Latin

Melgun - 01

Total number of words is 3534
Total number of unique words is 2274
26.2 of words are in the 2000 most common words
38.3 of words are in the 5000 most common words
45.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
HOJANEPES MELÄÝEW
MELGUN
(roman)

«Belent daglar, belentligiňe buýsanma,

Göweçde suw bolan zer dek bolar sen.

Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,

Wagtyň ýetse gurap, ýer dek bolar sen.
Magtymguly
1
Çür depesinden altyn gupbasyny güýçli ýagynyň
leşgerleri goparyp giden minara ýer bilen gögüň,
arasyndaky sütün ýaly, alys menzillerden howalanyp
görünýär. Daşgala etrabynyň haýsy künjünden
seretseň-de, gyşyň aňzagyna, tomsuň jokrama yssysyna
döz gelen bu minara «Men bärde» diýýän ýaly, ýüzüniň
täçsiz başyny bulutlara diräp dur.
Minara öz atdaşy Minaraata obasy bilen tümmektümmek gonamçylygyň aralygyndaky at gaýtarym
meýdançada ýerleşýär.
Minaranyň mesgen tutan topragy nämeleri başdan
geçirmedi?! Onuň nazar aýlap oturan mekanyna ençeme
gije-gündizläp Çingiz hanyň goşunynyň atan daşlary
zeper baryny ýetirenem bolsa, merdemsi halkyny
boýun syndyryp bilmänsoň, ahyry Amyderýanyň
3
suwuna gark edipdi. Ol suwlar ençeme aýdaň soň
ýere siňip gitdi. Ýer bilen ýegsan bolan ýurtda ýaşaýyş
dowam edip ugrady. Täze-täze obalar döredi. Ençeme
arka aýlansa-da, minaranyň şol bir durşudy. Ol köp-köp
şady-horram toýlaryň, köp-köp pajygaly wakalaryň,
gözýaşly ýaslaryň şaýady boldy...
Ine, ol bu günem şol öňküleri ýaly, başyny belent
tutup, Daşgala topragyna nazaryny aýlap otyr. Ýöne
onuň syratly boýy gamgyn adamyň bolup durşuny
ýadyňa salýar. Ol näme-de bolsa bir täzelige, uly
özgerişlige sabyrsyz garaşsa-da, sesini çykarman duran
paýhasly adama meňzeýär.
Beýik minara, ine, bu wakalaryň hem şaýady bolup
ugrady...
Bu waka täze ýyla — 1984-nji ýyly garşy almaga
ylaýyk bir hepde galanda, Han Arkalyýewiçe Sosialistik
Zähmetiň Gahrymany diýen hormatly at dakylyp,
Aşgabatdan Altyn ýyldyzy döşüne dakyp gelenden iki
gün soň bolupdy. Han Arkalyýewiç günorta naharyna
öýlerine barýarka, şofýor tarapa başyny çalaja öwrüp:
— Gökje, öýlän şaýyňy tutaweri. Bu gün agşam ilerki
gumda ýelejiräp gaýdalyň. Belkem, aw-şikar ederis —
diýdi.
4
Gökje düşbi şofýordy. «Şaýyňy tut» diýilse bes. Indi ol
maşynynyň ýagyna sereder, o ýär-bu ýerini çekişdirär.
Her hili zerurlygyň, her hili garaşylmadyk ahwalatyň
ýüze çykmagy mümkin. Ol özüniň hem-de hojaýynynyň
garažda duran ýylyjak possunyny alar. Beýleki awa
gitjekler iýim-içimi bol-telki tutsalar, Gökje-de ätiýaç
üçin bir çelek suw bilen benzini maşynynyň yzyna
oklar. Iň berkisi, duzdur burçy, otluçöp bilen çilimem
ýatdan çykarmaz. Näbilip bolýar, hojaýynyň soran zady
tapylmasa, ymgyr çölüň içinde kimden diläp aljak,
onsoň, Gökje ýere bakmaly bolar.
Gijöýlänler ýola düşüldi.
Gökjäniň «Wolgasy» «Gaz-69» bilen «UAZ»
maşynynyň öňüni çekip, Garagumuň uç-gyraksyz
depelerine tarap süýnüp barýardy. «Gaz-69» kolhoz
başlygy Pirweli Penaýewiňki, «UAZ» bolsa raýonyň
pagta arassalaýan hem-de kabul edýän zawodynyň
direktory Meýlis Bakyýewiňkidi. Olaryň ikisi-de
häzir Han Arkalyýewiň «Wolgasynda» barýardy,
Han Arkalyýewiň dördünji ülpeti, kerpiç zawodynyň
direktory Şiraly Alyýew hem «Wolganyň» içindedi, ol
maşynyny goýup, hyzmat eder ýaly, diňe şofýoryny alyp
gaýdypdy. Onuň şofýorynyň çyn adyny bilýän ýokdy.
Şirala şofýor bolşam tötändendi. Haçan, haýsy ýyldygy
5
belli däl welin, bir sapar Alyýew kurortdan gelýärkä,
ol oňa otluda gabat gelenmiş. «Öýüm-öwzarym ýok,
özümem türmeden boşap gelýän» diýip gürrüň beripdir.
Garaz, ýetim ýigit Şiraly Alyýewiň göwnüne ýaranmyş.
Şeýdibem, oňa şofýor bolupdyr. Şiralydan onuň adyny
soranlarynda: «Ýetimje» diýenmiş. Şoldurda-şodur,
onuň ady-da, lakamy-da «Ýetimje» bolup galypdyr.
Ýetimje-de häzir yzdaky şofýorlar bilen gelýärdi.
«Wolganyň» alynky oturgyjynda golland peji ýaly
garalyp Han Arkalyýew, yzdaky oturgyçda bolsa
Pirweli, Meýlis, Şiraly dagy otyrdy. Han Arkalyýew
olaryň gürrüňlerine her wagt eginlerini silkip gülýärdi.
Ol üçüsi gezekli-gezegine özleriniň başdan geçiren ýada eşiden gyzykly gürrüňlerini aýdyp, Han Arkalyýewi
güýmäp gelýärdiler.
Olaryň garşysyndan käte bir ýeňil maşynly ýa-da
motosikletli ýolagçy çykaýmasa duşýan ýokdy. Anada, gozakly motosikletde biri kellesine gök şlýom
geýip golaýlap gelýär. Gök şlýomly «Wolganyň» deňine
gelende, içindäkileri tanajak bolýan ýaly, boýnuny
sozup seretdi.
— Möjek mugallymam-a seredip-seredip gitdi —
diýip, Meýlis dillendi.
6
— Kim diýdiň? — Han çala eşidip sorady.
— Möjek mugallym diýýän...
— Hä... Äý, ýene birine arza ýazyşmaga barýandyr.
Şunuň ýazyp berýän golsuz hatlaryndan halys bizar
bolupdyryn. Kimiň göwnüne degilse, şoň ýanyna ylgaýa
öýdýän.
Garagum bilen raýon merkezi bolan Daşgalanyň
aralygyndaky «Ýeňiş» kolhozynyň araçägindenem
geçdiler. Öňde indi diňe raýonyň Minaraata diýen
uly gonamçylygy bardy. Ondan ilerde uç-gyraksyz
Garagumuň ulgam-ulgam gum depeleri ümsümlige diň
salyp, dynç alyp ýatana meňzeşdi. Minaraatanyň deňine
ýetiberenlerinde, Meýlis Bakyýew ermeni radiosynyň
sowal-jogaplaryndan warsaky otaryp, gülüşdirip oturan
Şiralynyň sözüni böldi.
— Ýaşullar, bagyşlaň welin, sadagasy boldugym,
Minaraataň müjewürine aklyjak berip gidäýsek nähili
görýäňiz? Han aga, ynha, sizem Gahryman bolup, ilkinji
sapar çägine aýak basyşyňyz. Ikinji, üçünji höwürlerem
döşüňize dakylybersin. Bi sadagasy gitdigim büdrükde
men-men diýen ärler ýatyr.
Gökje «Saklaýynmy?» diýen manyda Han
Arkalyýewiçiň ýüzüne seretdi. Hojaýyny goltuk jübisine
7
elini sokansoň, saklamalydygyny aňyp, maşynyň
tizligini ýuwaşatdy.
— Özümiz bereris, ýaşuly.
— Han aga, sen azara galmasana!
Han Arkalyýewiç gyzyl onlugy yzkylara uzatdy.
— Her kim göwnünden çykaranyny özi bersin.
— Dogry aýdýaňyz, Han aga!
— Han aga dogry aýdýa! Öwlüýä, işan-molla aklygy
öz maňlaý deriňden bermeli.
Şiraly bilen Meýlis ýoluň gyrasyndaky palçykdan
salnan tama haýdaşyp gitdiler. Bu jaý kazasy dolup,
gonamçylyga getirilýän bendeler jaýlanansoň, aýat
okap berýän müjewüriňkidi. Sähel salymdan jaýdan üç
bolup çykdylar. Kellesi gara toklynyň derisinden tikilen
telpekli müjewür başujyndaky merduwana akly-garaly
mata bölekleri dakylan mazaryň ýanynda durup, iki
elini asmana götärdi. Ol gözlerini süzgekledip, owazyny
süýjetmek üçin burny bilen bogazyndan ses çykaryp,
maňňyldap okamaga başlady.
«Bissimilla, rahman-rahym!..
Goşa-goşa ogluňyz bolsun, gideniňiz gelsin,
ýatanyňyz galsyn. Ömrüňiz uzak bolsun, ýüzüňiz ak
8
bolsun, ýoldaşyňyz hak bolsun. Eken her çigidiňiz müň
bolsun, işiňiz oňlasyn. Ýamanyň ýoly aňryk, ýagşynyň
ýüzi bärik bolsun. Ugranyňyz ugur alsyn, namarda
zar etmesin, duşmana griftar etmesin, azaşanyňyz ýol
tapsyn, bizi sylany Hudaý sylasyn, Minaraata saýasynda
saklasyn, Allahyekber!»
Müjewür elini ýüzüne sylansoň, Şiraly bilen Meýlis
oňa aklygy berip, maşyna bakan ýörediler,
Gün bataňkyrlap barýardy.
Aýaz güýjedi. Demirgazykdan öwüsýän ýakymsyz
ýel ýoluň gyralaryndaky alaň-depeleriň üstündäki
sazakdyr çalylaryň baldagyny ilerik egreldip, çalaja
sykylyk atdyrsa, asmanyň ýüzüne-de gara buludyň
ýukajyk ýorganyny örtýärdi.
— Howa-da bulutlaşýa. Aýaz kemeler — diýip, Han
Arkalyýewiç dillendi. Yzdakylar:
— Belkem, gar ýagaýady-da.
— Wah, onda näsini aýdýaň! Awumyzyň yzyny
yzarlap eňibermelili borduk — diýişdiler.
Maşynyň dört tigriniň aralygynda, ýol üstünde
gögören garakdyr ýüzerlik, selindir ýandak «Wolganyň»
garnyny birsydyrgyn daraklaýardy. Onuň sesi diňe
9
Gökjäniň gülagyna ilýärdi. Beýleki oturanlaryň
azaryna-da däldi. Çölüstanlyk bolsa maşynlaryň
hyňňyldysyna gulak görip, sesini-üýnüni çykarman
diňleýäne meňzeýärdi. Ýyldyzlar bulut ýorganynyň
didilip, yş tapan ýerinden jyklap, soňam gaýyp bolýardy.
— Indi «Wolgany» kän gynaman, şu ýärlerde
goýaýsak nähili borka? — diýip, Gökje hojaýyna geňeş
saldy. Han aga baş atyp, razy boldy.
— Gözel göwnüňiz! Geçen saparam şu ýärlerde
goýaýdyk öýdýän.
«Wolga» ýoldan sowuldy. Bardy-geldi bu ýoldan
geçiläýse, ötegçiň gözüne ilmez ýaly, şofýor depäniň
aňyrsyna dulanyp, maşyny uly sazagyň astynda
togtatdy. Radiatoryň suwuny joralandyryp, doňan
çägäniň üstüne dökdüler. Maşynyň iki öň tigriniň
aralygyndan akjymak bug götärildi. Az-kem gözmeleşip
aýak ýazdylar. Depeden aňry aşyp gelenler boldy. Han
Arkalyýewiç oba tarap seredip durşuna:
— Öňki sapar şu ýerden minara görünýärdi — diýip,
ýanyndakylaryň hiçisine-de ýüzlenmän gürledi.— Bu
ýärlerden minara görünmeli. Häzir, dogrudanam, howa
bulutlaşdy. Iňrigem garalyp barýa.
Han Arkalyýewiç, Pirweli Penaýew, Meýlis Bakyýew,
10
Şiraly Alyýew dördüsi «Gaz-69» maşyna mündüler.
Gökje «Wolgasyny» şol ýerde goýup, «UAZ»-dakylaryň
ýanyna bardy. Öňlerem bular, şeýdip, «Wolgalaryny»
ýoldan sowup, guma has çydamly maşynlar bilen
awa ençeme sapar gidipdiler. Ertir daň bilen yzlaryna
gaýdyşyn öňe «Wolgany» alyp gaýdybermelilidi.
Sarymtyl, inçetumşuk şagal ýoly kesip geçdi. El ýüzde
taýýar ýarag bolmansoň, ony atan bolmady.
Han aganyň:
— Towşan-powşan-a görnenok — diýen ýognas
sesi maşynyň silkewine çaýkanyp oturyşlaryna uka
meýil edýän ýolagçylaryň süzülip ugran gözlerini
ýalpa açdyrdy. Pirweli Han aganyň sözüni jogapsyz
galdyrmagy birhili görüp, agzyna geleni diýip goýberdi.
— Entek görnärden irräk. O kanawarlar otlamaga
ýarygijeden soň çykýarlar-a.
— Onsoňam, bi ýärlerik her öňöten gelýä. Ajyguýudan
geçemizsoň görnüp ugrar.
Meýlis Pirweliniň sözüniň yzyny ýetirdi:
— Baýak biziň oglanlar şo ýärlerik awa çykanda, bir
süri keýgiňem üstünden barypdyrlar.
— Meýlis, görýän welin, seň oglanlaryňam ýetmeýän
11
ýeri ýog-ow. Saňa näçesini getirip berdiler?
— Ýekejesini, Han aga.
— Ony näme, bizsiz iýdiňmi?
— Wah, siz Aşgabada gidipdiniz.
— Garaz, bahana tapýaňyz-da...
— Äý, Han aga, iýjegiňiz keýik eti bolsun. Jan-saglyk
bolsa, onuň gaýgysyny etmäň.
«Gaz-69»-yň içi «Wolganyňky» ýaly rahat hem
ýyly däldi. Gapynyň yşlaryndanam, üstüniň brezent
çadyrynyň dikin aralaryndanam, garaz, ýel çekmeýän
ýeri ýok. Han aga häli-şindi possunynyň syýlary bilen
baldyr-butlaryny ykjam dolamaly bolýardy. Pirweli
Penaýew Han aganyň üşänini hemem zol silkeläp
barýan maşyna öwrÝeňişmäni üçin, endam-janynyň
owum-dowum bolanyny aňdy öýdýän:
— Han aga, şu ýärlerde bir düşläp, dynç alyp geçäýsek
nädýä? Awa soň çyksagam ýetişäris-le — diýip maslahat
saldy.
— Täk... Bu diýýäniňiz-ä gülaga ýaramanam
duranok.
Şiraly oturan ýerinde gobsundy.
12
— Onda men yzdakylara öňe düşüň diöýin. Ýetim bu
ýärleriň her çöpüne beletdir. Jümmä ýol görkezer. Olar
öňden gidip, oňaýlyrak ýerde goş tutubersinler.
— Bolýa-da.
Şiraly maşynyň yzky gapysyny açanda, sowuk
şemalyň bady ýatan ýaly boldy. Yzdan gelýän «UAZ»yň sesi golaýda togtady, onuň çyrasy «Gaz-69»-yň içini
ýagtyltdy. Şiralynyň tabşyryklarynyň diňe «Öňe geçiň»
diýeni olara gelip ýetdi. Az salymdan «UAZ»-yň göwresi
yza-yza süýşüp, birdenem öňe müňzedi-de, «Gaz-69»yň çepinden sowlup, geçip gitdi.
Uly oduň tüssesiz tarapynda Han Arkalyýewiň
oturjak ýerini aýratyn taýýarladylar. Ak çägäniň üstüne
ilki selin düşediler, soňra brezent ýazdylar. Onuň
üstünden keçe, keçäniň ýokarsyndanam haly düşäp,
ýassyk okladylar. Otda goýlan tüňçeler şyglaşyp ugrady.
Ýetimje çäýnek-keseleri gyzgyn suw bilen çaýkap,
syryp-süpürip, Hytaýyň 95 nomärli gök çaýyny gülli
çäýneklere atyşdyrýardy. Pirweli Penaýewiň «Gaz69»-nyň Jümmi atly şofýory, guma gaýtmazlarynyň
öňünçäsi öldürilen toklynyň çylka etlerinden ýukajyk
kÝeňişdirip, duz sepeläp közüň üstüne atýardy. Şobada
jyzyrdap başlaýan et- den çykýan bugly tüssejigiň ysy
13
oduň töwäregindäkileriň gaňşylawugyny gyjyklap
ugrady.
Han aganyň özüne giň ýazylan klýonkanyň üstüne
dürli-dümen gök önümler, akly-gyzylly çüýşeler gelip
ugrady. Belent oduň yşygyna asmandan ýagyp ugran
garyň pessaýlap inýän iri tozgalary patrak ýaly açylan
ärik gülleripiň endigan gaýmalaşyp düşüşini ýadyňa
salýardy.
— Hany, Han aga, şara-kebaby sowatmalyň. Başlap
goýbäriň.
— Ana, Ýetimje-de bagyr-öýkeni gazana oklady.
— Jümmi, basymrak bolawäriň!
— Häzir, ýaşuly. — Jümmi elindäki käsäniň agzy ýaly
ak sogany gowrulýan bagyr-öýkeniň, kelte gapyrgalaryň
üstüne dograşdyryp oturyşyna, çygjaryp gyzaran ýüzgözüni güýçli ýalnyň howruna bürüşdirip seslendi.
— Bagyr-öýken diýen zady gaty gowurmaly däldir,
çalaja daşy tense bor. Ganlyja bolsa, tagamly bolýar.
— Häzir, häzir, ýaşulular. Şorja kebap bilen öňe bir
sapar götäriň, oňa çenli taýýar bolýar. Çorbanyň ysy
çyksyn ahyry.
— A-how, adamlar, Jümmiň kellesi käte-käte işleýär.
14
Hany, öňe bir gözek alalyň.
— Ýetimje, senem tüňçeleriňi ýatdan çykarma.
— Ýo... ýo... çykaramok. Ynha, bular lakyrdap — saz
edip dur. Kime gyzgyn çaý gerek bolsa «guk» diýäýmeli.
— Ýetimje kellesindäki Şiraly Alyýewiň öňki geýýän
çalymtyl sür baganaly köne zömmek telpegini oda gyzan
maňlaýyna süýşürip, egremçe sözen taýagy bilen ujy
ýanyp-tüsselep duran ojjarlary aňry-aňry ölçärişdirdi.
Bir kesindiň tüssesi Han aganyň göni ýüzüne urdy.
— Aýt, nätdiňa-aýt?! Şiraly, mynyňa haý diýse-ne.
Aýyrsyn-la o tüsseleýän zadyňy!
— Häzir. Ine, aýyrdym, Han aga.
— Tüssäň bilen öz başlygyň gözüni gap.
— Ha-ha-ha!..
— Ýak, senem Ýetimje, dek otursaňa, nä eliň,
gijeýämi?
— Men-ä gowulyk etjek boldum, ýaşuly. Onsoňam,
ak ojaryň, tüssesi bolmaz. Bujagaz ak tüsse, adama
deri-dermandyr.
— Ozal eýýämde Ýetimje ýaly biri bar ekeni...
— Hawa, onsoň.
15
— Onsoň, asyl ot ýansa, Ýetimje ýaly bagry gijäbäröň
ekeni. Ýanyp duran kesindini alyp, ony oň üstüne, muny
muň üstüne goýuşdyrmak keseli-pişesi bar eken-dä!
— Gyzamykdan galan keseli bar eken diýsene!
— Ha-ha-ha!..
— Hawa. Ahyry ýoldaşlary onuň elini daňyp
goýupdyrlar. Az wagtdan soň hälki eli saralan, oda
ýetmän duran kesindä başyny atyp, oturanlara: «Wah,
jan doganlar, şo kesindini... ana, şoňy oduň üstüne
oklaýsaňyz-la» diýip ýalbarýarmyş.
— Ha-hah-ha!..
— Bolmaňa, Ýetimjäniňem şoň ýaly, elini dasyp
goýuň.
Gar ýuwaş-ýuwaşdan kiparlap ugrady. Şorja şarakebapdan, guýruk ýaga gowrulan bagyr-öýkenden
garynlaryny doýran «awçylaryň» ýagly dodaklarynyň
şapbyldysy, soňabaka tamşanmalary-da galyşdy.
— Men bir şu töwäreklere aýlaň-çaýlaň edip geleýin.
— Pirweli şofýorynyň ýüzüne seretdi. — Jümmi, meň
tüpeňimi getirsene!
Jümmi gop bärlen ýaly ýerinden turup, «Gaz-69»-a
tarap ýegdekläp gitdi. Pirweli Penaýewiň goşasyny, hatar
16
okly guşagy bilen bile getirip eline berdi. Pirweliniň
biline guşan hatar okly kemäriniň ujy tokasyna zordan
ýetdi. Ol alaňlyga tarap ýöräp ugrady. Jümmi-de eöňine
höwrügen wepaly güjük ýaly, kibtini gysyp, onuň yzyna
düşdi.
Gökje şofýor gapdalda üýşürip goýan odunlaryndan
gujagyny dolduryp, oduň üstüne basdy. Şatyrdap
tutaşýan otdan ýylpyldaşyp götärilen sarymtyl-gyzyl
uçgünlaryň hersi ýokary galjak derejesine ötensoň, öňede hälki ýagan gary ýatladýan çalymtyl tozgajyklara
öwrülip, tümlügi böwüsýän yşygyň ýagtysyna gaýdagaýmalaşykdy. Ýassygy tirsekläp ýatan Han aganyň bolsa
çygjaran ýüzi, ýagly aýasy bilen sypalaýan ýaňakdyr
duluklary-da şol ýagta lowurdap, al-elwan öwüsýärdi.
Eliniň aýasyny semiz dulugyna diräp, aýaklarynyň
üstüne possun taşlap keserip ýatyşyna, onuň humarly
gözleri ukudanmy, ýadawlykdanmy, garaz, ümezlenip
gidýärdi. Şol pinek edip ýatyşyna, semiz duluklaryndan
ýagly aýasy sypan halaty, mähnet kellesi ýassygyň üstüne
togalanyp gaçjaga meňzeýärdi. Ol şol bada tisginip,
öküziňki ýaly ala gözlerini mölerdip açýardy-da, sowan
ajy çaýyndan hopurdadyp owurtlaýardy. Ýogyn ýuwdan
çaýyny gülkuldadyp aňry geçirensoň, üstünden agyr daş
aýrylan ýaly myşdyldap, iki egninden demini alýardy.
17
«Gürp! Gürp!»
Ala gözler peträp açyldy.
Meýlis bilen Şiraly üserilip, garaňky depä tarap
seretdiler.
— Beh... beh... bi Pirweliniň çynymyka ýa-da howaýy
atýamyka? — diýip, Han aga tirsek taşlap ýatyşyndan
dikelip, Meýlis daga tiňkesini dikdi.
— Özi-ä goşanyň iki gözünem boşatdy.
— Bir zat görmese howaýy atasy ýok-la.
Oňa çenli tüpen öňe-de iki sapar atyldy.
— Baý-bow, Pirweli-ä bir süriň üstünden bardy.
— Oň atyşy-ha, towşanlary sazagyň şahasyna özi
daňyp goýan ýaly.
— Her okda birini awlan bolsa, dört towşany getirow.
— Şu wagt ikisi bolsa-da boljak.
Iki göwräniň garasy alaňdan aşyp, aşaklygyna indi.
Pirweli bilen Jümmi üç sany çal towşany ellerinde sallap
oduň başyna geldiler.
— Ine, Han aga, bular-a ýanyja otlamaga çykan
ekeni. Nesip edenden şatur-şutur gazanda jazyrdadyp,
18
gowragada, ýüz-ýüzden göndersek, biziň öňümizde aw
durmaz.
Han aga öňe-de ýassygy tirsekledi.
— Oň ýaly bolsa, serap bilen towşan kebabynam
yzyna gaýtarmarys.— Ol loh-loh edip güldi-de, boşan
çäýnegini ileri süýşürdi.
— Ýetimje, aý, Ýetimje! Han aga çaý demle!
— Ýaşula ajyrak demläp bärsenizläň!
Hamy sypyrylan towşanlary bölekläp, duzlaşdyryp,
ýagy tüsseläp ýanan gazana atanlaryndan, jagyrdap ses
çykdy. Jümmi çemçäni alyp, gazany ýetişibildiginden
bulamaga başlady. Ýaga gowrulýan boz towşanyň,
közde jyzyrdaýan şorja kebabyň ysy işdälere ýaňadan
gylaw berdi, agyzlary suwartdy. Gökje kebaby eýlesine
agdarsa, Ýetimje gaýnan suw bilen okara-çemçeleri
ýuwuşdyrdy. Meýlis Han Arkalyýewiň ýarpylan ikinji
konýak çüýşesinden onuň käsesine öňe-de guýdy,
Pirweli dagy özleri üçin guýlan araga el ýetirdiler.
«Uaz» maşynynyň kabinasynyň üstünde öňe gözelip
duran tüpeňleriň nilleri uruş ýyllarynyň «katýuşasyny»
ýada salýardy. Kabinada şofýoryň ýanynda oturan
Jümmi elindäki projektorynyň ýiti şöhlesini iki
19
gapdallaryndaky çöp-çalamlaryň, sazak-çalylaryň
düýplerine tutup aw agtarýardy. Ana, belent depäniň,
etegindäki çöplükde otlap ýören iki towşan yşyga
düşdi. Jümmi elindäki projektory olaryň gözlerine
tutdy. Olaryň çym-gyzyl gözleri gamaşdy. Belkem,
gapylandyr. Üstüne aýylganç howpuň abananyny aňan
janawaryň gulaklary sandyraýardy.
— Bogaz-a däldir-dä? — diýip, Şiraly seslendi.
— Biz olaryň haýsysynyň haçan ZAGS-dan geçenini
näbileli — diýip, Meýlis jogap berdi. Şol mahal Han aga
tüpeňiniň mäşesini gysdy. Towşanyň duran ýerindäki
ýukajyk gar tozap gitdi. Bir gapdala agan towşan dört
aýagyny kakyşdyryp, birsellem garlary peşeşdirdi. Oňa
çenli bir eli pyçakly Ýetimje, zömpi telpeginiň maňlaýyny
beýleki eli bilen aşak basyp, maşynyň bortundan böküp
düşdi-de, çabalanýan janawary basymrak halallamak
üçin, oňa tarap ýapyrylyp eňdi. Özüne golaýlaýan
«Ezraýyly» aňdymy-nämemi, janawar çaganyň agy
sesi bilen çyrlap çabalandy. Ýetimjäniň penjesi degen
näzik göwre dutaryň kakylyp goýbärilen kirşi ýaly
sandyraýardy. Ýetimje bogazy çalnan towşany bortuň
içindäki beýleki gana bulaşan üýşmek awuň harmanyna
oklap, ýöräp ugran maşynyň yzyndan dyrmaşyp mündi.
20
Awçylaryň kellesi göçüpdi. Aýaza ýüzi gapaklap
demrigen çägeligiň çem gelen ýerinden ýüzugra
sürülýän «Uaz»-yň, deminden ýerden ýöreýän dört
aýakly janawaryň ganat bekläýmese sypjak gümany
ýokdy. Anha, öňe-de dört «çyrajyk» ýandy. «Katýuşalar»
göçdi. Ýetimje maşynyň tizligi haýallan badyna böküp
düşdi, emma towşanlaryň biri iň soňky otlan ýerinde
«myhmançylykda» galsa-da, beýlekisi aman sypdy.
«Uaz» ýumlugyp gaçan towşanyň yzy bilen belendipesi, çöp-çalamy bilmän waz ýasady. Ýetimje maşynyň
yzyndaky gyzyl çyralary zordan görüp galmaga ýetişdi.
«Sypan towşanyň yzyndan eňdiler-ow. Awlap
gelerler».
Dogrudanam, awçylaryň gyzan kellesine şunça atylan
okdan aman sypan towşany tutmak humary urupdy.
Emma towsaňam öňär eken. Yşyga düşmejek bolup,
sap atýardy. Çala düşse-de, özüni garaňka oklardy.
— Bi towşan tilkiden sapak alypdyr.
— Ýo... öň muň projektor bilen tüpeňden gözi mazaly
gorkan bolmaly.
Towşan her zat etse-de, näçe ýyndam gaçsa-da,
Jümminiň çyrasy ony gözlep tapýardy. Birdenem ol
sakga saklandy. Maşyn tarapa göni öwrülip, öňir düşüp,
21
aman dileýän ýaly öň aýaklaryny ýokary götärdi-de, it
oturyşyny etdi. Şobada-da Han aganyň gysan mäşesi
ony ýere ýazdy.
— Häk... atmaly däld-ow, aw ompa oturypdy.
Bu söz Han Arkalyýewiň gülagyny atan okundan
beter gapdy. Aw ompa oturanda, atan awça betbagtlygyň
garaşýanyny ol köne awçylardan ençeme mysallar bilen
eşidipdi. «Awlan awuň müňe ötende şeýle bolýarmyş»
diýýänleri dogrumyka?»
Awuň keýpi humarly kellesine uran Han Arkalyýew
ýaňky «Atmaly däldi» diýeniň kimdigini biljek bolup,
ilki golaýyndaky Gökjäň, soňra Meýlisiň, Pirweliniň,
Şiralynyň ýüzlerine dowar saňaýan ýaly, ýeke-ekeden
seredip çykdy. Toşap käsesi ýaly gan öýlen ala gözleriň
gazaply bakyşyndan sussy basylan adamlar, ýüzlerini
aşak saldy, Ompa oturan towsaňam öňküleriň üstüne
hütläp düşdi.
Maşyn öňe müňzäp gitdi.
Han Arkalyýewiň synçgylawugy tutup başlady.
Ýaşaryp duran gözlerindäki üznüksiz syrygýan nemler
çekgelerini üşedensoň, possunyň ýeňi bilen ýüzüni
süpürdi. Aýasynyň sowuk ýumrusy bilen gijeýän
göreçlerini owkalanda, gözýaşy owasyny awuşdyrdy. Şo
22
halat garry sazagyň düýbünde gymyldaýan towşanyň
ýagyrnysyna gözi kaklyşyp, dessine mäşäni gysyp
goýberdi...
Gymyldan towşanyň ýagyrnysy däldi... «Waý!» diýip
çykan ses bilen bile janhowluna asmana böken Ýetimje
şalkyldap ýere ýazyldy... Boljak iş boldy... Maşynyň hem
projektoryň çyrasy ikisi bilelikde sazagyň düýbünde
çalam-çaş bolup ýatan Ýetimjäniň göwresine düşdi.
Maşynyň durmagyna mähätdäl adamlar bortdan
böküşip, Ýetimjäniň ýanyna bardylar. Han Arkalyýew
maşyndan hemmelerden soň düşüp, howlukman
duranlaryň ýanyna geldi. Ýüzi ak garly doňak çägäniň
üstüne akýan al-gandan çalaja bug götärilýärdi.
— Kim atdy?
Han aganyň bu sowaly garaňky gijede duýdansyz
çakan ýyldyrymdan beter, duranlaryň gülagyny gapdy,
endamlaryny düýrükdirdi. Olar durky bilen göze
öwrüldiler. «Kim atdy?.. Kim atdy?..»
— Hany, tüpeňleri getiriň!
Täze buýrugy ýerine ýetirmäge Gökje bilen Jümmi
ylgady. Han Arkalyýew olaryň maşyna münşüp, kabina
söýelgi tüpeňleri goltuklaryna gysyp, her kimiňkini
ellerine äbärişini ses-üýnsüz synlap durdy. Elindäki
23
tüpeňe seredip ardynjyrady.
— Äý, indi kimiň atanynyň tapawudam ýok-la.
Boljak iş boldy — diýip, goşa nilini omurdy. Iki peşeňi
çykaryp ýagta tutdy. Olaryň ikisi-de atylmandy... Muny
duranlaryň hemmesi gördi. Güwä geçip, şaýat boldular.
Pirweli, Meýlis, Şiraly dagy hem gaply oklaryny
görkezdiler. Indi gözek...
Gökjäniň ýüreginiň gürsüldisi öz gülagyna-da
eşidildi.
Onuň tüpeňinden bir peşeň boş çykdy.
Bütin göwresi-de boşap galana döndi. Onuň gapylan
gulaklary hälki kükregini ýarara getirýän düňküldiňem
eşidenokdy.
El-aýagyny, agzyny-dodagyny gymyldatmaga-da
hatda adamlaryň ýüzüne seretmäge-de ysgyn-mejaly
galmandy. Maňlaýyna sowuk der indi. Saňňyldaýan
ysgynsyz ellerinden patlap gaçan tüpeňi aksowult
çägäniň üstünde garalyp ýatyrdy.
Ýaňy adamlar Ýetimjäniň ýanyna howlugyp, böküşip
maşyndan düşýärdiler, Han Arkalyýew boş peşeňi
özüniňkiden alyp Gökjäň tüpeňine gaplady. Ony
garma-gürmelikde duýan adam bolmandy.
24
Han Arkalyýew, Pirweli Penaýew, Meýlis Bakyýew,
Şiraly Alyýew dördüsi bir çete çekilip, ýuwaşjadan
hümürdeşýärdiler. Olar nämäniň maslahatyny edýärkä?
Elbetde, Ýetimjäň. Ol belli zat. Başga nämäniň maslahaty
bolup biler? Şu wagt şoňdan zerur näme bar? Öňe bu
wakanyň, soňy näme bilen gugararka? Ine, muny bilýän
ýok. Ýok, bilýän bar. Diňe Han Arkalyýewiç näme diýse
şol bolar. Ak diýse ak, gara diýse gara. Ýalkasa ýaz,
gargasa gyş. Onuňam etjegi içinde. Ýüregine düwen
hyýalyny ýär- den ýöreýän iki aýakly bilip bilmez. Onuň
bu häsiýetine ençeme ýyl ýanynda şofýor bolup ýören
Gökje belet. Daşyndan göräýmäge, ol ýylandan ýumşak
bolsa-da, zäheri onuňkydan awulydy. Etjek diýen
zadyňy edýärdi. Gowy görenini, depesine götärýärdi,
ýigrenenini ýedi gat ýeriň astyna sokýardy.
«Ýa-da awuň gyzgynyna kelle göçüp ataýdymmykam?
Onuň kellesindäki Meýlisiň köne ylhanaty-da ylla
towşanyň maslygyna menzäp dur. Beh... atanym-a
ýadyma düşenok. Ýa-da maşyn silkende, mäşesine
barmagym degäýdimikä? Belkem, özi göçendir...»
Iňkise giden Gökje şu oýlar bilen çommalyp
oturyşyna, iki eli bilen maňlaýyny tutdy. Aýaly, çagalary
gözlerini tegeleşip, milisiýanyň öňüne düşüp barýan
Gökjäniň yzyndan seredip duran ýaly boldy. Oňa kir25
kimirsiz Garagumuň arassa howasy ýetmeýän ýalydy.
Ot alyp duran içine sowuk howany dartdy. Onuň
bilenem derdi ýeňlemedi. Ertirlik çaýyň başynda
aýalynyň berýän nesihatlary gülagyna geldi:
«Meniň pendimi alsaň, etjek işiňi, basjak ädimiňi
oýlanyşybrak edewäri. Sen ýanynda gözip ýereňsoň, Han agany ýigrenýänler senem gözünde
oky bolsa atjaklyr. Garganyň gaz ýöreýşini etjek bolup çatalbasyny ýazdyryşy ýaly, olar ýalakyň aýagyna
eýgörjek bolma. Seniň arkaňda direnip duranyň ýa-da
bolmaňa bir zat bolsa pul bilen agzyny petikler ýaly
beýläňe süýşüren lomaý hazynaň ýokdur. Büdreseň
öňsäňden depip, garynja ýaly mynjyradyp ötärler. «Wah»
diýip gynanjak meň bilen garagöz çagajyklaryňdyr.
Ýanyja ulymyzy ilhatary durmuşa çykardyk. Beýlekileride abraý bilen gözli-başly edýänçäk, Hudaý gorasynda...»
Golaýda uniwärmagyň direktorynyň ogluna
durmuşa çykan gyzy Bossangülüň keýpi iki hilidi.
Ol barmaklaryndaky göwher gaşly gyzyl ýüzüklerini
oýnap bir sapar şeýle diýdi:
«Biziň-ä zar zadymyz ýok, Hudaýa şükür. Elimiz
uzadan ýerimize ýetýä. Köýneklerimi görup,
26
joralarymyň içi-bagry tüteýär. Tütäp geçsin. Öňe...
şu Ataşka... Soňky wagtlar üýtgäp ugrady. Öň öýden
çykaryp bolanokdy. Indi öýe gijäniň birmahallary
köwlenýär. Kä gün-ä lüljan, käte-de neşeden doýup gelýä.
Öň-ä biraz gulak asaňam bolýardy, indi gaýynlarymyň
aýdan-diýenine soganam dograp berenok. Kellesine
gelenini edýä. Gaýynlarym «ýaşlyk ýelginidir, düzeler»
diýýärler. Belkem...»
Gökje Han aga tarapa seretdi. Çiliminiň tüssesi
zogdurylyp burnundan çykýar. Han aganyň bir-ä
gahary gelende, birem bir zadyň pikirini edende, yzlyyzyna çilim çekýänine Gökje beletdi.
«Şu saparam bi beladan alyp galaýsa, ölýänçäm
Han aganyň güly bolup gözerdim. Öýdäkini eňredip,
çagalary yzladyp, gözenege dykmaňalar, etimi kärçeläp,
gowrup iýseler-de kaýyl. Ynha, käöňe ýüzüm, ursa
arkam. Eşek edip münse-de, it edip gapysynda daňyp
goýsa-da gaşymy çytman...»
Han Arkalyýew elini garnynyň üstünde gowşuryp,
şofýorlar tarapa ýöneldi. Ol üçüsi-de iki gapdalyna
geçdiler. Şiraly Gökje bilen Jümmä köpräk ojar ýygyp,
şu ýerik üýşürmeklerini buýurdy.
Kärzowoý ädikleriň depgisine omrulýan garry
27
sazaklaryň gütürdisi-şatyrdysy imisalalygy bozdy.
Üstünden ençeme çarşenbäni geçiren käbir sazaklaryň
böwri öte bişen waharmanyňky ýaly, darka-darka
ýarylyp, içleri garaküle öwrülipdir. Olar ýygan
odunlaryny bir ýerik daşamaga başladylar. Basylan
ojarlar gara öýüň gabarasyna deňeçär boldy.
Jümmi ogürlyk edýän ýaly, ýuwaşlyk bilen pyşyrdap
Gökjeden sorady.
— Äý, bular müňça oduny nätjek bolýarkalar?
— Tezeden nahar-şam edinjek bolaýmasynlar. Öňki
iýlen-içileniň bary bir köpük boldy ahyry... Ýetimje
keýpi uçurdy.
— Ýetimjäň, jesediniň ýanynda bokurdakdan zat
geçärmi?
— Ony maşyna ýükleris-dä!
— Ýükläňde näme?
— Onda sen näme üçindir öýdýäň? Ýa Şiraly hümmüz
otlamaga äkitjekmikä?
— Aý, meň-e hiç zatdan başym çykanok. Ýada ötüki...
neşeden birki baş soraýjakmykalar?
— Han aga edýärmi?
28
— Bularyň etmeýäni barmy?
Az wagtdan olar ortada süýtli külçäni goýup, ýekeýekeden aýaklary bilen basdylar-da, duzdan ant
içip, «awy» ýaladylar. Şu bolan iş şu ýerde galmaly.
Kimde-kim ikilik edip, şu waka hakda agzyndan ýarty
agyz söz gaçyrsa, onuň başyna Ýetimjäniň gününe
saljakdyklaryna, Hudaýdan, Minaraatadän, gürhandan,
çagalaryndan kasam etdiler. Soňra ojaryň ortasynda
ýatyrylan Ýetimjäniň üstüne ýarty bedre benzin döküp,
hemmesi gözlerini daňdy. Hemmesi-de eline otluçöp
alyp, deňine çyzdylar, üýşmek oduna okladylar.
Güpbe lowlan küde odunyň ýalnyna ýüzleri gyzyp
giden adamlar şobada birki ädim yza çekildiler.
Şatyrdap tutaşan äpet ýalyndan geýim-gejimiň agyr
ysy kükäp başlady.
Olar oda seredibilmän, ýüzlerini kese sowup,
başlaryny salladylar.
Gözi bilen görenler bu aýylganç wakany köp wagtlap
ýatdan çykaryp bilmedi. Ylaýta-da Şiraly Alyýew.
Ol ençeme sapar düýşünde gygyryp, tas aýalynyň
ýüregini ýarypdy. Aýaly onuň näme samraýanyna,
nämeler diýip gygyrýanyna düşünip bilmän, düşeginiň
üstünde dyzlaryny gujaklap dik oturardy. Käte bolsa
29
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 02
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.