Latin

Melgun - 12

Total number of words is 3597
Total number of unique words is 2249
30.3 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bu ses ýaş ýigidiň öňki, ilkinji mertebe sataşandaky
sesine meňzedi. Ol sakga daýandy. Ýuwaş-ýuwaşdan
yzyna gaňryldy. Ýaş ýigit kabinetiň ortasyna ýöräp
gelipdi. Olaryň göreçleri biri-birini ilkinji sapar görýän
304
ýaly bolup seredişdiler.
— Ýaşuly diýsem aýyp görmäň. Bir zat sorajak... Han
Arkalyýew bilen siziň araňyzda nähili konflikt boldy?
Gara Mergenow onuň göreçleriniň içine seretdi.
— O size indi nämä gerek? Men ony siz kim diýip
aýdaýyn?
— Ýa... ýaşuly... Gara Mergenowiç, meň şahsyýetime
dil ýetirmäň.
— Men hiç kimiň şahsyýetine dil ýetiremok.
Onsoňam, siz özüňizi beýik şahsyýetdir öýdýän
bolsaňyz, gaty ýalňyşýaňyz. Siz entek şahmat tagtasynyň
üstündäki pyýadajyk... Oýunda ilki bilen pyýadany ýa
çalyşýalar ýa-da degişli peýda gözläp pida edýärler. Edil
durmuşda-da şonuň ýaly. Onuň üçin siz pyýadajyklar,
şo-ol (ol barmagyny ýokary çommaltdy) agalaryňyz
näme diýse, diýenleri bilen boluberiň. Konflikt bilenem,
beýleki bilenem işiňiz bolmasyn. Siz gije-gündiz
ösmegi gaýgy edýäňiz. Size stol gerek. Biz ýalakyň
aladasy-gaýgysy siziň nä azaryňyza? Siz dokuzdan
alta çenli stol gujaklap oturmany, Soltanowiç ýalylara
«lepbeý» diýmäni oňarýaňyz. Hany, şeýle etmänem
bir görüň? Alajyňyz ýok. Etmeseňiz, meniň günüme
düşersiňiz. Çagalaryňyz hor bor. Siz olary kolhoza
305
gidip, ýekegulak piliň arkasyndanam ekläp bilmersiňiz,
stanogyň başynda durubam, ýa-da gurluşyga gidibem.
Siziň başarýan ýekeje zadyňyz bar. Olam, täze çykýan
kararlardan iküç sitatany ýat tutup, özüňizi okumyş
saýyp ýörmeklik. Beýdip, kölegäňden gorkup ýörşüňize,
uzaga gitmersiňiz, ýagşy ýigit.
Janaýew onuň gürrüňlerine aňk bolup, näme jogap
berjeginem bilmän, duran ýerinden sarsman, yzyndan
seredip galdy. Gara Mergenow egnine mähnet daşy
göterip barýan ýaly ýegşerilip gelşine obkomyň
jaýynyň oňündäki bagjagazyň uzyn oturgyjyna özüni
atdy. Pikirlenip köp oturdy. Indi nirä maňlaýyny
urmaly? Haýsy gapyny kakmaly? Oblastdaky gapylaryň
hemmesiniň özi üçin ýapykdygyna ol göz ýetirdi.
Onuň näler çilim çekesi geldi. Ýöne keselhana düşende
wraçlaryň çilimi çürt-kesik gadagan edeni üçin, ýanynda
sigareti-de, otluçöpi-de ýokdy. Ol tarsa ýerinden
turup, «Žigulisine» tarap ýöneldi. Aradan sähel salym
geçensoň, maşynyny oblast gazetiniň redaksiýasynyň
öňünde saklady. Ýöne maşynyny öçürmedi. «Bu ýerdede köne tanyşlar: «Bir ýakymsyz habar eşitdik, näme
boldy?» diýip sorarlar».
Bu sowaldan onuň halys bizar-peteňi çykypdy. Her
sapar sorana gaýtalap aýdyp berip totuguşa öwrülipdi.
306
Her gije ýorgana girenden soň, ol öz-özüne-de bu
wakany gaýtalap gürrüň berýärdi. Indi ol bu gürrüňden
halys basylypdy...
Ýene-de maşynyny sürüp gidişine gapysyna «telefonawtomat» diýlip ýazylan jaýyň öňünde saklandy.
Öýlerine telefon etdi. Selbä bir zatlar diýdi. Soňra
Ahmet bilen gepleşdi.
— Ahmet jan, men maşyny aeroportuň öňündäki
meýdançada goýup gidýän. Seň öz açaryň bar dälmi?
Bolýa, bar bolsa. Men iküç günden gelerin. Ejeňe
kömekleş. Agşamlaryna öýde bol, jigileriňe seret, Ýagşy,
hoş onda.
22
Daşgalanyň çaýhanasynda ýene-de gürrüň gyzyşdy.
— Şaguly ogluna Han Arkalyýewiň gyzyny alyp
berjekmiş. Pirweli bilen Meýlis eýýäm gudaçylygada baranmyş. Toý sähedini pagta ýygymynyň gutarar
uçuryna bellänmişler.
— Köne döwürde-de bar ekeni şeýle däp-dessur.
Illäp-günläp kel gyzy äre berer ekenler.
— Hanyň gyzy-ha aýyň bölegi ýaly-la. Oňa at daksaň,
307
agzyň gyşarar.
— Akyl-huşy bolsun. Owadanlygyny käsä salyp, ezip
içjekmi?
— Sakgaldaş, o Çernenkäň ýaňy dälmidi üçünji gezek
giroý bolany. Düýn radio Mongoliýaňam gahrymany
boldy diýip habar berdi. Aý, özüniňem-ä saglygy juda
haýallapdyr-ow...
— Ýaňy sen Şagulyň oglunyň gürrüňini etdiň. A
onuň öňki giýewisi, hol adam kesýän dogtor bardyr-la,
kimdir şoň ady?
— Bally.
— Hawa, Bally, Bally. Nebir at. Olam-a aýalynyň
guburynyň
gumy
guramanka,
Aşgabatdaky
unwersutyň ketdesiniň gyzynyň başyny-gözüni aýlap,
«Wolgasyndan» düşürenok diýýäler. Toý-soý etmän,
eýýämden bile-de ýatyp-turup ýörenmişler. O gyz pagta
ýygmaga gelenmiş...
— A-how, adamlar, ony aýdyň-da, muny goýuň!
Basym, biziň Daşgalamyza ýokardan birgiden barlagçy
geljekmiş.
— Düýn Daşgalamyzyň pagta plany näçe ösdükä?
— Zordan bir ösýär.
308
— Jemi näçe prosent bolupdyr?
— Ýetmiş iki.
— Bu-uw, ýene ýigrimi sekiz prosent gerek.
Dolarmykak?
— Noýabrdanam ýigrimi gün galdy. Nireden doljak?
Eýýäm howalaram bulaşýa. Bu gün-erte ýagyş ýagyp,
yzynam gara tutsa... Wessalam.
— Äý, Han doldurman goýmaz. Görersiň. Bu zatlaryň
hasabyna, gaty ökde ol. Meýlise bir gözüni alardar welin,
nädersiň raýon günde ikiden towsuberse.
— On ýaly bolsa biljek däl.
— Näme, myndan öňki ýyllar kilo-kilodan gapana
basyp, pylany dolandyrys öýdýäňmi? Päheý-de
walla, şäherde ýaşaýanyň bildiräýýä. Bazara gelýän
kolhozçylary geplet. Içleri tutäp dur. «Pagta ýygdyk,
puluny aldyk» diýip gol-a çekýäs, emma pagtasynam
göremzok, pulunam diýýäler. Pagta-da, pylan-da,
hemmesi kagyz ýüzünde.
— Arkaly aganyň yzyndan ogly Han soramaga
baranmyş. «Ýeňişden» Jumaguly aga diýýär. Düýn
şu ýere gelende gürrüň berdi. Aksakgal oglunyň bir
topar adamy yzyna tirkäp, gapydan girenini görüpdir309
de, aňyrsyna öwrülip ýatyberenmiş. Bir zat diýip
sorasalaram jogap bermändir.
— Aksakgalda sypaýyçylyk ýog-ow.
— Bu-uw, gaty hötjet ýaşuly o.
— Onsoň?
— Onsoň, Hanyň erbet ýagdaýa düşenini görüp, baş
wraç Jumaguly aga: «Ýaşuly, siz biraz daş çykyp duruň»
diýipdir welin, Arkaly aga öňki ýatyşyna bärik ýüzünem
öwürmän:
— Oňa azar bermäň, dogtor! Daşaryk, şu gelenler
çyksyn — diýenmiş.
— Gara Mergeniň Aşgabada arz etmäge gidenini
eşitdiňizmi?
— Hawa, nä habar?
— Aý, ýok, ýöne aýdaýdym-da!
— Onuňam-a indi ýitirjek zady ýok. Hakykat diýlen
zat bar bolsa-ha, ýeriň aýagujyna gidip, gazyp tapmalam
bolsa irinmez.
— Weý, ýogsam näme? «Şu dogry sözliň dosty ýok»
diýleni çyp-çyn. Ýogsam, Gara Mergen Han Arkala ýa
ýene birine näm edenmiş? Hiç zat! Ony diňe dogry gepi
310
üçin ýigrenýärler!
— «Kasas kyýamata galmaz» diýipdirler.
23
— Jumaguly aga: «Sallahlar, agşam geliň, men size
künji ýaga bişirilen towukly palaw bereýin» diýdi —
diýip, Batyr Ahmeda onuňka — kolhoza myhmançylyga
alyp gaýtdy.
Batyryň ak «Niwasy» raýon merkeziniň köçelerinden
çykan badyna agşam şapagynyň goňras-gyzylymtyl
boýagyny süňňüne siňdiren minara göründi. Ol gara
baga bürenip oturan obanyň depesinde garawulçylyk
çekip, dim-dik, zyba syratly keşbini, uzak ömrüni,
görer göze ýatladyp duran batyr gerçege meňzeýärdi.
Häzir onuň depesinde şapagyň hurmaýy-gyzyl reňkine
boýalan, al-elwan öwüsýän topbak bulut bolsa depä
çykyp ýarynyň ýoluna garaýan bir gözel perizadyň
owadan saýawanyna çalym edýärdi. Hawa, minara
ýaryny wajyp işe ugratmaga çykan gyrmyzy köýnekli
uzyn boýly päkize gelni-de ýatladýardy.
— Minaranyň owadanlygyna bir seret! — Batyr öňe
ümzügini atdy.
311
— Hawa, seretseň gözüň doýanok. Ýöne har saklaýasda.
Ahmediň kakasynyň o minara üçin temmi alany
Batyryň ýadyna düşdi.
«Minarany ýatlap, Ahmediň köne
gozgadym-ow. Ýatlamaly däl ekenim...»
ýarasyny
Batyr gürrüňi başga tarapa sowjak boldy. Emma
nämeden başlajagyny bilmän, oýa batdy. Maşynynyň
radiosynyň burmasyny towlady. Studentleriň hemde şäher ilatynyň pagtaçylara kömege gelişleri barada
gepleşik gidýärdi. Batyr radiosyny ikinji programma
getirdi. Diktoryň sesi ýaňlandy:
«Pagta meýdanynyň zähmetsöýer gerçekleri, ýubileý
ýylynda «ak altynyň» ýeke hanasyny-da zaýa etmän,
Watan öňündäki plan-borçnamamyzy abraý bilen
ýerine ýetireliň! «Ak altynyň» pälwanlary, häzir siziň
üçin konsertimize başlaýarys. «Ak pagtam» ýerine
ýetirýär türkmen radiosynyň we telewideniýesiniň
hory».
Batyr kinaýa bilen ýylgyrdy.
— Şu aýdymy diňlemäge kolhozçylar gulagyny gerip
oturandyr-ow.
312
— Aý, radio-da, garaz, bir zat bermeli-dä!
Şol wagt olaryň yzyndan
gapdallaryndan ozup geçdi.
ýeten
«Žiguli»
— Tilkibaýyň ogly — diýip, Batyr yzky çyralaryny
gyzardyp, barha daşlaşyp barýan maşyna bakan baş
atdy. — Kakasy glawbuh bolan kişi-dä! Ýüregi ýellijedir
muň häzir. Bu gün oň kakasy Tilkibaý meni ýanyna
çagyrdy.
— Näme diýip?
— Partiýa girerin diýseň, rekomendasiýalaň birini
men bererin diýýä.
Ahmet geplemedi. Batyr gürrüňini ýene-de dowam
etdi.
— Menem: «Göreris, oýlanyşaýyn» diýdim.
— Näme üçin? Ondan alasyň gelenokmy?
Batyr oňa jogap bermän, ep-esli wagt geplemän gitdi.
Ýene-de Ahmet dillendi.
— Aý, saňa-ha rekomendasiýany kime ber
diýseňem ikelläp berer-le. Maňa-ha raýkomdan anket
bermeýämişler.
— Be.
313
Batyr şeý diýdi-de oňdy. Başga zat soramady.
— Men saňa näme üçin «oýlanyşaýyn» diýmegimiň
emmasyny soň aýdaryn. Häzir, dogrudanam, oýlanýan.
Pikir edip aňyrsyna çykyp bilemok. Bir aýylganç hyýal
kelläme gelýä. Atama-da aýdamok. Ýöne, tizara ikiňizede sala saljak.
— Şu partiýa girmek meselesi hakdamy ýa öýlenjek
bolup ýörmüň?
— Nätdiň-aý sen, öýlenmek gürrüňi bu ikara nireden
geldi? Partiýa girmek meselesi hakda.
Jumaguly aga gapydan tirkeşip giren Batyrdyr Ahmet
bilen iki elini uzadyp görüşdi.
— Tüweleme, geliň, goçaklar! Owal ikidik, indi dört
sallah bolduk. Hany, geçiň töre, bi gün bir hezil edip
oturalyň.
Öňündäki jama gyzylymtyl käşirleri dograp oturan
Goç pyçagyny klýonkanyň üstünde goýup, goşary bilen
salamlaşdy.
— Biz-ä ýakýan ýagyňyzyň ysyny minara ýetmänkäk
alandyrys.
— Künji ýagynyň ysy Daşgala-da ýetýändir. Hä-ä.
Aý, indi juwazyňam, künjiniňem ady ýitip barýa. Künji
314
ýagy adam üçin tenekär zatlaň biri ahyry. Mynam,
derýaň arkasynda ýaşaýan garagalpak aşnam iberipdir.
Menem, gel, şu ýigitlerem bir çagyraýyn, dadyp
görsünler, ýeke özüm iýende şah çykýamy diýip, sizede «Bäri gel» edişim boldy. Künji ýagy aşgazany, bagry
agyrýanlar üçin bire-bir emdir. Hol, Pirweliniň öýünde
ýaşap, studentlere pagta ýygdyrýan mugallym bardyr-a.
— Gurdowmy?
— Hawa, anha, şo künji ýagyndan bişirilmese,
nahar iýmeýä diýýäler. Ynha, görseň Aşgabadada iki piläk äkider. Pirweli oňa ýer gazsa-da tapyp
berer. Men size bir rowaýat aýdyp bereýin. Belkem,
bi bolan wakadyr. Garrylar şeýle bir zady gürrüň
berýärler. Gadym zamanda Hywa hökümdarlarynyň
biri tomsuň yssysynda şikara çykypdyr. Ýol ugruna
Bugdaýly diýlip atlandyrylýan obada düşläpmiş. Ol
obanyň aksakgallary hökümdardan nähili nahar
taýýarlamalydygyny sorapdyrlar. Hökümdar bolsa: «Bir
okara buz ýaly köje bolsa besdir» diýipdir. Aksakgal
iki epilip çykyp gidipdir. Emma hökümdaryň sargan
köjesi wagtynda getirilmändir. Ep-esli salymdan soň,
ol obanyň aksakgalyny çagyryp, näme üçin beýle köp
garaşdyrýanlarynyň sebäbini sorapdyr. Aksakgal ýere
bakyp, Bugdaýly obasynda diňe bugdaý ekilýändigini,
315
jöweniň bolsa tohumynyňam ýokdugy zerarly goňşy
oba jöwen üçin atly iberilendigini, ol tapyp getiräýse,
onsoň, hökumdara köje bişirip berjekdigini aýdýar.
Hökümdar gazaba münüpdir. Şol wagtyň özünde
aksakgaly dardan asmagy buýrupdyr. Hökümdaryň
ýanyndaky wezirleriň biri: «Aly Hezret, bir tabak
köje üçin bir bendäni ölüme buýursaňyz, halk sizi
zalymlykda aýplamazmy?» diýip, oňa töwella edipdir.
Onda hökümdar: «Men ony bir tabak köje üçin däl,
obada jöwen ýaly ekiniň tohumynyň ýitmegine ýol
bereni üçin ölüme höküm etdim» diýipdir.
— Ine, goçaklar, künji-hä künji, biziň Daşgalada
jöweniňem tohumy ýitdi. Oň üçin kime nähili jeza
berseň beribermeli. Biragyz sözüne bitýänler, künji
ýagyny, jöwen ununy iýmegi bilýärler, emma ekdireýin
diýip ugruna çykýan ýok... Hany, Goçum, bir çäýnek
çaýam demläp goýber.
Goç çaý demleýänçä, Jumaguly aga dogralan käşiri
gazana gapgaryp, uzyn saply kepgiri bilen garyşdyrdy.
Towuk eti bilen gyzyl käşir künji ýagda birsalym
gaýnansoň, suwa ezip goýan atyň dişi ýaly iri-iri
ak tüwini atdy. Tüwiniň üstünden guýan suwy orta
barmagynyň bognuna ýetende, ony guýmasyny bes
etdi. Soňra gazanyň ýag bilen bug siňip giden gapagyny
316
ýapyp, ýigitleriň ýanyna gelip oturdy.
— Al indi, Goçum, galan işleri seň boýnuňa. Özüň
oduny ýak, özüň agdar, demine goý, garaz, palawyň
garamaty seniň boýnuna.
— Onsoň, Jumaguly aga, palawy bişiren kim bolýa?
— Gazana salan-a men bolýan. Iýip göremizsoň
aýdaryn, kimiň bişirenni!
— Inijikler, palawy myhman iýip görýänçä, kimiň
bişireni aýdylýan däldir. Eger palaw diri bolmasa, öý
eýesi «men bişirdim» diýer. Bardy-geldi suwuny köp ýa
az guýup, tüwüden aldanaýsa, meň boýnuma atar. Bi
aksakgalda oýun kän.
— Ha-ha-ha!..
— Men öň Pirweliň daçasynda birküç aý aşpezlik
etdim. O meni daçasyndan «elin tagamsyz» ýada «pylan zady bişirip bilenok» diýip aýranok. Şu
käte... garaňky düşende ogryn-dogryn o jynsdan
getirýänjelerini bir ýerde dilinden gaçyraýmasyn diýip,
ornuma Zöhräni aldy. Ýöne siz «Dogry gepliň dosty
ýok» edäýmäň? — Jumaguly aga ýigitlere degişdi, soňra
köne keçesiniň ýüzundäki bir ujy gopan goçak gülüň
ýüňüni iki barmagy bilen towlaşdyryp, güýmenen
317
boldy. — Bi ýigitler nämäni gaty görsün? Näme, bular
menem, Pirwelinem bäş barmagy ýaly tanaýalar. Ynha
görersiňiz, ýetim oglan, dul hatynyň gözýaşy aýylganç
zatdyr. Hökman göz görkezer. Öz-özünden tapar.
Onsoňam, häl-ä Pirweli ekeni, Batyr jan kakasy Hany
kötekleseňem göwnüne almaz. Bi ýigidiň edep-ekramy,
hüý-häsiýeti Hana däl-de, ylla aksakgalyň özüne
çekipdir. Düýn aksakgalyň ýanyna-da baryp gaýtdym.
Ejizläpmi-nämemi, günde-günaşa ýanna barsamam
«Jumaguly, näme işiň känmi? Seýrek gelýäň-ä?» diýýä.
«Aksakgal, hol gün geldim-e!» diýdim. «Her gün
geleňde näme, sygyrlaňňy gije sürüp äkitjek ogry-jümri
bamy?» diýýä. «Bor, indi gelip duraryn» diýip, zordan
köşeşdirdim... Könäni ýatlaşyp, gaty köp oturdyk.
Olam şeý diýdi: «Biziň tohummyzda maňa çekeni bir
Batyr jan. Han bilen ikisiniň topragy bir ýerden alnana
meňzeş däl. Hersi bir tüýsli adam...» Ýöne, aksakgal
agyr derde uçrady. Çaga ýaly bir sykym bolupdyr. O
zalym kesel bir degse alman aýrylmaýar-ow. Özem
şagalyň süýji gawuny saýlaýşy ýaly, adamlaň ýagşysynyň
ýakasyndan ebşitläp tutdygy sypdyranok. Goçaklarym,
indi biz — aksakgallaram seýreklenip barýas. Ýöne bir
zada begenýän, ajal gapymy kakan günem, ynsabymyň
öňünde müýnürgejek ýerim ýok. Il-güne, höküwmede
318
ikilik eden däldirin.
— Aksakgal, hany, bi ahyrýetli gürrüňi goýalyň.
— Häh? Goçum, maňa bir zat diýdiňmi?
— Bi oglanlary palawa çagyryp, gürrüňi tükezybana
tutdyň diýýän. Entek-entekler Ezraýyly seň golaýyňa
goýbermeris.
— Hä, şeýlemi? Bi sürpek aşyga dönen eňek bir gyzyp,
sakyrdap ugrasa, aňsat-aňsat durzup bolanok. A şonda
öňräjik, o nämedir ol... Batyr jan, «Žiguliň» basylyp
saklanýan zady? Hä!.. tormozy. Şonda «Aksakgal,
tormozyňy bas!» diýseň boljag-a. Men şo aspalta düşüp,
sürüp oturypdyryn... Häý, Goçum!
— Hany, onda diliňem biraz dynjyny alsyn. Bizem...
— Goç garnyny sypalady — zaprawka edeliň. Seňem
motoryň sowasyn, Oňa deňiç gazany göreli. Palaw
nähili bolduka? Tüwüsini agdaraýsak näderkä?
— Hany, ýene biraz dursun. Ody-da — bir kesindi
çalaja ýylpyldap dursa besdir.
— Onda maşynyňy otlama.
Hemmeler gülüşdi. Ara dymyşlyk düşdi.
Daşarda bir sygyr molady. Ýene biri «Hüm-m-m»
edip jogap berdi.
319
— Beýdip, ýasa gelen ýaly ýere bakyşyp oturmalyň.
Biriň gepläň — diýip, Jumaguly aga dillendi. Ahmet
aksakgal bilen Goçuň ýüzüne seredip sowal berdi:
— Sygyrlaryňyz nähili? Süýt-ýag pylany dolýamy?
Hiç kimden birbada jogap bolmady. Ahyry Goç
üsgürinjiräp:
— Sygyr diýer ýaly, kolhozda sygyr galdymy? Bahar
hemmesiniň ýogyna ýanmadykmy?—diýdi.
Baharda bolan wakany Batyryň gürrüň bereni
Ahmedis ýadyna düşdi.
— Häzir kolhozyň ýerden ýöräni pagtada. Ondan
başga zadyň gürrüňini etseň, Pirweliň ýeňse damary
gataýa. Kolhozçy bendeler pul berip, pagta satyn
alsynmy ýa-da süýt?.. O siziň, işleýän kolhozyňyz
nädýä?
Oturanlar Ahmediň Batyr bilen bir instituty
gutaranyndan, onuňam Batyr ýaly goňşy kolhozda
zootehnik bolup işleýäninden habarlydy.
— Biziň kolhoz — diýip, Ahmet özleriniň Oržonikidze
adyndaky kolhozynyň ýagdaýyndan gysgajyk aýtdy. —
Şo bir bolşy. Pagtasam, süýdem raýonda orta gürpde.
Satynam alanok, oň üçinem, ýylyň-ýylyna ortalygam
320
hiç kime berenok. Ýerden ýetişdirenimizi ýygýas,
sygryň eçilenini sagýas.
— Dogry edýäňiz. Höküwmedi aldadym diýip kimi
aldaýas? Öz-özümizi.
— Ýöne, oň üçin her ýygnakda başlygymyzy Han
aga kötekleýä. Öňräk Han aga oňa: «Meýlisiň ýanyna
baryp, karz pagta alaýsaň bolmaýamy? Beýleki
başlyklar şeýdýä! Git, soraş, maslahatlaşam» diýip ýol
salgy beripdir. Olam: «Beýleki başlyklaryň nädýänini
men bilýän. Ýöne, pagta pylanymy doldum diýen ada
galyp, daýhanam ýylyň ahyrynda aç goýup biljek däl»
diýenmiş.
— Dogry diýipdir başlygyňyz. Biziň kolhozyň pagta
bazasyndaky wekili Ýalow (Obada oň lakamy Ýalow
ýalançy) gije-gündiz bazadan çykanok. Üç ýyldan bäri
şo ýerde işleýä. Kerpiçden jaý saldy. Özüniň «Wolgasy»,
oglunyň «Žigulisi» bar. Bir pyrryllak iş-ä edýä olar.
Pirweli şo ýerik Ýalowdan başgany iberenok. Hemme
zat ýokardan başlanýar. Belanyň korugi ýokarkylarda
— baştutanda. Şolar dogry işlese, aşakkylaram dogry
işleýä. Atam pahyr: «Balygam kellesinden porsaýa,
belent-belent daglaram depesinden ýumrulýa. Baş
bolmasa göwre läş» diýerdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun,
321
otursa-tursa şu nakyly gaýtalamagy gowy görerdi.
Türkmen ýöne ýere: «Baş saglygy bolsun, mal-başyp
bitin bolsun» diýýän däldir. Danalaryň bi sözlerinde
uly many bar ahyryn.
Gülli ýalpak tabaga salnan palawyň ak bugy potologa
çenli göterilip, ysy otagyň içini tutdy.
— Bissimilla, alyň, oglanlar! — diýip, ilki Jumaguly
aga elini palawa uzatdy. Ak sakgalynyň üstüne gaçan
bir düwür tüwini çep eli bilen alyp, onam agzyna saldy.
Ortadaky üýşmek etden iki omaçany saýlap, Ahmet
bilen Batyryň öňünde goýdy.
— Haýal etmäň, meýdanda erkana gezip ýören gyzyl
horazyň etidir. Bular üçdi. Mäkiýanlara galan ikisem
ýeter.
Ýigitler gaty gülmäge çekinip, ýöne ýylgyryşaýdylar.
Palaw iýlip bolnandan soň, Jumaguly aga:
— Hany, indi Goçum, peje birki kesindi odun okla.
Derläp bir gök çaý süzeliň — diýdi.
Çaý başynda Gara Mergeniň üstünden gürrüň açyldy.
Ahmet öz kakasynyň tarapyny çalyp oturmagy uslyp
bilmän, soralan soraga jogap berdi-de, başga gürrüňe
goşulmady. Ol:
322
— Aşgabada gidip, Merkezi Komitete arza berip
gaýdypdyr. Başga belli zat ýok. «Derňäris, gaýdyberiň»
diýipdirler — diýdi.
Jumaguly aga dyzynyň üstündäki uly ýaglygy bilen
ýüzüni süpürişdirip:
— Aksakgallaryň haýyş-towakgasyny bizem-ä
iberendiris. Bi jelegaýda-ha oňa pitiwa bermelidiler.
Hany göreli, Aşgabatda nädýäkäler? Olaram gözlerini
ýumup, bassyr-ýussur etseler, gös-göni Meskewe
ýazarys.
— Onça adamyň golly hatyna biparh garamaklyk,
adamkärçilige-de, kanuna-da syganok — diýip, Batyr
Jumaguly aganyň ýüzüne seretdi.
— Häzirlikçe-hä, sygyp dur. Obkomda biz ýazdykmyýazmadykmy, parh beren bolmady. Kitaplarda, gazetde,
radioda, telewizorda dogruçyl, hakykatçy bolmaly diýip,
gije-gündiz gygyryp durlar. Emma hakykat üçin aýdýan
sözüňe pitiwa berilmese, şondan beter biabraýçylyk
barmy? Onda, diýmek, seni itçe-de äsgermedikleri.
«Bar, eliňizden gelenini aýamaň, asmana ot beriň»
diýdikleri bolýar-da! Hany, Aşgabatdakylaňňam
sözüni diňläli, bolmasa, soňuny görübiris. Bizem gol
gowşuryb-a oturmarys.
323
Batyr ýere bakyp diňledi-de, başyny galdyrdy.
Jumaguly aganyň ýüzüne seredip gürledi.
— Kakam soňky döwürde gaty başyna gitdi. Ylaýtada, şo ýyldyzy döşüne dakaly bäri.
— Hawa, onuň bilen indi gepleşibem bolanok. Baýak,
aksakgalyň ýanynda otyrkam, özüniň «guýruklary»
bilen keselhana bardy. Hiç bolmasa, sakgalymyň agyny
sylap salam beräýmelidi ahyry? Boýnunda çyban bar
ýaly, çalaja başyny yrgyldatdy. Näme, sen ýaşuly adama
salam bereňde kiçelýäňmi ýa beglikden düşýäňmi? Äý,
bolýa-da. O ýyldyzy Hanyň döşüne Arkaly aga dakanok.
Ony partiýa, halk berdi. Beren adam ony yzyna-da alyp
bilýändir.
24
«Ýeňiş» kolhozy noýabryň ýigrimisinde döwlete pagta
satmak planyny doldurdy. Oblast, raýon gazetleriniň
«Hormat tagtasynda» kolhoz başlygy Pirweli Penaýewiň
adyny uly gara harplar bilen ýazdylar. Kolhozda hasyl
toýuny geçirmegi bolsa raýon dolaryňa goýdular.
Şol gün agşam Pirweliniň daçasynyň çyralary daň
atyp, jahan ýagtylansoňam ýandy durdy. Bagşynyň
324
sesi, serhoş bolanlaryň orlaşygy daňa çenli dowam
etdi. Pirweli özüne ýakyn adamlar bilen kolhozyň bu
«ýeňşini» belläp geçipdi.
Raýon bolsa 90 prosentden ýaňy geçipdi. Gündelik
ýygylýan pagta ýarym prosentiň töweregidi. Eger-de şu
depgin bilen gidilse, planyň doljagam gümana.
«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlip
ýöne ýere aýdylmandyr. Howa her gün birhili «oýun»
edýärdi. Gowaça çöpleri ýylan ýalan ýalydy. Gamçynyň
sapyna menzeýän syp-gyrdam baldaklardaky «göz
aldaýan» ýekehana übtükleri şyňlaýan aýazyň ýeline
sozguşyp, uzakdan seredeňde, gowaça atyzlary
pagtadan doly ýalydy. Emma ýanyna barsaň derek
ýokdy. Günuzyn bilini ýazman haýdaňda-da, bir
fartuk ýa ýygarsyň ýa-da ýok. Gije düşýän gyrawyň
derdinden studentler Gün guşluga galýança atyzlaryň
gyrasynda ot ýakyp geçirýärdiler. Olaryň elleri çyzykçyzyk ýarylypdy. Käbirleriniňki çorlapdyram. Ondada daşyna ýukajyk buz örten körek görseler, gyzyl
tapan ýaly topulýardylar. Buz-kesek körekleriň çişe
dönen uçlary ýaryk-ýaryk barmaklaryň ýarasyna
degende, ýürege sünjülen iňňeden kem däldi. Şol bada
gözüňe ýaş aýladýardy. Studentleriň ýüzleriniň bir gat
hamy-da güne-aýaza garalyp, indi Afrikadan gelene
325
menzeýärdiler. Pagta geýýän gelen geýimleri-de şylha
dönüp, ýeňleri, tirsekdir dyzlary aşyklynyň eti ýaly
sallanyşyp durdy. Ýöne bular Jdhanaýa, Mira we ýene
dört-bäş studente degişli däldi. Olaryň adyna Sülgün
brigadir niredendir bir ýerden, «Öz fondundan» pagta
«tapyp» ýazýardy.
Atyzlarda pagta gytaldygyça, onuň frontunyň
çägi-de, hüjümi-de güýçlenýardi. Öň «Kolhoz dolsa,
Aşgabada gideris» diýen umytda gezip ýören studentlere
indi: «Raýon dolansoň gaýtmaly» diýip, tamalaryny
üzdürdiler. Ýolbaşçylar pagtadan başga zadyň gürrüňini
etseň dinlänokdylaram. Garagumdaky goýunlaryň,
kolhozdaky gara mallaryň halyndan habar alýan ýokdy.
Diliňden gaçyraýdygyňam: «Sen pagta zyýan bermelik
üçin, bi gepi bilgeşleýin tapýarsyň» diýjekdiler.
Aşgabatda, ähli oblast, raýon merkezlerinde
kärhanalaryň, edaralaryň, zawod-fabrikleriň işçigullukçylary-da pagta «frontuna» mobilizlenildi.
Gazetlerde, radio-telewideniýede, adamlaryň agzyndan
ýeke söz gaçýardy. Olam: «Hemme zat pagta üçin!»
Emma «ak altyn» atly gaçýardy, adamlar bolsa pyýada
kowýardy. «Ýorgan-ýassyklaryňyzy sekup, pagtasyny
tabşyryň welin, garaz, ýer gazmaly, asmana uçmaly,
ýöne pagta tapmaly» diýlen buýruk berildi. Ölmeli326
ýitmeli respublika pagta planyny dolmaly. Nokat. Başga
gepem, bahana-da bolmaly däl.
Körek arassalaýjy maşynlar öl-myžžyk gozalaryň
süýümini alyp bilenokdylar. Onuň üçinem, gozalary
açmak üçin kolhozda tüsse çykýan öý bolsa, körek
paýlanylyp berilmäge başlandy. Garrysy-gurtusy,
çagasy-çugasy ýok, gije çyrasy ýanmaýan öýler
barlanylyp, bardy-geldi uklap galan adamlaryň
üstünden baraýsa, gygyrýan brigadirleriň agzyndan
çykýan paýyş sözlerini obanyň aňry çetinde diňläp
durmalydy. Agşam açan gozalaryndan alan pagtasyny
ertesi irden gapana getirmedik hojalyklar kolhozyň
ähli ýeňilliklerinden kesilýärdi. On iki sotuk mellegiňe
eken ekiniňe şol tomus suw berlenok. Toý edip, işigiňe
mähelle üýşürmersiň. Pirweli rugsat bermez. Bigeňeş
etseňem, kolhoz ýolbaşçylaryndan biri-de «Toýuň gutly
bolsun!» diýip gapyňdan sekmez. Şolardan gorkusyna,
oba adamlarynyňam köpüsi toýa gelip bilmez.
Adamçylykdyr, bardy-geldi ýasyň-beýlekiň bolaýsa,
öliňi mazarystana göterip äkidersiň, kolhozdan ulag
tamasyny etme.
Şeýle günleriň birinde Batyr irden kolhozyň
edarasyna geldi. Ol käte ýa şu ýerik ýa-da göni ferma
maňlaýyny urýardy. Batyr «Niwasyndan» düşüp327
düşämänkä, Tilkibaýyň kömekçisi eli kagyzly ylgap
ýanyna geldi.
— Ýaňyja gumdan telefonogramma berdiler.
Gyzylgül ýeňňäniň adamsy ýogalypdyr. Saňa-da habar
etmeli diýipdirler.
Gyzylgül Batyryň ejesidi.
Bu wakanyň pajygaly taryhy bardy.
Batyr Pirweliden iki günlük rugsat alyp, Arkaly
aganyň ýanyna ugrady. Elbetde, muny atasyna-da
aýtmalydy.
Batyryň ejesi Gyzylgül Garagumuň ortasyna şeýle
ýagdaýda düşüpdi...
Batyr özüni bileli bäri Arkaly aganyň elinde
terbiýe alypdy. Aksakgalyň kempiri ýogalyp, Batyram
Aşgabatda okap ýörensoň, Han kakasyny öz ýanyna
göçürip getiripdi.
Bu waka şeýle başlandy. Batyr Aşgabadyň oba
hojalyk institutynyň zootehniklik bölüminiň birinji
kursuna okuwa girip, studentler bilen dekabra
çenli pagta ýygymynda boldy. Pagtadan gaýdyp
gelenlerinden soň — täze ýylyň öň ýanlary kyrk bäş
ýaşlaryndaky bir adam agşamara Batyryň ýanyna
328
geldi. Batyr ony ilkinji sapar görýärdi. Ýöne nämede bolsa, gelen adam bilen mylaýym gürleşdi. Ol
özüniňem Daşgala obasyndandygyny aýdyp, Batyryň
ähli garyndaşlarynyň atlaryny ýeke-ýekeden sanap
çykdy. Onuň ady Meýdandy. Aşgabatda akademiýada
işleýändigini, şu ýerde öýüniň, aýalynyň, çagalarynyň
bardygyny aýtdy. Şo gün agşam Meýdan Batyry öýlerine
myhmançylyga äkitdi. Meýdanyň aýaly ony «Batyr jan»
diýip, mähirli garşy aldy. Batyr Meýdany kakasyndan
bir ýagşylyk görendir diýip oýlandy. Öňräk oba baryp
gaýtdym diýýär. «Belkem, şonda kakam dagy Batyrdan
habar tutup durgun diýip adresimi berendirler». Bular
oturyp-oturmanka, ol aýal bir okara etli böregi adamsy
bilen Batyryň öňunde goýdy. Meýdan aýna gapyly
bufedinden bir çüýşe konýak bilen iki sany kiçiräk
stakanjygy aldy. Batyr:
— Men-ä içemok, Meýdan aga — diýdi.
Meýdan, nämüçindir, ýylgyrdy.
«Bu näme içmeýänime ynanman ýylgyrýarmyka?!»
Emma ol başga zada ýylgyrýan eken.
— Bu gün içmeli borsuň...
Meýdan ynam bilen onuňka hem guýdy.
329
— Hany, tut eliňe. Ullakan adam bolupsyň. Mundan
ulalyp düýe boljakmy?» diýýäler.
— Çynym bilen, men içip göremok.
— Içip görmedik bolsaň, görersin. Bol hany,
ýalbartma! Birje sapar içäý.
Batyr stakanjygy eline ikigöwünli aldy.
— Şeýt ahyry, ynha, öýe birinji sapar gelýäň. Hany iç,
onsoň sada gowy bir zat aýtjak. Bol, bolsana!
Batyr: «Näme gowy zat aýtjakka?» diýip pikir edenden
Meýdan has-da gyssap ugrady. Onuň aýaly-da:
— Ballym, birje sapar içäý — diýdi.
Batyr gözüni ýumup, stakany başyna çekdi. Konýak
sowujagam bolsa, ýuwdandan soň aşgazany gyzyp gitdi.
— Al, indi börek iý — diýip, Meýdan çemçesi bilen
onuň öňüne çykaryşdyrdy. Birsalymdan Batyryň
göwresi ýeňlän ýaly boldy. Meýdan eýdip-beýdip oňa
ýene iki sapar içirdi. Ol okuwlaryndan, kursdaşlaryndan
gürrüň berip ugrady. Kellesi çalarak aýlansa-da, süňňi
guş ýaly ýeňildi.
— Daýyň bilen ýene bir sapar içjekmi? — diýip,
Meýdan dillendi. Batyr o wagt «daýyň bilen» diýen söze
ünsem bermän ýylgyryp, «Ýok» manyda başyny atdy.
330
— Öň içmedik oglana azar bermesene — diýip, aýaly
Batyryň tarapyny çaldy. Meýdanam öz sözüne Batyryň
biperwaý garap ýylgyrýanyny gördi-de, birhili boldy.
— Bolýa, onda saňa indi berjek däl. Gulak as, Batyr
jan — diýdi. Batyr onuň ýüzüne ýylpyldaýan göreçlerini
dikdi. — Asýaňmy?
— Hawa.
— Assaň, men seniň dogan daýyň.
Batyr kem-kemden ýylgyrmasyny goýup, onuň
ýüzüne seretdi galdy. Meýdan ýere bakyp oturyşyna:
— Seniň hakyky ejeň, menis aýal doganym. Adyna
Gyzylgül diýýärler. Häzir Garagumuň ortarasynda
ýaşaýar.
Batyr «Eje» sözüni eşidende, Arkaly aganyň kempirini
göz öňüne getirdi. Öňem aýlanyp duran kellesi bulaşan
ýaly boldy-da, kem-kemden açylmaga başlady.
— Hawa, ballym, Meýdan seniň hakyky daýyň.
Gyzylgül gumda ýaşaýar. «Batyr jany» görüp öläýsem
armanym ýok» diýýämiş görgüli.
Meýdan elýaglygy bilen gözüni tutdy. Soňra ýaglygyny
aýranda, onuň gözleri gyp-gyzyldy. Özem çygjarypdyr.
Daýysynyň aýaly gürrüňini dowam etdirdi.
331
— Sen ýaňy üç aýlyk bäbekkäň, Han Gyzylgüli diňe
bir öýünden kowany bilen oňman, obadan çykardy.
O wagt ol kolhoz başlygydy. «Obada dursaň öldirin»
diýenmiş. Soň Gyzylgülüň garyndaşlary ony Borjak
atly çopana beripdirler.
Häzirem gumda ýaşap ýörler. Iki gazy, bir ogly bar.
Han bolsa şondan soň häzirki Mylaýym diýen aýaly alýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 13
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.