
melul ediji duhiniň ysy burnuna urup, ýaş kalbynda
gozgalaň gopýardy. Bularyň ikisi-de bu ýerik näme
maksat bilen getirlendiklerini bilseler-de, gürrüňi
nämeden başlajakdyklaryny bilenokdylar. Läle gaýygyň
gyrasyndan ýapyşyp, göm-gök suwa elini uzatdy.
Tirsege golaý ýokary çekilen gök pombarhatyň nagyşly
ýeňi özüniň gizläp saklaýan ak bileginiň ep-esli ýerini
görmäge mümkinçilik berdi.
231
— Bu suwud ýylyjakdygyny! Ýaňy sagylan süýt ýaly.
Indi geplemek gezegi Garlynyňkydy. Emma ol näme
diýjegini bilmän, ýöne ýylgyryp oňaýdy.
— Näme ýylgyrýaňyz? — diýip, Läläniň özi sowal
berdi. Ol ýene-de näme bahana tapjagyny bilmedi.
— Siziň owadanlygyňyza — diýip goýberdi.
Bu öňküçe-de bolmady.
— Toba. Diýmek, owadan gyz görseňiz, şo ýylgyryp
ýörsüňiz-dä? Şeýlemi?
Garly aljyrady. Kirpi ýalyjak ýygrylyp oturan
Bibijanam haýsy geplese, şonuň ýüzüne tiňkesini
dikýärdi. Garly jigisindenem çekinmän duranokdy. Şol
sebäplem rusçalap jogap berdi.
— Şu wagta çenli-hä ýylgyrmandym. Şu gün ilkinji
sapar...
— Sen näme rusça jogap berýäň?
— Jigimden çekinýän. Onuň bizi sataýmagy mümkin.
Läle şeýle bir güldi, Garlynyň damarlaryny üýtgeşik
ýakymly zat yzarlap giden ýaly boldy.
— A... okazywaýetsýa, rýadom malenkaýa şpionka1.
Läle Bibijanyň kellesini sypalady.
232
— Näme diýýäniz-ä?— diýip, Bibijan ikisiniňem
ýüzüne gezekli-gezegine seretdi.
Bu sapar olaryň ikisi-de gülüşdi. Läle Garly kürek
uranda, çignindäki togalak ýumrusynyň iki-baka
loňkuldap süýşüşine täsin galyp syn etdi. «Güýçli
bolmaga çemeli. Myratbegden-ä galmaz. Batyr bilen
Ahmedi-hä bir kakanda ýatyrsa gerek».
— Siz uniwersitetiň
gutardyňyzmy?
bedenterbiýe
fakultetini
— Hawa.
— Haçan?
— Öten ýyl.
— Aşgabatda-da «ýylgyrdýan» gyz tapmadyňyzmy?
— Aý, men-ä ýylgyrjak bolup gözlemedimem.
— Näme üçin?
— Bilemok... Onsoňam, okuw, trenirowka, ýaryş...
Wagtam ýok.
— Belkem, olar sizi halan däldir?
— Olam mümkin.
Ýene-de dymyşlyk başlandy.
233
Asman göm-gök. Onuň her ýerräginde guratmaga
serilen ak goýnuň ýüňi ýaly topbajyk bulutlar bar. Edil
şo görnüş gök suwuň ýüzünde-de bolşy-bolşy ýaly
görünýär. Bular özlerini iki asmanyň aralygynda ýüzüp
ýören ýaly duýýardylar.
— Siz meduçilişäni gutardyňyzmy?
— Hawa... Siz ony kimden eşitdiňiz?
— Kakam aýtdy... Nämüçin medinstituta gireňzok?
Läle Garlynyň sowalyna jogap bermän, özi rusçalap
sorag berdi.
— Siziň ýokary bilimlä öýlenesiňiz gelýärmi?
— Siz göwnüňize almaň. Ant içýän, men eýle pikirde
soramadym.
— Meň pikirimçe, ras ýokary bilim aldyňmy? Yz
ýanyndan kandidat bolmaly, soňra-da doktor. Ýeri, bäş
ýyllap kelläňi agyrdyň, saçyňy agardyp, gutardyňmy,
gutardym adyna galmak nämä gerek? Ynha, men-ä aýda
ýüz manat alýan, bäş ýyllap gözüniň köpügini gyryp,
instituty gutaranlaram ýüz ýigrimi. Arasynyň ýigrimi
manatlyk tapawudy bar. Gürrüň pulda däl-de, bu iki
aralykda goýulýan sarpada. Sen, wiý, bagyşlaň «sen»
diýäýipdirin.
234
— Gowy-da, indi tanyşdyk ahyryn, sen diýiber.
— Razymyň meň aýdýanlarym bilen?
— Ýüz prosent goşulýan.
Bu ikisiniň rusçalap gürleýişine Bibijan düşünmän,
töwerek-daşyna, asmandan suwa özüni oklaýan ak
çarlaklara seredip güýmenmäge başlady.
— «Gep pulda däl» diýip men ýaňam aýtdym. Hudaýa
şükür, geýmäge, dakynmaga zatlarym iküç ömre ýetjek.
Garly onuň bu sözlerine baýlygyny duýdurmak
üçin ýanjap aýdýarmy ýa-da başga sebäbe görä, garaz,
düşünmän galdy.
— Ýadan bolsaň, küregi maňa beräý?
— Men seni ömürboýy elimiň aýasynda göterip
gezdirmäge-de taýyn.
— Gör, munuň tapýan sözlerini? Başda-ha ýylgyran
bolup, gepläbilmän oturdyň. Näm boldy, birden diliň
açylaýdy-la?
— Şoňy sorama! Näme bolanyny özümem bilemok.
— Görýän welin, sen «Ýere bakandan ýer gorkar»
diýilýäni öýdýän. Aňyrda başga näme basyrylgy
häsiýetleriň bar?
235
— Mende gizlin zat ýok.
— Mende bardyr öýdýärmiň?
— Ä... gyzlar syr saklagyç bolýar diýýäler.
— Kim diýýä?
— Oglanlar.
— Häzirki zamanyň käbir oglanlary namardyň
barypýatany bolupdyrlar. Olar gybatçy heleýlerdenem
ötüripdirler. Biri bilen ikiçäk durup gepleşseň, ertesi gün
hökman pylankes pylany bilen «söýşüpdir» diýip gep
ýaýradýarlar. Biri bilen kino ýa tansa gidäýseň-ä — onda
gutardy. Hökman bile ýatandyr öýdýärler. Ynha, häzir
ikimiziň aramyzda näme boldy? Hiç zat, biri-birimize
elimizem galtaşanok. Emma sen diýýän oglanlaryňdan
biri göräýse, Hudaý saklasyn, gör, näme diýip jar eder.
Bu ýerde iki ýol bar: birinjiden: ýa kino-tansa gitmeli.
Mümkinçilik bolsa şun ýaly gaýykda gezelenç etmeli.
Men aňrymda zat gizlämok. Hawa, dogry, birki oglan
bilen kino-da gitdim, tansa-da. — (Garlynyň ýüregi
penje bilen gysymlanan ýaly boldy). — Gepleşdik. Birekbirek bilen içgin tanyşdyk. Ol meniň, men onuň nähili
adamdygyny tanadym. Soňam sulhumyz alyşmady.
Biri-birimize «Hoş» diýdik. Wessalam. Onda-da,
mende-de artyp-kemelen zat ýok.— (Ýürege urlan penje
236
ýazylmaga başlady). — Ikinji ýol: köneleriň ýodasy bilen
oglan-gyzy, gyz-oglany görmän, gepleşmän: «Bolýa,
galyňyňyzy getirip, toýuň sähedini belläberiň» diýmeli.
Öz on iki süňňüňi mal bilen pula satyp, yzyndanam
ýigidiň: «Men seni satyn aldym, gapyl-da otur» diýen
hemleli gepini çekmeli. Çekmeseňem, aýrylyşyp, ataň
öýne gaýdyp gelmeli. Olaram gyzynyň aýrylyşanyna
öýkeläp, öýlerine goýbermese, öz günüňi özüň görmeli.
Eliňde-de çagaň bolaýsa-ha, bar onsoň, sen o çagalar
bilen haýsy gapydan baraňda-da ýüz tapjak gümanyň
ýok. Hany, indi bulaň haýsy dogry?!
— Elbetde, birinjisi.
— Onda näme: «Pylanynyň gyzy, pylanyň ogly bilen
öňem kino gatnap ýördi» diýip şyltak gürrüňe gulak
gabardýalar?
— Aý, şeýle-dä. Her bir halkyň aň-düşünjesi, onuň
ýeten derejesi, kada-kanuny bilen ölçelýär.
— Gybatçylaryň gürrüňi bilen halkyň kada-kanunyny
gatyşdyrmasana! Biziň halkymyz bu görünýänleriň
köpüsinden ir dörän halk ahyry. Sen näme, köne
taryhdan başyň çykmaýamy? Häzirki halklaryň
käbiriniň ady-sory ýokka-da, türkmenler ýüpek-parça
geýip ýaşaýan halk ekeni. Bir kitapda Çingiz hanyň
237
murzesi şeý diýip ýazypdyr: «Ymgyr çölüň içinden
barýarkaň, gum depesiniň aňyrsyndan duýdansyzlykda
gara telpek geýnen, ýyndam atly ýigitler çykýar, ine,
şolardan ägä bolmaly». Çingiz hanam öz nökerlerine
şol ýigitlerden — türkmenlerden habardar bolmagyny
tabşyrar ekeni. Jelaleddiniň baştutanlygynda biziň
halkymyz Çingiz hany-da eýmendiren halkdyr.
Garly Läläniň gürrüňlerine gulak asyp, küreklemesinide ýatdan çykardy. Läle köýneginiň etegini azajyk
ýokary çekip:
— Getir, men birazajyk süreýin!=g. diýdi-de,
Garlynyň gas-gaty çigninden ýapyşyp, onuň, ornuna
owlak ýaly böküp geçdi.
15
Han Arkalyýew partiýanyň raýon komitetiniň
üçünji sekretary Keýik Zamanowany, guramaçylyk
bölüminiň müdiri Ýallakowy, partiýa guramasy hemde partkomissiýanyň başlygyny kabinetine çagyrdy.
Gara Mergenowyň üstünden gelen golsuz haty olaryň
öňünde goýdy.
— Ýeri, muňa näme diýersiňiz?! — Han Arkalyýew
238
entek hatyň mazmuny bilen tanyşmadyk işgärleriniň
ýüzüne seredip, öz-özi hüňürdedi. Onuň sesiniň
äheňinde nägileligiň alamaty bardy.
— Seniň işgäriň üstünden.
Ol Keýik Zamanowanyň ýüzüne seredip, hata başyny
atdy. Zamanowanyň öňki ak pamyk ýaly keşbine
bugdaý reňki çaýylypdy. Onuň Gara denziň güneşiniň
yzydygyny synçy adamlar soraman biljekdi.
— Hany, onda, Ýallakow, daşyňdan oka.
Ýallakow haty garbap aldy. Aşak süýşen äýnegini
burnunyň, ýokarsyna galdyryň, çybyn sesi bilen
okamaga başlady.
«— Kommunist, Gara Mergenow raýkompartiýada
propaganda bölüminiň müdiri bolup işlese-de, obalarda
dini-düşünjäni, könäniň zyýanly galyndylaryny
paş etmegiň, berk ýazgarmagyň deregine, özi
könäniň kerebine çolaşan adam. Biziň bilýän anyk
maglumatlarymyz onuň şeýledigine şek-şübhesiz güwä
geçýär. Ine-de, olar:
Gara Mergenowyň alty ýaşly ogluny sünnete
ýatyrmagy nämäni aňladýar? Bu könäniň zyýanly
galyndysy däl-de, eýsem näme?
239
Gara Mergenow gowaça otagynyň iň gyzgalanly
döwründe «Ýeňiş» kolhozyna raýkomyň wekili bolup
geldi. Ol daýhanlary TKP-niň hem-de TSSR-iň 60
ýyllyk şanly ýubileýiniň hormatyna guralan sosialistik
ýaryşyň gerimini giňden ýaýbaňlandyrmagyň, şöhratly
ýubileýiň hormatyna gowaçalardan «ak altynyň»
bol hasylyny almaklyga, maldarçylygy ösdürmeklige
ýardam bermeligiň deregine, oba adamlaryny dinadatyň ýoluna gönükdirmäge çalyşdy. Olara gol ýapdy,
oraza, gurbanlyk, namaz okamak, töwir galdyrmak ýaly
adatlara ynanýanlara goltgy berdi. Ol musulman dininiň
tuguny baýdak edinip geteren, garyp halkyň süňňüni
gemrip, ýiligini soran, gylyçlaryndan gan daman şalaryň,
soltanlaryň (Olaryň işan-molla bolmaklary-da ähtimal.
Bu hakda anyk maglumat ýok), metjit-minarasynyň
mundan beýläk-de berkemegi, heran-haçan adamlara,
(sowet ýaşlaryna) yslamyň ölmez-ýitmez baky tuguny
ýatladyp durmakdan ötri golaýyndan zeýkeş gazdyrmaga
gatnaşdy. Onuň ýanyndaky Minaraata öwlüýäsiniň
içini bolsa arassalatdy, tertibe saldyrdy. Eýsem, şular
goltuk jübüsinde Lenin suratly gyzyl biledi götärmäge,
hakyky kommunist diýen belent ýady götermäge
mynasyp hereketlermi? Elbetde, ýok! Sözümiziň
gury bolmazlygy üçin, Gara Mergenowyň minaranyň
240
kölegesinde hudaýhon aksakgallar bilen hudaýýoluda
oturan pursatyndaky suratyny-da iberýäris. (Bu surat
Şükür işanyň agtygy Sopy aganyň aýdan janlysyny
öldürip, haşar güni Minaraata öwlüýäsiniň başynda
beren hudaýýolysynda düşürildi).
Sözümizi jemläp aýtsak, Gara Mergenow Beýik
Leniniň döreden Kommunistik partiýasynyň hatarynda
gezmäge mynasyp adam däl. Eger-de şu hatymyzdan
degişli netije çykarmasaňyz, onda biz Moskwa, baş
sekretar ýoldaş Çernenko ýüzlenjekdigimizi Size
duýdurýarys.
Haty ýazanlar: (iki nokat)
Dini urp-adatyň garşysyna
göreşýän oba aktiwistleri:
(ýazylan wagty) 20-nji awgust
1984-nji ýyl».
Ýallakow, äýnegini ýokary galdyryp, okap gutaran
kagyzyny Han Arkalyýewe iki eli bilen uzatdy. Indi
oturanlar Arkalyýewiň agzyndan çykjak gepe sabyrsyz
garaşmaga başladylar. Han Arkalyýew ýene-de bir sapar
suraty synlady. Hatyň ýany bilen goşulyp iberilen suratda
Gara Mergenow aýbogdaşyny gurap, çaý içip otyrdy.
241
Ýanynda oturan Jumaguly aga ak sakgalyny owuşlap,
oňa bir zatlary makullaýar, bir seretseň, aksakgal töwir
galdyryp iki elini eňegine ýetiren ýaly-da bolup dur.
Kellesine ak ýaglyk daňylan Goç minaranyň diwaryna
seredip, gyşarylyp ýatyr. Aňyrdaky adamlaryň ýüzleri
öçügsi düşüpdir. Megerem, surat uzagrakdan düşürilsede, esasy obýektiwi Gara Mergeni nyşana alypdyr. Ol
birhaýukdan:
— Tä-täk, tä-k, hymm... Ýeri, muňa näme diýersiňiz?
— diýip, başdaky sowalyny gaýtalady. — Hatda
ýazylanlar dogry bolsa... Tä-äk...
Pauza.
— Onda berk çäre görmeli bolarys. Soňundanam
duýdurypdyrlar. Berk jeza bermesek, olar biziň
aýagymyzdan ýokarlarada-da ýazarlar. Onda, tak,
şeýle. Şu üçiňizden ybarat komissiýa düzýäs. — Ol
Keýik Zamanowadan özgesiniň ýüzüne seredip, başyny
atyp çykdy. — Faktlary birkemsiz barlaň. Getirjek
maglumatyňyz çig çarsy, elmujy bolmasyn. Gepiň kelte
ýeri, geljek býuro material taýýar bolsun.
Arkalyýew oturanlara siz boş diýen manyda başyny
atdy. Çybyn sesli Ýallakow oturan oturgyjyny öňki
ýerine süýşürensoň dillendi.
242
— Han Arkalyç, Mergenowyň öňem-ä käýinji bardy.
Heniz onam aýramzok.
— Hymm... Biz häzir öňkiň gürrüňini edemzok,
ýol-laş, Ýallakow! — Arkalyýew ýüzüni telefonlar
tarapa sowdy-da, özüniň nägileligini bildirdi. Çybyn
sesliň keýpi uçdy. Ol Arkalyýewi özünden nägile edip,
kabinetden nähili çykyp gitsin? Onda Ýallakowa bu gije
uky haram bolar. Onuň, nähili-de bolsa, süýji söz tapyp,
Han aganyň göwnüni ýumşadyp gidesi geldi. Emma
beýlekiler eýýäm ýerlerinden turup ugrapdy.
— Han Arkalyç, onda biz işe häzirden başlaberjek?
— Ýallakow jyňňyl-jyňňyl seslendi.
— Häzirden başlaň, ertirden başlaň, ol öz işiňiz. Ýöne
geljekki býuro material taýýar bolsun diýip men ýaňy
aýtdym-a. Näme gepi çagaladyp dursuňyz?!
Mundan artyk geplemäge olaryň hiç biriniň bogny
ysmady, Olar basymrak çykyp gidenlerini kem
görmediler.
— Bor, bor, bor...
Şol gün raýkompartiýanyň ikinji sekretary Mansurow
hem Ýallakowy ýanyna çagyryp, şeýle görkezme berdi.
— Şaguly Garlyýewiň dokumentlerini gyssagly
243
taýýarlap, oba gurluşyk ministrligine ibermeli. Birigün
onuň ähli dokumenti şu stoluň üstünde taýýar bolsun.
Ýallakow Şagulyny kerpiç zawodyna direktor bellejek
bolýandyklaryny bada-bat aňdy.
— Bor, ýoldaş Mansurow.
— Ýagşy, gidiberiň onda.
16
Okuwlary ýatyrylyp, pagta ýygmaga gelen studentler
uly şowhun bilen wagonlardan düşdüler. Olar biribirleriniň atlaryny tutup gygyrýardylar, eplenip
ýygnalýan krowatlarynyň içine ýorgan-düşeklerini
salan gyzlar, goşlaryny göterip bilmän, maşynlara tarap
ýerden süýräp barýardy. Oglanlar ýetişip bildiklerinden
ylgaşyp, gyzlaryň goşlaryny maşyna daşaýardy.
Orta boýly, ak saç adam studentlere haýsy maşynlara
münmelidigini düşündirýärdi. Ol uniwersitetiň
prorektory Gurdowdy. Onuň studentleri her ýyl «Ýeňiş»
kolhozyna gelýärdi. Pirweli Penaýewiň Gurdow bilen
arasy sazdy. Hatda ogly Bally medinstitutda okuwa girjek
bolanda hem, Gurdowyň öýünde ýaşap, ekzamenlerini
tabşyrypdy. Hut Penaýewiň özi ony Aşgabada
244
— Gurdowlaryň öýlerine eltip, dokumentlerini
tabşyrýança, medinstitutyň dekanyny Gurdowlara
myhmançylyga çagyryp, hezzet-hormat edipdi, olar:
«Sen arkaýyn öýüňe gaýdyber» diýensoňlar, yzyna bilet
alypdy.
Studentler «Ýeňiş» kolhozynyň onýyllyk mekdebiniň
klaslarynda ýerleşdiler. (Mekdebem boşdy. Bu ýerde-de
okuw ýatypdy.) Gurdowyň özi Pirweliniň öýünde, gyzy
Jahanaý (Žanna) jorasy bilen Ballynyň bir otagynda
ýaşamagy makul bildiler.
Her kursuň studenti bir klasy eýeledi. Eplenýän
krowaty ýoklar, düşekçelerini pola düşelen at
keçeleriniň üstünden ýazdylar. Bu günlükçe olara
agşamlyk nahar bişirilmändi. Onuň üçinem, hurşy
ýoklar oba magazinine eňdiler. Peçenýe, kolbasa, balyk
konserwasy bilen çaý içip ýatmaly boldular.
Çaýçylyga bellenen studentiň sesi irden mekdebi
ýaňlandyrdy.
— Turuň-ow, wagt boldy! Pagta çaý içmän gitseňiz
menden däl.
Ol her klasyň gapysyny kakyp çaýa çagyrýardy.
Otaglaryň içi-de, daşary-da garaňkydy. Süýji ukuda
ýatanlaryň ýylyjak ýorgandan çykaslary gelenokdy.
245
Äpişgeleriň käbir gözleri döwükdi. Şonuň üçin, otagyň
içinden buz öwüsýärdi.
— Sagat näçe bold-a? — Biriniň ukuly sesi eşidildi.
— Çyrany ýaksaňyzlaň!
— Tur-da, özüň ýakaý. Näme, seň satyn alan guluň
bamy bi ýerde?
— Eý, myrryh, sen näme, ýerganat ýaly ýagtylykdan
gorkýaňmy?
Koridorda bedräniň takyrdysy eşidildi. Bir gyz
jakgyldap güldi.
— Eý, o gyzyň näme böwregi bökýär-ä?
— Şo gülýän gyzy şu wagt bäri çagyrsaňyz-la.
— Belkem, ýorganyňa getirip salarys.
— «Wah, dosjan, onda näsini aýdýaň» diýip öňde biri
möňňüriberenmiş... Ha... h... uf». Wah, şu çyban çakan
ýerlerimi bir gaşatsamdym. Özüniňem dyrnaklary
ösgün bolaýbilsedir. — Samrap ýatan aýaklaryny garsgars gaşady.
— Häý, seniň ýorganyňa girende-de, bar etdirjek işiň
gaşatmakmy?
— Jan dosjan, endam-janym pers-ala bold-a meň.
246
Ýene iki gije ýatsam, meň-ä ganym gutarýa.
— Eý, turalyň-eý indi!
Kimdir biri eli bilen diwaryň ýüzuni sermäp başlady.
— Şu ýerde wklýuçatel bardy-la, içigar nirede bi?
Şyrkyldap çykan sesden soňra jaýyň içi ýagtyldy.
Çyraň töwereginde üýşüp ýatan gandaladyr çybanlar,
siňekdir kebelekler gymyldaşyp başladylar.
Günüň ilkinji şöhleleri minaranyň depesindäki
daşlara salam berende, ýük maşyny studentleri pagta
meýdanynyň gyrasyna geçirip düşürdi. Fartugyny
dakynyp, atyzyň içine ilkinji giren studentiň dyzyndan
aşagy, balagydyr köwşi öl-suw boldy. Agşam düşen
çyglaryň entek başy bozulman, gowaça ýapraklarynyň,
ak hanalaryň üstünde monjuk-monjuk bulduraşyp
durdy. Eliň bilen kaksaň ýa-da hataryň arasy bilen
ýöreseň, damjalar paýraşyp ýere dökülýär.
— Bu-uw, entek çygam sowulmandyr! — diýip,
studentleriň biri gaýra tesdi.
Kimdir biri atyzyň gyrasyndaky ýandakdyr akbaşy
kerzowoý ädigi bilen depip-goparyşdyryp bir ýerik
üýşürdi. Pyzlap ýanan odun başyna üýşdüler. Olaryň
iküç sanysy eýýäm pagta meýdanynyň ýanyndaky
247
gawun atyzlykdan fartuklaryny dolduryp terne
getirmäge-de ýetişipdir. Güýz çigregi degip, suwy
süýjen ternäň bal ýaly tagamy bardy. Olaryň erinlerine
ýokaşan çigit gatyşykly şiräniň çyrşagy oduň ýagtysyna
ýylpyldap gidýärdi.
Bu wagtlar Penaýew bilen Gurdow agşamky
oturylyşykdan soňra giç ýatanlary üçin, ýaňy
düşekleripden turupdylar. Olar pallaşyp-gerinşip, elýüzlerini ýuwdular. Ertirlik taýýarlanan klýonkanyň
başyna geçdiler. Gurdowyň aşgazany agyryp, berhiz
saklaýany üçin, Jümmi ala-garaňkyda fermadan täzeje
saglan süýt bilen gaýmak getiripdi.
— Henizem kolhozçylar sygyr saklanoklarmy?—
diýip, Gurdow tamdyr çöregi gaýmaga batyryp agzyna
oklady.
— Köpüsi saklanok. Biri ot ýok diýip bahana edýär.
Ýene birisi ýaltalykdan başyna baranok.
— Arada bir gazetde okadym. Afrikanyň bir
ýurdundaky halk sygryň suýdi diýen zady bilmeýän
ekeni. Häzir Ýewropadan şo ýerik sygyr eltip başlapdyrlar
welin, süýdüni içenler allergiýa bolýar diýýä. Her hili
zat bar. Bi, onsoň, kolhozçylaryňyz fermaňyzdanam
süýt alanoklarmy? Süýt-gatyksyz nähili gün görýärler?
248
— Nädip aljak? Biziňem döwlete tabşyrmaly
planymyz bar. Özümiz, eýdip-beýdip ölümiň öňünde
dolýas.
— Ikarada çagajyklar kösenýär-dä!
— Hawa, aý, çaga diýýäni gawun-garpyz bilensm
oňşuk ediberýä.
— Biziň Jahanaýymyz pagta gitdimikä?
— Hawa, öz kurslary bilen irden gitdiler. Biziň öý
yşgoldan daşda däl-ä. Ynhajykka.
— Aý, gürrüň bolmasyn diýip, onam alyý gaýtdym.
Ýogsam: «Wezipeli adamlar ogul-gyzlaryny pagta
äkidenoklar» diýip, bazar gürrüňini edýäler.
— Dogry edipsiň. Hem-ä öz diliň uzyn bor. Jahan
janam hor etmeris. Deň-duşlarynyň ýanynda güýmenip
gezse bor, adyna ýazmaga pagta taparys.
— Häzir kolhoz raýonda näçinji ýerde?
— Bu ýyl yzrakda. Üçünji ýerde barýas. Pagtalar giç.
Birki mertebe gaýtalap ekdik. Şu gün-erte Arkalyýewi
görjek bolup ýörün. Biraz kömek edip durmasa boljak
däl.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 10
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.