Latin

Melgun - 16

Total number of words is 3615
Total number of unique words is 2159
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nätanyş daraklygyna galyp, naharhananyň penjiresiniň
açyk fortoçkasyny-da ýapdy. Boýnuny sozup, Meýlisiň
ýatan otagynyň äpişgesine seretdi. O ýeriň fortoçkasy
öňden ýapyk eken. «Pyslap» çykyp duran gazyň ysy
eýýäm onuň başyny aýlap ugrapdy.
Nätanyş adam öňki gelşi ýaly, ýene-de daşky gapyny
mäkäm ýapyp gitdi...
Meýlis Bakyýew melul halda bu dünýedäki iň soňky
düýşüni görýärdi... Garagumuň ymgyr giden çägeligi.
Petiş howada dem almak kynlaşýar. Birdenem Meýlis
Bakyýew iki alaňyň arasyndan ýeriň astyna gidýän
basgançaklardan düşüp metronyň eskalatoryna mündi.
Eskalatory zeminiň çuňlugyna tarap Ýetimje sürüp
barýardy. Az salymdan Ýetimjäniň kiçijik maşynyny
gök tüsse gaplady. Burum-burum tüssäniň ysy Meýlis
Bakyýewiň ukusyny getirýärdi. Ol Ýetimjä «maşynyňy
sakla» diýip gygyrmakçy boldy. Emma, nämüçindir,
sesi çykmady. Ýetimje bolsa tüssäniň içinde oňa elini
bulaýlaýardy. Birdänkä-de onuň maşyny lowlap ot aldy.
Gyzyl ot bolup ýanýan Ýetimje henizem Bakyýewe
elini bulaýlaýar. Ol bärik gel diýýärmi ýa-da kömege
çagyrýarmy, belli däl! Gum alaňlarynyň arasynda gurlan
metronyň içinde, gyzyl ot bolup ýanýan Ýetimjäniň
töwereginde bir topar şagal peýda boldy. Olaryň gözleri
415
çatrykdaky swetoforyň göm-gök çyralary ýaly bolup
ýanýardy. Meýlis Bakyýew Garagumda aw awlaýarka,
garaňkylykda sataşýan şagaldyr möjekleriň gözlerine
prožektor tutanda, olaryň gözleriniň şeýle ýanýanyny
bilýärdi. Ol şagal sürüsine duşanyny aňdy. Egninden
tüpeňini kakyp aldy-da, göm-gök çyra bolup ýanýan
gözleri nyşana aldy. Mäşäni gysdy. Emma tüpeň
atylmady. Ýa atylsa-da, sesi çykmady. Ýöne hälki gök
çyralar birdenkä ala gözlere öwrüldi. Ol gözler Han
Arkalyýewiňkidi. Özleri-de sop-sowukdy. Meýlis
Bakyýew beýlesindäki «çyra» garady. Ol «çyra»
Pirweli Penaýewiň gözleri bolup çykdy. Indi Meýlis
Bakyýew ol «gök çyralaryň» şagal däldigine göz ýetirdi.
Gorkmasyny-da bes etdi. Tüpeňini ýene egninden asyp,
gözlerini ýumdy-da, zeminiň astyna baka eskalator
bilen süýşüp başlady. Ol bir zada haýran galýardy.
Nämüçindir, öň bu hakda oýlanmandyr, pikir etmändir.
Asyl ýabany, wagşy haýwan diýip ýören şagallarymyzyň
gözleri beýle gorkunç däl eken. In aýylganjy, özüň bilen
tirkeşip, duz-emek bolup ýören adamyňky bolsa nätjek?
Seredip otursa, onuň gözlerinde ne rehim-şepagat, nede yssy mähir bolar ekeni...
416
30
Bu wagtlar Arkaly aga gözlerini ýumup ýatyrdy.
Nobatçy wraçyň käte gelip edýän ukolyny-da indi
aksakgal känbir duýanokdy. Ukusyzlykdan ýaňa
gözleri gyp-gyzyl bolan Batyr onuň başujunda oturyp,
atasynyň süňk bilen hama öwrülen ellerini owkalaýardy.
Aksakgalyň açyk ýakasyndan görünýän ak tüýli döşleri
her dem alanda, aşak-ýokary galgaýardy. Ana, onuň
erninden akja köpük göründi... Batyr ony emaý bilen
syryp aýyrdy.
— Ýaşuly öýkeniniň daşy belen dem alýar — diýip,
wraç Batyryň ýüzüne seretdi. Batyr atasynyň ajal
bilen başa-baş söweşýänine göz ýetirdi. Wraç ýene-de
aksakgalyň ýüzüne seredip dillendi.
— Ýaşulynyň ýüregi sagdyn ekeni. Tüweleme, ölüme
baş berenok.
Daň saz berdi. Guşlar oýandy.
Arkaly aganyň birden dem almasy kesildi. Soňam
gözüni açagada, Batyra bir zat diýjek ýaly etdi-de, ýenede gözlerini ýumup, baky uka gitdi.
Han Arkalyýewiç kakasyny öz öýünde ugratmasa
gelşiksiz boljagyny bilýärdi. Onda il-gün näme
417
diýer? «Ýumruk ýaly kakasynam ýaşynyň soňuňda
sygdyrmady. Pahyr itiň hory boldy» diýip agzyboşlar
gören ýerde ýaňramazmy? Onsoňam, ýakyndanalysdan Han Arkalyýewiçiň ady-abraýy üçin geljekler
bar. Olaryň içinde-de syn-deramat etjekler kändir.
«Raýkomyň sekretary bolsa-da, öz kakasyny il hatary iň
soňky ýoluna ugradyp bilmedi» diýip, baý gürlärler-ä.
Ýöne, bu günki güne Han Arkalyýew köpden bäri
garaşyp ýördi. Onuň nämüçindigini özünden başga
bilýän ýokdy.
Mansurow obkoma, Daşgulakow oblispolkoma,
Ýallakow hem raýonyň başlyklaryna habar etmegi
boýun aldylar. Şol arada ýene bir ajy habar gowuşdy.
«Meýlis Bakyýew ölenmiş. Öten agşam öýünde gaz
tutupdyr».
Bu habara-da Han Arkalyýewiň garaşýan bolmagy
juda ähtimal. Sebäbi ýeňillik bilen uludan demini aldy.
«Hudaýa şükür, pagtaly gürrüňde «Han Arkala
pylança manat berdim» diýip ýüzüme geljek adam-ha
indi bi dünýede tapylmasa gerek...»
Onuň göwrümi giňäp, böwründäki sanjylaryň birisi
aýrylan ýaly boldy. Ýöne bir sanjysy: öýlerindäki demir
418
sandygyň içinde, teletin haltada ýatan altyn teňňeler,
gyzyl şaýlar, göwher gaşly ýüzükler, gulakhalkalar,
gülýakalar... Ine, bi sanjynyň derdinden indi näçe gündür
oňa uky diýen zat haramdy. Iýeni içine gitmän, ýuwdany
endamyna zäher bolup ýaýraýan ýalydy. Ymyzgandygy,
altyn-gyzyllary harteçjal gelen ýaly ala-zenzele turzup,
ziňkildäp oýanýardy. Ol bu hazynany gümlemegiň hem
gamyny iýip ýördi. Eger şonam göwnündäki ýaly edip
ýerleşdirip biläýse, onda Han Arkalyýewiç aýaklaryny
uzadyp, arkaýyn ýatyp biljekdi. Öýüni, howlusyny ökde
sapýorlaryň brigadasy gyzyl-dörjük edip, müň ýola
gözlänlerinde-de Mylaýymyň barmagyndakylardan
başga gyzyla ýüzleri düşjek däldi.
Meýlis Bakyýewiň aýalynyň yzyndan gyssagly
telegramma ibermeli, özüni bolsa ertire çenli «myhman»
almaly diýlen maslahata gelindi.
Han Arkalyýewiň gudasy, kerpiç zawodynyň
direktory — Şaguly Garlyýew daň bilen hopugyp
oýandy. Ol öten agşam gijäniň bir mahaly öýlerine
gelende, Han Arkalyýewiçiň tabşyrygyny aýalyna
aýalyna aýdyp ýatypdy. Onuň üçinem, adamsynyň daňa
galan doňuz ýaly oturgyja büdräp, hüňürdäp ýörenini
geňem görenokdy. Öten agşam Şaguly tabyt ýasaýan
Ýefim atly ussany ýer ýykyp gözledi. Emma ussa oblast
419
merkezine giden ekeni. Aýaly: «Ol ýaban ýatýan däldir,
içinde jany bolsa, gijaň bir mahalam bolsa, entirekläp
geler» diýdi. Şaguly oňa: «Gelse, Şaguly gözledi, bir
ýerigem butnaman, öýünde otursyn» diýip gaýtdy.
Daňyň alagaraňkysynda gapyny ýene-de Ýefim
tabytçynyň aýaly açdy.
«Ýefim ussa henizem öýlerine gelmändir-ow?» diýip
bükgüldä galan Şaguly howlukmaç sorady.
— Hany Ýefim? Ýa ýatmaga-da gelmedimi?
— Ýok, geldi.
Şagulynyň ýüregi ynjaldy. Eger ol gelmedik bolsa,
oblast merkezine eňeýin diýip durdy.
— Turuz-da onda...
— O meýdi çüýrän agşam serhoş bolup geldi. Injikleri
göwresini zordan geterýärdi.
— Hany, ony basymrak turuz!
Ýefimiň aýaly aňyrlygyna— içki otaga zeýrenjiräp
gitdi. Şaguly olaryň howlusynda garaşmaga durdy.
Goja Ýefimiň aýalynyň hüňürdisi çalaja eşidilýärdi.
Birhaýukdan Ýefimiň gyryljykdan ýognas sesi çykdy.
Ahyry aýaly içki ak eşikdäki gojany südenekledip daşky
gapa getirdi. Goja iki elini gapynyň söýelerine diräp,
420
ganöýme gyzyl gözlerini jüýjerdip, hiç zada düşünmän,
aýagynyň üstünde hallan atyp durşuna Şagula seretdi.
— Ukudan bir açylsana, ullakan adam ýanyňa
gelipdir— diýip, aýaly onuň böwrüne çalarak hürsekledi.
Goja Ýefim aýrylsana diýen manyda eliniň tirsegini
silkip, howlynyň içindäki çalaja suw akyp duran krana
baka ent-ment ýöräp gitdi. Ilki krany şagladyp açdyda, hüžžük saçly kellesini sowuk suwuň aşagyna sokdy.
«Ä-ähläp» iki eli bilen kellesini ýuwansoň, ýeke dyzyny
ýere diräp, ulurak göläniň enesini emşi ýaly, sowuk
suwdan mazaly gandy. Çölläp giden bolmaga çemeli.
Aýaly: «Gany gatamyş, belany içen» diýip hüňürdendi.
Goja ýerinden turansoň, başyny silkeläp, Şaguly
tarapa ýöneldi. Şol gelşine-de iki elini goltuklaryna
sokuşdyryň, köýnegine süpürdi. Onuň başaşa agarany
üçin gögümtil-çal öwüsýän sakgalynda düwmelÝeňişip
duran suw damjalary sähel gymyldasa, tigirlÝeňişip
ýere gaçýardy.
— Ýefim ussa, görýän welin, agşam mazaly
ýelmäpsiň-ow. Şumat içeniň içeniňdir, basym «Arak
içmeli däl» diýen karar çykjak— diýip, Şaguly degişmä
salyp dillendi.
Goja Ýefim salam berip, elini uzatdy. Ötünç sorady.
421
Yzyndanam:
— «Arak içmeli däl» diýen karar çykjak diýýäňmi?
— diýdi.
— Hawa.
— Oň ýaly oýun etme, Şakuly.
— Ýo, oýun edemok. Gara çynym.
— Aý, on ýaly bolsa, öz ýasan tabydymyzyň içine girip
içäýeris. Sen, Şakuly, ertir bilen erbet habar getirdiň.
«Samsygyň tapýan gepini. Ir bilen tabyt diýip gelenim
erbet habar däl-de, bi erbet habar bolýarmyş».
— Onda zapasjyk arak ýasanmaly bor-da. Ýogsamam
men seniň näme üçin geleniňi soramandyryn. Aý, belli
zat-da. Tabyt ýasaýanyň ýanyna näme üçin gelner
öýdýäň? Toýa çagyryp gelmedigiň-ä belli... Hawa, haýsy
ors öldi?
— Ölen ors däl.
— Ä... onda düşnükli. Kommunist ýolbaşçylaryň
biridir.
Şaguly goja Ýefim bilen gürrüňi uzaga çekesi gelmedi.
— Bize gury tagtadan ýasalan, ulurak tabyt gerek.
Taýýary barmy, ýa-da indý ýasamalymy?
422
— Şakuly, mende aýdyşyňdanam gowusy bar. Näçesi
gerek bolsa bar!
Onuň soňky sözlerine Şagulynyň gahary geljek
boldy. Ýene-de, kellesi sämäp duran gojanyň ýagdaýyna
düşünip:
— Biri besdir — diýip, sowuk jogap gaýtardy.
— Ýör, ussahana baraly. Özüň saýlap al. Isläniňi,
göwnüňe ýaranyny al.
Goja Ýefimiň tabyt ýasaýan ussahanasy howlynyň
aňry çetindedi Ol o ýerik barýança, müň gepin başyny
agyrtdy.
— Sen, Şakuly, gury tagtadan diýýäň, şeýle dälmi?
Bularyň hemmesi eýýäm gurap galan. Sebäbi bulary
negada biri alaýmasa, alýan adam ýok. Ýok, alýan bar,
ýöne ölýän adam azalypdyr. Men bolsa planym bar.
Raýfinotdel bolsa ýylyň-ýylyna planymy artdyryp
gidip otyr. Indi bir ýyldan bäri premiýa-da alamok. (Şu
ýerde goja Ýefimiň ýadyna ýene-de hälki arakly gürrüň
düşdi. «Ýeri, premiýa bolmasa, zapas aragy nireden
edinjek?» Bu pikir gojany gynandyrdy). Sebäbi plan...
(Ol sägindi. Arak hakdaky pikire gümra bolup, ol näme
aýdyp barýanyny ýatdan çykarypdy). Plan dolanok.
Adamlaryň ölümi ýylyň-ýylyna kemelýä. Sebäbi
423
durmuş gowulaşdy. Iýmek-içmek bol. Öňler aýallar ýaş
üstünden köp ölerdiler, indi doktorlar onuňam alajyny
tapdy. Wot, şonuň üçinem, tabyt seýrek geçýä. Wot,
sebäbi. A raýfinotdel plany basyp gidip otyr.
Şaguly «Bularyňam plany bar eken-ow» diýip içinden
geň galdy.
— O nähili plan Ýefim? Raýfin ýylda näçe adam
öljegini öňünden nä bilýämiş?
Goja Ýefim ilki «Bilýär» diýdi, yzyndanam:
— Ýok, bilenok, emma plany ýylda artdyrýa. Olar
häzirki adamlaryň ýylda kurorta gidip, saglygyny
dikeldýänini bilenok-da. Şonuň üçinem, adamlaryň
uzak ýaşaýanyny bilenok — diýip jibrindi. — Şuny
şolara aýtmaly. Goý, meň planymy azaltsynlar. Men bu
hakda birinji sekretar Arkalyýewe arz etjek.
Şaguly Garlyýew gojanyň ussahanasyndaky
tabytlaryň iň ulusyny saýlap, şofýoryna:
— Ine, şuny Han agalara eltersiň — diýdi.
31
Batyr daňyň ümüş-tamşynda öýlerine gelip, gapynyň
açaryny sowuk gulpuň deşigine ötürende, kellesine bir
424
hyýal geldi. Indi mundan beýläk atasy Arkaly aga hiç
haçan, şeýdip, gapyny açmaz, hiç haçanam bosagadan
ätläp: «Batyr, oglum, sag-aman otyrmysyň?» diýmez.
Otagyň içinde onuň düýe ýüňünden dokalyp tikilen
hywa dony, telpegi asawaçda asylgy dur. Indi oňa bu
zatlaram gerek däl.
Batyr eşiklerini çykarman, krowatyň uzaboýuna
özüni goýberdi. Atasynyň aýdyp giden öwüt-ündewleri
ýeke-ýekeden gulagynda ýaňlanýardy. Ylaýta-da onuň
garrylyk hem ýaşlyk barada bir saparky beren gürrüňi
Batyryň hiç haçan ýadyndan çykmaýardy:
«Ýetginjek-ýaşlaň güni gündogar tarapda bolarmyş.
Garrylaryňky bolsa günbatarda. Günbatardaky
günüňem kem-kemden ýaşmaga barýanyny ýadyňdan
çykarmagyn. Gün ýaşansoňam, töweregi tümlük
gaplaýandyr. Garrylyk diýen kesele uçran adama deridermanyň peýdasy ýokdur, Batyr oglum. Oňa hiç bir
dogtoryňam, tebibiňem nepi degmez. Ol keseliň halyny
soraýanam ýokdur. Ondan dyndarjak ýekeje zat —
olam ajaldyr...»
«Adam otuz dört ýaşaýança, her gün güýç-gaýrat
toplaýarmyş. Otuz dörtden kyrka çenli aralykda şo
bir durkunda durarmyş. Hiç bir ýana üýtgemezmiş.
425
Ylla süýr günortanky gün ýaly. Kyrk ýaşdan ellä
çenli adam her ýylda özüniň geçen ýyl duýmadyk
ýetmezini — agyrýan ýerini duýarmyş. Elli bilen altmyş
aralygynda özüniň geçen aýdaky duýmadyk ýetmezini
bilermiş. Altmyşdan ýetmişe çenli geçen hepde-de,
ýetmişden segsen aralygynda düýnki gün duýmadyk
ýetmezini bilermiş. Segsenden geçensoňam her sagatda
duýarmyşyn.
Adam ömri kyrk basgançakly merdiwan bolarmyş.
Ilki bilen-ä şol basgançaklardan ýokary çykyp
başlarsyň, yzyndanam öňki münen basgançaklaryňdan
aşak düşüp ugrarsyň. Ine, şol basgançaklardan eňaşak
gaýtman, abraý bilen düşmegem bagtdyr. Ine, Batyr jan,
ömür diýleni şeýleräk närsedir...»
Bu wagtlar Goç bilen ýene üç adam Minaraatanyň
gonamçylygynda Arkaly aganyň gabyr jaýyny gazýardy.
Ýer gatydy. Goç lom bilen topragyň ýüzüni ýumşadýardy.
Gulakjynly adam gumuny gabryň gyrasyna oklaýardy.
Bularyň ýanyna Han Arkalyýew dagy şo sapar awa
barýarka, ak ýola pata beren müjewür assa-ýuwaş
ýöräp geldi. Ol salam-helikden soňra, Şiraly Alyýewiň
gapdaldaky mazarynyň golaýynda çommalyp oturdyda, mesawy gürrüň tapdy.
426
— Zeýkeş gazylaly bäri gonamçylygyň topragam
kem-kemden daşa öwrülip barýa. Owal üç-dört depim
gazyp-gazmankaň, suw çykar ýatardy. Indi suwlar has
çuňa çekilipdir.
Goç lomuny «häh-hählap» urup durşuna:
— Zeýkeşi, häh, öňräk gazmalydy. Şunça ýyllap
adamlaň meýdini balyk duzlan ýaly şor suwa ezip
goýdular-da — diýdi.
Müjewur sowal berdi:
— Bi, näme, Haw Arkaly zeýden gorkunjyna kakasyny
gapyrjaga salyp jaýlajak bolýarmyka?
— Aý, bilmedik. Özi-hä şeýlemiş. «Aksakgal köne
kommunist, köne diniň ýoly bilen jaýlajak däl, tabytly
jaýlajak» diýenmiş.
— Tabytly jaýlamak dessury has gadymy döwürlerdede bar eken. Ýöne o däp-dessur özüni oňarýan baý
adamlarda, han-patyşalarda bolupdyr.
— Aksakgala jynaza bir çykarmykalar? Ýa olam köne
däp-dessur diýip, öwlüýä saz çalyp ugradaýarmykalar?
— Biz-ä biljek däl.
Goç eliniň aýasyna tüýkürip, lomuny ýere urdy-da:
427
— Geçen tomus Arkaly aga bilen Jumaguly agany,
hol, ilerki guma çägä gömdüm. Pahyr guragyrym bar
diýip aýagyndan zeýrenýärdi: «Gar-ýagmyrda, Sibiriň
aňzak sowugynda agyrmadyňyz, indi syzlap näziňizi
artdyrýaňyz. Gara ýeriň astynda, yzgar toprakda
ýatmaly bolanda näderkäňiz?» diýip, zeýrÝeňişi dek
düýn ýalydy. Anha, aýdany dogry çykdy. Indi agyranynjan ýerini duýmaz. Bi, dünýä gelmedik ýaly bolar
bende...
— Hä... äý, adamzadyň ömri şeýle-dä! Öňde bir dana
kişi: «Ýüz ýaşadym welin, edil ylgap barýan keýigiň
kölegesinde saýalança-da bolmadym» diýenmiş. Bi
dünýeden doýma barmy? Gadym zamanda, biziň
Minaraatamyz ýaly gonamçylygyň golaýynda bir ädikçi
ussa ýaşanmyş. Ol her sapar öýlerinin deňinden gölegçi
geçende, diwardan asyp goýan küýzesine kiçijik bir
daşjagazy oklar ekeni. Günlerde bir gün ussanyň özide ýogalaýypdyr. Onuň başga obada ýaşaýan tanşy
ädikçinin öýlerine gelip, ony tapmansoň, goňşularyndan
ussany soranmyş. Onda goňşusy: «Ussa görgüliniň özide hol küýzäniň içine düşdi» diýenmiş. Hawa, şonuň
ýaly, bi ýerden ýöräp ýörenleriň hemmesiniň ir-ugiç gelmeli ýeri şu gara ýeriň astydyr. Emma adamlar
şonda-da biri-biriniň yzynda. Bir kesiň gowy gününi
428
beýlekisi görüp bilmän, gije ukusy tutanok. Bu ýerik
gowyny-da, erbedi-de, baýy-da, garyby-da on iki gary
bize dolap getirýärler. Onsoň, ýedi depim çukuryň
düýbüne sallansoňlar, barymyz ýerli-ýerden: «Pylankes
gowy adamdy-da, gowy adamdy» bolşup gygyryşýarys.
Müjewür tümmek-tümmek guburlara seredip pikire
çümdi.
Adamzat bir täsin ýaradylan. Biziň barymyz bigäne,
neresse çaga bolup ýagty jahana inýäs. Ilki-ilkiler
kiçiräk ýalňyşlygy goýberýäs, kiçiräk günä edýäs.
Ulaldygymyzça ýalňyşymyzam, günämizem ulalyp
gidip otyr. O ýalňyşlyklar, o günälerem pul, baýlyk
üçin, şöhrat, wezipe üçin. Ahyrsoňy-da ýygan-ýygşyran
puluňam, baýlygyňam, şöhrady-wezipesinem yzynda
galdyryp, şu topraga gelýändir. Bir şahyr aýtmyşlaýyn:
«Tüýnüksiz, işiksiz, jaýdyr bu jaýlar».
Binýady gara daşlardan örülen, äpişgeleri demir
gözenekli, haýbatly jaýyň otaglarynyň birinde, gizlinden
wajyp gürrüň gidýärdi.
Gyzyl agaçdan ýasalan stoluň aňyrsynda oturan
adam iki gürrüňdeşiniň gepini diňläp, «Zolotoýe
runo» sigaretiniň tüssesini kükedip goýberdi-de, ik429
baka gezmelemäge başlady. Ahyry ol sigaretini küldana
mynjyradyp taşlansoň:
— Siz gijä galdyňyz — diýdi. — Dogrusyny
dogry aýtmaly. Meýlis Bakyýewiň öýi, eddil şu gün
barlanmalydy. Şeýle dälmi? Emma, siz gijä galdyňyz.
Indi.. indi olam pahyr boldy. Dünýeden öten adamyň
öýüni barlamak gelşikli däl.
Dinläp oturanlaryň ýaşkiçisi çekinibräk dillendi:
— Meýlis Bakyýewiň özi öläýdimikä?
Hälki gözmeläp ýören sowal berdi:
— Sen näme diýmekçi bolýaň? Şübhäň bolsa aýdyp
otur!
Ýaş ýigit saçyny sypalady.
— Aý, ýöne, özi öldümikä ýa-da...
— Seniň gümmi-sümmi edişiňe men düşünýän.
Häzir bizde şol ölümde başga kişiň eli bar diýmäge hiç
hili esas ýok. Ýa subutnamaň bolsa, ony aýt. Ýok gerek?
Öýüň pollarynda diňe Meýlis Bakyýewiň aýak yzy
bar. Şeýle gerek? Gaz plitasynda-da şoň eliniň yzy bar.
Başga şübhelemmäge esas gerek. Diýmek... — Ak saç
adam, «Zolotoýe runosyndan» ýene bir sigaretini alyp,
«püpp-püf» edip otlady. — Meýlis Bakyýew öýüne juda
430
serhoş halda gelipdir. Bu bir. Ikinjidenem, suwsap, çaý
içjek bolup, gaz plitasynyň üstünde çäýnegi goýupdyrda... özem uklap galypdyr... Şeýle bolmagy mümkinmi?
— Mümkin...
— Onda, ýoluň ters yzyny yzarlap ugralyň.
Ýene-de hälki ýigit başyny galdyrdy. Onuň gözleri ak
saç adamyň gözlerine düşdi. Ol:
— Hany, sen aýt, näme diýmekçi bolýaň? — diýdi.
— Meň pikirimçe, bu ýerde gaty bir mekir adamyň
eli bar. Biz entek gözlegi dowam etmeli. Geliň, şeýle
bir zady göz öňüne getirip göreliň. Eger-de Meýlis
Bakyýewiň howlusyndaky hajathananyň aşaky — ikinji
gatynda şol pullaryň, gyzyllaryň saklanýandygyny bilip,
kimdir biri onuň janyna kast eden bolsa, onda nähili
bolar?
Ak saçly adam owurdyny dolduryp sigaretiniň
tüssesini sordy-da, üfläp goýberdi.
— Olam mümkin, onna, o kişi baýlygy almanyňam
ugruna çykar? Onna, şo hajathanany gije-gündiz
gözden salmaly däl.
— Belkem, başga hili bolmagy mümkin — dnýip, ýaş
ýigidiň ýanyndaky adam dillendi.
431
— Hawa, seň pikiriň nähili?— Ak saçly onuň ýüzüne
tiňkesini dikdi.
— Diýeli, Meýlis Bakyýewiň janyna kast eden
adam, onuň pullarynyňam, baýlygynyňam şo ýerde
saklanýandygyndan bihabar. Umuman, ony Meýlis
Bakyýewiň pulam, gyzylam gyzyklandyranok...
— Beh! Onda näme, oň janyna keýpine kast
edýärmikä? Munyň-a birhili? Haýyr görmejek bolsa,
ýa başga bir bähbidi bolmasa, kim elini gana bulasyn?
Kim onda ýürek edip, beýle ganhorlyga baş goşup biler?
— Meniň pikirimçe, kolhozlarda edilen pyssypyjurlyklar, artdyrylyp ýazmalar, satyn alnan pagtalaryň
bi giden lomaý pullary Meýlis Bakyýewiň diňe
özüne nesip etmedimikä diýýän. Onça zady alagada,
hajathananyň aşagyna basyp oturybermäge Bakyýewiň
atyň kellesi ýaly ýüregi ýok. Oňa bogny-da ysmaz. Ol
özüne düşen «peýdadan» ýokarlara-da geçiren bolmaly.
Parahorlygyň kanuny şeýle.
Gepläp başlan agyzdan «Zolotoýe runonyň» tüssesi
bölünüp-bölünip çykdy.
— Siziň pikiriňizçe, alnan paralaryň yzy Meýlis
Bakyýewiň öýünde gutarsyn diýlip, onuň janyna kast
edilipdir-dä? Şeýlemi?
432
— Hawa.
— Mümkin, gaty mümkin. Ýöne, gar ýagandan
soňra haýsyňyz towşan awlamaga gitdiňiz? Maňa
bir awçy dostum şeýle zady gürrüň berdi. Towşanlar
awçydan yzyny gizlemek üçin, şo ylgap baryşlaryna,
bir ýerde durýarmyşlar-da, eýläk-beýläk, töwärekleýin
ýöräp, böküp, garaz, öz yzlaryny bulam-bujar
edýärmişler. Onsoňam, bir gapdaldaky çöpüň üstüne
towsup gizlenýärmişler. Ökde awçylar towşanlaryň
bi pirimlerine belet. Bizem o paralaryň yzyny diňe
bir Meýlis Bakyýewleriň öýlerine getirip goýaýmarys.
Onuň yzyny tä soňky nokadyna çenli dowam etdireris.
Ýöne mundan aňyrky ýollar daga dyrmaşýan ýolagçyny
ýatladýandyr. Şonam berk belläň! Ýokarlygyna
çykdygyňça, baldyryňa zor düşýändir. Biziňem
Meýlis Bakyýewden ýokardaky barlajak adamlarymyz
Ýalowdyr Tilkibaý däldir. Iň bärkisi, Penaýew ýaly
ýalandan dälirejegem bolmaz. Olar biziň tutan
guşumyzy bireýýäm utup goýandyr. Baragada, olaryň
öýlerini barlabam bilmersiň. Ýokardaky adamlardan
rugsat almaly bolarys. Olaram faktsyz-tutaryksyz
rugsadam bermezler. Ýalan-ýaşryk tutaryga-da ynanyp,
bardy-geldi öýlerini barlaýan ýagdaýynda, ondanam
hiç zat çykmasa, ana, seniň bagtyň ýatdy. Onsoň, seniň
433
olaryň deminden sypjak gümanyň ýok. Mundan beýläk
ediljek işleri, gaty oýlanyşykly, maslahatly etmeli. Her
bir ätlejek ädimiňizi seresaply ätlemeli.
Han Arkalyýewiň öýleriniň töweregi adamdan
ýaňa hyň berýärdi. Üýşen mähälläniň, maşynlaryň
derdinden taýak oklasaň ýere gaçjak däldi. Aksakgalyň
hormatyna ony sylap, in soňky ýoluna ugratmaga köp
kişi gelipdi. Han Arkalyýewiň gözi üçin, aksakgaly
ömründe görmediklerem barypdy. Batyryň deňduşlaram ýumuş-hyzmata häzir bolup, üýşüp durdy.
Aksakgaly tabytda ýerleşdirenlerinden soň, Han
Arkalyýew kakasy bilen hoşlaşmak üçin az salym ikiçäk
galdyrmaklaryny adamlardan towakga etdi. Arkaly
aga ylla uka batan ýaly gözlerini ýumup ýatyrdy. Han
kakasynyň ýüzüne tolgunyp-tolgunyp seretdi. Kakasy
oglunyň içki pikirlerini aňyp, ýalpa gözlerini açagada,
onuň dulugyna şarpyk çaljaga meňzeýärdi. Hanyň
ilkinji mertebe ýagyrnysy jümşüldäp gitdi. Maňlaýy
çygjardy.
«Kaka, ursaň-käýeseňem, maňa bu dünýede senden
mährem, senden ýakyn howandar ýok. Oň üçinem,
sen meniň ýagdaýyma düşün. Hata iş etsemem, meniň
günämi öt. Meniň bilen deň bolma. Bilýän, men seniň
434
göwnüňe degdim. Ikimiziň pikirimizem, ýolumyzam
çapraz düşdi. Oňa näme, diňe men günäkärmi?
Başarsalar, hemme men ýaly boljak. Döwür şeýle.
Eger-de men seniň aýdanyňdan çykman ýaşan bolsam,
bireýýäm döwrüň tozanyna garlyp galardym. Oň
üçinem, men senden däl-de, töweregimdäkilerden
görelde aldym. Şolaryň ýoluna eýerdim. Şo sebäplem
Daşgalada menden baý, menden hormatlanýan adam
barmy? Elbetde, tapmarsyň. Ýöne häzir wagtlaýynça
men seniň kömegiňe ýene-de mätäç. Ýene-de sen meni
ýetip gelýän beladan sypdyrmaly. Hut şonuň üçinem,
men seni tabytly jaýlamaga mejbur boldum. Sen «şol
zatlary» öz ýanyň bilen alyp gitmeli. Müdimi däl.
Wagtlaýyn. Apy-tupan sowulýança. Onsoň, ýene-de
men seni öz dessurymyz bilen bir gijäniň içinde täzeden
jaýlaryn. Üstüňe gümmez galdyryn.
Töwerekde häzirki bolýan bujagaz gykylyklar
wagtlaýynçadyr. Ynha, göreris, bu-da tüweleý ýaly
gapdalymyzdan öter gider. Ýene-de hemme zat gülalagülluk bolar. Bi diňe meň pikirim däl, menden has
ýokardakylaryňam pikiri şeýle. Ýöne, bi howply akymyň
girdabyndan sypmanyň alajyny etmeli. Bi harasat ötüp
gidensoň, ýene-de öňki hezil günlere dolanarys. Ýenede ogluň aýdany-aýdan, diýeni-diýen bolar. Jumaguly
435
ýaly ýeňiýoluklaryň aýdany bilen başlyk saýlanmaz.
Han Arkalynyň barmagyny çommaldyp görkezen
adamsy stoluň aňyrsyna geçer. O günlere tizräk ýetmek
üçin, ýeke-täk saňa «öz janymy» ynanýan».
Kakasynyň üstüne ýapylan gat-gat matalaryň
aýagujyny galdyrdy. Buza dönen aýaklara eli
galtaşanda, ini jümşüldedi. Gözi garaňkyrady, ýöne
howlukmalydygy ýadyna düşende, derrew özüni ele
aldy.
Han Arkalyýew uludan demini alyp, epeý göwresine
gelişmeýän syçan çaltlygynda demir sandygyny açdy.
Ondaky teletin haltany alyp, kakasynyň saň-gaty bolan
aýaklaryny göterdi-de, dyzlarynyň astynda ýerleşdirip
durka, ätiýaç bilen aksakgalyň ýüzüne seretdi. Onuň
ýuregi düňküldäp, gursagyny ýaryp çykaýjak bolýardy.
Elleri sandyraýardy. Ol şol howlukmaçlygy bilen ýenede sandyga ylgady. Petde-petde ýüzlük pullary gujaklap
getirdi-de, kakasynyň aşagyna düşelen ak biziň astynda
kerpiç-kerpiç ýazyp goýdy.
«Tabydy ulurak ýasaň, kakam arkaýyn ýatsyn»
diýenim gowy bolaýypdyr».
Teletin haltadaky gyzyl-göwherleriň, ýüzlük pullaryň
üstünde ýatan Arkaly aganyň ýüzi öňküsinden has-da
436
agaran ýaly göründi. Şu wagt gürläp bilýan bolsa, onuň
«Sen öz ogurlyk zatlaryňa meni garawul goýýaňmy?»
diýip gazaba münjegi ýadyna düşende, onuň ölüdigine
begendi.
«Günämi öteweri, kaka!..»
Han Arkalyýew tomsuň jokrama yssysynda maşyn
kowalan garry köpek ýaly has-haslap, maňlaýynyň
derini ýaglygy bilen süpürdi.
«Kakam... ýene-de bir sapar maňa pena bolaweri!»
Ol özüni aglan adam edip görkezmek üçin owkalapowkalap gözlerini mazaly gyzartdy. Daşaryk çykanda
örüşen zenanlaryň arasynda Mylaýym bilen Lälä gözi
düşdi. Olar maňlaýlaryny gaşlaryna deňiç daňypdyrlar.
Nähili-de bolsa, olaryň gözlerinde gamgynlyk bar. Şol
halat Jumaguly aga ýetip geldi.
— Han, wagt boldy, Aksakgaly çykaraýsak nädýä?
Adamlaram daşarda garaşyp dur.
— Özüňiz bilýäňiz, Jumaguly aga.
— Hany, onda, Han, Batyr, ikiňiz tabydyň başujyny
göteriň. Hany, Batyr nirede? Çagyryň ony.
Kellesi gulakjynly, Batyr ýüzüni sallap geldi.
Gölegçileriň öňi Minaraata ýetende, maşynlaryň yzy
437
ýaňy Daşgaladan çykypdy.
Minaraatada munuň ýaly üýşen mähelläni göreneşiden ýokdy. Aksakgalyň beýle hormatyna Han
Arkalyýewiň özi-de haýran galdy.
Tabydyň gapagyny çüýläp, bilinden ýüp dakyp aşak
sallanlarynda, Han Arkalyýewiň ýüregi gürsüldisini
üýtgetdi. Ony bu dünýä inderen adam indi hiç haçan
öwrülip gelmejek ýerine — topragyň aşagyna barýardy.
Üstesine-de, Han Arkalyýewiň her hili ýollar bilen
ýygnan hazyna-baýlygyny özi bilen alyp barýardy.
Iki hazynany ýuwaş-ýuwaşdan zeminiň astyna
goýberdiler.
Han Arkaly üçin bu iki hazynanyň haýsysy
gymmatlyka?
Han Arkaly bilen Batyryň hersiniň eline bir pili
tutdurdylar. Olar merhumyň in ýakyny bolansoň,
ilki bilen gum atmalydy. Han Arkalyýew mazaryň
düýbündäki tabydyň ýatyşyna bir seretdi-de, gumy
oklap goýberdi. Batyr bolsa gyzaran gözlerini, ýellenen
ýüzüni tabytdan sowdy. Agaç gapyrjakda ýatan
atasynyň üstüne agyr gumy indermäge ýüregi gyýmady.
Göwünli-göwünsiz ýarty pil gumy dözümsizlik bilen
guburyň gyrasyna süýşürdi. Soňra oňa «eliňdäki pili
438
ýere taşla» diýdiler. Tabyda degýän kesekleriň güpürdisi
gulaklaryny gapsa, mazar jaýyndan çykýan ýeňiljek
tozanyň ysy demini tutdy.
Mundan soňky hereketler göz açyp-ýumasy salymda
boldy.. Her kim birki pil gum taşlap, pilini ýere oklaýardy,
nobata duranlar pili haýdan-haý ýerden göterýärdiler.
Adamlar ýaryşýan ýaly, üýşmek gumy näçe çalt mazara
oklasalar, baýrak berläýjek ýalydy. Belkem, däp-dessur
şeýledir. Az salymdan çöküp oturan düýä meňzeş
tümmek emele geldi. Ony piliň sapy bilen rejeläp
başladylar. Müjewür guburlaryň aralarynda ýer tapman
duran adamlara üç sapar ýüzlendi...
— Adamlar, Arkaly aga nähili adamdy?
— Gowy adamdy!
Tutuş märeke dillendi.
— Adamlar, Arkaly aga nähili adamdy?
— Gowy adamdy!
— Adamlar, Arkaly aga nähili adamdy?
— Gowy adamdy!
Şondan soň müjewur başga sowal berdi.
— Adamlar, Arkaly aga bergisi ýa-da ondan algysy
439
bolanlaryň hemmesi onuň ogly Hana ýüz tutmaly.
Bu sapar hiç kimden ses-seda çykmady.
Ýöne şol wagt üýtgeşik bir hadysa boldy. Üýşüp duran
mähelläniň bary gözlerini asmana dikdi.
Niredendir bir ýerden uçup gelen dört sany durna
minaranyň depesinden döwür gurap aýlandy-da,
mazarystanlygyň üstüne gelip, owadan boýunlaryny
duran adamlara baka uzatdylar. Soňra ýene-de
minaranyň üstünden döwür gurap, Garagumuň ak
çägeliginiň beýewan asmanynda ganat ýaýyp gitdiler...
***
Daşgalanyň raýon gazeti Meýlis Bakyýewiň gara
çyzyk çekilen suratyny ýerleşdiripdir. Onuň aşagynda
bolsa şeýle jümleler bar:
«1962-nji ýyldan bäri SSKP-niň çleni Meýlis Bakyýew
48 ýaşynyň içinde biwagt aradan çykdy.
M. Bakyýew oba hojalyk önümçiliginde işlän
döwründe özüni başarnykly we ukyply guramaçy,
ýolbaşçy hökmünde tanatdy.
Meýlis Bakyýew baradaky ýagty ýadygärlik biziň
ýüregimizde hemişe saklanar».
Ýoldaşlarynyň bir topary.
440
Wagtlaýyn «göz tussagy» edilen Pirweli Penaýewiň
ýeke özüni keselhanadaky palatalaryň birinde
ýerleşdirdiler. Ol ýanar ot bolup gyzdyrýardy, mahalmahal ini üşedip hababaýlaýardy.
Deri-dermandan haraý ýokdy.
Haýsydyr bir ukol edilse, az wagtlyk essine gelýärdi.
Şonda onuň öz öýünde, saçagynyň başynda ýada kölüň boýundaky daçasynda duz-tagam beren
«men» diýen merhemetli adamlary ýadyna düşýärdi.
Iň bärkisi, gyzyl bloknotly žurnalistdir ýazyjylar,
apparatlaryny ýetişibildiginden şyrkyldadan suratçylar
towuk gygyrýança, käte daň atýança şady-horram
bolan bagşylar iliň gözünden gizläp meý-şerap içiren
uly wezipeli ýolbaşçylary... heý-de bularyň birdenbiri dadyma ýetişmezmikä? Pajygaly günlerde beren
duzumy ýatlan bolmazmyka?
Ýatlan boldy. Emma olar däl-de, Ýetimje ak halatly, eli
pyçakly gapynyň öňünde hyrsyz sypatda peýda boldy.
— Waý, eje-e-e!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 17
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.